1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29

Chapter 1

1 Adamdan Şis, Şisden Enoş, Enoşdan Keýnan,
2 Keýnandan Mahalalel, Mahalalelden Ýeret,
3 Ýeretden Hanok, Hanokdan Metuşela, Metuşeladan Lemek, Lemekden Nuh doguldy.
4 Nuhuň ogullary: Sam, Ham we Ýafes.
5 Ýafesiň nesilleri: Gomer, Magok, Madaý, Ýawan, Tubal, Meşek we Tiras.
6 Gomeriň nesilleri: Aşkenaz, Ripat we Togarma.
7 Ýawanyň nesilleri: Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodanym.
8 Hamyň nesilleri: Kuş, Müsür, Put we Kengan.
9 Kuşuň nesilleri: Seba, Hawyla, Sabta, Ragama we Sabteka. Ragamanyň nesilleri: Şeba we Dedan.
10 Kuşdan ýene Nimrot doguldy; ol ýer ýüzünde ilkinji edermen urşujydy. 11–12 Müsür lutlaryň, anamlaryň, lehablaryň, naptuhlaryň, patruslaryň, kasluhlaryň we kaptorlaryň atasydy; kasluhlardan hem piliştliler gelip çykdy. 13–16 Kengandan onuň ilkinji ogly Sidon hem-de Het doguldy. Kengan ýabuslylaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy.
17 Şemiň nesilleri: Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut, Aram, Us, Hul, Geter, Meşek.
18 Arpakşatdan Şela, Şeladan Eber doguldy.
19 Eberden iki ogul dünýä indi, olaryň biriniň ady Pelekdi, onuň döwründe dünýädäki halklar bölünipdi; onuň doganynyň ady Ýoktandy.
20 Ýoktandan Almodat, Şelep, Hasarmawet, Ýera,
21 Hadoram, Uzal, Dikla,
22 Eýbal, Abymaýyl, Şeba,
23 Opyr, Hawyla we Ýobap doguldy. Bularyň hemmesi Ýoktanyň nesilleridir. Şemden Ybraýyma çenli bolan nesiller
24 Şem, Arpakşat, Şela;
25 Eber, Pelek, Regu;
26 Seruk, Nahor, Tera;
27 Ybram, ýagny Ybraýym.
28 Ybraýymyň ogullary: Yshak, Ysmaýyl. 29–31 Olaryň nesilleri şulardyr: Ysmaýylyň nowbahar ogly Nebaýot. Soňra Kedar, Adbeýel, Mibsam, Mişma, Duma, Masa, Hadat, Tema, Ýetur, Napyş we Kedema doguldy. Bular Ysmaýylyň ogullarydyr.
32 Ybraýymyň Ketura diýen gyrnak aýalyndan bolan ogullary: Zimran, Ýokşan, Medan, Midýan, Ýişbak we Şuwa. Ýokşanyň ogullary: Şeba we Dedan.
33 Midýanyň ogullary: Eýpa, Eper, Hanok, Abyda we Eldaga. Bularyň hemmesi Keturanyň nesilleridi.
34 Ybraýymdan Yshak doguldy. Yshagyň ogullary: Ysaw we Ysraýyl.
35 Ysawyň ogullary: Elipaz, Regüwel, Ýeguş, Ýaglam we Kora.
36 Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepi, Gatam, Kenaz, Timna we Amalek.
37 Regüweliň ogullary: Nahat, Zera, Şamma we Miza.
38 Segiriň ogullary: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Eser we Dişan.
39 Lotanyň ogullary: Hory we Homam; Timna Lotanyň aýal doganydy.
40 Şobalyň ogullary: Alýan, Manahat, Eýbal, Şepo we Onam. Sibgonyň ogullary: Aýa we Ana.
41 Ananyň ogly: Dişon. Dişonyň ogullary: Hamran, Eşban, Ýytran we Keran.
42 Eseriň ogullary: Bilhan, Zagawan we Ýagkan. Dişonyň ogullary: Us we Aran.
43 Ysraýyllara hiç bir patyşa şalyk etmezden öňki Edom ýurdunda höküm süren patyşalar şu aşakdakylardyr: Begoryň ogly Bala. Onuň paýtagt galasynyň ady Dinhabady.
44 Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy.
45 Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy.
46 Huşam dünýäden ötüp, onuň ýerine Mowap topragynda midýanlary ýeňen, Bedatyň ogly Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Awytdy.
47 Hadat dünýäden ötüp, onuň ýerine masrekaly Samla patyşa boldy.
48 Samla dünýäden ötüp, onuň ýerine Perat derýasynyň boýundaky Rehobotdan bolan Şawul patyşa boldy.
49 Şawul dünýäden ötüp, onuň ýerine Akboryň ogly Bagalhanan patyşa boldy.
50 Bagalhanan dünýäden ötüp, onuň ýerine Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Paýdy. Meýzahabyň agtygy, Matrediň gyzy Meheýtabel onuň aýalydyr.
51 Hadat dünýäden ötdi. Edomyň urugbaşylary şulardy: Timna, Alwa, Ýetet,
52 Oholybama, Ela, Pinon,
53 Kenaz, Teýman, Mibsar,
54 Magdyýel we Iram. Bularyň hemmesi Edomyň urugbaşylarydy.




Chapter 2

1–2 Ysraýylyň ogullary şulardyr: Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun, Dan, Ýusup, Benýamin, Naftaly, Gat we Aşer.
3 Ýahudanyň ogullary şulardyr: Er, Onan we Şela. Bu üçüsi onuň kenganly aýaly Batşuwadan doglan ogullarydyr. Reb Ýahudanyň nowbahar ogly Eri Öz nazarynda betpäl bolany üçin öldürtdi.
4 Ýahudanyň gelni Tamardan Peres hem Zera doguldy. Onuň jemi bäş ogly bardy.
5 Peresiň ogullary: Hesron, Hamul.
6 Zeranyň ogullary: Zimri, Eýtan, Heýman, Kalkol, Dara, jemi bäş ogul.
7 Karmynyň ogly: Akar. Ol Rebbe bagyş edilen zady alyp, günä etdi we Ysraýylyň başyna bela getirdi.
8 Eýtanyň ogly Azarýa. Dawut patyşanyň nesil daragty
9 Hesronyň ogullary: Ýerahmeýel, Ram we Kelubaý.
10 Ramdan Amynadap, Amynadapdan ýahudalaryň tirebaşysy Nahşon doguldy. 11–12 Nahşondan Salma, Salmadan Bowaz, Bowazdan Obet, Obetden Ýyşaý doguldy. 13–16 Ýyşaýdan onuň nowbahar ogly Eliýap, ikinji ogly Abynadap, üçünji ogly Şimga, dördünji ogly Netanel, bäşinji ogly Radaý, altynjy ogly Osem, ýedinji ogly Dawut hem-de olaryň aýal doganlary Seruýa bilen Abygaýyl doguldy. Seruýadan Abyşaý, Ýowap hem-de Asahel atly üç ogul dünýä indi.
17 Abygaýyldan Amasa doguldy. Ysmaýyl urugyndan bolan Ýeter Amasanyň kakasydyr. Hesronyň nesilleri
18 Hesronyň ogly Kalebiň öz aýaly Azubadan hem-de Ýerigotdan birnäçe çagasy boldy. Azubadan bolan ogullar, ine, şulardyr: Ýeşer, Şobap, Ardon.
19 Azuba ölenden soň, Kalep Efraty aýallyga aldy; Efratdan Hur doguldy.
20 Hurdan Ury, Urudan Besalel doguldy.
21 Hesron Gilgadyň kakasy Makyryň gyzynyň ýanyna girdi. Hesron oňa öýlenende altmyş ýaşyndady. Ondan Segup doguldy.
22 Segupdan Ýaýyr doguldy. Gilgatda onuň ýigrimi üç galasy bardy.
23 Ýöne Geşur bilen Aram olardan Hawotýaýyry hem-de Kenaty obalary bilen bile – jemi altmyş gala aldylar. Şular Gilgadyň kakasy Makyryň nesilleridir.
24 Kalepefratda Hesron dünýäden ötüp, aýaly Abyýa Aşhury dogdy. Aşhur Tekowa galasyny esaslandyrypdy. Ýerahmeýeliň nesilleri
25 Hesronyň nobahar ogly Ýerahmeýeliň ogullary: nowbahar ogly Ram, Buna, Oren, Osem we Ahyýa.
26 Ýerahmeýeliň Atara atly ýene-de bir aýaly bardy. Ol Onamyň ejesidir.
27 Ýerahmeýeliň nowbahar ogly Ramdan Magas, Ýamyn we Eker doguldy.
28 Onamdan Şammaý hem-de Ýada, Şammaýdan Nadap hem-de Abyşur doguldy.
29 Abyşuryň aýalynyň ady Abyhaýyldy. Ondan Ahban hem-de Molyt doguldy.
30 Nadapdan Selet we Apaýym doguldy. Seletden nesil galmady.
31 Apaýymdan Ýişgi, Ýişgiden Şeşan, Şeşandan Ahlaý doguldy.
32 Şammaýyň inisi Ýadadan Ýeter we Ýonatan doguldy. Ýeterden nesil galmady.
33 Ýonatandan Pelet hem-de Zaza doguldy. Bular Ýerahmeýeliň nesilleridir.
34 Şeşanyň ogly ýokdy, onuň diňe gyzlary bardy; ýöne Şeşanyň Ýarha atly bir müsürli guly bardy.
35 Onsoň Şeşan guly Ýarha gyzyny aýallyga berdi. Onuň gyzyndan Ataý doguldy.
36 Ataýdan Natan, Natandan Zabat,
37 Zabatdan Eplal, Eplaldan Obet,
38 Obetden Ýehu, Ýehudan Azarýa,
39 Azarýadan Heles, Helesden Elgasa,
40 Elgasadan Sismaý, Sismaýdan Şallum,
41 Şallumdan Ýekamýa, Ýekamýadan Elişama doguldy. Kalebiň nesilleri
42 Ýerahmeýeliň inisi Kalebiň ogullary: nowbahar ogly Meşa; ol Zibiň kakasydyr. Kalebiň ikinji ogly Mareşa; ol Hebronyň kakasydyr.
43 Hebronyň ogullary: Kora, Tapuwa, Rekem we Şema.
44 Şemadan Ýorkagamyň kakasy Raham; Rekemden Şammaý doguldy.
45 Şammaýdan Magon doguldy. Magon Beýtsuryň kakasydyr.
46 Kalebiň gyrnak aýaly Eýpadan Haran, Mosa we Gazez doguldy. Harandan ogul bolup, oňa doganynyň adyny, Gazez dakdy.
47 Ýahdaýyň ogullary: Regem, Ýotam, Geşan, Pelet, Eýpa we Şagap.
48 Kalebiň gyrnak aýaly Magakadan Şeber hem-de Tirhana doguldy.
49 Soňra ondan Şagap bilen Şewa doguldy. Şagap Madmannany esaslandyrypdy, Şewa Makbena bilen Gibgony esaslandyrypdy. Kalebiň hem bir gyzy bardy, onuň ady Aksady.
50 Ine, şular Kalebiň nesilleridir. Hur Kalebiň hem aýaly Efratyň nowbahar ogludy. Huryň ogly Şobal Kirýatýegarymy esaslandyrypdy.
51 Onuň ikinji ogly Salma Beýtullahamy esaslandyrypdy, üçünji ogly Harep Beýtgaderi esaslandyrypdy.
52 Kiriýatýegarymy esaslandyran Şobal Harowa halkynyň, manahatlaryň ýarysynyň atasydy.
53 Şeýle hem Kirýatýegarymyň uruglary bolan itrileriň, putlaryň, şumatlaryň, mişralaryň-da atasydy. Sorga hem Eştawol şäherleriniň halky şu uruglardan gelip çykypdy.
54 Beýtullahamy esaslandyran Salma netopalylaryň, Atrot Beýtýowabyň hem manahatlaryň ýarysy Sorga halkynyň atasydy.
55 Ýagbesde ýaşan kätipleriň uruglary: tirgatlar, şimgatlar we sukatlar. Olar Rekabyň nesliniň atasy Hammatdan gelip çykan keýnlerdi.




Chapter 3

1 Ine, şular Dawudyň Hebrondaka doglan ogullarydyr: ýizregelli Ahynogamdan bolan nowbahar ogly Amnon; karmelli Abygaýyldan bolan ikinji ogly Danyýel.
2 Üçünji ogly Geşur şasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalom, dördünji ogly Hagytdan bolan Adonyýa;
3 Bäşinji ogly Abytaldan bolan Şepatýa; altynjy ogly aýaly Egladan bolan Ýitregam;
4 Şu altysy Dawudyň Hebrondaka bolan ogullarydyr. Ol bu ýerde ýedi ýyl alty aý şalyk sürdi. Dawut Iýerusalimde otuz üç ýyl şalyk sürdi.
5 Bular Dawut Iýerusalimdekä doglanlardyr: Şimga, Şobap, Natan, Süleýman; olar Emiýeliň gyzy Batşuwadan bolan dört oguldylar. 6–8 Bulardan soň ýene dokuz ogul doguldy: Ýybhar, Elişama, Elipelet, Noga, Nepek, Ýapyýa, Elişama, Elýada we Elipelet.
9 Ine, şular Dawudyň gyrnaklaryndan daşary doglan ogullarydyr. Tamar olaryň aýal doganydy. Süleýmanyň nesilleri
10 Süleýmandan Rehabgam, Rehabgamdan Abyýa, Abyýadan Asa, Asadan Ýehoşapat,
11 Ýehoşapatdan Ýoram, Ýoramdan Ahazýa, Ahazýadan Ýowaş,
12 Ýogaşdan Amazýa, Amazýadan Azarýa, Azarýadan Ýotam,
13 Ýotamdan Ahaz, Ahazdan Hizkiýa, Hizkiýadan Manaşe,
14 Manaşeden Amon, Amondan Ýoşyýa doguldy.
15 Ýoşyýanyň ogullary: nowbahar ogly Ýohanan, ikinji ogly Ýehoýakym, üçünji ogly Sidkiýa, dördünji ogly Şallum.
16 Ýehoýakymyň nesilleri: Ýehoýakymden Ýekonýa, Ýekonýadan Sidkiýa doguldy. 17–18 Ýesir edip äkidilen Ýekonýanyň ogullary: Şeýaltyýel, Malkyram, Pedaýa, Şenasar, Ýekamýa, Hoşama we Nedabýa.
19 Pedaýanyň ogullary: Zerubabyl we Şimgi. Zerubabylyň ogullary: Meşullam, Hananýa we Şelomyt olaryň aýal doganydy.
20 Zerubabeliň beýleki bäş ogly: Haşuba, Ohel, Berekýa, Hasadýa we Ýuşapheset.
21 Hananýanyň ogullary: Pelatýa we Ýeşagýa. Ýeşagýadan Repaýa, Repaýadan Arnan, Arnandan Abadýa, Abadýadan Şekanýa doguldy.
22 Şekanýadan Şemagýa doguldy. Şemagýanyň ogullary: Hatuş, Ýygal, Baryýa, Negarýa we Şapat. Bular jemi alty oguldylar.
23 Negarýanyň ogullary: Elýogeýnaý, Hizkiýa we Azrykam. Bular jemi üç oguldylar.
24 Elýogeýnaýyň ogullary: Hodawýa, Elýaşyp, Pelaýa, Akup, Ýohanan, Delaýa we Anany. Bular jemi ýedi oguldylar.




