Kanun taglymaty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34

Chapter 1

1 Ynha, bu sözler Musanyň Iordan derýasynyň gündogarynda – çöllükde ýaşaýan tutuş ysraýyl halkyna aýdan sözleri. Olar Supuň garşysyndaky düzlükde, Paran galasy bilen Topel, Laban, Haserot we Dizahap galalarynyň aralygynda ýaşaýardylar.
2 Horep dagyndan Kadeşbarneýa çenli aralyk Segir daglygynyň üsti bilen gideniňde, on bir günlük ýoldy.
3 Kyrkynjy ýylyň on birinji aýynyň birinji güni, Musa Rebbiň buýruşy ýaly edip, ysraýyllara Onuň buýruklaryny ýetirdi.
4 Bu Musanyň Heşbonda höküm süren amorlaryň hany Sihony, şeýle hem, Aştarotda we Edreýde höküm süren Başan ýurduň hany Ogy ýeňenden soň boldy.
5 Musa Iordanyň gündogarynda – Mowap ýurdundaka ysraýyllara şu kanuny beýan etmäge başlady:
6 «Hudaýymyz Reb Horep dagynda şeýle diýdi: „Siz bu dagda uzak wagt bolduňyz.
7 Indi ýörişiňizi dowam ediň, amorlaryň ýaşaýan daglygyna, şeýle hem, goňşy ülkelere – Araba düzlügine, daglyga, günbatar baýyrlyklara, Negep çölüne, deňiz ýakasyndaky Kengan ýurduna, Liwana we beýik Perat derýasyna çenli gidiň.
8 Ine, Men bu ýurdy siziň öňüňizde goýdum. Meniň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba we olaryň nesillerine bermegi wada eden ýurduma gidiň-de, ony mülk ediniň“».
9 «Şol wagt men size şeýle diýdim: „Sizi ýeke özüm başaryp biljek däl.
10 Hudaýyňyz Reb sizi köpeltdi. Şonuň üçin-de bu gün siziň sanyňyz asmandaky ýyldyzlar deý kän.
11 Size söz berşi ýaly, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Reb, goý, siziň sanyňyzy mundan-da müň esse artdyrsyn we sizi ýalkasyn!
12 Ýöne meniň ýeke özüm ähli dawalaryňyzyň agyr ýüküni gerdenimden nädip aýyrarkam?
13 Her tiräňizden akylly-paýhasly, düşbi we tejribeli adamlary saýlaň“.
14 Siz maňa: „Seniň netijä gelen pikiriň gowy pikir“ diýip jogap berdiňiz.
15 Şeýlelikde, men siziň her tiräňizden saýlanan bu akylly-paýhasly we tejribeli adamlary siziň üstüňizden baştutan edip, müňbaşylar, ýüzbaşylar, ellibaşylar, onbaşylar goýdum we beýleki baştutanlary belledim.
16 Şol wagt men size kazylar hem belledim we olara: „Halkyň arasyndaky dawalara üns berip gulak goýuň, isle ol ýerli bolsun, isle gelmişek bolsun, iki adamyň arasyndaky dawany adalatly çözüň.
17 Siz kazylyk edeniňizde, tarapgöýlük etmeli dälsiňiz: uly dawany-da, kiçi dawany-da deň diňläň. Hiç kimden gorkmaň, çünki çözgüt Hudaýdandyr. Size çözmesi kyn düşen dawany maňa getiriň, ony özüm diňlärin“ diýdim.
18 Şeýdip, şol wagt men size etmeli ähli işleriňizi tabşyrdym».
19 «Soňra Hudaýymyz Rebbiň edil bize buýruşy ýaly, biz Horep dagyndan çykyp, amorlaryň ýaşaýan daglygynyň üsti bilen tä Kadeşbarneýa baryp ýetýänçäk, siziň gören ägirt uly we ýowuz çölüňiziň içi bilen gitdik.
20 Ol ýerde men size şeýle diýdim: „Hudaýymyz Rebbiň bize berjek amorlaryň ýaşaýan daglygyna-da gelip ýetdik.
21 Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy size berdi. Gidiň-de, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, ony mülk ediniň. Gorkmaň ýa-da dowla düşmäň“.
22 Emma siziň hemmäňiz şonda meniň ýanyma gelip: „Geliň, ýurdy gözden geçirmek üçin öz aramyzdan adamlary ýollalyň. Olar biziň gitjek ýolumyz hakda, barjak galalarymyz barada habar getirerler“ diýdiňiz.
23 Bu pikir meniň göwnüme makul boldy. Men her tireden bir adam alyp, jemi on iki adam saýladym.
24 Olar ýola düşüp, daglyga tarap gitdiler. Eşkol deresine ýetenlerinde, olar ony gowy gözden geçirdiler.
25 Yzlaryna dolanyp gelenlerinde, olar bize şol ýurduň miwe önümlerinden ýygyp getirdiler. Olar: „Hudaýymyz Rebbiň bize berýän ýurdy gowy ýurt eken“ diýen habary getirdiler.
26 Emma siz ol ýere gitmek islemediňiz. Hudaýyňyz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterdiňiz.
27 Siz çadyrlaryňyzda hüňürdeşip şeýle diýdiňiz: „Reb bizi ýigrenýär, Ol bizi amorlaryň eline berip ýok etmek üçin Müsürden çykaryp getiripdir.
28 Biz ol ýere nädip gideli? Ol ýere goýberen doganlarymyzyň: ‘Ol ýerdäki adamlar bizden güýçli we uzyn boýly. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr! Hakykatdan-da, biz ol ýerde anaklaryň neslini-de gördük’ diýen habary biziň ýüregimizi suw etdi“.
29 Men size şeýle diýdim: „Olardan gorkmaň, dowla düşmäň.
30 Müsürde we çölde edil gözüňiziň alnynda siziň üçin söweşişi ýaly, ýene-de öňüňizden ýöräp, siziň üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebdir.
31 Çölde ýol boýy ýöriş edip, şu ýere gelip ýetýänçäňiz, edil enäniň öz çagasyny elinde göterip gelşi ýaly, sizi Hudaýyňyz Rebbiň nähili gorap getirendigini özüňiz gördüňiz.
32 Emma siz şonda-da gijesine ot, gündizine bulut görnüşinde düşlejek ýeriňizi, ýörejek ýoluňyzy görkezip, öňüňizden gidýän Hudaýyňyz Rebbe ynam etmediňiz“».
34 «Siziň sözleriňizi eşidip, Rebbiň gaty gahary geldi we ant içip:
35 „Meniň siz üçin ata-babalaryňyza söz beren gowy ýurdumy Ýepunne ogly Kalepden başga bu pis nesliň hiç biri görmez. Muny diňe Kalep görer. Men-Rebbe ýürekden wepalydygy üçin Men oňa we onuň nesillerine aýak basan ýurduny berjek“ diýdi.
37 Siz sebäpli Rebbiň hatda maňa-da gahary gelip, Ol maňa şeýle diýdi: „Sen hem ol ýurda aýagyňy sekmersiň.
38 Ol ýurda seniň kömekçiň Nunuň ogly Ýeşuwa barar. Sen ony golda, çünki ýerleri ysraýyllara mülk edip paýlap berjek ýeke-täk adam şoldur“.
39 Onsoň Reb tutuş halka: „Uruşda ýesir düşer öýden perzentleriňiz, ýagny bu günki gün ýagşyny-ýamany saýgarmaýan çagalaryňyz ol ýere bararlar. Men bu ýurdy olara berjek, olar muny mülk edinerler.
40 Emma siz bolsa Gyzyl deňziniň ýoly bilen yzyňyza, çöle tarap ýöriş ediň“ diýdi.
41 Siz maňa: „Biz Rebbe garşy günä etdik! Hudaýymyz Rebbiň bize buýruşy ýaly, biz gidip söweşmäge taýýar“ diýip jogap berdiňiz. Şeýlelikde, ähliňiz söweş ýaraglaryňyzy dakynyp, daglyga çykmak ýeňil bolar öýdüp pikir etdiňiz.
42 Reb maňa: „Olara aýt: gitmesinler, uruşmasynlar, çünki Men olaryň arasynda bolmaryn. Şonuň üçin hem olar duşmanlaryndan ýeňlerler“ diýdi.
43 Men muny size ýetirdim welin, siz gulak asmadyňyz. Siz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterip, men-menlik bilen daglyga gitdiňiz.
44 Ol daglykda ýaşaýan amorlar garşyňyza çykyp, Segirden Horma çenli sizi arylar deý kowalap ýençdiler.
45 Siz yzyňyza dolanyp gelip, Rebbe dady-perýat etdiňiz. Reb siziň sesiňize ne gulak saldy, ne-de üns berdi.
46 Soňra siz uzak wagtlap Kadeşbarneýada galdyňyz». ‎




Chapter 2

1 «Rebbiň maňa aýdyşy ýaly, biz Gyzyl deňziniň ýoly bilen çöle tarap gaýtdyk we ençeme günläp Segir daglygynyň töwereginde aýlanyp gezdik». Ysraýyllar Edomyň we Mowabyň içinden geçýärler
2 «Soňra Reb maňa şeýle diýdi:
3 „Siz bu daglygyň daşynda gaty köp aýlandyňyz. Indi sen demirgazyk tarapa öwrül
4 we adamlardan şulary talap et: ‘Siz häzir Segirde ýaşaýan garyndaşlaryňyz Ysawyň nesilleriniň üstünden geçmeli. Olar sizden gorkarlar, şonuň üçin siz örän seresap boluň.
5 Olar bilen urşa girişmäň, çünki Men size olaryň ýerinden ýekeje garyş ýer hem berjek däl. Çünki Segir daglygyny Men Ysawa mülk berdim.
6 Siz iýjek iýmitiňizi hem, içjek suwuňyzy hem olardan satyn alyp iýip-içiň’“.
7 Hudaýyňyz Reb, hakykatdan-da, siziň her bir tutan işiňize bereket berdi. Siziň bu ummasyz çölüň içi bilen barýandygyňyzy Ol bilýärdi. Şol geçen kyrk ýylyň içinde, Hudaýyňyz Reb siziň bilen bile boldy. Siz hiç zada zar bolmadyňyz.
8 Şeýdip, biz Segirde ýaşaýan garyndaşlarymyz Ysawyň nesilleriniň üstünden geçdik. Eýlat we Esýongeberden Araba düzlügine gidýän ýol bilen gidip, Mowap çölüne tarap ugradyk.
9 Reb maňa: „Mowaplylara duşman gözi bilen garama ýa-da olar bilen urşa girme, çünki Ar galasyny Lutuň nesillerine mülk berendigim sebäpli, Men size olaryň ýerinden mülk edip, hiç zat berjek däl“ diýdi.
10 (Ol ýerde anaklar ýaly uzyn boýly, güýçli we köp adamly eýmimler ýaşaýardy.
11 Olar hem anaklar ýaly, adatça, rapalar saýylýardy. Emma mowaplylar olary eýmimler diýip atlandyrdylar.
12 Şeýle hem Segirde horylar ýaşaýardylar, emma Ysawyň nesilleri olary kowup çykardylar. Ysraýyllaryň Rebbiň mülk beren ýerinde edişleri ýaly, Ysawyň nesilleri-de olary ýok edip, ýerlerinde özleri ornaşdylar).
13 Reb: „Indi bolsa Zeret deresinden geçeliň“ diýdi. Şeýdip, Rebbiň buýrugyna görä, biz Zeret deresinden geçdik.
14 Kadeşbarneýadan ýola düşüp, Zeret deresinden geçýänçäk, dogry otuz sekiz ýyl geçdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, şol döwrüň içinde bu nesliň urşujylary ölüp gutardy.
15 Hawa, tä Ysraýyl düşelgesindäki urşujylaryň ählisi ölüp gutarýança, hut Rebbiň Özi olara garşy boldy.
16 Halkyň arasyndaky ähli urşujylar ölüp gutaran badyna,
17 Reb maňa şeýle diýdi:
18 „Bu gün siz Ar galasynda Mowabyň araçägini kesip geçersiňiz.
19 Ammonlaryň serhedine golaýlaşanyňyzda, olara duşmançylyk gözi bilen garamaň, olar bilen urşa girmäň, sebäbi Men ammonlaryň ýerini size mülk berjek däldirin, çünki Men ol ýeri Lutuň nesillerine berdim“.
20 (Aslynda bu ýer rapalaryň ýeri hasaplanýardy. Olar bu ýerde öňden bäri ýaşaýardylar. Ammonlar olara zamzumlar diýip at berdiler.
21 Zamzumlar anaklar ýaly uzyn boýludylar, güýçlüdiler we san taýdan köp adamlydylar. Muňa garamazdan, Reb olary ammonlaryň öňünden ýok etdi. Ammonlar olary kowup çykaryp, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar.
22 Reb Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri bilen hem şeýle etdi. Olaryň öňünden horylary ýok etdi. Ysawyň nesilleri horylary kowup çykaryp, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar. Hatda olar şu güne çenli hem şol ýerde ýaşaýarlar.
23 Kaptordan çykyp gaýdan kaptorlylar Gaza galasyna çenli gidýän obalarda ýaşaýan awymlylary ýok edip, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar).
24 „Tur, ýola düş! Arnon jülgesinden geç! Ine, Men Heşbondaky amorlaryň hany Sihony we onuň ýerini seniň eliňe berdim. Ýurdy eýelemäge başla, Sihon bilen urşa gir.
25 Şu günden başlap, Men ýer ýüzündäki ähli halkyň üstünden gorky we howp salaryn. Seniň adyňy eşidenlerinde, olar gorkudan ýaňa titreşer durarlar“».
26 «Şeýdip, men Kedemot çölünden Heşbonyň hany Sihona, ine, şu parahatçylyk sözlerini aýdyp, ilçileri ýolladym:
27 „Maňa öz ýurduňyň üstünden geçmäge rugsat et. Diňe dogry ýoldan ýöräýin, saga hem, çepe hem sowulmaýyn.
28 Iýmäge iýmitimizi, içmäge suwumyzy sizden satyn alaly. Pyýadalap diňe ýoluňdan geçsem bolýar.
29 Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri ýaly we Arda ýaşaýan mowaplylar ýaly, sen hem maňa Iordandan geçip, Hudaýymyz Rebbiň bize berýän ýurduna ýetmek üçin öz ýurduňyň üstünden geçmäge rugsat et“.
30 Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi.
31 Reb maňa: „Ine, Men Sihony we onuň ýurduny saňa bermäge girişdim. Indi sen hem onuň ýerini eýelemäge başla“ diýdi.
32 Şeýlelikde, Sihon ähli urşujylary bilen Ýahasda biziň garşymyza söweşmäge çykdy.
33 Hudaýymyz Reb ony biziň elimize berdi. Biz Sihonyň özüni, onuň tohum-tijini we ähli urşujylaryny gyrdyk.
34 Şol bir wagtyň özünde onuň ähli galalaryny basyp aldyk. Galalaryň ählisindäki erkekleri, aýallary we çagalary bütinleý ýok etdik. Ol ýerde ýekeje-de janly-jandar galdyrmadyk.
35 Diňe mal-garalary, şeýle hem basyp alan galalarymyzyň baýlyklaryny olja edip aldyk.
36 Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Aroger galasyndan başlap (jülgäniň özündäki gala hem degişlidir), tä Gilgada barýança, biziň üçin ýekeje-de berk gala ýokdy. Hudaýymyz Reb olaryň hemmesini biziň elimize berdi.
37 Muňa garamazdan, Hudaýymyz Rebbiň bize tabşyryşy ýaly, Ýabok derýasynyň boýunda we daglykdaky galalarda ýaşaýan ammonlaryň ýerine çozup girmedik». ‎




Chapter 3

1 «Soňra biz Başan ýurduna tarap ýolumyzy dowam etdirdik. Başan hany Og söweşmek üçin, Edreýde ähli urşujylary bilen biziň garşymyza çykdy.
2 Reb maňa: „Men Ogy, onuň ähli halkyny we ýurduny seniň eliňe berdim. Ondan gorkma. Heşbonda hanlyk süren amor hany Sihony ýok edişiň ýaly, Ogy hem ýok et“ diýdi.
3 Şeýlelikde, Hudaýymyz Reb Başan hany Ogy hem-de onuň ähli urşujylaryny biziň elimize berdi. Biz olaryň ýekejesini hem diri galdyrman, hemmesini gyrdyk.
4 Şol bir wagtyň özünde biz onuň ähli galalaryny basyp aldyk. Ol ýerde basyp alynmadyk ýekeje-de gala galmady. Biz olaryň jemi altmyş galasyny, Oguň Başandaky hanlygy bolan tutuş Argop topragyny basyp aldyk.
5 Bularyň hemmesi berk diwarly, gulp bilen ýapylýan iki gat derwezeli berk galalardy. Bulardan başga obalar-da köpdi.
6 Edil Heşbonyň hany Sihony ýok edişimiz ýaly, biz olary hem bütinleý ýok etdik. Ähli galalardaky erkekleri, aýallary we çagalary bütinleý ýok etdik.
7 Emma ähli mal-garalary we galalardaky baýlyklary özümize olja edip aldyk.
8 Şeýdip, biz Iordanyň aňyrsynda amorlaryň iki hanynyň ýurduny basyp aldyk. Arnon jülgesinden Hermon dagyna çenli
9 (Sidonlylar Hermon dagyna Sirýon diýýärler, amorlar bolsa oňa Senir diýýärler),
10 belent tekizlikdäki ähli galalary, tutuş Gilgady, Salka we Edreýe çenli Başandaky Oguň hanlygynda bolan ähli galalary basyp aldyk.
11 (Rapalardan ýeke-täk diri galan Başan hany Ogdy. Oguň tabydy gara daşdan bolup, tirsek ölçegi bilen onuň uzynlygy dokuz tirsek, ini hem dört tirsekdi. Ony ammonlaryň Raba galasynda şu günki gün hem görüp bolýar)».
12 «Men şol wagtky basyp alan ýerimizi paýladym. Men ruben we gat tirelerine Arnon jülgesiniň çetindäki Arogeriň demirgazygyny, şeýle hem, Gilgat daglygynyň ýarysyny onuň galalary bilen bile berdim.
13 Manaşe tiresiniň ýarysyna bolsa Gilgadyň galan ýarysyny we Oguň hanlygy bolan tutuş Başany, ýagny tutuş Argop topragyny berdim. (Tutuş Başan rapalaryň ülkesi diýip atlandyrylýardy.)
14 Manaşe tiresinden Ýagyr diýen adam geşurlylaryň we magakatlylaryň araçägine çenli bolan tutuş Argopy aldy we ol ýerleri Başandan soň öz adyna görä, Hawotýagyr diýip at berdi. (Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar.)
15 Makyra Gilgady berdim.
16 Emma ruben we gat tirelerine Gilgat bilen Arnon jülgesiniň aralygyndaky ýerleri berdim. Jülgäniň ortasy olaryň günorta araçägi bolup, olaryň demirgazyk araçägi bolsa ammonlaryň araçägi bolan Ýabok derýasydyr.
17 Günbatar araçäk Iordan derýasy bolup, Kinneretden Araba deňzine, ýagny Duz deňzine çenli bolan Araba düzlügi we Pisga dagynyň etekleri oňa degişlidir.
18 Şol wagt men size şeýle buýruk berdim: „Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy mülk edinmek üçin size berdi. Ähli söweşijileriňiz ýaraglansynlar-da, ysraýyl doganlaryňyzyň öňünden ýöresinler.
19 Diňe aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garalaryňyz meniň size beren galalarymda galsynlar. Men siziň köp mal-garalaryňyzyň bardygyny bilýärin.
20 Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berenden soň we olar hem Hudaýyňyz Rebbiň Iordanyň aňyrsyndan özlerine berýän mülk ýerini eýelänlerinden soň, her biriňiz meniň size beren mülküme dolanyp gelip bilersiňiz“.
21 Şol wagt men Ýeşuwa hem tabşyryk berip: „Hudaýyňyz Rebbiň bu iki hana näme edenini öz gözüňiz bilen gördüňiz. Reb siziň üstünden geçjek ähli hanlyklaryňyzy şeýle eder.
22 Olardan gorkmaň, çünki siz üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir“ diýdim».
23 «Şol wagt men Rebbe ýalbaryp şeýle diýdim:
24 „Ýa Hökmürowan Reb, Sen Öz beýikligiňi we gudratyňy guluňa ýaňy görkezip başladyň. Ýerde we gökde haýsy hudaý Seniňki ýaly işleri we gudratlary amala aşyryp biler!
25 Maňa Iordanyň aňyrsyna geçip, gowy ýurdy, ýagny daglygy we Liwany görmäge rugsat et“.
26 Emma Rebbiň siz sebäpli maňa gahary gelip, Ol maňa gulak asmady. Reb maňa: „Besdir indi! Gaýdyp Maňa bu hakda aýtma!
27 Pisga dagynyň depesine çyk-da, günbatara, demirgazyga, günorta we gündogara seret. Gowuja seretgin, çünki sen Iordandan aňry geçmersiň.
28 Emma Ýeşuwa tabşyr, ony ruhlandyr we güýçlendir, sebäbi halka baş bolup, Iordandan geçjek we seniň görjek şol ýurduňy olara mülk edip paýlap berjek Ýeşuwadyr“ diýdi.
29 Şeýdip, biz Beýtpegor galasynyň garşysyndaky jülgede saklandyk». ‎




