1 Şamuwel

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Chapter 1

1 Efraýym daglygyndaky Ramataýymsopym galasynda Elkana diýen bir adam ýaşaýardy. Efraýym tiresinden bolan bu adam Ýerohamyň ogly, Elihuwyň agtygy, Tohuwyň çowlugy we Supuň ýuwlugydy.
2 Elkananyň Hanna hem-de Peninna atly iki aýaly bardy. Peninnanyň çagalary bardy, emma Hannadan perzent bolmaýardy.
3 Elkana ýylyň-ýylyna Hökmürowan Rebbe sežde etmek hem Oňa gurbanlyk bermek üçin, Şilo galasyna gidýärdi. Ol ýerde Eliýiň Hopny we Pinehas atly iki ogly bardy. Olar Rebbiň ruhanylarydy.
4 Elkana her gezek Şiloda gurbanlyk berende, gurbanlyk etinden aýaly Peninna hem-de onuň çagalarynyň hersine bir paýdan bererdi.
5 Emma ol Hanna iki paý bererdi. Çünki Reb Hannany önelgesiz edenem bolsa, Elkana ony söýýärdi.
6 Rebbiň perzent bermeýändigi sebäpli, Hannanyň günüsi ony ynjydardy, kemsiderdi.
7 Bu ýyllarboýy şeýle boldy. Her gezek Rebbiň öýüne gidende, Hannanyň gündeşi onuň ýarasyny täzelärdi. Bir gün hem Hanna oturyp aglady we hiç zat datmady.
8 Äri oňa: «Hanna, sen näme üçin aglaýaň, näme üçin hiç zat iýmeýäň, näme üçin beýle hasrat çekýäň? Seniň üçin men on oguldan-da artyk dälmi näme?!» diýdi.
9 Olar iýip-içip bolanlaryndan soň, Hanna ýerinden turup, Rebbiň huzuryna bardy. Eliý ruhany şol wagt Rebbiň ybadathanasynyň söýesiniň gapdalyndaky kürsüde otyrdy.
10 Hannanyň kalby hasratdan doludy. Ol gözünden boýur-boýur ýaş döküp durşuna, Rebden dileg etdi.
11 Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez».
12 Hanna Rebbiň huzurynda uzak wagt dileg edensoň, Eliý onuň agzyna seredip otyrdy.
13 Hanna içinden dileg edensoň, onuň sesi eşidilmän, diňe dodaklary gymyldaýardy. Şoňa görä Eliý oňa serhoşdur öýtdi.
14 Eliý oňa: «Haçana çenli beýdip, entirekläp ýörjek? Bar, serhoşlukdan açylansoň gel» diýdi.
15 Hanna oňa: «Ýok, agam, men serhoş däl, men ýarym göwün bir biçäre. Meniň arak-şerapdan içen zadym ýok. Men diňe Rebbiň huzurynda içimi dökýän.
16 Gyrnagyňa ýaramaz aýaldyr öýtme. Men ajy gam-gussadan we gaýgy-hasratdan ýaňa dileg edýärin» diýip jogap berdi.
17 Eliý oňa: «Bar, arkaýyn öýüňe gaýdyber, goý, Ysraýyl Hudaýy dilegiňi kabul etsin» diýdi.
18 «Öz gyrnagyňa merhemet et!» diýip, Hanna öz ýoluna gitdi. Soňra ol naharlandy. Ol indi gamgyn däldi.
19 Ertesi irden turup, olar Rebbe sežde etdiler, soňra yzlaryna gaýtdylar we Ramadaky öz öýlerine dolanyp geldiler. Elkana öz aýaly Hanna ýanaşdy; Reb onuň dilegini kabul etdi.
20 Şeýlelikde, Hanna göwreli bolup, bir ogul dogurdy. «Men muny Rebden diläp aldym» diýip, ol oglunyň adyna Şamuwel dakdy.
21 Onuň äri Elkana tutuş maşgalasy bilen ýene ýyllyk gurbanlygyny bermek üçin hem-de beren wadasyny ýerine ýetirmek üçin, Şilo gitmekçi bolanda,
22 Hanna bu gezek onuň bilen gitmedi. Ol adamsyna: «Süýtden aýrylandan soň, men çagany Rebbiň huzuryna alyp bararyn, ol şol ýerde ömürlik galar» diýdi.
23 Elkana oňa: «Bolýar, gözel göwnüň, çagaň süýtden aýyrýança garaşaý. Goý, Reb seniň wadaňy amala aşyrsyn!» diýdi. Şunlukda, Hanna öýde galyp, çagany süýtden aýyrýança, oňa seretdi.
24 Çagany süýtden aýrandan soň, üçýaşar öküz bir batman un we bir tulum şerap bilen bilelikde Hanna ony Şilo galasyna Rebbiň öýüne getirdi; çaga entek ýaşdy.
25 Bir öküzi gurbanlyk berenlerinden soň, olar çagany Eliýiň ýanyna alyp bardylar.
26 Hanna Eliýä ýüzlenip: «Eý, agam, ömrüň uzak bolsun! Men şu ýerde huzuryňda durup, Rebden dileg eden aýal.
27 Ine, şu çaga üçin dileg edipdim. Reb meniň dilegimi kabul etdi.
28 Şoňa görä men ony Rebbe berýärin. Goý, ol tä ömri ötýänçä, Rebbiň hyzmatynda bolsun» diýdi. Soňra ol şol ýerde Rebbe sežde etdi.




Chapter 2

1 Onsoň Hanna Hudaýa dileg etdi: «Reb kalbymy şatlyga besledi, Reb bilime kuwwat berdi. Seniň halas edeniň üçin, men şadyýan! Duşmanlarymyň üstünden gülýän.
2 Reb mukaddesdir, Oňa taý bolmaz, Ondan gaýry Hudaý bolmaz, Biziň Hudaýymyz deý Gaýa bolmaz.
3 Buýsançdan doly sözlerden el göter. Ulumsylyk bilen gep urma, Çünki ähli iş Rebbe aýandyr. Hemmesine kazylyk edýän Şoldur.
4 Güýçlüleriň ýaýy döwüldi, Ejizlere kuwwat geldi.
5 Doklar bir döwüm çörek üçin günlükçi boldular, Açlar bolsa doýdular. Önelgesiz aýal ýedi çaga dogurdy, Köp çagaly aýal perzentsiz galdy.
6 Öldürýänem Rebdir, Direldýänem Rebdir. Ölüler dünýäsine inderýänem, Çykarýanam Rebdir.
7 Gedaý goýýanam, baýadýanam Rebdir, Peseldýänem, beýgeldýänem Rebdir.
8 Reb garyby aýak astyndan göterýär, Mätäji serdarlaryň hataryna goşýar, Zibilhanadan çykaryp, Reb olary hezzet tagtynda oturdýar, Çünki Ýeriň sütünleri Rebbiňkidir, Dünýäni şolaryň üstünde bina eden Oldur.
9 Wepadarlaryny Öz penasynda saklar Ol. Emma betniýetleri zulmatda ýitirim eder. Çünki adam öz güýji bilen mäkäm däl.
10 Parçalanjakdyr Rebbiň garşysyna çykanlar. Olaryň garşysyna Gökde Ol nagra dartar. Zeminiň çar künjünde Reb höküm eder. Ol Öz patyşasyna güýç-kuwwat berer, Öz seçip saýlan patyşasyna ýeňiş getirer».
11 Soňra Elkana öýüne – Rama dolandy. Şamuwel bolsa Rebbe gulluk etmek üçin, Eliý ruhanynyň ýanynda galdy.
12 Eliýiň ogullary ýaramazdylar. Olar Rebbi sylamaýardylar.
13 Ruhanylar halk bilen şeýle daraşýardylar: islendik biri gurbanlyk berende, et gaýnap durka, ruhanynyň hyzmatkäri eline üç dişli çaňňal alyp gelerdi-de,
14 ony gazan bolsa gazana, piti bolsa pitä, taba bolsa taba, okara bolsa okara sokardy-da, çaňňala ilenini alyp, ruhana bererdi. Sadaka bermek üçin Şilo gelýän ysraýyllaryň ählisi bilen olar şeýle daraşardylar.
15 Üstesine-de, heniz ýagy ýanmanka, ruhanynyň hyzmatkäri sadaka berýäniň ýanyna baryp, oňa: «Ruhana gowurmalyk et ber. Ol seniň bişen etiňi näme etsin, oňa çig et gerek» diýerdi.
16 Eger kimdir biri: «Etiň ýagy ýanýança sabyr et, soň geregiň et bolsun» diýäýse, onda ol oňa: «Ýok, eti häzir ber, ýogsam zor bilen alaryn» diýerdi.
17 Şunlukda, Rebbiň huzurynda bularyň günäsi juda agyrdy. Sebäbi olar Rebbe niýetlenen sadakany hormatlamaýardylar, ony äsgermezlik edýärdiler.
18 Şamuwel Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol zygyr matadan tikilen efot geýip gezýärdi.
19 Ejesi onuň özüne laýyk edip don tikip, her ýyl adamsy bilen bile gurbanlyk bermäge gelende, ony Şamuwele bererdi.
20 Gaýtjak bolanlarynda: «Rebbiň hyzmatyna bagyş eden ogluňyň öwezini dolar ýaly, goý, Reb saňa şu aýaldan ýene zürýatlar bersin» diýip, Eliý Elkana hem-de onuň aýalyna ak pata bererdi. Soňra olar öýlerine dolanardylar.
21 Hawa, Hannany Reb ýene-de ýalkady: Hannanyň üç ogly, iki gyzy boldy. Şamuwel bolsa Rebbiň huzurynda ösüp ulalýardy.
22 Eliý juda garrapdy. Öz ogullarynyň ysraýyllar bilen nähili daraşýandyklaryny, olaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň gapysynda hyzmat edýän aýallar bilen ýatýandyklaryny ol eşitdi.
23 Ol ogullaryna şeýle diýdi: «Bu näme etdigiňiz boldy? Tutuş halk siziň ýaramaz işleriňiz hakynda gürrüň edýär.
24 Beýtmäňiz bolanok, ogullarym! Rebbiň halkyndan meniň eşidýän habarym gowy däl.
25 Eger adam adamyň garşysyna günä etse, Hudaý olara aralykçy bolar. Emma adam Rebbiň garşysyna günä etse, onda ony kim gorar?». Barybir öz kakasynyň sözüne Eliýiň ogullary gulak asmadylar, çünki Reb olary öldürmegi ýüregine düwüpdi.
26 Ýaşajyk Şamuwel bolsa Rebbiň we adamlaryň söýgüsini gazanyp, ýaş babatda-da, pähim-paýhas babatda-da gününi sanap ösýärdi.
27 Bir gün bir pygamber Eliýä şeýle habar getirdi: «Hawa, Reb saňa şeýle diýýär: „Ata-babaň Harun we onuň maşgalasy Müsürde fyrownyň gullary bolan wagtlary, Men Haruna Özümiň gudratymy görkezipdim.
28 Meniň ruhanym bolup, gurbanlyk sypamyň üstüne çykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Meniň huzurymda efot geýer ýaly, Ysraýylyň ähli tireleriniň içinden Men ony saýladym. Ysraýyllar tarapyndan berlen ýakma gurbanlyklaryndan paý almaga diňe seniň ataňyň nesline rugsat berdim.
29 Indi näme üçin siz Meniň buýran gurbanlyklaryma we sadakalaryma göz dikýärsiňiz? Näme üçin sen, Eliý, halkym Ysraýylyň sadakalarynyň iň saýlama ýerleri bilen özüňizi semretjek bolup, öz ogullaryňy Menden artyk hormatlaýarsyň?“
30 Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny jar edýär: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men şeýle diýýärin: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.
31 Şunlukda, siziň we siziň ata-babalaryňyzyň ganatyny gyrjak günlerim uzakda däl – sizden dogulanlaryň hiç birine uzak ömür miýesser etmez.
32 Ysraýyla ediljek ýagşylyklara göripçilik bilen seredersiňiz. Siziň nesliňiz hiç wagt uzak ömür sürmez.
33 Araňyzda gurbanlyk sypamdan mahrum edilmedik diňe bir adamy diri galdyraryn; ol hem sizi aglamakdan gözleriňizi kör, bagryňyzy gan eder. Tutuş erkek nesliňiz juwanlykda öler.
34 Seniň iki ogluň Hopny bilen Pinehasyň başyna düşjek iş – olaryň ikisiniň-de bir günde ölmegi saňa bir alamat bolar.
35 Men Özüme göwnümden turjak we pisindim oturjak işleri etjek wepadar bir ruhany saýlaryn. Men onuň neslini ebedileşdirerin, ol ömürbaky Meniň seçip saýlan patyşamyň huzurynda gezer.
36 Hawa, seniň aman galanlaryň: ‘Bir döwüm çörek taparym ýaly, maňa Öz ruhanylaryňyň arasyndan iş ber’ diýip, gara şaý ýa-da bir döwüm çörek üçin dyza çöküp, oňa ýalbararlar“».




Chapter 3

1 Ýetginjek Şamuwel Eliýiň ýanynda Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol günler Rebbiň sözi seýrek gelerdi, Rebden gelýän ylhamlar azdy.
2 Şeýle günleriň birinde çöňňeren gözleri bilen oňly saýgarmaýan Eliý öz düşeginde ýatyrdy.
3 Şamuwel hem Hudaýyň sandygynyň saklanýan ýeri bolan Rebbiň ybadathanasynda ýatyrdy. Hudaýyň çyrasy heniz sönmändi. 4–5 Birden Reb: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ony çagyrdy. Şamuwel: «Men bärde» diýip seslendi-de, Eliýiň ýanyna ylgady. Ol baryp: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa: «Men seni çagyramok ahyryn, bar, ýatyber» diýdi. Şamuwel gidip ýatdy.
6 Reb: «Şamuwel!» diýip, ony ýene çagyrdy. Şamuwel ýene turdy-da, Eliýiň ýanyna baryp, oňa: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa ýene: «Men seni çagyramok ahyryn, oglum, bar, ýatyber» diýdi.
7 Şamuwel heniz Rebbi ýakyndan tanamaýardy, Rebbiň sözi Şamuwele entek aýan bolmandy.
8 Reb Şamuweli üçünji gezek çagyrdy. Ol ýene-de turdy-da, Eliýiň ýanyna baryp, oňa: «Ine, men geldim» diýdi. Şondan soň oglany Rebbiň çagyrýandygyna Eliý düşündi.
9 Şoňa görä Eliý Şamuwele: «Bar, ýatyber. Eger Ol seni ýene çagyraýsa, Oňa: „Ýa Reb, aýdyber, guluň diňleýär“ diýip jogap berersiň» diýdi. Şamuwel ýene-de baryp, öz ýerinde ýatdy.
10 Reb gelip, ol ýerde durdy we: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ýene öňküleri ýaly ony çagyrdy. Şamuwel: «Aýdyber, guluň diňleýär» diýip jogap berdi.
11 Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Hawa, Ysraýylda eşideniň inini titretjek bir iş ederin.
12 Eliýiň nesline garşy aýdanlarymyň ählisini şol gün berjaý ederin.
13 Onuň neslini ebedilik jezalandyrjakdygymy Men oňa aýdypdym. Çünki ol ogullarynyň Maňa dil ýetirendiklerini bilip hem, olary bu işden saklamady.
14 Şoňa görä Eliýiň maşgalasynyň günäsi gurbanlyk bilen-de, sadaka bilen-de hiç wagt ýuwulmaz diýip, Men onuň nesline garşy ant içdim».
15 Şamuwel daň atýança ýatdy. Soňra turup, Rebbiň öýüniň gapylaryny açdy. Şamuwel bu alamaty Eliýä duýdurmakdan gorkýardy.
16 Emma Eliý: «Şamuwel, oglum» diýip, ony ýanyna çagyrdy. Şamuwel: «Ine, men geldim» diýip jogap berdi.
17 Eliý Şamuwele: «Ol saňa näme diýdi? Menden ýaşyrma. Onuň aýdanlarynyň ýekejesini menden gizläýseň, goý, Hudaý saňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýdi.
18 Şondan soň Şamuwel hiç zady gizlemän, hemmesini bolşy ýaly Eliýä gürrüň berdi. Eliý: «Ol Rebdir, goý, Ol Öz halanyny etsin» diýdi.
19 Şamuwel ulalýardy. Onuň aýdanlarynyň ählisi hakykat ýüzünde berjaý bolýardy, çünki Reb onuň bilendi.
20 Şamuweliň Rebbiň ynamdar pygamberidigini Dandan Beýerşeba çenli bütin Ysraýyl bildi.
21 Şiloda Reb sözi arkaly Özüni Şamuwele aýan edenden soň, Ol ýene-de şol ýerde görünmegini dowam etdirdi.




Chapter 4

Şonda ysraýyllar piliştlilere garşy baş göterdiler. Ysraýyllar Ebenezerde, piliştliler bolsa Apekde düşelge gurdular.
2 Piliştliler ysraýyllaryň garşysyna söweşmek üçin, hatara düzüldiler. Söweş ýaýbaňlanyp, ysraýyllar piliştlilerden ýeňildiler. Piliştliler söweş meýdanynda olaryň dört müň çemesi adamyny öldürdiler.
3 Goşun düşelgä gaýdyp gelende, Ysraýylyň ýaşululary şeýle diýdiler: «Näme üçin Reb bizi piliştliler bilen söweşde ýeňlişe sezewar etdikä? Geliň, Rebbiň Äht sandygyny Şilodan şu ýere alyp geleliň. Goý, ol biziň aramyzda bolup, bizi duşmanyň elinden halas etsin».
4 Olar Şilo birnäçe adam iberip, keruplaryň ýokarsynda tagt guran Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny getirdiler. Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem Hudaýyň Äht sandygynyň ýanyndadylar.
5 Rebbiň Äht sandygy düşelgä getirilende, ähli ysraýyllar şeýle bir gygyryşdylar welin, olaryň gykylygyndan ýaňa hatda ýer sarsdy. 6–7 Piliştliler bu gykylygy eşidip: «Ýewreýleriň düşelgesindäki bu gykylyk nämäniň alamatyka?» diýşip geňirgenişdiler. Ysraýyllaryň düşelgesine Rebbiň sandygynyň getirlendigini bilenlerinde bolsa, olar gorkup, şeýle diýdiler: «Olaryň düşelgesine hudaýlar gelipdir. Dat biziň günümize! Bu öň görlüp-eşidilen zat däl ahyryn.
8 Dat biziň günümize! Bu kuwwatly hudaýlaryň elinden kim bizi halas edip biler? Her hili bela-beterler bilen bular çölde müsürlilere göz görkezen hudaýlar ahyryn.
9 Eý piliştliler, ýewreýleriň öz gapyňyzda gul boluşlary ýaly, siziň hem olaryň gapysynda gul bolasyňyz gelmeýän bolsa, gaýrata galyň, mert boluň! Olar bilen mert durup söweşiň!»
10 Şondan soň piliştliler hüjüme geçdiler. Ysraýyllar ýeňlip, dyr-pytrak bolup, öýli-öýüne gaçdylar. Uly gyrgynçylyk boldy, ysraýyllaryň otuz müň pyýada esgerini öldürdiler.
11 Hudaýyň sandygy elden gitdi, Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem öldürildi.
12 Benýaminlerden biri gaçyp, söweş meýdanyndan çykdy we şol günüň özünde Şilo geldi. Ol ýakasyny çäkläp, başyndan gum sowrupdy.
13 Ol gelende, Eliý ýoluň ugrundaky kürsüsinde gözlerini zordan ýola dikip otyrdy, çünki Hudaýyň sandygynyň alnyp gidilmegi onuň ýüregini elendirýärdi. Ýaňky adam gala girip, bolan wakany habar berende, tutuş gala eňredi.
14 Eliý bu zenzeläni eşidip: «Bu galmagal nämekä?» diýdi. Ol adam gyssanmaç gelip, Eliýi habardar etdi.
15 (Şol wagt Eliý togsan sekiz ýaşyndady, onuň çöňňelen gözleri oňly saýgarmaýardy).
16 Ýaňky adam Eliýä: «Men söweş meýdanyndan gelýärin. Men ol ýerden şu gün gaçyp gaýtdym» diýdi. «Näme boldy, oglum?» diýip, Eliý ondan sorady.
17 «Ysraýyl piliştlilerden gaçdy, halk gyryldy, ogullaryň Hopny bilen Pinehas duşman elinden öldi, Hudaýyň sandygy elden gitdi» diýip, habar getiren adam jogap berdi.
18 Hudaýyň sandygy agzalan bada, Eliý oturan kürsüsinden çiň arkanlygyna derweze tarapa agyp gaýtdy. Ol garry hem agyr göwre bolansoň, boýny omrulyp jan berdi. Ol Ysraýyla kyrk ýyllap serdarlyk etdi.
19 Onuň gelni – Pinehasyň aýaly aýy-güni ýetik göwrelidi. Hudaýyň sandygynyň elden gidendigi, gaýynatasydyr adamsynyň-da ölendigi baradaky habary eşidende, ol göwresindäki çagany dogurdy, emma ol burgy agyrysyna döz gelip bilmedi.
20 Ol demini sanap ýatyrka, ýanyndaky aýallar oňa: «Gorkma, ogluň boldy» diýdiler. Emma ol bulara ne üns berdi, ne-de jogap.
21 Hudaýyň sandygy elden gidensoň, gaýynatasydyr adamsy-da ölensoň, «Ysraýyldan şöhrat gitdi» diýip, ol oglunyň adyna Ikabot dakdy.
22 Ol: «Ysraýyldan şöhrat gitdi, çünki Hudaýyň sandygy elden gitdi» diýdi.




