Çölde

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36

Chapter 1

1 Reb Sinaý çölünde ysraýyl halkynyň Müsürden çykanynyň ikinji ýylynyň ikinji aýynyň birinji güni Özüne ýüz tutulýan çadyryň içinde Musa şeýle diýdi:
2 «Uruglaryna we kowumlaryna görä bütin ysraýyl halkynyň her bir erkeginiň sanyny ýekeme-ýeke hasaba al.
3 Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan ysraýyl goşunynda söweşe ukyply hemme adamy Harun ikiňiz topar-topar edip, ýazyp hasaba almalysyňyz.
4 Ýanyňyzda her tireden bir adam, ýagny öz urugynyň baştutany bolsun.
5 Size kömek etmeli adamlar şulardyr: Ruben tiresinden Şedeýuryň ogly Elisur;
6 Şimgon tiresinden Suryşadaýyň ogly Şelumyýel;
7 Ýahuda tiresinden Amynadabyň ogly Nahşon;
8 Ysakar tiresinden Sugaryň ogly Netanel;
9 Zebulun tiresinden Helonyň ogly Eliýap;
10 Ýusubyň ogullaryndan: Efraýym tiresinden Ammyhudyň ogly Elişama; Manaşe tiresinden Pedahsuryň ogly Gamlyýel;
11 Benýamin tiresinden Gidgonynyň ogly Abydan;
12 Dan tiresinden Amyşadaýyň ogly Ahygezer.
13 Aşer tiresinden Okranyň ogly Pagyýel.
14 Gat tiresinden Deguwalyň ogly Elýasap;
15 Naftaly tiresinden Eýnanyň ogly Ahyra».
16 Bular öz kowumlary we tireleri üçin ysraýyl halkynyň içinden bellenen baştutanlardy.
17 Musa bilen Harun bu atlary bellenen adamlary ýanlaryna alyp,
18 ikinji aýyň birinji güni halky ýygnadylar. Rebbiň Musa buýruşy ýaly edip, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlar öz uruglaryna we kowumlaryna görä atlaryny ýekeme-ýeke mälim etdiler. Şeýdip, Musa Sinaý çölünde olaryň sanyny ýazyp aldy.
20 Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy.
21 Ruben tiresinden hasaba alnanlar kyrk alty müň bäş ýüz adam boldy.
22 Şimgonyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýigrimi we ondan ýokary ýaşly, sanawda bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy.
23 Şimgon tiresinden hasaba alnanlar elli dokuz müň üç ýüz adam boldy.
24 Gatyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar, uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy.
25 Gat tiresinden hasaba alnanlar kyrk bäş müň alty ýüz elli adam boldy.
26 Ýahudanyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy.
27 Ýahuda tiresinden hasaba alnanlar ýetmiş dört müň alty ýüz adam boldy.
28 Ysakaryň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy.
29 Ysakar tiresinden hasaba alnanlar elli dört müň dört ýüz adam boldy.
30 Zebulunyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy.
31 Zebulun tiresinden hasaba alnanlar elli ýedi müň dört ýüz adam boldy.
32 Ýusubyň, ýagny Efraýymyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy.
33 Efraýym tiresinden hasaba alnanlar kyrk müň bäş ýüz adam boldy.
34 Manaşeniň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy.
35 Manaşe tiresinden hasaba alnanlar otuz iki müň iki ýüz adam boldy.
36 Benýaminiň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä, ýekeme-ýeke hasaba alyndy.
37 Benýamin tiresinden hasaba alnanlar otuz bäş müň dört ýüz adam boldy.
38 Danyň nesillerinden, söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy.
39 Dan tiresinden hasaba alnanlar altmyş iki müň ýedi ýüz adam boldy.
40 Aşeriň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy.
41 Aşer tiresinden hasaba alnanlar kyrk bir müň bäş ýüz adam boldy.
42 Naftalynyň nesillerinden söweşmäge ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan erkek adamlar uruglaryna we kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba alyndy.
43 Naftaly tiresinden hasaba alnanlar elli üç müň dört ýüz adam boldy.
44 Her biri öz tiresine wekilçilik edýän Ysraýylyň on iki baştutanynyň kömegi bilen Musanyň we Harunyň tarapyndan hasaba alnanlar şulardy.
45 Ysraýyl goşunynda söweşe ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolanlaryň ählisi öz kowumlaryna görä hasaba alyndy.
46 Olaryň jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli adam boldy.
47 Emma lewiler öz tirelerine görä hasaba alynmadylar.
48 Reb Musa şeýle diýipdi:
49 «Diňe lewi tiresiniň adamlaryny hasaba alma, olary ysraýyl halky bilen bile sanama.
50 Oňa derek olary mukaddes äht çadyryna, onuň ähli esbaplaryna we oňa degişli zatlaryň hemmesine jogapkär edip goý. Mukaddes çadyry we onuň ähli esbaplaryny olar götersinler we oňa gözegçilik etsinler, öz çadyrlaryny onuň töwereginde diksinler.
51 Mukaddes çadyr göçürilmeli bolanda, ony lewiler ýygnasynlar. Mukaddes öý dikilmeli bolanda, ony lewiler diksinler. Lewilerden başga, kim oňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.
52 Ysraýyllaryň hersi bölünen tire toparyna görä, öz düşelgesinde öz tugy astynda düşlesinler.
53 Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler».
54 Ysraýyllar edil Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly etdiler. ‎




Chapter 2

1 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl tireleri düşlände, hersi öz düşelgesinde öz uruglarynyň tugy astynda çadyrlaryny diksinler. Olar çadyrlaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan uzagrakda gursunlar.
3 Ýahuda goşunlary mukaddes çadyryň gündogarynda öz tugy astynda düşelgesini gursun. Ýahudalaryň baştutany Amynadabyň ogly Nahşondyr.
4 Onuň goşunynda hasaba alnanlar ýetmiş dört müň alty ýüz adamdyr.
5 Onuň ýanynda ysakar tiresiniň düşelgesi bolsun. Ysakarlaryň baştutany Sugaryň ogly Netaneldir.
6 Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli dört müň dört ýüz adamdyr.
7 Onuň gapdalynda zebulun tiresi çadyryny diksin. Zebulunlaryň baştutany Helonyň ogly Eliýapdyr.
8 Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli ýedi müň dört ýüz adamdyr.
9 Ýahuda düşelgesindäki hasaba alnan goşunyň jemi bir ýüz segsen alty müň dört ýüz adam. Ýörişe ilkinji bolup şolar çyksynlar.
10 Günorta gapdalynda, öz tugy astynda ruben goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Rubenleriň baştutany Şedeýuryň ogly Elisurdyr.
11 Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk alty müň bäş ýüz adamdyr.
12 Onuň ýanynda şimgon tiresiniň düşelgesi bolsun. Şimgonlaryň baştutany Suryşadaýyň ogly Şelumyýeldir.
13 Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli dokuz müň üç ýüz adamdyr.
14 Onuň gapdalynda gat tiresi çadyryny diksin. Gatlaryň baştutany Reguwalyň ogly Elýasapdyr.
15 Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk bäş müň alty ýüz elli adamdyr.
16 Ruben düşelgesindäki hasaba alnan goşunyň jemi bir ýüz elli bir müň dört ýüz elli adam. Olar ýörişe ikinji bolup çyksynlar.
17 Lewileriň düşelgesi Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen bilelikde beýleki düşelgeleriň ortasynda ýöremelidir. Edil düşleýişleri ýaly, her bir adam öz ornunda, öz tugy astynda ýörişe çyksyn.
18 Günbatar gapdalynda, öz tugy astynda efraýym goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Efraýymlaryň baştutany Ammyhudyň ogly Elişamadyr.
19 Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk müň bäş ýüz adamdyr.
20 Onuň ýanynda manaşe tiresiniň düşelgesi bolsun. Manaşeleriň baştutany Pedahsuryň ogly Gamlyýeldir.
21 Onuň goşunynda hasaba alnanlar otuz iki müň iki ýüz adamdyr.
22 Onuň gapdalynda benýamin tiresiniň düşelgesi bolsun. Benýaminleriň baştutany Gidgonynyň ogly Abydandyr.
23 Onuň goşunynda hasaba alnanlar otuz bäş müň dört ýüz adamdyr.
24 Efraýym düşelgesindäki goşunyň jemi bir ýüz sekiz müň bir ýüz adam. Olar ýörişe üçünji bolup çyksynlar.
25 Demirgazyk gapdalynda, öz tugy astynda dan goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Danlaryň baştutany Amyşadaýyň ogly Ahygezerdir.
26 Onuň goşunynda hasaba alnanlar altmyş iki müň ýedi ýüz adamdyr.
27 Onuň ýanynda aşer tiresiniň düşelgesi bolsun. Aşerleriň baştutany Okranyň ogly Pagyýeldir.
28 Onuň goşunynda hasaba alnanlar kyrk bir müň bäş ýüz adamdyr.
29 Onuň gapdalynda naftaly tiresiniň düşelgesi bolsun. Naftalylaryň baştutany Eýnanyň ogly Ahyradyr.
30 Onuň goşunynda hasaba alnanlar elli üç müň dört ýüz adamdyr.
31 Dan düşelgesindäki goşunyň jemi bir ýüz elli ýedi müň alty ýüz adam. Olar iň soňky bolup, hersi öz tugy astynda ýörişe çyksynlar».
32 Ysraýyllaryň uruglaryna görä hasaba alnanlarynyň jemi şeýledi. Düşelgelerdäki hasaba alnan goşunyň jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli adam boldy.
33 Rebbiň Musa buýruşy ýaly, lewiler beýleki ysraýyllaryň arasynda hasaba alynmady.
34 Ysraýyllar edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly etdiler. Olaryň her biri öz tugy astynda ýerleşip, öz urugyna we kowumyna görä, aýdylan tertipde ýörişe çykdylar. ‎




Chapter 3

1 Rebbiň Sinaý dagynda Musa bilen gepleşen wagty Harunyň we Musanyň nesilleri şulardy:
2 Harunyň dört ogly bardy, olaryň atlary şulardyr: Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar. Nadap onuň nowbahar ogludy.
3 Harunyň ogullaryndan ruhanyçylyga bellenip, bagyş edilenleri şulardyr.
4 Emma Nadap bilen Abyhu Sinaý çölünde mukaddes bolmadyk ody Rebbiň huzurynda hödür edendikleri üçin öldüler. Olardan zürýat galmady. Elgazar bilen Ytamar bolsa atalary Harunyň ýaşan döwründe ruhany bolup hyzmat etdiler.
5 Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:
6 «Lewi tiresini getir-de, ruhany Harunyň hyzmatynda goý, olar oňa kömek etsinler.
7 Olar mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Harun we tutuş halk üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň goramak keşigini çekerler.
8 Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes çadyryň hyzmatyny edip, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň ähli esbaplaryna gözegçilik etsinler.
9 Lewileri Harunyň we onuň nesilleriniň ygtyýaryna ber. Olar ysraýyllaryň arasyndan Harunyň ygtyýaryna doly berlendir.
10 Haruny we onuň ogullaryny hasaba al. Ruhanyçylyk wezipesini diňe şolar ýerine ýetirmelidirler, olardan başga kim mukaddes çadyra golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».
11 Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:
12 «Men ysraýyllaryň arasyndan lewileri olaryň nowbahar ogullaryna derek kabul edip aldym. Lewiler Meniňkidir,
13 çünki nowbahar ogullaryň bary Maňa degişlidir. Müsürde nowbahar ogullary öldüren günüm, Ysraýylda haýwanu-ynsanyň ilkinji doglanlarynyň baryny Özüme bagyş etdim. Olar Meniňkidir. Men – Rebdirin».
14 Soňra Sinaý çölünde Reb Musa:
15 «Lewileriň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň hemmesini uruglaryna we kowumlaryna görä ýazyp hasaba al» diýdi.
16 Onsoň Musa Rebbiň sözüne görä olary özüne buýrulyşy ýaly hasaba aldy.
17 Lewi ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat, Merary.
18 Uruglaryna görä Gerşonyň ogullarynyň atlary şulardyr: Libni we Şimgi.
19 Uruglaryna görä Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel.
20 Uruglaryna görä Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Kowumlaryna görä lewi uruglary şulardyr.
21 Gerşondan libni we şimgi uruglary gelip çykandyr, bularyň ikisi hem Gerşonyň uruglarydyr.
22 Olaryň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň sany ýedi müň bäş ýüz adam boldy.
23 Gerşon uruglary mukaddes çadyryň ýeňsesinde, günbatar gapdalynda çadyr dikmelidiler.
24 Gerşon uruglarynyň baştutany Laýeliň ogly Elýasapdy.
25 Gerşon ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara jogapkärdirler: mukaddes çadyryň içki we daşky örtüklerine, çadyryň girelgesi üçin ýapynja,
26 haýatyň perdelerine, mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daşyndaky haýatyň derwezesiniň ýapynjasyna, onuň zynjyrlaryna we bulara degişli ähli hyzmatlara.
27 Kohatdan amram, ýishar, hebron, uzyýel uruglary gelip çykandyr, bularyň bary Kohadyň uruglarydyrlar.
28 Bularyň ýaşy bir aýlyk we ondan ýokary bolan erkek göbeklileriniň sany sekiz müň alty ýüz boldy. Bular mukaddes zatlary goramaklyga jogapkärdirler.
29 Kohat uruglary mukaddes çadyryň günorta gapdalynda düşlemelidiler.
30 Kohat uruglarynyň baştutany Uzyýeliň ogly Elisapandy.
31 Olar gorag hyzmatlaryndan şulara jogapkärdirler: sandyga, hantagta, şemdana, gurbanlyk sypasyna, mukaddes öýüň enjamlaryna, ýapynja we bulara degişli ähli hyzmatlara.
32 Ruhany Harunyň ogly Elgazar lewi baştutanlarynyň başlygydy we mukaddes zatlara jogapkärçilik çekýän lewileriň üstünden garaýardy.
33 Merarydan mahly we muşy uruglary gelip çykandyr. Bularyň ikisi hem Merarynyň urugydyr.
34 Olaryň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň sany alty müň iki ýüz boldy.
35 Merary uruglarynyň baştutany Abyhaýyl ogly Suryýeldi. Olar mukaddes çadyryň demirgazyk tarapynda düşlemelidiler.
36 Merary ogullary mukaddes çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara jogapkärdirler: onuň çarçuwalaryna, taýaklaryna, sütünlerine, aýaklaryna, ähli esbaplaryna we bulara degişli ähli hyzmatlara.
37 Şeýle hem haýatyň daşyndaky sütünleriň aýaklary, gazyklary we zynjyrlary bilen bile olara tabşyryldy.
38 Musa bilen Harunyň we onuň ogullarynyň düşelgesi gündogar tarapda, Rebbe ýüz tutulýan öýüň öňünde, ýagny mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde bolsun. Olar ysraýyllaryň hatyrasyna mukaddes öýi goramak keşigini çekerler. Olardan başga kim muňa golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir.
39 Rebbiň buýrugyna görä, Musa bilen Harunyň uruglaryna görä hasaba alan, bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan lewileriň erkek göbeklileriniň sany ýigrimi iki müň boldy.
40 Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Ysraýylyň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan ähli nowbahar ogullaryny ýekeme-ýeke sana we ýazga geçir.
41 Olaryň deregine lewileri Meniň üçin – Reb üçin kabul et, olaryň mallaryny bolsa ysraýyllaryň ilkinji doglan mallarynyň öwezine kabul et».
42 Şeýdip, Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly, ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň ählisini hasaba aldy.
43 Atlary bilen hasaba alnan bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriň jemi sany ýigrimi iki müň iki ýüz ýetmiş üç boldy.
44 Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:
45 «Ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň deregine lewileri, mallarynyň deregine bolsa lewileriň mallaryny kabul et. Lewiler Meniňkidir, Men – Rebdirin.
46 Ysraýylyň nowbahar ogullary lewilere garanda iki ýüz ýetmiş üç adam artykmaç boldy. Olary satyn almak üçin,
47 adam başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen on mysgal kümüş al.
48 Lewileriň sanyndan artykmaçlary satyn almaga tölenen puly Haruna we onuň ogullaryna ber».
49 Şeýdip, Musa lewileriň sanyndan artyk bolanlaryň öwezine töleg pullaryny aldy.
50 Ysraýylyň nowbahar ogullaryndan mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ol bir put kümüş aldy.
51 Onsoň Rebbiň buýrup aýdyşy ýaly, Musa töleg pullaryny Haruna we onuň ogullaryna berdi. ‎




Chapter 4

1 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
2 «Beýleki lewilerden aýratynlykda, uruglaryna we kowumlaryna görä kohatlaryň
3 Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly, otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini hasaba al.
4 Kohatlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyrda ýerine ýetirmeli hyzmaty iň mukaddes zatlar bilen baglanyşyklydyr.
5 Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary çadyra girip, iň mukaddes otagy bölüp duran tutyny aýyrsynlar we onuň bilen Äht sandygyny basyrsynlar.
6 Onuň üstüni saýlama deriden edilen ýapynja bilen ýapyp, üstüne gök keteni çeksinler we sandygyň syryklaryny ýerine goýsunlar.
7 Hödür çörekleri goýulýan hantagtanyň üstüne gök keteni ýazyp, onuň üstünde tabaklary we jamlary, içgi sadakasy üçin küýzeleri we şakäseleri goýsunlar. Hemişelik çörek hem onuň üstünde bolsun.
8 Soňra olaryň üstünden gyrmyzy mata ýapyp, ony hem saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar we onuň syryklaryny ýerine oturtsynlar.
9 Şemdany, onuň çyralaryny, müçeneklerini, nowalaryny we zeýtun ýagy salynýan ähli gaplaryny gök keteni bilen basyrsynlar.
10 Onsoň ähli enjamlary bilen bilelikde ony saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyryp, leňňeriň üstünde goýsunlar.
11 Altyndan edilen gurbanlyk sypasynyň üstüne gök keteni ýapyp, ony saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar we onuň syryklaryny ýerine oturtsynlar.
12 Mukaddes öýde ybadat edilende ulanylýan ähli enjamlary alyp, olary gök keteniniň içinde goýsunlar we saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar. Onsoň olary leňňeriň üstünde goýsunlar.
13 Gurbanlyk sypasynyň üstünden küli aýryp, üstüne badam matany ýapsynlar.
14 Onuň üstüne gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny, ýagny ybadat edilende ulanylýan maňňallary, çarşaklary, kül atarlary, legenleri goýup, üstüne saýlama deriden edilen ýapynjany ýapsynlar we syryklaryny ýerine oturtsynlar.
15 Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr.
16 Ruhany Harunyň ogly Elgazara çyra ýagyna, ýakymly ysly tütetgä, adaty galla sadakasyna we mesh ýagyna gözegçilik etmek tabşyrylsyn. Şeýle hem oňa tutuş mukaddes çadyr we onuň içindäki ähli enjamlary, mukaddes otag we onuň enjamlary tabşyrylsyn».
17 Onsoň Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
18 «Lewileriň arasynda kohat urugynyň ýok bolup gitmegine ýol bermäň.
19 Olar iň mukaddes zatlara galtaşanlarynda ölmän aman galarlary ýaly, siz şeýle ediň: Harun we onuň ogullary içeri girip, kohatlaryň hersiniň ýerine ýetirmeli hyzmatyny ýa-da götermeli ýüküni görkezsin.
20 Emma kohatlar mukaddes zatlara sähel salymlyk hem seretmeli däldirler, ýogsam olar ölerler».
21 Soňra Reb Musa şeýle diýdi:
22 «Uruglaryna we kowumlaryna görä gerşonlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly, otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini ýazyp hasaba al.
24 Gerşon uruglarynyň etmeli işleri we daşamaly ýükleri şulardan ybarat:
25 Olar mukaddes çadyryň tutularyny, Rebbe ýüz tutulýan çadyry we onuň ýapynjasyny, onuň saýlama deriden edilen daşky ýapynjasyny we girelgesindäki perdäni,
26 haýatyň perdelerini, mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daşyndaky haýatyň derwezesiniň ýapynjasyny we onuň zynjyrlaryny, olara degişli ähli esbaplary götersinler. Bu zatlar bilen baglanyşykly işleriň hemmesini etsinler.
27 Ýük daşamagy we başga işleri – ähli hyzmatlary gerşonlar Harunyň we onuň ogullarynyň buýrugy esasynda bitirsinler. Göterýän zatlaryny goramaklyga olary borçly ediň.
28 Ruhany Harunyň ogly Ytamaryň gözegçiligi astynda gerşonlaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen baglanyşykly etmeli işleri we gorag wezipeleri, ine, şulardyr.
29 Indi bolsa uruglaryna we kowumlaryna görä merarylary Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini ýazga geçir.
31 Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat etmek bilen olaryň götermeli we goramaly zatlary şulardyr: mukaddes çadyryň çarçuwalary, taýaklary, sütünleri we aýaklary,
32 haýatyň sütünleri we aýaklary, gazyklary, zynjyrlary, olara degişli ähli enjamlar. Olaryň götermeli zatlaryny atma-at sanap tabşyryň.
33 Ruhany Harunyň ogly Ytamaryň gözegçiligi astynda merarylaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen baglanyşykly etmeli işleri, ine, şulardyr».
34 Onsoň Musa bilen Harun we halkyň ýolbaşçylary uruglaryna we kowumlaryna görä kohatlary ýazga geçirdiler.
35 Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň
36 uruglaryna görä hasaba alnany iki müň ýedi ýüz elli adam boldy.
37 Bu Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat eden ähli kohatlaryň uruglarynyň baş sanydyr. Rebbiň Musanyň üsti bilen buýruşy ýaly, olary Musa bilen Harun hasaba aldy.
38 Uruglaryna we kowumlaryna görä hasaba alnan gerşonlaryň sany şudur:
39 Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlary
40 uruglaryna we kowumlaryna görä iki müň alty ýüz otuz adam boldy.
41 Bu Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat eden ähli gerşonlaryň uruglarynyň baş sanydyr. Rebbiň buýruşy ýaly, olary Musa bilen Harun hasaba aldy.
42 Uruglaryna we kowumlaryna görä, merarylaryň sany şudur:
43 Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlary
44 uruglaryna görä jemi üç müň iki ýüz adam boldy.
45 Bu Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat eden ähli merarylaryň uruglarynyň baş sanydyr. Rebbiň Musanyň üsti bilen buýruşy ýaly, olary Musa bilen Harun hasaba aldy.
46 Musa bilen Harunyň we ysraýyl ýolbaşçylarynyň uruglaryna we kowumlaryna görä hasaba alan,
47 Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge we ýük götermäge ýarawly otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolan
48 lewileri sekiz müň bäş ýüz segsen adam boldy.
49 Rebbiň Musanyň üsti bilen beren buýrugyna görä, her bir adamyň ýerine ýetirmeli işi we götermeli ýüki belli edildi. Rebbiň buýruşy ýaly, olar Musa tarapyndan hasaba alyndylar. ‎