Chapter 4

1 «Eý, ysraýyl halky, indi meniň size öwredýän parzlaryma we düzgünlerime gulak goýuň. Şonda siz ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň özüňize berýän ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz.
2 Siz meniň buýruklarymyň üstüne hiç zat goşmaly-da däl, ondan hiç zat aýyrmaly-da dälsiňiz. Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň meniň üstüm bilen berýän buýruklaryny ýerine ýetiriň.
3 Rebbiň Bagalpegorda näme edenini, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Bagalpegor hudaýynyň yzyna eýerenleriň ählisini araňyzdan nähili ýok edenini öz gözüňiz bilen gördüňiz.
4 Hudaýyňyz Rebbe wepaly bolanlaryňyzyň hemmesi bu gün diri.
5 Ine, edil Hudaýym Rebbiň maňa tabşyryşy ýaly, siziň mülk edinmäge barýan ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin men size bu parzlary we hökümleri öwretdim.
6 Olary yhlas bilen berjaý ediň, çünki bu beýleki halklara akyl-paýhaslydygyňyzy we juda düşünjelidigiňizi görkezer. Bu parzlary eşidenler: „Dogrudan hem, bu millet akylly we düşünjeli eken!“ diýerler.
7 Haçan çagyrsak, Hudaýymyz Reb ýanymyzda, şeýle Hudaýly beýik halk nirede bar?
8 Häzir meniň size öwredýän bu tutuş Kanunym ýaly adalatly parzlarydyr hökümleri bolan başga beýik halk barmyka?
9 Ýöne habardar boluň, özüňizi goraň. Şeýdip, ömürboýy gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň, unutmaň. Olary çagalaryňyza, çagalaryňyzyň çagalaryna-da aýdyp beriň.
10 Siz Horepde Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda duranyňyzda, Reb maňa şeýle diýdi: „Halkyňy Meniň huzuryma üýşür. Men olara Öz sözlerimi eşitdirjek, şonda olar bütin ömrüne Menden gorkmagy öwrenerler we çagalaryna hem öwrederler“.
11 Siz ýakyn gelip, dagyň eteginde durduňyz. Dagyň alawlap ýanýan ody al-asmana galdy we dagy goýy tüsse bilen gara bulut gaplady.
12 Reb oduň içinden size seslendi. Siz Onuň sözlerini eşitdiňiz, emma Onuň Özüni görmediňiz, diňe sesini eşitdiňiz.
13 Reb size Ähtini mälim edip, ony berjaý etmegiňizi tabşyrdy. Bu – on tabşyrykdy we Ol ony iki sany ýasy daşyň ýüzüne ýazdy.
14 Şol wagt siziň Iordan derýasyndan geçip mülk edinjek ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin size şu parzlary we hökümleri öwretmegi Reb maňa tabşyrdy.
15 Reb Horepde ot içinden size seslenende, siz Onuň suduryny görmediňiz. Habardar boluň we özüňizi goraň.
16 Özüňiz üçin but ýasap, azgynçylyga baş urmaň. Erkek ýa aýal şekilinde, ýerdäki haýwan, howada uçýan ganatly guş, ýerde süýrenýän süýrenji şekilinde, ýerden aşakdaky suwlarda ýaşaýan balyk şekilinde özüňize hiç hili but ýasamaň.
19 Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi.
20 Emma Reb sizi demir ojagy bolan Müsürden çykaryp getirip, görüp durşuňyz ýaly, sizi Özüniň saýlan aýratyn halky etdi.
21 Rebbiň siz sebäpli maňa gahary geldi. Ol meniň Iordandan geçmejekdigime ant içdi. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berýän gowy ýurduna men girmeli däl.
22 Çünki men Iordandan aňry geçmän, şu ýerde ölerin, emma siz ol gowy ýurdy mülk edinmek üçin Iordandan geçersiňiz.
23 Gaty seresap boluň. Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen eden ähtini ýatdan çykarmaň. Şeýle hem, Hudaýyňyz Rebbiň gadagan eden zatlarynyň hiç biriniň şekilinden but ýasanmaň.
24 Çünki Hudaýyňyz Reb ýakyp-ýandyryjy bir otdur, Ol gabanjaň Hudaýdyr.
25 Siziň bu ýerde çagalaryňyz we çagalaryňyzyň çagalary doglup, bu ýurtda uzak ýaşarsaňyz, her hili zadyň şekilinde but ýasap azmaň. Bu Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda pis işdir, bu Onuň gaharyny getirýändir.
26 Şeýle edäýseňiz, bu gün ýer we gök size garşy şaýatdyr. Iordandan geçip eýelän ýurduňyzda basym tutuşlaýyn heläk bolarsyňyz, siz ol ýerde uzak ýaşaman, gaýtam, bütinleý ýok edilersiňiz.
27 Reb sizi başga halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Rebbiň ýol görkezjek halklarynyň arasynda galjaklaryňyzyň sany gaty az bolar.
28 Ol ýerde siz adamlar tarapyndan ýasalan hudaýlara, agaçdan we daşdan ýasalan, ne görýän, ne eşidýän, ne iýýän, ne-de ys alýan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.
29 Olaryň içinden siz Hudaýyňyz Rebbi agtararsyňyz. Tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen gözleseňiz, siz Ony taparsyňyz.
30 Wagty gelip, bu zatlaryň ählisi başyňyzdan inende, betbagtçylyga uçranyňyzda, siz Hudaýyňyz Rebbe dolanyp, Oňa gulak asarsyňyz.
31 Çünki Hudaýyňyz Reb rehimli Hudaýdyr. Ol sizi taşlap gitmez ýa-da ýok etmez. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähtini unutmaz.
32 Dogulmazyňyzdan öňki geçen asyrlardan bäri, Hudaý tarapyn ýer ýüzünde adamzadyň ýaradylanyndan tä şu güne çenli geçen zamandan soraň. Gögüň bu ujundan ol ujuna çenli sorap çykyň, heý, şunuň ýaly beýik waka öň boldumyka ýa-da şunuň ýaly wakanyň bolandygy hakynda eşidipmidiňiz?
33 Siziň ýaly oduň içinden seslenen Hudaýyň sesini eşidip, diri galan halk başga-da barmyka?
34 Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?
35 Bular size Rebbiň Hudaýdygyny, Ondan başga hiç bir Hudaýyň ýokdugyny bilmegiňiz üçin görkezildi.
36 Ol sizi terbiýelemek üçin, asmandan size Öz sesini eşitdirdi. Ýerde Ol size beýik ot görkezdi. Siz oduň içinden Onuň sesini eşitdiňiz.
37 Ol ata-babalaryňyzy söýýändigi sebäpli, olaryň özlerinden soňky nesillerini saýlady. Ol sizi hut Özüniň beýik güýji bilen Müsürden alyp çykdy.
38 Özüňizden uly we güýçli halklary öňüňizden kowup çykardy we görşüňiz ýaly, olaryň ýerini size mülk bermek üçin sizi şu ýere getirdi.
39 Indi bilip goýuň we ýadyňyzda saklaň, çünki ýokarda – gökde, aşakda – ýerde Reb Hudaýdyr. Ondan başga hiç Hudaý ýokdur.
40 Siziň we sizden soňky nesilleriňiziň gowy günler görmekleri üçin, bu gün meniň üstüm bilen Onuň size berýän parzlaryny we tabşyryklaryny berjaý ediň. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size ebedilik berýän ýerinde uzak wagtlap ýaşarsyňyz».
41 Soňra Musa Iordanyň gündogaryndan üç galany belledi.
42 Aralarynda öň hiç hili duşmançylygy bolmadyk bir adamy tötänden öldüren ganhor bu galalaryň birine gaçyp baryp, başyny gutaryp biler.
43 Musa şu galalary: ruben tiresinden tekiz çölde Beseri, gat tiresinden Gilgatda Ramody we manaşe tiresinden Başanda Golany belledi.
44 Musanyň ysraýyllaryň öňünde goýan Kanuny şudur.
45 Ynha, Müsürden çykanlaryndan soň Musanyň ysraýyllara aýdan düzgünleri, parzlary we hökümleri.
46 Ol bulary Iordanyň gündogarynda, Beýtpegoryň garşysyndaky jülgede, ýagny Heşbonda höküm süren amorlaryň hany Sihonyň ýurdunda aýtdy. Musa bilen ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň amorlary derbi-dagyn etdiler.
47 Olar Sihonyň ýurduny we Başan hany Oguň ýurduny, ýagny, Iordanyň gündogaryndaky bu iki amor hanynyň ýurduny özlerine mülk edip aldylar.
48 Bu ýer Arnon jülgesiniň çetindäki Arogerden Siýon dagyna (bu Hermon dagy) çenli uzalyp gidýär.
49 Şeýle hem, muňa tutuş Araba düzlüginiň gündogaryndaky Araba deňzine çenli bolan ýer we Pisga dagynyň etekleri hem degişlidir. ‎




Chapter 5

1 Musa ähli ysraýyllary bir ýere jemläp, olara şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky, bu günki meniň size ýetirýän parzlaryma we hökümlerime gulak goýuň. Olary öwrenip, yhlas bilen berjaý etmelisiňiz.
2 Hudaýymyz Reb Horepde biziň bilen äht baglaşdy.
3 Reb bu ähti ata-babalarymyz bilen baglaşmady, Ol ähti biziň bilen, bu günki gün, bu ýerde diri galanlarymyzyň hemmesi bilen baglaşdy.
4 Reb dagda ot içinden siziň bilen ýüzbe-ýüz durup gepleşdi.
5 (Şol wagt Rebbiň sözlerini size ýetirmek üçin, Reb bilen siziň araňyzda men durdum, çünki siz otdan gorkup, daga çykmadyňyz)». «Reb şu on tabşyrygy berdi: On tabşyryk
6 „Gulçulykda ýaşan ýurduň Müsürden seni çykaryp getiren Hudaýyň Reb – Mendirin.
7 Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn.
8 Özüň üçin ýokarda – gökde, aşakda – ýerde ýa-da ýerden aşakdaky suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama.
9 Sen olara sygynyp gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb – gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çenli çekdirerin.
10 Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline tükeniksiz söýgimi görkezerin.
11 Hudaýyň Rebbiň adyny ýerliksiz agzama, çünki Reb Öz adyny ýerliksiz agzan adamy jezasyz goýmaz.
12 Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, mukaddes Sabat kanunlary ýerine ýetirmeli.
13 Alty günde ähli işleriňi edersiň.
14 Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüňem hiç iş etme, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, öküziň ýa-da eşegiň, tutuş mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek – hijisi bir iş hem etmesin. Şonda siziň gul-gyrnagyňyz hem özüňiz ýaly dynç alyp biler.
15 Müsür ýurdunda özüňiň hem gul bolandygyňy ýadyňa sal. Hudaýyň Reb Özüniň güýç-gudraty bilen seni ol ýerden çykaryp getirdi. Şonuň üçin hem Hudaýyň Reb saňa Sabat gününi dynç güni hökmünde ýerine ýetirmegiňi buýurdy.
16 Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň saňa berjek ýerinde ömrüň uzak bolup, gowy günler görersiň.
17 Adam öldürme.
18 Zyna etme.
19 Ogurlyk etme.
20 Biriniň garşysyna galp şaýatlyk etme.
21 Başga kişiniň aýalyna göz dikme. Başga biriniň öýüne, ýerine, gul-gyrnagyna ýa öküzine, eşegine, oňa degişli zatlaryň hiç birine göz gyzdyrma“.
22 Reb bu sözleri dagda ot içinden, buludyň we tüm garaňkylygyň içinden gaty ses bilen tutuş jemagata aýtdy. Başga hiç zat goşmady. Ol bu sözleri iki sany ýasy daşyň ýüzüne ýazyp, maňa berdi».
23 «Dag lowlap ýanýarka, Rebbiň garaňkylygyň içinden gelýän sesini eşideniňizde, ähli tirebaşylaryňyzdyr ýaşulularyňyz ýanyma gelip,
24 maňa şeýle diýdiňiz: „Ine, Hudaýymyz Reb bize Öz şöhratyny we beýikligini görkezdi. Biz Onuň ot içinden çykýan sesini eşitdik. Bu gün biz Hudaý ynsan bilen gepleşse-de, ynsanyň diri galyp biljek ekendigini gördük.
25 Näme üçin biz bu gün ölmeli? Çünki bu beýik ot bizi ýandyrar. Emma Hudaýymyz Rebbiň sesini mundan artyk eşitsek biz öleris.
26 Çünki ot içinden gepleýän diri Hudaýyň sesini eşidip, adamzat arasynda biz ýaly ölmän galan barmy?
27 Seniň özüň golaý bar-da, Hudaýymyz Rebbiň aýtjak zatlarynyň hemmesini diňle. Soňra Hudaýymyz Rebbiň aýdanlarynyň hemmesini bize ýetir. Biz saňa gulak asarys we berjaý ederis“.
28 Meniň bilen gepleşen wagtyňyz, Reb siziň maňa aýdan sözleriňizi eşidip, maňa şeýle diýdi: „Men bu halkyň saňa aýdanlaryny eşitdim. Olaryň hemmesi dogry.
29 Käşgä olar diňe şu pikirde bolup, Menden gorkup, ähli buýruklarymy hemişe saklasadylar, onda olar we olaryň çagalary hemişe eşretde ýaşardylar!
30 Bar, git-de olara: ‘Çadyrlaryňyza dolanyň!’ diý.
31 Emma sen bu ýerde Meniň ýanymda gal. Ähli tabşyrygy, parzlarymdyr hökümleri olara öwrederiň ýaly, Men olary saňa aýdaryn. Goý, olar bulary mülk edip berjek ýurdumda berjaý etsinler“».
32 Musa halka: «Şonuň üçin hem indi siz Hudaýyňyz Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirmekde gaty seresap bolmalysyňyz. Olardan saga-da, çepe-de gyşarmaň.
33 Diňe Hudaýyňyz Rebbiň görkezen ýolundan ýöräň. Şonda siz diri galyp, gowy günler görersiňiz we mülk edinjek ýurduňyzda uzak wagtlap ýaşarsyňyz» diýdi. ‎




Chapter 6

1 «Hudaýyňyz Rebbiň size öwret diýip maňa tabşyran ähli tabşyrygy, parzlarydyr hökümleri – ine, şulardyr. Siz bulary Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda ýerine ýetirmelisiňiz.
2 Çagalaryňyz, çagalaryňyzyň çagalary bilen bile Hudaýyňyz Rebden gorkup, Onuň size meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklarydyr parzlaryny ömürboýy berjaý ediň. Şonda ömrüňiz uzak bolar.
3 Şonuň üçin hem, eý ysraýyl halky, gulak goý. Olary yhlas bilen ýerine ýetiriň, şonda gowy günler görersiňiz we ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, süýt we bal akýan ýurdunda has köpelip ýaýrarsyňyz.
4 Eý ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir.
5 Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen, ähli güýjüňiz bilen söýüň.
6 Meniň bu günki buýurýan şu sözlerimi ýüregiňizde saklaň.
7 Bulary çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin.
8 Olary bellik hökmünde eliňe dak, maňlaýyňa nyşan edip belle.
9 Olary jaýyňyň gapylarynyň söýelerine we derwezelerine ýazyp goý».
10 «Hudaýyňyz Reb sizi ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba wada eden ýurduna getirjek. Ol ýurt öz gurmadyk uly we owadan galalaryňyzdan,
11 öz gazanmadyk harytlaryňyzdan doly öýlerden, öz gazmadyk guýylaryňyzdan, öz oturtmadyk üzüm we zeýtun baglaryňyzdan ybaratdyr. Siz olardan iýip doýanyňyzda,
12 gaty seresap boluň! Gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getireniň Rebdigini ýatdan çykarmaň.
13 Hudaýyňyz Rebden gorkuň. Oňa gulluk ediň, diňe Onuň adyndan ant içiň.
14 Başga hudaýlaryň, daş-töweregiňizdäki halklaryň hudaýlarynyň hiç biriniň yzyna düşmäň.
15 Çünki araňyzdaky Hudaý Reb gabanjaň Hudaýdyr. Hudaýyňyz Rebbiň gazaby size garşy tutaşsa, Ol sizi ýer ýüzünden ýok edip taşlar.
16 Masada edişiňiz ýaly, Hudaýyňyz Rebbi synamaň.
17 Hudaýyňyz Rebbiň özüňize buýran tabşyryklaryny, düzgünleridir parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetiriň.
18 Rebbiň nazarynda dogry we gowy işler ediň, şonda gowy günler görersiňiz. Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna baryp, ony özüňize mülk edinersiňiz.
19 Rebbiň söz berşi ýaly, öňüňizden ähli duşmanlaryňyzy Onuň Özi kowup çykarar.
20 Wagt gelip, çagalaryňyz sizden: „Hudaýyňyz Rebbiň size buýran bu düzgünleriniň, parzlarynyň we hökümleriniň näme manysy bar?“ diýip sorasalar,
21 siz olara şeýle jogap beriň: „Biz Müsürde fyrownyň gullarydyk, emma Reb Öz gudratly goly bilen bizi Müsürden çykaryp getirdi.
22 Reb Müsüre, fyrowna we onuň tutuş hojalygyna garşy gözümiziň alnynda beýik we gorkunç alamatlardyr mugjyzalar görkezdi.
23 Ol ata-babalarymyza wada eden ýurduny bize bermek üçin Müsürden çykaryp getirdi.
24 Soňra Hudaýymyz Reb biziň Ondan gorkup, bu parzlaryň hemmesini ýerine ýetirmegimizi buýurdy. Şonda bu günki ýaly, janymyz sag bolup, görjegimiz gowulyk bolar.
25 Hudaýymyz Rebbiň bize buýruşy ýaly, Onuň huzurynda bu buýruklaryň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirsek, biz dogry saýylarys“». ‎




Chapter 7

1 «Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar – jemi ýedi milletdir.
2 Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berende, siz olary dargadyp, bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz. Olar bilen äht baglaşmaň we olara rehimdarlyk etmäň.
3 Olar bilen garyndaşlyk açmaň. Olar bilen gyz alşyp-berişmäň.
4 Çünki olar çagalaryňyzy başga hudaýlara gulluk etdirdip, Rebbiň yzyna eýermekden ýüz öwürderler. Şonda Rebbiň gahary size garşy tutaşyp, Ol sizi derrew ýok edip taşlar.
5 Emma siz olar bilen şeýle ediň: olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny ýykyň we beýleki butlaryny hem oda ýakyň.
6 Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady.
7 Rebbiň sizi ýürekden söýmeginiň we saýlamagynyň sebäbi, bu siziň beýleki halklardan san taýdan köp bolmagyňyz däldir, siz ähli halklaryň arasynda san taýdan iň azysyňyz.
8 Munuň sebäbi Reb sizi söýdi we ata-babalaryňyza eden wadasynda durdy. Reb sizi Müsürden gudratly goly bilen çykaryp, onuň patyşasy fyrownyň elinden – gulçulykdan azat etdi.
9 Şonuň üçin hem bilip goýuň, Hudaýyňyz Reb – Ol Hudaýdyr. Ol ynamdar Hudaýdyr. Ol Özüni söýenleriň we buýruklaryny ýerine ýetirenleriň müňlerçe nesline tükeniksiz söýgüsini we ähtini saklaýar.
10 Emma Ol Özüni ýigrenýänleriň ýigrençlerini öz başlaryndan inderip, olary şol bada ýok edýär.
11 Şonuň üçin hem meniň bu günki size ähli tabşyryklarymy, parzlarymdyr düzgünlerimi yhlas bilen ýerine ýetiriň».
12 «Şu hökümlere gulak goýup, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza wada edişi ýaly, siziň bilen tükeniksiz söýgüsini we ähtini saklar.
13 Reb sizi söýer, ýalkar we köpelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda siziň örňäp ösmegiňize, ýeriňizden alynýan önüme, dänäňize, şerabyňyza we ýagyňyza, şeýle hem, mal-garalaryňyzyň köpelmegine, sürüleriňiziň sanynyň artmagyna bereket berer.
14 Halklaryň içinde iň ýalkanany siz bolarsyňyz. Siziň araňyzda nesilsiz erkek ýa-da önelgesiz aýal, gysyr mal bolmaz.
15 Reb sizi her hili kesellerden gorar. Müsürde gören ähli aýylganç keselleriňiz size ýokuşmaz. Olary sizi ýigrenýänlere ýokuşdyrar.
16 Hudaýyňyz Rebbiň eliňize berjek ähli halklaryny ýok edip taşlaň, olara rehim etmäň, olaryň hudaýlaryna sygynmaň, sebäbi bu siziň üçin duzak bolar.
17 Siz öz-özüňize: „Bu halklaryň sany biziňkiden köp, nädip biz bulary kowup çykararkak?“ diýip,
18 olardan gorkmaň. Diňe Hudaýyňyz Rebbiň fyrowny we tutuş Müsür halkyny näme edendigini hökman ýadyňyza salyň.
19 Öz gözüňiz bilen gören beýik synaglary, alamatlary, mugjyzalary, güýç-gudraty bilen Hudaýyňyz Reb sizi Müsürden çykaryp getirdi. Hudaýyňyz Reb siziň gorkýan halklaryňyzyň hemmesini-de şeýle eder.
20 Mundan başga-da, Hudaýyňyz Reb diri galanlar we gaçgaklar ýok bolýança, olary howsala salar.
21 Olardan gorkmaň, çünki siziň araňyzdaky Hudaýyňyz Reb beýik we haýbatly Hudaýdyr.
22 Hudaýyňyz Reb bu halklary siziň öňüňizden ýuwaş-ýuwaşdan kowup çykarar. Siz olaryň soňuna çalt çykyp bilmersiňiz, ýogsam siziň garşyňyza ýyrtyjy haýwanlar köpeler.
23 Emma Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berer, olaryň hemmesi ýok bolýança olary uly howsala salar.
24 Reb olaryň hanlaryny-da siziň eliňize berer, siz olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaň. Olary ýok edýänçäňiz, hiç kim siziň öňüňizde durup bilmez.
25 Olaryň hudaýlarynyň butlaryny ýakyň. Özüňize almak üçin olardaky altyna, kümşe göz gyzdyrmaň, sebäbi bu size duzak bolar. Çünki bu – Hudaýyňyz Reb üçin nejis zatdyr.
26 Munuň ýaly nejis zady öýüňize getirmäň, ýogsam siziň özüňiz hem şonuň ýaly bütinleý ýok edilersiňiz. Ony ýigreniň we ret ediň, çünki ol bütinleý ýok edilmeli zatdyr». ‎




