1 patyşalar

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22

Chapter 1

1 Dawut patyşa garrap, ýaşy bir çene ýetipdi. Onuň üstüni näçe ýapynja bilen basyrsalar-da, ol ýylanokdy.
2 Şonda onuň köşk emeldarlary oňa: «Siziň alyhezretiňiz, siziň üçin bir ýaş boý gyz gözlesinler; ol gyz patyşanyň huzurynda durup, oňa hyzmat etsin, jenabym patyşa golaý ýatyp, ony gyzdyrsyn».
3 Şeýdip, olar tutuş Ysraýylda görmegeý, boý gyzyň gözlegine çykdylar we şunemli Abyşag atly bir gyzy tapyp, ony patyşanyň huzuryna getirdiler.
4 Gyz gaty görmegeýdi. Ol patyşa seretdi, oňa hyzmat etdi, ýöne patyşa oňa ýanaşmady. Adonyýanyň özüni patyşa diýip yglan etmegi
5 Dawudyň Hagytdan bolan ogly Adonyýa tekepbirlik bilen: «Men patyşa bolaryn» diýdi. Ol özi üçin söweş arabalaryny, atlylary hem-de öňünden ýörär ýaly elli sany esger taýynlady.
6 Kakasy Dawut hiç haçan oňa: «Näme üçin beýle etdiň?» diýmändi. Adonyýa Abşalomdan soň doglan gaty görmegeý oglandy.
7 Adonyýa Seruýanyň ogly Ýowap we Abýatar ruhany bilen dil düwüşdi. Şeýdip, ol ikisi Adonyýanyň tarapynda boldy.
8 Emma Sadok ruhany, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, Natan pygamber, Şimgi, Regi hem-de Dawudyň batyr ýigitleri Adonyýanyň tarapynda däldiler.
9 Adonyýa Eýnrogeliň golaýyndaky Ýylan gaýanyň ýanynda goýunlary, semiz öküzçeleri we mallary gurbanlyk berip, ähli doganlaryny, patyşanyň ogullaryny, Ýahudanyň ähli köşk emeldarlaryny çagyrdy.
10 Emma ol Natan pygamberi-de, Benaýany-da, Dawudyň batyr ýigitlerini-de, öz dogany Süleýmany-da çagyrmady. Süleýmanyň patyşa diýlip yglan edilmegi
11 Soňra Natan pygamber Süleýmanyň ejesi Batşeba şeýle diýdi: «Sen Hagytyň ogly Adonyýanyň patyşa bolandygyny we jenabymyz Dawudyň mundan habarynyň ýokdugyny eşitmediňmi?
12 Indi men saňa ogluň Süleýman ikiňiziň öz janyňyzy halas etmegiňiz üçin bir maslahat bereýin.
13 Sen dessine Dawut patyşanyň ýanyna git-de, ondan: „Eý, jenabym, sen menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar diýip, maňa ant içmediňmi näme? Onda näme üçin häzir Adonyýa patyşalyk edýär?“ diýip soragyn.
14 Onsoň sen şol ýerde patyşa bilen gepleşip durkaň, men seniň yzyňdan girip, seniň aýdanlaryňy tassyklaryn» diýdi.
15 Şeýdip Batşeba patyşanyň içki otagyna geldi. Patyşa gaty garrapdy; şunemli Abyşag oňa seredýärdi.
16 Batşeba patyşanyň öňünde dyza çöküp tagzym etdi. Patyşa ondan: «Näme arzyň bar?» diýip sorady.
17 Batşeba oňa: «Eý, meniň jenabym: „Menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“ diýip, maňa Hudaýyň Rebden ant içipdiň.
18 Emma häzir Adonyýa patyşalyk edýär, seniň bu zatlardan habaryň ýok.
19 Ol birtopar semiz öküzçeleri, mallary hem-de goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ähli ogullaryny, Abýatar ruhanyny, goşun serkerdesi Ýowaby çagyrdy, ýöne ol guluň Süleýmany çagyrmady.
20 Eý, jenabym, häzir bütin ysraýyl halkynyň gözi sendedir. Sen jenabymdan soň, onuň tagtynda kimiň oturmalydygyny olara aýt.
21 Ýogsam jenabym dünýäden ötenden soň, men we oglum Süleýman etmişli saýylarys» diýdi.
22 Batşeba patyşa bilen gepleşip durka, Natan pygamber geldi.
23 Patyşa: «Natan pygamber şu ýerde» diýip habar berdiler. Ol patyşanyň huzuryna gelip, ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi.
24 Natan oňa şeýle diýdi: «Eý, jenabym, sen: „Menden soň Adonyýa patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“ diýmänmidiň näme?
25 Adonyýa bu gün gidip, birtopar semiz öküzçeleri we mallary, goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ogullarynyň baryny, goşun serkerdelerini we Abýatar ruhanyny çagyrdy. Olar Adonyýa bilen bile iýip-içip: „Ýaşasyn Adonyýa patyşa!“ diýýärler.
26 Ýöne Adonyýa men guluňy, Sadok ruhanyny, Ýehoýadanyň ogly Benaýany we guluň Süleýmany çagyrmady.
27 Eger bu iş jenabym patyşanyň tabşyrygy boýunça bolan bolsa, onda näme üçin gullaryňa jenabym patyşadan soň tagtda kimiň oturmalydygyny aýtmadyň?»
28 Dawut patyşa: «Batşebany meniň ýanyma çagyryň» diýdi. Batşeba patyşanyň huzuryna gelip, onuň öňünde durdy.
29 Patyşa Rebden ant içip, şeýle diýdi: «Janymy her muşakgatdan gutaran Reb muňa şaýatdyr:
30 „Menden soň seniň ogluň Süleýman patyşalyk eder, ol meniň tagtymda oturar“ diýip, Ysraýyl Hudaýy Rebden içen antymy bu gün hökman berjaý ederin».
31 Onsoň Batşeba ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi we: «Goý, jenabym Dawut patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi.
32 Dawut patyşa: «Sadok ruhanyny, Natan pygamberi, Ýehoýadanyň ogly Benaýany meniň ýanyma çagyryň» diýdi. Olar patyşanyň huzuryna geldiler.
33 Patyşa olara: «Meniň köşk emeldarlarymy ýanyňyz bilen alyň-da, oglum Süleýmany meniň gatyryma mündürip, Gihona äkidiň.
34 Sadok ruhany bilen Natan pygamber ony şol ýerde Ysraýylyň üstünden patyşalyga onuň başyna ýag çalsynlar; onsoň surnaý çalyň-da: „Ýaşasyn Süleýman patyşa!“ diýip gygyryň.
35 Siz onuň yzy bilen gelersiňiz, ol gelsin-de, meniň tagtymda otursyn we meniň ýerime patyşa bolsun. Çünki men ony Ysraýylyň we Ýahudanyň patyşasy edip belledim» diýdi.
36 Ýehoýadanyň ogly Benaýa patyşa jogap berip diýdi: «Omyn! Meniň jenabymyň Hudaýy Reb hem şeýle diýsin.
37 Reb jenabym bilen bolşy ýaly, Süleýman bilen hem bolup, onuň şalygyny jenabym Dawut patyşanyň şalygyndan-da has gülletsin».
38 Şeýdip, Sadok ruhany, Natan pygamber, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, keretler hem peletler gidip, Süleýmany Dawut patyşanyň gatyryna mündürdiler-de, ony Gihona tarap äkitdiler.
39 Sadok ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan içi zeýtun ýagly şahy alyp, Süleýmanyň başyna ýag çaldy. Soňra surnaý çalnyp, ähli adamlar: «Ýaşasyn Süleýman patyşa!» diýip gygyryşdylar.
40 Olar tüýdük çalyp, şatlanyp, gygyryşyp, Süleýmanyň yzy bilen gitdiler. Olaryň sesi ýeri sarsdyrdy.
41 Adonyýa bilen onuň ýanyndaky çagyrylanlaryň bary iýip-içip bolanlaryndan soň muny eşitdiler. Ýowap surnaý sesini eşidip: «Şäherdäki bu şowhun nämekä?» diýdi.
42 Ol gepläp durka, Abýatar ruhanynyň ogly Ýonatan geldi. Adonyýa: «Giriber, çünki sen hormatlanýan adamsyň, hoş habar getirensiň» diýdi.
43 Ýonatan Adonyýa şeýle diýdi: «Ýok, beýle däl, çünki jenabymyz Dawut patyşa Süleýmany patyşa etdi.
44 Patyşa Sadok ruhanyny, Natan pygamberi, Ýehoýadanyň ogly Benaýany, keretleri, peletleri onuň bilen iberdi. Olar ony patyşanyň gatyryna mündürdiler.
45 Sadok ruhany bilen Natan pygamber ony Gihonda patyşalyga onuň başyna ýag çalyp saýladylar. Şol ýerden olar şatlanyşyp, gygyryşyp şähere tarap gaýtdylar. Bu adamlaryň şowhunly sesleridir. Siziň eşiden şowhunyňyz şoldur.
46 Süleýman patyşalyk tagtynda oturýar.
47 Patyşanyň emeldarlary jenabymyz Dawut patyşany mübärekläp: „Goý, Hudaý Süleýmanyň adyny seniň adyňdan-da meşhur etsin, onuň şalygyny seniň şalygyňdan-da has gülletsin“ diýdiler. Patyşa hem düşeginiň üstünden Hudaýa sežde etdi.
48 Patyşa dowam edip, şeýle dileg etdi: „Şu gün gözümiň açyklygynda meniň perzentlerimiň birine tagtymy beren, Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun“».
49 Onsoň Adonyýanyň ýanyndaky çagyrylanlaryň bary gorkuşyp, ýerlerinden turup, hersi öz ýoluna gitdi.
50 Adonyýa Süleýmandan gorkusyna, dessine Rebbe ýüz tutulýan çadyra gidip, özüni goramak üçin, şol ýerdäki gurbanlyk sypasynyň çykyp duran şahlaryndan ýapyşdy.
51 Süleýmana şeýle habar berdiler: «Ine, Adonyýa Süleýman patyşadan gorkýar, ol gurbanlyk sypasynyň şahlaryndan ýapyşyp: „Goý, Süleýman patyşa şu gün öz guluny öldürmejekdigi barada maňa ant içsin“ diýýär».
52 Süleýman şeýle jogap gaýtardy: «Eger ol özüni laýyk alyp barsa, onuň ýekeje gylam gymyldamaz, eger-de ondan bir pislik tapylaýsa, onda ol öler».
53 Şeýdip, Süleýman patyşa onuň yzyndan adam iberip, ony gurbanlyk sypasyndan getirtdi. Ol gelip, Süleýman patyşa tagzym etdi. Süleýman hem oňa: «Bar, öýüňe gaýt» diýdi.




Chapter 2

1 Dawut ölmeziniň öň ýanynda ogly Süleýmany ýanyna çagyryp, oňa şeýle wesýet etdi:
2 «Her kes kimin men-de dünýäden ötmeli pursadym golaý geldi. Sen tutanýerli bol, mert bol.
3 Öz Hudaýyň Reb näme buýursa, ony ýerine ýetir; Rebbiň ýollaryndan ýöräp, Onuň parzlaryny, tabşyryklaryny, hökümlerini hem-de öwüt-ündewlerini Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly berjaý et. Şonda sen näme etseň-de, nirä gitseň-de, işiň şowuna bolar.
4 Onsoň Reb: „Eger seniň ogullaryň Maňa gulak goýup, bütin kalplary, jan-tenleri bilen Maňa iman edip ýaşasalar, ysraýyl tagtyndan seniň nesliňiň arkasy kesilmez“ diýip, maňa beren wadasyny berjaý eder.
5 Şeýle hem Seruýanyň ogly Ýowabyň maňa näme edenini hem-de onuň Ysraýylyň iki goşunbaşysyny Neriň ogly Abneri hem-de Ýeteriň ogly Amasany öldürip, näme edenini özüň bilýänsiň. Ol uruş wagtyndaky gan üçin, asudalyk wagtynda ar alyp, olary öldürdi. Yowap eşiklerini uruş döwründäki ýaly gana bulady.
6 Sen pähim-paýhasyňa görä hereket et. Ýowap garrylyk çagynda ölüler dünýäsine asudalykda inmesin.
7 Gilgatly Barzyllaýyň ogullaryna mähirli bol. Sen olary zerur zatlar bilen üpjün et, çünki men doganyň Abşalomdan gaçanymda, olar maňa ýagşylyk etdiler.
8 Şeýle hem Bahurymdan bolan benýaminli Geranyň ogly Şimgi bardyr. Mahanaýyma barýarkam, ol maňa erbet gargyş etdi, ýöne ol Iordan derýasyna meni garşylamaga gelende, men oňa: „Men seni öldürmerin“ diýip, Rebden ant içdim.
9 Emma sen Şimgini jezasyz galdyrma, çünki sen paýhasly adamsyň we oňa näme etmelidigiňi özüň bilersiň. Şimgi garrylyk çagynda ölüler dünýäsine asudalykda inmesin».
10 Onsoň Dawut ata-babalaryna gowuşdy. Ony Dawut galasynda jaýladylar.
11 Dawut Ysraýylda kyrk ýyllap patyşalyk etdi. Ol ýedi ýyl Hebronda, otuz üç ýyl hem Iýerusalimde patyşalyk etdi.
12 Şeýdip, Süleýman kakasy Dawudyň tagtyna çykdy; onuň patyşalygy gaty mäkäm boldy. anyň ölümi
13 Onsoň Hagytyň ogly Adonyýa Süleýmanyň ejesi Batşebanyň ýanyna geldi. Batşeba ondan: «Eýgiligemi?» diýip sorady. Adonyýa hem: «Eýgilige» diýip jogap berdi.
14 Soňra Adonyýa: «Seniň bilen bir gürrüňim bar» diýdi. Batşeba: «Aýdyber» diýdi.
15 Adonyýa şeýle diýdi: «Sen bilýärsiň, men patyşa bolmalydym, bütin ysraýyl halky meniň patyşa bolmagyma garaşýardy. Emma bu başgaça boldy, meniň inim patyşa boldy, çünki bu patyşalyk Rebdendi.
16 Indi meniň senden bir haýyşym bar; ony ret etme». Batşeba hem oňa: «Aýdyber» diýdi.
17 Adonyýa: «Haýyş edýärin, Süleýman patyşadan şunemli Abyşagy maňa aýallyga bermegini soraý. Ol saňa ýok diýmez» diýdi.
18 Batşeba: «Bolýar, men seniň üçin patyşa bilen gepleşerin» diýdi.
19 Şeýlelikde, Batşeba Adonyýanyň adyndan gepleşmek üçin Süleýman patyşanyň ýanyna gitdi. Patyşa ony garşy almaga ýerinden galyp, tagzym edip, tagtynda oturdy. Patyşanyň ejesi üçin hem bir tagt getirip goýdular, ol patyşanyň sag tarapynda oturdy.
20 Soňra Batşeba: «Meniň bir kiçijik haýyşym bar; ony ret etme» diýdi. Patyşa hem oňa: «Haýyşyňy aýdyber eje, men ony ret etmen» diýdi.
21 Batşeba: «Goý, şunemli Abyşag seniň doganyň Adonyýa aýallyga berilsin» diýdi.
22 Süleýman patyşa ejesine şeýle jogap berdi: «Sen näme üçin şunemli Abyşagy Adonyýa üçin soraýarsyň? Onuň üçin patyşalygy hem sora! Çünki ol meniň uly doganymdyr; patyşalygy diňe onuň üçin däl-de, eýsem Abýatar ruhany bilen Seruýanyň ogly Ýowap üçin hem sora!»
23 Onsoň Süleýman patyşa Rebden ant içip, şeýle diýdi: «Eger Adonyýa bu sözleri üçin öz jany bilen jogap bermese, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin.
24 Meni dikeldip, kakam Dawudyň tagtynda oturdan, wada berişi ýaly maňa we meniň nesillerime patyşalygy beren Rebden ant içýärin. Adonyýa hut şu günüň özünde öldüriler!»
25 Şeýdip, Süleýman patyşa Ýehoýadanyň ogly Benaýany, Adonyýanyň ýanyna iberdi. Ol hem ony öldürdi.
26 Patyşa Abýatar ruhana şeýle diýdi: «Bar, öz Anatotdaky ýeriňe git, çünki sen ýaşamaga mynasyp dälsiň. Emma men seni şu wagt öldürjek däl, çünki sen kakam Dawudyň öňünde Hökmürowan Rebbiň sandygyny göterdiň, sen kakamyň ähli muşakgatlyklaryny deň çekişdiň».
27 Şeýdip, Süleýman Abýatary Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmeklik hukugyndan mahrum etdi. Şeýdip, Rebbiň Şilodaky Eli we onuň nesilleri baradaky aýdan sözleri berjaý boldy.
28 Bu habar Ýowaba baryp gowşanda, ol Rebbiň çadyryna gaçyp baryp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryndan ýapyşdy. Çünki Ýowap Abşaloma däl-de, Adonyýa goldaw beripdi.
29 Süleýman patyşa: «Ýowap Rebbiň çadyryna gaçyp bardy, ol şol ýerde gurbanlyk sypasynyň ýanynda» diýip habar berdiler. Süleýman: «Bar, git-de, ony öldür» diýip, Ýehoýadanyň ogly Benaýany iberdi.
30 Onsoň Benaýa Rebbiň çadyryna gelip, Ýowaba: «Saňa patyşanyň adyndan bärik çykmagyňy buýurýaryn» diýdi. Ýöne Ýowap: «Ýok, men şu ýerde öljek» diýdi. Soňra Benaýa ýene-de, yzyna gidip: «Ýowap maňa şu jogaby berdi» diýip, onuň ähli aýdanlaryny patyşa habar berdi.
31 Patyşa şeýle jogap berdi: «Onuň aýdyşy ýaly et. Ony öldür-de jaýla. Şeýdip, menden we kakam Dawudyň beýleki nesilleriniň boýnundan Ýowabyň döken nähak ganynyň günäsini aýyr.
32 Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Amasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy.
33 Abneriň we Amasanyň gany ebedi Ýowabyň hem-de onuň nesilleriniň başyndan iner. Emma Reb Dawuda we onuň tagtda oturýan nesillerine ebedilik asudalyk berer».
34 Onsoň Ýehoýadanyň ogly Benaýa gidip, Ýowaby öldürdi. Ol öz çöldäki mülkünde jaýlandy.
35 Patyşa onuň ýerine Ýehoýadanyň ogly Benaýany goşunbaşy edip belledi. Abýataryň deregine bolsa, Sadogy ruhanylyga belledi.
36 Soňra patyşa adam ýollap, Şimgini çagyrdyp, oňa şeýle diýdi: «Iýerusalimden özüňe bir jaý salyn-da, şol ýerde ýaşa, başga hiç ýere gitme.
37 Bilip goý, Kidron çaýyndan geçip, şol ýerden çykan günüň hökman ölersiň. Sen ölümi öz başyňa satyn alarsyň».
38 Şimgi patyşa: «Seniň aýdýan zatlaryň mamladyr, jenabym. Guluňyz–men edil aýdyşyňyz ýaly hem eder» diýdi. Şeýdip, Şimgi esli wagtlap Iýerusalimde ýaşady. 39–40 Üç ýyldan soň Şimginiň iki sany guly, Gatyň hany Magakanyň ogly Akyşyň ýanyna gaçyp bardylar. Şimgi: «Seniň gullaryň Gatda» diýen habary eşidip, turup, eşegini gaňňalap, mündi-de, gullaryny gözläp, Gata Akyşyň ýanyna gitdi. Şimgi gidip, gullaryny Gatdan yzyna getirdi. 41–42 Şimginiň Iýerusalimden Gata gidendigini we ýene yzyna dolanyp gelendigi baradaky habary Süleýmana ýetirenlerinde, patyşa adam iberip, Şimgini çagyrtdy we oňa: «Men saňa Rebden ant içirip: „Bilip goý, başyňa näme düşse-de, şol ýerden başga ýere giden günüňiň özünde, sen hökman ölersiň diýip duýdurmanmydym näme?“. Sen hem maňa: „Seniň aýdýanlaryň bary dogry. Men saňa gulak asaryn“ diýipdiň.
43 Onda näme üçin Rebbe içen antyňy, meniň saňa beren tabşyrygymy berjaý etmänsiň?»
44 Patyşa sözüni dowam etdirip: «Kakam Dawuda eden ähli ýamanlyklaryňy özüň bilýänsiň. Şol eden ýamanlyklaryňy Reb seniň öz başyňdan inderer.
45 Emma Süleýman patyşa ýalkanar. Dawudyň tagty Rebbiň öňünde baky berkär» diýdi.
46 Onsoň patyşa Ýehoýadanyň ogly Benaýa buýruk berdi; ol-da gidip, ony öldürdi. Şeýdip, Süleýmanyň patyşalygy berkedi.




