Müsürden çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40

Chapter 1

1 Ine, Ýakubyň Müsüre öz tutuş hojalyklary bilen gelen ogullarynyň atlary:
2 Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda
3 Ysakar, Zebulun, Benýamin
4 Dan, Naftaly, Gat, Aşer.
5 Ýakubyň ähli nesilleriniň sany jemi ýetmişdi. Ýusup eýýäm Müsürdedi.
6 Wagtyň geçmegi bilen Ýusup we onuň ähli erkek doganlary, şeýle hem, şol döwrüň adamlary dünýäden ötdi.
7 Emma ysraýyl ogullarynyň nesilleriniň tohum-tiji ýaýrap köpeldiler we olaryň sany juda artdy, şoňa görä hem tutuş Müsür olardan doludy.
8 Indi bolsa Müsür tagtyna Ýusup hakynda hiç zat bilmeýän başga bir täze patyşa çykdy.
9 Ol patyşa öz halkyna ýüzlenip: «Serediň, bize görä ysraýyllaryň sany köp we güýçli. Bu biziň üçin howply.
10 Olar mundan artyk köpelmez ýaly, geliň, mekirlik bilen olaryň soňuna çykalyň. Ýogsam, uruş turaýsa, olar duşmanymyzyň tarapyna goşulyp, bize garşy söweşmekleri we biziň ýurdumyzdan çykyp gitmekleri mümkin» diýdi.
11 Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler. Ysraýyllar fyrown üçin Pitom we Ragmeses diýen galla saklanýan galalary gurdular.
12 Emma müsürliler ysraýyllara näçe zulum etseler-de, olar öňküsinden-de has köpeldiler we olaryň sany juda artdy. Müsürlileriň ysraýyllardan sussy basyldy.
13 Şeýdip, olar ysraýyllary zalymlyk bilen ezip, olary laý we kerpiç ýaly agyr işlerde, her hili meýdan işlerinde işledip, olaryň durmuşyny ajy ýaşaýşa öwürdiler. Ähli agyr işlerde olara rehimsizlik bilen sütem etdiler.
15 Soňra biriniň adyna Şipra, beýlekisiniň adyna Puga diýilýän iki sany ýewreý göbek enelerine Müsür patyşasy şeýle diýdi:
16 «Siz ýewreý aýallaryna göbek enesi bolup hyzmat edýän wagtyňyz, serediň, eger ogul dogursalar, ol bäbegi öldüriň, eger gyz dogursalar, goý, onda ol ýaşabersin».
17 Emma bu göbek eneler Hudaýdan gorkýan aýallar eken, olar Müsür patyşasynyň buýruşy ýaly etmän, gaýtam, erkek doglan çagalary-da diri galdyrypdyrlar.
18 Şonuň üçin hem, Müsür patyşasy şol göbek eneleri ýanyna çagyryp, olardan: «Näme üçin siz beýle etdiňiz, erkek doglan çagalary hem diri galdyrdyňyz?» diýip sorady.
19 Göbek eneler fyrowna: «Sebäbi ýewreý aýallary Müsür aýallary ýaly däl, olar dogumly, olaryň ýanyna göbek ene gelip ýetýänçä, olaryň özleri dograýýarlar» diýdiler.
20 Hudaý hem bu göbek enelere garaşyk etdi, şeýdip, ysraýyl halky has köpeldi, has hem güýçlendi.
21 Göbek eneleriň Hudaýdan gorkýandygy sebäpli, Hudaý olara-da uly maşgala berdi.
22 Soňra fyrown ähli müsürlilere: «Ýewreýlerden doglan her bir ogul bäbegi alyp, Nil derýasyna taşlaň, emma gyz bäbek bolsa, goý, ol ýaşabersin» diýip buýruk berdi. ‎




Chapter 2

1 Şol wagtlar lewili bir adam öz tiresinden bir gyza öýlendi.
2 Onuň aýaly göwreli bolup, bir ogul dogurdy, ol çagasynyň ýakymlyjadygyny görüp, ony öýünde üç aý gizläp saklady.
3 Ol aýal çagasyny mundan artyk gizläp saklap bilmejekdigine göz ýetirip, onuň üçin gamyşdan örülen sebet aldy-da, onuň daşyny suw geçmez ýaly şepbik bilen örtdi. Ol çagany şol sebediň içinde ýatyryp, ony derýanyň gyrasyndaky suwda ösüp oturan gamyşlaryň arasynda ýerleşdirdi.
4 Jigisine näme bolarka diýip, çaganyň gyz dogany hem uzakdan seredip durdy.
5 Şol wagt fyrownyň gyzy derýa suwa düşmäge geldi. Onuň kenizleri bolsa derýanyň kenarynda aýlanyp ýördüler. Birdenkä fyrownyň gyzy gamyşlaryň arasyndaky sebedi görýär we ony getirmäge kenizleriň birini iberýär.
6 Fyrownyň gyzy sebedi açyp görse, ynha, onuň içinde bir çaga aglap ýatyr. Onuň çaga ýüregi gyýlyp: «Bu ýewreý çagalarynyň biridir» diýýär.
7 Soňra çaganyň gyz dogany fyrownyň gyzynyň ýanyna gelip: «Men gidip, çaga enekelik eder ýaly ýewreý aýallaryndan birini çagyraýynmy?» diýýär.
8 Fyrownyň gyzy «çagyraý» diýýär. Şeýdip, ol gyz gidip, çaganyň öz ejesini alyp gelýär.
9 Fyrownyň gyzy ol aýala: «Şu çagany äkit-de, muňa enekelik et. Men seniň hakyňy tölärin» diýýär. Şeýlelikde, bu aýal çagany äkidip, oňa enekelik edýär.
10 Çaga ösüp kemala gelende, ol ony fyrownyň gyzynyň ýanyna getirýär we fyrownyň gyzy ony özüne ogullyga alýar. Ol: «Men muny suwdan çykardym» diýip, onuň adyna Musa dakýar.
11 Musa ýigit çykandan soň, bir gün öz halky bolan ýewreýleriň arasyna aýlanmaga çykdy we olaryň agyr iş zerarly çekýän jebrini gördi. Ol bir müsürliniň öz halkyndan bolan bir ýewreýi ýenjip duranyny gördi.
12 Musa eýlesine-beýlesine göz gezdirdi, hiç kime gözi düşmänsoň, ol ýaňky müsürlini öldürdi we onuň jesedini çägä gömüp gizledi.
13 Ertesi güni ol aýlanmaga çykanda, iki sany ýewreýiň öz aralarynda urşup duranlaryny gördi we olaryň günälisiniň ýanyna baryp: «Näme üçin sen öz ýewreýiňi urýarsyň?» diýdi.
14 Ol adam: «Kim seni biziň üstümizden hökümdar ýa kazy edip goýdy? Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni hem öldürmekçimiň?» diýip jogap berdi. Mundan soň Musa gorkdy we ol: Meniň eden işim eýýäm aýan bolupdyr diýip pikir etdi.
15 Fyrown bu hakda eşidip, Musany öldürtmegiň küýüne düşdi. Emma Musa gaçyp, Midýan ýurdunda ornaşdy. Bir gün Musa bir guýynyň başynda otyrdy.
16 Midýan ruhanysynyň ýedi gyzy bardy. Şol wagt olar guýa gelip, öz kakalarynyň sürüsini suwa ýakmak üçin nowalary suwdan doldurdylar.
17 Şonda beýleki çopanlar gelip, ol gyzlary kowdular, emma Musa bu gyzlara arka durdy, olaryň sürüsini suwa ýakmaga kömekleşdi.
18 Gyzlar öýlerine kakalary Ýitronyň ýanyna gelenlerinde, olaryň kakasy: «Nädip siz bu gün öňkiňizden ir gelip bildiňiz?» diýip sorady.
19 Gyzlar: «Şu gün bizi bir müsürli adam çopanlardan gorady, hatda ol biziň sürimizi suwa ýakmaga hem kömek etdi» diýdiler.
20 Ol gyzlaryna: «Hany, ol adam nirede? Näme üçin siz ony taşlap gaýtdyňyz? Ony çagyryň, biziň bilen duz-çörek iýsin» diýdi.
21 Şeýlelikde, Musa bu adamyňkyda ýaşamaga razylaşdy we ol öz gyzy Syporany Musa durmuşa çykardy.
22 Ol bir ogul dogurdy, Ýat ýurtda men bir gelmişek boldum diýip, Musa onuň adyna Gerşom dakdy.
23 Köp wagtyň geçmegi bilen Müsür patyşasy dünýäden ötdi. Ysraýyllar bolsa heniz hem gulçulykda ezilýändiklerinden nalap, kömek sorap perýat etdiler. Olaryň zulum astynda edýän ahy-nalasy Hudaýa baryp ýetdi.
24 Hudaý olaryň nalyşyny eşitdi we Ol Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähtini ýadyna saldy.
25 Hudaý ysraýyllara nazar saldy we olaryň hal-ahwallarynyň nähilidigine düşündi. ‎




Chapter 3

1 Şol wagtlar Musa gaýynatasy Midýan ruhanysy Ýitronyň sürüsini bakýardy. Bir gün ol sürüsini çölüň içi bilen sürüp, Hudaý dagy Horebe geldi.
2 Oňa çalynyň ortarasynda alawly ot bolup, Rebbiň bir perişdesi göründi. Musa çalynyň ýanýandygyna garamazdan, onuň hiç otda ýanyp gutarmaýandygyny gördi.
3 Musa: «Bu geň zady ýakynrak baryp göreýin-le, näme üçin çaly otda ýanmaýarka?» diýdi.
4 Reb Musanyň ýakynlaşyp gelýändigini görende, çalynyň içinden oňa: «Musa! Musa!» diýip seslendi. Musa: «Men bärde» diýip jogap berdi.
5 Soňra Hudaý: «Mundan ýakyn gelme, aýagyňdaky çarygyňy çykar, çünki seniň bu duran ýeriň mukaddes toprakdyr!
6 Men seniň ata-babalaryňyň Hudaýy, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn» diýdi. Musa Hudaýa seretmekden gorkup, ýüzüni ýapdy.
7 Soňra Reb ýene-de: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin.
8 Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan baý toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.
9 Ine, indi Maňa ysraýyllaryň ahy-nalasy gelip ýetdi, Men müsürlileriň olary zalymlyk bilen ezýändiklerini gördüm.
10 Häzir bolsa Men seni Öz halkym bolan ysraýyllary Müsürden alyp gaýtmak üçin fyrownyň ýanyna ibereýin» diýdi.
11 Musa bolsa Hudaýa: «Fyrownyň ýanyna gidip, ysraýyllary Müsürden çykaryp getirer ýaly, men kim bolupdyryn?» diýdi.
12 Hudaý oňa: «Men seniň bilen bolaryn. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi.
13 Soňra Musa Hudaýa: «Eger men ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza ata-babalaryňyzyň Hudaýy iberdi“ diýsem, olar hem: „Onuň ady näme?“ diýip sorasalar, men olara näme jogap bereýin?» diýdi.
14 Hudaý Musa: «Men Biribardyryn. Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza Biribar iberdi“ diýip aýt» diýdi.
15 Hudaý Musa ýene-de şulary aýtdy: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn.
16 Sen bar-da, ysraýyl ýaşulularyny bir ýere ýygna we olara ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigini we olaryň Müsürdäki hal-ahwallaryndan Meniň habarymyň bardygyny aýt.
17 Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan baý toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber.
18 Olar seniň sözüňe gulak asarlar, soňra ysraýyl ýaşululary bilen Müsüriň patyşasynyň ýanyna bararsyňyz hem-de oňa: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb biziň bilen duşdy. Indi bolsa Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermek üçin, bizi üç günlük çöle goýbermegiňi senden towakga edýäris“ diýiň.
19 Müsüriň patyşasy gudratly gol bilen mejbur edilýänçä, sizi goýbermejekdigini Men bilýärin.
20 Şonuň üçin hem, Men Müsüre göz görkezerin we onuň içinde etjek ähli geň gudratlarym bilen olaryň temmisini bererin. Şondan soň patyşa sizi goýberer.
21 Ysraýyllar Müsürden çykanlarynda, Men müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly ederin. Ysraýyllar ol ýerden elleri boş çykmazlar.
22 Her bir ysraýyl aýaly müsürli goňşusyndan we öz öýünde ýaşaýan müsürli aýaldan altyn-kümüş şaý-sepler we geýim-gejimler sorap alarlar. Siz olary ogul-gyzlaryňyza dakarsyňyz we olary geýindirersiňiz. Siz müsürlileriň baýlyklaryny talap gaýdarsyňyz». ‎




Chapter 4

1 Soňra Musa Rebbe: «Eger olar maňa ynanmasalar ýa-da sözüme gulak asman „Reb saňa görnen däldir“ diýseler, men näme edeýin?» diýdi.
2 Reb Musadan: «Eliňdäki näme?» diýip sorady. Ol hem: «Hasa» diýdi.
3 Reb: «Ony ýere taşla» diýdi. Musa ony ýere taşlady, ol hasa ýylana öwrüldi. Şonda Musa ondan gaçyp başlady.
4 Emma Reb Musa: «Eliňi uzat-da, onuň guýrugyndan tut» diýdi. Musa elini uzadyp, ony tutan badyna, ýylan onuň elinde öňküsi ýaly hasa öwrüldi.
5 Reb oňa: «Ine, muňa ynanarlar, olaryň ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigine ynanarlar» diýdi.
6 Reb Musa ýene-de: «Eliňi donuňyň içine sok» diýdi. Ol hem elini donunyň içine sokdy. Ol elini daşyna çykaranda, onuň eli ak gar ýaly pis açdy.
7 Soňra Hudaý oňa: «Eliňi yzyna donuňyň içine sal» diýdi. Musa elini ýene-de donunyň içine salyp, täzeden çykaranda, bedenindäki beýleki agzalar ýaly bolup, onuň eli öňki kaddyna geldi.
8 Hudaý: «Eger olar saňa ynanmasalar ýa-da birinji görkezen alamatyňa ikirjiňlenseler, belki, olar seniň görkezen şu ikinji alamatyňa ynanarlar.
9 Eger olar bu görkezen iki alamatyňa-da ynanmasalar ýa-da saňa gulak asmasalar, onda Nil derýasyndan biraz suw getirip, ony gury ýere dök. Şol getiren suwuň gury ýerde gana öwrüler» diýdi.
10 Emma Musa Rebbe: «Eý, Taňrym, Öz guluň bolan maňa geplemeziňden öňem, soňam hiç haçan men dilewar adam bolmadyk. Men gepe çeper däl, dilim tutuk ýaly» diýdi.
11 Reb oňa: «Adamyň agzyny kim ýaratdy? Ony lal ýa-da ker edýän kim? Kim oňa göreç berýär ýa-da kim ony kör edýär? Bu Men Reb dälmi näme?
12 Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi.
13 Musa bolsa ýene-de: «Eý, Taňrym, ýalbarýaryn, şol ýere maňa derek başga birini iberäýsene» diýdi.
14 Şundan soň Rebbiň Musa gahary geldi we oňa: «Lewili doganyň Harun şol ýerde dälmi näme? Men onuň dile çeperdigini bilýärin. Ol eýýäm seni garşy almak üçin ýolda we ol seni görenine ýürekden begener.
15 Sen oňa gepläp, sözleri onuň agzyna salyp berersiň. Men siziň ikiňize hem geplemäge kömek ederin we size näme etmelidigiňizi öwrederin.
16 Saňa derek adamlar bilen Harun gepleşer. Ol seniň sözleýjiň bolar, sen bolsa onuň üçin Hudaý ýaly bolarsyň.
17 Alamatlary görkezer ýaly, sen bu hasany hem öz ýanyň bilen al» diýdi.
18 Musa gaýynatasy Ýitronyň ýanyna gelip, oňa: «Maňa yzyma, Müsüre öz dogan-garyndaşlarymyň ýanyna gitmäge ygtyýar ber. Olar dirimikä, gidip göreýin» diýdi. Ýitro Musa: «Sag-aman gidip gel» diýdi.
19 Midýanda Reb Musa: «Müsüre, yzyňa gidiber, çünki seniň janyňa kast etjek adamlaryň hemmesi öldi» diýdi.
20 Şeýlelikde, Musa aýalyny we ogullaryny eşege mündürip, yzyna, Müsür ýurduna gaýtdy. Ol öz ýany bilen keramatly hasany hem aldy.
21 Reb Musa şeýle diýdi: Müsüre, yzyňa baranyňda, Meniň saňa beren güýjüm bilen fyrownyň öňünde ähli gudratlary görkezersiň. Emma Men fyrowny doňýürek adam ederin, şol sebäpli hem ol ysraýyl halkyna gitmäge rugsat etmez.
22 Siz bolsa fyrowna şeýle diýiň: «Reb saňa: „Ysraýyl Meniň ilkinji bolan oglum.
23 Maňa gulluk eder ýaly Meniň oglumy goýber“ diýdim, emma sen onuň gitmegine garşy bolduň. Seret, indi Men hem seniň ilkinji bolan ogluňy öldürerin».
24 Ýolda olar bir kerwensaraýda düşlänlerinde, Reb Musa duşup, ony öldürmäge synanyşýar.
25 Emma Sypora çakmakdaşdan edilen pyçagy alyp, oglunyň ujydynyň pürçügini kesýär-de, ony Musanyň aýagyna degirýär we oňa: «Hakykatdan-da, sen gan üsti bilen baglaşan ärimsiň» diýýär.
26 Şundan soň Reb onuň ýanyndan aýrylýar. Sypora «Sen gan üsti bilen baglaşan ärimsiň» diýip, sünnet sebäpli aýtdy.
27 Reb Haruna: «Çöle git-de, Musanyň öňünden çyk» diýýär. Şeýlelikde, Harun gidip, ony Hudaý dagynda garşy alyp, ony gujaklaýar.
28 Soňra Musa Haruna Rebbiň oňa aýt diýip iberen zatlarynyň hemmesini aýtdy. Rebbiň oňa ýerine ýetirmeli diýip buýran ähli gudratly alamatlary hakynda hem gürrüň berdi.
29 Musa bilen Harun Müsüre baryp, ysraýyl ýaşulularynyň hemmesini bir ýere ýygnadylar.
30 Harun Rebbiň Musa aýdanlarynyň ählisini olara gürrüň berdi. Halkyň öňünde ol alamatlary hem görkezdi.
31 Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler. ‎




Chapter 5

1 Şundan soň Musa bilen Harun fyrownyň ýanyna gidip, oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Meniň şanyma baýram etsinler“».
2 Emma fyrown: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi.
3 Soňra olar: «Ýewreýleriň Hudaýy bize duşdy. Indi bolsa bize üç günlük çöle gidip, Hudaýymyz Rebbe sadaka bermäge rugsat et, ýogsam, Reb bizi gyrgyna berer ýa-da gylyç bilen biziň başymyzy alar» diýdiler.
4 Emma Müsüriň patyşasy olara: «Eý, Musa we Harun, näme üçin siz bu halkyň elini işden sowadýarsyňyz? Öz işiňiz bilen boluň.
5 Görýäňizmi, häzir bu ýerde olaryň sany biziň öz halkymyzyňkydan-da köp, siz bolsa olary işinden dyndarjak bolýarsyňyz» diýdi.
6 Şol günüň özünde fyrown gul hojaýynlaryna we ysraýyllaryň özleriniň baş gözegçilerine şeýle buýruk berdi:
7 «Mundan buýana bu halka kerpiç guýar ýaly saman bermäň. Goý, olar gidip, samany özleri tapsynlar.
8 Emma olaryň guýýan kerpiçleriniň sany öňküsi bilen deň bolsun, ýekejesini hem kemeltmäň. Olar ýalta, şonuň üçin olar: „Bizi goýber, Hudaýymyza sadaka bereli“ diýşip gygyryşýarlar.
9 Bu adamlaryň ünsi diňe işde bolar ýaly, has agyr işler bilen olaryň egninden basyň. Şonda olar ýalan geplere gulak gabartmazlar».
10 Şeýlelikde, ysraýyllaryň gul eýeleri we olaryň baş gözegçileri çykyp, olara: «Fyrown şeýle diýýär: Men size saman berjek däl.
11 Nireden tapsaňyz, şondan tapyň, samany özüňiz ediniň, emma gündelik edýän işiňiz bolsa sähelçe-de azaljak däldir» diýdiler.
12 Şeýdip, halk özlerine saman edinmek üçin orlan meýdan gözläp, Müsüriň ähli ýerine dagadylar.
13 Gul eýeleri olardan her günki etmeli işlerini edil saman bilen üpjün edilýän döwründäki ýaly ýerine ýetirmeklerini erjellik bilen talap edýärdiler.
14 Fyrownyň gul eýeleri tarapyndan bellenen ysraýyllaryň baş gözegçileri urulýardylar we olardan: «Näme üçin siz bu gün guýmaly kerpiç paýyňyzy öňkiňiz ýaly doly ýerine ýetirmeýärsiňiz?» diýip hasabat soralýardylar.
15 Ahyry ysraýyllaryň baş gözegçileri fyrownyň ýanyna gidip, oňa: «Näme üçin biz gullaryňa beýle daraýaň?
16 Bize saman berilmeýär, muňa garamazdan, kerpiç guýuň diýip buýruk berýärler. Ynha, gullaryňy ýençýärler, emma günä seniň öz adamlaryňda ahyry» diýip arz edýärler.
17 Emma fyrown: «Siz baryp ýatan bir işýakmaz. Şonuň üçin hem siz: „Bizi goýber, gidip, Rebbe sadaka bereli“ diýýärsiňiz.
18 Häzir bolsa gidiň-de işläň. Size saman berilmez, ýöne şonda-da kerpiji öňki möçberde öndürersiňiz» diýdi.
19 Ysraýyllaryň baş gözegçilerine her günki öndürilmeli kerpijiň sanynyň ýekejesiniň hem kemeldilmeli däldigini aýdanlarynda, olar özleriniň betbagtlyga uçrandyklaryna göz ýetirdiler.
20 Olar fyrownyň ýanyndan çykanlarynda, özlerine, garaşyp duran Musa bilen Haruna duşdular.
21 Olar Musa bilen Haruna: «Fyrown we onuň emeldarlary tarapyndan siz biziň başymyza bela getirdiňiz, bizi öldürer ýaly, olaryň eline gylyç berdiňiz. Munuň üçin Reb size göz görkezip, jezaňyzy berer» diýdiler.
22 Soňra Musa ýene-de Rebbe ýüzlenip: «Eý, Rebbim, näme üçin bu adamlara betbagtlyk getirdiň? Aslynda näme üçin meni goýberdiň?
23 Seniň adyňdan fyrown bilen gepleşmäge gelelim bäri, ol bu adamlara görgi baryny görkezdi. Sen bolsa Öz halkyňy azat etmek üçin ýekeje-de zat etmediň» diýdi. ‎




Chapter 6

1 Emma Reb Musa: «Meniň fyrowna näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, hatda olary öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.
2 Hudaý Musa şeýle diýdi: «Men Rebdirin.
3 Men Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba Gudratygüýçli Alla bolup göründim, emma Özümi Reb adym bilen olara aýan etmedim.
4 Men olara gelmişek bolup ýaşan ýurdy bolan Kengan topragyny bermegi äht etdim.
5 Şeýle hem, Men ysraýyllaryň Müsürde gulçulykdan ýaňa ezilýändikleri sebäpli edýän ahy-nalasyny eşitdim we Öz eden ähtimi ýatladym.
6 Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan halas ederin.
7 Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Şonda sizi Müsür süteminden alyp çykanyň Mendigimi, ýagny Hudaýyňyz Rebdigimi bilersiňiz.
8 Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“».
9 Musa bu sözleri ysraýyllara aýdyp berdi, emma olar göwnüçökgündikleri we rehimsiz ezilýändikleri sebäpli Musany diňlemediler.
10 Soňra Reb Musa: «Git-de, Müsüriň patyşasy fyrowna aýt, goý, ol ysraýyllara ýurdundan çykyp gaýtmaga rugsat bersin» diýdi.
12 Emma Musa Rebbe: «Görýäňmi, entek ysraýyllar meni diňlänok, onsoň fyrown maňa nädip gulak assyn, men bir dilsiz-agyzsyz adam ýaly ahyryn» diýdi.
13 Reb Musa we Harun bilen ysraýyllar we Müsüriň patyşasy fyrown hakynda gepleşip, olara ysraýyllary Müsürden alyp çykmagy buýurdy.
14 Bular ysraýyllaryň atalarynyň urugbaşylary: Ysraýylyň ilkinji ogly Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron we Karmy. Bular Rubeniň uruglary bolupdyrlar.
15 Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamyn, Ohat, Ýakyn, Sohar we kenganly aýalyndan bolan ogly Şawul. Bular Şimgonyň uruglarydy.
16 Lewiniň nesil daragtyna görä, onuň ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat we Merary. Lewi bir ýüz otuz ýedi ýaşap dünýäden ötdi.
17 Gerşonyň ogullary: Libni we Şimgi uruglary bilen.
18 Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. Kohat bir ýüz otuz üç ýaşap öldi.
19 Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Ynha, bu aşakdakylar bolsa Lewileriň nesilleri boýunça uruglary.
20 Imran öz kakasynyň gyz jigisi Ýokebedi özüne aýal edip aldy, ol hem oňa Harun bilen Musany dogrup berdi. Imran bir ýüz otuz ýedi ýaşap aradan çykdy.
21 Ýisharyň ogullary: Kora, Nepek, Zikri.
22 Uzyýeliň ogullary: Mişaýel, Elsapan we Sitri.
23 Harun Amynadabyň gyzy, Nahşonyň gyz dogany Elişeba öýlendi we olaryň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy.
24 Koranyň ogullary: Asyr, Elkana we Abyýasap. Bular Koranyň uruglary bolupdyr.
25 Harunyň ogly Elgazar Putyýeliň gyzlarynyň birini özüne aýal edip aldy we ondan Pinehas diýen ogly boldy. Ynha, şular lewileriň uruglary boýunça olaryň atalarynyň urugbaşylary bolupdyr.
26 Rebbiň: «Ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çyk» diýip buýruk beren adamlary ine, şu Harun bilen Musady.
27 Ysraýyllary Müsürden alyp gaýtmak üçin, Müsür patyşasy fyrown bilen gepleşenler hem şular – Musa bilen Harundy.
28 Şol gün Reb Müsürde Musa ýüzlendi.
29 Reb Musa: «Men Rebdirin. Meniň saňa aýdýanlarymyň hemmesini Müsüriň patyşasy fyrowna ýetir» diýdi.
30 Emma Musa Rebbe: «Men söze garyp adam, onsoň fyrown meni nädip diňlesin» diýdi. ‎