Chapter 5

1 Hudaýyň sandygyny ele salanlaryndan soň, piliştliler ony Ebenezerden Aşdota getirdiler.
2 Soňra piliştliler Hudaýyň sandygyny Dagon buthanasyna salyp, ony Dagon butunyň ýanynda goýdular.
3 Aşdotlylar ertesi irden turup görseler, Dagon buty Rebbiň sandygynyň öňünde ýüzin düşüp ýatan eken. Olar buty galdyryp, ýene öz ýerinde oturtdylar.
4 Olar ertesi irden turup görseler, Dagon buty ýene Rebbiň sandygynyň öňünde ýüzin düşüp ýatan eken. Bu sapar Dagonyň kellesi hem-de iki eli döwlüp, bosagada ýatyrdy, onuň diňe göwresi abat galypdy.
5 (Dagon ruhanylarynyň hem-de Dagonyň Aşdotdaky buthanasyna gelýänleriň häli-häzire çenli-de buthananyň bosagasyny basmazlyklary şondan galdy.)
6 Reb aşdotlylary we Aşdotyň çäklerinde ýaşaýan halky agyr jezalandyrdy, olary gorkuzdy; endamlaryna çykuw çykaryp, olary howsala saldy we başlaryndan aýylganç külpet inderdi.
7 Aşdotlylar bolan wakany görüp: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny bu ýerde mundan artyk saklamalyň, çünki Ol bize-de, hudaýymyz Dagona-da juda ýowuzlyk bilen göz görkezýär» diýdiler.
8 Şeýlelikde, olar çaparlar gönderip, ähli piliştli hanlary ýygnadylar we: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny näme etsekkäk?!» diýip, olara sala saldylar. Olar: «Sandyk Gat galasyna äkidilsin» diýdiler. Şeýdip, olar Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny Gat galasyna getirdiler.
9 Emma olar ony bu ýere getirenlerinden soň, Reb bu gala hem göz görkezdi, galany aýylganç howsala gaplap aldy. Galanyň ilatynyň uludan-kiçä ählisiniň endamyna çykuw çykaryp, Reb olary ýowuzlyk bilen jezalandyrdy.
10 Şondan soň olar Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny Ekrona iberdiler. Emma Hudaýyň sandygy Ekrona getirilende, bu ýeriň halky: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny özümizi-de, halkymyzy-da gyrgyna bermek üçin getirdiler-eý!» diýip bagyryşdylar.
11 Şol sebäpden, olar çaparlar gönderip, ähli piliştli hanlary ýygnadylar we: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny bu ýerden çykaryp, öz ýerine ibereliň, goý, ol bizi hem, halkymyzy hem heläk etmesin» diýdiler. Sebäbi tutuş galany aýylganç howsala gaplap alypdy. Reb olary juda agyr jezalandyrdy.
12 Aman galanlara çykuw çykdy. Galanyň ilatynyň ahy-nalasy asmana göterildi.




Chapter 6

1 Rebbiň sandygy ýedi aýlap piliştlileriň ýurdunda boldy.
2 Şondan soň piliştliler ruhanylardyr palçylary çagyryp, olara: «Rebbiň sandygyny näme etsekkäk? Ony öz mekanyna nähili gaýtarmalydygyny bize aýdyň» diýdiler.
3 Olar: «Eger siz Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny yzyna gaýtarmakçy bolsaňyz, onda ony boş goýbermäň, Hudaýa ýazyk gurbanlygyny beriň. Şonda siz beladan gutularsyňyz we Onuň näme sebäpden özüňizi yzyny üzmän jezalandyrandygyna göz ýetirersiňiz» diýdiler.
4 Piliştliler: «Biz Oňa nädip ýazyk gurbanlygyny bermeli?» diýip, olardan soradylar. Olar şeýle jogap berdiler: «Piliştli hanlaryň sanyna görä bäş sany çykuwyň, bäş sany-da syçanyň altyndan şekilini ýasaň. Çünki bu bela siziň özüňize-de, hanlaryňyza-da deň derejede degişlidir.
5 Şoňa görä endamyňyza çykan çykuwlaryň hem-de ýurduňyza gyrgynçylyk getiren syçanlaryň altyndan şekillerini ýasap, Ysraýylyň Hudaýyny şöhratlandyryň; şeýtseňiz, belki, Hudaý sizden, siziň hudaýlaryňyzdan we ýurduňyzdan el çeker.
6 Näme üçin siz müsürlileriň we fyrownyň edişi ýaly doň ýüreklik edýärsiňiz? Tä ysraýyllara Müsürden çykmaga ygtyýar berýänçäler, olaryň nähili aňkasyny aşyrandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.
7 Indi täze araba hem-de heniz boýuntyryk salynmadyk iki sany saglyk sygyr tapyň-da, olary araba goşuň. Sygyrlaryň gölelerini bolsa, olaryň ýanyndan aýryp, dölede saklaň.
8 Rebbiň sandygyny şol arabada ýerleşdiriň; ýazyk gurbanlygy hökmünde Rebbe iberýän altyn şekilleriňizi hem guta salyp, onuň gapdalynda goýuň. Soňra ony ýola salyň, goý, ol öz ugruna gitsin.
9 Ýöne oňa gözegçilik ediň. Eger ol öz mekanyna barýan ýol bilen – Beýtşemeşiň ýoly bilen gitse, onda bu aýylganç betbagtçylygy biziň başymyza Rebbiň saldygydyr, emma ol şol ýoldan gitmese, onda bu işde Onuň eliniň ýoklugydyr, munuň tötänlik boldugydyr».
10 Adamlar aýdylyşy ýaly etdiler: iki sany saglyk sygyr tapyp, olary araba goşdular. Olaryň gölelerini bolsa, dölä gabap goýdular.
11 Rebbiň sandygyny hem-de altyndan ýasalan syçandyr çykuw şekilleri salnan gutyny piliştliler araba ýüklediler.
12 Sygyrlar saga-sola sowuljak bolman, göni Beýtşemeşe barýan uly ýol bilen molaşyp gitdiler. Tä Beýtşemeşiň araçägine çenli piliştli hanlar olaryň yzyndan galmadylar.
13 Şol wagt beýtşemeşliler jülgede bugdaý orup ýördüler. Rebbiň sandygyna gözleri düşende, olar begendiler.
14 Beýtşemeşli Ýeşuwanyň ekin meýdanyndaky ullakan daşyň ýanynda araba togtady. Olar arabanyň agaçlaryny döwüşdirip, odun etdiler-de, sygyrlary soýup, Rebbe ýakma gurbanlyk berdiler.
15 Lewiler Rebbiň sandygyny hem-de onuň ýanyndaky altyn şekiller salnan gutyny arabadan düşürip, şol ullakan daşyň üstünde goýdular. Şol gün beýtşemeşliler Rebbe ýakma we beýleki gurbanlyklary berdiler.
16 Piliştlileriň bäş hany bu wakany gözi bilen gördi. Olar şol gün Ekrona dolanyp geldiler.
17 Piliştlileriň Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde iberen altyndan ýasalan çykuw şekilleriniň biri Aşdot üçin, biri Gaza üçin, biri Aşkelon üçin, biri Gat üçin, ýene biri bolsa Ekron galalary üçindir.
18 Altyndan ýasalan syçan şekilleri bolsa piliştlileriň bäş hany tarapyndan dolandyrylýan berk galalaryň we olaryň diwarsyz obalarynyň sanyna görä iberildi. Üstünde Rebbiň sandygy goýlan ullakan daş Beýtşemeşli Ýeşuwanyň ekin meýdanynda şu güne çenli dur.
19 Äht sandygynyň içine seredendikleri üçin, Reb beýtşemeşlileri öldürdi. Halkyň içinden Ol ýetmiş adamy öldürdi. Halk matam tutdy, çünki halky Reb gyrypdy.
20 Beýtşemeşliler: «Rebbiň, ýagny bu mukaddes Hudaýyň öňünde durup biljek barmy näme?! Ol bizden el çeker ýaly, biz sandygy kime ýollasakkak?» diýişdiler.
21 Soňra: «Piliştliler Rebbiň sandygyny yzyna iberipdirler. Geliň-de, ony alyp gidiň» diýen habar bilen olar Kirýatýegaryma çapar gönderdiler.




Chapter 7

1 Şondan soň Kirýatýegarymlylar gelip, Rebbiň sandygyny alyp gitdiler. Olar ony depäniň üstünde ýaşaýan Abynadabyň öýüne getirdiler we Kirýatýegarymyň ýaşululary Rebbiň sandygyna gözegçilik etmäge onuň ogly Elgazary belläp, ony mesh etdiler. Şamuwel Ysraýyla serdarlyk edýär
2 Sandyk uzak wagtlap – ýigrimi ýyla golaý Kirýatýegarymda galdy. Şol arada tutuş ysraýyl halky Rebbe nalyş etdi.
3 Ahyry bir gün Şamuwel tutuş Ysraýyl nesline ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger siz bütin kalbyňyz bilen Rebbe dolanmakçy bolsaňyz, onda Aştoret we beýleki keseki hudaýlaryňyzdan geçiň, özüňizi Rebbe bütinleý bagyş ediň we diňe Oňa gulluk ediň. Şeýtseňiz, Ol sizi piliştlileriň elinden halas eder».
4 Şondan soň ysraýyllar Bagal we Aştoret butlaryny terk edip, diňe Rebbe gulluk etdiler.
5 Şamuwel olara: «Hemmäňiz Mispada ýygnanyşyň, men ol ýerde siz üçin Rebbe dileg etjek» diýdi.
6 Olar Mispada ýygnanyşdylar. Olar guýudan suw çekip, ony Rebbiň huzurynda ýere döküp: «Biz Rebbiň öňünde günä gazandyk» diýip, şol gün agyz beklediler. Şeýdip, Şamuwel Mispada ysraýyllara serdar boldy.
7 Ysraýyllaryň Mispada toplanyşandygyny eşiden piliştli hanlar olara garşy baş göterdiler. Ysraýyllar muny eşidip, howsala düşdüler.
8 Olar Şamuwele: «Hudaýymyz Rebbe biz üçin dileg etmäňi goýma, Ol bizi piliştlileriň elinden halas etsin» diýip ýüzlendiler.
9 Şamuwel heniz otugmadyk bir guzyny Rebbe başbütin ýakma gurbanlyk berdi. Soň ol Ysraýyl üçin Rebbe perýat etdi; Reb oňa seslendi.
10 Şamuweliň Rebbe ýakma gurbanlyk berýän wagty, ysraýyllaryň üstüne çozmak üçin, piliştliler olaryň alkymyna geldiler. Emma Reb ol gün güňleç ses edip, piliştlileri aljyraňňylyga saldy; olar ysraýyllardan ýeňlip gaçdylar.
11 Ysraýyllar Mispadan çykyp, piliştlileri Beýtkaryň etegine çenli kowalap, olary gyrdylar.
12 Şamuwel bir daşy alyp, ony Mispa bilen Şeniň arasynda dikeldip goýdy we «Reb bize şu güne çenli ýardam etdi» diýip, ol şol ýeri Ebenezer diýip atlandyrdy.
13 Şeýlelikde, piliştliler boýun egdirildi we şondan soň gaýdyp olar ysraýyl topragyna aýak sekmediler. Tä Şamuwel dünýäden ötýänçä, Rebbiň goly piliştlileriň garşysyna boldy.
14 Piliştliler ysraýyllardan basyp alan galalaryny – Ekrondan Gata çenli aralykdaky galalaryň ählisini yzyna gaýtaryp berdiler. Ysraýyllar öz topragyny piliştlilerden azat etdiler. Ysraýyl bilen amorlaryň arasynda asuda durmuş berkarar boldy.
15 Şamuwel ömri ötýänçä, Ysraýyla serdar boldy.
16 Ol ýylyň ýylyna Beýtele, Gilgala, Mispa aýlanyp, şol ýerlerde Ysraýyly dolandyrardy.
17 Ol soňra özüniň Ramadaky öýüne gaýdyp, şol ýerden hem Ysraýyla serdarlyk etdi. Ol Ramada Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy.




Chapter 8

1 Şamuwel garrap, ýaşy bir çene baransoň, öz ogullaryny Ysraýyla serdar goýdy.
2 Onuň uly oglunyň ady Ýowel, kiçisiniň ady bolsa Abyýady. Olar Beýerşebanyň serdarydylar.
3 Şamuweliň ogullary öz kakasynyň ýolundan gitmediler; gaýtam, diňe baýamagyň gamyny iýdiler, para aldylar, adalatdan ýüz döndürdiler. 4–5 Ysraýylyň ähli ýaşululary ýygnanyşdylar we Ramada oturýan Şamuweliň ýanyna baryp: «Indi seniň-ä ýaşyň bir çene bardy, ogullaryň bolsa seniň yzyňy tutmadylar. Şoňa görä, beýleki halklarda bolşy deý, üstümizden hökümdarlyk eder ýaly, bize-de bir patyşa belle» diýip, oňa ýüz tutdular.
6 Ysraýyl ýaşulularynyň: «Bize hökümdarlyk eder ýaly patyşa belle» diýen sözi Şamuwele ýaramady. Şamuwel Rebbe dileg etdi.
7 Reb Şamuwele şeýle seslendi: «Halkyň sözüni soňuna çenli diňle. Çünki olar seni däl-de, Meniň özleriniň patyşasy bolmagymy inkär etdiler.
8 Özlerini Müsürden alyp çykan günümden bäri olar Menden ýüz öwrüp, keseki hudaýlara ybadat edip gelýärler. Indi olar sen babatda hem şeýle etmegiň kül-külüne düşüpdirler.
9 Sen indi olara gulak as, ýöne öz üstlerinden höküm sürjek patyşanyň ýöretjek düzgünlerinden olary mazaly habardar et».
10 Şamuwel Rebbiň sözlerini özünden patyşa talap edenleriň dykgatyna ýetirdi.
11 Ol bulara şeýle diýdi: «Siziň üstüňizden höküm sürjek patyşanyň ýöretjek düzgünleri şeýle bolar: ol ogullaryňyzy alyp, söweş arabalary we atlylary bilen gulluk etmäge mejbur eder, olardan bir bölegi şanyň söweş arabalarynyň öňünde ylgarlar.
12 Ol özi üçin müňbaşylar we ellibaşylar bellär. Kimsine öz ýerlerini agdardar, hasylyny ýygnadar, kimsine bolsa, uruş enjamlaryny we öz söweş arabalarynyň şaýlaryny ýasadar.
13 Gyzlaryňyzy alyp, atyr ýasadar, aşpez eder, çörek bişirder.
14 Şa siziň iň saýlama ýerleriňizi, üzümçilikleriňizi, zeýtun baglaryňyzy eliňizden alyp, öz hyzmatkärlerine berer.
15 Öz goşunbaşylarydyr hyzmatkärlerine bermek üçin, galla hem-de üzüm hasylyňyzyň ondan bir bölegini eliňizden alar.
16 Ol sizi gul-gyrnaksyz goýar, iň saýlama mal-garalaryňyzy we eşekleriňizi alyp, olary öz hajatlary üçin ulanar.
17 Dowarlaryňyzyň-da ondan birini alar, özüňiz bolsa onuň guluna öwrülersiňiz.
18 Şonda siz öz saýlap-seçen patyşaňyzyň elinden dady-perýat edersiňiz. Emma ol gün Reb siziň dadyňyza ýetişmez».
19 Barybir halk Şamuweliň sözüne gulak asmady. Olar: «Ýok! Bizde patyşa bolsun!
20 Şeýdip, biz hem beýleki halklara meňzäris. Biziň üstümizden patyşamyz hökmürowanlyk eder, öňümize düşer, uruşlarymyzda bize baş bolar» diýdiler.
21 Şamuwel halkyň ähli aýdanyny diňledi we eşidenlerini Rebbiň dykgatyna ýetirdi.
22 Reb Şamuwele: «Diýenlerini et-de, olara bir patyşa belle» diýdi. Şamuwel ysraýyllara: «Baryň, her kim öz galasyna gaýtsyn» diýdi.




Chapter 9

1 Benýamin tiresinden Kiş atly bir baý adam bardy. Ol Abyýeliň ogly, Seroryň agtygy, Bekoradyň çowlugy, Apyýanyň ýuwlugydy.
2 Onuň Şawul atly ýaş hem görmegeý bir ogly bardy. Ysraýylda boý-syrat babatda oňa taý ýokdy; beýlekiler onuň egnindendi.
3 Bir gün Şawulyň kakasy Kiş öz urkaçy eşeklerini ýitirdi. Ol Şawula: «Hyzmatkärlerden birini ýanyňa al-da, eşekleriň gözlegine çyk» diýdi.
4 Olar Efraýym daglygynyň we Şalyşa topragynyň içinden geçdiler, ýöne olar eşekleri tapmadylar. Soňra olar Şagalym topragynyň içinden geçdiler, ýöne ol ýerden hem eşekler tapylmady. Onsoň olar benýamin topragynyň içinden geçdiler, ýöne eşeklerden derek tapyp bilmediler.
5 Olar Sup topragyna ýetenlerinde, Şawul ýanyndaky hyzmatkärine: «Yzymyza gaýdaly, ýogsam, kakam eşeklere derek bizi gaýgy edip başlar» diýdi.
6 Hyzmatkär oňa şeýle jogap berdi: «Ine, şu 8Ýetmiş adamy – Bu sözler käbir gadymy golýazmalardan alnan, ýöne başga golýazmalarda ýetmiş adamy, bäş müň adamy. 9Mesh etmek – Kimdir birini depesinden ýag guýup, patyşalyga ýa-da ýolbaşçylyga bellemek. Sözlüge seret. galada sylag-hormatly bir Hudaýyň adamy bar. Onuň aýdany hemişe dogry bolup çykýar. Ýör, şonuň ýanyna gideli. Belki, ol bize gitmeli ýolumyzy salgy berer».
7 Şawul hyzmatkärine: «Eger gitsek, oňa näme äkideris? Torbalarymyzdaky çöreklerem-ä tükendi. Hudaýyň adamyna äkider ýaly bizde hiç hili sowgat ýok ahyryn. Hany, bizde näme bar?» diýdi.
8 Hyzmatkär Şawula ýene: «Ynha, mende bir kiçi kümüş teňňe bar. Men ony Hudaýyň adamyna bererin, ol bize ýol görkezer» diýdi.
9 (Öňler Ysraýylda Hudaýdan sorap görmäge gidenlerinde, «Ýör, görgüriň ýanyna gideli» diýer ekenler, çünki häzirki pygambere öňler görgür diýipdirler).
10 Şawul hyzmatkäre: «Gowy pikir, bolýar, ýör gideli» diýdi. Şeýdip, olar Hudaýyň adamynyň ýaşaýan galasyna gitdiler.
11 Ýokarlygyna gala çykyp barýarkalar, olaryň öňünden suwa barýan gelin-gyzlar çykdy. Ol ikisi bulardan: «Görgür şu ýerdemi?» diýip soradylar.
12 Olar şeýle jogap berdiler: «Hawa, hanha, öňüňizden barýar. Eglenmäň. Onuň gala gelip durşy, çünki sežde edilýän ýerde halk şu gün gurbanlyk berýär.
13 Nahar iýmek üçin, sežde edilýän ýere çykmanka, edil gala giren ýeriňizde siz ony tapyp bilersiňiz. Çünki ol baryp, tä gurbanlyga pata berýänçä, adamlar nahar iýmezler. Ol barandan soň, çagyrylanlar nahary öňlerine alarlar. Indi haýal etmän ýokary çyksaňyz, siz ony taparsyňyz».
14 Olar ýokarlygyna gala tarap gitdiler. Gala girip barýarkalar, sežde edilýän ýere çykýan ýol bilen olara tarap Şamuwel ýöräp gelýärdi.
15 Şawul gelmezinden bir gün öň Reb Şamuwele şeýle diýipdi:
16 «Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdarlyga ýag çalyp saýlanarsyň. Ol Meniň halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Halkymyň ejir çekýändigini Men gördüm, çünki olaryň ahy-nalasy Maňa ýetdi».
17 Şamuwel Şawuly görende, Reb oňa: «Ine, Meniň saňa aýdan adamym şu. Meniň halkyma baştutanlyk etjek şoldur» diýdi.
18 Şondan soň derwezäniň agzynda Şawul Şamuweliň golaýragyna gelip: «Aýtsaňyzlaň, görgüriň öýi niredekä?» diýip, ondan sorady.
19 Şamuwel Şawula şeýle jogap berdi: «Görgür mendirin. Öňüme düş, sežde edilýän ýere çykaly, siz bu gün meniň bilen bile naharlanarsyňyz. Ertir irden men siziň soraglaryňyza jogap bererin we sizi öz ýoluňyza ugradaryn.
20 Üç gün mundan öň ýiten eşekleriňizi bolsa alada etmäň, olar eýýäm tapyldy. Tutuş Ysraýylyň baýlygy seniňki we ataňyň nesilleriniňki dälmi eýsem?!»
21 Şawul oňa: «Men Ysraýylyň iň kiçi tiresi bolan benýamin tiresinden ahyryn, meniň maşgalamam tirämizde göze görünýän maşgala däl-ä. Näme üçin sen maňa beýle zatlary aýdýaň?» diýip jogap berdi.
22 Soňra Şamuwel Şawul bilen onuň hyzmatkärini uly bir otaga alyp bardy we ony çagyrylan otuz töweregi adamyň hemmesiniň üstünden töre geçirdi.
23 Soňra Şamuwel aşpeze: «Aýratyn goý diýip buýran paýymy getir» diýdi.
24 Aşpez bir budy üstüniň ýagy bilen bile getirip, Şawulyň öňünde goýdy. Şamuwel Şawula: «Ine, şu paý seniň üçin goýuldy. Al, iýiber, men muny ýörite seniň üçin goýdurdym, bu myhmanlary bolsa seniň bilen bile nahar iýmäge çagyrdym» diýdi. Şeýdip, ol gün Şawul Şamuwel bilen bile naharlandy.
25 Olar sežde edilýän ýerden gala gaýdyp gelenlerinden soň, Şamuwel Şawul bilen üçegiň üstünde gepleşdi. Şamuwel Şawuly hökümdarlyga mesh edýär
26 Daň atanda: «Tur, men seni ugradaýyn» diýip, Şamuwel üçegiň üstünde ýatan Şawula gygyrdy. Şawul turandan soň, ol ikisi bile ýola çykdy.
27 Olar galanyň çetine çykanlarynda, Şamuwel Şawula: «Hyzmatkäriňe aýt, goý, ol öňümizden ýöräbersin. Sen şu ýerde biraz aýak çek, men saňa Hudaýyň sözüni aýtjak» diýdi.




