Lewiler kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27

Chapter 1

1 Reb Özüne ýüz tutulýan çadyrdan Musany çagyryp, oňa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna aýt, Rebbe mal gurbanlyk bermek isleýänler, goý, gara mallardan ýa-da dowarlardan bersinler.
3 Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň.
4 Ýakma gurbanlyk berýän malyň eýesi, onuň kellesine elini goýsun we Hudaý ol maly sizi günäleriňizden saplaýan gurbanlyk hökmünde kabul eder.
5 Soňra öküzçäniň eýesi Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa onuň ganyny Rebbe hödür edip, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.
6 Soňra gurbanlyk malynyň eýesi, ony deriden çykaryp, böleklesin.
7 Ruhany Harunyň ogullary gurbanlyk sypasynyň üstünde odun örüp, ot ýaksynlar.
8 Soňra Harunyň ogullary – ruhanylar, böleklenen eti, malyň kellesidir içýagy bilen bilelikde, gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otda goýsunlar.
9 Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.
10 Dowarlardan alnan janly ýakma gurbanlyk berilýän bolsa, onda bu gurbanlyk janlysy hiç bir şikessiz goç ýa-da erkeç bolsun.
11 Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň damagyny gurbanlyk sypasynyň demirgazyk tarapynda, Rebbiň huzurynda çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa, gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.
12 Soňra malyň eýesi gurbanlyk janlysyny böleklesin. Ruhany bolsa, ol bölekleri janlynyň kellesidir içýagy bilen bilelikde gurbanlyk sypasynda ýanyp duran otda goýsun.
13 Gurbanlyk janlysynyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Onsoň ruhany bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy, Oňa ýakymlydyr.
14 Eger Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde guş hödürlenilýän bolsa, onda siziň gurbanlyk guşuňyz gumry ýa-da kepderi bolsun.
15 Ruhany gurbanlyk guşunyň boýnuny ýolup, onuň kellesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň gapdalyna sykyp akdyrsyn.
16 Ruhany guşuň petekesini içindäki zatlary bilen bile alyp, gurbanlyk sypasynyň gündogar tarapyna, kül atylýan ýere taşlasyn.
17 Soňra ruhany guşuň ganatlaryndan tutup, ony ikä bölsün, ýöne bölekleri biri-birinden doly bölüp aýyrmasyn. Onsoň ol guşy gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy, Oňa ýakymlydyr. ‎




Chapter 2

1 Kimde-kim Rebbe galla sadakasyny bermekçi bolsa, ol sadaka saýlama bugdaý unundan berilsin. Sadaka berýän, unuň üstüne zeýtun ýagyny guýup, ýakymly ysly tütetgini onuň üstünde goýsun.
2 Onsoň galla sadakasy Harunyň ogullaryna – ruhanylara getirilip berilsin. Ruhany zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý unundan bir goşawujyny, ýakymly ysly tütetginiň baryny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen bu sadaka paýynyň ysy, Oňa ýakymlydyr.
3 Galla sadakasynyň galany Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka örän mukaddes sadakadyr.
4 Eger siz tamdyrda ýapylan petiri sadaka bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan bişirilen, zeýtun ýagyna ýugrulan, hamyrmaýasyz külçeler ýa-da ojakda bişirilen, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler bolsun.
5 Eger tabada bişirilen galla sadakasyny bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan, zeýtun ýagyna ýugrulyp bişirilen petir bolsun.
6 Sadaka berýän petiri dograp, üstüne zeýtun ýagyny guýsun – bu galla sadakasydyr.
7 Eger siziň berýän galla sadakaňyz saçda bişirilen petir çörek bolsa, onda ol saýlama bugdaý unundan edilen hem-de zeýtun ýagyna ýugrulan bolsun.
8 Rebbe şeýle bişirilen galla sadakasyny hödür ediň. Çörek ruhana getirilip berlenden soň, ol ony gurbanlyk sypasynyň ýanyna alyp barsyn.
9 Ruhany Rebbiň ýoluna berilýän bu sadaka paýyny galla sadakasyndan bölüp aýryp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr.
10 Galla sadakasynyň galan bölegi, Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka paýy örän mukaddesdir.
11 Rebbe sadaka berjek çöregiňiz hiç wagt hamyrmaýaly bolmasyn. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka hamyrmaýaly bolmaly däldir ýa-da bal goşulmaly däldir
12 Siz bu zatlary Rebbe ekiniňiziň ilkinji hasyl sadakasy hökmünde berip bilersiňiz. Emma olar gurbanlyk sypasynda ýakymly ys çykarmak üçin ýakylmasyn.
13 Siz berýän galla sadakalaryňyza duz sepiň. Çünki duz Hudaýyňyz bilen baglaşan ähtiňiziň nyşanydyr. Berýän sadakalaryňyzyň hemmesine duz sepiň.
14 Eger siz ekiniňiziň ilkinji hasylyny Rebbe galla sadakasy hökmünde hödür etmekçi bolsaňyz, ol döwlen täze bugdaý sümmülinden alnan we otda gowrulan bolsun.
15 Oňa zeýtun ýagyny goşup, ýakymly ysly tütetgini-de onuň üstüne goýuň. Bu galla sadakasydyr.
16 Onsoň ruhany döwlen bugdaýyň belli bir mukdaryny we ýakymly ysly tütetgili zeýtun ýagyny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen sadaka paýydyr. ‎




Chapter 3

1 Berýän sadakaňyz salamatlyk gurbanlygy bolup, siz uly mal öldürmekçi bolsaňyz, onuň öküz ýa sygyrdygynyň parhy ýok, ol şikessiz mal bolmalydyr.
2 Malyň eýesi gurbanlyk malynyň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar gurbanlygyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.
3 Siz salamatlyk gurbanlygyndan bar içýaglary hem-de garyn içegeleriň daşyndaky bar ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür ediň.
5 Onsoň Harunyň ogullary bulary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otdaky ýakma gurbanlygy bilen bile ýaksynlar. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ysy, Oňa ýakymlydyr.
6 Eger salamatlyk gurbanlygy hökmünde Rebbe dowar süriňizden gurbanlyk hödür etmekçi bolsaňyz, onda ol goçmy, goýunmy, tekemi, geçimi parhy ýok, ol şikessiz dowar bolmalydyr.
7 Eger siz goýun gurbanlyk bermekçi bolsaňyz, onda ony Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz.
8 Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň kellesine elini goýup, onuň damagyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde çalsyn. Harunyň ogullary onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.
9 Malyň eýesi salamatlyk gurbanlygy üçin hödür edilen janlynyň ähli ýaglaryny: goýnuň türresiniň düýbünden kesilip alnan guýruk ýagynyňdyr içýaglarynyň baryny we garyn içegeleriň daşyndaky ýaglaryň baryny, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür etsin.
11 Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn.
12 Eger geçi gurbanlyk bermekçi bolsaňyz, siz ony Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz.
13 Malyň eýesi onuň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.
14 Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň bar içýaglaryny hem-de garyn içegeleriniň daşyndaky ähli ýagyny, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür etsin.
16 Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. Gurbanlygyň ähli ýagy Rebbe hödür edilsin.
17 Siz nirede ýaşasaňyz-da, etiň ýagyny we ganyny iýmäň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedi parz bolsun». ‎




Chapter 4

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag çalnyp saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin.
4 Öküzçäni Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna, Rebbiň huzuryna getirsin we elini öküzçäniň kellesine goýup, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn.
5 Onsoň başyna ýag çalnyp saýlanan baş ruhany öküzçäniň ganyndan birazragyny alyp, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyra getirsin.
6 Baş ruhany gana barmagyny batyryp, Rebbiň huzuryna – iň mukaddes otagyň tutusynyň öňüne gany ýedi gezek sepelesin.
7 Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdaky – Rebbiň huzuryndaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Öküzçäniň galan ganyny bolsa, ol Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.
8 Baş ruhany günä üçin gurbanlyk hökmünde berlen bu öküzçäniň bar içýaglaryny, garyn içegeleriniň daşyndaky ýaglaryny, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alsyn.
10 Baş ruhany bu malyň ýagyny-da edil salamatlyk gurbanlygy üçin öldürilen öküziň ýaglarynyň alnyşy ýaly alyp, olary ýakma gurbanlyk sypasynda ýaksyn.
11 Emma baş ruhany öküzçäniň derisini, bar etini, kellebaşaýagyny, garyn-içegelerini garyn-gajagy bilen, garaz, öküzçäniň diňe ýagyndan başga bar zadyny düşelgäniň daşyndaky bir halal ýere, kül üýşmeginiň üstüne çykardyp ýakdyrsyn.
13 Eger bütin ysraýyl halky öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä edip, bu günä iş hem jemagatdan ýaşyrylyp, olaryň eden günäleriniň üsti açylan badyna, jemagat günä üçin gurbanlyk hökmünde bir öküzçäni Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirsin.
15 Halkyň ýaşululary Rebbiň huzurynda ellerini öküzçäniň kellesine goýup, şol ýerde onuň damagy çalynsyn.
16 Başyna ýag çalnyp saýlanan baş ruhany öküzçäniň ganyndan birazragyny alyp, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyra getirsin
17 Onsoň baş ruhany barmagyny gana batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzuryna – iň mukaddes otagyň öňüne sepelesin.
18 Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Galan gany bolsa, ol Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.
19 Baş ruhany öküzçäniň ähli ýagyny alyp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn.
20 Baş ruhany günä gurbanlygy üçin berlen öküzçe bilen näme eden bolsa, bu öküzçe bilen hem şeýle etsin. Ol halky günä üçin gurbanlyga berlen bu öküzçe bilen günäsinden saplasyn we Hudaý halkyň günäsini geçer.
21 Soňra baş ruhany öküzçäni düşelgäniň daşyna çykardyp, ony-da birinji öküzçäni ýakdyryşy ýaly edip ýakdyrsyn. Bu halkyň günä üçin gurbanlygydyr.
22 Eger baştutanlardan biri öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä edip, eden günäsi oňa duýdurylan badyna, ol gurbanlyk hökmünde şikessiz bir erkeji getirsin.
24 Ol erkejiň kellesine elini goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Bu günä üçin gurbanlykdyr.
25 Ruhany bolsa günä gurbanlyk janlysynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa, ol ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.
26 Erkejiň bar ýagyny, ruhany edil salamatlyk gurbanlygynyňky ýaly edip, gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen erkeç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.
27 Eger ýönekeý halkdan biri Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä edip, günäsi oňa duýdurylan badyna, ol bir şikessiz geçini gurbanlyk bersin.
29 Ol elini günä gurbanlyk janlysynyň kellesine goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn.
30 Ruhany onuň ganyna barmagyny batyryp, ol ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ol sypanyň düýbüne döksün.
31 Edil salamatlyk gurbanlygynyň bar ýagyny alşy ýaly, ruhany bu geçiniň hem ähli ýagyny alsyn. Soňra Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen geçi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.
32 Eger günäli kişi günä gurbanlygy üçin guzy bermekçi bolsa, onda ol şikessiz guzy bolsun.
33 Malyň eýesi elini guzynyň kellesine goýup, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde, günä üçin gurbanlyk hökmünde onuň damagyny çalsyn.
34 Ruhany barmagyny günä gurbanlyk janlysynyň ganyna batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.
35 Salamatlyk gurbanlygy üçin öldürilen goýnuň bar ýagynyň alnyşy ýaly, bu günä gurbanlygy üçin hödürlenen guzynyň hem ähli ýagy alynsyn. Ruhany ony alyp, Rebbe ot üsti bilen berlen beýleki gurbanlyklar bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guzy bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer. ‎




Chapter 5

1 Kimdir biri bolan işi görüp ýa-da bilibem, bolan işe şaýatlyk etmegi soralanda, ondan boýun gaçyrsa, ol öz jezasyny çekmelidir.
2 Kimdir biri haram saýylýan zada – haram wagşy haýwanyň maslygyna ýa-da haram mal-garanyň maslygyna, ýa-da haram süýrenijileriň we mör-möjekleriň maslygyna tötänlikde galtaşsa, onda ol muny aňan badyna, haram we ýazykly saýylýandyr.
3 Kimdir biri haramlygyna, haram edýän islendik zada tötänlikden galtaşsa, onda ol muny aňan badyna, ýazykly saýylsyn.
4 Kimdir biri ýamanlyk ýa-da ýagşylyk etmek üçin, soňuny saýman tötänden ant içse, onda ol muny aňan badyna, nähili ant içilendigine garamazdan, ýazykly saýylsyn.
5 Eger kimde-kim şulardan birini edip, günä gazanandygyna göz ýetirse, ol eden günäsini boýun alsyn.
6 Ol eden günäsi üçin töleg hökmünde sürüden bir urkaçy janlyny – goýny ýa-da geçini Rebbe günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany günä gurbanlygy üçin berlen goýun ýa-da geçi bilen günälini günäsinden saplasyn.
7 Eger günäliniň goýna gurby çatmaýan bolsa, eden günäsi üçin töleg hökmünde Rebbe iki sany gumry ýa-da iki kepderi getirsin. Olaryň biri günä gurbanlygy, beýlekisi bolsa ýakma gurbanlygy üçindir.
8 Ol bulary ruhana getirip bersin. Ruhany öňürti günä gurbanlygy üçin niýetlenen guşy Hudaýa hödür edip, onuň boýun oňurgasyny ýazdyrsyn, ýöne onuň kellesini ýolup aýyrmasyn.
9 Onsoň ruhany günä gurbanlyk guşunyň ganyndan gurbanlyk sypasynyň gapdalyna biraz sepeläp, galan gany gurbanlyk sypasynyň düýbüne akdyrsyn. Bu günä üçin gurbanlykdyr.
10 Beýlekisini ruhany höküm boýunça, ýakma gurbanlygy üçin Hudaýa hödür etsin. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen gumry ýa-da kepderi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.
11 Eger günäliniň iki gumra ýa-da iki kepderä gurby çatmaýan bolsa, onda ol eden günäsi üçin sadaka hökmünde, ondan bir batmana barabar saýlama bugdaý ununy getirsin. Onuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn ýa-da ýakymly ysly tütetgi goýulmasyn, çünki bu günä üçin gurbanlykdyr.
12 Ol ony ruhana getirip bersin. Ruhany undan Rebbiň ýoluna hödürlenen paý hökmünde bir goşawuç alyp, ony Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýy bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu günä üçin gurbanlykdyr.
13 Ýokarda agzalan günälerden birini eden günälini ruhany günä gurbanlygy üçin berlen un bilen günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer. Galan un galla sadakasy ýaly ruhanynyňky bolar“».
14 Reb Musa şeýle diýdi:
15 «Eger kimdir biri tötänlikde Rebbe berilmeli sadakalary bermän günä gazansa, onda ol Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde, sürüden şikessiz bir goç getirsin. Ýazyk gurbanlygynyň bahasy mukaddes öýüň ölçegine görä kümüş bilen kesgitlensin.
16 Ol Hudaýa berilmeli sadakalarynyň baryny, üstüne goşmaça bäşden birini goşup, ruhana bersin. Ruhany ýazyk gurbanlygyna berlen goç bilen, günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.
17 Eger kimde-kim Rebbiň beren buýruklarynyň birini tötänlikde bozup, günä gazansa, ol ýazyklydyr we öz jezasyny çekmelidir.
18 Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde sürüden bir şikessiz goç ýa-da şonuň ýerini tutjak zat getirsin. Ruhany şu goç arkaly günälini tötänlikde eden günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.
19 Bu seniň Rebbe garşy eden günäň üçin töleg hökmünde berilýän ýazyk üçin gurbanlykdyr». ‎