Chapter 7

1 Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Fyrownyň öňünde Men seni Hudaý ýaly edýärin we doganyň Harun bolsa seniň pygamberiň ýaly bolar.
2 Meniň saňa buýurýan tabşyryklarymyň ählisini sen aýtmalysyň, doganyň Harun bolsa fyrowndan ysraýyllary öz ýurdundan goýbermegini sorar.
3 Emma Men fyrowny doňýürek adam ederin. Hatda Men Müsürde alamatlarymyň we gudratlarymyň sanyny köpeltsem-de,
4 fyrown sizi diňlemez. Şundan soň Men Müsüre göz görkezip, olara agyr jezalar berip, Öz halkym bolan ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çykaryn.
5 Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Meniň Rebdigime göz ýetirerler».
6 Musa bilen Harun Rebbiň hut özlerine buýruşy ýaly etdiler.
7 Fyrown bilen gepleşen wagtlary Musa segsen, Harun bolsa segsen üç ýaşyndady.
8 Reb Musa bilen Haruna ýüzlenip:
9 «Eger fyrown size „Gudrat görkeziň“ diýse, Musa sen Haruna: „Taýagyňy al-da, fyrownyň öňünde ony ýere taşla“ diý, şonda hasa ýylana öwrüler» diýdi.
10 Şeýlelikde, Musa bilen Harun fyrownyň ýanyna bardylar we Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun fyrownyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny ýere taşlady, ol ýylana öwrüldi.
11 Fyrown hem öz akyldarlaryny, jadygöýlerini ýygnady. Olar hem özleriniň gizlin syrlary bilen hut şeýle gudraty ýerine ýetirdiler.
12 Olaryň hersi öz hasalaryny ýere taşladylar welin, olar hem ýylana öwrüldiler. Emma Harunyň hasasy olaryň hasalaryny ýuwutdy.
13 Fyrownyň ýüreginiň doňy entek hem çözülenokdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol heniz hem bulara gulak gabartmaýardy.
14 Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Fyrown doňýürek adam, ol halky goýbermekden ýüz öwürýär.
15 Fyrownyň irden derýa suwa düşmäge çykýan wagty, sen onuň ýanyna bar. Oňa duşmak üçin, Nil derýasynyň ýanynda garaş, eliňe ýylana öwrülen hasany hem al.
16 Soňra oňa şeýle diý: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb ine şulary aýtmak üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Ol saňa: ‘Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Maňa ybadat etsinler’ diýdi. Ine sen bolsa, entek hem muňa boýun bolmadyň.
17 Reb şeýle diýýär: ‘Şu etjek işimi görüp, sen Meniň Rebdigimi bilersiň: Görýäňmi, men şu elimdäki hasa bilen Nil derýasynyň suwuna uran badyma, suw gana öwrüler.
18 Nildäki balyklar öler we derýa porsar. Müsürliler Niliň suwundan içip bilmezler’“».
19 Reb Musa: «Haruna aýt: „Taýagyny alsyn-da, Müsüriň ähli suwlaryna olaryň derýalaryna, ýaplaryna, howuzlaryna we ähli suw howdanlaryna hasasy bilen urup çyksyn. Müsüriň ähli suwy, hatda çelekdäki we daş küýzelerdäki suwlar hem gana öwrüler“» diýdi.
20 Musa bilen Harun Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun fyrownyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny uzadyp, Nil derýasynyň suwuna urdy, Nil derýasynyň tutuş suwy gana öwrüldi.
21 Nildäki balyklar öldi, Nil derýasy porsady. Şeýlelikde, müsürliler Nil derýasyndan suw içip bilmediler, Müsüriň ähli suwy gana boýalypdy.
22 Emma Müsür jadygöýleri hem özleriniň gizlin usullary bilen edil şu gudraty ýerine ýetirdiler. Şeýdip, fyrownyň ýüregi doňlugyna galdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, fyrown olary diňlemedi.
23 Fyrown yzyna öwrüldi-de, öz jaýyna girip gitdi, muny ol hatda piňine-de almady.
24 Niliň suwundan içip bilmeýändikleri üçin, ähli müsürliler agyz suw gözläp, Nil derýasynyň boýuny gazdylar.
25 Rebbiň Nil derýasyny şeýle edeninden soň ýedi gün geçipdi. ‎




Chapter 8

1 Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Fyrownyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diý: „Reb saňa şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.
2 Sen olary goýbermekden ýüz öwürseň, onda Men gurbagalar çozduryp, tutuş ýurduňa betbagtlyk getirerin.
3 Nil derýasy gurbaga sürüsinden dolup, olar seniň öýüňe, köşgüňe we ýatýan düşegiňe çenli gelerler. Gurbagalar seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň öýlerine dolar, hatda olar tamdyrlaryňyzyň içine we hamyr ýugrulýan jamyňyza çenli girerler.
4 Gurbagalar seniň üstüňe, seniň halkyňyň we ähli emeldarlaryňyň üstüne çykarlar’“».
5 Reb Musa: «Haruna aýt: „Goý, ol elindäki hasasyny uzadyp, derýalara, ýaplaryna we suw howdanlaryna urup gurbagalar çykarsyn. Müsüriň ýerini gurbagalar gaplap alar“» diýdi.
6 Şeýlelikde, Harun hasasy bilen Müsürdäki suwlara urup çykdy we gurbagalar peýda boldy. Tutuş Müsüriň ýeri gurbagalar bilen örtüldi.
7 Emma jadygöýler hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler, olar hem Müsürde gurbagalar çykardylar.
8 Soňra fyrown Musa bilen Haruny çagyryp, olara: «Menden we halkymdan gurbagalaryň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg ediň. Men bolsa halkyňyzy Rebbe sadaka bermäge goýbererin» diýdi.
9 Musa fyrowna: «Seniň üçin, emeldarlaryň we halkyň üçin haçan dileg etmelidigini maňa özüň aýdaý, şonda gurbagalar sizden we siziň öýleriňizden ýok bolup giderler, olar diňe Nil derýasynda galar» diýdi.
10 Fyrown hem oňa: «Ertir dileg edäý» diýdi. Musa oňa: «Goý, seniň aýdyşyň ýaly bolsun! Çünki sen biziň Hudaýymyz Reb ýaly başga hiç kimiň ýokdugyny bilersiň.
11 Gurbagalar senden, siziň öýleriňizden, emeldarlaryňdan we halkyňdan aýrylyp, olar diňe Nil derýasynda galar» diýdi.
12 Şeýlelikde, Musa bilen Harun fyrownyň ýanyndan gaýtdylar. Musa fyrownyň üstüne çozduran gurbagalaryny ýok etmegini sorap, Rebbe dileg etdi.
13 Reb hem Musanyň dilegini ýerine ýetirdi. Öýlerdäki, howlulardaky we meýdanlardaky gurbagalar öldüler.
14 Müsürliler ölen gurbagalary uly üýşmekler edip ýygnadylar, ýerden porsy ys haplap urdy.
15 Fyrown bu zatlary görüp, göwni aram tapdy. Soň ýene-de özüniň doňýürekligini etdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol Musa bilen Haruna gulak asmady.
16 Soňra Reb Musa: «Haruna aýt: „Goý, ol hasasyny alsyn-da, ýeriň tozuna urup çyksyn, şonda tutuş Müsüriň içinde çirkeýler peýda bolar“» diýdi.
17 Olar şeýle hem etdiler. Harun eline hasasyny alyp, ýeriň tozuna urup çykdy welin, adamlaryň we haýwanlaryň üstüne çirkeýler çozdy. Tutuş Müsüriň ähli tozy çirkeýe öwrüldi.
18 Jadygöýler hem öz gizlin usullary bilen çirkeý döretmäge synanyşdylar, emma olar muny başarmadylar. Şeýlelikde, çirkeýler adamlaryň we haýwanlaryň üstünde gezişip ýördüler.
19 Jadygöýler fyrowna: «Bu Hudaýyň işi» diýdiler. Emma fyrownyň ýüregi doňdy we ol Rebbiň aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.
20 Soňra Reb Musa: «Irden tur-da, fyrownyň suwa düşmäge çykýan wagty oňa garaş we oňa şeýle diý: „Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber. Olar gidip, Maňa ybadat etsinler.
21 Eger sen Meniň halkymy ýene-de goýbermeseň, onda Men seniň üstüňe, seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň üstüne we seniň öýüňe siňek sürüsini ibererin. Müsürlileriň öýleri siňek sürüsinden dolar, şeýle hem, olaryň ýaşaýan ýerleri siňek bilen gurşalar.
22 Emma şol gün Men Öz halkymyň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragyny aýry goýjak. Ol ýerde hiç hili siňek sürüsi bolmaz, şonda sen Meniň bu ýurduň Rebbidigimi bilersiň.
23 Men Öz halkymy seniň halkyňdan tapawutlandyraryn. Bu gudratly alamat ertir bolar’“».
24 Reb şeýle hem etdi. Fyrownyň öýi we onuň emeldarlarynyň öýleri güýçli siňek sürüsi bilen doldy. Siňeklerden ýaňa tutuş Müsür ýurdy weýran boldy.
25 Soňra fyrown Musa bilen Haruny ýanyna çagyrdyp, olara: «Baryň, gidiň-de, şu ýurtda Hudaýyňyza sadaka beriň» diýdi.
26 Emma Musa: «Beýle etsek dogry bolmaz. Hudaýymyz Rebbe berýän sadakamyzy müsürliler nejislik hasaplarlar. Eger biz müsürlilere nejislik edip, mal sadakamyzy olaryň gözüniň alnynda bersek, onda olar bizi daşlap öldürmezlermi?
27 Hudaýymyz Rebbe berjek sadakamyzy biz Onuň Özüniň buýruşy ýaly, üç günlük çöle gidip bermeli» diýdi.
28 Fyrown oňa: «Men size çöle gidip, Hudaýyňyz Rebbe sadaka bermäge rugsat edýärin, ýöne siz gaty uzaga gitmeli dälsiňiz. Meniň üçin Rebbe dileg edäý» diýdi.
29 Soňra Musa: «Ine, men häzir gidip, fyrowndan, onuň emeldarlaryndan we halkyndan siňek sürüsiniň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg etjek. Ýöne fyrown ýene-de ýalan sözläp, halky Rebbe sadaka bermäge goýbermekden saklamawersin» diýdi.
30 Şeýlelikde, Musa fyrownyň ýanyndan gaýdyp, Rebbe dileg etdi.
31 Reb hem Musanyň dilegini ýerine ýetirdi. Siňek sürüsi fyrowndan, onuň emeldarlaryndan we halkyndan aýrylyp ýok bolup gitdi, ýekeje siňek hem galmady.
32 Emma fyrown bu gezek hem doňýürekligine galdy we ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi. ‎




Chapter 9

1 Soňra Reb Musa: «Fyrownyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diýip aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler’.
2 Eger sen olary ýene-de saklap, goýbermekden boýun towlasaň,
3 onda Reb meýdandaky mal-garalaryňyzyň, ýagny atlaryňyzyň, eşekleriňiziň, düýeleriňiziň we dowarlardyr sürüleriňiziň üstünden iň agyr külpetleri inderer.
4 Emma Reb ysraýyl mallary bilen Müsür mallarynyň arasynda tapawut goýjakdyr, ysraýyllara degişli mallaryň ýekejesi hem ölmez“» diýdi.
5 Şeýle hem Reb bu işi Müsürde ertir etjekdigini aýdyp, onuň wagtyny mälim etdi.
6 Ertesi gün Reb bu işi etdi: Müsürlileriň ähli mallary gyryldy, emma ysraýyl mallarynyň ýekejesi hem ölmedi.
7 Fyrown ýagdaýy bilmäge adam ýollady, görse, ysraýyl mallarynyň biri hem ölmändir. Emma fyrownyň ýüregi entek hem doňdy, ol halky ýene-de goýbermedi.
8 Soňra Reb Musa bilen Haruna: «Küreden goşawujyňyzy dolduryp kül alyň. Goý, Musa ony fyrownyň öňünde göge seçsin.
9 Ol kül tutuş Müsürde tozana öwrüler. Tozan bolsa adamlaryň we haýwanlaryň bedenine siňip, olarda açyk iriňli çybanlar emele getirer» diýdi.
10 Şeýlelikde, Musa bilen Harun küreden kül alyp, fyrownyň öňünde durdular. Musa küli howa seçdi weli, adamlarda we haýwanlarda açyk iriňli çybanlar emele geldi.
11 Müsür jadygöýleri bu çybanlardan ýaňa, Musanyň ýanyna baryp bilmediler. Çünki çybanlar jadygöýleriň hem, ähli müsürlileriň hem üstünden inipdi.
12 Emma Reb fyrowny doňýürek etdi. Ol Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.
13 Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Irden tur-da, fyrownyň huzuryna bar we oňa şuny aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.
14 Ýogsam, bu gezek Men seniň öz üstüňden, emeldarlaryňyň we halkyňyň üstünden ähli bela-beterlerimi indererin. Şonda sen bütin ýer ýüzünde Meniň ýaly hiç kimiň ýokdugyny bilersiň.
15 Şu wagta çenli Men golumyň güýji bilen seni we seniň halkyňy gyrgyna berip, köküňiz bilen ýerden sogrup taşlap hem bilýärdim.
16 Emma Men sizi diňe şeýle maksat bilen, ýagny size Öz güýjümi görkezmek üçin diri saklap ýörün. Şeýdip, bütin ýer ýüzünde Meniň adym jar ediler.
17 Sen entek hem Meniň halkyma garşy tekepbirlik edip, olaryň gitmegine rugsat etmersiň.
18 Ine, ertir şu wagtlar Men Müsüriň taryhynda ömür görlüp-eşidilmedik güýçli doly ýagdyrjakdyryn.
19 Şonuň üçin hem häziriň özünde adam ýollap, meýdandaky bar bolan mal-garalaryňyzy we ähli zadyňyzy ýygnap, howpsuz ýere getiriň. Sebäbi öýüne getirilmän, meýdanda galan her bir adamyň we malyň üstünden güýçli doly ýagyp, olar öler’“».
20 Fyrownyň emeldarlarynyň arasynda Rebbiň sözünden gorkýanlary meýdandaky öz gullaryny we mallaryny derrew içeri ýygnadylar.
21 Emma Rebbiň sözüni piňine almaýanlar özleriniň gullaryny we mallaryny meýdanda galdyrdylar.
22 Soňra Reb Musa: «Eliňi asmana uzat, şonda tutuş Müsüriň üstüne doly ýagar. Müsüriň meýdanlarynda galan adamlaryň, mallaryň we her bir ekin nahallarynyň üstünden doly iner» diýdi.
23 Şundan soň, Musa hasasyny asmana uzatdy we Reb gök gürledip doly ýagdyrdy, ýyldyrym çakyp, ýere ot düşdi. Şeýdip, Reb Müsürde güýçli doly ýagdyrdy.
24 Doly ýagýarka, doly bilen bir wagtda ýyldyrym çakyp, yzy üzülmän ýere ot düşüp durdy. Müsürliler millet bolaly bäri, onuň tutuş ýerinde hiç haçan şeýle güýçli doly ýagmandy.
25 Doly tutuş Müsüriň meýdanlaryndaky ähli zatlary: adamlary we mallary weýran etdi, ol her bir ekin meýdanyny sandan çykardy. Şeýle hem, meýdandaky hemme agaçlaryny syndyrdy.
26 Diňe ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragynda doly ýagmady.
27 Soňra fyrown adam ýollap, Musa bilen Haruny çagyrtdy we olara: «Bu gezek men günämi boýun alýan. Rebbiňki dogry, meniň we halkymyň edýäni nädogry.
28 Rebbe dileg et! Gök gürrüldemesini we doly ýagmasyny bes etsin! Men sizi goýberjek, ýöne siz ol ýerde uzak galmaly dälsiňiz» diýdi.
29 Musa oňa: «Men galadan çykyp, ellerimi Rebbe uzatdygym, gök gürrüldisi kesiler we dolynyň ýagmasy galar. Şonda sen bu dünýäniň Rebbiňkidigini bilersiň.
30 Emma seniň we emeldarlaryňyň entek hem Reb Hudaýdan gorkmaýandyklaryny men bilýärin» diýdi.
31 (Zygyr we arpa weýran bolupdy. Arpa gulak çykaryp otyrdy, zygyr bolsa pyntyklapdy.
32 Emma bugdaýa we ýazlyk bugdaýa zeper ýetmändi, sebäbi olar gijräk gögerýärdi.)
33 Şeýlelikde, Musa fyrownyň ýanyndan gidip, galadan çykdy we asmana ellerini uzadyp, Rebbe dileg etdi. Şobada gök gürrüldisi we doly ýagmasy galdy. Ýere ýagyş guýmasy kesildi.
34 Ýöne fyrown ýagşyň, dolynyň we gök gürrüldisiniň kesilenini görende, ýene-de günä etdi. Fyrown we onuň emeldarlary ýene-de doňýürekligini etdiler.
35 Şeýdip, fyrown öňküsi ýaly doňýürekligine galdy. Edil Rebbiň Musanyň üsti bilen aýdyşy ýaly, ol ysraýyllary goýbermedi. ‎




Chapter 10

1 Şundan soň Reb Musa: «Fyrownyň ýanyna git. Olaryň arasynda gudratly alamatlarymy görkezmek üçin, Men fyrowny we onuň emeldarlaryny doňýürek etdim.
2 Sen öz nesilleriňe we nebereleriňe Meniň müsürlileriň aňkasyny aşyryp, olaryň arasynda nähili gudratly alamatlar görkezendigimi gürrüň berersiň. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz» diýdi.
3 Şeýlelikde, Musa bilen Harun fyrownyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde sen haçana çenli öz pespälligiňden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.
4 Eger sen Meniň halkymy goýbermekden ýüz öwürseň, onda Men ertir seniň ýurduňa çekirtge ibererin.
5 Çekirtgeler ýeriň ýüzüni örterler, olardan ýaňa ýeriň üsti görünmez. Doly ýagandan soňky galan zatlaryňyzy we meýdandaky ösüp oturan her bir agaçlaryňyzy çekirtgeler iýerler.
6 Seniň öýleriň, ähli emeldarlaryňyň we tutuş müsürlileriň öýleri çekirtgeden dolar. Dünýä ineli bäri, şu güne çenli şeýle zady siziň ata-babalaryňyz hem gören däldir“». Soňra Musa yzyna öwrülip, fyrownyň ýanyndan çykyp gaýtdy.
7 Fyrownyň emeldarlary gelip, oňa: «Bu adam haçana çenli bize duzak boljakka? Halky goýber, goý, gidip, Hudaýy Rebbe ybadat etsin. Müsüriň weýran bolýandygyna sen näme entek hem düşüneňokmy?» diýdiler.
8 Şeýdip, Musa bilen Haruny yzyna, fyrownyň ýanyna çagyrdylar. Fyrown olara: «Gidiň-de, Hudaýyňyz Rebbe ybadat ediň! Ýöne sizden kimler gider?» diýip sorady.
9 Musa oňa: «Biz garry-ýaşlarymyz bilen, ogul-gyzlarymyz bilen, mal-garadyr dowarlarymyz bilen bile gideris, sebäbi biz Rebbiň şanyna baýram etmeli» diýdi.
10 Fyrown olara: «Eger siz aýallaryňyz we oglan-uşaklaryňyz bilen gitmäge menden rugsat alyp bilen günüňiz, goý, Reb sizlik bolsun! Görýäňizmi, siziň päliňiz düzüw däl eken.
11 Ýok. Rebbe ybadat etmäge diňe erkekleriňiz gider, siziň öz islegiňiz hem şudy ahyryn» diýdi. Soňra Musa bilen Harun fyrownyň huzuryndan kowuldylar.
12 Şundan soň, Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy Müsür topragyna urup, çekirtgeler çykar. Olar Müsür ýurduna çozarlar we doly ýagandan soňky galan ähli zatlary, ähli bag-bakjalary iýerler» diýdi.
13 Şeýlelikde, Musa elindäki hasasyny Müsür topragyna urup çykdy. Reb şol gün uzakly gün we uzakly gije gündogar ýelini turuzdy. Ertesi irden bu gündogar ýeli çekirtgeler getirdi.
14 Çekirtgeler tutuş Müsür topragyna inip, tutuş ýurdy boýdan-başa eýelediler. Şeýle san-sajaksyz çekirtge sürüsi hiç haçan öňem-soňam bolmadyk, indi hem bolmajak, görlüp-eşidilmedik zatdyr.
15 Çekirtgeler tutuş ýurduň ýüzüni örtendigi sebäpli, ýeriň üsti garalypdy. Olar ýurtdaky doly ýagandan soňky galan ähli bag-bakjalary we ähli agaçlaryň miwelerini iýdiler. Tutuş Müsür topragynda ne agaç, ne-de bag-bakja galdy, ýekeje-de ýaşyl zat galmandy.
16 Fyrown derrew Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Bu bolan ähli zatdan soň, men ýene-de siziň we Hudaýyňyz Rebbiň garşysyna günä etdim.
17 Şonuň üçin hem indi meniň günämi ötüň we bu nejis betbagtçylygyň menden aýrylmagyny sorap, ýene-de birje gezek Hudaýyňyz Rebbe dileg edäýiň» diýdi.
18 Şeýdip, Musa fyrownyň ýanyndan gaýdyp, Rebbe dileg etdi.
19 Reb hem şemaly günbatardan örän güýçli öwüsýän şemala öwrüp, çekirtgeleri syryp-süpürip, Gyzyl deňzine getirip taşlady. Tutuş Müsür ýurdunda ýekeje-de çekirtge galmady.
20 Emma Reb fyrowny ýene-de doňýürek etdi, ol ysraýyllary goýbermedi.
21 Şundan soň Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy asmana uzat, şonda Müsüriň içine garaňky düşer, tüm-garaňkylyk gaplap alar» diýdi.
22 Şeýdip, Musa elindäki hasasyny asmana uzatdy we tutuş Müsüriň içinde üç günläp tüm garaňkylyk boldy.
23 Olar hatda bir-birlerini hem görüp bilmediler. Üç günläp olaryň hiç biri hiç ýere gozganyp hem bilmedi, emma ähli ysraýyllaryň ýaşaýan ýerinde ýagtylyk boldy.
24 Soň fyrown Musany ýanyna çagyrdyp, oňa: «Baryň, gidip, Rebbe ybadat ediň. Çagalaryňyz hem siziň bilen gidibersin, ýöne diňe sygyrlaryňyz bilen dowarlaryňyz bärde galsyn» diýdi.
25 Emma Musa: «Sen Hudaýymyz Rebbe mal-garalarymyz bilen sadakalarymyzdyr ýakma gurbanlyklarymyzy bermäge-de rugsat etmelisiň.
26 Biz mal-garalarymyzy hökman özümiz bilen alyp gitmeli, bärde ýekeje-de toýnakly galmaz. Biz olary Hudaýymyz Rebbe ybadat etmek üçin äkitmeli. Ol ýere baryp ýetýänçäk, biz Rebbe näme bilen ybadat etmelidigini bilemzok» diýdi.
27 Emma Reb fyrowny doňýürek etdi, ol ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi.
28 Soňra fyrown Musa jogap berip: «Gümüňi çek şu ýerden. Özüňden habardar bol! Gaýdyp meniň gözüme görünme. Çünki meniň gözüme görnen günüň, şol pursatda ölersiň» diýdi.
29 Musa hem oňa: «Aýdyşyň ýaly bolar! Men indi hiç haçan seniň gözüňe görünmerin» diýdi. ‎