Chapter 3

1 Süleýman Müsür patyşasy fyrownyň gyzyna öýlenip, patyşa bilen garyndaşlyk açdy. Ol öz öýi, Rebbiň öýi hem-de Iýerusalimiň daşyndaky diwarlar salnyp gutarylýança, aýalyny Dawut galasyna getirdi.
2 Adamlar sežde edilýän ýerlerde gurbanlyk berýärdiler, çünki henize çenli Rebbe ybadat öýi salynmandy.
3 Süleýman kakasy Dawudyň wesýetlerini berjaý edip, Rebbi söýdi. Ýöne ol sežde edilýän ýerlerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakdy.
4 Bir gün patyşa gurbanlyk bermek üçin Gibgona gitdi, çünki esasy sežde edilýän ýer şol ýerdedi. Süleýman şol ýerde müňlerçe ýakma gurbanlyklaryny beripdi.
5 Gibgonda gije Süleýmanyň düýşüne Reb girdi. Hudaý oňa: «Dile, dilän zadyňy bererin» diýdi.
6 Süleýman şeýle diýdi: «Guluň kakam Dawudyň ynamly, dogruçyl hem-de akýürekli bolany üçin, oňa uly merhemet etdiň. Bu gün oňa tagtynda oturmaga ogul berip, Öz beýik merhemetiňi görkezdiň.
7 Indi eý, Hudaýym Reb, Sen guluň–meni kakam Dawudyň ýerine patyşa etdiň. Men ýolbaşçylyk etmäge ukyby bolmadyk, tejribesiz, ýaş oglandyryn.
8 Guluň Seniň saýlan, san-sajaksyz halkyňyň arasyndadyr.
9 Şonuň üçinem halkyňy dolandyrar ýaly, ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, Sen Öz guluňa pähim-paýhas ber, çünki kim Seniň san-sajaksyz halkyňy dolandyryp biler?»
10 Süleýmanyň bu dilegi Taňra ýarady. 11–12 Hudaý oňa şeýle diýdi: «Özüňe uzak ömür, baýlyk dilemän ýa-da duşmanlaryňyň ölümini dilemän, eýsem ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, akyl-paýhas diläniň üçin, Men saňa dilän zadyňy berýärin. Men saňa öňküleriň hiç birinde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolup bilmejek akyl-paýhas, aň-düşünje bererin.
13 Men saňa dilemedik zatlaryňy, ýagny ömürboýy egsilmejek baýlyk bilen hormat bererin. Saňa taý geljek patyşa bolmaz.
14 Eger sen meniň parzlarymdyr tabşyryklarymy berjaý edip, kakaň Dawut ýaly ýollarymdan ýöreseň, Men seniň ömrüňi-de uzaldaryn».
15 Süleýman oýandy, görse, bu düýş eken. Soňra ol Iýerusalime gelip, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde durup, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny berip, ähli emeldarlary üçin meýlis gurdy. Süleýmanyň pähimli çözgüdi
16 Bir gün iki sany azgyn aýal gelip, patyşanyň huzurynda durdy.
17 Ol aýallaryň biri şeýle diýýär: «Eý, jenabym, men şu aýal bilen bir öýde ýaşaýaryn. Şu aýal öýdekä, meniň çagam dogulýar.
18 Şondan üç gün soň munuň hem çagasy bolýar. Biziň ikimiz bile ýaşaýarys, öýde biziň ikimizden başga hiç kim ýok.
19 Onsoň bir gije bu aýalyň ogly ölýär, sebäbi ol çagasynyň üstüne togalanypdyr.
20 Ol ýarygije turup, men uklap ýatyrkam, meniň gapdalymda ýatan oglumy alyp, öz gujagynda, öz ölen ogluny bolsa meniň gujagymda goýupdyr.
21 Men ertesi irden oglumy emdirjek bolsam, ol öli ýatyr. Men oňa dykgat bilen seretdim we çaganyň özümiňki däldigine magat göz ýetirdim».
22 Emma beýleki aýal: «Ýok, diri çaga meniňki, ölen çaga seniňki» diýýär. Birinji aýal: «Ýok, ölen çaga seniňki, diri çaga meniňki» diýýär. Şeýdip, olar patyşanyň huzurynda jedelleşdiler.
23 Onsoň patyşa şeýle diýýär: «Biriňiz: „Diri çaga meniňki, ölen çaga seniňki“ diýýärsiňiz, beýlekiňiz bolsa: „Ýok, beýle däl! Ölen çaga seniňki, diri çaga meniňki“ diýýärsiňiz».
24 Soňra patyşa: «Maňa bir gylyç getirip beriň» diýýär. Patyşa gylyç getirip berýärler.
25 Ol: «Diri galan çagany iki bölüň-de, ýarysyny birine, ýarysyny-da beýlekisine beriň» diýýär.
26 Emma çagasy diri galan aýal: «Eý, jenabym, çagany oňa beriň; ony asla öldürmäň!» diýýär. Çünki ol aýalyň öz ogluna rehimi indi. Ýöne beýleki aýal: «Ol meniňki hem bolmasyn, seniňki hem bolmasyn, ony ikä bölüň» diýýär.
27 Onsoň patyşa: «Diri galan çagany birinji aýala beriň, ony asla öldürmäň, ol onuň ejesidir» diýýär.
28 Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.




Chapter 4

1 Süleýman patyşa bütin Ysraýylyň üstünden şalyk sürdi.
2 Onuň ýanyndaky emeldarlar şulardy: Sadogyň ogly Azarýa ruhanydy,
3 Şişanyň ogullary Elihorep bilen Ahyýa kätiplerdi, Ahyludyň ogly Ýehoşapat ýyl ýazgyjysydy.
4 Ýehoýadanyň ogly Benaýa goşunbaşydy, Sadok bilen Abýatar ruhanylardy.
5 Natanyň ogly Azarýa häkimleriň üstünden garaýardy; Natanyň ogly Zabut bolsa hem ruhany, hem patyşanyň ýaranydy.
6 Ahyşar köşgüň baştutandy; Abdanyň ogly Adonyram bolsa mejbury işdäkileriň üstünden garaýardy.
7 Bütin Ysraýylda Süleýmanyň on iki sany häkimi bardy. Olaryň hersi patyşany we onuň öý-içerisini, gezekli-gezegine, ýylda bir aý azyk bilen üpjün etmelidi.
8 Olaryň atlary şulardy: Efraýym daglyk ýurdunda Benhur,
9 Makasda, Şagalbymda, Beýtşemeşde we Eýlonbeýthananda Bendeker,
10 Arubot ülkesinde Benheset (Soko bilen bütin Heper ýurtlary hem oňa degişlidi),
11 bütin Napatdor ülkesinde Benabynadap (Ol Süleýmanyň gyzy Tapata öýlenipdi),
12 Tagnak, Megido ülkelerinde, Ýizregeliň etegindäki Saretanyň ýanyndaky bütin Beýtşeýan ülkesinde, Beýtşeýandan Abelmehola, Ýokmegamyň aňyrsyna çenli bolan aralykdaky ülkede Ahyludyň ogly Bagana,
13 Ramotgilgat ülkesinde Bengeber (Bengeberde Manaşeniň ogly Ýaýyryň Gilgatdaky obalary bardy. Başandaky Argop etrabynda berk diwarly, derwezeleri bürünç gözenekli altmyş sany uly gala hem oňa degişlidi),
14 Mahanaýym ülkesinde Idonyň ogly Ahynadap,
15 Naftaly ülkesinde Ahymagas (Ol Süleýmanyň gyzy, Bosmata öýlenipdi),
16 Aşer we Begalot ülkelerinde Huşaýyň ogly Bagana,
17 Ysakar ülkesinde Paruwanyň ogly Ýehoşapat,
18 Benýamin ülkesinde Elanyň ogly Şimgi,
19 amorlar patyşasy Sihon hem-de Başan patyşasy Oguň ýurdy bolan Gilgatda Urynyň ogly Geber. Ol bu ýeriň häkimidi. Süleýmanyň patyşalygynyň ösüşi
20 Ýahuda halky bilen ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köpdi. Olar iýip-içip, hoşbagtlylykda ýaşadylar.
21 Süleýman Perat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler. 22–23 Süleýmanyň köşgüniň bir günlük azygy, iki ýüz otuz batman ýokary hilli undan, dört ýüz altmyş batman adaty undan, on sany baga bakylan öküzden, ýigrimi sany ýaýlada bakylan öküzden, ýüz sany goýundan, ondan daşary-da sugunlardan, jerenlerden, saýgaklardan hem-de semiz guşlardan ybaratdy.
24 Çünki ol Perat derýasynyň günbataryndaky ähli welaýatlarda, Tipsadan Gaza çenli bolan aralykdaky Perat derýasynyň günbataryndaky ähli patyşalaryň üstünden höküm sürýärdi. Ol töweregindäki goňşy ýurtlarynyň ählisi bilen asudalykda ýaşady.
25 Süleýmanyň bütin ömrüne Dandan Beýerşeba çenli aralykdaky tutuş Ýahudadaky we Ysraýyldaky her bir adam üzüm we injir agaçlarynyň aşagynda asudalykda ýaşady.
26 Şeýle hem Süleýmanyň söweş arabalaryna goşulýan atlary üçin kyrk müň sany at ýatagy, on iki müň atlysy bardy.
27 Şol häkimleriň her biri Süleýman patyşany we onuň saçagyndan iýmitlenýänleriň baryny, öz bellenen aýlarynda azyk bilen üpjün edýärdi. Olaryň hiç bir zady kemlik etmezdi.
28 Olaryň hersi özüne tabşyrylyşyna görä, ýönekeý we saýlama atlar üçin olaryň saklanýan ýerine arpa we saman getirerdi.
29 Hudaý Süleýmana deňiz kenaryndaky çäge deý uçursyz akyl-paýhas, duýgurlyk hem-de düşünjelilik berdi.
30 Süleýman pähim-paýhasynda bütin gündogarlylardan, bütin müsürlilerden öňe geçdi.
31 Çünki onuň pähim-paýhasy, islendik adamyňkydan, ezraly Eýtanyňkydan, Maholyň ogullary Heýmandyr Kalkolyňkydan we Dardanyňkydan-da ýitidi. Töweregindäki ähli milletleriň arasynda onuň ady meşhurdy.
32 Süleýman üç müň tymsal aýtdy; onuň nagmalary bolsa müňden agdykdy.
33 Ol Liwandaky kedr agajyndan diwaryň ýüzünde gögerýän ýowşan ösümligine çenli bolan agaçlardan söz açardy, haýwanlar, guşlar, süýrenijiler we balyklar barada sözlärdi.
34 Süleýmanyň pähim-paýhasy hakynda eşiden ýer ýüzündäki ähli patyşalar, Süleýmany diňlemäge adam ýolladylar.




Chapter 5

1 Sur patyşasy Hiram Süleýmanyň kakasynyň ornuna patyşalyga bellenendigini eşiden badyna, öz emeldarlaryny Süleýmanyň ýanyna iberdi; çünki Hiram Dawudyň hemişelik ýarany bolupdy.
2 Süleýman Hirama adam iberip, şeýle diýdi:
3 «Özüň bilýärsiň, kakam Dawut töweregindäki uruşlar zerarly, duşmanlaryndan doly üstün çykýança, öz Hudaýy Rebbe ybadat öýüni gurup bilmedi.
4 Ýöne häzir Hudaýym Reb maňa hemme tarapdan parahatçylyk berdi; mende ne ýagy, ne-de betbagtçylyk bar.
5 Şeýdip, Rebbiň kakam Dawuda: „Seniň ýeriňe tagtyňda oturtjak ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýip aýdyşy ýaly, men Hudaýym Rebbe ybadat üçin öý guraýyn diýýärin.
6 Şoňa görä meniň üçin Liwanda kedr agaçlarynyň kesilmegini tabşyr. Meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler. Işçileriňe näçe diýseň, şonça-da hak töläýin; çünki özüň bilýärsiň, biziň aramyzda sidonlylar ýaly agaç kesip bilýän adam ýok».
7 Hiram Süleýmanyň sözlerini eşidende, gaty şatlanyp: «Bu uly halkyň üstünden patyşalyk eder ýaly, Dawuda şeýle akyl-paýhasly ogul beren Rebbe şu gün alkyş bolsun» diýdi.
8 Hiram Süleýmana adam iberip: «Seniň maňa iberen sargydyňy eşitdim; men seniň kedr hem-de serwi agajy baradaky islegleriňi bitirerin.
9 Meniň işçilerim agaçlary Liwandan deňze getirerler. Men olary bogduryp, deňiz üsti bilen akdyrdyp, aýdan ýeriňe eltdirip, şol ýerde çözdürerin. Sen gelip, olary äkidersiň. Sen hem meniň islegimi ýerine ýetirip, köşgümdäkileri azyk bilen üpjün et».
10 Şeýdip, Hiram Süleýmany kedr hem-de serwi agaçlary bilen üpjün etdi.
11 Süleýman bolsa Hirama onuň köşgündäkiler üçin azyk hökmünde elli müň çuwal bugdaý, ýedi müň hum sap ýag berdi. Süleýman Hirama her ýyl şunça azyk bererdi.
12 Reb wada berşi ýaly, Süleýmana pähim-paýhas berdi. Hiram bilen Süleýmanyň arasynda asudalyk boldy. Olar öz aralarynda ylalaşyk baglaşdylar.
13 Süleýman patyşa bütin Ysraýyldan mejbury işçileri toplady; gullar otuz müň adamdan ybaratdy.
14 Olardan nobatma-nobat boýunça her aýda on müň adamy Liwana ýollady. Olar bir aý Liwanda, iki aý hem öýlerinde bolardylar. Adonyram mejbury işdäkileriň baştutanydy.
15 Süleýmanyň dagda ýetmiş müň sany ýük daşaýany, segsen müň sany daş ýonujysy bardy.
16 Mundan daşary Süleýmanyň işleýän adamlarynyň üstünden garaýan üç müň üç ýüz sany baştutany bardy.
17 Olar patyşanyň tabşyrygy boýunça Rebbiň öýüniň düýbüni tutmak üçin, uly gymmatbaha daşlar we ýonulan daşlar getirdiler.
18 Süleýmanyň binýatçylary bilen Hiramyň binýatçylary we geballylar Rebbiň öýüni gurmak üçin, daşlary ýonup, agaçlary kesip taýýarladylar.




Chapter 6

1 Ysraýyllaryň Müsürden çykyp gaýtmagynyň dört ýüz segseninji ýylynda, Süleýmanyň patyşalygynyň dördünji ýylynda, alnan, ýöne başga golýazmalarda «ýigrimi kor. ikinji aý bolan Ziw aýynda Rebbiň öýi gurlup başlandy.
2 Süleýman patyşanyň Reb üçin guran öýüniň uzynlygy altmyş tirsek, ini ýigrimi tirsek, beýikligi otuz tirsekdi.
3 Rebbiň öýüniň daşky otagynyň öňündäki eýwanynyň ini öýüň ini ýaly ýigrimi tirsekdi, uzynlygy öýüň öň tarapynda on tirsekdi.
4 Ol Rebbiň öýüne gözenekli penjireler etdi.
5 Süleýman Rebbiň öýüniň daşky we içki otaglaryň, daşky diwarlaryna ýanaşdyryp, gapdal otaglaryny saldy.
6 Pürsler öýüň diwaryny deşmez ýaly, öýüň diwarynyň ýüzünden daş çykgytlar etdiler. Aşaky gatyň ini bäş tirsek, ortaky gatyň ini alty tirsek, üçünji gatyň ini ýedi tirsekdi.
7 Rebbiň öýi gurlanda öňden ýonulyp taýýarlanan daşlardan guruldy. Şol sebäpden öý gurulýarka ondan ne çekiç, ne palta, ne-de demir guralyň sesi eşidildi.
8 Ortaky gatyň gapysy Rebbiň öýüniň günorta tarapyndady; aýlawly basgançaklar bilen ortaky gata, ortaky gatdan üçünji gata çykyp bolýardy.
9 Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýüniň gurluşygyny tamamlady. Ol öýüň üçegini kedr pürsleri we kedr tagtalary bilen basyrdy.
10 Tutuş öýe ýanaşdyrylyp salnan otaglaryň her gatynyň beýikligi bäş tirsekdi. Ol otaglar öýe kedr pürsleri bilen birikdirildi. 11–12 Süleýmana gurup ýören öýi hakynda Rebbiň sözi geldi: «Eger sen Meniň parzlarymy berjaý edip, hökümlerime boýun bolup, ähli tabşyryklarymy saklap, olary berjaý etseň, Men kakaň Dawuda beren wadamy seniň üstüň bilen ýerine ýetirerin.
13 Men ysraýyllaryň arasynda ýaşap, Öz halkym ysraýyly terk etmerin».
14 Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýüni gurup gutardy.
15 Ol öýüň içki diwarlaryny kedr tagtalaryndan edip, onuň dyrnagyndan üçegine çenli içki diwarynyň ýüzüne tagta tutdy. Ol öýüň poluny serwi agajyndan etdi.
16 Ol öýüň arka tarapynda, dyrnakdan depesine çenli kedr agaçlaryndan beýikligi ýigrimi tirsek bolan diwar bina etdi. Ol muny iň mukaddes otag bolan içki otag hökmünde gurdy.
17 Içki otagyň öňündäki daşky otagyň uzynlygy kyrk tirsekdi.
18 Öýüň içi kedr tagtasyndan kesilip, kädä hem-de açylyp oturan güllere çalym edýän nagyşlar bilen haşamlanandy. Diwardaky daşlar görünmez ýaly, diwar tutuşlygyna kedr tagtasy bilen örtülendi.
19 Ol öýüň töründe Rebbiň Äht sandygyny goýar ýaly içki otag taýýarlady.
20 Içki otagyň uzynlygy-da, ini-de, boýy-da ýigrimi tirsekdi, oňa sap altyn çaýylandy. Ol şeýle hem kedr agajyndan ýasalan gurbanlyk sypasyny-da altyn çaýdy.
21 Süleýman Rebbiň öýüniň içini sap altyn bilen örtdi; içki otagyň öňünden altyn zynjyrlar gerip, ony-da altyna gaplady. Ybadathananyň bezelişi
22 Soňra ol tutuş öýi kemsiz-köstsiz bolar ýaly, ony tutuşlygyna altyn bilen örtdi. Hatda içki otagyň öňünde duran gurbanlyk sypasyna hem altyn çaýdy.
23 Ol içki otagda her biriniň boýy on tirsek bolan zeýtun agajyndan iki sany kerup ýasady.
24 Keruplaryň ikisiniň hem ganatynyň uzynlygy bäş tirsekdi.
25 Olaryň hersiniň ganaty, ganatynyň bir ujundan beýleki ganatynyň ujuna çenli on tirsekdi. Keruplaryň ikisiniň hem ölçegi-de, şekili-de birdi.
26 Keruplaryň ikisiniň-de beýikligi on tirsekdi.
27 Süleýman keruplary Rebbiň öýüniň içki otagynda goýdy. Olaryň ganatlary, biriniň ganaty diwaryň bir tarapyna, beýlekisiniň ganaty diwaryň eýleki tarapyna ýeter ýaly gerlip goýlandy. Keruplaryň beýleki ganatlary öýüň ortasyna tarap gerlip durdy.
28 Süleýman keruplara hem altyn çaýdy.
29 Tutuş öýüň diwarlary, içki we daşky otaglaryň diwarlarynyň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary we açylan güller bilen haşamlanandy.
30 Ol öýüň içki we daşky otaglarynyň poluna hem altyn çaýdy.
31 Süleýman içki otaga zeýtun agajyndan gapylar ýasady. Gapylaryň germewleri we söýeleri bäş burçlydy.
32 Zeýtun agajyndan ýasalan iki gapynyň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary we açylan güller bilen haşamlanandy. Süleýman olara altyn çaýdy, keruplaryň we palma agaçlarynyň ýüzüne hem altyn çaýdy.
33 Şeýle hem Süleýman öýüň daşky otagynyň gapysyna zeýtun agajyndan dörtburç söýeler ýasady.
34 Ol serwi agajyndan iki taýly gapy etdi, onuň iki taýy hem iki tarapa-da açylýardy.
35 Süleýman gapylaryň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary bilen haşamlanan nagşyň üstüne altyn çaýdy.
36 Ol üç hatar ýonulan daş we bir hatar kedr pürsünden içki howly gurdy.
37 Süleýmanyň patyşalygynyň dördünji ýylynda, Ziw aýynda Rebbiň öýüniň düýbi tutuldy.
38 Süleýmanyň patyşalygynyň on birinji ýylynda, sekizinji aý bolan Bul aýynda Rebbiň öýi meýilnama görä dolulygyna gurlup gutaryldy. Süleýmana öýi gurmak üçin ýedi ýyl gerek boldy.