Chapter 5

Düşelgäni tämiz saklamak

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara buýruk ber: ýokançly deri we akma kesellini ýa-da ölä galtaşyp haram bolany,
3 erkek kişimi ýa aýal parhy ýok, Ysraýyl düşelgesini haram etmez ýaly, düşelgeden hökman çykaryň, çünki olaryň arasynda Men ýaşaýaryn».
4 Ysraýyllar şeýle hem etdiler, olary düşelgeden çykardylar. Rebbiň Musa diýenleriniň ählisini ysraýyllar berjaý etdiler.
5 Reb Musa şeýle diýdi:
6 «Ysraýyllara aýt: eger erkek ýa-da aýal bir adamyň garşysyna günä etse we Rebbe dönüklik edip, günä gazansa,
7 ol eden günäsini boýun alsyn we günäsi üçin hun tölesin. Ýene onuň üstüne hunuň bäşden bir bölegini goşup, jebir çeken kişä bersin.
8 Eger jebir çeken ölse we hun almaga hossary bolmasa, onda edilen günä üçin tölenen hun Rebbe bagyş edilip, ruhana berilsin. Bu günäkäriň günäsini saplamak üçin, goçuň üstesine berilsin.
9 Ysraýyllaryň ähli mukaddes sadakalarynyň arasyndan getirilen her bir sadaka ruhanyňkydyr.
10 Hemmäniň berýän mukaddes sadakalary ruhanyňkydyr, kim näme berse ruhanyňkydyr».
11 Reb Musa şeýle diýdi:
12 «Ysraýyllara aýt: eger biriniň aýaly ters ýola düşüp, biwepalyk etse,
13 başga bir adam bilen ýatyp, onam äri bilmese, şeýdibem, aýal günäli bolsa-da, aýyby äşgär bolmasa, garşysyna şaýat tapylmasa we ol bu iş üstünde tutulmasa,
14 äri bolsa was-was keseline uçrap, günäli aýalyna müňkür bolsa ýa-da aýaly günäli bolmasa-da oňa müňkürlik etse,
15 onda äri aýalyny ruhanynyň ýanyna alyp gelsin. Aýaly üçin berilmeli sadakany, ýagny bir batmanyň ondan biri arpa ununy getirsin. Munuň müňkürlik galla sadakasydygy, ýagny etmişi äşgär edýän sadakadygy üçin, unuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn, onuň üstüne ýakymly ysly tütetgi-de goýulmasyn.
16 Onsoň ruhany ol aýaly getirip, Rebbiň huzurynda duruzsyn.
17 Ruhany mukaddes suwdan toýun gaba guýup alsyn we mukaddes çadyryň içinden toprak alyp, suwa guýsun.
18 Ruhany ol aýaly Rebbiň huzurynda duruzyp, onuň saçyny ýaýsyn we onuň goşawujyna müňkürlik sadakasyny, ýagny etmişi ýatladyp durýan aýyplama sadakasyny guýsun. Ruhany öz elinde nälet getirjek ajylyk suwuny saklasyn.
19 Ruhany aýala kasam içirip şeýle diýsin: „Eger sen başga bir adam bilen ýatmadyk bolsaň, öz äriňiň ygtyýaryndakaň günä etmedik bolsaň, onda nälet getirýän bu ajylyk suwy saňa zeper ýetirmesin“.
20 Ruhany aýala nälet antyny içirip şeýle diýsin: „Emma sen öz äriňiň ygtyýaryndakaň ters ýola düşüp, günäli bolsaň we başga adam bilen ýatan bolsaň, Reb seni Öz halkyňyň arasynda ýigrenje we gargyşa sezewar etsin. Goý, Reb seniň uýat ýeriňi guratsyn, garnyň çişip gitsin.
22 Bu nälet getirýän suw seniň içiňe ornap, garnyňy çişirsin, uýat ýeriňi guratsyn!“ Aýal hem „Omyn. Omyn“ diýsin.
23 Onsoň ruhany bu nälet sözlerini ýazyp, ony ajylyk suwunda ýuwsun.
24 Nälet getirýän ajylyk suwuny aýala içirmeli. Nälet getirýän ajylyk suwy aýalyň içine ornap, güýçli agyry döreder.
25 Ruhany müňkürlik sadakasyny aýalyň elinden alyp, ony Rebbiň huzurynda ýokary galdyrsyn we gurbanlyk sypasyna alyp gelsin.
26 Onsoň ruhany Rebbiň ýoluna berilýän paý hökmünde, galla sadakasyndan bir goşawujyny alyp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Soňra aýala suwy içirsin.
27 Aýala suwy içirenden soň, eger aýal günäli bolup, ärine biwepalyk eden bolsa, nälet getirýän suw onuň içine ornap, güýçli agyry döreder. Ol aýalyň uýat ýeri gurar, garny çişer.
28 Emma aýal günäli bolman tämiz bolsa, oňa hiç hili zeper etmez we ýene-de çaga dogrup biler.
29 Aýal öz äriniň ygtyýaryndaka ters ýola düşüp, özüniň günälidigine müňkür bolan ýagdaýynda kanun şudur.
30 Ýa-da äri was-was keseline uçrap, aýalyna müňkürlik edip başlasa, onda ol aýalyny Rebbiň huzuryna getirsin we ruhany aýal babatda bu kanuny ulansyn.
31 Erkek adam ýazykly bolmaz, emma aýal welin eden günäsi üçin jezasyny çeksin». ‎




Chapter 6

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara aýt: eger erkek ýa aýal nazyr bolmaga kasam içip, özüni Rebbe bagyş etse,
3 onda ol şerapdan we güýçli içgilerden datmasyn. Şerap sirkesini-de, başga sirke-de ulanmasyn, üzüm şerbedini-de içmesin, ter üzüm-de, kişmiş-de iýmesin.
4 Nazyrlyk döwrüniň bütin dowamynda üzümden öndürilen hiç bir zady, hatda üzümiň gabygyny ýa dänesini-de agzyna almasyn.
5 Nazyr bolmaga kasam içen döwrüniň bütin dowamynda onuň kellesine hiç bir päki degmesin, özüni Rebbe bagyş eden günleri gutarýança, nazyr bolan adam mukaddesdir, ol saçyny ösdürsin.
6 Onuň saçy Rebbe bagyş edilendiginiň nyşanydyr. Özüni Rebbe bagyş eden günlerinde ol jesede golaýlaşmasyn. Hatda onuň atasy ýa enesi, dogany ýa uýasy öläýende-de, ol özüni haram etmesin.
8 Nazyrlyk döwrüniň bütin dowamynda bu adam Reb üçin aýratyn adamdyr.
9 Eger gapdalyndakylaryň biri duýdansyzlykda ölüp, nazyryň mukaddes saçyny haram etse, onda ol tämizlenilýän gün bolan ýedinji güni saçyny syrsyn.
10 Sekizinji gün ol iki gumryny ýa-da iki kepderi çagasyny getirip, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde ruhana bersin.
11 Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür edip, nazyri günäsinden saplasyn, çünki ol jesede golaýlaşandygy zerarly ýazykly bolupdy. Nazyr şol günüň özünde saçyny täzeden bagyş etsin.
12 Ol nazyrlyga täzeden başlamak üçin, özüni Rebbe bagyş etsin we ýazyk gurbanlygy hökmünde birýaşar erkek tokly getirsin. Çünki mukaddes edilen saçyň haram bolandygy üçin, öňki günler hasap edilmeýär.
13 Nazyrlyk möhleti gutaranda, nazyrlar üçin şu kanuny berjaý etsinler: ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getirsinler.
14 Ol Rebbe öz peşgeşini hödür etsin, birýaşar şikessiz erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde, birýaşar şikessiz urkaçy toklyny günä gurbanlygy hökmünde, şikessiz bir goçy bolsa salamatlyk gurbanlygy hökmünde hödür etsin.
15 Bir sebet petiri, saýlama bugdaý undan zeýtun ýagyna ýugrulan külçeleri, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekleri, olar bilen bile galla we içgi sadakasyny bersin.
16 Ruhany bulary Rebbiň huzurynda hödür etsin, olaryň günä hem-de ýakma gurbanlygyny-da hödür etsin.
17 Bir sebet petir bilen goçy salamatlyk gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Şeýle hem ruhany galla hem içgi sadakasyny-da hödür etsin.
18 Soňra nazyr Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Rebbe bagyş edilen saçyny syryp, salamatlyk gurbanlygynyň aşagynda ýanyp duran oda taşlasyn.
19 Nazyr Rebbe bagyş edilen saçyny syryp bolansoň, ruhany goçuň gaýnan bir buduny, sebetden bir petiri we ýüzüne zeýtun ýagy çalnan bir çelpegi alyp, olary nazyriň eline bersin.
20 Onsoň ruhany göterme sadakasy hökmünde olary Rebbiň huzurynda ýokary galdyrsyn. Göterme sadaka hökmünde döş hem, üwreme sadaka hökmünde but hem ruhany üçin mukaddes paýdyr. Şondan soňra nazyr bolan adam şerap içip biler.
21 Ynha, kasam içip, nazyr bolandygy we onuň Rebbe bagyş edilendigi üçin berilýän nazyrlyk gurbanlyklary hakyndaky düzgün şulardan ybaratdyr. Eger ol nazyrlyk kasamynyň talap edýän zatlaryndan başga-da sadaka bermegi wada beren bolsa, onda beren wadasyny doly berjaý etsin».
22 Reb Musa şeýle diýdi:
23 «Haruna we onuň ogullaryna aýt, ysraýyllara pata bersinler. Siz olara şeýle diýiň:
24 „Reb sizi ýalkasyn we gorasyn!
25 Goý, Reb üstüňize Öz nuruny döküp, size merhemet etsin!
26 Goý, Reb size nazaryny salyp, salamatlyk bersin!
27 Şeýdip, Harun we onuň ogullary ysraýyllara Meniň adym bilen pata bersinler, Men hem olary ýalkaryn“». ‎




Chapter 7

1 Musa mukaddes çadyry dikip bolup, içiniň ähli esbaplary bilen birlikde onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes etdi. Gurbanlyk sypasyny-da onuň ähli enjamlary bilen birlikde mesh edip mukaddes etdi.
2 Şondan soň ilat sanawyna ýolbaşçylyk eden ysraýyl baştutanlary, ýagny urugbaşylary we tirebaşylary öz sadakalaryny Rebbiň huzuryna getirdiler. Olar alty sany üsti örtülgi araba bilen on iki öküzi – her iki baştutan üçin bir araba we her baştutan üçin bir öküzi mukaddes çadyryň öňüne getirdiler.
4 Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:
5 «Olaryň sadakalaryny kabul edip al, Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edilýän işler üçin gerek bolar. Olary lewilere her biriniň bitirýän işlerine görä ber».
6 Musa arabalary we öküzleri getirip, lewilere berdi.
7 Ol edýän işlerine görä iki araba bilen dört öküzi gerşonlara berdi.
8 Dört araba bilen sekiz öküzi bolsa edýän işlerine görä merarylara berdi. Olar ruhany Harunyň ogly Ytamaryň ýolbaşçylygy astynda işleýärdiler.
9 Emma ol kohatlara hiç zat bermedi, çünki olaryň wezipesi mukaddes zatlary eginlerinde daşamakdy.
10 Gurbanlyk sypasy mesh edilip, mukaddes edilenden soň, baştutanlar hem onuň bagyş ediliş dabarasyna sadakalar hödürlediler. Olar öz sadakalaryny gurbanlyk sypasynyň öňüne getirdiler.
11 Reb Musa: «Gurbanlyk sypasynyň bagyş edilişine her gün bir baştutan öz sadakalaryny hödür etsin» diýdi.
12 Birinji gün ýahuda tiresinden Amynadabyň ogly Nahşon sadakalaryny hödür etdi.
13 Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý undan doludy.
14 Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
15 Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
16 Günä gurbanlygy üçin bir teke.
17 Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Amynadabyň ogly Nahşonyň sadakalarydy.
18 Ikinji gün ysakarlaryň baştutany Sugaryň ogly Netanel sadakalaryny hödür etdi.
19 Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
20 Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
21 Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
22 Günä gurbanlygy üçin bir teke.
23 Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Sugaryň ogly Netaneliň sadakalarydy.
24 Üçünji gün zebulunlaryň baştutany Helonyň ogly Eliýap sadakalaryny hödür etdi.
25 Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý undan doludy.
26 Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
27 Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
28 Günä gurbanlygy üçin bir teke.
29 Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Helonyň ogly Eliýabyň sadakalarydy.
30 Dördünji gün rubenleriň baştutany Şedeýuryň ogly Elisur sadakalaryny hödür etdi.
31 Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
32 Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
33 Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
34 Günä gurbanlygy üçin bir teke.
35 Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Şedeýuryň ogly Elisuryň sadakalarydy.
36 Bäşinji gün şimgonlaryň baştutany Suryşadaýyň ogly Şelumyýel sadakalaryny hödür etdi.
37 Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
38 Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
39 Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
40 Günä gurbanlygy üçin bir teke.
41 Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Suryşadaýyň ogly Şelumyýeliň sadakalarydy.
42 Altynjy gün gatlaryň baştutany Deguwalyň ogly Elýasap sadakalaryny hödür etdi.
43 Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
44 Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
45 Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
46 Günä gurbanlygy üçin bir teke.
47 Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Deguwalyň ogly Elýasabyň sadakalarydy.
48 Ýedinji gün efraýymlaryň baştutany Ammyhudyň ogly Elişama sadakalaryny hödür etdi.
49 Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
50 Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
51 Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
52 Günä gurbanlygy üçin bir teke.
53 Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Ammyhudyň ogly Elişamanyň sadakalarydy.
54 Sekizinji gün manaşeleriň baştutany Pedahsuryň ogly Gamlyýel sadakalaryny hödür etdi.
55 Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
56 Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
57 Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
58 Günä gurbanlygy üçin bir teke.
59 Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Pedahsuryň ogly Gamlyýeliň sadakalarydy.
60 Dokuzynjy gün benýaminleriň baştutany Gidgonynyň ogly Abydan sadakalaryny hödür etdi.
61 Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
62 Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
63 Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
64 Günä gurbanlygy üçin bir teke.
65 Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Gidgonynyň ogly Abydanyň sadakalarydy.
66 Onunjy gün danlaryň baştutany Amyşadaýyň ogly Ahygezer sadakalaryny hödür etdi.
67 Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
68 Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
69 Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
70 Günä gurbanlygy üçin bir teke.
71 Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş sany birýaşar erkek tokly. Ine, şular Amyşadaýyň ogly Ahygezeriň sadakalarydy.
72 On birinji gün aşerleriň baştutany Okranyň ogly Pagyýel sadakalaryny hödür etdi.
73 Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
74 Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
75 Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
76 Günä gurbanlygy üçin bir teke.
77 Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Okranyň ogly Pagyýeliň sadakalarydy.
78 On ikinji gün naftalylaryň baştutany Eýnanyň ogly Ahyra sadakalaryny hödür etdi.
79 Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.
80 Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.
81 Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.
82 Günä gurbanlygy üçin bir teke.
83 Salamatlyk gurbanlygy üçin hem iki öküz, bäş goç, bäş teke we bäş birýaşar erkek tokly. Ine, şular Eýnanyň ogly Ahyranyň sadakalarydy.
84 Gurbanlyk sypasynyň üstüne ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, ysraýyl baştutanlarynyň onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür eden sadakalary ine, şulardan ybaratdy: on iki kümüş tabak, on iki kümüş legen we on iki altyn jam.
85 Her kümüş tabagyň agramy üç ýüz elli mysgaldy we her kümüş legeniň agramy ýüz elli mysgaldy. Ähli kümüş gaplaryň agramy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen alty müň mysgaldy.
86 Içi tütetgiden doly, her biriniň agramy ýigrimi mysgal bolan on iki sany altyn kepjäniň jemi agramy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen iki ýüz kyrk mysgaldy.
87 Ýakma gurbanlygy üçin ýanynyň galla sadakasy bilen bagyş edilen mallaryň sany on iki öküze, on iki goça, on iki birýaşar erkek tokla we günä gurbanlygy üçin on iki tekä deň boldy.
88 Salamatlyk gurbanlygy üçin bagyş edilen mallaryň jemi sany: ýigrimi dört öküze, altmyş goça, altmyş tekä we altmyş birýaşar erkek tokla deň boldy. Bular gurbanlyk sypasynyň ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür edilen sadakalardyr.
89 Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyra girende, iki kerubyň arasyndan gelýän ses eşidýärdi. Bu iki kerup Äht sandygynyň gapagynyň üstündedi. Şeýdip, Reb Musa bilen gepleşerdi. ‎




Chapter 8

Çyralaryň ýerleşişi

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Haruna aýt: ol çyralary şemdana oturdanda, olaryň ýagtysy şemdanyň öňüne düşer ýaly edip oturtsyn».
3 Harun şeýle hem etdi. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ol çyralary şemdanyň öňüne ýagty saçar ýaly edip ýerleşdirdi.
4 Şemdanyň gurluşy şeýledi: aýagyndan tä çyra oturdylýan güllerine çenli sap altyndan ýasalandy. Harun şemdany Rebbiň Musa görkezen nusgasy ýaly edip ýasady.
5 Reb Musa şeýle diýdi:
6 «Ysraýyllaryň arasyndan lewileri bölüp aýyr-da, olary tämizle.
7 Olary tämizlemek üçin şeýle et: Olaryň üstüne tämizlik suwuny syçrat, onsoň olar bedenindäki ähli tüýleri syrsynlar, eşiklerini ýuwsunlar, şeýdip, özlerini tämizlesinler.
8 Soňra olar bir öküzçe bilen galla sadakasy üçin zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý ununy alsynlar. Sen hem günä gurbanlygy üçin bir öküzçe al.
9 Onsoň lewileri Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirip, bütin ysraýyl jemagatyny ýygna.
10 Lewileri Rebbiň huzuryna getiren mahalyň, ysraýyllar ellerini lewileriň kellesine goýsunlar.
11 Harun lewileri ysraýyllaryň berýän göterme sadakasy hökmünde Rebbe bagyş etsin. Şonda olar Rebbiň hyzmatyny edip bilerler.
12 Onsoň lewiler ellerini öküzçeleriň kellesine goýsunlar. Olaryň birini günä gurbanlygy üçin, beýlekisini-de lewileri günäsinden saplamak üçin, ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler.
13 Soňra lewileri Harunyň ogullarynyň öňünde duruzyp, olary Rebbe bagyş et.
14 Şeýdip, sen lewileri ysraýyllaryň arasyndan saýlap alarsyň, indi olar Rebbiňki bolarlar.
15 Sen lewileri tämizläp, olary Rebbe bagyş edeniňden soň, olar Rebbe ýüz tutulýan çadyrda hyzmat etmek üçin içeri girip bilerler.
16 Çünki ysraýyllaryň arasynda olar indi bütinleý Rebbe degişlidirler. Reb lewileri ähli ysraýyl aýallarynyň ilkinji dogran ogullarynyň öwezine Özüne aldy.
17 Çünki ysraýyllaryň arasynda haýwan bolsun, ynsan bolsun parhy ýok, ilkinji doglanlar Rebbiňkidir. Müsür ýurdunda nowbahar ogullary gyran güni, Reb olary Özüne bagyş etdi.
18 Ol lewileri bolsa ysraýylyň nowbahar ogullarynyň öwezine tutuşlygyna Özüne aldy.
19 Onuň üstesine-de, Ol ysraýyllardan lewileri Haruna we onuň ogullaryna peşgeş hökmünde berdi. Çünki lewiler ysraýyllara derek Rebbe ýüz tutulýan öýde işleýändikleri üçin, ysraýyllary günälerinden saplarlar. Lewiler ysraýyllary mukaddes zatlara has golaý gelmekden gorarlar, ýogsam ysraýyllar heläk bolarlar».
20 Musa bilen Harun we bütin ysraýyl halky lewiler üçin aýdylan zatlary etdiler. Ysraýyllar Rebbiň lewiler hakda Musa buýranlarynyň baryny berjaý etdiler.
21 Lewiler özlerini tämizläp, eşiklerini ýuwdular. Onsoň Harun olary göterme sadakasy hökmünde Rebbiň huzurynda hödür etdi we tämizlemek üçin, olary günälerinden saplady.
22 Şondan soňra lewiler Harunyň we onuň ogullarynyň ygtyýarlygynda Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmäge girdiler. Olar lewiler hakda edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly hem etdiler.
23 Reb Musa şeýle diýdi:
24 «Lewilere degişli düzgün şeýledir: ýaşy ýigrimi bäş we ondan ýokary bolanlar Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny etmelidirler.
25 Elli ýaşdan soň olar hyzmatdan boşadylmalydyrlar we mundan beýläk gulluk etmeli däldirler.
26 Olar Rebbe ýüz tutulýan çadyry goramak keşigini çekýän öz lewi doganlaryna kömek edip bilerler. Ine, sen şeýdip, lewileriň ýerine ýetirýän borçlaryny şunuň ýaly kadalaşdyrgyn». ‎




Chapter 9

1 Ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky ikinji ýylyň birinji aýynda Reb Sinaý çölünde Musa bilen gepleşip, şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllar kesgitlenen wagtda Pesah baýramyny bellesinler.
3 Şu aýyň on dördüne, bellenen wagtda, agşamara ony ähli düzgünlere we kada-kanuna laýyklykda geçirsinler».
4 Şeýlelikde, Musa ysraýyllara Pesah baýramyny bellemelidiklerini aýtdy.
5 Şoňa görä, ysraýyllar Sinaý çölünde birinji aýyň on dördüne, agşamara Pesah baýramyny bellediler. Ysraýyllar Rebbiň Musa tabşyran zatlarynyň ählisini berjaý etdiler.
6 Emma ölä galtaşanlygy zerarly haram bolanlar-da bardy. Olar şol gün Pesah baýramynyň geçirilişine gatnaşyp bilmediler. Şonuň üçin olar Musa bilen Harunyň ýanyna gelip:
7 «Ölä galtaşyp haram bolsak-da, biz näme üçin beýleki ysraýyllar bilen bile Rebbe bellenen wagtda gurbanlyk bermeli dälmişik?» diýdiler.
8 Musa olara: «Garaşyň, siz hakda Rebbiň näme tabşyryk berýänini bileýin» diýdi.
9 Reb Musa şeýle diýdi:
10 «Ysraýyllara aýt, siziň biriňiziň ýa-da nesilleriňizden biriniň ölä galtaşyp, haram bolandygyna ýa-da uzak saparda bolandygyna garamazdan, Rebbiň Pesah baýramyny belläp bilersiňiz.
11 Olar ikinji aýyň on dördüne, agşam Pesah gurbanyny soýup, ony petir we ajy otlar bilen iýsinler.
12 Ertire çenli gurbanlykdan hiç zat galmasyn we onuň ýekeje süňki-de döwülmesin. Pesah baýramy özüniň ähli kada-kanunlaryna laýyklykda bellensin.
13 Emma kimde-kim tämizdigine we uzak ýola gitmändigine garamazdan, Pesah baýramyny bellemese, onda ol Rebbe berilmeli sadakany bellenen wagtynda bermänligi üçin, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Beýle adam eden günäsi üçin jezasyny çekmelidir.
14 Eger araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden biri Rebbiň Pesah baýramyny bellese, onda ol ony ähli kada-kanunlara laýyklykda geçirsin. Asly ysraýylly bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir düzgün bolsun».
15 Mukaddes çadyryň, ýagny äht çadyrynyň gurlan güni, ony bulut gaplap aldy. Agşamdan tä ertire çenli bulut oda meňzäp, mukaddes çadyryň depesinde durdy.
16 Bu hemişe şeýle boldy, gündizlerine mukaddes çadyry büreýän bulut gijelerine oda meňzeýärdi.
17 Bulut çadyryň üstünden göterilensoň, ysraýyllar ýola düşerdiler. Bulut nirä gelip dursa, ysraýyllar hem şol ýerde düşelge gurardylar.
18 Ysraýyllar Rebbiň buýrugy bilen ýola düşüp, Rebbiň buýrugy bilen hem düşlärdiler. Bulut mukaddes çadyryň depesinde näçe wagtlap saklansa, olar hem öz düşelgelerinde şonça wagt saklanardylar.
19 Hatda buludyň mukaddes çadyryň depesinde saklanmagy uzaga çekse-de, ysraýyllar Rebbiň buýrugyny berjaý edip göçmezdiler.
20 Käwagtlar bulut mukaddes çadyryň depesinde diňe sanlyja gün görnerdi, olar hem Rebbiň buýrugyna görä düşelgelerinde bolup, soňra Rebbiň buýrugy bilen hem ýola çykardylar.
21 Käwagtlar bolsa bulut diňe agşamdan ertire çenli saklanardy, bulut irden göterilensoň, olar ýola düşerdiler. Bulut gündizem, gije-de butnaman duruberse, onda ol göterilensoň ysraýyllar ýola düşerdiler.
22 Bulut mukaddes çadyryň depesinde iki gün saklansa-da, bir aý saklansa-da, hatda ondan hem uzak wagtlap saklanmagyny dowam etse-de, ysraýyllar düşlän ýerlerinden göçmezdiler. Emma bulut göterilen badyna, olar ýene ýola düşerdiler.
23 Ysraýyllar Rebbiň buýrugy bilen düşläp, Rebbiň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. Olar Rebbiň Musa arkaly berýän buýruklaryny berjaý etdiler. ‎