Chapter 11

1 Reb Musa ýene-de: «Fyrownyň we Müsüriň üstünden ýene bir betbagtçylyk indererin. Şondan soň fyrown size ol ýerden gitmäge rugsat eder. Ol sizi goýberende, öz ýurdundan büs-bütin kowup çykarar.
2 Indi bolsa halka eşitdirip aýt, goý, her bir erkek we her bir aýal öz müsürli goňşusyndan altyn-kümüşden ýasalan şaý-sepler dilesin» diýdi.
3 Reb müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Mundan başga-da, Müsür topragynda, fyrownyň emeldarlarynyň we halkynyň öňünde Musa beýik adam bolupdy.
4 Musa fyrowna şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Men ýary gije töweregi Müsüriň içine aýlanyp çykaryn.
5 Şonda ähli müsürlileriň ilkinji doglan ogullary öler. Tagtda oturan fyrownyň ilkinji doglan oglundan başlap, tä degirmen üwäp oturan hyzmatkär aýalyň ilkinji bolan ogluna çenli öler. Ähli mallaryň hem ilkinji doglanlary öler.
6 Tutuş Müsür ýurdunda uly ses bilen perýat ediler. Şeýle agy sesi öň hiç haçan bolan däldir, indi hem bolmaz.
7 Emma ysraýyllaryň ýekeje adamyna-da, malyna-da zelel ýetmez, hatda olara it hem üýrmez. Şonda siz Men Rebbiň müsürliler bilen ysraýyllaryň arasynda tapawut goýýandygymy bilersiňiz“».
8 Musa sözüni dowam edip, fyrowna: «Seniň ähli emeldarlaryň huzuryma gelip, maňa baş egerler we maňa: „Seniň özüň hem, yzyňa düşýän ähli halk hem gidewersin“ diýerler. Şundan soň men giderin» diýdi. Şeýdip, Musa gahar-gazaba münüp, fyrownyň ýanyndan çykyp gaýtdy.
9 Soňra Reb Musa: «Fyrown seni diňlemez. Müsürde Meniň geň gudratlarym köpeler» diýdi.
10 Musa bilen Harun fyrownyň öňünde şol geň gudratlaryň hemmesini ýerine ýetirdiler. Reb fyrowny ýene doňýürek etdi, ol ýurdundan ysraýyllary goýbermedi. ‎




Chapter 12

1 Reb Müsürde Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
2 «Bu aý siziň üçin aýlaryň başlangyjy bolar. Siziň üçin bu aý ýylyň ilkinji aýy bolar.
3 Ysraýyl halkyna aýt, goý, şu aýyň onunjy güni her bir maşgalabaşy öz hojalygy üçin soýmaga bir janly saýlap alsyn.
4 Eger bir hojalyk bir janlyny iýerden kiçi bolsa, onda olar özleriniň iň ýakyn goňşusy bilen bilelikde, hersiniň maşgala agzalaryna görä bir janlyny öz aralarynda paýlaşsynlar.
5 Janlyňyz hiç hili şikessiz bolmalydyr. Muňa siz birýaşar tokly ýa-da birýaşar çebiş saýlap bilersiňiz.
6 Siz ony şu aýyň on dördi gününe çenli saklaň we şol gün gije bütin ysraýyl jemagatynyň hersi öz saýlap goýan janlysyny soýup öldürer.
7 Soňra olar janlynyň ganyndan alyp, onuň eti iýiljek öýleriň gapylarynyň ikiýan söýesine hem-de üstki söýesine çalsynlar.
8 Olar şol gije janlynyň etini otda kebap edip, petir we ajy gök otlar bilen iýsinler.
9 Onuň etini bişirmän, çigligine ýa-da suwda gaýnadyp iýmäň. Ony diňe tutuşlygyna kellebaşaýagy we içgoşlary bilen birlikde otda kebap edip iýiň.
10 Daňdana çenli ondan hiç zat galdyrman iýiň. Eger ertire çenli iýilmän artyp galsa, şol galan-gaçanlary otda ýakyň.
11 Siz ony şu ýagdaýda iýmelisiňiz: ýol geýimiňiz egniňize, çarygyňyz aýagyňyza geýlen bolsun, hasaňyz eliňizde bolsun. Şeýle hem, siz ony çaltlyk bilen iýmelisiňiz. Bu Rebbiň Pesahydyr.
12 Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin.
13 Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden aýlanyp geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.
14 Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Maňa bagyşlap, baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz.
15 Ýedi günläp siz petir iýmelisiňiz. Şu ýedi günüň ilkinji gününde, siz öýleriňizden hamyrmaýalary çykaryp taşlaň. Kimde-kim birinji günden tä ýedinji güne çenli aralykda hamyrmaýa goşulan zatdan iýse, onda ol ysraýyllaryň arasyndan kowlup çykarylsyn.
16 Birinji günde we ýedinji günde siz mukaddes ýygnanyşyk etmelisiňiz. Şol günler ýekeje iş hem edilmeli däldir, diňe öz iýjek zatlaryňyzy taýýarlaň.
17 Şeýle hem, siz Petir baýramyny-da bellemelisiňiz, sebäbi Men sizi Müsürden topar-topar edip, hut şol gün alyp çykdym. Şonuň üçin hem siz bu güni nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklamalysyňyz.
18 Ilkinji aýyň on dördi güni agşamyndan tä şol aýyň ýigrimi biri güni agşamyna çenli siz petir iýmelisiňiz.
19 Şu ýedi günüň dowamynda öýleriňizde ýekeje-de hamyrmaýa bolmasyn. Kimde-kim hamyrmaýaly zat iýse, ol gelmişek ýa-da ýerli bolsun, ysraýyl halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn.
20 Siz hamyrmaýaly hiç zat iýmeli dälsiňiz. Ýaşap oturan ähli ýerleriňizde diňe petir iýmelisiňiz».
21 Soňra Musa ähli ysraýyl ýaşulularyny çagyryp, olara şeýle diýdi: «Heriňiz maşgalaňyza görä özüňize janly saýlaň we ony Pesah baýramy üçin soýuň.
22 Bir bogdak ýowşan otuny alyp, ony jamdaky janlynyň ganyna batyryp, gapynyň üstki söýesine we ikiýan söýesine çalyň. Daňdana çenli hiç kim öz öýüniň gapysyndan daşary çykmaly däldir.
23 Reb müsürlileri birýandan öldürip çykar. Gapynyň üstki we ikiýan söýesindäki gany görende, Reb ol gapydan sowlup geçer we janyňyzy almak üçin öýleriňize girmäge Ezraýyla rugsat etmez.
24 Siziň özüňiz we ogullaryňyz bu baýramy ebedilik kanun hökmünde bellemelisiňiz.
25 Rebbiň size bermegi söz beren ýurduna geleniňizde hem, siz bu baýramçylygy ýerine ýetirmelisiňiz.
26 Çagalaryňyz sizden: „Bu baýram nämäni aňladýar?“ diýip soranlarynda,
27 siz olara: „Bu Rebbiň Pesahynyň gurbanlyk sadakasydyr. Müsürde Reb müsürlileri öldürende ysraýyllaryň öýleriniň üstünden sowlup geçdi, biziň janymyzy aman galdyrdy“ diýip jogap beriň». Muňa ysraýyllar başlaryny egip, sežde etdiler.
28 Soňra ysraýyllar baryp, edil Rebbiň Musa bilen Haruna buýruşy ýaly etdiler.
29 Ýary gije Reb Müsüriň ilkinji doglan ogullarynyň ählisini öldürip çykdy. Tagtda oturan fyrownyň ilkinji doglan oglundan başlap, zyndanda oturan bendiniň ilkinji doglan ogluna çenli öldürdi, şeýle-de, mallaryň hem ähli ilkinji guzlanlaryny öldürdi.
30 Gije fyrownyň özi, onuň ähli emeldarlary garaz, tutuş müsürliler ýerlerinden turdular. Müsürde uly dady-perýat boldy, çünki olaryň arasynda ölüsi bolmadyk ýekeje-de öý ýokdy.
31 Şol wagt gije fyrown Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Baryň, gidiň, meniň halkymyň arasyndan çykyň. Özüňizem halkyňyz bilen bile gidiň-de, öz aýdyşyňyz ýaly, Rebbe ybadat ediň.
32 Öz soraýşyňyz ýaly, mallaryňyzdyr dowarlaryňyzy hem ýanyňyz bilen alyp gidiň. Maňa ak pata beriň!» diýdi.
33 Müsürliler öz ýurdundan ysraýyllary çalt çykarmak üçin gyssaýardylar. Sebäbi olar: «Biziň hemmämiz öleris» diýişýärdiler.
34 Şeýlelikde, ysraýyllar petirlik hamyrlaryny kendirige dolap, ony hamyr jamlara salyp, eginlerinde göterip gaýtdylar.
35 Ysraýyllar edil Musanyň özlerine aýdyşy ýaly etdiler. Olar müsürlilerden altyn-kümüşden ýasalan şaý-sepler, şeýle hem, geýim-gejimler soradylar.
36 Reb hem müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Olar ysraýyllaryň soran zatlaryny berdiler. Şeýdip, ysraýyllar müsürlileriň baýlygyny talap gaýtdylar.
37 Şeýlelik bilen, ysraýyllar Ragmesesden Sukota tarap ýola düşdüler. Olar aýallardan we çagalardan başga alty ýüz müň töweregi pyýada erkek adamdy.
38 Müsürlilerden hem bir topar märeke, şeýle hem, gaty köp mal-gara: sygyrlar we dowarlar ysraýyllara goşulyp gaýtdy.
39 Ysraýyllar Müsürden alyp gaýdan hamyrlaryndan petir kökeler bişirdiler. Hamyr petirlikdi, olar Müsürden gyssanmaç kowlup çykarylandyklary sebäpli, olaryň hamyry ajatmaga wagtlary ýokdy. Hatda olar özlerine ýol üçin azyk-owkat hem taýýarlap ýetişmändiler.
40 Ysraýyllar Müsürde dört ýüz otuz ýyl ýaşadylar.
41 Dört ýüz otuzynjy ýylyň soňky güni, hut şol güni, Rebbiň halky topar-topar bolup, Müsürden çykdy.
42 Bu gije Rebbiň ysraýyllara nazar salyp, olary Müsürden alyp çykan gijesidir. Şonuň üçin hem hut şu gije ähli ysraýyllaryň we olaryň nesilleriniň dik oturyp, Rebbe bagyş edýän gijesidir.
43 Soňra Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: «Pesahyň düzgünleri şudur: Ýekeje-de gelmişek gurbanlyk sadakasyndan iýmeli däldir.
44 Emma pula satyn alan guluňyz sünnet edilenden soň ondan iýip biler.
45 Ýekeje gelmişek ýa-da hakyna tutulan talaban ondan iýmeli däldir.
46 Ony bir jaýda oturyp iýiň. Ondan birje bölek eti hem öýden daşa çykarmaly dälsiňiz. Şeýle hem, janlynyň süňklerini döwmeli dälsiňiz.
47 Ähli ysraýyl halky bu baýramy bellemelidir.
48 Eger bir gelmişek gelip, siziň araňyzda ornaşyp, Rebbiň Pesahyny bellemek islese, onda, goý, onuň hojalygyndaky ähli erkekler sünnet edilsin. Şundan soň ol size goşulyp, muny belläp biler we ol siziň öz ýerli halkyňyza degişli adam hasap ediler. Emma sünnet edilmedik hiç bir adama ondan iýmek bolmaz.
49 Ýerli adam üçin hem, araňyzda ýaşaýan her bir gelmişek üçin hem ýeke-täk bir kanun bolmalydyr».
50 Ysraýyllaryň hemmesi ähli zady edil Rebbiň Musa bilen Haruna buýruşy ýaly etdiler.
51 Hut şol gün Reb ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden çykardy. ‎




Chapter 13

1 Soňra Reb Musa: «Ilkinji doglan ähli erkek göbeklileri Maňa bagyş ediň. Ysraýyllaryň göwresinden ilkinji dünýä inen her bir ogul, şeýle hem, olaryň mallarynyň hem ilkinji erkek guzlany Meniňkidir» diýdi.
3 Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir.
4 Bu gün siz Müsürden Abyp aýynda çykýarsyňyz.
5 Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan baý toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz.
6 Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz we ýedinji güni siz Rebbiň şanyna toý edersiňiz.
7 Şol ýedi günüň dowamynda diňe petir iýiň. Siziň ýaşaýan ähli ýerleriňizde ýekeje-de hamyrmaýaly bişirilen çörek bolmasyn.
8 Sen şol gün ogluňa: „Munuň sebäbi men Müsürden çykanymda, Rebbiň meniň üçin bitiren işi üçindir“ diýip gürrüň ber.
9 Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy.
10 Şonuň üçin hem siz her ýyl şol bir belli wagtda bu kanuny ýerine ýetirmelisiňiz».
11 «Reb size we ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, sizi kenganlylaryň ýerine getirip, ony size berende,
12 siz ilkinji doglan her bir erkek göbeklini Rebbe niýetlemelisiňiz. Mallaryňyzyň hem ähli ilkinji erkek guzlanlary Rebbiňkidir.
13 Her bir eşegiňiziň kürrelän kürresini guzyňyz bilen çalşyp, yzyna satyn alyň. Eger yzyna satyn almasaňyz, onda onuň boýnuny omruň. Çagalaryňyzyň arasynda ilkinji doglan her bir ogluňyzy yzyna satyn alyň.
14 Her haçan ogluň senden munuň nämäni aňladýandygyny soranda, oňa şeýle diý: „Reb Öz gudratly goly bilen bizi gul bolup ýaşan ýurdumyz Müsürden alyp çykdy.
15 Fyrown doňýüreklik edip, bizi goýbermekden ýüz öwreni üçin, Reb Müsüriň ähli ilkinji doglan ynsan ogullaryndan başlap, tä mallaryň ilkinji dogran erkek jynslylaryna çenli öldürip çykdy. Şonuň üçin hem ilkinji doglan ähli erkek jynslylary Rebbe gurban edýärin, ýöne ähli ilkinji bolan ogullarymy yzyna satyn alyp bilýärin“.
16 Reb bizi Öz gudratly güýji bilen Müsürden alyp çykandygy üçin, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir belgi bolsun».
17 Fyrown halky goýberende, Hudaý olary piliştlileriň üstünden geçýän ýakyn ýol bilen alyp gitmedi. Çünki Hudaý: Eger halk ýolda urşa duçar bolaýsa, olar puşman edip, yzyna Müsüre dolanarlar öýtdi.
18 Şeýdip, Hudaý ysraýyllary Gyzyl deňzine gidýän çöllükden alyp gitdi. Ysraýyllar Müsürden urşa taýýar bolup, ýaragly çykypdylar.
19 Musa Ýusubyň süňklerini özi bilen aldy, sebäbi Ýusup ysraýyllara: Hudaý size nazar salar, şonda siz bu ýerden meniň süňklerimi hem öz ýanyňyz bilen alyp gidiň diýip, olara ant içiripdi.
20 Ysraýyllar Sukotdan çykyp, çölüň çetindäki Etamda düşlediler.
21 Reb olaryň öňünden ýol görkezip, gündizine bulut sütüni bolup, gijesine bolsa ot sütüni bolup, olaryň ýollaryny ýagtyldýardy. Şonda olar gündiz hem, gije hem ýol ýöräp bilýärdiler.
22 Gündizine bulut sütüni, gijesine bolsa ot sütüni halkyň öňünden asla uzaklaşmaýardy. ‎




Chapter 14

1 Ine, şonda Reb Musa: «Ysraýyllara aýt, goý, olar yzyna öwrülip, deňziň gyrasyndaky Bagalsepona golaý ýerde, Migdol bilen deňziň arasyndaky Pihahyrotda düşlesinler.
3 Fyrown: „Ysraýyllar çölde azaşyp ýörendirler“ diýip pikir eder.
4 Men fyrowny doňýürek ederin, ol ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýdar. Fyrownyň we onuň goşunyny ýeňip gazanjak ýeňşim Maňa şöhrat getirer. Şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi. Ysraýyllar özlerine aýdylyşy ýaly etdiler.
5 Müsür patyşasyna ysraýyllaryň gaçandyklary barada aýdanlarynda, ol we onuň emeldarlary ysraýyllar hakdaky pikirlerini üýtgetdiler. Olar: «Ysraýyllary özümize gul bolmakdan boşadyp, bu biziň näme etdigimiz boldy?» diýişdiler.
6 Şeýlelikde, fyrown söweş arabasyna atlanyp, goşunyny hem öz ýany bilen alyp ugrady.
7 Ol alty ýüz sany iň saýlama söweş arabalaryny we Müsüriň ähli beýleki söweş arabalaryny alypdy. Olaryň hersiniň öz onbaşysy bardy.
8 Reb Müsür şasy fyrowny doňýürek etdi. Ol Rebbiň goragy astynda gaýdan ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýtdy.
9 Fyrownyň ähli söweş arabalary, atlylary bilen birlikde tutuş pyýada goşun bolup, müsürliler olaryň yzyndan kowdular. Olar deňziň kenarynda, Bagalseponyň golaýyndaky Pihahyrotda düşlän ysraýyllaryň yzyndan kowup, olara golaý geldiler.
10 Fyrown olara ýakyn gelende, ine, birdenkä öz yzlaryndan müsürlileriň kowup gelýändiklerine ysraýyllaryň gözi düşdi. Olar gaty gorkdular we Rebbe perýat etdiler.
11 Ysraýyllar Musa: «Müsürde näme gabyr ýokmudy? Sen biziň çölde ölmegimiz üçin alyp gaýtdyňmy? Bizi Müsürden çykaryp, bu näme etdigiň boldy?
12 Biz saňa Müsürde: „Bizi öz günümize goý, biz müsürlilere hyzmat edibereli“ diýip aýtmanmydyk? Biz çölde ölenimizden, müsürlileriň guly bolup ýören bolsak, müň paý gowy bolardy» diýdiler.
13 Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz.
14 Siziň üçin Reb söweşer. Siz diňe bu ýerde bolsaňyz bolýar» diýdi.
15 Reb Musa: «Näme üçin sen Maňa perýat edýärsiň? Ysraýyllara aýt, goý, olar öňe tarap gitsinler.
16 Sen eliňdäki hasaňy uzat-da, deňziň suwuna ur. Deňziň suwy ikä bölüner we ysraýyllar şol gury ýer bilen ýöräp, deňizden geçerler.
17 Men müsürlileri doňýürek ederin, şeýdip, olar siziň yzyňyzdan kowup gaýdarlar. Fyrownyň, onuň bütin goşunynyň, söweş arabalarynyň we atlylarynyň üsti bilen Men şöhrat gazanaryn.
18 Haçan-da, Men fyrownyň, onuň söweş arabalarynyň we atlylarynyň üstünden şöhrat gazananymda, şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi.
19 Şundan soň, Ysraýyl goşunynyň öňünden ýöreýän Hudaýyň perişdesi olaryň yzyna geçdi. Olaryň öňünden süýşüp barýan bulut sütüni hem olaryň arka tarapyna geçip,
20 Müsür goşuny bilen Ysraýyl goşunynyň arasyna gelip durdy. Bulut gije ysraýyllar tarapyny ýagty, müsürliler tarapyny bolsa garaňky etdi. Şeýdip, bütin gije bular biri-biriniň golaýyna baryp bilmediler.
21 Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar şemaly bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi.
22 Ysraýyllar hem deňziň ortasyndaky şol gury ýer bilen geçdiler, suw sag tarapdan we çep tarapdan olara diwar bolup durdy.
23 Müsürliler olary yzarlap gelýärdiler, fyrownyň ähli atlary, onuň söweş arabalary we atlylary olaryň yzyndan kowup, deňziň ortasyna girdiler.
24 Daň atmazdan öň Reb ot we bulut sütüniniň içinden aşak, Müsür goşunyna tarap seretdi we olary aljyraňňy ýagdaýa saldy.
25 Reb olaryň söweş arabalarynyň tigirlerini batga batyrdy, şonuň üçin hem, olara arabalaryny sürmek gaty kyn düşdi. Şonda müsürliler: «Ýörüň, ysraýyllardan gaçalyň, çünki Müsüriň garşysyna olar üçin Reb söweşýär» diýdiler.
26 Soňra Reb Musa: «Eliňi deňze tarap uzat, goý, suw müsürlileriň, olaryň söweş arabalarynyň we atlylarynyň üstünden basyp, yzyna öwrülsin» diýdi.
27 Şeýdip, Musa elini deňze tarap uzatdy welin, daňdan deňziň suwy öňki akymyna öwrüldi. Müsürliler ondan gaçyp çykmaga dyrjaşdylar, emma Reb müsürlileri deňziň ortasyna eltip taşlady.
28 Suw yzyna dolup, ysraýyllaryň yzyndan deňze giren söweş arabalaryň, atlylaryň, fyrownyň tutuş goşunynyň üstüni basyp örtdi. Olaryň ýekejesi hem diri galmady.
29 Emma ysraýyllar deňizden gury ýer bilen geçdiler, suw olara sag we çep tarapdan diwar bolup durdy.
30 Şeýlelikde, Reb şol gün ysraýyllary müsürlileriň elinden halas etdi. Ysraýyllar deňziň kenarynda ölüp ýatan müsürlileri gördüler.
31 Rebbiň müsürlilere garşy görkezen beýik gudratyny görüp, ysraýyllar Rebden gorkdular. Olar Rebbe we onuň guly Musa iman etdiler. ‎




Chapter 15

1 Soňra Musa bilen ysraýyllar Rebbe bagyşlap, şu nagmany aýtdylar: «Men Rebbe nagma aýdaryn. Ol şöhratly ýeňiş gazandy. Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy.
2 Reb meniň güýjüm hem aýdymym. Ol meniň halasgärim boldy. Ol meniň Hudaýym, Ony alkyşlaryn. Ol atamyň Hudaýy, Ony beýgelderin.
3 Reb esgerdir. Onuň ady Rebdir.
4 Fyrownyň söweş arabalaryny Ähli goşuny bilen deňze zyňdy. Saýlama urşujylary-da Gyzyl deňizde gark boldy.
5 Olary tolkunlar gaplap, Daş kimin çuň düýbe çökdüler.
6 Ýa Reb, Seniň sag goluň Güýç-gudratda şöhratlydyr. Ýa Reb, Seniň sag goluň Duşmany mynjyradýar.
7 Özüňe garşy çykanlary Beýik ýeňşiň bilen çökerýäň. Alawly gazabyňy inderip, Olary saman dek ýakýaň.
8 Haýbatly demiňden, Suw dik ýokary galdy. Tolkunlar diwar ýaly bolup, Çuň deňziň düýbi daş dek gatady.
9 Duşman diýdi: „Kowalaryn, yzlaryndan ýeterin. Oljasyny bölüp, teşneligimi gandyraryn. Gylyjymy ýalaňaçlap, olary ýok ederin“.
10 Üflän ötgür demiňden, Deňiz olary gaplady. Olar gurşun kimin Äpet suwa çökdüler.
11 Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.
12 Sag goluňy uzadanyňda, Olary ýer ýuwutdy.
13 Tükeniksiz söýgiň bilen Azat eden halkyňa baş bolduň. Beýik güýjüň bilen olara Mukaddes mekanyňa ýol görkezdiň.
14 Milletler eşidende sandyraşýarlar. Piliştleriň ýüregi ýarylara gelýär.
15 Edomyň beglerini gorky basýar. Mowabyň serdarlaryny ysytma tutýar. Ähli kenganlylar dowla düşýär.
16 Seniň goluň gudratyndan, Olaryň üstüne howp we gorky inýär. Öz azat eden halkyň geçip bolýança, Olar daş kimin doňýarlar.
17 Sen halkyňy getirip, Öz dagyňda oturdarsyň. Ýa Reb, bu ýeri Öz öýüň üçin saýlarsyň. Ýa Reb, mukaddes öýi Özüň bina edersiň.
18 Reb hemişelik we baky höküm sürer».
19 Fyrownyň atlary, söweş arabalary we atlylary bilen deňze girende, Reb deňziň suwuny yzyna serpikdirip, olaryň üstünden inderdi. Emma ysraýyllar deňziň ortasyndan gury ýer bilen geçdiler.
20 Soňra Harunyň aýal dogany bibi Merýem eline depregini aldy. Hemme aýallar hem depreklerini çalyp, tans edip, onuň yzyna düşdüler.
21 Merýem olara şu aýdymy aýtdy: «Rebbe nagma aýdyň. Ol şöhratly ýeňiş gazandy. Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy».
22 Şundan soň Musa ysraýyllara baş bolup, olary Gyzyl deňzinden alyp, Şur çölüne gaýtdy. Çölde olar üç gün ýörediler, emma suw tapmadylar.
23 Mara gelenlerinde, olar Maranyň suwundan içip bilmediler. Sebäbi ol ajydy. Şol sebäpli ony Mara diýip atlandyrdylar.
24 Adamlar Musa: «Biz indi näme içeli?» diýşip hüňürdeşdiler.
25 Musa Rebbe perýat etdi. Reb oňa agaç bölegini görkezdi. Ol ony suwa taşlady welin, suw süýji suwa öwrüldi. Şol ýerde Reb olar üçin parzlar we hökümler berip, olary synady.
26 Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men-Reb siziň şypakäriňizdirin».
27 Soňra olar Eýlime geldiler. Ol ýerde on iki sany suwly çeşme we ýetmiş sany palma agajy bardy. Olar suwuň başynda düşlediler. ‎