Chapter 6

1 Süleýman özüne-de köşk saldy. Ol köşgi on üç ýylda gurup gutardy.
2 Ol «Liwan jeňňelli» atly köşk saldy. Onuň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsek, beýikligi otuz tirsek bolup, ol dört hatar kedr sütünleriniň üstünde guruldy. Sütünleriň üstünde kedr pürsleri goýuldy.
3 Her hatarda on bäş, jemi kyrk bäş sany pürs sütünleriň üstünde goýuldy. Ol köşgüň üçegi kedr tagtalary bilen basyryldy.
4 Liwan jeňňeli atly köşgüň biri-birine bakyp duran üç hatar penjireleri bardy.
5 Ähli gapylar we gapy söýeleri dört burçlydy. Olar biri-birine gapma-garşy, üç hatardy.
6 Süleýman uzynlygy elli tirsek, ini otuz tirsek bolan sütünler eýwanyny gurdy. Onuň öňünde sütünler bilen dikilen, üsti basyrylan dalan bardy.
7 Soňra ol Tagt zalyny, ýagny höküm çykarylýan ýer bolan Höküm zalyny gurdy. Ol bir diwaryň dyrnagyndan beýleki diwaryň dyrnagyna çenli kedr tagtalary bilen örtülendi.
8 Süleýmanyň öz ýaşaýan öýi Tagt zalynyň ýeňse tarapyndaky howluda bir meňzeş gurluşda salnandy. Süleýman öz aýaly, fyrownyň gyzyna-da şu zala meňzeş öý gurup berdi.
9 Bularyň barysy daşardan köşgüň howlusyna, binadan çykyda çenli tutuşlygyna ölçege görä ýonulyp, ýargy bilen iki tarapy-da tekizlenen gymmatbaha daşlardan gurulandy.
10 Bina gymmatbaha daşlardan, uly daşlardan, sekiz, on tirseklik daşlardan gurulandy.
11 Bina daşlarynyň üstünden ölçege görä ýonulan gymmatbahaly daşlar we kedr tagtalary goýuldy.
12 Köşgüň howlusynyň töweregindäki haýatlar edil Rebbiň öýüniň içki howlusy we öýüň eýwany ýaly üç hatar ýonulan daş we bir hatar kedr tagtasy bilen örülendi.
13 Süleýman patyşa adam iberip, sorly Hiramy getirtdi.
14 Hiram Naftaly tiresinden bolan bir dul hatynyň ogludy, kakasy hem sorly bürünç ussasydy. Ol bürünçden zat ýasamakda gaty ussat, ökde we tejribeli ussady. Ol Süleýman patyşanyň çagyryşyny kabul etdi. Hiram Süleýmanyň bürünçden ýasalmaly zatlarynyň ählisini ýasady.
15 Hiram iki sany bürünç sütün ýasady. Her sütüniň beýikligi on sekiz tirsek, töweregi on iki tirsekdi.
16 Ol şeýle hem sütünleriň depesinde goýmak üçin bürünçden guýulan iki sany täç ýasady. Her täjiň beýikligi bäş tirsekdi.
17 Sütünleriň depesindäki täçler tor şekilli örme zynjyrlar bilen bezelendi.
18 Ol her sütüniň depesindäki täçleriň üstüni bürär ýaly, her örme zynjyryň töweregine bürünçden ýasalan iki hatar nar aýlady.
19 Eýwandaky sütünleriň depesindäki täçler liliýa gülüniň şekilinde bolup, olaryň beýikligi dört tirsekdi.
20 Täçler iki sütüniň hem-de örme zynjyrlaryň ýokarsyndaky tegelek güberçek ýerde goýuldy. Her täjiň töweregine hatarlap, iki ýüz nar aýlandy.
21 Ol sütünleri ybadathananyň eýwanynda dikdi. Ol günortada sütün dikip, onuň adyna Ýakyn dakdy. Ol demirgazykda-da sütün dikip, onuň adyna Bowaz dakdy.
22 Sütünleriň depesinde liliýa şekilli nagyşlar bardy. Şeýdip, sütünleriň işi tamamlanyldy.
23 Soňra ol guýulan, bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli on tirsek, beýikligi bäş tirsek bolan bürünçden tegelek howuz ýasady. Onuň töweregi otuz tirsekdi.
24 Howzuň erňeginiň aşak ýanynda her biri on tirsek bolan kädi şekilli nagyşlar iki hatar edilip, onuň tutuş töweregi bilen aýlanandy. Olaryň bary bile guýlup ýasalandy.
25 Howuz on iki öküziň üstünde durdy; öküzleriň üçüsi demirgazyga, üçüsi günbatara, üçüsi günorta, galan üçüsi hem gündogara bakyp durdy. Howuz olaryň üstünde ýerleşdirilipdi. Öküzleriň arkasy iç tarapa bakyp durdy.
26 Howzuň galyňlygy dört barmakdy, erňegi käsäniň erňegi ýaly açylan liliýa gülüniň şekilindedi. Ol ýedi ýüz hum tutýardy.
27 Ol on sany bürünç araba ýasady. Arabalaryň hersiniň uzynlygy, ini dört tirsek, beýikligi üç tirsekdi.
28
29 Arabalaryň şekili şunuň ýalydyr: daşy çarçuwalanan, dört gyraňly tagtalar ýasalyp, olara ýolbarslaryň, öküzleriň we keruplaryň şekilleri haşamlanypdyr. Ýolbarslaryň we öküzleriň ýokarsyndaky we aşagyndaky çarçuwalara, egrem-bugram şekilli nagyşlar haşamlanyp salnandy.
30 Her arabanyň dört bürünç tigri, bürünç oklary bardy; dört burçunda hem legeni saklamak üçin çykytlar bardy; çykytlaryň her gapdalyna egrem-bugram şekilli nagyşlar haşamlanyp salnandy.
31 Her arabanyň ýokarsynda çarçuwajyga salnan tegelek agyz ýasaldy. Onuň beýikligi bir tirsekdi; onuň agzy tegelek bolup, ini bir ýarym tirsekdi; onuň agzynda haşamlar bardy, gapdallary tegelek däl-de dörtburçlydy.
32 Dört tigir gapdal tagtalaryň aşagyndady, tigirleriň oklary araba bilen bile guýlup ýasalandy. Tigriň beýikligi bir ýarym tirsekdi.
33 Tigirleriň ýasalyşy at arabalaryň tigirleriniň ýasalyşy ýalydy; olaryň oklarynyň, gurşawlarynyň, keýeleriniň, toplarynyň bary bile guýlup ýasalandy.
34 Her arabanyň dört burçunda dört çykyt bardy. Çykytlar araba bilen bile guýlup ýasalandy.
35 Arabanyň üstünde ýarym tirsek beýiklikdäki tagta sekisi bardy; arabanyň üstündäki tutawaçlar hem-de gapdal tagtalary araba bilen bile guýlup ýasalandy.
36 Onuň çykytlarynyň hem-de gapdal ýüzüniň açyk ýerlerine haşamlanan keruplaryň, arslanlaryň hem-de palma agajynyň nagşy salnandy. Olaryň daşyna egrem-bugram şekiller haşamlanyp salnandy.
37 Ine, Hiram on arabany şeýle ýasady. Olaryň barynyň guýluşy hem, ölçegi hem, şekili hem birdi.
38 Şeýle hem Hiram on sany bürünç legen ýasady. Her legen on bäş gorküýze tutýardy; her legen dört tirsekdi; on arabanyň hersiniň üstünde bir legen bardy.
39 Ol arabalaryň bäşisini Rebbiň öýüniň günortasynda, beýleki bäşisini-de öýüň demirgazygynda goýdy. Ol howzy öýüň günorta-gündogar burçunda goýdy.
40 Hiram şeýle hem gazanlar, kül atarlar, legenler ýasady. Şeýdip, Hiram Rebbiň öýünde Süleýman patyşa üçin ähli etmeli işlerini tamamlady.
41
42
43
44 Iki sütüni sütünleriň depesinde iki sany jam şekilli täji, sütünleriň depesindäki şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, iki sany örme zynjyr üçin dört ýüz nary, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki sany täjiň üstüni örtmek üçin her örme zynjyr üçin iki hatar nary, on arabany, arabanyň üstündäki on legeni, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady.
45 Gazanlar, kül atarlar, legenler we Hiramyň Rebbiň öýi üçin Süleýman patyşa ýasap beren gaplarynyň bary ýalpyldawuk bürünçdendi.
46 Patyşa bu gaplary Iordanyň düzlüginde, Sukot bilen Saretanyň arasyndaky toýun toprakly ýerde bürünçden guýdurdy.
47 Süleýman bu bürünç gap-gaçlarynyň agramyny çekdirmedi, çünki olar juda köpdi; Olaryň agramyny hiç kim anyklamady.
48 Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýündäki ähli gap-gaçlary, altyndan edilen gurbanlyk sypany, üstünde hödür çöregi goýulýan altyn han tagtasyny ýasady.
49
50 Içki otagyň öňünde bäşisi günortada, bäşisi demirgazykda goýlan sap altyn çyradanlary, gülleri, çyralary, ätişgirleri, käseleri, müçenekleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary, maňňallary, öýüň içki otagynyň, ýagny iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary üçin altyn petleleri ýasady.
51 Şeýdip, Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin edilmeli ähli işleri tamamlandy. Süleýman kakasy Dawut tarapyndan öýe bagyş edilen ähli zatlary: kümşi, altyny, gap-gaçlary getirip, Rebbiň öýündäki hazynada goýdy.




Chapter 8

1 Onsoň Süleýman Rebbiň Äht sandygyny Dawut galasy bolan Siýon galasyndan getirtmek üçin, Ysraýylyň ýaşulularyny, ähli tirebaşylaryny, ysraýyllaryň urugbaşylaryny Iýerusalime, öz huzuryna ýygnady.
2 Bütin ysraýyl halky ýedinji Etanym aýynda, Çatma baýramçylygynda Süleýman patyşanyň ýanyna ýygnanyşdy.
3 Bütin Ysraýylyň ýaşululary geldiler we ruhanylar sandygy göterdiler.
4 Şeýdip, olar Rebbiň Äht sandygyny, Rebbe ýüz tutulýan çadyry hem-de çadyryň içindäki ähli mukaddes enjamlary getirdiler. Bularyň baryny ruhanylar bilen lewiler Rebbiň öýüne getirdiler.
5 Süleýman patyşa we onuň huzuryna ýygnanan bütin ysraýyl halky Äht sandygynyň öňündedi. Olar san-sajaksyz goýunlary, öküzleri gurbanlyk berdiler.
6 Soňra ruhanylar Rebbiň Äht sandygyny öz ýerine, Rebbiň öýüniň iň mukaddes otagyna, keruplaryň ganatlarynyň astyna getirip goýdular.
7 Keruplar ganatlaryny sandygyň üstüne gerip, sandygyň-da, onuň syryklarynyň-da üstüni örtýärdi.
8 Syryklar şeýle uzyndy welin, hatda olaryň uçlary iň mukaddes otagyň öňündäki mukaddes ýerdenem görnüp durdy, ýöne daşardan görünmeýärdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.
9 Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy; Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep dagynda sandyga salypdy.
10 Ruhanylar mukaddes otagdan daşary çykanlarynda, Rebbiň öýi bulutdan doldy.
11 Ruhanylar bulut zerarly Rebbiň huzurynda hyzmata durup bilmediler, çünki Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüni doldurypdy.
12 Şonda Süleýman şeýle diýdi: «Reb tüm garaňkylykda mesgen tutjakdygyny aýtdy.
13 Men Saňa baky mesgen tutaryň ýaly, uçursyz gözel öý gurdum». Süleýmanyň halka ýüzlenmesi
14 Onsoň patyşa halka tarap öwrülip, bütin ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Bütin ysraýyl jemagaty dik durdy. 15–16 Süleýman şeýle diýdi: «Kakam Dawuda: „Men ysraýyl halkymy Müsürden çykaralym bäri, Maňa ybadat etmäge öý gurmaklary üçin ysraýyl tirelerinden ýekeje şäheri-de saýlamadym. Men ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“ diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!
17 Kakam Dawut Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurmagy ýüregine düwüpdi. 18–19 Emma Reb kakam Dawuda: „Maňa ybadat üçin öý gurmagy ýüregiňe düwmek bilen sen gowy etdiň; ýöne şeýle-de bolsa öýi sen gurmarsyň. Seniň biliňden önen ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýdi.
20 Ine, Hudaý Öz beren wadasyny berjaý etdi, çünki men kakam Dawudyň ýerine geçdim. Rebbiň wada berşi ýaly, men Ysraýylyň tagtynda otyryn. Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurdum.
21 Sandygy men şol öýde goýdum. Atalarymyzy Müsür topragyndan çykaranda, Rebbiň olar bilen eden ähti şonuň içindedir». Süleýmanyň dilegi
22 Soňra Süleýman Rebbiň gurbanlyk sypasynyň hem bütin ysraýyl halkynyň öňünde durup, ellerini göge tarap uzatdy:
23 «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, Seniň ýaly Hudaý ne aşakda ýerde, ne-de ýokarda gökde bardyr. Bütin kalplary bilen ýoluňdan ýöreýän gullaryň üçin Sen ähtiňi, sadyk söýgiňi saklaýarsyň.
24 Sen Öz guluň–kakam Dawuda beren wadaňy berjaý etdiň. Şu gün Seniň ähli aýdan sözleriň amala aşdy.
25 Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluň kakam Dawuda: „Eger seniň ogullaryň Maňa gulak asyp, seniň ýöreýşiň ýaly, Meniň hakykat ýolumdan ýöreseler, seniň nesliňden hiç bir adam Ysraýylyň tagtyndan aýrylmaz“ diýip beren wadaňy berjaý et.
26 Şonuň üçin hem, eý, Ysraýylyň Hudaýy, goý, Seniň guluň kakam Dawuda beren wadaň amala aşsyn!
27 Emma Hudaý ýerde mesgen tutarmy? Hatda Seni gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!
28 Ýöne şonda-da, ýa Beýik Hudaýym, Sen guluň dilegine hem-de ýalbaryşyna gulak sal-da, guluňyň bu gün edýän nalyşyny we dilegini kabul et.
29 Gözleriň gije-gündiz: „Maňa şu ýerde ybadat ediler“ diýen öýüňde bolsun. Guluňyň şu ýere tarap bakyp edýän dilegini eşit.
30 Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň Ysraýylyň nalyşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.
31 Bir adam başga bir adama garşy günä edip, ant içmäge mejbur edilse, ol gelip, şu öýde Seniň gurbanlyk sypaňyň öňünde günäsizdigine ant içse,
32 şonda Sen gökde eşit-de, oňa jogap ber. Gullaryňa höküm edip, günälä günäsine görä jeza ber, günäsizi akla-da, dogrulygyna görä syla.
33 Seniň halkyň ysraýyl Saňa garşy günä edenligi zerarly duşman öňünde ýeňlişe sezewar bolanda, täzeden Saňa ýüz tutup, Seniň adyňy ykrar etse, şu öýde Saňa dileg edip, ýalbarsa,
34 şonda Sen gökde eşit-de, halkyň ysraýylyň günäsini geçip, olary yzlaryna, atalaryna beren ýurduňa getir.
35 Saňa garşy günä edendikleri zerarly gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly, olar şu ýere tarap bakyp, dileg edip, Seniň adyňy ykrar etseler, Sen hasrat çekdirenleriň hem günäleri üçin toba gelseler,
36 şonda Sen gökde eşit-de, Öz gullaryň bolan ysraýyl halkynyň günäsini geçip, olara dogry ýoldan ýöremekligi öwret. Öz halkyňa miras hökmünde beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr.
37 Eger ýurtda açlyk ýa gyrgyn keseli bolsa, epgek, ygaldan çüýremeklik, çekirtge ýa-da gurçuk peýda bolsa, eger duşmanlary olara öz islendik galalarynda olara sütem etseler, nähili bela, nähili kesel bolsa-da,
38 islendik adam ýa-da ysraýyl halky tarapyndan nähili dilegdir nalyş edilen bolsa, her kes öz ýürek derdini bilip, şu öýe tarap ellerini gerse,
39 şonda Sen gökde öz mesgeniňde eşit-de, olary bagyşla we olara ýardam et. Her kese eden işine görä jogap ber, çünki her ynsanyň ýüregini diňe Sen bilýänsiň.
40 Şeýdip, olar Seniň atalarymyza beren ýurduňda ömürboýy Senden gorkup ýaşasynlar. 41–42 Halkyň ysraýyldan bolmadyk, ýöne Seniň beýik adyň, gudratyň hem-de Öz halkyň üçin eden beýik işleriň barada eşidip, uzak ýurtdan gelen keseki şu öýde dileg etse,
43 Sen Öz gökdäki mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkup, Saňa ybadat üçin guran öýümi bilerleri ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber.
44 Eger halkyň Seniň iberen ýoluň bilen duşmanyna garşy söweşe çykyp, Seniň saýlan şäheriňe, meniň Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, Sen-Rebbe dileg etse,
45 gökde olaryň dileglerini, nalyşlaryny eşidip, olara duşmanlarynyň üstünden ýeňiş ber.
46 Olar Saňa garşy günä etseler–günä etmeýän adam ýokdur–Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakyn-u uzak ýurda äkitse,
47 olar hem ýesirlige äkidilen ýurtlarynda oýlanyp toba edip, ýalbaryp: „Biz nähaklyk edip, günä gazandyk, pislik etdik“ diýip,
48 özlerini ýesir alan duşmanlarynyň ýurdunda päk kalplary we jan-tenleri bilen Saňa ýüzlenip atalaryna beren ýurduňa, Öz saýlan şäheriňe, Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, dileg etseler,
49 şonda Sen Öz gökdäki mesgeniňde olaryň dileglerini, nalyşlaryny eşit-de, olaryň dadyna ýetiş.
50 Saňa garşy günä eden halkyňy hem-de olaryň Saňa garşy eden ýazyklaryny bagyşla, ýesir alanlaryň olara rehimdarlyk ederleri ýaly, Sen Öz halkyňa duşmanlarynyň gözüniň öňünde rehimdarlyk et.
51 Çünki olar Seniň demir peç kimin lowlaýan Müsürden çykaran halkyňdyr, Seniň mirasyňdyr.
52 Öz guluň hem-de halkyň ysraýyl islendik wagt Seni çagyranlarynda, Sen olaryň nalyşlaryny eşit. Goý, gözleriň olarda bolsun.
53 Eý, Hökmürowan Reb, Sen atalarymyzy Müsürden çykaranyňda, guluň Musa arkaly aýdyşyň ýaly, Özüňe mirasdar etmek üçin dünýäniň ähli halklarynyň arasyndan ysraýyl halkyny Öz halkyň hökmünde saýladyň». Süleýman dilegini soňlaýar
54 Süleýman Hudaýa dilegini, nalyşyny gutarandan soň, Rebbiň gurbanlyk sypasynyň öňünde ellerini göge gerip, dyza çöken ýerinden turdy.
55 Süleýman dik durup, bütin ysraýyl halkyna batly ses bilen pata berip, şeýle diýdi:
56 «Wada berşi ýaly, ysraýyl halkyna parahatçylyk beren Rebbe alkyş bolsun. Ol Öz guly Musa arkaly beren ýagşy wadalarynyň baryny berjaý etdi.
57 Hudaýymyz Reb biziň atalarymyz bilen bolşy ýaly, biziň bilenem bolsun, bizi hiç haçan taşlamasyn, terk etmesin.
58 Biziň Onuň ýollaryndan ýörärimiz ýaly, Onuň atalarymyza beren tabşyryklaryny, parzlaryny hem-de hökümlerini berjaý ederimiz ýaly, ýüreklerimizi Özüne tarap öwürsin. 59–60 Goý, meniň Rebbiň öňünde dile getiren sözlerim Beýik Hudaýa gije-gündiz ýakyn bolsun. Beýik Hudaý dünýäniň ähli halklarynyň Rebbiň Hudaýdygyny, Ondan başga Hudaýyň ýokdugyny bilerleri ýaly, Reb Öz guluny, ysraýyl halkyny gündelik zerur zatlar bilen üpjün etsin.
61 Şonuň üçin hem siz Onuň parzlaryna boýun bolup, Onuň tabşyryklaryny şu günki ýaly berjaý edip, Beýik Hudaýymyza ak ýürekden hyzmat ediň». Ybadathananyň açylyşy 62 Onsoň patyşa we onuň ýanyndaky bütin ysraýyl halky Rebbiň huzurynda gurbanlyk berdiler.
63 Süleýman Rebbe salamatlyk gurbanlygy hökmünde ýigrimi iki müň öküz, bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Rebbiň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler.
64 Şol günüň özünde Süleýman patyşa Rebbiň öýüniň öňündäki howlynyň ortasyny mukaddes etdi. Patyşa şol ýerde ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny we salamatlyk gurbanlyklarynyň ýaglaryny berdi, çünki Rebbiň huzuryndaky bürünç gurbanlyk sypasy ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny, salamatlyk gurbanlygynyň ýag böleklerini tutardan gaty kiçidi.
65 Şeýdip, Süleýman we bütin ysraýyl halky – uly mähelle Hamat girelgesinden Müsür serhedine çenli bolan aralykda, Hudaýymyz Rebbiň huzurynda on dört günläp baýram etdiler.
66 Şundan soň Süleýman halky öýli-öýüne ugratdy. Olar patyşany ýalkap, Rebbiň Öz guly Dawuda, halky ysraýyla görkezen ähli ýagşylyklary üçin şatlanyp, göwnühoşlukda öýli-öýlerine gaýtdylar.




