Rut

1 2 3 4

Chapter 1

1 Ýurdy serdarlaryň dolandyrýan döwründe, açlyk höküm sürýärdi. Ýahuda ýurdunyň Beýtlaham galasyndan bir adam aýaly we iki sany ogly bilen, Mowap topragyna wagtlaýynça ýaşamaga gitdiler.
2 Ol adamyň ady Elimelek, aýalynyň ady Nagomy, ogullarynyň atlary bolsa Mahlon hem Kilýondy. Olar Ýahudanyň Beýtlaham galasyndan, efrata tiresindendiler. Olar Mowaba gelip, şol ýerde galdylar.
3 Adamsy Elimelek aradan çykyp, Nagomy özüniň iki ogly bilen galdy.
4 Onuň ogullary mowaply gyzlara öýlendiler. Gyzlaryň biriniň ady Orpa, beýlekisiniň ady Rutdy. Elimelegiň maşgalasy Mowapda on ýyl töweregi ýaşandan soň,
5 ogullary Mahlon bilen Kilýon hem ölüp, Nagomy ogullaryndan hem adamsyndan mahrum boldy.
6 Nagomy öz gelinleri bilen Mowap ýurdundan gitmäge taýýarlanýardylar, sebäbi ol entek Mowap topragyndaka, Rebbiň Öz halkyna nazar salyp, çörek berendigini eşidipdi.
7 Olar öz ýaşaýan ýerlerinden çykyp, Ýahuda tarap, üç bolup ýöräp ugradylar.
8 Nagomy iki gelnine-de: «Baryň, ikiňiz hem ejeňiziňkä gaýdyberiň. Maňa we merhum gaýyn ataňyza hem-de adamyňyza hemişe wepalylyk görkezişiňiz ýaly, size-de, goý, Reb öz wepalylygyny görkezsin.
9 Siziň durmuşa çykyp, indiki adamyňyz bilen rahat ýaşamagyňyza Reb ýardam etsin» diýip, olary ogşady. Emma olaryň ikisi-de ses edip aglaşdylar.
10 Gelinleri: «Ýok, biz seniň bilen bile seniň halkyň arasyna gideris» diýdiler.
11 Nagomy: «Gaýdyň gyzlarym! Siz näme üçin meniň bilen gitjek?! Indi men size öýlener ýaly ogul dogrup bilmen ahyryn.
12 Gyzlarym, yzyňyza gaýdyň, öz ýoluňyz bilen gidiň! Men indi äre barardan garry. Eger-de: „Mende entek umyt bar“ diýip, edil, şu gijäniň özünde meniň adamym bolup, ýene ogullary dünýä inderäýenimde-de,
13 tä olar kemala gelýänçä, siz garaşarmydyňyz? Olara durmuşa çykmak üçin siz başga äre barman saklanarmydyňyz? Ýok, gyzlarym, meniň ýagdaýym siziňkiden has agyr, çünki meniň garşyma çykan – Rebbiň hut özi».
14 Olar ýene-de ses edip aglaşdylar. Orpa gaýyn enesini ogşap hoşlaşdy, emma Rut Nagoma ýapyşdy.
15 Nagomy oňa ýüzlenip: «Ine, seniň eltiň öz halkynyň içine, öz hudaýlaryna dolandy, senem onuň yzy bilen gidäý» diýdi.
16 Emma Rut: «Seni terk edip ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme. Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek. Sen nirede bolsaň, menem şol ýerde boljak. Seniň halkyň – meniň halkym, seniň Rebbiň meniň Rebbim bolar.
17 Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» diýdi.
18 Nagomy Rutuň yzyna gaýtmajagyna hem-de özi bilen galjagyna göz ýetirenden soň, oňa hiç zat diýmedi.
19 Şeýdip, olaryň ikisi-de Beýtlahama çenli ýöräp gaýtdylar. Olar Beýtlahama gelip ýetenlerinde, bütin gala herekete gelip, aýallar: «Bu Nagomymy?!» diýip, bir-birlerinden soraşdylar.
20 Nagomy olara garap: «Siz maňa Nagomy diýmäň, Mara diýiň, sebäbi Gudratygüýçli maňa gaty ajy durmuş berdi.
21 Men bu ýerden gidenimde doly gidipdim, ýöne Reb meni yzyma boş gaýtardy. Reb hasrat çekdirýän wagtynda, siz nädip maňa Nagomy diýip bilýärsiňiz? Gudratygüýçli meni betbagt etdi» diýdi.
22 Şeýlelikde, Nagomy özüniň mowaply gelni Rut bilen Mowap ýurdundan yzyna gaýdyp geldi. Olar Beýtlahama arpa oragynyň başyna geldiler. ‎