Chapter 6

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Eger kimdir biri amanat ýa-da girew goýan kişä biwepalyk etse, ýa-da ogurlyk etse, ýa-da ony aldap, Rebbiň tabşyryklaryny bozsa,
3 ýa ýiten zady tapyp alybam, bu hakda ýalandan ant içip, ynsanyň edäýjek zatlarynyň birini edip günä gazanyp, soňam öz eden günäsine düşünip, zorluk ýa-da hile bilen alan ýa-da özüne amanat berlen, ýa-da biri tarapyndan ýitirilen we özüniň tapan zadyny,
5 ýa-da ýalandan ant içen islendik zadyny bütinligine we onuň bäşden bir gymmatyny-da üstüne goşup, öz ýazygyny bilen badyna, ony eýesine gaýtaryp bersin.
6 Soňra ol özüniň Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde, ruhana sürüden bir şikessiz goç ýa-da onuň ýerini tutjak başga bir zat getirip bersin.
7 Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda günälini günäsinden saplasyn we şonda onuň nähili günä edendigine garamazdan, Hudaý onuň günäsini geçer».
8 Reb Musa şeýle diýdi:
9 «Haruna we onuň ogullaryna tabşyr. Ýakma gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir: „Ýakma gurbanlygy uzakly gije gurbanlyk sypasynyň üstünde goýulmalydyr. Gurbanlyk sypasyndaky ot bolsa, öçürilmeli däldir.
10 Ertesi irden ruhany egnine zygyr matadan tikilen içki geýimini we onuň üstünden zygyr matadan tikilen lybaslaryny geýsin. Soňra ol gurbanlyk sypasynyň üstündäki otda ýanan ýakma gurbanlyk malynyň külüni aýryp, ony gurbanlyk sypasynyň gapdalynda goýsun.
11 Onsoň ruhany zygyr matadan tikilen lybaslaryny çykaryp, başga eşiklerini geýsin we küli düşelgäniň daşyna çykaryp, halal ýere döksün.
12 Gurbanlyk sypasynyň üstündäki ot mydama ýanyp dursun. Ol hiç haçan sönmesin. Ertirlerine ruhany oduň üstüne odun atsyn. Ýakma gurbanlyk malynyň böleklenen etlerini onuň üstüne örsün. Salamatlyk gurbanlyklarynyň ýagyny-da otda ýaksyn.
13 Gurbanlyk sypasynyň üstünde hemişelik ot ýanyp dursun, ol hiç haçan öçmesin“».
14 «Galla sadakasynyň berliş kadasy şeýledir: „Ony Harunyň ogullary Rebbiň huzurynda, gurbanlyk sypasynyň öňünde bersinler.
15 Ruhany galla sadakasynyň zeýtun ýagyna garylan saýlama unundan we onuň üstündäki ýakymly ysly tütetgiden goşawujyny dolduryp alyp, olary Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berilýän sadaka paýy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr.
16 Onuň galanyny Harun we onuň ogullary iýsin. Ondan petir bişirilip, olar mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin.
17 Ol hamyrmaýasyz bolsun. Men muny Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalarymdan olaryň paýy hökmünde berdim. Edil günä gurbanlygy we ýazyk gurbanlygy ýaly bu galla sadakasy hem örän mukaddes sadakadyr.
18 Harunyň neslinden bolan her bir erkek göbekli bu galla sadakasyndan iýip biler. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan onuň nesilleri üçin ebedilik paýdyr. Bu galla sadakasyna Harunyň ogullaryndan başga galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar“».
19 Reb Musa şeýle diýdi:
20 «Harunyň we onuň ogullarynyň bagyş edilen güni Rebbe bermeli sadakasy, ine, şundan ybaratdyr. Saýlama bugdaý ununyň ondan bir batmanyny gündelik sadaka hökmünde bersinler. Onuň ýarysy ertirine, beýleki ýarysy agşamyna berilsin.
21 Ol un zeýtun ýagyna ýugrulyp, saçda ýaga bişirilen petir bölekleri, Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin galla sadakasy hökmünde hödür edilsin.
22 Galla sadakasyny Harunyň neslinden, başyna ýag çalnyp saýlanan baş ruhany taýýarlamalydyr. Bu sadaka Rebbe ebedilik paý hökmünde tutuşlygyna ýakylsyn.
23 Ruhanynyň berýän her bir galla sadakasy tutuşlygyna ýakylmalydyr, ol iýilmeli däldir».
24 Reb Musa şeýle diýdi:
25 «Haruna we onuň ogullaryna aýt, günä üçin gurbanlygyň berliş kadasy şeýledir: Günä gurbanlyk malynyň damagy Rebbiň huzurynda, ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalynsyn. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr.
26 Ony günä gurbanlygy üçin hödür eden ruhany iýsin. Ol mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin.
27 Harunyň ogullaryndan başga gurbanlyk malynyň etine, galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar. Eger onuň gany egin-eşige syçrasa, ol mukaddes ýerde ýuwulsyn.
28 Gurbanlyk malynyň eti gaýnadylan toýun gap döwülsin. Eger ol bürünç gapda gaýnadylan bolsa, ol gap sürtgiç bilen sürtülip, suw bilen çaýkalsyn.
29 Ruhanylar urugyndan bolan her bir erkek göbekli ondan iýip biler. Bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr.
30 Emma mukaddes otagda günäden saplamak üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň içine gany getirilen günä gurbanlyk malynyň eti iýilmeli däldir. Ol oda ýakylmalydyr». ‎




Chapter 7

1 «Ýazyk gurbanlygy örän mukaddes gurbanlykdyr. Onuň berliş kadasy şeýledir:
2 Ýazyk gurbanlyk malynyň damagy ýakma gurbanlyk malynyň öldürilýän ýerinde çalnyp, onuň gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpilsin.
3 Onuň ähli ýagy: guýruk ýagy, garyn içegeleriniň daşyndaky ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesi böwrekler bilen bile alnyp, Rebbe hödür edilsin.
5 Ruhany olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu ýazyk üçin gurbanlykdyr.
6 Ruhany maşgalasyndan bolan her bir erkek göbekli ol mal etinden iýsin. Ol mukaddes ýerde iýilsin, çünki bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr.
7 Ýazyk gurbanlygynyň berliş kadasy-da edil günä üçin gurbanlygynyň berliş kadasy ýalydyr. Ýazyk gurbanlygynyň eti ýazyklyny günäsinden saplaýan ruhanynyňky bolsun.
8 Islendik kişiniň ýakma gurbanlygyny hödürleýän ruhany gurbanlyga berlen malyň derisini özüne alsyn.
9 Tamdyrda, pitide ýa-da saçda taýýarlanan islendik galla sadakasy ony Hudaýa hödürleýän ruhanynyňky bolsun.
10 Emma zeýtun ýagyna garylan ýa-da gury, bişirilmedik galla sadakasy Harun nesilleriniň arasynda deň paýlaşylsyn».
11 «Rebbe hödür edilýän salamatlyk gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir:
12 Eger kimdir biri salamatlyk gurbanlygyny Hudaýa alkyş hökmünde hödürleýän bolsa, onda ol gurbanlyk beriljek mal bilen birlikde zeýtun ýagyna ýugrulan külçeler, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler we zeýtun ýagyna ýugrulyp, saýlama bugdaý unundan bişirilen petir we çörek hödür etsin.
14 Bularyň hersinden bir çöregi Rebbe üwreme sadakasy hökmünde bersin. Olar salamatlyk gurbanlygynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpýän ruhanynyňky bolsun.
15 Rebbe alkyş hökmünde berlen salamatlyk gurbanlyk malynyň eti bolsa, hödür edilen güni iýilsin. Gurbanlyk etiniň ýekeje bölegi-de ertire galdyrylmasyn.
16 Eger hödür edýän sadakaňyz aýdylan ýa-da meýletin sadaka bolsa, onda ol hödür edilen güni iýilsin. Ondan artyp galany ertesi gün iýilsin.
17 Ondan artyp galany bolsa, üçlenji gün oda ýakylsyn.
18 Eger salamatlyk gurbanlygynyň etinden üçlenji gün iýilse, onda ol kabul bolmaz we ony hödür eden üçin hasaba alynmaz. Ol nejisdir, ondan iýen jezany çekmeli.
19 Eger gurbanlyk malynyň eti islendik haram zada galtaşsa, ol iýilmesin, oda ýakylsyn, halal eti haram saýylmadyk kişi iýip biler.
20 Eger kimde-kim haram bolubam, Rebbe hödür edilen salamatlyk gurbanlyk malynyň etinden iýse, ol öz halkyndan çetleşdirilsin.
21 Eger kimde-kim islendik haram zada – ynsan haramlyklaryna, haram mala ýa-da islendik haram jandara galtaşybam, Rebbe hödür edilen salamatlyk gurbanlygynyň etinden iýse, ol öz halkyndan çetleşdirilsin».
22 Reb Musa şeýle diýdi:
23 «Ysraýyl halkyna aýt: „Öküziň, goýnuň ýa-da geçiniň hiç bir ýagyny iýmesinler.
24 Ölen malyň ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan malynyň ýagy her hili maksatlar üçin ulanylyp bilner, emma ol hiç haçan iýilmeli däldir.
25 Kimde-kim Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk malynyň ýagyndan iýse, ol ysraýyl halkyndan çetleşdirilsin.
26 Nirede ýaşaýandyklaryna garamazdan, guşuňkymy ýa-da haýwanyňkymy parhy ýok, olar hiç hili gan iýmesinler.
27 Eger kimde-kim gan iýse, nämäniň ganydygynyň parhy ýok, ol öz halkyndan çetleşdirilsin“».
28 Reb Musa şeýle diýdi:
29 «Ysraýyl halkyna aýt: „Kim Rebbe salamatlyk gurbanlygyny hödür etmekçi bolsa, ol Rebbe aýratyn sadakany öz salamatlyk gurbanlyk malyndan bersin.
30 Sadaka berýän adamyň özi gurbanlyk berlen malyň ýagyny onuň döşi bilen birlikde getirip, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn.
31 Ruhany ýagy gurbanlyk sypasynda ýaksyn, emma gurbanlyk malynyň döşi Harunyň ogullarynyňky bolmalydyr.
32 Şeýle hem salamatlyk gurbanlygyňyzyň sag buduny-da sadaka hökmünde ruhana beriň.
33 Gurbanlyk malynyň paý hökmünde berilýän bu sag buduny, salamatlyk gurbanlygynyň ganyny we ýagyny hödürlän ruhany alsyn.
34 Çünki Men ysraýyl halkyndan olaryň salamatlyk gurbanlyklaryndan Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödürlenen döşi we sag budy aldym. Olary Men ysraýyl halkyndan ruhany Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berdim.
35 Harunyň we onuň ogullarynyň Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmäge başlan günlerinden bäri Rebbe ot üsti bilen berilýän sadakalardan olara degişli paý şudur“».
36 Munuň ysraýyl halkyndan ebedilik parz hökmünde ruhanylara berilmelidigini, Haruny we onuň ogullaryny wezipä bellän güni Reb maňa buýurdy.
37 Ýakma gurbanlygynyň, galla sadakasynyň, günä gurbanlygynyň, ýazyk gurbanlygynyň, belleme sadakasynyň we salamatlyk gurbanlygynyň berliş kadasy şulardan ybaratdyr.
38 Sinaý çölünde Reb Özüne gurbanlykdyr sadakalar bermekligi ysraýyl halkyna buýran güni Ol Musa bu tabşyrygy berdi. ‎




Chapter 8

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Haruny we onuň ogullaryny, olaryň ruhanylyk lybaslaryny, mesh ýagyny, günä gurbanlyk öküzçesini, iki sany goçy we petirli sebedi al-da, bütin halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna üýşür».
4 Musa Rebbiň buýruşy ýaly-da etdi. Bütin halk Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna ýygnandy.
5 Musa halka ýüzlenip: «Men Rebbiň özüme beren şu aşakdaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmelidirin» diýdi.
6 Şundan soň, Musa Haruny we onuň ogullaryny öňe çykaryp, olardan ýuwunmaklaryny talap etdi.
7 Soňra Musa Harunyň egnine uzyn köýnek we don geýdirip, onuň bilini guşak bilen guşady. Musa onuň donunyň üstünden efot geýdirip, ony bezelen kemer bilen Harunyň arkasyna berkitdi.
8 Onuň döşüne gursakça dakyp, onuň içine Urymy we Tummymy saldy.
9 Musa Harunyň kellesine selle orady. Selläniň öň tarapynda bolsa, altyn bezegi – mukaddes täji goýdy. Musa bar zady Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi.
10 Soňra Musa mukaddes ýagyny alyp, ony mukaddes çadyra we onuň içindäki ähli enjamlaryň üstüne sepeläp, olary mukaddes etdi.
11 Ýagdan ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne sepeläp, ol gurbanlyk sypasyny, onuň ähli gap-gaçlaryny, gazany we tagany mukaddes etdi.
12 Bagyş etmek üçin, Musa Harunyň başyna mukaddes ýagyny çaldy.
13 Onsoň Musa Harunyň ogullaryny getirdi. Olaryň eginlerine köýneklerini geýdirip, billerine guşak guşap, kellelerine selle orady. Musa bar zady Rebbiň özüne tabşyryşy ýaly etdi.
14 Soňra ol günä gurbanlygy öküzçesini idip getirdi. Harun we onuň ogullary, ellerini öküzçäniň kellesine goýdular.
15 Musa öküzçäniň damagyny çaldy. Ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony gurbanlyk sypasynyň şahlaryna barmagy bilen çalyp, gurbanlyk sypasyny halallady. Galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi. Şeýdip, Musa gurbanlyk sypasyny halallamak üçin ony mukaddes etdi.
16 Onsoň Musa garyn içegeleriň daşyndaky bar ýaglary we bagryň ýüzündäki ýag perdesini, iki böwregi daşynyň ýagy bilen alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýakdy.
17 Emma öküzçäniň özüni, derisini, etini we garyn-gajagyny, Rebbiň özüne tabşyryşy ýaly, Musa düşelgäniň daşyna çykardyp ýakdyrdy.
18 Soňra ol ýakma gurbanlygy üçin berilýän goçy getirdi. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýdular.
19 Goçuň damagy çalyndy. Musa onuň ganyndan alyp, gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi.
20 Ol goçy bölekledi, kellesini we içýagyny, onuň galan bölekleri bilen bile oda ýakdy.
21 Goçuň garyn-içegeleri we aýaklary ýuwlandan soň, Musa goçy bütinligine gurbanlyk sypasynda ýakdy. Bu ýakymly ys çykarmak üçin berilýän ýakma gurbanlygydy, ýagny Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly, Rebbe ot üsti bilen berlen gurbanlykdy.
22 Soňra ol hödür edilen ikinji goçy, belleme goçuny getirdi. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýdular.
23 Musa goçuň damagyny çalyp, onuň ganyndan aldy. Harunyň sag gulagynyň ýumşak etli ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmagyna gan çaldy.
24 Onsoň Harunyň ogullaryny öňe çykardylar. Musa olaryňam sag gulaklarynyň ýumşak etli ýerine, sag elleriniň we sag aýaklarynyň başam barmaklaryna gan çaldy. Galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi.
25 Soňra Musa goçuň ýaglaryny – guýruk ýagyny, garyn-içegeleriň daşyndaky bar ýaglary, bagryň ýüzündäki ýag perdesini, iki böwregi daşynyň ýagy bilen we sag budy aldy.
26 Musa Rebbiň huzuryndaky petirli sebetden bir petiri, zeýtun ýagyna ýugrulan hamyrmaýasyz külçäni, bir çelpegi alyp, olary ýagyň we goçuň sag budunyň üstünde goýdy.
27 Bu zatlaryň hemmesini Musa Harun bilen onuň ogullarynyň eliniň aýasynda goýup, Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy.
28 Soňra Musa bu zatlary olaryň ellerinden alyp, olary gurbanlyk sypasynda, ýakma gurbanlygy bilen bilelikde ýakdy. Bu Rebbe ot üsti bilen berlen ýakymly ysly belleme sadakasydy.
29 Onsoň Musa döşi alyp, ony Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy. Bu belleme goçundan Musanyň paýydy. Musa bar zady Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi.
30 Musa mesh ýagyndan we gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, Harunyň üstüne we eşiklerine, onuň ogullarynyň üstüne we eşiklerine sepeledi. Şeýdip, Haruny we onuň eşiklerini, onuň ogullaryny we olaryň eşiklerini bagyş etdi.
31 Onsoň Musa Haruna we onuň ogullaryna şeýle diýdi: «Eti Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bişiriň-de, ony şol ýerde belleme sadakalary üçin niýetlenen sebetdäki çörek bilen iýiň. Hudaý maňa: „Muny Harun we onuň ogullary iýsin“ diýdi.
32 Etden we çörekden artanyny bolsa ýakyň.
33 Belleme dabarasy tamamlanýança, siz ýedi günläp, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndan daşlaşmaň. Çünki bellenme dabarasy ýedi gün dowam etmelidir.
34 Bu günki ýerine ýetirilen her bir iş Hudaýyň tabşyrygy boýunça, siziň günäleriňizden saplanmagyňyz üçin edildi.
35 Siz ýedi gije-gündiziň dowamynda Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bolup, Rebbiň buýrugyny berjaý ediň, ýogsam ölersiňiz. Maňa Rebbiň buýrugy şeýledir».
36 Harun we onuň ogullary Rebbiň Musa arkaly beren ähli tabşyryklaryny berjaý etdiler. ‎