Chapter 16

1 Ähli ysraýyl halky Eýlimden çykyp gaýtdy. Müsürden çykanlaryndan soň, olar ikinji aýyň on bäşi güni Eýlim bilen Sinaýyň aralygynda ýerleşýän Sin çölüne geldiler.
2 Çölde ähli ysraýyl halky Musa we Haruna igenmäge başladylar.
3 Olar şeýle diýdiler: «Biz Rebbiň elinden Müsürde ölen bolsak gowy bolardy. Biz ol ýerde etli gazanlar ataryp, doýýançak nahar iýerdik. Siz bolsa bu tutuş jemagaty açlykdan öldürmek üçin çöle getiripsiňiz».
4 Reb Musa: «Ine, Men size gökden çörek ýagdyrjak. Adamlar her gün gündelik paýyny ýygnamaga çykarlar. Şonda Men olary synap görerin. Olar Meniň kanunym boýunça ýöreýärlermi ýa-da ýok?
5 Altynjy gün olar gündelik ýygnaýan paýy bilen deňeşdirende iki esse köp ýygnap, iki günlügini taýýarlap goýsunlar» diýdi.
6 Şeýlelikde, Musa bilen Harun ähli ysraýyllara ýüzlenip: «Agşam siz özüňizi Müsürden alyp çykanyň Rebdigini bilersiňiz.
7 Irden bolsa siz Rebbiň şöhratyny görersiňiz, sebäbi Reb siziň Özüne garşy edýän zeýrençleriňizi eşitdi. Bizden nalar ýaly, biz kim bolupdyrys?» diýdiler.
8 Musa ýene-de: «Reb size agşamyna iýmäge et, ertirine bolsa doýýançaňyz çörek berer. Sebäbi Reb siziň Oňa garşy edýän şikaýatlaryňyzy eşitdi. Biz kim? Siziň igençleriňiz bize däl-de, Rebbe garşydyr» diýdi.
9 Musa Haruna: «Bütin ysraýyl halkyna aýt: „Indi olar Rebbiň huzuryna gelsinler, çünki Reb olaryň nalasyny eşitdi“» diýdi.
10 Harun tutuş ysraýyl halkyna ýüzlenip geplän badyna, olar çölde buludyň içinde peýda bolan Rebbiň şöhratyny gördüler.
11 Reb Musa şeýle diýdi:
12 «Men ysraýyllaryň nalyşyny eşitdim. Olara aýt: agşamyna et iýersiňiz, ertirine bolsa çörekden doýarsyňyz. Şonda siz Meniň Hudaýyňyz Rebdigimi bilersiňiz».
13 Agşam bedeneler uçup gelip, düşelgäni bürediler. Ir ertir bolsa, düşelgäniň töweregine çyg düşdi.
14 Çyg sowlanda, çölüň ýüzünde gyrawa meňzeş maýda inçe patrak ýaly zat galdy.
15 Ysraýyllar muny görende, biri-birlerinden: «Bu näme?» diýşip soradylar. Çünki olar munuň nämedigini bilmeýärdiler. Musa olara: «Bu size Rebbiň iýmäge beren çöregi.
16 Rebbiň buýrugy şudur: Her biriňiz ondan öz iýip biljegiňizi ýygnaň. Düşelgäňizdäki adam sanyna görä, her jan başyna bir omer ýygyp alarsyňyz» diýdi.
17 Ysraýyllar şeýle hem etdiler. Olaryň käbiri köpräk, käbiri azrak ýygnady.
18 Emma bir omer ölçegi bilen ölçänlerinde, köp ýygnanyňkydan artmady, az ýygnanyňky-da kem çykmady. Her kim öz iýip biljegini ýygnan eken.
19 Musa olara: «Ýekeje adam hem ondan ertire hiç zat galdyrmaly däldir» diýdi.
20 Emma olar Musa gulak asmadylar. Ýygnanlaryndan bir azragy ertire galdy. Ol bolsa gurtlap porsapdyr. Musanyň olara gaty gahary geldi.
21 Her gün ertirine her kim ondan öz iýip biljegini ýygnady. Gün gyzyp, yssy düşende, ol eredi.
22 Altynjy güni olar adam başyna iki esseden, ýagny, iki omer möçberinde ýygnadylar. Halkyň ähli ýolbaşçylary gelip, muny Musa aýdanlarynda,
23 Musa şeýle diýdi: «Rebbiň buýrugy şudur: Ertir dynç alyş güni, bu Rebbiň buýran mukaddes Sabat günüdir. Bişirjek zatlaryňyzy bişirip, gaýnatjak zatlaryňyzy gaýnadyň. Artan zatlaryňyzyň hemmesini ertir daňdana alyp goýuň».
24 Şeýlelikde, olar Musanyň buýrugy boýunça ertire çenli ondan alyp goýdular. Ol porsamady hem, gurtlamady hem.
25 Musa: «Muny şu gün iýiň, çünki bu gün Reb üçin Sabat günüdir. Bu gün siz olary meýdandan tapmarsyňyz.
26 Alty günläp siz ondan ýygnarsyňyz, emma ýedinji gün bolan Sabat güni meýdanda ondan hiç zat tapmarsyňyz» diýdi.
27 Ýedinji gün birnäçe adam ondan ýygnamaga çykdy, emma hiç zat tapmadylar.
28 Reb Musa: «Siz haçana çenli Meniň tabşyryklarymy we kanunlarymy ýerine ýetirmekden boýun towlajaksyňyz?
29 Serediň! Men size Sabat gününi berdim. Şonuň üçin hem altynjy gün Men size çöregi iki günlük edip berýärin. Ýedinji gün her kim öz ýerinde galsyn, hiç kim daşary çykmasyn» diýdi.
30 Şeýdip, adamlar ýedinji gün dynç aldylar.
31 Ysraýyllar ol çöregiň adyna manna diýip at goýdular. Ol kinzanyň tohumyna meňzeş ak we kiçi bolup, tagamy bal goşulyp bişirilen çelpek ýalydy.
32 Musa: «Rebbiň buýrugy şeýle: „Geljekki nesiller üçin bir omer möçberde manna saklaň, şonda olar Müsürden alyp çykanymdan soňra, çölde sizi nähili çörek bilen bakanymy görerler“» diýdi.
33 Musa Haruna: Bir golça alyp, onuň içine bir omer mannany sal. Geljekki nesiller üçin saklar ýaly, ony Rebbiň huzurynda goý diýdi.
34 Rebbiň Musa buýruşy ýaly, Harun ony saklamak üçin, Äht sandygynyň öňünde goýdy.
35 Ysraýyllaryň ornaşan ýurdy bolan Kengan topragyna baryp ýetýänçäler, olar kyrk ýyllap manna iýdiler.
36 (Bir omer ýarym batmanyň ondan bir bolýar.) ‎




Chapter 17

1 Ähli ysraýyl halky Sin çölünden göçüp gaýtdy. Rebbiň buýrugy boýunça olar ondan-oňa göçüp-gonup, ahyry Repidimde düşlediler, emma ol ýerde adamlar üçin içmäge suw ýokdy.
2 Olar Musa bilen dawalaşyp, ondan içer ýaly suw talap etdiler. Musa olara: «Näme üçin siz meniň bilen dawalaşýarsyňyz? Näme üçin siz Rebbi synaýarsyňyz?» diýdi.
3 Emma halk gaty suwsapdy. Olar Musa igenip, oňa şeýle diýdiler: «Näme üçin sen bizi Müsürden alyp gaýtdyň? Bizi, çagalarymyzy we mal-garalarymyzy suwsuzlykdan öldürmek üçin getirdiňmi?»
4 Şeýlelikde, Musa Rebbe dady-perýat edip: «Men bu halky näme edeýin? Olar meni daşlap öldürmäge taýýar ahyryn» diýdi.
5 Reb Musa: «Ysraýyllardan birnäçe ýaşulyny ýanyňa alyp, halkyň öňünden ýöre. Nil derýasyna uran hasaňy hem eliňe alyp git.
6 Men Horepdäki gaýada seniň öňüňde duraryn. Gaýany ur, ondan suw çykar. Şeýdip, adamlar suw içip bilerler» diýdi. Musa ysraýyl ýaşulularynyň arasynda şeýle etdi.
7 Musa ol ýeri Masa we Meriba diýip atlandyrdy. Sebäbi ysraýyllar: «Reb biziň aramyzdamy ýa-da ýok?» diýip dawalaşyp, Rebbi synadylar.
8 Soňra amalekler gelip, Repidimde ysraýyllar bilen söweşdi.
9 Musa Ýeşuwa: «Biziň üçin adamlar saýla we git-de amalekler bilen uruş. Ertir men elime Hudaýyň hasasyny alyp, depäniň üstünde duraryn» diýdi.
10 Ýeşuwa Musanyň aýdyşy ýaly, amalekler bilen söweşdi. Musa, Harun we Hur bolsa depäniň üstüne çykdylar.
11 Musa elini göterip duranda, ysraýyllar ýeňýärdi, elini aşak goýberende bolsa, amalekler ýeňýärdi.
12 Musanyň elleriniň ysgyny gaçdy. Şonda olar ony oturdar ýaly daş getirip goýup, Musany onuň üstünde oturtdylar. Harun bilen Hur onuň ellerini ýokary galdyryp, hersi bir ýandan tutup durdy. Tä Gün ýaşýança, onuň ellerini göterip durdular.
13 Ýeşuwa amalekleri we olaryň goşunyny gylyçdan geçirip, gyran-jyran etdi.
14 Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini Ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi.
15 Musa gurbanlyk sypasyny ýasady we oňa: «Reb meniň tugumdyr!» diýip at berdi.
16 Elim Rebbiň tugunda! Reb amalekleriň garşysyna nesiller boýy söweşer diýdi. ‎




Chapter 18

1 Hudaýyň Musa üçin we ysraýyllar üçin eden ähli işleri baradaky we Rebbiň olary Müsürden nähili çykarandygy baradaky habar Musanyň gaýynatasy, Midýan ruhanysy Ýitro baryp ýetdi.
2 Ine, Musa aýaly Syporany we iki ogluny yzyna Midýana goýberensoň, olary Musanyň gaýynatasy Ýitro saklapdy.
3 Onuň bir oglunyň ady Gerşom (Ol ony: «Men bir ýat ýurtda gelmişek boldum» diýip dakypdy),
4 beýleki oglunyň ady Eligezerdi (Onuň adyny bolsa: «Atamyň Hudaýy maňa ýardam berdi, Ol meni fyrownyň gylyjyndan gutardy» diýip, şeýle dakypdy).
5 Musanyň gaýynatasy Ýitro onuň aýaly we iki ogly bilen Musanyň ýanyna çöle, onuň düşlän dagyna Hudaýyň dagyna geldi.
6 Kimdir biri Musa: «Gaýynataň Ýitro aýalyňy we iki ogluňy alyp, seniň ýanyňa gelýär» diýip habar berdi.
7 Musa gaýynatasyny garşy almaga çykdy we dyzyna çöküp tagzym edip, ony ogşady. Olar biri-biri bilen saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, çadyryň içine girdiler.
8 Musa Rebbiň ysraýyllar üçin fyrowna we müsürlilere eden ähli işleri barada, olaryň ýolda duçar bolan kynçylyklary, Rebbiň olary azat edişi barada gaýynatasyna ýekän-ýekän gürrüň berdi.
9 Ýitro Rebbiň ysraýyllara eden ähli ýagşy işleri üçin we olary müsürlileriň elinden azat edenligi üçin gaty begendi.
10 Ýitro: «Sizi müsürlileriň we fyrownyň elinden azat eden Rebbe alkyş bolsun!
11 Häzir men bilýärin, beýleki ähli hudaýlardan Reb beýik, çünki Ol ysraýyllary tekepbirlik bilen ezýän müsürlileriň elinden halas etdi» diýdi.
12 Musanyň gaýynatasy Ýitro Hudaýa ýakma gurbanlygyny we beýleki sadakalary berdi. Harun ähli ysraýyl ýaşululary bilen birlikde Musanyň gaýynatasy bilen Hudaýyň huzurynda nahar iýmäge geldi.
13 Ertesi gün Musa adamlara kazylyk etmek üçin kürsüsine çykdy. Musa adamlary ertirden agşama çenli kabul etdi.
14 Musanyň gaýynatasy onuň adamlar bilen edýän ähli işlerini görende: «Adamlara edýän bu işiň näme boldugy? Näme üçin şunça adamy ýeke özüň kabul edýärsiň, bütin halk ertirden agşama çenli seniň töweregiňde dur» diýdi.
15 Musa gaýynatasyna: «Munuň sebäbi adamlar Hudaýyň islegini bilmek üçin, meniň ýanyma gelýärler.
16 Olaryň dawasy bolsa, maňa gelýärler. Men hem iki dawagäriň arasyndaky dawany çözüp berýärin we Hudaýyň parzlaryny, Onuň taglymatlaryny olara aýan edýärin» diýdi.
17 Musanyň gaýynatasy oňa şeýle diýdi: «Seniň edýän bu işiň gowy däl.
18 Sen özüňi hem, adamlary hem kösäp, gynap ýörsüň. Bu iş seniň üçin gaty agyr. Seniň ýeke özüň muny ýerine ýetirip bilmersiň.
19 Indi meniň sözüme gulak goý. Men saňa maslahat berjek. Hudaý saňa ýar bolsun! Sen Hudaýyň öňünde halkyň wekili bolup, olaryň ýagdaýlaryny Hudaýa ýetir.
20 Sen olara Hudaýyň parzlaryny we taglymatlaryny öwret. Olara haýsy ýoldan ýöremelidigini we näme iş etmelidigini görkez.
21 Mundan başga-da, ähli adamlaryň içinden başarjaňlaryny, ýagny Hudaýdan gorkýan, dogruçyl we parany ýigrenýän adamlary saýla. Olary müň adamyň, ýüz adamyň, elli adamyň we on adamyň üstünden baştutan goý.
22 Goý, hemişe olar adamlara kazylyk etsinler. Uly dawalary saňa aýtsynlar, emma kiçi dawalary özleri çözsünler. Şonda seniň üçin aňsadrak bolup, agyr ýüküň ýeňlär.
23 Hudaýyň buýruşy ýaly, şeýle etseň, onda sen bu işiň hötdesinden gelersiň. Bu adamlaryň ählisi hem öýlerine kanagatlanyp gaýdarlar».
24 Şeýlelikde, Musa gaýynatasynyň sözüne gulak goýdy. Onuň aýdan ähli zatlaryny ýerine ýetirdi.
25 Musa ähli ysraýyllaryň içinden başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip belledi.
26 Olar halka hemme wagt kazylyk etdiler. Olar çözmesi kyn dawalary Musa getirdiler, emma kiçi dawalary özleri çözdüler.
27 Soňra Musa gaýynatasyny ugratdy. Ýitro yzyna, öz ýurduna gaýtdy. ‎




Chapter 19

1 Ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň, edil üçünji aýyň birinji güni Sinaý çölüne geldiler. Olar Repidimden göçüp, Sinaý çölünde düşläp, dagyň eteginde ýerleşdiler.
3 Musa Hudaý bilen duşuşmak üçin daga çykdy. Dagyň depesinden Reb ony çagyryp, şeýle diýdi: «Ysraýyllara, ýagny, Ýakubyň nesline şuny aýt:
4 „Müsürlilere näme edendigimi siz gördüňiz, bürgüdiň öz çagasyny ganatynda göterip alyp gelşi ýaly, Men hem sizi ýanyma şeýdip alyp geldim.
5 Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir.
6 Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes halk bolarsyňyz“. Ynha, seniň ysraýyllara aýtmaly sözleriň şudur».
7 Şeýlelikde, Musa gelip, ysraýyllaryň ýaşulularyny çagyrdy we Rebbiň buýran sözleriniň hemmesini olara aýan etdi.
8 Ähli adamlar birlikde: «Biz Rebbiň aýdanlarynyň barysyny ýerine ýetireris» diýip jogap berdiler. Musa hem halkyň jogabyny Rebbe ýetirdi.
9 Reb Musa: «Ine, seniň bilen gepleşenimde, adamlar eşider ýaly we olar saňa hemişelik ynanar ýaly, Men seniň ýanyňa galyň bulutda gelerin» diýdi. Musa halkyň sözlerini Rebbe aýdanda,
10 Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir olary päkläp mukaddes et, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar.
11 Birigün taýýar bolsunlar. Sebäbi birigün Men ähli adamlaryň gözüniň alnynda aşak Sinaý dagyna injek.
12 Sen adamlar üçin dagyň töweregine araçäk belle we olara aýt, olar daga çykmasynlar ýa-da onuň araçägine aýak basmasynlar. Kimde-kim dagy ellese, ol öler.
13 Oňa el degrilmezden daşlanyp öler ýa-da ok, ýaý bilen atylar. Isle haýwan bolsun, isle ynsan bolsun, ol diri galmaz. Şahdan edilen surnaýyň owazy batly çalnandan soň, olar daga çykyp bilerler».
14 Şeýdip, Musa dagdan aşak, adamlaryň ýanyna düşdi we olary päkläp mukaddes etdi. Olar geýimlerini hem ýuwdular.
15 Musa halka: «Birigün taýýar boluň, aýalyňyza ýanaşmaň» diýdi.
16 Birigün irden gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Galyň bulut dagyň üstüne geldi we şeýle bir batly sesli surnaý çalyndy. Düşelgedäki ähli adamlar gorkup titreşdiler.
17 Musa adamlary Hudaý bilen duşurmak üçin, düşelgeden çykaryp getirdi. Olar dagyň eteginde durdular.
18 Reb aşak ot içinde düşeni üçin, Sinaý dagyny tüsse gaplady. Tüsse ojakdan çykýan ýalydy we tutuş dag güýçli sarsýardy.
19 Surnaýyň owazy gitdigisaýy güýçlenýärdi. Musa gepledi, Hudaý oňa gök gürrüldili ses bilen jogap berdi.
20 Reb Sinaý dagynyň depesine inende, Ol Musany dagyň depesine çagyrdy. Musa ýokary çykdy.
21 Reb Musa: «Aşak düş-de, adamlara duýdur. Olar Meni görmek üçin serhedi bozmasynlar, ýogsam, olaryň köpüsi heläk bolar.
22 Hatda Meniň ýakynyma geljek ruhanylar hem inlerini tämizläp mukaddes etsinler, ýogsam Men olaryň-da jezasyny bererin» diýdi.
23 Musa Rebbe: «Adamlar Sinaý dagyna çykyp bilmezler, çünki bize dagyň daşyna araçäk belläp, ony mukaddeslemegi Seniň Özüň tabşyrdyň ahyry» diýdi.
24 Reb oňa: «Aşak düş-de, Haruny özüň bilen alyp gel, ýöne ruhanylar we adamlar Meniň ýanyma çykjak bolup, serhedi bozmasynlar, ýogsam, Men ol adamlary heläk ederin» diýdi.
25 Şeýlelikde, Musa aşak düşüp, adamlara ähli zady gürrüň berdi. ‎




Chapter 20

1 Onsoň Hudaý ähli şu sözleri diýdi:
2 «Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.
3 Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn.
4 Özüň üçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýer asty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama.
5 Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.
6 Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline tükeniksiz söýgimi görkezerin.
7 Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzama, çünki Reb Öz adyny boş ýere agzan adamy jezasyz goýmaz.
8 Mukaddes Sabat kanunlaryny ýerine ýetirmeli.
9 Alty günde ähli işleriňi edersiň.
10 Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin.
11 Çünki Reb Ýeri, Gögi, deňzi we olardaky ähli zatlary alty günde ýaratdy, ýedinji gün bolsa dynç aldy. Şonuň üçin hem Reb Sabat gününi alkyşlap, ony mukaddes etdi.
12 Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar.
13 Adam öldürme.
14 Zyna etme.
15 Ogurlyk etme.
16 Başga adamyň garşysyna ýalan şaýatlyk etme.
17 Başga adamyň öýüne, aýalyna, gul-gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme».
18 Ähli ysraýyllar gök gürrüldisini, ýyldyrym çakyşyny we surnaýyň sesini eşidip, dagyň bolsa, tüsseleýändigini görüp, gorkudan ýaňa titreşdiler we uzakda durdular.
19 Olar Musa: «Bize sen geple, biz eşideris, ýöne goý, Hudaý bize geplemesin, ýogsam, biz öleris» diýdiler.
20 Musa adamlara: «Gorkmaň, çünki Hudaý sizi synamak üçin we ondan gorkup, günä etmezligiňiz üçin geldi» diýdi.
21 Musa Hudaýyň bolýan tüm garaňkylygyna ýakynlaşanda, adamlar uzakda durdular.
22 Reb Musa diýdi: «Şuny ysraýyllylara ýetir: „Meniň siziň bilen Gökden gepleşenimi özüňiz gördüňiz.
23 Özüňiz üçin Menden başga altyn-kümüşden hudaýlar ýasamaň.
24 Meniň üçin toprakdan gurbanlyk sypasyny ýasaň we onuň üstünde goýunlaryňyzy, öküzleriňizi başbitin ýakma gurbanlygy we salamatlyk gurbanlygy edip hödürläň. Adym tutulyp ýatlanylan her bir ýere gelip, Men size ak pata bererin.
25 Eger siz Maňa gurbanlyk sypasyny daşdan ýasasaňyz, ony ýonulan daşlardan ýasamaň, çünki gural ulansaňyz, siz ony harama çykararsyňyz.
26 Meniň gurbanlyk sypama basgançaklar bilen çykmaň, sebäbi ýalaňaç ýeriňiziň görünmegi mümkin». ‎