Chapter 9

1–2 Süleýman Rebbiň öýüni, öz köşgüni hem-de gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurup gutaranda, Reb Gibgonda görnüşi ýaly, Süleýmana ikilenç görünýär.
3 Reb Süleýmana şeýle diýýär: «Men seniň eden dilegiňi, nalyşyňy eşitdim. Seniň guran bu öýüňi mukaddes etdim. Maňa ol ýerde ebedilik ybadat ediler. Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar. 4–5 Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly sap ýüreklilik, dogrulyk bilen Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, Meniň hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“ diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, Ysraýylyň üstünden patyşalygyňy berkarar ederin. 6–7 Emma siz ýa-da siziň ogullaryňyz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin. Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar.
8 Şu öý harabalyga öwrüler. Onuň ýanyndan geçýän her bir kişi oňa haýranlar galyp, pyşyrdaşyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“ diýer.
9 Onsoň ähli halklar: „Çünki ysraýyl halky ata-babalaryny Müsür ýurdundan çykaran özleriniň Hudaýy Rebden ýüz dönderip, başga hudaýlara tarap öwrülip, olara sežde etdiler, olara hyzmat etdiler. Şonuň üçin hem Reb bu betbagtçylygy olaryň başyndan inderdi“ diýerler». Süleýmanyň Hiram bilen baglaşan ylalaşygy
10 Süleýman iki öýi, ýagny Rebbiň öýi bilen öz köşgüni ýigrimi ýylda gurup gutardy.
11 Sur patyşasy Hiramyň kedr hem-de serwi agaçlaryndan we altyndan Süleýman näçe islese berendigi üçin, Süleýman patyşa-da oňa Jelile welaýatyndan ýigrimi galany berdi.
12 Hiram Sordan Süleýmanyň özüne beren galalaryny görmäge geldi, ýöne onuň ol galalara göwni ýetmedi.
13 Şonuň üçin hem ol: «Eý, dogan, maňa beren galalaryň dagy nähili?» diýdi. Şeýdip, olary Kabul diýip atlandyrdylar. Olar şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar.
14 Hiram bolsa Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn iberipdi. Süleýmanyň beýleki üstünlikleri 15–16 Süleýman patyşa şu aşakdaky agzalanlary gurmak üçin mejbury işçileri toplapdy. Olar Millony täzeden dikeltmek üçin, Rebbiň öýüni, patyşanyň öýüni, Iýerusalimiň diwaryny, Hasory, Megidony, Gezeri (Müsür patyşasy fyrown gidip, Gezeri basyp alyp, gala ot beripdi. Onda ýaşaýan kenganlylary gyryp, galany inji hökmünde öz gyzyna beripdi. Ol Süleýmanyň aýalydy. 17–19 Şeýdip, Süleýman Gezeri täzeden gurdy), aşaky Beýthorony, Bagalaty, Ýahuda çöllüginde bolan Tamary, şeýle hem Süleýmanyň ähli ammar galalaryny, söweş arabalarynyň saklanýan galalaryny, söweş arabaly goşunyň saklanýan galalaryny, Süleýmanyň Iýerusalimde, Liwanda hem-de öz golastyndaky ýerleriň ählisinde gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurdular.
20 Ysraýyl halkyndan bolmadyk amorlar, hetler, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar entek hem şol ýurtda ýaşaýardylar.
21 Olar ysraýyllaryň bütinleý ýok etmedik halklarynyň nesilleridir. Süleýman olary gula öwürdi. Bu şu güne çenli hem şeýledir.
22 Emma Süleýman ysraýyl halkyny gul etmedi. Olar Süleýmanyň esgerleri, köşk emeldarlary, harby serkerdeleri, ýarag göterijileri, söweş arabaly goşunynyň serkerdeleridiler.
23 Süleýmanyň işine baştutanlyk edýän ýolbaşçylar-da ysraýyl ogullaryndandy. Olar bäş ýüz elli adam bolup, agyr işde işleýän adamlara baştutanlyk etdiler.
24 Fyrownyň gyzy Dawut galasyndan çykyp, Süleýmanyň özi üçin guran öýüne geldi. Soňra Süleýman galanyň gündogar tarapyny täzeden dikeltdi.
25 Süleýman Rebbe guran gurbanlyk sypasynda ýylda üç gezek ýakma gurbanlyklaryny, salamatlyk gurbanlyklaryny hödürlärdi, Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakardy. Şeýdip, ol Rebbiň öýüni doly gurup gutardy.
26 Süleýman patyşa Edom ýurdunda, Gyzyl deňziň kenarynda, Elotyň golaýynda bolan Esýongeberde gämiler ýasady.
27 Hiram öz emeldarlaryny Süleýmanyň emeldarlary bilen bile deňze belet bolan gämiçiler bilen iberdi.
28 Olar Opyra gidip, ol ýerden ýedi ýüz on batman töweregi altyn alyp, ony Süleýman patyşa getirip berdiler.




Chapter 10

1 Saba melikesi Süleýmanyň Rebbe goýýan hormatynyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi.
2 Saba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdardaky altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary sorady.
3 Süleýman onuň ähli soraglaryna jogap berdi. Patyşa onuň ýekeje sowalyny-da jogapsyz galdyrmady. 4–5 Saba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näzi-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, olaryň egin-eşiklerini, onuň sakylaryny, Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akly haýran boldy. 6–7 Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa onuň ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidişimden has artyk eken.
8 Seniň halkyň nähili bagtly! Hemişe huzuryňda bolup, pähim-paýhasyňy eşidýän emeldarlaryň nähili bagtly!
9 Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi».
10 Onsoň Saba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Saba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdardaky hoşboý ysly zatlar hiç berilmändi.
11 Hiramyň Opyrdan altyn getiren gämisi, mundan başga-da ol ýerden köp mukdarda sandal agajyny we gymmatbaha daşlary hem getirdi.
12 Patyşa sandal agajyndan Rebbiň öýüne, patyşanyň köşgüne söýeler, aýdymçylar üçin barbatdyr arfalar ýasady; beýle sandal agajy şu güne çenli görlüp-eşidilmändi.
13 Süleýman patyşa Saba melikesine öz eçilen zatlaryndan daşary onuň göwnüniň islän zadyny berdi. Şeýdip, Saba melikesi emeldarlary bilen öz ýurduna dolandy. Süleýmanyň baýlyklary 14–15 Süleýmana bir ýylda gelen altynyň agramy alyş-beriş edýän adamlardan, söwdagärleriň söwdasyndan, ähli arap şalaryndan, ýurduň häkimlerinden gelen altyndan daşary bir müň bir ýüz otuz batmandan gowrakdy.
16 Süleýman patyşa ýenjilen altyndan iki ýüz sany uly galkan ýasady. Her bir uly galkana, on ýedi gadak altyn sarp edildi.
17 Ol ýenjilen altyndan üç ýüz galkan ýasady; her galkana dört ýarym gadak altyn sarp edildi. Patyşa bulary «Liwan jeňňeli» atly köşgünde goýdy.
18 Patyşa tagtyny piliň süňki bilen haşamlap, sap altyna gaplady.
19 Tagtyň alty basgançagy bardy, arka tarapdan tagtyň depesi tegelekdi, kürsüniň iki tarapynda hem tirseklikler, tirseklikleriň gapdalynda-da iki ýolbars durdy.
20 Alty basgançagyň her tarapynda bir ýolbars, jemi on iki ýolbars durdy. Beýle zat entek asla hiç bir ýurtda ýasalmandy.
21 Süleýmanyň gap-gaçlarynyň barysy altyndandy. Onuň «Liwan jeňňeli» atly köşgüniň ähli gap-gaçlary-da sap altyndandy. Kümüşden hiç zat ýokdy, sebabi kümüş Süleýmanyň döwründe hiç zatça görülmeýärdi.
22 Çünki Süleýmanyň Hiramyň gämileri bilen birlikde deňizde gämileri bardy. Deňiz gämileri üç ýylda bir gezek gelip, altyn, kümüş, pil dişini, maýmynlary we tawuslary getirerdiler.
23 Şeýdip, Süleýman patyşa baýlykda, pähim-paýhasda ýer ýüzündäki ähli patyşalardan öňe geçdi.
24 Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin bütin dünýä onuň didaryna zardy.
25 Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylba-ýyl kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, atyrlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi.
26 Süleýman söweş arabalary bilen atlarynyň baryny bir ýere jemledi; onuň bir müň dört ýüz arabasy, on iki müň arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi.
27 Süleýman Iýerusalimde kümşi daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi.
28 Süleýmanyň atlary Müsürden we Keweden getirildi; patyşanyň söwdagärleri olary Keweden belli bir baha satyn aldylar.
29 Bir söweş arabasy on ýedi gadak töweregi kümşe, bir at bolsa dört gadakdan gowrak kümşe satyn alnyp, olar Müsürden getirilýärdi. Şeýdip, bu söweş arabalary we atlar Süleýmanyň söwdagärleriniň üsti bilen bütin hetleriň we Aramyň şalaryna satylýardy.




Chapter 11

1 Süleýman fyrownyň gyzyndan başga-da mowaplardan, ammonlardan, edomlylardan, sidonlylardan, hetlerden birtopar keseki aýallara aşyk boldy.
2 Reb ysraýyl ogullaryna: «Siz keseki milletlerden gyz alşyp-berişmäň, çünki olar hökman sizi öz hudaýlaryna sežde etdirerler» diýip aýdan milletlerindendiler. Emma Süleýman muňa garamazdan şu aýallara öýlendi.
3 Onuň ýedi ýüz şa aýaly, üç ýüz gyrnagy bardy. Aýallary onuň ýüregini azdyrdylar.
4 Süleýmanyň garrylyk çagynda aýallary ýüregini keseki hudaýlara tarap öwürdiler. Süleýman kakasy Dawut ýaly Hudaýy Rebbe wepaly bolmady.
5 Süleýman sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, ammonlaryň nejis hudaýy Milkoma sežde etdi.
6 Süleýman Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, kakasy Dawudyň bolşy ýaly Rebbe wepaly bolmady.
7 Soňra Süleýman Iýerusalimiň gündogaryndaky dagda Mowabyň nejis buty Kemoş we ammonlaryň hudaýy Molek üçin sežde edilýän ýer gurdy.
8 Ol şeýle hem öz hudaýlaryna ýakymly ysly tütetgi ýakyp, olara gurbanlyk berer ýaly, ähli keseki aýallary üçin hem sežde edilýän ýerler gurdy. 9–10 Rebbiň Süleýmana gaty gahary geldi. Süleýman özüne iki gezek görnüp, başga hudaýlaryň yzyna eýerme diýip tabşyryk beren ysraýyl Hudaýy Rebbiň tabşyrygyny berjaý etmän, Ondan ýüz dönderipdi.
11 Şonuň üçin hem Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Seniň Meniň bilen eden ähtiňi bilgeşleýin bozup, Meniň saňa tabşyran parzlarymy saklamandygyň üçin, Men patyşalygy hökman seniň eliňden alyp, ony köşk emeldarlaryňyň birine bererin.
12 Emma seniň kakaň Dawudyň hatyrasy üçin Men muny seniň günleriňde etmerin; patyşalygy seniň ogluňyň elinden alaryn.
13 Men bütin patyşalygy seniň eliňden alman, gulum Dawudyň hem-de Öz saýlan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin, diňe bir tiräni seniň ogluňa bererin». Süleýmanyň duşmanlary
14 Soňra Reb edomly Hadady Süleýmana duşman etdi. Ol Edomda patyşa neslindendi. 15–16 Çünki Dawut Edomdaka, goşunbaşy Ýowap öldürilenleri jaýlamaga gidip, Edomdaky erkekleriň ählisini gyrypdy (çünki Ýowap we bütin ysraýyllar Edomdaky erkekleriň ählisini gyrýançalar, alty aýlap şol ýerde galypdylar).
17 Emma Hadat kakasynyň emeldarlary bolan birnäçe edomlylar bilen gaçyp, Müsüre gidipdi; Hadat ol wagtlar ýaş oglandy.
18 Olar Midýandan çykyp, Parana geldiler, Parandan hem ýanlaryna birnäçe adam alyp, Müsüre, Müsür patyşasy fyrownyň ýanyna bardylar. Patyşa Hadada ýaşamaga jaý we mellek ýer berip, ony azyk bilen üpjün etdi.
19 Hadat fyrownyň mährini gazandy; ol öz aýalynyň gyz doganyny, ýagny melike Tahpeneýsiň gyz doganyny Hadada aýallyga berdi.
20 Ol Hadada ogul dogrup berip, onuň adyna Genubat dakdylar. Tahpeneýs Genubaty fyrownyň öýünde terbiýeledi. Genubat onuň ogullarynyň arasynda ösüp ulaldy.
21 Hadat Müsürdekä, Dawudyň ata-babalaryna gowuşandygy hem-de Ýowap goşunbaşynyň ölümi barada eşidende, ol fyrowna şeýle diýdi: «Maňa öz ýurduma dolanmaga rugsat ber».
22 Fyrown ondan: «Ýurduňa gitmekçi bolar ýaly, meniň ýanymda näme kemiň bar?» diýip sorady. Ol: «Kem zadym ýok, ýöne maňa hökman gitmäge rugsat ber» diýip jogap berdi.
23 Jenaby Soba patyşasy Hadadgezerden gaçyp giden Elýadanyň ogly Rezony hem Hudaý Süleýmana duşman etdi.
24 Dawut sobalylary öldürende, Rezon ýanyna adam ýygnap, bir leşgere baş boldy. Olar Damaska baryp, şol ýerde mesgen tutdular, onuň adamlary Rezony Damaskda patyşa etdiler.
25 Hadadyň ýamanlyk edişi ýaly, Süleýmanyň bütin ömrüne Rezon Ysraýyla duşman bolup, Ysraýyly ýigrendi hem-de Arama hökmürowanlyk etdi. Hudaýyň Ýarobgama beren wadasy
26 Süleýmanyň emeldarlarynyň biri bolan Seredadan efraýymly Nebadyň ogly Ýarobgam patyşa garşy çykdy. Onuň ejesi Seruga atly bir dul hatyndy.
27 Onuň patyşa garşy el galdyrmagynyň sebäbi şeýledi: Süleýman Millony täzeden dikeldip, kakasy Dawut galasynyň diwarlarynyň ýykylan ýerlerini abatlady.
28 Ýarobgam başarjaň adamdy, bu ýaş ýigidiň iş başarjaňlygyny gören Süleýman, ony Manaşe we Efraýym tirelerine degişli bolan mejbury işdäkileriň üstünden baştutan edip goýdy.
29 Bir gün Ýarobgam Iýerusalimden çykyp barýarka, ýolda oňa şiloly Ahyýa pygamber gabat geldi. Ahyýa täze eşikler geýipdi. Çola ýerde olaryň ikisinden başga adam ýokdy.
30 Ahyýa egnindäki täze eşigini çykardy-da, ýyrtyp on iki bölege böldi. 31–33 Soňra Ýarobgama şeýle diýdi: «On bölegini özüň üçin al, çünki ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men patyşalygy hökman Süleýmanyň elinden alyp, on tiräni saňa bererin, ýöne gulum Dawudyň hatyrasy üçin hem-de Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlap alan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin diňe bir tire Süleýmanyňky bolar. Çünki ol Meni terk edip, sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, Mowabyň hudaýy Kemoşa, ammonlaryň hudaýy Milkoma sežde etdi. Süleýman kakasy Dawut ýaly, Meniň gözümiň öňünde dogry işleri edip, parzlarymy, hökümlerimi berjaý edip, ýollarymdan ýöremedi.
34 Muňa garamazdan, Men bütin patyşalygy onuň elinden almaryn. Meniň tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý eden, Öz saýlan gulum Dawudyň hatyrasy üçin, Men Süleýmany ömrüniň ahyryna çenli patyşa ederin.
35 Emma patyşalygy Dawudyň oglunyň elinden alyp, ony on tire bilen saňa bererin.
36 Maňa ybadat edilmegi üçin, Öz saýlan şäherim Iýerusalimde gulum Dawudyň neslinden biri hemişelik patyşalyk eder ýaly bir tiräni Süleýmanyň ogluna bererin.
37 Men seni Ysraýyla patyşa ederin we sen Ysraýyla göwnüňiň isleýşine görä patyşalyk edersiň.
38 Gulum Dawudyň edişi ýaly, parzlarymy, tabşyryklarymy berjaý edip, Maňa gulak goýup, ýollarymdan ýöräp, Meniň gözümiň öňünde dogry işleri etseň, Men hemişe seniň bilen bolaryn. Men seni Ysraýyla patyşa ederin we edil Dawudyň nesillerini patyşa edişim ýaly, senden soň seniň nesilleriňi hem patyşa ederin.
39 Süleýmanyň günäleri üçin Men Dawudyň nesillerine jeza bererin, ýöne bu hemişelik bolmaz“».
40 Şonuň üçin hem Süleýman Ýarobgamy öldürmäge synanyşdy, ýöne Ýarobgam Müsüre, Müsür patyşasy Şişagyň ýanyna gaçyp baryp, Süleýman dünýäden ötýänçä, şol ýerde boldy. Süleýmanyň ölümi
41 Süleýmanyň ähli galan we eden işleri hem-de akyl-paýhasy barada «Süleýmanyň işleri» diýen kitapda ýazylandyr.
42 Süleýman Iýerusalimde bütin Ysraýyla kyrk ýyl patyşalyk etdi.
43 Süleýman ata-babalaryna gowuşdy. Ol kakasy Dawut galasynda jaýlandy. Onuň ýerine ogly Rehabgam patyşa boldy.