Chapter 9

1 Sekizlenji gün Musa Haruny, onuň ogullaryny we Ysraýyl ýaşulularyny çagyrdy.
2 Ol Haruna şeýle diýdi: «Özüňe günä gurbanlygy üçin bir şikessiz göläni, ýakma gurbanlygy üçin hem bir şikessiz goçy alyp, olary Rebbe hödür et.
3 Ysraýyl halkyna-da aýt, goý, olar hem günä gurbanlygy üçin bir erkeji, ýakma gurbanlygy üçin hem şikessiz birýaşar göläni we guzyny Rebbiň huzurynda gurbanlyk edip bererleri ýaly, salamatlyk gurbanlygy üçin bir öküzçäni, bir goçy we zeýtun ýagyna garylan galla sadakasyny getirsinler, çünki bu gün Reb size görner».
5 Olar Musanyň buýran zatlaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirdiler we bütin halk golaýa gelip, Rebbiň huzurynda durdy.
6 Musa olara: «Rebbiň şöhratynyň size görneri ýaly, Rebbiň size beren tabşyrygy şudur» diýdi.
7 Onsoň Musa Haruna şeýle diýdi: «Gurbanlyk sypasyna golaý bar-da, öz günä gurbanlygyňy we ýakma gurbanlygyňy ber, özüňi we halkyňy günälerinden sapla. Rebbiň buýruşy ýaly, halky beren gurbanlygy bilen günälerinden sapla».
8 Harun gurbanlyk sypasynyň ýanyna baryp, özi üçin berilýän günä gurbanlyk gölesiniň damagyny çaldy.
9 Harunyň ogullary gurbanlygyň ganyny ruhana getirip berdiler. Harun barmagyny gana batyryp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çaldy we galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi.
10 Emma Harun günä gurbanlyk malynyň ýagyny – iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesini gurbanlyk sypasynda ýakyp, Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly etdi.
11 Malyň galanyny ol deri bilen bile düşelgäniň daşynda ýakdy.
12 Soňra ol ýakma gurbanlyk malynyň damagyny çaldy. Harunyň ogullary gurbanlygyň ganyny onuň ýanyna getirdiler, Harun gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi.
13 Harunyň ogullary ýakma gurbanlyk malyny böleklere bölüp, ony kellesi bilen bile Haruna getirip berdiler. Harun olary tutuşlygyna gurbanlyk sypasynda ýakdy.
14 Harun garyn-içegeleri we aýaklary ýuwup, olary ýakma gurbanlygy bilen bilelikde gurbanlyk sypasynda ýakdy.
15 Soňra Harun halkyň gurbanlygyny hödürledi. Ol halkyň günäleri üçin gurban ediljek erkeji getirip, onuň damagyny çaldy-da, öňki gurbanlyk ýaly, muny hem günä gurbanlygy hökmünde hödürledi.
16 Harun ýakma gurbanlygyny-da hödürläp, ony höküm boýunça hödür etdi.
17 Onsoň ol galla sadakasyny hödürläp, ondan goşawujyny dolduryp aldy-da, ony gurbanlyk sypasynda ýakdy. Bu galla sadakasy ertirlerine berilýän ýakma gurbanlyklaryndan daşarydy.
18 Harun halk üçin salamatlyk gurbanlygy hökmünde berilýän öküziň we goçuň damagyny çaldy. Harunyň ogullary gany onuň ýanyna getirdiler. Harun gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi.
19 Şeýle hem, Harunyň ogullary öküziň we goçuň ýaglaryny – guýruk ýaglaryny, garyn-içegeleriň daşyndaky ýaglary, iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini Haruna getirip berdiler.
20 Harun ilki ýagy döşleriň üstünde goýdy.
21 Soňra Musanyň tabşyryşy ýaly edip, Harun döşleri we sag budy Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy.
22 Harun günä gurbanlygyny, ýakma gurbanlygyny, salamatlyk gurbanlygyny berenden soň, ellerini halka tarap uzadyp, olara ak pata berdi we gurbanlyk sypasyndan aşak düşdi.
23 Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyra girdiler, soňra daşary çykyp, halka ak pata berdiler. Şol wagt Rebbiň şöhraty bütin halka göründi.
24 Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy. ‎




Chapter 10

1 Bir gün Harunyň ogullary Nadap bilen Abyhu kül atarlaryny alyp, oňa köz saldylar we onuň üstüne ýakymly ysly tütetgini goýup, ony Rebbiň huzuryna eltdiler. Emma bu ot mukaddes däldi, çünki Reb ony olara hödürläň diýip tabşyryk bermändi.
2 Rebbiň huzuryndan duýdansyz ot gelip, Harunyň ogullaryny ýakyp kül etdi we olar Rebbiň huzurynda şol bada jan berdiler.
3 Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar, Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.
4 Musa Harunyň daýysy Uzygeliň ogullary Mişagel bilen Elsapany çagyryp olara: «Öňe çykyň-da, garyndaşlaryňyzy mukaddes otagyň öňünden aýryp, düşelgäniň daşyna çykaryň» diýdi.
5 Olar öňe çykyp, Musanyň aýdyşy ýaly, olary köýneklerinden tutup, düşelgäniň daşyna çykardylar.
6 Soňra Musa Haruna we onuň ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Saçlaryňyz daralmadyk bolmasyn, ýas baglap, ýakaňyzy ýyrtmaň. Eger siz şularyň birini etseňiz ölersiňiz we Rebbiň gazaby bütin halkyň başyndan iner. Emma siziň garyndaşlaryňyz we bütin ysraýyl halky Rebbiň ot üsti bilen ýok edenleri üçin ýas tutup bilerler.
7 Siz welin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndan aýrylyp, daşary çykmaň, ýogsam ölersiňiz, çünki depäňize Rebbiň mesh ýagy sürtülendir». Olar Musanyň buýruşy ýaly etdiler.
8 Reb Haruna şeýle diýdi:
9 «Özüňem, ogullaryňam Rebbe ýüz tutulýan çadyra çakyr ýa-da şerap içip girmäň, ýogsam ölersiňiz. Bu siziň nesilleriňiz üçin hem ebedilik parzdyr.
10 Siz mukaddes zat bilen ýönekeý zady, halal bilen haramy biri-birinden tapawutlandyrmalysyňyz.
11 Meniň Musanyň üsti bilen size beren parzlarymy, siz ysraýyl halkyna öwretmelisiňiz».
12 Musa Haruna we onuň galan ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan artan galla sadakasyny alyň. Ondan petiri bişirip, ony gurbanlyk sypasynyň ýanynda iýiň, çünki ol örän mukaddes sadakadyr.
13 Siz ony mukaddes ýerde iýmelisiňiz. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyklar seniň we ogullaryňyň paýydyr. Çünki Reb maňa şeýle buýurdy.
14 Emma Rebbe göterme sadaka hökmünde berlen döş bilen üwreme sadaka hökmünde budy sen öz ogullaryň we gyzlaryň bilen bile islendik halal ýerde iýip bilersiň. Çünki bular ysraýyl halkynyň salamatlyk gurbanlyklaryndan saňa we seniň çagalaryňa berlen paýdyr.
15 Üwreme sadakasy hökmünde budy we Rebbe ýokary galdyrylan göterme sadakasy hökmünde döşi olar Rebbe ot üsti bilen berilýän ýag gurbanlygy bilen birlikde getirsinler. Bular Rebbiň tabşyryşy ýaly, saňa we seniň ogullaryňa ebedilik berlen paý bolsun».
16 Onsoň Musa günä gurbanlygy erkejini sorady, görse, ol eýýäm ýakylan eken. Muňa Musanyň gaty gahary gelip, ol Harunyň aman galan ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi:
17 «Näme üçin siz günä gurbanlygyny mukaddes öýüň ýanynda iýmediňiz? Ol örän mukaddes gurbanlykdyr, ony size Reb Öz huzurynda halky günälerinden saplamagyňyz üçin berdi ahyryn.
18 Gurbanlyk malynyň gany mukaddes otaga getirilmändir. Meniň tabşyrygyma görä, siz bu gurbanlygy hökman mukaddes öýüň ýanynda iýmelidiňiz».
19 Harun Musa ýüzlenip şeýle diýdi: «Ine, meniň ogullarym bu gün Rebbiň huzurynda günä hem-de ýakma gurbanlyklaryny berdi. Meniň başymdan bolsa, betbagtçylyk indi, muňa garamazdan, bu gün men günä gurbanlygyndan iýen bolsam, bu Rebbe ýararmydy?»
20 Muny eşiden Musa onuň bilen razylaşdy. ‎




Chapter 11

1 Reb Musa hem-de Haruna şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna aýdyň, gury ýerde ýaşaýan jandarlaryň arasyndan siziň iýip biljekleriňiz şulardyr: goşatoýnakly, gäwüşeýän islendik haýwany.
4 Emma gäwüş gaýtarýan haýwanlardan ýa-da goşatoýnakly haýwanlardan düýäni, sakartorsugy we towşany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarýarlar, emma olar goşatoýnakly däldirler, bular siziň üçin haramdyr.
7 Goşatoýnaklydygyna garamazdan, doňuz hem siziň üçin haramdyr, çünki ol gäwüş gaýtarmaýar.
8 Şu ýokarda agzalan haýwanlaryň etini iýmäň, olaryň maslygyna galtaşmaň, olar siziň üçin haramdyrlar.
9 Suwda ýaşaýan ähli jandarlardan şulary iýip bilersiňiz: Akar suwda ýa-da deňizdedigine garamazdan, ähli ýüzgüçli hem teňňeli jandarlary iýip bilersiňiz.
10 Suwda ýaşaýan islendik ýüzgüçsiz we teňňesiz süýrenijiler we deňizdäki beýleki kiçi jandarlaryň ählisi siziň üçin nejisdir.
11 Bu jandarlar ysraýyl halky üçin nejisligine galsyn. Olaryň etini iýmäň, olaryň maslygyna galtaşmaň.
12 Suwda ýaşaýan ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlaryň bary siziň üçin nejisdir.
13 Guşlardan şu aşakdakylar siziň üçin nejisdir. Bürgüt, garaguş we derýa bürgüdi;
14 çaýçaňňalak, laçynyň ähli görnüşleri;
15 garganyň ähli görnüşleri;
16 düýeguş, hüwi, çarlak, gyrgynyň ähli görnüşleri;
17 baýguş, jüptün, uly baýguş,
18 ak baýguş, gotan we dazzarkel;
19 leglek, hokgaryň ähli görnüşleri, hüýpüýpik we ýarganat;
20 Dört aýakly, ganatly mör-möjekleriň hemmesi siziň üçin nejisdir.
21 Ýöne dört aýakly ganatly mör-möjeklerden, ýerde böker ýaly aýagy bogunlylaryny iýip bilersiňiz.
22 Olardan çekirtge görnüşlileri, çöl çekirtge görnüşlileri, jyzlan görnüşlileri, ýaşyl çekirtge görnüşlileri iýip bilersiňiz.
23 Emma galan dört aýakly, ganatly mör-möjekleriň bary siziň üçin nejisdir.
24 Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.
25 Kimde-kim bularyň maslygynyň islendik bölegini göterse, ol eşiklerini ýuwsun we agşama çenli haram saýylsyn.
26 Toýnakly bolup, emma toýnagy ýaryk bolmadyk ýa-da gäwüş gaýtarmaýan her bir haýwan, siziň üçin haramdyr.
27 Dört aýakly jandarlaryň arasynda penjesini ýere urup ýöreýänleriniň bary siziň üçin haramdyr. Kimde-kim bu haýwanlaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.
28 Olaryň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram saýylsyn. Çünki bu haýwanlar siziň üçin haramdyr.
29 Guryýer süýrenijilerden şular: ýalman, syçan, görnüşine görä uly suwulgan, hažžyk, zemzen, suwulgan, çäge suwulgany we hameleon siziň üçin haramdyr.
31 Süýrenip ýöreýän jandarlardan şular size haramdyr. Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.
32 Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat, agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun, parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar.
33 Eger bu jandarlaryň biriniň maslygy islendik toýun gabyň içine düşse, onuň içindäki ähli zat haraplanar we ol gaby döwüň.
34 Islendik iýmit şular ýaly gapda ýuwulsa, ol iýmit haraplanar. Şular ýaly gapdan içilýän islendik içgiler-de haraplanar.
35 Olaryň maslygynyň bir böleginiň üstüne gaçan islendik zat haraplanar. Tamdyrdygyna ýa-da ojakdygyna garamazdan, ol ýykylmalydyr. Olar harapdyr we siziň üçin hem harap bolmalydyr.
36 Muňa garamazdan, çeşme ýa-da suw howdany halallygyna galar, emma bu jandarlaryň maslygyna galtaşan islendik adam we islendik zat haraplanar.
37 Eger olaryň maslygynyň bir bölegi, ekilmek üçin aýry goýlan islendik tohumyň üstüne gaçsa, ol halallygyna galýandyr.
38 Emma olaryň maslygynyň bir bölegi ezilen tohumyň içine gaçsa, onda tohum siziň üçin harapdyr.
39 Eger halal jandarlaryň biri ölüp, onuň maslygyna galtaşan her kes, agşama çenli haram saýylsyn.
40 Onuň etinden iýen adam, eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn; onuň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn.
41 Guryýer süýrenijileriň bary siziň üçin nejisdir. Olar iýilmeli däldir.
42 Garnynda süýşüp ýöreýän jandarlary, dört aýakda süýrenip ýöreýän jandarlary ýa-da köp aýakly süýrenip ýöreýän jandarlary siz iýmeli dälsiňiz. Çünki olar siziň üçin nejisdirler.
43 Süýrenip ýöreýän jandarlardan haýsydyr birini iýip, siz özüňizi haram etmäň.
44 Men siziň Hudaýyňyz Rebdirin, şonuň üçin hem siz iniňizizi tämizläp, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, siz özüňizi haram etmäň.
45 Men Reb sizi Müsür topragyndan, siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp geldim. Siz mukaddes bolmalysyňyz, çünki Men mukaddesdirin».
46 Bu kanun haram bilen halaly, iýilýän jandar bilen iýilmeýän jandary biri-birinden tapawutlandyrmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem ýerde ýaşaýan haýwanlar, guşlar, suwda ýaşaýan jandarlar, guryýer süýrenijileri hakyndaky kanundyr. ‎




Chapter 12

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna aýt: „Eger göwreli aýal ogul dogursa, edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly, ol aýal ýedi günläp haramdyr.
3 Doglan çaga sekizlenji gün sünnet edilsin.
4 Aýalyň gandan tämizleniş döwri otuz üç gün dowam eder. Ol özüniň tämizleniş döwri gutarýança, hiç bir mukaddes zada galtaşmasyn ýa-da mukaddes öýe girmesin.
5 Eger aýal gyz dogursa, ol edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly, iki hepdeläp haramdyr. Onuň gandan tämizleniş döwri altmyş alty gün dowam eder.
6 Ogul üçinmi ýa-da gyz üçin – parhy ýok, aýal özüniň tämizleniş döwri tamamlanandan soň, ol ýakma gurbanlygy üçin birýaşar toklyny we günä gurbanlygy üçin bir kepderini ýa-da gumryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bersin.
7 Ruhany bu ýakma gurbanlyk janlysyny Rebbiň huzurynda hödür edip, ol aýaly haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň, ol aýal gan akma haramlygyndan tämizlener. Ogul ýa-da gyz dograndygyna garamazdan, çaga dogran aýal üçin kanun şeýledir.
8 Eger dogran aýalyň tokla gurby çatmasa, onda ol iki gumryny ýa-da iki kepderini – birini ýakma gurbanlygy üçin, beýlekisini günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany-da ol aýaly hödür eden ýakma gurbanlyk janlysy bilen haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal tämiz bolar“». ‎