Chapter 21

1 «Şu hökümleri ysraýyllara ýetir:
2 Siz ýewreý guluny satyn alsaňyz, ol size alty ýyllap hyzmat eder, ýedinji ýyl bolsa ol hiç hili bergisiz azat adam bolar.
3 Eger ol sallah bolup gelse, sallahlygyna hem gider. Eger öýlenen gul gelse, onuň aýaly-da özi bilen gider.
4 Eger hojaýyny guluna aýal alyp berse we ondan ogul-gyz dogulsa, onuň aýaly, çagalary hojaýyna degişli bolup galar-da, guluň ýeke özi gider.
5 Emma gul: „Men hojaýynymy, aýalymy we çagalarymy söýýärin. Men azatlyga çykjak däl“ diýip jar etse, hojaýyn ony Hudaýyň huzuryna getirsin. Ony gapynyň ýanyna ýa-da bosaga getirip, temen bilen gulagyny deşsin. Soň ol gul hojaýynyna ömürboýy hyzmat eder».
7 «Bir adam öz gyzyny gyrnak edip satsa, ol gyrnak azatlyga guluň çykyşy ýaly çykyp bilmez.
8 Eger gyrnak özüni saýlan hojaýynynyň göwnünden turmasa, gyrnagyň maşgalasy ony yzyna satyn alyp biler. Hojaýynyň ony keseki adama satmaga haky ýokdur, sebäbi ol gyrnagyna adalatsyz garapdyr.
9 Eger hojaýyn ol gyrnagy ogluna gelinlik saýlasa, ol ony öz gyzy ýaly görmelidir.
10 Eger hojaýyn özüne başga aýal edinse, ol birinji aýalyny hemişeki iýmitinden, geýim-gejiminden ýa-da är-aýallyk hukugyndan mahrum etmeli däldir.
11 Eger hojaýyn oňa şu üç zady etmese, ol aýal hiç zat tölemezden, azatlyga çykyp biler».
12 «Kim adam urup öldürse, ol ölüme höküm edilsin.
13 Emma ol ony bilkastlaýyn öldürmän, eýsem, ol Hudaý tarapyn bolsa, onda ol adam Meniň bellejek ýerime gaçyp gutulyp biler.
14 Emma bir adam başga birine hile gurap, ony bilkastlaýyn öldürse, hatda ol Meniň gurbanlyk sypama gaçan hem bolsa ony öldüriň.
15 Kim atasyna-enesine el galdyrsa, ol ölüme höküm edilsin.
16 Kim adam ogurlap satsa ýa-da ogurlanan adam onuň öýünden tapylsa, ol ölüme höküm edilsin.
17 Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin.
18 Iki adam dawalaşyp, biri beýlekisini daş bilen ýa-da ýumruk bilen ursa, ol hem ölmän galyp, düşekde ýatsa, soňra ol ýene-de aýak üstüne galyp, pişegiň kömegi bilen içeri-daşary girip-çykyp bilse, ony uran adam jezasyz galsyn. Ýöne ol onuň ýitiren wagty üçin tölesin we gowy gutulýança oňa seretsin.
20 Kim guluny ýa-da gyrnagyny hasa bilen ursa, urlan hem onuň elinden ölse, uran jezalandyrylmalydyr.
21 Emma ol gul ýa-da gyrnak bir-iki gün ölmän ýaşasa, hojaýyna jeza bermeli däl. Çünki ol gul onuň hususy emlägidir.
22 Adamlar uruşýan mahaly, göwreli aýala zeper ýetip, çagasy düşse, ýöne başga hiç hili zyýan etmese, oňa azar ýetiren adam ol aýalyň äriniň talap eden zatlaryny kazylaryň tassyklan möçberinde jerime tölemeli.
23 Eger oňa başga bir ömür howply zyýan ýeten bolsa, onda jan ýerine jan almak bilen;
24 göz ornuna göz, diş ornuna diş, aýak ornuna aýak almak bilen;
25 ýanyk ýerine ýanyk, ýara ýerine ýara, gök ýerine gök salmak bilen jeza berilsin.
26 Hojaýyn guluny ýa-da gyrnagyny urup, gözüni kör etse, gözüniň öwezine ony azat etsin.
27 Eger-de kim guluny ýa-da gyrnagyny urup, dişini döwse, döwlen dişiň öwezine ony azat etsin».
28 «Eger bir öküz bir erkek adamy ýa-da aýaly süsüp öldürse, onda ol öküz daşlanyp öldürilsin. Onuň eti hem iýilmesin. Öküziň eýesi bolsa günäkär saýylmasyn.
29 Eger öküziň süsekdigi öňden mälim bolup, ony eýesine duýdursalar, emma şonda-da ol adam öküzine göz-gulak bolmasa we ol öküz erkek adamy ýa-da aýaly süsüp öldürse, onda öküz daşlanyp öldürilsin. Onuň eýesi bolsa ölüme höküm edilsin.
30 Eger öküziň eýesinden hun talap edilse, ol özünden talap edilen huny doly töläp, öz janyny gutaryp biler.
31 Eger gara mal oglany ýa-da gyzy süsüp öldürse, oňa garşy hem şuňa meňzeş kanun ulanylsyn.
32 Eger öküz guly ýa-da gyrnagy süsüp öldürse, öküz eýesi guluň hojaýynyna altmyş bäş mysgal kümüş jerime tölesin. Mal bolsa daşlanyp öldürilsin.
33 Bir adam çukuryň üstüni açsa ýa-da çukur gazyp üstüni örtmese we oňa öküz ýa-da eşek gaçsa,
34 çukury gazan adam ýetirilen zyýany tölesin. Ölen malyň maslygy bolsa onuň özüne galsyn.
35 Bir adamyň öküzi başga biriniň öküzini süsüp öldürse, onda olar diri öküzi satyp, onuň bahasyny deň bölüşmeli. Ölen maly hem deň ikä paýlamaly.
36 Eger öküziň süsekdigi ozaldan belli bolup, ony eýesine duýdursalar, şonda-da eýesi oňa göz-gulak bolmasa, ol öküziň öwezine öküz bermelidir. Ölen malyň maslygy bolsa, onuň özüne galmalydyr». ‎




Chapter 22

1 «Bir adam öküz ýa-da goýun ogurlap, ony soýsa ýa-da satsa, ol bir öküze derek bäş öküz, bir goýna derek dört goýun tölemeli. Eger onuň hiç zady ýok bolsa, ogurlan zatlary üçin ol özüni gulçulyga satmaly.
2 Eger ogurlanan mal ogrynyň emläginiň içinden diri tapylsa, ol isle öküz bolsun, isle eşek ýa-da goýun bolsun, ogry onuň üçin iki esse tölemelidir.
3 Eger ogry gije öý ýarýan pursaty tutulsa we urlup öldürilse, ony öldüren adam ganhor hasaplanmaýar. Emma bu gündiz bolup geçse, onda ony öldüren adam ganhor hasaplanýar.
5 Eger bir adamyň maly öz meýdanynda ýa-da üzüm bagynda otlap ýörkä azaşyp, başga biriniň meýdanyndaky zatlaryny iýse, ol oňa ýeten zeleliň öwezini öz meýdanynyň we üzüm bagynyň iň gowy hasyly bilen doldurmaly.
6 Ýandaga düşen ot tutaşyp, desselenip goýlan ýa-da ösüp oturan bugdaý ýa-da ekin meýdany ýansa, onda ýangyny döreden adam ýetirilen zyýany doly tölemelidir.
7 Eger bir adam puly ýa-da harydy goňşusyna saklamaga berse, ol hem onuň öýünden ogurlansa, onda ogry tutulan ýagdaýynda, goý, ol ogry iki esse tölesin.
8 Eger ogry tapylmasa, öý eýesi öz goňşusynyň zatlaryna el urandygyny ýa-da urmandygyny mälim etmek üçin, Hudaýyň huzuryna getirilsin.
9 Her bir emläk baradaky jedelde, ol öküz, eşek, goýun bolsun ýa-da geýim-gejim bolsun, her bir ýiten mal-gara ýa-da zat üçin biri Bu meniňki diýip dawa etse, şeýle ýagdaýda iki tarap hem Hudaýyň öňüne gelsin. Hudaý kimi günäkär hasaplasa, ol öz goňşusyna iki esse jerime tölemeli.
10 Eger biri goňşusyna öz eşegini, öküzini ýa-da goýnuny, ýa-da islendik malyny saklamaga amanat berse, hiç kim görmänkä ol mal ölse, ýaralansa ýa-da alnyp gidilse,
11 goňşusynyň emlägine el urmandygy hakda ikisiniň arasynda Rebbiň adyndan ant içilsin. Amanat beren mal eýesi muny kabul etsin we oňa jerime tölemek gerek däl.
12 Emma mal amanady saklamaga alan adamdan ogurlanan bolsa, ol adam mal eýesine ýetirilen zyýanyň öwezini tölemelidir.
13 Eger ony wagşy haýwan parçalan bolsa, goý, onuň jesedi subutnama hökmünde getirilsin. Parçalanan mal üçin jerime tölemeli däl.
14 Eger bir adam goňşusynyň malyny wagtlaýyn sorap alandan soňra, ýanynda eýesi ýok wagty ol mal ýaralansa ýa-da ölse, maly sorap alan adam onuň bahasyny doly tölemelidir.
15 Emma eýesi şol wagt malyň ýanynda bolsa, sorap alan kişi oňa hiç zat tölemeli däldir. Eger-de mal kireýine berlen bolsa, ýetirilen zyýanyň öwezine diňe kireýiň muzdy tölenmelidir».
16 «Eger-de bir adam özüne adagly bolmadyk boý gyzyň başyny aýlap, oňa ýanaşsa, galyň töläp, oňa öýlensin.
17 Emma atasy gyzyny oňa bermäge çürt-kesik garşy bolsa, onda ol adam boý gyz üçin berilýän galyňyň nyrhyny tölemelidir.
18 Jadygöýlik bilen meşgullanýan her bir aýaly öldüriň.
19 Kimde-kim haýwanlar bilen ýanaşsa, ol ölüme höküm edilsin.
20 Kimde-kim ýeke-täk Rebden başga hudaýa gurbanlyk berse, tutuş ýok edilsin.
21 Gelmişekleriň hukugyny kemsitmäň, olara sütem etmäň. Çünki özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz.
22 Hiç bir dul hatyna ýa-da ýetime ezýet bermäň.
23 Eger ezýet berseňiz, olar hem maňa nalyş etseler, Men hökman olaryň perýadyny eşiderin.
24 Men gazap atyna atlanyp, sizi gylyçdan geçirerin. Siziň aýallaryňyz dul galar, çagalaryňyz bolsa ýetim galar.
25 Eger meniň halkymdan bir garyp biçärä pul karz berseňiz, süýthorlar kimin göterimine bermäň.
26 Eger goňşyňyň donuny girewine alsaň, Gün batmanka ony yzyna ber.
27 Çünki bu onuň ýeke-täk ýapynjasydyr. Onsuz ol näme ýapynyp ýatsyn? Eger ol Maňa nalyş etse, eşiderin, çünki Men rehimlidirin.
28 Hudaýa sögme. Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme.
29 Hasylyňyzyň üzüm şerbetinden we zeýtun ýagyndan bermeli sadakalaryňyzy gijikdirmän beriň. Ilkinji doglan ogullaryňyzy Maňa bagyş ediň.
30 Mallaryňyzyň-da, dowarlaryňyzyň-da ilkinji erkek guzlanlaryny ýedi gün enesiniň ýanynda saklap, sekizlenji gün Meniň huzuryma getiriň.
31 Siz Meniň mukaddes halkymsyňyz. Şonuň üçin hem ýyrtyjylaryň meýdanda parçalan mallarynyň etini iýmäň. Ony itleriň öňüne oklaň». ‎




Chapter 23

1 «Ýalan gep ýaýratma. Ýalana şaýatlyk edip, ýaramaz adama gol berme.
2 Erbet iş edýän köpçüligiň yzyna düşme. Bir dawada şaýatlyk edeniňde, köpçüligiň tarapynda durup, adalatdan ýüz dönderme.
3 Dawada garybyň-da tarapyny çalma.
4 Öz duşmanyňyň azaşan öküzine ýa-da eşegine duşsaň, ony eýesine getirip ber.
5 Eger seni ýigrenýän biriniň eşeginiň ýük astynda ýatanyny görseň, ony taşlap gitme. Oňa bu ýükden azat bolmaga kömek et.
6 Dawada garyba adalatsyzlyk etme.
7 Ýalan işden daşda dur. Bigünä we dogruçyl adamy öldürme, çünki Men günälini aklamaýaryn.
8 Para alma, çünki para emeldarlaryň gözüni kör eder, dogrynyň işini ters eder.
9 Gelmişege zulum etmäň. Gelmişegiň ýüregini bilýänsiňiz, çünki siziň özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz».
10 «Alty ýyl topragyňyza ekin ekip, onuň hasylyny ýygyň.
11 Emma ýedinji ýyl topraga dynç beriň, ony şüdügär edip goýuň. Şonda ondan halkyňyzyň arasyndaky garyplar iýsin, ondan galanlaryny bolsa ýyrtyjy haýwanlar iýsin. Üzüm we zeýtun baglaryňyzy hem şeýle ediň.
12 Alty günläp öz işleriňizi ediň, emma ýedinji gün dynç alyň. Şonda öküziňize we eşegiňize-de ýeňillik bolar. Öýüňizdäki guluňyz hem, gelmişek hem rahatlanar.
13 Meniň size aýdanlarymyň ählisini ýerine ýetiriň. Başga hudaýlary çagyrmaň, goý, olaryň atlary-da agzalmasyn».
14 «Ýylda üç sapar Maňa baýram ediň:
15 Petir baýramyny belläň. Meniň buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, çünki siz Müsürden şol aýda çykdyňyz. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.
16 Meýdanda çeken zähmetiňiziň ilkinji hasylyndan Gyzyl kerwen baýramyny belläň. Meýdandaky miweleriňizi ýygyp bolup, ýylyň ahyrynda bolsa hasyl toý beriň.
17 Ýylda üç gezek erkekleriňiziň hemmesi Meniň ýanyma Taňry Rebbiň huzuryna gelsinler.
18 Maňa gurbanlyk üçin öldürýän malyňyzyň ganyny hamyrmaýaly çörek bilen bermäň. Meniň baýramymyň şanyna gurban eden malyňyzyň ýagy ertire galmasyn.
19 Ýeriňizde önen ilkinji miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».
20 «Sizi ýolda gorar ýaly we taýýarlan ýerime getirer ýaly, Men siziň öňüňizden perişde iberýärin.
21 Onuň aýdanlaryna dykgat bilen gulak goýuň. Oňa garşy baş galdyrmaň. Ol siziň beýle etmişiňizi bagyşlamaz, çünki ol Meniň adym bilen geler.
22 Eger siz oňa boýun bolup, Meniň ähli aýdanlarymy berjaý etseňiz, onda Men siziň duşmanlaryňyza duşman, ýagylaryňyza ýagy bolaryn.
23 Meniň perişdäm siziň öňüňizden gidip, sizi amorlaryň, hetleriň, perizleriň, kenganlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getirer we Men olary gyryp ýok ederin.
24 Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň.
25 Siz Öz Hudaýyňyz Rebbe gulluk ediň, şeýtseňiz, Men siziň nanyňyza, suwuňyza bereket bererin. Siziň araňyzdan keselçiligi aýraryn.
26 Ýurduňyzda çagasy düşen ýa-da önelgesiz galan bolmaz. Ömrüňizi-de uzak ederin.
27 Men Öz haýbatymy siziň öňüňizden ugradaryn. Siziň garşyňyza çykan her bir halky aljyraňňylyga salyp, ähli duşmanlaryňyzy ýeňse berip gaçar ýaly ederin.
28 Men hiwilere, kenganlara we hetlere howp salyp, olary siziň öňüňizden kowup çykararyn.
29 Ýer boş galmaz ýaly we ýyrtyjy haýwanlar garşyňyza köpelmez ýaly, Men duşmanlaryňyzy siziň öňüňizden bir ýylyň dowamynda kowjak däl.
30 Siz köpelip, ýeri eýeleýänçäňiz, Men olary siziň öňüňizden ýuwaş-ýuwaşdan kowup çykararyn.
31 Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Perat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň.
32 Siz olar bilen hem, olaryň hudaýlary bilen hem äht baglaşmaň.
33 Olar siziň ýurduňyzda ýaşamasynlar, ýogsam, olar sizi Maňa garşy goýup, günä etmäge mejbur ederler. Olaryň hudaýlaryna gulluk etseňiz, onda siz gürrüňsiz duzaga düşersiňiz». ‎




Chapter 24

1 Soňra Reb Musa: «Sen, Harun, Nadap, Abyhu we Ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy Meniň ýanyma gelip, Maňa uzakdan sežde ediň.
2 Musa, seniň ýeke özüň Meniň golaýyma gel, beýlekiler ýakynlaşmasynlar, hatda halk daga-da aýak basmasyn» diýdi.
3 Musa gelip, Rebbiň ähli sözlerini we ähli hökümlerini halka mälim etdi. Tutuş halk bir agyzdan oňa: «Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýip jogap berdi.
4 Musa Rebbiň ähli sözlerini ýazdy. Ol daň bilen turup, dagyň eteginde gurbanlyk sypasyny ýasady. Ol Ysraýylyň on iki tiresine laýyklykda on iki sany uly daş dikdi.
5 Soňra Musa Rebbe ýakma gurbanlyklar beren we öküzler soýup, salamatlyk gurbanlyklaryny beren ysraýyllaryň ýaş ýigitlerini ugratdy.
6 Musa gurbanlyk ganynyň ýarysyny alyp, legenlere guýdy, ýarysyny bolsa gurbanlyk sypasyna tarap serpdi.
7 Soňra Musa Äht kitabyny eline alyp, ony halka eşitdirip okap berdi. Olar: «Rebbiň aýdanlarynyň ählisini ýerine ýetireris we oňa boýun bolarys» diýdiler.
8 Musa gany alyp, halkyň üstüne serpdi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi.
9 Soňra Musa, Harun, Nadap, Abyhu we ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy daga çykdy.
10 Olar Ysraýylyň Hudaýyny gördüler. Onuň aýaklarynyň astynda edil ýakut daşyndan edilen ýaly meýdança bardy. Ol asman ýaly dup-durudy.
11 Hudaý ysraýyllaryň baştutanlaryna el degirmedi. Olar hem Hudaýy gördüler we iýip-içdiler.
12 Reb Musa: «Meniň ýanyma daga çykyp, ol ýerde garaş. Halka öwretmek üçin, Men saňa ýüzüne kanun we tabşyryklarym ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berjek».
13 Şeýlelikde, Musa kömekçisi Ýeşuwa bilen ornundan turdy. Musa Hudaýyň dagyna çykmaga başlady.
14 Ol ýaşululara şeýle diýdi: «Yzymyza gaýdyp gelýänçäk, bize şu ýerde garaşyň. Harun bilen Hur siziň bilen galýar. Kimiň näme işi bolsa, şolara ýüz tutup bilersiňiz».
15 Soňra Musa daga çykdy. Bulut dagy gaplady.
16 Rebbiň şöhraty Sinaý dagyna ornaşdy. Bulut dagy alty günläp örtdi. Ýedinji gün Reb Musany buludyň içinden çagyrdy.
17 Indi Rebbiň şöhratynyň görnüşi ysraýyllaryň gözüne dagyň depesinde lowlap ýanýan ot ýaly bolup göründi.
18 Musa buludyň içine girip, daga çykdy. Musa dagda kyrk gije-gündiz boldy. ‎




Chapter 25

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara aýt, Maňa sadaka bersinler. Meniň üçin her bir adamyň öz göwnünden çykaryp beren sadakasyny kabul ediň.
3 Olardan kabul edip almaly sadakalaryňyz şulardyr: altyn, kümüş, bürünç;
4 gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi;
5 goçuň eýlenen derisi, saýlama deri, akasiýa agajy;
6 çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar;
7 efota we gursakça dakmak üçin hakyk we başga gymmatbaha gaşlar.
8 Men olaryň arasynda ýaşar ýaly, Maňa mukaddes öý gursunlar.
9 Mukaddes çadyr we onuň ähli esbaplary Meniň size görkezme berşim ýaly gurulsyn».
10 «Akasiýa agajyndan sandyk ýasasynlar. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun.
11 Onuň içini-de, daşyny-da sap altyna gaplap, onuň daş-töweregine altyndan jähek salsynlar.
12 Sandyk üçin dört sany altyn halka ýasap, olary onuň dört aýagyna: ikisini bir tarapyna, beýleki ikisini beýleki tarapyna dakyň».
13 «Akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplaň.
14 Sandygy özüňiz bilen göterip äkider ýaly, syryklary onuň gapdallaryndaky halkalardan geçiriň.
15 Syryklar sandygyň halkalarynda galsyn we ondan aýrylmasyn.
16 Meniň saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy hem sandykda goýarsyň».
17 «Soňra sap altyndan gapak ýasasynlar. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini bolsa bir ýarym tirsek bolsun.
18 Gapagyň her iki ýan çetinde sap altyndan iki sany kerup ýasat.
19 Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirsinler. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, gapak bilen bir bitewi edip berkitdir.
20 Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp dursun. Olaryň ýüzleri biri-birine bakyp, göni gapaga tarap seredip dursunlar.
21 Saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy sandygyň içinde goýup, gapagy hem onuň üstünden goý.
22 Äht sandygynyň üstündäki, gapagyň ýokarsyndaky iki sany kerubyň aralygynda Men seniň bilen duşuşaryn we ysraýyllar üçin ähli buýruklarymy saňa bererin».
23 «Akasiýa agajyndan hantagta ýasat. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun.
24 Ony sap altyna gapla we daş-töweregine altyndan jähek salsynlar.
25 Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdir we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldyr.
26 Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasat. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitsinler.
27 Hantagtany göterip äkider ýaly halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirsinler.
28 Syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary altyna gapla. Hantagta şu syryklar bilen göterilmelidir.
29 Ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, sadaka hökmünde şerap bermek üçin küýzeler we şakäseler ýasat. Olar sap altyndan bolsun.
30 Hemişe hantagtanyň üstünde Maňa hödür çöregini goý».
31 «Sap altyndan şemdan ýasat. Şemdanyň esasy we şahasy döwme sap altyndan bolsun. Şemdanyň gülkäsesi, gülgunçasy we gülýapragy özi bilen bir bitewi bolsun.
32 Şemdanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, onuň jemi alty şahasy bolsun.
33 Şahalarda badam gülüniň şekilinde gülkäse bolsun. Gülgunçasy bilen gülýapragyny hem ýasaň. Beýleki şahalarda hem hut şunuň ýaly bolsun, umuman, alty şahanyň hemmesini bir meňzeş edip ýasaň.
34 Şemdanyň ortasyndaky şahada badam gülüne meňzeş dört sany gülkäse bolup, olaryň hem gülgunçasy we gülýapragy bolsun.
35 Her jübütiň astynda bir gunça bolup, hemmesi bilelikde jemi alty şaha çyksyn.
36 Şemdanyň gunçalaryny we şahalaryny bir bitewi edip ýasat. Onuň tutuş özi döwme sap altyndan ýasalsyn.
37 Şemdan üçin ýedi çyra dak. Çyralar şemdanyň öňüne ýagty saçar ýaly, olary onuň depesine dak.
38 Onuň müçenegi we nowasy sap altyndan bolsun.
39 Şemdan we oňa degişli ähli enjamlar bir ýarym batman sap altyndan ýasalsyn.
40 Ynha, sen bularyň hemmesini dagda saňa görkeziljek nusganyň esasynda ýasarsyň». ‎




Chapter 26

1 «Bulardan başga-da, sen on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasat. Perdeler nepis zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen bolsun. Ussat keşdeçiler olaryň ýüzüne kerubyň şekilini owadanlap çeksinler.
2 Her perdäniň uzynlygy ýigrimi sekiz tirsek, ini dört tirsek bolup, ähli perdeleriň ölçegi bir meňzeş bolsun.
3 Bäş perde bir aýry, beýleki bäş perde hem bir aýry edilip çatylsyn.
4 Birinji bäş perdäniň iň soňkusynyň ujuna gök halka ýasa, ikinji bäş perdäniň hem iň soňkusyna şeýle edilsin.
5 Birinji toplumyň iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasa we ikinji toplumyň soňkusyna-da elli halka ýasasynlar. Halkalar biri-biriniň garşysynda ýerleşsin.
6 Altyndan elli sany ildirgiç ýasat we perdeleri ildirgiç bilen biri-birine berkitdir. Şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar».
7 «Şeýle hem, geçiniň ýüňünden edilen on bir perdeden ybarat mukaddes çadyryň daşky örtügini ýasasynlar.
8 Daşky örtügiň perdesiniň uzynlygy otuz tirsek, ini dört tirsek bolsun. On bir perdäniň-de ölçegi deň bolsun.
9 Perdeleriň bäşisini biri-birine çatsynlar, galan altysyny hem şeýle etsinler. Altynjy perdäni çadyryň öň tarapynda iki gatlaň.
10 Birinji toplumyň ortasyndan iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasaň, ikinji toplumyňka hem şeýle ediň».
11 «Soňra bürünçden elli sany ildirgiç ýasat. Ildirgiçleri halkadan geçirip, çadyry birleşdir, şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar.
12 Perdeleriň galan bölegi, ýagny galan ýarysy çadyryň arka tarapyndan asylyp dursun.
13 Çadyryň perdeleriniň her iki gapdaly bir tirsek uzyn bolsun. Soňra näme artykmaç galsa, olary her iki tarapyndan çadyry örtmek üçin asyň.
14 Çadyr üçin goçuň eýlenen derisinden ýapynja ýasaň, onuň daşky örtügi üçin saýlama deriden ýene bir ýapynja ýasaň».
15 «Mukaddes çadyr üçin akasiýa agajyndan dikligine çarçuwalar ýasat.
16 Her çarçuwanyň uzynlygy on tirsek, ini bir ýarym tirsek bolsun.
17 Çarçuwalary biri-birine sepleşdirip durar ýaly, her çarçuwada iki sany gazyk bolsun. Çadyryň ähli çarçuwalary üçin şeýle edilsin.
18 Mukaddes çadyr üçin çarçuwalary ine şeýle ýasaň: günorta tarapy üçin ýigrimi sany çarçuwa ýasap,
19 şol ýigrimi çarçuwanyň aşagyndan kyrk sany kümüşden aýak ýasasynlar. Her çarçuwanyň aşagyndan onuň gazygy üçin iki sany aýak bolsun.
20 Çadyryň ikinji, demirgazyk tarapy üçin hem ýigrimi çarçuwa ýasaň.
21 Olaryň hem her çarçuwa ikiden, jemi kyrk sany kümüşden aýagy bolsun. Her çarçuwanyň aşagyndan iki aýak bejert.
22 Çadyryň ýeňsesi bolan günbatar tarapy üçin alty çarçuwa ýasaň.
23 Çadyryň arka tarapyndaky burçlar üçin iki çarçuwa ýasaň.
24 Olar aşakdan hem, ýokardan hem bir halka birleşen bolmaly. Olaryň ikisi-de şeýle edilsin we olar iki burçy emele getirsin.
25 Şeýdip, sekiz sany çarçuwa bolup, her çarçuwanyň aşagyndan iki aýak ýasalyp, jemi on alty sany kümüşden aýagy bolsun».
26 «Akasiýa agajyndan taýaklar ýasat. Çadyryň bir tarapyndaky çarçuwalar üçin bäş taýak,
27 beýleki tarapyndaky çarçuwalar üçin hem bäşisini we arka tarapy bolan günbataryndaky çarçuwalar üçin bäşisini ýasasynlar.
28 Çarçuwalaryň ortasyndan geçýän taýak çadyryň bir ujundan beýleki ujuna çenli geçmelidir.
29 Çarçuwalary altyna gaplat. Taýaklary saklar ýaly altyndan halkalar ýasat. Taýaklary hem altyna gaplat.
30 Mukaddes çadyry dagda saňa görkezilen nusganyň esasynda gur».
31 «Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan edilen tuty ýasat. Onuň ýüzüne owadan edip, kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler.
32 Tutyny asmak üçin, akasiýa agajyndan dört sany sütün ýasat. Olary altyn bilen gaplaň. Bu sütünler üçin altyndan ildirgiçler ýasaň we kümüşden dört sany aýak hem ýasaň.
33 Tutyny ildirgiçden asyp, onuň iç tarapyna Äht sandygyny getir. Bu tuty siziň üçin mukaddes otag bilen iň mukaddes otagy biri-birinden aýyrsyn.
34 Iň mukaddes otagdaky Äht sandygynyň gapagyny getirip goý.
35 Hantagtany tutynyň daş tarapynda, çadyryň demirgazyk tarapynda goý. Şemdany bolsa hantagtanyň garşysynda, çadyryň günorta tarapynda goý.
36 Çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan ýapynja ýasat. Ol keşde bilen nagyşlansyn.
37 Bu ýapynja üçin akasiýa agajyndan bäş sany sütün dikip, olary altyna gaplat. Olaryň ildirgiçleri hem altyndan bolsun we olar üçin bäş sany bürünçden aýak ýasat». ‎