Chapter 4

1 Ýahudanyň ogullary: Peres, Hesron, Karmy, Hur we Şobal.
2 Şobalyň ogly Reýaýadan Ýahat, Ýahatdan Ahumaý we Lahat doguldy. Bular sorg tiresiniň uruglarydyr. 3–4 Efratyň nobahar ogly, Beýtullahamy esaslandyran Huruň ogullary şulardy: Etam, Penuwal we Ezer. Etamyň ogullary şulardy: Ýizregel, Ýyşma we Ýydbaş. Olaryň aýal doganynyň ady Haslelponydy. Penuwal Gedory esaslandyrypdy, Ezer Huşany esaslandyrypdy.
5 Tekowanyň kakasy Aşhuryň Hela hem-de Nagara atly iki aýaly bardy.
6 Aşhuryň Nagara diýen aýalyndan Ahuzam, Heper, Temeni we Hahaştary doguldy. Bular Nagaranyň ogullarydy. 7–8 Helanyň ogullary: Zeret, Izhar, Etnan we Koz. Koz Anubyň we Hasobebabyň kakasydy. Harumyň ogly Aharheliň nesli-de Kozdan gelip çykandyr.
9 Ýagbes atly adam bardy; ol doganlarynyň arasynda iň abraýlysydy. «Agyry bilen dogurdym» diýip, ejesi onuň adyna Ýagbes dakdy.
10 Ýagbes: «Meni ýalkasadyň, meniň çäklerimi giňeltsediň, meniň bilen bolup, meni azapdan we ýamanlykdan gorasadyň» diýip, Ysraýylyň Hudaýyna dileg etdi. Hudaý onuň islegini ýerine ýetirdi.
11 Şuhanyň dogany Kelupdan Mehir, Mehirden Eşton doguldy.
12 Eştondan Beýtrapa, Paseýah hem-de Yrnahaş galasyny esaslandyran Tehinna doguldy. Bular Rekanyň ilatydy.
13 Kenazyň ogullary: Otnyýel, Seraýa. Otnyýeliň ogly: Hatat we Megonotaý.
14 Megonotaýdan Opra doguldy. Seraýa Hünärmentler jülgesini döreden Ýowabyň kakasydy. Köp hünärmentleriň ýaşaýandygy üçin bu ýere şeýle at dakyldy.
15 Ýepunnäniň ogly bolan Kalebiň ogullary: Yru, Ela we Nagam. Eladan Kenaz doguldy.
16 Ýehalleleliň ogullary: Zip, Zipa, Tirýa we Asarel.
17 Ezranyň ogullary: Ýeter, Meret, Eper we Ýalon. Merediň müsürli aýalyndan: Merýem, Şammaý we Eştemowa galasyny esaslandyran Ýyşba doguldy.
18 Merediň müsürli aýaly fyrownyň gyzy Bitýady. Onuň ýahudaly aýalyndan Gedory esaslandyran Ýeret, Sokony esaslandyran Heber bilen Zanowany esaslandyran Ýekutyýel doguldy.
19 Hodyýanyň aýaly bolan Nahamyň aýal doganynyň ogullaryndan garmly Kegyla bilen magakatly Eştemowa doguldy.
20 Şimonyň ogullary: Amnon, Rinna, Benhanan we Tilon. Ýişginiň ogullary: Zohet we Benzohet. Şelahyň nesilleri
21 Ýahudanyň ogly Şelanyň nesilleri şulardyr: Lekany esaslandyran Er, Mareşany esaslandyran Lagda, Beýtaşbeýadaky nepis keteni dokaýanlaryň urugy,
22 Ýokymyň, Kozebanyň adamlary, Ýowaş hem-de Saraf. Olar Mowap bilen Ýaşubleheme häkim boldular. Bular gadymy wakalardyr.
23 Bular Netagymyň hem-de Gederanyň ilatlarydy. Olar patyşa küýzegär bolup hyzmat etdiler. Şimgonyň nesilleri
24 Şimgonyň ogullary: Nemuwal, Ýamyn, Ýaryp, Zera, Şawul.
25 Şawuldan Şallum, Şallumdan Mibsam, Mibsamdan Mişma doguldy.
26 Mişmanyň ogullary: Mişmadan Hammuwal, Hammuwaldan Zakur, Zakurdan Şimgi doguldy.
27 Şimginiň on alty ogly, alty gyzy bardy, ýöne onuň doganlarynyň perzendi köp däldi. Şeýdip, Şimginiň nesilleri Ýahudanyňky ýaly köpelmedi. 28–31 Olar Beýerşebada, Moladada, Hasarşugalda, Bilhada, Esemde, Tolatda, Betuwalda, Hormada, Siklagda, Beýtmarkabotda, Hasarsusymda, Beýtbirgide we Şagaraýymda ýaşadylar. Ine, şular şimgileriň Dawut patyşa bolmazyndan öňki galalarydy.
32 Olaryň obalary: Etam, Aýyn, Rimmon, Token, Aşan – jemi bäş gala.
33 Bu galalaryň töweregindäki Bagala çenli bolan obalary olaryň mesgen tutan ýerleridir. Olar nesil daragtyny ýazdylar.
34 Olaryň urugbaşylary şulardy: Meşobap, Ýamlek, Amazýanyň ogly Ýoşa,
35 Ýowel, Asyýeliň çowlugy Seraýanyň agtygy Ýoşybýanyň ogly Ýehu,
36 Elýogeýnaý, Ýagakoba, Ýeşohaýa, Asaýa, Adyýel, Ýeşimiýel, Benaýa,
37 Şemagýanyň gowlugy, Şimriniň ýuwlugy, Ýedaýanyň çowlugy, Allonyň agtygy, Şipginiň ogly Ziza.
38 Şu atlary boýunça agzalanlar urugbaşylardyr. Olaryň nesilleri juda köpeldi.
39 Olar öz sürülerine öri gözläp, Gedora we jülgäniň gündogar tarapyna çenli baryp ýetdiler.
40 Olar otluk, gowy öri meýdanlarynyň üstünden bardylar; bu ýer gaty giň, asuda hem rahatdy. Öň bu ýerde hamlar oturypdylar.
41 Şu atlary ýazylanlar Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe gelip, öz çadyrlarynda bolan hamlara we megunlara hüjüm edip, olary büs-bütinleý gyryp ýok edip, olaryň ýerlerinde ornaşdylar, sebäbi ol ýerde sürüleri üçin öri meýdan bardy.
42 Şimgonlaryň bir bölegi – erkek kişileriniň bäş ýüzüsi Ýişginiň ogullary Pelatýanyň, Negarýanyň, Repaýanyň hem-de Uzyýeliň baştutanlygynda Segir dagyna gitdiler.
43 Olar gaçyp, diri galan amalekleri gyrdylar; olar şu güne çenli şol ýerde ýaşap gelýärler.




Chapter 5

1 Ruben Ysraýylyň nowbahar ogludy, ýöne ol atasynyň düşegini haramlandygy üçin nowbahar ogullyk haky ondan alnyp, Ysraýylyň ogly Ýusubyň perzentlerine berildi. Şoňa görä-de nesil daragtynda Ruben ilkinji ogul hasap edilmeýär.
2 Ýahuda doganlarynyň arasynda güýçlüsi bolup, baştutan ondan gelip çykanda bolsa, nowbahar ogullyk haky Ýusubyňkydy.
3 Ysraýylyň nowbahar ogly Rubeniň ogullary şulardy: Hanok, Pallu, Hesron we Karmy.
4 Ýoweliň nesilleri: Şemagýa, Şemagýadan Gok, Gokdan Şimgi,
5 Şimgiden Mika, Mikadan Reýaýa, Reýaýadan Bagal,
6 Bagaldan Beýera doguldy. Beýerany Aşuryň patyşasy Tiglatpileser ýesir edip äkitdi. Beýera rubenleriň tirebaşysydy. 7–8 Nesil daragtlaryna görä Beýeranyň kowumlary bilen bolan garyndaşlary şulardyr: Ýegiýel baştutan; Zakarýa we Ýoweliň çowlugy, Şemanyň agtygy, Azazyň ogly Bela. Bu rubenler Nebo bilen Bagalmegona çenli uzalyp gidýän Aroger ülkesinde ýaşaýardylar.
9 Gündogara Perat derýasynyň bu tarapyndaky çölüň başlanýan ýerine çenli uzalyp gidýän ýerler hem Belanyň ýerleridi, sebäbi onuň Gilgatda maly juda köpelipdi.
10 Şawulyň döwründe rubenler hagarlar bilen urşup, olary ýeňip, Gilgadyň tutuş gündogaryna ýaýrap, hagarlaryň çadyrlarynda ýaşadylar. Gadyň nesilleri
11 Gatlar rubenleriň gapdalynda Salka galasyna çenli bolan Başan ülkesinde mesgen tutdular.
12 Başanda Ýowel iň wajyp urugyň baştutanydy, Şapam ikinji wajyp urugyň baştutanydy, Ýagnaý bilen Şapat bolsa beýleki uruglaryň baştutanydy.
13 Olaryň garyndaşlary kowumy boýunça şulardyr: Mikaýyl, Meşullam, Şeba, Ýoraý, Ýagkan, Ziýa we Eber jemi ýedi.
14 Bular Büzüň taňlygy Ýahdonyň geňligi Ýeşişaýyň gowlugy Mikaýylyň ýuwlugy Gilgadyň çowlugy Ýarowanyň agtygy Hurynyň ogly Abyhaýylyň ogullarydyr.
15 Gunynyň agtygy, Abdyýeliň ogly Ahy bularyň arasynda iň beýik urugbaşydy.
16 Gatlar Gilgatdaky we Başandaky galalarynda hem-de Şaronyň öri meýdanlarynda ýaşadylar.
17 Ýahudanyň patyşasy Ýotam hem-de Ysraýylyň patyşasy Ýarobgamyň döwründe, bularyň hemmesi öz nesil daragtyna görä hasaba alyndylar. Gündogar tireleriň goşunlary
18 Rubenlerden, gatlardan hem-de manaşe ýarym tiresinden gylyçly-galkanly, ýaý bilen ok atýan, söweş tälimini alan, gulluga taýýar kyrk dört müň ýedi ýüz altmyş sany edermen esgerler bardy.
19 Olar hagarlar, ýeturlar, napyşlar hem-de nodaplar bilen uruşdylar.
20 Olar uruşda Hudaýa ahy-nala edip, kömek alandyklary üçin, hagarlaryň hem-de olaryň ýanyndakylaryň ählisini ele saldylar. Hudaý olaryň ahy-nalasyna jogap berdi, çünki olar Oňa ynandylar.
21 Olar duşmanlarynyň elli müň düýesini, iki ýüz elli müň dowaryny, iki müň eşegini ele saldylar we ýüz müň adamyny ýesir aldylar.
22 Köp adam öldi, sebäbi bu uruş Hudaýdandy. Şeýdip, rubenler, gatlar hem-de manaşe ýarym tiresi tä sürgünlik döwrüne çenli hagarlaryň hem-de olaryň ýanyndakylaryň ýerlerinde ýaşadylar. Manaşe ýarym tiresi
23 Manaşe ýarym tiresiniň adamlary ýurtda mesgen tutup, Başandan Bagalhermona, Senire hem-de Hermon dagyna çenli ýaýradylar. Olar juda köpdi.
24 Ine, şular olaryň kowumbaşylarydyr: Eper, Ýişgi, Eliýel, Azryýel, Ýermeýa, Hodawýa we Ýahdyýel. Bular batyr ýigitler, meşhur adamlar we urug baştutanlarydy.
25 Emma bular ata-babalarynyň Hudaýyndan dänip, Onuň öz öňlerinde derbi-dagyn eden ýurdunyň halkynyň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna etdiler.
26 Şoňa görä Ysraýyl Hudaýy Aşuryň patyşasy Pulyň ruhuny oýardy. Bu patyşanyň beýleki ady Tiglatpilneserdi. Ol rubenleri, gatlary, manaşe ýarym tiresini äkidip, olary Hala, Habora, Hara hem-de Gozan derýasyna getirdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.




Chapter 6

1 Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat we Merary.
2 Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel.
3 Imranyň ogullary: Harun, Musa we Merýem. Harunyň ogullary: Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar.
4 Elgazardan Pinehas, Pinehasdan Abyşuwa,
5 Abyşuwadan Buky, Bukydan Uzy,
6 Uzydan Zerahýa, Zerahyýadan Meraýot,
7 Meraýotdan Amarýa, Amarýadan Ahytup,
8 Ahytupdan Sadok, Sadokdan Ahymagas,
9 Ahymagasdan Azarýa, Azarýadan Ýohanan,
10 Ýohanandan Azarýa doguldy. Bu şol Süleýmanyň Iýerusalimde guran öýünde ruhanylyk eden Azarýadyr.
11 Azarýadan Amarýa, Amarýadan Ahytup,
12 Ahytupdan Sadok, Sadokdan Şallum,
13 Şallumdan Hilkiýa, Hilkiýadan Azarýa
14 Azarýadan Seraýa, Seraýadan Ýehosadak doguldy.
15 Nebukadnesaryň üsti bilen Reb Ýahudanyň we Iýerusalimiň halklaryny sürgün eden döwründe Ýehosadak hem sürgün edildi. Lewiniň beýleki nesilleri
16 Lewiniň ogullary: Gerşom, Kohat we Merary.
17 Gerşomyň ogullarynyň atlary Libni hem-de Şimgidir.
18 Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel.
19 Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Nesillerine görä lewileriň uruglary sulardyr:
20 Gerşomyň nesilleri: Gerşomdan Libni, Libniden Ýahat, Ýahatdan Zimma,
21 Zimmadan Ýowa, Ýowadan Ydo, Ydodan Zera, Zeradan Ýeýatraý doguldy.
22 Kohadyň nesilleri: Kohatdan Amynadap, Amynadapdan Kora, Koradan Asyr,
23 Asyrdan Elkana, Elkanadan Ebiýasap, Ebiýasapdan Asyr,
24 Asyrdan Tahat, Tahatdan Uryýel, Uryýelden Uzyýa, Uzyýadan Şawul doguldy.
25 Elkananyň ogullary: Amasaý we Ahymot.
26 Ahymotdan Elkana, Elkanadan Sopa, Sopadan Nahat,
27 Nahatdan Eliýap, Eliýapdan Ýeroham, Ýerohamdan Elkana doguldy.
28 Şamuweliň ogullary: nowbahar ogly Ýowel, ikinji ogly Abyýa.
29 Merarynyň nesilleri: Merarydan Mahly, Mahlydan Libni, Libniden Şimgi, Şimgiden Uza,
30 Uzadan Şimga, Şimgadan Hagyýa, Hagyýadan Asaýa doguldy. Ybadathana sazandalary
31 Äht sandygyny Rebbiň öýünde goýandan soň, Dawudyň şol ýerde nagma aýtmaga bellän adamlary şulardyr.
32 Bular Süleýman Iýerusalimde Rebbiň öýüni gurýança, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň öňünde nagma aýtdylar. Olar özlerine mahsus düzgünler boýunça hyzmata durdular.
33 Ol ýerde hyzmata duranlar hem-de olaryň nesilleri şulardyr: kohat urugyndan Heýman bagşy. Heýmanyň ata-babalary şulardyr: Şamuwel Ýoweliň atasy,
34 Elkana Şamuweliň atasy, Ýeroham Elkananyň atasy, Eliýel Ýoramyň atasy, Towa Eliýeliň atasy,
35 Sup Towanyň atasy, Elkana Supuň atasy, Mahat Elkananyň atasy, Amasaý Mahatyň atasy,
36 Elkana Amasaýyň atasy, Ýowel Elkananyň atasy, Azarýa Ýoweliň atasy, Sepanýa Azarýanyň atasy,
37 Tahat Sepanýanyň atasy, Asyr Tahatyň atasy, Ebiýasap Asyryň atasy, Kora Ebiýasabyň atasy,
38 Ýishar Koranyň atasy, Kohat Ýisharyň atasy, Lewi Kohadyň atasy, Ysraýyl Lewiniň atasy.
39 Onuň sagynda duran dogany Asaf, Gerşon urugyndan. Onuň ata-babalary şulardyr: Berekýa ogly, Şimga Berekýanyň atasy,
40 Mikaýyl Şimganyň atasy, Bagaseýa Mikaýylyň atasy, Malkyýa Bagaseýanyň atasy,
41 Etni Malkyýanyň atasy, Zera Etniniň atasy, Adaýa Zeranyň atasy,
42 Eýtan Adaýanyň atasy, Zimma Eýtanyň atasy, Şimgi Zimmanyň atasy,
43 Ýahat Şimginiň atasy, Gerşom Ýahatyň atasy, Lewi Gerşomyň atasy.
44 Çep tarapynda olaryň Merary urugyndan bolan garyndaşlary durdy. Olar şulardyr: Kişi Eýtanyň kakasy, Abdy Kişiniň kakasy, Malluk Abdynyň kakasy,
45 Haşabýa Mallugyň kakasy, Amazýa Haşabyň kakasy, Hilkiýa Amazýanyň kakasy,
46 Amasy Hilkiýanyň kakasy, Bany Amasynyň kakasy, Şemer Banynyň kakasy,
47 Mahly Şemeriň kakasy, Muşy Mahlynyň kakasy, Merary Muşyň kakasy, Lewi Merarynyň kakasy.
48 Olaryň garyndaşlary bolan lewiler mukaddes çadyryň – Hudaýyň öýüniň hyzmatyna bellendiler. Harunyň nesilleri
49 Harun bilen onuň nesilleri ýakma gurbanlyk sypasynda, ýakymly ysly tütetgi sypasynda sadakalar hödürlediler. Iň mukaddes otagyň ähli işlerini etdiler. Hudaýyň guly Musanyň tabşyryklaryna laýyklykda, olar ysraýyl halkyny günäsinden sapladylar.
50 Ine, şular Harunyň nesilleridir: Harundan Elgazar, Elgazardan Pinehas, Pinehasdan Abyşuwa,
51 Abyşuwadan Buky, Bukydan Uzy, Uzydan Zerahýa,
52 Zerahýadan Meraýot, Meraýotdan Amarýa, Amarýadan Ahytup,
53 Ahytupdan Ahymagas doguldy. Lewileriň mesgen tutan ýerleri 54–55 Lewileriň öz topraklarynda mesgen tutan ýerleri şulardyr: Kohat urugyndan bolan Harunyň ogullarynyň bijesi çykyp, olara Ýahudadaky Hebrony hem-de onuň töweregindäki öri meýdanlary berdiler.
56 Ýöne ol galanyň ekin meýdanlarydyr obalary Ýepunnäniň ogly Kalebe berildi.
57 Harunyň ogullaryna gaçybatalga galalary bolan Hebron we Libna öri meýdanlary bilen bile, Ýatyr we Eştemowa öri meýdanlary bilen bile,
58 Hilen öri meýdanalary bilen bile, Debir öri meýdanlary bilen bile,
59 Aşan we Beýtşemeş öri meýdanlary bilen bilelikde berildi.
60 Benýamin tiresiniň topragyndan hem öri meýdanlary bilen bilelikde Geba, öri meýdanlary bilen bilelikde Alemet hem-de öri meýdanlary bilen bilelikde Anatot berildi. Olaryň ähli galalary nesilleriniň sanyna görädir – on üçdür.
61 Kohatlaryň galan nesillerine bije üsti bilen manaşe ýarym tiresiniň paýyndan on gala berildi.
62 Gerşomlara nesilleriniň sanyna görä Ysakar, Aşer, Naftaly hem-de Başandaky Manaşe tirelerinden on üç gala berildi.
63 Merarylara nesilleriniň sanyna görä, Ruben, Gat hem-de Zebulun tirelerinden on iki gala berildi.
64 Şunlukda, ysraýyllar bu galalary öri meýdanlary bilen bilelikde lewilere berdiler.
65 Şeýle hem ysraýyllar lewilere bije üsti bilen ýahuda, şimgon hem-de benýamin tireleriniň atlary agzalan galalaryny berdiler.
66 Kohadyň nesillerinden käbirlerinde efraýym tiresinden alnan galalary bardy.
67 Olara gaçybatalga galalary bolan Efraýym daglaryndaky Şekemi öri meýdanlary bilen bilelikde, şeýle hem Gezeri öri meýdanlary bilen bilelikde,
68 Ýokmegamy öri meýdanlary bilen bilelikde, Beýthorony öri meýdanlary bilen bilelikde,
69 Aýalony öri meýdanlary bilen bilelikde, Gatrimmony öri meýdanlary bilen bilelikde berdiler.
70 Manaşe ýarym tiresinden öri meýdanlary bilen bilelikde Aneri, Kohadyň nesilleriniň galan bölegine öri meýdanlary bilen bilelikde Bilgamy berdiler.
71 Gerşomlara: manaşe ýarym tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Başandaky Golany we öri meýdanlary bilen bilelikde Aştaroty;
72 Ysakar tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Kedeşi, öri meýdanlary bilen bilelikde Daberaty,
73 öri meýdanlary bilen bilelikde Ramody, öri meýdanlary bilen bilelikde Anemi;
74 Aşer tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Maşaly, öri meýdanlary bilen bilelikde Abdony,
75 öri meýdanlary bilen bilelikde Hukogy, öri meýdanlary bilen bilelikde Rehoby;
76 Naftaly tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Jeliledäki Kedeşi, öri meýdanlary bilen bilelikde Hammony, öri meýdanlary bilen bilelikde Kirýataýymy berdiler.
77 Merary urugynyň galanlaryna şu ýerler berildi: Zebulun tiresinden öri meýdanlary bilen bilelikde Rimmono, öri meýdanlary bilen bilelikde Tabor,
78 Ýerihodan başlap, Iordanyň aňyrsyna çenli, Iýordanyň gündogar tarapy, Ruben tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde çöldäki Beser, öri meýdanlary bilen bilelikde Ýahsa,
79 öri meýdanlary bilen bilelikde Kedemot, öri meýdanlary bilen bilelikde Meýpagat; 80–81 Gat tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Gilgatdaky Ramot, öri meýdanlary bilen bilelikde Mahanaýym, öri meýdanlary bilen bilelikde Heşbon, öri meýdanlary bilen bilelikde Ýazer.