Chapter 10

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Özüňe döwme sap kümüşden iki sany surnaý ýasa. Olary jemagaty çagyrmak we düşelgeleri göçürmek üçin ulanarsyň.
3 Iki surnaý deň çalnanda, bütin jemagat seniň ýanyňa, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnansyn.
4 Eger surnaýlaryň biri çalynsa, onda ysraýyl ýolbaşçylary, ýagny tire baştutanlary seniň ýanyňa ýygnansynlar.
5 Surnaý gysga-gysga çalynsa, gündogar tarapdaky düşelgeler ýola çyksyn.
6 Surnaý ikinji gezek gysga çalynsa, onda günorta tarapdaky düşelgeler ýola düşsün. Düşelgäniň göçmelidigini aňladýan surnaý gysga çalynsyn.
7 Emma jemagaty ýygnamak gerek bolanda, surnaý uzak çalynsyn, gysga çalynmasyn.
8 Surnaýlary ruhany Harunyň ogullary çalsynlar. Bu siziň we geljekki nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.
9 Ýurduňyzda siziň üstüňize çozan duşmana garşy söweşe çykanyňyzda, surnaýlar bilen söweş sazyny çalyň. Şonda Hudaýyňyz Reb sizi ýatlar we duşmanlaryňyzdan halas eder.
10 Şat günüňizde, bellemeli baýramlaryňyzda we her aýyň başynda, ýakma we salamatlyk gurbanlygyňyzyň başynda surnaýlary çalyň. Olar siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýatlanmagyňyz üçin hyzmat eder. Men siziň Hudaýyňyz – Rebdirin».
11 Ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky ikinji ýylyň ikinji aýynda, aýyň ýigrimisi güni mukaddes äht çadyrynyň depesinden bulut göterildi.
12 Ysraýyllar göçmäge taýýarlanyp, Sinaý çölünden çykyp ugradylar. Bulut Paran çölüne gelip durdy.
13 Olar ilkinji gezek Rebbiň Musa arkaly beren buýrugy bilen ýola düşdüler.
14 Ýahudalaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ilkinji bolup ýola düşdi. Bu tutuş topara Amynadabyň ogly Nahşon baştutanlyk edýärdi.
15 Ysakar tiresiniň toparyna Sugaryň ogly Netanel baştutanlyk edýärdi.
16 Zebulun tiresiniň toparyna Helonyň ogly Eliýap baştutanlyk edýärdi.
17 Onsoň mukaddes çadyr söküldi we ony göterýän gerşonlar bilen merarylar ýola düşdüler.
18 Soňra rubenleriň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdi. Bu tutuş topara Şedeýuryň ogly Elisur baştutanlyk edýärdi.
19 Şimgon tiresiniň toparyna Suryşadaýyň ogly Şelumyýel baştutanlyk edýärdi.
20 Gat tiresiniň toparyna bolsa Deguwalyň ogly Elýasap baştutanlyk edýärdi.
21 Soňra mukaddes zatlary göterýän kohatlar ýola düşdüler. Bular baryp ýetýänçä, gerşonlar we merarylar mukaddes çadyry dikerdiler.
22 Soňra efraýymlaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdüler. Bu tutuş topara Ammyhudyň ogly Elişama baştutanlyk edýärdi.
23 Manaşe tiresiniň toparyna Pedahsuryň ogly Gamlyýel baştutanlyk edýärdi.
24 Benýamin tiresiniň toparyna bolsa Gidgonynyň ogly Abydan baştutanlyk edýärdi.
25 Iň soňunda düşelgeleriň yzky goragy hökmünde danlaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdi. Bu tutuş topara Amyşadaýyň ogly Ahygezer baştutanlyk edýärdi.
26 Aşer tiresiniň toparyna Okranyň ogly Pagyýel baştutanlyk edýärdi.
27 Naftaly tiresiniň toparyna bolsa Eýnanyň ogly Ahyra baştutanlyk edýärdi.
28 Ysraýyllar göçenlerinde topar-topar bolup, şu tertipde giderdiler.
29 Musa gaýynatasy midýanly Reguwalyň ogly Hobaba: «Biz Rebbiň „size berjek“ diýen ýerine tarap ýola düşýäris. Ýör, biziň bilen git, biz saňa ýagşylyk ederis. Çünki Reb Ysraýyla ýagşylyk etjekdigini wada berdi» diýdi.
30 Emma Hobap oňa: «Ýok, men gitjek däl. Men öz ýurduma, garyndaşlarymyň ýanyna gitjek» diýdi.
31 Musa oňa: «Bizi taşlap gitme! Çünki çölde düşlejek ýerlerimizi sen gowy bilýärsiň, bize ýolbeletçilik et.
32 Eger biziň bilen gitseň, Rebbiň etjek ýagşylyklaryny biz hem saňa gaýtararys» diýdi.
33 Onsoň ysraýyllar Rebbiň dagyndan gaýdyp, üç gün ýörediler. Olaryň düşlejek ýerini tapmak üçin, Rebbiň Äht sandygy hem ýoluň bütin dowamynda olaryň öňünden barýardy.
34 Düşelgeden çykyp ugranlary bäri Rebbiň buludy gündiz olaryň üstündedi.
35 Her sapar Äht sandygy ýola düşende, Musa şeýle diýerdi: «Galkyn, eý, Reb! Goý, duşmanlaryň dargasyn, Seni ýigrenýänler Seniň öňüňden gaçsyn».
36 Äht sandygy saklananda bolsa ol şeýle diýerdi: «Eý, Reb, müňlerçe ysraýyl kowumlaryna sary öwrül!» ‎




Chapter 11

1 Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi.
2 Halk Musa perýat etdi, Musa-da Rebbe ýalbaryp dileg etdi. Ot söndi.
3 Şonuň üçin hem ol ýere Tabera diýip at goýdular. Çünki Rebbiň iberen ody olaryň garşysyna tutaşypdy.
4 Ysraýyllaryň arasyndaky gelmişeklerden ýygnananlaryň açgözlügi artdy. Hatda ysraýyllar hem sojaşyp, şeýle eňreýärdiler: «Wah, indi et iýmäge-de zar bolduk.
5 Müsürde mugtja iýýän balyklarymyz, hyýarlarymyz, gawunlarymyz, soganlarymyz, düýp soganlarymyz, sarymsaklarymyz ýat boldy-la.
6 Mannadan başga görýän zadymyz bolmansoň, ysgyn-mydarymyz galmady».
7 Manna kinzanyň tohumyna meňzeş bolup, reňki-de sakyzyňky ýaly sarymtyl akdy.
8 Halk çykyp, ony ýygnardy we degirmende üwärdi ýa-da sokuda döwerdi. Soňra gazanda gaýnadyp, ondan petir kökeler bişirerdiler. Onuň tagamy zeýtun ýagyna ýugrulyp bişirilen çelpegiň tagamy ýalydy.
9 Düşelgäniň üstüne gije düşýän çyg bilen bile manna-da ýagardy.
10 Musa halkyň, her maşgalanyň öz çadyrynyň agzynda aglaýandyklaryny eşitdi. Rebbiň muňa juda gaharynyň gelendigi üçin, Musanyň jany ýanýardy.
11 Onsoň Musa Rebbe şeýle diýdi: «Näme üçin Sen Öz guluňy beýle gynaýarsyň? Bütin halkyň ýüküni meniň boýnuma atar ýaly, näme sebäpden men Seniň nazaryňda merhemet gazanmadym?
12 Bu giden halky garnymda göterip, men dogurypmydym näme? Sen maňa: „Olary süýtden aýrylmadyk çagany enekesiniň göterişi deý, gujagyňda göter“ diýer ýaly, olaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýurduňa çenli meniň göterip barmagymy isleýärmiň?
13 Bütin halka ýeter ýaly eti men nireden tapaýyn? Çünki olar meniň ýanyma gelip: „Bize iýmäge et ber“ diýip, eňreşip durlar.
14 Bütin halkyň garamatyny meniň bir özüm çekip bilmen, çünki bu meniň üçin juda agyr.
15 Maňa beýle daraşandan, eger Seniň nazaryňda merhemet gazanan bolsam, gowusy, Sen meniň janymy al, men hem bu azaplardan dynaýyn».
16 Reb Musa şeýle diýdi: «Halkyň arasynda olaryň baştutanlary we serkerdeleri hökmünde tanalýan ýetmiş ýaşulyny Meniň ýanyma ýygna. Olary Maňa ýüz tutulýan çadyra getir, goý, olar seniň ýanyňda dursunlar.
17 Men aşak inip, ol ýerde seniň bilen gepleşerin. Saňa beren Ruhumdan alyp, olara-da bererin. Ana onsoň, halkyň garamatyny ýeke özüň çekmersiň, halkyň garamatyny olar seniň bilen deň çekişerler.
18 Halka-da aýt, ertir üçin inlerini tämizläp, mukaddes etsinler, çünki ertir olar et iýerler. „Wah, indi et iýmäge-de zar bolduk. Müsürde ýaşaýşymyz, mundan has oňatdy“ diýip nalaýanyňyzy Reb eşitdi. Şonuň üçin Reb size iýer ýaly et berjek.
19 Bir gün ýa iki gün däl, bäş gün ýa on gün däl, ýa-da ýigrimi gün däl,
20 eýsem, tutuş bir aýlap, tä burnuňyzdan gelýänçä, tä irýänçäňiz et iýersiňiz. Çünki siz araňyzda bolan Rebbi ret etdiňiz we Onuň huzurynda: „Näme üçin biz Müsürden çykdyk?“ diýip agladyňyz».
21 Emma Musa Rebbe şeýle diýdi: «Bu halk alty ýüz müň adamdan ybarat. Sen bolsa olary bir aýlap et bilen bakaryn diýýärsiň.
22 Ähli dowarlary we mal-garalary öldüreniňde, olary doýrup bolarmy? Deňizdäki ähli balyklary tutanyňda, bular doýarmy?»
23 Reb Musa: «Rebbiň güýjüniň çägi barmy näme? Meniň size aýdan sözlerim berjaý bolýarmy ýa ýok, ine, görersiň!» diýdi.
24 Musa çykyp, Rebbiň sözlerini halka ýetirdi. Halkyň arasyndan ýetmiş ýaşulyny ýygnap, olary çadyryň töwereginde duruzdy.
25 Onsoň Reb buludyň içinde aşak inip, Musa bilen gepleşdi. Onuň üstündäki ruhdan alyp, ýetmiş ýaşulynyň üstüne goýdy. Ruh ýaşulularyň üstüne inen badyna, olar joşup pygamberlik edip başladylar, ýöne olar gaýdyp beýle etmediler.
26 Eldat we Meýdat atly iki adam düşelgede galypdy. Olar saýlanan ýetmiş ýaşulynyň arasyndadylar, emma çadyra gitmän galypdylar, ine, onsoň olar düşelgede joşup pygamberlik edip başladylar.
27 Bir ýaş ýigit ylgap gelip, Musa: «Eldat bilen Meýdat düşelgede pygamberlik edýär» diýdi.
28 Muňa Musanyň kömekçisi, onuň saýlan adamlarynyň biri bolan Nunuň ogly Ýeşuwa: «Agam, Musa, olara gadagan et!» diýdi.
29 Emma Musa oňa: «Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýärmiň? Käşgä Rebbiň bütin halky pygamber bolsady we Reb Öz ruhuny olaryň baryna bersedi!» diýip jogap berdi.
30 Soňra Musa bilen ysraýyl ýaşululary düşelgä dolandylar.
31 Reb bir ýel öwüsdirdi. Ýel deňizden bedeneleri getirip düşelgäniň çar tarapyny, bir günlük ýol aralygyny iki tirsek boýy galyňlykda bedene bilen büräp taşlady.
32 Halk şol güni gije-gündizläp we ertesi güni bedene ýygnady. Iň az ýygnan kişi on eşek ýüki bedene ýygnady. Soňra olary düşelgäniň töweregine serdiler.
33 Emma halk entek etiň hemmesini iýip ýetişmänkä, Reb gahara münüp, düşelgä elhenç gyrgynçylyk iberdi.
34 Şeýlelikde, ol ýer Kibrothatawa diýip atlandyryldy, sebäbi olar şol ýerde açgözlük edenleri jaýladylar.
35 Onsoň ysraýyl halky Kibrothatawadan Haserota göçdi. ‎




Chapter 12

1 Merýem bilen Harun Musanyň efiopiýaly aýala öýlenendigi üçin ýazgardylar. (Hakykatdanam Musanyň ikinji aýaly Efiýopiýadandy.)
2 Olar: «Reb diňe bir Musa bilen gepleşmän, biziň bilenem gepleşdi ahyryn» diýdiler. Reb olaryň bu diýenlerini eşitdi.
3 Musa juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy.
4 Birdenkä Reb Musa, Haruna we Merýeme: «Üçiňizem Maňa ýüz tutulýan çadyra geliň» diýdi. Onsoň olaryň üçüsi-de ol ýere gitdiler.
5 Reb bulut sütüni görnüşinde aşak indi we çadyryň girelgesinde durup, Harun bilen Merýemi çagyrdy. Olar öňe çykdylar.
6 Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.
7 Ýöne gulum Musa bilen beýle däldir, Ol tutuş halkymyň sadyk ýolbaşçysydyr.
8 Men onuň bilen syrly däl-de, açyk, ýüzbe-ýüz gepleşýärin. Hatda ol Men Rebbiň keşbini-de görýär. Siz näme üçin gulum Musanyň ýüzüne gelmäge gorkmadyňyz?“»
9 Olara garşy Rebbiň gahary geldi we Reb ol ýerden gitdi.
10 Bulut çadyryň depesinden syrylanda, Merýem deri keseline uçrap, ak gar ýaly pis açdy. Harun Merýeme tarap seredip, onuň deri keseline uçrandygyny gördi.
11 Onsoň Harun Musa: «Jenabym, akmaklyk edip gazanan günämiz üçin bizi jezalandyrma.
12 Merýemiň bedeni ýarysy çüýrän halda eneden öli doglan çaganyňka meňzemesin» diýdi.
13 Onsoň Musa Rebbe perýat edip: «Eý Hudaýym, oňa şypa ber» diýip ýalbardy.
14 Emma Reb Musa: «Eger atasy onuň ýüzüne tüýküren bolsady, ol ýedi günläp utançly halda bolmazmydy? Goý, ol ýedi günläp düşelgäniň daşynda bolsun. Ol soňra ýene düşelgä girip biler» diýip jogap berdi.
15 Şeýdip, Merýem ýedi günläp düşelgäniň daşynda saklanyldy. Ol düşelgä girizilýänçä, halk ol ýerden göçmedi. ‎




Chapter 13

1 Şondan soň halk Haserotdan göçüp gaýdyp, Paran çölünde düşelge gurdy.
2 Reb Musa şeýle diýdi:
3 «Meniň ysraýyllara berýän Kengan ýurdumy synlamak üçin, tireleriň hersinden bir serdary içaly edip, ol ýere goýber».
4 Musa Rebbiň buýrugy bilen Paran çölünden adamlary ugratdy. Olaryň hemmesi ysraýyl serdarlarydy.
5 Olaryň atlary şulardyr: ruben tiresinden Zakuryň ogly Şammuwa;
6 şimgon tiresinden Horynyň ogly Şapat;
7 ýahuda tiresinden Ýepunnäniň ogly Kalep;
8 ysakar tiresinden Ýusubyň ogly Ýygal;
9 efraýym tiresinden Nunuň ogly Hoşeýa;
10 benýamin tiresinden Rapuwyň ogly Palty;
11 zebulun tiresinden Sodynyň ogly Gadyýel;
12 ýusup tiresinden, ýagny manaşe tiresinden Susynyň ogly Gady;
13 dan tiresinden Gemallynyň ogly Emiýel;
14 aşer tiresinden Mikaýeliň ogly Setur;
15 naftaly tiresinden Wopsynyň ogly Nahby;
16 gat tiresinden Makynyň ogly Gewuwal.
17 Ýurdy gözden geçirmek üçin, Musanyň iberen adamlary şulardyr. Musa Nunuň ogly Hoşeýa Ýeşuwa adyny berdi.
18 Musa olary Kengan ýurduny gözden geçirmek üçin ugradanda, şeýle diýdi: «Mundan göni Negebe gidip, daglyga çykyň.
19 Ýurduň nähilidigini synlaň. Ol ýerde ýaşaýan halk güýçlümi ýa ejiz, köplükmi ýa azlyk?
20 Olaryň ýaşaýan ýeri gowumy ýa-da erbet, galalary diwarlymy, diwarsyz?
21 Mes topraklymy ýa arryk, agaçlymy, agaçsyz? Batyrgaý hereket ediň we ol ýurduň miwelerinden getiriň». Ol wagtlar üzümleriň ýetişýän möwsümidi.
22 Şeýdip, olar ýola düşdüler we Sin çölünden tä Lebohamatyň golaýyndaky Rehop galasyna çenli bolan ýerleri gözden geçirdiler.
23 Olar Negebe çykdylar we Hebrona geldiler. Ol ýerde anaklaryň neslinden bolan ahymanlar, şeşaýlar we talmaýlar ýaşaýardylar. (Hebron Müsürdäki Sogan galasyndan ýedi ýyl öň gurlupdy.)
24 Olar Eşkol deresine baranlarynda ol ýerden bir salkym üzümi şahasy bilen bile kesip aldylar we ony iki adam bolup taýakdan asyp göterdiler. Olar az-owlak nar bilen injir hem aldylar.
25 Ysraýyllaryň kesen üzüm salkymlaryndan soň, ol ýere Eşkol deresi diýen at galdy.
26 Olar ýurdy kyrk günläp synlansoňlar, yzlaryna gaýtdylar.
27 Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler.
28 Olar Musa şeýle diýdiler: «Biz seniň iberen ýurduňa bardyk. Ol ýerde, hakykatdanam, süýt we bal akýar, ine, bular hem şol ýeriň miwelerinden.
29 Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz anaklaryň nesillerini-de gördük.
30 Negep ülkesinde amalekler, daglyk ýerlerde hetler, ýabuslar, amorlar, deňiz ýakasynda we Iordan derýasynyň boýunda bolsa kenganlar ýaşaýan ekenler».
31 Emma Kalep Musanyň öňünde duran halkyň sesini kesip: «Derrew gideliň-de, ol ýurdy basyp alalyň, çünki olary ýeňmäge biziň hökman güýjümiz ýeter» diýdi.
32 Onuň bilen giden adamlar bolsa: «Biz ol halkyň garşysyna çykyp bilmeris, çünki olar bizden has güýçli» diýdiler.
33 Şeýlelikde, olar görüp gelen ýurdy hakynda ysraýyllara ýakymsyz zatlar aýdyp, şeýle diýdiler: «Biziň synlamak üçin içinden geçen ýurdumyz öz ilatyny özi iýip ýören ýurt eken. Ol ýerde ýaşaýan adamlaryň hemmesi gaty iri adamlar eken.
34 Biz ol ýerde nefilleri (anaklar nefilleriň nesilleridir) gördük. Olaryň ýanynda özümizi edil çekirtge ýaly duýduk. Olara-da biz çekirtge ýalyjak bolup gör




Chapter 14

1 Onsoň bütin halk gaty ses bilen perýat edip, şol gijäni aglap geçirdi.
2 Bütin ysraýyl halky Musa bilen Harundan zeýrenişip, şeýle diýdi: «Biz Müsür ýurdunda ýa-da bu çöllükde ölen bolsak, mundan gowy bolardy!
3 Näme sebäpden Reb bizi gylyçdan geçirtmek üçin, aýallarymyz bilen çagalarymyzy ýesir etmek üçin bu ýurda alyp barýarka? Müsüre dolansak, gaýtam, biziň üçin gowy bolmazmy?»
4 Şondan soň olar biri-birilerine: «Geliň, özümize baştutan saýlalyň-da, Müsüre dolanalyň» diýişdiler.
5 Musa bilen Harun bütin ysraýyl halkynyň öňünde ýüzin ýykyldylar.
6 Ýurdy synlamaga gidenleriň arasynda bolan Nunuň ogly Ýeşuwa bilen Ýepunnäniň ogly Kalep gynançdan ýaňa ýakalaryny ýyrtyp,
7 bütin ysraýyl halkyna şeýle diýdiler: «Synlamak üçin içinden geçen ýurdumyz juda gowy ýurt eken.
8 Eger Reb bizden razy bolsa, bizi ol ýurda alyp baryp, süýt we bal akýan ýurdy bize berer.
9 Ýöne siz Rebbiň garşysyna pitne turuzmaň we ol ýurduň ilatyndan gorkmaň. Çünki olar biziň höregimizdir, olaryň goragçysy olardan ýüz dönderdi, ýöne Reb biziň bilendir, olardan gorkmaň».
10 Emma bütin jemagat olary daşlamaly diýip haýbat atdy. Şonda Rebbe ýüz tutulýan çadyrda ähli ysraýyllara Rebbiň şöhraty göründi.
11 Reb Musa şeýle diýdi: «Haçana çenli bu halk Meni äsgermezlik etjekkä? Aralarynda görkezen ähli alamatlarymy görübem, haçana çenli bular Maňa ynanmakdan boýun towlajakkalar?
12 Men bulary gyrgyna bererin we mirasdan mahrum ederin. Senden bulara görä has beýik we has güýçli bir millet dörederin».
13 Musa Rebbe şeýle diýdi: «Onda bu zatlary müsürliler eşiderler, onsoň olar muny biziň barýan ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna aýdarlar, çünki bu ysraýyl halkyny Öz gudratyň bilen müsürlileriň arasyndan Sen alyp çykdyň. Bu ýurduň ýaşaýjylary bolsa, ýa Reb, Seniň bu ysraýyl halkynyň arasyndadygyňy, ýa Reb, olar bilen ýüzbe-ýüz görüşýändigiňi, Seniň buludyňyň olaryň depesindedigini we olara gündizine bulut sütüni, gijesine ot sütüni bolup, ýol görkezýändigiňi eýýäm eşitdiler.
15 Indem Sen, bu halkyň baryny birden gyrgyna berseň, onda Seniň şöhratyňy eşiden milletler:
16 „Reb olary ant içip söz beren ýurduna getirip bilmändigi üçin, olary çölde gyrgyna berdi“ diýip aýdarlar.
17 Şonuň üçin hem, goý, indi Öz söz berip, şu aýdyşyň ýaly, Sen Rebbiň güýji beýik bolsun!
18 Sen diýipdiň: „Men-Reb – giň göwünli, wepaly söýgä baý. Etmişi we ýazygy bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, Olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirýärin“.
19 Müsürden çykalymyz bäri, bularyň günälerini bagyşlap gelşiň ýaly, halkyň bu etmişini-de Öz beýik wepaly söýgiňiň hatyrasyna bagyşla».
20 Reb şeýle jogap berdi: «Men seniň aýdyşyň ýaly bulary bagyşlaryn.
21 Ýöne Men barlygymdan we Öz şöhratymyň bütin dünýäni dolduranlygyndan kasam edýärin:
22 Meniň şöhratymy, Müsürde we çölde görkezen alamatlarymy gören, şonda-da Meni on gezek synap, Meniň sözüme boýun sunmadyklaryň hiç biri
23 atalaryna bermegi ant içip söz beren ýurduma girmez. Meni äsgermezlik edenleriň ýekejesi-de ony görmez.
24 Emma gulum Kalebiň ruhy olaryňky ýaly däl, ol bütin ýüregi bilen Meniň yzyma eýerdi. Şonuň üçin Men ony özüniň synlan ýurduna alyp bararyn. Onuň nesilleri ony eýelärler.
25 Indi bolsa amalekler bilen kenganlaryň jülgelerde ýaşaýandyklary üçin, ertiriň özünde öwrülip, Gyzyl deňziniň ýoly bilen çöle tarap ýola düşüň».
26 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
27 «Haçana çenli bu azgyn halk Meniň garşyma şikaýat etjekkä? Men ysraýyllaryň Meniň garşyma şikaýat edip hüňürdeşýändiklerini eşitdim.
28 Olara aýt, Öz barlygymdan ant içip aýdýaryn, Men siziň nalap aýdan zatlaryňyzyň baryny öz başyňyza getirerin.
29 Şu çölde läşiňizi sererin. Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolup, Menden nalanlar ilat sanawynda hasaba alnyp,
30 olaryň hiç biri-de Meniň size ornaşmaga söz beren ýurduma girmez. Oňa diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa girip biler.
31 Emma siziň ýesir düşer öýden perzentleriňizi welin, Men ol ýere alyp bararyn. Siziň ýüz öwren ýurduňyzyň nähilidigini olar bilerler.
32 Emma siziň läşleriňiz bu çöllükde seriler.
33 Siziň çagalaryňyz hem kyrk ýyllap çölde göçüp-gonup gezerler we siziň biwepadygyňyz üçin jebir çekerler. Bu siziň hemmäňiz ölüp gutarýançaňyz dowam eder.
34 Size ol ýurdy gözden geçirmäge kyrk gün gerek bolan bolsa, kyrk günüň her güni üçin bir ýyl, jemi kyrk ýyllap etmişleriňiz üçin jeza çekersiňiz. Sizden ýüz öwürenimde, Meniň nähili bolýandygymy siz şondan bilersiňiz.
35 Men-Reb şeýle diýmek bilen, bu aýdanlarymy Meniň garşyma birleşen bu azgyn halkyň başyndan indererin. Şu çöllükde bularyň baryny gyryp, ýok ederin».
36 Musanyň ýurdy gözden geçirmäge goýberen adamlary dolanyp gelenlerinde, ol ýurt hakynda ýaramaz habar getirip, halky Rebbe garşy goýandyklary üçin gyrgynçylyga berlip, Rebbiň huzurynda ölüp ýok boldular.
38 Ýurdy synlamaga gidenlerden diňe Nunuň ogly Ýeşuwa bilen Ýepunnäniň ogly Kalep diri galdy.
39 Musa bu sözleri bütin ysraýyllara ýetirende, halk uly gaýga batdy.
40 Halk daňdan ir bilen turup, daglyga çykmaga başlap: «Ynha, biz Rebbiň söz beren ýerine barýarys, çünki biz günä gazandyk» diýdiler.
41 Emma Musa olara şeýle diýdi: «Näme üçin siz Rebbiň buýrugyna garşy gitmegiňizi dowam edýärsiňiz? Onyňyz başa barmaz!
42 Söweşe çykmaň, çünki Reb siziň araňyzda däl. Duşmanlaryňyza özüňizi paýhynlatmaň!
43 Öňüňizde amalekler bilen kenganlar bardyr we siz gylyçdan geçirilersiňiz. Çünki siz Rebbiň yzyna eýermekden boýun towladyňyz, Reb siziň bilen bolmaz».
44 Emma olar men-menlik edip, daglyga dyrmaşyp çykdylar. Ýöne olaryň ýanynda Rebbiň Äht sandygy-da, Musa-da ýokdy, olar düşelgedediler.
45 Onsoň şol daglykda ýaşaýan amalekler bilen kenganlar aşak indiler we Horma galasyna çenli olaryň yzyndan kowup, olary kül-peýekun etdiler. ‎