Chapter 27

1 «Akasiýa agajyndan gurbanlyk sypasyny ýasa. Onuň uzynlygy bäş tirsek, ini hem bäş tirsek bolsun. Gurbanlyk sypasy dörtburç şekilinde bolup, beýikligi hem üç tirsek bolsun.
2 Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp dursun. Şu burçlar gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi bolsun. Ony bürünç bilen gapla.
3 Gurbanlyk sypasy üçin kül gaplary, kül atarlar, legenler, çarşaklar we maňňallar ýasa. Olaryň hemmesi bürünçden bolsun.
4 Gurbanlyk sypasy üçin bürünçden torly gözenek ýasa. Onuň dört burçunyň hersine bürünçden halka ýasa.
5 Halkalary gurbanlyk sypasynyň aşaky gurşawynda ýerleşdir, şonda gözenek gurbanlyk sypasynyň ýarysyndan aşakda bolar.
6 Akasiýa agajyndan syryklar ýasa we olary bürünç bilen gapla.
7 Gurbanlyk sypasyny iki tarapyndan göterip äkider ýaly, syryklary halkalardan geçir.
8 Gurbanlyk sypasynyň daşyny tagtadan ýasap, gutusynyň içini boş goý. Ol saňa edil dagda görkezilişi ýaly ýasalsyn».
9 «Mukaddes çadyryň haýatyny gur. Haýatyň günorta tarapynda ýüz tirsek uzynlykda nepis zygyr matadan perdeler as.
10 Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany aýak ýasa. Olar diňe bürünçden bolsun, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden bolsun.
11 Demirgazyk tarapy üçin hem şeýle et. Onuň boýuna ýüz tirsek uzynlykda perdeler tut. Perdeler üçin bürünçden ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany aýak ýasa, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden bolsun.
12 Haýatyň günbatar tarapyna elli tirsek uzynlykda perdeler tutulsyn we ol perdeler üçin on sany sütün we on sany aýak ýasa.
13 Haýatyň öň tarapy bolan gündogar tarapynyň giňligi elli tirsek bolsun.
14 Onuň bir tarapyna uzynlygy on bäş tirsek bolan perdeler tut. Olaryň hem üç sütüni we üç aýagy bolsun.
15 Beýleki tarapyna hem on bäş tirsek uzynlykda perdeler tut, onuň-da üç sütüni we üç aýagy bolsun.
16 Haýatyň girelgesine gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan uzynlygy ýigrimi tirsek bolan perdeler tut we olary nagyşlar bilen keşdele. Onuň dört sütüni we dört aýagy bolsun.
17 Haýatyň töweregindäki ähli sütünler kümüş bilen jäheklensin. Onuň ildirgiçleri kümüşden, aýaklary bürünçden bolsun.
18 Haýatyň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsek, beýikligi bäş tirsek bolsun. Onuň nepis zygyr matadan perdeleri we bürünçden aýaklary bolsun.
19 Mukaddes çadyrda ulanylýan ähli esbaplar, onuň ähli gazyklary we onuň haýatynyň ähli gazyklary bürünçden bolsun».
20 «Ysraýyllara aýt, çyra hemişe ýanyp durar ýaly, goý, olar saňa çyra üçin sap zeýtun ýagyny getirsinler.
21 Çyra Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daş ýüzünde ýanyp dursun. Harun we onuň ogullary çyrany Rebbiň huzurynda ertirden agşama çenli ýaksynlar. Bu ysraýyllar üçin nesilme-nesil dowam etjek ebedilik kanun bolsun». ‎




Chapter 28

1 «Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler.
2 Agaň Harunyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly, oňa ruhany geýimlerini tik.
3 Meniň ukyp beren ökde ussalarymyň hemmesine aýt: Meniň ruhanym bolmaga Harunyň bagyş edilmegi üçin, onuň ruhany geýimlerini tiksinler.
4 Olaryň tikjek geýimleri şulardan ybarat: gursakça, efot, don, nagyşly uzyn köýnek, selle we guşak. Agaň Harunyň we onuň ogullarynyň Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, bu ruhany geýimleri tikeniňizde,
5 altyn, gök, badam, gyrmyzy ýüplük we nepis zygyr ulansynlar».
6 «Ukyply ökde ussalar efoty altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan matadan tiksinler.
7 Her iki ujuny biri-birine baglaýan iki sany egin bagy bolup, ol hem berkidilsin.
8 Efotyň ýüzündäki nagyşly kemer hem edil efotyň tikilişi ýaly tikilsin, ol altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikilsin.
9 Iki sany hakyk daşyny al we olaryň ýüzüne Ysraýylyň on iki oglunyň adyny oýup ýaz.
10 Olaryň dogluş tertibi boýunça altysynyň adyny bir daşa, beýleki altysynyň adyny başga bir daşa oýup ýaz.
11 Nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny şu iki daşa oýup ýaz. Olary altyn öýjüklere oturt.
12 Ysraýylyň ogullary üçin ýatlama bolar ýaly, bu iki daşy efotyň egin bagyna dak. Rebbiň huzurynda ýatlanar ýaly, Harun olaryň atlaryny iki egninde göterip gezsin.
13 Gaşlar üçin altyndan iki sany öýjük ýasa.
14 Sap altyndan ýüplük ýaly tow berlen iki sany zynjyr ýasa we şol örme zynjyrlary gaş öýjüklere berkit».
15 «Inçe nagyşlar bilen höküm gursakçasyny tik. Ony efot ýaly edip, altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan matadan tik.
16 Gursakça iki gat bolup, uzynlygy bir garyş, ini hem bir garyş, dörtburç bolsun.
17 Gursakçanyň ýüzüne dört hatar gaş dak. Birinji hatarda goýy gyzyl, sary, zümerret gaşlary;
18 ikinji hatarda pöwrize, gök ýakut, almaz;
19 üçünji hatarda mämişi, ak we goňur ýakut, goýy gyrmyzy ýakut;
20 dördünji hatarda altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlar bolsun. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylsyn.
21 Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna görä, gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylsyn.
22 Gursakça üçin sap altyndan ýüplük ýaly tow berlen zynjyrlar ýasa.
23 Gursakça üçin altyndan iki sany halka ýasa we olary onuň ýokarky iki ujuna dak.
24 Örme iki altyn zynjyry gursakçanyň ujundaky iki halkadan geçir.
25 Zynjyrlaryň beýleki iki ujuny iki gaş öýjügine, efotyň öň tarapyndaky eginbaglara berkit.
26 Altyndan ýene iki sany halka ýasap, olary gursakçanyň aşaky iki içki ujuna, efotyň içki gatyna dak.
27 Altyndan başga ýene iki sany halka ýasap, olary efotyň öň tarapyndaky eginbagynyň aşaky bölegine berkit. Olar efotyň nagyşly kemeriniň ýokarsynda ýerleşsin.
28 Gursakça efotdan sallanyp gaçmaz ýaly, onuň halkalary gök ýüp bilen efotyň halkalaryna daňylsyn. Şonda gursakça efotyň nagyşly kemeriniň ýüzünde durar.
29 Şeýlelikde, Harun mukaddes otaga girende, ýüzünde Ysraýylyň ogullarynyň atlary ýazylan bu höküm gursakçasyny ýüreginiň üstünden dakyp barsyn. Şonda Men Reb halkymy hemişe ýatlap duraryn.
30 Höküm gursakçada Urymy we Tummymy goý. Harun Meniň huzuryma gelende, olary ýüreginiň üstünden dakyp gelsin. Meniň huzurymda Harun hemişe hökümimi ysraýyllara ýetirip gezer».
31 «Efotyň aşagyndan geýilýän dony gök matadan tik.
32 Onuň ortasyndan kelle girip-çykar ýaly açyk ýer bolsun. Bu açyk ýeri ýyrtylmaz ýaly, oňa gyýa aýla.
33 Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden naryň şekillerini ýasap, olary donuň aşaky etegine dak. Nar şekilleriniň arasynda altyndan edilen jaňjagazlar bolsun.
34 Şeýdip, nar şekilleri we altyn jaňjagazlar biri-biri bilen başaşa düzülsin.
35 Harun hyzmat edýän wagty bu dony geýsin. Ol Meniň huzuryma mukaddes otaga girende-çykanda jaňlaryň sesi eşidilip dursun. Şonda ol ölmez.
36 Sap altyndan bezeg şaýyny ýasa. Oýup möhür basylan dek, onuň ýüzüne Rebbe bagyş edilen diýen sözleri oýup ýaz.
37 Muny gök sapak bilen selläniň öň tarapyna berkit.
38 Harun muny maňlaýyna daksyn. Ysraýyllar Maňa bagyşlap, mukaddes sadakalaryny getirenlerinde günä etseler, olaryň günäsini Harun öz üstüne alsyn. Harun ony hemişe maňlaýyna daksyn, şonda olar Meniň huzurymda ýalkanarlar».
39 «Nepis zygyr matadan nagyşly uzyn köýnek we selle tik. Nagyşlar bilen keşdelenen bil guşagyny hem tik».
40 «Harunyň ogullarynyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly olara köýnekler, bil guşaklar we baş daňylar tik.
41 Bulary agaň Haruna we onuň ogullaryna geýdir. Olar Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, olaryň başlaryna ýag çalyp belle we Maňa bagyş et.
42 Ýalaňaç ýerlerini ýapar ýaly, olara zygyr matadan bilinden buduna ýetip duran iç geýimlerini tik.
43 Harun we onuň ogullary bu geýimleri Rebbe ýüz tutulýan öýe girenlerinde ýa-da mukaddes otagda hyzmat etmek üçin gurbanlyk sypasynyň ýanyna gelenlerinde, ýa-da günäni öz üstlerine alanlarynda, ölmezlikleri üçin geýsinler. Bu Harun üçin we onuň soňky nesilleri üçin ebedilik kanun bolsun». ‎




Chapter 29

1 «Harun we onuň ogullary Meniň ruhanym bolup hyzmat etmekleri üçin, olary Maňa şeýle bagyş et: Bir sany ýaş öküzçe we hiç bir şikessiz iki sany goç al.
2 Petir, ýaga ýugrulan külçe we ýüzüne ýag çalnan ýuka petir bişir. Olaryň hemmesini bugdaý unundan bişir.
3 Olary bir sebede salyp getir, şeýle hem, öküzi we iki goçy hem getir.
4 Haruny we onuň ogullaryny Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getir we olary suw bilen ýuwundyr.
5 Soňra ruhany geýimleri bolan uzyn köýnegi, dony, efoty we gursakçany getirip, Haruna geýdir. Efotyň nagyşly kemerini dak.
6 Onuň başyna selläni geýdir. Sellesine mukaddes ýazgyny berkit.
7 Zeýtun ýagy alyp, onuň başyna çal. Şeýdip ony saýla.
8 Soňra onuň ogullaryny getir we olara hem uzyn köýnekleri geýdir.
9 Olara bil guşaklaryny daň we başdaňylaryny daň. Haruny we onuň ogullaryny ruhany edip belle. Ruhanyçylyk olar üçin ebedilik kanun bolsun.
10 Maňa ýüz tutulýan çadyryň öňüne öküzi getir. Harun we onuň ogullary ellerini öküziň kellesine goýsunlar.
11 Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Meniň huzurymda öküzi soý.
12 Öküziň ganyndan alyp, barmagyň bilen gurbanlyk sypasynyň ýokary çykyp duran burçlaryna çal. Galan ganyň hemmesini gurbanlyk sypasynyň aýagyna dök.
13 Içýagynyň hemmesini al, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen al. Olary gurbanlyk sypasynda ýak.
14 Emma öküziň läşimi, onuň derisini, içgoşuny düşelgäniň daşynda ýak. Bu günä gurbanlygydyr».
15 «Soňra goçlaryň birini al. Harun we onuň ogullary goçuň kellesine ellerini goýsunlar.
16 Goçy soýup, ganyny al we ony gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp.
17 Soň goçy böleklere böl. Onuň içgoşlaryny we aýaklaryny ýuwup, kellesini bir aýry, aýaklaryny bir aýry edip goý.
18 Gurbanlyk sypasynyň üstünde tutuş goçy ýak. Bu Meniň üçin ýakma gurbanlygydyr. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar».
19 «Beýleki goçy al. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýsunlar.
20 Goçy soýup, ganyny al. Ony Harunyň we onuň ogullarynyň sag gulaklarynyň ýumşak ýerine çal. Şeýle hem, olaryň sag elleriniň we sag aýaklarynyň başam barmaklaryna çal. Galan gany bolsa gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp.
21 Soňra gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, mesh ýagyny hem alyp, olary Harunyň hem onuň ogullarynyň üstüne we geýimlerine serp. Şeýdip, Harun we onuň geýimleri, şeýle hem onuň ogullary we olaryň geýimleri Maňa bagyş ediler».
22 «Şeýle hem, goçuň ýagyny, guýruk ýagyny, içýagyny, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen we sag buduny al. (Çünki bu goç ruhanyçylyga bellemek üçindir.)
23 Meniň huzurymdaky çörekler salnan sebetden bir petir, ýaga ýugrulan bir külçe we bir sany hem ýüzüne ýag çalnan ýuka petir al.
24 Olaryň hemmesini Harunyň we onuň ogullarynyň aýasyna ýerleşdir. Meniň huzurymda olary göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyr.
25 Soňra bulary olaryň elinden alyp, ýakma gurbanlygynyň üstünde goýup ýak. Huzurymda ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar».
26 «Haruny ruhanyçylyga bellemek üçin, soýlan goçuň döşüni al we ony Meniň huzurymda göterme sadakasy edip ýokary galdyr. Ol döş seniň paýyň bolar.
27 Ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan goçuň döşüni göterme sadakasy we buduny üwreme sadakasy hökmünde Maňa bagyş et. Bular Haruna we onuň ogullaryna berilmelidir.
28 Bu ysraýyllar tarapyndan ebedilik kanun bolup, Haruna we onuň ogullaryna berilsin. Çünki bu sadaka ysraýyllaryň Reb üçin berýän salamatlyk sadakasyndan alyp, ruhanylara berilýän sadaka bolsun».
29 «Harunyň mukaddes lybasy özünden soň ogullaryna galsyn. Olar şol geýimlerde mesh edilsin we ruhanyçylyga bellensinler.
30 Harunyň ýerine ruhany bolan ogly ol geýimleri Maňa ýüz tutulýan öýe gelip, mukaddes otagda hyzmat edýän wagty geýsin».
31 «Ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan goçy alyp, onuň etini mukaddes ýerde gaýnadyň.
32 Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde Harun we onuň ogullary goçuň etini we sebetdäki çöregi iýsinler.
33 Ruhanyçylyga bellenip, özlerini bagyş etmekleri üçin, bu günäden saplama gurbanlygynyň naharyndan özleri iýsinler. Emma bulardan başga hiç kim mundan iýmeli däldir, sebäbi bu nahar mukaddesdir.
34 Eger ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan malyň etinden ýa-da çörekden iýilmän ertir daňdana galsa, ony otda ýakyň. Ol iýilmeli däldir, sebäbi ol mukaddesdir».
35 «Haruny we onuň ogullaryny edil Meniň buýruşym ýaly, ýedi günden soň Maňa ruhanyçylyga belle.
36 Şeýle hem, günäden saplanmak üçin, her gün bir öküzi günä gurbanlygy edip ber. Gurbanlyk sypasyny günäden saplamak üçin, günä gurbanlygyny ber we onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes et.
37 Gurbanlyk sypasy üçin ýedi günläp saplama geçirip, ony mukaddes et. Şonda gurbanlyk sypasy iň mukaddes bolar. Ony ellän kişi hem mukaddes bolar».
38 «Ynha, gurbanlyk sypasynda ýakyp bermeli gündelik gurbanlyklaryňyz: iki sany birýaşar tokly.
39 Olaryň birini ertirine, beýlekisini agşamyna soý.
40 Birinji tokly bilen bir okara saýlama bugdaý ununa bir küýze zeýtun ýagyny garyp ber. Bir küýze şerap guýup, içgi sadakasy üçin ulanyň.
41 Agşamyna hem ertirine edişiň ýaly et. Beýleki toklyny soýup, onuň bilen hamyr we şerap ber. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.
42 Huzurymdaky Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde bu adaty ýakma gurbanlygyny nesilme-nesil ýerine ýetir. Siziň bilen gepleşmek üçin, ol ýerde Men siziň bilen duşuşaryn.
43 Ol ýerde Men ysraýyllar bilen duşuşaryn. Ol ýer Meniň şöhratym bilen mukaddes bolar.
44 Maňa ýüz tutulýan çadyry we gurbanlyk sypasyny mukaddes ederin. Şeýle hem, Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, Haruny we onuň ogullaryny Özüme bagyş ederin.
45 Men ysraýyllaryň arasynda ýaşaryn we olaryň Hudaýy bolaryn.
46 Aralarynda ýaşamak üçin olary Müsürden alyp çykan olaryň Hudaýy Rebbiň Mendigimi bilsinler. Olaryň Hudaýy Reb Mendirin». ‎




Chapter 30

1 «Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasa.
2 Onuň uzynlygy-da, ini-de bir tirsek bolup, ol dörtburç bolsun. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlary bilen bile tutuş bir bitewi edilsin.
3 Onuň depesini, ähli taraplaryny we burçlaryny sap altyna gapla. Onuň daş-töweregine altyndan jähek çek.
4 Onuň üçin altyndan iki sany halka ýasa we olary jähegiň aşagyndan biri-birine garşy edip, iki tarapyna dak. Sypany göterip gider ýaly, ol halkalardan syryklar geçir.
5 Syryklary akasiýa agajyndan ýasa we olary altyna gapla.
6 Sypany Äht sandygynyň ýanyndan asylgy tutynyň öňünde ýerleşdir. Ony Äht sandygynyň gapagynyň dogrusynda goý, çünki Men ol ýerde seniň bilen duşuşaryn.
7 Her gün irden Harun çyrany arassalap ýaglamaga gelende, bu sypanyň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýaksyn.
8 Ol agşam çyrany ýakmaga gelende-de şeýle etsin. Siz bu ýakymly ysly tütetgini Meniň huzurymda hemişe nesilme-nesil etmelisiňiz.
9 Bu sypada başga hiç hili tütetgi ýakylmasyn, ýakma gurbanlygy ýa-da galla sadakasy berilmesin we onuň üstüne içgi sadakasy dökülmesin.
10 Ýylda bir gezek Harun onuň burçlarynda günäden saplanma gurbanlygyny bersin. Günäden saplanmak üçin öldürilen malyň ganyny döküp, nesilme-nesil ýylda bir gezek günä gurbanlygyny ber. Bu Reb üçin iň mukaddesdir». Mukaddes çadyr üçin salgyt
11 Reb Musa şeýle diýdi:
12 «Ysraýyllaryň hasabyny almak üçin, ilat sanawyny geçir. Hasaba alnanlaryň hemmesi öz jany üçin, Maňa töleg tölesin. Şonda töleg töläp hasaba alnan adamlaryň başyna hiç hili bela inmez.
13 Ynha, hasaba alnanlaryň tölemeli zatlary: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen bir mysgal. Bir mysgaly Maňa sadaka hökmünde bersinler.
14 Hasaba alnanlaryň ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň her biri şu mukdarda Maňa sadaka bersin.
15 Baýam, garybam şu bir mysgal möçberinde tölesin. Töleg şundan az-da bolmasyn, köp-de. Siz şu sadakany Maňa bereniňizde, günäňizden saplanarsyňyz.
16 Günälerinden saplanmak üçin ysraýyllardan pul ýygna we ony Maňa ýüz tutulýan çadyryň hyzmaty üçin sarp et. Jany üçin töleýän tölegi Meniň huzurymda ysraýyllara ýatlama bolar».
17 Reb Musa ýene-de şeýle diýdi:
18 «Ýuwunmak üçin bürünçden legen ýasa. Onuň aýagy hem bürünçden bolsun. Ony Maňa ýüz tutulýan çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň ortasynda goý we içine suw guý.
19 Şol suw bilen Harun we onuň ogullary ellerini we aýaklaryny ýuwsunlar.
20 Olar Maňa ýüz tutulýan çadyra girenlerinde ýa-da gurbanlyk sypasynda ot üsti bilen Maňa gurbanlyk bermäge gelenlerinde, şol suw bilen ýuwunsynlar. Şonda olar ölmezler.
21 Olar şol suw bilen ellerini, aýaklaryny ýuwsunlar, şonda olar ölmezler. Bu Harun üçin we onuň nesilleri üçin arkama-arka gaýtalanýan ebedilik parz bolsun».
22 Reb Musa şeýle diýdi:
23 «Ine, şu iň gowy hoşboý ysly zatlary al: ýarym put mukdarda suwuk mür, ýarym putuň ýarysy mukdarda ýakymly ysly dalçyn we ýene-de ýarym putuň ýarysy mukdarda hoşboý ysly gamyş,
24 ýarym put mukdarda hindi dalçynyny al. Bularyň hemmesi mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçensin we dört küýze zeýtun ýagyny al.
25 Ussatlyk bilen garyp, bulardan mukaddes ýagyny ýasa. Bu mukaddes ýagydyr.
26 Maňa ýüz tutulýan çadyry, Äht sandygyny, hantagtany we onuň ähli enjamlaryny, şemdany we onuň ähli enjamlaryny, tütetgi sypasyny, ýakma gurbanlyk sypasyny we onuň ähli enjamlaryny, legeni we onuň sütünini şu ýagy bilen olaryň üstüne ýag sepele.
29 Olary mukaddes et, şonda olar iň mukaddes zatlar bolar. Olara galtaşan hem mukaddes bolar.
30 Haruny we onuň ogullaryny ruhanym bolup hyzmat etmekleri üçin başlaryna ýag çalyp, Maňa bagyş et.
31 Ysraýyllara aýt: Bu siziň üstüňiz bilen nesilme-nesil geçýän Meniň mukaddes mesh ýagymdyr.
32 Bu mesh ýagyny adaty bedeniňize çalmak üçin ulanmaly däldir, başga her hili zatlar bilen garyşdyrmaly däldir. Bu mukaddesdir we siziň üçin hem mukaddes bolmalydyr.
33 Ruhanydan başga kimde-kim şonuň ýaly atyr ýasasa we biriniň üstüne sepse, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar».
34 Reb Musa şeýle diýdi: «Hoşboý ysly zatlary: balzamy, onikany, galbanumy we ýakymly ys berýän şepbik al. (Bularyň hemmesi deň möçberde bolsun.)
35 Atyr ýasaýjy garyp, olardan hoşboý ysly tütetgi ýasa. Oňa duz hem goş, ol sap we mukaddes bolsun.
36 Onuň bir bölegini külkeläp, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Äht sandygynyň öňündäki Maňa ýüz tutulýan çadyrda goý. Bu siziň üçin iň mukaddes bolar.
37 Şu usul bilen özüňiz üçin tütetgi taýýarlamaň. Ol Men Reb üçin mukaddes hasap edilsin.
38 Kim muny atyr hökmünde ulansa, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar». ‎