Chapter 8

1 «Bu günki meniň berýän bu buýruklarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Şonda siz ýaşarsyňyz, köpelersiňiz we Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz.
2 Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy.
3 Ol sizi Özüne boýun egdirip aç goýdy we sizi özüňiziň hem, ata-babalaryňyzyň hem görmedik iýmiti bolan manna bilen naharlady. Ol muny ynsanyň diňe bir çörek bilen ýaşaman, eýsem, Rebbiň agzyndan çykýan her bir sözi bilen hem ýaşap biljekdigine düşünsin diýip etdi.
4 Bu kyrk ýylyň içinde siziň geýen geýimleriňiz ýyrtylyp tozmady, aýaklaryňyz-da gabarmady.
5 Siz şuny ýüregiňizde saklaň, edil ata öz ogluny terbiýeleýşi ýaly, Reb hem sizi terbiýeleýändir.
6 Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň ýolundan ýöräň we Ondan gorkuň, Onuň buýruklaryny ýerine ýetiriň.
7 Çünki Hudaýyňyz Reb sizi gowy ýurda getirýär. Ol ýerde çeşmeler, bulaklar, şeýle hem, jülgelerden we daglardan akýan ýerasty suwlary bardyr.
8 Ol ýerde bugdaý, arpa, üzüm, injir, nar, zeýtun agaçlary we bal bardyr.
9 Ol ýerde garnyňyz dok bolar, hiç zada zar bolmarsyňyz. Ol ýurduň daşlary demirden bolup, daglaryndan bolsa mis gazyp çykararsyňyz.
10 Siz iýip-içip doýanyňyzdan soň, özüňize gowy ýurt bereni üçin Hudaýyňyz Rebbe alkyş aýdarsyňyz».
11 «Şonuň üçin hem siz ägä boluň, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny, hökümleridir parzlaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwrüp, öz Hudaýyňyz Rebbi unutmaň.
12 Garnyňyz doýanynda, ýaşamak üçin kaşaň jaýlar guranyňyzda,
13 mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyz, altyn-kümşüňiz köpelip, ähli zatlaryňyza bereket inende,
14 gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Rebbi unudyp, tekepbirlik etmäň.
15 Beýik we elhenç çöllügiň içi bilen, zäherli ýylanly we içýanly gurak, tozap ýatan ýerlerden sizi Ol alyp geçdi. Kert gaýadan siziň üçin Ol suw çykardy.
16 Sizi Özüne boýun egdirmek üçin synaga salyp, iň soňunda size ýagşylyk etmek üçin, çölde ata-babalaryňyzyň görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi diňe Ol naharlady.
17 Siz öz-özüňize: „Men öz güýjüm bilen ýa-da öz golumyň gudraty bilen bu baýlygy topladym“ diýmäň.
18 Gaýtam, Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzda saklaň, çünki baýlyk toplamaga güýji Ol berýändir. Şonda Ol şu günki görşüňiz ýaly, ata-babalaryňyza wada eden ähtini tassyklar.
19 Eger siz Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzdan çykaryp, başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara sygynyp gulluk etseňiz, onda bu gün men size açyk duýdurýaryn, siz hökman heläk bolarsyňyz.
20 Reb siziň öňüňizden halklary ýok edişi ýaly, sizi hem heläk eder. Çünki siz Hudaýyňyz Rebbe gulak asmadyňyz». ‎




Chapter 9

1 «Eý, ysraýyl halky, gulak sal: indi siz Iordan derýasyndan geçip, özüňize görä güýçli we köp ilatly halklaryň ýerini mülk edip alarsyňyz. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr.
2 Bilşiňiz ýaly, bu güýçli we uzyn boýly halk anaklaryň nesilleridir. Siz olar hakda: „Anaklaryň garşysyna kim çykyp biler?“ diýlenini eşidensiňiz.
3 Bu gün muny bilip goýuň, ýakyp ýok edýän ot kimin Hudaýyňyz Rebbiň Özi siziň öňüňizden geçer. Rebbiň Özi olary gyryp, size boýun egdirer. Şonda Rebbiň söz berşi ýaly, siz olary kowup çykaryp, derrew ýok edersiňiz.
4 Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykaranda, siz öz-özüňize: „Reb dogruçyllygym sebäpli, meni bu ýurda mülk edinmek üçin getirdi“ diýmäň. Bu halklaryň erbetligi sebäpli, Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar.
5 Olaryň ýurduny eýelemegiňiz, siziň dogruçyldygyňyz ýa-da päk ýüreklidigiňiz üçin däldir. Bu halklaryň erbetdigi sebäpli, Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar. Şeýle hem, Reb muny ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba wadasyny ýerine ýetirmek üçin edýär.
6 Bilip goýuň, Hudaýyňyz Reb bu gowy ýurdy size dogruçyllygyňyz üçin berýän däldir, çünki siz boýnuýogyn halksyňyz.
7 Hudaýyňyz Rebbiň çölde nähili gaharyny getirendigiňizi ýadyňyza salyň we ony unutmaň. Müsür ýurdundan çykan günüňizden, tä bu ýere gelen günüňize çenli siz Rebbe garşy baş göterdiňiz.
8 Hatda siz Horepde Rebbiň gaharyny getirdiňiz. Rebbiň size şeýle bir gahary geldi, hatda Ol sizi ýok edip taşlamaga-da taýýardy.
9 Men iki ýasy daş bölegini almaga, ýagny Rebbiň siz bilen eden äht daşlaryny almaga daga çykanymda, men kyrk gije-gündizläp dagda boldum. Ol ýerde men ne çörek iýdim, ne-de suw içdim.
10 Reb maňa Öz eli bilen ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Dagda üýşen günüňiz Rebbiň oduň içinden aýdan ähli sözleri şol daşlaryň ýüzüne ýazylandy.
11 Kyrk gije-gündiz diýlende, Reb maňa iki ýasy daşy – äht daşlaryny berdi.
12 Soňra Reb maňa: „Bar, bu ýerden çalt aşak düş, çünki seniň Müsürden çykaryp getiren bu halkyň azgynçylyga baş urdy. Olar Meniň buýran ýolumdan gaty çalt çykdylar. Olar özlerine but ýasadylar“ diýdi.
13 Reb ýene-de maňa: „Men bu halkyň boýnuýogyndygyny gördüm.
14 Indi Meni olary ýok etmekden saklama, çünki Men olary ýok edip, olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaýyn-da, senden olara görä has güýçli we has köp sanly halk döredeýin“ diýdi.
15 Şeýlelikde, men dagdan aşaklygyna yzyma gaýtdym. Dag alawlap ýanýardy. Iki sany ýasy äht daş bölekleri hem elimdedi.
16 Soňra men siziň özüňize göläniň şekilinden but ýasap, Hudaýyňyz Rebbe garşy, dogrudan hem, günä edendigiňizi gördüm. Siz Rebbiň buýran ýolundan gaty çalt çykdyňyz.
17 Şonda men elimde saklap duran iki ýasy daş bölegini zyňyp goýberdim, olar siziň gözüňiziň alnynda çym-pytrak boldy.
18 Soňra men öňki ýaly ýüzin düşüp, kyrk gije-gündizläp Rebbiň huzurynda boldum. Ne çörek iýdim, ne-de suw içdim. Rebbiň nazarynda pis işleri edip, Onuň gaharyny getirmek bilen eden ähli günäleriňiz üçin men şeýle etdim.
19 Çünki Reb gazap atyna atlanyp, sizi ýok edip taşlar öýtdüm. Emma Reb ol gezegem meni diňledi.
20 Rebbiň Haruna hem gaty gahary gelipdi. Ol ony-da ýok etmäge taýýardy. Emma men şol wagtyň özünde Harun üçin hem towakga etdim.
21 Soňra men ýasan günäli butuňyz bolan göläni alyp, ony otda eretdim. Ony ýenjip, örän maýdaladym we dagdan akýan çeşmä sepip goýberdim.
22 Tabgerada-da, Masada-da, Kibrothatawada-da Rebbiň gaharyny getirdiňiz.
23 Reb size: „Baryň, Meniň size berýän ýurdumy eýeläň“ diýip, Kadeşbarneýadan sizi iberende, siz Hudaýyňyz Rebbiň buýrugyna garşy baş göterdiňiz, Oňa ne ynandyňyz, ne-de gulak asdyňyz.
24 Meniň sizi tanan günümden bäri, siz Rebbe garşy çykyp gelýärsiňiz.
25 Reb sizi ýok etmegi ýüregine düwende, men kyrk gije-gündizläp Onuň öňünde ýüzün düşüp ýatdym.
26 Men Rebbe ýüzlenip, şeýle dileg etdim: „Eý, Hökmürowan Reb, Öz saýlan aýratyn halkyňy ýok etme. Sen olary Öz beýikligiň bilen gulçulykdan azat edip, gudratly goluň bilen Müsürden çykaryp getirdiň.
27 Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ýakuby ýadyňa sal. Bu halkyň boýnuýogyndygyna, erbetligine we günäsine üns berme.
28 Ýogsam, Seniň bizi alyp çykan ýurduňdaky adamlar bize: ‘Reb olary söz beren ýerine getirip bilmedi. Reb olary ýigrenýändigi sebäpli, çölde öldürmek üçin Müsürden çykaryp getiripdir’ diýerler.
29 Çünki bu Seniň beýik gudratyň we güýjüň bilen Müsürden çykaryp getiren Öz saýlan aýratyn halkyňdyr“». ‎




Chapter 10

1 «Şol wagt Reb maňa: „Ýene-de öňkä meňzeş edip, iki ýasy daş bölegini we olary goýar ýaly bir sandyk ýasa. Soňra Meniň ýanyma – daga çyk.
2 Men bu daşlaryň ýüzüne seniň öňki kül-peýekun eden daşlaryňyň ýüzündäki sözleri ýazjak. Sen olary sandyga salyp goý“ diýdi.
3 Şeýdip, men akasiýa agajyndan sandyk ýasadym we öňkä meňzeş, iki sany ýasy daş bölegini ýasap, daga çykdym. Ol iki ýasy daş bölegi hem elimdedi.
4 Soňra Reb dagda üýşen günüňiz ot içinden size aýdan on tabşyrygyny edil öňkä meňzeş sözler bilen bu iki daşyň ýüzüne ýazyp, maňa berdi.
5 Men dagdan aşak düşdüm we daşlary sandyga saldym. Rebbiň maňa buýruşy ýaly, daşlar häzir hem ol ýerde dur».
6 Ysraýyllar Beýerot-beneýagakandan gaýdyp, Mosera geldiler. Ol ýerde Harun öldi we ony şol ýerde jaýladylar. Onuň ýerine onuň ogly Elgazar ruhany boldy.
7 Ol ýerden olar Gudgoda geldiler. Gudgodadan bolsa akyp duran çeşmeli Ýotbata diýen ýere ýöriş etdiler.
8 «Şol mahal Reb: „Äht sandygymy götersinler, huzurymda gurbanlyklar hödürläp hyzmat etsinler, Meniň adymdan pata bersinler“ diýip, lewi tiresini saýlady. Olar şu güne çenli hem şeýle edýärler.
9 Şonuň üçin hem Lewiniň öz ysraýyl doganlarynyňky ýaly ýer paýy ýa-da mülki ýokdur. Hudaýyňyz Rebbiň oňa söz berşi ýaly, Rebbiň Özi onuň mirasydyr.
10 Edil birinji gezekdäki ýaly, men dagda kyrk gije-gündizläp galdym. Bu gezek hem Reb meni diňledi. Reb sizi ýok etmek pikirinden el çekdi.
11 Reb maňa: „Tur, bu halka baş bol, ýörişiňizi dowam ediň. Olar Meniň ata-babalaryna wada eden ýurduma baryp, ony mülk edinsinler“ diýdi».
12 «Indi, eý Ysraýyl, Hudaýyňyz Reb sizden näme talap edýär? Hudaýyňyz Reb sizden Özünden gorkmagyňyzy, diňe Onuň ýolundan ýöräp, Ony söýmegiňizi, tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen Hudaýyňyz Rebbe gulluk etmegiňizi isleýär.
13 Şeýle hem, gowy günler görmegiňiz üçin, Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklarydyr parzlaryny ýerine ýetiriň.
14 Şeýle-de gök, gökleriň gögi, ýer ýüzi we onuň üstündäki ähli zatlar Hudaýyňyz Rebbiňki bolsa-da,
15 Reb diňe siziň ata-babalaryňyzy ýürekden söýdi we bu günki görşüňiz ýaly, ähli halklaryň arasyndan olaryň soňky nesilleri bolan sizi saýlady.
16 Siz özüňizi sünnet etmek bilen birlikde tutuş ýüregiňizi-de Rebbe bagyş ediň we mundan buýana boýnuýogynlygyňyzy goýuň.
17 Çünki siziň Hudaýyňyz Reb hudaýlaryň Hudaýy, taňrylaryň Taňrysydyr. Ol beýik Hudaýdyr, gudratly we haýbatlydyr. Ol tarapgöýlük etmeýär we para almaýar.
18 Ol ýetimiň we duluň hakyny alyp berýär. Gelmişekleri gowy görüp, olary iýmit we geýim-gejim bilen üpjün edýär.
19 Siz hem gelmişekleri gowy görmelisiňiz, çünki siziň özüňiz hem Müsürde gelmişek bolupdyňyz.
20 Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.
21 Ol siziň şöhratyňyzdyr. Öz gözüňiz bilen gören äpet we elhenç alamatlaryny siziň üçin görkezen Hudaýyňyz Oldur.
22 Siziň ata-babalaryňyz Müsüre gidende ýetmiş adamdy. Ine, häzir bolsa Hudaýyňyz Reb siziň sanyňyzy asmandaky ýyldyzlar deý köpeltdi». ‎




Chapter 11

1 «Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Onuň buýruklaryny, parzlarydyr hökümlerini we tabşyryklaryny hemişe ýerine ýetiriň.
2 Bu gün şuny ýatda saklaň, men şuny Hudaýyňyz Rebbiň terbiýesini görmedik-bilmedik çagalaryňyza aýdýaryn: çünki siziň çagalaryňyz Rebbiň beýikligini, Onuň gudrat-güýjüni,
3 Müsürde onuň patyşasy fyrowna hem onuň tutuş ýurduna görkezen alamatlarydyr gudratlaryny,
4 Müsür goşuny atlary we arabalary bilen siziň yzyňyzdan kowup gaýdanynda, şu gün görşüňiz ýaly, Gyzyl deňzinde olary Rebbiň nähili gark edenini,
5 bu ýere ýetip gelýänçäňiz, çölde size Rebbiň nämeler edenini,
6 ruben tiresinden Eliýabyň agtyklary Datana bilen Abyrama Rebbiň näme edenini, ýagny ähli ysraýyllaryň arasynda ol ikisini, tutuş hojalygy, çadyrlary we olara degişli ähli janly-jandary bilen bile ýeriň agzyny açyp, nähili ýuwdanyny görmediler.
7 Emma siz Rebbiň görkezen bu beýik gudratlarynyň ählisini öz gözüňiz bilen gördüňiz.
8 Bu gün men size Rebbiň ähli buýruklaryny ýetirýärin, siz olary berjaý ediň. Şonda siz güýçlenersiňiz we Iordan derýasyndan geçip, eýelemäge barýan ýurduňyzy mülk edinersiňiz.
9 Rebbiň ata-babalaryňyza we olaryň nesillerine bermegi wada eden süýt we bal akýan ýurdunda uzak ömür sürersiňiz.
10 Çünki siziň gidip, mülk edinjek ýurduňyz Müsür ýurdy ýaly däldir. Siz Müsürde ýere tohum ekip, gök-bakja ideg eden ýaly, ony zor aýakdan suwarardyňyz.
11 Emma siziň gidip mülk edinjek ýurduňyzda daglar we jülgeler bardyr. Topragy asmandan ýagýan ýagyş suwarýar.
12 Ol ýeriň aladasyny edýän Hudaýyňyz Rebdir. Ýylyň başyndan tä ahyryna çenli Hudaýyňyz Rebbiň gözi hemişe ol ýerdedir.
13 Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän her bir buýrugyna gulak goýup, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen Oňa gulluk etseňiz,
14 Ol siziň topragyňyza her güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz wagtynda ýagdyrar. Siz dänäňizi, şerabyňyzy we ýagyňyzy ýygnarsyňyz.
15 Şeýle hem, Ol mal-garalaryňyz üçin ekin meýdanlaryňyzda ot gögerder. Siziň garnyňyz dok bolar.
16 Ýöne seresap boluň, aldanyp ýoldan çykaýmaň, başga hudaýlara sygynyp gulluk edäýmäň.
17 Ýogsam size Rebbiň gahary gelip, Ol asmany ýapyp taşlar. Şonda hiç hili ýagyş ýagmaz we ýeriňiz hasyl bermez. Rebbiň size berýän gowy ýurdunda siz tiz heläk bolarsyňyz.
18 Rebbiň bu sözlerini ýüregiňize hem kalbyňyza siňdiriň. Olary bellik hökmünde eliňize dakyň, maňlaýyňyza nyşan edip belläň.
19 Bulary çagalaryňyza hem öwrediň, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňyzda-turanyňyzda-da diňe şular hakda sözläň.
20 Olary jaýyňyzyň gapylarynyň söýelerine we derwezelerine ýazyp goýuň.
21 Şonda Rebbiň ata-babalaryňyza bermegi wada eden ýurdunda siziň çagalaryňyz we özüňiz asmanyň astynda we ýeriň üstünde näçe gün bar bolsa, şonça-da ömür sürersiňiz.
22 Hudaýyňyz Rebbi söýüp, Onuň ýolundan ýöräp, Oňa bil baglap, meniň size berýän bu buýruklarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirseňiz,
23 Reb bu halklaryň hemmesini siziň öňüňizden kowup çykarar. Siz özüňizden güýçli we köp sanly halklary kowup çykararsyňyz.
24 Aýak basan her bir ýeriňiz siziňki bolar. Siziň ýeriňiz çöllükden Liwana çenli, beýik Perat derýasyndan Günbatar deňzine çenli uzalar.
25 Garşyňyzda hiç kim durup bilmez. Özüniň söz berşi ýaly, Hudaýyňyz Reb siziň aýak basjak ähli ýeriňize gorky we howsala salar.
26 Seret, bu gün men siziň öňüňizde alkyş we nälet goýaryn:
27 Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýruklaryna boýun egseňiz alkyş alarsyňyz.
28 Emma özüňize nätanyş bolan başga hudaýlaryň yzyna eýerip, Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýruklaryndan ýüz öwrüp, olara boýun egmeseňiz, onda siz näletlenersiňiz.
29 Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Gerizim dagynda alkyş aýdarsyňyz, Eýbal dagynda bolsa nälet okarsyňyz.
30 Siziň bilşiňiz ýaly, bu iki dag Iordanyň we günbatar ýoluň aňyrsyndadyr. Olar Araba düzlüginde ýaşaýan kenganlaryň ýerindäki Gilgal galasynyň garşysynda, Moreniň dub agaçlarynyň ýanyndadyr.
31 Siz Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size berýän ýerini eýelemäge gideniňizde we ony eýeläp, ol ýerde ýaşanyňyzda,
32 meniň üstüm bilen bu günki siziň öňüňizde Rebbiň goýan ähli parzlaryny we hökümlerini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz». ‎