Chapter 7

1 Ysakaryň ogullary: Tola, Puwa, Ýaşup we Şimron – jemi dört.
2 Tolanyň ogullary: Uzy, Repaýa, Ýeriýel, Ýahmaý, Ýybsam we Şamuwel. Bular Tola urugynyň kowumbaşylarydyr. Dawudyň döwründe olaryň ýigrimi iki müň alty ýüz sany batyr ýigitleri bardy.
3 Uzydan Ýyzrahýa doguldy. Ýyzrahýanyň ogullary: Mikaýyl, Abadýa, Ýowel we Ýişiýa – jemi bäş; olaryň ählisi-de kowumbaşylardy.
4 Nesil daragtyna görä nesilleriniň otuz alty müň adamly harby güýçleri bardy, çünki olar köp aýally hem-de köp ogullydylar.
5 Ysakaryň ähli nesilleriniň arasynda batyr ýigitler bolan garyndaşlary nesil daragtlaryna görä jemi segsen ýedi müňdi. Benýaminiň nesilleri
6 Benýaminiň ogullary: Bala, Beker we Ýedigaýel – jemi üç.
7 Balanyň ogullary: Esbon, Uzy, Uzyýel, Ýerimot we Iri – jemi bäş. Bular kowumbaşylar, batyr ýigitlerdir. Olaryň nesil daragtyna görä sany ýigrimi iki müň otuz dörtdi.
8 Bekeriň ogullary: Zemira, Ýogaş, Eligezer, Elýogeýnaý, Omry, Ýeremot, Abyýa, Anatot, Alemet. Şularyň hemmesi Bekeriň ogullarydyr.
9 Nesil daragtyna görä batyr ýigitler bolan kowumbaşylaryň sany ýigrimi müň iki ýüz adamdy.
10 Ýedigaýeliň ogullary: Bilhan. Bilhanyň ogullary: Ýeguş, Benýamin, Ehut, Kenagana, Zetan, Tarşyş we Ahyşahar.
11 Ýedigaýeliň şu ogullarynyň hemmesi kowumbaşylardyr we batyr ýigitlerdir. Olaryň urşa ukyplysy on ýedi müň iki ýüz.
12 Iriň ogullary: Şupym, Hupym; Huşym bolsa Aheriň ogludyr. Naftalynyň nesilleri
13 Naftalynyň ogullary: Ýahsyýel, Guny, Ýeter we Şallum. Şular Bilhanyň nesilleridir. Manaşeniň nesilleri
14 Manaşeniň ogullary: aramly gyrnak aýalyndan doglan Asryýel; Gilgadyň kakasy Makyr hem şondan doguldy.
15 Makyr Hupym bilen Şupymy öýlendirdi. Aýal doganynyň ady Magakady. Ikinjisiniň ady Selofatdy. Onuň diňe gyzlary boldy.
16 Makyryň aýaly Magaka bir ogul dogurdy we onuň adyna Pereş dakdy. Onuň inisiniň ady Şereşdi; onuň ogullarynyň ady Ulam hem-de Rekemdi.
17 Ulamdan Bedan doguldy. Manaşeniň agtygy Makyryň ogly Gilgadyň ogullary şulardyr.
18 Onuň aýal dogany Hammoleketden Yşhot, Abygezer we Mahla doguldy.
19 Şemidanyň ogullary: Ahýan, Şekem, Likhi we Anygam. Efraýymyň nesilleri
20 Efraýymyň ogly Şutela, Şutelanyň ogly Beret, Berediň ogly Tahat, Tahadyň ogly Elgada, Elgadanyň ogly Tahat,
21 Tahadyň ogly Zabat, Zabadyň ogly Şutela. Ezer we Elgat Efraýymyň ogullarydy. Ýerli gat halky, mal sürülerini basyp almaga gelendikleri sebäpli, olary öldürdiler.
22 Kakalary Efraýym ençe günläp olaryň ýasyny tutdy; doganlary oňa göwünlik bermäge geldiler.
23 Efraýym aýalynyň ýanyna girdi. Aýaly göwreli bolup, bir ogul dogurdy we onuň adyna Beriga dakdy, sebäbi onuň öýünde betbagtçylyk bardy.
24 Ýokarky we aşaky Beýthorony hem-de Uzenşeýerany guran onuň gyzy Şeýerady.
25 Repa onuň ogludy. Repadan Reşep, Reşepden Tela, Teladan Tahan,
26 Tahandan Ladan, Ladandan Emyhut, Emyhutdan Elişama,
27 Elişamadan Nun, Nundan Ýeşuwa doguldy.
28 Efraýymlaryň mülkleri we mesgen tutan ýerleri şulardyr: Beýtel galasy we onuň obalary, gündogarda Nagaran, günbatarda Gezer we onuň obalary, Şekem we onuň obalary, Aýa we onuň obalary.
29 Manaşeleriň çäklerinden: Beýtşeýan galalary bilen, Tagnak galalary bilen, Megido galalary bilen, Dor galalary bilen. Şu galalarda Ysraýylyň ogly Ýusubyň ogullary mesgen tutdular. Aşeriň nesilleri
30 Aşeriň ogullary: Ýimna, Ýişwa, Ýişwi we Beriga; bularyň aýal dogany Sera.
31 Beriganyň ogullary: Heber bilen Malkyýel; Malkyýel Birzaýytyň kakasydy.
32 Heberden Ýaplet, Şomer, Hotam hem-de olaryň aýal dogany Şuwa doguldy.
33 Ýapletiň ogullary: Pasak, Bimhal we Aşwat. Bular Ýapletiň ogullarydyr.
34 Şomeriň ogullary: Ahy, Rohaga, Huba we Aram.
35 Şemeriň dogany Helemiň ogullary: Sopa, Ýymna, Şeleş we Amal.
36 Sopanyň ogullary: Suwa, Harneper, Şuwal, Beri, Ýymra,
37 Beser, Hot, Şamma, Şilşa, Ýytran we Beýera.
38 Ýeteriň ogullary: Ýepunne, Pispa we Ara.
39 Ulanyň ogullary: Ara, Hannyýel we Risýa.
40 Şularyň hemmesi Aşeriň nesilleridi, kowumbaşylardyr, saýlama batyr ýigitler hem-de begleriň begidir. Olaryň nesil daragtyna görä urşa ukyply ýigrimi alty müň adamy bardy.




Chapter 8

1 Benýaminiň bäş ogly bardy. Nobahar ogly Bala, ikinjisi Aşbel, üçünjisi Ahara,
2 dördünjisi Noha, bäşinjisi Rapady.
3 Balanyň ogullary: Adar, Gera, Abyhut,
4 Abyşuwa, Nagaman, Ahowa,
5 Gera, Şefufan we Huram. 6–7 Ehudyň nesilleri Nagaman, Ahyýa we Gerady. Olar Geba halkynyň kowumbaşylarydy. Olar kowlup çykarylyp, Manahata göçdüler. Uza bilen Ahyhudyň kakasy Gera bulary göçüripdi.
8 Şaharaýym öz aýallary Huşym bilen Bagarana talagyny bereninden soň, Mowap topragynda birnäçe ogly boldy.
9 Onuň aýaly Hodeşden bolan ogullary şulardyr: Ýobap, Sibýa, Meşa, Malkam,
10 Ýegus, Şakýa we Mirma. Olar kowumbaşydylar.
11 Şaharaýymyň Huşymdan Abytup hem-de Elpagal diýen ogullary boldy.
12 Elpagalyň ogullary: Eber, Mişgam, Onony hem-de galalary bilen bile Lody guran Şemet,
13 Beriga, Şema–bu ikisi Aýalonyň ilatynyň kowumbaşylarydylar; olar Gatyň ilatyny kowup çykardylar;
14 Beriganyň ogullary şulardyr: Ahýo, Şaşak we Ýeremot,
15 Zebadýa, Arat, Eder,
16 Mikaýyl, Ýyşpa we Ýoha.
17 Zebadýa, Meşullam, Hizki, Heber,
18 Ýişmeraý, Ýizliýa we Ýobap – bular Elpagalyň ogullarydyr.
19 Ýakym, Zikri, Zabdy,
20 Eligenaý, Silletaý, Eliýel,
21 Adaýa, Beraýa we Şimrat – bular Şimginiň ogullarydyr.
22 Ýişpan, Eber, Eliýel,
23 Abdon, Zikri, Hanan,
24 Hananýa, Elam, Antotyýa,
25 Ýipdeýa we Penuwal – bular Şaşagyň ogullarydyr.
26 Şamşeraý, Şeharýa, Atalýa,
27 Ýagareşýa, Eliýa we Zikri – bular Ýerohamyň ogullarydyr.
28 Bular nesil daragtyna görä kowumbaşylardyr. Olar Iýerusalimde ýaşadylar. Şawul patyşanyň nesilleri
29 Gibgony esaslandyran adam şol galada ýaşady; onuň aýalynyň ady Magakady.
30 Abdon olaryň nowbahar ogludy, onsoň Zur, Kiş, Bagal, Ner, Nadap,
31 Gedor, Ahýo, Zeker we Miklot.
32 Miklot Şimganyň kakasydy. Olar hem öz garyndaşlarynyň ýanynda – Iýerusalimde ýaşadylar.
33 Nerden Kiş, Kişden Şawul, Şawuldan Ýonatan, Malkyşuwa, Abynadap we Eşbagal doguldy.
34 Ýonatandan Meribagal, Meribagaldan Mika doguldy.
35 Mikanyň ogullary: Piton, Melek, Taryýa we Ahaz.
36 Ahazdan Ýehogada, Ýehogadadan Alemet, Azmawet, Zimri, Zimriden Mosa doguldy.
37 Mosadan Binega, Binegadan Rapa, Rapadan Elgasa, Elgasadan Asel doguldy.
38 Aseliň Azrykam, Bokeru, Ysmaýyl, Şegarýa, Abadýa we Hanan atly alty ogly bardy. Şularyň hemmesi Aseliň ogullarydyr.
39 Onuň dogany Ýeşugyň ogullary: nowbahar ogly Ulam, ikinjisi Ýeguş, üçünjisi Elipelet.
40 Ulamyň ogullary batyr ýigitler we ýaýçylardy; olaryň çagalarydyr agtyklary köpdi. Olaryň jemi bir ýüz ellidi. Şularyň hemmesi benýaminlerdir.