Chapter 15

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara aýt, mesgen tutmagyňyz üçin Meniň size berýän ýurduma gireniňizde,
3 gara maly ýa goýun-geçini Rebbe ot üsti bilen hödür edip, ondan aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde bereniňizde we bellemeli baýramlaryňyzda edilişi ýaly, ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bereniňizde, olaryň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.
4 Şu hili sadakany beren adam onuň ýany bilen bir küýze zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan biri möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny hem bersin.
5 Mundan başga-da siz ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bilen bilelikde her bir toklynyň ýany bilen içgi sadakasy hökmünde bir küýze şeraby hödürläň.
6 Goçuň ýany bilen bir ýarym küýze zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny beriň.
7 Rebbe ýakymly ysly içgi sadakasy hökmünde bir ýarym küýze şeraby hödür ediň.
8 Rebbe ýakma gurbanlyk ýa başga gurbanlyk, aýdylan sadaka ýa-da salamatlyk gurbanlygy hökmünde öküz hödür etseňiz,
9 onda öküz bilen birlikde iki küýze zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan üç möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny hödür ediň.
10 Içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby hödür ediň. Ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.
11 Her bir öküzi, goçy, erkek toklyny ýa-da owlagy sadaka bereniňizde şeýle ediň.
12 Sadaka berilýän mallaryň sanyna görä onuň ýany bilen berilýän sadakanyň hem mukdary artdyrylsyn.
13 Asly ysraýyl bolan her bir adam ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly sadaka bereninde, şu aýdylanlary berjaý etsin.
14 Araňyzda mydamalyk ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan gelmişeklerden biri ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly sadaka bermekçi bolsa, ol hem şu kadalary berjaý etsin.
15 Eý, jemagat, siziň üçinem, araňyzda ýaşaýan gelmişekler üçinem düzgün birdir. Bu siziň geljekki nesilleriňize-de ebedilik düzgün bolsun. Rebbiň öňünde siz hem, gelmişek hem deňdir.
16 Size-de, araňyzda ýaşaýan gelmişeklere-de kada-kanunlar birmeňzeşdir».
17 Reb Musa şeýle diýdi:
18 «Ysraýyllara aýt, Meniň sizi alyp barýan ýurduma gireniňizden soň,
19 şol topragyň çöreginden iýeniňizde, siz ondan Rebbe sadaka berersiňiz.
20 Ilkinji ýugran hamyryňyzdan bir çöregi edil harmandan sadaka berşiňiz ýaly edip hödür ediň.
21 Ilkinji hamyrdan Rebbe berýän bu sadakaňyz nesiller boýy dowam etsin.
22 Eger siz tötänlikde ýalňyşyp, Rebbiň Musa aýdan bu buýruklaryny – Rebbiň Musa arkaly size buýran ähli tabşyryklaryny Rebbiň buýran gününden başlap, tä soňky nesilleriňize çenli berjaý etmeseňiz
24 we bu säwligi halk tötänlikde goýberen bolsa, onda bütin halk bir öküzçäni Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Onuň ýany bilen düzgüne görä galla we içgi sadakasyny bersinler hem-de bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür etsinler.
25 Ruhany bütin ysraýyl halkyny günäsinden saplasyn, şonda olaryň günäsi geçiler. Çünki halk tötänlikden günä etdi we olar öz sadakalaryny Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka hökmünde hödür etdiler. Öz ýalňyşlyklary üçin Rebbe günä gurbanlygyny berdiler.
26 Bütin ysraýyl halkynyň hem, olaryň arasyndaky gelmişekleriň hem günäsi geçiler, çünki halk tötänlikden günä gazandy.
27 Eger bir kişi tötänlikden günä etse, goý, ol günä gurbanlygy üçin birýaşar urkaçy çebşi hödür etsin.
28 Ruhany Rebbiň huzurynda ýalňyşyp günä edeni günäsinden saplasyn, onuň günäsi geçiler.
29 Tötänlikde günä edip, araňyzda ýaşaýan asly ysraýyl bolan üçin hem, gelmişek üçin hem bir kanun bolsun.
30 Emma asly ysraýyl bolan biri ýa-da gelmişeklerden biri tekepbirlik bilen günä iş edip, Rebbe dil ýetirse, halkyň arasyndan kowlup çykarylsyn.
31 Rebbiň sözüni äsgermezlik edip, Onuň tabşyrygyny bozandygy üçin, beýle adam bütinleý kowlup çykarylsyn. Öz jezasyny çeksin».
32 Ysraýyllar çöldekäler, Sabat güni olar odun ýygyp ýören adamy gördüler we olar ony tutup, Musa bilen Harunyň we bütin jemagatyň huzuryna getirdiler.
34 Oňa näme edilmelidigi entek belli bolmansoň, olar ony tussag astyna aldylar.
35 Onsoň Reb Musa: «Ol adam ölüme höküm edilsin. Ony Ysraýyl düşelgesiniň daşyna çykaryp, bütin jemagat daşlap öldürsin» diýdi.
36 Düşelgäniň daşyna çykaryp, edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly, bütin halk ony daşlap öldürdi.
37 Reb Musa şeýle diýdi:
38 «Ysraýyllara aýt, olar nesilden-nesle geýimleriniň eteginiň her burçuna gotazjyk tiksinler we her bir gotazjyga gök ýüplük goşsunlar.
39 Her gezek gotazjyklara gözüňiz düşende, siz Rebbiň ähli tabşyryklaryny ýada salarsyňyz we olary berjaý edersiňiz, ýüregiňiziň we gözleriňiziň islegine kowalaşmarsyňyz.
40 Şeýdip, Meniň ähli tabşyryklarymy ýatda saklap, olary berjaý edersiňiz we öz Rebbiňiz üçin mukaddes bolarsyňyz.
41 Hudaýyňyz Reb – Mendirin, Men sizi Müsürden siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp çykdym. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin!» ‎




Chapter 16

1 Ine, lewi tiresiniň kohat urugyndan bolan Ýysharyň ogly Kora, ruben tiresinden Eliýabyň ogullary Datan bilen Abyram we Peletiň ogly On dagy
2 Musa garşy baş göterdiler. Olar jemagatdan saýlanyp, halk baştutanlary bolan atly-abraýly ysraýyllaryň iki ýüz ellisini ýanlaryna aldylar.
3 Olar Musa bilen Harunyň garşysyna ýygnanyp: «Siz juda öte geçdiňiz! Bütin halk, her bir kişi mukaddesdir, Reb hem olaryň arasyndadyr. Şonda-da siz özüňizi näme üçin Rebbiň jemagatyndan ýokary tutýarsyňyz?» diýdiler.
4 Musa muny eşidip, ýüzin ýykyldy.
5 Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we kime Onuň ýanyna golaýlaşmaga rugsat edilendigini Reb säher bilen aýan eder. Ol Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder.
6 Eý Kora hem-de onuň ýoldaşlary, tütetgi gaplaryňyzy alyň.
7 Ertir olaryň içine ot salyp, Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakyň. Onsoň Reb kimi saýlasa, şol hem mukaddes bolar. Siz – lewiler, juda öte geçdiňiz!»
8 Soňra Musa Kora ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý lewiler, maňa gulak salyň!
9 Ysraýyl Hudaýy sizi ysraýyl halkynyň arasyndan saýlap aldy. Siz Rebbiň mukaddes çadyrynyň hyzmatyny ederiňiz ýaly we halkyň öňünde durup olara hyzmat ederiňiz ýaly, Ol size Özüne ýakynlaşmaga mümkinçilik berdi. Size indi şu-da azmy näme?
10 Ol size we siziň bütin lewi doganlaryňyza Özüne golaý barmaga rugsat beren bolsa-da, siz munuň üstesine ruhanylyk wezipesini hem talap edýärmisiňiz?!
11 Sen ähli ýoldaşlaryň bilen bile Haruna garşy bolduň, hakykatda bolsa bu siziň Rebbe garşy boldugyňyzdyr».
12 Musa Eliýabyň ogullary Datan bilen Abyramy çagyrmaga adam ugratdy. Ýöne olar şeýle jogap berdiler: «Biz barjak däl!
13 Bizi çölde öldürmek üçin, süýt we bal akýan Müsür topragyndan çykaryp, şu ýere getireniňi az görýärmiň? Ýene-de üstümizden höküm hem sürjek bolýarmyň?
14 Bizi süýt we bal akýan ýurda getirmedigiň-ä belli, ýa bolmasa bize meýdanlary, üzümçilikleri mülk edip bermediň. Bu adamlaryň näme gözüni çykarjakmy? Biz barjak däl».
15 Musanyň muňa gaty gahary gelip, Rebbe: «Olaryň sadakalaryny kabul etme, men olaryň hiç biriniň göwnüne degmändim, hatda olardan ýekeje eşek-de almandym» diýdi.
16 Musa Kora ýüzlenip şeýle diýdi: «Ähli ýoldaşlaryň ertir Rebbiň huzuryna gelsin, Harun ikiňizem şol ýere geliň.
17 Her biriňiz öz tütetgi gaplaryňyza ýakymly ysly tütetgi salyň, iki ýüz elli kişiniň her biri öz tütetgi gabyny göterip, Rebbiň huzuryna gelsin. Harun ikiňizem tütetgi gaplaryňyzy getiriň».
18 Şeýdip, her kim öz tütetgi gabynda ot ýakyp, üstüne-de ýakymly ysly tütetgi goýup, Musa we Harun bilen bile Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde durdular.
19 Soňra Kora Musa bilen Harunyň garşysyna çykmak üçin, bütin jemagaty Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnady, şonda bütin jemagata Rebbiň şöhraty göründi.
20 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
21 «Özüňiz bu jemagatdan bir gyra çekiliň, Men bulary bir demde ýok edeýin!»
22 Emma Musa bilen Harun ýüzin ýykylyp: «Eý, Hudaý, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, bir adam günä etdi diýip, bütin jemagata gazaplanýarmyň?» diýdiler.
23 Reb Musa:
24 «Jemagata ýetir, goý, Koranyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan daşrak çekilsinler» diýdi.
25 Musa ýerinden turup, Datanyň we Abyramyň ýanyna gitdi, Ysraýyl ýaşululary-da onuň yzyna düşdüler.
26 Onsoň Musa halka ýüzlenip: «Ol azgynlaryň çadyrlarynyň golaýyna barmaň we olaryň hiç bir zadyny-da ellemäň, ýogsam olaryň günäleri zerarly sizem ýok bolarsyňyz» diýdi.
27 Jemagat Koranyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan uzaga çekildi. Datan bilen Abyram bolsa daş çykyp, aýallary, çagalary bilen öz çadyrlarynyň girelgesiniň öňünde durdular.
28 Musa şeýle diýdi: «Bu işleriň ählisini etmegim üçin meni Rebbiň iberenini, meniň özbaşdak hereket etmeýändigimi siz şu zatlardan bilersiňiz.
29 Eger bu adamlar hem beýlekiler ýaly öz ajalyna ölseler, onda meni Rebbiň ibermedigidir.
30 Emma Reb entek görlüp-eşidilmedik bir zat edäýse, ýagny ýer darka ýarylyp, bu adamlary we olara degişli zatlaryň hemmesini ýuwutsa, olar hem diriligine ölüler dünýäsine düşseler, şonda bu adamlaryň Rebbi äsgermezlik edendiklerine göz ýetirersiňiz».
31 Musa bu zatlary aýdyp gutaran badyna, olaryň astyndaky ýer darka ýaryldy.
32 Ýer agzyny açyp, olary we maşgalalaryny – Kora degişli bolan adamlaryň we emlägiň baryny ýuwutdy.
33 Şeýdip, olar ähli goş-golamlary bilen bile diriligine ölüler dünýäsine düşdüler. Olaryň yzyndan ýer ýapyldy we olar jemagatyň arasyndan gaýyp boldular.
34 Olaryň töwereginde duran ähli ysraýyllar bolsa, olaryň dady-perýadyny eşidenlerinde: «Ýer bizi-de ýuwudar!» diýşip gaçdylar.
35 Onsoň Rebden bir ot çykyp, ýakymly ysly tütetgi hödür eden iki ýüz elli kişini ýakyp ýok etdi.
36 Reb Musa şeýle diýdi:
37 «Ruhany Harunyň ogly Elgazara aýt, maňňallaryň mukaddesdigi üçin olary oduň içinden çykarsyn we olaryň içindäki közleri çetde giň edip pytradyp taşlasyn.
38 Jana kast edip, günä eden bu adamlaryň maňňallaryndan bolsa ýukajyk gapaklar ýasaň. Maňňallar Rebbiň huzuryna eltilensoň, mukaddes boldular. Goý, olar ysraýyllar üçin nyşan bolsunlar».
39 Onsoň ruhany Elgazar ýandyrylan adamlar tarapyndan Rebbiň huzuryna eltilen bürünç maňňallary alyp, olardan gurbanlyk sypasyny ýapar ýaly gapaklar ýasatdy.
40 Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.
41 Ýöne ertesi gün Ysraýyl ogullarynyň bütin jemagaty Musa bilen Haruna garşy çykyp: «Rebbiň halkyny siz öldürdiňiz» diýdiler.
42 Jemagat olara garşy toplananda, Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyra tarap öwrüldiler. Ine, görseler, ony bulut büräp, Rebbiň şöhraty göründi.
43 Onsoň Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne geldiler.
44 Reb Musa şeýle diýdi:
45 «Bu jemagatyň arasyndan gyra çykyň, Men bulary bir demde ýok edeýin». Olar ýüzin ýykyldylar.
46 Musa Haruna şeýle diýdi: «Öz tütetgi ýakylýan gabyňy al, oňa gurbanlyk sypasyndan köz alyp sal, onuň üstüne-de ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günälerinden saplamak üçin, çaltlyk bilen olaryň arasyna bar. Çünki Rebbiň gahar-gazaby tutaşdy, gyrgynçylyk başlandy».
47 Harun Musanyň buýruşy ýaly, tütetgi gabyny alyp, jemagatyň arasyna ylgap bardy. Ol gyrgynçylygyň başlanyny görende, közleriň üstüne ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günäsinden saplady.
48 Harun ölüler bilen dirileriň arasynda duransoň, gyrgynçylyk togtady.
49 Koranyň gozgalaňynda ölenlerden başga, gyrgynçylykdan ölenleriň sany on dört müň ýedi ýüz adam boldy.
50 Gyrgynçylyk togtadylansoň, Harun Musanyň ýanyna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine gaýdyp geldi. ‎




Chapter 17

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara öz tire baştutanlarynyň hemmesinden, ýagny her tireden bir hasa – jemi on iki hasa ýygnap, olary saňa getirip bermeklerini tabşyr. Olaryň hersiniň atlaryny öz hasalaryna ýazyp goý.
3 Harunyň adyny lewileriň hasasyna ýaz. Çünki her tire baştutany üçin bir hasa bolmalydyr.
4 Hasalary getirip, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Maňa ýüz tutulýan çadyrdaky Äht sandygynyň öňünde goý.
5 Meniň saýlan adamymyň hasasy gögerer, şeýdip, Men ysraýyllaryň sizden närazylyklarynyň soňuna çykaryn».
6 Musa Rebbiň sözlerini ysraýyllara ýetirdi. Olaryň tire baştutanlarynyň hemmesi hasalaryny, her tire üçin bir hasany – jemi on iki hasany Musa berdiler. Harunyň hasasy-da şolaryň arasyndady.
7 Onsoň Musa hasany getirip, Rebbiň huzurynda äht çadyrynda goýdy.
8 Ertesi gün Musa äht çadyryna girdi, görse, ine, lewi tiresiniň beren, Harunyň ady ýazylan hasasy, hakykatdanam, gögeren eken. Onda pyntyklar, güller we ýetişen badamlar bardy.
9 Onsoň Musa hasalary Rebbiň huzuryndan alyp, ähli ysraýyllaryň öňüne çykardy. Olar bu ahwalata syn etdiler we her kim öz hasasyny aldy.
10 Reb Musa şeýle diýdi: «Harunyň hasasyny yzyna getirip, Äht sandygynyň öňünde goý. Ol pitneçiler üçin duýduryş alamaty hökmünde saklanar. Şeýdip, sen olaryň Menden närazy bolmaklarynyň soňuna çykarsyň, ýogsam olar ölerler».
11 Musa hemme zady edil Rebbiň buýruşy ýaly etdi.
12 Ysraýyllar Musa: «Onda biziň işimiz gaýdypdyr! Biziň barymyz heläk bolarys!
13 Kim Rebbiň mukaddes çadyryna golaýlaşsa, ol öler. Şeýdip, indi biziň hemmämiz gyrylaýmalymy?» diýdiler. ‎