Chapter 31

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ynha, Men ýahuda tiresinden Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleli saýladym.
3 Men ony Öz ruhum bilen doldurdym. Her dürli senet işinde Men oňa ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdim.
4 Ol ökde nakgaş bolup, altyna-kümşe we bürünje dürli nagyşlar salsyn.
5 Gaşlar üçin öýjüklere daşlary oýmakda, agaç ýonmakda, her hili ussaçylyk işinde oňa ussatlyk berdim.
6 Şeýle hem, Besalel bilen işlär ýaly, Men dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaby hem saýladym. Men ähli ökde ussalara-da ukyp berdim. Şeýlelikde, olar Meniň saňa buýran şu ähli zatlarymy ýasasynlar:
7 Maňa ýüz tutulýan çadyr, Äht sandygy we onuň üstüniň gapagy, çadyryň ähli esbaplary,
8 hantagta we onuň enjamlary, sap altyndan edilen şemdan we onuň ähli enjamlary, tütetgi sypasy,
9 ýakma gurbanlyk sypasy we onuň ähli enjamlary, legen we onuň sütüni,
10 şeýle hem, nagyşlar bilen keşdelenen geýimler, ruhany bolup gulluk edenlerinde geýmek üçin, Haruna we onuň ogullaryna niýetlenen mukaddes lybaslary,
11 mesh ýagy we mukaddes öý üçin ýakymly ysly tütetgi. Olar bulary edil Meniň saňa buýruşym ýaly etsinler».
12 Reb Musa ýene-de şulary diýdi:
13 «Seniň özüň ysraýyllara aýt, goý, olar Meniň Sabat kanunlarymy ýerine ýetirsinler, çünki bu Men bilen siziň geljekki nesilleriňiziň arasyndaky belgidir. Munuň bilen siz Men Rebbiň sizi mukaddes halkym edendigimi bilersiňiz.
14 Sabat kanunlary ýerine ýetiriň, sebäbi ol siziň üçin mukaddesdir. Kimde-kim ony harlasa, ölüme höküm ediler. Kim şol gün ýekeje iş edäýse-de, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar.
15 Alty günüň dowamynda işleriňizi edip boluň, emma ýedinji gün dynç güni bolup, mukaddes Sabat günüdir. Sabat güni kim-de kim ýekeje iş etse hem, ölüme höküm ediler.
16 Şonuň üçin hem ysraýyllar Sabat kanunlary ýerine ýetirmelidirler, nesilme-nesil ony ebedi äht hökmünde ýerine ýetirmelidirler.
17 Bu ysarýyl halky bilen Meniň aramdaky hemişelik belgidir, çünki Men alty günde Gögi we Ýeri ýaratdym. Ýedinji gün bolsa hemme işden dynyp, dynç aldym».
18 Hudaý Sinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, oňa ýüzüne buýruklar ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Ony Hudaýyň hut Özi ýazypdy. ‎




Chapter 32

1 Halk Musanyň dagdan yzyna dolanman, ol ýerde köp eglenenini görüp, Harunyň daşyna üýşdüler we oňa: «Öňümizden ýol görkezip ýörär ýaly, hany, bize bir hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny biz bilemzok» diýdiler.
2 Harun olara: «Aýallaryňyzyň, ogullaryňyzyň we gyzlaryňyzyň gulaklaryndaky altyn halkalary aýryp, maňa getirip beriň» diýdi.
3 Şeýlelikde, olaryň hemmesi gulaklaryndan altyn halkalaryny aýryp, Haruna getirip berdiler.
4 Harun galyp etdi, olaryň altynlaryny eredip, ondan göläniň heýkelini ýasady. Halk muňa: «Eý Ysraýyl, ynha, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şudur» diýişdiler.
5 Harun muny görende, onuň öňünde gurbanlyk sypasyny gurdy we jar edip: «Ertir Rebbiň şanyna baýramçylyk ederis» diýdi.
6 Ertesi gün halk irden turup, ýakma gurbanlygyny we salamatlyk sadakasyny berdi. Adamlar iýip-içmäge oturdylar, soňra turup oýnaşmaga başladylar.
7 Reb Musa şeýle diýdi: «Häziriň özünde aşak düş! Seniň Müsürden çykaran halkyň azgynçylyga ýüz urdy.
8 Olar Meniň aýdan ýolumdan gaty çalt çykdylar. Olar özlerine göleden but ýasap, oňa sežde etdiler. Oňa sadaka berip: „Eý Ysraýyl, ynha, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur“ diýişdiler».
9 Reb Musa ýene-de: «Men bu halkyň nähili boýnuýogyndygyny gördüm.
10 Indi Meni ýeke goý, çünki Men gazap atyna atlanyp, olary ýok edip taşlaýyn we senden bir beýik millet döredeýin» diýdi.
11 Emma Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň?
12 Näme üçin müsürliler: „Hudaý olary dagda öldürmek üçin we ýer ýüzünden süpürip taşlamak üçin erbet niýet bilen getiripdir“ diýmeli? Gahar oduňy öçür, gaýtmyşym et. Öz halkyňyň üstünden bu bela-beteri inderme.
13 Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ysraýyly ýadyňa sal. Seniň Özüň olara: „Men siziň nesilleriňizi asman ýyldyzlary deý köpelderin we nesilleriňize söz beren bu ähli ýeri size berjek. Olar ony müdimilik miras alarlar“ diýipdiň».
14 Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi.
15 Soňra Musa eline äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, dagdan aşak gaýtdy. Bu ýasy daş bölekleriniň hersiniň iki tarapyna-da: öň tarapyna hem, arka tarapyna hem ýazylandy.
16 Bu ýasy daşlar Hudaýyň işidi. Ýasy daşlaryň ýüzündäki oýulyp ýazylan ýazgylar Hudaýyň ýazgylarydy.
17 Ýeşuwa halkyň gygyryşýan gykylygyny eşidip, Musa: «Düşelgeden urşuň sesi gelýär» diýdi.
18 Emma Musa: «Bu ses ýeňijileriň sesem däl, ýeňlenleriňki hem däl. Bu eşidýänimiz aýşy-eşretiň sesidir!» diýdi.
19 Ol düşelgä ýakyn gelen badyna göläni we tans edip ýören adamlary gördi. Musa gahar-gazaba münüp, elindäki ýasy daş böleklerini zyňyp goýberdi, olar dagyň eteginde çym-pytrak boldy.
20 Musa olaryň ýasan gölesini alyp, otda eredýär, soň ony külkeläp, suwa garýar we ondan ysraýyllara içirýär.
21 Musa Haruna: «Bu halka beýle uly günä gazandyrar ýaly, bular saňa näme etdiler?» diýdi.
22 Harun oňa: «Jenabym, maňa gaharyň gelmesin, bu halkyň päliniň bozukdygyny özüň bilýärsiň-ä.
23 Olar maňa: „Öňümizden ýörär ýaly, bize hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny bilemzok“ diýdiler.
24 Şeýdip, men olardan kimde altyn bar bolsa, maňa getirip bermegini soradym. Olary alyp, otda eretdim, ondan hem şu göle emele geldi!» diýdi.
25 Musa Harunyň bu halky başyna goýberendigini gördi, olar duşmanlarynyň öňünde gülküdiler.
26 Soňra Musa düşelgäniň girelgesinde durup: «Kimde-kim Rebbiň tarapynda bolsa meniň ýanyma gelsin!» diýdi. Ähli lewiler onuň daşyna üýşdi.
27 Musa olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň hemmäňiz gylyçlaryňyzy dakynyň! Siziň her biriňiz düşelgeleriň bir çetinden beýleki çetine çenli gapyma-gapy aýlanyp, öz garyndaşyňyzy, dostuňyzy we goňşyňyzy öldüriň“» diýdi.
28 Lewiler Musanyň buýruşy ýaly etdiler. Şol gün üç müňe golaý adam heläk boldy.
29 Musa lewilere: «Şu gün siz Rebbiň gullugyna bellendiňiz. Her biriňiz öz ogluňyzy we garyndaşyňyzy öldürip, bu gün siziň özüňiz ýalkandyňyz» diýdi.
30 Ertesi gün Musa halka: «Siz agyr günä gazandyňyz. Emma men häzir Rebbiň ýanyna çykaýyn, belki sizi günäňizden sapladyp bilerin» diýdi.
31 Şeýdip, Musa Rebbiň ýanyna gaýdyp geldi we Oňa: «Wah, bu halk özüne altyndan göle ýasap, agyr günä etdi.
32 Ýöne, indi Sen bularyň günälerini geçeweri, ýogsa-da meniň adymy Öz adamlaryňyň ady ýazylan kitabyňdan öçür» diýdi.
33 Reb Musa: «Kimde-kim Maňa garşy günä etse, onuň adyny kitabymdan öçürip taşlaryn.
34 Indi bar, git-de, halky saňa aýdan ýerime äkit. Meniň perişdäm seniň öňüňden gitjekdir. Emma jeza güni gelende, Men olaryň eden günälerine görä jezasyny bererin» diýdi.
35 Şeýlelikde, Reb halkyň üstünden betbagtçylyk inderdi, sebäbi olar Haruna göle ýasatdyrypdylar. ‎




Chapter 33

1 Reb Musa: «Baryň, bu ýeri taşlap gidiň. Sen we Müsürden getiren halkyň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesillerine Meniň söz beren ýerime gidiň.
2 Men siziň öňüňizden perişde ibererin we kenganlary, amorlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn.
3 Süýt we bal akýan baý toprakly ýurda gidiň. Emma Men siziň bilen gitjek däl, ýogsam siziň boýnuýogyn halkdygyňyz üçin, Men sizi ýolda ýok edip taşlaryn» diýdi.
4 Halk bu ýakymsyz sözleri eşidip ýas tutdy, hiç kim şaý-sep dakynmady.
5 Çünki Reb Musa: «Ysraýyllara aýt, olar boýnuýogyn halk, Men ýekeje pursat hem olar bilen bile gitsem, olary ýok edip taşlaryn. Şonuň üçin hem indi olar şaý-seplerini dakynmasynlar. Men olara näme etmelisini çözeýin» diýdi.
6 Şol sebäpli ysraýyllar şaý-sep dakynmalaryny goýdular. Olar Horep dagyndan çykyp gaýtdylar.
7 Musa düşelgäniň daşynda, ondan uzagrakda çadyr dikdi, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyr diýip atlandyrdy. Kimde-kim Rebden maslahat soramak islese, şol çadyra baryp bilýärdi.
8 Musa her gezek çadyra tarap ýörän wagty, ähli halk ýerinden turup, dik durardy. Musa tä çadyryň içine girýänçä, olaryň hersi öz çadyrlarynyň girelgesinde, onuň yzyndan seredip durardylar.
9 Musa çadyra girende, bulut sütüni aşak düşüp, çadyryň girelgesinde durardy we Reb Musa bilen gepleşerdi.
10 Bulut sütüniniň çadyryň girelgesinde duranyny görende, tutuş halk çadyrlarynyň girelgesinde durup sežde ederdiler.
11 Reb Musa bilen edil iki dostuň biri-biri bilen gepleşişi ýaly, ýüzbe-ýüz gepleşerdi. Soňra Musa düşelgä gaýdyp gelerdi, emma onuň ýaş kömekçisi Nunuň ogly Ýeşuwa çadyrda galardy.
12 Musa Rebbe şeýle diýdi: «Ine, Sen maňa bu halky äkit diýdiň, ýöne meniň bilen kimi iberjekdigiňi aýan etmediň. Sen maňa: „Men seniň adyňy gowy tanaýaryn, sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň“ diýdiň.
13 Eger men dogrudan-da, Seniň göwnüňden turan bolsam, maňa Öz ýollaryňy görkez. Şonda men Seni gowy tanap, nazaryňda ýene-de merhemet taparyn. Ýatdan çykarma, bu millet Seniň Öz halkyňdyr».
14 Reb Musa: «Men seniň bilen giderin we saňa parahatçylyk bererin» diýdi.
15 Musa hem Oňa: «Eger Sen biziň bilen gitmeseň, onda bizi bu ýerden gitmeli etme.
16 Eger biziň bilen gitmeseň, onda meniň we halkyňyň Seniň öňüňde merhemet gazanandygy nädip bilinsin? Şonuň üçin hem meniň we halkyňyň Ýer ýüzündäki ähli halklardan aýratyndygymyzy görkez» diýdi.
17 Reb Musa: «Men seniň edil soran zadyňy ederin, sebäbi sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň we Men seniň adyňy gowy tanaýaryn» diýdi.
18 Musa: «Ýalbarýan, maňa şöhratyňy görkezäý» diýdi.
19 Reb oňa: «Men siziň öňüňizden ähli owadanlygym bilen geçerin we siziň öňüňizde Reb adymy jar ederin. Men islän adamyma merhemet, islän adamyma hem rehim-şepagat ederin.
20 Ýöne sen Meniň ýüzümi görmeli dälsiň, çünki Meni gören kişi diri galmaz» diýdi.
21 Reb sözüni dowam edip: «Ynha, Meniň gapdalymdaky şu gaýanyň üstünde dur.
22 Meniň şöhratym geçýänçä, Men seni gaýanyň jaýrygynda goýjak we Men geçýänçäm, seni elim bilen büräp duraryn.
23 Soňra Men elimi aýraryn welin, sen Meniň arkamy görüp bilersiň. Emma Meniň ýüzüm görülmeli däldir» diýdi. ‎




Chapter 34

1 Reb Musa: «Öňkä meňzeş edip, iki sany ýasy daş ýasa. Men olaryň ýüzüne şol seniň birinji döwen ýasy daşlaryň ýüzündäki sözleri ýazjak.
2 Säher bilen taýýar bol. Sinaý dagyna çykyp, dagyň depesinde Meniň huzurymda dur.
3 Seniň bilen hiç kim daga çykmasyn. Tutuş dagyň üstünde bir adam hem görünmesin. Dowarlaryňyzy, sygyrlaryňyzy hem dagyň eteginde bakmaň» diýdi.
4 Şeýdip, Musa öňkä meňzeş edip, ýene-de iki sany ýasy daş bölegini ýasady. Rebbiň buýruşy ýaly, ol säher bilen turup, Sinaý dagyna çykdy. Ol eline iki ýasy daş bölegini hem aldy.
5 Reb bulut içinde aşak inip, Musanyň ýanynda durdy we Reb adyny yglan etdi.
6 Reb Musanyň öňünden geçip, şuny jar etdi: «Men Rebdirin, Rebdirin, Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli, söýgä, wepadarlyga baý.
7 Müňlerçe nesillere baky söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, Olaryň çagalarynyň çagalaryna, Olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin».
8 Musa derrew kellesini aşak egip sežde etdi.
9 Ol: «Eý Taňry, eger men Seniň öňüňde merhemet gazanan bolsam, goý, onda Taňrym biziň bilen gitsin. Bu halk boýnuýogyn bolsa-da, biziň etmişimizi we günämizi bagyşla we bizi Öz mirasdaryň edip al» diýdi.
10 Reb Musa şeýle diýdi: «Indi Men siziň bilen äht baglaşjak. Seniň tutuş halkyňyň öňünde Men gudratlar görkezjek. Şeýle gudratlar tutuş ýer ýüzünde ýa-da hiç bir halkda görlüp-eşidilen däldir. Aralarynda ýaşaýan bu tutuş halkyň Men-Rebbiň edýän işini görerler, çünki Men siziň üçin gorkunç zatlar ederin».
11 «Meniň bu günki buýurýan buýruklarymy ýerine ýetir. Seret, Men siziň öňüňizden amorlary, kenganlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn.
12 Barýan ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmakdan ägä boluň, ýogsam ol äht sizi duzaga düşürer.
13 Siz olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, keramatly Aşera agajyny çapyň.
14 (Başga hudaýa sežde etmäň, sebäbi Gabanjaň atly Reb gabanjaň Hudaýdyr.)
15 Baran ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmaň, sebäbi olar öz hudaýlarynyň öňünde jyns gatnaşygyny ederler, olar öz hudaýlaryna sadaka beren wagty, olaryň arasyndan biri sizi çagyrsa, siz hem sadakada berlen nahardan iýersiňiz.
16 Siz ogullaryňyza olaryň gyzlaryndan aýal alyp berersiňiz. Öz hudaýlarynyň öňünde jyns gatnaşygyny edip ýören bu gyzlar siziň ogullaryňyza hem şeýle etdirerler».
17 «Oýma butlar ýasamaň.
18 Petir baýramyny belläň. Meniň size buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, sebäbi siz Müsürden Abyp aýynda çykdyňyz.
19 Ähli ilkinji doglan erkekler Meniňkidir. Siziň sygyrlaryňyzyň we dowarlaryňyzyň hem ilkinji erkek guzlanlary Meniňkidir.
20 Eşegiň ilkinji kürrelän erkek kürresini goýnuň ilkinji toklusy bilen çalşyp, yzyna satyn alyň. Eger çalyşmasaňyz, onda onuň boýnuny omruň. Ähli ilkinji doglan ogullaryňyzy hem çalşyp, yzyna satyn alyň. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.
21 Alty günläp siz işlärsiňiz, emma ýedinji gün dynç alyň. Hatda sürüm döwri bolsa-da, hasyl döwri bolsa-da dynç alyň.
22 Bugdaýyň ilkinji hasylyndan Gyzyl kerwen baýramyny belläň. Ýylyň ahyrynda hasyl toý beriň.
23 Ýylda üç gezek ähli erkekleriňiz Ysraýyl Hudaýy bolan Reb Hudaýyň huzuryna gelsin.
24 Çünki Men siziň öňüňizden başga milletleri kowup aýryp, serhetleriňizi giňelderin. Ýylda üç gezek Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna gelseňiz, hiç kim siziň ýeriňize göz dikip bilmez.
25 Maňa gurbanlyk üçin soýýan malyňyzyň ganyny hamyrmaýaly çörek bilen bermäň. Meniň baýramymyň şanyna gurban eden malyňyzyň ýagy ertire galmasyn.
26 Topragyňyzda ilkinji önen saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».
27 Reb Musa ýene-de: «Şu sözleri ýaz, çünki Men seniň bilen we Ysraýyl bilen şu sözleriň esasynda äht baglaşdym» diýdi.
28 Musa ol ýerde Reb bilen kyrk gije-gündizläp boldy. Ol ne çörek iýdi, ne-de suw içdi. Ol Äht sözleri bolan bu on tabşyrygy ýasy daşlaryň ýüzüne ýazdy.
29 Musa eline Äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, Sinaý dagyndan aşak düşdi. Ol dagdan aşak inip gelýärkä, Hudaý bilen gepleşendigi üçin, onuň ýüzi nur saçýardy. Mundan onuň özi hem bihabardy.
30 Harun we ähli ysraýyllar Musanyň ýüzüniň nur saçýandygyny görenlerinde, olar onuň ýakynyna gelmäge gorkdular.
31 Emma Musa olary öz ýanyna çagyrdy. Harun we halkyň ähli ýolbaşçylary onuň ýanyna geldiler. Musa olar bilen gepleşdi.
32 Mundan soň ähli ysraýyllar onuň töweregine üýşdüler. Musa Sinaý dagynda Rebbiň özüne beren ähli tabşyryklaryny olara tabşyrdy.
33 Musa olar bilen gepleşip bolandan soňra ýapynja bilen öz ýüzüni örtdi.
34 Emma Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Onuň huzuryna çatma giren wagty, tä daşary çykýança, ýapynjasyny aýrardy. Ol daşary çykyp, Rebbiň näme buýrandygyny ysraýyllara aýdan wagty,
35 olar Musanyň ýüzüni görüp bilýärdiler. Onuň ýüzi nur saçýardy. Soňra Musa Reb bilen gepleşmäge girýän wagtyna çenli, ýene-de ýapynja bilen ýüzüni örterdi. ‎




Chapter 35

1 Musa ähli ysraýyl halkyny ýygnap, olara Rebbiň ýerine ýetirmegi buýran zatlaryny aýtdy:
2 «Alty günüň dowamynda ähli işiňizi ediň, emma ýedinji gün Reb üçin mukaddes bolan Sabat güni dynç alyň. Kimde-kim şol gün ýekeje iş etse hem ölüme höküm ediler.
3 Sabat güni ýaşaýan ýeriňiziň hiç bir ýerinde ot ýakmaň».
4 Musa tutuş ysraýyl halkyna şeýle diýdi: «Ine, size Rebbiň buýrugy:
5 Öz araňyzdan Rebbe sadaka ýygnaň. Her kim göwnünden çykaran bolsa, şu zatlary Rebbe sadaka bersin: altyn, kümüş we bürünç;
6 gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi;
7 goçuň eýlenen derisi, saýlama deri, akasiýa agajy;
8 çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar;
9 efota we gursakça dakmak üçin hakyk we başga gymmatbaha gaşlar.
10 Araňyzdaky hemme ukyply senetçiler gelip, Rebbiň buýran ähli şu zatlaryny ýasasynlar: mukaddes çadyr,
11 onuň daşky örtügi we ýapynjasy, ildirgiçleri, çarçuwalary, taýaklary, sütünleri we aýaklary;
12 sandyk we onuň syryklary, gapagy, tutusy;
13 hantagta we onuň syryklary, ähli enjamlary we Rebbe hödür çöregi;
14 yşyk üçin şemdan, onuň enjamlary we çyralary, çyra üçin ýag;
15 tütetgi sypasy, onuň syryklary, mesh ýagy we hoşboý ysly zatlar, mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja;
16 ýakma gurbanlyk sypasy we onuň bürünçden gözenegi, syryklary, ähli enjamlary, legeni we onuň sütüni;
17 haýatyň perdeleri, onuň sütünleri, aýaklary, haýatyň derwezesi üçin ýapynja;
18 Mukaddes çadyryň we haýatyň gazyklary, olaryň zynjyrlary;
19 Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin, owadan tikilen mukaddes lybaslary; ruhany Harunyň we onuň ogullarynyň ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin olaryň ýörite geýimleri».
20 Soňra ähli ysraýyl halky Musanyň huzuryndan dagaşdylar.
21 Her kim ýüreginden besläp, göwnünden çykaranyny Rebbe ýüz tutulýan çadyr üçin, onuň hyzmaty üçin we mukaddes lybaslar üçin Rebbe sadaka getirdiler.
22 Şeýlelikde, erkekler hem, aýallar hem birlikde geldiler. Olaryň hemmesi öz göwnünden çykaran bileziklerini, gulakhalkalaryny we möhür basylan ýüzükler, gülýakalar getirdiler. Olaryň hemmesi altyndan ýasalandy. Hemmeler altyndan ýasalan zatlaryny Rebbe sadaka bermek üçin getirdiler.
23 Her kim özünde bar bolan gök, badam, gyrmyzy ýüplügini, nepis zygyr matasyny, geçi ýüňüni, goçuň eýlenen derisini we saýlama deri getirdi.
24 Her kim kümüşden ýa-da bürünçden edilen zadyny Rebbe sadaka getirdi. Şeýle hem, her kim her bir işde ulanyp boljak akasiýa agajyny getirdi.
25 Ähli ukyply çeper elli aýallar gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan öz elleri bilen ören zatlaryny getirdiler.
26 Ýüreklerine salnan ähli başarjaň aýallar geçiniň ýüňünden hem ýüplük ördüler.
27 Ýolbaşçylar efotyň we gursakçanyň gaşlaryny öýjüklerine oturtmak üçin hakyk we başga-da gymmatbaha gaşlar getirdiler.
28 Çyra üçin we mesh üçin, ýakymly ysly tütetgi üçin ýag we ýakymly ysly zatlar getirdiler.
29 Ähli ysraýyl erkekleri we aýallary Rebbiň Musa buýran işi üçin göwnünden çykaran zatlaryny getirdiler. Olar muny Rebbe meýletin sadaka hökmünde getirdiler.
30 Soňra Musa ysraýyllara şeýle diýdi: «Ynha, Reb ýahuda tiresinden Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleli saýlady.
31 Ol ony Öz ruhy bilen dolduryp, oňa dürli hili senetçilik işlerinde ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdi.
32 Ol ökde nakgaş bolup, altyna, kümşe we bürünje dürli nagyşlar saldy.
33 Daşlary oýmakda, agaç ýonmakda, her hili ussaçylyk işinde oňa ukyp berdi.
34 Şeýle hem Reb Besalele we dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaba başga adamlara öwretmek ylhamyny hem berdi.
35 Reb olara dürli hili senetçilik işlerinde ukyp berdi: ussaçylyk ýa-da nakgaşçylyk, ýa-da gök, badam, gyrmyzy ýüplük bilen we nepis zygyr sapak bilen keşde çekmeklik, ýa-da dokmaçylyk berildi. Olaryň hemmesi ökde ussalar we nakgaşlardyr». ‎