Chapter 10

1 Soňra Şamuwel ýagly küýzäni alyp, ýagy Şawulyň kellesinden guýdy-da, ony ogşap, şeýle diýdi: «Öz saýlan halkyna hökümdar bolmagyň üçin, Reb seni belledi.
2 Şu gün meniň ýanymdan gideniňden soň, benýamin topragyndaky Selsada, Raheliň mazarynyň ýanynda saňa iki sany adam duşar. Olar: „Eşekleriňiz tapyldy. Kakaň eşeklerden geçip, ‘Ogluma näme bolduka?’ diýip, seniň gaýgyňy edip otyr“ diýerler.
3 Soňra ol ýerden gidersiň we Tabordaky dub agajynyň ýanyna bararsyň. Ol ýerde sen biri üç owlak, beýlekisi üç çörek, ýene biri bolsa bir tulum şerap alyp, Beýtele, Hudaýyň ýanyna barýan üç kişä duşarsyň.
4 Olar saňa salam bererler we bir jübüt çörek hödür ederler; çörekleri alarsyň.
5 Ondan gidip, Gibgadaky Hudaýyň baýryna bararsyň. Ol ýerde piliştlileriň bir bölek goşuny bardyr. Gala giren ýeriňde, sežde edilýän ýerden inip gelýän pygamberler toparyna duşarsyň. Olar öňlerinde arfa, deprek, tüýdük we barbat çaldyryp, joşup, pygamberlik edip gelýändirler.
6 Şondan soň Rebbiň ruhy seniň kalbyňy eýelär; sen hem olar bilen bile joşup, pygamberlik edersiň we başga adama öwrülersiň.
7 Şol alamatlar ýerine ýetende, sen göwnüňe gelenini edip bilersiň, çünki Hudaý saňa ýardyr.
8 Indi menden öň aşak, Gilgala in. Ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny bermek üçin, ol ýere men hem barjak. Ýedi gün garaşanyňdan soň, ýanyňa baryp, näme etmelidigiňi aýdaryn».
9 Şawul Şamuweliň ýanyndan gaýtmak üçin yzyna öwrülende, Hudaý onuň kalbyny täzeledi. Bu alamatlaryň hemmesi şol gün ýerine ýetdi.
10 Gibga galasyna gelenlerinde, olar topar tutup gelýän pygamberlere duşdular. Şonda Hudaýyň ruhy Şawulyň kalbyny eýeledi. Ol pygamberler bilen bile joşup, pygamberlik etmäge başlady.
11 Ony öňden tanaýanlar bu ýagdaýy görüp: «Bu Kişiň ogluna näme bolup ýörkä? Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýişdiler.
12 Ol ýerdäkileriň biri: «Bu pygamberleriň atalary kim bolupdyr-ka?» diýdi. «Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýleni şondan galandyr.
13 Şawul joşup, pygamberlik edip bolandan soň, sežde edilýän ýere çykdy.
14 Şawulyň daýysy: «Nirä bardyňyz?» diýip, ondan we onuň hyzmatkärinden sorady. Şawul: «Eşekleri agtardyk, ýöne olary tapyp bilmänimizden soň, Şamuweliň ýanyna gitdik» diýip jogap berdi.
15 Şawulyň daýysy: «Ol size näme diýdi?» diýip, ondan sorady.
16 Şawul daýysyna: «Ol bize eşekleriň tapylandygyny anyk aýtdy» diýdi. Ýöne Şamuweliň patyşalyk babatda aýdanlaryny ol daýysyna aýtmady.
17 Soňra Şamuwel Mispada ysraýyl halkyny Rebbiň huzuryna çagyryp,
18 şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men Ysraýyly Müsürden çykardym, ony müsürlileriň we beýleki şalyklaryň penjesinden halas etdim“.
19 Emma bu günki gün özüňizi zulumdan we jebir-jepadan alyp çykan Hudaýyňyzy siz ret etdiňiz. Siz: „Ýok, bize patyşa belle“ diýdiňiz. Indi tireme-tire, urugma-urug Rebbiň huzurynda hatara düzüliň».
20 Soňra Şamuwel ysraýyl tireleriniň ählisini ýeke-ýekeden öňe çykardy. Olardan bije boýunça benýamin tiresi saýlanyp alyndy.
21 Soňra Şamuwel benýamin tiresini maşgalama-maşgala öňe çykardy. Olardan Matrynyň maşgalasynyň bijesi çykdy. Olardan Kişiň ogly Şawulyň bijesi çykdy, ýöne olar ony idäp tapyp bilmediler.
22 Olar: «Ol heniz bu ýere gelenokmy?» diýip, Rebden soradylar. Reb: «Ol, ine, ýüküň aňyrsynda gizlendi» diýip jogap berdi.
23 Adamlar ony ol ýerden çykaryp getirdiler. Ol halkyň öňünde durdy; beýlekiler onuň egnindendi.
24 Şamuwel halka: «Rebbiň saýlan adamyny görýäňizmi? Aramyzda şuňa taý geljegimiz ýokdur!» diýdi. Duranlaryň ählisi: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.
25 Soňra Şamuwel halka patyşanyň düzgünlerini we kadalaryny düşündirdi. Olary kitaba ýazyp, şol ýerde, Rebbiň huzurynda goýdy. Şondan soň Şamuwel adamlary öýli-öýüne ugratdy.
26 Şawul-da Gibgadaky öz öýüne gitdi; Hudaý tarapyn ýüreklerine mertlik salnan esgerler oňa ýoldaş boldular.
27 Käbir ýaramaz adamlar bolsa: «Şolmy indi bizi gorajak?» diýşip, ony pisint etmediler. Olar oňa sowgat-serpaý-da etmediler, ýöne Şawul olara üns bermedi.




Chapter 11

1 Ammonlaryň şasy Nahaş aýaga galyp, Gilgatdaky Ýabeş galasyny gabawa saldy. Ýabeşiň halky Nahaşa: «Biziň bilen ylalaşyk baglaş, biz saňa gul bolaly» diýdiler.
2 Ammonlaryň şasy Nahaş olara: «Men siziň ähliňiziň sag gözüňizi çykaryp, sizi tutuş Ysraýyla wejera etmek şerti bilen ylalaşyk baglaşaryn» diýip jogap berdi.
3 Ýabeşiň ýaşululary oňa: «Bize ýedi gün puryja ber; Ysraýylyň ähli ýerine çaparlar göndereli. Eger ol ýerden bize kömek eder ýaly adam tapylmasa, onda biz siziň ygtyýaryňyzda» diýdiler.
4 Çaparlar Şawulyň ýaşaýan Gibga galasyna gelip, ýagdaýy halka habar berenlerinde, halk möňňürip aglady.
5 Hut şol mahal Şawul örüden öküzlerini alyp gelýärdi. Ol: «Näme boldy? Adamlar nämäniň ýasyny tutýarlar?» diýip sorady. Ýabeşden gelen çaparlaryň getiren habaryny oňa aýtdylar.
6 Şawul ol sözleri eşidende, Hudaýyň ruhy güýç bilen onuň kalbyna girdi. Şawulyň gaty gahary geldi.
7 Ol iki sany öküzi soýup, olaryň etini dogrady. Soňra «Kimde-kim Şawul bilen Şamuweliň yzyna düşmese, onuň-da öküzleriniň başyna şu öküzleriň güni geljekdir» diýen sözler bilen etleri çaparlar arkaly Ysraýylyň ähli ýerine iberdi. Onsoň halky Rebbiň haýbaty gurşap aldy, olar bir adam ýaly bolup ýygnandylar.
8 Şawul olary Bezege ýygnady. Ol ýere Ysraýyldan üç ýüz müň adam, Ýahudadan otuz müň adam toplandy.
9 Olar Ýabeşden gelen çaparlara: «Ertir Gün asmana galyberende, halas boljakdyklaryny Gilgatdaky Ýabeşiň halkyna aýdyň» diýdiler. Çaparlar gelip, muny olara habar berenlerinde, ýabeşliler begendiler.
10 Ýabeşliler Nahaşa: «Ertir biz size boýun egeris, siz bize islän zadyňyzy edip bilersiňiz» diýip jogap berdiler.
11 Daňyň ümüş-tamşynda Şawul adamlary üç topara böldi. Daň agaranda olar ammonlaryň düşelgesine aralaşdylar we gün günortan bolýança, olary ýer bilen ýegsan etdiler. Diri galanlar dyr-pytrak bolup gaçdylar.
12 Soňra adamlar Şamuwele: «„Şawulmy indi bize patyşa boljak“ diýenler kimler? Getiriň, biz olary öldürjek» diýdiler.
13 Emma Şawul halka: «Bu gün hiç kim öldürilmez, çünki bu gün Ysraýyly Reb halas etdi» diýdi.
14 Soňra Şamuwel olara: «Ýörüň, Gilgala gideliň-de, ol ýerde Şawulyň şalygyny täzeden tassyklalyň» diýdi.
15 Şondan soň tutuş halk Gilgala gitdi. Ol ýerde olar Rebbiň huzurynda Şawuly täzeden patyşa diýip yglan etdiler we Rebbiň huzurynda salamatlyk gurbanlygyny berdiler; Şawul we ähli ysraýyllar uly toý tutdular.




Chapter 12

1 Soňra Şamuwel tutuş ysraýyl halkyna şeýle diýip ýüzlendi: «Men siziň ähli diýeniňize gulak asdym. Size patyşa-da belledim.
2 Ine, indi size baş bolýan patyşaňyz hem bar. Men indi garradym, saç-sakgalym agardy. Ogullarym hem siziň araňyzda. Men ýaşlygymdan tä şu güne çenli size baş boldum.
3 Ine, men. Rebbiň we Onuň seçip saýlanynyň huzurynda meniň garşyma şaýatlyk ediň: heý, men biriňiziň öküziňizi ýa eşegiňizi aldymmy? Heý, biriňize al saldymmy ýa biriňizi ynjytdymmy? Ýa biriňizden para alyp, onuň etmişine göz ýumdummy? Eger şeýle bolsa, meniň garşyma şaýatlyk ediň, men olary size gaýtaryp bereýin».
4 Olar: «Sen bize al hem salmadyň, bizi ezmediňem, hiç zadymyza el-de urmadyň» diýdiler.
5 Soňra Şamuwel olara: «Menden hiç hili nogsanlyk tapmandygyňyza bu gün Reb-de, Onuň seçip saýlany-de şaýatdyr» diýdi. Halk: «Hawa, Ol şaýat» diýdi.
6 Şamuwel sözüni dowam etdi: «Musany we Haruny bellän, ata-babalaryňyzy Müsürden alyp çykan Rebdir.
7 Indi bolsa turuň, men sizi hem-de ata-babalaryňyzy halas etmek üçin Rebbiň eden ähli dogry işleri esasynda Onuň huzurynda sizi ýazgaraýyn.
8 Ýakup Müsüre gidende, müsürliler olary ezdiler, şonda siziň ata-babalaryňyz Rebbe perýat etdiler. Onsoň Reb Musa bilen Haruny iberip, olary Müsürden alyp çykdy we şu ýerde ornaşdyrdy.
9 Ýöne siziň ata-babalaryňyz öz Hudaýyny – Rebbi unutdylar. Reb olary Hasor galasynyň şasy Ýabynyň leşgerbaşysy Siseranyň, piliştlileriň we Mowap şasynyň eline berdi; olar siziňkilere garşy uruşdylar.
10 Şonda ata-babalaryňyz: „Biz günä gazandyk. Rebden ýüz öwrüp, Bagal we Aştoret butlaryna gulluk etdik. Indi bizi duşmanlarymyzyň elinden al, biz Saňa gulluk etjek“ diýip, Rebbe perýat etdiler.
11 Şonda Ýerubagaly, Baragy, Ýeftahy we Şamuweli iberip, Reb sizi ähli duşmanlaryňyzyň elinden halas etdi. Şeýdip, siz asuda durmuşa ýetdiňiz.
12 Ammonlaryň şasy Nahaşyň üstüňize sürnüp gelýändigini göreniňizde bolsa, öz Hudaýyňyz Rebbiň şalygyndan boýun gaçyryp, menden özüňize patyşa talap etdiňiz.
13 Saýlap-seçip, diläp alan patyşaňyz, ine, dur. Hawa, ony size Reb berdi.
14 Eger siz Rebden gorkup, Oňa gulluk etseňiz, Oňa gulak asyp, Rebbiň buýrugyna garşy baş götermeseňiz, siz we size hökümdarlyk edýän patyşa Hudaýyňyz Rebbiň yzyna eýerse, tutan işiňiz oňuna bolar.
15 Emma Rebbe gulak asman, Onuň buýrugyna garşy baş göterseňiz welin, ata-babalaryňyza edişi ýaly, Reb size hem jeza berer.
16 Indi bolsa duran ýeriňizden gozganman, Rebbiň gözüňiziň alnynda görkezjek gudratyna tomaşa ediň.
17 Häzir tomus, şeýle dälmi! Men Rebbi çagyrjak. Ol ýagyş ýagdyrar hem-de gögi gümmürdeder. Şonda özüňize patyşa soramak bilen Rebbiň öňünde juda pis iş edendigiňize siz göz ýetirersiňiz».
18 Soňra Şamuwel Rebbi çagyrdy; Reb şol gün ýagyş ýagdyrdy we gögi gümmürdetdi. Adamlar Rebden we Şamuwelden juda gorkdular.
19 Olar Şamuwele şeýle diýdiler: «Öz gullaryňyň aman galmagy üçin, Hudaýyň Rebbe dileg et. Biz şu pis işi etmek bilen, ýagny özümize patyşa talap etmek bilen öz günämizi has-da agraldypdyrys».
20 Şamuwel halka şeýle diýdi: «Hawa, siz pis işlere baş goşduňyz, ýöne şonda-da gorkmaň. Rebden ýüz öwürmäň-de, tutuş kalbyňyz bilen Oňa gulluk ediň.
21 Galp hudaýlaryň yzyna düşmäň. Olar size ne peýda berer, ne-de sizi gorar, çünki olar bihuda zatlardyr.
22 Şöhratly adynyň hatyrasyna Reb Öz halkyny terk etmez, çünki Ol sizi Öz halky etmekden hoşal boldy.
23 Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek.
24 Diňe Rebden gorkuň we Oňa tüýs ýürekden, wepadarlyk bilen gulluk ediň. Görüň, Ol siziň üçin nähili gudratly işleri etdi!
25 Öz pis hereketleriňizden el çekmeseňiz welin, patyşaňyz bilen bile ýok edilersiňiz».




Chapter 13

1 Şawul patyşa bolanda otuz ýaşlaryndady. Ol Ysraýyla kyrk iki ýyl patyşalyk etdi.
2 Şawul ysraýyllardan üç müň adamy saýlap aldy. Olaryň iki müňüsini ol Mikmaşda we Beýtel daglygynda öz ýanynda saklady; müňüsini bolsa ogly Ýonatan bilen benýamin topragyndaky Gibga galasynda ýerleşdirdi. Galanlaryny bolsa yzlaryna, öýli-öýüne ugratdy.
3 Ýonatan piliştlileriň Gebadaky goşunyny derbi-dagyn etdi. Bu habar piliştlilere baryp ýetdi. Şawul: «Goý, ýewreýler eşitsinler!» diýip, mundan habardar etmek üçin, ýurduň ähli ýerinde surnaý çaldyrdy.
4 Şawulyň piliştli goşuny derbi-dagyn edendigini ysraýyllar eşidenlerinde, piliştlileriň özleri bilen öjügendiklerini duýup, olar Gilgala Şawulyň ýanyna ýygnandylar.
5 Üç müň söweş arabaly, alty müň atly we sansyz-sajaksyz goşun bolup, Ysraýyl bilen uruşmak üçin, piliştliler başlaryny jemlediler. Beýtaweniň gündogaryndaky Mikmaşa baryp, olar ol ýerde özlerine harby düşelge gurdular.
6 Ysraýyllar çykgynsyz ýagdaýa düşendiklerini görenlerinde (çünki olaryň goşunlary gowy gysaja salnypdy), olaryň käsi gowaklarda, çukurlarda, gaýalarda, mazarlarda we gurruk guýylarda gizlendiler, bukuldylar.
7 Birnäçe ýewreý bolsa Iordan derýasyndan geçip, Gat hem-de Gilgat topragyna aralaşdy. Şawul heniz Gilgaldady we onuň ýanyndaky goşun gorkudan ýaňa sandyraşýardy.
8 Şamuweliň bellän möhletine görä, Şawul ýedi gün garaşdy, emma Şamuwel Gilgala gelmedi. Şawulyň ýanyndaky halk ondan çetleşip başlady.
9 Şonda Şawul halka: «Ýakma we salamatlyk gurbanlygy üçin mal getiriň» diýdi. Şeýdip, ol ýakma gurbanlygyny berdi.
10 Şawul ýakma gurbanlyk bermekligi ýaňy gutardym edende, Şamuwel geldi. Garşylamak hem salamlaşmak üçin, Şawul onuň öňünden çykdy.
11 Şamuwel oňa: «Näme iş bitirdiň?» diýdi. Şawul oňa şeýle jogap berdi: «Töweregimdäki halk menden çetleşip başlady, sen hem aýdan möhletiňde gelmediň, piliştliler bolsa Mikmaşa ýygnandylar.
12 Onsoň men: „Indi piliştliler Gilgala, meniň üstüme dökülerler. Men bolsa Rebden medet hem dilemedim“ diýip oýlandym we ýakma gurbanlyk bermäge mejbur boldum».
13 Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Akmaklyk etdiň, öz Hudaýyň Rebbiň emrini tutmadyň. Reb seniň Ysraýylyň üstünden edýän şalygyňy ömürlik ebedileşdirjekdi.
14 Ýöne, ine, indi seniň şalygyň dowam etmez. Reb Öz göwnünden turýan birini tapyp, ony Öz halkyna hökümdar belledi. Çünki sen Rebbiň emrini tutmadyň».
15 Soňra Şamuwel Gilgaldan benýamin topragyndaky Gibga galasyna gitdi. Şawul öz ýanyndaky adamlary sanady; jemi alty ýüz töweregi adam çykdy.
16 Şawul, onuň ogly Ýonatan we olaryň ýanyndakylaryň ählisi benýamin topragyndaky Gebada galdy. Piliştliler bolsa Mikmaşda düşelge gurupdylar. 17–18 Piliştli hüjümçiler üç topara bölünip, öz düşelgelerinden çykdylar. Olaryň birinji topary Şugalyň Opra ýoluna tarap, beýlekisi Beýthorona, üçünji topar bolsa çölüň üsti bilen Sebogym jülgesinden serhede tarap öwrüldi.
19 Ysraýyl ýurdunyň hiç bir ýerinde ýekeje-de demirçi ussa ýokdy. Sebäbi piliştliler gylyçdyr naýza ýasamaga ýewreýlere ýol bermeýärdiler.
20 Şoňa görä, ähli ysraýyllar azaldyr kätmenlerini, paltadyr oraklaryny eltip, piliştlilere çarhladardylar.
21 Azal we kätmen çarhlatmagyň nyrhy bir ýarym mysgal kümşe, paltadyr orak çarhlatmagyň nyrhy bolsa bir mysgal kümşe barabardy.
22 Şol sebäpli uruş wagtynda Şawul bilen Ýonatanyň adamlarynyň elinde ne gylyç, ne-de naýza bardy. Bu ýaraglar diňe Şawul bilen onuň ogly Ýonatanda bardy.
23 Şol arada piliştli goşunyň öňdäki bölümi Mikmaş geçelgesine gitdi.