Chapter 13

1 Reb Musa we Haruna şeýle diýdi:
2 «Eger kimdir biriniň derisinde pakgarma, gotur ýa-da menek peýda bolup, ol ýokanç deri keseline öwrülse, ol adam ruhany Harunyň ýa-da onuň ogullarynyň biriniň ýanyna getirilsin.
3 Ruhany onuň endamyndaky deri keselini barlasyn. Eger deriniň keselli ýeriniň gyllary agaryp, ol deriden aşak geçen bolsa, onda bu ýokançly deri keselidir. Ruhany deri kesellini gözden geçirenden soň, ony haram diýip yglan etsin.
4 Emma keselliniň endamyndaky menek ak bolup, ol deriniň astyna geçmän, deriniň keselli ýeriniň gyllary agarmadyk bolsa, onda ruhany deri kesellini ýedi günläp aýry saklasyn.
5 Ýedinji gün ruhany deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keseli endama ýaýraman, öňküligine galan bolsa, onda ruhany deri kesellini ýene-de ýedi günläp aýry saklasyn.
6 Ýedinji günde ruhany ony ýene gözden geçirsin. Eger deri keseli solup, endama ýaýramadyk bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Bu diňe goturdyr, ol adam geýimlerini ýuwsun we diňe şondan soň ol tämiz bolar.
7 Ýöne deri keselli adam tämizlenmek üçin özüni ruhana görkezenden soň, gotur onuň endamyna ýaýrap ugrasa, ol ýene-de ruhanynyň ýanyna gelsin.
8 Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger gotur onuň endamyna ýaýran bolsa, ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Bu ýokançly deri keselidir.
9 Eger kimdir biri ýokançly deri keseline ýoluksa, ol ruhanynyň ýanyna getirilsin.
10 Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň derisinde ak pakgarma bolup, onuň üstündäki gyllar agaryp, onuň içinde gyp-gyzyl et gögeren bolsa, bu ötüşen ýokançly deri keselidir. Ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ruhana kesellini aýry saklamak gerek däldir, çünki ol haramdyr.
12 Emma ýokançly deri keseli endama ýaýrap, ol keselliniň başyndan aýagyna çenli bütin endamyny tutan bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger ýokançly deri keseli onuň tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany kesellini tämiz diýip yglan etsin. Diňe bütin endamynyň agaranlygy üçin keselli tämizdir.
14 Emma keselliniň endamynda, ýaranyň içinde gyp-gyzyl et gögeren güni, ol haramdyr.
15 Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger ruhany deridäki, ýaranyň içinde gyp-gyzyl et görse, ol deri kesellini haram diýip yglan etsin. Ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et harapdyr, çünki ol ýokançly deri keselidir.
16 Emma ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agarsa, ol deri keselli adam ruhanynyň ýanyna gelsin.
17 Ruhany ony gözden geçirsin. Eger ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agaran bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Ol tämizdir.
18 Eger biriniň endamyna çyban çykyp, gowulaşandan soň çybanyň ýerinde ak pakgarma ýa-da gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, ol ruhana görkezilmelidir.
20 Ruhany ony gözden geçirsin, eger şol gyzylymtyl ak menek deriden aşak geçip, ondaky gyllar agaran bolsa, ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Ol çyban çykan ýerden dörän ýokançly deri keselidir.
21 Emma ruhany deri kesellini gözden geçirende, gyzylymtyl ak menegiň üstündäki gyllar agarmadyk bolsa we ol deriden aşak geçmedik bolsa, onda ruhany deri kesellini ýedi günläp aýry saklasyn.
22 Eger gyzylymtyl ak menek onuň bütin endamyna ýaýran bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Bu ýokançly deri keselidir.
23 Emma bu menek bir ýerde bolup, endama ýaýramadyk bolsa, onda bu çybandan galan yzdyr. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin.
24 Eger kimdir biriniň endamynda ýanyk bolup, ol ýanyk ýarasy gyzylymtyl ak ýa-da çuw-ak menege öwrülse, ruhany ony gözden geçirsin. Eger menekdäki gyllar agaryp, menek deriden aşak geçen bolsa, bu ýanykdan dörän ýokançly deri keselidir. Ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin.
26 Emma ruhany ony gözden geçirende, menekdäki gyllar agarman, menek deriden aşak geçmän, gaýtam onuň reňki öçüşen bolsa, ruhany ol adamy ýedi günläp aýry saklasyn.
27 Ýedinji gün ruhany ony gözden geçirsin. Eger menek endama ýaýraýan bolsa, ruhany ol adamy haram diýip yglan etsin. Bu ýokançly deri keselidir.
28 Emma bu menek bir ýerde bolup, ol endama ýaýraman, gaýtam, onuň reňki öçüşen bolsa, bu ýokançly deri keseli däldir. Ruhany ol adamy tämiz diýip yglan etsin, çünki bu ýanyk ýarasyndan galan yzdyr.
29 Erkek adamyň ýa-da aýalyň kellesinde ýa-da eňeginde deri keseli peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli deriden aşak geçip, ondaky gyllar inçejik, sary bolsa, ruhany ony haram diýip yglan etsin. Ol gijilewükdir; ol kellede we eňekde dörän ýokançly deri keselidir.
31 Ruhany gijilewük kesellini gözden geçirsin. Eger gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa we onda gara gyllar ýok bolsa, onda ruhany gijilewükli adamy ýedi gün aýry saklasyn.
32 Ýedinji gün ruhany gijilewükli adamy gözden geçirsin. Eger gijilewük onuň endamyna ýaýramadyk bolsa we onda sary gyllar bolman, gijilewük deriden aşak geçmedik bolsa, ol keselli adam saçyny syrsyn, emma gijilewügiň üstüni syrmasyn. Ruhany ýaňky gijilewükli adamy ýene-de ýedi gün aýry saklasyn.
34 Ýedinji gün ruhany gijilewük kesellini gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýramadyk bolsa we deriden aşak geçmedik bolsa, ruhany ony tämiz diýip yglan etsin. Ol eşiklerini ýuwsun, şondan soň ol tämiz bolar.
35 Eger gijilewük keselli tämiz diýlip yglan edilenden soň, gijilewük onuň endamyna ýaýrasa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýran bolsa, onda ruhany sary gyllary tapjak bolup oturmasyn, ol haramdyr.
37 Emma ruhanynyň pikiriçe, gijilewük öňki durşuna galyp, oňa gara gyllar çykan bolsa, onda gijilewük gowulaşandyr. Ol adam tämizdir we ruhany ony tämiz diýip yglan etsin.
38 Erkek adamyň ýa-da aýalyň derisinde ak menekler peýda bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deridäki menekler agymtyl bolsa, bu deride ören örgündir, ol tämizdir.
40 Eger bir adamyň saçy düşen bolsa, ol takyr kelledir, emma tämizdir.
41 Eger onuň maňlaý saçy we depe saçy düşen bolsa, ol takyr kelledir, emma tämizdir.
42 Emma takyr kellede ýa-da maňlaýda gyzylymtyl ak menek peýda bolsa, bu onuň takyr kellesinde ýa-da maňlaýynda dörän ýokançly deri keselidir.
43 Ruhany ony gözden geçirsin. Eger onuň takyr kellesindäki ýa-da maňlaýyndaky gyzylymtyl ak menek, deridäki ýokançly deri keseli ýaly bolsa, ol adam ýokançly deri kesellidir we ol haramdyr. Ruhany ýokançly deri kesellidigi üçin, ol adamy haram diýip yglan etsin.
45 Ýokançly deri keseli bolan adam sal-sal eginbaş geýip, saçyny daramasyn we eli bilen agzyny tutup: „Men – haram, men – haram“ diýip gygyrsyn.
46 Ýokançly deri keseli aýrylyp gidýänçä, ol haramdyr. Ol ýeke ýaşamalydyr we düşelgäniň daşynda bolmalydyr». Zeňe degişli kanunlar
47 «Egin-eşige degişli kadalar şeýledir. Ýüňden ýa-da zygyr matadan tikilen eşikde, zygyr süýümiň ýa-da ýüňüň erşinde ýa-da argajynda bolsun, deride ýa-da deriden edilen islendik zatda bolsun, parhy ýok, onuň ýaşylrak ýa-da gyzylrak öwüsýän ýeri bar bolsa, ol zeňdir we ol ruhana görkezilmelidir.
50 Ruhany zeňli zady gözden geçireninden soň, ony ýedi günläp aýry saklasyn.
51 Ýedinji günde ruhany zeňli zady ýene-de gözden geçirsin. Eger zeň eşikde, erişde ýa-da argaçda, deride ýa-da islendik bir deriden edilen zatda bolsa, ýaýraýan ýokançly zeňdir we ol haraplanandyr.
52 Erişden tikilen bolsun ýa-da argaçdan, ýüňdenmi ýa-da zygyr süýüminden, ýa-da deriden, parhy ýok, ol zeň ýaýran eşigi ruhany oda ýaksyn.
53 Ruhany ony gözden geçireninde, zeň eşige, erşe ýa-da argaja ýa-da deriden edilen islendik zada ýaýramadyk bolsa, ruhany şol zeňli zadyň ýuwulmagyny buýursyn. Soňra ony ýene-de ýedi günläp aýry saklasyn.
55 Zeň ýokaşan zat ýuwlandan soň, ruhany ony gözden geçirsin. Eger zeňiň reňki üýtgemedik bolsa, hatda zeň ýaýramadyk bolsa-da, ol haraplanandyr. Zeň eşigiň içindemi ýa-da daşynda parhy ýok, ony oda ýakyň.
56 Eger ruhany ony gözden geçirýärkä, bu zatlar ýuwlandan soň, zeňiň reňkiniň öçüşendigini görse, ol zeňi eşikden, erişden ýa-da argaçdan, ýa-da deriden ýyrtyp aýyrsyn.
57 Eger bu zeň eşikde, erişde ýa-da argaçda, ýa-da deriden edilen bir zatda peýda bolup, ol ýaýrap başlasa, zeňli zady oda ýakyň.
58 Emma eşik, eriş, argaç ýa-da deriden edilen islendik zat ýuwlandan soň, zeň aýrylan bolsa, onda ol ikilenç ýuwulsyn, şondan soň ol tämiz bolar.
59 Tämiz ýa-da haraplanan diýip yglan etmek üçin, ýüň ýa-da zygyr matadan tikilen eşikde, erişde, argaçda ýa-da deriden edilen islendik zatda peýda bolan zeň baradaky kadalar şulardan ybaratdyr». ‎




Chapter 14

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ýokançly deri keselli adamyň tämizlenýän döwründäki kadasy şeýledir. Ýokançly deri kesellini ruhanynyň ýanyna getirsinler.
3 Ruhany düşelgäniň daşyna çykyp, ýokançly deri kesellini gözden geçirsin. Eger ýokançly deri keselli adam keselden gutulan bolsa, ruhany tämizlenmeli adam üçin iki sany diri halal guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy-gyzyl reňkli sapagy we ýowşan getirmeklerini buýursyn.
5 Ruhany guşlaryň biriniň içi çeşme suwly toýun gabynyň üstünde soýulmagyny buýursyn.
6 Onuň özi bolsa, diri guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy-gyzyl reňkli sapagy we ýowşany alyp, olary hem-de diri guşy, çeşme suwly toýun gabynyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn.
7 Onsoň ruhany ýokançly deri keselinden tämizlenmeli adamyň üstüne gandan ýedi gezek sepeläp, ony tämiz diýip yglan etsin. Soňra ol guşy açyk meýdana uçuryp goýbersin.
8 Tämizlenmeli adam geýimlerini ýuwup, endamyndaky ähli tüýlerini syryp ýuwunsyn. Şonda ol tämiz bolar. Soňra ol düşelgä girsin, ýöne ýedi gün geçýänçä, öz çadyryna girmesin.
9 Ýedinji gün ol saçyny, sakgalyny, gaşyny, endamyndaky ähli tüýlerini syrsyn. Soňra ol geýimlerini ýuwup, suwa düşünsin. Şonda ol tämiz bolar.
10 Sekizlenji gün – ol adam iki sany bir ýaşar şikessiz goçy, bir sany şikessiz bir ýaşar guzyny, zeýtun ýagyna garylan ondan üç batmana barabar saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny galla sadakasy hökmünde ruhana getirip bersin.
11 Tämizleýän ruhany tämizlenýän adamy şu zatlar bilen bilelikde Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirsin.
12 Ruhany guzularyň birini alyp, ýazyk gurbanlygy hökmünde bir şakäse zeýtun ýagy bilen bile, olary Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn.
13 Ol guzyny mukaddes ýerde – günä hem-de ýakma gurbanlyk malynyň soýulýan ýerinde soýsun. Çünki ýazyk gurbanlygy-da, edil günä gurbanlygy ýaly, ruhanynyňky bolsun. Bu örän mukaddes gurbanlykdyr.
14 Ruhany ýazyk gurbanlygynyň ganyndan biraz alyp, ony tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň başam barmagyna we sag aýagynyň başam barmagyna çalsyn.
15 Ruhany şol bir şakäse zeýtun ýagyndan alyp, ony öz çep eliniň aýasyna guýsun.
16 Onsoň çep elindäki ýaga sag eliniň barmagyny batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin.
17 Elinde galan ýagdan ruhany tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň başam barmagyna we sag aýagynyň başam barmagyna, ýazyk gurbanlyk malynyň gany sürtülen ýere çalsyn.
18 Elindäki ýagyň galanyny ruhany tämizlenýän adamyň kellesine çalsyn. Şeýdip, ruhany ol adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin.
19 Haram adamy haramlygyndan tämizlemek üçin, ruhany günä gurbanlygyny hödür etsin. Soňra ol ýakma gurbanlyk malynyň damagyny çalsyn.
20 Ruhany gurbanlyk sypasynyň üstünde ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny bersin. Şeýdip, ruhany ony haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol adam tämiz bolar.
21 Eger ol adam garyp bolup, bu zatlara gurby çatmasa, ol haramlygyndan tämizlenmek üçin, Rebbe göterme sadaka hökmünde bir ýaşar goçy, galla sadakasy üçin zeýtun ýagyna garylan bir batmanyň ondan bir bölegine barabar bolan saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny ol ruhana getirip bersin.
22 Şeýle hem ol iki gumrynyň ýa-da iki kepderiniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin.
23 Sekizlenji gün gurbanlyk berýän adam bu gurbanlyklary özüniň tämizlenmegi üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna, Rebbiň huzuryna getirip, olary ruhana bersin.
24 Ruhany ýazyk gurbanlyk goçuny we bir şakäse zeýtun ýagyny alyp, olary Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn.
25 Ruhany ýazyk gurbanlyk goçuny soýup, onuň ganyndan birazragyny alyp, ony tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmaklaryna çalsyn.
26 Ruhany zeýtun ýagyndan birazragyny, özüniň çep eliniň aýasyna guýsun.
27 Onsoň ruhany sag eliniň barmagyny çep elindäki ýaga batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin.
28 Ruhany elindäki ýagdan tämizlenýän adamyň sag gulagynyň ýumşak ýerine, sag eliniň we sag aýagynyň başam barmaklaryna, ýazyk gurbanlygy goçynyň gany sürtülen ýere çalsyn.
29 Elindäki ýagyň galanyny ruhany Rebbiň huzurynda tämizlenýän adamy haramlygyndan tämizlemek üçin, onuň kellesine çalsyn.
30 Soňra ruhany ol adamyň gurbunyň çatyp, getiren gumrularynyň ýa-da kepderileriniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa ýakma gurbanlygy hökmünde galla sadakasy bilen birlikde hödür etsin. Şeýdip, ruhany tämizlenýän adamy Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin.
32 Ýokançly deri keselli bolup, tämizlenmegi üçin sadaka bermäge gurby çatmaýan kişiler üçin kada şulardan ybaratdyr».
33 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
34 «Siz Meniň mülk edip berýän Kengan ýurduma baranyňyzdan soň, Men siziň öýleriňiziň birinde zeň döretsem, şol öýüň eýesi ruhanynyň ýanyna gelip: „Öýümde zeň peýda boldy“ diýsin.
36 Ruhany öýi gözden geçirmäge gitmezden öň, öýüň içindäki bar zatlaryň daşa çykarylmagyny buýursyn, ýogsam, öýüň içindäki ähli zat haraplanar. Soňra ruhany öýi gözden geçirmäge gitsin.
37 Ol zeň ýeri gözden geçirsin. Eger zeň öýüň diwarynda bolup, ýaşylymtyl ýa-da gyzylymtyl menekler görnüşinde diwarda çuň ornan bolsa, ruhany öýden daşa çykyp, öýi ýedi günläp gulplap goýsun.
39 Ýedinji gün ruhany gelip, öýi ýene gözden geçirsin. Eger zeň öýüň diwarlaryna ýaýrap giden bolsa, ruhany zeň ýaýran daşlary aýyrdyp, olary galanyň daşyndaky harap zatlaryň zyňylýan ýerine taşlatsyn.
41 Ruhany öýüň içiniň suwagyny gyrdyryp alyp, ony galanyň daşyndaky harap zatlaryň zyňylýan ýerine taşlatsyn.
42 Aýrylan daşlaryň ýerine başga daşlar örülip, öý täzeden suwalsyn.
43 Daşlary sökülip alnyp, suwagy gyrlyp aýrylyp, täzeden suwalandan soňam, ol öýde zeň peýda bolsa, ruhany baryp, ol öýi ýene-de gözden geçirsin. Eger zeň öýe ýaýran bolsa, ol öý harap saýylsyn.
45 Ol öý ýykylmalydyr, onuň daşlary, agaçlary we öýüň ähli suwaglary, galanyň daşyna, harap zatlaryň zyňylýan ýerine çykarylyp taşlansyn.
46 Kimde-kim „öý ýapyk“ diýlip yglan edilen döwürde oňa girse, ol agşama çenli murdar saýylsyn.
47 Kimde-kim ol öýde ýatsa ýa-da naharlansa, ol geýimlerini ýuwsun.
48 Öý suwalandan soňra, ruhany gelip, öýi gözden geçirsin. Eger öýe zeň ýaýramadyk bolsa, ruhany öýi tämiz diýip yglan etsin, çünki bu zeňiň doly aýryldygydyr.
49 Öýi halallamak üçin ruhany iki sany guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy-gyzyl reňkli sapagy we ýowşany alsyn.
50 Guşlaryň birini içi çeşme suwly toýun gabyň üstünde öldürsin.
51 Onsoň kedr agajynyň bölegini, ýowşany, goýy-gyzyl reňkli ýüpi diri guş bilen bilelikde alyp, olary çeşme suwly toýun gabynyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn-da, gany ýedi gezek öýüň içine sepelesin.
52 Şeýdip, ruhany öýi guşuň gany, çeşme suwy, diri guşy, kedr agajynyň bölegini, ýowşany we goýy-gyzyl reňkli sapak bilen halallasyn.
53 Ruhany diri guşy galanyň daşyna çykaryp, ony açyk meýdana uçuryp goýbersin. Şeýdip, ol öýi halallasyn, şondan soň öý tämiz bolar.
54 Her hili ýokançly deri keselleri: gijilewük, geýimde we öýde peýda bolan zeň, deri pakgarmasy, gotur, menek ýaly her dürli deri ýokanç keselleriň haçan harap we haçan tämizdigini kesgitleýän kadalar şulardan ybaratdyr». ‎