Chapter 18

1 Reb Haruna şeýle diýdi: «Sen, seniň ogullaryň we urugyňyz bilen bilelikde mukaddes zatlar bilen baglanyşykly edilen hata işlere jogapkär bolarsyňyz. Ruhanyçylyga degişli bolan işlerde hata goýberilse, oňa diňe sen öz ogullaryň bilen bile jogapkär bolarsyň.
2 Ogullaryň bilen äht çadyrynyň öňünde hyzmat edýärkäň, ataňyz Lewiniň tiresinden bolan ähli dogan-garyndaşlaryňyz size goşulyp, size hyzmat ederleri ýaly, olary-da ýanyňa getir.
3 Goý, olar tutuş öýi gorap, seniň üçin goramak işini ýerine ýetirsinler. Ýöne olar mukaddes öýüň enjamlaryna ýa-da gurbanlyk sypasyna asla golaýlaşmasynlar, ýogsam olaram, sizem heläk bolarsyňyz.
4 Ýüz tutulýan çadyryň işini ýerine ýetirmäge onuň ähli hyzmatyny etmäge sen jogapkär bolarsyň. Başga bir keseki size ýakynlaşmasyn.
5 Mundan beýläk ysraýyllaryň depesinden gazabym inmez ýaly, mukaddes ýeriň we gurbanlyk sypasynyň işlerini siziň özüňiz ediň.
6 Size peşgeş hökmünde, ysraýyllaryň arasyndan lewi doganlaryňyzy Meniň Özüm saýlap aldym. Ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny ederleri ýaly, olar Maňa bagyş edilendir.
7 Emma sen ogullaryň bilen gurbanlyk sypasyna, iň mukaddes otaga degişli işleriň ählisini yhlas bilen berjaý etmelisiň. Ruhanylygy size Men peşgeş berdim. Sizden başga oňa kim golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».
8 Reb Haruna şeýle diýdi: «Maňa berlen sadakalara göz-gulak bolmagy saňa tabşyrdym. Ysraýyllaryň ähli mukaddes sowgatlaryny ruhanyçylyk paýyňyz hökmünde saňa we seniň ogullaryňa ebedilik berdim.
9 Iň mukaddes sadaka hökmünde otda ýakylmaýan zatlardan şular siziňki bolar: olaryň iň mukaddes zat hökmünde Maňa hödür edýän her bir sadakasy, galla sadakasymy, günä gurbanlygymy ýa ýazyk gurbanlygymy parhy ýok, bular saňa we seniň ogullaryňa degişlidir.
10 Olary siz iň mukaddes zat hökmünde iýmelisiňiz, hemme erkekler olardan iýip bilerler. Bular siziň üçin mukaddesdir.
11 Ine, bular hem siziňkidir: hödür edilen sowgatlary we ysraýyllaryň göterme sadakasy hökmünde berlen sadakalary Men saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý edip berdim. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam olardan iýip biler.
12 Olaryň Rebbe hödür edýän iň oňat zeýtun ýagyny, iň oňat şerabyny we bugdaýyny, iň oňat önümlerini size berdim.
13 Olaryň topragyndan önen ilkinji hasylyndan Rebbe getirenleriniň hemmesi siziňki bolar. Seniň maşgalaňdaky her bir tämiz adam ondan iýip biler.
14 Ysraýylda Rebbe aýry goýlan hemme zat seniňki bolar.
15 Ynsan bolsun, haýwan bolsun parhy ýok, Rebbe hödür edilýän her jandaryň ilkinji erkek doglan çagasy seniňki bolar. Emma ynsanyň we haram mallaryň ilkinji erkek doglan çagasyny yzyna satyn almalysyň.
16 Çagalar bir aýlyk bolanda, yzyna satyn almak bahasy mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen on mysgal kümüş bolsun.
17 Ýöne sygryň, goýnuň, geçiniň ilki guzlanlary üçin töleg alma, olar mukaddesdirler. Olaryň ganyny gurbanlyk sypasyna tarap serpip, ýagyny-da Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde otda ýak.
18 Göterme sadakasynyň döşi we sag budy ýaly, sygryň, goýnuň, geçiniň ilki guzlanlarynyň eti hem seniňkidir.
19 Ysraýyllaryň Rebbe hödür edýän ähli mukaddes sadakalaryny saňa we seniň ogul-gyzlaryňa ebedilik paý hökmünde berdim. Bu seniň we nesilleriň bilen Meniň eden bozulmajak ähtimdir».
20 Soňra Reb Haruna şeýle diýdi: «Olaryň topragynda seniň mülküň bolmaz, ýa olaryň arasynda paýyň bolmaz. Ysraýyllaryň arasyndaky seniň paýyň we mirasyň Mendirin.
21 Lewilere Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edýän hyzmatlarynyň öwezine miras hökmünde ysraýyllaryň Maňa berýän hemme ondan birini berdim.
22 Mundan beýläk ysraýyllar Rebbe ýüz tutulýan çadyra golaýlaşmasynlar, ýogsam olar günäleri üçin jeza çekip ölerler.
23 Emma Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny lewiler etsinler, olar öz hata işlerine jogapkär bolarlar. Bu size nesiller boýy ebedilik parz bolsun. Ýöne ysraýyllaryň arasynda lewileriň mülki bolmaz.
24 Sebäbi Men lewilere paý edip, ysraýyllaryň Maňa sadaka hökmünde berýän ondan birini berdim».
25 Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:
26 «Lewilere aýt, olara paý hökmünde beren ondan birimi ysraýyllardan kabul edip alanlarynda-da, ondan Maňa sadaka edip, ondan birleriň ondan birini bersinler.
27 Bu olar üçin täze harmandan berlen galla ýa-da täze şerap sadakasy bilen deň hasap ediler.
28 Şeýdip, olar hem ysraýyllardan alýan ondan birinden Rebbe sadaka bersinler we Rebbiň sadakasyny ruhany Haruna bersinler.
29 Lewilere berilýän sowgatlardan Rebbiň sadaka paýyny bersinler. Hemmesiniň iň gowusyny Rebbiň mukaddes paýy hökmünde bersinler.
30 Lewilere ýene şuny aýt: daýhanyň sadaka bereninden soň galanyny özüne alşy ýaly, lewiler hem sadakanyň iň gowusyny hödür edenlerinden soň galanyny özlerine alsynlar.
31 Olar we olaryň maşgalalary ony islendik ýerde iýip bilerler. Çünki ol Rebbe ýüz tutulýan çadyrda lewileriň edýän hyzmatynyň hakydyr.
32 Onuň iň gowusyny sadaka bereniňizden soň, ondan iýseňiz, ýazykly bolmarsyňyz. Emma ysraýyllaryň berýän mukaddes sowgatlarynyň iň gowy bölegi sadaka berilmänkä iýip harama çykarmaň, ýogsam ölersiňiz». ‎




Chapter 19

1 Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
2 «Rebbiň buýran kanunyndaky parz şudur: ysraýyllar size gurat, şikessiz, boýnuna boýuntyryk salynmadyk bir gyzyl sygyr getirsinler.
3 Ony siz ruhany Elgazara berersiňiz. Sygry Ysraýyl düşelgesiniň daşyna alyp çykyp, Elgazaryň öňünde soýsunlar.
4 Ruhany Elgazar onuň ganyna barmagyny batyryp, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne tarap ýedi gezek syçratsyn.
5 Soňra sygyr derisi, eti, gany we içgoşy bilen bilelikde Elgazaryň gözüniň alnynda ýakylsyn.
6 Ruhany bir bölek kedr agajyny, ýowşan, gyzyl reňkli sapak alsyn-da, olary sygry ýakyp duran oda atsyn.
7 Onsoň ruhany geýimlerini ýuwsun we suwa düşsün, şondan soň ol Ysraýyl düşelgesine girip biler. Emma ol agşama çenli haramdyr.
8 Sygry oda ýakan adam hem geýimlerini ýuwsun we suwa düşsün. Ol hem agşama çenli haramdyr.
9 Onsoň sygryň külüni tämiz adamlaryň biri ýygnap alyp, düşelgäňiziň daşynda halal ýerde goýsun. Bu kül ysraýyl halky üçindir, ol tämizlik suwy üçin saklansyn. Bu günä gurbanlygynyň bir görnüşidir.
10 Sygryň külüni ýygnan adam geýimlerini ýuwsun, ol agşama çenli haramdyr. Bu ysraýyllar üçin we olaryň arasynda ýaşaýan gelmişekler üçin ebedilik düzgündir.
11 Jesede degen kişi ýedi günläp haramdyr.
12 Üçünji we ýedinji günlerde ol özüni tämizlik suwy bilen tämizlesin, şonda ol tämizlener. Emma ol özüni üçünji we ýedinji günlerde tämizlemese, tämiz bolmaz.
13 Jesede galtaşandan soň, özüni tämizlemedik adam Rebbiň mukaddes çadyryny haram eder. Beýle adam Ysraýyldan kowlup çykarylsyn. Onuň üstüne tämizlik suwy sepilmändir, şonuň üçin ol haramlygyna galypdyr, onuň haramlygy entegem onuň boýnundadyr.
14 Eger çadyrda biri ölse, şu kada ulanylsyn: çadyryň içindäki we şol wagt çadyra giren her bir adam ýedi gün haram hasaplansyn.
15 Çadyryň içindäki agzy açyk bolan hemme gaplary murdara çykar.
16 Eger kimde-kim meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşsa, ol ýedi gün haram saýylar.
17 Murdar saýylan adam üçin ýakylan günä gurbanlygynyň külünden bir gaba salyp, onuň üstüne çeşme suwuny guýuň.
18 Onsoň tämiz adamlardan biri ýowşany suwa batyryp, çadyryň, onuň içindäki esbaplaryň üstüne sepelesin. Şeýle-de ol ýerdäki adamlaryň we meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşan kişiniň üstüne sepelesin.
19 Tämiz adam haram kişileriň üstüne suwy üçünji we ýedinji günler sepelesin. Ýedinji gün olar tämizlenerler. Soňra olar geýimlerini ýuwsunlar we suwa düşsünler, agşama çenli olar tämizlenerler.
20 Emma haram bolubam özüni tämizlemeýänler jemagatyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Çünki olar Rebbiň mukaddes öýüni murdar edendirler. Olaryň üstüne tämizlik suwunyň Sepilmändigi üçin, olar haramdyrlar.
21 Bu olar üçin ebedilik düzgün bolsun. Tämizlik suwuny sepýän adam geýimlerini ýuwsun. Tämizlik suwuny ellän adam agşama çenli haramdyr.
22 Haram adamyň her bir ellän zady-da murdar bolar. Haram adamy ellän kişi-de agşama çenli haramdyr». ‎




Chapter 20

1 Bütin ysraýyl jemagaty birinji aýda Sin çölüne geldi. Halk Kadeşde düşledi. Ol ýerde Merýem aradan çykdy we jaýlandy.
2 Olaryň düşlän ýerinde suw ýokdy, onsoň jemagat Musa bilen Harunyň garşysyna toplandy.
3 Olar Musa bilen dawalaşyp, şeýle diýdiler: «Rebbiň huzurynda dogan-garyndaşlarymyz ölende, biz hem gyrlan bolsak gowy bolardy!
4 Näme üçin siz Rebbiň halkyny bu çöl-beýewana alyp geldiňiz? Bizi we mal-garalarymyzy bu ýere gyrmak üçin getirdiňizmi?
5 Näme üçin siz bizi bu ýowuz ýere Müsürden alyp gaýtdyňyz? Bu ýerde ne ekin, ne injir, ne üzüm, ne-de nar biter, munda hatda içmäge suwam ýok ahyryn!»
6 Onsoň Musa bilen Harun jemagatyň öňünden gitdiler we Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine baryp, ýere ýüzin ýykyldylar. Rebbiň şöhraty bulara göründi.
7 Reb Musa şeýle diýdi:
8 «Hasany al we doganyň Harun bilen halky ýygna. Onsoň olaryň gözüniň alnynda gaýa suw ber diýip buýruk ber. Şeýdip, halka gaýadan suw çykaryp berersiň we olaryň mallaryny suwa ýakarsyň».
9 Musa Rebbiň buýruşy ýaly baryp, hasany aldy.
10 Onsoň Musa Harun bilen bile halky gaýanyň öňüne ýygnap, olara: «Gulak goýuň, eý pitneçiler. Biz indi siziň üçin şu gaýadan suw çykarmalymy?» diýdi.
11 Soňra Musa elini ýokary galdyryp, hasasy bilen gaýany iki gezek urdy welin, gaýadan şaglap, suw akyp başlady. Bütin halk we olaryň mallary suwdan gandylar.
12 Emma Reb Musa bilen Haruna: «Maňa doly ynanman, ysraýyllaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesligimi ykrar etmändigiňiz üçin, siz bu jemagaty olara beren ýurduma getirip bilmersiňiz» diýdi.
13 Ysraýyl halky bu ýerde Reb bilen dawa edeni üçin bu suwuň çykan ýerine Meriba diýip at berildi. Ol ýerde Reb Öz mukaddesligini görkezipdi.
14 Musa Kadeşden Edomyň patyşasyna şu habar bilen ilçiler ýollady: «Doganlaryňyz ysraýyl halky şeýle diýýär: Biziň başymyzdan inen ähli kynçylyklardan habaryňyz bardyr.
15 Atalarymyz Müsüre gitdiler we ol ýerde uzak wagtlap ýaşadylar. Müsürliler bizi we atalarymyzy ezdiler.
16 Biz Rebbe dady-perýat etdik. Ol biziň sesimizi eşitdi we Öz perişdesini iberip, bizi Müsürden çykardy. Ine, indi biz Kadeşde – siziň serhediňize golaý ýerde durus.
17 Bize ýurduňyzyň içinden geçip gitmäge rugsat ber. Biz ekinleriň ýa üzümçilikleriň içinden ýöremeris ýa-da guýularyňyzdan suw içmeris. Tä siziň ýurduňyzdan çykýançak, saga-sola sowulman, diňe şaýoldan ýöräris».
18 Emma edomlylar şeýle jogap berdiler: «Ýurdumyzyň içinden geçmersiňiz, eger geçjek bolup synanyşaýsaňyz gylyç alyp, garşyňyza çykarys».
19 Ysraýyllar: «Biz şaýoldan çykman ýöräris, eger biz we biziň mallarymyz siziň suwuňyzdan içäýsek, biz onuň üçin töleg töläris. Bize diňe pyýada geçip gitmäge rugsat berseňiz bolýar» diýdiler.
20 Ýöne olar: «Ýok, geçmersiňiz!» diýip jogap berdiler. Onsoň edomlylar agyr ýaraglanan uly goşun bilen olaryň garşysyna çykdylar.
21 Edomlylar geçmäge ýol bermänsoňlar, ysraýyllar ol ýerden öwrülip geçdiler.
22 Bütin ysraýyl halky Kadeşden göçüp, Hor dagyna gelip düşdi.
23 Onsoň Reb Musa bilen Haruna Hor dagynda, Edom topragynyň serhedinde şeýle diýdi:
24 «Harunyň ölüp, öz ata-babalaryna gowuşmaly wagty ýetdi. Ol ysraýyllara wada beren ýurduma girmez, sebäbi siz Meriba çeşmesiniň ýanynda Meniň buýrugyma boýun egmändiňiz.
25 Haruny we onuň ogly Elgazary ýanyňa al-da, olary Hor dagyna çykar.
26 Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, olary ogly Elgazara geýdir. Harun bolsa şol ýerde ölüp, öz ata-babalaryna gowşar».
27 Musa Rebbiň buýruşy ýaly etdi. Ähli halkyň gözüniň alnynda olar Hor dagyna çykdylar.
28 Musa Harunyň egninden ruhanylyk lybaslaryny çykaryp, onuň ogly Elgazara geýdirdi. Harun bolsa şol ýerde dagyň depesinde jan berdi. Musa bilen Elgazar dagdan düşdüler.
29 Harunyň ölendigini gören bütin ysraýyl halky otuz günläp onuň üçin ýas tutdy. ‎




Chapter 21

1 Negepde ýaşaýan kenganly Aratyň hanyny ysraýyllaryň Atarym ýolundan gelýändigini eşidende, ol ysraýyllar bilen urşup, olaryň birnäçesini ýesir aldy.
2 Şonda ysraýyllar Rebbe wada berip: «Eger hakykatdan hem, bu halky biziň elimize berseň, olaryň galalaryny Saňa aýry goýlandygy üçin bütinleý ýok ederis» diýdiler.
3 Reb ysraýyl halkynyň sesini eşitdi. Kenganlylary olaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gyryp, olaryň galalaryny-da bütinleý ýok etdiler. Şondan soň ol ýere Horma diýen at galdy.
4 Onsoň ysraýyllar Hor dagyndan göçüp, Edom ýurdunyň daşyndan aýlanyp ötmek üçin, Gyzyl deňziň ýoly bilen gitdiler. Emma ýolda halk sabyrsyzlyk etdi.
5 Olar Hudaýyň we Musanyň garşysyna: «Bizi Müsürden çölde gyrylmagymyz üçin alyp gaýtdyňyzmy? Bu ýerde ne çörek, ne-de suw bar. Bu tagamsyz iýmitden-de halys irdik» diýdiler.
6 Reb muňa jogap edip, halkyň arasyna zäherli ýylanlar iberdi. Olaryň zäherinden ysraýyllardan köp adam öldi.
7 Halk Musanyň ýanyna gelip: «Rebbe we saňa dil ýetirip, biz günä iş etdik. Ýylanlary aramyzdan aýrar ýaly, Rebden dileg et» diýdiler. Musa halk üçin dileg etdi.
8 Reb Musa: «Bir zäherli ýylanyň şekilini ýasa we ony uzyn syrygyň ujuna berkit. Ýylan çakan adam oňa bakan badyna sagalar» diýdi.
9 Onsoň Musa sap bürünçden ýylan ýasap, ony syrygyň ujuna berkitdi. Her bir ýylan çakan adam oňa sereden badyna sagalyp, diri galardy.
10 Ysraýyllar göçdüler we gelip, Obotda düşlediler.
11 Soňra Obotdan göçüp, Mowabyň gündogaryndaky çöllükde, Iýeý Abarymda düşlediler.
12 Ol ýerden hem Zeret deresine göçüp bardylar.
13 Ol ýerden hem göçüp, Arnon jülgesiniň aňyrsynda, amorlaryň serhedinden bäri ýaýylyp ýatan çöllükde düşlediler. Arnon jülgesi Mowap bilen Amoryň arasyndan geçýän Mowabyň serhedi bolup hyzmat edýärdi.
14 Şeýdip, «Rebbiň söweşleri kitabynda» Supa ülkesindäki Wahep galasy hakynda, Arnon dereleriniň ýapgytlary hakynda, Mowabyň serhediniň boýy bilen Ar galasyna çenli ýaýylýan bu dereleriň ýapgytlary hakynda hem ýatlanylýar.
16 Ysraýyllar ol ýerden Beýere, Rebbiň Musa: «Halky bir ýere ýygna, olara suw berjek» diýen guýusyna tarap ýola düşdüler.
17 Şonda olar şu aýdymy aýtdylar: «Suwlaryň joşsun, eý guýy! Munuň şanyna aýdym aýdalyň!
18 Patyşalyk hasasy bilen, Soltanlyk naýzasy bilen, Baştutanlaryň açdy bu guýyny, Halk şazadalary gazdy bu guýyny». Olar çöllükden Matana çenli,
19 Matanadan Nahalyýele çenli, Nahalyýelden Bamota,
20 Bamotdan bolsa çölüň üstüne abanyp duran Pisga dagynyň depesi bilen Mowap topragynda ýerleşýän jülgä çenli gitdiler.
21 Soňra ysraýyllar amorlaryň hany Sihona ilçiler ýollap, şeýle diýdiler:
22 «Bize ýurduňyzyň içinden geçip gitmäge rugsat ber. Biz ekinleriň ýa üzümçilikleriň içine sowulmarys ýa-da guýularyňyzdan suw içmeris. Biz tä siziň ýurduňyzdan çykýançak, diňe şaýoldan ýöräris».
23 Emma Sihon öz ýurdunyň içinden geçip gitmäge ysraýyllara rugsat bermedi. Ol bütin goşunyny ýygnap, ysraýyllaryň garşysyna çöle çykdy we Ýahasa gelip, olar bilen söweşe girdi.
24 Ysraýyllar Sihony gylyçdan geçirip, onuň Arnondan Ýaboga çenli, tä ammonlaryň serhedine çenli bolan ýerleriniň baryny eýelediler. Ammonlaryň serhedi bolsa güýçli goralýardy.
25 Ysraýyllar amorlaryň galalarynyň hemmesini basyp aldylar. Olar amorlaryň ähli galalarynda, hatda Heşbonda we onuň ähli obalarynda ornaşdylar.
26 Heşbon galasy amorlaryň hany Sihonyň paýtagt galasydy. Sihon Mowabyň öňki hany bilen urşup, onuň Arnona çenli bolan ähli ýerlerini basyp alypdy.
27 Bu hakda bagşylar şeýle diýýärler: «Heşbona geliň, goý, ol gurulsyn, Goý, Heşbon galasy dikeldilsin.
28 Çünki Heşbondan ot, Sihonyň galasyndan ýalyn çykdy. Mowabyň Ar galasyny ýalyn gurşady, Arnon depelerini-de, ýuwutdy ol.
29 Waý, saňa eý Mowap! Siz heläk bolduňyz, eý Kemoş halky! Ogullaryňyz bosgunlara öwrüldi, Gyzlaryňyz amor hany Sihonyň ýesiri boldular.
30 Şeýdip, biz olary ýer bilen ýegsan etdik. Heşbondan Dibona barýançak gyryldylar. Meýdeba uzalýan Nopa çenli olary ýok etdik».
31 Şunlukda, ysraýyllar amorlaryň ýurdunda ornaşdylar.
32 Musa Ýagser galasyny gözden geçirmek üçin, içalylar ugratdy. Soňra ysraýyllar onuň töweregindäki obalary basyp aldylar we ol ýerdäki amorlary kowup çykardylar.
33 Soňra ysraýyllar Başan ýurduna tarap ýoluny dowam etdirdiler. Başan hany Og ysraýyllar bilen söweşmek üçin, Edreý galasynda ähli urşujylary bilen olaryň garşysyna çykdy.
34 Reb Musa: «Men Ogy, onuň ähli halkyny we ýurduny seniň eliňe berdim. Ondan gorkma. Heşbonda hanlyk süren amor hany Sihony ýok edişiň ýaly, Ogy hem ýok et» diýdi.
35 Ysraýyllar Ogy, onuň ogullaryny we bütin goşunyny ýekeje adam goýman gyryp, onuň ýurduny eýelediler. ‎




Chapter 22

1 Ysraýyllar ýola düşüp, Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşlediler.
2 Ysraýyllaryň amorlaryň başyna salan ähli işlerinden Sipor ogly Ballagyň habary bardy.
3 Mowaplylar ysraýyl halkynyň köpdügini görenlerinde, juda gorkdular. Şeýdip, mowaplylar ysraýyllar sebäpli dowla düşdüler.
4 Onsoň mowaplylar Midýan ýaşulularyna şeýle habar ýolladylar: «Öküziň meýdandaky otlary ýalmap-ýuwduşy ýaly, bu gelýän mähelle hem töwerek-daşymyzdaky zatlaryň hemmesini ýalmap-ýuwdar». Ol wagtlar Sipor ogly Ballak Mowabyň patyşasydy.
5 Ballak Begor ogly Bilgamy çagyrmak üçin çaparlar ýollady. Bilgam Perat derýasynyň boýunda, Petorda öz tohum-tijiniň arasynda ýaşaýardy. Ballak Bilgama: «Müsürden bir halk çykyp gelip, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Ynha, indi olar meniň alkymyma dykylyp geldiler.
6 Şonuň üçinem gelip, olary meniň haýryma näletle. Çünki olar menden güýçli, belki şondan soň men olary ýeňip, ýurtdan kowup çykaryp bilerin. Çünki seniň ýalkanyňyň ýalkanýandygyny, näletläniňiň bolsa näletlenýändigini men bilýärin» diýip habar iberdi.
7 Onsoň Mowabyň we Midýanyň ýaşululary ellerine nälet üçin töleg hakyny alyp, Bilgamyň ýanyna gitdiler we Ballagyň habaryny oňa ýetirdiler.
8 Bilgam olara: «Gijäni şu ýerde geçiriň, Reb maňa näme diýse, men ony size ýetirerin» diýdi. Şeýdip, mowaply emeldarlar Bilgamyň ýanynda galdylar.
9 Hudaý Bilgama görnüp: «Seniň ýanyňdaky adamlar kim?» diýip sorady.
10 Bilgam Hudaýa şeýle jogap berdi: «Mowap patyşasy Sipor ogly Ballak maňa şeýle habar iberdi:
11 „Müsürden bir halk çykyp, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. Sen gel-de, meniň haýryma olary näletle, belki şondan soň men olaryň garşysyna söweşip bilerin we kowup çykararyn“».
12 Emma Hudaý Bilgama: «Sen bular bilen gitme! Bu halky näletleme, çünki ol halk ýalkanandyr!» diýdi.
13 Bilgam ertesi turup, Ballagyň emeldarlaryna: «Öz ýurduňyza dolanyň, sebäbi Reb maňa siziň bilen gitmäge rugsat bermedi» diýdi.
14 Onsoň mowaply emeldarlar Ballagyň ýanyna dolanyp gelip, oňa: «Bilgam biziň bilen gaýtmaga razy bolmady» diýdiler.
15 Ballak bolsa indi öňkülerden-de has köp we has abraýly emeldarlaryny iberdi.
16 Olar gelip, Bilgama şeýle diýdiler: «Sipor ogly Ballak şeýle diýýär: „Haýyş edýärin, meniň ýanyma gelmekden ýüz öwürmesene.
17 Çünki men seniň sylag-serpaýyňy ýetirip, göwnüňiň islän zadyny bitirerin. Sen diňe gel-de, meniň üçin şol halky näletle“».
18 Bilgam Ballagyň adamlaryna şeýle jogap berdi: «Ballak hatda öz öýüni altyn-kümüşden dolduryp berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, hiç hili uly ýa-da kiçi iş edip bilmerin.
19 Gowusy siz hem bu gije şu ýerde galyň. Men Rebbiň maňa ýene näme diýjegini bileýin».
20 Şol gije Hudaý Bilgama görnüp, oňa: «Eger bu adamlar seni çagyrmak üçin gelen bolsalar, sen olar bilen git, ýöne diňe Meniň aýdanlarymy edersiň» diýdi.
21 Onsoň Bilgam ertesi irden turup, eşegini gaňňalady-da, mowaply emeldarlar bilen ýola düşdi.
22 Bilgam emeldarlar bilen gideninde, Hudaýyň gahary geldi. Onsoň Rebbiň perişdesi Bilgama päsgel bermek üçin, onuň ýolunda durdy. Bilgam eşegini münüp barýardy we onuň iki hyzmatkäri-de ýanyndady.
23 Eşek eli syrylan gylyçly, ýoluň üstünde duran Rebbiň perişdesini gören badyna ýoldan sowlup, atyzyň içine tutdurdy. Bilgam bolsa eşegi ýola çykarjak bolup saýgylamaga başlady.
24 Onsoň Rebbiň perişdesi üzümçiligiň içinden geçýän iki gapdaly diwar bolan darajyk ýodanyň ugrunda peýda boldy.
25 Eşek Rebbiň perişdesini görüp, diwara tarap gysyldy. Bilgamyň aýagy-da diwar bilen aralykda gysylyp galdy we ol ýene-de eşegi saýgylap başlady.
26 Rebbiň perişdesi ýene öňe gidip, indi ýodanyň ne saga, ne-de çepe öwrülip bolýan dar ýerinde peýda boldy.
27 Eşek bu gezek Rebbiň perişdesini görüp, Bilgamyň astynda aşak çöküp ýatyberdi. Muňa Bilgamyň gaty gahary gelip, hasasy bilen ol janawary urmaga başlady.
28 Onsoň Reb eşege dil bitirdi we eşek Bilgama: «Meni üç gezek beýle ýenjer ýaly, men saňa näme etdim?» diýdi.
29 Bilgam eşege: «Sebäbi sen meni däliretdiň! Eger elimde gylyç bolsady, seni häziriň özünde öldürerdim!» diýip jogap berdi.
30 Şonda eşek Bilgama: «Men seniň bütin ömrüňe münüp ýören eşegiň dälmi näme? Heý, mundan ozal şeýle gylyk görkezipmidim?» diýdi. Bilgam: «Ýok» diýip jogap berdi.
31 Mundan soň Reb Bilgamyň gözüni açdy. Ol eli syrylan gylyçly Rebbiň perişdesiniň ýolda durandygyny gördi. Bilgam tagzym edip, özüni ýüzinligine ýere goýberdi.
32 Rebbiň perişdesi oňa şeýle diýdi: «Näme üçin sen eşegiňi üç gezek urduň? Men duşman hökmünde saňa päsgel bermek üçin çykdym, sebäbi sen Meniň nazarymda gabahat ýoldan barýarsyň.
33 Eşek Meni gördi we üç sapar Meniň öňümden sowuldy. Eger ol sowulmadyk bolsa, hakykatdan hem Men seni öldürerdim we ony diri galdyrardym».
34 Onsoň Bilgam Rebbiň perişdesine: «Men günä etdim, Seniň garşymda ýolda duranyňy bilmändirin. Indi Sen eger meniň gitmegimi oňlamaýan bolsaň, men öýüme gaýdaýyn» diýdi.
35 Rebbiň perişdesi Bilgama: «Bu adamlar bilen git, ýöne diňe Meniň aýt diýen zatlarymy aýdarsyň» diýdi. Onsoň Bilgam Ballagyň emeldarlary bilen gitdi.
36 Ballak Bilgamyň gelendigini eşidende, ony garşylamak üçin, Arnon jülgesiniň golaýynda, serhediň iň çetki nokadynda ýerleşýän Mowabyň Ar galasyna gitdi.
37 Ballak Bilgama: «Seni çagyrtmak üçin adam ibermedimmi?! Näme üçin sen meniň ýanyma gelmediň? Megerem, özüňe mynasyp hezzet-hormat edip bilmez öýdensiň?» diýdi.
38 Bilgam Ballaga: «Ine, men seniň ýanyňa geldim! Mende näme bir zat aýtmaga güýç barmydyr? Men diňe Hudaýyň agzyma salan sözlerini sözlärin» diýdi.
39 Onsoň Bilgam Ballak bilen ýola çykyp, Kirýathusota geldiler.
40 Ballak öküzleri we goýunlary gurbanlyk berip, olary Bilgama we onuň ýanyndaky emeldarlaryna iberdi.
41 Ertesi gün Ballak Bilgamy alyp, ony Bamotbagala getirdi. Ol ýerden Bilgam ysraýyl halkynyň bir bölegini görüp bilýärdi. ‎