Chapter 14

1 Bir gün Şawulyň ogly Ýonatan öz ýaragyny göterýän nökerine: «Ýör, ol tarapdaky piliştlileriň öňdäki bölüminiň üstüne gideli» diýdi. Ýöne ol muny kakasy Şawula aýtmady.
2 Şawul şol wagt Gibganyň golaýynda ýerleşen Migrondaky nar agajynyň aşagynda otyrdy. Onuň ýanyndaky goşunyň jemi alty ýüz adama golaýdy.
3 Efot geýnip gezýän Ahyýa hem şu ýerdedi. Ol Ikabodyň dogany bolan Ahytubyň ogludy. Ikabot Pinehasyň ogly, Rebbiň Şilodaky ruhanysy Eliýiň bolsa agtygydy. Ýonatanyň gidenini häzir hiç kim bilmeýärdi.
4 Piliştli goşunyň öňdäki bölümine barmak üçin Ýonatan Boses hem Sene atly iki sany uçut gaýanyň arasynda ýerleşýän geçelgeden geçmelidi.
5 Gaýalaryň demirgazykdakysy Mikmaşa, günortadakysy bolsa Geba tarap bakyp durdy.
6 Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur».
7 Ýaragçy nöker Ýonatana: «Gözel göwnüň, ýör. Men seniň bilen; seniň islegiň – meniň islegim» diýdi.
8 Soňra Ýonatan oňa şeýle diýdi: «Golaýrak baraly-da, olara görneli.
9 Eger olar: „Ýanyňyza barýançak garaşyň“ diýseler, biz şol duran ýerimizde durarys, olara golaýlaşmarys.
10 Ýöne olar: „Bäri geliň“ diýäýseler, onda olaryň ýanyna bararys. Çünki bu olary Rebbiň biziň elimize berendigini görkezýän bir alamat bolar».
11 Şeýdip, olaryň ikisi-de piliştlilere göründiler. Piliştliler olary görüp: «Serediň! Ýewreýler gizlenen garymlaryndan çykyp başladylar» diýip seslendiler.
12 Soňra Ýonatan bilen onuň ýaragçy nökerine piliştliler: «Bäri geliň, size aýtjak zadymyz bar» diýip gygyrdylar. Ýonatan öz ýaragçy nökerine: «Yzym bilen çykyber. Çünki Reb olary Ysraýylyň eline berdi» diýdi.
13 Ýonatan dyrmaşyp, ýokary çykdy. Ýaragçy nökeri-de onuň yzyndady. Piliştliler Ýonatanyň öňünde durup bilmän ýykylýardylar, ýaragçy nöker bolsa yzdan olary gyryp barýardy.
14 Birinji söweş jeňinde Ýonatan bilen onuň ýaragçy nökeri her ýüz ädimden birbada ýigrimi töweregi adamy gyrdy.
15 Düşelgedäkileri, meýdandakylary, ähli halky aýylganç gorky gaplap aldy. Bölümdäkiler, hatda hüjümçiler gorkudan ýaňa sandyraşdylar, ýer titredi we Rebden gelen güýçli gorky gaplap aldy.
16 Şawulyň benýamin topragyndaky Gibga galasynda goýan gözegçileri piliştlileriň düşelgesinde turan başagaýlygy gördüler.
17 Şawul öz ýanyndakylara: «Adamlary sanaň-da, kimiň ýokdugyny anyklaň» diýdi. Olar görseler, Ýonatan bilen onuň ýaragçy nökeri bu ýerde ýok eken.
18 Şawul Ahyýa ruhana: «Hudaýyň sandygyny getir» diýdi. Çünki Hudaýyň sandygy şol gün ysraýyllaryň ýanyndady.
19 Şawulyň ruhany bilen gepleşip duran wagtyna çenli piliştlileriň düşelgesinde dowam edýän başagaýlyk ýetjek derejesine ýetipdi. Şoňa görä Şawul ruhana: «Äht sandygyndan eliňi aýyr» diýdi.
20 Soňra Şawul we onuň adamlary toplanyşyp gitdiler-de, piliştliler bilen garpyşdylar. Çendenaşa aljyraňňylyga düşen piliştliler biri-birlerine gylyç salýardylar.
21 Öň piliştlileriň tarapyna geçip, olar bilen bile olaryň düşelgesine gelen ýewreýler hem Şawul bilen Ýonatanyň ýanyndaky ysraýyllara goşuldylar.
22 Piliştlileriň gaçanyny eşidip, Efraýym daglygynda gizlenen ysraýyllar hem söweş meýdanynda olaryň söbügine mündüler.
23 Şeýdip, ol gün Reb Ysraýyla ýeňiş getirdi. Söweş Beýtawene geçdi we Şawulyň ýanyndaky goşun hemmesi bile on müň adama golaýdy. Söweş Efraýym daglygyna ýaýrady.
24 Ol gün ysraýyllarda ysgyn-mydar galmandy, çünki Şawul: «Agşama çenli, men tä duşmanlarymdan arymy alýançam, duz dadana nälet bolsun» diýip, adamlara ant içiripdi. Şonuň üçin hem goşundan bir adam hem duz datmandy.
25 Tutuş goşun arynyň öýjüklerinden doly bir ýeriň üstünden bardy. Ýeriň ýüzi baldan doludy.
26 Öýjüklerinden bal akyp durandygyny görseler-de, urşujylaryň hiç biri ondan dadaýyn diýmedi, çünki olar öz içen antlaryndan gorkýardylar.
27 Kakasynyň halka ant içirendiginden Ýonatan bihabardy. Ol elindäki hasasynyň ujuny bala batyryp, agzyna ýetirende, onuň gözleri ýalpyldap gitdi.
28 Şol wagt adamlardan biri: «„Şu gün duz dadana nälet bolsun“ diýip, kakaň halka berk ant içirdi. Şol sebäpli-de halkda ysgyn-mydar galmady» diýdi.
29 Ýonatan şeýle diýdi: «Kakamyň beýtmesi goşuna sütem etmek bolýar. Serediň, gözüm ýiteläýendir, sebäbi men şu baldan azajyk dadyp gördüm.
30 Eger-de häzir halk duşmanlardan alnan oljadan doýýança iýsedi, onda nähili gowy bolardy; olar, gör näçe piliştlini gyrardylar».
31 Mikmaşdan Aýalona çenli bolan aralykda şol gün ysraýyllar piliştlilere zarba urdular. Halkda ysgyn-mydar galmandy.
32 Ahyry, halaýyk ele salnan oljalaryň üstüne çozdy. Olar goýunlaryň, öküzlerdir sygyrlaryň damagyny çalyp, ganyny akdyrman, olaryň etini gany bilen bile bişirip iýdiler.
33 «Ganly et iýip, halk Rebbiň öňünde günä gazanýar, ony bir görsene» diýip, Şawula habar berdiler. Ol: «Siz haýynlyk etdiňiz. Indi meniň ýanyma uly bir daşy togalap getiriň» diýdi.
34 Soňra: «Halkyň arasyna baryň-da, olara aýdyň, goý, her kim öz öküzini ýa-da goýnuny getirsin-de, şu ýerde soýup iýsin. Ganly et iýip, Rebbiň öňünde günä gazanmasynlar» diýip, Şawul sözüniň üstüni ýetirdi. Şoňa görä şol gije her kim öz öküzini getirip, şol ýerde soýdy.
35 Şawul ol ýerde Rebbe bir gurbanlyk sypasyny ýasady. Bu onuň Rebbe ýasan ilkinji gurbanlyk sypasydy.
36 Soňra Şawul: «Şu gije piliştlileriň üstüne çozalyň-da, daňa çenli olaryň mallaryny talalyň. Olaryň biri-de biziň elimizden aman sypmasyn» diýdi. Adamlary oňa: «Gözel göwnüň» diýdiler. Emma ruhany: «Geliň, ilki Hudaýa sala salalyň» diýdi.
37 «Piliştlileriň yzyndan kowaýynmy? Olary Sen ysraýylyň eline berersiňmi?» diýip, Şawul Hudaýa ýüzlendi. Emma Hudaý ol gün oňa jogap bermedi.
38 Soňra Şawul şeýle diýdi: «Eý, halkyň baştutanlary, ähliňiz şu ýere ýygnanyň. Bu günäniň nähili gazanylandygyny anyklalyň.
39 Ysraýyly halas edýän Rebden ant içýärin, öz oglum Ýonatan günäkär bolsa-da, ol ölmelidir». Emma tutuş halkyň içinden hiç kim oňa jogap bermedi.
40 Soňra ol ysraýyllaryň ählisine ýüzlenip: «Siz bir tarapda, oglum Ýonatan ikimiz hem beýleki tarapda duraly» diýdi. Adamlar Şawula: «Gözel göwnüň» diýdiler.
41 Soňra Şawul şeýle diýdi: «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb! Näme üçin Sen bu gün Öz guluňa jogap bermeýärsiň? Eger oglum Ýonatan ikimiziň birden birimiz ýazykly bolsak, onda Urymy ber, eger-de Öz halkyň ysraýyl günäkär bolsa, onda Tummymy ber, ýa Ysraýyl Hudaýy Reb» diýdi. Şeýlelikde, gurra taşlanyldy. Gurra Şawul bilen onuň ogly Ýonatana düşdi, halk bolsa bigünä bolup çykdy.
42 Soňra Şawul: «Maňa we oglum Ýonatan ikimize gurra taşlaň» diýdi. Bu gezek gurra Ýonatana düşdi.
43 Şawul Ýonatana: «Hany, aýt, näme etdiň?» diýdi. Ýonatan oňa: «Elimdäki hasamyň ujuny bala batyrdym-da, baldan dadyp gördüm. Näme, indi men öläýmelimi?» diýdi.
44 Şawul Ýonatana: «Eger men seni öldürmesem, onda Hudaý meniň özümi öldürer, hatda ondan beterini görkezer» diýdi.
45 Şondan soň halk: «Ýonatany öldürjekmi? Ysraýyly şu beýik ýeňşe ýetireni öldürmekçimi?! Başa barmaz! Rebden ant içýäris, Ýonatana barmagyňam batyrmarsyň. Çünki bu gün ol Hudaýyň ýardam bermegi bilen söweşdi» diýip, Şawula garşylyk görkezdiler. Şeýdip, halk Ýonatanyň başyny ölümden gutardy.
46 Şundan soň Şawul piliştlileriň yzyndan kowalamakdan el çekdi; piliştliler öz ýerlerine dolandylar. Şawulyň hökümdarlygy
47 Ysraýyla şa bolandan soň, Şawul töweregindäki duşmanlarynyň ählisine: mowap, ammon, edom halklaryna, Soba şalaryna we piliştlilere garşy uruşlar alyp bardy. Baran ýerinde-de, ol ýeňiş gazandy.
48 Mertlerçe söweşip, amalekleri gyrdy, ysraýyly talaňçylaryň howpundan dyndardy.
49 Ýonatan, Ýişwi we Malkyşuwa Şawulyň ogullarydy. Onuň iki gyzynyň ulusynyň ady Merap, kiçisiniň ady bolsa Mikaldy.
50 Ahymagasyň gyzy Ahynogam Şawulyň aýalydy. Agasy Neriň ogly Abner onuň goşunbaşysydy.
51 Şawulyň kakasy Kiş bilen Abneriň kakasy Ner Abyýeliň ogullarydy.
52 Şawul ömürboýy piliştlileriň garşysyna ýowuz uruşlar alyp bardy. Ol nirede gujurly ýa batyr ýigit görse, ony öz ýanyna çekerdi.




Chapter 15

1 Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Reb Öz halky ysraýyla patyşa bellemek üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Indi sen Rebbiň sözüne gulak as.
2 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men amalekleri jezalandyrjak, çünki olar ysraýyllar Müsürden gelýärkäler, ýolda olara garşy boldular.
3 Indi, bar, amalekleri gyr, olaryň ähli emlägini bütinleý ýok et. Olary diri galdyrma. Aýal-erkeginiň, çaga-çugasynyň, mal-garadyr dowarlarynyň, düýedir eşekleriniň baryny gyrgyna ber“».
4 Şundan soň Şawul öz urşujylaryny Telaýym galasyna toplap, olaryň sanyny aldy; iki ýüz müň pyýada goşunyň daşyndan Ýahudadan-da on müň esger bardy.
5 Soňra Şawul amalekleriň galasyna gelip, çeşmäniň boýunda bukulyp ýatdy.
6 Şawul keýnlere: «Amalekler bilen bile paýhynlanasyňyz gelmeýän bolsa, ol ýerden çykyň; ysraýyl halky Müsürden çykyp gaýdanda, siz oňa ýardam edipdiňiz» diýip habar ýollady. Şunlukda, keýnler ol ýerden çykdylar.
7 Şawul Hawyladan Müsüriň gündogaryndaky Şura çenli bolan aralykda amalekleri derbi-dagyn etdi.
8 Olar amalek patyşasy Agagy diri ele saldylar, halky bolsa gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdiler.
9 Ýöne olar Agagy we goýunlardyr öküzleri, baga bakylan mallary, guzularyň semizlerini mahlasy, gowy zatlary diri galdyrdylar we olary bütinleý ýok etmediler. Olar diňe derde ýaramajak zatlary bütinleý ýok etdiler. 10–11 Rebbiň Şamuwele: «Şawuly patyşa edendigime ökünýärin, çünki ol Menden ýüz öwürdi, buýruklarymy ýerine ýetirmedi» diýen sözi geldi. Bu Şamuweliň gaharyny getirdi. Ol bütin gijäni Rebbe perýat edip geçirdi.
12 Şamuwel daň bilen turup, Şawulyň gözlegine çykdy. «Şawul Karmel galasyna gidip, ol ýerde özüne ýadygärlik oturtdy, soňra bolsa Gilgala gitdi» diýip, Şamuwele habar beripdiler.
13 Şamuwel Şawulyň ýanyna baranda, Şawul oňa: «Reb saňa ýar bolsun! Men Rebbiň emrini berjaý etdim» diýdi.
14 Şamuwel oňa: «Onda bu goýunlaryň mälemesidir öküzleriň molamasy näme?» diýdi.
15 Şawul oňa: «Adamlar bulary amaleklerden getirdiler. Halk semiz goýunlardyr öküzleri seniň Hudaýyň Rebbe gurbanlyk bermek üçin diri goýdular, galanlaryny bütinleý ýok edip taşladyk» diýip jogap berdi.
16 Soňra Şamuwel Şawula: «Besdir! Men saňa Rebbiň öten agşamky maňa diýen zadyny aýdyp berjek» diýdi. Şawul oňa: «Aýt» diýdi.
17 Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Özüňi ähmiýetsiz kiçi saýsaň-da, sen ysraýyl tireleriniň kethudasy dälmi eýsem? Reb seni Ysraýylyň üstünden şalyk etmeklige saýlady.
18 Reb seni ýola salyp: „Bar, şol günälileri – amalekleri gyryp, bütinleý ýok edýänçäň, olara garşy uruş“ diýipdi.
19 Näme üçin sen Rebbiň sözüne gulak asmadyň? Näme üçin sen olja kowalaşyp, Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiň?»
20 Şawul oňa şeýle jogap berdi: «Men Rebbiň sözüne gulak asdym. Men Rebbiň aýdan ýerine gitdim; amalekleriň patyşasy Agagy tutup getirdim, olaryň özlerini bolsa gyryp, bütinleý ýok etdim.
21 Emma meniň adamlarym oljadan ýok edilmeli goýunlardyr öküzleriň iň semizlerini öldürmegiň deregine, olary Gilgalda seniň Hudaýyň Rebbe gurbanlyk bermek üçin şu ýere getiripdirler».
22 Şamuwel şeýle diýdi: «Rebbe ýakma gurbanlyklardyr sadakalar bereniň bilen, Onuň Özüne boýun egilişindäki ýaly göwni galkynarmyka? Çünki boýun egmeklik gurbanlykdan, Gulak asmaklyk goçuň ýagyndan has belentdir.
23 Çünki topalaň palçylyga barabar günädir. Tekepbirlik şere we butparazçylyga barabardyr. Rebbiň sözüni ret edendigiň üçin Reb hem seniň patyşa bolmaklygyňy ret etdi».
24 Şawul Şamuwele şeýle jogap berdi: «Men günä gazandym, çünki men Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirmedim, seniň sözüňi tutmadym. Sebäbi men halkdan gorkup, halkyň diýeni bilen boldum.
25 Emma indi ýalbarýaryn, günämi öt. Rebbe sežde ederim ýaly, meniň bilen bile git».
26 Şamuwel Şawula şeýle diýdi: «Seniň bilen gitmerin, çünki sen Rebbiň sözüni ret etdiň, Reb hem seniň Ysraýyla patyşa bolmaklygyňy ret etdi».
27 Şamuwel gitmekçi bolup öwrülende, Şawul onuň donunyň synyndan ýapyşdy, don ýyrtyldy.
28 Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi.
29 Şeýle hem, Ysraýyl Şöhraty ýalan sözlemez ýa-da pikirini üýtgetmez. Çünki Ol pikirini üýtgeder ýaly ynsan däldir».
30 Soňra Şawul Şamuwele: «Men günä gazandym. Ýöne halkymyň ýaşulularynyň öňünde we Ysraýylyň arasynda meni ryswa etme. Hudaýyň Rebbe sežde etmegim üçin, gaýdanyňda bile gideli» diýdi.
31 Şunlukda, Şamuwel yzyna Şawul bilen bile gaýtdy; Şawul Rebbe sežde etdi.
32 Soňra Şamuwel şeýle diýdi: «Amalekleriň patyşasy Agagy meniň ýanyma alyp geliň» diýdi. Agak onuň ýanyna göwnühoş halda geldi. Agak öz ýanyndan «ölüm howpy sowuldy» diýip oýlandy.
33 Şamuwel oňa: «Seniň gylyjyň aýallary öz çagalaryndan mahrum etdi. Seniň öz ejeň hem, goý, şol aýallar ýaly perzendinden mahrum bolsun» diýdi we Agagy Gilgalda Rebbiň huzurynda kerçäp taşlady.
34 Soňra Şamuwel Rama, Şawul bolsa öz Gibgadaky öýüne gitdi.
35 Şondan soň Şamuwel ömri ötýänçä Şawuly gaýdyp ýeke gezek görmese-de, onuň derdini çekip gezdi. Reb Şawuly Ysraýyla patyşa edendigine ökündi.




Chapter 16

1 Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Sen haçana çenli Şawulyň derdini çekip ýörjek? Men onuň Ysraýylyň üstünden patyşalyk etmegini inkär etdim! Hany bol, küýzäňi ýagdan doldur-da, ýola düş. Men seni beýtullahamly Ýyşaýyň ýanyna iberjek, çünki Men onuň ogullarynyň arasyndan birini Özüm üçin patyşa saýladym».
2 Şamuwel: «Men nädip gideýin? Eger Şawul eşidäýse, ol meni öldürer» diýdi. Reb oňa şeýle diýdi: «Ýanyňa bir göle al-da, „Men Rebbe gurbanlyk bermäge geldim“ diý.
3 Ýyşaýy gurbanlyga çagyr. Meniň üçin onuň haýsy oglunyň başyna ýag çalmalydygyňy soň Özüm saňa görkezerin».
4 Şamuwel Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirdi; ol Beýtullahama geldi. Galanyň ýaşululary sandyraşyp, onuň ýanyna geldiler-de: «Eýgilikmi?» diýdiler.
5 Şamuwel: «Eýgilik. Rebbe gurbanlyk bermek üçin geldim. Iniňizizi tämizleniň-de, meniň bilen gurbanlyga baryň» diýdi. Soňra ol Ýyşaý bilen onuň ogullaryny mukaddesläp tämizledi we olary gurbanlyga çagyrdy.
6 Olar gelenlerinde, Şamuwel Eliýaby gördi we ol «Rebbiň seçip saýlanynyň Onuň huzuryna gelendigine şek ýok» diýip pikir etdi.
7 Emma Reb Şamuwele: «Onuň daş keşbine ýa-da uzyn boýuna garama, çünki Men ony ret etdim. Sebäbi Rebbiň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, emma Reb kalba seredýär» diýdi.
8 Soňra Ýyşaý Abynadaby çagyryp, ony Şamuweliň alnyndan geçirdi. Şamuwel: «Reb muny-da saýlamady» diýdi.
9 Soňra Ýyşaý Şamuweliň öňünden Şammany geçirdi. Ol: «Reb muny-da saýlamady» diýdi.
10 Ýyşaý ýedi oglunyň ýedisini-de şeýdip, Şamuweliň öňünden geçirdi. Şamuwel Ýyşaýa: «Reb bularyň hiç birini-de saýlamady» diýdi.
11 Soňra ol Ýyşaýdan: «Ogullaryň hemmesi şularmy?» diýip sorady. Ýyşaý: «Ýene körpesi-de bar, ol goýun bakyp ýör» diýip jogap berdi. Şamuwel Ýyşaýa: «Ony getirt, çünki ol bu ýere özi gelýänçä, biz dyz epmeris» diýdi.
12 Ýyşaý ony getirtdi. Ol gyzylmeňizdi, görmegeýdi, gözleri owadandy. Reb: «Bu şol, tur, onuň başyna ýag çalyp saýla» diýdi.
13 Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden guýup saýlady. Şol günden beýläk Rebbiň ruhy güýç bilen Dawudy siňip başlady. Şamuwel Rama gitdi.
14 Rebbiň ruhy Şawuldan aýryldy. Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah ony gorkuzýardy.
15 Hyzmatkärleri Şawula şeýle diýdiler: «Görýäňizmi, Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah sizi gorkuzýar.
16 Jenabymyz huzuryndaky hyzmatkärlerine barbat çalmaga ussat adamyň gözlegine çykmagy buýursa, Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah siziň üstüňize inende, ol çalardy, siz bolsa gutulardyňyz».
17 Şawul hyzmatkärlerine: «Ussat sazanda tapyň-da, ony ýanyma alyp geliň» diýdi.
18 Olaryň biri: «Ýogsa-da, men beýtullahamly Ýyşaýyň bir ogluny gördüm. Saza ussat, batyr ýigit, gaýduwsyz urşujy, dilewar hem görmegeý. Reb hem onuň bilen» diýdi.
19 Şoňa görä, Şawul Ýyşaýa: «Goýun bakyp ýören ogluň Dawudy meniň ýanyma iber» diýen habar bilen çapar ýollady.
20 Ýyşaý ogly Dawudy Şawulyň ýanyna iberende, onuň ýany bilen bir eşege çörek, bir tulum şerap hem-de bir owlak ýükläp iberdi.
21 Dawut Şawulyň ýanyna gelip, oňa hyzmata durdy. Şawul Dawudy juda gowy gördi we ony özüniň ýaragçy nökeri etdi.
22 Şawul Ýyşaýa: «Dawudyň meniň hyzmatymda galmagyna ygtyýar et, ol meniň göwnümden turdy» diýip, habar ýollady.
23 Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah Şawulyň üstüne inen wagty, Dawut barbady alyp çalardy, şonda jyn-arwah ondan el çekerdi we Şawul gutulyp ynjalardy.




Chapter 17

1 Uruşmak üçin goşunlaryny jemlän piliştliler Ýahudanyň Soko galasyna toplandylar we Soko bilen Azekanyň aralygyndaky Epesdammym galasynda düşelge gurdular.
2 Şawul bilen ysraýyllar hem toplandylar. Olar Ela jülgesinde düşelge gurdular we piliştliler bilen uruşmak üçin, sap-sap bolup durdular.
3 Piliştliler bir depede, ysraýyllar bolsa beýleki tarapdaky depede ornaşdylar. Olaryň aralarynda jülge bardy.
4 Piliştlileriň düşelgesinden Gat galasyndan Jalut atly bir pälwan öňe çykdy. Onuň boýy alty tirsek bir garyşdy.
5 Başynda bürünç tuwulga, egninde bolsa teňňeli sowut bardy. Sowudyň agramy üç batman bürünje barabardy.
6 Aýaklary bürünç dyzbentlidi, egnine bürünç naýza asylgydy.
7 Naýzasynyň sapy pürs agajy ýalydy; naýzasynyň tygynyň agramy on bäş gadak demre barabardy. Öňünde-de galkançy nökeri bardy.
8 Jalut aýak çekdi-de, ysraýyl goşunyna tarap şeýle diýip gygyrdy: «Näme üçin nyzama durup, söweşe çykdyňyz? Men piliştli, siz bolsa Şawulyň gullary. Şeýle dälmi? Araňyzdan birini saýlap seçiň, goý, ol meniň ýanyma gelsin.
9 Eger ol meniň bilen tutluşyp, meni öldürip bilse, biz size gul bolarys. Ýöne men üstün çykyp, ony öldüräýsem, onda siz bize gul bolup, gullugymyzda durarsyňyz».
10 Piliştli: «Men bu gün ysraýyl goşunyna gyjalat berýärin. Meniň bilen tutluşar ýaly adam beriň» diýdi.
11 Piliştliniň bu sözlerini eşidende, Şawuly we ähli ysraýyllary aljyraňňylyk hem gorky gaplap aldy.
12 Dawut Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan efratly Ýyşaý diýen adamyň ogludy. Ýyşaýyň sekiz ogly bardy. Şawul döwründe Ýyşaý eýýäm garrap, ýaşy birçene baran adamdy.
13 Ýyşaýyň uly üç ogly Şawul bilen bile söweşe gidipdi. Ol üçüsiniň iň ulusynyň ady Eliýap, ikinjisiniň ady Abynadap, üçünjisiniň ady bolsa Şammady.
14 Dawut iň kiçileridi; uly üç ogul Şawulyň ýanyndady.
15 Dawut öz kakasynyň goýunlaryny bakmak üçin, Şawulyň ýanyndan käwagt Beýtullahama gelip-giderdi.
16 Ol piliştli kyrk günläp irden hem agşam orta çykyp, özüni görkezdi.
17 Bir gün Ýyşaý ogly Dawuda şeýle diýdi: «Bir batman gowurga bilen, ine, şu on sany çöregi al-da, derrew düşelgedäki doganlaryňa äkit.
18 Bu on bölek peýniri bolsa olaryň müňbaşysyna ber. Agalaryňyň hal-ahwalyndan habar al-da, olardan bir nyşan getir».
19 Şol wagt Şawul, Dawudyň doganlary we ähli ysraýyllar Ela jülgesinde piliştliler bilen söweşip ýördüler.
20 Dawut irden turup, goýunlary sakça tabşyrdy. Ýyşaýyň tabşyryşy ýaly, azyklary alyp ýola düşdi. Dawut düşelgä gelende, goşun gykylyklap, söweş meýdanyna tarap barýardy.
21 Ysraýyllar hem-de piliştliler söweşmek üçin sap-sap bolup, ýüzbe-ýüz durdular.
22 Dawut zatlaryny sakça tabşyrdy-da, goşuna tarap ylgady. Agalarynyň ýanyna baryp, olar bilen salamlaşdy.
23 Dawut agalary bilen gepleşip durka, ine, birden Gatdan piliştli Jalut pälwan goşunyň içinden çykdy-da, şol öňki sözlerini gaýtalady. Onuň aýdanlaryny Dawut eşitdi.
24 Jaluty görenlerinde, ähli ysraýyllar gorkularyna gaçdylar.
25 Ysraýyllar: «Bu öňe çykyp durany görýäňizmi? Ol Ysraýyla gyjalat bermek üçin çykýar. Şony öldürene patyşa ummasyz baýlyk bilen birlikde gyzyny-da berjek, maşgalasyny bolsa Ysraýylda salgytdan boşatjak» diýişdiler.
26 Dawut ýanyndakylardan: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýpdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz? Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diýdi.
27 Adamlar oňa: «Hawa, ony öldürene şeýle ediljek» diýip, öňki jogaby berdiler.
28 Dawudyň adamlar bilen gepleşip duranyny görüp, gazaba münen iň uly agasy Eliýap oňa şeýle diýdi: «Seniň aşakda näme işiň bar? Çöldäki ojagaz goýunlaryňy kime taşlap gaýtdyň? Gedem hem gara ýüreg-ä sen. Söweşe tomaşa etmäge gelensiň sen».
29 Dawut oňa: «Meniň eden zadym näme? Men indi geplemelem dälmi?» diýdi.
30 Ol beýlesine öwrüldi-de, ýene-de öňki sözlerini gaýtalady. Adamlar hem oňa öňki jogaby berdiler.
31 Dawudyň aýdanlaryny eşidenler muny Şawula ýetirdiler. Şawul ony getirtdi.
32 Dawut Şawula: «Şol zerarly ýeke adamam özüni horlamasyn. Guluň gidip, ol piliştli bilen urşar» diýdi.
33 Şawul Dawuda: «Bu piliştliniň garşysyna sen çykyp bilmersiň, sebäbi sen entek ýaş. Ol bolsa ýaşlygyndan bäri urşup ýören adam» diýdi.
34 Emma Dawut Şawula şeýle diýdi: «Men guluň öz kakamyň goýunlaryny bakardym. Ýolbars ýa-da aýy gelip, sürüden bir guzyny alaýsa,
35 men onuň yzyndan ýeterdim-de, ony öldürip, guzyny agzyndan alardym. Bardy-geldi ol maňa topulaýsa, sakgalyndan tutardym-da, ony urup öldürerdim.
36 Guluň ýolbars-da, aýy-da öldürip gördi. Bu sünnetsiz piliştli hem şolaryň gününe düşer, çünki ol diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berdi».
37 Dawut: «Meni ýolbarsdyr aýynyň penjesinden halas eden Reb şu piliştliniň elinden hem halas eder» diýdi. Şawul Dawuda: «Bar, Reb saňa ýar bolsun!» diýdi.
38 Soňra Şawul öz ýaraglaryny Dawuda dakdy, başyna öz bürünç tuwulgasyny, egnine bolsa teňňeli sowut geýdirdi.
39 Dawut ýaraglarynyň üstünden Şawulyň gylyjyny biline baglady we ýörejek boldy, çünki ol bulary dakynyp görmändi. Onsoň Dawut Şawula: «Men bular bilen ýöräp bilemok, çünki men öň bulary dakynyp görmändim» diýdi. Şeýdip, Dawut bulary çykaryp taşlady.
40 Soňra Dawut eline hasasyny aldy we çeşmeden bäş sany ýylmanak daş saýlap, horjunyndaky goş torbasyna saldy. Sapanyny eline alyp, piliştlä golaýlaşdy.
41 Piliştli hem öz öňündäki galkançysy bilen bile Dawuda golaýlap gelýärdi.
42 Dawuda gözi düşende, piliştli oňa äsgermezlik bilen seretdi, çünki Dawut ýaşdy, gyzylmeňizdi hem görmegeýdi.
43 Piliştli Dawuda: «Üstüme taýakly geler ýaly, men näme itmi?» diýdi-de, öz hudaýlarynyň adyndan Dawuda gargady.
44 Piliştli ýene Dawuda: «Hany, bir gelsene, etiňi ýyrtyjy guşlar bilen wagşy haýwanlara şam edeýin» diýdi.
45 Soňra Dawut piliştlä: «Sen meniň üstüme gylyçly, naýzaly we gamaly gelýärsiň, emma men seniň üstüňe seniň gyjalat beren Ysraýyl goşunynyň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň adyndan gelýärin.
46 Şu gün Reb seni meniň elime berer we men seni urup, kelläňi keserin. Men bu gün piliştlileriň ählisiniň läşini ýyrtyjy guşlardyr ýabany haýwanlara şam ederin. Şonda tutuş ýer ýüzi Ysraýylda Hudaýyň bardygyny biler.
47 Şu ähli halk Rebbiň gylyçdyr naýzaly halas etmeýändigini biler, çünki söweş Rebbiňkidir. Ol sizi biziň elimize berer».
48 Piliştli Dawuda golaýlaşanda, Dawut ol piliştli bilen uruşmak üçin, söweş meýdanyna tarap batly ylgap gitdi.
49 Dawut elini torbasyna sokup, ondan bir daş çykardy-da, ony sapanyna salyp atyp goýberdi we piliştliniň maňlaýyndan urdy. Daş piliştliniň maňlaýyna çümdi we ol ýüzinligine ýere ýazyldy.
50 Gylyçsyz, sapan hem-de daş bilen Dawut piliştliden üstün çykdy – ony urup öldürdi.
51 Soňra ol ylgap baryp, piliştliniň üstüne çykdy we onuň gylyjyny gynyndan sogrup aldy-da, ony gylyç bilen öldürip, kellesini kesip taşlady. Öz pälwanlarynyň öldürilendigini görüp, piliştliler gaçdylar.
52 Ysraýyllar we ýahudalar gykylyklap aýaga galdylar, olar Gata we Ekronyň derwezelerine çenli piliştlileriň yzyndan kowdular. Ýaralanan piliştliler Gat we Ekron galalaryna barýan Şaraýym ýolunyň ugrunda serlip ýatyrdy.
53 Piliştlileriň yzyndan kowga giden ysraýyllar dolanyp geldiler we olaryň düşelgesini taladylar.
54 Dawut piliştliniň kellesini alyp, Iýerusalime getirdi, onuň ýaraglaryny bolsa öz çadyrynda goýdy.
55 Dawudyň Jalut piliştli bilen uruşmaga barýanyny görende, Şawul öz goşunbaşysy Abnerden: «Bu ýigit kimiň ogly, Abner?» diýip sorapdy. Abner: «Patyşanyň ömri uzak bolsun; bilmedim» diýip jogap beripdi.
56 Patyşa: «Onuň kimiň ogludygyny anykla» diýipdi.
57 Dawut piliştlini öldürip, yzyna dolanyp gelende, Abner ony Şawulyň huzuryna alyp bardy. Jalut piliştliniň kellesi hem onuň elindedi.
58 Şawul ondan: «Ýigit, sen kimiň ogly bolarsyň?» diýip sorady. Dawut: «Seniň beýtullahamly hyzmatkäriň Ýyşaýyň ogly men» diýip jogap berdi.




Chapter 18

1 Şawul bilen Dawut gepleşip boldular. Şondan soň Dawudy Şawulyň ogly Ýonatanyň sulhy aldy. Ýonatan ony janyndan hem eziz gördi.
2 Şawul şol günden beýläk Dawudy öz ýanyna aldy we oňa öýüne gaýtmaga rugsat bermedi.
3 Ýonatan Dawudy janyndan eziz görensoň, onuň bilen äht edişdi.
4 Ol öz egnindäki donuny, ýaraglaryny, hatda gylyjy, ýaýydyr guşagyny-da Dawuda berdi.
5 Dawut Şawul özüni nirä iberse gitdi, baran ýerinde-de işi şowuna boldy. Netijede, Şawul ony öz goşunbaşysy edip goýdy. Mundan ähli halk-da, Şawulyň hyzmatkärleri-de hoşal boldular.
6 Dawut Jalut piliştlini öldürenden soň, adamlar öýlerine gaýdyp gelýärkäler, ähli Ysraýyl galalaryndan gelen aýallar Şawul patyşany garşylamaga çykdylar. Olar deprekdir beýleki saz gurallaryny çalyp, şadyýan aýdymlar aýdýardylar, tans edýärdiler.
7 Aýallar şatlykdan ýaňa: «Şawul müňüsini, Dawut on müňüsini öldürdi» diýşip, aýdym aýdýardylar.
8 Aýallaryň bu aýdýan sözi Şawula ýakmady, onuň juda gahary geldi. Ol: «Olar Dawuda on müňüsini, maňa bolsa müňüsini berýärler. Oňa indi diňe patyşa bolaýmak galdy» diýdi.
9 Şol günden beýläk Şawul Dawudy yzarlap başlady.
10 Ertesi Hudaý tarapyndan iberilen jyn-arwah çaltlyk bilen Şawulyň kalbyna girdi. Ol öz öýünde arlamaga başlady. Dawut hemişekisi ýaly barbat çalyp otyrdy. Şawulyň elinde naýza bardy.
11 «Dawudy diwara çüýläýin» diýen niýet bilen Şawul naýzany oňa tarap zyňdy. Emma Dawut iki gezek zyňylan naýzanyň öňünden sowlup ýetişdi.
12 Şawul Dawutdan gorkýardy, sebäbi Reb onuň bilendi, Şawuly bolsa Reb terk edipdi.
13 Şoňa görä Şawul Dawudy öz ýanyndan aýryp, müňbaşy edip goýdy. Dawut söweşde öz goşunyna baştutanlyk edýärdi.
14 Dawudyň hemişe işi rowaçdy, çünki Reb onuň bilendi.
15 Onuň ähli işleriniň rowaç bolýandygyny görende, Şawul ondan gorkardy.
16 Özlerine edenli baştutan bolup ýörensoň, tutuş Ysraýyl hem, Ýahuda hem Dawudy gowy görýärdi.
17 Şawul Dawuda: «Ine, meniň uly gyzym Merap. Men ony saňa berjek. Diňe meniň batyrym bolup, Rebbiň üçin mertlerçe söweşseň bolýar» diýdi. Çünki Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün» diýip pikir edýärdi.
18 Dawut Şawula: «Patyşanyň giýewsi bolar ýaly, men kim, meniň maşgalam we Ysraýyldaky ata-babamyň nesli kim?» diýdi.
19 Emma Şawulyň gyzy Merabyň Dawuda berilmeli pursady gelende, gyz oňa däl-de, meholatly Adryýele durmuşa çykaryldy.
20 Şondan soň Dawuda Şawulyň Mikal atly gyzy aşyk boldy. Bu barada Şawula aýdanlarynda, ol hoşal boldy.
21 Şawul «Men ony Dawuda bererin, şeýdibem, oňa duzak guraryn. Piliştliler ondan öç alar» diýip oýlandy. Şonuň üçin ikinji gezek Şawul Dawuda: «Meniň giýewim bolmaklyga indi sen ikinji gezek mümkinçilik aldyň» diýdi.
22 «Patyşa senden hoşal, ähli hyzmatkärleri hem seni gowy görýär. Patyşa giýew bolmak pursadyň geldi» diýen habary assyrynlyk bilen Dawuda ýetirmekligi Şawul öz hyzmatkärlerine buýurdy.
23 Şeýlelikde, Şawulyň hyzmatkärleri patyşanyň sözlerini Dawuda ýetirdiler. Dawut olara: «Meniň ýaly ýoksul hem arzysyz adam üçin patyşa giýew bolmaklyk ýeňil işdir öýdýäňizmi?» diýdi.
24 Dawudyň sözlerini hyzmatkärler Şawula ýetirdiler.
25 Soňra Şawul olara: «Onda siz Dawuda: „Ýüz sany piliştlini sünnetläp, pürçüklerini getirip, duşmanlaryndan aryny alyp berseň, patyşa senden hiç hili galyň islänok“ diýip aýdyň» diýdi. (Şeýdip, Şawul piliştlileriň eli bilen Dawutdan dynmagy ýüregine düwüpdi.)
26 Şawulyň adamlary onuň sözlerini Dawuda ýetirenlerinde, ol patyşa giýew boljakdygyna begendi. Heniz bellenen gün gelip ýetmänkä,
27 Dawut öz adamlary bilen gidip, iki ýüz sany piliştlini öldürdi. Patyşa giýew bolmak üçin, ol olaryň pürçüklerini başbütin getirip, oňa berdi. Şondan soň gyzy Mikaly Şawul Dawuda durmuşa çykardy.
28 Emma Rebbiň Dawut bilen biledigine we öz gyzy Mikalyň-da oňa aşyk bolandygyna Şawul aýdyň göz ýetirdi.
29 Şoňa görä onuň Dawutdan gorkusy has artdy we ol Dawuda ömürbaky duşman boldy.
30 Piliştli goşunbaşylar söweşe çykýardylar. Her söweşde-de Şawulyň beýleki goşunbaşylaryna garanda, Dawut has uly ýeňişler gazanýardy. Şunlukda, Dawudyň abraýy has artdy.




Chapter 19

1 Şawul öz ogly Ýonatana hem-de öz adamlaryna Dawudy öldürmegi tabşyrdy. Emma Ýonatan Dawudy juda gowy görýärdi.
2 Ol Dawuda: «Kakam seni öldürmegi ýüregine düwdi. Ertir daňdan hüşgär bol; bir amatly ýer tap-da gizlen.
3 Menem seniň meýdanda gizlenen ýeriňe bararyn we kakamyň ýanynda durup, onuň bilen sen hakda gepleşerin. Eger bir zat aňaýsam, saňa habar bererin» diýdi.
4 Ýonatan kakasy Şawulyň ýanynda Dawudy taryplap, şeýle diýdi: «Sen öz guluň Dawuda ýamanlyk etme, çünki sen ondan hiç bir ýamanlyk görmediň; gaýtam, sen ondan haýyr gördüň.
5 Ol başyny etegine salyp, Jalut piliştli bilen söweşdi. Şonda Reb tutuş Ysraýyla beýik ýeňiş getirdi. Sen bu işleri görüp hoşal bolduň. Şu zatlardan soň nädip sen Dawuda ýamanlyk etjek? Ol bigünä ahyryn. Ony öldürmäge esas ýok».
6 Şawul Ýonatanyň sözüne ynandy we oňa: «Onuň janyna kast etmejekdigime Rebden ant içýärin» diýdi.
7 Ýonatan Dawudy çagyryp, bu gürrüňleri oňa ýetirdi. Soňra ol Dawudy Şawulyň ýanyna alyp bardy. Şunlukda, Dawut ýene öňküsi ýaly Şawula gulluga durdy.
8 Ýene söweşler başlandy. Dawut gidip, piliştliler bilen söweşdi we olary uly ýeňlişe sezewar etdi; piliştliler gaçmaga mejbur boldular.
9 Bir gün Şawul eli naýzaly öz öýünde otyrdy, Dawudam oňa saz çalyp berýärdi. Birden Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah Şawulyň üstüne indi.
10 Şawul elindäki naýzasy bilen Dawudy diwara çüýlemegi ýüregine düwdi. Emma Dawut naýzanyň öňünden sowlup ýetişdi; naýza baryp, diwara çümdi. Dawut şol gije ýene-de gaçyp başyny gutardy.
11 Şawul Dawudy ertir daň bilen öldürmek üçin, onuň öýüni garawullaň diýip, öz adamlaryny iberdi. Aýaly Mikal Dawuda: «Eger-de şu gije başyňy gutarmasaň, ertir seni öldürerler» diýdi.
12 Soňra Mikal Dawudy penjireden çykaryp gaçyryp goýberdi. Ol gaçyp gizlendi.
13 Mikal bir buty alyp, düşekde ýatyrdy; onuň başyna tüýli geçi derisini geýdirip, üstüne-de ýapynja atdy.
14 Dawudy tutmak üçin, Şawulyň iberen adamlaryna Mikal: «Ol syrkawlap ýatyr» diýdi.
15 Onsoň Şawul: «Dawudy öz gözüňiz bilen görüp, ony düşegi bilen bile alyp geliň, men ony öldürjek» diýip, öz adamlaryny iberdi.
16 Şawulyň adamlary düşekde başyna tüýli geçi derisi geýdirilen buty görendiklerini oňa habar berdiler.
17 Şondan soň Şawul Mikaly çagyryp, oňa: «Näme üçin meni aldap, meniň duşmanymy gaçyryp goýberip, oňa gizlenmäge mümkinçilik berdiň?» diýdi. Mikal oňa: «„Goýbermeseň öldürerin“ diýdi» diýip jogap berdi.
18 Gaçyp başyny gutaran Dawut Ramada ýaşaýan Şamuweliň ýanyna gelip, Şawulyň özüne edenleriniň baryny oňa gürrüň berdi. Soňra Şamuwel bilen bile Naýot galasyna gidip, şol ýerde galdy.
19 Dawudyň Ramadaky Naýot galasyndadygyny Şawula habar berdiler.
20 Şawul Dawudy tutup getirmek üçin, öz adamlaryny iberdi. Olar Şamuweliň ýolbaşçylygynda joşup, pygamberlik edip ýören pygamberleriň toparyny gördüler. Şonda Şawulyň adamlarynyň-da üstüne Hudaýyň ruhy indi. Şunlukda, olar hem joşup, pygamberlik etmäge başladylar.
21 Şawul muny eşidip, başga adamlary iberdi, ýöne olar hem joşup, pygamberlik edýänlere goşuldylar. Şawulyň üçünji gezekki iberen adamlary-da öňküleri ýaly boldular.
22 Ahyrsoňy Rama Şawulyň özi gitdi. Ol Sekudaky ullakan guýynyň ýanyna baryp: «Şamuwel bilen Dawut nirede?» diýip, şol ýerdäkilerden sorady. Olaryň biri: «Olar Ramanyň Naýot galasynda» diýip jogap berdi.
23 Şawul Ramanyň Naýot galasyna tarap barýarka, onuň hem üstüne Hudaýyň ruhy indi. Ol tä Naýota barýança ýolboýy joşup, pygamberlik edip gitdi.
24 Ol hatda eşiklerini çykaryp, Şamuweliň öňünde pygamber ýaly joşdy we tutuş bir gije-gündizläp ýalaňaç süýnüp ýatdy. («Şawul hem pygamberleriň arasyndamy?» diýleni şondan galandyr.)




Chapter 20

1 Dawut Ramadaky Naýot galasyndan gaçyp gaýtdy we Ýonatanyň ýanyna gelip, oňa: «Men näme etdim? Meniň ýazygym näme? Kastyma çykar ýaly, men seniň kakaňa näme ýamanlyk etdim?» diýdi.
2 Ýonatan oňa: «Aýdýanyň näme?! Sen ölmersiň. Wajyp bolsun, bolmasyn, parhy ýok, kakam menden ýaşyryn hiç zat etmeýär. Onsoň muny näme üçin ýaşyrsyn. Ýok, beýle zat bolup bilmez» diýdi.
3 Dawut hem ant içip, şeýle diýdi: «Meni sulhuň alýandygyny kakaň gaty gowy bilýär; kakaň „Muny Ýonatana eşitdirmeli däl, eger eşidäýse, ol gynanar“ diýip pikir edýär. Ýöne Rebden hem senden ant içýärin, indi men ajalyň öň ýanynda durun».
4 Ýonatan Dawuda: «Seniň üçin islän zadyňy ederin» diýdi.
5 Dawut Ýonatana şeýle diýdi: «Ertir Täze Aý baýramçylygydyr. Men patyşa bilen bile nahar edinmelidirin. Ýöne sen maňa gitmäge we üçünji gün agşama çenli meýdanda gizlenmäge rugsat ber.
6 Eger kakaň meniň ýokdugymy biläýse, onda oňa: „Dawut öz galasy Beýtullahama gitmek üçin rugsat sorap, maňa köp ýalbardy. Çünki olar tutuş urug bolup gurbanlyk berýän ekenler“ diýersiň.
7 Eger ol „Bolýar“ diýäýse-hä, guluňa ne ýagşy, emma gaharlanaýsa, onda onuň niýetini ýamana düwenligidir.
8 Öz guluňa wepaly bol, çünki biz mukaddes äht edişdik. Eger men ýazykly bolsam, onda meni özüň öldüräý, kakaňyň ýanyna eltip näme etjek?»
9 Ýonatan oňa: «Aýdýanyň näme?! Kakamyň saňa ýamanlyk etjegini bilerin-de, heý, onam saňa aýtmarynmy?!» diýdi.
10 Soňra Dawut: «Eger kakaň gazaba münäýse, kim ony maňa habar berer?» diýip, Ýonatandan sorady.
11 Ýonatan Dawuda: «Ýör, meýdana çykaly» diýdi. Şeýdip, ol ikisi meýdana çykdylar.
12 Ýonatan Dawuda: «Ysraýyl Hudaýy Reb şaýat bolsun! Men ertir ýa-da birigün şu wagtlara çenli kakamyň niýetini biljek bolaryn. Eger sen babatda onuň niýeti düzüw bolsa, men saňa habar ýetirerin.
13 Emma ol ýamanlyk etmegi ýüregine düwäýse, menem ony saňa ýetirmesem, seni sag-salamat ýola salmasam, onda, goý, Reb maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin. Reb kakama ýar bolşy ýaly, saňa-da ýar bolsun. 14–15 Dirikäm Reb kimin maňa wepaly bol. Ölenimden soň bolsa, hatda Reb seniň ähli duşmanlaryňy ýer ýüzünden ýok etse-de, meniň neslime hemişe wepaly bol».
16 Şunlukda, «Dawudyň duşmanlarynyň jezasyny, goý, Rebbiň Özi bersin» diýip, Ýonatan Dawudyň kowumy bilen äht edişdi.
17 Ýonatan Dawuda özüne bolan söýgüsi üçin ýene ant içirtdi, sebäbi ol Dawudy janyndan hem eziz görýärdi.
18 Soňra Ýonatan Dawuda: «Ertir Täze Aý baýramçylygy. Seniň ýokdugyň ornuňyň boşdugyndanam belli bolar.
19 Birigün uzak ýöräp, git-de, öňki saparky gizlenen ýeriňde gizlen we daşyň ýanynda maňa garaş.
20 Nyşana atan ýaly edip, men şol daşa tarap üç sany peýkam ataryn.
21 Soňra men: „Bar, oklary tap-da getir“ diýip, bir ýetginjegi ibererin. Eger men oňa: „Oklar, hanha, bu tarapyňda, olary toplap getir“ diýäýsem, onda gelersiň. Rebden ant içýärin, bu seniň üçin howp-hatar ýok diýildigidir.
22 Emma men ýetginjege: „Oklar, hanha, aňyrrakda“ diýäýsem, onda gaçgyn, çünki bu Reb seni ýola salýar diýildigidir.
23 Biziň biri-birimiz bilen edişen ähtimize, goý, Reb ebedilik şaýat bolsun» diýdi.
24 Şeýdip, Dawut meýdanda gizlendi. Täze Aý baýramçylygy başlananda, patyşa gelip, saçak başyna geçdi.
25 Ol adatdakysy ýaly diwara golaý ýerde ornaşdy. Ýonatan onuň garşysynda oturdy3, Abner bolsa Şawulyň gapdalynda oturdy, Dawudyň orny boş durdy.
26 Ol gün Şawul sesini çykarmady, çünki ol: «Oňa bir zat bolandyr. Ol haramdyr, hawa, hakykatdan-da, ol tämiz däldir» diýip oýlandy.
27 Emma Täze Aý baýramçylygynyň ertesi güni hem Dawudyň orny boşdy. Şawul ogly Ýonatana: «Ýyşaýyň ogly näme baýramçylykda düýnem, bu günem görünmedi?» diýdi. 28–29 Ýonatan Şawula şeýle jogap berdi: «Dawut: „Maňa rugsat bersene. Galada biziňkiler urug bolup gurbanlyk berjekler; agam maňa gelsin diýipdir. Eger meni sylaýan bolsaň, onda rugsat ber, gidip, agalarymy göreýin“ diýip, Beýtullahama gitmek üçin özelenip ýalbardy. Şonuň üçin hem patyşanyň naharyna ol gelip bilmedi».
30 Muny eşiden Şawul Ýonatany gazap bilen dalady: «Wah, hyýanatkär hem azgyn aýalyň dogmasy! Özüň hem-de ýalaňaç ejeň bihaýa bolmadyk bolsaňyz, sen Ýyşaýyň ogluny dost tutunarmydyň? Käşgä, men ony bilmeýän bolsam!
31 Ýyşaýyň ogly ýer ýüzünde diri gezip ýörse, özüňe-de, patyşalygyňa-da rahatlyk bolmaz. Häziriň özünde adam iber-de, ony meniň ýanyma getirt, onuň başy ölümli».
32 Soňra Ýonatan kakasy Şawula: «Ol näme üçin ölmeli? Ol näme etdi?» diýdi.
33 Şol wagt Ýonatany öldürmegi ýüregine düwüp, Şawul naýzasyny oňa tarap zyňdy. Ýonatan öz kakasynyň Dawudyň janynyň kastyna ymykly çykandygyna şonda düşünip galdy.
34 Ýonatan gazap bilen saçagyň başyndan turdy we kakasynyň Dawudy pisint etmeýändigine gaty gynanyp, aýyň ikinji güni hiç zat iýmedi.
35 Ýanyna bir oglanjyk alyp, Dawut bilen duşuşmak üçin ol daň bilen meýdana tarap gitdi.
36 Ýonatan oglanjyga: «Bar, ylga, şu oky tapyp getir» diýdi. Oglanjyk ylgap gitdi. Ýonatan onuň üstaşyry ýaýyny atyp goýberdi.
37 Oglanjyk Ýonatanyň atan okunyň düşen ýerine ýetende: «Ok öňrägiňde dälmi näme?
38 Bol basymrak, eglenme» diýip, Ýonatan oglanjygyň yzyndan gygyrdy. Ol oglanjyk oklary çöpleşdirip, öz hojaýynyna getirip berdi.
39 Oglanjygyň hiç zatdan habary ýokdy. Muny diňe Ýonatan bilen Dawut bilýärdi.
40 Ýonatan ýaraglaryny oglanjyga berip: «Al, şulary gala äkit» diýdi.
41 Oglanjyk giden badyna Dawut günorta tarapdan peýda boldy. Ol ýüzüni ýere berip, üç gezek tagzym etdi. Soňra Ýonatan ikisi ogşaşyp aglaşdylar. Dawut has köp aglady.
42 Soňra Ýonatan Dawuda: «„Özümize hem-de neslimize Reb ebedilik şaýat bolsun“ diýip, ikimiz hem Rebden äht edişdik ahyryn. Bar, indi sen arkaýyn gidiber» diýdi.
43 Şondan soň Dawut öz ýoluna gitdi, Ýonatan bolsa gala dolandy.




Chapter 21

1 Dawut Ahymelek ruhanynyň ýanyna Nop galasyna geldi. Ahymelek gorkudan ýaňa sandyr-sandyr edip, Dawudy garşylamaga çykdy. Ol Dawuda: «Näme üçin ýeke özüň geldiň? Näme üçin ýanyňda hiç kim ýok?» diýip sorady.
2 Dawut Ahymelege: «Patyşa maňa bir ýumuş tabşyrdy. Ol: „Senden iberen bu ýumşum hakda hiç kim hiç zat bilmeli däldir“ diýdi. Şoňa görä, öz ýigitlerim bilen hem duşuşar ýaly ýer belleşdik.
3 Häzir ýanyňda nämäň bar? Maňa bäş sany çörek ýa-da ýanyňda başga nämäň bar bolsa ber» diýdi.
4 Ruhany oňa: «Mende adaty çörek ýok. Mende diňe mukaddes çörek bar. Eger ýanyňdaky ýigitler golaýda aýala ýanaşmadyk bolsalar, siz ony iýip bilersiňiz» diýdi.
5 Dawut ruhana şeýle jogap berdi: «Hawa, meniň, adatça, sapara gaýdanymda edişim ýaly, biz aýal bilen ýatmadyk. Ýanymdaky ýigitler ýönekeý sapara çykanlarynda-da inlerini päk saklaýarlar. Onsoň, olaryň öz inlerini bu gezek nähili päk saklajakdyklaryny biliber!»
6 Gyzgyn çörekler bilen çalşyrylmak üçin, Rebbiň huzuryndan aýrylan çöreklerden başga çörek ýokdy. Şonuň üçin ruhany Dawuda şol aýrylan mukaddes çörekleri berdi.
7 Şawulyň çopanlarynyň başlygy edomly Döweg hem bu gün şol ýerdedi. Ol Rebbiň huzurynda dini dessurlary berjaý edýärdi.
8 Dawut Ahymelege: «Ýanyňda naýza ýa gylyç ýokmy? Patyşanyň tabşyrygy juda gyssagly bolansoň, ýanyma ne gylyjymy alyp ýetişdim, ne-de başga ýaragymy» diýdi.
9 Ahymelek oňa: «Ela jülgesinde seniň eliňden ölen Jalut piliştliniň gylyjy şu ýerde, efotyň ýeňsesinde mata dolangy ýatyr. Eger isleseň, şony alaý. Bu ýerde şondan başga ýarag ýok» diýdi. Dawut oňa: «Ondan gowy ýarag bolmaz, şony beräý» diýdi.
10 Dawut Şawuldan gaçyp, şol gün Gatyň hany Akyşyň ýanyna gitdi.
11 Akyş hanyň adamlary oňa: «Bu Ysraýylyň patyşasy Dawut dälmi? „Şawul müňüsini öldürdi, Dawut bolsa on müňüsini“ diýşip, ol hakda aýallar aýdym aýdyp, tansam edipdiler-ä» diýdiler.
12 Bu sözler Dawudy uly iňkise goýdy we ol Gat hany Akyşdan juda gorkdy.
13 Şeýlelikde, Dawut olaryň ýanynda özüni alypbarşyny üýtgetdi. Olaryň ýanynda ol özüni dälilige saldy, derwezäniň gapylaryny dyrnaçaklap, olaryň ýüzüni persala etdi; sakgalyna erniniň suwuny akdyran boldy.
14 Akyş han adamlaryna: «Oňa bir seretseňizläň, ol däli ahyryn. Näme üçin ony meniň ýanyma getirdiňiz?
15 Näme özümde däli kemterlik edýändir öýdýäňizmi? Ýa onuň däliligine tomaşa etsin diýip getirdiňizmi? Heý, şeýle adamam bir meniň howlyma girmelimi?» diýdi.




Chapter 22

1 Dawut ol ýerden Adullam gowagyna gaçdy. Dawudyň agalary hem onuň atasynyň tutuş maşgalasy muny eşidip, onuň ýanyna geldiler.
2 Ezilýänler, bergi-borja batanlar hem närazylaryň ählisi onuň ýanyna ýygnanyşdylar. Şeýdip, Dawut ýanyna ýygnan dört ýüze golaý adama baştutan boldy.
3 Dawut ol ýerden Mowapdaky Mispä gitdi. Ol Mowap patyşasyna: «Hudaýyň meni näme etjegi belli bolýança, kakam bilen ejemi öz ýanyňyzda saklap bilmezmisiňiz?» diýdi.
4 Şeýdip, Dawut kakasy bilen ejesini Mowap patyşasynyň ýanyna getirdi. Dawudyň gowakda bolan döwründe olar onuň ýanynda boldular.
5 Gat pygamber Dawuda: «Gowagy taşla, Ýahuda ýurduna git» diýdi. Şoňa görä Dawut ol ýerden çykyp, Heret tokaýyna gitdi.
6 Dawudyň we onuň ýanyndakylaryň tapylandygyny Şawul eşitdi. Ol Gibgadaky bir depede, ýylgynyň aşagynda otyrdy; elinde naýzasy bardy, nökerleriniň ählisi onuň daşyny alyp durdular.
7 Şawul ýanyndaky nökerlerine şeýle diýdi: «Eý, benýaminler – tiredeşlerim, indi gulak asyň. Ýyşaýyň ogly siziň her biriňize meýdanlar, üzümçilikler berermikä, ol sizi müňbaşylar hem ýüzbaşylar edermikä?
8 Şonuň üçin meniň garşyma dildüwşük guradyňyzmy? Oglumyň Ýyşaýyň ogly bilen ülpet bolandygyny maňa habar bereniňiz bolmady. Bu günki gün, görşüňiz ýaly, oglum öz nökerimi meniň garşyma duzak gurmaga iteklände, biriňiziň-de maňa nebsiňiz agyrmady, ol hakda maňa dil ýarmadyňyz».
9 Şol wagty Şawulyň nökerleriniň gapdalynda duran edomly Döweg: «Ýyşaýyň oglunyň Ahytubyň ogly Ahymelegiň ýanyna Nop galasyna gelenini gördüm.
10 Ol Dawut üçin Rebbe ýüz tutup, onuň sapary barada sorady we oňa azyk hem-de Jalut piliştliniň gylyjyny berdi» diýdi.
11 Şawul Ahytubyň ogly Ahymelek ruhanyny, onuň tutuş maşgalasyny – Nop galasyndaky ähli ruhanylary getirmek üçin adam iberdi. Olaryň ählisi patyşanyň ýanyna geldiler.
12 Şawul Ahymelege: «Indi maňa gulak as, eý, Ahytubyň ogly» diýdi. Ol: «Gulak asýaryn, hökümdarym» diýdi.
13 Şawul oňa şeýle diýdi: «Näme üçin Ýyşaýyň ogly ikiňiz meniň garşyma dildüwşük guradyňyz? Näme üçin sen oňa çörekdir gylyç berdiň we onuň üçin Hudaýa ýüz tutup, onuň sapary barada soradyň? Görşüň ýaly, şeýdip, ol meniň garşyma duzak gurdy».
14 Ahymelek Şawula şeýle jogap berdi: «Dawut seniň nökerleriňiň iň wepalysy ahyryn. Ol seniň giýewiň, baş janpenaň hem-de seniň köşgüňde iň hormatly adamdyr.
15 Hudaýa ýüz tutup, Dawut barada bu meniň ilkinji gezek soraýşymmy näme? Ýok, meniň özümi-de, meniň atamyň maşgalasyndan kimdir başga birini-de, goý, patyşahym günäkärlemesin. Seniň guluňyň bu işden düýbünden habary ýokdur».
16 Patyşa: «Ahymelek, seniň özüňiň-de, ataňyň maşgalasynyň-da öljegine şek ýokdur» diýdi.
17 Patyşa ýanynda duran janpenasyna: «Bol, Rebbiň ruhanylaryny öldür, sebäbi olaram Dawudy goldaýarlar. Olar onuň gaçyp ýörenini bilibem, maňa habar bermändirler» diýdi. Ýöne patyşanyň nökerleri Rebbiň ruhanylaryna el götermediler.
18 Soňra patyşa ruhanylary öldürmegi Döwege buýurdy. Edomdan bolan Döweg ruhanylary gyrdy. Şol gün ol zygyr matadan tikilen efot geýnen segsen bäş ruhanyny öldürdi.
19 Şawul ruhanylaryň galasy bolan Nop galasyny gylyçdan geçirdi, ol erkekdir aýallary, çaga-çugalary, mal-garalary, eşekleri, dowarlary – hemmesini gylyçdan geçirdi.
20 Ýöne Ahytubyň agtyklarynyň biri, Ahymelegiň ogullarynyň biri bolan Abýatar gaçyp, başyny gutardy we Dawudyň yzyndan gitdi.
21 Abýatar Şawulyň Rebbiň ruhanylaryny gyrgyna berendigini Dawuda habar berdi.
22 Dawut Abýatara şeýle diýdi: «Ol ýerde edomly Döwegi görüp, men onuň Şawula habar berjekdigini şol gün anyk bildim. Seniň ataňyň tutuş maşgalasynyň ölümi üçin men günäkär.
23 Meniň ýanymda gal, özüňem gorkma, çünki meniň kastyma çykanyň, seniň hem kastyňa çykdygydyr, emma sen meniň penamdasyň».




Chapter 23

1 «Piliştliler Kegila hüjüm edip, harmanlary talap ýörler» diýip, Dawuda habar berdiler.
2 Dawut Rebden: «Gidip, piliştliler bilen söweşeýinmi?» diýip sorady. Reb Dawuda: «Bar, piliştliler bilen söweşe gir-de, Kegilany halas et» diýip jogap berdi.
3 Ýöne adamlary Dawuda: «Biz bu ýerde – Ýahudada gorkuşyp ýörkäk, Kegila – piliştli goşunyň üstüne nähili baraly?» diýdiler.
4 Dawut ýene Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Hawa, Kegila git, piliştlileri seniň eliňe berjek» diýdi.
5 Şeýlelikde, Dawut bilen onuň adamlary Kegila gidip, piliştliler bilen söweşdiler, olaryň mallaryny sürüp äkitdiler, olary agyr heläkçilige sezewar etdiler. Ine, şeýdip, Dawut Kegilanyň ilatyny halas etdi.
6 Ahymelegiň ogly Abýatar gaçyp, Dawudyň ýanyna gelende, onuň elinde efot bardy.
7 Dawudyň Kegila gelendigini Şawula habar berdiler. Şawul: «Ony Hudaý meniň elime berdi, çünki ol meniň derwezeli, kiltli galama girip, öz-özüni tora salypdyr» diýdi.
8 Kegila gidip, Dawudy gabawa salmak üçin, Şawul tutuş halky urşa çagyrdy.
9 Şawulyň niýetiniň ýamandygyny bilende, Dawut ruhany Abýatara: «Efoty getir, Hudaýyň islegini bileli» diýdi.
10 Dawut: «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb! Şawulyň men guluň sebäpli Kegilany ýok etmek üçin gelýändigini eşitdim.
11 Indi şeýdip, Öz guluňyň eşidişi ýaly, Şawul gelermi? Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluňa aýdaý!» diýdi. Reb: «Ol geler» diýdi.
12 Soňra Dawut: «Kegilanyň halky meni we adamlarymy Şawulyň eline berermi?» diýdi. Reb: «Berer» diýdi.
13 Dawut alty ýüze golaý adamy bilen bile Kegiladan çykdy. Olar baryp bilen ýerlerine çenli saklanman ýörediler. Dawudyň Kegiladan gaçandygyny eşidende, Şawul ol ýere gitmek niýetinden el çekdi.
14 Dawut çöldäki gowaklarda, Zip çölündäki daglykda ýaşady. Şawul ony her gün agtardy, ýöne Reb Dawudy onuň eline bermedi.
15 Şawulyň öz kastyna çykandygyny Dawut Horeşdäki Zip çölündekä eşitdi.
16 Şawulyň ogly Ýonatan Dawudyň yzyndan Horeşe geldi. Ol Dawudy Hudaýyň adyndan ruhlandyrdy.
17 Ýonatan oňa: «Sen kakamyň eline düşerin öýdüp gorkma. Sen tutuş Ysraýyla patyşa bolmalysyň, men seniň weziriň bolmalydyryn. Muny kakamam bilýär» diýdi.
18 Soňra ol ikisi Rebbiň öňünde äht edişdiler. Dawut Horeşde galdy, Ýonatan bolsa öýüne gitdi.
19 Soňra birnäçe zipliler Gibga gidip, Şawula: «Dawut biziň aramyzda – Horeşiň gowaklarynda, Ýeşimonyň günortasyndaky Hakyla dagynda gizlenip gezip ýör.
20 Eý, patyşa, islän wagtyň gel! Ony tutup, seniň eliňe bermek biziň bilen» diýdiler.
21 Şawul olara şeýle diýdi: «Derdimi paýlaşanyňyz üçin Reb sizi ýalkasyn!
22 Gidiň-de, ýene bir gezek nirededigine anyk göz ýetiriň; ony kimiň görendigini ykjam anyklaň. Aýdyşlaryna görä ol juda mekir bolmaly.
23 Onuň gizlenip biläýjek ýerleriniň ählisini gözden geçiriň we anygyna ýetiň-de, maňa belli habar getiriň. Şondan soň men siziň bilen bile giderin. Eger ol ýurduň bir ýerinde bar bolsa, men ony tutuş Ýahudadan taparyn».
24 Şeýlelik bilen Şawuldan öň olar Zipe gitdiler. Dawut adamlary bilen Magon çölünde, Ýeşimonyň günortasyndaky Araba düzlügindedi.
25 Şawul bilen onuň adamlarynyň öz gözlegine çykandyklaryny eşiden Dawut Magon çölündäki gaýa gelip, şol ýerde ornaşdy. Muny eşidip, Şawul Magon çölüne Dawudyň yzyndan gitdi.
26 Şawul dagyň bir tarapyndan, Dawut bolsa adamlary bilen dagyň beýleki tarapyndan barýardy. Şawul bilen onuň adamlarynyň Dawudy we onuň adamlaryny gabawa salmaklaryna az wagt galypdy, Dawut gaçmaga howlugýardy.
27 Şol wagt bir çapar gelip: «Howluk, ýurda piliştliler çozdy» diýip, Şawula habar berdi.
28 Şawul Dawudyň yzyndan kowmagyny bes edip, piliştliler bilen söweşmäge gitdi. Şoňa görä bu ýer «Gaçyş gaýasy» diýip atlandyryldy.




Chapter 24

1 Dawut ol ýerden gidip, Engedi topragyndaky gowaklarda mesgen tutdy.
2 Şawul piliştlileri kowmakdan gaýdyp gelende, «Dawut Engedi çölünde» diýip, oňa habar berdiler.
3 Şawul tutuş Ysraýylyň saýlama adamlaryndan üç müňüsini ýanyna alyp, Dawudy hem onuň adamlaryny idäp, Daggeçi gaýa tarap ýola düşdi.
4 Ol ýoluň ýakasyndaky dowar agyllaryna geldi. Şol ýerde bir gowak bardy. Şawul aýak ýoly üçin şol gowagyň içine girdi. Şol wagt Dawut adamlary bilen bile gowagyň töründe otyrdy.
5 Adamlary Dawuda ýüzlenip: «Rebbiň saňa „Duşmanyňy eliňe bererin, sen oňa islän zadyňy edersiň“ diýen güni, ine şu gündür» diýdiler. Dawut assyrynlyk bilen baryp, Şawulyň donunyň synyny kesdi.
6 Muňa Dawudyň ýüregi gopan ýaly bolup gitdi.
7 Ol adamlaryna şeýle diýdi: «Jenabyma, Rebbiň saýlan adamyna beýle zat etmekden, oňa garşy el götermekden Rebbiň Özi saklasyn, çünki ol Rebbiň seçip saýlandyr».
8 Şeýdip, Dawut öz adamlaryna käýedi we olara Şawulyň garşysyna uruşmaga rugsat bermedi. Şawul bolsa gowakdan çykyp, öz ýoluna gitdi.
9 Soňra Dawut hem gowakdan çykdy-da: «Eý, jenabym, patyşahym!» diýip, Şawulyň yzyndan gygyrdy. Şawul yzyna garanda, Dawut ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi.
10 Soňra ol Şawula: «„Dawut saňa ýamanlyk etmek isleýär“ diýýänleriň sözüne näme üçin ynanýarsyň?
11 Şu gün gowagyň içinde Rebbiň özüňi meniň elime berendigini öz gözleriň bilen gördüň. Seni öldürmegi talap edenlerinde-de, men saňa rehim etdim. Men olara: „Öz jenabyma el galdyrmaryn, çünki ol Rebbiň Öz seçip saýlanydyr“ diýdim.
12 Eý atam, donuňdan kesilen elimdäki şu kesindini görýäňmi, ine, seret. Donuňyň synyndan kesip aldym, ýöne seni öldürmedim. Saňa ýamanlyk etmek ýa-da haýynlyk etmek niýetimiň ýokdugy şundan hem belli ahyryn. Meni öldürmek üçin aňtap ýörenem bolsaň, men seniň öňüňde günä gazanmadym. 13–14 Ikimize, goý, Reb kazylyk etsin. Meniň arymy senden, goý, Reb alsyn. Köneleriň „Ýamanlyk ýamandan çykar“ diýişleri ýaly, men saňa garşy el götermerin.
15 Ysraýyl patyşasy kimiň garşysyna çykdy? Sen kimi yzarlap ýörsüň? Haýsydyr bir itiň maslygynymy ýa bir büränimi?
16 Goý, bize Reb kazylyk etsin we höküm çykarsyn. Goý, muňa Onuň Özi seretsin, meni gorasyn we meni seniň eliňden halas etsin».
17 Dawut sözüni gutaranda, Şawul: «Dawut, oglum, bu asyl senmidiň?» diýip, möňňürip aglady.
18 Ol Dawuda şeýle diýdi: «Sen menden adalatly ekeniň. Ýamanlygyma ýagşylyk bilen jogap berdiň.
19 Şu gün sen özüňiň maňa garaýşyňyň gowudygyny görkezdiň. Reb meni seniň eliňe berse-de, sen meni öldürmänsiň.
20 Heý, duşmanyny ele salan adamam bir ony aman goýarmy?! Seniň maňa şu günki edeniňi Reb ýagşylyk bilen gaýtarar.
21 Seniň hökman patyşa bolmalydygyňy, Ysraýyl patyşalygynyň seniň eliňde berkarar boljakdygyny men häzir bildim.
22 Men ölenimden soň nesillerimi ýok etmejekdigiňe, adymy atamyň neslinden aýyrmajakdygyňa Rebden ant iç».
23 Şawulyň diýşi ýaly, Dawut onuň öňünde ant içdi. Şondan soň Şawul öýüne gitdi, Dawut bolsa adamlary bilen bile gowaga tarap gaýtdy.




Chapter 25

1 Şamuwel öldi; bütin Ysraýyl ýygnanyp, onuň ýasyny tutdy. Ony Ramadaky öz mülkünde jaýladylar. Şondan soň Dawut Paran çölüne gitdi.
2 Magonda bir adam bardy. Onuň mülki Karmeldedi. Ol adam juda baýdy; onuň üç müň goýny, müň geçisi bardy. Ol Karmelde goýunlaryny gyrkdyrýardy.
3 Onuň ady Nabal, aýalynyň ady Abygaýyldy. Aýaly akylly hem görmegeýdi, ýöne onuň özi deýýus hem hyrsyz adamdy. Ol Kalep neslindendi.
4 Nabalyň öz goýunlaryny gyrkdyrýandygyny Dawut çölde eşitdi.
5 Şonda Dawut on ýigidini şeýle tabşyryk bilen onuň ýanyna iberdi: «Karmele gidiň. Nabalyň ýanyna baryň-da, oňa menden salam aýdyň
6 we şeýle diýiň: „Özüňiň, maşgalaňyň we ähliňiziň başyňyz abat bolsun!
7 Men seniň gyrkymdadygyňy eşitdim. Seniň çopanlaryň biziň ýanymyzda boldular, biz olary ynjytmadyk. Karmelde bolan döwürlerinde olaryň hiç zady ýitmedi.
8 Öz ýigitleriňden sorasaň aýdarlar. Indi senem meniň ýigitlerim bilen mylakatly bol, çünki biz ýanyňa sähetli güni geldik. Öz gullaryňa hem ogluň Dawuda nämäň bar bolsa bermegiňi towakga edýärin“».
9 Dawudyň ýigitleri Nabalyň ýanyna baryp, ýaňky aýdylanlaryň ählisini Dawudyň adyndan oňa aýtdylar-da, ondan jogaba garaşdylar.
10 Ýöne Nabal Dawudyň ýigitlerine şeýle jogap berdi: «Dawut diýýäniňiz kim ol? Ýyşaýyň ogly diýýäniňiz kim? Häzir öz hojaýynyndan gaçyp ýören hyzmatkär kän.
11 Çöregimi, suwumy, gyrkymçylar üçin soýan malymyň etini getirip, nirelidigini-de bilmeýän adamlaryma berip goýberibereýinmi, hä?».
12 Şunlukda, Dawudyň ýigitleri yzlaryna dolandylar we gelip, bularyň hemmesini Dawuda aýtdylar.
13 Dawut ýigitlerine: «Ähliňiz gylyjyňyzy dakynyň» diýdi. Olaryň ählisi gylyjyny dakyndy, Dawut hem gylyjyny dakyndy. Dört ýüze golaý adam Dawudyň yzyna düşdi, iki ýüz adam bolsa goşlaryň ýanynda galdy.
14 Emma bir ýigit Nabalyň aýaly Abygaýyla şeýle diýdi: «Biziň hojaýynymyza salam aýtmak üçin, Dawut çölden çaparlar ýollapdyr. Emma hojaýynymyz olary kemsitdi.
15 Olar bize kän ýagşylyk edipdiler, bizi ynjytmandylar. Olaryň ýanynda bolan döwrümizde biziň hiç zadymyz ýitmändi.
16 Bile goýunlarymyzy saklanymyzda, olar biziň daşymyzyň galasy bolupdylar.
17 Indi şuny bil-de, näme etmelidigiň hakda oýlan, çünki biziň hojaýynymyza we onuň tutuş maşgalasyna garşy erbet karara gelnendir. Nabalyň häsiýeti juda ýaramaz, onuň bilen gepleşip bilýän adam ýok».
18 Şundan soň Abygaýyl wagt ýitirmän, iki ýüz çörek, iki tulum şerap, bäş goýnuň gowurdagyny, bir batman gowurgany, ýüz goşawuç kişmişi, iki ýüz goşawuç injir kişdesini aldy-da, olary eşeklere ýükledi.
19 Ol hyzmatkärlerine: «Öňüme düşüň, men siziň yzyňyzdan ýörejek» diýdi. Ýöne ol adamsy Nabala hiç zat aýtmady.
20 Abygaýyl dagyň ýapgyt tarapyndan eşekli inip gelýärkä, Dawut hem adamlary bilen oňa tarap gelýärdi. Şeýdip, olar duşuşdylar.
21 Şol wagt Dawut içini gepledip gelýärdi: «Haýp, çölde men bu adamyň ähli emlägini gorapdyryn. Onuň ýeke zady-da ýitmändi. Emma ol meniň ýagşylygyma ýamanlyk bilen jogap berdi.
22 Eger daň atýança onuň erkek göbeklisiniň baryny gyrmasam, onda, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin».
23 Abygaýyl Dawudy görende, eşekden howlukmaç düşdi-de, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym etdi.
24 Ol Dawudyň aýagyna ýykylyp, şeýle diýdi: «Günäsi, goý, meniň boýnuma bolsun, agam. Özüň bilen gepleşmäge gyrnagyňa ygtyýar et, onuň iki agyz sözüni diňle.
25 Haýyş edýärin, agam, bu nejis Nabalyň sözlerini göwnüňe alma. Onuň özi-de ady ýalydyr. Onuň ady Nabal, özi-de akmak. Men – keniziň agamyň, ýagny seniň iberen nökerleriňi görmändirin.
26 Seni gan dökmekden we ar almakdan Rebbiň Özi saklapdyr. Indi, eý agam, Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, agam, saňa ýamanlyk etmek isleýän duşmanlaryň, goý, Nabal ýaly bolsun.
27 Ine, şu sowgatlary gyrnagyň seniň ýigitleriňe bermek üçin agasyna getirdi.
28 Öz gyrnagyňyň hyýanatçylygyny bagyşla. Rebbiň agamyň neslini abat etjegi şübhesizdir, sebäbi agam Reb üçin göreşýär. Ömürboýy senden ýamanlyk çykmaz.
29 Eger kimdir biri agamy yzarlasa ýa-da janyna kast etse, onda janyňy Hudaýyň Reb aman saklasyn, duşmanlaryňy bolsa sapandan daş atan kimin edip öldürsin. 30–31 Sen agam barada aýdan ähli ýagşylyklaryny ýerine ýetirip, Reb seni Ysraýyla hökümdar bellände, onda sen nähak gan dökmek ýa-da özüňi goramak üçin hasrata sebäp bolmarsyň, ynsabyň-da saňa yza bermez. Reb özüňi ýalkanda, gyrnagyňy ýatlagyn».
32 Dawut Abygaýyla şeýle diýdi: «Şu gün meni saňa duşuran Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!
33 Paýhasyňa berekella, özüňe berekella. Bu gün gan dökmekden hem öç almakdan meniň ellerimi sen sakladyň!
34 Dogrusyny aýtsam, size hasrat getirmekden meni saklan Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin, eger sen haýal etmän meniň ýanyma gelmedik bolsadyň, onda daň atýança Nabalyň ýekeje erkek göbeklisini goýman gyrjagym şübhesizdi».
35 Soňra Dawut onuň getiren zatlaryny aldy-da: «Arkaýyn öýüňe gaýdyber; sözüň kabul boldy, haýyşyň bitdi» diýdi.
36 Abygaýyl Nabalyň ýanyna gaýdyp geldi. Ol öýünde şalarça meýlis gurap otyrdy. Ol çendenaşa serhoşdy, keýpi diýseň çagdy. Şoňa görä, daň atýança Abygaýyl oňa dil ýarmady.
37 Ertesi irden, serhoşlukdan açylansoň, bolan işleriň baryny aýaly oňa gürrüň berdi. Bu zatlary eşiden Nabalyň ýüreginden tutdy, ol doňňara daşa döndi.
38 On gün çemesi wagtdan soň Reb Nabaly urdy; ol öldi.
39 Nabalyň ölendigini eşidende, Dawut şeýle diýdi: «Meni kemsideni üçin, Nabaly günäkär saýan we Öz guluny ýaman işden saklan Rebbe alkyş bolsun! Reb Nabalyň ýaman niýetini onuň öz başyndan inderdi». Dawut Abygaýyla öýlenmek üçin oňa sawçy iberdi.
40 Dawudyň adamlary Karmele Abygaýylyň ýanyna gelip, oňa: «Dawut bizi saňa sawçylyga iberdi» diýdiler.
41 Ol ýerinden turdy-da, dyza çöküp tagzym etdi we şeýle diýdi: «Keniziňiz jenabymyň gullarynyň aýagyny ýuwmaga-da taýyn» diýdi.
42 Abygaýyl dessine eşege mündi. Ol bäş kenizini ýanyna alyp, Dawudyň sawçylarynyň yzyna düşdi. Şeýdip, ol Dawudyň aýaly boldy.
43 Dawut ýizregelli Ahynogama-da öýlendi. Bularyň ikisi-de onuň aýaly boldy.
44 Şawul bolsa Dawuda beren gyzy Mikaly gallymly Laýyşyň ogly Palta berdi.




Chapter 26

1 Zipliler ýene-de Şawulyň ýanyna Gibga gelip: «Dawut Ýeşimon çölüniň garşysyndaky Hakyla dagynda gizlenýär» diýip, oňa habar berdiler.
2 Şawul Ysraýylyň üç müň sany men diýen adamyny ýanyna alyp, Zip çölüne Dawudy tutmaga gitdi.
3 Şawul ýoluň golaýyndaky Ýeşimonyň garşysynda bolan Hakyla dagynda düşelge gurdy. Emma Dawut çölde galypdy. Şawulyň öz yzyndan çöle gelendigini bilende,
4 Dawut jansyzlar iberip, Şawulyň hakykatdan hem gelendigini anyklady.
5 Soňra Dawut Şawulyň düşelge guran ýerine geldi. Ol Şawulyň öz goşunbaşysy Neriň ogly Abner bilen bir ýerde bile ýatandygyny gördi. Şawul düşelgäniň içinde ýatyrdy, goşun bolsa onuň töwereginde düşelge gurupdy.
6 Dawut hetli Ahymelek bilen Ýowabyň inisi Seruýanyň ogly Abyşaýa: «Haýsyňyz meniň bilen Şawulyň düşelgesine gitjek?» diýip sorady. Abyşaý: «Men gitjek» diýdi.
7 Şeýlelikde, Dawut bilen Abyşaý ikisi gije goşuna tarap gitdi. Şawul düşelgede uklap ýatyrdy, başujunda bolsa ýere sünjülen naýzasy bardy. Abner bilen goşun onuň daş-töweregini alyp ýatyrdy.
8 Abyşaý Dawuda: «Hudaý bu gün duşmanyňy eliňe berdi. Indi maňa ygtyýar et: naýzany bir salanda, ony ýere çüýläýin – men ony ikinji gezege goýjak däl» diýdi.
9 Emma Dawut Abyşaýa: «Ony öldürme, sebäbi Rebbiň seçip saýlan adamyna el götermek günä bolar» diýdi.
10 Dawut oňa ýene şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, ony ýa Reb urar, ýa ol öz ajalyna öler ýa-da söweşde öler.
11 Rebbiň seçip saýlan adamyna el götermekden meni Rebbiň Özi saklasyn. Ýöne sen onuň başujundaky naýzany, suw küýzäni al, soň bu ýerden ökjäni götereli».
12 Şeýlelikde, Dawut Şawulyň başujundaky naýzany, suw küýzäni aldy. Soňra olar gitdiler. Muny görenem, duýanam bolmady, hiç kim oýanmady hem. Olar uklap ýatyrdylar. Reb olary agyr uka gideripdi.
13 Soňra Dawut başga tarapa gitdi we uzagrakdaky baýryň depesine çykyp saklandy. Ara ep-esli bardy.
14 Dawut goşuna hem-de Neriň ogly Abnere: «Abner! Jogap berjek dälmi?» diýip gygyrdy. Abner: «Patyşa gygyrýan kim bu?» diýip jogap gaýtardy.
15 Dawut oňa: «Sen beýik adam dälmi näme? Ysraýylda saňa, heý, taý geljek barmyka? Onda näme üçin sen öz jenabyň patyşa gözegçilik etmediň? Çünki kimdir biri seniň jenabyň patyşany öldürmäge geldi.
16 Bu eden işiňiz gowy däl. Rebden ant içýärin, sen ölüme mynasyp, sebäbi sen öz jenabyňa, Rebbiň seçip saýlan adamyna gözegçilik edip bilmediň. Ine, seret, patyşanyň başujundaky naýzasy bilen suw küýzesi nirede?»
17 Şawul Dawudyň sesini tanady we: «Dawut, oglum, bu seniň sesiň ýaly-la» diýdi. Dawut: «Hawa, bu meniň sesim, eý jenabym, eý patyşahym» diýdi.
18 Soň Dawut ýene sözüni dowam etdi: «Jenabym, men guluňy näme sebäpden beýdip kowalap ýörsüň? Meniň eden zadym näme? Ýazygym näme?
19 Eý, jenabym, patyşahym, indi öz guluňyň aýtjak sözlerine gulak sal. Eger seni meniň garşyma aýaga galdyran Reb bolsa, onda, goý, Ol gurbanlygy kabul etsin. Ýok, eger ynsan ogullary bolsa, onda, goý, olara Rebbiň näleti siňsin! Çünki olar: „Bar, başga hudaýlara sygyn“ diýip, bu gün meni Rebbiň mülkünden berlen paýymdan kowup goýberdiler.
20 Şoňa görä goý, meniň ganym Rebbiň huzuryndan uzakdaky topraga dökülmesin. Eý, Ysraýylyň patyşasy, näme üçin sen meni aňtap ýörsüň? Men bir büre ahyryn!».
21 Şawul Dawuda şeýle diýdi: «Men günä etdim. Yzyňa dolan, oglum, Dawut. Indi men saňa hiç wagt ýamanlyk etmerin, çünki bu gün meniň janym seniň üçin juda gymmatly boldy. Men akmak bolupdyryn, juda ýalňyşypdyryn».
22 Dawut oňa şeýle jogap berdi: «Ine, naýzaň, eý patyşahym! Goý, ony ýigitleriňden biri gelip, alyp gitsin.
23 Reb her kimi öz adalatlylygy hem-de wepalylygy üçin sylaglaýandyr. Şu gün Reb seni meniň elime berdi, ýöne men Rebbiň seçip saýlan adamyna el götermek islemedim.
24 Seniň janyň bu gün meniň üçin gymmatly bolşy ýaly, goý, Reb hem meniň janymy gymmatly görsün. Goý, Ol meni ähli bela-beterlerden gorasyn».
25 Şawul Dawuda şeýle diýdi: «Oglum, Dawut, Hudaý saňa ýar bolsun! Köp işler edersiň we hemişe işiň rowaç bolar». Soňra Dawut öz ýoluna gitdi, Şawul hem öz öýüne dolandy.




Chapter 27

1 Dawut öz ýanyndan şeýle diýdi: «Günlerde bir gün men Şawulyň elinden heläk bolaryn. Gowsy, men piliştlileriň ýurduna gaçaýyn. Şeýtsem, Şawul meni Ysraýylyň çäginden tapmak umydyny üzer; men onuň elinden halas bolaryn».
2 Şeýdip, Dawut ýanyndaky alty ýüz adamy bilen bile Gatyň hany Magogyň ogly Akyşyň tarapyna geçdi.
3 Olar maşgalalary bilen bile Gatda Akyş hanyň ýanynda ornaşdylar. Iki aýaly ýizregelli Ahynogam we Nabalyň dul galan aýaly karmelli Abygaýyl hem Dawudyň ýanyndady.
4 Şawul Dawudyň Gata gaçandygyny eşidip, ony gözlemegini bes etdi.
5 Dawut Akyş hana şeýle diýdi: «Eger men seniň göwnüňden turan bolsam, onda ýurduň obalarynyň birinden maňa ýaşar ýaly ýer ber; goý, guluň öz ýanyňda patyşa galasynda ýaşamasyn».
6 Şeýdip, Akyş han oňa Ziklagy berdi. Şoňa görä, Ziklag şu günki güne çenli hem Ýahuda patyşalaryna degişli bolup gelýär.
7 Dawut piliştlileriň ýurdunda bir ýyl dört aý ýaşady.
8 Ol adamlary bilen bile geşurlaryň, girzileriň we amalekleriň üstüne çozuş etdi, bular Şura gidýän ýoluň ýakasynda, Müsüre çenli bolan aralykda gadym eýýämden bäri oturan ýerli ilatlardy.
9 Dawut ýurda çozuş edip, aýal-erkek diýmän gyrardy; dowarlardyr öküzleri, eşeklerdir düýeleri we geýim-gejimleri olja alyp, Akyş hanyň ýanyna dolanyp gelerdi.
10 Akyş han: «Bu gün kimiň üstüne çozduň?» diýip soranda, ol: «Negep çölündäki Ýahudalylaryň topragyna» diýip, ýa-da Negep çölündäki Ýerahmeýelleriň ýerlerine» diýip, ýa-da Negep çölündäki keýnleriň ýerlerine» diýip jogap bererdi.
11 «„Dawut şeýle-şeýle işler etdi“ diýip, biziň gürrüňimizi ederler» diýip, Dawut bir adamy-da Gata getirmezdi. Aýal-erkek diýmän, baryny gyrardy. Piliştlileriň ýurdunda bolan döwründe ol şeýle işler edipdi.
12 Akyş han Dawuda ynanyp: «Ol öz halkynyň gözünden büs-bütin düşüp, meniň hemişelik guluma öwrüler» diýip pikir edýärdi.




Chapter 28

1 Şol günlerde piliştliler, Ysraýylyň garşysyna uruşmak üçin, öz güýçlerini jemläpdiler. Akyş han Dawuda: «Öz adamlaryňy-da alyp, meniň bilen bile bir goşunda söweşmelidigiňi, elbetde, sen bilýänsiň» diýdi.
2 Dawut oňa: «Örän oňat, sen hem öz guluňyň başarnygyny görersiň» diýdi. Akyş han Dawuda: «Gaty gowy, sen ömürboýy meniň janpenam bolarsyň» diýdi.
3 Şamuwel ölüpdi we bütin ysraýyl halky onuň ýasyny tutupdy. Ony Ramada – öz galasynda jaýladylar. Şawul bolsa porhanlardyr jadygöýleri çykaryp kowupdy.
4 Piliştliler toplandylar we gelip, Şunemde düşelge gurdular. Şawul hem ähli ysraýyllary jemläp, Gilbowada düşelge gurdy.
5 Piliştlileriň goşunyny görende, Şawulyň gorkudan ýaňa ýüregi ersip gitdi.
6 Şawul Rebbe ýüz tutdy, ýöne Reb oňa ne düýşde, ne Urymyň üsti bilen, ne-de pygamberleriň üsti bilen jogap berdi.
7 Soňra Şawul öz hyzmatkärlerine: «Maňa bir porhan aýal tapyň. Men onuň ýanyna gidip, ondan bir zady haýyş etjek» diýdi. Hyzmatkärler oňa: «Endorda bir porhan bar» diýdiler.
8 Şawul başga geýim geýip, daşky görnüşini üýtgetdi we ýanyna-da iki adam alyp, gije ol aýalyň ýanyna gitdi. Ol: «Meniň üçin ruhlara ýüz tut we adyny tutjak kişimi çagyr» diýdi.
9 Aýal oňa: «Sen Şawulyň porhanlardyr jadygöýleri ýurtdan çykaryp kowandygyny bilibem, meni öldürmek üçin duzak gurjak bolýarmyň?» diýdi.
10 Emma Şawul: «Rebden ant içýärin, şu işden saňa hiç hili zyýan ýetmez» diýip, Rebden ant içdi.
11 Aýal oňa: «Men seniň ýanyňa kimi getirmeli?» diýip sorady. Ol: «Şamuweli» diýip jogap berdi.
12 Aýal Şamuweli görende, çirkin gygyryp, oňa «Meni näme üçin aldadyň? Sen Şawul ahyryn!» diýdi.
13 Patyşa oňa: «Gorkma. Näme görýäň?» diýdi. Aýal Şawula: «Ýerden çykyp gelýän ruhy görýän» diýip jogap berdi.
14 Şawul: «Görnüşi nähili?» diýdi. Aýal: «Egni donly bir garry adam ýerden çykyp gelýär» diýdi. Şondan soň Şawul onuň Şamuweldigine göz ýetirip, ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi.
15 Şamuwel Şawula: «Näme üçin meni ýokary çykaryp, alada goýduň?» diýdi. Şawul şeýle jogap berdi: «Men çykgynsyz ýagdaýa düşdüm. Piliştliler meniň garşyma uruşýarlar, Hudaý bolsa menden ýüz öwürdi. Indi Ol maňa pygamberleriň üsti bilen-de, düýşde-de jogap bermeýär. Şoňa görä näme etmelidigimi öwrederiň ýaly, men seni çagyrdym».
16 Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Näme üçin, Reb özüňden ýüz öwrüp, saňa duşman bolansoň, menden soraýarsyň?
17 Reb meniň üstüm bilen saňa aýdan zadyny etdi. Ol seniň eliňden patyşalygy alyp, ony saňa derek Dawuda berdi.
18 Sebäbi sen Rebbiň sözüne gulak asmadyň, Onuň Amalegiň garşysyna bolan gazabyny ýerine ýetirmediň. Şonuň üçin hem Reb seni bu gün şu ýagdaýa saldy.
19 Üstesine-de, seniň bilen bilelikde Ol Ysraýyly piliştlileriň eline berer; ertir ogullaryň bilen bile meniň ýanyma gelersiň. Reb Ysraýyl goşunyny hem piliştlileriň eline berer».
20 Şol bada Şawul özüni ýere goýberdi, çünki Şamuweliň aýdanlaryndan ol öler ýaly gorkdy. Uzakly gün bütin gijesi bilen hiç zat iýmänsoň, onda güýç-gurbat galmandy.
21 Ýaňky aýal Şawulyň ýanyna geldi we onuň öler ýaly gorkandygyny görüp, oňa şeýle diýdi: «Gyrnagyň saňa gulak asdy we başyny etegine salyp, seniň diýeniňi etdi.
22 Indi senem gyrnagyňa gulak as. Men saňa bir döwüm çörek bereýin. Şony iýseň, ýola çykanyňda gurbatlanarsyň».
23 «Ýok, iýjek däl» diýip, Şawul muny ret etdi. Onuň hyzmatkärleri we ýaňky aýal ony yrmaga çalyşdylar. Ol razylaşdy. Ol ýerinden turdy we düşegiň üstünde oturdy.
24 Bu aýalyň öýünde bir semiz gölesi bardy. Dessine ol ony soýdy; hamyr ýugurdy we petir bişirdi.
25 Ol ony Şawulyň hem onuň hyzmatkärleriniň öňünde goýdy. Olar ony iýdiler we şol gije öz ýollaryna gitdiler.




Chapter 29

1 Piliştliler öz güýçlerini Apekde jemlediler, ysraýyllar bolsa Ýizregeldäki çeşmäniň boýunda ornaşdylar.
2 Piliştli hanlar ýüz we müň adamlyk toparlary bilen barýardylar; Dawut we onuň adamlary Akyş han bilen bile yzdan gelýärdiler.
3 Piliştli baştutanlar: «Ýewreýler bu ýerde näme işleýär?» diýdiler. Akyş han olara şeýle jogap berdi: «Onuň Ysraýylyň şasy Şawulyň guly Dawutdygyny siz bilýärsiňiz ahyryn. Bir ýyldan gowurak wagt bäri ol meniň ýanymda. Gelen gününden tä şu güne çenli men onuň ýaramaz iş edenini görmedim».
4 Piliştli baştutanlar onuň üstüne heňkirip, şeýle diýdiler: «Ony yza, öz bellenen ýerine ugrat. Ol biziň bilen bile söweşe gitmesin, ýogsa ol biziň garşymyza urşar. Sebäbi öz hojaýynyna gowy görünmek üçin, onuň şu adamlaryň kellesini kesmekden gowy tär tapjak gümany barmy näme?
5 „Şawul müňüsini öldürdi, Dawut bolsa on müňüsini“ diýlip, özi hakda tans edilip, aýdym aýdylan Dawut dälmi bu?»
6 Şondan soň Akyş han Dawudy çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, sen bir dogruçyl adam. Maňa galsa seniň bilen bile söweşe giderdim. Ýanyma gelen günüňden tä şu güne çenli senden ýaramazlyk çykanyny görmedim. Şonda-da hanlara ýaranyp bilmeýärsiň.
7 Indi parahatlyk bilen yzyňa dolan, piliştli hanlaryň gaňyrşyna gaýtma».
8 Dawut Akyş hana şeýle jogap berdi: «Meniň eden zadym näme? Ýanyňa gelen günümden tä şu güne çenli sen öz guluňdan näme erbetlik tapdyň? Näme üçin men öz jenabyň, patyşanyň duşmanlary bilen söweşmeli däl?»
9 Akyş han Dawuda şeýle jogap berdi: «Seniň edil Hudaýyň perişdesi ýaly päkdigiňi bilýärin. Ýöne piliştli baştutanlar: „Ol biziň bilen bile söweşe gitmesin“ diýdiler.
10 Indi sen we ýanyňda gelen patyşaňyň gullary daň bilen turup, meniň siz üçin bellän ýerime gidiň. Ýaramaz habary bolsa göwnüňe alma, çünki men senden razy. Ertir daň ýagtylan badyna ýola düşüň».
11 Şeýlelikde, Dawut adamlary bilen bile piliştlileriň ýurduna tarap ugrady. Piliştliler bolsa Ýizregele gitdiler.




Chapter 30

1 Dawut bilen onuň adamlarynyň Ziklaga gelenlerine üç gün diýende, amalekler Negep çölüne, ylaýta-da Ziklag galasynyň üstüne çozuş etdiler. Olar Ziklagy basyp aldylar we ýakyp-ýandyrdylar.
2 Amalekler aýallary, ýaşu-garry diýmän ol ýerdäkileriň ählisini ýesir aldylar, ýöne hiç kimi öldürmän, ýanlary bilen alyp, öz ýollaryna gitdiler.
3 Dawut adamlary bilen gala gelende, olar onuň ýakyp-ýandyrylandygyny, aýallarydyr ogul-gyzlarynyň bolsa ýesir edilip äkidilendigini bildiler.
4 Dawut we onuň ýanyndakylar tä ysgyndan gaçýançalar möňňürip aglaşdylar.
5 Dawudyň iki aýaly, ýagny ýizregelli Ahynogam we karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyl hem ýesir edilip äkidilipdi.
6 Dawudyň haly teňdi, çünki halk ony daşlamak isleýärdi. Sebäbi ogul-gyzlarynyň ýesir alnanyna adamlaryň jany ýanýardy. Emma Dawut öz Hudaýy Rebden güýç aldy.
7 Ol Ahymelegiň ogly ruhany Abýatara: «Efoty getir» diýdi. Abýatar efoty Dawudyň ýanyna getirdi.
8 Dawut: «Men bu galtamanlaryň yzyndan kowmalymy? Men olaryň yzyndan ýetip bilerinmi?» diýip, Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Olaryň yzyndan kow. Sen hökman olaryň yzyndan ýetip, ýesirleri halas edersiň» diýip jogap berdi. 9–10 Şunlukda, Dawut ýanyndaky alty ýüz adamy bilen bilelikde ýola düşdi. Olar Besor çaýyna geldiler. Gurbatdan düşen iki ýüz adam çaýdan geçip bilmän, şol ýerde galdylar. Emma Dawut dört ýüz adam bilen bile galtamanlary kowalamagyny dowam etdirdi.
11 Olar sähralykdan bir müsürlini tapdylar we Dawudyň ýanyna getirdiler; oňa iýmäge çörek, içmäge suw berdiler.
12 Olar oňa bir goşawuç injir kişde bilen iki goşawuç kişmiş-de berdiler. Ol bulary iýenden soň gurbuna geldi, çünki ol üç gije-gündizläp hiç zat iýip-içmändi.
13 «Kimiň adamy bolarsyň, nirelisiň?» diýip, Dawut ondan sorady. Ol: «Men bir müsürli ýigit, bir amalekliniň guly. Üç gün mundan öň ýaramadym, şonuň üçinem hojaýynym meni taşlap gitdi.
14 Biz Negep çölündäki keretleriň, Ýahudanyň bir böleginiň we kalepleriň üstüne çozuş etdik, şeýle hem, Ziklagy ýakyp-ýandyrdyk» diýip jogap berdi.
15 Dawut oňa: «Meni şol galtamanlaryň ýanyna eltip bilermiň?» diýdi. Ol: «Eger meni öldürmejekdigiňe ýa-da hojaýynymyň eline bermejekdigiňe ant içseň äkideýin» diýdi.
16 Ol Dawudy galtamanlaryň ýanyna getirdi. Şol wagt olar iýip-içip, tans edip, çar tarapa ýaýrapdylar, çünki olar piliştlileriň hem ýahudalaryň ýurdundan örän köp olja alypdylar.
17 Dawut daň agarandan tä agşama çenli olary gyrdy. Düýeli gaçan dört ýüz ýigitden başga ýekeje adam-da onuň elinden gutulyp bilmedi.
18 Dawut amalekleriň alan zatlarynyň ählisini we iki aýalyny yzyna gaýdyp aldy.
19 Ownugu-iri zatlaryň ählisini, ogul-gyzlaryny, olja alnan zatlaryň baryny Dawut yzyna gaýtaryp getirdi; ähli zat ýerbe-ýerdi.
20 Dawut başga-da ownuk hem iri mal sürülerini ele saldy. Olary beýleki mallaryň öňünden sürüp: «Ine, bu Dawudyň oljasy» diýýärdiler.
21 Dawut ysgyndan gaçyp, özi bilen gidip bilmän, Besor çaýynda galan iki ýüz adamyň ýanyna geldi. Olar Dawudy hem onuň adamlaryny garşylamaga çykdylar. Golaýlaşanlarynda Dawut olara salam berdi.
22 Şonda Dawut bilen bile gelenleriň arasyndaky pis hem ýaramaz adamlar şeýle diýdiler: «Bizden galandyklary üçin, olar oljadan hiç zat almazlar. Olar diňe öz aýallary bilen çagalaryny alsynlar-da gidibersinler».
23 Emma Dawut olara şeýle diýdi: «Rebbiň beren zadyny beýle etmäliň, gardaşlarym. Reb bizi gorady we üstümize çozan garakçylary biziň elimize berdi.
24 Bu sözüňizi diňlän tapylarmyka? Söweşe giden bilen goşlaryň ýanynda galanyň paýy deň bolar; zatlar deň paýlaşylar».
25 Şol günden beýläk Dawut muny Ysraýyl üçin kanun we parz edip goýdy. Bu kanun şu güne çenli dowam edip gelýär.
26 Dawut Ziklaga gelip, «Ine, şu Rebbiň duşmanlaryndan alnan oljadan size sowgat» diýip, öz dostlary bolan ýahuda ýaşulularyna iberdi.
27 Şeýle hem ol Beýteldäki, Negep çölünde Ramotdaky, Ýatyrdaky,
28 Arogerdäki, Sipmotdaky, Eştemowadaky,
29 Rakaldaky, ýerahmeýelleriň galalaryndaky, keýnleriň galalaryndaky,
30 Hormadaky, Borgaşandaky, Atakdaky,
31 Hebrondaky öz adamlary bilen baran ýerleriniň ählisinde ýaşaýanlara olja alnan zatlardan iberdi.




Chapter 31

1 Piliştliler Ysraýylyň garşysyna söweş etdi. Ysraýyllar piliştlilerden gaçyp, Gilbowa dagynda köpüsi gyryldy.
2 Piliştliler Şawulyň we onuň ogullary Ýonatanyň, Abynadabyň hem-de Malkyşuwanyň yzyndan kowup ýetip, onuň ogullaryny öldürdiler.
3 Şawula garşy söweş güýçlendi, ýaýçylar ony tapdylar we agyr ýaraladylar.
4 Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn» diýdi. Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady.
5 Şawulyň ölendigini gören ýaragçy nökeri-de öz gylyjynyň üstüne özüni oklap, onuň bilen bile öldi.
6 Şeýdip, Şawulyň özi, üç ogly, ýaragçy nökeri hem-de ähli adamlary bir günde öldüler.
7 Ysraýylyň ýeňlip gaçandygyny, Şawulyň hem onuň ogullarynyň ölendigini görüp, jülgäniň beýleki tarapynda we Iordan derýasynyň aňyrsynda ýaşaýan ysraýyllar öz galalaryny taşlap gaçdylar; piliştliler gelip, olary eýelediler.
8 Ertesi gün piliştliler öldürilenleri talamak üçin gelenlerinde, Gilbowa dagyndan Şawul bilen onuň üç oglunyň jesedini tapdylar.
9 Olar Şawulyň kellesini kesip, ýaragyny aldylar we buthanalaryna hem-de halkyna habar bermek üçin, tutuş piliştlileriň ýurduna çaparlar gönderdiler.
10 Şawulyň ýaragyny Aştoret hudaýlarynyň buthanasynda goýdular, jesedini bolsa Beýtşan galasynyň diwaryndan çüýlediler.
11 Piliştlileriň Şawula edenlerini Gilgatdaky Ýabeşiň ilaty eşidende,
12 onuň gaýduwsyz adamlarynyň ählisi aýaga galdy. Olar uzak gije ýörediler. Baryp, Şawulyň hem onuň ogullarynyň jesetlerini Beýtşan galasynyň diwaryndan aýyrdylar; Ýabeşe gelip, jesetleri şol ýerde ýakdylar.
13 Soňra olaryň süňklerini getirip, Ýabeşdäki ýylgynyň aşagynda gömdüler we ýedi günläp agyz beklediler.