Chapter 12

1 Rehabgam Şekeme gitdi. Bütin ysraýyl halky Rehabgamy patyşa etjek bolup, Şekeme gelipdi.
2 Nebadyň ogly Ýarobgam bu habary eşidenden soň, (ol heniz Müsürdedi, çünki ol şol ýere Süleýman patyşadan gaçyp gidipdi), ol Müsürden gaýdyp geldi.
3 Tutuş ysraýyl jemagaty Ýarobgamy çagyrdyp alyp, onuň bilen bile Rehabgamyň ýanyna gelip, oňa:
4 «Kakaň bize agyr zulum etdi. Indi sen kakaňyň bize eden agyr zulmuny ýeňlet we bize salan salgydyny azalt, şonda biz saňa gulluk ederis» diýdiler.
5 Rehabgam ysraýyl halkyna: «Gidiň-de, ýene-de üç günden meniň ýanyma dolanyp geliň» diýdi. Şeýdip, olar gitdiler.
6 Onsoň Rehabgam patyşa kakasy Süleýmanyň diri mahalynda onuň hyzmatynda duran ýaşululary bilen geňeşip, olardan: «Bu halka nähili jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýip sorady.
7 Ýaşulular oňa: «Eger sen şu gün bu halka ýagşy hyzmat edip, olardan ýagşy sözüňi gaýgyrmasaň, olar saňa baky hyzmat ederler» diýip jogap berdiler.
8 Emma Rehabgam ýaşulularyň beren maslahatyny äsgermän, özi bilen bile ösüp ulalan, huzurynda hyzmat edýän ýaş ýigitler bilen geňeşdi.
9 Rehabgam ýaş ýigitlerden: «Siz: „Sen kakaňyň bize eden agyr zulmuny ýeňlet“ diýýän bu halka nähili jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýdi.
10 Onuň bilen bile ösüp ulalan ýaş ýigitler oňa: «Saňa „Kakaňyň bize eden agyr zulmuny ýeňlet“ diýýän bu halka öz külem barmagyň kakaňyň bilinden ýogyndygyny aýt.
11 Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulmy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler.
12 Şeýdip, patyşanyň: «Meniň ýanyma ýene-de üç günden dolanyp geliň» diýşi ýaly, Ýarobgam bilen bütin halk üçünji gün Rehabgamyň ýanyna geldiler.
13 Patyşa halka rehimsizlik bilen jogap berdi. Ol ýaşulularyň özüne beren maslahatyny ret etdi.
14 Rehabgam ýaş ýigitleriň beren maslahatyna eýerip, Ýarobgama we ysraýyl halkyna şeýle jogap berdi: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulmy has-da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn».
15 Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şiloly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Reb tarapyndan şeýle tamamlanypdy.
16 Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, öýli-öýüňize gaýdyň! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar.
17 Emma Rehabgam diňe Ýahuda şäherlerinde ýaşaýan ysraýyllara patyşalyk etdi.
18 Rehabgam patyşa gullaryň baştutany Adoramy Ysraýyla iberende, ysraýyl halky ony daşlap öldürdi. Rehabgam patyşa Iýerusalime gaçmak üçin, howlukmaçlyk bilen öz at arabasyna mündi.
19 Şeýdip, Demirgazyk ysraýyl tireleri şu güne çenli Dawudyň nesillerine garşy pitne turzup gelýärdiler.
20 Ýarobgamyň gaýdyp gelendigini eşiden bütin ysraýyl halky onuň ýanyna adam ýollap, ony ýygnanyşyga çagyryp, tutuş Ysraýyla patyşa etdiler. Ýahuda tiresinden başga Dawudyň nesilleriniň yzyna düşen bolmady. Şemagýanyň pygamberlik etmegi
21 Rehabgam Iýerusalime geldi. Demirgazyk ysraýyl tirelerine garşy urşup, patyşalygy Süleýmanyň ogly Rehabgama gaýtaryp bermek üçin, bütin ýahuda hem-de benýamin tirelerinden ýüz segsen müň saýlama goşun toplady.
22 Emma Hudaýyň adamy Şemagýa Hudaýyň şu sözi geldi:
23 «Süleýmanyň ogly, Ýahudanyň patyşasy Rehabgama, bütin ýahuda hem-de benýamin tirelerine hem-de galan halka
24 Reb şeýle diýýär diý: „Siz doganlaryňyz bolan ysraýyl halkynyň garşysyna uruşmaň. Her kes öz öýüne gaýtsyn, çünki bu bolan waka Mendendir“». Olar Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň aýdyşy ýaly öýlerine gitdiler. Ýarobgam Hudaýdan ýüz öwürýär
25 Onsoň Ýarobgam Efraýym daglyk ýurdunda Şekem galasyny bina edip, şol ýerde mesgen tutdy. Soňra ol Şekemden gidip, Penuwaly bina etdi.
26 Onsoň Ýarobgam öz içinden şeýle diýdi: «Indi patyşalyk ýene-de Dawudyň nesillerine gaýdyp geler.
27 Eger bu halk Rebbiň öýünde gurbanlyk bermek üçin Iýerusalime gitmegini dowam etdirse, onda olaryň ýüregi öz jenaby, Ýahuda patyşasy Rehabgama tarap öwrüler. Olar meni öldürip, Rehabgamyň ýanyna öwrülip bararlar».
28 Şeýdip, patyşa pikirini jemläp, iki sany altyn göle ýasap, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Iýerusalime şu wagta çenli gatnanyňyz besdir. Eý, ysraýyllar, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şulardyr».
29 Ol altyn göläniň birini Beýtelde, beýlekisini hem Danda goýdy.
30 Şeýdip, halk günä etdi. Halk sežde etmek üçin Beýteldäki we Dandaky altyn göläniň ýanyna uzak ýere gitdiler.
31 Ýarobgam şeýle hem sežde edilýän ýerler gurup, lewilerden bolmadyk adamlardan ruhanylar belledi.
32 Ýarobgam sekizinji aýyň on bäşine Ýahudadaky geçirilen baýram ýaly baýram edip, gurbanlyk sypasynda gurbanlyk berdi. Ol öz ýasan gölelerine gurbanlyklar hödür etmek üçin, Beýtelde hem şeýle etdi. Onsoň ol Beýtelde öz guran sežde edilýän ýerlerine ruhanylar belledi.
33 Ýarobgam öz saýlan aýy bolan sekizinji aýyň on bäşine Beýtelde diken gurbanlyk sypasynyň ýanyna gitdi. Ol ysraýyl halky üçin baýram edip, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurbanlyk sypanyň ýanyna geldi.




Chapter 13

1 Ýarobgam gurbanlyk sypasynyň ýanynda ýakymly ysly tütetgi ýakjak bolup durka, Rebbiň tabşyrygy boýunça Hudaýyň adamy Ýahudadan Beýtele geldi.
2 Ýaňky Hudaýyň adamy Rebbiň tabşyrygy boýunça gurbanlyk sypasyna gygyryp şeýle diýdi: «Eý, gurbanlyk sypasy, Reb şeýle diýýär: „Ine, Dawudyň neslinden bir ogul dünýä iner, onuň ady Ýoşyýa bolar. Ýoşyýa seniň üstüňde sežde edilýän ýerlerde ýakymly ysly tütetgi ýakýan ruhanylaryň özlerini gurbanlyk eder. Üstüňde ynsanlaryň süňkleri ýakylar“».
3 Hudaýyň adamy şol gün bir alamat berip, şeýle diýdi: «Rebbiň aýdan alamaty şudur: „Bu gurbanlyk sypasy çym-pytrak bolup, üstündäki kül dumly-duşa pytrar“».
4 Onuň Beýteldäki gurbanlyk sypasyna gygyryp aýdan sözüni Ýarobgam eşitdi we gurbanlyk sypasynyň ýanyndan elini uzadyp: «Ony tutuň!» diýdi. Ýarobgamyň Hudaýyň adamyna garşy uzadan eli şol bada ysmaz bolup, ol elini yzyna çekip bilmedi.
5 Hudaýyň adamynyň Rebbiň tabşyrygy boýunça görkezen alamatyna görä, gurbanlyk sypasy çym-pytrak bolup, üstündäki kül dumly-duşa pytrady.
6 Patyşa oňa: «Hudaýyň Rebden maňa rehim etmegini sorap, elimiň gutulmagy üçin dileg edäý» diýdi. Şeýdip, Hudaýyň adamy Ýarobgamyň eliniň gutulmagy üçin Rebbe dileg etdi. Onsoň patyşanyň eli gutulyp, öňki halyna geldi.
7 Patyşa Hudaýyň adamyna şeýle diýdi: «Meniň bilen öýe gel-de naharlan. Maňa eden ýagşylygyň üçin men saňa sylag berjek».
8 Emma Hudaýyň adamy patyşa: «Maňa patyşalygyň ýarysyny berseňem, men seniň bilen gitmerin. Bu ýerde çörek iýip, suw-da içmerin.
9 Çünki Reb maňa: „Ol ýerde çörek iýme, suw içme, giden ýoluňdan yzyňa gaýtma“ diýip tabşyrdy» diýip jogap berdi.
10 Şeýdip, ol yzyna Beýtele gelen ýolundan gitmän, başga ýol bilen gaýtdy.
11 Beýtelde bir garry pygamber ýaşaýardy. Onuň ogullaryndan biri gelip, Hudaýyň adamynyň şol gün Beýtelde eden ähli işlerini oňa gürrüň berdi. Olar onuň patyşa diýenleriniň baryny kakalaryna aýdyp berdiler.
12 Kakalary olardan: «Ol haýsy ýoldan gitdi?» diýip sorady. Onuň ogullary Ýahudadan gelen Hudaýyň adamynyň haýsy ýoldan gidendigini kakalaryna görkezdiler. 13–14 Onsoň pygamber ogullaryna: «Maňa eşegini gaňňalap beriň» diýdi. Olar oňa eşegini gaňňalap berdiler. Pygamber eşegine münüp, Hudaýyň adamynyň yzyndan gidip, ony tapdy. Ol dub agajynyň aşagynda otyrdy. Pygamber ondan: «Sen Ýahudadan gelen Hudaýyň adamymy?» diýip sorady. Ol hem: «Hawa, men şol» diýip jogap berdi.
15 Ol Hudaýyň adamyna: «Ýör, öýe gideli, şol ýerde naharlanaý» diýdi.
16 Emma Hudaýyň adamy: «Men seniň bilen yzyma, öýüňe gidip bilmen; men bu ýerde seniň bilen çöregem iýjek däl, suwam içjek däl» diýdi.
17 Çünki Reb maňa: «Ol ýerde çörek iýme, suw içme, giden ýoluňdan yzyňa gaýtma» diýip tabşyrdy diýdi.
18 Onsoň ol pygamber Hudaýyň adamyna şeýle diýdi: «Men hem seniň ýaly bir pygamberdirin. Rebbiň tabşyrygy boýunça bir perişde maňa: „Ol çörek iýip, suw içer ýaly ony yzyna öwür-de, özüň bilen bile öýüňe alyp gaýt“ diýdi». Ol Hudaýyň adamyny aldaýardy.
19 Onsoň Hudaýyň adamy onuň bilen yzyna gaýtdy we onuň öýüne gelip, çörek edindi, suw içdi.
20 Olar saçak başynda otyrkalar, ony yzyna alyp gaýdan pygambere Rebbiň şu sözi geldi. 21–22 Ol Ýahudadan gelen Hudaýyň adamyna Reb şeýle diýýär diýdi: «Rebbiň sözüni diňlemän, Hudaýyň Rebbiň özüňe beren tabşyryklaryny saklamadyň. Yzyňa gaýdyp, çörek edinme, suw içme diýlen ýerden iýip-içendigiň üçin ata-babalaryňyň mazarynda jaýlanmarsyň».
23 Hudaýyň adamy iýip-içip bolandan soň, oňa özüni yzyna alyp gaýdan pygamberiň eşegini gaňňalap berdiler.
24 Hudaýyň adamy gidip barýarka, oňa ýolda bir ýolbars duşup, ony öldürdi. Onuň jesedi ýoluň üstünde ýatyrdy, eşek-de, ýolbars-da onuň gapdalynda durdy.
25 Adamlar geçip barýarkalar, ýolda ýatan jesedi hem-de jesediň gapdalynda duran ýolbarsy gördüler. Onsoň olar ýaňky garry pygamberiň ýaşaýan galasyna gelip, bu barada adamlara gürrüň berdiler.
26 Hudaýyň adamyny ýoldan yzyna öwren bu pygamber bolan wakany eşideninde: «Ol Rebbiň sözüne gulak asmadyk Hudaýyň adamydyr; Reb aýdan sözüne görä, ony arslana berip, arslan hem ony parçalap öldüren bolmaly» diýdi.
27 Onsoň ol ogullaryna: «Maňa eşegi gaňňalap beriň» diýdi. Olar oňa eşegi gaňňalap berdiler.
28 Ol pygamber gidip, Hudaýyň adamynyň ýolda ýatan jesedini tapdy. Eşek we ýolbars jesediň gapdalynda duran eken. Ýolbars Hudaýyň adamynyň jesedini iýmändir, eşegi-de parçalamandyr.
29 Ol pygamber Hudaýyň adamynyň jesedini göterip, öz eşeginiň üstüne ýükledi-de, ony yzyna alyp gaýtdy. Ol ýas tutup, ony jaýlamak üçin gala geldi.
30 Pygamber jesedi öz mazarlygynda goýup: «Wah dogan, dogan!» diýip, ogullary bilen Hudaýyň adamynyň ýasyny tutdy. 31–32 Ol Hudaýyň adamyny jaýlap bolandan soň, ogullaryna şeýle diýdi: «Men ölenimde, meni şu pygamberiň jaýlanan mazarynda jaýlaň, meniň süňklerimi onuň süňkleriniň ýanynda goýuň. Çünki onuň Beýteldäki gurbanlyk sypasy barada Samarýanyň galalaryndaky ähli sežde edilýän ýerler barada, Rebbiň tabşyrygy boýunça gygyryp jar eden zatlarynyň bary hökman amala aşar».
33 Bu wakadan soň hem Ýarobgam özüniň pis işlerinden el çekmedi. Ol ýene-de sežde edilýän ýerlerde ähli halklaryň arasyndan ruhanylar belledi. Ruhany bolmaga isleg bildirenleriň baryny ruhanylyga belledi.
34 Bu günä iş Ýarobgamyň nesilleriniň ýer ýüzünden tutuşlygyna ýok bolmagyna getirdi.




Chapter 14

1 Şol wagtlarda Ýarobgamyň ogly Abyýa syrkawlady.
2 Ýarobgam öz aýalyna şeýle diýdi: «Bar, Ýarobamyň aýalydygyň bilinmez ýaly başga geýime gir-de, Şilo git, çünki Ahyýa pygamber şol ýerdedir. Ol meniň bu halka patyşa boljagymy aýdypdy.
3 Eliňe on çörek, külçeler, bir golça-da bal alyp, onuň ýanyna git; ol saňa oglumyza näme boljagyny aýdyp berer».
4 Ýarobgamyň aýaly şeýle-de etdi. Ol Şilo gidip, Ahyýanyň öýüne bardy. Ahyýa kördi, çünki gojalykdan ýaňa onuň gözleri çöňňelipdi.
5 Onsoň Reb Ahyýa: «Ýarobgamyň aýaly syrkaw ogly hakda soramaga geler» diýdi. Reb Ahyýa Ýarobgamyň aýalyna näme jogap bermelidigini aýtdy. Ol gelende, nätanyş aýal bolup geldi.
6 Emma ol aýal gapydan girip gelýärkä, Ahyýa onuň aýak sesini eşidip: «Eý, Ýarobgamyň aýaly, içeri giriber. Sen näme üçin nätanyş aýal bolan bolýarsyň? Mende seniň üçin gaty erbet habar bar.
7 Git-de, Ýarobgama Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diý: „Men seni halkyň arasyndan saýlap, halkym Ysraýylyň üstünden patyşalyga belledim.
8 Patyşalygy Dawudyň neslinden alyp, saňa berdim. Emma sen Meniň tabşyryklarymy berjaý edip, Meniň öňümde dogry işleri edip, bütin kalby bilen Maňa wepaly bolan gulum Dawut ýaly bolmadyň.
9 Gaýtam, sen özüňden öňki patyşalaryň baryndan beter pislik etdiň. Sen guýma, altyn göle butlaryny ýasap, olara sežde edip, Meniň gaharymy getirdiň we Menden ýüz öwürdiň.
10 Şonuň üçin hem Men Ýarobgamyň nesilleriniň başyndan betbagtçylyk indererin. Isle azat bolsun, isle gul, parhy ýok, Ýarobgamyň neslinden bolan Ysraýyldaky her bir erkegi bütinleý ýok ederin. Dersiň syrylyp-süpürilip taşlanyşy ýaly, Men Ýarobgamyň nesilleriniň baryny iň soňkusyna çenli bütinleý ýok ederin.
11 Ýarobgamyň nesilleriniň galada ölenlerini itler, düzde ölenlerini guşlar iýer, çünki Reb şeýle diýdi“.
12 Indi sen tur-da, öýüňe git. Sen gala aýak basan badyňa, ogluň öler.
13 Bütin ysraýyl halky onuň ýasyny tutup, ony jaýlar. Ýarobgamyň maşgalasyndan diňe şu oglan däbe görä jaýlanar. Çünki Ýarobgamyň neslinden diňe şu oglan Ysraýyl Hudaýy Rebbiň göwnünden turdy.
14 Reb Özi üçin Ysraýylyň üstünden bir patyşa goýar. Ol Ýarobgamyň neslini hut şu gün, edil şu pursatda ýok eder.
15 Reb Ysraýyla jeza berer. Ol ysraýyl halkyny suwuň başynda yranýan gamyş kimin sarsdyrar. Reb ysraýyllary olaryň ata-babalaryna beren gowy ýurdundan çykaryp, olary Perat derýasynyň aňry tarapyna dargadar, çünki olar keramatly Aşera butlaryny ýasap, Rebbiň gaharyny getiripdiler.
16 Ýarobgamyň öz eden hem-de Ysraýyla etdiren günäleri zerarly, Reb Ysraýyly terk eder».
17 Soňra Ýarobgamyň aýaly yzyna gaýtdy. Ol Tirsa gelip, öýüniň işigine ýeten badyna, onuň çagasy ýogaldy.
18 Bütin ysraýyl halky çagany jaýlap, onuň ýasyny tutdular. Şeýdip, Rebbiň Öz guly Ahyýa pygamber arkaly aýdan sözi amala aşdy. Ýarobgamyň ölümi
19 Ýarobgamyň galan işleri, onuň eden söweşleri we nähili patyşalyk edendigi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
20 Ýarobgam ýigrimi iki ýyl patyşalyk etdi. Ol ata-babalaryna gowuşdy. Onuň ýerine ogly Nadap patyşa boldy. Ýahuda patyşasy Rehabgam
21 Süleýmanyň ogly Rehabgam Ýahudada patyşalyk etdi. Rehabgam patyşa bolanda kyrk bir ýaşyndady; ol Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlan şäheri Iýerusalimde on ýedi ýyl patyşalyk etdi. Ejesi ammonly bolup, onuň ady Nagamady.
22 Ýahuda halky Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, ata-babalarynyň eden günälerinden-de has beter günä etdiler. Olar Rebde gabanjaňlyk döretdiler.
23 Çünki olar hem her bir baýyrda, her bir uly kölegeli daragtyň astynda özlerine sežde edilýän ýerleri, daş sütünlerini hem-de keramatly Aşera butlaryny gurdular.
24 Şeýle hem ýurtda buthananyň azgyn erkekleri bardy. Olar Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň nejis işlerini etdiler.
25 Rehabgamyň patyşalygynyň bäşinji ýylynda Müsür patyşasy Şişak Iýerusalime hüjüm etdi.
26 Ol Rebbiň öýündäki hazynalaryň, patyşanyň köşgündäki hazynalaryň baryny talady. Ol Süleýmanyň altyndan ýasadan ähli galkanlaryny hem alyp gitdi.
27 Rehabgam patyşa bolsa olaryň deregine bürünçden galkanlar ýasadyp, olary patyşanyň köşgüniň gapysyny saklaýan garawullaryň baştutanlarynyň eline berdi.
28 Patyşa her sapar Rebbiň öýüne gidende, garawullar olary göterip getirip, soňra ýene yzyna garawulhana äkidýärdiler.
29 Rehabgamyň galan işleri we ähli eden işleri barada Ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
30 Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda hemişe uruş boldy.
31 Rehabgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda, Dawut galasynda jaýlandy. Onuň ejesi ammonly bolup, ady Nagamady. Rehabgamyň ýerine ogly Abyýam patyşa boldy.