Chapter 23

1 Onsoň Bilgam Ballaga: «Maňa şu ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gur-da, ýedi öküz bilen ýedi sany goçy taýýarlap goý» diýdi.
2 Ballak Bilgamyň aýdyşy ýaly etdi. Onsoň Ballak bilen Bilgam her gurbanlyk sypasynda bir öküzi we bir goçy gurbanlyk berdiler.
3 Soňra Bilgam Ballaga: «Sen bu ýerde öz ýakma gurbanlygyňyň ýanynda dur, men gideýin. Ähtimal, Reb maňa görner we Ol maňa näme diýse, men ony saňa ýetirerin» diýip, ol depä çykdy.
4 Hudaý Bilgam bilen duşuşdy we Bilgam Oňa: «Men ýedi sany gurbanlyk sypasyny taýýarladym we olaryň her biriniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdim» diýdi.
5 Reb Bilgamyň agzyna aýtmaly sözlerini salyp: «Ballagyň ýanyna bar we oňa şulary aýt» diýdi.
6 Bilgam Ballagyň ýanyna gaýtdy. Ballak Mowabyň ähli emeldarlary bilen öz ýakma gurbanlyklarynyň ýanynda durdy.
7 Onsoň Bilgam Hudaýdan gelen aýanlygy habar berip, şeýle diýdi: «Mowap patyşasy Ballak meni gündogardaky daglardan, Aram ýurdundan getirip, şeýle diýdi: „Gel, meniň üçin Ýakuby näletle, Gel-de, Ysraýyla garga!“
8 Hudaýyň näletlemedigini men nädip näletläýin? Rebbiň gargamadygyna men nähili gargaýyn?
9 Gaýalaryň depesinden men Ysraýyly görýärin. Baýyrlardan men oňa bakyp durun. Ine, aýry ýaşaýan bir halkdyr ol, Milletler arasynda aýry hasaplanýar.
10 Ýakubyň nesillerini kim sanap biler? Ysraýylyň dörtden birini kim hasaplap biler? Maňa-da dogruçyl adamlaryň ölüşi dek ölmäge, Ömrümiň ysraýylyňky deý gutarmagyna rugsat et!»
11 Onsoň Ballak Bilgama: «Sen meni nädäýdiň? Duşmanlaryma nälet okasyn diýip, seni ýörite şu ýere getirtdim. Sen bolsa olara hiç zat etmän, gaýtam, olary ýalkaýarsyň!» diýdi.
12 Bilgam oňa: «Men diňe seresaplylyk bilen Rebbiň agzyma salan sözlerini aýtmaýarynmy näme?» diýip jogap berdi.
13 Onsoň Ballak oňa: «Haýyş edýärin, meniň yzyma düş, başga ýere gideli, sen ol ýerden olaryň hemmesini däl, bir bölegini görersiň. Meniň üçin olary şol ýerden näletle» diýdi.
14 Şeýdip, Ballak Bilgamy Zopym ýaýlasyna, Pisga dagynyň depesine alyp bardy. Ol ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gurup, olaryň hersiniň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi.
15 Bilgam Ballaga: «Men ol ýerde Reb bilen duşuşýançam, sen şu ýerde öz ýakma gurbanlyklaryň ýanynda dur» diýdi.
16 Reb Bilgama göründi we onuň agzyna söz salyp: «Ballagyň ýanyna baryp, şu zatlary aýt» diýdi.
17 Bilgam gelende, Ballak Mowabyň emeldarlary bilen öz ýakma gurbanlyklarynyň ýanynda durdy. Ballak ondan: «Reb näme diýdi?» diýip sorady.
18 Bilgam indi boljak zatlardan habar berip, şeýle diýdi: «Eý, Sipor ogly Ballak, Oýan-da, maňa gulak goý.
19 Hudaý ynsan däl ahyryn, Ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, Aýdan sözüniň bitmedigi barmy?
20 Ine, Ol maňa Ysraýyly ýalka diýip emr etdi. Hudaýyň Özi ýalkanda, men ony üýtgedip bilmeýärin.
21 Men Ýakuba hiç hili betbagtlyk ýokdugyny, Ysraýylda bela-beteriň bolmajagyny görýärin. Ysraýyl Hudaýy Reb olar bilendir. Olar Ony öz patyşasy hökmünde alkyşlaýarlar.
22 Olary Müsürden çykarýan Hudaýdyr, Ýabany öküziň güýji deý güýç bilen çykarýar.
23 Ýakuba hiç bir doga-jady täsir etmez, Ysraýylyň garşysyna täleý garanyň peýdasy ýokdur. Indi bolsa Ysraýyl we Ýakup hakda: „Gör, Hudaýyň eden zatlaryny!“ diýerler.
24 Seret, halk şir dek oýanyp, Arslan deý ýerinden turýar! Ol indi awuny iýip doýýança, Öldürenleriniň ganyndan ganýança köşeşmez».
25 Onsoň Ballak Bilgama: «Sen olary näletleme-de, ýalkama-da» diýdi.
26 Emma Bilgam Ballaga: «„Reb maňa näme diýse, men hem şony aýdaryn“ diýip, saňa aýtmadymmy näme?» diýip jogap berdi.
27 Onsoň Ballak Bilgama: «Ýör, men seni başga bir ýere äkideýin, belki seniň olary şol ýerde näletlemegiň Hudaýyň göwnüne ýarar» diýdi.
28 Onsoň Ballak Bilgamy alyp, çöle bakyp duran Begor dagynyň depesine getirdi.
29 Bilgam Ballaga: «Bu ýerde ýedi sany gurbanlyk sypasyny gur-da, meniň üçin ýedi öküz bilen ýedi goç taýýarlap goý» diýdi.
30 Onsoň Ballak edil Bilgamyň aýdyşy ýaly edip, her bir gurbanlyk sypasynyň üstünde bir öküz bilen bir goçy gurbanlyk berdi. ‎




Chapter 24

1 Bilgam Rebbiň ysraýyl halkyny ýalkamakdan hoşal bolýandygyny bildi. Şonuň üçin hem ol öňküsi ýaly palçylyk edip ýörmedi-de, göni çöle tarap tutdurdy.
2 Bilgam seredip, ysraýyl halkynyň düşelgede tire-tire bolup oturandygyny gördi. Şol pursat onuň üstüne Hudaýyň ruhy indi.
3 Onsoň ol geljekden söz açyp, şeýle diýdi: «Begor ogly Bilgam sözleýär, Gözi bilen aýdyň görýän diýýär,
4 Hudaýyň sözlerini eşidýän, Gudratygüýçlüden görnüş görýän, Ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.
5 Eý, Ýakup, çadyrlaryň ne ajap, Eý, Ysraýyl düşelgeleriň ne gözel!
6 Giň jülgeler kimin uzalýar. Derýa kenaryndaky baglar deý uzalyp, Rebbiň eken aloe agaçlary deý, Edil suw boýunda biten kedrler deý görünýär.
7 Ysraýyl meşiginden suwlar çogar. Tohumlary bol suw bilen suwlanar. Onuň patyşasy Agakdan-da beýik bolar. Patyşalygy bolsa has-da beýgeler.
8 Hudaý olary Müsürden Ýabany öküziň güýji deý güýç bilen çykarýar. Olar duşman milletlerini iýip, Süňklerini çeýnärler, Peýkam bilen ýaralarlar.
9 Ysraýyl edil arslan deý, Ene şir deý ýatar. Kim ony turuzmaga milt eder? Çünki Ysraýyly ýalkan ýalkanar, Näletlän näletlener».
10 Onsoň Ballagyň kalbynda Bilgama garşy gazap ody tutaşdy. Ol ellerini şarpyldadyp, biri-birine urup, Bilgama şeýle diýdi: «Men seni duşmanlaryma nälet okatmak üçin çagyrypdym, sen bolsaň, eýýäm üç gezek olara ak pata berdiň.
11 Indi bu ýerden güm bol-da, öýüňe git! Men seni oňat sylaglajakdym, emma Reb saňa hiç bir sylagy rowa görmedi».
12 Onda Bilgam Ballaga: «Men seniň ýollan adamlaryňa:
13 „Ballak hatda öz öýüni altyn-kümüşden dolduryp berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, öz erkime oňat iş hem, erbet iş hem edip bilmerin. Reb näme diýse, menem şony gaýtalaryn“ diýip aýtmanmydym?
14 Ynha, indi men öz ilime gaýtmankam, bu ysraýyl halkynyň geljekde seniň halkyňa nämeler etjekdigi bilen seni habardar edeýin» diýdi.
15 Onsoň Bilgam geljekden söz açyp, şeýle diýdi: «Begor ogly Bilgam sözleýär, Gözi bilen aýdyň görýän diýýär.
16 Hudaýyň sözlerini eşidýän, Beýik Alladan bilim alýan, Gudratygüýçlüden görnüş görýän, Ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.
17 Men ony görýän, ýöne häzir däl, Oňa bakýan, ýöne ýakyn däl. Ýakubyň neslinden ýyldyz dörär. Ysraýyldan bir şalyk hasasy göterilip, Mowabyň maňlaýyny ýarar, Şisleriň başyny mynjyradar.
18 Edom eýeleniler, Segir öz duşmanlarynyň mülküne öwrüler. Ysraýyl bolsa has kuwwatlanar.
19 Ýakup neslinden bolan biri höküm sürer, Galada diri galanlaryň baryny gyrar».
20 Soňra ol amaleklere seredip, sözüni şeýle dowam etdi: «Amalek milletleriň naýbaşysydy, Emma onuň yzy müdimilik ýiter».
21 Onsoň ol kabyllara bakyp, şeýle diýdi: «Siziň mesgeniňiz howpsuz ýerde, Ol gaýanyň depesindäki höwürtge deý amandyr.
22 Emma, eý Kabyl, aşurlar sizi ýesir alanda, Siz ýanyp ýok bolarsyňyz».
23 Bilgam ýene-de sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Hudaý bulary amal edende, ýaşajak adamlaryň dat gününe!
24 Emma Kitimden gämiler gelip, Aşur bilen Eberi gulçulykda ezerler, Olaryň yzy hem müdimilik ýiter».
25 Şondan soň Bilgam öýüne tarap ýola düşdi. Ballak hem öz ýoly bilen gitdi. ‎




Chapter 25

1 Ysraýyllar Şitimde ýaşaýarkalar, mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar.
2 Ol aýallar ysraýyllary öz hudaýlaryna hödür eden gurbanlyklaryna çagyrýardylar. Ysraýyllar olaryň gurbanlyklaryndan iýip, olaryň hudaýlaryna sežde edýärdiler.
3 Şeýdip, ysraýyllar Pegoryň Bagal butuna özlerini bagyş etdiler. Ysraýyllaryň garşysyna Rebbiň gahary geldi.
4 Onsoň Reb Musa: «Rebbiň gahar–gazaby Ysraýyldan sowlar ýaly, halkyň ähli ýolbaşçylaryny getirip, olary öldürip, Günüň astynda ser» diýdi.
5 Musa ysraýyl serdarlaryna: «Siziň her biriňiz öz adamlaryňyzyň arasynda Pegor Bagal butuna sežde edýänlere goşulan her kesi öldüriň!» diýip buýruk berdi.
6 Musa we bütin ysraýyl halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň işiginde aglaşyp durkalar, bir ysraýylly erkek kişi olaryň gözüniň alnynda bir midýanly aýaly öz maşgalasyna getirdi.
7 Muny gören Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas halkyň arasyndan çykyp, eline naýza aldy.
8 Ol ysraýyllynyň yzyndan çadyra girip, naýzany birbada olaryň ikisiniň hem – ysraýyllynyň hem, midýanly aýalyň hem garnyndan sokdy. Şol bada ysraýyl halkynyň arasyna iberilen gyrgynçylyk togtadyldy.
9 Emma gyrgynçylykdan eýýäm ýigrimi dört müň ysraýylly ölüpdi.
10 Reb Musa şeýle diýdi:
11 «Ysraýyl halkyndan Meniň gaharymy Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas gaýtardy, olaryň arasynda ol Maňa özüniň hakyky wepadardygyny görkezdi. Şonuň üçin men olary gabanyp, bütinleý ýok etmedim.
12 Şoňa görä hem oňa şuny aýt: „Men onuň bilen parahatçylyk ähtimi baglaşýaryn.
13 Pinehas öz Hudaýyna wepadardygyny görkezendigi we ysraýyllary günäsinden saplandygy üçin, onuň özüni we nesillerini müdimi ruhany boldurmaga äht etdim“».
14 Midýan aýaly bilen birlikde öldürilen ysraýyllynyň ady Saluwyň ogly Zimridi. Ol şimgon tire baştutanlarynyň biridi.
15 Onuň bilen bile öldürilen aýalyň ady bolsa Suruň gyzy Kozbydy. Onuň atasy Sur Midýanda tire baştutanlarynyň biridi.
16 Reb Musa şeýle diýdi:
17 «Midýanlylary indi Ysraýylyň duşmany saýyň, olary gyryň!
18 Ine, olaryň Pegorda eden işleri: olar gyz doganlary, midýanly tirebaşynyň gyzy Kozbynyň üsti bilen ysraýyllara duzak gurdular. Size hile salyp, duşman ýaly daraşdylar. Pegora gyrgynçylygyň gelmeginiň sebäpkäri bolany üçin Kozby öldürildi». ‎




Chapter 26

1 Reb ysraýyllary gyrgynçylyk bilen ýok etmegini bes edenden soň, Musa bilen Harunyň ogly Elgazara:
2 «Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan söweşe ukyply, bütin ysraýyl halkynyň her bir erkeginiň sanyny kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba al» diýdi.
3 Ysraýyl halky bu wagt Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşelge gurupdy. Musa bilen Elgazar ysraýyllara Rebbiň Musa buýruşy ýaly:
4 «Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň hasabyny alyň» diýdiler. Müsürden çykyp gelen ysraýyllaryň sanawy şulardyr:
5 Ysraýylyň ilkinji ogly Rubeniň nesillerinden: Hanogyň neslinden hanoklar urugy, Palluwyň neslinden pallular urugy,
6 Hesronyň neslinden hesronlar urugy, Karmynyň neslinden karmylar urugy.
7 Bularyň bary rubenleriň uruglarydyr, olar kyrk üç müň ýedi ýüz otuz adam boldy.
8 Palluwyň ogullaryndan Eliýap.
9 Eliýabyň neslinden: Nemuwal, Datan we Abyram. Bular şol halkyň içinden saýlanan, Rebbe boýun egmän, Musa bilen Harunyň garşysyna gozgalaň turzan Koranyň toparyna goşulan Datan bilen Abyramdyr.
10 Ýer ýarylyp, olary Kora bilen birlikde ýuwdupdy. Ol ýerdäki iki ýüz elli adam oda ýanypdy. Olar şeýdip, başgalara-da göz bolupdylar.
11 Koranyň ogullary bolsa ölmän galypdylar.
12 Uruglaryna görä Şimgon ogullary şulardyr: Nemuwalyň neslinden nemuwallar urugy, Ýamynyň neslinden ýamynlar urugy, Ýakynyň neslinden ýakynlar urugy,
13 Zeranyň neslinden zeralar urugy, Şawulyň neslinden şawullar urugy.
14 Şimgon uruglary şulardan ybaratdyr, olar ýigrimi iki müň iki ýüz adamdyr.
15 Uruglaryna görä Gat ogullary şulardyr: Seponyň neslinden seponlar urugy, Hagynyň neslinden hagylar urugy, Şunynyň neslinden şunylar urugy,
16 Oznynyň neslinden oznylar urugy, Eriniň neslinden eriler urugy,
17 Arotyň neslinden arotlar urugy, Areliniň neslinden areliler urugy.
18 Gat uruglary şulardyr, olar kyrk müň bäş ýüz adamdyr.
19 Ýahudanyň ogullary: Er we Onan. Olaryň ikisi hem Kengan topragynda öldüler.
20 Uruglaryna görä Ýahudanyň ogullary şulardyr: Şelanyň neslinden şelalar urugy, Peresiň neslinden peresler urugy, Zeranyň neslinden zeralar urugy.
21 Peres ogullaryndan bolanlar şulardyr: Hesronyň neslinden hesronlar urugy, Hamulyň neslinden hamullar urugy.
22 Ýahudanyň uruglary şulardan ybaratdyr, olaryň adam sany ýetmiş alty müň bäş ýüz kişidir.
23 Uruglaryna görä Ysakaryň ogullary şulardyr: Tolanyň neslinden tolalar urugy, Puwanyň neslinden punylar urugy,
24 Ýaşubyň neslinden ýaşuplar urugy, Şimronyň neslinden şimronlar urugy.
25 Ysakar uruglary şulardyr, olaryň adam sany altmyş dört müň üç ýüz kişidir.
26 Uruglaryna görä Zebulun ogullary şulardyr: Serediň neslinden seretler urugy, Eýlonyň neslinden eýlonlar urugy, Ýahleýeliň neslinden ýahleýeller urugy.
27 Zebulun uruglary şulardyr, olaryň adam sany altmyş müň bäş ýüz kişidir.
28 Uruglaryna görä Ýusubyň ogullary: Manaşe bilen Efraýym.
29 Manaşeniň ogullary: Makyryň neslinden makyrlar urugy. Makyr Gilgadyň atasydy, Gilgadyň neslinden gilgatlar urugy.
30 Gilgadyň ogullaryndan bolanlar: Igezeriň neslinden igezerler urugy, Helegiň neslinden helekler urugy,
31 Asryýeliň neslinden asryýeller urugy, Şekemiň neslinden şekemler urugy,
32 Şemidanyň neslinden şemidalar urugy, Heperiň neslinden heperler urugy.
33 Heperiň ogly Selophadyň ogly ýokdy, ýöne onuň Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa atly gyzlary bardy.
34 Manaşe uruglary şulardan ybaratdyr, olaryň adam sany elli iki müň ýedi ýüz kişidir.
35 Uruglaryna görä Efraýymyň neslinden döränler şulardyr: Şutelanyň neslinden şutelalar urugy, Bekeriň neslinden bekerler urugy, Tahanyň neslinden tahanlar urugy.
36 Bular Şutelanyň neslinden döränlerdir: Eranyň neslinden eranlar urugy.
37 Efraýym uruglary şulardyr, olaryň adam sany otuz iki müň bäş ýüz kişidir. Uruglaryna görä Ýusubyň nesilleri şulardy.
38 Uruglaryna görä Benýaminiň ogullary şulardyr: Balanyň neslinden belalar urugy, Aşbeliň neslinden aşbeller urugy, Ahyramyň neslinden ahyramlar urugy,
39 Şefufamyň neslinden şefufamlar urugy, Hupamyň neslinden hupamlar urugy.
40 Balanyň Art we Nagaman atly ogullary bardy: Artyň neslinden artlar urugy, Nagamanyň neslinden nagamanlar urugy.
41 Uruglaryna görä Benýaminiň nesilleri şulardy, olaryň adam sany kyrk bäş müň alty ýüz kişidir.
42 Uruglaryna görä Danyň ogullaryndan bolanlar şulardy: Şuhamyň neslinden şuhamlar urugy. Bular Dan uruglarydy.
43 Şuham uruglarynyň hemmesiniň jemi altmyş dört müň dört ýüz adamdy.
44 Uruglaryna görä Aşer ogullaryndan döränler şulardy: Ýimnanyň neslinden ýimnalar urugy, Ýişwiniň neslinden ýişwiler urugy, Beriganyň neslinden berigalar urugy.
45 Beriganyň ogullaryndan: Heberiň neslinden heberler urugy, Malkyýeliň neslinden malkyýeller urugy.
46 Aşeriň gyzynyň ady Serady.
47 Bular aşer uruglarydy, olaryň adam sany elli üç müň dört ýüz kişidir.
48 Uruglaryna görä Naftalynyň ogullaryndan döränler: Ýahseýeliň neslinden ýahseýel urugy, Gunynyň neslinden gunylar urugy,
49 Ýezeriň neslinden ýezerler urugy, Şillemiň neslinden şillemler urugy.
50 Bular naftaly uruglarydy, olaryň adam sany kyrk bäş müň dört ýüz kişidir.
51 Sanalyp, hasaba alnan ysraýyllaryň jemi alty ýüz bir müň ýedi ýüz otuz adam boldy.
52 Reb Musa şeýle diýdi:
53 «Adamlarynyň sanyna görä, ýerleri tireleriň arasynda mülk edip paýlaň.
54 Uly tirelere uly, kiçi tirelere kiçi mülk ýer beriň. Her bir tirä hasaba alnan sanyna görä mülk berilmelidir.
55 Ýurdy bije boýunça tireler arasynda paýlaşsynlar. Her kim öz tiresiniň paýyna görä eýelemelidir.
56 Ýer bije atylyp paýlansyn, uly paýy uly tirä, kiçi paýy kiçi tirä beriň».
57 Uruglaryna görä lewileriň sanawy: Gerşonyň neslinden gerşonlar urugy, Kohadyň neslinden kohatlar urugy, Merarynyň neslinden merarylar urugy.
58 Bular hem Lewi uruglarydyr: libniler urugy, hebronlar urugy, mahlylar urugy, muşylar urugy, koralar urugy. Kohat Imranyň atasydy.
59 Imranyň aýalynyň ady Ýokebetdi. Ol Lewiniň gyzydy we Müsürde doglupdy. Ýokebet bilen Imrandan Harun, Musa we olaryň uýasy Merýem doguldy.
60 Harunyň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy.
61 Emma Nadap bilen Abyhu Rebbiň huzurynda mukaddes bolmadyk ody hödür edendikleri üçin öldüler.
62 Bir aýlyk we ondan ýokary ýaşyndaky hasaba alnan erkek göbekli lewiler ýigrimi üç müň adam boldy. Lewiler ysraýyllardan aýry hasaba alyndylar. Çünki olara Ysraýylda hiç bir paý berilmedi.
63 Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysyndaky Mowap düzlüginde Musa bilen Elgazar Ysraýylyň ilat sanawyny geçirenlerinde, ähli tireleriň hasabyny aldylar.
64 Musa bilen ruhany Harunyň Sinaý çölünde geçiren ilat sanawynda hasaba alanlarynyň ýekejesi-de bu gezekdäkileriň arasynda ýokdy.
65 Çünki Reb olar hakda şeýle diýipdi: «Olaryň hemmesi çölde ölüp giderler. Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwadan başga olaryň ýekejesi hem diri galmaz». ‎