Chapter 15

1 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna şeýle diý: „Bir erkegiň jyns agzalaryndan suwuklyk akýan bolsa, onda ol adam haramdyr.
3 Suwuklyk akmasy bar adamyň haramlygy şundan ybaratdyr. Onuň erkeklik agzasyndan suwuklygyň akmagy dowam edýänem bolsa, etmeýänem bolsa, ol haramdyr.
4 Onuň ýatýan ýorgan-düşegi, üstünde oturýan islendik zady harapdyr.
5 Onuň ýorgan-düşegine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.
6 Suwuklyk akmasy bolan adamyň oturan ýerinde oturan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.
7 Suwuklyk akmasy bar adamyň bedenine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.
8 Eger suwuklyk akmasy bar adam tämiz adamlaryň üstüne tüýkürse, olar geýimlerini ýuwsunlar, suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar.
9 Suwuklyk akmasy bar adamyň münen islendik eýeri-de harapdyr.
10 Suwuklyk akmasy bar adamyň oturan islendik zadyna galtaşan adam agşama çenli haramdyr. Haram adamyň oturan islendik zadyny göteren geýimlerini ýuwsun, suwa düşsün. Ol agşama çenli haramdyr.
11 Suwuklyk akmasy bar adam elini ýuwman birine galtaşsa, ol adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.
12 Suwuklyk akmasy bar adamyň ellän islendik toýun gaby döwülsin, agaçdan edilen gap bolsa, ol ýuwulsyn.
13 Suwuklyk akmasy bar adam keselden gutulansoň, tämizlenmek üçin ýedi güni sanap geçirsin. Ol geýimlerini ýuwup, akar suwa düşsün. Şondan soň ol tämiz bolar.
14 Sekizlenji gün ol iki sany gumryny ýa-da iki kepderini Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirip, olary ruhana bersin.
15 Ruhany guşlaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa, ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin. Şeýdip, Rebbiň huzurynda ruhany ol adamy suwuklyk akmasy zerarly bolan haramlykdan tämizlesin.
16 Eger haýsydyr bir erkegiň tohumy aksa, ol adam tutuş bedenini ýuwsun. Ol agşama çenli haramdyr.
17 Matadan ýa-da deriden edilen zada tohum degen bolsa, ol suw bilen ýuwulsyn. Ol zat agşama çenli harapdyr.
18 Erkek aýalyna ýanaşyp, ondan tohum aksa, erkegem, aýalam suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar.
19 Aýbaşy görýän aýal ýedi güne çenli haramdyr. Kim oňa galtaşsa, ol agşama çenli haramdyr.
20 Aýbaşy görýän döwründe, aýalyň üstünde ýatan her zady harap bolar. Aýalyň üstünde oturan her zady hem harapdyr.
21 Onuň düşegine galtaşan adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.
22 Ol aýalyň oturan zadyna galtaşan adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.
23 Ol aýalyň ýorgan-düşegimi ýa-da üstünde oturan zady, parhy ýok, oňa galtaşan adam agşama çenli haramdyr.
24 Eger erkek adam ol aýala ýanaşsa, aýalyň haramlygy erkege-de geçer we ol ýedi güne çenli haramdyr we onuň ýatan ýorgan-düşegi-de harapdyr.
25 Eger aýalyň gan akmasy aýbaşy görýän döwründen daşary birnäçe günläp dowam etse, gan akmasy kesilýänçä, ol aýal edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly haramdyr.
26 Onuň gan akmasy döwründe ýatýan ýorgan-düşegi, edil aýbaşy görýän döwründäki ýorgan-düşegi ýaly haram hasaplansyn. Aýalyň üstünde oturan islendik zady, onuň aýbaşy görýän döwründäki ýaly haramdyr.
27 Bu zatlara galtaşan her kes-de haram bolar. Ol eşiklerini ýuwup, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.
28 Aýalyň gan akmasy kesilenden soň, aradan ýedi gün geçsin. Diňe şondan soň, ol tämiz bolar.
29 Sekizinji gün ol iki sany gumryny ýa-da iki kepderini alyp, Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirip, olary ruhana bersin.
30 Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini-de, ýakma gurbanlygy hökmünde hödürläp, gan akmasy zerarly haram aýaly, Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin.
31 Şeýdip, murdarlyklary zerarly, mukaddes çadyrdan daşda bolmaklaryny ysraýyl halkyna duýduryň. Maňa ýüz tutulýan öýi haraplap, olaryň özleri hem murdarlykda ölmesinler.
32 Erkeklik jynsyndan suwuklyk ýa-da tohum akyp haram bolan kişi aýbaşy görýän aýal, suwuklyk akmasy bolan erkek ýa-da aýal we haram aýala ýanaşan erkek hakyndaky kadalar şulardan ybaratdyr“». ‎




Chapter 16

1 Harunyň mukaddes däl ot bilen Rebbiň huzuryna ýakynlaşandyklary üçin, ölen iki oglunyň ölüminden soň, Reb Musa şeýle diýdi: «Doganyň Haruna aýt, ol tutynyň aňyrsyna – iň mukaddes otaga islän wagty girmesin, ýogsam ol öler. Çünki Men Äht sandygynyň gapagynyň üstünde bulut bolup görünýändirin.
3 Harun ilki bilen günä gurbanlygy üçin bir öküzçäni we ýakma gurbanlygy üçin bir goçy gurbanlyk bermezden öň iň mukaddes otaga girmeli däldir.
4 Harun iň mukaddes otaga girmezinden öň suwa düşünip, onsoň zygyr matadan tikilen mukaddes dony geýsin. Donuň aşagyndan zygyr matadan tikilen içki geýimleri geýsin we biline zygyr matadan edilen guşagy guşanyp, kellesine zygyr matadan selle oransyn.
5 Ysraýyl halky bolsa günä gurbanlygy üçin iki erkeji we ýakma gurbanlygy üçin bir goçy ruhana getirip bersin.
6 Harun özi üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni hödürläp, ol özüni we maşgalasyny günälerinden saplasyn.
7 Soň ol iki erkeji alyp, Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirsin.
8 Onsoň Harun iki erkeç üçin bije atsyn: bir erkeç Rebbe gurbanlyk hökmünde hödürlensin, beýlekisi bolsa günä alyp gidýän erkeç bolar.
9 Harun Rebbe hödür edilmeli erkeji getirip, günä gurbanlygy hökmünde hödürlesin.
10 Günä alyp gidýän erkeç bolsa halky günäsinden saplamak üçin ol diriligine Rebbiň huzuryna getirilip, soňra çöle kowulsyn.
11 Harun özi üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçäni hödürläp, özüni we maşgalasyny günälerinden saplasyn. Ol özi üçin günä gurbanlygy hökmünde, bu öküzçäniň damagyny çalsyn.
12 Harun Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynda ýanýan oduň közlerinden doldurylan kül atary we owradylan ýakymly ysly tütetgiden iki gysym alyp, iň mukaddes otaga girsin.
13 Ýakymly ysly tütetginiň tüssesi Äht sandygynyň gapagynyň üstüni bürär ýaly, Harun ýakymly ysly tütetgini Rebbiň huzurynda oda atsyn, ýogsam ol öler.
14 Soňra ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony barmagy bilen Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we Äht sandygynyň öňüne ýedi gezek sepelesin.
15 Soňra Harun halk üçin günä gurbanlygyna niýetlenen erkejiň damagyny çalyp, onuň ganyny iň mukaddes otaga getirsin. Onuň ganyny-da, öküzçäniň ganyny edişi ýaly, Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we öňüne sepelesin.
16 Ysraýyl halkynyň haramlyklary we olaryň bar etmişleri, günäleri zerarly Harun iň mukaddes otagy halallasyn. Ol Rebbe ýüz tutulýan öýi-de halallasyn, çünki Rebbe ýüz tutulýan bu öý murdarlykdan doly düşelgäniň ortarasyndadyr.
17 Harun günäden saplamak üçin, iň mukaddes otaga girip, özüni, maşgalasyny we bütin ysraýyl halkyny günälerinden saplap, daşaryk çykýança, Rebbe ýüz tutulýan otagda hiç kim bolmasyn.
18 Soňra ol çykyp, Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasyny halallasyn. Öküzçäniň we erkejiň ganyndan alyp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn.
19 Ol barmaklary bilen ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne gan sepeläp, ony ysraýyl halkynyň haramlyklaryndan halallap, mukaddes etsin.
20 Harun iň mukaddes otagy, Rebbe ýüz tutulýan öýi we gurbanlyk sypasyny halallandan soň, diri erkeji Rebbiň huzuryna getirsin.
21 Onsoň Harun ellerini diri erkejiň başyna goýup, ysraýyl halkynyň bar pisliklerini, etmişlerini we günälerini boýun alsyn. Ruhany şeýle etmek bilen halkyň günäsini geçä geçirip, ony ýörite çöle boşadyp ibermek üçin bellenen adam bilen çöle ibersin.
22 Erkeç olaryň ähli ýazyklaryny göterip, adam aýagy sekmedik bir ýere äkider. Ýaňky bellenen adam erkeji boşadyp çöle ibersin.
23 Şondan soň Harun Rebbe ýüz tutulýan öýe girsin-de, iň mukaddes otaga gireninde geýen zygyr matadan tikilen lybaslaryny çykaryp, olary iň mukaddes otagda goýsun.
24 Harun mukaddes ýerde suwa düşünip, özüniň gündelik geýýän geýimlerini geýsin. Soňra çykyp, özi üçin we halk üçin ýakma gurbanlyklaryny hödürläp, özüni hem-de halky günälerinden saplasyn.
25 Ol günä gurbanlygynyň ýagyny gurbanlyk sypasynda ýaksyn.
26 Günä alyp gidýän erkeji çöle goýberen adam geýimlerini ýuwup, suwa düşüneninden soň, ol düşelgä girip biler.
27 Günä gurbanlygy hökmünde hödürlenen we günäden saplamak üçin ganlary iň mukaddes otaga getirilen öküzçe bilen erkeç düşelgäniň daşyna çykarylsyn. Olaryň derisi, eti we garyn-gajagy ýakylsyn.
28 Olary ýakan adam geýimlerini ýuwup, suwa düşüneninden soň, ol düşelgä girip biler.
29 Bu siziň üçin ebedi parz bolsun: Ýedinji aýyň onunjy güni siz gije-gündiz agyz bekläp, işlemäň. Şol gün ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de işlemesin.
30 Çünki şol gün siz günäleriňizden tämizlenersiňiz. Reb sizi ähli günäleriňizden tämizlär.
31 Ol gün Sabat güni bolup, siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün siz gije-gündiz agyz bekläň. Bu siziň üçin ebedi parz bolsun.
32 Atasynyň ýerine ruhanylyga bellenip, bagyş edilen ruhany zygyr matasyndan tikilen mukaddes lybaslaryny geýip, sizi günäleriňizden saplasyn.
33 Ol iň mukaddes otagy, Rebbe ýüz tutulýan öýi, gurbanlyk sypasyny halallap, ruhanylary we bütin ysraýyl halkyny günälerinden saplasyn.
34 Ysraýyl halkyny ähli günälerinden ýylda bir gezek saplamak siziň üçin ebedilik parz bolsun». Musa Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi. ‎




Chapter 17

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Haruna, onuň ogullaryna we bütin ysraýyl halkyna aýt, Meniň olara tabşyrygym şeýledir:
3 „Eger ysraýyllardan biri öküzçäni, guzyny ýa-da geçini Rebbe gurbanlyk hökmünde hödürlemek üçin, ýüz tutulýan çadyrynyň agzyna getirmän, onuň özi gurbanlyk malynyň damagyny düşelgäniň içinde ýa-da daşynda çalsa, ol kanuny bozandyr. Çünki ol gurbanlyk malynyň ganyny haram ýere dökdi we şonuň üçin-de ol halkdan çetleşdirilsin.
5 Bu tabşyryk ysraýyl halkynyň açyk meýdanda gurbanlyklar bermegini togtadar. Bu ysraýyl halkynyň öz gurbanlyklaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bermegi üçindir. Ruhany ol gurbanlyklary Rebbe salamatlyk gurbanlyklary hökmünde hödür eder.
6 Ruhany gany Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky Rebbiň gurbanlyk sypasyna serpsin we ýagy Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ýaksyn.
7 Ysraýyl halky mundan beýläk Rebbe ikilik edip, gurbanlyklaryny but erkeçlerine hödür etmesinler. Bu olara nesilden-nesle ebedilik parz bolsun“».
8 Mundan başga-da olara şuny tabşyr: «Ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri ýakma gurbanlyk ýa-da islendik başga gurbanlyk berip, ony Rebbe hödür etmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirmese, ol adam öz halkyndan çetleşdirilsin.
10 Eger ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri gan iýse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkyndan çetleşdirerin.
11 Çünki her bir jandaryň jany – onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplamagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr».
12 Şonuň üçin Men ysraýyl halkyna şeýle diýdim: «Siziň hiç biriňiz ýa-da araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden hiç biri gan iýmesin.
13 Ysraýyl halkyndan ýa-da araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden biri iýilýän haýwany ýa-da guşy awlasa, ol onuň ganyny akdyryp, üstüni toprak bilen basyrsyn.
14 Çünki her bir jandaryň jany – ganyndadyr». Şonuň üçin Men ysraýyl halkyna şeýle diýdim: «Hiç bir jandaryň ganyny agzyňyza almaň, çünki her bir jandaryň jany – onuň ganyndadyr. Ony iýen Meniň halkymdan çetleşdirilsin.
15 Ähli kişiler – ýerli halkdygyna ýa-da gelmişekdigine garamazdan, haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etini iýenler geýimlerini ýuwsunlar, suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar we soňra tämiz bolarlar.
16 Eger olar geýimlerini ýuwmasalar ýa-da suwa düşmeseler, onda ol öz jezasyny çekmeli». ‎




Chapter 18

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna şeýle diý: „Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
3 Siz ýaşan ýeriňiz bolan Müsür ýurdunyň we sizi indi alyp barýan ýurdum bolan Kenganyň adatlaryna eýermäň.
4 Siz Meniň hökümlerime, parzlaryma eýerip, olary berjaý ediň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
5 Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý ediň. Olary berjaý eden aman galar. Men – Rebdirin.
6 Hiç biriňiz öz mährem garyndaşyňyz bilen jyns gatnaşygyny etmäň. Men – Rebdirin.
7 Öz ejeň bilen jyns gatnaşygyny edip, kakaňy namysa goýma. Ol seniň ejeňdir, sen onuň bilen jyns gatnaşygyny etmeli dälsiň.
8 Kakaňyň beýleki aýallary bilen-de jyns gatnaşygyny edip, kakaňy namysa goýma.
9 Isle bir öýde, isle başga ýerde doglan bolsun parhy ýok – öz aýal doganyň bilen ýa-da kakaňyň ýa-da ejeňiň gyzy bilen jyns gatnaşygyny etme.
10 Öz ogluňdan bolan gyz agtygyň ýa-da öz gyzyňdan bolan gyz agtygyň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki sen olary biabraý etmek bilen, özüňi-de biabraý edýärsiň.
11 Öweý eneňden bolan öweý aýal doganyň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki ol seniň kakaňdan önen aýal doganyňdyr.
12 Öz ejekeň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň kakaňyň aýal doganydyr.
13 Daýzaň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki ol seniň ejeňiň aýal doganydyr.
14 Öz gelnejeňe golaýlaşyp, onuň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň gelnejeňdir.
15 Öz gelniň bilen jyns gatnaşygyny etme, ol seniň ogluňyň aýalydyr.
16 Öz doganyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etme, sen öz doganyňy namysa goýarsyň.
17 Bir aýalyň hem özi, hem gyzy bilen jyns gatnaşygyny etme; bir aýalyň hem özi hem gyz agtygy bilen jyns gatnaşygyny etme. Olar seniň mährem garyndaşlaryňdyr, bu azgynlykdyr.
18 Aýalyň dirikä, onuň uýasyny oňa güni edip alma we onuň bilen jyns gatnaşygyny etme.
19 Aýbaşy görýän aýal bilen jyns gatnaşygyny etme.
20 Ýoldaşyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny edip, özüňi haram etme.
21 Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Siziň Hudaýyňyz – Reb Mendirin.
22 Aýal bilen jyns gatnaşygyny edişiň ýaly, erkek bilen jyns gatnaşygyny etme, bu nejislikdir.
23 Hiç bir erkek ýa-da aýal haýwan bilen jyns gatnaşygyny edip, özüni haram etmesin, bu azgynlykdyr.
24 Şu nejislikleriň hiç biri bilen günä etmäň, çünki siziň öňüňizden kowýan milletlerim şu pis işleri zerarly haram boldular.
25 Şeýdip, ýurt harama çykdy. Men ýurdy etmişleri üçin jezalandyrdym. Ýurt öz ilatyndan ýüz dönderdi.
26 Emma siz Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý edip, bu nejis işleri etmäň. Ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de şeýle pis işleri etmesinler.
27 Çünki sizden öň bu ýurtda ýaşan ilat bu nejislikleriň baryny etdi we ýurt harama çykdy.
28 Eger sizem ýurdy harama çykarsaňyz, ozalky milletden ýüz dönderişi ýaly ýurt sizden-de ýüz dönderer.
29 Kimde-kim bu nejisliklerden birini etse, ol öz halkyndan çetleşdirilsin.
30 Sizden öňküleriň eden nejisliklerini gaýtalamazlygyňyz üçin, özüňizi şu zatlar zerarly murdar etmezligiňiz üçin, Meniň buýrugymy berjaý ediň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“». ‎