Chapter 15

1 Nebadyň ogly Ýarobgamyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda Abyýam Ýahuda patyşa boldy.
2 Abyýam Iýerusalimde üç ýyl patyşalyk etdi; onuň ejesiniň ady Magakady. Ol Abyşalomyň gyzydy.
3 Abyýam hem kakasynyň eden günälerini gaýtalady. Ol atasy Dawut ýaly Rebbe wepaly bolmady. 4–5 Muňa garamazdan Abyýamyň Hudaýy Reb Dawudyň hatyrasy üçin hem-de Iýerusalimi kuwwatlandyrmak üçin, Abyýam ölenden soň ornuna patyşa bolar ýaly ogul berdi. Çünki Dawut diňe hetli Uryýa eden ýamanlygyndan başga, bütin ömrüne Hudaýyň nazarynda dogry işleri etdi. Ol Rebbiň özüne beren tabşyryklarynyň baryny ömürboýy berjaý etdi.
6 Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda başlan uruş, Abyýamyň ömürboýy dowam etdi.
7 Abyýamyň galan işleri we ähli eden işleri Ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
8 Abyýam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Asa patyşa boldy. Ýahuda patyşasy Asa
9 Ysraýyl patyşasy Ýarobgamyň patyşalygynyň ýigriminji ýylynda Asa Ýahuda patyşa boldy.
10 Asa Iýerusalimde kyrk bir ýyl patyşalyk etdi; onuň enesiniň ady Magakady. Ol Abyşalomyň gyzydy.
11 Asa atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.
12 Asa buthananyň azgyn erkeklerini ýurtdan çykaryp, öz ata-babalarynyň ýasan ähli butlaryny ýok etdi.
13 Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden boşatdy, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, Kidron çaýynda ýakdy.
14 Emma Ysraýyldaky sežde edilýän ýerler ýok edilmändi. Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe Rebbe wepaly boldy.
15 Ol kakasynyň hem-de özüniň aýdan sadakalaryny, ýagny kümşi, altyny we gap-gaçlary Rebbiň öýüne getirdi.
16 Asa bilen ysraýyl patyşasy Bagşa bütin ömürlerine uruş etdiler.
17 Ysraýyl patyşasy Bagşa Ýahudanyň üstüne çozdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip-gitmek isleýänleriň ýoluny ýapmak üçin Rama galasyny berkitdi.
18 Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalarynda galan ähli kümüşdir altyny alyp, olary öz köşk emeldarlaryna berdi. Asa olary Tabrymmonyň agtygy, Hezýonyň ogly, Damaskda ýaşaýan Aram patyşasy Benhadada iberdi.
19 Asa öz emeldarlaryndan Benhadada şeýle habar ýollady: «Seniň kakaň bilen meniň kakamyň arasynda bolşy ýaly, ikimiziň aramyzda-da ylalaşyk bolsun. Men saňa kümüşdir altyn sowgat iberýärin. Sen git-de, Ysraýylyň patyşasy Bagşa bilen eden ylalaşygyňy boz, ol meniň üstümden sowulsyn».
20 Benhadat Asa patyşanyň aýdanlaryna gulak asdy. Ol goşun serkerdelerini iberip, Yýony, Dany, Abelbeýtmagakany, tutuş Naftaly ýurdy bilen birlikde bütin Kinnereti basyp aldy.
21 Bagşa muny eşidende, Ramany berkitmekden el çekip, Tirsada mesgen tutdy.
22 Soňra Asa patyşa Rama galasyndaky Bagşanyň berkitme üçin ulanyp ýören daşlaryny, agaçlaryny alyp gitmäge ýahudalara buýruk berdi. Asa patyşa bu daşdyr agaçlar bilen Benýamindäki Geba galasyny we Mispa galasyny berkitdi.
23 Asanyň galan ähli işleri, onuň gaýduwsyz edermenlikleri, ähli eden işleri we berkiden galalary barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Gojalan çagynda, ol aýakdan dert çekdi.
24 Asa ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda, atasy Dawut galasynda jaýlandy. Ogly Ýehoşapat onuň ýerine patyşa boldy. Ysraýyl patyşasy Nadap
25 Ýahuda patyşasy Asanyň patyşalygynyň ikinji ýylynda Ýarobgamyň ogly Nadap Ysraýyla patyşa boldy. Ol Ysraýylda iki ýyl patyşalyk etdi.
26 Nadap Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol kakasynyň ysraýyl halkyna etdiren günäli ýollaryndan ýöredi.
27 Ysakar neslinden bolan Ahyýanyň ogly Bagşa Nadaba garşy dildüwşük gurdy. Bagşa piliştlilere degişli bolan Gibetonda Nadaby öldürdi, çünki Bagşa bilen bütin ysraýyllar Gibetonyň daşyny gabapdylar.
28 Şeýdip, Bagşa ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň üçünji ýylynda Nadaby öldürip, onuň ýerine özi patyşa boldy.
29 Ol patyşa bolan dessine Ýarobamyň nesilleriniň baryny gyrdy, Rebbiň Öz guly şiloly Ahyýa arkaly aýdan sözüne görä, Ýarobgamyň nesillerinden bir adam hem diri galdyrylman, olaryň bary öldürildi.
30 Bu Ýarobgamyň ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirendigi zerarly, öz eden we Ysraýyla etdiren günäleri zerarly boldy.
31 Nadabyň galan işleri we ähli eden işleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
32 Asa bilen ysraýyl patyşasy Bagşa bütin ömürlerini urşup geçirdiler. Ysraýyl patyşasy Bagşa
33 Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň üçünji ýylynda Ahyýanyň ogly Bagşa Tirsada bütin Ysraýylyň üstünden patyşalyk edip, ýigrimi dört ýyl höküm sürdi.
34 Bagşa hem Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.




Chapter 16

1 Bagşa garşy Hananynyň ogly Ýehuwa Rebbiň şu sözi geldi:
2 «Sen hiç kimdiň, emma Men seni halkym ysraýyla patyşa etdim. Sen Ýarobgamyň ýolundan ýöräp, halkym ysraýyla günä etdirip, olaryň günäleri bilen meniň gaharymy getirdiň.
3 Şonuň üçin hem Men Bagşany we onuň bütin nesillerini Nebadyň ogly Ýarobgamyň nesilleri ýaly ýok ederin.
4 Bagşanyň nesillerinden galada ölenlerini itler, düzde ölenlerini guşlar iýer».
5 Bagşanyň galan işleri, onuň edermenlikleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
6 Bagşa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Tirsada ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ela onuň ýerine patyşa boldy.
7 Bagşanyň Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, öz pis işleri bilen Rebbiň gaharyny getirip, onuň Ýarobgamyň nesilleri ýaly bolandygy we şeýle hem onuň Ýarobgamyň nesillerini öldürendigi üçin, Hananynyň ogly Ýehu pygambere, Bagşa we onuň nesillerine garşy Rebbiň şu sözi geldi. Ysraýyl patyşasy Ela
8 Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň ýigrimi altynjy ýylynda Bagşanyň ogly Ela Tirsada Ysraýyla patyşa bolup, iki ýyl şalyk sürdi.
9 Ela Tirsada öz köşk emeldary Arsanyň öýünde serhoş bolup otyrka, Zimri oňa garşy dildüwşük gurdy. Zimri söweş arabalarynyň ýarysynyň serkerdesidi.
10 Zimri gelip, Elany öldürdi we onuň özi onuň ornuna patyşa boldy. Bu waka Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda bolup geçdi.
11 Zimri patyşa bolup, Elanyň tagtynda oturan badyna, Bagşanyň bütin nesillerinden, dogan-garyndaşlaryndan we dost-ýarlaryndan bolan bar erkegi öldürdi.
12 Şeýdip, Zimri Bagşanyň ähli nesillerini ýok etdi. Rebbiň Ýehu pygamberiň üsti bilen Bagşa garşy aýdan sözleri berjaý boldy.
13 Çünki Bagşa we onuň ogly Ela butlar ýasap, günä etdiler we olar ysraýyl halkyna-da günä etdirip, Ysraýyl Hudaýy Rebbi gazaplandyrdylar.
14 Elanyň galan işleri we ähli eden işleri barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Ysraýyl patyşasy Zimri
15 Ýahuda patyşasy Asanyň patyşalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda Zimri Tirsada ýedi gün patyşalyk etdi. Ysraýyl goşunlary piliştlilere degişli bolan Gibeton galasynyň daşyny gabapdylar.
16 Düşelgedäki goşunlar Zimriniň Ela patyşa garşy dildüwşük edip, ony öldürendigi baradaky habary eşidenlerinde, ysraýyl halky goşunbaşy Omryny düşelgede Ysraýyla patyşa etdiler.
17 Şeýdip, Omry bütin ysraýyl halky bilen Gibeton galasyndan çykyp, Tirsanyň daşyny gabadylar.
18 Zimri galanyň basylyp alnanyny görende, patyşa köşgüniň içki galasyna girip, patyşanyň köşgüne ot berip, oda ýanyp öldi.
19 Zimri Ýarobgamyň ýolundan ýöräp, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol öz eden günäleri üçin we Ysraýyla etdiren günäleri üçin öldi.
20 Zimriniň galan işleri we guran dildüwşügi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Ysraýyl patyşasy Omry
21 Zimri ölenden soň, ysraýyl halky iki bölege bölündi. Halkyň ýarysy Ginatyň ogly Tibnini patyşa etjek bolup, onuň yzyna eýerdi, galan ýarysy bolsa Omrynyň yzyna eýerdi.
22 Omrynyň yzyna eýeren halk, Ginatyň ogly Tibniniň yzyna eýeren halkdan güýçli bolup çykdy. Şeýdip, Tibni ölüp, Omry onuň ornuna patyşa boldy.
23 Ýahuda patyşasy Asanyň şalygynyň otuz birinji ýylynda Omry Ysraýyla patyşa bolup, on iki ýyl şalyk etdi. Omry Tirsada alty ýyl şalyk sürdi.
24 Omry Samarýa baýyrlygyny Şemerden üç ýarym batman kümşe satyn alyp, baýyrlykda şäher gurup, baýyrlygyň eýesi Şemeriň adyna görä guran şäherine Samarýa diýip at dakdy.
25 Omry Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Onuň eden pis işleri özünden öňki patyşalaryň ählisiniňkiden çökder boldy.
26 Çünki Omry Nebadyň ogly Ýarobgam ýaly günä etdi. Ol ysraýyl halkyna-da günä etdirip, Ysraýyl Hudaýy Rebbi gazaplandyrdy.
27 Omrynyň eden beýleki işleri we görkezen gaýduwsyzlygy hem edermenligi barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
28 Omry ata-babalaryna gowuşdy. Ol Samarýada ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ahap onuň ýerine patyşa boldy. Ysraýyl patyşasy Ahap
29 Ýahuda patyşasy Asanyň patyşalygynyň otuz sekizinji ýylynda Omrynyň ogly Ahap Ysraýyla patyşa bolup, Samarýada ýigrimi iki ýyl şalyk sürdi.
30 Ahap Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Onuň eden pis işleri özünden öňki patyşalaryň ählisiniňkiden çökder boldy.
31 Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi.
32 Ahap Samarýada Bagal üçin guran buthanasynda Bagal üçin gurbanlyk sypasyny gurdy.
33 Ahap hem aýal hudaýy Aşera butuny ýasady. Ahap Ysraýyl Hudaýyny Rebbiň gaharyny getirmekde Ysraýylyň özünden öňki patyşalarynyň baryndan ozdurdy.
34 Ahabyň döwründe beýtelli Hiýel Ýerihony täzeden dikeltdi. Hiýel onuň düýbüni tutanda, uly ogly Abyramy gurbanlyk etdi. Ýerihonyň derwezelerini oturdanda, ol iň kiçi ogly Seguby gurbanlyk berdi. Şeýdip, Rebbiň Nun ogly Ýeşuwa arkaly aýdan sözi berjaý boldy.




Chapter 17

1 Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».
2 Ylýasa Rebbiň şu sözi geldi:
3 «Bu ýerden gündogara git-de, Iordanyň gündogaryndaky Kerit çeşmesiniň boýunda gizlen.
4 Sen çeşme suwundan içersiň. Ol ýerde gargalara seni iýmitlendirmegi tabşyrandyryn».
5 Ylýas Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi. Ol gidip, Iordan derýasynyň gündogaryndaky Kerit çeşmesiniň boýunda mesgen tutdy.
6 Gargalar Ylýasa ertirine-de, agşamyna-da çörek bilen et getirip berýärdiler, ol çeşmäniň suwundan içýärdi.
7 Wagtyň geçmegi bilen çeşme gurady, çünki ýurda ýagyş ýaganokdy. Ylýas we sarepatly dul hatyn
8 Ylýasa Rebbiň şu sözi geldi:
9 «Tur, Sidonyň Sarepat galasyna bar-da, şol ýerde mesgen tut, çünki ol ýerde Men bir dul hatyna seni iýmitlendirmegi tabşyrandyryn».
10 Şeýdip, Ylýas Sarepata gitdi. Ol galanyň derwezesine geldi, görse, ol ýerde bir dul aýal çöpleme çöpläp ýördi. Ol aýaly çagyryp, oňa: «Maňa içmäge käsede biraz suw getiräý» diýdi.
11 Ol aýal suw getirmäge barýarka, Ylýas ony yzyna çagyryp: «Bir döwüm çörek hem alyp gelsene» diýdi.
12 Ol aýal, Ylýasa şeýle jogap berdi: «Hudaýyň Rebden ant içýärin, mende çörek ýok. Mende diňe haltaň düýbündäki bir goşawuç un bilen golçada biraz ýag bar. Ine, men häzir öýe gidip, şol barja un bilen özüm hem oglum üçin külçe bişirmek üçin çöpleme çöpläp ýörün. Biz ony iýeris, onsoň öleris».
13 Ylýas oňa şeýle diýdi: «Sen alada etme. Bar öýüňe git-de, çöregiňi bişir. Şol barja unuňdan sen öňürti maňa bir kiçijik çörek bişirip getir. Ondan soň unuň galanyndan özüň we ogluň üçin çörek bişirersiň.
14 Çünki ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Rebbiň ýagyş ýagdyrjak gününe çenli haltadaky un tükenmez, golçadaky ýag egsilmez“».
15 Bu aýal gidip, Ylýasyň aýdyşy ýaly etdi. Ylýas bilen ýaňky aýal we onuň öý-içerisi bir goşawuç uny uzak wagtlap iýdiler.
16 Şeýdip, Rebbiň Ylýas arkaly aýdan sözi berjaý bolup, haltadaky un tükenmedi, golçadaky ýag egsilmedi.
17 Birnäçe wagt geçenden soň, ýaňky hojaýyn aýalyň ogly syrkawlaýar. Oglanyň haly ýaramazlaşyp, ol aradan çykýar.
18 Onsoň ol aýal Ylýasa: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge geldiňmi?» diýýär.
19 Ylýas oňa: «Ogluňy maňa ber» diýýär. Ylýas oglany aýalyň gujagyndan alyp, ony öz bolýan ýokarky gatdaky otagyna getirip, öz düşeginde ýatyrýar.
20 Soňra ol Rebbe ýalbaryp, dileg edýär: «Eý, Hudaýym Reb, Sen näme üçin bu dul hatynyň başyna bela getirdiň? Ol maňa öz öýünden ýer berdi, Sen bolsa onuň ogluny öldürýärsiň!»
21 Onsoň ol üç gezek çaganyň üstünde ýazylyp ýatyp, Rebbe ýalbaryp dileg edýär: «Eý, Hudaýym Reb, Saňa ýalbarýaryn, bu çagany direlt».
22 Reb Ylýasyň dilegini eşidýär we çaga direlýär.
23 Ylýas çagany ýokarky otagdan getirip, ejesine berýär. Ylýas oglanyň ejesine: «Seret, seniň ogluň direldi» diýýär.
24 Onsoň ol aýal Ylýasa: «Men indi seniň Hudaýyň adamydygyňy, Rebbiň sen arkaly aýdan sözüniň hakykatdygyny bilýärin» diýýär.