Chapter 12

1 «Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size eýelemäge beren ýurdunda bütin ömrüňiziň dowamynda yhlas bilen berjaý etmeli parzlaryňyz we hökümleriňiz şulardyr:
2 siziň kowup çykarjak milletleriňiziň öz hudaýlaryna hyzmat edýän beýik daglarynyň depesindäki, baýyrlyklardaky we her bir ýaprakly agajyň astyndaky ähli ýerlerini ýykyp ýumruň.
3 Olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny oda ýakyň. Olaryň hudaýlarynyň butlaryny parçalap, olaryň adyny ol ýerden ýok ediň.
4 Siz Hudaýyňyz Rebbe bu milletleriň ýoly bilen sežde etmeli dälsiňiz.
5 Emma Hudaýyňyz Reb ähli tireleriň arasynda Özüne ybadat edilmegi üçin ýer saýlar we siz şol ýeri gözläp taparsyňyz. Siz ol ýere baryň,
6 we özüňiziň ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, 'hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, aýdan sadakalaryňyzy, meýletin sadakalaryňyzy we mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny eltiň.
7 Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň.
8 Bu gün biziň bu ýerdäki hereket edişimiz ýaly, hereket etmeli dälsiňiz. Biziň hemmämiz öz islegimize görä hereket edýäris.
9 Çünki siz entek Hudaýyňyz Rebbiň salamatlyk we mülk berjek ýerine baryp ýetmediňiz.
10 Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde ýaşanyňyzda, daş-töweregiňizdäki ähli duşmanlaryňyzdan Reb size parahatçylyk alyp berer we siz howpsuz ýaşarsyňyz.
11 Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýerine meniň buýran ähli zatlarymy getiriň. Olar şu zatlardyr: ýakma gurbanlyklaryňyz, mal sadakalaryňyz, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyz, Rebbe göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyz.
12 Siz ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz we galalaryňyzda ýaşaýan lewiler bilen bile Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp baýram ediň (çünki siziň araňyzda lewileriň ýer paýy ýa-da mülki ýokdur).
13 Seresap boluň, ýakma gurbanlyklaryňyzy islän ýeriňizde berip ýörmäň.
14 Siz ony tireleriňiziň içinde diňe Rebbiň saýlajak ýerinde beriň. Siz ol ýerde ýakma gurbanlyklaryňyzy berip, meniň buýurýan ähli zatlarymy ýerine ýetirersiňiz.
15 Muňa garamazdan, Hudaýyňyz Rebbiň beren berekedine görä, ýaşaýan ýeriňizde islän wagtyňyz mal öldürip, etini iýip bilersiňiz. Ol keýik bolsun ýa-da sugun, parhy ýok, ondan haram adam hem, tämiz adam hem iýip biler.
16 Emma siz ol maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň.
17 Galalaryňyzda hiç biriňiz dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny, göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy, meýletin we üwreme sadakalaryňyzy iýmeli dälsiňiz.
18 Bulary Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň saýlajak ýerinde ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen we galalaryňyzda ýaşaýan lewiler bilen bile iýiň. Öz eden ähli işleriňiz üçin Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyň.
19 Ol ýerde lewileri äsgermezlik etmekden ömürboýy ägä boluň.
20 Hudaýyňyz Reb Özüniň söz berşi ýaly, siziň ýerleriňizi giňeldende, seniň et iýesiň gelip: „Men et iýjek“ diýseň, sen islän wagtyň et iýip bilersiň.
21 Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýeri sizden daş bolsa, meniň buýruşym ýaly, Rebbiň size beren mal-garalarydyr dowarlaryndan soýuň. Olary siz galalaryňyzda islän wagtyňyz iýip bilersiňiz.
22 Şeýle hem, ol keýik bolsun ýa-da sugun, parhy ýok, ondan haram adam hem, tämiz adam hem iýip biler.
23 Emma gaty seresap boluň, eti gany bilen iýmeli dälsiňiz, çünki gan – bu jandyr. Siz gany et bilen iýmeli dälsiňiz.
24 Eti gany bilen iýmäň, onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň.
25 Eti gany bilen iýmäň, şonda sizden soňky çagalaryňyz hem, siziň özüňiz hem gowy günler görersiňiz, sebäbi siz Rebbiň nazarynda dogry işler edýärsiňiz.
26 Emma siz bagyş eden zatlaryňyzy we aýdan sadakalaryňyzy Rebbiň saýlajak ýerine getiriň.
27 Ýakma gurbanlyklaryňyzyň ganyny hem, etini hem Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasyna getiriň. Başga berýän gurbanlyklaryňyzyň ganyny hem Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasyna döküň, ýöne olaryň etini iýip bilersiňiz.
28 Meniň size bu günki buýurýan bu sözlerimiň ählisine gulak goýup, berjaý ediň, şonda sizden soňky çagalaryňyz hem, siziň özüňiz hem gowy günler görersiňiz. Sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda gowy we dogry işler edýärsiňiz.
29 Hudaýyňyz Reb siziň eýelejek ýeriňizdäki halklary siziň öňüňizden ýok edende we olary kowup çykaryp, ýerine özüňiz ornaşanyňyzda
30 ägä boluň. Olar siziň öňüňizden ýok edilenden soň hem, olaryň bolşy ýaly duzaga düşäýmäň. „Bu halklar hudaýlaryna nädip sežde edýärler? Biz hem şeýle ederis“ diýip, olaryň hudaýlaryna degişli soraglar bermäň.
31 Siz Hudaýyňyz Rebbe munuň ýaly sežde etmäň, sebäbi olar öz hudaýlaryna Rebbiň ýigrenýän nejis işleriniň ählisini edýärler. Olar hatda hudaýlaryna öz ogullarydyr gyzlaryny oda ýakýarlar.
32 Meniň buýranlarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Olaryň üstüne hiç zat goşmaň hem, olardan hiç zat aýyrmaň hem». ‎




Chapter 13

1 «Eger araňyzdan pygamberler ýa-da düýş ýorujylar peýda bolup, alamat ýa-da mugjyza görkezseler,
2 ol alamat ýa-da mugjyza ýerine düşse we olar size: „Geliň, keseki hudaýlaryň yzyna eýereliň, olara sygynyp gulluk edeliň“ diýseler,
3 siz ol pygamberleriň ýa-da düýş ýorujylaryň gepine gulak asmaň. Çünki Hudaýyňyz Reb, hakykatdan hem, Özüni tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen söýýändigiňizi ýa-da söýmeýändigiňizi bilmek üçin sizi synap görýär.
4 Hudaýyňyz Rebbiň yzyna eýeriň, diňe Ondan gorkuň, Onuň buýruklaryny ýerine ýetiriň, Oňa gulak asyň, gulluk ediň, Oňa bil baglaň.
5 Sizi Müsürden çykaryp getiren, gulçulykdan azat eden Hudaýyňyz Rebbiň garşysyna dönüklik edip sözländigi üçin we Hudaýyňyz Rebbiň buýran ýolundan çykandygy üçin, şol pygamberi ýa-da düýş ýorujyny ölüme höküm ediň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.
6 Eger kimde-kim, hatda öz erkek doganyňyz, ejeňiziň ogly, ýa-da öz ogul-gyzyňyz, söýgüli aýalyňyz, iň ýakyn dostuňyz: „Geliň, gidip, başga hudaýlara gulluk edeliň“ diýip, ne özüňiziň, ne-de ata-babalaryňyzyň tanaýan hudaýlaryna, ýeriň bu ujundan ol ujuna çenli bolan, daş-töweregiňizdäki size ýakyn ýa-da uzakda ýerleşýän halklaryň hudaýlaryna gizlinlikde sizi aldap yrmakçy bolsalar,
8 siz beýle adamlar bilen razylaşmaň, olara gulak asmaň. Olara geçirimlilik etmäň ýa-da rehimiňiz inip, olary goramaň.
9 Gaýtam, olary hökman öldüriň. Olary ilki öz eliňiz bilen daşlaň, soňra bütin halk jezalandyrsyn.
10 Gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Rebden ýüz öwürtmäge synanyşandyklary üçin, olary daşlap öldüriň.
11 Soňra ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar we gaýdyp munuň ýaly erbetlik etmezler.
12 Hudaýyňyz Rebbiň size ýaşamaga berjek galalarynyň birinde araňyzdan erbet adamlar çykyp,
13 galanyň ýaşaýjylaryny tanamaýan hudaýlaryna gulluk etmäge çagyryp, olary ýoldan çykarmakda baş bolandyklaryny eşitseňiz,
14 yzarlap derňäň we gowy sorag-ideg ediň. Eger günäkärlenme dogry tapylyp, bu nejis iş araňyzda edilen bolsa,
15 galanyň ýaşaýjylaryny gylyçdan geçiriň. Ondaky ähli zatlary bütinleý ýok ediň, hatda mal-garalaryny-da gyryň.
16 Ondan alnan ähli oljany meýdanda bir ýere ýygnaň. Soňra galany we ondan alnan ähli oljany Hudaýyňyz Rebbe başbitin ýakma gurbanlygy hökmünde oda ýakyň. Ol ýer hemişelik harabaçylyga öwrülsin, hiç haçan täzeden gurulmasyn.
17 Rebbe aýry goýulandygy üçin ýakylmaly zatlaryň hiç biri eliňde bolmasyn. Şonda Reb gahar-gazabyndan köşeşip, size rehimdarlyk eder. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň nazarynda dogry işleri etseňiz we Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, onda Ol ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, Özüniň rehimdarlygy bilen sizi köpeltjekdir». ‎




Chapter 14

1 «Siz Hudaýyňyz Rebbiň perzentlerisiňiz. Siz öli üçin bedeniňize ýara salmaň we maňlaý saçyňyzy gyrkmaň.
2 Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden sizi saýlady».
3 «Siz haram hasaplanýan haýwanlaryň hijisini iýmeli dälsiňiz.
4 Siz ine, şu haýwanlaryň etini iýip bilersiňiz: öküz, goýun, geçi,
5 keýik, sugun, jeren, ýabany geçi, dag tekesi, saýgak we dag goçy.
6 Toýnagy ýarykly we gäwüş gaýtarýan her bir haýwanyň etini iýip bilersiňiz.
7 Emma düýäni, towşany, atýalmany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarsalar hem, toýnagy ýarykly däldirler, olar siziň üçin haramdyr.
8 Şeýle hem doňuz, hatda onuň toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu siziň üçin haramdyr. Siz olaryň etini iýmäň we läşini-de ellemäň.
9 Suwda ýaşaýan ähli jandarlaryň: ýüzgüçlilerini we teňňelilerini iýip bilersiňiz.
10 Ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlary iýmäň. Olar siziň üçin haramdyr.
11 Halal hasaplanýan ähli guşlary iýip bilersiňiz.
12 Emma ine şu guşlaryň etini iýmeli dälsiňiz: bürgüdiň, garaguşuň, deňiz bürgüdiniň,
13 gyrgynyň, çaýçaňňalagyň, laçynyň hiç bir görnüşini;
14 garganyň hiç bir görnüşini;
15 düýeguşuň, hüwiniň, çarlagyň, gyrgynyň hiç bir görnüşini;
16 baýguşuň, ibisiň, guwuň;
17 gotanyň, dazzarkeliň, jüptüniň;
18 leglegiň, hokgaryň hiç bir görnüşini, hüýpüýpigi we ýarganaty iýmeli dälsiňiz.
19 Ähli ganatly mör-möjekler siziň üçin haramdyr. Olary iýmeli dälsiňiz.
20 Halal hasaplanýan her bir ganatly jandary iýip bilersiňiz.
21 Haram ölen haýwanlaryň hiç biriniň etini iýmäň. Olary galalaryňyzda ýaşaýan gelmişeklere iýmäge beriň, keseki ýurtlulara satyň. Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».
22 «Her ýyl meýdanlaryňyzda ýetişen hasylyň ondan bir bölegini aýra goýup,
23 dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, şeýle hem mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde iýersiňiz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebden hemişe gorkmagy öwrenersiňiz.
24 Emma Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýeri sizden uzak bolup, Hudaýyňyz Rebbiň size bereket beren zatlarynyň ondan bir paýyny uzak ýoldan getirmeli bolsaňyz,
25 onda bu zatlary satyp, pula öwrüň. Puly alyň-da, Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine gidiň.
26 Puluňyzy islän zadyňyza sarp ediň: öküz, goýun, meý ýa-da şerap – göwnüňiziň islän zadyny alyň. Ony Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda iýip, tutuş hojalygyňyz bilen bile şatlanyp, baýram ediň.
27 Galalaryňyzda ýaşaýan lewileri äsgermezlik etmäň, sebäbi olaryň siziňki ýaly ýer paýy ýa-da mülki ýokdur.
28 Her üçünji ýylyň ahyrynda ýeriňizden önýän önümlerden şol ýyl üçin tutuş ondan birini beriň we olary galalaryňyzda ýygnap goýuň.
29 Siziňki ýaly ýer paýy we mülki ýok lewiler, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekler, ýetimler we dullar gelip, ondan iýip doýsunlar. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň etjek ähli işleriňize bereket berer». ‎




Chapter 15

1 «Her ýedinji ýylyň ahyrynda özüňizden alnan karzlary geçiň.
2 Karzlaryňyzy ötmegiň ýoly şeýledir: her bir ysraýylly öz ysraýyl doganynyň karzyny geçsin. Ondan karzyny bermegi talap etmesin, çünki karz geçmekligi Rebbiň Özi yglan etdi.
3 Keseki ýurtludan karzyňy sorap bilersiň, emma öz ysraýyllyňyň karzyny geç.
4 Diňe Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb mülk edip berjek ýerinde size bereket berer. Siziň araňyzda mätäç bolmasyn.
6 Hudaýyňyz Reb söz berşi ýaly, size bereket berende, köp halklara karz berersiňiz, emma özüňiz karz almarsyňyz. Köp halklaryň üstünden siz hökümdarlyk sürersiňiz, emma olar siziň üstüňizden hökümdarlyk sürmezler.
7 Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerindäki galalarda ysraýyl doganyňyzyň biri mätäçlik çekse, doň ýürek bolmaň, zada mätäç doganyňyz üçin eliňizde baryny aýamaň.
8 Onuň üçin eliňizi açyň, oňa näme gerek bolsa ýeterlikçe karz beriň.
9 Seresap boluň, kalbyňda erbet pikir bolmasyn. Siz: „Ýedinji ýyl – karz geçiş ýyly golaý“ diýip, açgözlük edip, mätäç ysraýyl doganyňyza hiç zat bermän goýmaň. Ýogsam, doganyňyz siziň garşyňyza Rebbe dady-perýat eder we siz ýazykly bolarsyňyz.
10 Siz karz bereniňizde, eliňiz hem, göwnüňiz hem açyk bolsun, çünki Hudaýyňyz Reb şonuň hasabyna siziň ähli işleriňize we her bir başlan işiňize bereket berer.
11 Ýer ýüzünde hemişe ýeter-ýetmezler bolar. Şonuň üçin hem, men size: „Ýerleriňizde ýaşaýan garyplara we mätäç ysraýyl doganlaryňyza eliňiz giňden açyk bolsun“ diýýärin».
12 «Eger öz ýewreý, ýagny ysraýyl doganlaryňyzdan gul ýa-da gyrnak size satylsa, olar size alty ýyllap hyzmat eder. Ýedinji ýyl siz ony azatlyga goýbermelisiňiz.
13 Guluňyzy azatlyga goýbereniňizde, siz ony eli boş goýbermeli dälsiňiz.
14 Sürüleriňizden, harmanyňyzdan we şerabyňyzdan oňa jomartlyk bilen beriň, şeýle hem Hudaýyňyz Rebbiň bereket eçilip, size beren zatlaryndan oňa sowgatlar beriň.
15 Müsürde özüňiziň hem gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyza salyň. Şol sebäpli bu gün men size bu buýrugy berýändirin.
16 Emma siziň guluňyz: „Men sizden gitjek däl, sebäbi men seni we hojalygyňy söýýärin we gün-güzeranym hem gowy“ diýse,
17 bir temen alyp, onuň gulagyny gapa diräp deşiň. Soňra ol siziň hemişelik guluňyz bolar. Gyrnagyňyzy hem şeýle ediň.
18 Gullaryňyzy azatlyga goýbereniňizde gynanmaň, çünki olar alty ýylyň içinde talabançylyk üçin alnan bahadan iki esse artyk hyzmat etdiler. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň ähli işleriňize bereket berer».
19 «Mal-garalardyr dowarlaryňyzyň ilkinji guzlan erkegini Hudaýyňyz Reb üçin aýryp goýuň. Sygryňyzyň ilkinji gölelän öküzçesine iş etdirmäň, dowaryňyzyň ilkinji guzlan goçuny gyrkmaň.
20 Siz hojalygyňyz bilen bile olary her ýyl Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, Onuň saýlajak ýerinde iýersiňiz.
21 Bu mallaryň biri şikesli bolsa, ýagny çolak ýa-da kör bolup, şikesi uly bolsa, ony Hudaýyňyz Rebbe gurban etmäň.
22 Keýigi ýa-da suguny iýişleri ýaly, ony ýaşaýan ýeriňizdäki haram adam hem, tämiz adam hem iýibersin.
23 Ýöne siz maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Gany suw döken ýaly edip, ýere döküň». ‎




Chapter 16

1 «Abyp aýynda Hudaýyňyz Rebbiň hormatyna Pesah baýramyny beriň. Çünki Hudaýyňyz Reb sizi Müsürden Abyp aýynda gije çykaryp getirdi.
2 Reb Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde dowarlaryňyzdan we mal-garalaryňyzdan Hudaýyňyz Rebbe Pesah gurbanlygyny beriň.
3 Gurbanlyk etini hamyrmaýaly çörek bilen iýmeli däldir. Ony ýedi günläp petir bilen, ýagny ezýet çöregi bilen iýiň. Çünki siz Müsürden howlukmaç çykyp gaýtdyňyz. Şonuň üçin hem Müsürden çykyp gaýdan günüňizi ömürboýy ýatlarsyňyz.
4 Ýedi günüň dowamynda ýaşaýan ýeriňizde hiç hili hamyrmaýa görünmesin. Birinji güni ikindinara öldüren gurbanlygyyňyzyň etinden ertire hiç zat galmasyn.
5 Pesah gurbanlygyny bermäge Hudaýyňyz Rebbiň size berjek galalarynyň hemmesinde rugsat berilmeýär.
6 Ony Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde beriň. Pesah gurbanyny diňe şol ýerde, Müsürden çykan günüňizdäki wagtda, agşamara Gün ýaşar wagtlary beriň.
7 Siz ony Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerinde bişirip iýiň. Ertesi güni yzyňyza – çadyrlaryňyza gaýdyberiň.
8 Alty günläp hamyrmaýasyz çörek iýiň, ýedinji gün bolsa Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes ýygnanyşyk ediň, başga hiç iş etmäň».
9 «Bugdaý orup başlan ilkinji günüňizden başlap, ýedi hepdäni sanaň.
10 Soňra Hudaýyňyz Reb üçin Gyzyl kerwen baýramyny belläň. Hudaýyňyz Rebbiň özüňize beren berekedine görä meýletin sadakaňyzy getiriň.
11 Siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, şeýle hem araňyzdaky gelmişekler, ýetimler we dullar Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde şatlansynlar.
12 Özüňiziň hem Müsürde gul bolandygyňyzy ýatlap, şu parzlary yhlas bilen ýerine ýetiriň».
13 «Däne we üzüm hasylyňyzy ýygnanyňyzdan soň, ýedi günläp Çatma baýramyny belläň.
14 Bu baýramçylykda siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, gelmişekler, ýetimler we dullar – hemmäňiz bile şatlanyň.
15 Rebbiň saýlajak ýerinde ýedi günläp Hudaýyňyz Reb üçin şu baýramy belläň. Çünki Hudaýyňyz Reb siziň hasylyňyza we başlan her bir işiňize bereket berer. Şonuň üçin siz bu baýramda doly şatlanyp bilersiňiz.
16 Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek: Petir baýramynda, Gyzyl kerwen baýramynda we Çatma baýramynda Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna – Onuň Öz saýlajak ýerine gelsinler. Olaryň hijisi Rebbiň huzuryna eli boş barmasyn.
17 Her biriňiz Hudaýyňyz Rebbiň beren berekedine görä sowgatlar eltiň».
18 «Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek galalarynda tireleriňiziň arasyndan kazylar we baştutanlar belläň. Olar halkyň hal-ýagdaýyny adalatly çözsünler.
19 Adalatsyzlyk, tarapgöýlük etmäň, para almaň. Para danalygyň gözüni kör eder we dogry kişiniň nädogry karar çykarmagyna sebäp bolar.
20 Adalatyň, diňe adalatyň gözleginde boluň, şonda siz ýaşap, Hudaýyňyz Rebbiň berjek ýurduny mülk edinersiňiz».
21 «Hudaýyňyz Reb üçin öz ýasan gurbanlyk sypaňyzyň ýanynda Aşera buty hökmünde agaç dikmäň.
22 Şeýle hem özüňize dikme daşlary gurmaň, çünki bu zatlar Hudaýyňyz Rebbiň ýigrenýän zatlarydyr». ‎




Chapter 17

1 «Hudaýyňyz Rebbe ýetmezli, şikesli öküzi ýa-da goýny gurban etmäň. Çünki bu Hudaýyňyz Rebbe nejislikdir.
2 Hudaýyňyz Rebbiň berjek galalarynda araňyzdan Onuň nazarynda pis iş edýän erkek ýa-da aýal tapylyp, ol başga hudaýlara gulluk edip, Rebbiň gadagan eden zatlary bolan Güne, Aýa ýa-da her hili asman jisimlerine sežde edip, Rebbiň ähtini bozmagy mümkin.
4 Bu hakda size habar berilse, siz ony derňäp, gowy sorag-ideg ediň. Eger günäkärlenme dogry tapylyp, şeýle nejis iş Ysraýylda edilen bolsa,
5 onda siz günä eden erkegi ýa-da aýaly derwezäniň daşyna getirip, erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, ony daşlap öldüriň.
6 Ölüme höküm edilen adamy iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen öldüriň. Diňe bir şaýadyň güwäsi bilen öldürmäň.
7 Ölüm höküm edileni ilki şaýatlar öz elleri bilen daşlasynlar, soňra ähli halk daşlap öldürsin. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň».
8 «Galalaryňyzda gandar bilen ar alyjynyň arasyndaky gan döküşikli dawalar, hak-hukugyň üstünde ýa-da uruşda siziň üçin çözmesi kyn dawalar ýüze çyksa, Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine baryň.
9 Ol ýerde siz lewi ruhanylary we şol döwürde hyzmat edýän kazylar bilen maslahatlaşyň. Olar size her dawanyň çözgüdini mälim ederler.
10 Rebbiň saýlajak ýerindäki aýdylan çözgüt boýunça iş tutuň. Olaryň size beren görkezmeleriniň hemmesini yhlas bilen ýerine ýetiriň.
11 Olar size näme tabşyrsa, berjaý ediň, çykarylan höküm boýunça iş tutuň. Özüňize aýdylan çözgütden saga-da, çepe-de sowulmaň.
12 Kimde-kim Hudaýyňyz Rebbiň Özüne hyzmat etmek üçin bellän ruhanysyna ýa-da kazysyna tekepbirlik edip boýun egmese, ol adam ölüme höküm edilsin. Şeýdip, siz Ysraýyldan pisligi aýryp taşlaň.
13 Bütin halk muny eşidip gorkar we mundan buýana hyýanatçylyk etmezler».
14 «Siz Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduny mülk edinip, ol ýerde ornaşanyňyzda: „Biz hem daş-töweregimizdäki beýleki halklar ýaly özümize patyşa saýlalyň“ diýersiňiz.
15 Siz özüňize diňe Hudaýyňyz Rebbiň saýlan adamyny patyşa edip belläň. Saýlan patyşaňyz öz ysraýyl doganlaryňyzyň biri bolsun. Ysraýyl doganyňyzdan bolmadyk keseki ýurtlyny özüňize patyşa saýlamaň.
16 Patyşa özi üçin köp at edinmesin ýa-da özüne köp at edinmek üçin, yzyna Müsüre adamlaryny ibermesin. Çünki Reb size: „Indi siz hiç haçan yzyňyza dolanmarsyňyz“ diýipdi.
17 Ýüreginiň Rebden dönmezligi üçin, patyşa özüne köp aýal, şeýle hem, köp möçberde altyn-kümüş edinmesin.
18 Ol şalyk tagtynda oturanda, lewi ruhanylarynda saklanýan Hudaýyň Kanunynyň täze göçürmesini alsyn.
19 Goý, ol bu Kanunyň göçürmesini ýanynda saklasyn we ony ömrüniň ähli günlerinde okasyn. Şonda ol öz Hudaýy Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirer.
20 Ol özüni beýleki ysraýyl doganlaryndan ýokary saýmasyn we bu buýrukdan saga-da, çepe-de sowulmasyn. Şonda onuň özüniň we nesilleriniň şalygy Ysraýylda uzak ýyllar höküm sürer». ‎




Chapter 18

1 «Lewi ruhanylary, tutuş lewi tiresi ysraýyllar bilen birlikde ýer paý ýa-da mülk almazlar. Olar Rebbiň paýy diýlip berilýän gurbanlyklardan iýip bilerler.
2 Halkyň beýleki tireleriniňki ýaly, ysraýyl doganlarynyň arasynda olaryň mülki ýokdur. Söz berşi ýaly, Rebbiň Özi olaryň mirasydyr.
3 Halk öküzini ýa-da goýnuny Rebbe gurban etmek üçin getirende, olardan ruhanylara şular degişlidir: malyň bir öň aýagy, iki äňi we garny.
4 Ilkinji däne hasylyňyzy, ilkinji täze şeraby we zeýtun ýagyny, şeýle hem, goýnuňyzyň ilkinji gyrkymyny ruhana bermelisiňiz.
5 Çünki Hudaýyňyz Reb Öz adyndan halka hyzmat etmek üçin, ähli tireleriňiziň içinden Lewini we onuň ogullaryny hemişelik ruhany edip saýlady.
6 Eger lewi tiresinden biri Ysraýylda öz ýaşaýan galasyny taşlap, Rebbiň saýlajak ýerine barsa (ol islän wagty baryp bilýär),
7 ol ýerde Rebbiň huzurynda durup hyzmat edýän ähli lewi doganlary ýaly, Hudaýy Rebbiň adyndan hyzmat etsin.
8 Öý goşlaryny satyp alan girdejisine garamazdan, onuň iýmäge deň paýy bardyr».
9 «Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduna baranyňyzda, ol halklaryň nejis adatlaryny berjaý etmegi öwrenmäň.
10 Siziň araňyzda hiç kim ogluny ýa-da gyzyny oda ýakyp, gurbanlyk bermesin. Palçylyk etmäň, müneçjim ýa-da bilgiç bolmaň, jadygöýlik etmäň.
11 Şeýle hem, hiç biriňiz gözbagçylyk edip, arwah-jynlar ýa-da ruhlar bilen maslahatlaşmaň, ýa-da çözgüdiň jogabyny ölülerden gözlemäň.
12 Çünki bu işleri edýänler Reb üçin nejisdir. Ine, şu nejis işleri üçin Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar.
13 Hudaýyňyz Rebbe hakyky wepaly boluň.
14 Siziň kowup çykarjak bu halklaryňyz müneçjimlere we palçylara gulak asýarlar. Hudaýyňyz Reb bolsa, size beýle etmäge rugsat bermeýär».
15 «Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň.
16 Horep dagynda üýşen günüňiz, siz Hudaýyňyz Rebden haýyş edip: „Hudaýymyz Rebbiň sesini mundan artyk eşitmäli we bu beýik ody indi görmäli, ýogsam biz öleris“ diýipdiňiz.
17 Reb maňa: „Olaryň aýdýanlary dogry.
18 Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin.
19 Kimde-kim Meniň adymdan sözleýän pygamberiň sözlerine gulak asmasa, ol adam bilen Meniň Özüm hasaplaşaryn.
20 Emma başga hudaýlaryň adyndan sözleýän pygamber ýa-da Meniň buýurmadyk zadymy, hyýanatçylyk edip, Meniň adymdan sözleýän pygamber ölüme höküm ediler“ diýdi.
21 Siz öz-özüňize: „Biz Rebbiň aýtmadyk sözüni nädip bileli?“ diýersiňiz.
22 Eger bir pygamber Rebbiň adyndan sözlän bolsa, ol iş hem başa barmasa ýa-da hakykata öwrülmese, ol söz Rebden däldir. Ony pygamberiň özi toslap tapandyr, siz ol pygamberden gorkmaň». ‎




Chapter 19

1 «Hudaýyňyz Reb size berjek ýurdunyň halklaryny ýok edende, siz olary kowup çykaryp, olaryň galalarynda we öýlerinde ornaşanyňyzda,
2 Hudaýyňyz Rebbiň mülk edip berjek ýurduny üç bölege bölüp, her bölekden bir galany saýlaň. Adam öldüren ganhor olaryň birine gaçyp baryp gutulyp biler ýaly, bu galalara barmak üçin ýollar çekiň.
4 Ganhor ol ýere, ine, şeýle ýagdaýda gaçyp baryp, diri galyp biler: tötänlikde başga birini öldüren bolsa we ol ikisiniň arasynda öň hiç hili duşmançylyk ýok bolsa, ol ýere gaçyp gutulyp biler.
5 Aýdaly, bir adam beýleki bir adam bilen tokaýa odun çapmaga gidýär. Olaryň biri agaç çapyp durka, palta sapyndan sypyp, ýanyndaka degýär we ol hem şondan ölýär. Şeýle ýagdaýda ol ganhor bu galalaryň birine gaçyp gutulyp biler.
6 Eger ýol gaty uzak bolsa, öldürileniň hossary öç almak üçin ganhoryň yzyndan gazap bilen kowalap ýetip öldürer. Emma olaryň arasynda öň duşmançylygyň ýokdugy üçin, ol öldürilmeli däldir.
7 Şonuň üçin hem men size: „Özüňize üç galany saýlaň“ diýip buýruk berdim.
8 Hudaýyňyz Rebbi söýüp, hemişe Onuň ýolundan ýöräp, meniň bu günki size berýän buýruklarymyň ählisini yhlas bilen berjaý etseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, ýeriňizi giňelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähli ýerini size berer. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde bigünä adamyň gany dökülmez ýaly, bigünä ganyň astynda galmazyňyz ýaly, bu üç galanyň üstüne ýene-de üç gala goşuň.
11 Emma bir adamyň başga biri bilen duşmançylygy bolup, bukuda ýatyp, onuň üstüne çozup, ony öldürse, soňra-da ol bu galalaryň birine gaçyp barsa,
12 ganhoryň galasyndaky ýaşulular adam iberip, günäkäri ol ýerden getirtmeli. Ony öldürmek üçin öldürileniň hossarynyň eline beriň.
13 Oňa rehim etmäň, bigünä gany Ysraýyldan ýuwup aýryň, şonda siz gowy günler görersiňiz.
14 Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berjek ýurdunda goňşyňyz bilen öňki nesilleriňiziň düzen araçäk daşyny süýşürmäň».
15 «Jenaýat ýa-da günä eden adamyň günäsini boýnuna goýmak üçin, oňa bir adamyň şaýatlygy ýeterlik däldir. Ol iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn.
16 Eger bir ýalançy şaýat birine ýaramaz niýet bilen günä ýüklese,
17 onda dawagärleriň ikisi hem Rebbiň huzuryna, şol döwürde hyzmat edýän ruhanylaryň we kazylaryň huzuryna barsyn.
18 Kazylar gowy edip, derňew geçirsinler. Eger şaýat adam ýalan güwälik berip, başga biriniň garşysyna ýalan sözleýän bolsa,
19 onda siz şol günäkärlenýäne nähili jezany niýetlän bolsaňyz, şol jezany ýalan güwälik edene beriň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.
20 Beýlekiler muny eşidip gorkarlar. Siziň araňyzda gaýdyp, hiç haçan şunuň ýaly jenaýat edilmez.
21 Ýalan sözleýän adama rehim etmäň. Jan ornuna jan, göz ornuna göz, diş ornuna diş, aýak ornuna aýak almak bilen oňa jeza beriň». ‎




Chapter 20

1 «Duşmanyňyza garşy urşa çykanyňyzda we olaryň atlarynyň, söweş arabalarynyň we goşunynyň özüňiziňkiden agdykdygyny göreniňizde, siz olardan gorkmaň. Çünki sizi Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Reb siziň bilendir.
2 Urşa girişmeziňizden öň, ruhany gelip, esgerleriň öňünde söz sözlesin.
3 Ruhany olara: „Eý, ysraýyl halky, gulak goý! Bu gün siz duşmanlaryňyza garşy söweşe girýärsiňiz. Olardan gorkup, ýüregiňiz ýarylmasyn, aljyrap, dowla düşmäň.
4 Çünki duşmanlaryňyzyň garşysyna söweşip, siziň ýeňiş gazanmagyňyz üçin, Hudaýyňyz Reb urşa siziň bilen bile gider“ diýsin.
5 Soňra baştutanlar esgerlere ýüzlenip, şeýle diýsinler: „Kim täze jaý gurup, heniz onda ýaşamadyk bolsa, ol adam yzyna – öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, onuň öýünde başga biri ýaşar.
6 Araňyzda üzüm bagyny oturdyp, entek onuň miwesinden datmadyk adam bar bolsa, goý, ol öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, üzümiň ilkinji miwesini başga biri iýip hezil eder.
7 Araňyzda boý gyza adaglanyp, entek oňa öýlenmedik bar bolsa, goý, ol hem öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, ol gyza başga biriniň öýlenmegi mümkin“.
8 Baştutanlar sözlerini dowam etdirip: „Araňyzda gorkýanyňyz ýa-da towşan ýürekliňiz bar bolsa, goý, ol hem öýüne gaýtsyn, ýogsam ol ýoldaşlaryny-da özi ýaly towşan ýürek eder“ diýsinler.
9 Baştutanlar goşunyň öňünde söz sözläp bolanlaryndan soň, olara serkerdeler bellesinler.
10 Duşmanyňyza garşy söweşmek üçin, gala ýakyn geleniňizde, olara parahatçylygy teklip ediň.
11 Eger olar parahatçylygy kabul edip, size boýun bolsalar, onda ol ýerdäki ähli halk size mejbury hyzmat etsin.
12 Eger olar parahatçylykdan ýüz öwrüp, size garşy uruş yglan etseler, siz ol galanyň daşyny gabaň.
13 Hudaýyňyz Reb ony siziň eliňize berende, siz olaryň ähli erkeklerini gylyçdan geçiriň.
14 Aýallaryny, çagalaryny, mal-garalaryny, galada bar bolan ähli zady özüňize olja edip alyň. Hudaýyňyz Rebbiň duşmanyňyzdan alyp beren oljasyny hözirini görüň.
15 Bu ýerdäki halklara degişli bolmadyk, sizden has uzakda ýerleşýän galalaryň hem hemmesini şeýle ediň.
16 Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berjek bu halklaryň galalarynda bolsa ýekeje-de janly-jandar diri galmaly däldir.
17 Hudaýyňyz Rebbiň size buýruşy ýaly hetleri, amorlary, kenganlary, perizleri, hiwileri we ýabuslary bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz.
18 Şonda olar öz hudaýlaryna gulluk etmekdäki nejis işleriniň hiç birini size öwredip bilmezler we siz Hudaýyňyz Rebbe garşy günä etmersiňiz.
19 Siz uzak wagtlap galanyň daşyny gabap, ony basyp almak üçin urşanyňyzda, ol ýeriň agaçlaryny çapyp ýok etmäň. Çünki meýdandaky agaçlar duşman hasaplanyp, gabawa salynýan däldir. Siz olaryň miwesinden iýersiňiz.
20 Siz diňe miwe getirmeýän agaçlary ýok edip bilersiňiz. Olary çapyp, özüňize garşy uruşýan halkyň galasy ýykylýança, şol galanyň garşysyna hüjüm etmekde ulanyň». ‎




Chapter 21

1 «Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýurdunda kim tarapyndan öldürilendigi näbelli bir jeset meýdanda tapylsa,
2 ýaşulularyňyz we kazylaryňyz gidip, jesediň golaýyndaky galalara çenli bolan aralygy ölçesinler.
3 Jesediň golaýyndaky galanyň ýaşululary öň hiç işde ulanylmadyk, boýnuna boýuntyryk salynmadyk bir ýaşar göläni alsynlar.
4 Ýaşulular bu göläni heniz sürülmedik we ekilmedik ýere – akar suwuň boýuna getirip, onuň boýnuny omursynlar.
5 Soňra ruhanylar, ýagny Lewiniň ogullary gelsinler, çünki Hudaýyňyz Reb Özüne hyzmat eder ýaly we Öz adyndan halka pata berer ýaly, olary ruhany edip saýlady. Ähli uruşlary we dawalary olar çözýärler.
6 Jesediň iň golaýyndaky galanyň ähli ýaşululary akar suwuň boýunda boýny omrulan ýaş göläniň üstünde ellerini ýuwsunlar.
7 Soňra olar şeýle sözleri jar çeksinler: „Bu gana biziň elimiz bulaşmady, kimiň edenini-de gözümiz bilen görmedik.
8 Ýa Reb, Öz azat eden halkyňy – ysraýyllary bagyşla. Nähak dökülen ganyň günäsini Öz halkyň Ysraýylyň arasynda galdyrma“. Şonda olar şol ganyň günäsinden boşarlar.
9 Şeýdip, nähak dökülen ganyň günäsini öz araňyzdan aýryp, Rebbiň nazarynda dogry işler edersiňiz».
10 «Duşmanlaryňyza garşy urşa çykanyňyzda, Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berse, siz hem olary ýesir alsaňyz
11 we ýesirleriň arasyndan bir owadan aýala göwnüňiz gidip, oňa öýlenmekçi bolsaňyz,
12 ony öýüňize alyp geliň. Ol aýal saçyny syrsyn we dyrnaklaryny alsyn.
13 Egnindäki ýesirlik geýimlerini çykaryp, seniň öýüňde tutuş bir aý oturyp, ene-atasynyň ýasyny tutsun. Şondan soň sen onuň ýanyna girip, onuň adamsy bolarsyň, ol hem seniň aýalyň bolar.
14 Emma soňrak ony halamasaň, sen ol aýaly boşatmalysyň. Sen onuň namysyna degendigiň üçin, ony gyrnak hökmünde satmaly dälsiň.
15 Bir adamyň iki aýaly bolup, birini halap, beýlekisini halamaýan bolsa, olaryň ikisi-de oňa ogul dogrup berse we halamaýan aýalynyň ogly onuň nowbahar ogly bolsa,
16 bir gün emlägini ogullaryna paýlanda, ol halamaýan aýalyndan bolan nowbahar oglunyň paýyny halaýan aýalynyň ogluna bermesin.
17 Ol halamaýan aýalynyň ogluny nowbahar oguldygyny boýun alyp, oňa ähli zadyndan iki esse paý bermelidir, çünki ol ogul onuň juwanlyk çagynyň ilkinji miwesidir. Ilkinji ogullyk haky onuňky bolmalydyr.
18 Eger biriniň hötjet, boýun egmezek, ata-enesine gulak asmaýan, olaryň terbiýesini almaýan ogly bar bolsa,
19 ata-enesi ony tutup, şol ýerdäki galanyň derwezesiniň golaýyna, ýaşulularyň ýanyna getirsin.
20 Olar galanyň ýaşulularyna: „Biziň bu oglumyz dikdüşdi we gyňyr. Ol bize boýun egenok. Ol açgöz hem içegen“ diýsinler.
21 Soňra galanyň ähli erkekleri ony daşlap öldürsinler. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar.
22 Eger biri jenaýat edip, ölüm jezasyna höküm edilse we siz ony agaçdan asyp öldürseňiz,
23 onuň jesedini agaçdan uzak gije asyp goýmaň. Siz ony hökman şol gün jaýlamalysyňyz, çünki agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň». ‎




Chapter 22

1 «Biriniň azaşyp gelen öküzini ýa-da goýnuny görübem görmediksirän bolmaň. Ol mallary eýesine getirip beriň.
2 Eger eýesi sizden uzakda ýaşaýan bolsa ýa-da ony tanamaýan bolsaňyz, mallary öýüňize getiriň. Eýesi idäp gelýänçä saklap, eýesi gelende olary berersiňiz.
3 Kimdir biriniň ýitiren eşegini, geýim-gejimini – ýitiren islendik zadyny tapsaňyz, şeýle ediň. Öz kömegiňizi gaýgyrmaň.
4 Biriniň eşeginiň ýa-da öküziniň ýolda ýykylyp ýatanyny görübem görmezlige salmaň. Ony aýaga galdyrmaga kömek ediň.
5 Aýal erkek geýmini, erkek hem aýal geýmini geýmeli däldir. Çünki munuň ýaly işler etmek Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda nejislikdir.
6 Eger agaçda ýa-da ýerde guşuň höwürtgesiniň üstünden gelseňiz we ene guş çagalary bilen, ýa-da ýumurtgalarynyň üstünde oturan bolsa, ene guşy çagalary bilen bile almaň.
7 Ene guş, goý, gitsin, onuň diňe çagalaryny alyň, şonda siz gowy günler görüp, ömrüňiz uzak bolar.
8 Täze jaý gursaňyz, jaýyň üçegi üçin germew tutuň, ýogsam biri ýykylar-da, öýüňizde nähak gan döküler.
9 Üzüm bagyňyzda iki hili ekin ekmäň, ýogsam eken ekiniňiz hem, üzümçiligiň hasyly hem Mukaddes öýe beriler.
10 Öküz bilen eşegi bile goşup ýer sürmäň.
11 Ýüň we zygyr goşulyp dokalan geýimleri geýmäň.
12 Egniňize geýýän donuňyzyň burçlaryna gotaz tikiň».
13 «Bir adam bir gyza öýlenip, oňa ýanaşandan soň, ony halaman,
14 gyzy günäkärläp: „Men bu gyza öýlendim, ýöne onuň ýanyna girenimde, bu gyz çykmady“ diýip, oňa töhmet atsa,
15 gyzyň ata-enesi onuň päkligi hakyndaky subutnamany äkidip, derwezäniň agzynda galanyň ýaşulularyna görkezsin.
16 Gyzyň atasy ýaşululara: „Men gyzymy bu adama durmuşa çykardym, emma ol meniň gyzymy halaman,
17 ‘Bu gyz çykmady’ diýip, nähak günäkärledi. Emma gyzymyň päkligini görkezýän subutnama, ynha, şu ýerde“ diýsin. Soňra olar bu subutnama matany galanyň ýaşulularynyň öňünde ýazyp görkezsinler.
18 Galanyň ýaşululary ol adamy gamçy bilen jezalandyrsynlar.
19 Ýaşulular oňa iki ýüz elli mysgal kümüş jerime salsynlar (olar bu puly gyzyň atasyna bersinler), sebäbi ol adam Ysraýylyň päk gyzyna töhmet atdy. Ol gyz töhmet atan adamyň aýaly bolup galsyn. Ol adama ömürboýy ondan aýrylyşmaga rugsat berilmeýär.
20 Eger ol adamyň aýdanlary dogry bolup, ol gyzyň gyzlygy ýok bolsa,
21 ony atasy öýüniň girelgesine getirsinler-de, galanyň erkekleri daşlap öldürsinler, sebäbi ol atasy öýünde jelepçilik edip, Ysraýylda masgaraçylykly iş edipdir. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.
22 Eger bir adamy başga biriniň aýaly bilen ýatyrka tutsaňyz, olaryň ikisini hem öldüriň. Şeýdip, siz Ysraýyldan pisligi aýryp taşlaň.
23 Eger bir boý gyz birine adaglanan bolsa, başga bir adam galada bu gyza duşup, oňa ýanaşsa,
24 olaryň ikisini hem galanyň derwezesiniň ýanyna getirip, daşlap öldüriň. Bu gyz galada bolubam, kömek sorap gygyrmandygy üçin, ol adam bolsa öz ysraýyl doganynyň gelinligini zorlandygy üçin öldüriň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.
25 Emma ol adam adaglanan boý gyza çola ýerde duşup zorlan bolsa, onda diňe zorlan erkegi öldüriň.
26 Gyza bolsa hiç zat etmäň. Ol ölüm jezasyna laýyk jenaýat etmändir. Sebäbi bu ýagdaý edil biriniň üstüne topulyp, ony öldüren ýalydyr.
27 Çünki ol adam bu gyzy çola ýerde tapdy. Adaglanan gyz kömek sorap çagyryp gygyran hem bolsa, ol ýerde ony halas etmäge hiç kim bolmandyr.
28 Eger bir adam adaglanmadyk boý gyza duşsa, ony tutup, onuň bilen ýatsa we olar bu işiň üstünde tutulsalar,
29 gyza ýanaşan adam gyzyň atasyna ýüz on mysgal kümüş bersin. Ol gyz onuň aýaly bolar. Ol adam gyzy zorlandygy sebäpli, ömürboýy ondan aýrylyşmaga ygtyýar berilmeýär.
30 Ogly öz atasyny namysa goýup, onuň aýallaryndan aýal almasyn». ‎