Chapter 19

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Bütin ysraýyl halkyna şeýle diý: „Olar mukaddes bolsunlar, çünki Men – siziň Hudaýyňyz – Reb mukaddesdirin.
3 Her biriňiz öz ene-ataňyzy sylaň, Sabat kanunlarymy ýerine ýetiriň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
4 Guýma butlary we başga hili butlary ýasap, olara sežde etmäň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
5 Rebbe salamatlyk gurbanlygyny hödür edeniňizde, gurbanlygyňyzyň kabul bolary ýaly ony kada laýyklykda beriň.
6 Gurbanlyk malynyň eti hödür edilen güni ýa-da ertesi iýilsin. Üçünji güne galan et oda ýakylsyn.
7 Eger et üçünji gün iýilse, ol haramdyr we siziň gurbanlygyňyz kabul bolmaz.
8 Ol gurbanlykdan iýen öz jezasyny çeker, çünki ol Rebbe mukaddes zady harlandyr. Şol sebäpli bu adam öz halkyndan çetleşdirilsin.
9 Ýeriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, atyzlaryňyzyň gyra çetlerindäkileri ormaň, hasylyňyzyň hoşasyny çöplemäň.
10 Üzüm baglaryňyzyň miweleriniň baryny ýygmaň, ýere gaçan üzümleri ýygnaman, olary garyp-gasara, gelmişeklere goýuň. Men Reb siziň Hudaýyňyzdyryn.
11 Ogrulyk, hilegärlik etmäň, bir-biriňizi aldamaň.
12 Galp zat babatda Meniň adymdan ant içip, Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň. Men Reb siziň Hudaýyňyzdyryn.
13 Ýoldaşyňyň hakyny iýme, ony talama. Günlükçiniň zähmet hakyny bir günem saklama.
14 Kere sögme, körüň öňünde büdrär ýaly zat goýma. Hudaýyňdan gork. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
15 Höküm çykaranyňda adalatsyzlyk etme. Garybyň tarapyny tutup, gurply adamdan-da gorkma.
16 Öz halkyňyň arasynda ýalan gep gezdirme, ýoldaşyň adalatsyz höküm zerarly durmuşy howp astynda bolsa, şaýatkär onuň arkasynda dursun. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
17 Ýüregiňde garyndaşyňy ýigrenme, günäsini onuň ýüzüne aýt, ýogsam senem günäkär bolarsyň.
18 Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýoldaşyňy-da özüňi söýşüň ýaly söý. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
19 Siz Meniň parzlarymy berjaý ediň. Mal-garalaryňy gapma-garşy jynsdan bolan mallar bilen çaknyşdyrma. Ekin meýdanyňda iki hili tohumy bile ekme we iki hili matadan tikilen eşik geýme.
20 Eger bir adam başga birine adaglanan, yzyna satyn alynmadyk ýa-da azat edilmedik gyrnak bilen ýatsa, onda olaryň ikisine-de, jeza berilsin, ýöne öldürilmesin. Çünki bu gyrnak azat edilen däldir.
21 Ol adam özi üçin Rebbe, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna ýazyk gurbanlygy hökmünde bir goç getirsin.
22 Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda bu ýazyk gurbanlyk goçy bilen, ony eden günäsinden saplasyn we Hudaý günäliniň eden günäsini geçer.
23 Siz Kengan ýurduna gelip, iýmit üçin her hili miweli agaçlary oturdanyňyzda, ilkinji üç ýylyň miwelerinden iýmeklik gadagan edilsin, olary iýmäň.
24 Dördünji ýyl bolsa, hemme miweler alkyş hökmünde Rebbe bagyş edilsin.
25 Bäşinji ýyl welin, siz miweli agaçlaryň miwesinden iýip bilersiňiz, olar size bol miwe berer. Men Reb siziň Hudaýyňyzdyryn.
26 Hiç bir eti gany bilen iýmäň. Siz pal atmaň, jadygöýlik etmäň.
27 Saçyňyzyň gyralaryny gyrkyp, sakgalyňyzy timarlamaň.
28 Merhum üçin bedeniňize tyg çekmäň, özüňizi tagmalamaň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
29 Gyzlaryňyzy jelepçilige satyp, olary biabraý etmäň. Eger siz şeýle etseňiz, ýurt zynahorluga berlip, ol azgynlykdan dolar.
30 Meniň Sabat kanunlarymy ýerine ýetirip, mukaddes öýüme hormat goýuň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
31 Jadygöýlere we palçylara ýüz tutmaň. Olardan maslahat sorap, özüňizi haram etmäň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
32 Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
33 Ýurduňyzda öz araňyzda ýaşaýan gelmişeklere sütem etmäň.
34 Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ýurtdaşyňyz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
35 Siz uzynlyk ölçäniňizde, çekimde ýa-da sanagda hiç kimi aldamaň.
36 Siz hak terezileri, hak ölçeg daşlaryny, hak ölçegleri ulanyň. Sizi Müsür ýurdundan çykaran Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
37 Siz Meniň ähli parzlarymy, ähli hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“». ‎




Chapter 20

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna aýt: „Ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden kimdir biri öz perzentlerinden birini, Molek buta bagyş etse, ol adam öldürilsin. Ýurduň halky ony daşlap öldürsin.
3 Men hem ol adamdan ýüz öwrerin we ony öz halkym hökmünde görmerin. Çünki ol halk Meniň mukaddes öýümi haraba çykaryp, Meniň mukaddes adyma ysnat getirip, öz perzendini Molege bagyş etdi.
4 Eger ýurduň halky perzendini Molege berýän adamy görmezlige salyp öldürmese, Meniň özüm ol adamdan we onuň maşgalasyndan ýüz öwrerin. Ony Molegiň yzyna eýerip, azgynlyga ýüz uranlaryň bary bilen bile öz halkymdan çetleşdirerin.
6 Eger kimde-kim biwepalyk edip, jadygöýleriň we palçylaryň yzyna eýerse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkymdan çetleşdirerin.
7 Şonuň üçin siz iniňizizi tämizläp, mukaddes boluň, çünki siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
8 Meniň parzlarymy saklap, olary berjaý ediň. Sizi mukaddes edýän Reb – Mendirin.
9 Kakasyny ýa-da ejesini näletlän adam öldürilsin. Öz kakasyny we ejesini näletländigi üçin, onuň gany öz boýnunadyr.
10 Eger bir adam başga bir adamyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etse, ol azgyn erkek-de, aýal-da öldürilsin.
11 Kim kakasynyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etse, ol öz kakasyny namysa goýýandyr. Olaryň ikisi-de öldürilsin. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr.
12 Bir erkek öz gelni bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de öldürilsin, çünki bular azgynlyk etdiler. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr.
13 Bir erkek aýal bilen jyns gatnaşygyny edişi ýaly, erkek bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de, nejis iş edendikleri üçin öldürilsin. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr.
14 Eger bir erkek bir aýala hem-de onuň ejesine-de öýlense, bu azgynlykdyr. Araňyzda azgynlyk bolmaz ýaly, ol adam aýaly we onuň ejesi bilen bile oda ýakylsyn.
15 Eger bir erkek bir haýwan bilen jyns gatnaşygyny etse, ol adam-da, haýwan-da öldürilsin.
16 Eger bir aýal bir haýwan bilen jyns gatnaşygyny etse, ol aýal-da, haýwan-da öldürilsin. Olar öldürilsin, olaryň ganlary öz boýunlarynadyr.
17 Eger bir adam öz aýal doganyna, kakasynyň ýa ejesiniň gyzyna öýlense, olar köpçüligiň öňünde masgaralanyp, öz halkynyň arasyndan çykarylsyn. Ol adam öz aýal dogany bilen jyns gatnaşygyny edenligi üçin jezalandyrylmalydyr.
18 Eger bir adam aýbaşy görýän aýal bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de öz halkyndan çetleşdirilsin, çünki olar tämizlik baradaky kadalary bozdular.
19 Öz daýzaň ýa-da ejekeň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki beýle etmek bilen sen özüňi namysa goýýansyň. Olaryň ikisine-de jeza berilmelidir.
20 Gelnejesi bilen jyns gatnaşygyny eden adam, agasyny namysa goýýandyr. Bular öz jezalaryny çekip, dünýäden perzentsiz öterler.
21 Kimde-kim öz gelnejesine öýlense, bu haramlykdyr. Ol öz doganyny namysa goýýandyr, olar perzentsiz öterler.
22 Mesgen tutmagyňyz üçin alyp barýan ýurdumyň sizden ýüz döndermezi ýaly, siz Meniň parzlarymy we hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň.
23 Öňüňizden kowup çykarýan milletiň adatlaryna eýermäň, çünki şeýle işler edendikleri üçin Men olary ýigrendim“.
24 Emma Men size şeýle diýdim: „Olaryň ýurduny siz miras alarsyňyz, Men bal akýan, mes toprakly ýurdy size mülk edip bererin. Sizi beýleki milletlerden saýlap alan Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
25 Şonuň üçin hem siz halal haýwany haram haýwandan, halal guşy hem haram guşdan saýgaryň. Siziň üçin haram diýip aýrybaşgalan haýwanlarym, guşlarym ýa-da guryýer süýrenijileri bilen özüňizi haram etmäň.
26 Meniň üçin mukaddes boluň, çünki Men Reb mukaddesdirin we Men sizi beýleki halklardan Özümiňki bolmagyňyz üçin saýlap aldym.
27 Jadygöý, palçy bolan erkegu-aýal daşlanyp öldürilsin. Olaryň gany öz boýunlarynadyr“». ‎




Chapter 21

1 Reb Musa şeýle diýdi: «Ruhanylar, ýagny Harun ogullary bilen gepleşip, olara şeýle diý: „Olaryň hiç biri öz garyndaşlaryndan bolan merhuma galtaşyp, özlerini haram etmesin.
2 Diňe mährem garyndaşy, ýagny ejesi, kakasy, ogly, gyzy, dogany, şonuň ýaly-da, durmuşa çykmadyk aýal dogany ölen ýagdaýynda ol merhuma galtaşyp, özüni haram edip biler.
4 Emma ruhany aýalynyň garyndaşlaryndan bolan merhum üçin özüni haram edip, öz adyna ysnat getirmesin.
5 Ýas tutýanlygynyň alamaty hökmünde, ruhanylar saçlaryny gyrkyp, sakgallarynyň gyrasyny syryp, bedenlerine tyg çekmesinler.
6 Ruhanylar öz Hudaýy üçin mukaddes bolup, öz Hudaýynyň adyna ysnat getirmesinler. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasyny hödürleýän şolardyr. Ruhanylar mukaddes bolmalydyrlar.
7 Olar jelebe, azgyn aýala, ärinden aýrylan aýala öýlenmesinler. Çünki olar Hudaýa mukaddesdirler.
8 Siz ruhanylary mukaddes saýyň, çünki siziň Hudaýyňyza bagyş edilen iýmit sadakany hödür edýän şolardyr. Sizem olary mukaddes saýyň, çünki Men sizi mukaddes edýän Reb – mukaddesdirin.
9 Eger ruhanynyň gyzy jelepçilige baş urup, özüni biabraý etse, ol atasynyň adyna hem ysnat getirýär. Beýle gyz oda ýakylsyn.
10 Başyna mesh ýagy guýlup, ruhanylyk lybaslaryny geýmek üçin bellenen baş ruhany ýas tutýandygyny görkezmek üçin, saçyny ýaýyp, lybaslaryny ýyrtmasyn.
11 Ol hiç bir ölä ýakynlaşyp, hatda öz kakasy ýa ejesi üçin hem özüni haram etmesin.
12 Baş ruhany mukaddes öýden daşa çykyp, öz Hudaýynyň mukaddes öýüni harlamasyn, çünki ol Hudaýynyň mesh ýagy çalnyp mukaddes edildi. Men – Rebdirin.
13 Ol boý gyza öýlensin.
14 Baş ruhany dula, ärinden aýrylana, azana ýa-da jelep aýala öýlenmesin. Ol halkynyň arasynda öz perzendiniň adyna ysnat getirmez ýaly diňe öz tiresinden bolan gyza öýlensin. Çünki Men-Reb ony mukaddes edýändirin“».
16 Reb Musa diýdi:
17 «Harun bilen gepleşip, oňa şeýle diý: „Seniň tohum-tijiňiň geljekki nesilleriňden-de, nogsanly adam Rebbe bagyş edilen iýmit sadakasyny hödür etmesin.
18 Şikesli bolan kör ýa-da agsak, ýüzi erbet şikesli ýa-da dogabitdi maýyp adam, aýagy ýa-da eli döwük, küýki ýa-da igli, gözi şikesli ýa-da gijilewük keselli, demrewli bolan ýa-da erkekligi bolmadyk adam gurbanlyk sypasyna ýakynlaşmasyn.
21 Harunyň neslinden bolan nogsanly ruhany Rebbe ot üsti bilen berilýän sadakalary hödürlemesin; nogsanlydygy zerarly ol Hudaýa iýmit sadakasyny hödürlejek bolup, gurbanlyk sypasyna asla ýakynlaşmasyn.
22 Nogsanly ruhany Hudaýa hödür edilen iýmitden, mukaddes we iň mukaddes iýmitden iýip biler.
23 Emma ol tutynyň ýanyna ýa-da gurbanlyk sypasyna golaýlaşmasyn. Çünki ol nogsanlydyr. Ol bu mukaddes zatlara ýakynlaşyp, olary harlamasyn. Ruhanylary mukaddes edýän Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“».
24 Ine, Musanyň Haruna, onuň ogullaryna we bütin ysraýyl halkyna aýdan zatlary şulardan ybaratdyr. ‎




Chapter 22

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Haruna we onuň ogullaryna aýt: „Harun we onuň ogullary ysraýyl halkynyň Maňa bagyş eden mukaddes sadakalaryna seresaply çemeleşsinler. Olar Meniň mukaddes adyma ysnat getirmesinler. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“.
3 Olara şeýle diý: „Eger siziň geljekki nesilleriňizden, tohum-tijiňizden biri, ysraýyl halkynyň Maňa bagyş eden mukaddes sadakalaryna haramlykda ýakynlaşsa, ol Meniň huzurymdan ýok edilsin. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
4 Harun neslinden bolan ýokançly deri keseli ýa-da suwuklyk akmasy bolan erkek tämizlenýänçä, mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Jesede degip, haram bolan islendik zada galtaşan ýa-da tohum akan erkege ýa-da ynsany haram edýän guryýer süýrenijileriniň birine ýa-da haramlygy nämediginiň parhy bolmadyk ynsany haram edýän şu agzalan zatlardan birine galtaşan ruhany agşama çenli haramdyr. Ol suwa düşünmezden, mukaddes sadakalardan iýmesin.
7 Gün ýaşan çagy ruhany tämiz bolar, diňe şondan soň ol mukaddes sadakalardan iýip biler, çünki bu sadaka ruhanylar maşgalasyna degişlidir.
8 Ruhany haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etinden iýip, özüni haram etmesin. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
9 Ruhanylar Meniň buýruklarymy berjaý etsinler, ýogsam olar mukaddes çadyry harlandyklary üçin, öz jezalaryny çekip ölerler. Olary mukaddes edýän, Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
10 Ruhany maşgalasyndan bolmadyk adam mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Ruhany bilen wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek ýa-da ruhanynyň hakyna tutulan hyzmatkäri mukaddes sadakalardan iýmesin.
11 Emma ruhanynyň satyn alan guly we onuň öýünde doglanlar onuň saçagyndan iýip biler.
12 Eger ruhanynyň gyzy ruhany maşgalasyndan bolmadyk birine durmuşa çyksa, ol hödür edilen mukaddes sadakalardan iýmeli däldir.
13 Emma ruhanynyň gyzy aýrylyşyp, dul galyp, çagasy bolman, ýaşlygyndaky ýaly atasy öýüne dolanyp gelse, ol kakasynyň saçagyndan iýip biler, ýöne başga bir gelmişek ondan iýmesin.
14 Eger bir adam tötänlikden mukaddes sadakadan iýse, onda ol onuň bahasynyň bäşden birini üstüne goşup, mukaddes sadakany ruhana bersin.
15 Ruhanylar ysraýyl halkynyň Rebbe hödür eden mukaddes sadakalaryny halkyň iýmegine ýol berip, özlerine degişli mukaddes sadakalary harlamasynlar. Bu halky ýazykly edip, başlaryna jeza getirdýändir. Çünki ol sadakalary mukaddes edýän, Hudaýyňyz Reb – Mendirin“».
17 Reb Musa şeýle diýdi:
18 «Haruna, onuň ogullaryna we bütin ysraýyl halkyna aýt: „Ysraýyllarmy ýa-da Ysraýylda ýaşaýan gelmişek, parhy ýok, kim Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde hödürlenýän, öz aýdylan ýa-da meýletin sadakasyny hödür etse, siziň gurbanlygyňyzyň kabul bolary ýaly, gara malmy, goýun-geçi parhy ýok, ol şikessiz erkek mal bolsun.
20 Şikesli maly gurbanlyk bermäň, çünki ol kabul bolmaz.
21 Eger kimde-kim aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde, gara mallardan ýa-da dowarlardan Rebbe salamatlyk gurbanlygyny bermekçi bolsa, onuň kabul bolary ýaly, ol gurat, şikessiz mal bolsun.
22 Kör, şikes ýeten ýa-da maýyp, baş keselli, gijilewükli ýa-da demrewli maly Rebbe hödür etmäň, şeýle mallary Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka hökmünde gurbanlyk sypasynyň üstüne goýmaň.
23 Göwresinde artyklygy ýa kemisi bolan öküzçäni ýa guzyny meýletin sadaka hökmünde hödürläp bilersiňiz, ýöne ol aýdylan sadakanyň ýerine kabul bolmaz.
24 Erkeklik tohumlygy ýenjilen, syndyrylan, ýolnan ýa-da kesilen maly Rebbe hödür etmäň, ýurduňyzda beýle iş edilmesin.
25 Şeýle haýwanlary Rebbe iýmit sadakasy hökmünde hödür etmek üçin, gelmişegiň elinden almaň, çünki olar maýyp-müjrüp, şikesli bolandyklary üçin, Rebbe iýmit sadakasy hökmünde kabul bolmaz“».
26 Reb Musa şeýle diýdi:
27 «Göle, guzy ýa-da owlak doglandan soň, ol ýedi günläp enesiniň ýanynda bolsun. Sekizinji günden başlap, ol Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk hökmünde kabul ediler.
28 Ýöne sygryň we onuň gölesiniň, goýnuň we onuň guzusynyň, ýagny malyň we onuň çagasynyň damagyny bir günde çalmaň.
29 Eger Rebbe şükür sadakasyny hödür etseňiz, ony kabul bolar ýaly edip beriň.
30 Sadaka şol günüň özünde iýilsin, ondan ertire hiç zat galdyrylmasyn. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
31 Siz Meniň buýruklarymy saklap, olary berjaý ediň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
32 Meniň ysraýyl halkynyň arasynda mukaddes hasaplanarym ýaly, siz Meniň adyma ysnat getirmäň. Sizi mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
33 Siziň Hudaýyňyz bolmak üçin, sizi Müsür ýurdundan çykaryp getiren Mendirin. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin». ‎