Chapter 18

1 Birnäçe wagt geçenden soň, guraklygyň üçünji ýylynda, Reb Ylýasa şeýle diýýär: «Bar, Ahabyň ýanyna git; Men ýurda ýagyş ýagdyrjak».
2 Şeýdip, Ylýas Ahabyň ýanyna gitdi. Samarýada açlyk gaty gazaplydy. 3–4 Ahap köşgi dolandyrýan Abadýany çagyrdy. (Abadýa bütin kalby bilen Rebbe ybadat edýärdi. Izebel Rebbiň pygamberlerini öldürýärkä, Abadýa ýüz pygamberi äkidip, elli-elliden iki gowakda gizläp, çörek, suw bilen üpjün edipdi).
5 Onsoň Ahap Abadýa şeýle diýdi: «Sen git-de, ýurduň bütin çeşmelerine, bütin ýaplaryna aýlan, belki, ot tapyp, atlary, gatyrlary we mal-garany horlamarys».
6 Şeýdip, olar aýlanmak üçin ýurdy öz aralarynda paýlaşdylar. Ahabyň we Abadýanyň hersi bir tarapa gitdiler.
7 Abadýa ýolda Ylýas pygambere duşdy. Abadýa ony tanap, öňünde baş egip, oňa şeýle diýdi: «Jenabym Ylýas, bu senmisiň?»
8 Ylýas oňa: «Hawa, bu mendirin, bar, sen git-de, öz jenabyňa Ylýas şu ýerde diýip aýt» diýdi.
9 Abadýa oňa şeýle jogap berdi: «Guluňy Ahabyň eline berip öldüreriň ýaly men näme günä etdim?
10 Hudaýyň Rebden ant içýärin, jenap patyşanyň seni idäp, adam ibermedik ýurdy galmady. Her ýurduň baştutany: „Ylýas bu ýurtda däl“ diýip habar berende, Ahap oňa ant içirdi.
11 Ýöne häzir sen maňa: „Bar-da, jenabyňa Ylýas şu ýerde diýip aýt“ diýýärsiň.
12 Men seniň ýanyňdan giden badyma, Rebbiň ruhy seni äkider, men-de seniň nirededigiňi bilmerin. Şeýdip, men baryp, Ahaba seniň bardygyňy aýtsam, ol-da seni tapmasa, meni öldürer. Guluň ýaşlygyndan bäri bütin kalby bilen Rebbe ybadat edip geldi.
13 Izebel Rebbiň pygamberlerini öldürende, ýüz adamy elli-elliden iki gowakda gizläp, olary çörek we suw bilen üpjün edenim jenabyma aýtmadylarmy näme?
14 Sen indi: „Bar-da, jenabyňa Ylýas şu ýerde diýip aýt diýýärsiň“. Ol meni hökman öldürer».
15 Ylýas: «Gulluk edýän Hudaýym Hökmürowan Rebden ant içýärin, men şu gün oňa hökman görnerin» diýdi.
16 Şeýdip, Abadýa Ahabyň ýanyna gidip, oňa Ylýas barada habar berdi. Ahap Ylýas pygamberiň ýanyna gitdi.
17 Ahap Ylýasy görüp, oňa: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän senmisiň?» diýdi.
18 Ylýas oňa şeýle jogap berdi: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän men däldirin. Sen we seniň ata-babalaryň Rebbiň tabşyryklaryny terk edip, Bagalyň yzyna eýerdiňiz.
19 Şonuň üçin hem sen häzir bütin ysraýyllary, Izebeliň goldaýan dört ýüz elli Bagal butunyň pygamberlerini we dört ýüz Aşera butunyň pygamberlerini Karmel dagyna, meniň ýanyma ýygna».
20 Şeýdip, Ahap bütin ysraýyl halkyna çaparlar ýollap, ähli pygamberleri Karmel dagyna ýygnady.
21 Ylýas bütin halka golaý gelip, şeýle diýýär: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Beýik Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň». Halk oňa hiç hili jogap gaýtarmaýar.
22 Soňra Ylýas halka şeýle diýýär: «Rebbiň pygamberlerinden men, diňe men galdym, ýöne Bagalyň pygamberleri dört ýüz ellidir.
23 Goý, bize iki öküz bersinler. Bagalyň pygamberleri bir öküzi saýlap alyp, ony dograp, odunyň üstünde goýsunlar, ýöne ot ýakmasynlar; men hem beýleki öküzi taýýarlap, ony odunyň üstünde goýaryn, ýöne ot ýakmaryn.
24 Onsoň siz öz hudaýyňyzdan, men hem Rebbe dileg ederin. Haýsy hudaý ot bilen jogap berse, şol hakyky Hudaýdyr». Bütin halk bu pikiri makullaýar.
25 Onsoň Ylýas Bagal butunyň pygamberlerine şeýle diýýär: «Özüňize bir öküz saýlaň-da, siz ony öňürti taýýarlaň, çünki siz köp. Onsoň hudaýyňyza dileg ediň, ýöne ot ýakmaň».
26 Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam edýärler, ýöne ses-üýn bolmaýar, jogap beren-de bolmaýar.
27 Ylýas günortan olary masgaralap, şeýle diýýär: «Batly gygyryň! Çünki ol hudaýdyr, belki, ol pikirlenýändir ýa-da aýak ýoluna çykandyr ýa-da syýahat etmäge gidendir, belki-de, ol ukydadyr, ony oýarmak gerekdir».
28 Onsoň olar batly ses bilen gygyryşyp, öz adatlaryna görä, bedenlerinden gan akýança, gylyçlar, naýzalar bilen özlerini ýaralaýarlar.
29 Wagt öýleden agyp, agşam gurbanlygy hödürlenmeli wagta çenli, olar uly goh-galmagal bilen tans edip, pygamberlik eden bolýarlar, ýöne ses-üýn bolmaýar, jogap beren-de bolmaýar.
30 Onsoň Ylýas bütin halka: «Meniň ýanyma geliň» diýýär. Olar onuň ýanyna gelýärler. Ylýas ilki bilen Rebbiň ýykylan gurbanlyk sypasyny dikeldýär.
31 Ylýas Ýakubyň ogullarynyň tireleriniň sanyna görä on iki sany daş aldy, çünki Ýakuba Rebbiň «Seniň adyň Ysraýyl bolar» diýen sözi gelipdi.
32 Ol şol daşlardan Rebbe gurbanlyk sypasyny gurýar. Soňra ol gurbanlyk sypasynyň töwereginde iki kersen tohum sygjak çukur gazýar.
33 Ondan soň ol odunlary bir ýere üýşürip, öküzi soýup bölekleýär-de, olary odunlaryň üstünde goýýar. Soňra ol: «Dört çelegi suwdan dolduryň-da, olary ýakma gurbanlygynyň üstüne we odunlaryň üstüne döküň» diýýär.
34 Ylýas pygamber: «Muny ýene bir gezek gaýtalaň» diýýär. Olar suwy ikinji gezek gaýtalap guýýarlar. Ol: «Muny üçünji gezek gaýtalaň» diýýär. Olar suwy üçünji gezek guýýarlar.
35 Şeýdip, suw gurbanlyk sypasynyň töweregine akyp, çukury doldurýar.
36 Agşam gurbanlyk hödürlenmeli wagty Ylýas pygamber gurbanlyk sypasyna golaý gelip, şeýle dileg edýär: «Eý, Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýyl Hudaýy Reb, bu gün Sen Ysraýylda Hudaýdygyňy, meniň guluňdygymy, meniň bu ähli zatlary Seniň tabşyrygyň bilen edýändigimi subut et.
37 Dilegimi eşit, ýa Reb, maňa jogap ber! Bu halk Sen Rebbiň Hudaýdygyňy we olary yzlaryna, Özüňe çagyrýandygyňy bilsin».
38 Şeýdip, Reb aşak ot inderip, ýakma gurbanlygyny, odunlary, daşlary we topragy ýandyrýar, hatda çukurdaky suwy-da guradyp taşlaýar.
39 Bütin halk muny görüp, ýüzin ýykylyp: «Beýik Hudaýdyr! Beýik Hudaýdyr!» diýýär.
40 Ylýas olara: «Bagalyň pygamberlerini tutuň, olaryň ýekejesi-de gaçmasyn» diýýär. Adamlar olaryň baryny tutýarlar. Ylýas Bagalyň pygamberlerini Kişon çeşmesine getirip, olary şol ýerde öldürýär. Gurakçylygyň soňy
41 Ylýas Ahaba: «Git-de, iýip-iç, çünki güýçli ýagşyň sesi gelýär» diýdi.
42 Şeýdip, Ahap iýip-içmäge gitdi. Ylýas pygamber bolsa Karmel dagynyň çür depesine çykyp, iki bükülip, kellesini dyzlarynyň arasynda goýdy.
43 Ylýas pygamber öz hyzmatkärine: «Bar, deňze tarap seret» diýdi. Hyzmatkär deňze tarap seretdi-de: «Ol ýerde görünýän zat ýok» diýdi. Ol hyzmatkärine şol bir hereketi ýedi gezek gaýtalamagy buýurdy.
44 Ýedinji gezekde hyzmatkär: «Seret, deňizden eliň aýasy kimin bir bölejik bulut ýokary galyp barýar» diýdi. Onsoň Ylýas pygamber hyzmatkärine: «Git-de, Ahaba at arabasyny taýýarlap, öýüne gitmegini tabşyr, ýogsam ýagyş ony ýolundan saklar» diýdi.
45 Bir salymdan soň asmanyň ýüzüni gara bulut büräp, ýel turup, güýçli ýagyş ýagdy. Ahap arabasyna münüp, Ýizregel galasyna gitdi.
46 Ylýasa Rebbiň güýji geldi. Ol donuny biline guşap, tä Ýizregeliň derwezesine çenli uzak ýola Ahabyň öňünden ylgap gitdi.




Chapter 19

1 Ahap Ylýasyň bar eden zatlary, pygamberleri nädip gylyç bilen öldürendigi barada aýaly Izebele gürrüň berdi.
2 Onsoň Izebel Ylýasa çapar ýollap: «Ertir şu wagtlar men seniň özüňi hem şol öldürilen pygamberleriň gününe salmasam, goý, onda hudaýlar maňa-da muny we mundanam beterini görkezsin» diýdi.
3 Ylýas bu habary eşidip gorkdy. Ol öz janyny gutarmak üçin gaçyp, Ýahudanyň Beýerşeba galasyna geldi. Ol hyzmatkärini şol ýerde galdyrdy.
4 Ylýas pygamberiň özi bolsa çölde bir günlük ýol ýöräp, gelip, bir gyrymsy sübse agajynyň aşagynda oturdy-da, öz ölümini diläp: «Besdir, ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» diýdi.
5 Soňra ol gyrymsy sübse agajynyň aşagynda ýatdy-da, uka gitdi. Ine, birdenkä bir perişde Ylýasy yrap: «Tur-da, iýip-iç» diýdi.
6 Ylýas pygamber töweregine garanjaklady. Ine, görse, onuň başujynda gyzgyn daşyň üstünde bişirilen çörek bilen bir küýze suw bardy. Ol iýip-içip, ýene-de ýatdy.
7 Rebbiň perişdesi ikinji gezek gelip, ony yrap: «Tur-da, iýip-iç, ýogsam bu syýahat gaty uzak we kyn bolar» diýdi.
8 Ylýas pygamber turup iýip-içdi. Onsoň ol naharyň güýjüne kyrk gije-gündizläp ýol ýöräp, Hudaýyň dagy Horeba geldi.
9 Ylýas pygamber ol ýerde bir gowaga girip, gijäni şol ýerde geçirdi. Onsoň Ylýasa Rebbiň şu sözi geldi: «Ylýas, sen bu ýerde näme işläp ýörsüň?»
10 Ylýas Oňa şeýle jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum. Ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, Seniň pygamberleriňi öldürdiler. Meniň diňe ýeke özüm galdym. Olar şu wagt meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».
11 Reb Ylýasa: «Daşary çyk-da, dagda Meniň huzurymda dur, çünki Men-Reb şol ýerden geçerin» diýdi. Rebbiň öňünde daglary, daşlary ýarýan şeýle bir güýçli ýel turdy, ýöne Reb ýeliň içinde geplemedi. Ýelden soň ýertitreme boldy, ýöne Reb ýertitremede hem geplemedi.
12 Ýertitremeden soň ot geldi, ýöne Reb oduň içinde-de geplemedi. Otdan soň mylaýym, pessaý ses geldi.
13 Ylýas muny eşidende, ýüzüni donuna büräp, daşary çykyp, gowagyň agzynda durdy. Ine, bir ses gelip, oňa: «Ylýas, sen bu ýerde näme işläp ýörsüň?» diýdi.
14 Ylýas Oňa şeýle diýip jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum, çünki ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, pygamberleriňi öldürdiler. Indi men ýeke galdym. Olar meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».
15 Onsoň Reb Ylýas pygambere şeýle diýdi: «Bar, çöl ýoly bilen yzyňa git-de, Damaska sowul. Ol ýere bar-da, Hazaýyly Aramyň üstünden patyşalyga onuň başyna ýag çalyp saýla.
16 Şeýle hem Nimşiniň ogly Ýehuwy Ysraýylyň üstünden patyşalyga onuň başyna ýag çalyp saýla; Abelmeholadan bolan Şapatyň ogly Elýaşany bolsa öz ornuňa pygamberlige onuň başyna ýag çalyp saýla.
17 Hazaýylyň gylyjyndan gutulany Ýehu öldürer, Ýehuwyň gylyjyndan gutulany bolsa Elýaşa öldürer.
18 Men Ysraýylda Bagal butuna sežde etmedik, ony öpmedik ýedi müň adamy galdyraryn». Elýaşa Ylýas pygamberiň şägirdi bolýar
19 Şeýdip, Ylýas ol ýerden gidip, Şapatyň ogly Elýaşany tapdy. Ol ýer sürüp ýördi. Onuň öňünde on iki jübüt öküz bardy. Elýaşa on ikinji jübütiň ýanyndady. Onuň ýanyndan geçende, Ylýas öz donuny onuň egnine atdy.
20 Elýaşa öküzlerini taşlap, Ylýasyň yzyndan ylgady. Elýaşa Ylýasa: «Men öňürti enem-atam bilen hoşlaşaýyn, onsoň seniň yzyňa düşeýin» diýdi. Ylýas oňa: «Bar, gidiber, ýöne sen meniň eden işimiň näme aňladýandygyny bilýänsiň» diýdi.
21 Elýaşa Ylýas pygamberiň ýanyndan gaýdyp, bir jübüt öküziň boýuntyryklaryny aýryp, olaryň damagyny çaldy. Azalyň agaçlaryny ýakyp, öküzleriň etlerini bişirip, halka paýlady, halk ony iýdi. Ondan soň Elýaşa gidip, Ylýas pygamberiň yzyna eýerip, onuň şägirdi boldy.


<

Chapter 20

1 Aramyň patyşasy Benhadat özüniň bütin goşunyny toplady. Onuň ýanynda atlar, uruş arabalary bilen birlikde otuz iki sany han bardy. Ol Samarýa garşy ýöriş edip, onuň daşyny gabap, gala hüjüm etdi.
2 Benhadat gala ysraýyl patyşasy Ahaba çaparlardan şeýle habar ýollady.
3 Benhadat Ahaba: «Seniň kümşüň, altynyň meniňkidir; seniň iň owadan aýallaryň we iň güýçli ogullaryň-da meniňkidir» diýdi.
4 Ysraýyl patyşasy Ahap Benhadata şeýle jogap berdi: «Eý, meniň jenap patyşam, seniň aýdyşyň ýaly bolar; men we meniň ähli zadym seniňkidir».
5 Çaparlar ýene-de Ahabyň ýanyna dolanyp gelip: «Benhadat şeýle diýýär diýdiler: „Men saňa adam iberip, kümşüňi, altynyňy, aýallaryňy, çagalaryňy maňa getirip ber diýdim.
6 Muňa garamazdan, men ertir şu wagtlar emeldarlarymy seniň ýanyňa ibererin. Olar seniň köşgüňi we seniň adamlaryň öýlerini döküp, gözlerine ýakan zatlaryny alyp gaýdarlar“» diýdi.
7 Onsoň ysraýyl patyşasy ýurduň ähli ýaşulularyny çagyryp, olara şeýle ýüzlendi: «Serediň! Bu adam pislik agtarýar! Ol çaparlar ýollap, meniň aýallarymy, ogullarymy, altyn-kümşümi talap etdi, men-de boýun gaçyrmadym».
8 Onsoň ähli ýaşulular we halk Ahaba: «Benhadata gulak asma we onuň bilen ylalaşma» diýdiler.
9 Şeýlelik bilen Ahap Benhadadyň çaparlaryna şeýle diýdi: «Jenabym patyşa şeýle diýiň: „Bu guluňdan ilki soran zatlaryňy bererin, ýöne seniň meniň köşgümi we ähli adamlaryň öýlerini döküp, gözüňe ýakan zatlaryňy alyp gitmek pikiriň bilen ylalaşmaýaryn“». Çaparlar gidip, oňa bu jogaby ýetirdiler.
10 Benhadat ýene-de çaparlaryny Ahabyň ýanyna ýollap, şeýle diýdi: «Men Samarýany ýer bilen ýegsan etmek üçin ägirt uly goşun getirerin. Eger Samarýadan esgerlerimiň owuçlaryny doldurmaga ýeterlik toz tapylsa, goý, onda hudaýlar maňa muny we mundanam beterini görkezsin».
11 Ysraýylyň patyşasy Benhadata şeýle jogap berdi: «Söweşe ugraýan söweşden üstün çykyp, yzyna dolanyp gelýän esger kimin öwünmeli däldir».
12 Benhadat bu habary eşidende, hanlar bilen çadyrda şerap içip otyrdy. Ol öz esgerlerine: «Nyzama duruň» diýdi. Olar gala hüjüm etmäge nyzama durdular.
13 Şol wagt bir pygamber ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna baryp, Reb saňa şeýle diýýär: «Bu ägirt uly goşuny görýärsiňmi? Şu gün Men ony seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.
14 Ahap ol pygamberden: «Bu ýeňiş kimiň üsti bilen gazanylar?» diýip sorady. Ol pygamber: «Bu ýeňiş welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerleriň üsti bilen gazanylar» diýip jogap berdi. Onsoň Ahap: «Urşy kim başlar?» diýip sorady. Pygamber: «Sen başlarsyň» diýip jogap berdi.
15 Onsoň Ahap welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerleri toplady, olar iki ýüz otuz ikidiler. Ondan soň ol Ysraýylyň bütin goşunyny toplady, olar ýedi müňdüler. 16–17 Welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerler günortan hüjüme başladylar. Benhadat bolsa özi bilen ylalaşyk baglaşan otuz iki patyşa bilen çatmada şerap içip, serhoş bolup otyrdy. Benhadatyň Samarýa iberen esgerleri oňa: «Bir topar esgerler Samarýadan çykyp gelýärler» diýip habar berdiler.
18 Benhadat: «Ýaraşyk üçin gelenem bolsalar, uruşmak üçin gelenem bolsalar olary diri tutuň» diýdi.
19 Welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerler eýýäm ýörişe çykypdylar. Ysraýyl goşuny-da olaryň yzy bilen gelýärdi.
20 Olaryň hersi öz garşydaşyny öldürdi. Aramlylar gaçdylar, ysraýyl goşuny olaryň yzlaryndan kowdy. Aram patyşasy Benhadat atly beýleki söweş arabaly goşuny bilen gaçyp gutuldy.
21 Ysraýyl patyşasy Ahabyň baştutanlygyndaky ysraýyl goşuny ýörişe çykyp, aramlylaryň atly goşunynyň we söweş arabalarynyň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi.
22 Soňra pygamber ysraýyl patyşasynyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdi: «Git-de, güýç topla, seresaply meýilnama düz, çünki indiki baharda Aram patyşasy Benhadat täzeden seniň üstüňe hüjüm eder». Ikinji Aram çozuşy
23 Aram patyşasynyň emeldarlary oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyllaryň hudaýlary baýyrlaryň hudaýlary bolansoň, olar bizden güýçli çykdylar. Eger olar bilen düzlükde uruşsak, biz hökman olardan güýçli çykarys.
24 Sen şeýle hem patyşalary aýryp, olaryň ýerine welaýat häkimlerini belle.
25 Söweşde ýitiren uly goşunyň ýaly täzeden, şol bir mukdardaky atly we söweş arabaly ägirt uly goşun topla. Soňra olar bilen düzlükde uruş ederis, biz hökman olardan üstün çykarys». Patyşa olaryň sözüni diňläp, aýdyşlary ýaly hem etdi.
26 Bahar paslynda Benhadat Aram goşunyny toplap, Ysraýylyň garşysyna uruş etmek üçin Apege gitdi.
27 Ysraýyl goşuny toplanyp, azyk bilen üpjün edilenden soň, olar aramlylaryň garşysyna çykdylar. Ysraýyllar olaryň garşysynda iki kiçi geçi sürüsi kimin nyzama durdular. Aramlylaryň goşuny bolsa tutuş düzlügi doldurdy.
28 Hudaýyň adamy Ysraýylyň patyşasynyň ýanyna gelip, Reb şeýle diýýär: «Aramlylaryň: „Reb baýyr hudaýydyr, düz hudaýy däldir“ diýendikleri üçin, Men bu ägirt uly goşuny seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.
29 Olar ýedi günläp, biri-biriniň garşysynda düşlediler. Onsoň ýedinji güni uruş başlanyp, ysraýyllar bir günüň içinde aramlylaryň ýüz müň pyýada goşunyny gyrdylar.
30 Aramlylaryň aman galanlary Apek galasyna gaçyp girdiler. Gala gaçyp giren ýigrimi ýedi müň adamyň üstüne diwar ýykyldy. Benhadat hem gala gaçyp, ol şol ýerdäki bir içki otagda gizlendi.
31 Benhadadyň emeldarlary oňa: «Ysraýylyň patyşalary, rehimli patyşalar diýip eşitdik. Geliň, jul geýnip, boýnumyza ýüp salyp, özümiziň boýun egýändigimizi görkezmek üçin ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna gideliň, belki-de, ol seni diri galdyrar».
32 Şeýdip, olar jul geýnip, boýunlaryna ýüp salyp, ysraýyl patyşasynyň ýanyna baryp: «Seniň guluň Benhadat: „Haýyş edýärin, meni öldürme“ diýýär» diýdiler. Ahap: «Ol entäk dirimi? Ol maňa dogan ýalydyr» diýdi.
33 Benhadadyň emeldarlary patyşadan ýagşy söze garaşýardylar. Olar patyşanyň agzyndan çykan dogan sözüni eşiden batlaryna, ony agzyndan kakyp alyp: «Hawa, Benhadat saňa dogan ýalydyr» diýdiler. Onsoň Ahap: «Baryň gidiň-de, Benhadady meniň ýanyma getiriň» diýdi. Şeýdip, Benhadat Ahap patyşanyň ýanyna geldi. Ahap Benhadady öz söweş arabasyna mündürdi.
34 Benhadat Ahaba: «Men kakamyň seniň kakaňdan alan galalaryny yzyna gaýtaryp bererin. Kakamyň Samarýada bazarlar gurşy ýaly sen hem Damaskda özüňe bazarlar gur» diýdi. Ahap: «Eger sen şu beren wadaňa wepaly bolsaň, men seni boşadaryn» diýdi. Şeýdip, Ahap Benhadat bilen äht baglaşyp, ony boşatdy. Pygamber Ahaby ýazgarýar
35 Pygamberler toparyndan bolan başga bir pygamber Rebbiň tabşyrygy boýunça öz ýoldaşyna: «Meni ur» diýdi. Ol pygamber ony urmakdan boýun gaçyrdy.
36 Onsoň ol pygamber beýleki pygambere: «Rebbiň sözüne gulak asmandygyň üçin sen meniň ýanymdan giden badyňa, seni bir ýolbars öldürer» diýdi. Ýaňky pygamber beýleki pygamberiň ýanyndan gitdi. Ýolda oňa bir ýolbars gabat gelip, ony öldürdi.
37 Soňra ol başga bir adamy tapyp, oňa: «Meni ur» diýdi. Şeýdip, ol adam pygamberi urup, ony ýaralady.
38 Soňra pygamber gözlerini sargy bilen daňyp, ýoluň boýunda patyşa garaşdy.
39 Ahap patyşa ýoldan geçip barýarka, pygamber ony çagyryp, şeýle diýdi: «Jenabym, men–guluň söweş meýdanynyň ortarasynda söweşip ýörkäm, bir esger meniň ýanyma öz ýesir alan duşmanyny getirip: „Şu adamy öz ýanyňda sakla. Eger ol gaçaýsa, sen ony öz janyň bilen ýa-da iki putdan gowrak kümüş bilen tölärsiň“ diýdi.
40 Men – guluň odur-budur işe güýmenip ýörkä, ýaňky adam ýitirim boldy». Ysraýyl patyşasy oňa: «Saňa edil öz aýdyşyň ýaly jeza berler» diýdi.
41 Pygamber haýal etmän gözlerindäki sargyny aýyrdy. Ysraýyl patyşasy bolsa dessine onuň pygamberleriň biridigini bildi.
42 Onsoň pygamber Ahap patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Meniň ölüme höküm eden adamymy eliňden goýberendigiň üçin seniň özüň onuň deregine ölersiň, onuň halkynyň başyna geljek bela seniň halkyňyň başyna geler“» diýdi.
43 Ysraýylyň patyşasy Ahap ýüzüni sortduryp, gaharly Samarýa öz öýüne gitdi.