Chapter 9

1 Ysraýyllaryň hemmesi öz nesil daragtyna görä hasaba alnyp, olar Ysraýyl patyşalarynyň kitabyna ýazyldy. Ýahudalar Rebbe biwepalyk edendikleri üçin Babyla sürgün edildi.
2 Käbir ysraýyllar ilkinji bolup, galalardaky öz mülklerine ruhanylar, lewiler hem-de ybadathana hyzmatkärleri bilen dolanyp geldiler.
3 Ýahuda, benýamin, efraýym hem-de manaşe tirelerinden Iýerusalimde täzeden ornaşanlary şulardyr:
4 Ýahudanyň ogly Peresiň neslinden: Banynyň ýuwlugy, Imriniň çowlugy, Omrynyň agtygy, Amyhudyň ogly Utaý.
5 Şilon urugyndan: nowbahar ogly Asaýa hem-de onuň ogullary.
6 Zeranyň neslinden: Ýeguwel hem-de onuň garyndaşlary – jemi alty ýüz togsan ýahudalar.
7 Benýaminiň neslinden: Hasenuwanyň çowlugy, Hodawýanyň agtygy, Meşullamyň ogly Sallu.
8 Ýerohamyň ogly Ýibneýa, Mikriniň agtygy, Uzynyň ogly Ela, Ýibniýanyň çowlugy, Regüweliň agtygy, Şepatýanyň ogly Meşullam.
9 Benýaminler nesil daragtyna görä dokuz ýüz elli alty adamdy. Ýokarda ady agazalanlaryň hemmesi kowumbaşylardy. Iýerusalime dolanyp gelen ruhanylar
10 Dolanyp gelen ruhanylardan: Ýedagýa, Ýehoýaryp, Ýakyn,
11 Ahytubyň gowlugy, Meraýotyň ýuwlugy, Sadogyň çowlugy, Meşullamyň agtygy, Hilkiýanyň ogly, Hudaýyň öýüniň ýolbaşçysy Azarýa;
12 Malkyýanyň çowlugy, Paşhuryň agtygy, Ýerohamyň ogly Adaýa; Immeriň gowlugy, Meşillemitiň ýuwlugy, Meşullamyň çowlugy, Ýahzeranyň agtygy, Adyýeliň ogly Magsaý.
13 Ruhanylaryň sany bir müň ýedi ýüz altmyşdy. Olar kowumbaşylardy we ukyply adamlardy. Olar Hudaýyň öýünde hyzmat etmäge jogapkärdi. Iýerusalimdäki lewiler
14 Lewilerden: Merary urugyndan Haşabýanyň çowlugy, Azrykamyň agtygy, Haşubyň ogly Şemagýa;
15 Bakbakar, Hereş, Galal; Asafyň çowlugy, Zikriniň agtygy, Mikanyň ogly Matanýa;
16 Elkananyň geňligi, Asanyň gowlugy, Berekýanyň ýuwlugy, Ýedutunyň çowlugy, Galalyň agtygy, Şemagýanyň ogly Abadýa. Ol netopalylaryň obalarynda ýaşady. Iýerusalimdäki ybadathana derwezebanlary
17 Derwezebanlar şulardyr: Şallum, Akup, Talmon we Ahyman. Olaryň garyndaşy Şallum baştutandy.
18 Bular öň şa derwezesiniň gündogar tarapynda goýlupdylar. Olar lewileriň düşelge derwezebanlarydylar.
19 Kora urugyndan bolan Ebiýasabyň agtygy, Koreniň ogly Şallum we onuň kowumdaşy koralar hem ata-babalarynyň Rebbiň mesgenine derwezebançylyk edişleri ýaly, Rebbiň mukaddes çadyryna derwezebançylyk etdiler.
20 Öň Elgazaryň ogly Pinehas olaryň ýolbaşçysy bolupdy. Reb onuň bilen boldy.
21 Meşelemýanyň ogly Zakarýa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda derwezebandy.
22 Derwezebanlyga bellenenleriň hemmesi iki ýüz on iki adamdyr. Olar öz obalarynda nesil daragtyna görä hasaba alyndylar. Olary Dawut bilen görgür Şamuwel jogapkärli wezipä belledi.
23 Şular we olaryň nesilleri Rebbiň öýüniň, ýagny çadyryň derwezebanlarydylar.
24 Derwezebanlar dört tarapdaky – gündogardaky, günbatardaky, demirgazykdaky hem-de günortadaky derwezeleri saklaýardylar.
25 Olaryň obalarynda ýaşaýan doganlary nobatma-nobat her ýedi günden olary görmäge gelmelidiler.
26 Çünki lewilerden bolan dört ýolbaşçy derwezeban Hudaýyň öýüniň otaglarynyň hem-de hazynalarynyň hem ýolbaşçysydylar.
27 Olar gijesine-de Hudaýyň öýüniň golaýynda bolardylar. Çünki ybadathana gözegçilik etmek hem-de her gün irden ony açmak olaryň borjudy. Beýleki lewiler
28 Lewileriň käbirleri hyzmat üçin goýlan enjamlara serederdiler, sebäbi olary sanap äkidip, sanabam getirmelidiler.
29 Olaryň käbirleri beýleki esbaplara, mukaddes enjamlara, saýlama una, şeraba, ýaga, hoşboý ysly zatlara hem-de derman otlara gözegçilik edýärdiler.
30 Ruhany ogullarynyň käbirleri derman otlaryny garyp taýýarlaýardylar.
31 Süýjüli kökeleri bişirmeklik Kora neslinden bolan Şallumyň nowbahar ogly lewi Matytýa tabşyryldy.
32 Kohat neslinden bolan garyndaşlarynyň käbirine Sabat güni üçin hödür çöregi taýýarlamagy tabşyryldy.
33 Lewileriň urugbaşylary bolan aýdymçylar ybadathananyň otaglarynda ýaşaýardylar. Olar başga hyzmatlardan azatdylar, sebäbi olar gije-gündiz hyzmatdadylar.
34 Nesil daragtyna görä lewileriň urugbaşylary şulardylar. Olar Iýerusalimde ýaşadylar. Şawul patyşanyň ata-babalary we nesilleri
35 Gibgonyň kakasy Ýegiýel Gibgon galasynda ýaşaýardy; onuň aýalynyň ady Magakady.
36 Onuň nowbahar ogly Abdon, soňkulary: Sur, Kiş, Bagal, Ner, Nadap,
37 Gedor, Ahýo, Zakarýa we Miklot.
38 Miklotdan Şimeýa doguldy. Olar hem garyndaşlarynyň ýanynda Iýerusalimde ýaşadylar.
39 Nerden Kiş, Kişden Şawul, Şawuldan Ýonatan, Malkyşuwa, Abynadap we Eşbagal doguldy.
40 Ýonatandan Meribagal, Meribagaldan Mika doguldy.
41 Mikanyň ogullary: Piton, Melek, Tahreýa we Ahaz.
42 Ahazdan Ýagra, Ýagradan Alemet, Azmawet we Zimri. Zimriden Mosa doguldy.
43 Mosadan Binga, Bingadan Repaýa, Repaýadan Elgasa, Elgasadan Asel doguldy.
44 Aseliň Azrykam, Bokeru, Ysmaýyl, Şegarýa, Abadýa we Hanan alty ogly bardy. Şular Aseliň ogullarydy.




Chapter 10

1 Piliştliler Ysraýylyň garşysyna söweş etdi. Ysraýyllar piliştlilerden gaçyp, Gilbowa dagynda köpüsi gyryldy.
2 Piliştliler Şawulyň we onuň ogullary Ýonatanyň, Abynadabyň hem-de Malkyşuwanyň yzyndan kowup ýetip, onuň ogullaryny öldürdiler.
3 Şawula garşy söweş güýçlendi, ýaýçylar ony tapdylar we agyr ýaraladylar.
4 Şawul ýaragçy nökerine şeýle diýdi: «Gylyjyňy al-da, meni öldür; sünnetsizleriň elinden ölüp, olara göz bolmaýyn» diýdi. Emma onuň ýaragçy nökeri juda gorkdy we beýle etmek islemedi. Şoňa görä, Şawul öz gylyjyny aldy-da, onuň üstüne özüni oklady.
5 Şawulyň ölendigini gören ýaragçy nökeri-de öz gylyjynyň üstüne özüni oklap öldi.
6 Şeýdip, Şawul, onuň üç ogly – tutuş maşgala bir günde öldi.
7 Deredäki ähli ysraýyllar goşunyň gaçandygyny, Şawulyň we onuň ogullarynyň ölendigini görüp, öz galalaryny taşlap gaçdylar. Piliştliler gelip, galalary eýelediler.
8 Ertesi gün piliştliler öldürilenleri talamak üçin gelenlerinde, Gilbowa dagynda Şawul bilen onuň ogullaryny jesedini tapdylar.
9 Olar Şawulyň kellesini kesip, ýaragyny aldylar we buthanalaryna hem-de halkyna habar bermek üçin, tutuş piliştlileriň ýurduna çaparlar gönderdiler.
10 Şawulyň ýaragyny öz buthanalarynda goýdular, kellesini bolsa Dagonyň buthanasyndan asdylar.
11 Piliştlileriň Şawula edenlerini Gilgatdaky Ýabeşiň ilaty eşidende,
12 onuň gaýduwsyz adamlarynyň ählisi aýaga galdy. Olar Şawul bilen onuň ogullarynyň jesedini alyp, Ýabeşe getirdiler. Olar bularyň süňklerini Ýabeşdäki dub agajynyň astynda jaýlap, ýedi günläp agyz beklediler.
13 Şeýdip, Şawul Hudaýa biwepalyk edendigi üçin öldi. Ol Rebbiň buýrugyny berjaý etmänliginden ötri, jadygöýden maslahat sorapdy.
14 Ol Rebden soramandy. Şonuň üçin hem Reb ony öldürdip, patyşalygyny Ýyşaýyň ogly Dawuda berdi.




Chapter 11

1 Ähli ysraýyllar Hebrondaky Dawudyň daşyna ýygnanyp, oňa şeýle diýdiler: «Biz seniň öz süýegiňden, öz teniňdendiris.
2 Öňlerem – Şawul patyşamyzka-da sen ysraýyl goşunyna serkerdediň. Hudaýyň Reb saňa: „Meniň halkym Ysraýylyň çopany sen bolarsyň, halkym Ysraýyla sen hökümdarlyk edersiň“ diýipdi» diýdiler.
3 Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna geldiler. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Rebbiň Şamuweliň üsti bilen aýdan sözüne laýyklykda, Dawudyň başyna ýag çalyp, Ysraýyla patyşa bellediler.
4 Dawut we tutuş Ysraýyl Iýerusalime, ýagny Ýabusa – ýabuslylaryň mekanyna ýöriş etdiler.
5 Ýabusyň ilaty Dawuda: «Sen bu ýere girip bilmersiň» diýdiler. Emma Dawut Siýon galasyny basyp aldy. Ol häzir «Dawut galasy» diýlip atlandyrylýar.
6 Dawut: «Ýabuslylara kim öňürti zarba ursa, şol goşun serkerdesi bolar» diýdi. Seruýanyň ogly Ýowap öňürti zarba urup, goşun serkerdesi boldy.
7 Dawut galada mesgen tutdy. Şonuň üçin hem ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdylar.
8 Ol Millodan başlap, galanyň tutuş töweregini täzeden gurdy. Ýowap bolsa galanyň galan bölegini bejerdi.
9 Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, çünki Hökmürowan Reb onuň bilendi. Dawudyň batyr ýigitleri
10 Rebbiň Ysraýyl babatdaky sözi boýunça, Dawudyň batyr ýigitleriniň baştutanlary bütin ysraýyl halky bilen Dawudy patyşa etmek netijesine gelip, onuň höküm sürmegine berk goldaw berdiler.
11 Dawudyň batyr ýigitleri şulardy: Hakmonynyň ogly Ýaşobgam. Ol serdarlaryň baştutanydy. Ol naýzasy bilen bir wagtyň özünde üç ýüz adamy öldürdi.
12 Ondan soňra üç batyr ýigidiň biri ahowa urugyndan Dodonyň ogly Elgazardyr.
13 Piliştliler Pasdammymda söweşmek üçin toplanyşanlarynda, ol hem şol ýerde Dawudyň ýanyndady. Ol ýerde arpa ekilen bir bölek ýer bardy. Halk piliştlilerden gaçdy,
14 ýöne Elgazar bilen Dawut meýdançanyň ortarasynda durup, şol ýeri goradylar we piliştlileri gyrdylar. Reb olary uly ýeňiş bilen halas etdi.
15 Otuz serdaryň üçüsi Dawudyň ýanyna, gaýadaky Adullam gowagyna gitdi. Piliştlileriň goşuny bolsa Rapa jülgesinde düşläpdi.
16 Dawut şol wagt galadady. Piliştlileriň goşun bölümi bolsa Beýtullahamdady.
17 Dawut arman edip: «Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw getirip beren bolsady, şondan bir içsemdim» diýdi.
18 Şonda üç batyr ýigit piliştlileriň düşelgesini böwsüp geçdi-de, Beýtullahamyň derwezesiniň ýanyndaky guýudan suw alyp, ony Dawuda getirip berdiler. Emma Dawut suwdan içmedi, ol ony Reb üçin ýere dökdi.
19 Ol: «Meni beýtmekden sakla, ýa Hudaýym! Başyny etegine salyp giden adamlaryň ganyny, heý-de, men içip bilerinmi?» diýip, suwdan içmek islemedi. Bu üç batyr ýigit şeýle edermenlikler görkezipdi.
20 Abyşaý üç batyr ýigidiň baştutanydy, ol Ýowabyň doganydy. Ol öz naýzasy bilen üç ýüz adamy öldürip, üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy.
21 Ol üç batyr ýigitden iki esse artyk hormatlandy. Abyşaý ýigitleriň biri bolmadyk-da bolsa, olara baştutan boldy.
22 Ýehoýadanyň ogly Benaýa uly edermenlikler görkezen kabseýelli batyr ýigitdir. Ol mowaply arslan ýürekli iki edermen urşujyny öldürdi; şeýle hem ol garly gün garymyň içinde bir ýolbarsy öldürdi.
23 Ol boýy bäş gez bolan müsürlini öldürdi. Müsürliniň elinde dokma agajy ýaly naýzasy bardy. Benaýa onuň üstüne taýakly topulyp, elindäki naýzasyny alyp, öz naýzasy bilen onuň özüni öldürdi.
24 Ýehoýadanyň ogly Benaýa, ine, şeýle işleri edip, ol hem üç batyr ýigit ýaly meşhur boldy.
25 Ol otuz serdaryň arasynda meşhurydy, ýöne üç batyr ýigidiň biri däldi. Dawut ony öz janpenalarynyň baştutany edip goýdy.
26 Goşunlaryň batyr ýigitleri şulardy: Ýowabyň dogany Asahel, beýtullahamly Dodonyň ogly Elhanan,
27 Harotly Şammot, pelonly Heles,
28 tekowaly Ikeşiň ogly Yra, anatotly Abygezer,
29 huşaly Sibekaý, Ahowanyň nesli Ylaý,
30 netopaly Maharaý, netopaly Bagananyň ogly Helet,
31 benýaminlerden gibgaly Ribaýyň ogly Ytaý, pirgatonly Benaýa,
32 Gagaş jülgelerinden Huraý, arbaly Abyýel,
33 bahurymly Azmawet, şagalbynly Elýahba,
34 gizonly Haşem, hararly Şageniň ogly Ýonatan,
35 hararly Şakaryň ogly Ahyýam, Uruň ogly Elipal,
36 mekeraly Heper, pelonly Ahyýa,
37 karmelli Hesro, Ezbaýyň ogly Nagaraý,
38 Natanyň dogany Ýowel, Hagrynyň ogly Mibhar,
39 ammon halkyndan Selek, Seruýanyň ogly Ýowabyň ýaragçy nökeri beýerotly Nahraý,
40 ýytra urugyndan Yra we Garep,
41 het halkyndan Uryýa, Ahlaýyň ogly Zabat,
42 rubenleriň baştutany, rubenlerden bolan Şizanyň ogly Adyna we onuň otuz ýigidi,
43 Magakanyň ogly Hanan, mitanly Ýoşapat,
44 aştarotly Uzyýa, arogerli Hotamyň ogullary Şama we Ýegiýel,
45 Şimriniň ogly Ýedigaýel, onuň dogany tisli Ýoha,
46 mahawaly Eliýel, Elnagamyň ogullary Ýeribaý bilen Ýoşawýa, mowaply Ýytma,
47 Eliýel, Obet, mesobaly Ýagsyýel.