Chapter 23

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna aýt: „Rebbiň dini baýramlary, ýagny siz tarapyndan mukaddes ýygnanyşyklar hökmünde yglan edilmeli Meniň baýramlarym ine, şulardyr.
3 Alty günläp işläň, ýedinji gün Sabatdyr, ol doly dynçlyk we mukaddes ýygnanyşyk günüdir. Şol gün siz hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, şol Sabat güni ol Rebbe degişlidir.
4 Ine, Rebbiň şu baýramlaryny siz kesgitlenen wagtlarynda bellemelisiňiz.
5 Birinji aýyň on dördüne, gün ýaşandan soň, Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin.
6 Şu aýyň on bäşi Rebbiň Petir baýramydyr. Siz ýedi günläp petir çörek iýmelisiňiz.
7 Şu günleriň ilkinji güni, siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň.
8 Ýedi günläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlaryňyzy hödürläp, ýedinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň“».
9 Reb Musa şeýle diýdi:
10 «Ysraýyl halkyna aýt: „Size berjek ýurduma baryp, onuň hasylyny ýygnan mahalyňyz, ilkinji hasyl desselerini ruhana getirip beriň.
11 Ol siziň üçin kabul bolsun diýip, dessäni Rebbe sadaka hökmünde ýokary galdyrsyn. Ruhany ony Sabat gününiň ertesi hödür etsin.
12 Dessäni sadaka hökmünde ýokary galdyran günüňiz, siz Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde şikessiz toklyny hödürläň.
13 Onuň bilen birlikde zeýtun ýagyna garylan ondan iki batman möçberindäki saýlama bugdaý ununy galla sadakasy hökmünde beriň. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu galla sadakanyň ysy, Oňa ýakymlydyr. Hödür edilen içgi hökmünde bir küýzä barabar şerap beriň.
14 Hudaýyňyza bu sadakany hödür edýän günüňize çenli çörek, gowrulan bugdaý ýa-da täze bugdaý dänesini iýmäň. Bu siziň nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, bütin nesilleriňiz üçin ebedi parz bolsun.
15 Sabat gününiň ertesi siz Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür eden dessäňizi getiren günüňizden sanap, doly ýedi hepdäni geçiriň.
16 Ýedinji Sabadyň ertesi, ellinji gün Rebbe täze galla sadakasyny hödürläň.
17 Siz ýaşaýan ýerleriňizden iki çöregi Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür ediň. Olaryň her biri ondan iki batmana barabar saýlama bugdaý ununa ýugrulyp, ilkinji miwe hökmünde hamyrmaýaly bişirilen bolsun.
18 Çörek bilen birlikde şikessiz toklulardan ýedisini, bir öküzçäni we iki goçy hödür ediň. Bular Rebbe ýakma gurbanlyk bolsun. Olar Rebbe ot üsti bilen berilýän galla sadakasy we hödür edilen içgi bilen birlikde Rebbe hödür edilsin. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr.
19 Şeýle hem siz günä gurbanlygy üçin bir erkeji we salamatlyk gurbanlygy üçin iki sany goçy hödürläň.
20 Ruhany bulary iki guzy we ilkinji hasyl çöregi bilen birlikde Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. Bular Rebbe mukaddes edilip, ruhanynyňky bolmalydyr.
21 Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. Bu nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedi parz bolsun.
22 Ýeriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, atyzlaryňyzyň gyra çetlerindäkileri ormaň, hasylyňyzyň hoşasyny çöplemäň. Olary garyp-gasara we kesekä goýuň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“».
23 Reb Musa şeýle diýdi:
24 «Ysraýyl halkyna aýt: „Ýedinji aýyň birinji güni siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün surnaýlar çalnyp ýatlanýan mukaddes ýygnanyşyk günüdir.
25 Şol gün siz işlemäň. Siz Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlygy hödürläň“».
26 Reb Musa şeýle diýdi:
27 «Ýedinji aýyň onunjy güni günäden saplanma günüdir. Şol gün siziň üçin mukaddes ýygnanyşyk güni bolsun. Siz gije-gündiz agyz bekläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlygy hödürläň.
28 Şol gün siz bütin günläp işlemäň, çünki bu siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda günäleriňizden saplanmagyňyz üçin, günäden saplanma günüdir.
29 Kimde-kim şol gün gije-gündiz agyz beklemese, ol öz halkyndan çetleşdirilsin.
30 Şol gün haýsydyr bir iş eden adamy, Men öldürerin.
31 Siz şol gün işlemäň, bu siziň bütin nesilleriňiz üçin nirede ýaşaýandyklaryna garamazdan, ebedi parz bolsun.
32 Ol gün siziň üçin Sabat, doly dynçlyk günüdir. Siz agyz bekläň. Aýyň dokuzy gününiň agşamyndan ertesi agşama çenli Sabat kanunlaryny ýerine ýetiriň».
33 Reb Musa şeýle diýdi:
34 «Ysraýyl halkyna aýt: „Şu ýedinji aýyň on bäşinden başlap, ýedi günüň dowamynda Rebbiň hormatyna Çatma baýramy geçirilsin.
35 Onuň birinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň.
36 Ýedi günläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýlaryny hödürläň. Sekizinji gün halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýlaryny hödürläň. Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň we işlemäň.
37 Mukaddes ýygnanyşyklarda Rebbiň bellemegi buýran baýramlary şulardyr: Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlary – ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary, başga gurbanlyklary we hödür edilen içgileriň hemmesini öz bellenmeli günlerinde beriň.
38 Bu baýramlar Rebbiň Sabat günlerinden, aýratyn sadakalaryňyzdan, Hudaýa aýdan sadakalaryňyzdan we Rebbe hödür eden ähli meýletin sadakalaryňyzdan daşarydyr.
39 Ýedinji aýyň on bäşinji güni, siz ýerleriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, ýedi günläp Rebbiň hormatyna baýram ediň. Birinji we sekizinji günleri doly dynç alyň, işlemäň.
40 Birinji gün oňat miweli agaçlaryň miwesini, palma şahalaryny, gür ýaprakly agaçlaryň we suw boýunda ösýän söwütleriň şahalaryny alyp, siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýedi günläp şady-horramlykda boluň.
41 Her ýyl ýedinji aýda ýedi günläp Rebbiň hormatyna baýram ediň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedi parzdyr.
42 Ýedi günläp çatmalarda ýaşaň, Ysraýylyň ähli ýerli halky çatmalarda ýaşasyn.
43 Eger şeýle etseňiz, Meniň ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykanymdan soň, olary çatmalarda ýaşadandygymy siziň nesilleriňiz bilerler. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“».
44 Şeýdip, Musa ysraýyl halkyna Rebbiň bellenmeli baýramlaryny yglan etdi. ‎




Chapter 24

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna buýur, her gün yşyk bolar ýaly çyra üçin saňa ýenjilen zeýtunyň sap arassa ýagyny getirsinler.
3 Harun çyrany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daşynda, Rebbiň huzurynda her gün agşamdan ertire çenli ýanyp durar ýaly edip goýsun. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedi parz bolsun.
4 Ol çyralary sap altyndan bolan çyradanyň üstünde, Rebbiň huzurynda her gün agşamdan ertire çenli ýanyp durar ýaly edip goýsun».
5 Reb Musa şeýle diýdi: «Saýlama bugdaý unundan on iki sany çörek bişirt, olaryň her biriniň agramy ondan iki batmana barabar bolsun.
6 Olary Rebbiň huzurynda, sap altyndan bolan hantagtanyň üstünde alty altydan iki hatar edip goý.
7 Her hatar çöregiň ýanynda Rebbiň ýoluna hödür edilen paý hökmünde, sap arassa, ýakymly ysly tütetgiden goý. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka bolup, ol çöregiň ornuny tutar.
8 Harun bulary adat boýunça her Sabat güni Rebbiň huzurynda goýsun. Bu ysraýyl halkynyň ebedilik borjudyr.
9 Bu çörekler Harun we onuň ogullarynyňkydyr. Olar mukaddes ýerde iýilsin. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlarynyň içinde ruhanylar üçin örän mukaddesi şudur. Bu siziň üçin ebedi parzdyr».
10 Ysraýyllaryň arasynda ejesi ysraýylly, kakasy bolsa müsürli bolan bir adam bardy. Düşelgede bir ysraýylly aýalyň ogly bilen başga bir ysraýylly uruşmaga başladylar.
11 Ysraýylly aýalyň ogly küpür gepläp, Rebbiň adyna dil ýetirdi. Onsoň ony Musanyň ýanyna alyp geldiler. Onuň ejesiniň ady Şelomytdy, ol dan tiresinden bolan Dibriniň gyzydy.
12 Reb özlerine näme etmelidigini aýan edýänçä, olar ýaňky adamy gabap goýdular.
13 Reb Musa şeýle diýdi:
14 «Hudaýa dil ýetireni düşelgäniň daşyna çykar, ony eşidenleriň bary ellerini onuň kellesine goýsunlar we bütin halk ony daşlasyn.
15 Onsoň ysraýyl halkyna aýt: „Kim öz Hudaýyna dil ýetirse, onuň günäsi öz boýnunadyr.
16 Kimde-kim Rebbiň adyna dil ýetirse, ol ölüme höküm edilsin, ony bütin halk daşlasyn. Gelmişekmi ýa-da ýerli halk, parhy ýok, Rebbiň adyna dil ýetiren öldürilmelidir.
17 Adam öldüreniň özi-de ölüme höküm edilsin.
18 Mal öldüren onuň öwezini mal bilen tölesin.
19 Kim-de kim biriniň bedenine şikes ýetirse, onuň özüne-de edil şonuň ýaly şikes ýetirilsin.
20 Döwük ýerine döwük, göz ýerine göz, diş ýerine diş, kime nähili şikes ýetiren bolsa, onuň özüne-de şonuň ýaly şikes ýetirilsin.
21 Mal öldüren onuň öwezini mal bilen tölesin, adam öldüren ölüme höküm edilsin.
22 Gelmişek üçin hem, ýerli adam üçin hem kanun birdir, çünki siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“».
23 Musa bu tabşyryklary ysraýyl halkyna bereninden soň, olar Rebbe dil ýetiren adamy düşelgäniň daşyna çykaryp daşladylar. Şeýle etmek bilen ysraýyl halky Rebbiň Musa beren tabşyrygyny ýerine ýetirdi. ‎




Chapter 25

1 Reb Sinaý dagynda Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna aýt: „Meniň size berýän ýurduma baranyňyzda, siz Rebbiň hormatyna her ýedinji ýyl ýere ekin ekmän dynç beriň.
3 Alty ýyl ýeriňe ekin ek, alty ýyl üzümçiligiňi puda we alty ýyl hasylyňy ýygna.
4 Emma ýedinji ýyl ýer bütinleý ekişsiz galdyrylsyn. Ol Rebbe bagyş edilen ýyl bolsun. Sen ekin meýdanyňa ekin ekme, üzümçiligiňi pudama.
5 Hasyl ýygnalandan soň, sen özi gögereni orma, pudalmadyk üzümiň miwesini ýygnama, ýedinji ýyl ýer bütinleý ekişsiz galdyrylsyn.
6 Ýeriň ekişsiz galdyrylan ýyly, önen hasyl siz we siziň gullaryňyzdyr gyrnaklaryňyz, hakyna tutma hyzmatkärleriňiz we siz bilen wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek üçin iýmit bolsun.
7 Şeýle hem ýeriň hasyly siziň mal-garalaryňyz we ýurduňyzdaky ýabany haýwanlar üçin iýmit bolsun“».
8 «„Ýedi ýyly ýedi gezek sanap geçir. Şonda ol kyrk dokuz ýyl bolýandyr.
9 Onsoň ýedinji aýyň onunjy güni, surnaý batly çalynsyn. Günäden saplanma güni surnaý bütin ýurduňyzda çalynsyn.
10 Ellinji ýyly mukaddes ýyl edip, siz ýurduň ýaşaýjylarynyň baryna azatlyk yglan ediň. Bu siziň üçin baýram ýyly bolsun. Her kim öz mülküne, öz maşgalasyna dolanyp gelsin.
11 Bu ellinji ýyl siziň üçin baýram ýyly bolsun. Ýere ekin ekmäň, özi gögerenini ormaň, pudalmadyk üzümiň hasylyny ýygnamaň.
12 Çünki bu baýram ýyly siziň üçin mukaddes ýyldyr. Bu ýyl siz diňe ekin meýdanynyň öz öndüren önümlerini iýiň.
13 Bu baýram ýylynda her kim öz mülküne dolanyp gelsin.
14 Ýoldaşyňyza ýer satanyňyzda ýa-da satyn alanyňyzda biri-biriňizi aldamaň.
15 Ýoldaşyňyzdan ýer satyn alanyňyz-da, onuň bahasy indiki baýram ýylyna çenli, ýeriň öndürip biljek hasylyna görä kesilsin.
16 Eger baýrama çenli wagt köp bolsa, onda ýeriň bahasyny artdyryň. Eger baýrama çenli az wagt galan bolsa, onuň bahasyny aşak düşüriň, çünki siz ýeriň öndürjek belli bir mukdardaky hasylyny satyn alýarsyňyz.
17 Siz birek-biregi aldamaň, Hudaýyňyzdan gorkuň, çünki siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
18 Ýurduňyzda howpsuz ýaşaryňyz ýaly, Meniň parzlarymy berjaý ediň, hökümlerime boýun boluň.
19 Ýer size öz miwesini eçiler, siz ondan doýup iýip, howpsuz ýaşarsyňyz.
20 Emma kimdir biriniň: ‘Eger ekin ekmesek, hasyl ýygnamasak, onda biz ýedinji ýylda näme iýeris?’ diýip soramagy mümkindir.
21 Men altynjy ýylda ýere şeýle bir bereket indererin welin, ol iki ýyla ýeterlik hasyl berer.
22 Sekizinji ýyl ekin ekeniňizde-de, siz öňki hasyldan iýersiňiz. Tä dokuzynjy ýyla çenli, täze hasyl ýetişýänçä, siz köne hasyldan iýersiňiz“».
23 «„Ýer hemişelik satylmasyn, çünki ol Meniňkidir. Siz Meniň ýanymda gelmişek we kärendeçi ýalysyňyz.
24 Eýeleýän ähli ýeriňizde siz ony gaýtadan satyn almaga mümkinçilik dörediň.
25 Eger öz garyndaşlaryňyzdan biri garyp düşüp, mülküniň bir bölegini satsa, onda onuň iň mährem garyndaşy gelip, onuň satan ýerini yzyna satyn alsyn.
26 Eger onuň ýeri pul töläp yzyna satyn alyp biljek garyndaşy bolman, emma soň onuň özi baýap, ýeri yzyna satyn alar ýaly ýeterlik pul toplasa, onda ol ýeriň satylanyndan bäri geçen wagty hasaplap aýryp, galan puly satan adamyna gaýtaryp bersin we mülk hem eýesine gaýtarylyp berilsin.
28 Emma eýesiniň ýeri yzyna satyn almaga ýeterlik puly bolmasa, onda satylan ýer baýram ýylyna çenli ony satyn alan adamyň elinde galar. Ýöne baýram ýylynda ýer onuň ygtyýaryndan çykyp, mülk öňki eýesine gaýtarylyp berilsin.
29 Eger biri galadaky öýüni satsa, ol satylan wagtyndan soňky bir ýylyň dowamynda öýi yzyna satyn alyp biler. Eýesiniň öýi bir ýyla çenli yzyna satyn almaga haky bar.
30 Eger galadaky öý bir ýyla çenli yzyna satyn alynmasa, öý ony satyn alan adamyň elinde hemişelik galar. Öý baýram ýylynda-da, satyn alanyň ygtyýaryndan çykmaz.
31 Emma diwarsyz obalardaky öýler açyk meýdan bilen deň saýylsyn. Olar yzyna satyn alnyp bilner we baýram ýyly öz hakyky eýesine gaýtarylyp berilsin.
32 Lewileriň galalary barada aýtsak, lewiler özlerine degişli galalardaky öýlerini islän wagtlary yzyna satyn alyp bilerler.
33 Lewileriň biri özlerine degişli bolan galalaryň birindäki öýi satyp, ony yzyna satyn almasa, öý baýram ýyly onuň özüne gaýtarylyp berilsin. Çünki lewileriň galalaryndaky öýleri, olaryň ysraýyl halkynyň arasyndaky mülkleridir.
34 Emma olaryň galalarynyň töweregindäki açyk meýdanlar satylmaly däldir, çünki bu olaryň ebedilik mülküdir“».
35 «„Eger garyndaşlaryňyzdan biri garyp düşüp, ol seniň kömegiňe mätäç bolsa, sen oňa araňyzda ýaşaýan gelmişeklere goldaw berşiň ýaly goldaw bermeli.
36 Ondan göterim alyp, peýda görjek bolma. Hudaýyňyzdan gork. Goý olar siziň araňyzda ýaşasyn.
37 Kömege mätäje karz alan pulundan artyk töletme ýa-da peýda görmek üçin iýmiti oňa ýokary bahadan satma.
38 Kengan ýurduny size bermek üçin, siziň Hudaýyňyz bolmak üçin, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
39 Eger seniň kömegiňe mätäç bolanlaryň biri halys garyp düşüp, özüni saňa satsa, sen olary gul ýaly işletme.
40 Gaýtam, olar seniň ýanyňda hakyna tutulan hyzmatkäriň ýa-da seniň bilen wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek ýaly bolsunlar. Olar seniň ýanyňda baýram ýylyna çenli işlesinler.
41 Baýram ýylynda bolsa olar öz çagalary bilen seniň ygtyýaryňdan çykyp, öz maşgalasyna, atalarynyň mülküne dolanyp gelsin.
42 Çünki olar Meniň Müsürden alyp çykan gullarymdyr. Olar gullaryň satylyşy ýaly satylmaly däldir.
43 Siz olara gödek daraşmaň, Hudaýyňyzdan gorkuň.
44 Eger size gul-gyrnak gerek bolsa, olary töweregiňizdäki milletlerden satyn alyň.
45 Öz araňyzda ýaşaýan gelmişekleriň arasyndan, olaryň siziň ýurduňyzda doglan çagalarynyň arasyndan, siz gul-gyrnak satyn alyp bilersiňiz. Olar siziň eýeçiligiňizde bolarlar.
46 Olary siz özüňizden soňky çagalaryňyza miras hökmünde galdyryp bilersiňiz. Siz olary gul hökmünde ulanyp bilersiňiz, ýöne öz Ysraýyl doganlaryňyza hiç kim gödeklik bilen daraşmasyn.
47 Eger siziň araňyzda ýaşaýan gelmişekleriň biri baýap, öz ysraýylly doganlaryňyzdan biri garyp düşüp, özüni ýaňky gelmişege ýa-da gelmişegiň kowumyndan birine satsa, ol satylanyndan soň, onuň yzyna satyn alynmaga haky bardyr. Öz ysraýylly doganlaryndan biri ony yzyna satyn alyp biler.
49 Agasy ýa-da doganoglany, ýa-da öz kowumyndan bolan mährem garyndaşlarynyň biri ony yzyna satyn alyp biler. Eger satylanyň özi baýasa, onda onuň özi, özüni yzyna satyn alyp biler.
50 Ol özüni satyn alan adam bilen, satylan ýylyndan bäri geçen ýyllary hasaplasyn. Baha baýram ýylyna çenli galan wagta görä hakyna tutulan işçiniň gündelik zähmet hakynyň hasabyna görä hasaplanyp çykarylsyn.
51 Eger baýram ýylyna çenli wagt uzak bolsa, onda ol özüniň satyn alnan bahasyna görä tölesin.
52 Eger-de baýram ýylyna çenli galan wagt az bolsa, onda ol özüni satyn alan adam bilen hasaplaşyp, tölegi öz satylan wagtyndan bäri geçen wagta görä tölesin.
53 Olar ýylyna hakyna tutulýan işçi hökmünde baý gelmişegiň ygtyýarynda bolar. Ýöne hojaýyn siziň gözüňiziň alnynda olara gödek daraşmasyn.
54 Eger olar şeýle ýagdaýda yzyna satyn alynmasalar, olar we olaryň çagalary baýram ýylynda azatlyga çykarylmalydyrlar.
55 Çünki ysraýyl halky Meniň gullarym, Meniň Müsürden alyp çykan gullarymdyr. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“». ‎