Chapter 27

1 Onsoň Selophadyň gyzlary öňe çykdylar. Selophat Heperiň ogly, Gilgadyň agtygy, Makyryň çowlugy, Ýusubyň ogly Manaşeniň ýuwlugydy. Ol Manaşeniň urugyndandy. Onuň gyzlarynyň atlary Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsady.
2 Olar gelip, Musanyň, ruhany Elgazaryň, baştutanlaryň we bütin halkyň öňünde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde durup:
3 «Biziň atamyz çölde jan berdi. Ol Rebbiň garşysyna baş göteren Koranyň toparyna goşulmady, ol öz günäsi üçin öldi we ondan ogul galmady.
4 Ogly bolmanlygy üçin, kakamyzyň ady öz urugynyň arasyndan ýitip gidäýmelimi? Kakamyzyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan bize-de mülk beriň» diýdiler.
5 Musa bularyň dawasyny Rebbiň dykgatyna ýetirdi.
6 Reb Musa şeýle jogap berdi:
7 «Selophadyň gyzlarynyň diýýäni dogry, sen hökman olara kakalarynyň dogan-garyndaşlarynyň arasyndan mülk ber hem-de kakalarynyň ýer paýyny olara geçir.
8 Ysraýyllara-da aýt, eger bir adam ölse we onuň yzynda ogly galmasa, onda onuň mülki gyzyna geçirilmelidir.
9 Eger onuň gyzy hem bolmasa, onda onuň mülki doganlaryna berilsin.
10 Eger onuň doganlary-da bolmasa, onda mülki atasynyň doganlaryna berilsin.
11 Eger atasynyň doganlary-da bolmasa, onda mülki öz urugyndan oňa iň ýakyn bolan garyndaşyna berilsin. Men Rebbiň Musa buýruşym ýaly, ysraýyllara şeýle düzgün parz bolsun».
12 Reb Musa şeýle diýdi: «Abarym daglarynyň aralygynda ýerleşýän şu dagyň depesine çyk-da, Meniň ysraýyllara berýän ýurduma syn et.
13 Ony synlanyňdan soň, sen hem doganyň Harun ýaly, öz ata-babalaryňa gowşarsyň.
14 Çünki siz ikiňiz Sin çölünde halk Meniň garşyma baş göterende, Meniň emrime garşy çykdyňyz. Çeşmäniň boýunda, olaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesdigimi ykrar etmediňiz». (Bu Sin çölündäki Meriba-kadeş çeşmesidir.)
15 Musa Rebbe:
16 «Reb, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, goý, halkyň üstünden bir adamy ýolbaşçy bellesin.
17 Ol bellenen adam söweşde baştutan bolup, halkyň öňüne düşsün, goý, Rebbiň jemagaty çopansyz süri ýaly bolmasyn» diýdi.
18 Onda Reb Musa şeýle diýdi: «Depesinde Ruhum bolan Nunuň ogly Ýeşuwany alyp gel we elleriňi onuň üstünde goý.
19 Ony ruhany Elgazaryň we bütin halkyň öňünde duruzyp, olaryň gözüniň alnynda ony halka ýolbaşçy belle.
20 Bütin ysraýyl halky tabyn bolar ýaly, oňa öz ygtyýarlyklaryňdan ber.
21 Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun».
22 Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi. Ol Ýeşuwany getirip, ruhany Elgazaryň we bütin halkyň öňünde duruzdy.
23 Onsoň ellerini Ýeşuwanyň depesinde goýup, Rebbiň özüne aýdyşy ýaly, ony halkyň ýolbaşçysy belledi. ‎




Chapter 28

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara şeýle buýruk ber, Maňa berýän sadakalaryny öz bellenen wagtynda hödür etsinler. Bular Meniň naharymdyr, Maňa ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyklardyr.
3 Olara aýt, Maňa ot üsti bilen berjek gündelik ýakma gurbanlyklary şikessiz iki sany birýaşar erkek tokly bolsun.
4 Toklularyň birini ir bilen, beýlekisini agşamara bersinler.
5 Toklular bilen bile galla sadakasy üçin bir küýze sap zeýtun ýagy bilen garylan, bir batmanyň ondan birine barabar saýlama bugdaý ununy sadaka bersinler.
6 Bu Sinaý dagynda buýrulan gündelik ýakma gurbanlygy bolup, Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr.
7 Her tokly bilen bile içgi sadakasy hökmünde, Rebbe bir küýze şeraby hödür etsinler. Ony Reb üçin mukaddes ýerde hödür etsinler.
8 Beýleki toklyny agşamara, galla we içgi sadakasy bilen birlikde, edil irdenki ýaly hödür ediň. Bu ot üsti bilen Rebbe berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr.
9 Sabat güni şikessiz birýaşar erkek tokludan ikisini, zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý ununy we içgi sadakasyny hödür etsinler.
10 Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we içgi sadakasynyň daşyndan, her Sabat güni berilýän ýakma gurbanlygy şudur.
11 Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler.
12 Her öküz üçin galla sadakasy hökmünde zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan üç möçberindäki saýlama bugdaý ununy we goç üçin galla sadakasy hökmünde, zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý ununy hödür etsinler.
13 Her tokly üçin galla sadakasy hökmünde zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan bir möçberindäki saýlama bugdaý ununy Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde hödür etsinler.
14 Her öküz üçin içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby, goç üçin bir ýarym küýze şeraby, her tokly üçin bolsa, bir küýze şeraby hödür etsinler. Ýyl boýy her täze Aýda berilmeli ýakma gurbanlygy şudur.
15 Gündelik berilýän ýakma gurbanlygy bilen içgi sadakasyndan başga-da, Rebbe günä gurbanlygy üçin bir teke hödür edilsin.
16 Birinji aýyň on dördüne Rebbe Pesah gurbanlygyny bersinler.
17 Bu aýyň on bäşi güni baýramdyr, ýedi günläp petir iýilsin.
18 Baýramyň birinji güni mukaddes ýygnanyşyk geçirilsin, şol gün işlemäň.
19 Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakma gurbanlygy hökmünde iki öküzçäni, bir goçy we şikessiz birýaşar erkek tokludan ýedi sanysyny hödür etsinler.
20 Olaryň galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolsun. Her öküz üçin bir batmanyň ondan üç möçberindäki uny, goç üçin bolsa bir batmanyň ondan iki möçberindäki uny hödür etsinler.
21 Ýedi toklynyň her biri üçin, bir batmanyň ondan bir möçberindäki uny hödür etsinler.
22 Olar günälerinden saplanmak üçin, günä gurbanlygy hökmünde bir tekäni gurbanlyk etsinler.
23 Bulary gündelik berilýän gurbanlyklara degişli bolup, irden berilýän ýakma gurbanlyklaryň daşyndan hödür etsinler.
24 Şeýdip, olar her gün – ýedi günläp, ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly iýmit sadakasyny hödür etsinler. Bu gündelik berilýän ýakma gurbanlygydyr, ol içgi sadakasynyň daşyndan berilsin.
25 Ýedinji gün bolsa mukaddes ýygnanyşyk geçirsinler we şol gün işlemesinler».
26 Ilkinji hasyl baýramy güni, ýagny Gyzyl kerwen baýramynda täze bugdaýdan Rebbe galla sadakasyny hödür edeniňizde, mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň.
27 Iki öküzçäni, bir goçy, ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň.
28 Galla sadakaňyz zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, her öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki,
29 ýedi toklynyň her biri üçin bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin.
30 Günäleriňizden saplanmak üçin, bir tekäni gurbanlyk beriň.
31 Olary gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we galla sadakasynyň daşyndan, ýanynyň içgi sadakasy bilen birlikde hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar. ‎




Chapter 29

1 Ýedinji aýyň birinji gününde siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň. Bu gün siziň üçin surnaý çalynýan gündür.
2 Bir öküzçäni, bir goçy we şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň.
3 Olaryň ýany bilen berilýän galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki,
4 her tokly üçin hem bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin.
5 Günäleriňizden saplanmak üçin bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür ediň.
6 Bu täze Aýdaky gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we olaryň düzgüne görä berýän galla we içgi sadakasynyň daşyndandyr. Bular Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly sadakalardyr.
7 Şu ýedinji aýyň onunjy güni siz mukaddes ýygnanyşyk geçirip, öz islegiňizi terk edip, agyz bekläň, şol gün işlemäň.
8 Bir öküzçäni, bir goçy, ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar.
9 Olaryň ýany bilen hödür edilýän galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki,
10 ýedi toklynyň her biri üçin hem bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin.
11 Günäden saplaýan günä gurbanlygynyň, gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, onuň galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür ediň.
12 Ýedinji aýyň on bäşine siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň. Rebbiň şanyna ýedi günläp baýram ediň.
13 On üç sany öküzçäni, iki sany goçy, on dört sany birýaşar erkek toklyny ot üsti bilen ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar.
14 Olaryň ýany bilen berilýän galla sadakasy, zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, on üç öküzçäniň her biri üçin bir batmanyň ondan üç, iki goçuň her biri üçin bir batmanyň ondan iki,
15 on dört toklynyň her biri üçin bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin.
16 Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
17 Ikinji gün şikessiz on iki sany öküzçäni, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny hödür ediň.
18 Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.
19 Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
20 Üçünji gün şikessiz on bir sany öküzi, iki sany goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny hödür ediň.
21 Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.
22 Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
23 Dördünji gün şikessiz on öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň.
24 Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.
25 Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
26 Bäşinji gün şikessiz dokuz öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň.
27 Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.
28 Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
29 Altynjy gün şikessiz sekiz sany öküzi, iki sany goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň.
30 Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.
31 Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
32 Ýedinji gün şikessiz ýedi öküzi, iki goçy, şikessiz on dört sany birýaşar erkek toklyny gurbanlyk hökmünde hödür ediň.
33 Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.
34 Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
35 Sekizinji gün siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň.
36 Bir öküzi, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ot üsti bilen ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe hödür ediň.
37 Öküzleriň, goçlaryň we toklularyň sanyna görä, olaryň ýany bilen berilýän galla we içgi sadakalaryny hödür ediň.
38 Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, galla we içgi sadakalarynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy üçin hödür ediň.
39 Bulary siz aýdylan sadakaňyzyň, meýletin sadakaňyzyň, ýakma gurbanlygyňyzyň, galla we içgi sadakalaryňyzyň, salamatlyk gurbanlygyňyzyň daşyndan bellemeli baýramlaryňyzda Rebbe hödür ediň. ‎




Chapter 30

1 Şeýlelikde, Musa Rebbiň buýran zatlarynyň baryny ysraýyl halkynyň dykgatyna ýetirdi.
2 Soňra Musa ysraýyl tire baştutanlaryna şeýle diýdi: «Ine, Reb size şu zatlary buýurdy:
3 „Eger bir adam Rebbe wada etse ýa-da her hili zatdan özüni saklamaga kasam içse, onda ol beren sözüni bozman, agzy bilen aýdan wadasyny berjaý etsin.
4 Eger aýal maşgala ýaş wagty, entek atasy öýündekä, Rebbe wada etse ýa-da kasam içse,
5 atasy-da gyzynyň eden wadasyny ýa-da kasamyny eşidibem oňa hiç zat diýmese, onda ol aýalyň eden wadasy ýa-da kasamy öz güýjünde galar.
6 Emma atasy bulary eşidip, öz närazylygyny bildirse, gyzynyň eden wadasy, içen kasamy öz güýjüni ýitirýär. Atasynyň oňlamandygy sebäpli, Reb bu gyzy bagyşlar.
7 Eger gyz wada edip ýa-da bir zat babatda oýlanman kasam içip, soňam durmuşa çyksa,
8 äri hem bu zatlardan habarly bolubam hiç zat diýmese, onda gyzyň eden wadasy, içen kasamy öz güýjünde galar.
9 Emma äri bu zatlary eşidip oňlamasa, onda aýalynyň eden wadasyny ýa-da oýlanman içen kasamyny ret eder we Reb berjaý etmedik kasamy üçin bu aýaly bagyşlar.
10 Emma dul aýalyň ýa-da äri bilen aýrylyşan aýalyň eden wadasy, özüni saklamaga içen kasamy berjaý edilmelidir.
11 Eger durmuşa çykan aýal wada eden ýa-da her hili zatdan özüni saklamaga kasam içen bolsa,
12 äri-de muny eşidip, hiç zat diýmän, garşy bolmadyk bolsa, onda aýalyň eden wadasy ýa kasamy öz güýjünde galar.
13 Emma äri bulary eşidip, öz närazylygyny bildiren bolsa, onda ol aýalynyň beren ähli wadalaryny, içen kasamyny ret edýär. Äriniň oňlamandygy sebäpli, wadasyny berjaý edip bilmedik bu aýaly Reb bagyşlar.
14 Aýalynyň eden islendik wadasyny ýa-da içen kasamyny äri tassyklap ýa-da ret edip biler.
15 Emma äri aýalynyň eden wadasyny ýa-da içen kasamyny eşidip, şol günüň özünde oňa garşy çykmadyk bolsa, onda aýalynyň eden wadasydyr kasamyny äri oňlan hasap ediler. Çünki äri olara garşy aýalyna hiç zat diýmändi.
16 Ýöne äri olary eşiden badyna hiç zat diýmän, ony biraz wagtdan soň ret etse, onda aýalynyň günäleri äriniň boýnunadyr“».
17 Är-aýalyň we entek atasy öýünde ýaşaýan gyz bilen atasynyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda Rebbiň Musa buýran düzgünleri şulardan ybaratdyr. ‎




Chapter 31

1 Reb Musa:
2 «Ysraýyllara garşy eden işi üçin midýanlaryň jezasyny ber. Soňra amanadyňy tabşyryp, öz ata-babalaryňa gowşarsyň» diýdi.
3 Onsoň Musa gelip, halka: «Midýanlaryň garşysyna uruşmak üçin öz araňyzdan esgerler saýlaň, goý, olar Rebbe eden işi üçin midýanlaryň jezasyny bersinler.
4 Her ysraýyl tiresinden müň adamy urşa ýollaň» diýdi.
5 Şeýlelikde, ysraýyl tireleriniň hersinden müň adam, jemi on iki müň ýaragly esger ýygnandy.
6 Musa olary ruhany Elgazaryň ogly Pinehas bilen bile urşa ugratdy. Pinehas ýanyna mukaddes öýüň enjamlary bilen söweş sazyny çalar ýaly surnaýlar hem aldy.
7 Ysraýyllar Rebbiň Musa buýruşy ýaly, midýanlar bilen urşup, olaryň ähli erkek göbeklisini gyrdylar.
8 Öldürilenleriň arasynda Ewi, Rekem, Sur, Hur we Reba atly bäş sany Midýan hany-da bardy. Begor ogly Bilgamy-da ysraýyllar gylyçdan geçirdiler.
9 Onsoň ysraýyllar Midýan aýallarydyr çagalaryny ýesir alyp, midýanlaryň ähli mal-garalaryny, sürülerini we ähli zatlaryny olja aldylar.
10 Midýanlaryň ýaşan ähli galalarydyr obalaryny ýakdylar.
11 Talanyp alnan zatlary we ähli oljany, adamlardyr mallary bolsa alyp gaýtdylar.
12 Onsoň olar ýesirleri, oljalaryny we talanyp alnan zatlary Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlügindäki düşelgede bolan Musa bilen ruhany Elgazara we ysraýyl halkyna getirdiler.
13 Musa, ruhany Elgazar we bütin halkyň baştutanlary olary garşy almaga düşelgäniň daşyna çykdylar.
14 Uruşdan gaýdyp gelen goşun serkerdelerine – müňbaşylara, ýüzbaşylara Musanyň gahary geldi.
15 Musa olara: «Aýallaryň hemmesini diri galdyrdyňyzmy?» diýip ýüzlendi.
16 «Bu aýallar Bilgamyň maslahaty bilen Pegorda ysraýyllara Rebbe garşy dönüklik etdirdiler. Şonuň üçinem, Rebbiň halkynyň arasyna gyrgynçylyk aralaşdy.
17 Indi bolsa erkek göbekli ähli çagalary we erkek kişi bilen ýanaşan aýallaryň hemmesini öldüriň.
18 Emma erkek kişi bilen ýanaşmadyk ýaş gyzlaryň ählisini özüňiz üçin diri galdyryň.
19 Araňyzda kim adam öldüren ýa-da ölä galtaşan bolsa ýedi gün düşelgäniň daşynda galsyn. Üçünji we ýedinji günler özüňizi hem-de ýesirleriňizi tämizläň.
20 Bar eşikleri, deriden, geçi ýüňünden edilen her bir zady we agaçdan ýasalan gap-gaçlaryň ählisini tämizläň».
21 Ruhany Elgazar urşa gidip gelen esgerlere şeýle diýdi: «Rebbiň Musa buýran kanunynyň parzlary şulardan ybarat:
22 Altyn, kümüş, bürünç, demir, galaýy we gurşun ýaly
23 oda çydamly zatlaryň ählisini oduň içinden geçirip halallaň. Ondan başga-da, olar tämizlik suwy bilen hem halallansyn. Galan oda çydamsyz zatlar bolsa suwdan geçirilsin.
24 Ýedinji gün eşikleriňizi ýuwmalysyňyz we tämiz bolmalysyňyz. Ondan soňra düşelgä girip bilersiňiz».
25 Reb Musa şeýle diýdi:
26 «Sen, ruhany Elgazar we halkyň urugbaşylary getirilen ähli oljany, aýallary we mal-garalary hasaplaň.
27 Oljany iki bölege bölüp, bir bölegini urşa gatnaşan esgerlere, galanyny bolsa jemagata paýlaň.
28 Urşa gatnaşan esgerleriň paýyndan – ynsan, sygyr, eşek, goýun-geçiden Rebbe paç hökmünde bäş ýüzden birini aýry goýuň.
29 Esgerleriň paýyndan alyp, ony Rebbe sadaka hökmünde ruhany Elgazara beriň.
30 Ysraýyllaryň paýyndan – ynsan, sygyr, goýun, geçi, ähli mal-garalaryň elliden birini alyp, Rebbiň mukaddes çadyryny goraýan lewilere beriň».
31 Musa bilen ruhany Elgazar Rebbiň Musa buýruşy ýaly etdiler.
32 Alnan oljanyň esgerlerden artany: alty ýüz ýetmiş bäş müň goýundyr geçi,
33 ýetmiş iki müň iri mal,
34 altmyş bir müň eşek
35 we erkek bilen ýanaşmadyk otuz iki müň boý gyz.
36 Urşa gatnaşan esgerleriň paýyna üç ýüz otuz ýedi müň bäş ýüz goýundyr geçi düşdi.
37 Olardan alty ýüz ýetmiş bäş goýundyr geçi Rebbe paç hökmünde berildi.
38 Iri malyň jemi otuz alty müň bolup, olardan paç hökmünde Rebbe ýetmiş ikisi berildi.
39 Eşekleriň jemi sany otuz müň bäş ýüz bolup, olardan paç hökmünde Rebbe altmyş birisi berildi.
40 Gyzlaryň jemi sany on alty müň bolup, olardan otuz ikisi Rebbe paç hökmünde berildi.
41 Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly, Rebbe berlen paçlaryň hemmesini sadaka hökmünde ruhany Elgazara berdi.
42 Jemagatyň paýy hökmünde Musanyň esgerlerden aýran bölegi üç ýüz otuz ýedi müň bäş ýüz goýundyr geçiden, otuz alty müň iri maldan, otuz müň bäş ýüz eşekden we on alty müň gyzdan ybarat boldy.
47 Rebbiň özüne buýruşy ýaly, Musa ysraýyllaryň paýyndan her elli adamdan we mal-garalardan birini alyp, Rebbiň mukaddes çadyryny goraýan lewilere berdi.
48 Soňra goşun serkerdeleri – müňbaşylar, ýüzbaşylar Musanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler: «Biz gullaryň ýolbaşçylyk edýän goşunymyzdaky esgerleri sanap çykdyk. Olaryň ýekejesi hem kem däl.
50 Biz öz tapan altyn şaý-seplerimizi: uly we kiçi bilezikleri, möhürli ýüzükleri, gulakhalkalary we asyklary öz günälerimizden saplanmak üçin, Rebbiň huzuryna sadaka getirdik».
51 Musa bilen ruhany Elgazar olardan ähli bezeg şaý-sepleri görnüşindäki altyny kabul edip aldylar.
52 Müňbaşylardan we ýüzbaşylardan Rebbe sadaka hökmünde hödür edilen altynyň agramy on iki put boldy.
53 Urşa gatnaşan esgerler bolsa alan oljalaryny özlerine galdyrdylar.
54 Şeýdip, Musa bilen ruhany Elgazar müňbaşylardan, ýüzbaşylardan altyny kabul edip aldylar. Ony Rebbiň ýoluna berilýän paý hökmünde ysraýyllar üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyra getirdiler. ‎