Chapter 2

1 Elimelegiň kowumyndan, ýagny Nagomynyň äriniň ýakyn garyndaşlaryndan bir tanymal hem-de baý adam bardy. Onuň ady Bowazdy.
2 Mowaply Rut Nagoma: «Men ekin meýdanyna gideýin, ol ýerde maňa öz yzyndan hoşa çöplemäge rugsat eden adam tapylsa, onuň yzyndan hoşa çöplärin» diýdi. Ol hem: «Gidiber, gyzym» diýdi.
3 Rut gidip, orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemäge başlady. Onuň tötänden giren ýeri, Elimelegiň kowumyndan bolan Bowazyň ekin meýdany eken.
4 Ine, Bowaz Beýtlahamdan geldi. Ol orakçylara: «Reb siz bilen bolsun!» diýip ýüzlendi. Olar hem: «Seni-de Reb ýalkasyn!» diýip jogap berdiler.
5 Bowaz orakçylaryň ýolbaşçysyndan: «Bu gelin kim?» diýip sorady.
6 Orakçylaryň ýolbaşçysy oňa: «Bu mowaply gelin. Ol Nagomy bilen bilelikde Mowap ýurdundan gelen. Ol orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemek üçin menden rugsat sorady. Irdenki gelşinden tä şu wagta çenli hoşa çöpläp ýör, işiň aralygynda ýekeje salym hem dynç almady» diýip jogap berdi.
8 Bowaz Ruta: «Diňle, gyzym, hoşa çöplemäge başga ýere gitme. Bu ýerden aýrylma, biziň gelin-gyzlarymyzyň ýanynda bol.
9 Gözüň orakçylaryň orak orýan meýdanynda bolsun, sen olaryň yzyndan ýöre. Men öz adamlaryma saňa azar bermezligi tabşyrandyryn. Suwsan wagtyň hyzmatkärleriň dolduran küýzelerindäki suwdan içersiň» diýip tabşyrdy.
10 Rut iki bükülip tagzym edip: «Meniň bir kesekidigime garamazdan, sen men barada näme beýle aladalanýarsyň? Saňa beýle ýakymly görünmegime näme sebäp boldy?» diýdi.
11 Bowaz oňa: «Seniň adamyň ölenden soň, öz gaýyn eneňe eden ýagşylyklaryň barada hemme zat maňa mälim. Sen ene-ataňy, dogduk mekanyňy taşlap, hiç bir tanamaýan halkyň arasyna gelipsiň.
12 Eden ýagşylyklaryň Rebden gaýtsyn! Seniň pena tapynan Rebbiň, Ysraýyl Hudaýy sylagyňy bersin!» diýip jogap berdi.
13 Rut: «Meniň jenabym, sende rehim-şepagat tapaýyn. Men seniň gyrnagyň bolmasam-da, mylaýym sözleriň bilen öz gyrnagyň göwnüni göterdiň» diýdi.
14 Nahar wagty bolanda, Bowaz oňa: «Bärik gel-de, biraz nan alyp, şeraba batyryp iý» diýdi. Rut orakçylaryň ýanynda oturdy. Bowaz oňa gowurga uzatdy. Ol iýip doýdy, galanyny ýygnap goýdy.
15 Ol hoşa çöplemek üçin ýerinden galanda, Bowaz özüne degişli erkek adamlara: «Desseleriň arasyndan-da çöplesin. Oňa hiç zat diýmäň.
16 Oňa desseleriňizden-de baş sogrup goýuň; çöplesin, käýemäň» diýip tabşyrdy.
17 Ol agşama çenli meýdanda hoşa çöpledi, çöplänini döwdi. Ýarym batmana golaý arpa boldy.
18 Onsoň ony göterip, gala geldi we ýygnan arpasyny gaýyn enesine görkezdi. Rut özünden galan gowurgany çykaryp, gaýyn enesine berdi.
19 Gaýyn enesi oňa: «Bu gün hoşany nireden çöplediň? Nirede işlediň? Sen barada aladalanan bu adamy Hudaý ýalkasyn» diýdi. Rut gaýyn enesine kimiň ýanynda hoşa çöpländigini aýtdy. Rut: «Meniň bu günki hoşa çöplän ýerimiň eýesiniň ady – Bowaz» diýdi.
20 Nagomy gelnine: «Wepalylygyny ölülerden, dirilerden gaýgyrmadyk Reb bu adamy ýalkasyn! Bu adam biziň garyndaşymyzdyr, iň ýakyn hossarlarymyzyň biridir» diýdi.
21 Mowaply Rut: «Ol maňa: „Ekin meýdanymda orak orulýan möwsüm doly tamamlanýança, meniň işgärlerimiň ýanynda boluber“ diýdi» diýip, bolan zatlary gaýyn enesine gürrüň berdi.
22 Nagomy gelnine: «Hawa gyzym, ekin meýdanyna onuň gelin-gyzlary bilen bile çykanyň gowy, başga biriniň ekin meýdanynda saňa erkekler azar bererler» diýdi.
23 Rut arpa oragynyň we bugdaý oragynyň möwsümi gutarýança, hoşa çöplän wagtynda Bowazyň gelin-gyzlarynyň ýanynda bolup, gaýyn enesi bilen bile ýaşaberdi. ‎




Chapter 3

1 Gaýyn enesi Nagomy Ruta ýüzlenip: «Gyzym, saňa gowy bolar ýaly, täze mesgen gözläýsem, oňat bolardy!
2 Bowazyň gelin-gyzlary bilen bile hoşa çöplediň, şol Bowaz biziň ýakyn garyndaşymyz dälmi näme? Ol şu gije harmanda arpa sowurýar.
3 Sen ýuwun-da, endamyňa ýag çal, iň gowy geýimleriňi geýip, harmana bar, ýöne ol iýip-içip bolýança, oňa görünme.
4 Ol ýatmaga gidende, onuň nirede ýatýandygyny anykla; onsoň baryp, onuň ýorganyny aç-da, girip aýagujynda ýat. Näme etmelidigini onuň özi aýdar» diýdi.
5 Rut oňa: «Seniň ähli diýenleriňi aýdyşyň ýaly ederin» diýdi.
6 Şeýlelikde, harmana baryp, gaýyn enesiniň hemme tabşyranlaryny ýerine ýetirdi.
7 Bowaz iýip-içip, keýpini kökledi. Soň harmanyň gyrasyna ýatmaga gitdi. Rut bolsa assyrynlyk bilen gelip, onuň aýagujy tarapyndan ýorgany açyp, girip ýatdy.
8 Ýarygije Bowaz tisginip oýandy, görse, aýagujynda bir aýal ýatyr.
9 Bowaz oňa: «Sen kim?» diýdi. Ol: «Men Rut, seniň gyrnagyň. Meniň garamatymy öz üstüňe alsana, çünki sen biziň ýakyn hossarymyzsyň» diýip jogap berdi.
10 Bowaz: «Gyzym, goý, seni Reb ýalkasyn, seniň soňky görkezen wepalylygyň ozalkyňdan-da has gowy, çünki sen haýsydyr bir garyp ýa baý ýaş ýigidiň yzyna düşüp gitmediň.
11 Gyzym, gorkma; men seniň soran zatlaryňy ederin. Obamyzyň ähli adamlary seniň päk aýaldygyňy bilýär.
12 Dogry, menem hossaryňdyryn welin, ýöne saňa menden-de has ýakyn bir hossar bar.
13 Bu gije sen şu ýerde ýat, ertir ol saňa hossar çyksa çykar, bolmasa-da, men özüm saňa hossarlyk ederin, Rebbiň barlygynda muňa ant içýärin! Ertire çenli sen şu ýerde boluber» diýdi.
14 Şeýlelikde, Rut onuň aýagujynda ertire çenli ýatyp, daňdan alagaraňkylykda turdy. Bowaz: «Harmana aýal gelendigi bilinmesin» diýdi.
15 Bowaz Ruta: «Ýapynjaňy getirip, ony ýere ýaz!» diýdi. Rut hem ony etdi. Bowaz arpadan galbir bilen alty gezek alyp, Rutuň ýapynjasyna guýdy-da, onuň omzuna goýdy. Soňra Bowaz gala tarap gitdi.
16 Rut gelende, gaýyn enesi oňa: «Gyzym, hany aýt, nämeler bolup geçdi?» diýdi. Ol hem Bowaz bilen bolan zatlaryň baryny aýdyp berdi.
17 Soňra Rut: «Bowaz maňa „Gaýyn eneň ýanyna eliň boş gitme“ diýip, ine, şu alty galbir arpany berdi» diýdi.
18 Nagomy: «Gyzym, bu işiň soňunyň nähili boljakdygy belli bolýança, garaşyber, çünki ol bu işi şu gün bitirmän ynjalmaz» diýdi. ‎