Chapter 23

1 «Erkeklik tohumlygy ýenjilen ýa-da kesilen adam Rebbiň jemagatyna girmeýär.
2 Bikanun doglan Rebbiň jemagatyna girmeýär. Hatda olaryň soňky nesilleriniňem hiç biri Rebbiň jemagatyna girmeýär.
3 Ammonlar hem, mowaplylar hem Rebbiň jemagatyna girmeýär. Hatda olaryň soňky nesilleriniň hiç biri Rebbiň jemagatyna girmeýär.
4 Sebäbi siz Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, olar ýolda sizi duz-çörek we suw bilen garşy almadylar. Olar sizi näletlemek üçin, Mesopotamiýada Petor galasyndan bolan Begoryň ogly Bilgamy hakyna tutdular.
5 (Hudaýyňyz Reb Bilgamy diňlemekden ýüz öwürdi. Hudaýyňyz Reb siziň üçin näleti alkyşa öwürdi, sebäbi Hudaýyňyz Reb sizi söýýär).
6 Ömrüňiziň bütin dowamynda hiç wagt olaryň salamatlygy we abadanlygy ugrunda çalyşmaň.
7 Edomlylaryň hijisini ýigrenmäň, çünki olar siziň garyndaşlaryňyzdyr. Müsürlileriň hem hijisini ýigrenmäň, çünki siz olaryň ýurdunda gelmişek bolup ýaşadyňyz.
8 Olaryň agtyklary Rebbiň jemagatyna girip biler».
9 «Duşmanlaryňyza garşy söweşmek üçin düşläniňizde özüňizi her hili haramlykdan goraň.
10 Eger araňyzdan biriniň gije tohumy akyp, haram bolsa, düşelgäňizden daşary çyksyn. Ol düşelgäňize girmeli däldir.
11 Agşam düşende, ol ýuwunsyn, gün batandan soň, ol düşelgäňize girip biler.
12 Aýak ýoly üçin düşelgäňiziň daşynda belli bir hajathana ýeriňiz bolmalydyr.
13 Aýak ýoluna çykanyňyzda, ýanyňyz bilen kepje alyp gidiň. Täret edip bolanyňyzdan soň, çukur gazyp, täretiňizi gömüň.
14 Çünki Hudaýyňyz Reb sizi halas etmek üçin we duşmanlaryňyzy siziň eliňize bermek üçin düşelgäňiziň içine aýlanar. Şonuň üçin düşelgäňiz päk bolmalydyr, Reb araňyzda nejis zat görüp, sizden ýüz öwürmesin».
15 «Hojaýynlaryndan gaçyp, ýanyňyza gelen gullary yzyna eltip bermäň.
16 Olar siziň araňyzda, öz saýlan islendik galasynda, göwünleriniň islän ýerinde siziň bilen bile ýaşabersinler. Olary horlamaň».
17 «Ysraýyl gyzlarynyň hiç biri buthanada jelep bolup işlemesin. Ysraýyl ogullarynyň hem hiç biri munuň ýaly iş etmesin.
18 Olaryň jelepçilikden gazanan hakyny aýdylan sadakalaryň tölegi hökmünde Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getirmäň. Çünki bularyň ikisi hem Hudaýyňyz Reb üçin nejislikdir».
19 «Ysraýyl doganyňyza pul, azyk, beýleki zatlaryňy peýda görmek niýeti bilen karz bermäň.
20 Peýda görmek üçin, keseki ýurtla karz berseňiz bolar, emma öz ysraýyl doganyňyza karzy peýda görmek üçin bermäň. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň mülk edinjek ýurduňyzda etjek ähli işleriňize bereket berer».
21 «Hudaýyňyz Rebbe sadaka aýdan bolsaňyz, ony gijikdirmän beriň, çünki Hudaýyňyz Reb aýdan sadakaňyzy sizden hökman talap eder. Eger siz ony ýerine ýetirmeseňiz, günä gazanarsyňyz.
22 Sadaka aýtmadyk bolsaňyz, onda günä gazanmarsyňyz.
23 Ýöne Hudaýyňyz Rebbe öz agzyňyz bilen aýdan sadakaňyzy aýdyşyňyz ýaly, diliňiziň geplän zadyny yhlas bilen ýerine ýetiriň».
24 «Eger siz biriniň üzüm bagyna girseňiz, onuň üzüminden tä doýýançaňyz iýseňiz iýiň, ýöne ondan gaba salyp ýanyňyz bilen alyp gaýtmaň.
25 Eger siz biriniň ekin meýdanyna girseňiz, bugdaýyň dänesini eliňiz bilen ýygsaňyz, ýygyň, emma onuň bugdaýyna orak salmaň». ‎




Chapter 24

1 «Eger bir adam bir gyza öýlense, ýöne ondan kemçilik tapandygy üçin ony halamasa, onda, goý, ol aýalynyň eline talak hatyny ýazyp bersin we ony öýünden çykaryp goýbersin.
2 Ol aýal onuň öýünden gidip, başga birine durmuşa çykyp biler.
3 Emma ol aýalyň ikinji adamsy hem halaman, onuň eline talak hatyny berip, öýünden kowsa (ýa-da onuň ikinji baran adamsy ölse),
4 kowup goýberen birinji äri onuň haramdygy üçin, ony ikilenç özüne aýal edip almaga hakly däldir, çünki beýle etmek Rebbe nejislikdir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.
5 Eger bir adam täze öýlenen bolsa, ol urşa gitmesin ýa-da oňa hiç hili jogapkärçilikli iş tabşyrylmasyn. Ol bir ýyl öýünde galyp, öz alan aýaly bilen şady-horramlykda ýaşasyn».
6 «Hiç kimiň degirmenini ýa-da degirmen daşyny girewine almaň, çünki bu onuň durmuşyny girewine aldygyňyz bolar.
7 Eger biri başga bir ysraýyllyny ogurlap gul etse ýa-da ony satsa, ol ogurlan adam öldürilsin. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.
8 Ýokanç deri keselinden gaty ägä boluň. Meniň lewi ruhanylaryna buýruşym ýaly, olaryň size öwredýän her bir zadyny üns bilen ýerine ýetiriň.
9 Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, ýolda Hudaýyňyz Rebbiň Merýemi nädendigini ýadyňyza salyň».
10 «Birine bir zat karz berseňiz, öýüne girip, ondan girew almaň.
11 Karz alan adamyň özi size girew getirýänçä, daşarda oturyň.
12 Eger ol adam garyp bolsa, onuň girewine berýän donunda ýatmaň.
13 Onuň girewini Gün batmanka yzyna eltip beriň, şonda ol öz donunda ýatar we size alkyş aýdar. Şeýle hem bu Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda saňa dogrulyk saýylar.
14 Isle ol öz ysraýyl doganyňyz bolsun, isle ýurduňdaky galalarda ýaşaýan gelmişek bolsun, garaz, garyp we mätäç hyzmatkäriň işlän hakyny tutup galmaň.
15 Her gün siz olaryň hakyny Gün ýaşmanka tölemelisiňiz. Sebäbi olar garyp we olaryň gün-güzerany şoňa baglydyr. Ýogsam, olar siziň garşyňyza Rebbe nalyş bilen ýüz tutarlar we siz günä gazanarsyňyz».
16 «Atalar ogullary üçin ölüme höküm edilmesin. Ogullar hem atalary üçin ölüme höküm edilmesin. Her kim diňe öz eden jenaýatyna görä ölüme höküm edilsin.
17 Gelmişege ýa-da ýetime höküm edilende, egrilik etmäň. Duluň geýimini girewine almaň.
18 Özüňiziň hem Müsürde gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyzdan çykarmaň. Şonuň üçin men size şeýle etmegi buýurýaryn».
19 «Siz meýdanda hasylyňyzy ýygnanyňyzda, ol ýerde ýadyňyzdan çykaryp galdyran dessäňizi getirmek üçin, yzyňyza gaýtmaň. Ol gelmişege, ýetim-ýesire we dula galsyn. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň ähli işleriňize bereket berer.
20 Siz zeýtun agajyňyzyň miwesini kakanyňyzda, onuň galan-gaçanyny çöplemäň. Olar gelmişege, ýetim-ýesire, dula galsyn.
21 Üzüm baglaryňyzyň üzümini ýyganyňyzda, galan-gaçanyny ýygmaň. Olary gelmişek üçin, ýetim-ýesir üçin we dul üçin galdyryň.
22 Özüňiziň hem Müsürde gul bolandygyňyzy ýadyňyzda saklaň. Şonuň üçin men size şeýle etmegi buýurýaryn». ‎




Chapter 25

1 «Iki adam dawalaşsa, goý, olar kazylaryň ýanyna barsynlar. Kazylar olaryň arasyndaky dawany çözüp, dogryny dogry, günäkäri günäkär diýip jar etsinler.
2 Eger günäkär urulmaga laýyk bolsa, kazy öz gözüniň alnynda ony ýatyryp, eden günäsine görä sanap gamçylatsyn.
3 Iň ýokary çägi kyrk gamçydyr, şondan artyk bolmasyn. Eger kyrk gamçydan köp ursaňyz, onda ysraýyl doganyňyz gözüňiziň alnynda mertebesini ýitirer.
4 Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň».
5 «Aga-ini bile ýaşaýan bolsa, olaryň biri ölse we onuň hem ogly ýok bolsa, ol merhumyň aýaly başga bir kesekä äre gitmesin. Ol öleniň dogany onuň ýanyna girip, oňa öýlenmelidir we oňa doganynyň ärlik borjuny ýerine ýetirmelidir.
6 Ol aýalyň dogran ilkinji oglunyň adyna ölen doganynyň adyny daksyn. Şonda ol merhumyň ady Ysraýyldan öçüp gitmez.
7 Eger ol adam doganynyň dul galan aýalyna öýlenmek islemese, dul aýal gala derwezesiniň agzyna ýaşulularyň ýanyna gelip: „Meniň ärimiň dogany öz agasynyň adyny Ysraýylda galdyrmakdan ýüz öwürýär. Ol doganynyň deregine meniň üçin ärlik borjuny berjaý etmeýär“ diýsin.
8 Soňra galanyň ýaşululary merhumyň doganyny çagyryp, onuň bilen gepleşsinler. Eger ol şonda-da öz diýenini tutup: „Men oňa öýlenmek islemeýärin“ diýse,
9 onda doganynyň aýaly ýaşulularyň gözüniň alnynda onuň ýanyna baryp, onuň aýagyndaky çepegini çykaryp, onuň ýüzüne tüýkürsin we oňa: „Öz doganynyň öýüni dikeltmeýän adama, ynha, şeýle edýärler“ diýip, muny jar etsin.
10 Bütin Ysraýylyň içinde onuň nesli „çepegi çykarylan öý“ hökmünde belli bolsun».
11 «Iki adam urşup durka, biriniň aýaly gelip, ärini halas etjek bolup, urup duran adamyň bijaý ýerinden tutsa,
12 ol aýalyň elini çapyň. Oňa rehimdarlyk etmäň.
13 Torbaňyzda iki dürli: biri agyr, biri ýeňil terezi daşy bolmasyn.
14 Öýüňizde biri uly, biri kiçi bolan iki dürli ölçeg gaby bolmasyn.
15 Siziň diňe doly we dogry terezi daşyňyz, şeýle hem, hakyky ölçegiňiz bolsun. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerinde ömrüňiz uzak bolar.
16 Çünki adalatsyzlyk edýänleriň hemmesi Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda nejisdir».
17 «Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, amalekleriň size näme edendigini ýadyňyza salyň.
18 Ysgyn-mydarsyz galan wagtyňyz, olar Hudaýdan gorkman, ýolda üstüňize çozup, siziň yzda galanlaryňyzyň hemmesini gyrdylar.
19 Şonuň üçin hem, Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip beren ýerinde ýaşanyňyzda – Hudaýyňyz Reb size ähli duşmanlaryňyzyň elinden parahatçylyk alyp berende, amalekleri hiç kim ýatlamaz ýaly, olaryň adyny asmanyň astyndan ýok edip taşlamagy ýatdan çykarmaň». ‎




Chapter 26

1 «Hudaýyňyz Rebbiň mülk edip berýän ýurduna gelip, ol ýerde ornaşanyňyzda,
2 Onuň size berýän bu ýeriniň ähli miweleriniň ilkinji hasylyndan sebede salyp, Özüne ybadat edilmegi üçin Rebbiň saýlajak ýerine baryň.
3 Siz şol döwürde hyzmat edýän ruhanynyň ýanyna baryp, oňa: „Bu gün men Rebbiň ata-babalarymyza wada eden ýurduna gelendigimi Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda jar edýärin“ diýiň.
4 Ruhany siziň eliňizden sebedi alyp, Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasynyň öňünde goýsun.
5 Sen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şeýle diý: „Sergezdan arameýli meniň ata-babamdy. Ol birnäçe adam bilen Müsüre gitdi we ol ýerde gelmişek bolup ýaşady. Ondan köp sanly beýik, güýçli halk emele geldi.
6 Müsürliler bizi ezdiler, gynadylar, agyr işler bilen egnimizden basdylar.
7 Biz ata-babalarymyzyň Hudaýy Rebbe dady-perýat etdik. Reb biziň sesimize gulak asdy we biziň çekýän jebirlerimizi, agyr zähmetimizi we ezilýändigimizi gördi.
8 Reb Öz gudraty we güýji bilen, äpet elhençlikleriniň güýji bilen, alamatlary we mugjyzalary bilen bizi Müsürden çykaryp getirdi.
9 Ine, bizi bu ýere getirip, bize süýt we bal akýan ýurdy berdi.
10 Şeýdip, men Rebbiň özüme beren ýeriniň ilkinji miwesini getirdim“. Siz ony Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda goýup, Onuň huzurynda baş egip sežde ediň.
11 Soňra Hudaýyňyz Rebbiň özüňize we öýüňize eçilen bol-elinligi üçin lewiler we araňyzda ýaşaýan gelmişekler bilen bile şatlanyp baýram ediň.
12 Üçünji ýylda (hasylyň ondan biri berilýän ýyly) hasylyňyzyň ähli hasylyňyzyň ondan birini lewilere, gelmişeklere, ýetimlere we dullara bereniňizde, olar galalaryňyzda ondan iýip doýsunlar.
13 Soňra siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şeýle diýiň: „Men öýümden Seniň mukaddes paýyňy aýyrdym. Seniň maňa beren buýruklaryňyň esasynda men ony lewilere, aramyzda ýaşaýan gelmişeklere, ýetimlere we dullara berdim. Men Seniň buýruklaryňdan hiç ýana çykmadym, olaryň hiç birini ýatdan çykarmadym.
14 Men ýas tutýan wagtym mukaddes paýyňdan iýmedim. Murdar wagtym men ondan hiç zat paýlamadym. Men ondan hiç zady ölä hödür etmedim. Edil maňa buýruşyň ýaly edip, Hudaýym Reb, Saňa boýun egdim.
15 Mukaddes mekanyň asmandan bize seredip, Öz halkyň Ysraýyly ýalka we ata-babalarymyza söz berşiň ýaly, bize bagyş eden süýt we bal akýan ýurduňa bereket inder“».
16 «Hudaýyňyz Rebbiň bu günki size berýän şu parzlaryny we hökümlerini berjaý ediň. Olary tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen ýerine ýetiriň.
17 Bu gün siz Rebbiň öz Hudaýyňyz bolmagyny gazanyp, Onuň ýolundan ýörejekdigiňizi, Onuň parzlarydyr tabşyryklaryny we hökümlerini ýerine ýetirip, Oňa gulak asjakdygyňyzy mälim etdiňiz.
18 Bu gün Reb söz berşi ýaly, Ol sizi Özüniň gymmatly halky hökmünde saýlandygyny we Onuň buýruklaryny ýerine ýetirmelidigiňizi mälim etdi.
19 Çünki Ol şöhratda, meşhurlykda we sylag-hormatda Özüniň ýaradan ähli halklaryndan sizi ýokarda goýdy. Ol Öz söz berşi ýaly, siz Hudaýyňyz Rebbiň mukaddes halky bolarsyňyz». ‎




Chapter 27

1 Soňra Musa Ysraýylyň ýaşululary bilen halka şeýle tabşyryklar berdi: «Bu günki meniň size tabşyrýan ähli buýruklarymy berjaý ediň.
2 Iordan derýasyndan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size berýän ýurduna giren günüňiz, uly daşlary dikip, olara hek çalyň.
3 Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň söz berşi ýaly, Iordany kesip, Hudaýyňyz Rebbiň berýän süýt we bal akýan ýurduna gireniňizde, bu Kanunyň ähli sözlerini daşlaryň ýüzüne ýazyň.
4 Şeýlelikde, siz Iordandan geçeniňizde, meniň bu günki buýruşym ýaly, şol daşlary Eýbal dagynda dikip, olara hek çalyň.
5 Şol ýerde Hudaýyňyz Rebbe daşdan gurbanlyk sypasyny guruň, daşlary taýýarlanyňyzda demir gurallar ulanmaň.
6 Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasy demir degmedik daşlardan ýasalsyn. Soňra onuň üstünde Hudaýyňyz Rebbe ýakma gurbanlygyny beriň.
7 Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp, salamatlyk gurbanlygyny beriň, ony şol ýerde iýiň.
8 Bu Kanunyň ähli sözlerini daşlaryň ýüzüne düşnükli edip ýazyň».
9 Soňra Musa we lewi ruhanylary: «Eý, ysraýyl halky, ümsüm bol we gulak goý! Hut şu gün siz Hudaýyňyz Rebbiň halky bolduňyz.
10 Şonuň üçin hem siz Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen size berýän tabşyryklaryny we parzlaryny ýerine ýetiriň» diýip, ähli ysraýyllara ýüzlendiler.
11 Şol gün Musa ysraýyl halkyna şeýle tabşyryklar berdi:
12 «Iordan derýasyndan geçeniňizde, şimgon, lewi, ýahuda, ysakar, ýusup we benýamin tireleri alkyş sözleri aýtmak üçin Gerizim dagynyň öňünde dursunlar.
13 Ruben, gat, aşer, zebulun, dan we naftaly tireleri bolsa nälet sözleri okamak üçin Eýbal dagynyň öňünde dursunlar.
14 Şundan soň lewiler gaty ses bilen ähli ysraýyllara şuny jar etsinler:
15 „Kimde-kim Rebbe nejis bolan senet işlerini edip, but ýa-da şekil ýasap, ony gizlin ýerde sežde etmek üçin goýsa, goý, oňa nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
16 „Ata-enesini kemsiden adama nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
17 „Goňşusynyň araçäk daşyny süýşürene nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
18 „Köri ýoldan azaşdyrana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
19 „Gelmişege, ýetime we dula höküm edilende, egrilik edene nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
20 „Öz atasyny namysa goýup, onuň aýaly bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
21 „Islendik haýwan bilen ýanaşana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
22 „Bir atadan ýa-da bir eneden bolan gyz dogany bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
23 „Öz gaýynenesi bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
24 „Gizlinlikde adam öldürene nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
25 „Nähak gan dökmek üçin para alana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.
26 „Bu Kanunyň sözlerini oňlamaýana, olary ýerine ýetirmeýäne nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin». ‎




Chapter 28

1 «Eger siz diňe Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb sizi ýer ýüzündäki ähli halklardan beýgelder.
2 Eger siz Hudaýyňyz Rebbe gulak assaňyz, üstüňize bereket ýagyp, sizi bereket gurşap alar.
3 Galalaryňyza hem, atyzlaryňyza hem bereket ýagar.
4 Hudaýyňyz Reb her bir etjek işiňize bereket berer, köp ogul-gyzly bolarsyňyz, mal-garalaryňyzyň sany artyp, topragyňyzyň hasyly bol bolar.
5 Sebediňiz doly bolar, saçagyňyz bereketli bolar.
6 Nirä gitseňiz hem, näme etseňizem bereketli bolarsyňyz.
7 Reb size garşy baş göteren duşmanlaryňyzy siziň öňüňizde derbi-dagyn eder. Olar siziň üstüňize bir tarapdan çozup, yzlaryna çar tarapdan gaçarlar.
8 Reb siziň ammarlaryňyza, başlan her bir işiňize bereket inmegi üçin buýruk berer. Hudaýyňyz Reb özüňize berýän ýurdunda sizi ýalkar.
9 Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň buýruklaryny ýerine ýetirip, Onuň ýolundan ýöreseňiz, Reb söz berşi ýaly, sizi Özüniň aýratyn halky eder.
10 Ýer ýüzündäki ähli halklar siziň Rebbiň ady bilen çagyrylandygyňyzy görerler we olar sizden gorkarlar.
11 Ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda ýaşanyňyzda, Reb siziň örňäp ösmegiňizi, mal-garalaryňyzyň artmagyny we topragyňyzyň hasylyny bolluk bilen eçiler.
12 Reb Özüniň baý hazynasy bolan asmany açyp, ýeriňize wagtynda ýagyş ýagdyrar we başyna baran her bir işiňizde bereket berer. Siz köp halklara karz berersiňiz, emma özüňiz hiç kimden karz almarsyňyz.
13 Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen size berýän buýruklaryna boýun egip, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Reb sizi aýakda däl-de, başda goýar.
14 Başga hudaýlara gulluk etmek üçin, olaryň yzyna düşmeseňiz, meniň bu günki berýän buýruklarymyň hijisinden ýüz öwürmeseňiz, olardan saga-sola sowulmasaňyz, siz diňe belentde bolarsyňyz, pesde bolmarsyňyz».
15 «Emma siz Hudaýyňyz Rebbe boýun bolman, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli tabşyryklaryny we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz, onda, goý, şu näletleriň ählisi siziň başyňyzdan insin we sizi gurşap alsyn.
16 Galalaryňyza, atyzlaryňyza nälet bolsun.
17 Sebediňize, saçagyňyza nälet bolsun.
18 Örňäp ösmegiňize, topragyňyzyň hasylyna, sygyrlaryňyzyň we dowarlaryňyzyň artmagyna nälet bolsun.
19 Nirä gitseňiz hem, näme etseňizem size nälet bolsun.
20 Etjek bolýan ähli işleriňiziň üstünden Reb betbagtçylyk, howsala we şowsuzlyk inderer. Menden ýüz öwrüp, pis işler edendigiňiz üçin, siz gyrlyp, tiz heläk bolarsyňyz.
21 Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden ýok edýänçä, Reb sizi gyrgyna berer.
22 Reb size inçe keselden, gyzdyrmadan, çişmeden, ysytmadan, gurakçylykdan, ýakyp ýandyrýan epgekden we heňden ýaňa ejir çekdirer. Tä doly heläk bolýançaňyz, şeýle külpetler sizden aýrylmaz.
23 Depäňizdäki asman mise, aýagyňyzyň astyndaky ýer bolsa demre döner.
24 Reb ýeriňize ýagdyrýan ýagşyny tozana öwrer. Siz doly gyrylýançaňyz, üstüňize asmandan diňe gum ýagar.
25 Reb sizi duşmanlaryňyzyň öňünde ýeňlişe sezewar eder. Siz olaryň garşysyna bir tarapdan hüjüm etseňiz, yzyňyza gaçanyňyzda çar tarapdan gaçarsyňyz. Başyňyzdan inen bela-beterler ýer ýüzündäki ähli şalyklary howsala salar.
26 Siziň jesetleriňiz asmandaky guşlara we ýerdäki haýwanlara iýmit bolar. Olary kowmaga adam tapylmaz.
27 Reb size Müsürdäki görkezen başly ýaralar bilen: örgün, iriňli ýaralar we gijilewük bilen ejir çekdirer. Siz olardan saplanyp bilmersiňiz.
28 Reb sizi dälireder, gözüňizi kör eder, akylyňyzdan azaşdyrar.
29 Garaňkylykda körleriň sermenekläp ýöreýişleri ýaly, gündiz hem ýoluňyzy sermeläp ýörärsiňiz, emma siz ýoluňyzy tapyp bilmersiňiz. Sizi dyngysyz ezerler we talarlar, emma siziň dadyňyza hiç kim ýetmez.
30 Bir gyza adaglanarsyňyz, emma onuň bilen başga biri ýatar. Jaý gurarsyňyz, emma onda özüňiz ýaşamarsyňyz. Üzüm agaçlaryny oturdarsyňyz, emma onuň miwesinden iýmersiňiz.
31 Öküziňizi gözüňiziň alnynda soýarlar, emma onuň etinden iýmersiňiz. Edil gapdalyňyzda eşegiňizi ogurlarlar, emma yzyna getirmezler. Goýunlaryňyzy duşmanlaryňyza bererler. Size kömek eden bolmaz.
32 Ogullaryňyz we gyzlaryňyz gözüňiziň alnynda başga halklara berler. Günuzyn olary agtarmakdan ýaňa, gözüňiziň nury öçer, emma eliňizden gelen zat bolmaz.
33 Tanamaýan bir halkyňyz ýeriňiziň hasylyny iýip, çeken agyr zähmetiňiziň hözirini görer. Siz dyngysyz ezilip gynalarsyňyz.
34 Siziň gözüňiz bilen görjek görgüleriňizden ýaňa, akylyňyz çaşar.
35 Reb dyzyňyza, aýagyňyza, ökjäňizden tä süýr depäňize çenli agyryly çybanlar çykarar.
36 Reb sizi we siziň üstüňizden goýlan patyşany özüňiziň, hatda ata-babalaryňyzyň hem tanamaýan-bilmeýän halkynyň üstünden elter. Ol ýerde siz agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.
37 Rebbiň sizi elten ähli halklarynyň arasynda olar üçin gorky bolarsyňyz, dile düşüp, gülki bolarsyňyz.
38 Meýdana köp tohum sepersiňiz, emma az hasyl alarsyňyz, çünki ony çekirtge iýip ýok eder.
39 Üzüm agaçlaryny ekip, olara seredersiňiz. Emma onuň ne hasylyny ýygnarsyňyz, ne-de şerabyndan içersiňiz, çünki ony gurçuk iýer.
40 Siziň tutuş ýurduňyzda zeýtun agaçlary gögerer, emma siz özüňize zeýtun ýagyny çalmarsyňyz, çünki onuň miwesi ýere döküler.
41 Ogullaryňyz we gyzlaryňyz bolar, emma siz olary ýitirersiňiz, çünki olar ýesir edilip äkidiler.
42 Ähli agaçlaryňyzyň we ekin meýdanlaryňyzyň hasylyny çekirtgeler iýip gider.
43 Araňyzda ýaşaýan gelmişekler sizden has ýokary göteriler, siz bolsa kem-kemden pese düşersiňiz.
44 Olar size karz bererler, emma siz olara karz berip bilmersiňiz. Olar başda bolarlar, siz bolsa aýakda galarsyňyz.
45 Şu näletleriň ählisi size siňip, tä ýok bolýançaňyz, sizi gurşap alar. Sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbe boýun egmän, bu gün Onuň size meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny we parzlaryny ýerine ýetirmediňiz.
46 Bu külpetler siziň we nesilleriňiziň arasynda başga halklar üçin hemişelik alamat we mugjyza bolsun.
47 Sebäbi siz ähli zadyň bereketli bolmagy üçin Hudaýyňyz Rebbe şadyýanlyk we joşgunly ýürek bilen gulluk etmediňiz.
48 Şonuň üçin hem siz aç-suwsuz, ýalaňaç we hemme zada zar bolup, Reb tarapyndan siziň garşyňyza iberilen duşmanyňyza gulluk edersiňiz. Reb sizi tä ýok edip taşlaýança, boýnuňyzdan demir boýuntyryk asyp, sizi ezer.
49 Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar.
50 Şol ýüzi hyrsyz halk ýaşy-garryny sylamaz, rehim-şepagat etmez.
51 Siz ýok bolup gidýänçäňiz, olar mal-garalaryňyzy, ýeriňiziň hasylyny iýerler. Siz heläk bolýançaňyz, siziň ne dänäňiz, ne şerabyňyz, ne ýagyňyz, ne-de sygyrlaryňyzdyr dowarlaryňyz galar.
52 Olar Hudaýyňyz Rebbiň size beren ýerine gelip, siziň bil baglan ähli beýik we berk diwarly galalaryňyzy gabawa salarlar.
53 Duşmanyňyz siziň daşyňyzy gabap, çykgynsyz ýagdaýa salanda, siz açlykdan ýaňa öz bagryňyzdan önen perzentleriňizi – Hudaýyňyz Reb tarapyndan berlen ogul-gyzlaryňyzyň etini iýersiňiz.
54 Araňyzdaky iň mylaýym we eli açyk adam barja iýmitini öz doganyndan, söýgüli aýalyndan, diri galan çagalaryndan gysganar.
55 Ol çagalarynyň etinden olaryň hijisine bermez, sebäbi duşman ähli galalaryňyzy gabap, sizi çykgynsyz ýagdaýa salanda, olara iýmäge hiç zat galmaz.
56 Araňyzdaky sahy we näzik aýal, öz sahylygyndan we näzikliginden ýaňa aýagyny ýere basmaýan zenan naharyny öz mähriban adamsyndan, ogul-gyzyndan gysganar.
57 Duşmanyňyz galalaryňyzy gabap, sizi çykgynsyz ýagdaýa salanda, şol aýal dogranyndan soň, hatda satanynyň arasyndan çykan çagasynyň ýoldaşyny gysganyp, öz dogran çagalaryny hem açlykdan ýaňa ogrynça iýer.
58 Beýik we haýbatly Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu kitapda ýazylan bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz,
59 onda Reb sizi we siziň nesilleriňizi elhenç belalara, agyr we yzy üzülmeýän jebirlere, emi ýok kesellere duçar eder.
60 Ol siziň Müsürde wagtyňyz sizi gorkuzan ähli keselleriňizi siziň başyňyzdan inderer. Ol keseller size ornaşyp galar.
61 Hatda şu Kanun kitabynda ýazylmadyk beýleki ähli ýokanç keselleri we dertleri, tä siziň baryňyz gyrylýançaňyz, Reb siziň başyňyzdan inderer.
62 Siz asman ýyldyzlary ýaly köpdüňiz, emma siz az bolup galarsyňyz, sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbe boýun egmediňiz.
63 Reb size ýagşylyk edip, siziň sanyňyzy köpeldende, näçe lezzet alan bolsa, sizi gyryp ýok edende hem şonça lezzet alar. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden siz sogrulyp taşlanarsyňyz.
64 Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.
65 Ol halklaryň arasynda siz janyňyza aram tapmarsyňyz we aýagyňyzyň dynjyny almaga ýer tapylmaz. Ol ýerde Reb size bükgüldeýän ýürek, kütelen gözler we synan göwün berer.
66 Janyňyz suw üstünde bolar. Gije-gündiz siz gorkuda bolup, sizde ýaşaýşa hiç hili umyt bolmaz.
67 Ýüregiňizi gaplajak gorky we gözüňiziň görjek zatlary sebäpli, ertirlerine siz: „Wah, tizräk agşam düşsedi!“ diýersiňiz, agşamyna bolsa: „Wah, tizräk daň atsady!“ diýersiňiz.
68 Siziň indi gaýdyp görmejekdigiňize söz beren ýolumdan, Reb sizi gämiler bilen ýene-de yzyňyza Müsüre alyp gider. Ol ýerde siz özüňizi gul we gyrnak edip duşmanlaryňyza satuwa hödürlärsiňiz, emma sizi satyn alan bolmaz». ‎




Chapter 29

1 Ine, Horepde edilen ähtden daşary, Rebbiň Musa Mowapda ysraýyllar bilen baglaşmagy buýran ähtiniň şertleri şulardyr.
2 Musa ähli ysraýyllary ýygnap, olara şeýle diýdi: «Siz Rebbiň gözüňiziň alnynda Müsüre, fyrowna, onuň ähli emeldarlaryna we tutuş ýurduna näme edendiginiň hemmesini gördüňiz.
3 Ol gudratly synaglary, alamatlary we beýik mugjyzalary öz gözüňiz bilen gördüňiz.
4 Emma şu güne çenli Reb size düşünmegiňiz üçin akyl, görmegiňiz üçin göz, eşitmegiňiz üçin gulak bermedi.
5 Reb: „Men sizi kyrk ýyllap çölde aýladym. Egniňize geýen eşigiňiz ýyrtylmady, aýagyňyza geýen çarygyňyz könelmedi.
6 Siz çörek iýmediňiz, meý-şerap içmediňiz. Men muny Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi biliň diýip etdim“ diýdi.
7 Bu ýere geleniňizde, Heşbonyň hany Sihon we Başan ýurdunyň hany Og biziň garşymyza söweşe çykdylar, emma biz olary derbi-dagyn etdik.
8 Biz olaryň ýerini alyp, rubenlere, gatlara we manaşe ýarym tiresine mülk edip berdik.
9 Şonuň üçin hem, edýän her bir işiňizde üstünlik gazanar ýaly bu ähtiň şertlerini yhlas bilen ýerine ýetiriň.
10 Bu gün tire baştutanlaryňyz, ýaşulularyňyz, ýolbaşçylaryňyz, Ysraýylyň ähli erkekleri,
11 siziň çagalaryňyz, aýallaryňyz, araňyzda ýaşaýan gelmişekler, odunyňyzy çapýanlar, suwuňyzy daşaýanlar – ähliňiz bu ýere üýşüp, Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda dursuňyz.
12 Bu gün Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen baglaşýan ähtine ant içip girişersiňiz.
13 Çünki Ol size we ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz berşi ýaly, bu gün Ol sizi Öz halky edip alar we Hudaýyňyz bolar.
14 Hudaýymyz Reb bu gün biziň ýanymyzda – Öz huzurynda duranlar bilen däl-de,
15 eýsem bolmadyklar bilenem wada edip äht baglaşýar.
16 Müsürde nähili ýaşandygymyzy, dürli halklaryň arasyndan ötüp-geçip, bu ýere nä günlük bilen gelendigimizi bilýänsiňiz.
17 Siz olaryň arasynda agaçdan, daşdan, altyndan we kümüşden ýasalan nejis butlary gördüňiz.
18 Ägä boluň, bu gün siziň araňyzda Hudaýyňyz Rebden ýüregi sowaşyp, şol halklaryň hudaýlaryna gulluk edýän erkek ýa aýal, maşgala ýa-da tire bolmasyn. Araňyzda şeýle adamlaryň bolmagy, ajy we zäherli ösümligiň köki ýalydyr.
19 Bu edilen wadany eşiden her biriňiz öz-özüňizi öwmäň we ýüregiňizde: „Biz tekepbirlik ýolumyzdan gitsek hem aman galarys“ diýip pikir etmäň. (Şeýle pikir ýagşynyň-da, ýamanyň-da başyna bela getirer.)
20 Reb şeýle tekepbir adamlary bagyşlamaz. Çünki Rebbiň gahary we gazap ody olara garşy tutaşar. Bu kitapda ýazylan ähli näletler olaryň başyndan iner we Reb olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlar.
21 Bu Kanun kitabynda ýazylan ähtiň ähli näletleri boýunça, olar betbagtçylyga duçar bolar ýaly, Reb olary Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyndan aýratyn goýar.
22 Sizden soňky nesiller, siziň çagalaryňyz, şeýle hem uzak ýurtdan geljek kesekiler bu ýurtda bolýan weýrançylyklary, siziň üstüňizden Rebbiň lagnat inderşini görüp:
23 „Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler.
24 Ähli halklar: „Reb bu ýurdy näme üçin beýle etdikä? Bu gahar-gazabyň sebäbi nämekä?“ diýşip geň galarlar.
25 Olar şeýle netijä gelerler: „Munuň sebäbi şudur: ysraýyllar özlerini Müsürden çykaryp getiren ata-babalarynyň Hudaýy Reb bilen baglaşan ähtini ret etdiler.
26 Olar Rebden ýüz öwrüp, başga hudaýlara gulluk etdiler. Özleriniň tanamaýan we Rebbiň olara sežde etmäge ygtyýar bermedik hudaýlaryna sežde etdiler.
27 Şonuň üçin hem Rebbiň bu ýurda gahary gelip, bu kitapda ýazylan ähli näletleri bu ýurduň üstünden ýagdyrdy.
28 Reb olary güýçli gahar bilen, gazap atyna atlanyp, öz ýurtlaryndan kowup çykaryp, şu günki görşüňiz ýaly, başga ýurda äkidip taşlady“.
29 Gizlin syrlar Hudaýyňyz Rebbe degişlidir. Emma bu Kanunyň ähli sözlerini ýerine ýetirmek üçin aýan edilen zatlar ebedilik bize we biziň çagalarymyza degişlidir». ‎




Chapter 30

1 «Men siziň öňüňizde alkyşlar we näletler goýdum. Olar siziň başyňyza düşende, siz Hudaýyňyz Rebbiň sizi dargadyp goýberen halklarynyň arasyndakaňyz, bu ýalkanyşlary we näletleri ýadyňyza salsaňyz
2 we Hudaýyňyz Rebbe dolanyp, meniň bu günki size tabşyryşym ýaly, özüňiz hem, çagalaryňyz hem tutuş ýüregiňiz, janyňyz-teniňiz bilen Oňa gulak assaňyz,
3 diňe şonda Hudaýyňyz Reb sizi täzeden dikeldip, size rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar.
4 Hatda siz dünýäniň ol çetine sürgün edilen hem bolsaňyz, Hudaýyňyz Reb sizi ol ýerden ýygnap, yzyňyza getirer.
5 Hudaýyňyz Reb sizi ata-babalaryňyzyň mülk ýerine elter. Siz ol ýeri eýelärsiňiz. Ol ata-babalaryňyza garanda, size has köp bereket berip, sanyňyzy has-da artdyrar.
6 Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, janyňyz-teniňiz bilen söýüp ýaşarsyňyz.
7 Hudaýyňyz Reb bu ähli lagnatlary duşmanlaryňyza we size zulum eden garşydaşlaryňyzyň üstüne ýagdyrar.
8 Şondan soň siz ýene-de Rebbe gulak asarsyňyz, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny ýerine ýetirersiňiz.
9 Eger siz Hudaýyňyz Rebbe gulak goýup, şu Kanun kitabynda ýazylan Onuň tabşyryklarydyr parzlaryny berjaý etseňiz, Hudaýyňyz Rebbe tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen dolansaňyz, Hudaýyňyz Reb her bir etjek işiňize bereket berer, ogul-gyzyňyz köp bolar, mal-garalaryňyzyň sany artyp, ýeriňiziň hasyly bol bolar. Çünki Reb ata-babalaryňyza ýagşylyk edeninde lezzet alşy ýaly, size ýagşylyk edeninde hem lezzet alar».
11 «Hakykatdan-da, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýrugy siziň üçin kyn däl ýa-da el ýetmez ýaly gaty uzakda däl.
12 „Biz ony eşidip, ýerine ýetirer ýaly, kim biziň üçin asmana çykyp, ony bize getirip berer?“ diýmezligiňiz üçin, ol asmanda däldir.
13 Ýa-da siziň: „Biz ony eşidip, ýerine ýetirer ýaly, kim biziň üçin deňziň aňry tarapyna geçip, ony bize getirip berer?“ diýmezligiňiz üçin, ol deňziň aňyrsynda däldir.
14 Ýok, bu sözler size juda ýakyndyr. Ýerine ýetirmegiňiz üçin bu siziň agzyňyzda we ýüregiňizdedir.
15 Ine, bu gün men siziň öňüňizde ýaşaýyş we ýagşylyk, ölüm we ýamanlyk goýýaryn.
16 Meniň bu gün tabşyryşym ýaly, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, Onuň ýolundan ýöreseňiz, Onuň tabşyryklaryny, parzlarydyr hökümlerini berjaý etseňiz, onda siz ýaşarsyňyz we köpelersiňiz. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizde Hudaýyňyz Reb sizi ýalkar.
17 Emma siz ýüregiňiz Ondan dönüp, gulak asman ýoldan çykyp, başga hudaýlara sygynyp gulluk etseňiz,
18 onda tutuşlaýyn heläk boljakdygyňyzy bu gün size jar edýärin. Iordan derýasyndan geçip, mülk edinjek ýeriňizde uzak ýaşamarsyňyz.
19 Bu gün siziň öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş we nälet goýandygyma size garşy şaýat bolmaga asmany we ýeri çagyrýaryn. Ýaşaýşy saýlaň, şonda siziň özüňiz hem ýaşarsyňyz, nesilleriňiz-de ýaşar.
20 Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Oňa gulak asyň we Oňa bil baglaň, çünki ýaşaýşyňyzyň we ömrüňiziň uzaklygy Ondadyr. Bu Rebbiň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba bermegi wada eden ýurdunda ýaşamagyňyz üçindir». ‎