Chapter 12

1 Bular Dawut Siklagda Kişiň ogly Şawuldan gaçyp ýörkä, onuň ýanyna gelenler we oňa uruşda ýardam eden batyr ýigitlerdir.
2 Benýaminlerden, Şawulyň kowumyndan bolan bular peýkam atyp, hem sag, hem çep elleri bilen daş, ýaý bilen ok atyp bilýän adamlardy.
3 Olaryň baştutany Ahygezer, ondan soň Ýowaş, şeýle hem gibgaly Şemaganyň iki ogly, Azmawetiň ogullary Ýeziýel bilen Pelet, Beraka, anatotly Ýehu,
4 otuz serdaryň arasynda bir batyr ýigit we olaryň baştutany gibgonly Ýyşmagýa, Ýermeýa, Ýahazyýal, Ýohanan, gederaly Ýozabat,
5 Elguzaý, Ýerimot, Begalýa, Şemarýa, haruply Şepatýa,
6 Koranyň neslinden Elkana, Ýişiýa, Azarel, Ýogezer, Ýaşobgam,
7 gedorly Ýerohamyň ogullary Ýogela bilen Zebadýa. Dawudyň gatlardan bolan tarapdarlary
8 Gatlardan galkana hem naýza türgen bolan batyr ýigitler çöldäki galada bolan Dawudyň tarapyna geçdiler. Olar arslan sypatdadylar, dag jereni kimin ýyndamdylar. Ine, olar:
9 Ezer – baştutan, ikinjisi Abadýa, üçünjisi Eliýap,
10 dördünjisi Mişmanna, bäşinjisi Ýermeýa,
11 altynjysy Ataý, ýedinjisi Eliýel,
12 sekizinjisi Ýohanan, dokuzynjysy Elzabat,
13 onunjysy Ýermeýa, onbirinjisi Makbanaýdy.
14 Bular gatlardan bolan harby baştutanlardylar; olaryň iň ejizi ýüze, iň güýçlüsi müňe taýdy.
15 Birinji aýda Iordan derýasy joşup, bütin kenarlaryndan aganda, ondan geçenler we jülgelerdäkileriň ählisini gündogardyr günbatara kowup çykaranlar şulardy. Dawudyň benýaminlerden we ýahudalardan bolan tarapdarlary
16 Benýaminler bilen ýahudalaryň käbirleri Dawudyň ýanyna gala geldiler.
17 Dawut olaryň öňünden çykyp, şeýle diýdi: «Eger meniň ýanyma ýagşy niýet, kömek etmek maksady bilen gelen bolsaňyz, onda ornuňyz ýüregimiň töründe, ýöne zorluk etmedik halymda meni duşmanlaryma satmak üçin gelen bolsaňyz welin, muny ata-babalarymyzyň Hudaýy görüp, siziň jezaňyzy bersin».
18 Soňra Ruh otuz ýigidiň baştutany Amasaýyň üstüne inip, ol şeýle diýdi: «Biz seniňki, eý Dawut, Biz seň bilen, eý Ýyşaýyň ogly! Başyň aman bolsun, başyň aman bolsun! Saňa ýardam edýäniň hem başy aman bolsun! Saňa ýardam edýän seniň Hudaýyňdyr». Onsoň Dawut olary kabul edip, öz goşunbaşylary edip belledi. Dawudyň manaşelerden bolan tarapdarlary
19 Dawut piliştliler bilen bile Şawulyň garşysyna uruşmak üçin gelende, manaşelerden käbiri onuň tarapyna geçdi. Ýöne Dawut piliştlilere kömek etmedi, sebäbi piliştli baştutanlary özara maslahatlaşyp: «Dawut öz jenaby Şawulyň tarapyna geçip, bizi satar» diýip, ony yzyna ugratdylar.
20 Dawut Siklaga gaýdanda, manaşeleriň müňbaşylary bolan Adna, Ýozabat, Ýedigaýel, Mikaýyl, Ýozabat, Elihu we Silletaý dagylar onuň tarapyna geçdiler.
21 Bularyň hemmesi batyr ýigitlerdir goşun baştutanlary bolup, olar Dawuda alamançylaryň toparlaryna garşy söweşde kömek etdiler.
22 Hakykatdanam, halk Hudaýyň goşuny ýaly goşuny bolana deňeç, günüň-gününe Dawuda kömek etmäge gelýärdiler. Dawudyň goşuny Hebronda
23 Rebbiň sözüne görä, Şawulyň patyşalygyny Dawuda bermek üçin onuň ýanyna Hebrona gelen ýaragly goşunlar, ine, şulardyr:
24 ýahudalardan galkan hem naýza göterip, ýaraglanan alty müň sekiz ýüz adam;
25 şimgonlardan ýedi müň bir ýüz sany batyr ýigit;
26 lewilerden dört müň alty ýüz adam;
27 olaryň arasynda Harunyň nesliniň baştutany Ýehoýada we onuň bilen bile üç müň ýedi ýüz adam;
28 ýaş batyr ýigit Sadok we onuň neslinden ýigrimi iki sany harby baştutan;
29 Şawulyň kowumlaryndan bolan benýaminlerden üç müň adam. Bularyň köpüsi owal Şawulyň nesillerine wepaly bolupdylar.
30 Efraýymlardan öz uruglarynyň arasynda meşhur bolan ýigrimi müň sekiz ýüz batyr ýigit;
31 manaşe ýarym tiresinden, gelip, Dawudy patyşa etmek üçin ýörite bellenen on sekiz müň adam,
32 ysakarlardan döwre görä, Ysraýylyň näme etmelidigini bilýän iki ýüz baştutan; olaryň baştutanlygy astynda bolan ähli garyndaşlary.
33 Zebulunlardan taplanan, ähli söweş enjamlary bilen ýaraglanan, Dawuda kömek etmekde maksada okgunly elli müň esger;
34 naftalylardan galkan hem naýza bilen ýaraglanan otuz ýedi müň esgerli müň harby baştutan;
35 danlardan ýaraglanan ýigrimi sekiz müň alty ýüz esger;
36 aşerlerden söweşe taýýar, taplanan kyrk müň esger;
37 Iordanyň aňyrsyndaky rubenlerden, gatlardan hem-de manaşe ýarym tiresinden ähli söweş enjamlary bilen ýaraglanan bir ýüz ýigrimi müň esger.
38 Bu esgerleriň hemmesi Dawudy Ysraýyla patyşa etmek üçin çyn ýürekden söweş nyzamy bilen Hebrona geldiler. Ysraýylyň galan hemmesi-de bir ýürekden Dawudyň patyşa bolmagynyň tarapyndady.
39 Olar üç gün Dawudyň ýanynda boldular; iýip-içdiler, çünki doganlary olar üçin taýýarlyk görüpdiler.
40 Ol ýeriň golaýynda ýaşaýanlar zebulun, naftaly, ysakar tireleriniň çäklerine çenli eşeklerdir düýelere, gatyrlardyr öküzlere ýükläp, köp mukdarda un, injir kökeleri, kişmiş, şerap, ýag, öküz hem goýun getirdiler, çünki Ysraýylda şatlyk-şagalaňdy.




Chapter 13

1 Dawut müňbaşylardyr ýüzbaşylar we her bir baştutan bilen geňeşdi.
2 Ol tutuş Ysraýyl jemagatyna şeýle diýdi: «Eger makul bilseňiz, eger Hudaýymyz Reb halasa, geliň, öri meýdanly galalardaky ruhanylardyr lewiler bilen bilelikde, tutuş Ysraýyldaky ähli dogan-garyndaşlarymyzy adam iberip, öz ýanymyza ýygnalyň.
3 Soň Hudaýyň Äht sandygyny getireliň. Çünki Şawulyň günlerinde biz ony idemedik».
4 Bu jemagatyň göwnünden turansoň, tutuş halk muňa razy boldy.
5 Şeýdip, Dawut, Hudaýyň sandygyny Kirýatýegarymdan getirmek üçin, Müsüriň çägindäki Şihor derýasy bilen Lebohamat aralygyndaky ähli ysraýyllary ýygnady.
6 Dawut tutuş Ysraýyl bilen bile keruplaryň üstünde tagt gurup oturan Beýik Hudaýyň sandygyny, Onuň ady dakylan sandygy getirmek üçin Ýahudadaky Bagala, ýagny Kirýatýegaryma gitdi.
7 Olar Hudaýyň sandygyny Abynadabyň öýünden çykaryp, täze arabada goýdular. Arabany Uza bilen Ahýo alyp barýardy.
8 Dawut hem-de ähli ysraýyllar Hudaýyň huzurynda barbat, arfa, deprek, kimwal hem-de surnaý çalyp, joşup aýdym aýdýardylar we tans edýärdiler.
9 Olar Kidonyň harmanyna gelenlerinde, öküzler büdrediler; Uza sandygy tutjak bolup, elini onuň üstünde goýdy.
10 Uza garşy Rebbiň gahary geldi. Reb ony öldürdi, sebäbi ol sandyga elini degiripdi. Uza şol ýerde – Hudaýyň huzurynda jan berdi.
11 Rebbiň Uza garşy zarba urandygyna Dawudyň gahary geldi. Ol ýer şu güne çenli Peres Uza diýlip atlandyrylýar.
12 Dawut şol gün Rebden gorkup: «Men Hudaýyň sandygyny nädip ýanyma getirip bilerin?» diýdi.
13 Şeýlelikde, Dawut Hudaýyň sandygyny öz ýanyna Dawut galasyna getirmedi. Ol sandygy gatly Obededomyň öýünde goýdy.
14 Hudaýyň sandygy üç aý Obededomyň hojalygynda galdy. Reb Obededomyň hojalygyna we onuň ähli zatlaryna bereket berdi.




Chapter 14

1 Sur patyşasy Huram Dawudyň ýanyna çaparlar bilen kedr agaçlaryny, kerpiç örüjileri hem agaç ussalaryny iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular.
2 Şeýlelikde, Dawut özüni Rebbiň Ysraýylyň patyşasy hökmünde berkarar edendigine hem-de Öz halky Ysraýylyň hatyrasyna Onuň öz patyşalygyny beýgeldendigine göz ýetirdi.
3 Dawut Iýerusalimde birnäçe aýallar aldy we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.
4 Dawudyň Iýerusalimde doglan çagalary, ine, şulardyr: Şammuwa, Şobap, Natan; Süleýman,
5 Ýybhar, Elişuwa, Elipelet;
6 Noga, Nepek, Ýapyýa;
7 Elişama, Begelýada we Elipelet. Piliştlileriň ýeňlişi
8 Dawudyň tutuş Ysraýyla patyşalyga bellenilendigini eşidende, ähli piliştliler aýaga galyp, onuň gözlegine çykdylar. Dawut muny eşidip, olaryň garşysyna çykdy.
9 Piliştliler gelip, Rapa jülgesine çozupdylar.
10 «Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Hudaýa ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, olary seniň eliňe berjekdirin» diýdi.
11 Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gidip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Dawut: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Hudaý-da duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym diýen at dakyldy.
12 Piliştliler butlaryny taşlap gitdiler; butlar Dawudyň buýrugy bilen ýakyldy.
13 Piliştliler şol jülgä ýene çozdular.
14 Dawut ýene Hudaýa ýüz tutanda, Ol şeýle diýdi: «Olaryň öňünden çykma. Olary töwerekle-de, balzam agaçlary tarapdan gelip, olaryň ýeňsesinden ur.
15 Balzam agaçlarynyň başlaryndan aýak seslerini eşideniňde, hüjüme geç, sebäbi bu piliştlileriň goşunyny derbi-dagyn etmek üçin, Men – Hudaýyň seniň öňüňe düşdügidir».
16 Dawut Hudaýyň buýruşy ýaly etdi. Ol Gibgondan Gezere çenli bolan aralykda piliştlileri gyrdy.
17 Dawudyň at-abraýy bütin ýurtlara ýaýrady we Reb ähli milletleri ondan gorkar ýaly etdi.




Chapter 15

1 Dawut özi üçin Dawut galasynda köşkler gurdurdy. Ol Hudaýyň sandygy üçin ýer taýýarlap, çadyr dikdi.
2 Soňra Dawut Hudaýyň sandygyny diňe lewileriň götermelidigi barada buýruk berdi. Sebäbi Reb Öz sandygyny götermek hem-de Özüne ömür-baky hyzmat etmek üçin lewileri saýlapdy.
3 Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerine getirmek üçin, Dawut ähli ysraýyllary Iýerusalime ýygnady.
4 Soňra ol Harunyň nesillerini hem-de lewileri toplady:
5 Kohadyň kowumyndan ýüz ýigrimi sany dogany bilen olaryň baştutany Uryýel;
6 Merarynyň kowumyndan iki ýüz ýigrimi dogany bilen olaryň baştutany Asaýa;
7 Gerşomyň kowumyndan ýüz otuz dogany bilen olaryň baştutany Ýowel;
8 Elisapanyň kowumyndan iki ýüz dogany bilen olaryň baştutany Şemagýa;
9 Hebronyň kowumyndan segsen dogany bilen olaryň baştutany Eliýel;
10 Uzyýeliň kowumyndan ýüz on iki dogany bilen olaryň baştutany Amynadap. 11–12 Dawut ruhanylar Sadok bilen Abýatary, lewilerden Uryýeli, Asaýany, Ýoweli, Eliýeli, Şemagýany hem-de Amynadaby çagyryp, olara şeýle diýdi: «Siz lewileriň urugbaşylarydyrsyňyz. Iniňizi tämizläň, garyndaşlaryňyz hem şeýle etsinler. Soňra Ysraýyl Hudaýy Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerime getiriň.
13 Öňki gezek sandygy siziň götermändigiňiz we ony bolmalysy ýaly idemändigimiz sebäpli, Hudaýymyz Rebbiň bize gahary geldi».
14 Ruhanylar hem-de lewiler Ysraýyl Hudaýy Rebbiň sandygyny getirmek üçin inlerini tämizlediler.
15 Lewiler Hudaýyň sandygyny Rebbiň Musa tabşyryşyna laýyk edip, syryklaryň üstünde goýup eginlerinde göterdiler.
16 Dawut lewileriň baştutanlaryna şatlyk-şagalaň etmek üçin, öz doganlarynyň arasyndan aýdymçylary hem-de arfa, barbat, kimwal ýaly saz gurallaryny çalyp bilýänleri taýyn etmäge buýruk berdi.
17 Şeýlelikde, lewiler Ýoweliň ogly Heýmany, Berekýanyň ogly Asafy, Merary kowumyndan bolan Kuşaýanyň ogly Eýtany sazandalara ýolbaşçy edip bellediler.
18 Zakarýa, Ýagzyýel, Şemiramot, Ýehiýel, Unny, Eliýap, Benaýa, Magaseýa, Matytýa, Elipelehu we Mikneýa olara kömekçi edip bellenildi; Obededom bilen Ýegiýel bolsa derwezebanlardy.
19 Aýdymçylar bolan Heýman, Asaf hem-de Eýtan dagylar bürünç kimwallar,
20 Zakarýa, Azyýel, Şemiramot, Ýehiýel, Unny, Eliýap, Magaseýa, Benaýa dagylar alamot äheňinde barbat çalmalydylar.
21 Matytýa, Elipelehu, Mikneýa, Obededom, Ýegiýel hem-de Azazýa dagylar bolsa şeminit äheňinde çeň bilen sazy alyp gitmelidiler.
22 Lewi sazandalarynyň ýolbaşçysy Kenanýa saza baştutanlyk etmelidi, çünki ol saza ussatdy.
23 Berekýa bilen Elkana sandyk üçin bellenen derwezebanlardy.
24 Şebanýa, Ýoşapat, Netanel, Amasaý, Zakarýa, Benaýa, Eligezer hem-de ruhanylar Hudaýyň sandygynyň öňünde surnaý çalmalydylar. Obededom bilen Ýehiýa hem sandyk üçin bellenen derwezebanlardy. Äht sandygy Iýerusalime getirilýär
25 Şeýlelikde, Dawut, Ysraýyl ýaşululary hem-de müňbaşylar Rebbiň Äht sandygyny şatlyk-şagalaň bilen Obededomyň öýünden getirmäge gitdiler.
26 Hudaý Rebbiň Äht sandygyny getirýän lewilere ýardam etdi we olar ýedi öküz bilen ýedi goçy gurbanlyk berdiler.
27 Sandygy göterýän lewiler, aýdymçylar, aýdymçylaryň sazyna ýolbaşçylyk edýän Kenanýa dagylar ýaly, Dawut hem ýüpek don geýdi. Dawudyň egninde ýüpek efot hem bardy.
28 Şeýdip, ysraýyllar şagalaň bilen, tüýdügiň, surnaýlaryň, kimwallaryň şowhuny, çeňdir barbatlaryň belent owazy bilen Rebbiň Äht sandygyny getirdiler.
29 Rebbiň Äht sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Ol Dawudyň bökjekläp tans edişini görüp, oňa äsgermezçilik etdi.