Chapter 4

1 Bowaz galanyň derwezesiniň agzyna gelip oturdy. Şol wagt Bowazyň: «Ol saňa has ýakyn hossardyr» diýen adamy geçip barýardy. Bowaz ony gören badyna adyny tutup: «Bärik sowul, gel, şu ýerde otur» diýip, ony ýanyna çagyrdy. Ol gelip oturdy.
2 Soňra Bowaz galanyň ýaşulularyndan on adamy çagyrdy-da, «Geliň, ýanymda oturyň» diýdi. Olar oturdylar.
3 Bowaz ýaňky ýakyn hossaryna: «Mowap ýurdundan yzyna gelen Nagomy doganymyz Elimelegiň ýer paýyny satjak bolýar.
4 Men muny bu ýerde oturanlaryň we halkymyň ýaşulularynyň huzurynda saňa eşitdireýin diýdim, ony sen satyn al. Eger ýere eýelik edip biljek bolsaň-a et, eýelik edip bilmejek bolsaň-da, ony aýt, men bu barada bileýin. Sebäbi, onuň iň ýakyn hossary sensiň, galyberse-de, mendirin» diýdi. Ýaňky ýakyn garyndaşy: «Eýelik ederin» diýdi.
5 Bowaz: «Eger-de sen Nagomynyň ýerini satyn alaýsaň, onda mowaply dul aýal Ruta öýlenmeli bolarsyň. Çünki Rutdan çaga dünýä inse, şol ýer çaganyň adyna geçer we öleniň ady dikeldiler» diýdi.
6 Ýaňky ýakyn hossary: «Men oňa eýe çykyp biljek däl, eger eýe çykaýsam, onda, öz mirasymy dagadaryn, ony sen alaý. Men beýle edip biljek däl» diýdi.
7 Haýsydyr bir zada eýe çykylanda ýa-da ýer başga biriniň adyna geçirilende, muny makullamak üçin ozallar Ysraýylda şeýle däp bardy: taraplaryň biri aýakgabynyň bir taýyny çykaryp, beýlekä uzadardy.
8 Şoňa görä ýaňky ýakyn hossary Bowaza: «Seniň özüň satyn alaý» diýip, aýakgabyny çykardy.
9 Bowaz ýaşululara, derwezäniň agzyndaky adamlara: «Elimelegiň, Kilýonyň we Mahlonyň ähli emlägini Nagomydan meniň satyn alandygyma bu gün siz şaýatsyňyz.
10 Şeýle hem merhumyň ady öz mirasynyň üstünde berkarar bolup, doganlarynyň arasynda, dogduk mekanynda onuň ady ýitmez ýaly, Mahlonyň aýaly, mowaply Ruty men özüme aýallyga alýaryn. Siz muňa şaýatsyňyz» diýdi.
11 Derwezäniň agzyna üýşen ýaşulular we beýleki adamlar Bowaza ýüzlenip: «Biz şaýatdyrys. Goý, seniň öýüňe geljek aýaly Reb, Rahel we Leýa ýaly etsin! Ol ikisinden ysraýyl halky emele gelendir. Efrata tiresiniň arasynda seniň döwletiň artyp, adyň Beýtlahama dolsun!
12 Şu gelniň üsti bilen Rebbiň saňa berjek perzentlerinden dörejek nesil Tamaryň Ýahuda dogrup beren ogly Peresiň nesli ýaly bolsun!» diýdiler.
13 Bowaz Ruta öýlendi. Ol onuň ýanyna girdi; Rut Rebbiň merhemeti bilen göwreli boldy we bir ogul dogurdy.
14 Aýallar Nagoma: «Rebbe alkyş bolsun! Ol bu gün seni hossarsyz goýmady. Dünýä inen bu oglanyň ady Ysraýylda uly hormata eýe bolsun!
15 Ol seniň durmuşyňy täzelär. Garranyňda, ol saňa arkadaýanç bolar. Seniň üçin ýedi oguldan hem artyk bolan bu gelniň saňa ogul dogrup berdi, ol seni söýýär» diýdiler.
16 Nagomy çagany alyp, gujagyna gysdy we oňa eneke boldy.
17 Goňşy aýallar çaga at goýup: «Nagoma bir ogul dogdy» diýişdiler. Ony Obet diýip atlandyrdylar. Obet Dawudyň kakasy Ýyşaýyň kakasydyr.
18 Peresiň nesilleri şulardyr: Peresden Hesron, Hesrondan Ram, Ramdan Ammynadap, Ammynadapdan Nahşon, Nahşondan Salman, Salmandan Bowaz, Bowazdan Obet, Obetden Ýyşaý, Ýyşaýdan bolsa Dawut dünýä indi. ‎