Chapter 31

1 Musa ähli ysraýyl halkynyň öňünde sözüni soňlap, şeýle diýdi:
2 «Men häzir bir ýüz ýigrimi ýaşymda. Mundan beýläk men baştutan bolup biljek däl. Reb maňa: „Sen Iordandan aňry geçmersiň“ diýdi.
3 Hudaýyňyz Rebbiň Özi siziň öňüňizden geçer. Ol ähli halklary siziň öňüňizden ýok eder we siz olaryň ýerini mülk edinersiňiz. Rebbiň söz berşi ýaly, Ýeşuwa size baş bolup, derýadan geçer.
4 Reb amorlaryň hany Sihon bilen Ogy öldürip, olaryň ýurduny weýran edişi ýaly, bu halklary hem şeýle eder.
5 Reb olary size tabşyrar, siz hem olary meniň buýruşym ýaly edersiňiz.
6 Dözümli we mert boluň! Olardan gorkmaň, dowla düşmäň, sebäbi siziň bilen gitjek hut Hudaýyňyz Rebbiň Özüdir. Ol sizi hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez».
7 Soňra Musa Ýeşuwany çagyryp, ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda şeýle diýdi: «Dözümli we mert bol, çünki Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna bu halk bilen gitjek ýeke-täk sensiň. Bu ýurdy olara mülk edip paýlap berjek hem diňe sensiň!
8 Rebbiň Özi seniň öňüňden gider. Ol seniň bilen bolar. Ol seni hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez. Gorkma we dowla düşme!»
9 Soňra Musa şu Kanuny ýazyp, ony Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryna we Ysraýylyň ähli ýaşulularyna berdi.
10 Musa olara şeýle buýruk berdi: «Her ýedinji ýylyň – karzlaryň geçilýän ýylynyň ahyrynda, Çatma baýramynda,
11 ähli ysraýyllar Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna, Onuň Öz saýlajak ýerine gelenlerinde, siz şu Kanuny ähli ysraýyllara eşitdirip okaň.
12 Ähli halky: erkekleri, aýallary, çagalary, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekleri ýygnaň. Olar bu barada eşidenlerinde, Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmegi öwrensinler.
13 Bu Kanuny bilmeýän olaryň çagalary hem Iordan derýasynyň aňyrsyndaky mülk ýerlerinde ýaşanlarynda muny eşidip, Hudaýyňyz Rebden gorkmagy öwrensinler».
14 Reb Musa: «Seniň ölmeli wagtyň golaýlaşdy. Ýeşuwany çagyr-da, ikiňiz hem Maňa ýüz tutulýan çadyra baryň, Men onuň etmeli wezipesini tabşyrjak» diýdi. Şeýlelikde, Musa bilen Ýeşuwa ikisi Rebbe ýüz tutulýan çadyra bardylar.
15 Reb çadyrda bulut sütüni görnüşinde peýda boldy. Bulut sütüni çadyryň girelgesinde durdy.
16 Reb Musa şeýle diýdi: «Tizara sen ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. Şondan soň bu halk barýan ýerindäki hudaýlara, öz aralaryndaky keseki hudaýlara baglanyp, ahlaksyzlyga ýüz urar. Olar Meniň bilen eden ähtini bozup, Meni terk ederler.
17 Şol gün Meniň gahar-gazabym olaryň üstünden iner. Men olary terk edip, olardan ýüz öwrerin. Olar şobada heläk bolarlar, olaryň üstünden köp bela-beterler iner. Şol gün olar: „Aramyzda Hudaýymyzyň ýokdugy sebäpli, bu bela-beterler biziň üstümizden indimikä?“ diýerler.
18 Olaryň başga hudaýlara tarap öwrülip, eden ähli erbetlikleri üçin, şol gün Men olardan hökman ýüz öwrerin.
19 Şonuň üçin hem indi bu aýdymy ýazyp alyň we ysraýyllara öwrediň, olar okasynlar. Şonda bu aýdym Maňa ysraýyllaryň garşysyna şaýat bolar.
20 Çünki Men olary ata-babalaryna wada eden ýurduma – süýt we bal akýan ýurda getirenimde, olar iýip-içip, garynlary dok bolup mesirgäp, başga hudaýlara sygynyp, olara gulluk ederler. Meni ýigrenip, Meniň ähtimi bozarlar.
21 Başlaryna ençeme agyr külpetler inende, olaryň nesilleri bu aýdymy dillerinden düşürmezler, şonda bu aýdym olara şaýatlyk eder. Çünki Men wada eden ýurduma olary getirmezden öň hem, hatda häzir hem olaryň nähili pikirdediklerini öňünden bilýärin».
22 Edil şol gün Musa bu aýdymy ýazyp, ysraýyllara öwretdi.
23 Soňra Reb Nunuň ogly Ýeşuwanyň etmeli işlerini tabşyrdy we oňa: «Dözümli we mert bol, çünki ysraýyllary Meniň söz beren ýurduma getirjek sensiň. Men seniň bilen bolaryn!» diýdi.
24 Musa bu Kanuny onuň iň soňky sözüne çenli ýazyp gutardy
25 we Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewilere şeýle buýruk berdi:
26 «Bu Kanun kitabyny alyp, Hudaýyňyz Rebbiň Äht sandygynyň ýanynda goýuň. Goý, ol şol ýerde size garşy şaýat bolup galsyn.
27 Çünki men siziň nähili başbozar we boýnuýogyn halkdygyňyzy gowy bilýärin. Men entek dirikäm, siz Rebbe garşy pitne turuzýarsyňyz, ölenimden soň, siz, gör, näçe gezek pitne turzarsyňyz!
28 Tireleriňiziň ähli ýaşulularyny we baştutanlaryňyzy meniň ýanyma ýygnaň. Men bu sözleri eşitdirip, olara aýtjak. Goý, asman bilen Ýer olara garşy şaýat bolsun.
29 Çünki ölenimden soňra, meniň size buýran ýolumdan çykyp, büs-bütin azgynçylyga baş urjakdygyňyzy men bilýärin. Wagt gelip, başyňyzdan bela-beter iner, sebäbi siz Rebbiň nazarynda pis iş edip, öz etmişleriňiz sebäpli Onuň gaharyny getirersiňiz».
30 Soňra Musa bu aýdymyň sözlerini tutuş Ysraýyl jemagatyna eşitdirip, iň soňky sözüne çenli okady. ‎




Chapter 32

1 «Eý asman, gulak goý, Men sözläýin. Eý zemin, aýdýanlarymy eşit.
2 Taglymatym ýagyş deý ýagsyn, Sözlerim çyg deý düşsün. Ýagsyn ot üstüne çisňeýän ýagmyr deý, Maýsalaryň üstüne inýän çabga deý!
3 Çünki Rebbiň adyny jar ederin. Beýikdigi üçin Hudaýymyzy öwüň!
4 Ol Gaýadyr, işleri kämildir, Bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.
5 Bu azgyn hem ters nesil Oňa hyýanat etdi. Ýazygyňyz sebäpli indi siz Onuň çagalary dälsiňiz.
6 Eý, akmak hem nadan halk, Şumy Rebbe jogabyňyz? Sizi bejerip, ykrar eden. Ol – Ýaradan atamyz dälmi?
7 Öten günleri ýada salyň, Geçen nesillere nazar aýlaň. Ataňyzdan soraň, aýdyp bersin, Ýaşulularyňyz gürrüň bersin.
8 Mülk paýlanda özge halklara, Olary aýry-aýry bölüp çykanda, Çäk çekdi olara Beýik Alla Perişdeleriniň sanyna görä.
9 Öz halkydyr Rebbiň paýy, Öz paýy üçin Ýakuby miras aldy Ol.
10 Ol Ýakuby gurak bir ýurtdan tapdy, Güwläp ýatan çölden tapdy. Onuň gaýgy-aladasyny etdi, Gözüniň göreji deý gorap saklady.
11 Çagalarynyň üstüne ganat gerýän bürgüt deý, Höwürtgesinden olara uçmagy öwretdi. Ganatyny gerip, olary tutdy, Ganaty bilen olary daşady.
12 Oňa ýol görkezen ýeke-täk Reb boldy, Onuň bilen bolmady keseki hudaý.
13 Ony ýer ýüzüniň belentliginde gezdirdi, Meýdan önümi bilen naharlady. Gaýadan akan bal bilen, Çakmak daşdan çykan zeýtun ýagy bilen bakdy.
14 Sygyr ýagydyr goýnuň süýdi bilen, Semiz goç-guzular bilen, Başan ýurduň öküzleridir erkeji bilen, Iň saýlama bugdaý bilen bakdy. Üzümiň gyrmyzy ganyndan şerap içdi.
15 Ýöne Ýeşurun semredi, depmäge başlady. Garnyny ýag alyp agyrlaşdy. Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi, Ret etdi Halasgär Gaýasyny.
16 Keseki hudaýlar bilen Ony gabandyrdylar, Nejis zatlar bilen gaharyny getirdiler.
17 Olar Hudaýa däl-de, jynlara, Tanamaýan hudaýlaryna, Ata-babalarynyň gorkmadyk hudaýlaryna, Ýaňy dörän hudaýlara gurban kesdiler.
18 Sen özüňi ýaradan Gaýany unutdyň, Dünýä inderen Hudaýy ýatdan çykardyň.
19 Muny gören Reb olara gahary geldi, Olaryň ogul-gyzlaryny ret etdi.
20 Ol diýdi: „Gizläýin olardan ýüzümi, Soňuny göreýin olaryň. Çünki biderek nesildir olar, Biwepa perzentlerdir.
21 Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, Boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, Akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.
22 Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, Ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwdar ol ot, Daglaryň binýadyny ýakyp kül eder.
23 Başlaryna belalar indererin, Oklarymy olara garşy ataryn.
24 Gowrup barýan gytlyk, ýakýan hassalyk, gyrgyn ýok eder olary. Iberýän ýyrtyjy haýwanlarym olara agyz salar, Ýerde süýrenýän ýylanlar zäherin pürker.
25 Ýigit ýa-da gyz bolsun, emýän körpe ýa çal goja, parhy ýok, Daşarda – gylyç heläk eder, içerde olary gorky öldürer.
26 Ynsanlar arasyndan olary dagytmakdy, Olar hakdaky ýatlamany öçürip taşlamakdy pikirim.
27 Emma duşmanyň öjükmeginden çekindim, Çünki duşman ýalňyş düşünmesin, ‘Bulary eden Reb däl eken, Biziň elimiz rüstem eken’ diýmesin.
28 Ysraýyl bir akylsyz halkdyr, Olarda hiç hili düşünje ýokdur.
29 Dana bolsadylar, muňa düşünerdiler, Soňunyň näme boljagyny öňünden aňardylar.
30 Ysraýyly Gaýasy satmadyk bolsa, Reb olary ele bermedik bolsa, Nädip bir duşman olaň müňüsini kowar, Iki kişi on müňüsini gaçyrar?
31 Çünki biziň Gaýamyz ýaly däl olaň gaýasy, Duşmanymyzyň özi hem bilýär muny.
32 Duşmanyň üzüm çybygy Sodom çybygyndan, Gomora baglaryndandyr. Üzümleri zäher-zakgun, Salkymlary ajydyr.
33 Şeraplary ýylan zäheridir, Kepjebaşyň öldürýän awysydyr.
34 Meniň ýanymda saklanmaýarmy bular, Hazynalarymda möhürlenen dälmi näme?
35 Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, Çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, Jeza güni gaty golaýdyr“.
36 Şeýdip, Öz halkyny Reb aklar, Ol gulda hem, erkinde hem Ysgyn-mydar ýokdugyny görende, Öz bendelerine rehim-şepagat eder.
37 Soňra Ol diýer: „Hany, bularyň hudaýlary nirede? Hany olaryň bil baglan gaýasy?
38 Gurbanlyklaryň ýagyny iýen, Guýlan şeraplaryny içen Şol hudaýlaryňyz nirede? Goý, turup, size kömek etsin olar, Bolsunlar-da siziň penakäriňiz!
39 Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de, Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da. Gutuljak ýokdur Meniň elimden.
40 Elimi göge galdyryp, Ant içýärin: Men ebedi diri!
41 Men lowurdaýan gylyjymy çarhlap, Höküm etmek üçin elime alsam, Duşmanlarymdan ar alaryn, Meni ýigrenýänleň jezasyny bererin.
42 Ölenleriň hem ýesirleriň ganyndan, Uzyn saçly duşmanlaryň ganyndan Oklarymy serhoş ederin, Gylyjymy etden doýraryn“.
43 Onuň halky bilen şatlanyň, eý halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, Olary günäsinden saplar».
44 Musa Ýeşuwa bilen gelip, bu aýdymyň ähli sözlerini halka eşitdirip okap berdi.
45 Musa bu sözleri tutuş Ysraýyla okap berenden soň,
46 olara şeýle diýdi: «Bu günki meniň size aýdan sözlerimiň ählisini ýüregiňizde saklaň. Çagalaryňyza buýruň, goý, olar bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirsinler.
47 Bular siziň üçin boş sözler däl-de, eýsem siziň durmuşyňyzdyr. Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda şu aýdylanlar bilen siz uzak ömür sürersiňiz».
48 Reb şol gün Musa şeýle diýdi:
49 «Mowap ýurdundaky Ýerihonyň garşysyndaky Abarym daglarynyň biri bolan Nebo dagyna çyk. Ysraýyllara mülk edilip beriljek Kengan ýurduny gör.
50 Agaň Harunyň Hor dagynda ölüp, öz halkyna gowşuşy ýaly, sen hem şol çykan dagyňda ölüp, ata-babalaryňa gowuşarsyň.
51 Çünki ikiňiz hem Sin çölünde, Kadeş galasynyň golaýyndaky Meriba çeşmesinde, ysraýyllaryň öňünde Maňa dönüklik etdiňiz. Ysraýyllaryň arasynda siz Meniň mukaddesligimi ykrar etmediňiz.
52 Şonuň üçin hem, ol ýeri sen diňe uzakdan görersiň, emma Meniň ysraýyllara berjek ýerime girmersiň». ‎




Chapter 33

1 Hudaýyň adamy Musanyň ölmezinden öň, ysraýyllara beren patasy, ine, şudur.
2 Ol şeýle diýdi: «Reb Sinaý dagyndan geldi, Halkyna Segirden dogdy, Paran dagyndan nur saçdy. Ýanynda on müňlerçe perişde bardy, Sag elinde lowlaýan ot bardy.
3 Ýa Reb, Sen çyndan halkyňy söýýärsiň! Ähli perişdeler goluň astynda. Olar aýagyňa ýykylyp, Senden görkezme alýarlar.
4 Ysraýyl jemagatyna miras hökmünde Musa bize Kanun berdi.
5 Ysraýyl tireleri birleşende, Halk baştutanlary ýygnanda, Reb Ýeşuruna patyşa boldy.
6 Ruben halky az adamly bolsa-da, Goý, ýaşasyn, ölmesin!»
7 Musa Ýahuda hakda şeýle diýdi: «Ýa Reb, Ýahudanyň perýadyny eşit, Ony öz halkyna getir, Onuň ellerine kuwwat ber, Duşmanyna garşy oňa ýardamçy bol!»
8 Lewi hakda şeýle diýdi: «Ýa Reb, Tummymyňy Lewä, Urymyňy sadyk guluňa ber. Ony Massada synadyň, Meriba çeşmesinde söweşdiň.
9 Ol: „Ata-enem bar diýip, Olara seretmedim“ diýdi. Doganyny tanamady, Çagalaryny unutdy. Çünki lewiler Seniň sözüňi tutdy, Seniň ähtiňi saklady.
10 Seniň hökümleriňi Ýakuba, Kanunyňy Ysraýyla öwreder. Seniň huzuryňda hoşboý buhur, Gurbanlyk sypaňda başbitin ýakma gurbanlygyny ýakar.
11 Ýa Reb, olara kuwwat ber, Elleriniň işini kabul et, Kim olara hüjüm edip ýigrense, Bilini omur, gaýdyp aýaga galmasyn!»
12 Benýamin hakda şeýle diýdi: «Ol Rebbiň iň gowy görýäni, howpsuz ýaşar, Beýik Alla bütin gün onuň üstüne ganat gerer, Ol Rebbiň dagynda mesgen tutar».
13 Ýusup hakda şeýle diýdi: «Reb onuň ýerine bereket bersin. Gökden ýagýan peşgeşler bilen, Ýer astyndaky çuň suwlar bilen,
14 Günde ýetişen saýlama hasyly bilen, Her pasylyň iň ajap miwesi bilen,
15 Gadymy daglaryň iň gowy iýmişi bilen, Müdimi depeleriň bolçulygy bilen,
16 Ýeriň iň gymmat peşgeşi we dolulygy bilen, Ýanýan çalyda Görneniň merhemeti bereket bersin. Bu bereketler öz doganlarynyň arasyndan Saýlanyp-seçilen Ýusubyň başyna ýagsyn.
17 Ol ilkinji doglan öküz ýaly haýbatlydyr, Ýabany öküziňki kimindir onuň şahlary. Bir şahy Efraýymyň on müňüsidir, Beýlekisi Manaşeniň müňüsidir. Ol halklary şahlary bilen süser, Ýeriň ol ujuna çenli olary kowar».
18 Zebulun hakda şeýle diýdi: «Eý Zebulun, ýola düşeniňde şadyýan bol, Sen bolsa, Ysakar, çadyryňda şatlan!
19 Halklary daga çagyrarlar, Ol ýerde dogry gurbanlyklar keserler. Deňizleriň baýlygyny, Gumda gömlen hazynany iýerler».
20 Gat hakda şeýle diýdi: «Gatyň mülküni giňeldene alkyş bolsun! Gat şir kimin ýaşaýar, Goly we başy goparyp taşlaýar.
21 Ol özi üçin iň mes ýeri saýlady. Çünki halk baştutanlarynyň ýygnagynda Serdaryň paýy oňa berlendir. Ysraýyl üçin Rebbiň adalatyny, Onuň hökümini ol ýerine ýetirdi».
22 Dan hakda şeýle diýdi: «Dan Başandan çykan, Şiriň çagasydyr».
23 Naftaly hakda şeýle diýdi: «Eý sen, Rebbiň merhemeti bilen, Onuň bereketi bilen dolan Naftaly, Günbatary we günortany mülk edinersiň».
24 Aşer hakda şeýle diýdi: «Ogullaryň iň bereketlisi Aşer bolsun! Doganlaryň iň eý görülýäni ol bolsun! Aýagyny zeýtun ýagyna batyrsyn!
25 Kiltleri demirden we bürünçden bolsun! Ömri näçe uzak bolsa, şonça-da howpsuz ýaşasyn!»
26 «Eý Ýeşurun, saňa kömek etmek üçin asmandan uçýan, Bulutlar arasyndan gudrat görkezýän, Seniň Hudaýyňa taý geljek ýokdur.
27 Penakäriň gadymdan bar bolan ebedi Hudaýdyr! Seni hemişe gollarynda göterer, Garşyňdan duşmanlaryňy kowar, Olary saňa ýok etmegi buýrar.
28 Şeýdip, Ysraýyl howpsuz ýaşar, Däne we şerabyň bol ýerinde, Ýakubyň mekany abadan bolar. Ol ýere asmandan çyg düşer.
29 Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr! Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler, Sen olaryň arkasyndan basarsyň». ‎




Chapter 34

1 Şundan soň, Musa Mowap düzlüginden Nebo dagyna, Ýerihonyň garşysyndaky Pisga depesine çykdy. Reb oňa şu ähli ýeri: Gilgatdan tä Dana çenli ýerleri,
2 tutuş Naftalyny, Efraýym we Manaşe topragyny, tutuş Ýahudadan Günbatar deňzine çenli bolan ýerleri,
3 Negep çölüni we Ýeriho jülgesinden Sogara çenli ýerleriň ählisini görkezdi. Ýeriho Palma galasy diýlip hem atlandyrylýardy.
4 Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Ine, seniň nesilleriňe bermegi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerim şudur. Men saňa ony öz gözleriň bilen görmäge rugsat berýärin, emma sen ol tarapa geçmersiň».
5 Şeýdip, Rebbiň Öz buýruşy ýaly, Rebbiň guly Musa şol ýerde – Mowapda öldi.
6 Reb ony Mowapda, Beýtpegoryň garşysyndaky jülgede jaýlady. Emma şu güne çenli onuň jaýlanan ýerini hiç kim bilmeýär.
7 Musa ýüz ýigrimi ýaşynda öldi. Onuň gözleri kütelmändi, güýç-kuwwaty azalmandy.
8 Ysraýyllar Mowap düzlüginde otuz günläp Musanyň ýasyny tutdular. Musanyň ýas günleri sowuldy.
9 Nunuň ogly Ýeşuwa paýhaslylyk ruhundan dolupdy, çünki Musa onuň üstüne ellerini goýupdy. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar oňa gulak asdylar.
10 Şondan soň, Ysraýyldan Musa ýaly Reb bilen ýüzbe-ýüz görşen başga bir pygamber çykmady.
11 Reb ony Müsürde fyrowna, onuň ähli gullaryna we tutuş ýurduna bir topar alamatlar we mugjyzalar görkezmek üçin iberipdi.
12 Çünki tutuş Ysraýylyň gözüniň alnynda Musa ýaly bu ähli gudratlary, beýik we gorkunç işleri ýerine ýetiren başga hiç kim ýokdy. ‎