Chapter 16

1 Olar Rebbiň sandygyny getirip, Dawudyň onuň üçin guran çadyrynyň içinde goýdular. Soňra Dawut Rebbiň huzurynda ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi.
2 Ol ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berip bolandan soň, Rebbiň adyndan halka ak pata berdi.
3 Ol aýal-erkek diýmän, ähli ysraýyllara bir bölek çörek, bir bölek et hem kişmiş paýlady.
4 Ysraýyl Hudaýy Rebbiň adyna ybadat etmek, öwgi aýdyp, Ony şöhratlandyrmak üçin, ol lewileriň käbirini Rebbiň sandygynyň öňünde hyzmat etmäge belledi.
5 Asaf – başlyk, Zakarýa onuň kömekçisi boldy, Ýegiýel, Şemiramot, Ýehiýel, Matytýa, Eliýap, Benaýa, Obededom hem-de Ýegiýel – barbat hem çeň, Asaf – kimwal çalmalydylar.
6 Ruhanylar Benaýa bilen Ýahazyýal bolsa Rebbiň Äht sandygynyň öňünde hemişe surnaý çalmalydylar. Dawudyň öwgi aýdymy
7 Dawut şol gün Rebbe öwgi aýdymlaryny aýtmagy Asaf bilen onuň garyndaşlaryna tabşyrdy.
8 Rebbe şükür ediň, Ony çagyryň, halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň.
9 Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.
10 Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň; Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.
11 Rebbe, Onuň kuwwatyna sygynyň, dyngysyz Onuň huzuryny agtaryň. 12–13 Eý, Rebbiň bendesi Ysraýylyň zürýady, Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli! Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny, mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny.
14 Ol – Hudaýymyz Reb, Ol tutuş ýer ýüzüne kazylyk edýär. 15–16 Onuň ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini, Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaň. 17–18 Diýdi: «Men size Kengan ýurduny, mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin». Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde, Ysraýyla – müdimi äht hökmünde.
19 Şonda olar az sanlydylar, gaty az we şol ýerde gelmişekdiler.
20 Geçýärdiler bir milletden başga millete, bir şalykdan – başga şalyga.
21 Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi, şolar sebäpli Ol şalara käýedi.
22 Diýdi: «Saýlap seçenlerime siz el degirmäň, pygamberlerime ýamanlyk etmäň».
23 Rebbe nagma aýdyň, eý, tutuş ýer ýüzi! Onuň halas edýändigini günsaýyn buşlaň!
24 Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny, ähli halklara – gudratly işlerini.
25 Çünki Reb beýik, Ol belent sena mynasyp, biziň seždämize diňe Ol laýyk. Ol milletleriň hudaýlaryndan has wehimlidir.
26 Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur, emma gökleri Reb ýaradandyr.
27 Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, Onuň mekanyndadyr güýç we şatlyk.
28 Eý, halklaryň tireleri, Rebbi wasp ediň, Rebbiň şöhratyny, güýjüni öwüň!
29 Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň, gurbanlyk getirip, huzuryna giriň. Rebbe şanly mukaddesliginde siz sežde ediň;
30 eý, ýer ýüzündäkiler, Onuň öňünde titräň. Berk berkarar edildi dünýä, ol sarsmaz asla.
31 Goý, gökler begensin, ýer hem şatlansyn. Milletler arasynda: «Reb – Patyşa!» diýsin olar.
32 Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin. Meýdan we ondaky bar zatlar şatlykdan joşsun.
33 Şonda tokaý agaçlary nagmalar aýdar Rebbiň huzurynda. Çünki Ol dünýä kazylyk etmäge gelýär.
34 Rebbe şükür ediň, çünki Ol – ýagşy, Onuň sadyk söýgisi baky.
35 Ýene-de aýdyň: «Eý, gutulyşymyzyň Hudaýy, bizi halas et! Mukaddes adyňa şükürler eder ýaly, Seniň şöhratyňa buýsanar ýaly, milletleriň arasyndan bizi azat edip toplap al.
36 Ysraýyl Hudaýy Rebbe ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun!». Onsoň tutuş halk «Omyn» diýip, Rebbi şöhratlandyrdy. 37–38 Rebbiň Äht sandygynyň öňünde her gün hyzmat etsinler diýip, Dawut Asafy, onuň doganlaryny hem-de Obededomy altmyş sekiz sany dogany bilen goýdy. Ýedutunyň ogly Obededomy Hosa bilen derwezeban edip goýdy.
39 Ruhany Sadogy hem-de onuň ruhany garyndaşlaryny Gibgondaky sežde edilýän ýerdäki Rebbiň çadyrynyň öňünde goýdy.
40 Dawut olary ýakma gurbanlyk sypasynda Rebbiň Ysraýyla buýran kanunynda ýazylyşy ýaly edip, ertir-agşam yzyny kesmän Rebbe ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin belledi. Bu kanunda ähli zat hakda ýazylandy.
41 Sadyk söýgisiniň ebediligi üçin Rebbe alkyş aýtsyn diýip, olaryň ýanynda Heýmany, Ýedutuny hem-de atlary agzalan beýleki saýlanan adamlary goýdy.
42 Heýmanyň, Ýedutunyň elinde saz çalmak üçin surnaýlardyr kimwallar bardy. Hudaý üçin aýdym aýdýanlara-da saz gurallaryny berdi. Ýedutunyň ogullaryny derwezeban edip goýdy.
43 Soňra ähli halk öýli-öýüne dargady. Dawut hem öz hojalygyna ak pata bermek üçin öýüne gitdi.




Chapter 17

1 Dawut öz köşgünde ornaşandan soň, Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Rebbiň Äht sandygy bolsa çadyrda dur» diýdi.
2 Natan Dawuda: «Islän zadyňy ediber, sebäbi Hudaý seniň bilendir» diýdi.
3 Emma hut şol gije Natana Rebbiň şu sözi geldi:
4 «Bar, gulum Dawuda Reb şeýle diýýär diý: „Maňa mesgen tutar ýaly öýi sen gurmaly dälsiň.
5 Men ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykan günümden bäri öýde mesgen tutmadym; çadyrymy ondan-oňa göçürip ýaşap ýördüm.
6 Tutuş Ysraýyl bilen bolan ýerlerimiň ählisinde Öz halkyma baştutanlyk etmegi buýran Ysraýyly serdarlarynyň hiç birinden näme üçin Maňa kedr agajyndan öý gurmandyklaryny soramadym“.
7 Indi sen Meniň gulum Dawuda Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär diý: „Men seni meýdanda goýun bakyp ýören ýeriňden alyp, Öz halkym Ysraýylyň hökümdary etdim.
8 Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek.
9 Öz halkym Ysraýyl üçin bir ýer taýýynlap, olary şol ýerde ýerleşdirjek. Şeýdip, olar öz ýerlerinde ýaşarlar. Mundan beýläk olaryň rahatlygy bozulmaz.
10 Halkym Ysraýyla serdarlar bellän döwrümden bäri sütem edişleri ýaly, betgylyk adamlar indi olara sütem etmezler. Men ähli duşmanlaryňy boýun egdirerin. Men-Reb seniň üçin öýi gurjakdygymy jar edýärin.
11 Peýmanyň dolup, ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn.
12 Meniň üçin öýi ol gurar, Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin.
13 Men oňa Ata bolaryn, ol bolsa Maňa ogul bolar. Senden öň bolan Şawuly mahrum edişim ýaly, ony Öz sadyk söýgimden mahrum etmerin.
14 Men ony Öz öýümde hem-de şalygymda baky goýaryn. Şalyk tagty baky dowam eder“».
15 Şu sözleriň hem-de aýanlyklaryň ählisini Natan Dawuda gürrüň berdi. Dawudyň minnetdarlyk dilegi
16 Soňra Dawut gelip, Rebbiň huzurynda oturdy-da, şeýle diýdi: «Ýa, Beýik Hudaý, men kim, meni şeýle derejä ýetirer ýaly, meniň maşgalam kim?
17 Eý Hudaý, bu zatlary hem az görýän ýaly, Sen Öz guluň nesliniň geljegi hakynda hem söz berdiň. Sen maňa belent mertebeli adam ýaly garaýarsyň, ýa Beýik Hudaý!
18 Öz guluňa beýle hormatyň üçin Dawut Saňa näme diýip biler? Sen Öz guluňy tanaýarsyň ahyryn!
19 Sen guluňyň hatyrasyna, Öz göwün islegiňe görä bu beýik işi etdiň; bu beýik işleriň ählisini aýan etdiň.
20 Eý, Reb, Saňa taý geljek ýokdur, Senden başga Hudaý ýok! Muny öz gulaklarymyz bilen eşitdik.
21 Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri olaryň öňünden kowup çykardyň.
22 Hemişelik Öz halkym bolsun diýip, halkyň Ysraýyly Özüň üçin ebedi halk etdiň; Ýa Reb, Sen olaryň Hudaýy bolduň.
23 Indi bolsa, Sen, ýa Reb, Öz guluň hem onuň nesli hakda aýdan sözüňi ebedi sakla-da, diýşiň ýaly et!
24 Goý, ynsanlar „Hökmürowan Reb Ysraýylyň Hudaýydyr“ diýip, guluňyň neslini berkarar etsinler, adyňy ebedilik belende götersinler. Guluň Dawudyň nesli Seniň öňüňde kuwwatlansyn.
25 Sen, eý, Hudaýym, „Saňa nesil berjek“ diýip, guluňa Özüň aýan edipdiň. Şoňa görä-de guluň Saňa ýüzlenip, şu dilegi okamaga milt etdi.
26 Ýa Reb, Sen Hudaýsyň. Şu ýagşylyklary guluňa Sen wada etdiň.
27 Öz huzuryňda ebedi galsyn diýip, guluňyň nesline pata bermek, goý, Saňa hoş görünsin! Sebäbi, ýa Reb, Seniň pataň bilen guluňyň nesli baky pataly boldy we patalydyr!».




Chapter 18

1 Birnäçe wagtdan soň Dawut piliştlilere zarba urup, olary özüne tabyn etdi. Ol Gat galasyny hem-de onuň obalaryny piliştlileriň elinden aldy.
2 Ol mowaplylary ýeňdi. Mowaplylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler.
3 Soňra Dawut Perat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Hadadgezeri Hamatyň ýakynynda boýun egdirdi.
4 Dawut onuň müň sany söweş arabasyny, arabaly goşunynyň ýedi müň esgerini hem-de ýigrimi müň esgerli pyýada goşunyny ýesir aldy. Ol atlaryň ýüz araba ýeter ýalysyny goýup, galanlaryny maýyp etdi.
5 Damaskda ýaşaýan aramlylar Soba patyşasy Hadadgezere kömege gelende, Dawut aramlylaryň ýigrimi iki müňüsini öldürdi.
6 Dawut Damaskda ýaşaýan aramlylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Aramlylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş getirýärdi.
7 Dawut Hadadgezeriň gullarynyň göterýän altyn galkanlaryny alyp, Iýerusalime getirdi.
8 Hadadgezeriň galalary Tibhatdan hem-de Kundan Dawut juda köp bürünji ele saldy. Soň Süleýman şol bürünçlerden bürünç howuz, sütünleri hem enjamlary ýasady.
9 Hamat şasy Togu Dawudyň Soba şasy Hadadgezeriň ähli goşunyny derbi-dagyn edendigini eşitdi.
10 Hadadgezer bilen urşup, ondan üstün çykmagy mynasybetli Dawut patyşany gutlamak hem-de hal-ahwal soraşmak üçin, Togu öz ogly Hadoramy Dawudyň ýanyna iberdi. Sebäbi Hadadgezer Togu bilen ýygy-ýygydan uruşýardy. Hadoram özi bilen kümüş, altyn hem bürünç sowgatlar äkitdi.
11 Dawut bu sowgatlary-da ähli halklardan: edomlardan, mowaplardan, ammonlardan, piliştlilerden hem amaleklerden ele salan altyn-kümüşleri bilen bile Rebbe bagyş etdi.
12 Seruýanyň ogly Abyşaý Duz jülgesinde on sekiz müň edomlyny öldürdi.
13 Ol Edomda goşun bölümlerini ýerleşdirdi; ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş getirýärdi.
14 Şeýdip, Dawut tutuş Ysraýyla patyşalyk edýärdi. Ol tutuş halkyny adyllyk hem hakykat bilen dolandyrýardy.
15 Seruýanyň ogly Ýowap onuň goşunbaşysydy; Ahyludyň ogly Ýehoşapat – ýyl ýazgyçydy,
16 Ahytubyň ogly Sadok bilen Abýataryň ogly Abymelek ruhanydylar, Şawşa – kätipdi,
17 Ýehoýadanyň ogly Benaýa keretler bilen peletleriň baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa şa hyzmatynyň baştutanlarydy.




Chapter 19

1 Biraz wagtdan soň ammonlaryň patyşasy Nahaş ölüp, ýerine ogly tagta çykdy.
2 Dawut: «Nahaş maňa wepaly boldy, men hem onuň ogly Hanuna wepaly bolaýyn» diýdi. Ony kakasy üçin çekýän hasratyndan köşeşdirmek üçin, Dawut onuň ýanyna birnäçe çaparlar ýollady. Dawudyň adamlary ammonlaryň ýurduna Hanuny köşeşdirmek üçin onuň ýanyna gelenlerinde,
3 ammonlaryň ýolbaşçylary Hanuna: «Dawut saňa köşeşdirijileri ataňyň hormaty üçin iberendir öýdýäňmi? Ol öz çaparlaryny galany basyp almak üçin, ony gözden geçirmäge iberendir» diýdiler.
4 Hanun Dawudyň çaparlaryny tutup, olaryň sakgallaryny syrdy, geýimlerini syrtlaryna çenli ortasyndan kesdirip, yzlaryna ugratdy.
5 Şeýdip, olar ol ýerden gaýtdylar. Bu adamlar hakda Dawuda habar berenlerinde, ol: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihoda boluberiň, soň gelersiňiz» diýen tabşyryk bilen olaryň öňünden çaparlar iberdi, çünki olar gaty kemsidilipdi.
6 Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Hanun bilen Mesopotamiýadan, Aramagakadan hem-de Sobadan söweş arabalaryny, arabaly goşuny hakyna tutmak üçin, olara bir müň ýedi ýüz batman kümüş iberdi.
7 Olar otuz iki müň sany söweş arabasyny we patyşa Magakany goşuny bilen hakyna tutdular. Olar gelip, Meýdebanyň öňünde harby düşelge gurdular. Ammonlar hem öz galalaryndan ýygnanyşyp, söweşe çykdylar.
8 Dawut muny eşidip, Ýowaby hem batyr esgerli bütin goşunyny iberdi.
9 Ammonlar çykyp, galanyň derwezesiniň agzynda söweşmek üçin nyzama durdular, gelen patyşalar bolsa açyk meýdanda aýratyn nyzama durdular.
10 Özüniň hem arkasynda, hem öňünde söweşiň ýaýbaňlanandygyny gören Ýowap Ysraýylyň saýlama esgerlerini alyp, olary aramlylaryň garşysyna nyzama duruzdy.
11 Galan goşuny öz dogany Abyşaýyň eline berdi we olary ammonlaryň garşysyna nyzama duruzdy.
12 Ýowap: «Bardy-geldi aramlylar menden güýçli çykaýsalar, sen maňa kömege ýetişersiň; bardy-geldi ammonlar senden güýçli bolup çykaýsalar, onda men saňa kömege ýetişerin.
13 Mert bol, halkymyz üçin we Hudaýymyzyň galalary üçin dözümli söweşeli. Reb bolsa Öz islänini etsin» diýdi.
14 Şeýdip, Ýowap hem onuň goşunlary aramlylara garşy söweşe girişdiler; duşmanlar Ýowapdan gaçdylar.
15 Aramlylaryň gaçanyny gören ammonlar hem Ýowabyň dogany Abyşaýdan gaçyp, gala girdiler. Şondan soň Ýowap Iýerusalime geldi.
16 Özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerini görüp, aramlylar Peratyň aňyrsyndaky aramlylara çaparlar iberip, olary Şopagyň baştutanlygynda çykartdylar. Şopak Hadadgezeriň goşunbaşysydy.
17 Dawut muny eşidip, ähli ysraýyllary toplap, Iordan derýasyndan geçdi. Ol olaryň ýanyna gelip, öz güýçlerini aramlylara garşy gönükdirdi. Dawut öz goşunyny aramlylaryň garşysyna nyzama duruzdy we aramlylar olar bilen urşa girişdiler.
18 Aramlylar ysraýyllaryň goşunyndan gaçdylar. Dawut olaryň ýedi müň söweş arabaly esgerlerini, pyýada goşundan kyrk müň adamy hem-de olaryň goşunbaşysy Şopagy öldürdi.
19 Hadadgezere tabyn bolan hanlaryň ählisi özleriniň ysraýyllardan ýeňilendiklerine göz ýetirip, Dawut bilen ylalaşyk baglaşyp, oňa boýun egdiler. Aramlylar mundan beýläk ammonlara kömek etmek islemediler.




Chapter 20

1 Ýaz paslynda, patyşalaryň ýörişe gidýän döwri Ýowap goşuny alyp, ýörişe çykyp, ammonlaryň ýurduny kül-peýekun etdi, soň gelip, Rabany gabady. Emma Dawut Iýerusalimde galypdy. Ýowap Rabanyň üstüne hüjüm edip, ony derbi-dagyn etdi.
2 Dawut ammonlaryň patyşasynyň başyndan altyn täjini aldy; onuň agramy iki putdy, onuň ýüzüne gymmatbaha daş oturdylandy. Ony Dawudyň kellesine geýdirdiler. Dawut galadanam köp mukdarda olja-da aldy.
3 Galanyň halkyny bolsa Dawut galadan göçürip, olary byçgy, demir kätmen hem-de palta bilen işlenilýän işlerde goýdy. Ol ammonlaryň ähli galalarynda şeýle edenden soň, ähli goşun bilen bile Iýerusalime dolandy. Piliştlilere garşy söweş
4 Şondan soň Gezerde piliştliler bilen uruş başlady. Şonda huşaly Sibekaý iri adamlaryň neslinden bolan Sipaý diýen birini öldürdi. Piliştliler boýun egdiler.
5 Piliştliler bilen ýene uruş boldy. Ýagyryň ogly Elhanan naýzasynyň sapy dokma tütesi ýaly bolan gatly Jaludyň dogany Lahmyny öldürdi.
6 Gat galasynda ýene uruş boldy. Ol ýerde ýene pilistlileriň iri neslinden elleridir aýaklary alty-altydan ýigrimi dört barmakly şilliň uzyn biri bardy.
7 Ysraýyla sögendigi sebäpli, Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonatan Rapa neslinden bolan bu adamy öldürdi.
8 Bularyň dördüsi-de Gatyň rapalaryndandylar. Olar Dawudyň hem-de onuň esgerleriniň elinden öldüler.




Chapter 21

1 Şeýtan Ysraýyla garşy çykyp, Dawudy ysraýyl halkynyň adam sanyny bilmek küýüne düşürdi.
2 Dawut Ýowaba hem-de goşunbaşylara: «Gidiň-de, Beýerşebadan Dana çenli bolan ysraýyllary hasaba alyň-da, maňa habar beriň. Maňa ilatyň sany gerek» diýdi.
3 Emma Ýowap patyşa ýüzlenip: «Reb halkynyň sanyny ýüz esse köpeltsin! Eý, şahym, şolaryň ählisi jenabymyň gullary dälmi näme? Näme üçin jenabym beýle etmek isleýär? Näme üçin ol Ysraýyly günäli etjek bolýar?» diýdi.
4 Ýöne patyşanyň sözi Ýowabyňkydan üstün geldi. Şunlukda, Ýowap gidip, tutuş Ysraýyla aýlanyp, Iýerusalime gaýdyp geldi.
5 Ýowap ilat ýazuwynyň netijesini Dawuda berdi. Tutuş Ysraýylda eli gylyç tutup biljek adamlarynyň sany bir million ýüz müňdi, Ýahudanyňky bolsa dört ýüz ýetmiş müň adam bolup çykdy.
6 Ýowap lewiler bilen benýaminleri hasaba almady, çünki patyşanyň buýrugy oňa nejis göründi.
7 Bu iş Hudaýa pis göründi we Ol Ysraýyly jezalandyrdy.
8 Dawut: «Şu hereketim bilen Seniň öňüňde uly günä gazandym, akmaklyk etdim. Öz guluňy günä astynda goýma, Sen! Ýalbarýaryn!» diýip, Hudaýa ýüzlendi.
9 Reb Dawudyň görgüri Gada şeýle diýdi:
10 «Dawudyň ýanyna bar-da: „Reb seniň öňüňde üç şert goýýar; birini saýla, Ol şony hem amala aşyrjak“ diýip aýt».
11 Gat gelip, Dawuda: «Reb şeýle diýýär: „Saýla:
12 ýa üç ýyl açlyk, ýa duşmanlaryňyň öňünde üç aýlap derbi-dagyn bolmaklyk, ýa üç gün Rebbiň ýurda inderen gyrgyn keselinden heläk bolmaklyk, Rebbiň perişdesi tutuş Ysraýyl topragyndakylary weýran eder“. Indi birini saýla, men özümi iberene jogap bermeli» diýdi.
13 Dawut Gada: «Men erbet ýagdaýa düşdüm. Gowusy, men Rebbiň eline düşeýin, ynsan eline düşmäýin. Rebbiň rehimdarlygy beýikdir» diýdi.
14 Şeýdip, Reb Ysraýyla gyrgyn keselini iberdi we mundan ilatyň ýetmiş müň adamy gyryldy.
15 Hudaý Iýerusalimiň halkyny weýran etmek üçin bir perişdesini iberdi. Perişde halky weýran etjek bolanda, Reb muny görüp, bu betbagtçylygy goýbolsun etdi. Ol weýran edýän perişdä: «Besdir! Indi eliňi çek!» diýdi. Şonda Rebbiň perişdesi ýabusly Ornanyň harman ýeriniň golaýyndady.
16 Rebbiň perişdesiniň öz elindäki ýalaňaç gylyjyny Iýerusalime tarap uzadyp, ýer bilen gögüň arasynda durandygyny Dawut gördi. Jul geýnen Dawut hem-de ýaşulular ýere ýüzin ýykyldylar.
17 Dawut Hudaýa şeýle diýdi: «Halkyň sanyny bilmek üçin buýruk beren men dälmidim näme? Günä eden men, hata iş eden men. Ýöne bu bigünä halk näme etdi ahyryn? Eý, Hudaýym Reb, goý, Sen diňe maňa hem atamyň nesline jeza ber, Öz halkyňy weýran etme!»
18 Onsoň Rebbiň perişdesi Gada ýabusly Ornanyň harman ýerinde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurmalydygyny Dawuda aýtmagy emr etdi.
19 Dawut Gadyň Rebbiň adyndan aýdan sözi bilen ol ýere gitdi.
20 Ornan yzyna öwrülip, perişdäni gördi. Onuň ýanyndaky dört ogly gizlendi, Ornan bolsa bugdaý döwmegini dowam etdirdi.
21 Dawut Ornanyň ýanyna geldi. Ornan ony görüp, harmandan çykdy we oňa iki bükülip tagzym etdi.
22 Dawut Ornana şeýle diýdi: «Rebbe gurbanlyk sypasyny gurar ýaly harman ýeriňi ber, ony maňa doly bahasyna sat; şeýstsek, halkyň başyna düşen betbagtçylyk sowlar».
23 Ornan Dawuda şeýle diýdi: «Alaý! Ýakma gurbanlygy üçin öküzleri, odun üçin döwek döwýän gurallary, galla sadakasy üçin bugdaýy – şularyň hemmesini men saňa berýärin».
24 Emma Dawut patyşa Ornana şeýle diýdi: «Ýok, men olaryň hemmesini doly bahasyna satyn aljak. Men Reb üçin seniň zadyňy ýöne aljak däl, mugt düşen zady ýakma gurbanlyk berjek däl».
25 Şeýdip, Dawut Ornana harman ýeri üçin alty ýüz altyn teňňe töledi.
26 Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem-de salamatlyk gurbanlyklaryny hödürledi. Ol Rebbiň adyna ybadat etdi; Reb ýakma gurbanlyk sypasynyň üstünde gökden ot bilen Dawuda jogap berdi.
27 Soňra Reb perişdä buýruk berdi; perişde gylyjyny gynyna saldy. Ybadathana üçin ýer saýlanýar
28 Dawut ýabusly Ornanyň harmanynda özüne Rebbiň jogap berendigini gören wagty, şol ýerde sadakalar berdi.
29 Çünki Rebbiň Musa tarapyndan çölde gurlan çadyry hem-de ýakma gurbanlyk sypasy şol wagt Gibgondaky sežde edilyän ýerdedi.
30 Emma Dawut Hudaýdan soramak üçin onuň öňüne baryp bilmedi, sebäbi ol Rebbiň perişdesiniň gylyjyndan gorkýardy.




Chapter 22

1 Onsoň Dawut: «Şu ýerde Beýik Hudaýyň öýi hem-de Ysraýyl üçin ýakma gurbanlyk sypasy bolsun» diýdi. Öýüň gurluşygyna taýýarlyk
2 Dawut Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleri toplamagy buýrup, Hudaýyň öýüni gurmak üçin daş ýonýan ussalary belledi. 3–4 Dawut derwezeleriň gapylary üçin çüýler we petleler üçin juda köp demir, ölçärden agdyk bürünç, ummasyz köp mukdarda kedr agaçlaryny taýýarlady. Köp möçberdäki bu kedr agaçlaryny Dawuda sidonlylar bilen sorlular getirdiler.
5 Dawut şeýle diýdi: «Oglum Süleýman ýaş hem tejribesiz, Rebbe guruljak öý bolsa biçak gözel, bütin dünýäde meşhur hem-de şöhratly bolmalydyr. Şonuň üçinem men taýýarlyk görmelidirin». Şeýlelikde, Dawut ölmezinden öň, öýüň gurluşygy üçin, taýýarlyk işleriniň uly tapgyryny ýerine ýetirdi. Dawudyň Süleýmana wesýeti
6 Onsoň Dawut ogly Süleýmany ýanyna çagyryp, Ysraýyl Hudaýy Rebbe öý gurmagy oňa wesýet etdi.
7 Dawut Süleýmana şeýle diýdi: «Oglum, meniň Hudaýym Rebbe öý gurmak niýetim bardy.
8 Emma maňa Rebbiň şu sözi geldi: „Sen köp gan dökdüň hem-de ýowuz uruşlar alyp bardyň. Maňa öýi sen gurmaly dälsiň, sebäbi sen Meniň huzurymda ýer ýüzünde köp gan dökdüň.
9 Ine, senden bir ogul dünýä iner; ol asudalykda ýaşar. Men oňa töweregindäki ähli duşmanlaryndan dynçlyk bererin. Şonuň üçinem onuň ady Süleýman bolar. Men onuň döwründe Ysraýyla rahatlyk hem asudalyk bererin.
10 Ol Maňa öý gurar. Ol Maňa ogul bolar, Men oňa Ata bolaryn. Men Ysraýylyň üstünden onuň şalyk tagtyny müdimilik berkarar ederin“.
11 Indi, oglum, goý, Reb saňa ýar bolsun. Rebbiň sen barada aýdyşy ýaly, Rebbe öý gurmaklyk işiň şowuna bolsun.
12 Hudaýyň Reb seni Ysraýyla hökümdar goýanda, Onuň kanunyny berjaý ederiň ýaly, goý, Reb saňa akyl-paýhas bersin.
13 Eger Rebbiň Musanyň üsti bilen Ysraýyla tabşyran parzlarydyr hökümlerini berjaý etseň, işiň rowaç bolar. Dözümli hem mert bol; gorkma, ruhdan düşme.
14 Men Rebbiň öýi üçin, uly yhlas bilen bir ýüz ýetmis müň batman altyn, bir million ýedi ýüz müň batman kümüş, ölçärden agdyk bürünçdir demir, agaçdyr daşlar ýygnadym. Sen bularyň üstüni ýetirmelisiň. 15–16 Eliňde ummasyz işçi güýji bar – daş ýonujylaryň, kerpiç örüjileriň, agaç ussalaryň, san-sajaksyz ussat zergärleriň, kümüş, bürünç hem demir ussalaryň bardyr. Indi işe başla, Reb saňa ýar bolar!».
17 Şeýle hem Dawut ogly Süleýmana kömek bermekleri üçin, Ysraýylyň ähli ýolbaşçylaryna şeýle buýruk berdi:
18 «Hudaýyňyz Reb siziň bilen dälmi? Ähli tarapdan size rahatlyk beren Şol dälmi? Ol bu ýurduň ähli ilatyny meniň elime berdi we ýurt Rebbe hem-de Onuň halkyna boýun egdi.
19 Indi bütin kalbyňyz hem janyňyz bilen Hudaýyňyz Rebbi agtaryň! Rebbiň Äht sandygyny hem-de Hudaýyň mukaddes enjamlaryny Rebbe gurlan öýe getireriňiz ýaly, gidiň-de, Beýik Hudaýyň mukaddes öýüni guruň».




Chapter 23

1 Dawut öz durmuşyndan razy bolup, ogly Süleýmany Ysraýyla patyşa etdi.
2 Dawut Ysraýylyň ähli ýolbaşçylaryny, ruhanylary hem-de lewileri ýanyna çagyrdy.
3 Lewileriň otuz we ondan ýokary ýaşlylary hasaba alyndy. Olar jemi otuz sekiz müňdi.
4 Dawut: «Şolaryň ýigrimi dört müňüsi Rebbiň öýünde hyzmat etmelidirler; alty müňüsi baştutanlar hem häkimler,
5 dört müňi derwezebanlar, ýene dört müňi meniň öwgi aýtmak üçin ýasan saz gurallarymda Rebbi şöhratlandyrmalydyrlar» diýdi.
6 Dawut olary Lewiniň Gerşon, Kohat hem-de Merary atly üç ogluna görä toparlara böldi. Gerşonlar
7 Gerşonyň ogullary: Ladan bilen Şimgi.
8 Ladanyň nesilleri: Ýehiýel başy, Zetam, Ýowel – jemi üç,
9 Şimginiň nesilleri: Şelomot, Hazyýel, Haran – jemi üç. Bular Ladanyň kowumbaşylarydy.
10 Şimginiň nesilleri: Ýahat, Zina, Ýeguş, Beriga – jemi dört.
11 Ýahat başy, Ziza indikisidi, ýöne Ýeguş bilen Beriganyň ogullary köp däldi, şoňa görä-de, olar bir maşgala hasap edilýärdiler. Kohatlar
12 Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron, Uzyýel – jemi dört.
13 Imranyň ogullary: Harun bilen Musa. Harun iň mukaddes zatlary bagyş etmäge saýlandy. Şeýlelikde, ol hem onuň ogullary müdimilik Rebbiň öňünde gurbanlyklar bermelidirler, Oňa hyzmat etmelidirler hem Onuň ady bilen pata bermelidiler.
14 Ýöne Hudaýyň adamy bolan Musa hem onuň ogullary lewileriň tiresine goşuldylar.
15 Musanyň ogullary: Gerşom, Eligezer.
16 Gerşomyň nesli Şebuwal başy.
17 Eligezeriň ogly Rehabýa başy. Eligezeriň başga ogly ýokdur, ýöne Rehabýanyň nesilleri juda köpdi.
18 Ýisharyň nesli Şelomyt başy.
19 Hebronyň nesilleri Ýeriýa başy, Amarýa indikisi, üçünjisi Ýahazyýal, dördünjisi Ýekamgam.
20 Uzyýeliň ogullary: uly ogly Mika we ikinjisi Ýişiýa. Merarylar
21 Merarynyň ogullary: Mahly, Muşy. Mahlynyň ogullary: Elgazar, Kiş.
22 Elgazar ogulsyz dünýäden ötdi, onuň diňe gyzlary bardy. Olaryň dogany Kişiň ogullary onuň gyzlaryna öýlendi.
23 Muşynyň ogullary: Mahly, Eder, Ýeremot – jemi üç.
24 Ine, şular lewileriň kowumbaşylarydyr we uruglaryna görä hasaba alnandyr. Olar ýigrimi we ondan ýokary ýaşly bolup, Rebbiň öýüne hyzmat etmelidiler.
25 Öň Dawut şeýle diýipdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb Öz halkyna dynçlyk berdi; Ol müdimilik Iýerusalimde ýaşaýar.
26 Şeýlelikde, lewiler Rebbiň çadyryny ýa-da Oňa hyzmat üçin ulanylýan beýleki esbaplary ondan-oňa göçürmezler».
27 Dawudyň soňky sözlerine görä, lewileriň ýigrimi hem ondan uly ýaşlylarynyň sany şudy.
28 Lewiler Rebbiň öýüne hyzmat etmek üçin, Harunyň neslinden bolan adamlaryň ýanynda bolup, şu işleri ýerine ýetirmelidiler: howlulara hem-de otaglara seretmek, mukaddes zatlary arassalamak, Hudaýyň öýüniň hyzmatyndaky her bir işe,
29 Hödür çöregine, gurbanlyklar üçin berlen saýlama una, petir kökelere, bişirilen sadakalara, zeýtun ýagyna garylan sadaka, ybadathana ölçegine we möçberine seretmek.
30 Şeýle hem olar her gün ertir-agşam Rebbe şükür edip, öwgüler aýtmalydylar.
31 Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ýakma gurbanlyklar berenlerinde, Rebbe şükür edip, öwgüler aýtmalydylar. Olar bu işleri emr edilen düzgünlere görä hemişe Rebbiň huzurynda ýerine ýetirmelidiler.
32 Rebbe ýüz tutulýan çadyr we mukaddes ýer lewileriň baştutanlygyndady. Olar Rebbiň öýünde hyzmat edýän Harunyň nesillerinden bolan doganlaryna-da esewan bolmalydylar.