Chapter 36

1 Mukaddes öýüň gurluşynyň her bir işini nähili ýerine ýetirmelisini biler ýaly, Reb Besalele, Oholyýaba we başga-da her bir ökde ussalara ukyp hem akyl-paýhas berdi. Olar ähli işi Rebbiň buýrugy boýunça ýerine ýetirmelidiler
2 Soňra Musa Besaleli, Oholyýaby we başga-da Rebbiň ukyp beren ähli ökde ussalaryny ýygnady. Reb bu işi ýerine ýetirmegi olaryň ýüreklerine saldy.
3 Olar mukaddes öýi gurmak üçin, ysraýyllaryň getiren ähli meýletin sadakalaryny Musadan aldylar. Ysraýyllar entek hem her gün irden Musa meýletin sadakalaryny getirýärdiler.
4 Şeýlelikde, mukaddes öýüň her dürli işini ýerine ýetirýän hemme ökde senetçiler geldiler. Her kimiň etmeli işi bellenildi.
5 Olar Musa: «Rebbiň bize buýran işini etmekde, halk zatlary gereginden artyk getirýär» diýdiler.
6 Şonuň üçin hem Musa düşelgäniň içine şeýle buýruk bilen: «Mundan beýläk bir erkek ýa-da aýal mukaddes öý üçin sadaka edip, hiç hili zat getirmesin» diýip jar çekdirdi. Şeýdip, halk sadaka getirmesini kesdi.
7 Çünki olaryň getiren zatlary eýýäm ähli işi ýerine ýetirmek üçin gereginden hem artykdy.
8 Ukyply ökde ussalar on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasadylar. Olar perdeleri nepis zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edip, olaryň ýüzüne kerubyň şekilini owadanlap çekdiler.
9 Her perdäniň uzynlygy ýigrimi sekiz tirsek, ini dört tirsek bolup, ähli perdeleriň ölçegi bir meňzeşdi.
10 Olar bäş perdäni bir aýry, beýleki bäş perdäni hem bir aýry edip çatdylar.
11 Birinji bäş perdäniň iň soňkusynyň ujuna gök halka ýasadylar, ikinji bäş perdäniň iň soňkusyna-da şeýle etdiler.
12 Birinji toplumyň perdeleriniň iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasadylar. Ikinji toplumyň soňkusyna-da elli halka ýasadylar. Halkalar biri-biriniň garşysynda ýerleşendi.
13 Altyndan elli sany ildirgiç ýasap, perdeleri ildirgiç bilen biri-birine berkitdiler. Şeýdip, çadyr tutuş bir bitewi boldy.
14 Şeýle hem, geçiniň ýüňünden edilen on bir perdeden ybarat mukaddes çadyryň daşky örtügini ýasadylar.
15 Her perdäniň uzynlygy otuz tirsek, ini dört tirsek bolup, on bir perdäniň-de ölçegini bir meňzeş etdiler.
16 Perdeleriň bäşisini bir aýry çatyp, galan altysyny hem bir aýry çatdylar.
17 Birinji toplumyň ortasyndan iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasadylar, ikinji toplumyňka hem şeýle etdiler.
18 Soňra bürünçden elli sany ildirgiç ýasap, olary halkadan geçirip, çadyry birleşdirdiler. Şonda çadyr tutuş bir bitewi boldy.
19 Çadyr üçin goçuň eýlenen derisinden ýapynja ýasaldy we onuň üstüni örtmäge saýlama deriden ýene bir ýapynja ýasadylar.
20 Mukaddes çadyr üçin akasiýa agajyndan dikligine çarçuwalar ýasadylar.
21 Her çarçuwanyň uzynlygy on tirsek, ini bir ýarym tirsek boldy.
22 Çarçuwalary biri-biri bilen sepleşdirip durar ýaly, her çarçuwada iki sany gazyk dikdiler. Çadyryň ähli çarçuwalary üçin şeýle edildi.
23 Mukaddes çadyryň çarçuwalaryny şeýle ýasadylar: onuň günorta tarapy üçin ýigrimi sany çarçuwa ýasaldy.
24 Ýigrimi çarçuwanyň aşagyndan kyrk sany kümüşden aýak ýasadylar. Her çarçuwanyň aşagyndan onuň gazygy üçin iki sany aýak ýasaldy.
25 Çadyryň ikinji tarapy bolan demirgazyk tarapy üçin hem ýigrimi çarçuwa ýasaldy.
26 Olara hem her çarçuwa ikiden, jemi kyrk sany kümüşden aýak ýasadylar. Her çarçuwanyň aşagyndan iki aýak ýasadylar.
27 Çadyryň arka tarapy bolan günbatar tarapy üçin, alty çarçuwa ýasaldy.
28 Çadyryň arka tarapyndaky burçlar üçin iki çarçuwa ýasaldy.
29 Olar aşakdan we ýokardan şol bir halka birleşdirlendi. Olaryň ikisi-de şeýle edilip, olar iki burçy emele getirdiler.
30 Şeýdip, sekiz sany çarçuwa bolup, her çarçuwanyň aşagyndan iki aýak ýasalyp, jemi on alty sany kümüşden aýak ýasadylar.
31 Mukaddes çadyryň bir tarapyndaky çarçuwalar üçin akasiýa agajyndan bäş sany taýak ýasadylar.
32 Çadyryň beýleki tarapyndaky çarçuwalar üçin bäşisini we arka tarapy bolan günbataryndaky çarçuwalar üçin bäşisini ýasadylar.
33 Çarçuwalaryň ortasyndan geçýän taýagyny çadyryň bir ujundan beýleki ujuna çenli geçirdiler.
34 Çarçuwalary altyna gaplap, taýaklary saklar ýaly, altyndan halkalar ýasadylar. Taýaklar hem altyna gaplandy.
35 Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan edilen tuty ýasadylar. Onuň ýüzüne owadan edip, kerubyň şekilini nagyşlap çekdiler.
36 Perdäni asmak üçin, akasiýa agajyndan dört sany sütün ýasaldy. Olary altyn bilen gaplap, olara altyndan ildirgiçler we kümüşden dört sany aýak ýasadylar.
37 Şeýle hem, olar çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan perde ýasadylar. Ony keşde bilen nagyşladylar.
38 Bu perde üçin akasiýa agajyndan bäş sany sütün dikip, onuň ýokarky örtüklerini we sütünlerini altyna gapladylar. Olaryň ildirgiçlerini hem altyndan edip, olara bürünçden bäş sany aýak ýasadylar. ‎




Chapter 37

1 Besalel akasiýa agajyndan sandyk ýasady. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini we beýikligi bir ýarym tirsek boldy.
2 Onuň içini-de, daşyny-da sap altyna gaplady we onuň daş-töweregine altyndan jähek saldy.
3 Sandyk üçin dört sany altyn halka ýasady we olary dört aýagyna: ikisini bir tarapyndaky aýaklaryna, beýleki ikisini beýleki tarapyndaky aýaklaryna dakdy.
4 Ol akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplady.
5 Sandygy göterip äkider ýaly, syryklary onuň gapdallaryndaky halkalardan geçirdi.
6 Soňra ol sap altyndan gapak ýasady. Onuň uzynlygyny iki ýarym tirsek, inini bolsa bir ýarym tirsek etdi.
7 Gapagyň her iki ýan çetinde döwme sap altyndan iki sany kerup ýasady.
8 Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirdi. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, olary gapak bilen bir bitewi edip berkitdi.
9 Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp durdular. Olaryň ýüzleri biri-birine bakyp, göni gapaga tarap seredip durdular.
10 Şeýle hem ol akasiýa agajyndan hantagta ýasady. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek boldy.
11 Ony sap altyna gaplap, daş-töweregine altyndan jähek saldy.
12 Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdi we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldy.
13 Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasady. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitdi.
14 Hantagtany göterip äkider ýaly, halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirdi.
15 Besalel akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplady.
16 Hantagtada goýar ýaly sap altyndan şu gap-gaçlary ýasady: ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, içgi sadakasy üçin şakäseler we küýzeler ýasady.
17 Besalel sap altyndan şemdan ýasady. Şemdanyň esasyny we şahasyny hünärmentçilik ýoly bilen döwme sap altyndan ýasap, onuň gülkäsesini, gülgunçasyny we gülýapragyny özi bilen bir bitewi etdi.
18 Şemdanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, jemi onuň alty şahasy boldy.
19 Her şahanyň ujunda badamyň güli şekilinde gülkäse ýasap, onuň gülgunçasy bilen gülýapragyny hem ýasady. Beýleki şahalarda hem hut şeýdip, alty şahanyň altysyny-da birmeňzeş edip ýasady.
20 Şemdanyň ortasyndaky şahada badam gülüne meňzeş dört sany gülkäse bolup, olar hem gülgunçasy bilen we gülýapragy bilen ýasaldy.
21 Her jübütiň astynda bir gunça çykyp, hemmesi bilelikde jemi alty şahany emele getirýärdi.
22 Şemdanyň gunçalaryny we şahalaryny bir bitewi edip ýasap, onuň tutuş özüni döwme sap altyndan ýasady.
23 Şemdana ýedi çyra dakdy. Onuň müçenegini we nowasyny sap altyndan ýasady.
24 Şemdany we oňa degişli ähli enjamlary bir ýarym batman bolan sap altyndan ýasady.
25 Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasady. Onuň uzynlygy bir tirsek, ini hem bir tirsek bolup, ol dörtburç boldy. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlaryny özi bilen bile bitewi edip ýasady.
26 Onuň depesini, ähli taraplaryny we burçlaryny sap altyna gaplady. Onuň daş-töweregine altyndan jähek çekdi.
27 Onuň üçin altyndan iki sany halka ýasady we olary jähegiň aşagyndan biri-birine garşy edip, iki tarapyna dakdy. Sypany göterip gider ýaly, ol halkalardan syryklar geçirdi.
28 Syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary altyna gaplady.
29 Ol atyr ýasaýjynyň garylmagy bilen mukaddes mesh ýagyny we ýakymly ysly tütetgi hem taýýarlady. ‎




Chapter 38

1 Besalel akasiýa agajyndan ýakma gurbanlyk sypasyny ýasady. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş tirsek bolup, ol dörtburçdy we onuň beýikligi hem üç tirsek boldy.
2 Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp durandy. Besalel olary gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi edip, ony tutuşlygyna bürünje gaplady.
3 Ol gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny: kül gaplary, kül atarlary, legenleri, çarşaklary we maňňallary ýasady. Olaryň hemmesini bürünçden ýasady.
4 Gurbanlyk sypasy üçin bürünçden torly gözenek ýasady. Ony gurbanlyk sypasynyň aşaky gurşawynda ýerleşdirdi.
5 Torly gözenegiň dört burçunyň hersine syryklary saklar ýaly halka ýasady.
6 Ol syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary bürünç bilen gaplady.
7 Gurbanlyk sypasyny iki tarapyndan göterip äkider ýaly, syryklary halkalardan geçirdi. Onuň daşyny tagtalardan ýasap, gutusynyň içini boş goýdy.
8 Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde hyzmat edýän aýallaryň ýüz görülýän aýnasyndan Besalel bürünçden legen ýasady we onuň durýan aýagyny hem bürünçden etdi.
9 Besalel mukaddes çadyryň haýatyny gurdy. Haýatyň günorta tarapynda ýüz tirsek uzynlykda nepis zygyr matadan perdeler asdy.
10 Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany aýak bejerdi. Olary tutuş bürünçden ýasady, emma onuň ildirgiçlerini we jäheklerini kümüşden etdi.
11 Demirgazyk tarapy üçin hem şeýle etdi. Onuň boýuna ýüz tirsek uzynlykda perdeler tutdy. Perdeler üçin bürünçden ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany aýak ýasady, emma onuň ildirgiçlerini we jäheklerini kümüşden ýasady.
12 Haýatyň günbatar tarapy üçin elli tirsek uzynlykda perdeler tutdy we perdeler üçin on sany sütün we on sany aýak ýasady. Sütünleriň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden edilendi.
13 Haýatyň öň tarapy bolan gündogar tarapynyň giňligi elli tirsek boldy.
14 Onuň bir tarapyna uzynlygy on bäş tirsek bolan perdeler tutdy. Olaryň hem üç sütüni we üç aýagy bardy.
15 Beýleki tarapyna hem on bäş tirsek uzynlykda perdeler tutdy, onuň-da üç sütüni we üç aýagy bardy.
16 Haýatyň daş-töweregindäki ähli perdeler nepis zygyr matadan edilendi.
17 Sütünler üçin aýaklar bürünçden edilendi, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşdendi, onuň ýokarsynyň örtükleri hem kümüşdendi. Haýatyň ähli sütünleri kümüş bilen jäheklenendi.
18 Haýatyň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan keşde bilen nagyşlanan ýapynja tikdiler. Onuň uzynlygy ýigrimi tirsek, beýikligi bäş tirsek bolup, ini hem edil haýatyň tutulary ýalydy.
19 Ýapynjanyň bürünçden dört sany sütüni bilen dört sany aýagy bardy. Onuň ildirgiçleri, ýokarsynyň örtükleri we halkalary kümüşdendi.
20 Mukaddes çadyryň we onuň haýatynyň ähli gazyklary bürünçdendi.
21 Ynha, mukaddes çadyryň, ýagny mukaddes äht çadyrynyň gurluşynyň beýany: Bu Musanyň buýrugy esasynda işlenip, ruhany Harunyň ogly Ytamaryň görkezmesi boýunça lewileriň ýerine ýetiren işidi.
22 Rebbiň Musa buýran ähli zatlaryny ýahuda tiresinden Huruň ogly, Urynyň agtygy Besalel ýasady.
23 Onuň ýanynda dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýap hem bardy. Ol zergärdi we ussady, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen mata we nepis zygyr mata keşde çekýänçidi.
24 Mukaddes öýüň ähli gurluşyk işine ulanmak üçin, sadaka edip getirilen altynyň jemi kyrk dokuz batman we ýarym put boldy. Ol mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi.
25 Ilat sanawynda hasaba alnan halkdan ýygnalan kümşüň möçberi ýüz ýetmiş batman we ýarym çuwal boldy. Ol hem mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi.
26 Ilat sanawyna alnan her bir adama, ýigrimi we ondan ýokary ýaşly adamlardan başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen bir mysgaldan düşýärdi. Ol ýerde jemi alty ýüz müň bäş ýüz elli erkek adam bardy.
27 Mukaddes öýüň sütüni üçin we tutynyň sütüni üçin ýüz ýetmiş batman kümüş ulanyldy. Ýüz sütün üçin ýüz ýetmiş batman kümüş, bir sütün üçin bir ýarym batman kümüş ulanyldy.
28 Besalel sütünleriň ildirgiçleri üçin, onuň ýokarky örtükleri we jähekleri üçin bir batman ulandy.
29 Sadaka üçin getirilen bürünjiň möçberi jemi ýüz ýigrimi batman boldy.
30 Mundan ol Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesi üçin aýaklar ýasady, bürünç gurbanlyk sypasyny we onuň üçin bürünçden gözenek, gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny,
31 şeýle hem, haýatyň ähli sütünlerini, onuň derwezesiniň sütünlerini, mukaddes çadyryň we haýatyň ähli gazyklaryny ýasady. ‎




Chapter 39

1 Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden owadan nagyşlanan geýimler tikdiler. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, olar Harun üçin mukaddes lybaslary tikdiler.
2 Besalel efoty altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan matadan tikdi.
3 Altyn böleklerini owradyp, sapak ýaly inçe kesip, ony gök, badam, gyrmyzy ýüplügiň we nepis zygyr sapagyň arasyna ussatlyk bilen goşdular.
4 Her iki ujuny biri-birine baglaýan iki sany egin bagyny ýasap, ony hem berkitdiler.
5 Rebbiň Musa buýruşy ýaly, onuň ýüzündäki nagyşly kemeri hem edil efotyň tikilişi ýaly altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikdiler.
6 Hakyk daşlar taýýarlanyp, oňa nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny oýup ýazyp, olary hem altyn gaş öýjüklere oturtdylar.
7 Rebbiň Musa buýruşy ýaly, Ysraýylyň ogullaryna ýatlama daşlary bolmagy üçin bulary efotyň egin bagyna dakdy.
8 Inçe nagyşlar bilen gursakça tikdi. Ony efotyň tikilişi ýaly edip, altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikdi.
9 Gursakçany iki gat edip, inini boýnuny bir garyş edip, ony dörtburç şekilinde etdi.
10 Gursakçanyň ýüzüne dört hatar gaş: birinji hatara goýy gyzyl, sary, zümerret gaşlary;
11 ikinji hatara pöwrize, gök ýakut, almaz;
12 üçünji hatara mämişi, ak we goňur ýakut, goýy gyrmyzy ýakut;
13 dördünji hatara altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlary dakdy. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylandy.
14 Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna laýyklykda gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly edilip, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylandy.
15 Gursakça üçin sap altyndan örme zynjyrlar ýasaldy.
16 Gursakça dakmak üçin, altyndan iki sany gaş öýjügi we iki sany altyn halka ýasap, olary gursakçanyň ýokarky iki ujuna ildirdi.
17 Örme iki altyn zynjyry gursakçanyň ujundaky iki halkadan geçirdi.
18 Zynjyrlaryň beýleki iki ujuny altyn gaş öýjüklere, efotyň öň tarapyndaky egin baglaryna berkitdi.
19 Altyndan ýene iki sany halka ýasap, olary gursakçanyň iç ýüzündäki iki ujuna, efotyň iç gatyna dakdy.
20 Altyndan ýene-de iki sany halka ýasap, olary efotyň öň tarapyndaky egin bagynyň aşaky bölegine berkitdi. Olar efotyň nagyşly kemeriniň ýokarsynda ýerleşendi.
21 Rebbiň Musa buýruşy ýaly, gursakçanyň efotdan sallanyp gaçmazlygy üçin, onuň halkalary gök ýüp bilen efotyň halkalaryna daňlandy. Şonda gursakça efotyň nagyşly kemeriniň ýüzünde durdy.
22 Besalel efotyň aşagyndan geýilýän dony gök matadan tikdi.
23 Onuň ortasyndan kelle girip-çykar ýaly açyk ýer goýdy. Bu açyk ýer ýyrtylmaz ýaly, oňa gyýa aýlady.
24 Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden nar şekillerini ýasap, olary donuň aşaky etegine dakdy.
25 Sap altyndan jaňjagazlar ýasap, olary narlaryň arasyndan donuň tutuş aşaky etegine dakdy.
26 Rebbiň Musa buýruşy ýaly, bir nar bilen altyn jaňjagaz, olar hyzmat edende geýmek üçin tikilen donuň tutuş aşaky etegine dakyldy.
27 Olar Harun we onuň ogullary üçin nepis zygyr matadan uzyn köýnekler hem tikdiler
28 Şeýle hem, nepis zygyr matadan selle, başdaňy we ýüplükden içki geýimler tikdiler.
29 Bilguşagy gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan edilip, nagyşlar bilen keşdelendi. Bu Rebbiň Musa buýruşy ýaly edildi.
30 Sap altyndan bezeg şaýyny ýasady. Oýup möhür basylan dek, onuň ýüzüne Rebbe bagyş edilen diýen sözleri oýup ýazdy.
31 Rebbiň Musa buýruşy ýaly, muny gök sapak bilen selläniň öň tarapyna çatdy.
32 Şeýlelik bilen, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň ähli işi tamamlandy. Ysraýyllar ähli zatlary edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýasadylar.
33 Soňra olar mukaddes çadyry Musanyň ýanyna getirdiler, şeýle hem: çadyr we onuň ähli esbaplary, onuň ildirgiçleri, çarçuwalary, taýaklary sütünleri we aýaklary;
34 goçuň eýlenen derisinden we saýlama deriden ýapynja, tuty;
35 Äht sandygy we onuň syryklary, gapagy,
36 hantagta, onuň ähli enjamlary, Rebbe hödür çöregi;
37 yşyk üçin sap şemdan, onuň ähli enjamlary we çyralary, çyra üçin ýag;
38 altyndan tütetgi sypasy, mesh ýagy we hoşboý ysly zatlar, mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja;
39 bürünç gurbanlyk sypasy, onuň bürünçden gözenegi, onuň syryklary we ähli enjamlary, legeni we onuň sütüni;
40 haýatyň perdeleri, sütünleri we aýaklary, onuň derwezesi üçin ýapynja, onuň halkalary we gazyklary. Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň hyzmaty üçin ähli esbaplar.
41 Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin, owadan tikilen mukaddes lybaslary. Ruhany Harunyň we onuň ogullarynyň ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin ýörite geýimleri getirildi.
42 Ysraýyllar ähli işi edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýerine ýetirdiler.
43 Musa ähli işiň edil Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirlendigini görende, ysraýyllara alkyş aýtdy. ‎




Chapter 40

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Birinji aýyň birinji güni Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry gur.
3 Äht sandygyny getirip, onuň içinde goý we onuň öňünden tuty tut.
4 Hantagtany getirip, onuň enjamlaryny oturt. Şemdany getirip, onuň çyralaryny ýak.
5 Tütetgi üçin altyndan edilen sypany Äht sandygynyň öňünde goý. Mukaddes çadyryň girelgesine ýapynja tut.
6 Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde ýakma gurbanlyk sypasyny gur.
7 Çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda legen goýup, oňa suw guý.
8 Tutuş daş-töwerege haýat gur we haýatyň derwezesine ýapynja tut.
9 Soňra mukaddes ýagyny alyp, mukaddes çadyry we onuň ähli zatlaryny ýag guý. Ony we onuň ähli esbaplaryny mukaddes et, şonda ol mukaddes bolar.
10 Ýakma gurbanlygynyň sypasynyň üstüne we onuň ähli enjamlarynyň üstüne hem ýag sepele. Şeýdip, gurbanlyk sypasyny mukaddes edip, ol iň mukaddes bolar.
11 Legeni we onuň durýan aýagynyň üstüne ýag sepeläp mukaddes et.
12 Soňra Haruny we onuň ogullaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getirip, olary suw bilen ýuw.
13 Haruna ruhany geýimlerini geýdir we onuň başyna ýag çalyp, Maňa bagyş et, şonda ol Maňa ruhany bolup hyzmat edip biler.
14 Onuň ogullaryny hem getirip, olara uzyn köýnekleri geýdir.
15 Atasyny bagyş edişiň ýaly, ogullaryny hem başyna ýag çalyp bagyş et, şonda olar Maňa ruhany bolup hyzmat edip bilerler: bu ruhanyçylyk olar üçin nesilme-nesil ebedilik bolar».
16 Musa ähli zady edil Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi.
17 Ikinji ýylyň birinji aýynyň birinji güni mukaddes çadyr guruldy.
18 Musa mukaddes çadyry şeýle gurdy: onuň aýaklaryny, çarçuwalaryny oturtdy, syryklaryny dakdy we sütünlerini dikdi.
19 Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly edip, mukaddes çadyryň daşky örtügini we ýapynjasyny tutdy.
20 Ol Äht ýazgysyny alyp, sandygyň içinde goýdy we sandygyň syryklaryny dakyp, onuň üstüniň gapagyny ýapdy.
21 Musa Rebbiň buýruşy ýaly, Äht sandygyny mukaddes çadyra getirip goýdy. Onuň öňünden tuty asyp, ony aýratyn goýdy.
22 Ol hantagtany tutynyň daşynda, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň demirgazygynda goýdy.
23 Musa Rebbiň buýruşy ýaly edip, ol hödür çöregini hantagtanyň üstünde goýup, Rebbiň huzuryna getirdi.
24 Şemdany Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň günorta tarapyna getirip, hantagtanyň garşysynda goýdy.
25 Rebbiň özüne buýruşy ýaly, Musa Rebbiň huzurynda çyralary ýakdy.
26 Altyndan edilen sypany getirip, Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, tutynyň öňünde goýdy.
27 Musa Rebbiň buýruşy ýaly, onuň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýakdy.
28 Ol mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja hem tutdy.
29 Ol Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň girelgesinde ýakma gurbanlyk sypasyny goýdy. Rebbiň buýruşy ýaly, onuň üstünde ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny berdi.
30 Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda legeni goýdy we ýuwunmak üçin onuň içine suw guýdy.
31 Musa, Harun we onuň ogullary şol suw bilen ellerini we aýaklaryny ýuwdular.
32 Olar Rebbe ýüz tutulýan çadyra girenlerinde we gurbanlyk sypasynyň ýanyna gelenlerinde, Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýuwundylar.
33 Mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daş-töweregine haýat gurdy we haýatyň derwezesine ýapynja tutdy. Şeýdip, Musa ähli işi tamamlady.
34 Soňra Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy.
35 Musa Rebbe ýüz tutulýan çadyra girip bilmedi, sebäbi ony bulut örtüp, mukaddes çadyry Rebbiň şöhraty doldurypdy.
36 Her gezek bulut mukaddes çadyrdan aýrylyp süýşende, ysraýyllar hem öz ýollaryny dowam etdirerdiler.
37 Emma bulut ol ýerden aýrylmasa, tä bulut süýşýänçä, olar hem göçmän oturardylar.
38 Her gezek tutuş ysraýyl halky ýöriş edende, Reb olar üçin gündizine bulut, gijesine ot sütüni bolup, mukaddes çadyryň depesinde durýardy. ‎