Chapter 32

1 Rubenler bilen gatlaryň mal-garasy gaty köpdi. Ýaser we Gilgat topraklarynda mal bakmaga oňat ýerleriň bardygyny görenlerinde,
2 gatlar bilen rubenler gelip, Musa bilen ruhany Elgazara we halkyň baştutanlaryna şeýle diýdiler:
3 «Atarot, Dibon, Ýaser, Nimra, Heşbon, Elgala, Sebam, Nebo we Begon ýaly
4 Rebbiň ysraýyl halky üçin basyp alan ýerleri mal bakmaga amatly ýerlerdir. Siziň gullaryňyzyň bolsa mal-garasy bar».
5 Olar şeýle dowam etdiler: «Eger biz siziň öňüňizde merhemet gazanan bolsak, goý, bu toprak biz gullaryňyza mülk edilip berilsin. Bizi Iordan derýasyndan aňry geçirmäň».
6 Musa olara şeýle jogap berdi: «Doganlaryňyz urşa gidýärkä, siz bu taýda galmakçymy?
7 Näme sebäpden Rebbiň özlerine beren ýurduna gitmezlikleri üçin, ysraýyllaryň ýüregine dowul saljak bolýarsyňyz?
8 Ýurdy gözden geçirsinler diýip, Kadeşbarneýadan ugradan atalaryňyz hem şeýle edipdiler.
9 Eşkol deresine çenli gidip, ýurdy synlanlaryndan soň, olar gelip, Rebbiň özlerine beren ýurduna girmezlikleri üçin, ysraýyllaryň ýüreklerine gorky salypdylar.
10 Ol gün Rebbiň gahary geldi we Ol ant içip, şeýle diýdi:
11 „Müsürden çykan ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň hiç biri Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba ant içip söz beren ýurdumy görmez. Çünki olar Maňa bütin kalplary bilen ynanmadylar.
12 Meniň wada beren ýurduma diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa baryp biler, çünki olar Maňa bütin kalby bilen ynandylar“.
13 Onsoň Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahary geldi we Ol Öz nazarynda pislik eden nesil ölüp gutarýança, olary kyrk ýyllap çölde azaşdyryp entetdi.
14 Ine, indi bolsa siz – günäkärleriň nesli, öz atalaryňyzyň ornuna geçip, Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahar-gazap oduny has-da tutaşdyrdyňyz!
15 Eger siz Rebbiň yzyna eýermekden boýun towlasaňyz, Ol bütin halky ýene-de çölüň içinde ýeke taşlar. Siz hem halkyň ölümine sebäp bolarsyňyz».
16 Onsoň rubenler bilen gatlar Musanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler: «Biz bu ýerde dowar sürülerimiz üçin agyllar we çagalarymyz üçin galalar gurjak.
17 Emma biz söweşe taýýar bolup, gaýduwsyz esgerler hökmünde ysraýyllaryň öňünden gideris we olary barmaly ýerlerine çenli elteris. Şu wagt bolsa, biziň çagalarymyz bu ülkäniň ilatyndan goranyp, berkidilen galalarda ýaşarlar.
18 Ysraýyllaryň her biri öz mülküne eýe bolýança, biz öýümize gaýtmarys.
19 Biz olar bilen birlikde Iordanyň aňry gapdalyndan mülk ýer almarys, çünki biziň paýymyza Iordanyň bäri gapdaly, gündogar tarapy düşdi».
20 Şonda Musa olara şeýle diýdi: «Eger siz şu aýdanlaryňyzy edip, gaýduwsyz esgerler hökmünde Rebbiň huzurynda söweşe gitseňiz,
21 Reb duşmanlaryny gaçmaga mejbur edýänçä, gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmäňiz Rebbiň huzurynda Iordanyň aňry tarapyna geçseňiz
22 we ýurt Rebbe tabyn bolsa, ondan soň siz yzyňyza dolanyp bilersiňiz. Bu siziň Rebbiň we Ysraýylyň öňündäki borçlaryňyzy ýerine ýetirdigiňiz bolar we bu ülke Rebbiň huzurynda siziň mülküňiz bolar.
23 Eger-de beýle etmeseňiz, Rebbe garşy günä iş etdigiňiz bolar we hökman gazanan günäňiziň jezasyny çekersiňiz.
24 Çagalaryňyz üçin galalar, sürüleriňiz üçin agyllar guruň, ýöne beren wadaňyzy berjaý ediň».
25 Onsoň gatlar bilen rubenler Musa şeýle diýdiler: «Agamyz näme buýursa, biz gullaryň berjaý ederis.
26 Çaga-çugalarymyz, aýallarymyz, dowarlarymyz we ähli mal-garalarymyz bu ýerde, Gilgat galasynda galar.
27 Gullaryň bolan biz bolsa, gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmämiz agamyzyň aýdyşy ýaly derýadan geçip, Rebbiň huzurynda söweşe çykarys».
28 Onsoň Musa olar hakda ruhany Elgazara, Nunuň ogly Ýeşuwa we ysraýyl tireleriniň urugbaşylaryna şeýle buýruk berdi:
29 «Eger gatlar bilen rubenler gaýduwsyz esgerler hökmünde hemmesi Rebbiň huzurynda siziň bilen Iordandan geçseler we ol ýurt size tabyn bolsa, onda siz olara Gilgat ülkesini mülk edip beriň.
30 Emma olar gaýduwsyz esgerler hökmünde siziň bilen derýadan geçmeseler, onda siziň araňyzda Kengan topragyndan mülk alarlar».
31 Gatlar bilen rubenler şeýle jogap berdiler: «Reb seniň gullaryňa näme buýursa, biz şony-da berjaý ederis.
32 Biz gaýduwsyz esgerler hökmünde Rebbiň huzurynda derýadan geçip, Kengan ýurduna gireris, ýöne bize miras düşen mülkümiz, goý, Iordanyň şu gündogar gapdaly bolsun».
33 Musa gatlar bilen rubenlere we Ýusubyň ogly Manaşeniň ýarym tiresine amor hany Sihonyň ýurduny we Başanyň hany Oguň ýurduny, olaryň töweregindäki galalarydyr obalary bilen birlikde berdi.
34 Onsoň gatlar Dibon, Atarot, Aroger,
35 Atrotşopan, Ýaser, Ýogboha,
36 Beýtnimra we Beýtharan ýaly berk galalary dikeltdiler we dowarlar üçin agyllar gurdular.
37 Rubenler bolsa Heşbon, Elgala, Kirýataýym,
38 Nebo, Bagalmegon (olar käbir galanyň atlaryny çalyşdylar) we Sibma galasyny täzeden gurdular. Olar täzeden guran galalaryna başga atlar dakdylar.
39 Manaşeniň ogly Makyryň nesilleri gidip, Gilgady basyp aldylar we ol ýerden amorlary kowdular.
40 Musa Gilgady Manaşeniň ogly Makyryň nesillerine berdi. Olar ol ýerde mesgen tutdular.
41 Manaşeniň ogly Ýagyr gidip, olaryň obalaryny basyp aldy we olaryň adyna Hawotýagyr goýdy.
42 Noba gidip, Kenaty we onuň töweregindäki obalary basyp alyp, ol ýere Noba diýip, öz adyny dakdy. ‎




Chapter 33

1 Musa bilen Harunyň ýolbaşçylygy astynda tireme-tire ýöreýän ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky düşlän düşelgeleri şulardyr.
2 Musa Rebbiň emri bilen düşlän düşelgelerini her gezek ýazyp belledi. Olaryň düşlän düşelgeleri:
3 Ysraýyllar birinji aýyň on bäşine Pesah baýramynyň ertesi güni müsürlileriň gözüniň alnynda arkaýynlyk bilen Ramzes galasyndan çykyp gaýtdylar.
4 Ol wagt müsürliler Rebbiň gyran nowbahar ogullaryny jaýlaýardylar. Reb hatda olaryň hudaýlaryny-da jezalandyrypdy.
5 Ysraýyllar Ramzesden çykyp, Sukotda düşlediler.
6 Soňra Sukotdan çykyp, çölüň gyrasyndaky Etamda düşlediler.
7 Etamdan çykyp, olar yzlaryna, Bagalseponyň gündogaryndaky Pihahyrota tarap öwrülip, Migdolyň golaýynda düşlediler.
8 Pihahyrotdan çykyp, deňziň içi bilen çöle tarap gitdiler. Etam çölünde üç günläp ýöräp, Marada düşlediler.
9 Ysraýyllar Maradan çykyp, Eýlime geldiler. Ol ýerde on iki sany suwly çeşme we ýetmiş sany palma agajy bardy. Olar suwuň başynda düşlediler.
10 Eýlimden çykyp gelip, Gyzyl deňziniň kenarynda düşlediler.
11 Gyzyl deňziniň kenaryndan gaýdyp, Sin çölünde,
12 Sin çölünden gaýdyp, Dopkada,
13 Dopkadan çykyp gelip, Aluşda,
14 Aluşdan çykyp gelip, Repidimde düşlediler. Ol ýerde halk üçin içmäge suw ýokdy.
15 Soň Repidimden çykyp, Sinaý çölünde,
16 Sinaý çölünden çykyp gelip, Kibrothatawada,
17 Kibrothatawadan çykyp gelip, Haserotda,
18 Haserotdan çykyp gelip, Ritmada,
19 Ritmadan çykyp gelip, Rimmonperesde,
20 Rimmonperesden çykyp gelip, Libnada,
21 Libnadan çykyp gelip, Risada,
22 Risadan çykyp gelip, Kehelatada,
23 Kehelatadan çykyp gelip, Şeper dagynda,
24 Şeper dagyndan çykyp gelip, Haradada,
25 Haradadan çykyp gelip, Makhelotda,
26 Makhelotdan çykyp gelip, Tahatda,
27 Tahatdan çykyp gelip, Terada,
28 Teradan çykyp gelip, Mitkada,
29 Mitkadan çykyp gelip, Haşmonada,
30 Haşmonadan çykyp gelip, Moserotda,
31 Moserotdan çykyp gelip, Beneýagakanda.
32 Beneýagakandan çykyp gelip, Horhagydgatda,
33 Horhagydgatdan çykyp gelip, Ýotbatada,
34 Ýotbatadan çykyp gelip, Abronda,
35 Abrondan çykyp gelip, Esýongeberde,
36 Esýongeberden çykyp gelip, Sin çölünde (ýagny Kadeşde),
37 Kadeşden çykyp gelip, Edomyň serhedindäki Hor dagynda düşlediler.
38 Ruhany Harun Rebbiň buýrugy bilen Hor dagyna çykdy. Ol şol ýerde ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky kyrkynjy ýylynyň bäşinji aýynyň birinji güni amanadyny tabşyrdy.
39 Hor dagynda ölen Harun bir ýüz ýigrimi üç ýaşyndady.
40 Negepde ýaşaýan kenganly Arat hany ysraýyllaryň gelýändigi hakda eşitdi.
41 Ysraýyllar Hor dagyndan gaýdyp, Salmonada düşlediler.
42 Salmonadan çykyp, Punonda düşlediler.
43 Punondan çykyp, Obotda düşlediler.
44 Obotdan çykyp, Mowap ýurdundaky Iýeý Abarymda düşlediler.
45 Iýeý Abarymdan çykyp, Dibongatda düşlediler.
46 Dibongatdan çykyp, Almondyblataýmada düşlediler.
47 Almondyblataýmadan çykyp, Nebonyň golaýyndaky Abarym daglarynda düşlediler.
48 Abarym daglaryndan gaýdyp, Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde düşlediler.
49 Olar Iordan derýasynyň boýunda, Beýtýeşimotdan tä Abelşitime çenli Mowap düzlüginde düşelge gurup oturdylar.
50 Iordanyň boýunda, Ýerihonyň garşysyndaky Mowap düzlüginde Reb Musa bilen gepleşip, oňa şeýle diýdi:
51 «Ysraýyllara aýt, Iordan derýasyndan geçip, Kengana baranlarynda,
52 ýurduň ilatynyň hemmesini kowup çykarsynlar. Olaryň ähli daş we guýma butlaryny döwsünler, sežde edilýän ýerlerini ýok etsinler.
53 Ýurdy basyp alyp, ol ýerde mesgen tutsunlar, çünki ony Men olara mülk edip berdim.
54 Ýurdy bije boýunça tireler arasynda paýlaşsynlar. Uly tirä uly mülk, kiçi tirä-de kiçi mülk berilsin. Kimiň bijesi çyksa, mülk hem şonuňky bolar. Mülk tirelere görä paýlansyn.
55 Emma ysraýyllar ýerli ilaty kowup çykarmasalar, onda ol ýerde galanlar ysraýyllaryň gözlerine dürtülen iňňe, böwürlerine sanjylan tiken ýaly bolarlar. Ýaşajak ýurtlarynda olar ysraýyllary ezerler.
56 Men hem olara çekdirjek azaplarymy ysraýyllaryň başyndan indererin». ‎




Chapter 34

1 Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara şeýle buýruk ber: „Siz Kengan ýurduna gireniňizde, size mülk hökmünde berilýän bu topragyň serhetleri çäklendirilendir.
3 Siziň günorta serhediňiz Sin çölünden Edom serhediniň boýuna uzalyp gider. Ol gündogarda Duz deňziň günorta kenaryndan başlanýandyr.
4 Soňra serhet Içýan geçidiniň günortasyndan öwrülip, Sin çölüne geçer. Ondan Kadeşbarneýanyň günortasyna çenli, Hasaradara tarap uzalyp, Asmona tarap geçer.
5 Serhet Asmondan öwrülip, Müsür derýasyna tarap uzalyp gider we onuň çeti Ýerorta deňzine baryp ýeter.
6 Ýerorta deňzi we onuň kenary siziň günbatar serhediňiz bolup hyzmat eder. Bu siziň günbatar araçägiňiz bolar.
7 Siziň demirgazyk araçägiňiz şeýle bolar: Ýerorta deňzinden Hor dagyna çenli aralykda öz serhediňizi bellärsiňiz.
8 Hor dagyndan Lebohamada çenli öz serhediňizi bellärsiňiz we serhet ondan soň Sedat galasynyň içinden geçer.
9 Araçäk Sedatdan gündogara Ziprona tarap uzalyp, onuň bir ujy Hasareýnana ýeter. Bu siziň demirgazyk serhediňiz bolar.
10 Gündogar serhediňiz demirgazykda Hasareýnandan başlanyp, günorta Şepama tarap uzalyp gider.
11 Serhet Şepamdan Aýynyň gündogar gapdalyndaky Ribla tarap öwrülip, Kinneret deňziniň gündogar ýapgydyna çenli baryp ýeter.
12 Soňra serhet Iordanyň boýy bilen aşaklygyna gidip, onuň çeti Duz deňze baryp ýeter. Daş-töwereginde şeýle serhetleri bolan bu ýurt siziň ýurduňyz bolar“».
13 Musa ysraýyllara buýruk berip, şeýle diýdi: «Rebbiň dokuz tirä we ýarym tirä bermegi emr eden, siziň bije atyp paýlaşmaly mülk alan topragyňyz şudur.
14 Ruben, gat tireleri we manaşe tiresiniň ýarysy uruglaryna görä özleriniň mülküni eýýäm aldylar.
15 Bu iki tire we ýarym tire özlerine mülki Iordanyň aňyrsyndan, Ýerihonyň gündogaryndan aldylar».
16 Reb Musa şeýle diýdi:
17 «Ýeri size mülk edip paýlap berjek adamlar, ine şulardyr: ruhany Elgazar we Nunuň ogly Ýeşuwa.
18 Mülki paýlamak üçin her tireden bir adamy ýolbaşçy hem saýlaň.
19 Ýolbaşçy saýlanmaly adamlar şulardyr: ýahuda tiresinden Ýepunnäniň ogly Kalep.
20 Şimgon tiresinden Ammyhudyň ogly Şamuwal.
21 Benýamin tiresinden Kislonyň ogly Elidat.
22 Dan tiresinden Ýoglynyň ogly Buky serdar.
23 Ýusubyň nesilleri: manaşe tiresinden Eýpotyň ogly Hannyýel serdar.
24 Efraýym tiresinden Şiptanyň ogly Kemuwal serdar.
25 Zebulun tiresinden Parnagyň ogly Elisapan serdar.
26 Ysakar tiresinden Azanyň ogly Paltyýel serdar.
27 Aşer tiresinden Şelomynyň ogly Ahyhut serdar.
28 Naftaly tiresinden Ammyhudyň ogly Pedahel serdar».
29 Rebbiň Kengan ýurdunda ysraýyllara mülk paýlap bermegi emr eden adamlary şulardan ybaratdy. ‎




Chapter 35

1 Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara şeýle buýruk ber, goý, olar özlerine miras düşen mülklerinden lewilere ýaşar ýaly galalar bersinler. Şol galalaryň töweregindäki öri meýdanlaryny-da lewilere bersinler.
3 Bu galalar lewileriň ýaşamagy üçindir. Galalaryň töweregindäki öri meýdanlary bolsa lewileriň sürüleri we ähli mal-garalary üçindir.
4 Galanyň diwaryndan çar tarapa müň tirsek aralyk goýup, onuň gündogar we günorta taraplaryny iki müň tirsek, günbatar we demirgazyk taraplaryny-da iki müň tirsek edip, lewilere beriljek galalaryň öri meýdanlaryny dörtburç şekilinde ölçäň». Gaçybatalga galalary
6 «Lewilere berýän galalaryňyzyň altysy gaçybatalga galalary bolsun. Bulardan başga ýene kyrk iki galany lewilere beriň.
7 Lewilere öri meýdanlary bilen birlikde jemi kyrk sekiz gala beriň.
8 Olara berjek galalaryňyz tire paýy görnüşinde bolsun. Galalary köp bolan uly ysraýyl tiresinden köp gala, galalary az bolan kiçiräk tireden bolsa az gala alnyp, her tire öz mülk paýyna görä lewilere bersin».
9 Soňra Reb Musa şeýle diýdi:
10 «Ysraýyllara aýt, Iordan derýasyndan geçip, Kengan topragyna gireniňizde,
11 özüňiz üçin gaçybatalga galalaryny saýlaň. Tötänlikde adam öldüren ganhor, goý, şol ýere gaçsyn.
12 Bu galalar ganhora jemagatyň öňünde höküm çykarylýança, öldürileniň hossaryndan gaçybatalga bolup hyzmat etsin.
13 Özüňiz üçin jemi alty sany gaçybatalga galasyny belläň:
14 olaryň üçüsi Iordan derýasynyň gündogar tarapynda, üçüsi hem Kengan topragynda bolsun.
15 Bu alty gala ysraýyllara we araňyzda ýaşaýan gelmişeklere, göçüp gelenlere gaçybatalga bolup hyzmat etsin. Tötänlikde adam öldürip, ganhor bolan adam ol ýere gaçyp biler.
16 Eger-de biri demirden ýasalan zat bilen başga birini urup öldürse, ol adam ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun.
17 Eger biri adama degende öldürip biljek daş bilen adam urup öldürse, ol ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun.
18 Ýa-da biri adama degende öldürip biljek agaç bölegi bilen adam urup öldürse, ol ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun.
19 Dökülen gan üçin öldürileniň hossary ganhory öldürer. Ol öz gandaryny duşan ýerinde öldürsin.
20 Şunuň ýaly-da, eger biri başga bir adamy ýigrenýändigi üçin itekläp ýa-da başga biri bukuda ýatyp, oňa tarap bir zat zyňyp öldürse,
21 ýa-da duşmançylykdan ony eli bilen urup öldürse, onda ony öldüren adam ölüme höküm edilsin. Ol adam ganhordyr, öldürileniň hossary ganhory duşan ýerinde öldürsin.
22 Emma biri duşmançylyk etmezden, bir adamy duýdansyzlykda itip goýberse ýa-da bukuda ýatyp peýlemezden, oňa tarap bir zat zyňyp goýberse,
23 ýa-da adama degende öldürip biljek daşy seretmän zyňyp, tötänlikde bir adamyň ganyna galsa, öldüren bilen öleniň arasynda duşmançylyk bolmandygyna we öldüreniň oňa şikes ýetirmek islemändigine garamazdan,
24 ganhor bilen öldürileniň hossarynyň arasyndaky dawany şu kada-kanunlar boýunça jemagat çözsün.
25 Jemagat öldürileniň hossarynyň elinden ganhory halas etsin we ony başdaky gaçyp baran gaçybatalga galasyna ugratsyn. Depesine mukaddes ýag bilen çalnan baş ruhany ölýänçä, ganhor şol ýerde bolmalydyr.
26 Emma ganhor ilki gaçyp baran gaçybatalga galasynyň çäginden daşa çyksa
27 we öldürileniň hossary ony tapyp öldürse, öldürileniň hossary ganhor saýylmaly däldir.
28 Çünki ganhor baş ruhany ölýänçä, gaçybatalga galasynyň daşyna çykmaly däldir. Ol diňe baş ruhany ölenden soň, öz öýüne gaýdyp biler.
29 Bular siz nirede ýaşasaňyz-da, nesiller boýy size parz we höküm bolsun.
30 Eger bir adam başga bir adamy öldürse, şaýatlaryň görkezmesi esasynda ol ölüme höküm edilsin, emma bir şaýadyň görkezmesi esasynda ol ölüme höküm edilmeli däldir.
31 Ölüm jezasyna höküm edilen ganhoryň janynyň öwezine hun alynmasyn, ganhor öldürilmelidir.
32 Gaçybatalga galasyna gaçyp baran biriniň baş ruhany ölmezden öň öz topragyna gaýdyp barmagy üçin ondan töleg almaň.
33 Gan topragy harama çykarýandyr, öz ýaşaýan topragyňyzy haramlamaň. Dökülen gany toprakdan diňe ganhoryň gany bilen ýuwup bolar.
34 Meniň mekan tutan topragymy, ýagny öz ýaşaýan ýeriňizi haramlamaň. Çünki ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýan Reb – Mendirin». ‎




Chapter 36

1 Makyryň ogly, Manaşeniň agtygy, Ýusubyň çowlugy bolan Gilgadyň nesilleriniň urugbaşylary öňe çykyp, Musanyň, ýolbaşçylaryň we ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň öňünde şeýle diýdiler:
2 «Reb ýurdy bije atyp, mülk hökmünde ysraýyllara paýlap ber diýip, agamyz Musa emr etdi. Doganymyz Selophadyň mülküni onuň gyzlaryna bermegi hem Reb agamyza buýurdy.
3 Eger Selophadyň gyzlary Ysraýylyň başga tiresinden bolanlara durmuşa çyksalar, onda olaryň mülki biziň mülkümizden aýrylyp, baran ärleriniň tiresine goşular. Şeýdip, bijede biziň mülk paýymyz kemeler.
4 Ysraýyllaryň baýram ýyly gelende bolsa, gyzlaryň mülki ärleriniň tiresiniň mülküne goşular. Şeýlelikde, olaryň mülki biziň tirämiziň mülkünden alnar».
5 Onsoň Musa Rebbiň emri boýunça ysraýyllara şeýle buýurdy: «Ýusubyň tiresiniň nesilleriniň diýýäni dogrudyr.
6 Selophadyň gyzlary hakda Reb şeýle diýdi: „Olar islän adamsyna durmuşa çykyp bilerler, ýöne olaryň barjak kişileri öz tirelerinden bolsun.
7 Ysraýyllaryň mülki bir tireden başga bir tirä geçmeli däldir. Ähli ysraýyllar öz tireleriniň mülküne eýelik etsinler.
8 Islendik ysraýyl tiresinden mülk alan gyz, öz tiresinden bolan kişä durmuşa çyksyn. Şonda her bir ysraýylly öz atalarynyň mülküne müdimilik eýelik edip biler.
9 Hiç bir mülk bir tireden başga bir tirä geçmeli däldir. Ysraýyl tireleriniň her biri öz mülküne eýelik etsin“».
10 Selophadyň gyzlary Rebbiň Musa buýruşy ýaly hem etdiler.
11 Onuň gyzlary Mahla, Tirsa, Hogla, Milka we Noga öz kakasynyň doganlarynyň ogullaryna durmuşa çykdylar.
12 Olar Ýusubyň ogly Manaşeniň nesilleriniň uruglaryndan bolan kişilere durmuşa çykdylar. Şonuň üçin olaryň mülki öz atalarynyň tiresinde galdy.
13 Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde Rebbiň Musa arkaly ysraýyllara beren parzlardyr hökümleri şulardan ybaratdy. ‎