Chapter 26

1 «„Özüňize butlar ýasamaň, heýkeller we uly daşlar dikmäň. Sežde etmek üçin ýurduňyzda oýma daş dikmäň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
2 Meniň Sabat kanunlarymy ýerine ýetirip, Meniň mukaddes öýüme hormat goýuň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
3 Eger siz Meniň parzlaryma eýerip, tabşyryklarymy saklap, olary ak ýürekden berjaý etseňiz, Men siziň ýerleriňize gerek wagtynda ýagyş ýagdyraryn. Ýer hasyl berer, meýdan agaçlary-da miwe getirer.
5 Ekinleriňiz şeýle bir köp hasyl getirer welin, döwegiňiz üzüm ýygymyna çenli dowam eder. Üzüm ýygymy galla ekişine çenli dowam eder, çöregiňizi doýup iýersiňiz, ýurduňyzda howpsuzlykda ýaşarsyňyz.
6 Men ýurda parahatçylyk bererin. Siz arkaýyn ýatyp-turarsyňyz. Sizi gorkuzan bolmaz. Men ýurtdaky wagşy haýwanlaryň ýoguna ýanaryn. Ýurduňyzda uruş bolmaz.
7 Siz duşmanlaryňyzdan üstün çykarsyňyz. Uruşda duşmanlaryňyzy gyrarsyňyz.
8 Bäşiňiz ýüzden, ýüziňiz müňden üstün çykarsyňyz. Uruşda duşmanlaryňyzy gyrarsyňyz.
9 Men sizi ýalkap, size köp çaga berip, sanyňyzy köpelderin. Men siziň bilen eden ähtimi saklaryn.
10 Siz uzak wagtlap saklanan öňki köne gallany iýersiňiz. Täze hasyla ýer açmak üçin, siz köne hasyly çykaryp taşlamaly bolarsyňyz.
11 Men siziň araňyzda mesgen tutaryn. Men hiç haçan sizden ýüz öwürmerin.
12 Men siziň araňyzda bolup, siziň Hudaýyňyz bolaryn, sizem Meniň halkym bolarsyňyz.
13 Müsürlileriň guly bolup galmasynlar diýip, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb – Mendirin. Sizi olaryň elinden azat edip, başyňyzy dik tutduryp ýöreden Mendirin.
14 Eger siz Maňa boýun egmän, ähli tabşyryklarymy berjaý etmän, parzlarymdan, hökümlerimden ýüz öwrüp, ähtimi bozsaňyz, Men siziň üstüňizden howp indererin. Bejerip bolmaýan, gözüňi kör edip, lütüňi çykarýan ysytmany Men siziň başyňyzdan indererin. Eken ekinleriňiz özüňize nesip etmez, olary duşmanlaryňyz iýer.
17 Men sizden ýüz öwrerin, duşmanlaryňyz sizden üstün çykarlar, ýagylaryňyz üstüňizden höküm sürerler. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, dowla düşüp gaçarsyňyz.
18 Şeýle betbagtçylyklardan soňam siz Maňa gulak asmasaňyz, onda Men size öňküden ýedi esse artyk jeza bererin.
19 Men siziň buýsanýan güýjüňizi syndyraryn. Gökden ýagyş ýagmaz we ýerleriňiz gatap, demre döner.
20 Siz güýjüňizi biderek sarp edersiňiz, ýeriňiz hasyl, agaçlaryňyz miwe bermez.
21 Eger siz Maňa garşy gitmegiňizi dowam edip, Maňa gulak asmasaňyz, boýnuýogynlygyňyz üçin Men size ýene-de ýedi esse artyk jeza bererin.
22 Üstüňize wagşy haýwanlary ibererin. Olar sizi çagalaryňyzdan jyda düşürerler, mallaryňyzy gyrarlar, sanyňyzy azaldyp, ýollaryňyzy çolardarlar.
23 Şu jezalardan soňam Maňa tarap öwrülmän, garşyma gitmegiňizi dowam etseňiz, onda Men hem siziň garşyňyza gidip, günäleriňiz üçin size ýene öňküden-de ýedi esse artyk jeza bererin.
25 Men siziň ýurduňyzda uruş turzaryn. Ähtimi bozanlygyňyz üçin, Men size hökman jeza bererin. Eger siz galalaryňyzda gaçyp gizlenseňiz, Men siziň araňyza gyrgyn keselini ibererin. Şeýdip, Men sizi duşmanyňyzyň eline bererin we olar siziň üstüňizden höküm sürerler.
26 Men sizi çörekden kesenimde, on aýal diňe bir tamdyrda çörek ýapar. Olar çöregiňizi size ölçäp bererler. Siz ondan iýersiňiz, ýöne doýmarsyňyz.
27 Emma munuň bilen-de, siz Maňa gulak asman, garşyma gitmegi dowam etseňiz, Men gahar bilen size garşy gidip, günäleriňiz üçin size ýene öňküden-de ýedi esse artyk jeza bererin.
29 Siz açlygyňyzdan ýaňa ogullaryňyzyň, gyzlaryňyzyň etini iýersiňiz.
30 Siziň sežde edýän ýerleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin.
31 Men siziň galalaryňyzy haraba öwrüp, siziň sežde edilýän ýerleriňizi ýer bilen ýegsan ederin, ýakymly ysly gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin.
32 Siziň ýurduňyzy şeýle bir weýran ederin welin, onda ornaşmaga gelýän duşmanlaryňyz muňa haýran galarlar.
33 Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler.
34 Siz duşmanlaryňyzyň ýurdundakaňyz, haraba bolup ýatan boş ýer oňat dynç alar. Ýer näçe köp harabalykda ýatsa, ol şonça-da onuň hözirini görer.
35 Ol ýerde ýaşaýarkaňyz Sabat günleriňiz boş ýatmadyk ýer, şu wagt siz ýesirlikdekäňiz, boş ýatsyn.
36 Duşmanlaryňyzyň ýurtlarynda diri galanlaryňyzyň ýüreklerine Men şeýle bir gorky salaryn welin, hatda ýapragyň şemala şygyrdaýan sesi-de sizi gaçmaga mejbur eder. Siz gylyçdan gaçýan ýaly gaçarsyňyz. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, bar ýaly bolup gaçarsyňyz.
37 Sizi kowalaýan bolmasa-da, gylyçdan gaçýan dek, biri-biriňize büdreşip ýykylarsyňyz, sizde duşmanlaryňyza garşy durmaga mejal galmaz.
38 Siz gelmişek milletleriň arasynda heläk bolup, duşmanlaryňyzyň ýurdy sizi ýuwdar.
39 Diri galanlaryňyz bolsa öz etmişleriňiz we atalaryňyzyň etmişleri zerarly duşmanlaryňyzyň ýurdunda çüýrärsiňiz.
40 Siziň nesilleriňiz öz etmişlerini we atalarynyň etmişlerini, olaryň Maňa biwepalyk edip, Meniň garşyma gidendiklerini we Meniň hem olara garşy gidip, olary duşmanlarynyň ýurduna getirendigimi boýun alarlar. Siziň nesilleriňiz boýnuýogynlyk etmeklerini bes edip, öz günäleri üçin ötünç soranlaryndan soň, Men Ýakup bilen eden ähtimi, Yshak bilen eden ähtimi, Ybraýym bilen eden ähtimi we ýurdy size bererin diýip eden wadamy ýatlaryn.
43 Çünki ýer halk tarapyndan terk edilip, ol haraba bolup ýatyr. Halk Meniň hökümlerimi ret edip, parzlarymdan ýüz öwrendigi üçin, öz duşmanynyň ýurdunda öz etmişiniň jezasyny çeksin.
44 Emma bu zatlara garamazdan Men olar heniz duşmanlarynyň ýurdundakalar, olary ret edip, olardan ýüz dönderip, bütinleý heläk etmerin we olar bilen eden ähtimi bozmaryn, çünki Men Reb, olaryň Hudaýydyryn.
45 Gaýtam, olar üçin, olaryň Hudaýy bolmak üçin, olaryň beýleki milletleriň gözüniň alnynda Müsürden alyp çykan ata-babalary bilen eden ähtimi ýatlaryn. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“».
46 Rebbiň Sinaý dagynda Musanyň üsti bilen ysraýyl halkyna beren parzlary, hökümleri we kanunlary şulardan ybaratdyr. ‎




Chapter 27

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna aýt: „Eger kimdir biri Rebbe berlen wadany berjaý etmek üçin, Rebbe bagyş edilen bolsa, ol adam şu möçberdäki bahalar bilen azat edilip bilner.
3 Ýigrimi ýaşdan altmyş ýaşa çenli bolan erkek adamyň bahasy mukaddes öýüň kesgitlän ölçegine görä bir ýüz mysgal kümüş bolsun.
4 Eger aýal maşgala bolsa, ýetmiş mysgal kümüş bolsun.
5 Bäş ýaşdan ýigrimi ýaşa çenli bolan oglanlaryň bahasy kirk bäş mysgal kümüş, gyzlaryňky ýigrimi iki mysgal kümüş bolsun.
6 Bir aýlykdan bäş ýaşa çenli bolan oglanyň bahasy on bir mysgal kümüş, gyzyň bahasy ýedi mysgal kümüş bolsun.
7 Ýaşy altmyş ýa-da ondan ýokary bolan erkek kişiniň bahasy otuz bäş mysgal kümüş, aýalyňky ýigrimi iki mysgal kümüş bolsun.
8 Eger kimdir biri Rebbe adam bermegi wada edip, soňam onuň boşadylmagy üçin tölenmeli bahany töläp bilmese, onda ony ruhanynyň ýanyna getirsinler. Ruhany onuň ýagdaýyna görä baha kessin.
9 Eger Rebbe wada berlen mal sadaka hökmünde kabul edilse, onda hödür edilen her bir sadaka maly mukaddesdir.
10 Malyň eýesi maly başga oňat mal bilen çalyşmaly däldir. Eger bir mal başga mal bilen çalşylaýan ýagdaýynda, olaryň ikise-de Rebbe degişlidir.
11 Eger wada berlen mal Rebbe hödür edilmeýän haram mallardan bolsa, ol mal ruhanynyň ýanyna getirilsin.
12 Oňatdygyna ýa-da erbetdigine garamazdan, ruhany mala baha kessin. Ruhanynyň kesen bahasy gutarnykly baha bolsun.
13 Eger malyň eýesi ony yzyna satyn almakçy bolsa, ol ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne ýene bäşden birini goşsun.
14 Eger kimdir biri öýüni Rebbe bagyş etse, oňatmy ýa-da erbet, parhy ýok, ruhany oňa baha kessin. Ruhany ony näçe bahalasa, şol baha gutarnykly baha bolsun.
15 Eger-de öýüni bagyş eden adam ony yzyna satyn almakçy bolsa, ol kesilen bahanyň üstüne ýene bäşden birini goşsun. Şondan soň öý öz eýesine gaýtarylyp berler.
16 Eger kimdir biri öz mülkünden bir bölek ýeri Rebbe bagyş etse, ýeriň bahasy oňa ekiljek tohumyň mukdaryna görä kesilsin: on batmanlyk arpa tohumynyň gymmaty bir ýüz mysgal kümüş bolsun.
17 Eger kimdir biri ýeri baýram ýyly geçen badyna Rebbe bagyş etse, ýeriň bahasy ruhanynyň kesen nyrhynda galsyn.
18 Eger eýesi ýeri baýram ýylyndan has soňrak Rebbe bagyş etse, onda ruhany indiki baýram ýylyna çenli galan wagty hasaplap, bahany öňküden kemeltsin.
19 Eger ýeri Rebbe bagyş eden adam ony yzyna satyn almakçy bolsa, onda ol ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne bäşden birini goşsun. Şondan soň ýer öz eýesine gaýtarylyp berler.
20 Emma ýeri ilki yzyna satyn alman, ony başga birine satsa, ýer eýesiniň ony yzyna satyn almaga haky ýokdur.
21 Emma baýram ýyly gelende, ýer bagyş edilen mülk hökmünde Rebbiňki bolar. Ol ýer ruhanynyň eýeçiligine geçer.
22 Eger biri öz mülkünden daşary satyn alan ýerini Rebbe bagyş etse, ruhany ýeriň bahasyny, baýram ýylyna çenli galan wagta görä hasaplap çykarsyn. Rebbe mukaddes sadaka hökmünde ýeriň bahasy şol günüň özünde tölensin.
24 Baýram ýylynda bolsa ýer mülk eýesine, ýagny satyn alnan adamyna geçer.
25 Ähli bahalar, mukaddes öýüň resmi ölçegine görä kesilsin, ýagny iki mysgal.
26 Mal-garanyň ilkinji doglany Rebbiňkidir. Ony hiç kim Rebbe bagyş edip bilmez. Öküz bolsun, owlak-guzy bolsun, parhy ýok, olar Rebbiňkidir.
27 Eger ol mal haram bolsa, onda malyň eýesi ruhanynyň kesen bahasynyň üstüne bäşden birini goşup, ony yzyna satyn alsyn. Eger mal yzyna satyn alynmasa, kesilen baha görä satylsyn.
28 Rebbe bagyş edilen islendik zat – adam bolsun, haýwan bolsun ýa-da mülk berlen ýer bolsun – parhy ýok, ol satylyp ýa-da yzyna satyn alnyp bilinmez. Bagyş edilen her bir zat ebedilik Rebbe degişlidir.
29 Ölüme bagyş edilen ynsanlar hem yzyna satyn alnyp bilinmez. Olar hökman ölüme höküm edilsin.
30 Ýerden önýän önümleriň ondan biri – dänemi ýa-da miwe – parhy ýok, olaryň bary Rebbiňkidir. Olar Rebbe degişlidir.
31 Eger kimdir biri öz ondan birini yzyna satyn almak islese, ondan biriniň nyrhynyň üstüne bäşden birini goşsun.
32 Iri mallaryň we dowarlaryň ondan birini, ýagny çopanyň sanaýan her onunjy maly Rebbe bagyş edilsin.
33 Hiç kim şikesli maly sadaka bermesin. Şeýle hem mal çalşylmasyn. Eger ol çalşylaýsa, olaryň ikisem Rebbe degişli bolar. Siz olary yzyna satyn almaly dälsiňiz“».
34 Rebbiň Sinaý dagynda ysraýyl halky üçin Musa beren buýruklary şulardan ybaratdyr. ‎