Chapter 21

1 Biraz wagtdan soň başga wakalar bolup geçdi. Ýizregel galasynda Samarýa patyşasy Ahabyň köşgüniň ýanynda ýizregelli Nabodyň üzümçiligi bardy.
2 Bir gün Ahap Nabota: «Maňa gök önüm ekmäge ýer bolar ýaly üzümçiligiňi maňa ber, çünki seniň üzümçiligiň meniň köşgüme ýakyndyr. Men onuň deregine saňa ondan has oňat bag bereýin. Eger isleseň, men saňa onuň bahasyny kümüş bilen töläýin» diýdi.
3 Emma Nabot Ahaba: «Ata-babalarymdan galan mirasy saňa bermekden Hudaý saklasyn!» diýdi.
4 Ahap ýizregelli Nabodyň aýdan sözüne ýüzüni sortduryp, gaharly halda öýüne gaýtdy, çünki Nabot: «Atalarymyň mirasyny saňa bermerin» diýipdi. Ahap öýüne gelip, hiç zat iýip-içmezden düşegine geçip, ýüzüni ters öwrüp ýatdy.
5 Aýaly Izebel Ahabyň ýanyna gelip, ondan: «Sen hiç zat iýmän-içmän, näme beýle ynjalyksyz görünýärsiň?» diýip sorady.
6 Ahap aýalyna şeýle jogap berdi: «Men ýizregelli Nabota: „Üzümçiligiňi maňa kümşe sat ýa-da isleseň, onuň deregine saňa başga bir üzümçilik bereýin“ diýdim. Ol maňa: „Üzümçiligimi saňa satjak däl“ diýdi».
7 Aýaly Izebel oňa: «Ysraýyla patyşalyk edýän sen dälmi näme? Tur, naharyňy iý-de, göwnüňi hoşla; ýizregelli Nabodyň üzümçiligini saňa meniň özüm alyp bererin».
8 Şeýdip, Izebel Ahabyň adyndan hatlar ýazyp, olary Ahabyň möhüri bilen möhürledi-de hatlary Ýizregel galasynda ýaşaýan ýaşululara, beglere iberdi.
9 Ol hatlarda şeýle ýazylypdy: «Agyz beklemegi yglan ediň-de, Naboty halkyň öňünde törde oturdyň.
10 Onuň garşysynda hem iki sany pis adamy oturdyň we olar: „Sen Hudaýy, patyşany näletlediň“ diýip, ol barada güwälik etsinler. Onsoň Naboty galadan daşaryk çykaryň-da, daşlap öldüriň».
11 Ýizregel galasynyň adamlary, ýaşululary we begleri Izebeliň özlerine iberen hatynda tabşyryşy ýaly hem etdiler.
12 Olar agyz beklemegi yglan edip, Naboty halkyň öňünde hormatly ýerde oturtdylar.
13 Iki sany pis adam gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Naboty galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler.
14 Soňra olar Izebele: «Nabot daşlanyp öldürildi» diýip habar iberdiler.
15 Nabodyň daşlanyp öldürilendigi baradaky habary eşiden badyna, Izebel Ahabyň ýanyna baryp: «Git-de, ýizregelli Nabodyň saňa kümşe satmakdan boýun gaçyran üzümçiligini eýele, çünki Nabot öldürildi».
16 Ýizregelli Nabodyň öldürilendigi barada eşiden badyna, Ahap onuň üzümçiligini eýelemäge gitdi.
17 Onsoň Reb tişbeli Ylýas pygambere şeýle diýdi:
18 «Sen Samarýa patyşalyk edýän ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna git. Ol häzir Nabodyň üzümçiligindedir. Ol ony öz eýeçiligine almaga gitdi.
19 Sen oňa Reb şeýle diýýär diý: „Sen ilki Nabody öldürdüň, indi hem onuň üzümçiligini eýeleýäňmi? Itler Nabodyň ganyny ýalan ýerlerinde seniň hem ganyňy ýalarlar“».
20 Ahap Ylýasa: «Hä, duşmanym meni ahyry tapdyňmy?» diýdi. Ylýas oňa: «Hawa, men seni tapdym, çünki sen Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmäge ýüz urduň!
21 Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men seniň başyňdan bela inderip, seniň ýoguňa ýanaryn! Ysraýylda isle gul bolsun, isle-de azat, parhy ýok – Ahabyň erkek nesilleriniň baryny gyraryn.
22 Meniň gaharymy getirip, ysraýyl halkyna günä etdirenligiň üçin seniň nesilleriňi-de Nebadyň ogly Ýarobgamyň we Ahyýanyň ogly Bagşanyň nesilleri ýaly ederin“.
23 Şeýle hem Reb aýalyňy Izebel barada şeýle diýýär: „Izebeli Ýizregel galasynyň golaýynda itler iýer.
24 Ahaba degişli bolanlaryň galada ölenlerini itler, düzde ölenlerini bolsa guşlar iýer“» diýdi.
25 (Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmekde Ahapdan ozduran adam bolmandy. Ol bu pis işleri aýaly Izebeliň itergisi bilen etdi.
26 Ahap Reb tarapyndan ysraýyllaryň öňünden kowup çykarylan amorlar ýaly butlara sežde edip, iň nejis işleri etdi).
27 Ahap bu sözleri eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, agyz bekläp, julda ýatyp, uly gama batdy.
28 Onsoň tişbeli Ylýasa Rebbiň şu sözi geldi:
29 «Ahabyň özüni Meniň öňümde nähili kiçeldendigini gördüňmi? Onuň Maňa boýun egendigi üçin Men belany Ahabyň başyna onuň günlerinde getirmän, ogullarynyň günlerinde getirerin».




Chapter 22

1 Üç ýyllap Aram bilen Ysraýylyň arasynda hiç hili uruş bolmady.
2 Üçülenji ýyl Ýahuda patyşasy Ýehoşapat ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna geldi.
3 Ysraýyl patyşasy Ahap öz adamlaryna: «Siz Ramotgilgadyň bize degişlidigini bilýärsiňizmi? Ramotgilgady Aram patyşasynyň elinden almak üçin biz entek hiç zat edemizok» diýdi.
4 Ahap Ýehoşapatdan: «Sen meniň bilen Ramotgilgada hüjüm etmäge gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat ysraýyl patyşasyna: «Menem, halkam, atlaram seniň hyzmatyňdadyrys» diýip jogap berdi.
5 Ýehoşapat sözüni dowam edip, Ysraýylyň patyşasy Ahaba: «Öňürti Rebden sorap göräý» diýdi.
6 Onsoň Ysraýylyň patyşasy Ahap dört ýüze golaý pygamberi toplap, olardan: «Men Ramotgilgada hüjüm edeýinmi ýa-da etmäýinmi?» diýip sorady. Olar: «Hüjüm et, çünki Reb ony seniň eliňe berer» diýdiler.
7 Emma Ýehoşapat: «Bu ýerde sorar ýaly Rebbiň başga pygamberi ýokmy?» diýdi.
8 Ysraýylyň patyşasy Ahap Ýehoşapata şeýle jogap berdi: «Rebden sorap görmäge ýene bir pygamber bar, ol Ýymla ogly Mikaýa, ýöne men ony ýigrenýärin. Ol maňa hiç ýagşy zatlary pygamberlik etmän, gaýtam diňe betbagtçylyk hakynda pygamberlik edýär». Ýehoşapat: «Eý, patyşa, beýle zatlary diliňe alma» diýdi.
9 Onsoň ysraýyl patyşasy Ahap köşk emeldaryny çagyryp: «Git-de, dessine Ýymla ogly Mikaýany şu ýere getir» diýdi.
10 Ysraýyl patyşasy bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat şalyk lybasyny geýip, Samarýanyň derwezesiniň agzyndaky harmanda öz tagtlarynda otyrdylar. Ähli pygamberler olaryň öňünde pygamberlik edýärdiler.
11 Kenaganyň ogly Sidkiýa özüne demir şahlar ýasap, Reb şeýle diýýär: «Sen şu şahlar bilen aramlylaryň üstüne hüjüm edip, olardan üstün çykarsyň» diýdi.
12 Ähli pygamberler şol bir zady pygamberlik edip: «Ramotgilgada git, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony patyşanyň eline berer» diýdiler.
13 Mikaýany getirmäge giden çapar oňa: «Ähli pygamberler patyşa bir agyzdan hoş sözleri aýdýarlar; sen hem şolar ýaly hoş sözleri aýt» diýdi.
14 Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Reb maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.
15 Mikaýa patyşanyň ýanyna geldi. Patyşa ondan: «Mikaýa, biz Ramotgilgada hüjüm edelimi ýa-da etmälimi?» diýip sorady. Mikaýa: «Hüjüm et, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony seniň eliňe berer» diýip jogap berdi.
16 Patyşa oňa: «Maňa Rebbiň adyndan hakykatdan başga zat aýtmazlygy saňa näçe gezek ant içirmeli?» diýdi.
17 Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“ diýdi».
18 Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapata: «Men saňa ol hiç haçan ýagşy zat hakda däl-de, eýsem, diňe betbagtçylyk hakda pygamberlik edýär diýip aýtmadymmy näme?» diýdi.
19 Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, ähli gögüň goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.
20 Reb şeýle diýdi: „Ramotgilgada gidip heläk bolmagy üçin, Ahaby kim yryp biler?“ Biri bir zat diýdi, beýlekisi başga zat.
21 Onsoň bir ruh gelip, Rebbiň huzurynda durup, şeýle diýdi: „Ony men yraryn“.
22 Reb ondan: „Nädip?“ diýip sorady. Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“ diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de, ony yr, sen muny başararsyň“ diýdi.
23 Ine, görýäňmi, Reb seniň ähli pygamberleriňi ýalan sözletdi. Reb seniň başyňa bela getirer».
24 Onsoň Kenaganyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi.
25 Mikaýa: «Sen muny gizlenmek üçin içki otaga giren günüň bilersiň» diýip jogap berdi.
26 Ysraýyl patyşasy Ahap şeýle diýdi: «Mikaýany al-da, ony yzyna–galanyň häkimi Amona we şazada Ýowaşa eltip ber.
27 Ýowaşa we Amona patyşa şeýle diýýär diý: „Mikaýany tussaghana salyň-da, men söweşden sag-salamat dolanyp gelýänçäm, oňa açlykdan ölmezi ýaly ýeterlik çörek bilen suw beriň“».
28 Mikaýa: «Eger sen söweşden sag-salamat dolanyp gelseň, onda Reb men arkaly geplän däldir» diýdi. Soňra ol: «Eý, jemagat, muny hemmäňiz eşidiň» diýdi. Ahabyň ölümi
29 Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ramotgilgada hüjüm etmäge gitdiler.
30 Ysraýyl patyşasy Ýehoşapata: «Meni tanamazlar ýaly, men söweşe eşigimi üýtgedip girjek, ýöne sen öz şalyk lybasyňy geý» diýdi. Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy eşigini üýtgedip, söweşe girdi.
31 Aram patyşasy öz söweş arabalarynyň otuz iki serkerdesine: «Uly bilen-de, kiçi bilen-de uruşman, eýsem ýalňyz Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen uruş ediň» diýip tabşyrdy.
32 Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapaty görenlerinde: «Şu hökman Ysraýylyň patyşasy bolmalydyr» diýip, oňa hüjüm etmek üçin şol tarapa sowuldylar. Ýehoşapat bar sesine gygyrdy.
33 Söweş arabalarynyň serkerdeleri onuň Ysraýylyň patyşasy Ahap däldigini görenlerinde, yzlaryna dolandylar.
34 Bir adam ýaýyny çekip, tötänden Ysraýylyň patyşasynyň sowudynyň arasyndan urdy. Patyşa öz arabaçysyna: «At arabasyny yza öwür-de, meni söweşiň içinden çykar, men ýaralandym» diýdi.
35 Şol gün söweş gaty gyzgalaňlydy. Patyşa öz arabasynda aramlylara tarap bakyp durdy. Onuň ýarasynyň gany arabanyň içi bilen aşaklygyna syrylyp akýardy; ol agşamara öldi.
36 Soňra Gün ýaşar çagynda, Ysraýylyň goşunynyň serkerdeleri: «Her kes öz galasyna, her kes öz ýurduna gitsin» diýip jar çekdirdiler.
37 Şeýdip, patyşa öldi. Ahap patyşany Samarýa getirip, şol ýerde jaýladylar.
38 Ahabyň söweş arabasy Samarýa howzunyň başynda ýuwlup, onuň ganyny itler ýalap, jelepler-de şol howuzda suwa düşdüler. Şeýdip, Rebbiň Ahap baradaky ähli aýdanlary berjaý boldy.
39 Ahabyň galan işleri, ähli eden işleri, pil dişinden guran köşgi we ähli guran galalary barada ysraýyl patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
40 Şeýdip, Ahap ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Ahazýa onuň ýerine patyşa boldy. Ýahuda patyşasy Ýehoşapat
41 Ysraýyl patyşasy Ahabyň şalygynyň dördünji ýylynda Asanyň ogly Ýehoşapat Ýahuda patyşa boldy.
42 Ýehoşapat Ýahuda patyşa bolanda otuz bäş ýaşyndady. Ol ýigrimi bäş ýyl Iýerusalimde patyşalyk etdi; onuň ejesiniň ady Azuba. Ol Şilhiniň gyzydy.
43 Ýehoşapat Rebbiň nazarynda dogry işleri edip, kakasy Asanyň ýollaryndan ýöräp, olardan çykmady. Emma Ýahudadaky sežde edilýän ýerler entek hem aýrylmandy. Halk entek hem sežde edilýän ýerlerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.
44 Ýahuda patyşasy Ýehoşapat ysraýyl patyşasy bilen ýaraşyk baglaşdy.
45 Ýehoşapatyň galan işleri, görkezen gaýduwsyzlygy we eden söweşleri barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
46 Ýehoşapat kakasy Asanyň günlerinde goýbolsun edilen buthananyň azgyn erkekleriniň galanyny ýurtdan doly ýok etdi.
47 Edomda hiç patyşa ýokdy, diňe ýahuda patyşasy tarapyndan bellenen wekil bardy.
48 Opyrdan altyn getirer ýaly Ýehoşapadyň deňiz gämileri bardy, ýöne olar Opyra ýetip bilmediler, çünki Esýongebere gelenlerinde, olaryň gämileri çagşady.
49 Şonda Ahabyň ogly Ahazýa Ýehoşapata: «Goý, meniň adamlarym seniň adamlaryň bilen gämilerde gitsinler» diýdi. Emma Ýehoşapat munuň bilen razylaşmady.
50 Ýehoşapat ata-babalaryna gowuşdy. Ol atasy Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onuň ornuna ogly Ýoram patyşa boldy. Ysraýyl patyşasy Ahazýa
51 Ýahuda patyşasy Ýehoşapatyň şalygynyň on ýedinji ýylynda Ahabyň ogly Ahazýa Samarýada Ysraýyla patyşa boldy; ol Ysraýylda iki ýyl patyşalyk etdi.
52 Ahazýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, öz ejesiniň, kakasynyň hem-de Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň ýollaryndan ýöredi.
53 Ol Bagala sežde etdi we edil öz kakasy ýaly, ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirdi.