2 Şamuwel

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24

Chapter 1

1 Şawul ölenden soň, amalekleri ýeňip, dolanyp gelen Dawut iki gün Ziklagda galdy.
2 Üçünji gün diýlende Şawulyň düşelgesinden ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran bir adam Dawudyň ýanyna geldi. Ol Dawudyň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdi.
3 Dawut ondan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Men Ysraýyl düşelgesinden gaçyp gaýtdym» diýdi.
4 Dawut oňa: «Aýt, näme boldy?» diýdi. Ol: «Goşun ýeňlip gaçdy, adamlaryň köpüsi gyryldy. Şawul bilen onuň ogly Ýonatan hem öldi» diýdi.
5 Dawut bu habary getiren ýaş ýigitden: «Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň ölenini nireden bilýäň?» diýip sorady.
6 Ýaş ýigit Dawuda şeýle jogap berdi: «Edil şol wagt men Gilboga dagyndadym. Men Şawulyň naýzasyna söýenip duranyny, duşmanyň söweş arabalarydyr atlylarynyň bolsa oňa golaýlaşyp barýandyklaryny gördüm.
7 Şawul ýeňsesine seredende meni görüp, ýanyna çagyrdy. Men: „Näme agam?“ diýdim.
8 Ol: „Sen kim?“ diýip sorady. „Men bir amalekli“ diýip jogap berdim.
9 Soňra ol maňa: „Gel-de, meni öldür, çünki entek içimde janym bolsa-da, ajalym görnüp dur“ diýdi.
10 Menem bardym-da, ony öldürdim. Sebäbi men onuň indi diri galmajakdygyna göz ýetiripdim. Başyndaky täji bilen elindäki bilezigini jenabyma alyp gaýtdym, ine, olar jenabym».
11 Muny eşiden Dawut ýakasyny tutup, geýimlerini ýyrtdy, onuň ýanyndakylar hem şeýtdiler.
12 Olar gylyçdan geçirilen Şawul üçin, onuň ogly Ýonatan üçin, Rebbiň goşuny we ysraýyl halky üçin agşama çenli agyz bekläp, ýas tutup aglaşdylar.
13 Dawut habar getiren ýaş ýigitden: «Sen nireli?» diýip sorady. Ol: «Men gelmişek bir amalegiň ogly» diýip jogap berdi.
14 Dawut oňa: «Gorkman, Rebbiň seçip saýlan adamyny öldürmäge nädip milt etdiň?» diýdi.
15 Soňra Dawut ýaş ýigitleriň birini ýanyna çagyryp: «Gel, şuny öldür!» diýdi. Ýigit ony urup öldürdi.
16 Dawut amalege: «Döken ganyň öz başyňa barsyn. Çünki sen Rebbiň seçip saýlan adamyny öldürendigiňe öz diliň bilen şaýatlyk etdiň» diýdi.
17 Şawul we onuň ogly Ýonatan üçin, Dawut şu agyny aýtdy.
18 (Dawut bu «Peýkam aýdymyny» ýahuda halkyna öwrenmegi buýurdy. Bu Ýaşar kitabynda ýazylandyr). Ol şeýle diýdi:
19 «Eý, Ysraýyl, şöhratyň dem-düýtsüz ýatyr depeleriňde! Gerçekler nädip ýere ýazyldy?!
20 Gatlylara aýtmaň muny, Aşkelonyň köçelerinde ýaýmaň. Ýogsam piliştlileriň gyzlary joşar, Sünnetsizleriň gyzlary heşelle kakar.
21 Eý, Gilboga daglary! Üstüňize çyg-da, ygal-da düşmesin! Sizden hasyl önmesin! Çünki gerçegiň galkany, Şawulyň gaýdyp ýaglanmajak galkany Siziň üstüňizde syndy.
22 Ýonatanyň ýaýy sowa geçmezdi Öldürilenleriň teninden, Şawulyň gylyjy boş geçmezdi Gerçekleriň ýaýyndan.
23 Söýgülidi, ezizdi Şawul bilen Ýonatan. Dirilikde, ölümde olar jyda düşmedi. Çalasyndylar bürgütden, Güýçlüdiler arslandan.
24 Eý, Ysraýyl gyzlary, Aglaň, Şawul üçin aglaň! Al-elwan geýdiren üçin, Geýmiňizi zer bilen nagyşlan üçin aglaň!
25 Gerçekler nädip ýere ýazyldy jeň meýdanynda! Ýonatan dem-düýtsüz ýatyr depäňde.
26 Seniň üçin halym teňdir, eý, Ýonatan dogan! Juda eziz bolupdyň maňa. Zenan söýgüsinden-de Artykdy söýgiň maňa.
27 Gerçekler nädip ýere ýazyldy?! Ok-ýaraglar döwüldi!».




Chapter 2

1 Şondan soň Dawut: «Ýahuda galalarynyň birine gideýinmi?» diýip, Rebbe ýüz tutdy. Reb: «Hawa, git!» diýip jogap berdi. Dawut: «Haýsyna gideýin?» diýip sorady. Reb: «Hebrona» diýdi.
2 Şunlukda, Dawut özi bilen iki aýalyny – ýizregelli Ahynogamy hem-de karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyly alyp, Hebrona gitdi.
3 Dawut adamlaryny-da öz maşgalalary bilen bile äkitdi. Şeýdip, olar Hebron galasynyň obalarynda ornaşdylar.
4 Ýahudanyň adamlary gelip, Dawudy Ýahudanyň patyşalygyna onuň başyna ýag çalyp bellediler. Olar Şawuly Gilgatdaky ýabeşlileriň jaýlandygyny Dawuda habar berenlerinde,
5 Dawut çaparlaryň üsti bilen ýabeşlilere şeýle habar ýollady: «Öz jenabyňyz Şawuly jaýlap, oňa wepalylyk görkezendigiňiz üçin, Reb sizi ýalkasyn!
6 Reb size merhemet etsin hem wepalylyk görkezsin! Bu eden işiňiz üçin menem size ýagşylyk ederin.
7 Gollaryňyz kuwwatly bolsun, özüňizem mert boluň! Jenabyňyz Şawul öldi, ýahuda halky meni patyşalyga belledi». Abner Yşboşedi Ysraýylyň patyşasy edýär
8 Neriň ogly Abner Şawulyň goşunbaşysydy. Ol Şawulyň ogly Yşboşedi Mahanaýyma getirdi.
9 Abner ony Gilgadyň, Aşuryň, Ýizregeliň, Efraýymyň, Benýaminiň hem-de tutuş Ysraýylyň patyşasy etdi. 10–11 Ysraýyla patyşalyk edip başlanda, Şawulyň ogly Yşboşet kyrk ýaşyndady. Ol iki ýyl patyşalyk etdi. Emma ýahuda tiresi Dawudyň yzyna eýerdi. Hebronda ýahuda tiresine Dawut ýedi ýyl alty aý bäri patyşalyk edýärdi.
12 Neriň ogly Abner Şawulyň ogly Yşboşediň adamlary bilen bile Mahanaýymdan Gibgona gitdi.
13 Seruýanyň ogly Ýowap bolsa Dawudyň adamlary bilen çykyp, Gibgon howdanynyň ýanynda olar bilen gabatlaşdy. Bu iki toparyň hersi howdanyň bir tarapynda ýerleşdi.
14 Abner Ýowaba: «Goý, ýaş ýigitler öňe çyksynlar-da, başa-baş güýç synanyşsynlar» diýdi. Ýowap hem: «Goý, çyksynlar» diýdi.
15 Olar öňe çykdylar. Benýamin tiresinden Şawulyň ogly Yşboşet tarapdan on iki adam, Dawudyň adamlaryndan hem on iki adam öňe saýlandy.
16 Olar biri-biriniň kellesinden tutup, garşydaşynyň böwründen gylyçlaryny geçirýärdiler. Şeýdip, olaryň ählisiniň läşi serildi. Şoňa görä-de Gibgondaky ol ýere Helkathassurym diýen at berildi.
17 Şeýdip, ol gün juda ýowuz söweş başlandy. Abner bilen ysraýyllar Dawudyň adamlaryndan ýeňildiler.
18 Seruýanyň üç ogly Ýowap, Abyşaý, Asahel dagy şol ýerdedi. Asahel edil keýik ýaly ýyndamdy.
19 Ol Abneri yzarlady. Ol hiç tarapa sowulman, göni onuň yzyndan barýardy.
20 Abner yzyna seredip: «Asahel, bu senmi?» diýdi. Ol: «Hawa, men» diýip jogap berdi.
21 Abner oňa: «Sagyňa ýa soluňa sowlup, ýaş esgerleriň birini tut-da, onuň zatlaryny tala» diýdi. Ýöne Asahel onuň yzyndan galmady.
22 Abner Asahele ýene: «Meni kowalamaňy bes et! Birden seni ýere pylçap uraýmaýyn! Onsoň men seniň doganyň Ýowabyň ýüzüne nähili serederin?» diýdi.
23 Ýöne Asahel yza gaýtmak islemedi. Şunlukda, Abner naýzasynyň arka ujuny onuň içinden geçirdi. Asahel ýykyldy, ýykylan ýerinde-de jan berdi. Onuň ölen ýerinden geçenleriň hemmesi ol ýerde aýak çekdiler.
24 Soňra Ýowap bilen Abyşaý Abneriň yzyndan kowaladylar. Gün ýaşanda, olar Giýanyň garşysyndaky, Gibgon çölüne tarap gidýän ýoluň ýakasyndaky Amma depesine ýetdiler.
25 Benýaminler Abneriň daşyna toplandylar-da, birleşdiler; olar bir depäniň üstüne çykyp durdular.
26 Abner Ýowaba gygyryp şeýle diýdi: «Adamlaryň gylyçdan geçirilmeginiň, heý, soňy gelmezmi? Munuň soňunyň pajygaly boljagyny bileňokmy? Garyndaşlaryny kowalamagy bes etmegi üçin adamlaryňa haçan buýruk berjek?»
27 Ýowap Abnere: «Diri Hudaýdan ant içýän! Eger özüň seslenmedik bolsaň, meniň adamlarym öz garyndaşlaryny tä daňdana çenli kowalardylar» diýdi.
28 Ýowap surnaý çaldy; adamlar saklandylar. Şondan soň olar ysraýyllary kowalamagy, olar bilen uruşmagy bes etdiler.
29 Abner adamlary bilen uzak gije Iordan deresinden ýöredi. Olar Iordan derýasyndan geçdiler; ertesi irden hem ýöräp, Mahanaýyma geldiler.
30 Ýowap Abneri kowalamagy bes edenden soň, adamlaryny toplady. Dawudyň adamlaryndan Asahelden başga-da on dokuzy kemdi.
31 Dawudyň adamlary Abnere goşulan benýaminlerden üç ýüz altmyş adamy öldürdi.
32 Olar Asaheli äkidip, Beýtullahamda – onuň öz kakasynyň gubry goýlan gümmeziň içinde jaýladylar. Soňra Ýowap adamlary bilen uzak gije ýol ýöräp, daň agaranda Hebrona geldi.




Chapter 3

1 Şawul bilen Dawudyň adamlarynyň arasyndaky uruş uzaga çekdi. Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, Şawulyňkylar bolsa barha ejizleýärdiler.
2 Ine, şular Dawudyň Hebronda doglan ogullarydyr: Onuň ilkinji ogly ýizregelli Ahynogamdan bolan Amnondy.
3 Ikinjisi karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyldan bolan Kilapdy, üçünjisi Geşur patyşasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalomdy.
4 Dördünjisi Hagytdan bolan Adonyýady, bäşinjisi Abytaldan bolan Şepatýady.
5 Altynjy ogly Egladan bolan Ýitregamdy. Dawudyň bu ogullarynyň hemmesi Hebronda doguldylar.
6 Şawul bilen Dawudyň kowum-garyndaşlarynyň arasyndaky uruş dowam edýärdi. Şawulyň kowmundan Abner barha güýçlenýärdi.
7 Şawulyň Ryspa atly bir gyrnagy bardy. Ryspanyň atasyna Aýa diýýärdiler. Bir gün Yşboşet Abnere: «Näme üçin kakamyň gyrnagy bilen ýatdyň?» diýdi.
8 Yşboşediň sözlerine Abneriň juda gahary gelip, oňa şeýle diýdi: «Näme sen meni Ýahudanyň tarapyna geçen bir köpek hasaplaýaňmy? Men bu günki güne çenli ataň Şawulyň nesline, onuň doganlaryna, dost-ýarlaryna wepaly bolup, seni Dawudyň eline düşmekden saklap gezdim. Şu aýal sebäpli bu gün sen maňa gara ýöňkejek bolýarmyň? 9–10 Reb Şawulyň elinden patyşalygy aljakdygyna, Dandan Beýerşeba çenli uzalýan Ysraýylda hem Ýahudada Dawudyň patyşalygyny berkarar etjekdigine ant içdi. Indi ol hakda aýdylany ýerine ýetirmesem, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondanam beterini görkezsin».
11 Yşboşet Abnerden gorkansoň, oňa jogap gaýtaryp bilmedi.
12 Abner Hebronda oturan Dawuda çapar iberip: «Ýurt kimiňki? Gel, äht baglaşaly, tutuş Ysraýylyň seniň tarapyňa geçmegine menem goldaw bereýin» diýdi.
13 Dawut: «Bolýar, men seniň bilen äht edişeýin, ýöne bir şert bilen: meniň bilen görme-görşe geleniňde, Şawulyň gyzy Mikaly-da getirersiň, eger getirmeseň, meni görmersiň» diýdi.
14 Soňra Dawut: «Ýüz piliştliniň pürçügini berip alan aýalym Mikaly özüme gaýtaryp ber» diýen habar bilen Şawulyň ogly Yşboşede çapar gönderdi.
15 Yşboşet adam iberip, Mikaly onuň adamsy Paltyýelden yzyna aldy. Paltyýel Laýyşyň ogludy.
16 Adamsy ýolboýy aglap-eňräp, Mikaly Bahuryma çenli ugratdy. Abner «Öýüňe gaýt!» diýensoň, Paltyýel yzyna dolandy.
17 Abner ysraýyl ýaşulularyna şeýle sözler bilen ýüzlendi: «Köp wagtdan bäri siz Dawudyň özüňize patyşa bolmagyny isleýärsiňiz.
18 Indi islegiňizi amala aşyryň, sebäbi Reb: „Men Öz halkym Ysraýyly gulum Dawudyň üsti bilen piliştlilerden hem onuň ähli duşmanlaryndan halas ederin“ diýip, Dawuda aýdypdy».
19 Abner benýamin tiresi bilen hem gepleşdi. Soňra ähli ysraýyllaryň hem-de benýaminleriň islegini Dawuda ýetirmek üçin, ol Hebrona gitdi.
20 Abner ýigrimi adam bilen bile Hebrona Dawudyň ýanyna bardy. Dawut olar üçin meýlis gurady.
21 Abner Dawuda: «Men gideýin-de, tutuş Ysraýyly şa hezretleriniň ýanyna ýygnaýyn. Seniň öz göwün islegiňe görä şalyk sürmegiň üçin, goý, olar seniň bilen äht baglaşsynlar» diýdi. Dawut Abneri goýberdi, ol sag-salamat çykyp gitdi.
22 Ýowap Dawudyň adamlary bilen talaňçylykdan ýaňyja gaýdyp gelipdi. Olar köp olja alypdylar. Emma Abner Hebronda – Dawudyň ýanynda däldi, Dawut ony goýberipdi, ol sag-salamat çykyp gaýdypdy.
23 Ýowap tutuş goşun bilen bile geldi. Neriň ogly Abneriň patyşanyň ýanyna gelendigini, patyşanyň ony goýberendigini, onuňam sag-salamat çykyp gidendigini Ýowaba habar berdiler.
24 Ýowap patyşanyň ýanyna baryp: «Eden zadyň näme?! Öz aýagy bilen ýanyňa gelen Abneri näme üçin goýberdiň?
25 Sen Neriň ogly Abneri tanaýaň ahyryn! Ol seni aldamak üçin, nirä gidip-gelýäniňi, näme iş edýäniňi bilmek üçin gelendir» diýdi.
26 Ýowap Dawudyň ýanyndan çykansoň, Abneriň yzyndan çaparlar iberdi we ony Sira guýysyndan yzyna getirtdi. Emma Dawut mundan bihabardy.
27 Abner Hebrona gaýdyp gelende, Ýowap onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýan kişi bolup, ony derwezäniň iç tarapyna çekdi-de, içine urup öldürdi. Şeýdip, Abner Ýowabyň dogany Asaheliň ganyna galandygy üçin öldürildi.
28 Dawut bu habary eşidip: «Özümem, patyşalygymam Neriň ogly Abneriň gany üçin Rebbiň öňünde hiç wagt günäkär bolmarys.
29 Günä, goý, Ýowabyň hem onuň nesliniň boýnuna düşsün. Ýowabyň nesliniň arasynda iriň ýygnaýan ýaraly, pis açan ýa-da goltugy pişekli, gylyçdan ölýän ýa-da nana zar adamlar, goý, hemişe bolsun dursun» diýdi.
30 Şeýdip, Ýowap we onuň dogany Abyşaý Gibgonda bolan uruşda öz doganlary Asaheli öldüren Abneriň janyna kast etdiler.
31 Dawut Ýowap bilen onuň ýanyndaky ähli halka: «Ýakaňyzy ýyrtyp, jul geýiniň-de, Abneriň ýasyny tutuň» diýdi. Dawut patyşa onuň tabydynyň yzyndan ýöredi.
32 Abneri Hebronda jaýladylar. Onuň guburynyň başynda patyşa ses edip aglady, tutuş halk-da oňa goşuldy.
33 Patyşa Abner üçin agy aýtdy: «Akmaklarça ölmeli däldiň, Abner!
34 Gollaryň bagly däldi, Aýaklaryň gandally däldi! Emma zalymlaryň goluna düşen biri kimin heläk bolduň!» Abner üçin tutuş halk ýene-de aglady.
35 Soňra ähli halk Dawudyň ýanyna gelip, Gün batmazdan öň bir zatlar garbanmagy teklip etdiler. Emma Dawut: «Eger gün ýaşýança çörek iýsem ýa-da başga bir zat datsam, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýip ant içdi.
36 Tutuş halk Dawudyň bu bolşuny görüp, ony makullady. Patyşanyň edýän ähli işinden hoşal bolşy ýaly, halk bu gezek hem ondan hoşal boldy.
37 Neriň ogly Abneriň ölüminde Dawudyň eliniň ýokdugyna tutuş goşun we ähli ysraýyl halky şol gün göz ýetirdi.
38 Patyşa adamlaryna ýüzlenip: «Bu gün Ysraýylyň bir beginiň, bir beýik adamynyň ölendigini bilýäňizmi?
39 Hudaýyň başyma ýag çalnyp saýlan patyşasy bolsamam, mende bu gün güýç-gurbat ýok. Seruýanyň ogullary menden has güýçli. Ýamanlyk edeniň özüne-de Reb ýamanlyk görkezsin» diýdi.




Chapter 4

1 Hebronda Abneriň öldürilendigini eşidip, Şawulyň ogly Yşboşediň essi aýyldy, tutuş ysraýyl halkyna howsala aralaşdy.
2 Şawulyň ogly Yşboşediň hyzmatynda Bagana hem Rekap atly iki dogan bardy. Olar garakçy toparlaryň serkerdeleridiler. Olar benýamin tiresinden beýerotly Rimmonyň ogullarydylar. (Beýerot Benýamin topragynyň bir bölegi hasap edilýärdi.
3 Bir wagtlar öz topraklaryny taşlap, Gitaýyma gaçyp baran beýerotlylar häzire çenli hem ol ýerde gelmişek bolup ýaşap ýörler.)
4 Şawulyň ogly Ýonatanyň Mepiboşet diýen iki aýagy-da agsak bir ogly bardy. Ýizregelden Şawul bilen Ýonatanyň öldi habary gelende, ol bäş ýaşyndady. Enekesi juda howlukmaçlyk bilen alyp gaçyp barýarka, ony elinden gaçyrypdy. Şeýdip, çaganyň aýagyna şikes ýetipdi.
5 Yşboşet günortan dynç alýarka, Rimmonyň ogullary Rekap bilen Bagana günortanyň yssysynda onuň öýüne geldiler. 6–7 Bu iki dogan bugdaý almaga gelen kişiler bolup, Yşboşediň içine urdular. Bu, ine, şeýle bolupdy: Olar öýe girenlerinde, Yşboşet öz ýatýan otagynda uklap ýatyrdy. Olar onuň üstüne topuldylar-da, ony öldürip, kellesini kesip aldylar we ol ýerden çykyp gaçdylar. Soňra olar Araba jülgesi bilen uzak gije ýörediler.
8 Ol ikisi Yşboşediň kellesini Hebrona Dawudyň ýanyna getirip, oňa: «Ine, şu seniň janyňa kast etmekçi bolan duşmanyň Şawulyň ogly Yşboşediň kellesi! Bu gün Reb Şawuldan we onuň neslinden şa hezretleriniň aryny aldy» diýdiler. 9–10 Dawut beýerotly Rimmonyň ogullary Rekap bilen Bagana ýüzlenip: «Meni ähli bela-beterlerden goran Rebden ant içýärin, maňa biri Şawulyň öldi habaryny getiripdi we ol gowy habar getirendirin öýdüpdi. Ýöne men ony Ziklagda öldürdim. Getiren buşlugy üçin oňa şeýle „serpaý“ ýapylypdy.
11 Heý, onsoň siz – zalymlar bir bigünäni öz öýünde, öz düşeginde öldürersiňiz-de, sizi ýer ýüzünden ýok edip, onuň hununy sizden almarynmy?» diýdi.
12 Soňra Dawut nökerlerine emr etdi; nökerler olary öldürdiler we el-aýaklaryny kesip, göwrelerini Hebrondaky howdanyň üstünden asdylar. Yşboşediň kellesini bolsa äkidip, Hebronda Abneriň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.




Chapter 5

1 Ysraýylyň ähli tireleri Hebrona Dawudyň ýanyna baryp, oňa: «Biz seniň öz süýegiňden we teniňdendiris.
2 Öňlerem – Şawul patyşamyzka-da sen ysraýyl goşunyna serkerdediň. Reb saňa: „Meniň halkym Ysraýylyň çopany sen bolarsyň, Ysraýyla sen hökümdarlyk edersiň“ diýipdi» diýdiler.
3 Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna ýygnandylar. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut patyşa olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Dawudyň başyna ýag çalyp, Ysraýyla patyşa bellediler.
4 Dawut patyşa bellenende, otuz ýaşyndady; ol kyrk ýyl patyşalyk etdi.
5 Dawut Hebronda Ýahudanyň üstünden ýedi ýyl, alty aý, Iýerusalimde oturyp, tutuş Ysraýyl bilen Ýahuda otuz üç ýyl patyşalyk etdi.
6 Dawut patyşa adamlaryny alyp, Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslaryň üstüne ýöriş etdi. Ýabuslar Dawuda: «Sen bu ýere girip bilmersiň, hatda körlerdir çolaklaram seni yzyňa serpikdirip bilerler» diýýärdiler. Olar Dawut bu ýere girip bilmez diýip pikir edýärdiler.
7 Emma Dawut Siýon galasyny basyp aldy. Ol häzir «Dawut galasy» diýlip atlandyrylýar.
8 Dawut şol gün: «Kimde-kim ýabuslary öldürmekçi bolsa, käriziň içinden geçip, Dawudy ýigrenýän körlerdir çolaklaryň üstüne çozsun» diýdi. («Körlerdir çolaklar Hudaýyň öýüne girip bilmezler» diýen gep şondan galdy.)
9 Dawut galany eýeledi we ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdy. Ol Millodan başlap, galanyň tutuş töweregini täzeden gurdy.
10 Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, sebäbi Hökmürowan Hudaý Reb onuň bilendi.
11 Sur patyşasy Hiram Dawudyň ýanyna ilçiler bilen kedr agaçlaryny, agaç ussalarydyr köşk gurujy ussalary iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular.
12 Şeýlelikde, Dawut özüni Rebbiň tutuş Ysraýylyň patyşasy hökmünde berkarar edendigine hem-de Öz halky Ysraýylyň hatyrasyna Onuň öz patyşalygyny beýgeldendigine düşündi.
13 Dawut Hebrondan gelenden soň, Iýerusalimde ýene-de gyrnaklardyr aýallar aldy. Olardan hem Dawudyň ogul-gyzlary boldy.
14 Onuň Iýerusalimde doglan çagalarynyň atlary şulardyr: Şammuwa, Şobap, Natan, Süleýman,
15 Ýybhar, Elişuwa, Nepek, Ýapyýa,
16 Elişama, Elýada, Elipelet.
17 Dawudyň tutuş Ysraýyla patyşalyga bellenilendigini eşidende, ähli piliştliler aýaga galyp, onuň gözlegine çykdylar. Dawut muny eşidip, çöldäki gala gitdi.
18 Piliştliler gelip, Rapa jülgesine ýaýradylar.
19 «Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, piliştlileri şübhesiz seniň eliňe berjekdirin» diýdi.
20 Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gelip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Ol: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Reb-de duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym diýen at dakyldy.
21 Dawut bilen onuň adamlary piliştlileriň taşlap giden butlaryny aldylar.
22 Piliştliler ýene gelip, Rapa jülgesine ýaýradylar.
23 Dawut Rebbe ýüz tutanda, Ol şeýle diýdi: «Olaryň öňünden çykma. Balzam agaçlary tarapdan gelip, olaryň ýeňsesinden ur.
24 Balzam agaçlarynyň başlaryndan aýak seslerini eşideniňde, taýýar bol, sebäbi bu piliştlileriň goşunyny derbi-dagyn etmek üçin, Men – Rebbiň seniň öňüňe düşdügimdir».
25 Dawut Rebbiň buýruşy ýaly etdi. Ol Gebadan Gezere çenli bolan aralykda piliştlileri gyrdy.




Chapter 6

1 Dawut ýene-de Ysraýylyň men diýen adamlaryndan otuz müňüsini toplady.
2 Ol Hudaýyň äht sandygyny getirmek üçin, adamlary bilen bile Bagale Ýehuda galasyna gitdi. Sandyk keruplaryň ýokarsynda tagt guran Hökmürowan Reb diýip atlandyrylýar.
3 Olar Hudaýyň sandygyny täze araba ýükläp, baýyrlykda ýerleşýän Abynadabyň öýünden alyp çykdylar. Täze arabany Abynadabyň ogullary Uza bilen Ahýo sürüp barýardylar.
4 Uza Hudaýyň sandygynyň gapdalyndan, Ahýo bolsa sandygyň öňünden ýöräp barýardy.
5 Dawut we tutuş ysraýyl halky Rebbiň huzurynda bar güýçleri bilen serwi agajyndan edilen dürli saz gurallaryny: barbat, arfa, deprek, kimwaldyr kastanet çalyp tans edýärdiler.
6 Nakonyň harman jaýyna ýetenlerinde, olaryň öküzleri büdredi, Uza elini uzadyp, Hudaýyň sandygyndan tutdy.
7 Uza garşy Rebbiň gahary geldi. Biperwaýlyk edendigi üçin, şol ýerde Hudaý ony öldürdi. Uza şol ýerde Hudaýyň sandygynyň ýanynda jan berdi.
8 Dawut Rebbiň Uzany öldürendigi üçin gaharlandy. (Ol ýer şu güne çenli Peres Uza diýlip atlandyrylýar.)
9 Dawut şol gün Rebden gorkup: «Rebbiň sandygyny nädip meniň ýanyma getirip bolarka?» diýdi.
10 Şunlukda, Dawut Rebbiň sandygyny Dawut galasyna äkitmek islemedi. Ol sandygy Gat galasyndan bolan Obededomyň öýünde goýup gitdi.
11 Rebbiň sandygy üç aýlap Obededomyň öýünde durdy. Reb Obededomy we onuň tutuş hojalygyny ýalkady.
12 «Reb Obededomyň hojalygyny hem-de oňa degişli bolanlaryň ählisini Hudaýyň sandygy üçin ýalkady» diýip, Dawut patyşa habar berdiler. Dawut gidip, Hudaýyň sandygyny uly şatlyk bilen Obededomyň öýünden Dawut galasyna getirdi.
13 Rebbiň sandygyny göterijiler alty ädim ýöränden soň, Dawut bir öküz bilen semiz göläni gurbanlyk berdi.
14 Dawut zygyr matadan tikilen efot geýip, Rebbiň huzurynda bar güýji bilen joşup tans edýärdi.
15 Şunlukda, Dawut hem-de tutuş ysraýyl halky şatlyk bilen gygyryşyp, surnaý çalyp, Rebbiň sandygyny getirýärdiler.
16 Rebbiň sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Dawudyň Rebbiň huzurynda bökjekläp tans edişini görüp, ol öz ýanyndan Dawuda göwnüýetmezçilik bilen seretdi.
17 Olar Rebbiň sandygyny getirip, Dawudyň onuň üçin ýörite guran çadyrynyň içinde öz ýerinde goýdular. Soňra Dawut Rebbiň huzurynda ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi.
18 Ol ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berip bolandan soň, Hökmürowan Rebbiň adyndan halka pata berdi.
19 Aýal-erkek diýmän, ysraýyl halkynyň hersine bir çörek, bir bölek et hem-de kişmiş paýlady. Şondan soň tutuş jemagat öýüne dargady.
20 Dawut öz maşgalasyna pata bermek üçin gaýdyp gelýärkä, Şawulyň gyzy Mikal öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Bir bolgusyzyň utançsyzlyk bilen ýalaňaçlanyşy ýaly, öz emeldarlarynyň gyrnaklarynyň öňünde ýarym-ýalaňaçlanyp, gör, bu gün ysraýyl patyşasy özüne nähili hormat gazandy!».
21 Dawut Mikala şeýle diýdi: «Bu seniň ataňyň hem onuň nesliniň ýerine meni saýlan, meni Öz halky Ysraýyla hökümdar eden Rebbiň huzurynda boldy. Hawa, men Rebbiň huzurynda tans etjek.
22 Men özümi öňküdenem has kiçeldip, mertebämi peseltjek. Emma seniň diýýän gyrnaklaryň meni şöhrata beslärler».
23 Şawulyň gyzy Mikal bolsa dünýäden perzentsiz ötdi.




Chapter 7

1 Dawut patyşanyň öz köşgünde ornaşan, Rebbiň ony daş-töweregindäki ähli duşmanlaryndan gorap, oňa rahat durmuş beren döwrüdi.
2 Şol günlerde patyşa Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Hudaýyň sandygy bolsa bir çadyrda dur» diýdi.
3 Natan Dawuda: «Islän zadyňy ediber, sebäbi Reb seniň bilendir» diýdi.
4 Emma hut şol gije Natana Rebbiň sözi geldi:
5 «Bar, gulum Dawuda Reb şeýle diýýär diý: „Maňa mesgen tutar ýaly öý gurjak senmi?
6 Men ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykan günümden bäri öýde mesgen tutmadym; çadyrymy ondan-oňa göçürip ýaşap ýördüm.
7 Tutuş Ysraýyl bilen bolan ýerlerimiň ählisinde Öz halkym Ysraýyla baştutanlyk etmegi buýran serdarlarymyň, heý, birinden: ‘Näme üçin Maňa kedr agajyndan öý gurmadyňyz?’ diýip soradymmy?“
8 Indi sen Meniň gulum Dawuda Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär diý: „Men seni meýdanda goýun bakyp ýören ýeriňden alyp, Öz halkym Ysraýylyň hökümdary etdim.
9 Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek.
10 Öz halkym Ysraýyl üçin bir ýer taýynlap, olary şol ýerde ýerleşdirjek. Şeýdip, olar öz ýerlerinde ýaşarlar. Mundan beýläk olaryň rahatlygy bozulmaz.
11 Halkym Ysraýyla serdarlar bellän döwrümden bäri sütem edişleri ýaly, betgylyk adamlar indi olara sütem etmezler. Men seni ähli duşmanlaryňdan gorap saklajak. Men-Reb seniň üçin öýi gurjakdygymy jar edýärin.
12 Peýmanyň dolup, ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn.
13 Meniň üçin öýi ol gurar. Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin.
14 Men oňa Ata, ol bolsa Maňa ogul bolar. Günä gazanaýsa welin, ony atanyň ogluny taýak bilen jezalandyryşy ýaly, Men hem ony jezalandyraryn.
15 Ýöne Şawuly mahrum edişim ýaly, ony Öz sadyk söýgimden mahrum etmerin.
16 Seniň nesliň hem şalygyň Meniň öňümde baky berkarar bolar. Şalyk tagtyň baky dowam eder“».
17 Şeýlelikde, Natan tutuş bu aýanlygy, ýagny Rebbiň sözlerini Dawuda gürrüň berdi.
18 Soňra Dawut gelip, Rebbiň huzurynda oturdy-da, şeýle diýdi: «Ýa Hökmürowan Reb, men kim, meni şeýle derejä ýetirer ýaly meniň maşgalam kim?
19 Ýa Hökmürowan Reb, bu zatlary hem az görýän ýaly, Sen Öz guluň nesliniň geljegi hakynda hem söz berdiň. Ýa Hökmürowan Reb, Sen ynsanlar bilen adatça şeýle iş salyşýaňmy?!
20 Men Saňa başga näme diýip bilerin?! Ýa Hökmürowan Reb, Sen Öz guluňy tanaýarsyň ahyryn!
21 Öz sözüňiň hatyrasyna, Öz göwün islegiňe görä bu beýik işi edip, guluňa bildirdiň.
22 Eý, Hökmürowan Reb, Sen beýiksiň! Saňa taý geljek ýokdur, Senden başga Hudaý ýok! Muny öz gulaklarymyz bilen eşitdik.
23 Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri we olaryň hudaýlaryny olaryň öňünden kowup çykardyň.
24 Hemişelik Öz halkym bolsun diýip, halkyň Ysraýyly Özüň üçin ebedi halk etdiň. Ýa Reb, Sen olaryň Hudaýy bolduň.
25 Indi bolsa, Sen, ýa Beýik Hudaý, Öz guluň hem onuň nesli hakda aýdan sözüňi ebedi sakla-da, diýşiň ýaly et!
26 Goý, ynsanlar „Hökmürowan Reb Ysraýylyň Hudaýydyr“ diýip, Seniň adyňy ebedilik belende götersinler. Guluň Dawudyň nesli Seniň öňüňde kuwwatlansyn.
27 „Sebäbi, eý, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb, Seniň nesliňi baky berkarar ederin“ diýip, guluňa Özüň aýan etdiň. Şoňa görä-de guluň Saňa ýüzlenip, şu dilegi okamaga milt etdi.
28 Ýa Hökmürowan Reb, Sen Hudaýsyň, Seniň sözleriň hakdyr. Şu ýagşylyklary guluňa Sen wada etdiň.
29 Öz huzuryňda ebedi galsyn diýip, guluňyň nesline pata bermek, goý, Saňa hoş görünsin! Sebäbi, ýa Hökmürowan Reb, muny Özüň söz berdiň. Seniň pataň bilen, goý, guluňyň nesli baky pataly bolsun!».




Chapter 8

1 Birnäçe wagtdan soň Dawut piliştlilere zarba urup, olary özüne tabyn etdi. Ol Metekamma galasyny piliştlileriň elinden aldy.
2 Ol mowaplylary-da ýeňdi. Olary ýerde hatara ýatyryp, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, böleklere böldi. Her üç bölegiň birini diri galdyryp, iki bölegini öldürip çykdy. Şeýdip diri galan mowaplylar Dawuda gul bolup, salgyt tölediler.
3 Soňra Dawut Perat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezeri boýun egdirdi.
4 Dawut onuň bir müň ýedi ýüz sany söweş arabasyny hem-de ýigrimi müň esgerli pyýada goşunyny ýesir aldy. Ol atlaryň ýüz araba ýeter ýalysyny goýup, galanlaryny maýyp etdi.
5 Damaskda ýaşaýan aramlylar Soba patyşasy Hadadgezere kömege gelende, Dawut aramlylaryň ýigrimi iki müňüsini öldürdi.
6 Dawut Damaskda ýaşaýan aramlylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Aramlylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş getirýärdi.
7 Dawut Hadadgezeriň gullarynyň göterýän altyn galkanlaryny alyp, Iýerusalime getirdi.
8 Dawut patyşa Hadadgezeriň Beta hem-de Berotaý galalaryndan juda köp bürünç aldy.
9 Hamat şasy Togy Dawudyň Hadadgezeriň ähli goşunyny derbi-dagyn edendigini eşitdi.
10 Hadadgezer bilen urşup, ondan üstün çykmagy mynasybetli Dawut patyşany gutlamak hem-de hal-ahwal soraşmak üçin, Togy öz ogly Ýoramy Dawudyň ýanyna iberdi. Sebäbi Hadadgezer Togy bilen ýygy-ýygydan uruşýardy. Ýoram özi bilen kümüş, altyn hem bürünç sowgatlar äkitdi. 11–12 Dawut bu sowgatlary-da öz boýun egdiren ähli halklaryndan: edomlardan, mowaplardan, ammonlardan, piliştlilerden, amaleklerden hem-de Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezerden alan altyndyr kümüşleri bilen birlikde Rebbe bagyş etdi.
13 Duz jülgesinde on sekiz müň edomlyny öldürenden soň, Dawudyň meşhurlygy has artdy.
14 Ol Edomyň ähli ýerinde goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş getirýärdi.
15 Şeýdip, Dawut tutuş Ysraýyla patyşalyk edýärdi. Ol tutuş halkyny adyllyk hem hakykat bilen dolandyrýardy.
16 Seruýanyň ogly Ýowap onuň goşunbaşysydy; Ahyludyň ogly Ýehoşapat – ýyl ýazgyçydy,
17 Ahytubyň ogly Sadok bilen Abýataryň ogly Ahymelek – ruhanydylar, Seraýa – kätipdi,
18 Ýehoýadanyň ogly Benaýa – keretler bilen peletleriň baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa ruhanydylar.




Chapter 9

1 Dawut: «Ýonatanyň hatyrasy üçin ýagşylyk ederim ýaly, Şawulyň neslinden galan barmyka?» diýip sorady.
2 Şawulyň neslinden Siba atly bir hyzmatkär bardy. Ony Dawudyň ýanyna çagyrdylar. Patyşa ondan: «Sen Sibamy?» diýip sorady. Siba: «Hawa, men şol guluň» diýip jogap berdi.
3 Patyşa ondan: «Şawulyň neslinden aman galan barmy? Hudaýyň hatyrasyna men oňa wepalylyk görkezjek» diýip sorady. Siba: «Ýonatanyň iki aýagy-da agsak bir ogly bar» diýip jogap berdi.
4 Patyşa ondan: «Ol nirede?» diýip sorady. Siba: «Ol Lodebarda, Emiýeliň ogly Makyryň öýünde» diýip jogap berdi.
5 Dawut patyşa Ýonatanyň ogluny Lodebardan, Emiýeliň ogly Makyryň öýünden getirtdi.
6 Ýonatanyň ogly, Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudyň ýanyna geldi. Ol ýere ýüzin düşüp, patyşa tagzym etdi. Dawut: «Mepiboşet!» diýdi. Ol: «Hawa, men şol guluň!» diýip jogap berdi.
7 Dawut oňa: «Gorkma, kakaň Ýonatanyň hatyrasyna men saňa ýagşylyk etjek. Ataň Şawulyň ähli ýerlerini saňa gaýtaryp berjek. Sen hemişe meniň saçagymdan naharlanarsyň» diýdi.
8 Mepiboşet oňa tagzym edip: «Men guluň öli bir it ahyryn, näme üçin sen maňa ýagşylyk edýäň?» diýdi.
9 Soňra patyşa Şawulyň hyzmatkäri Sibany çagyryp, oňa: «Şawula hem onuň nesline degişli bolan zatlaryň ählisini jenabyňyň agtygyna berendirin.
10 Sen ogullaryň we hyzmatkärleriň bilen ýeri onuň üçin bejerip, hasylyny ýygnarsyň, şonda ol jenabyňyň agtygynyň harajaty bolar, emma jenabyňyň agtygy Mepiboşet hemişe meniň saçagymdan naharlanar» diýdi. Sibanyň on bäş ogly bilen ýigrimi hyzmatkäri bardy.
11 Siba Dawut patyşa: «Şa hezretleriniň men guluna emr eden zatlarynyň ählisi berjaý ediler» diýdi. Mepiboşet edil Dawudyň öz ogullarynyň biri ýaly onuň saçagyndan naharlanýardy.
12 Mepiboşediň Mika atly ýaşajyk bir ogly bardy. Sibanyň öýünde ýaşaýanlaryň ählisi indi Mepiboşediň hyzmatkärleri boldular.
13 Mepiboşet Iýerusalimde ýaşaýardy, sebäbi ol hemişe patyşanyň saçagyndan naharlanýardy. Onuň iki aýagy-da çolakdy.




Chapter 10

1 Birnäçe wagtdan soň ammonlaryň patyşasy Nahaş ölüp, onuň ýerine ogly Hanun tagta çykdy.
2 Dawut: «Nahaş maňa wepaly boldy, men hem onuň ogly Hanuna wepaly bolaýyn» diýdi. Ony kakasy üçin çekýän hasratyndan köşeşdirmek üçin, Dawut onuň ýanyna birnäçe çaparlar ýollady. Dawudyň çaparlary ammonlaryň ýurduna baranda,
3 ammon begleri öz patyşasyna şeýle diýdiler: «Dawut saňa şu adamlary ataňyň hormaty üçin iberendir öýdýäňmi? Ol öz çaparlaryny galany basyp almak üçin, ony gözden geçirmäge iberendir».
4 Şonda Hanun Dawudyň çaparlaryny tutup, olaryň sakgallarynyň deň ýarysyny syrdyryp, geýimlerini syrtlaryna çenli ortasyndan kesdirip, yzlaryna ugratdy.
5 Bu hakda Dawuda habar berenlerinde, ol: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihoda boluberiň, soň gelersiňiz» diýen tabşyryk bilen olaryň öňünden adam iberdi, çünki olar gaty utanýardylar.
6 Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Beýtrehop bilen Sobadan aramlylaryň ýigrimi müň esgerini, Topdan on iki müň adamy hem-de Magaka patyşasyny müň adamy bilen bile hakyna tutdular.
7 Dawut muny eşidip, Ýowap bilen batyr esgerli tutuş goşuny olaryň garşysyna sürdi.
8 Ammonlar çykyp, galanyň derwezesiniň agzynda söweşmek üçin nyzama durdular. Emma Soba bilen Rehop galalaryndan gelen aramlylar we Topuň hem Magakanyň adamlary açyk meýdanda aýratyn nyzama durdular.
9 Özüniň hem arkasynda, hem öňünde söweşiň ýaýbaňlanandygyny gören Ýowap Ysraýylyň saýlama esgerlerini alyp, olary aramlylaryň garşysyna nyzama duruzdy.
10 Galan goşuny öz dogany Abyşaýyň eline berdi we olary ammonlaryň garşysyna nyzama duruzdy.
11 Ýowap: «Bardy-geldi aramlylar menden güýçli çykaýsalar, sen maňa kömege ýetişersiň; bardy-geldi ammonlar senden güýçli bolup çykaýsalar, onda men saňa kömege ýetişerin.
12 Mert bol, halkymyz üçin we Hudaýymyzyň galalary üçin dözümli söweşeli. Reb bolsa Öz islänini eder» diýdi.
13 Şeýdip, Ýowap hem onuň goşunlary aramlylara garşy söweşe girişdiler; duşmanlar Ýowapdan gaçdylar.
14 Aramlylaryň gaçanyny gören ammonlar Abyşaýdan gaçyp, gala girdiler. Şondan soň Ýowap ammonlar bilen söweşmesini bes edip, yzyna gaýtdy we Iýerusalime geldi.
15 Özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerini gören aramlylar bir ýere toplanyşdylar.
16 Hadadgezer Peradyň aňyrsyndaky aramlylara habar ýollap, söweşe çykardy. Olar Hadadgezeriň goşunbaşysy Şobagyň baştutanlygynda Heýlam galasyna geldiler.
17 Dawut muny eşidip, ähli ysraýyllary toplap, Iordan derýasyndan geçdi we Heýlam galasyna geldi. Aramlylar Dawudyň garşysyna nyzama durdular we söweşe girişdiler.
18 Aramlylar ysraýyllaryň goşunyndan gaçdylar. Dawut olaryň ýedi müň söweş arabaly esgerlerini hem-de pyýada goşundan kyrk müň adamy öldürdi. Ol aramlylaryň goşunbaşysy Şobagy ýaralady; Şobap şol ýerde jan berdi.
19 Hadadgezere tabyn bolan hanlaryň ählisi özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerine göz ýetirdiler; olar bilen ylalaşyk baglaşyp, olara boýun egdiler. Aramlylar hem mundan beýläk ammonlara kömek etmekden gorkdular.




Chapter 11

1 Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Dawut öz nökerlerini, ähli ysraýyl goşunyny Ýowabyň ýolbaşçylygy astynda söweşe ýollady. Olar ammonlary kül-peýekun etdiler, Raba galasyny gabawa aldylar. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy.
2 Bir gün agşamara Dawut düşeginden turup, köşgüň üçegine çykdy-da, gezim etmäge başlady. Şol wagt suwa düşünip duran bir aýala onuň gözi düşdi. Aýal diýseň görmegeýdi.
3 Aýalyň kimdigini bilmek islän Dawut onuň ýanyna adam iberdi. Iberilen gidip gelip, onuň Eligamyň gyzy, het halkyndan bolan Uryýanyň aýaly Batşebadygyny Dawuda habar berdi.
4 Dawut adamlaryna aýaly getirmegi buýurdy. Aýal Dawudyň ýanyna geldi. Dawut aýbaşydan ýaňy arassalanan Batşeba bilen ýatdy. Soňra aýal öýüne gaýtdy.
5 Aýal göwreli boldy we Dawuda: «Men göwreli» diýip habar ýollady.
6 «Het halkyndan bolan Uryýany meniň ýanyma iber» diýip, Dawut Ýowaba habar etdi. Ýowap Uryýany Dawudyň ýanyna iberdi.
7 Uryýa ýanyna gelende, Dawut ondan Ýowabyň we goşunyň hal-ýagdaýy, urşuň gidişi hakda soraşdyrdy.
8 Soňra ol Uryýa: «Öýüňe bar-da, dynjyňy al» diýdi. Uryýa patyşanyň köşgünden çykanda, onuň yzyndan patyşanyň sowgadyny hem äkitdiler.
9 Emma Uryýa öz jenabynyň ähli nökerleri bilen bile şa köşgüniň gapysynda ýatdy; öýüne gitmedi.
10 Onuň öz öýüne gitmändigini Dawuda habar berenlerinde, ol Uryýadan: «Sen ýaňyja ýoldan geldiň. Näme üçin öýüňe gitmediň?» diýip sorady.
11 Uryýa Dawuda: «Äht sandygy bilen ysraýyllardyr ýahudalar çadyrdakalar, jenabym Ýowapdyr onuň nökerleri meýdandakalar, men iýip-içmek we aýalym bilen ýatmak üçin öýüme gideýinmi? Seniň ömrüňden hem janyňdan ant içýärin, men beýle iş edip bilmerin» diýdi.
12 Dawut Uryýa: «Bu günem şu ýerde bol, ertir men seni yzyňa ugradaryn» diýdi. Şunlukda, Uryýa ol gün hem Iýerusalimde galdy.
13 Ertesi gün Dawut ony çagyryp, iýdirip-içirip serhoş etdi. Agşam Uryýa ýene-de öz öýüne gitmän, jenabynyň nökerleri bilen bile öňki ýatýan ýerine gitdi.
14 Ertesi irden Dawut Ýowaba hat ýazyp, Uryýadan iberdi.
15 Dawut hatynda şeýle ýazdy: «Uryýany söweşiň iň gazaply gidýän ýerinde goý-da, onuň ýanyndan aýryl. Goý, ol ýaralanyp ölsün».
16 Ýowap galany gabaw astynda saklap, gowy synlansoň, gaýduwsyz adamlaryň bar ýerini bilýärdi. Ol Uryýany şol ýerde goýdy.
17 Galanyň adamlary çykyp, Ýowap bilen söweşmäge başladylar. Dawudyň nökerlerinden birnäçesi öldi. Öldürilenleriň arasynda het halkyndan bolan Uryýa-da bardy.
18 Ýowap adam iberip, söweş baradaky maglumatlaryň ählisini Dawuda ýetirdi.
19 Ol çapara şeýle diýdi: «Söweş hakyndaky habarlaryň ählisini patyşa gürrüň berip bolanyňdan soň,
20 patyşa gazaba münüp: „Näme üçin gala beýle golaý bardyňyz? Olaryň sizi diwaryň üstünden oka tutjakdyklaryny bilmeýärmidiňiz näme?
21 Ýerubagalyň ogly Abymelegi bir aýalyň öldürendigini bilmeýärmidiňiz? Tebezde ol aýal diwaryň üstünden oňa degirmen daşyny zyňyp öldürmänmidi? Näme üçin diwara gaty golaý bardyňyz?“ diýäýse, şol wagt: „Siziň het halkyndan bolan guluňyz Uryýa hem öldi“ diýersiň».
22 Çapar gidip, Ýowabyň tabşyranlarynyň ählisini Dawuda gürrüň berdi.
23 Ol Dawuda şeýle gürrüň berdi: «Duşmanyň güýji biziňkiden agdyk eken. Olar biziň garşymyza meýdana çykdylar, emma biz derwezäniň agzyna çenli olaryň yzlaryndan kowduk.
24 Şonda ýaýçylar diwaryň üstünden seniň adamlaryňy oka tutdular; olaryň arasynda ölenleri hem boldy. Het halkyndan bolan guluňyz Uryýa hem şonda öldi».
25 Dawut çapara: «Ýowaba aýt, goý, bu iş üçin ol köp alada galmasyn; gylyç kä oňa deger, kä muňa. Galanyň üstüne hüjümi güýçlendirsinler-de, ony ýumursynlar. Şu sözler bilen ony ruhlandyr» diýdi.
26 Uryýanyň aýaly adamsynyň ölendigini eşidip, onuň ýasyny tutdy.
27 Ýas gutarandan soň, Dawut adam iberip, ol aýaly köşgüne getirtdi. Şeýdip, ol Dawudyň aýaly boldy. Ondan Dawudyň bir ogly boldy. Ýöne Dawudyň eden bu işi Rebbiň nazarynda nejislikdi.




Chapter 12

1 Reb Dawudyň ýanyna Natan pygamberi iberdi. Ol Dawudyň ýanyna baryp, oňa şeýle diýdi: «Galalaryň birinde birisi baý, beýlekisi garyp bolan iki sany adam ýaşapdyr.
2 Baýyň süri-süri goýnudyr sygry bolupdyr.
3 Garybyň bolsa bar baýlygy ýeke-täk guzujygy eken. Ol ony satyn alyp, öz ýanynda çagalary bilen bile ulaldypdyr. Ol öz eýesi bilen bir tabakdan iýip, bir käseden suw içipdir. Garyp ony öz gujagynda ýatyrýan eken. Ol oňa edil öz gyzy ýaly seredipdir.
4 Günlerde bir gün ýaňky baý adamyň öýüne myhman gelipdir. Myhman üçin öz goýunlaryndan ýa-da sygyrlaryndan alyp soýmaga onuň gözi gyýman, hälki garybyň guzusyny alyp, şondan nahar taýýarlapdyr».
5 Baýa juda gahary gelip, Dawut Natana: «Rebden ant içýärin, bu adamyň başy ölümlidir.
6 Şeýle edendigi hem rehimsizligi üçin, ol guzyny dört esse edip gaýtarar» diýdi.
7 Natan Dawuda şeýle diýdi: «Şol adam – sen! Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Seni Ysraýyla patyşalyga saýlananam, Şawulyň elinden halas edenem Men.
8 Men saňa hojaýynyňyň hojalygyny berdim, aýallaryny gujagyňa saldym. Saňa ysraýyl bilen ýahuda halkyny hem berdim. Bulary az gören bolsaň, onda ýene-de köp zatlary bererdim.
9 Näme üçin sen Men-Rebbiň ýigrenýän işlerini etmek bilen, Meniň sözümi äsgermezlik etdiň? Het halkyndan bolan Uryýany söweşde gylyçdan geçirdip, onuň aýalyny özüňe aýal edindiň. Ony ammonlaryň gylyjy bilen öldürdiň.
10 Mundan beýläk gylyç müdimilik seniň nesliňiň depesinden düşmez. Sebäbi sen Meni äsgermediň we het halkyndan bolan Uryýanyň aýalyny özüňe aýal edindiň“».
11 Reb şeýle diýýär: «Saňa erbetligi öz öýüňden dörederin. Aýallaryňy öz gözüňiň alnynda eliňden alyp, ýakynyňa bererin. Ol ýakynyň gündiziň günortany aýallaryň bilen ýatar.
12 Sen bu işi gizlin etdiň, emma Men muny tutuş Ysraýylyň gözüniň alnynda, gündiziň günortany ederin».
13 Dawut Natana: «Men Rebbiň öňünde günä gazandym» diýdi. Natan Dawuda: «Reb seniň günäňi geçdi; sen ölmersiň.
14 Ýöne bu işi etmek bilen, sen Rebbi doly äsgermezlik etdiň, şol sebäpli senden doguljak çaga öler» diýdi.
15 Şondan soň Natan öýüne gitdi. Reb Dawudyň Uryýanyň aýalyndan doglan ogluny urdy; çaga agyr keselledi.
16 Dawut çaga üçin Hudaýa ýalbardy, agyz bekledi, otagyna girip, bütin gijeler ýanyny ýere berip ýatdy.
17 Köşgüň ýaşululary gelip, ony ýerden galdyrmak islediler. Emma ol ne ýerinden turdy, ne-de olar bilen bile nahar iýdi.
18 Ýedinji gün diýlende, çaga ýogaldy. Dawudyň adamlary bu hakda oňa habar bermekden gorkdular. Olar: «Çaga heniz dirikä, ol biziň gepimize gulak asmady. Indi çaganyň ölendigini biz oňa nähili aýdarys? Özüne bir zat eder» diýip oýlandylar.
19 Ýöne Dawut adamlarynyň arasynda bir hyşy-wyşynyň bardygyny görüp, çaganyň ýogalandygyna düşündi. Ol adamlaryna: «Çaga ýogaldymy?» diýdi. Olar: «Hawa, ýogaldy» diýdiler.
20 Dawut ýerinden galdy, ýuwundy, üstüne atyr sepdi we geýimlerini çalşyrdy. Soňra Rebbiň öýüne gidip ybadat etdi. Soň öýüne gaýdyp geldi we naharlanjakdygyny aýtdy. Öňünde nahar goýdular, ol naharlandy.
21 Adamlary oňa: «Çaga dirikä, agyz beklediň we agladyň. Ol ýogalandan soň bolsa, turup naharlandyň. Bu näme etdigiň boldy?» diýdiler.
22 Dawut: «Çaga dirikä, agyz bekledim, agladym. Sebäbi men: „Kim bilýär, belki, Reb maňa rehim eder, çaga gutular“ diýip oýlanypdym.
23 Emma ol ýogalansoň, men näme üçin agyz bekläýin? Men ony yzyna getirip bilerinmi? Men onuň ýanyna giderin welin, ol indi meniň ýanyma gelmez» diýip jogap berdi.
24 Dawut aýaly Batşeba göwünlik berdi we onuň bilen ýatdy. Batşeba bir ogul dogurdy; Dawut onuň adyna Süleýman dakdy. Reb çagany söýdi
25 we Rebbiň hatyrasy üçin, bu çaganyň adyna Ýedidýa dakylmalydygy hakda Natan pygamberiň üsti bilen habar iberdi.
26 Indi Ýowap ammonlaryň Raba galasynyň garşysyna uruşýardy. Ol şa galasyny basyp aldy.
27 Ýowap Dawuda: «Men Raba galasyna hüjüm edip, suw çeşmelerini eýeledim.
28 Indi sen goşunyň galan bölegini topla we galanyň çar tarapyndan çozup, ony basyp al. Bolmasa galany özüm basyp alaryn we ol meniň adym bilen atlandyrylar» diýip habar iberdi.
29 Dawut ähli goşuny toplap, Raba galasyna hüjüm edip, ony boýun egdirdi.
30 Dawut ammonlaryň patyşasynyň başyndan altyn täjini aldy; onuň agramy iki putdy, onuň ýüzüne gymmatbaha daş oturdylandy. Ony Dawudyň kellesine geýdirdiler. Dawut galadanam köp mukdarda olja-da aldy.
31 Galanyň halkyny bolsa Dawut galadan göçürip byçgy, demir kätmen hem-de palta bilen işlenilýän işlere ýa-da kerpiç işlerine goýdy. Ol ammonlaryň ähli galalarynda şeýle edenden soň, ähli goşun bilen bile Iýerusalime dolandy.




Chapter 13

1 Aradan esli wagt geçdi. Dawudyň ogly Abşalomyň Tamar atly bir owadan uýasy bardy. Dawudyň başga bir ogly Amnon oňa aşyk boldy.
2 Öz öweý uýasy Tamara bolan yşk heserinden ýaňa gussa çekip, ol keselledi. Ol boý gyz bolansoň, oňa bir zat etmek Amnona kyn bolup görünýärdi.
3 Ýöne Amnonyň Ýonadap diýen bir dosty bardy. Ýonadap Dawudyň dogany Şimganyň ogludy. Ol juda mekir adamdy.
4 Ýonadap Amnona: «Eý şazada, gün-günden halyň perişan bolup barýa-la! Belki, munuň sebäbini maňa aýdarsyň?!» diýdi. Amnon oňa: «Doganym Abşalomyň uýasy Tamara aşyk boldum» diýdi.
5 Ýonadap oňa: «Kesellän bol-da, düşegiňe geçip ýat. Kakaň halyňy soramaga gelende, oňa: „Uýam Tamar gelip, meni naharlasyn. Ol öz ýanymda nahar taýýarlasyn. Onuň öz ýanymda nahar taýýarlanyny göräýeýin hem-de nahary onuň öz elinden iýäýeýin“ diýip aýt» diýdi.
6 Şunlukda, Amnon kesellän kişi bolup, düşegine geçip ýatdy. Patyşa halyny soramaga gelende, ol: «Uýam Tamar gelip, ýanymda tagamly kökeler bişirip bersedi, men onuň öz elinden iýsedim» diýdi.
7 Dawut: «Dogany Amnonyň öýüne barsyn-da, oňa nahar taýýarlasyn» diýip, Tamaryň yzyndan adam iberdi.
8 Tamar doganynyň öýüne bardy. Amnon düşekde ýatyrdy. Tamar hamyr ýugrup, ony ýaýdy, doganynyň ýanynda tagamly kökeler bişirdi.
9 Kökeleri tabaga saldy-da, getirip, onuň öňünde goýdy, ýöne ol iýmedi. Amnon: «Ýanymdakylaryň ählisi çyksyn» diýdi. Hemmeler onuň ýanyndan çykdylar.
10 Şonda Amnon Tamara: «Kökeleri ýatjak jaýyma elt, men ony öz eliňden iýjek» diýdi. Tamar bişiren tagamly kökelerini dogany Amnonyň ýatjak jaýyna alyp bardy.
11 Tamar kökeleri onuň ýanyna alyp gelende, Amnon oňa ýapyşyp: «Uýam, gel, bile ýataly-la!» diýdi.
12 Tamar oňa şeýle diýdi: «Ýok, dogan, namysyma degme! Ysraýylda munuň ýaly zat görlen däldir. Beýle nejis iş etme!
13 Beýle masgaraçylykdan soň men nirä giderin?! Senem Ysraýylyň binamyslarynyň biri bolup galarsyň. Gowusy, git-de, patyşa bilen gepleş. Ol meni senden gaýgyrmaz».
14 Ýöne Amnon oňa gulak asmagam islemän, ondan güýçli bolansoň, ony zorlady.
15 Şondan soň onda Tamara bolan güýçli ýigrenç döredi. Bu ýigrenç onuň öňki yşk heserinden-de has güýçlüdi. Amnon oňa: «Çyk!» diýdi.
16 Emma Tamar: «Ýok, dogan, kowmak bilen maňa edýän bu ýamanlygyň öňki eden ýamanlygyňdan hem uludyr» diýdi. Emma Amnon oňa gulak asmady.
17 Ol hyzmatkär ýigidini çagyryp: «Şu aýaly öýden çykar-da, gapyny ýap» diýdi.
18 Hyzmatkär ony öýden çykaryp, gapyny ýapdy. (Tamaryň egninde ýeňli uzyn köýnegi bardy. Ir döwürlerde şalaryň ýetişen gyzlary şeýle geýner ekenler.)
19 Tamar başyndan kül sowrup, egnindäki köýneginiň ýakasyny ýyrtdy. Elleri bilen başyny tutup, ýolboýy möňňürip aglap gitdi.
20 Dogany Abşalom oňa: «Saňa doganyň Amnon el urdumy? Häzirlikçe sesiňi çykarma, uýam, ol seniň doganyň. Munuň üçin özüňi horlama» diýdi. Şeýdip, Tamar dogany Abşalomyň öýünde ýalňyz ýaşaberdi.
21 Bolan işi eşidende, Dawut patyşanyň juda gahary geldi.
22 Uýasynyň namysyna degendigi üçin, Abşalom Amnony ýigrenýärdi. Ýöne ol Amnona ýagşydan-ýamandan hiç zat diýenokdy.
23 Iki ýyldan soň Abşalom Efraýyma golaý bolan Bagalhasorda goýun gyrkdyrýardy. Ol patyşanyň ähli ogullaryny şol ýere çagyrdy.
24 Abşalom patyşanyň ýanyna gelip: «Guluň häzir goýun gyrkdyrýar. Özüňiz hem-de adamlaryňyz men guluň bilen bile gidäýseňiz» diýdi.
25 Emma patyşa oňa: «Ýok, oglum, hemmämiz gitmäli; biz saňa ýük bolarys» diýdi. Abşalom hernäçe ýalbarsa-da, Dawut gitmäge razy bolmady, ýöne oňa ak pata berdi.
26 Abşalom oňa: «Bolmasa, doganym Amnon gidäýsin» diýdi. Patyşa oňa: «Näme üçin ol seniň bilen gitmeli?» diýip sorady.
27 Emma Abşalom ýalbaryp, Amnony we beýleki ähli ogullaryny özi bilen ibermäge patyşany razy etdi.
28 Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“ diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!».
29 Abşalomyň adamlary Amnony buýrulyşy ýaly etdiler. Şanyň beýleki ogullary bolsa öz gatyrlaryna münüp gaçdylar.
30 Olar entek ýoldakalar, Dawuda: «Abşalom seniň ogullaryňyň ýekesini-de goýman, baryny öldüripdir» diýip habar berdiler.
31 Patyşa turup, ýakasyny ýyrtyp, ýer bagyrtlady. Onuň ýanyndaky adamlary-da ýakalaryny ýyrtdylar.
32 Emma Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonadap: «Şa hezretleri: „Ogullarymyň baryndan dyndarypdyrlar“ diýip pikir etmesin. Öldürilen diňe Amnon. Bu Amnonyň öz uýasy Tamaryň namysyna degen gününden bäri Abşalomyň ýüregine düwen niýetidi.
33 Şoňa görä, goý, şa hezretleri ogullarynyň ählisi ölen ýaly bolup, özüni horlap oturmasyn. Diňe Amnon öldi» diýdi.
34 Abşalom gaçyp gidipdi. Dag tarapdaky Horonaýym ýolundan bir topar adamyň gelýändigine gözegçi nökeriň gözi düşdi.
35 Ýonadap patyşa: «Hanha, seret, guluňyň aýdyşy ýaly, ogullaryň gelýär» diýip,
36 sözüni soňlap-soňlamanka, şanyň ogullary gelip ýetdiler. Olar ses edip aglaşdylar. Patyşa bilen onuň adamlary-da gözýaş döküp aglaşdylar.
37 Abşalom gaçyp, Geşur patyşasy Ammyhudyň ogly Talmaýyň ýanyna gitdi. Dawut bolsa uzak wagtlap oglunyň ýasyny tutdy.
38 Geşura gaçyp baran Abşalom ol ýerde üç ýyl ýaşady.
39 Amnonyň ölüminden soň, köp wagtyň geçmegi bilen Dawut patyşa köşeşdi, ol indi Abşalomy yzarlajak hem bolmady.




Chapter 14

1 Patyşanyň Abşalom hakda pikir etmesini goýup bilmeýändigine Seruýanyň ogly Ýowap göz ýetirdi.
2 Ýowap Tekowa galasyna adam iberip, ol ýerden bir dana aýaly getirtdi. Ýowap aýala: «Ýas lybasyna girersiň-de, ýas tutýan kişi bolarsyň; atyr sepinmersiň, özüňi esli wagtdan bäri bir merhumyň ýasyny tutýan ýaly alyp bararsyň;
3 patyşanyň ýanyna baryp, meniň diýenlerimi oňa aýdarsyň» diýip, aýtmaly sözlerini onuň agzyna salyp berdi.
4 Tekowaly aýal patyşanyň huzuryna bardy-da, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym edip: «Kömek ediň, eý, şahym!» diýdi.
5 Patyşa: «Näme boldy?» diýip sorady. Aýal şeýle diýdi: «Wah, men bir äri ölen dul aýal.
6 Gyrnagyňyzyň iki sany ogly bardy. Bir gün olar meýdanda urşupdyrlar. Ol ýerde olary aralamaga adam bolmansoň, biri beýlekisini urup öldüripdir.
7 Indi tutuş tire gyrnagyňyza garşy çykyp: „Doganyny öldüreni biziň elimize ber, onuň özüni-de öldürip, ondan doganynyň ganyny aljak. Şeýdip, biz mirasdary-da öldürjek“ diýýärler. Şeýdip, olar ojagymyň galanja oduny-da söndürip, ýer ýüzünde adamymdan nam-nyşan galdyrmajak bolýarlar».
8 Patyşa aýala: «Bolýar, gidiber, men sen hakda perman bererin» diýdi.
9 Tekowaly aýal patyşa ýüzlenip: «Eý, şa hezretleri, günäsi meniň hem-de atamyň nesliniň boýnuna. Goý, şa hem-de onuň tagty günäden azat bolsun» diýdi.
10 Patyşa: «Eger biri bir zat diýäýse, meniň ýanyma alyp gel, hiç zat diýmez ýaly ederin» diýdi.
11 Aýal: «Goý, şa hezretleri öz Hudaýy Rebden ant içsin we öldürileniň hossary mundan beýläk adam öldürmesin, meniň oglumam diri galsyn» diýdi. Patyşa: «Rebden ant içýärin, ogluňa barmagyny batyran adam bolmaz» diýdi.
12 Aýal: «Ygtyýar etseňiz, şa hezretlerine gyrnagyňyzyň bir sözi bar» diýdi. Patyşa: «Aýt!» diýdi.
13 Aýal şeýle diýdi: «Onda näme üçin Hudaýyň halkyna garşy beýle işleri küýüňe getirýäň? Şanyň bu aýdýanlary onuň özüni ýazgarýar, sebäbi siz kowan adamyňyzy gaýtaryp getirmeýärsiňiz.
14 Dökülip, topraga siňip giden suw ýaly, ählimiz dünýäden öteris. Ýöne Hudaý jany almaz. Ol kowlanlary Özünden uzaklaşdyrmazlygyň alajyny tapýar.
15 Adamlar meni gorkuzansoň, şa hezretlerine şulary aýtmak üçin geldim. Men gyrnagyň: „Patyşa ýetireýin, belki, ol gyrnagynyň dilegini bitirer,
16 meni diňlär hem-de öz gyrnagyny we onuň ogluny Hudaýyň halkyna beren mülkünden mahrum etjek bolýanlaryň elinden halas eder,
17 şa hezretleriniň sözi meni köşeşdirer“ diýip pikir etdim. Sebäbi ol Hudaýyň perişdesi ýaly, ýagşyny-ýamany seljerýär. Goý, Hudaýyň Reb seniň bilen bolsun!»
18 Patyşa aýala bakyp: «Bir zat sorajak, ýöne menden hiç zat ýaşyrma!» diýdi. Aýal: «Aýdyberiň, şa hezretleri!» diýdi.
19 Patyşa: «Şu işlerde Ýowabyň eli-hä ýokdur-da?!» diýdi. Aýal: «Şa hezretleriniň ömri uzak bolsun! Patyşanyň aýdan zadyndan hiç kim saga-sola sowlup bilmez. Hut şa hezretleriniň aýdyşy ýaly, gyrnagyňy Ýowap iberdi we aýtmaly sözleriniň ählisini gyrnagyňyň agzyna ol salyp iberdi.
20 Guluň Ýowap muny ýagdaýy üýtgetmek üçin etdi. Ýöne şa hezretleri Hudaýyň perişdesi ýaly danadyr; ol ýer ýüzünde bolup geçýän ähli işleri bilýär» diýip jogap berdi.
21 Şondan soň patyşa Ýowaba: «Bolýar, men razy; bar, ýaş ýigidi – Abşalomy yzyna getir» diýdi.
22 Ýowap ýere ýüzin düşüp tagzym etdi we patyşa alkyş aýtdy. Soňra ol patyşa: «Eý, şa hezretleri, öz islegini berjaý edendigiňize görä, siziň nazaryňyzda rehim-şepagat tapandygyny men guluňyz bilýär» diýdi.
23 Şondan soň Ýowap Geşura gidip, Abşalomy Iýerusalime getirdi.
24 Patyşa: «Goý, ol öz öýüne gitsin, meniň gözüme görünmesin» diýdi. Şeýdip, Abşalom patyşanyň gözüne görünmän, öz öýüne gitdi.
25 Görmegeýlikde Abşalom ýaly magtalýan adam tutuş Ysraýylda ýokdy. Depesinden dyrnagyna çenli onuň ýekeje-de kemi ýokdy.
26 Saçyny gyrkyp, (kellesine agram salýandygy üçin, ol her ýylyň ahyrynda saçyny gyrkardy) şanyň terezisi bilen onuň saçynyň agramy çekilip görlende, ol bäş ýüz mysgala ýeterdi.
27 Abşalomyň üç ogly bilen Tamar atly bir gyzy bardy. Tamar juda görmegeý boý gyzdy.
28 Abşalom Iýerusalimde iki ýyl ýaşady, ýöne şu döwrüň içinde ol ýeke gezegem patyşanyň gözüne görünmedi.
29 Ahyrsoňy Abşalom patyşanyň ýanyna ibermek üçin, Ýowaby öz ýanyna çagyrdy. Emma Ýowap gelmedi. Ol ikinji ýola onuň yzyndan adam iberdi, ýöne Ýowap bu gezek hem gelmedi.
30 Şondan soň Abşalom hyzmatkärlerine: «Ine, Ýowabyň ekin meýdany meniňki bilen ýanaşyk; onuň ol ýerde arpasy bar. Gidiň-de, şony otlaň» diýdi. Hyzmatkärler gidip, onuň ekin meýdanyny otladylar.
31 Ýowap Abşalomyň öýüne baryp, oňa: «Näme üçin hyzmatkärleriň meniň ekin meýdanymy otlapdyrlar?» diýdi.
32 Abşalom oňa şeýle jogap berdi: «Gelsin diýip, yzyňdan adam iberdim. „Meni Geşurdan näme üçin getirdiň? Ol ýerden gaýtmadyk bolsam, mundan gowy bolardy“ diýip aýtdyrmak üçin, seni patyşanyň ýanyna iberjekdim. Men häzir patyşanyň ýanyna gideýin. Eger günäkär hasaplasa, onda, goý, ol meni öldüräýsin!».
33 Şondan soň Ýowap patyşanyň ýanyna gidip, Abşalomyň sözlerini oňa ýetirdi. Patyşa Abşalomy çagyrdy. Ol patyşanyň huzuryna gelip, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym etdi. Patyşa Abşalomy ogşady.




Chapter 15

1 Şondan soň Abşalom bir söweş arabasyny, atlary hem-de öz öňünden ýörär ýaly elli adam taýýarlady.
2 Abşalom daň bilen turup, galanyň derwezesiniň golaýynda durardy. Eger kimdir biri haýsydyr bir dawany çözmek üçin, patyşanyň huzuryna barmak islese, Abşalom ony ýanyna çagyryp: «Haýsy galadan bolarsyň?» diýip sorardy. Gelen: «Guluň Ysraýylyň pylan tiresinden» diýerdi.
3 Abşalom: «Sen mamla, aýdýanyň hak, ýöne şanyň ýanynda seni diňläre adam ýok» diýip jogap bererdi.
4 Ol: «Ýurda diňe özüm häkim bolsadym! Men dawaly mesele bilen ýa-da başga bir iş bilen ýanyma gelenleriň ählisiniň işine adalatly serederdim» diýerdi.
5 Şeýle hem kimdir biri oňa tagzym etmek üçin golaýlaşmak islese, elini uzadyp ony bagryna basardy-da, ogşardy.
6 Abşalom höküm üçin şanyň ýanyna gelen her bir ysraýylly bilen şeýle ederdi. Şeýdip, ol ysraýyl halkyna özüni aldyrdy.
7 Dört ýyldan soň Abşalom Dawut patyşa: «Rugsat berseň, Hebrona gidip, Rebbe eden kasamymy ýerine ýetireýin.
8 Men guluň Aram ýurdunyň Geşur galasynda ýaşaýarkam, „Eger Reb meni Iýerusalime gaýtaryp eltse, men Oňa Hebronda sežde ederin“ diýip kasam edipdim» diýdi.
9 Patyşa oňa: «Arkaýyn gidiber» diýdi. Şeýdip, ol Hebrona gitdi.
10 Emma ol: «Surnaý sesini eşiden badyňyza: „Abşalom Hebronda patyşa boldy!“ diýip yglan edersiňiz» diýen habar bilen Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyna gizlin çaparlar ýollady.
11 Iýerusalimden çagyrylan iki ýüz adam hem Abşalom bilen bile gitdi. Olar bolan işlerden bihabar bolansoň, ak göwün bilen Abşalomyň yzyna düşdüler.
12 Abşalom gurbanlyk berende, adam iberip, Dawudyň geňeşçisi giloly Ahytopeli çagyryp getirtdi. Güýçli dildüwşük boldy. Abşalomyň daşyna üýşýänleriň sany barha artýardy.
13 Bir çapar gelip: «Ysraýyllaryň ýüregi Abşaloma baglanypdyr» diýip, Dawuda habar berdi.
14 Dawut Iýerusalimde özi bilen bile bolan ähli adamlaryna: «Hany, boluň, gaçalyň! Ýogsam, bize Abşalomdan gutulma ýokdur. Howlukmasak, ol yzymyzdan ýetip, bizi tutar, başymyza bela getirer we galadakylary gylyçdan geçirer» diýdi.
15 Patyşanyň adamlary oňa: «Şa hezretleri näme islese, siziň gullaryňyz şoňa razy» diýdiler.
16 Şeýdip, patyşa tutuş maşgalasyny yzyna tirkäp, ýola çykdy. Ol on gyrnak aýalyny öýe seretmek üçin goýup gitdi.
17 Patyşa ähli adamlaryny alyp, ýola düşdi. Olar galanyň çetinde saklandylar.
18 Şanyň ähli adamlary onuň öňünden geçdiler. Ähli keretler, peletliler hem-de Gat galasyndan şanyň yzyna düşüp gaýdan alty ýüz adam onuň öňünden geçdiler.
19 Patyşa gatly Ytaýa şeýle diýdi: «Sen näme üçin bizden galman gelýärsiň? Yzyňa gaýt-da, täze patyşa bilen boluber. Sebäbi sen ýurdundan kowlan gelmişeksiň.
20 Seniň geleniň düýn dälmi, bu günem men seni özümiz bilen bile sergezdan edeýinmi? Onsoňam nirä barýanymy özümem bilemok. Sen gaýt, ildeşleriňi-de özüň bilen äkit. Reb size merhemet etsin hem wepalylyk görkezsin».
21 Emma Ytaý Dawut patyşa: «Rebden hem-de şa hezretlerinden ant içýärin; ha ölüm bolsun, ha ömür – parhy ýok, şa hezretleri nirede bolsa, guluňyz hem şol ýerde bolar» diýdi.
22 Dawut Ytaýa: «Bolýar, bar geç» diýdi. Ytaý ýanyndaky ähli adamlarydyr bala-çagalary bilen bilelikde geçdi.
23 Dawudyň adamlary geçip barýarka, tutuş ýurt nala çekip aglady. Patyşa tutuş goşuny bilen Kidron çaýyndan geçip, çöle tarap ýola düşdi.
24 Abýatar belende çykyp durdy, Sadok hem ähli lewiler bilen Hudaýyň Äht sandygyny göterip alyp barýardy. Adamlaryň bary galadan çykyp bolýança, olar Hudaýyň sandygyny ýerde goýdular.
25 Patyşa Sadoga şeýle diýdi: «Hudaýyň sandygyny yzyna gala äkit. Eger men Rebbiň nazarynda merhemet tapan bolsam, Ol meni ýene-de yzyma gaýtaryp getirer; sandygy hem onuň durýan ýerini görmek maňa ýene miýesser eder.
26 Emma Reb: „Men senden razy däl“ diýäýse, onda, ine, men; islänini edäýsin».
27 Patyşa Sadok ruhana şeýle diýdi: «Sen öňden görüjisiň! Ogluň Ahymagasy hem-de Abýataryň ogly Ýonatany ýanyňa al-da, Abýatar bilen bile sag-salamat gala gaýt.
28 Sizden bir habar alýançam, çölde – derýanyň saý ýerinde garaşaryn».
29 Şeýdip, Sadok bilen Abýatar Hudaýyň sandygyny göterip, yzyna Iýerusalime äkitdiler we özleri hem şol ýerde galdylar.
30 Dawut aglap-eňräp Zeýtun dagyna çykdy. Başynda örtügi bardy, aýaklary ýalaňaçdy. Onuň ýanyndakylaryň-da ählisiniň başlary örtülgidi, gidip baryşlaryna olaram aglaýardylar.
31 «Ahytopel Abşalomyň ýanynda – dildüwşüge gatnaşanlaryň arasynda» diýip, Dawuda habar berdiler. Dawut: «Ýa Reb, Ahytopeliň maslahatlaryny puja çykarmagyňy dileýärin» diýdi.
32 Dawut Hudaýa sežde edilýän belentligiň üstüne çykanda, onuň bilen duşuşmak üçin arky urugyndan ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran Huşaý diýen adam geldi.
33 Dawut oňa şeýle diýdi: «Eger meniň bilen bile gitseň, maňa ýük bolarsyň.
34 Sen gowusy gala git-de, Abşalomyň ýanyna baryp, kakasyna hyzmat edişiň ýaly, oňa-da hyzmat etjekdigiňi aýt. Şeýtseň, Ahytopeliň men babatdaky maslahatyny puja çykaryp bilersiň.
35 Ruhanylar Sadok bilen Abýatar hem şol ýerde seniň ýanyňda bolarlar. Şa köşgünden eşidenleriňi şolara aýdarsyň.
36 Sadogyň ogly Ahymagas bilen Abýataryň ogly Ýonatan hem şol ýerdedir. Şolaryň üsti bilen alan maglumatlaryňy maňa ýetirersiň».
37 Şeýdip, Dawudyň dosty Huşaý Iýerusalime geldi. Şol wagt Abşalom gala girip barýardy.




Chapter 16

1 Dawut belentlikden biraz daşlaşanda, Mepiboşediň hyzmatkäri Siba goşa eşeklere iki ýüz çörek, ýüz goşawuç kişmiş, ýüz goşawuç injir we bir meşik şerap ýükläp, Dawudyň öňünden çykdy.
2 Dawut patyşa oňa: «Bu zatlary näme üçin getirdiň?» diýdi. Siba: «Eşekler-ä patyşanyň maşgalasyna ulag bolar, çöreklerdir ir-iýmişler ýigitlere iýmit bolar, şeraby bolsa çöldäki argyn adamlar içerler» diýip jogap berdi.
3 Dawut: «Jenabyňyň agtygy nirede?» diýip sorady. Siba: «Ol Iýerusalimde. Ol: „Ysraýyl halky şu gün atamyň şalygyny maňa gaýtaryp bermeli“ diýýär» diýdi.
4 Dawut patyşa: «Mepiboşediň ähli zady indi seniňki» diýdi. Siba: «Saňa tagzym! Özüňiz merhemet ediň, eý, şa hezretleri!» diýdi.
5 Dawut patyşa Bahuryma gelende, Şawulyň garyndaşlaryndan Geranyň ogly Şimgi diýen adam ol ýerden çykdy. Ol gidip barşyna Dawuda sögünýärdi.
6 Şimgi Dawutdyr onuň nökerlerini daşlady. Ähli esgerleri hem patyşanyň janpenalary Dawudyň sagynda hem solunda durdular.
7 Şimgi: «Güm bol! Güm bol! Ganhor, deýýus!
8 Ýerine şa bolan adamyň Şawulyň garyndaşlarynyň tutuş ganyny Reb senden aldy. Ol şalygy ogluň Abşaloma berdi. Görýäňmi, öz pisligiňiň pidasy bolduň, sebäbi sen ganhor» diýip garganýardy.
9 Seruýanyň ogly Abyşaý patyşa garap: «Bu itiň maslygy näme üçin şa hezretlerine gargap dur? Ygtyýar beriň, kellesini aglaýyn» diýdi.
10 Patyşa bolsa: «Seruýanyň ogullary, bu siziň işiňiz däl, ol gargaýan bolsa, diýmek, Reb oňa „Dawuda garga“ diýendir. Şeýle bolsa, onuň edenine däl diýip biljek barmy?» diýdi.
11 Soňra Dawut Abyşaýa hem-de ähli adamlaryna: «Öz bilimden önen oglum kastyma çykansoň, bu benýaminden näme gowulyga garaşýaňyz?! Goý, gargasa gargabersin, oňa degmäň, sebäbi bu Rebbiň emridir.
12 Belki, Reb çekýän ezýetimi görüp, şu günki gargyşyň ýerine maňa bähbitlisini eder» diýdi.
13 Şeýdip, Dawut adamlary bilen öz ugruna gitdi. Baýryň etegi bilen, Dawudyň deňinden barýan Şimgi oňa gargaýardy, ony daşlaýardy, kesekleýärdi.
14 Patyşa bilen onuň ýanyndaky ýadap surnugan goşun Iordan derýasyna gelip, ol ýerde dynç aldylar.
15 Abşalom bilen tutuş ysraýyl halky Iýerusalime geldiler; Ahytopel hem olaryň ýanyndady.
16 Dawudyň dosty arky urugyndan bolan Huşaý Abşalomyň ýanyna baryp: «Patyşanyň ömri uzak bolsun! Patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi.
17 Abşalom oňa: «Dostuňa wepalylygyň şumy seniň? Näme üçin dostuň bilen gitmediň?» diýdi.
18 Huşaý: «Ýok, Rebbiň we şu adamlaryň, hem-de tutuş Ysraýylyň saýlan adamynyň tarapynda boljak, şonuň ýanynda galjak.
19 Üstesine-de, men kime hyzmat etmeli? Onuň ogluna dälmi? Kakaňa nähili hyzmat eden bolsam, saňa-da şonuň ýaly hyzmat ederin» diýdi.
20 Abşalom Ahytopele ýüzlenip: «Hany, maslahat beriň, biz näme etmeli?» diýdi.
21 Ahytopel: «Kakaňyň öýe seretmek üçin goýup giden gyrnak aýallary bilen ýat. Şeýtseň, özüňi kakaňa duşman edendigiňi tutuş Ysraýyl eşider we seniň tarapyňdakylaryň goluna kuwwat berer» diýdi.
22 Şeýlelikde, üçegiň ýokarsynda Abşalom üçin çadyr gurdular. Abşalom bütin Ysraýylyň gözüniň alnynda kakasynyň gyrnak aýallarynyň ýanyna girdi.
23 Şol döwürde Ahytopeliň berýän maslahaty Hudaýdan soralan maslahat hasap edilerdi. Ahytopeliň ähli maslahaty Dawut bilen Abşalomyň ikisi üçinem şeýledi.




Chapter 17

1 Ahytopel Abşaloma şeýle diýdi: «Ygtyýar et, on iki müň adamy saýlaýyn-da, şu gije Dawudyň yzyndan kowalaýyn.
2 Ýadap gurbatdan düşen wagty men onuň üstüne çozup, ony howsala salaýyn. Ýanyndaky ähli goşun gaçar, men diňe patyşanyň özüni öldürerin.
3 Ýaş gelniň öz adamsynyň öýüne gelşi ýaly, ähli halkyň saňa tarap öwrülmegi üçin, seniň şol ideýän adamyň öldürilmegi wajypdyr. Şonda bütin halk parahatçylykda bolar».
4 Maslahat Abşaloma-da, Ysraýylyň ähli ýaşulularyna-da ýarady.
5 Abşalom: «Arky urugyndan bolan Huşaýy-da çagyr, onam diňläli, näme diýýär» diýdi.
6 Huşaý gelende, Abşalom oňa: «Ahytopeliň maslahat-a, ine, şeýle. Şonuň diýeni bilen bolubermelimi ýa özüň bir maslahat berýäňmi?» diýdi.
7 Huşaý: «Ahytopeliň bu gezekki beren maslahaty gowy maslahat däl» diýip,
8 ýene sözüni dowam etdi: «Kakaňyň hem-de onuň adamlarynyň batyr ýigitlerdigini bilýänsiň. Olar sährada çagasyny elinden aldyran aýy ýaly ýowuz boldular. Üstesine-de, ataň tejribeli urşujydyr. Ol gijäni goşunyň arasynda geçirmez.
9 Häzir ol bir gowakda ýa-da başga bir ýerde gizlenendir. Ilkinji hüjümde biziňkilerden öleni bolaýsa, onda ony eşidenler: „Abşalomyň yzyna düşenler gyrlypdyr“ diýerler.
10 Şonda arslan ýürek gaýduwsyz batyram gorkudan ýaňa pagyş-para erär, sebäbi kakaňyň batyr ýigitdigini, onuň ýanyndakylaryň-da gaýduwsyzdygyny tutuş Ysraýyl bilýär.
11 Şoňa görä meniň maslahatym şeýle: Dandan Beýerşeba çenli ähli ysraýyllar deňiz kenarynyň çägeleriçe köplükde seniň ýanyňa toplansyn. Söweşde olara özüň baştutanlyk et.
12 Biz ony nirede bolsa-da tapyp, ýere çyg düşüşi ýaly bolup, onuň üstüne dökülmelidiris. Şonda onuň ne özi aman galar, ne-de ýanyndakylar.
13 Eger-de ol gala tarap çekiläýse, onda ähli ysraýyllar ýüp getirerler we ol ýeriň iň soňky çaglyna çenli, galany jülgä çekeris».
14 Abşalom bilen ähli ysraýyllar: «Arky urugyndan bolan Huşaýyň maslahaty Ahytopeliň maslahatyndan gowy» diýdiler. Sebäbi Reb Abşalomy heläkçilige duçar etmek üçin, Ahytopeliň oňat maslahatyny puja çykarmak kararyna gelipdi.
15 Huşaý ruhanylar Sadok bilen Abýatara şeýle diýdi: «Abşaloma hem-de ysraýyl ýaşulularyna Ahytopel şeýle maslahat berdi, men hem beýle maslahat berdim.
16 Indi haýal etmän, adam iberiň-de, Dawuda şu habary ýetiriň: „Şu gije çölde – derýanyň saý ýerinde galman, aňry tarapa geçmese, patyşanyň özi-de, ýanyndaky tutuş goşun-da heläk bolar“».
17 Göze ilmezlik üçin gala girip bilmeýändiklerine görä, Ýonatan bilen Ahymagas Enrogelde garaşýardylar. Bir gyrnak gelip, olara habar berýärdi, olar bolsa gidip, Dawuda aýdýardylar.
18 Emma bir gezek bir ýetginjek olary görüp, Abşaloma habar berdi. Ýonatan bilen Ahymagas haýal etmän gidip, Bahurymda biriniň öýüne bardylar. Şol adamyň howlusynda bir guýusy bardy; olar şol guýynyň içine girdiler.
19 Hojaýynyň aýaly guýynyň agzyny örtgi bilen örtdi-de, üstüne däne serdi; ol ýerde hiç zat bilner ýaly bolmady.
20 Abşalomyň adamlary ol aýalyň öýüne gelip, ondan Ahymagas bilen Ýonatanyň nirededigini soradylar. Aýal olara: «Olar arykdan geçdiler» diýip jogap berdi. Gözleýänler ol ikisini gözläp tapmandan soň, Iýerusalime dolandylar.
21 Ýaňkylar gidenden soň, ol ikisi guýudan çykyp gitdiler-de, Dawut patyşany habardar etdiler. Olar Ahytopeliň Dawudyň garşysyna eden maslahatyny aýdyp, Dawuda: «Bol, basymrak, suwdan geçip, ötägit» diýdiler.
22 Şondan soň Dawut bilen onuň ýanyndaky goşun Iordan derýasyndan geçdiler. Daň saz berýänçä, olar derýadan doly geçip gutardylar.
23 Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.
24 Abşalom Ysraýylyň ähli adamlaryny ýanyna alyp, Iordan derýasyndan geçende, Dawut Mahanaýyma barypdy.
25 Abşalom Amasany Ýowabyň ýerine goşunbaşy edip goýdy. Amasa Ýytra diýen bir ysraýylyň ogludy. Ýytra Ýowabyň ejesi, Seruýanyň aýal dogany, Nahaşyň gyzy Abygaýyla öýlenipdi.
26 Ysraýyllar bilen Abşalom Gilgatda düşlediler.
27 Dawut Mahanaýyma baranda, ammonlaryň Raba galasyndan Nahaşyň ogly Şoby, lodebarly Emiýeliň ogly Makyr, Rogelimden gilgatly Barzyllaý dagy
28 Dawut bilen onuň ýanyndaky adamlaryna ýorgan-düşek, gap-çanak, toýun gaplar, hurşluk üçin bugdaý, arpa, un, gowurga, noýba, mäş,
29 bal, süzme, goýun etini, sygyr süýdünden edilen peýnir getirdiler. Sebäbi olar goşunyň çölde aç-suwsuz hem ýadawdygyny aýdypdylar.




Chapter 18

1 Dawut ýanyndaky adamlary toplap, olary gözden geçirdi, olara ýüzbaşylardyr müňbaşylar belledi.
2 Ol goşuny üç topara böldi: bir topara Ýowap, bir topara Seruýanyň ogly, Ýowabyň dogany Abyşaý, üçünji topara bolsa gatly Ytaý baştutanlyk edýärdi. Patyşa özüniň hem olaryň ýanlarynda boljakdygyny olara aýtdy.
3 Emma halk oňa: «Ýok, sen gitme, sebäbi eger biz gaçaýsak, olar bize ähmiýet bermezler. Ýarymyz gyrylaýanda-da, olar bize üns berip durmazlar. Sen biziň on müňümize barabarsyň, bize galadan kömek etseň, has gowy bolar» diýdi.
4 Patyşa olara: «Siz nämäni isleseňiz, şony ederin» diýdi. Patyşa derwezäniň ýanynda durdy; tutuş goşun ýüz-ýüzden, müň-müňden düzülip, galadan çykdy.
5 «Meniň hatyrama ýaş ýigit Abşalomy gorap saklaň» diýip, patyşa Ýowaba, Abyşaýa hem-de Ytaýa buýruk berdi. Abşalom barada şanyň baştutanlaryna beren bu buýrugyny bütin goşun eşitdi.
6 Goşun Ysraýyl bilen uruşmak üçin meýdana çykdy. Söweş Efraýym tokaýynda boldy.
7 Ysraýyllar Dawudyň adamlaryndan ýeňildiler. Şol gün uly gyrgynçylyk bolup, ýigrimi müň adam gyryldy.
8 Söweş ýurduň ähli ýerini gurşap aldy. Ol gün tokaý sebäpli ölenler gylyçdan ölenlerden köp boldy.
9 Abşalom Dawudyň adamlaryna duýdansyz sataşdy. Ol gatyr münüp gelýärdi. Gatyr uly bir dub agajynyň aşagyndan geçende, Abşalomyň kellesi agajyň şahalaryna ilişdi. Ol ýer bilen gögüň arasynda asylyp galdy, gatyr onuň aşagyndan sypyp gitdi.
10 Bir adam ony görüp: «Abşalom dub agajyndan asylyp galypdyr» diýip, Ýowaba habar berdi.
11 Ýowap oňa: «Gören bolsaň, näme üçin ony şol ýeriň özünde urup ýere ýazmadyň? Meniň özüm saňa on kümüş teňňe bilen bir kemer bererdim» diýdi.
12 Emma ol adam Ýowaba şeýle diýdi: «Müň kümüş berselerem, patyşanyň ogluna el galdyrmazdym, sebäbi patyşa: „Meniň hatyrama ýaş ýigit Abşalomy goraň“ diýip, saňa, Abyşaýa hem-de Ytaýa buýruk berendigini öz gulagymyz bilen eşitdik.
13 Ikinji bir tarapdan, eger men haýynlyk edip, ony öldüren bolsam, (patyşadan ýaşyryn galjak zat barmy?), onda seniň özüňem meni ýazgarardyň».
14 Ýowap: «Men seniň bilen beýdip, wagt ýitirip durup bilmerin» diýdi-de, üç sany naýza alyp, heniz dubda sallanyp duran diri Abşalomyň ýüreginden geçirdi.
15 Ýowabyň ýaragyny göterýän on nökeri Abşalomy ara alyp, urup öldürdi.
16 Ýowap adamlaryny söweşden saklamak üçin, surnaý çaldy. Onuň adamlary ysraýyllary kowalamaklaryny bes edip gaýdyp geldiler.
17 Soňra Abşalomyň jesedini alyp, tokaýdaky çuň garyma taşladylar we üstüne ullakan edip, daş üýşürdiler. Ysraýyllaryň ählisi dargaşyp, öýli-öýüne gaçyp gitdiler.
18 Abşalom: «Meniň adymy ýatladar ýaly yzymda galjak oglum ýok» diýip, heniz dirikä, Patyşa jülgesinde özi üçin bir sütün dikipdi we oňa öz adyny dakypdy. (Oňa häzir hem Abşalomyň ýadygärligi diýilýär.)
19 Sadogyň ogly Ahymagas: «Ylgaýyn-da, Rebbiň patyşany duşmanlarynyň elinden halas edendigini oňa buşlaýyn» diýdi.
20 Ýowap oňa: «Bu gün buşlamak gerek däl. Buşluk habary bu gün däl-de, başga bir gün äkidersiň, sebäbi şanyň ogly öldi» diýdi.
21 Ýowap efiopiýaly bir adama: «Bar, näme gören bolsaň, patyşa habar ber» diýdi. Efiopiýaly oňa tagzym etdi-de, ylgady.
22 Sadogyň ogly Ahymagas ýene Ýowaba: «Näme bolsa, şol bolsun, efiopiýalynyň yzyndan menem ylgaýyn» diýdi. Ýowap: «Sen näme üçin onuň yzyndan ylgajak, oglum?! Saňa buşlara zat ýog-a» diýdi.
23 Ol ýene: «Her niçigem bolsa, menem ylgaýyn» diýdi. Ýowap: «Bolýar, bar ylga!» diýdi. Ahymagas düzlük bilen ylgap, efiopiýalydan ozup geçdi.
24 Dawut şäher derwezesiniň içki hem daşky gapylarynyň arasynda otyrdy. Şol wagt gözegçi derwezehananyň ýokarsyna, diwara çykyp seretdi we kimdir biriniň ylgap gelýändigini gördi.
25 Gözegçi gygyryp, muny patyşa habar berdi. Patyşa: «Eger ol ýeke bolsa, buşluk getirýändir» diýdi. Ol barha golaýlaşýardy.
26 Soňra gözegçi ýene bir adamyň ylgap gelýändigini gördi. Ol: «Seret, ýene bir adam ylgap gelýär!» diýip, derwezebana gygyrdy. Patyşa: «Ol-da buşluk getirýändir» diýdi.
27 Gözegçi: «Öňden gelýäniň ylgaýşy Sadogyň ogly Ahymagasyň ylgaýşyna çalym edýär» diýdi. Patyşa: «Ol gowy adam, gowy habar bilen gelýändir» diýdi.
28 Ahymagas patyşa: «Sag-salamatlyk!» diýip gygyrdy. Soňra ol ýere ýüzin düşüp, patyşa tagzym edip: «Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun, Ol şa hezretlerine el galdyranyň almytyny berdi» diýdi.
29 Patyşa: «Ýaş ýigit – Abşalom sag-salamatmy?» diýdi. Ahymagas: «Ýowap guluňy iberende, bir galmagal-a bardy, ýöne onuň nämedigini bilmedim» diýdi.
30 Patyşa: «Bir gyra çekil-de, şol ýerde dur» diýdi. Ol bir gyra çekilip durdy.
31 Soňra efiopiýaly geldi. Ol: «Şa hezretleri, buşluk! Çünki garşyňa çykanlaryň hemmesiniň elinden Reb seni halas etdi» diýdi.
32 Patyşa oňa: «Ýigdekçe – Abşalom sag-salamatmy?» diýdi. Efiopiýaly: «Şa hezretleriniň duşmanlarynyň oňa zyýan ýetirmek üçin, garşysyna çykanlaryň ählisiniň başyna şol ýigidiň güni gelsin» diýdi.
33 Patyşa sandyr-sandyr edip, derwezäniň üstündäki otaga çykyp aglady. Ol gelýärkä: «Wah, oglum, Abşalom! Jan oglum! Eý, jan oglum, Abşalom! Seniň ýeriňe men ölen bolsam bolmaýarmy, wah, jan oglum, jan oglum!» diýip aglaýardy.




Chapter 19

1 «Patyşa Abşalom üçin aglap, onuň ýasyny tutýar» diýip, Ýowaba habar berdiler.
2 Ol günki ýeňiş tutuş goşun üçin ýasa öwrüldi. Sebäbi şol gün goşun patyşanyň öz ogly üçin hasrat çekýändigini eşitdi.
3 Şol gün Dawudyň esgerleri edil uruşdan gaçan ýaly bolşup, utanşyp ýuwaşlyk bilen gala girdiler.
4 Patyşa ýüzüni aşak salyp: «Wah, oglum, Abşalom! Jan oglum, jan oglum, Abşalom!» diýip, gaty sesi bilen möňňürip aglaýardy.
5 Ýowap patyşanyň öýüne gelip, oňa şeýle diýdi: «Sen bu gün özüňiň, ogul-gyzlaryňyň, aýallaryňdyr gyrnaklaryňyň janyny halas eden esgerleriňiň ýüzüni ýere saldyň.
6 Sebäbi özüňi ýigrenýänleri söýüp, özüňi söýýänleri ýigrendiň. Sen goşunbaşylaryňdyr esgerleriňiň özüň üçin hiç kimdigini bu gün ap-aýdyň etdiň. Eger-de Abşalom diri galyp, biziň ählimiz ölen bolsak, onda seniň şatlanjak ekeniňdigine men anyk göz ýetirdim.
7 Indi bar-da, öz adamlaryň bilen mylakatly gepleş, Rebden ant içýärin, eger gitmeseň, şu gije ýanyňda bir adamam galmaz. Bu bolsa seniň üçin ýaşlygyňdan tä häzire çenli gören ýamanlyklaryňyň baryndan beter bolar».
8 Patyşa turdy-da, derwezäniň agzyna baryp oturdy. Muny tutuş goşuna habar berdiler. Ähli goşun patyşanyň huzuryna geldi. Şol wagt ysraýyllaryň ählisi öz öýlerine gaçyp gitdiler.
9 Ysraýyl tireleriniň ählisi: «Dawut bizi duşmanlarymyzyň elinden we piliştlilerden halas etdi. Ol Abşalom zerarly ýurtdan gaçdy.
10 Başyna ýag çalyp, özümize patyşa goýan Abşalomymyz-a uruşda öldi. Indi patyşany yzyna getirmek barada näme üçin dil ýarmaýarsyňyz?» diýip, özara jedelleşýärdiler.
11 Dawut patyşa Ýahudanyň ýaşulularyna aýtmak üçin, Sadok bilen Abýatar ruhanydan şeýle habar iberdi: «Patyşany öýüne gaýtaryp getirmekde, soňa galasyňyz gelýärmi? Tutuş Ysraýylyň aýdanlary patyşa ýetdi.
12 Siz meniň garyndaşlarym, biz öz süýegiňden we teniňdendiris. Şonda-da patyşany öýüne gaýtaryp getirmekde, soňa galasyňyz gelýärmi?»
13 Amasa bolsa şu sözlerimi aýdyň: «Sen meniň öz süýegimden we tenimden dälmi näme? Eger şu pursatdan başlap, Ýowabyň ýerine meniň goşunbaşym bolmasaň, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan beterini görkezsin».
14 Şeýlelikde, Amasa bir adam ýaly edip, ýahudalaryň ählisiniň köňlüni özüne baglady. Olar: «Ähli adamlaryňam al-da, gel» diýip, patyşa habar ýolladylar.
15 Şeýdip, patyşa yzyna, Iordana dolanyp geldi. Ýahudalar ony garşylamak hem-de Iordan derýasyndan geçirmek üçin Gilgala geldiler.
16 Bahurymdan benýaminli Geranyň ogly Şimgi, Dawut patyşany garşylamak üçin, ýahudalar bilen howlugyşyp eňip gelýärdiler.
17 Onuň ýanynda Benýaminden müň adam bardy. Şawulyň maşgalasynyň hyzmatkäri Siba on bäş ogluny hem-de ýigrimi hyzmatkärini ýanyna alyp, patyşanyň öňünden Iordan derýasyndan geçdi.
18 Olar patyşanyň öý-içerisini geçirmek üçin we onuň huzurynda islän zadyny berjaý etmek üçin, derýanyň saý ýerinden geçdiler. Patyşa Iordan derýasyndan geçen badyna, Geranyň ogly Şimgi onuň öňünde tagzym edip,
19 şeýle diýdi: «Jenabym, meni günäli hasaplamaň we şa hezretleriniň Iýerusalimden çykan güni öz guluňyzyň eden ýamanlygyny ýatlamaň, ony göwnüňize almaň.
20 Sebäbi men guluňyz özümiň günäkärdigimi bilýärin. Şoňa görä-de, men şu gün Ýusubyň nesillerinden ilkinji bolup, siz şa hezretlerini garşylamaga geldim».
21 Seruýanyň ogly Abyşaý: «Näme üçin Şimgi öldürilmeli däl, ol Rebbiň seçip saýlanyna gargady ahyryn» diýdi.
22 Emma Dawut şeýle diýdi: «Eý, Seruýanyň ogullary, bu günki gün meniň bilen duşman bolar ýaly, biziň aramyzda näme bar? Men bu gün özümiň Ysraýylyň şasydygymy bilmeýärinmi näme? Bu gün Ysraýylda hiç kim öldürilmez».
23 Patyşa ant içip, Şimgä: «Sen ölmersiň» diýdi.
24 Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudy garşylamaga geldi. Patyşanyň giden gününden tä ol sag-salamat dolanyp gelýänçä, ol öz aýaklaryny-da, geýimlerini-de ýuwmandy, sakgalyny hem bejermändi.
25 Ol patyşany garşylamak üçin Iýerusalimden gelende, patyşa oňa: «Mepiboşet, sen näme üçin meniň bilen gitmediň?» diýdi.
26 Ol şeýle jogap berdi: «Eý, şa hezretleri, meni hyzmatkärim aldady. Men oňa: „Eşegi gaňňalaýyn-da, oňa münüp, patyşa bilen gideýin“ diýdim, sebäbi men guluň agsak.
27 Emma ol siz şa hezretleriniň ýanynda men guluňyza töhmet atdy. Emma şa hezretleri meniň üçin Hudaýyň perişdesi ýalydyr. Indi näme ederin diýseňiz, ine, men.
28 Kakamyň ähli garyndaşlary şa hezretleriniň öňünde öldürilmäge degişli bolup durka, men guluňyzy öz saçagyňyzyň başyndakylaryň arasynda oturtdyňyz. Şondan soň patyşa şikaýat etmäge näme hakym bar?»
29 Patyşa oňa: «Öz ýagdaýlaryň hakynda gürlemegiň hajaty ýok. Men saňa we Siba ýeri paýlaşmagy buýruk berýärin» diýdi.
30 Mepiboşet patyşa: «Şa hezretleriniň sag-salamat öýüne gelendigine görä, goý, hemmesini ol alsyn» diýdi.
31 Gilgatly Barzyllaý Rogelim galasyndan geldi. Ol Iordan derýasyndan patyşa bilen bile geçip, ony ugradyp barýardy.
32 Ol juda garrydy – segsen ýaşyndady. Patyşa Mahanaýymda bolanda, Barzyllaý ony iýmit bilen üpjün edipdi, çünki ol juda gurply adamdy.
33 Patyşa Barzyllaýa: «Meniň bilen gidiber, Iýerusalimde iýip-içjegiňi özüm alada ederin» diýdi.
34 Emma Barzyllaý patyşa şeýle diýdi: «Patyşa bilen Iýerusalime gider ýaly, meniň ömrümiň ýene näçe ýyly galdyka?
35 Häzir men segsen ýaşymda, ýagşyny-ýamany saýgaryp bilemok. Men guluň öz iýip-içýän zatlarymyň tagamyny-da bilemok. Erkeg-u aýal bagşylaryň seslerini eşidip bilemok. Şeýle bolsa, näme üçin men guluň şa hezretlerine ýük bolsun?!
36 Guluň bolan men patyşa bilen diňe biraz ýol ýöräp, ony Iordan derýasyndan geçirmek isleýärin. Patyşa näme üçin meni beýle sylaglamaly?
37 Men guluň yzyma gaýdyp, öz galamda, kakamyň, ejemiň guburlarynyň golaýynda öleýin. Ýöne, ine, şu ýerde guluň Kimham bar. Şa hezretleri bilen, goý, ol gidäýsin. Senem gownüňe jaý bolan zady onuň üçin et» diýdi.
38 Patyşa oňa: «Kimham meniň bilen gider, men hem onuň üçin seniň islän zadyňy ederin, hawa, ähli islän zadyňy men seniň üçin ederin» diýdi.
39 Tutuş goşun Iordan derýasyndan geçdi, patyşa-da geçdi. Ol Barzyllaýy ogşap, oňa pata berdi; Barzyllaý öz öýüne gaýtdy.
40 Patyşa Gilgala tarap ýola düşdi, Kimham hem onuň bilen bile gitdi. Tutuş ýahuda halky we ysraýyl halkynyň ýarysy patyşany ugratdy.
41 Bütin Ysraýylyň halky patyşanyň ýanyna gelip, oňa: «Näme üçin garyndaşlarymyz ýahudalar sizi ogurladylar we patyşany maşgalasy hem adamlary bilen bile Iordan derýasyndan geçirdiler?» diýdi.
42 Tutuş ýahudalar ysraýyllara: «Sebäbi patyşa biziň ýakyn garyndaşymyz. Näme üçin muňa gaharyňyz gelýär? Biz, heý, patyşanyň hasabyna bir zat iýdikmi ýa patyşa bize serpaý ýapdymy?» diýdiler.
43 Emma ysraýyllar ýahudalara: «Dawut patyşada paýymyz siziňkiden köpdür, on paýymyz bar. Şonda-da näme üçin bizi äsgermezlik etdiňiz? Patyşany yzyna getirmekde ilkinji söz biziňki bolmaly dälmi näme?» diýip jogap berdiler. Emma ýahudalaryň sözi ysraýyllaryňkydan gazaply bolup çykdy.




Chapter 20

1 Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»
2 Şeýdip, ähli ysraýyllar Dawutdan aýrylyp, Bikri ogly Şebanyň yzyna düşdüler. Ýöne ýahudalar özleriniň patyşasy Dawuda ygrarly bolup, Iordan derýasyndan Iýerusalime çenli onuň bilen bile boldular.
3 Dawut Iýerusalimdäki öýüne geldi. Öýe seretmek üçin goýup giden on gyrnak aýallarynyň ählisini bir jaýa gabap, olary gorag astyna aldy; olary zerur zatlar bilen üpjün etdi, ýöne ýanlaryna girmedi. Gyrnak aýallar şeýdip, tä ölýänçäler dul ýaly ýaşadylar we gabawdan çykarylmadylar.
4 Patyşa Amasa: «Üç günüň dowamynda Ýahudanyň erkek göbeklilerini meniň ýanyma ýygna, özüňem şu ýerde bol» diýdi.
5 Amasa ýahudalary çagyrmaga gitdi. Ýöne gelmeli wagtynda gelmän gijä galdy.
6 Dawut Abyşaýa: «Indi Bikri ogly Şeba bize Abşalomdanam köp zyýan berer. Öz jenabyňyň gullaryny al-da, onuň yzyndan kow, ýogsam, ol özüne berk galalar tapar-da, bizden sypar» diýdi.
7 Ýowabyň adamlary, keretler, peletler we ähli batyr ýigitler Iýerusalimden çykyp, Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmak üçin Abyşaýyň yzyna düşdüler.
8 Olar Gibgondaky ullakan daşyň ýanyna baranlarynda, Amasa olary garşylamaga çykdy. Ýowap harby geýimdedi, bilinde kemere dakylan gynly gylyjy bardy. Ol ýöräp gelýärkä, gylyjy gynyndan gaçdy.
9 Ýowap Amasa: «Doganym, sag-gurgunmyň?» diýip, ogşamak üçin sag eli bilen Amasanyň sakgalyndan tutdy.
10 Amasa Ýowabyň elindäki gylyjyna üns bermedi. Ýowap gylyjyny onuň garnyna sokup, içgoşuny ýere silkdi, gylyjy gaýtadan sokmaga zerurlyk galmady; Amasa öldi. Soňra iki dogan Ýowap bilen Abyşaý Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmaga başladylar.
11 Ýowabyň adamlaryndan biri Amasanyň jesediniň ýanynda durup: «Kim Ýowabyň tarapdary bolsa, kim Dawuda wepaly bolsa, Ýowabyň yzyna eýersin» diýdi.
12 Amasa ýoluň ugrunda gana bulaşyp ýatyrdy. Ýaňky adam jesediň ýanyna barýanlaryň onuň ýanynda saklanýandyklaryny görüp, ony ýoldan bir gyra çekdi-de, üstüne geýim ýapdy.
13 Amasanyň jesedi ýoldan aýrylandan soň, goşun Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmak üçin, Ýowabyň yzyna düşdi.
14 Goşun Abelbeýtmagaka galasyna çenli tutuş demirgazyk tireleriniň içinden geçdi. Demirgazyk tireleriniň halky jemlenip birleşdiler-de, gala tarap Ýowabyň yzyna düşdi.
15 Olar baryp, Abelbeýtmagaka galasynda ony gabawa saldylar. Galanyň diwaryna çykmak üçin ýapgyt gurdular we diwary ýykmak üçin ony opurmaga başladylar.
16 Bir akylly aýal galadan: «Gulak assaňyzlaň! Diňleseňizläň! Ýowaba aýdyň, men onuň bilen gepleşmek isleýärin» diýip gygyrdy.
17 Ýowap onuň ýanyna baranda, ol aýal: «Sen Ýowapmy?» diýdi. Ol: «Hawa, men Ýowap» diýip jogap berdi. Aýal: «Onda öz gyrnagyňa gulak as» diýdi. Ýowap: «Diňleýärin» diýdi.
18 Aýal şeýle diýdi: «Öňler: „Abelde maslahat alsynlar“ diýip aýdardylar, şeýdibem, işi tamamlardylar.
19 Biz Ysraýylyň parahat hem wepadar adamlarydyrys. Ysraýyl galalarynyň enesi bolup duran galany näme üçin ýykmak isleýärsiň? Näme üçin Rebbiň beren mirasyny ýok etmek isleýärsiň?»
20 Ýowap şeýle jogap berdi: «Ýok-la! Daş edewersin! Hudaý saklasyn! Galany ýykmak ýa-da ýok etmek meniň etjek işim däl!
21 Bu beýle däl! Ýöne Efraýym daglygyndan Bikri ogly Şeba diýen biri Dawut patyşanyň garşysyna çykdy. Onuň ýeke özüni elime ber, men galadan el çekeýin». Aýal: «Onuň kellesi diwardan üstaşyry saňa tarap zyňlar» diýdi.
22 Aýal akylly pikiri bilen halkyň ýanyna gitdi. Olar Bikri ogly Şebanyň kellesini kesip, ony Ýowaba tarap zyňyp goýberdiler. Ýowap surnaý çaldy; olar galadan çekildiler. Hemmeler öýli-öýüne gitdi. Ýowap bolsa Iýerusalime patyşanyň ýanyna gaýtdy.
23 Ýowap – Ysraýylyň tutuş goşunyna baştutan boldy. Ýehoýadanyň ogly Benaýa bolsa keretleriň hem-de peletleriň baştutany boldy.
24 Adoram – gara zähmet bilen meşgul bolýanlaryň ýolbaşçysydy, Ahyludyň ogly Ýehoşapat – ýyl ýazgyçy boldy.
25 Şeba – kätipdi, Sadok bilen Abýatar – ruhanylardy.
26 Ýagyrly Yra hem Dawudyň ruhanysydy.




Chapter 21

1 Dawudyň döwründe üç ýyla çeken açlyk boldy. Dawut Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Şawulyň gan dökmegi onuň özüniň we nesliniň boýnunadyr, sebäbi ol gibgonlylary gyrgynçylyga berdi» diýdi.
2 Patyşa gibgonlylary çagyryp, olar bilen gepleşdi. (Gibgonlylar ysraýyllardan däldirler, olar amorlaryň galyndylarydy. Ysraýyllar olara degmejekdiklerine ant içipdiler, ýöne Ysraýyl bilen Ýahuda bolan yhlasy sebäpli, Şawul olary ýok etjek bolýardy).
3 Dawut gibgonlylara: «Men siziň üçin näme edeýin? Rebbiň saýlan halkyna pata bermegiňiz üçin, bu günäden nädip saplanarkam?» diýdi.
4 Olar: «Bize Şawuldan we onuň neslinden altyn ýa kümüş almak ýeterlik däl. Ysraýyldan kimdir birini biziň öldürmäge hakymyz ýok» diýdiler. Dawut olara: «Siz näme isleseňiz, şony-da etjek» diýdi. 5–6 Olar: «Bizi tutuş Ysraýyldan çykarmak islän we dyr-pytrak eden adamyň neslinden bolan ýedi adamy biziň elimize ber. Biz olary Reb tarapyndan saýlanan Şawulyň Gibga galasynda Rebbiň huzurynda öldürip, Günüň astynda serjek» diýdiler. Patyşa olara: «Bolýar, men olary size bereýin» diýdi.
7 Ýöne Dawut patyşa özüniň Ýonatan bilen Rebbiň öňünde äht edişendigi sebäpli onuň ogly Mepiboşede rehim etdi.
8 Dawut Aýanyň gyzy Rispanyň Şawula dogrup beren iki ogluny: Armony bilen Mepiboşedi, şeýle hem Şawulyň gyzy Merabyň meholaly Barzyllaýyň ogly Adryýele dogrup beren bäş ogluny alyp,
9 olary gibgonlylaryň eline berdi. Gibgonlylar olary dagda Rebbiň huzurynda öldürip, ýeriň ýüzüne serdiler, olaryň ýedisem bilelikde öldi. Bu waka baharda, arpa oragynyň ilkinji günlerinde bolupdy.
10 Aýanyň gyzy Rispa şol ýerdäki gaýanyň ýüzünde bir köne haltany düşendi-de, arpa oragynyň başyndan tä jesetleriň üstüne ýagyş ýagyp başlaýança, ol ýerde oturdy; ol jesetleri gündizine guşlardan, gijesine wagşy haýwanlardan gorady.
11 Aýanyň gyzy, Şawulyň gyrnagy Rispanyň bu eden işini Dawuda habar berdiler.
12 Dawut baryp, Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň süňküni Gilgatdaky ýabeşlilerden aldy. Piliştliler olary Gilbogada öldürip, Beýtşan meýdançasynda asypdylar. Gilgatdaky ýabeşliler bolsa olary Beýtşan meýdançasyndan ogurlapdylar.
13 Dawut Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň süňklerini ol ýerden getirtdi. Öldürilip, ýeriň ýüzüne serlenleriň hem süňklerini topladylar.
14 Dawudyň adamlary Şawul bilen Ýonatanyň süňklerini Benýamin topragynda – Selada, Şawulyň kakasy Kişiň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. Olar patyşanyň ähli tabşyrygyny ýerine ýetirdiler. Şondan soň Hudaý ýurt üçin edilýän dilegleri kabul etdi.
15 Piliştliler Ysraýylyň garşysyna ýene urşa başladylar. Dawut öz esgerleri bilen urşa çykyp, piliştliler bilen uruşdy we halys ysgyndan gaçdy.
16 Piliştlileriň iri nesillerinden Ýişbibenop diýen bir adam bolup, ol agramy sekiz ýüz mysgal bolan bürünç naýza, biline täze gylyç dakynandy. Ol Dawudy öldürmegi ýüregine düwdi.
17 Emma Seruýanyň ogly Abyşaý oňa kömege ýetişdi we piliştli bilen urşup, ony öldürdi. Şondan soň Dawudyň adamlary: «Indi sen biziň bilen bile söweşe çykma, goý, Ysraýylyň çyrasy sönmesin» diýip, oňa kasam etdiler.
18 Şundan soň ysraýyllar bilen piliştliler Gopda söweşe başladylar. Şonda huşaly Sibekaý iri adamlaryň neslinden bolan Sap diýen birini öldürdi.
19 Soňra olar piliştliler bilen Gopda ýene çaknyşdylar. Şonda beýtullahamly Ýagyryň ogly Elhanan gatly Jaludy öldürdi. Jaludyň naýzasynyň sapy pürs ýalydy.
20 Gat galasynda ýene uruş boldy. Ol ýerde ýene piliştlileriň iri neslinden, elleri we aýaklary alty-altydan ýigrimi dört barmakly şilliň uzyn biri bardy.
21 Ysraýyla sögendigi üçin Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonatan ony öldürdi.
22 Bularyň dördüsi-de Gat galasynyň iri nesillerindendiler. Olar Dawudyň hem-de onuň esgerleriniň elinden öldüler.




Chapter 22

1 Rebbiň Dawudy ähli duşmanlaryndan hem-de Şawuldan halas eden güni, ol Rebbiň şanyna şu aýdymy aýtdy:
2 «Reb meniň gaýam, galam hem gutulyşymdyr.
3 Hudaýym – gaýam, men Onda howpsyzdyryn. Galkanym hem kuwwatly halasgärim, Galam, Ol meniň gaçybatalgamdyr. Halasgärim meni zulumdan halas edýär!
4 Öwgä mynasyp Rebbi çagyrdym-da, Duşmanlarymdan halas boldum.
5 Ölüm tolkunlary daşymy gurşady, Ajal silleri janyma howp saldy.
6 Ölüler dünýäsiniň tanaplary meni gurşady. Ölüm duzaklary boýnuma pete-pet geldi.
7 Jebir çekenimde Rebbi – Hudaýymy çagyrdym. Öz ybadathanasynda sesimi eşitdi, Eşitdi Ol ahy-perýadym.
8 Zemin titräp lerzana geldi, Gögüň diregleri sarsyp çaýkandy, Çaýkandy, çünki Ol gazaba mündi.
9 Burnundan tüsse çykdy, Agzyndan ýalmap-ýuwudyjy ot, Közler alawlap tutaşdy.
10 Gögi açyp, aşak indi Ol, Aýagynyň asty tüm garaňkylykdy.
11 Ol keruba münüp uçdy, Ýeliň ganatlarynda gaýdy.
12 Tümlügi, gara bulutlary, suw joşgunlaryny Özüne çadyr edindi Ol.
13 Öňündäki ýalkymyndan Közler alawlap tutaşdy.
14 Reb göklerde güňleç gürledi, Seslendi Beýik Hudaý.
15 Oklaryny atyp, duşmanlaryny dargatdy. Ýyldyrym çakdyryp, olary dyr-pytrak etdi.
16 Rebbiň käýinjinden, Burun deminiň gazabyndan Deňziň düýbi göründi, Açyldy dünýäniň binýady.
17 Ýokardan el uzadyp, meni tutdy, Sogrup çykardy çuň suwlardan.
18 Güýçli duşmanymdan Ol halas etdi, Şeýle-de meni ýigrenýänlerden. Olar menden has güýçlüdiler.
19 Agyr günümde olar garşyma çykdy, Ýöne Reb maňa arkadaýanç boldy.
20 Ol meni rahatlyk meýdanyna çykardy, Meni azat etdi, çünki Ol menden göwnühoşdy.
21 Reb dogruçyllygyma laýyk serpaýymy, Päkligime laýyk sylagymy ýetirdi.
22 Sebäbi men Rebbiň ýoluny tutdum, Erbetlik edip, Hudaýymdan aýrylmadym.
23 Çünki Onuň ähli hökümleri gözümiň alnynda. Onuň parzlaryndan hiç wagt ýüz öwürmedim.
24 Onuň huzurynda aýypsyz bolup, Özümi günäden sakladym.
25 Reb dogruçyllygyma görä, Öz nazaryndaky päkligime görä sylaglady.
26 Wepadar bilen wepadarsyň, Kämilsiň kämil bilen.
27 Päk bilen päksiň, Terssiň ters bilen.
28 Ähli garyplary halas edersiň, Gedemleri nazaryňda peseldersiň.
29 Çünki meniň çyram Sensiň, ýa Reb, Tümlügime Sen şöhle saçýaň, ýa Reb.
30 Seniň bilen men goşuna garşy hüjüm ederin, Öz Hudaýym bilen diwardan aşyp bilerin.
31 Çünki Hudaýyň ýoly kämildir. Reb wadasynyň hakykatdygyny subut edýär. Özüne daýanýanlar üçin galkandyr Ol.
32 Rebden gaýry Hudaý barmy näme?! Hudaýymyzdan belent gaýa barmy näme?!
33 Meniň berk galamdyr Hudaý, Kämil ýola atarýar Ol meni.
34 Ol aýagymy keýigiň aýagy ýaly edýändir. Belent ýerlere çykarýar Ol meni.
35 Gollarym bürünç ýaýy egip biler ýaly, Ol ellerimi söweşe türgünleýändir.
36 Sen maňa gutulyş galkanyňy berdiň, Seniň rehimdarlygyň meni beýgeltdi.
37 Giň etdiň ýodalarymy, Aýaklarym büdremedi.
38 Şonda duşmanlarymy kowup heläk etdim, Ýer bilen ýegsan edýänçäm, yzyma dönmedim.
39 Ýer bilen ýegsan etdim, ýaraladym, Ýerlerinden galmaz etdim, Aýagymyň astynda serildiler.
40 Çünki maňa söweş kuwwatyny berdiň, Duşmanlarymy aýagymyň astyna saldyň.
41 Ýeňse berer ýaly etdiň olary, Meni ýigrenenleriň külüni göge sowurdym.
42 Töweregine garadylar, ýöne datlaryna ýeten bolmady, Rebbi çagyrdylar, ýöne Reb olara jogap bermedi.
43 Olary ýeriň tozy ýaly edip ýençdim. Köçedäki palçyk kimin mynjyratdym.
44 Öz halkymyň garşylygyndan meni halas etdiň, Milletlere baş edip, Sen meni goradyň. Tanamaýan halkym hyzmatymy etdi.
45 Gelmişekler maňa boýun egýärler, Sesimi eşitdikleri tabyn bolýarlar.
46 Gelmişekler ysgyndan gaçyp, Titräp, öz berkitmelerinden çykyp gelerler.
47 Reb diridir! Meniň gaýama alkyş bolsun! Meniň gutulyş gaýam – Hudaý beýgelsin!
48 Arymy alyp berýän Hudaýdyr Ol, Ol maňa halklary golasty edýär.
49 Meni duşmanlarymdan halas etdi Ol, Garşydaşlarymdan belende göterdi, Zalymlaryň elinden meni gutardy.
50 Munuň üçin milletler arasynda Seni alkyşlaryn, ýa Reb! Seniň adyňa alkyşly nagma aýdaryn!
51 Öz patyşaňa uly ýeňişler getirýärsiň Sen! Seçip saýlan Dawudyna, onuň nesline, elmydama sadyk söýgüsini görkezýär.»




Chapter 23

1 Ine, Dawudyň soňky sözleri şulardyr: Belende göterilen Ýyşaý ogly Dawut diýýär, Ýakubyň Hudaýynyň seçip saýlan adamy, Ysraýylyň şirin labyzly bagşysy şeýle sözleýär:
2 «Rebbiň ruhy meniň üstüm bilen gepleýär, Dilimde Onuň sözleri.
3 Ysraýyl Hudaýy gepledi, Ysraýylyň Gaýasy maňa şeýle diýdi: „Halka adalatly häkimlik eden, Hudaýdan gorkup, halka baştutanlyk eden,
4 Daň şapagy ýalydyr, Aýdyň asmanda dogan Gün ýaly, Otlaryň ýagyşdan soňky ýalkymydyr“.
5 Meniň neslim hem Hudaýyň öňünde şeýle dälmi näme?! Sebäbi Ol meniň bilen baky äht baglaşdy, Bu äht tertip-düzgünli we bozulmazdyr. Meniň halas bolmagym, arzuwlarym Oňa bagly dälmi näme?!
6 Ähli ýaramazlar zyňlan tiken ýalydyr. Çünki tikeni elläp bolmaýar.
7 Demir ýa-da naýza sapy ulanylýandyr olara, Hem duran ýerinde oda ýakylýandyr olar».
8 Dawudyň batyr ýigitleriniň atlary, ine, şulardyr: tahkemonly Ýoşe Başebet. Ol serdarlaryň baştutanydy. Ol naýzasy bilen bir wagtyň özünde sekiz ýüz adamy öldürdi.
9 Ondan soňra üç batyr ýigidiň biri ahowa urugyndan Dodonyň ogly Elgazardyr. Söweşmek üçin toplanyşan piliştlilere gyjalat berlende, ol Dawudyň ýanyndady. Ysraýyllar yza çekildiler,
10 emma Elgazar ýerinden gozganmady; ol surnugýança, hatda eli gylyja ýelmeşýänçä söweşip, piliştlileri gyrdy. Reb şol gün beýik ýeňiş getirdi. Halk onuň yzyna diňe olja ýygnamak üçin düşdi.
11 Üçünjisi hararly Ageniň ogly Şammadyr. Piliştliler Lehide ýygnanyşypdylar. Ol ýerde mäşden doly bir ýer bardy. Goşun piliştlilerden gaçdy.
12 Ýöne Şamma meýdançanyň ortarasynda durup, şol ýeri gorady we piliştlileri gyrdy. Reb uly ýeňiş getirdi.
13 Orak döwründe otuz serdaryň üçüsi Dawudyň ýanyna, Adullam gowagyna gitdi. Piliştlileriň goşuny Rapa jülgesinde düşläpdi.
14 Dawut şol wagt galadady. Piliştlileriň goşun bölümi bolsa Beýtullahamdady.
15 Dawut arman edip: «Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw getirip beren bolsady, şondan bir içsemdim» diýdi.
16 Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdi. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi.
17 Ol: «Meni beýtmekden sakla, ýa Reb! Başyny etegine salyp giden adamlaryň ganyny, heý-de, men içip bilerinmi?!» diýip, suwdan içmek islemedi. Bu üç batyr ýigit şeýle edermenlikler görkezipdi.
18 Seruýanyň ogly Abyşaý üç batyr ýigidiň baştutanydy, ol Ýowabyň doganydy. Ol öz naýzasy bilen üç ýüz adamyň garşysyna uruşdy we olary öldürip, üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy.
19 Ol otuz serdaryň iň meşhurydy we baştutandy, ýöne üç serdaryň derejesine ýetip bilmändi.
20 Ýehoýadanyň ogly Benaýa uly edermenlikler görkezen kabseýelli batyr ýigitdir. Ol mowaply arslan ýürekli iki edermen urşujyny öldürdi, şeýle hem ol garly gün garymyň içinde bir ýolbarsy öldürdi.
21 Ol soňra äpet bir müsürlini öldürdi. Müsürliniň elinde naýzasy bardy. Benaýa onuň garşysyna taýakly çykdy. Ol müsürliniň elinden naýzasyny alyp, ony öz naýzasy bilen öldürdi.
22 Ýehoýadanyň ogly Benaýa, ine, şeýle işleri edip, ol hem üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy.
23 Ol otuz serdaryň arasynda meşhurydy, ýöne üç batyr ýigidiň biri däldi. Dawut ony öz janpenalarynyň baştutany edip goýdy.
24 Otuzlaryň arasynda ýene-de, ine, şular bardy: Ýowabyň dogany Asahel, beýtullahamly Dodonyň ogly Elhanan,
25 harotly Şamma we Elika,
26 peletli Heles, tekowaly Ikeşiň ogly Yra,
27 anatotly Abygezer, huşaly Mebunnaý,
28 ahowa urugyndan Salmon, netopaly Mahraý,
29 netopaly Bagananyň ogly Helep, benýaminlerden gibgaly Ribaýyň ogly Ytaý,
30 piratonly Benaýa, Gagaş jülgelerinden Hidaý,
31 arbaly Abygalbon, bahurymly Azmawet,
32 şagalbynly Elýahba, Ýaşeniň ogullary: Ýonatan,
33 hararly Şamma, hararly Şararyň ogly Ahyýam,
34 magakaly Ahasbaýyň ogly Elipelet, giloly Ahytopeliň ogly Eligam,
35 karmelli Hesro, arawly Pagary,
36 sobaly Natanyň ogly Ýygal, gat tiresinden Bany,
37 ammon halkyndan Selek, Seruýanyň ogly Ýowabyň ýaragyny göterýän nökeri beýerotly Nahraý,
38 ýytra urugyndan Yra we Garep,
39 het halkyndan Uryýa. Bular jemi otuz ýedi adamdan ybaratdyr.




Chapter 24

1 Rebbiň Ysraýyla ýene gaty gahary geldi-de: «Bar, Ysraýyl bilen Ýahudanyň adam sanyny bil» diýip, Dawudy olaryň garşysyna öjükdirdi.
2 Patyşa Ýowaba hem-de goşunbaşylara: «Dandan Beýerşeba çenli ysraýyl tireleriniň ählisine aýlanyp, olary hasaba alyň, maňa ilatyň sany gerek» diýdi.
3 Emma Ýowap patyşa ýüzlenip: «Goý, şa hezretlerimiň gözüniň alnynda Hudaýyň Reb halkyňyň sanyny ýüz esse köpeltsin! Ýöne şa hezretlerine beýle etmek nämä gerek bolduka?!» diýdi.
4 Ýöne patyşanyň sözi Ýowabyňkydan hem-de goşunbaşylardan üstün geldi. Şunlukda, Ýowap bilen goşunbaşylarysraýyl halkynyň hasabyny almak üçin patyşanyň ýanyndan ugradylar.
5 Olar Iordan derýasyndan geçip, Arogerde jülgäniň ortasyndaky galanyň günortasynda düşelge gurdular. Soňra olar Gatda ýerleşýän Ýazer tarapa gitdiler.
6 Olar Gilgada we hetleriň ýurdy bolan Kadeşe bardylar. Soňra Danýagana, ol ýerden bolsa Sidonyň töwereklerine bardylar.
7 Ol ýerden Sur galasyna we hiwileriň hem-de kenganlaryň ähli galalaryna aýlandylar. Iň soňunda olar Ýahudanyň Negep çölündäki Beýerşeba galasyna gitdiler.
8 Şeýdip, olar bütin ýurdy aýlanyp, dokuz aý ýigrimi gün diýlende Iýerusalime dolanyp geldiler.
9 Ýowap ilat ýazuwynyň netijesi bilen patyşany habardar etdi: Ysraýylyň eli gylyç tutup biljek adamlarynyň sany sekiz ýüz müň, Ýahudanyňky bolsa bäş ýüz müň adam bolup çykdy.
10 Ilat ýazuwyndan soň Dawudyň ýüreginde ynjalyksyzlyk peýda boldy. Dawut Rebbe: «Şu hereketim bilen Seniň öňüňde uly günä gazandym, akmaklyk etdim. Öz guluňy günä astynda goýma, ýa Reb! Ýalbarýaryn!» diýip, Rebbe ýüzlendi.
11 Ertesi irden Dawut entek turmanka, Dawudyň görgüri Gat pygambere Rebbiň şu sözi geldi:
12 «Dawudyň ýanyna bar-da: „Reb seniň öňüňde üç şert goýýar; birini saýla, Ol şony hem amala aşyrjak“ diýip aýt».
13 Gat muny Dawuda aýtdy we oňa: «Ýurduňa ýedi ýyl açlyk gelsinmi ýa üç aýlap duşmanlaryňa kowduryp, olardan gaçyp gezjekmi, ýa-da ýurduňa üç günläp gyrgyn keseli gelsinmi? Pikir et-de, belli karara gel; meni iberen Rebbe berjek jogabyňy aýt» diýdi.
14 Dawut Gada: «Men erbet ýagdaýa düşdüm. Gowusy, Rebbiň eline düşeýin, ynsan eline düşmäýin. Rebbiň rehimdarlygy beýikdir» diýdi.
15 Reb ir säherden başlap, tä bellenen möhlet dolýança, Ysraýyla gyrgyn keselini iberdi. Dandan Beýerşeba çenli aralykda ýaşaýan ilatdan ýetmiş müň adam bu keseliň pidasy boldy.
16 Perişde Iýerusalimiň halkyny weýran etmek üçin oňa tarap elini uzadanda, Reb ýüregine düwen betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Ol weýran edýän perişdä: «Besdir! Indi eliňi çek» diýdi. Şonda Rebbiň perişdesi ýabuslardan bolan Arawnanyň harman ýeriniň golaýyndady.
17 Dawut adamlaryň başyna külpet getirýän perişdäni görende, Rebbe: «Wah, men günä gazandym, ine, men hata iş etdim. Ýöne bu bigünä halk näme etdi ahyryn? Goý, Sen diňe maňa hem atamyň nesline jeza ber» diýdi.
18 Şol gün Gat Dawudyň ýanyna baryp: «Bar, ýabuslardan bolan Arawnanyň harman ýerinde Rebbe gurbanlyk sypasyny gur» diýdi.
19 Gatyň sözlerine eýerip, Dawut Rebbiň emri bilen çykyp gitdi.
20 Patyşanyň adamlary bilen bile özüne tarap gelýändigini Arawna gördi; öňlerinden çykyp, iki bükülip, patyşa tagzym etdi.
21 Soňra ol: «Şa hezretleri näme sebäpden gulunyň ýanyna geldikä?» diýdi. Dawut: «Rebbe gurbanlyk sypasyny gurmak üçin, seniň harman ýeriňi satyn almaga geldim. Şeýdip, halkyň başyna düşen betbagtçylyk sowlar» diýdi.
22 Arawna Dawuda şeýle diýdi: «Şa hezretleri ony alsyn-da, islän zadyny gurbanlyk bersin. Ine, ýakma gurbanlygy üçin öküzler, ine-de odun üçin döwek döwýän gurallardyr öküzleriň boýuntyryklary.
23 Eý, patyşa, şu zatlaryň hemmesini Arawna size berýär. Goý, Hudaýyň Reb senden razy bolsun».
24 Emma patyşa oňa: «Ýok, men olaryň bahasyny tölejek. Mugt düşen zady Rebbe gurbanlyk berjek däl» diýdi. Şunlukda, Dawut harman ýeri bilen öküzleri elli kümüş teňňä satyn aldy.
25 Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi. Reb ýurt üçin edilen dilegleri kabul etdi; gyrgyn belasy Ysraýyldan sowuldy.