Chapter 24

1 Harunyň nesilleri hyzmat üçin bölünendir. Harunyň ogullary: Nadap, Abyhu, Elgazar, Ytamar.
2 Emma Nadap bilen Abyhu kakalaryndan öň ölüpdiler; olaryň ogly ýokdy. Şoňa görä, Elgazar bilen Ytamar ruhany boldular.
3 Dawut Elgazaryň nesli Sadok, Ytamaryň nesli Ahymelek bilen bile ruhanylary borçlaryna görä hyzmat işlerine bölüşdirdi.
4 Ytamaryň nesline garanda, Elgazaryň neslindäki kowumbaşylar has köpdi. Şoňa görä kowumbaşylaryň baştutanlygynda Elgazaryň nesilleri on alty bölege, Ytamaryň nesilleri sekiz bölege bölünendi.
5 Adalatly bolmak üçin iki topar hem bije boýunça bölündiler, sebäbi mukaddes çadyra hem-de Hudaýa hyzmat etmeli ýolbaşçylar Elgazaryň nesliniň arasynda-da, Ytamaryň nesliniň arasynda-da bardy.
6 Lewilerden bolan Netaneliň ogly Şemagýa mürze patyşanyň, ýolbaşçylaryň, ruhany Sadok bilen Abýataryň ogly Ahymelegiň, ruhanylaryň nesilleriniň hem-de lewileriň kowumbaşylarynyň huzurynda bularyň atlaryny ýazdy. Elgazar bilen Ytamaryň hersi üçin bir topar saýlanyp alyndy.
7 Bijesi çykan adamlar bije tertibi boýunça şulardyr: Ýehoýaryp, Ýedaýa,
8 Harym, Segorym,
9 Malkyýa, Miýamyn,
10 Hakos, Abyýa,
11 Ýeşuwa, Şekanýa,
12 Elýaşyp, Ýakim,
13 Hupa, Ýeşebeýap,
14 Bilga, Immer,
15 Hezir, Hapyses,
16 Petahýa, Ezekiýel,
17 Ýakyn, Gamul,
18 Delaýa, Magazýa – jemi ýigrimi dört bije.
19 Olaryň Rebbiň öýüne girmek üçin ýerine ýetirmeli borçlary, ine, şudur. Muny olara Ysraýyl Hudaýy Reb olaryň atasy Harunyň üsti bilen tabşyrypdy. Lewileriň galan böleginiň hyzmata bellenilişi
20 Lewiniň nesilleriniň galan urugbaşylary şulardyr: Imranyň nesli Şubaýyl, Şubaýylyň nesli Ýehdeýa.
21 Rehabýadyň nesli Ýişiýa.
22 Ýisharlardan Şelomot; Şelomotyň nesillerinden Ýahat.
23 Hebronyň nesillerinden ýaş tertibine görä Ýeriýa, Amarýa, Ýahazyýal, Ýekamgam.
24 Uzyýeliň neslinden Mika; Mikanyň neslinden Şamyr.
25 Mikanyň dogany Ýişiýa, Ýişiýanyň neslinden Zakarýa.
26 Merarynyň nesillerinden Mahly, Muşy. Ýagazyýanyň ogullaryndan Beno.
27 Merarynyň nesillerinden Ýagazyýa, Beno, Şoham, Zakur, Ibri.
28 Mahlynyň nesillerinden Elgazar; onuň ogly ýokdur.
29 Kişden Ýerahmeýel.
30 Muşynyň nesillerinden Mahly, Eder, Ýerimot. Şular uruglaryna görä Lewiniň nesilleridir.
31 Garyndaşlary bolan Harunyň nesillerinde bolşy ýaly, bular hem Dawut patyşanyň, Sadokdyr Ahymelegiň, ruhanylardyr lewileriň kowumbaşylarynyň öňünde bije atdylar. Olaryň kowumbaşylar bolan ýaş garyndaşlary hem şeýle etdiler.




Chapter 25

1 Dawut hem-de goşun baştutanlary Asafyň, Heýmanyň hem-de Ýedutunyň ogullaryny hyzmat işi üçin bölüp aýyrdylar. Olar barbat, arfa hem kimwal çalyp pygamberlik etmelidiler. Hyzmat işini ýerine ýetirenler şulardyr:
2 Asafyň ogullaryndan: Zakur, Ýusup, Netanýa, Asarela. Bular patyşanyň emrine görä pygamberlik eden Asafyň ogullarydy we onuň garamagyndadylar.
3 Ýedutunyň ogullaryndan: Gedalýa, Seri, Işaýa, Haşabýa, Matytýa – jemi alty. Olar Rebbe barbat bilen öwgi aýdyp, Ony şohratlandyryp pygamberlik edýän kakalary Ýedutunyň garamagyndadylar.
4 Heýmanyň ogullary: Bukyýa, Matanýa, Uzyýel, Şebuwal, Ýerimot, Hananýa, Hanany, Eliýata, Gidalty, Romamty Gezer, Ýoşbekaşa, Malloty, Hotyr, Mahazyýot.
5 Şularyň hemmesi patyşanyň görgüri Heýmanyň ogullarydyr. Bu ogullar Hemana ony beýik etmek üçin, Hudaýyň beren wadasy bilen berlipdi. Hudaý oňa on dört ogul bilen üç gyz berdi.
6 Bularyň bary kakalarynyň garamagynda Rebbiň ybadathanasynda kimwal, arfa hem barbat çalyp, aýdym aýdýardylar. Asaf, Ýedutun we Heýman patyşanyň buýrugy astyndadylar.
7 Bular hem-de bularyň Rebbiň öňünde aýdym aýtmaklyga türgenleşdirilen garyndaşlarynyň bu işe ussatlary iki ýüz segsen sekiz adamdy.
8 Olaryň uludan-kiçä, halypadan-şägirde çenli bary, borçlary üçin bije atdylar.
9 Birinji bije Asafyň neslinden Ýusuba düşdi; ikinji Gedalýa; doganlary we ogullary bilen on iki adam;
10 üçünji Zakura; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
11 dördünji Ýezer; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
12 bäşinji Netanýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
13 altynjy Bukyýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
14 ýedinji Ýesarela; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
15 sekizinji Ýeşagýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
16 dokuzynjy Matanýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
17 onunjy Şimgä; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
18 on birinji Azarela; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
19 on ikinji Haşabýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
20 on üçünji Şubaýyla; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
21 on dördünji Matytýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
22 on bäşünji Ýeremota; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
23 on altynjy Hananýa; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
24 on ýedinji Ýoşbekaşa; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
25 on sekizinji Hanana; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
26 on dokuzynjy Mallota; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
27 ýigriminji Eliýata; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
28 ýigrimi birinji Hotyra; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
29 ýigrimi ikinji Gidalta; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
30 ýigrimi üçünji Mahazyýota; ogullary we doganlary bilen on iki adam;
31 ýigrimi dördünji Romamty Gezere düşdi; ogullary we doganlary bilen on iki adam.




Chapter 26

1 Derwezebanlaryň bölümleri şulardyr: koralardan Asafyň ogullaryndan bolan Koreniň ogly Meşelemýa.
2 Meşelemýanyň ogullary: nowbahar ogly Zakarýa, ikinjisi Ýedigaýel, üçünjisi Zebadýa, dördünjisi Ýatnyýel,
3 bäşinjisi Elam, altynjysy Ýehohanan, ýedinjisi Elýogeýnaý.
4 Obededomyň ogullary: nowbahar ogly Şemagýa, ikinjisi Ýehozabat, üçünjisi Ýowa, dördünjisi Sakar, bäşinjisi Netanel,
5 altynjysy Emiýel, ýedinjisi Ysakar, sekizinjisi Pegullataý. Obededomy Hudaý ýalkapdy.
6 Şemaýadan hem birnäçe ogul dünýä indi; başarjaň adamlar bolandyklary üçin, olar öz uruglaryna baş boldular.
7 Şemaýanyň ogullary: Otny, Repaýyl, Obet, Elzabat; olaryň doganlary Elihu bilen Semakýa hem başarjaň adamlardy.
8 Obededomyň ogullary, agtyklary hem-de olaryň doganlary hyzmat işine ökde altmyş iki adamdy.
9 Meşelemýanyň başarjaň ogullarydyr doganlary on sekiz adamdy.
10 Merary kowumyndan bolan Hosanyň ogullary: baştutan Şimri. Ol nowbahar ogul bolmasa-da, kakasy ony baştutan edipdi.
11 Ikinjisi Hilkiýa, üçünjisi Tebalýa, dördünjisi Zakarýa. Hosanyň ogullarynyň hem doganlarynyň jemi sany on üçdür.
12 Ine, kowumbaşylaryna görä derwezebanlaryň bölümleri şulardyr. Olar hem öz doganlary ýaly Rebbiň öýünde hyzmat etmäge borçludylar.
13 Olar öz kowumlaryna görä ula-kiçä deňlik edip, derwezeleri üçin bije atdylar.
14 Gündogar tarapdaky derweze Şelemýanyň bijesine düşdi. Onuň ogly parasatly geňeşçi Zakarýa üçin hem bije atyldy; onuň bijesine demirgazyk tarapdaky derweze düşdi.
15 Obededomyň bijesine günorta tarapdaky derweze, onuň ogullaryna bolsa ammar jaýy düşdi.
16 Şupym bilen Hosa ikisine günbatar tarapdaky, ýokary galýan ýoldaky Şalleket derwezesi düşdi. Garawulçylyk nobatma-nobat bellenendi.
17 Gündogar tarapdaky derwezede her gün alty lewi, demirgazyk hem günorta tarapdaky derwezeleriň hersinde her gün dört lewi durýardy, ammar jaýynda bolsa iki-ikiden durýardylar.
18 Günbatar tarapdaky howluda–ýolda dört adam, howly üçinem iki adam bellenendi.
19 Şular Kora hem-de Merary kowumlaryndan bolan derwezeban bölümleridi. Hazynaçylar we beýlekiler
20 Hudaýyň öýüniň hazynalary hem-de berlen sadakalaryň hazynalary beýleki lewileriň garamagyndady.
21 Gerşonyň ogly Ladanyň neslinden Ýehiýel başy boldy.
22 Ýehiýeli, onuň ogullary we doganlary Zetam bilen Ýowel Rebbiň öýüniň hazynalaryna garardylar.
23 Imranlaryň, ýisharlaryň, hebronlaryň, uzyýelleriň nesillerinden,
24 Musanyň ogly Gerşomyň neslinden Şebuwal hazynalaryň başlygydy.
25 Onuň Elgezer tarapdan garyndaşlary şulardyr: Eligezeriň ogly Rehabýa, Rehabýanyň ogly Işaýa, Ýeşagýanyň ogly Ýoram, Ýoramyň ogly Zikri, Zikriniň ogly Şelomot.
26 Şelomot bilen onuň garyndaşlary Dawut patyşa, urugbaşylar, ýüzbaşylardyr müňbaşylar hem-de beýleki goşunbaşylar tarapyndan bagyş edilen hazynalaryň baştutanlary boldular.
27 Rebbiň öýüni saklamak üçin, olar uruşlarda alnan oljalardan ol ýere sadakalar bererdiler.
28 Şeýle hem Şamuwel görgür, Kişiň ogly Şawulyň, Neriň ogly Abneriň, Seruýanyň ogly Ýowabyň bagyş eden zatlary, umuman, bagyş edilen zatlaryň ählisi Şelomot bilen onuň garyndaşlarynyň gözegçiligi astyndady.
29 Ýisharyň nesillerinden Konanýa hem-de onuň ogullary Ysraýylyň jemgyýetçilik işlerine baştutanlar, häkimler hökmünde bellenipdiler.
30 Hebronyň nesillerinden Haşabýa hem-de onuň garyndaşlary – başarjaň adamlaryň bir müň ýedi ýüzüsi Iordanyň günbatarynda ýaşaýan ysraýyllaryň Rebbiň ähli hyzmatlaryna hem-de patyşanyň gullugyna bellenipdiler.
31 Ýeriýa hebronlaryň baştutanydy. Dawudyň patyşalygynyň kyrkynjy ýylynda olaryň nesil daragtlaryna seredildi. Şonda Gilgatdaky Ýagzerde hebronlaryň arasyndan edermen adamlar tapyldy.
32 Olary hem-de olaryň garyndaşlaryny – jemi iki müň ýedi ýüz sany urugbaşylar bolan edermen adamy Dawut patyşa Hudaýyň hem-de patyşanyň işlerini etmek üçin rubenleriň, gatlaryň hem-de manaşe ýarym tiresiniň baştutany edip goýdy.




Chapter 27

1 Ysraýyllaryň, olaryň kowumbaşylarynyň, müňbaşylarydyr ýüzbaşylarynyň hem-de beýleki emeldarlarynyň sanawy aşakdaky ýalydyr. Olar aýba-aý gelip, bölümleriň ähli işlerinde patyşa gulluk edýärdiler. Her bölümde ýigrimi dört müň adam bardy.
2 Birinji aý üçin birinji bölüme Zabdyýeliň ogly Ýaşobgam ýolbaşçylyk edýärdi. Onuň bölüminde ýigrimi dört müň adam bardy.
3 Ol Peresiň neslindendir; ol birinji aý üçin ähli goşunbaşylaryň başlygydy.
4 Ikinji aý üçin bellenen bölüme ahowa urugyndan bolan Dodaý ýolbaşçylyk edýärdi. Bölümiň baş serkerdesi Miklotdy; bölümde ýigrimi dört müň adam bardy.
5 Üçünji aý üçin bellenen bölüme üçünji bir goşunbaşy – ruhany Ýehoýadanyň ogly Benaýa ýolbaşçylyk edýärdi; bölümde ýigrimi dört müň adam bardy.
6 «Otuz ýigidiň» edermen esgeri hem-de baştutany Benaýadyr. Onuň ogly Amyzabat onuň bölüminiň baş serkerdesidi.
7 Dördünji aý üçin bellenen bölüme Ýowabyň dogany Asahel ýolbaşçylyk edýärdi. Ondan soň ogly Zebadýa boldy; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
8 Bäşinji aý üçin bellenen bölümiň goşunbaşysy Ýyzranyň nesli Şamhutdy; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
9 Altynjy aý üçin bellenen bölüme tekowaly Ikeşiň ogly Yra ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
10 Ýedinji aý üçin bellenen bölüme efraýymlardan pelonly Heles ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
11 Sekizinji aý üçin bellenen bölüme Zeranyň nesli huşaly Sibekaý ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
12 Dokuzynjy aý üçin bellenen bölüme benýaminlerden anatotly Abygezer ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
13 Onunjy aý üçin bellenen bölüme Zeranyň nesli netopaly Mahraý ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
14 On birinji aý üçin bellenen bölüme Efraýymyň neslinden pirgatonly Benaýa ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
15 On ikinji aý üçin bellenen bölüme Otnyýeliň neslinden netopaly Heldaý ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy. Tirebaşylar
16 Ysraýyl tirebaşylary şulardyr: Zikriniň ogly Eligezer – rubenleriň baştutany; Magakanyň ogly Şepatýa – şimgonlaryň baştutany;
17 Kemuwalyň ogly Haşabýa – lewileriň baştutany; Sadok – Harun nesliniň baştutany;
18 Dawudyň garyndaşlaryndan Elihu – ýahudalaryň baştutany; Mikaýylyň ogly Omry – ysakarlaryň baştutany;
19 Abadýanyň ogly Ýyşmagýa – zebulunlaryň baştutany; Azryýeliň ogly Ýerimot – naftalylaryň baştutany;
20 Azazýanyň ogly Hoşeýa – efraýymlaryň baştutany; Pedaýanyň ogly Ýowel manaşe ýarym tiresiniň baştutany;
21 Zakarýanyň ogly Ydo – Gilgatda oturýan manaşe ýarym tiresiniň baştutany; Abneriň ogly Ýagsyýel – benýaminleriň baştutany;
22 Ýerohamyň ogly Azarel – danlaryň baştutany. Şular Ysraýyl tireleriniň baştutanlarydy.
23 Ýigrimi hem-de ondan kiçi ýaşlylary Dawut hasaba almandy, sebäbi Reb Ysraýyly gökdäki ýyldyzlaryň sany kimin köpeltmegi wada edipdi.
24 Seruýanyň ogly Ýowap ilat ýazuwyny geçirmäge girişenem bolsa, ol bu işi ahyryna çenli alyp gitmedi. Sebäbi munuň üçin Ysraýyla Rebbiň gahary geldi. Şeýdip, soňkular Dawut patyşanyň taryh kitabyna girizilmedi. Dawudyň patyşalygynyň baştutanlary
25 Adyýeliň ogly Azmawet patyşanyň hazynaçysydy. Ýurduň, şäherleriň, obalardyr galalaryň hazynaçysy bolsa Uzyýanyň ogly Ýonatandy.
26 Ýer işi üçin ekin meýdanlarynda işleýänlere Kelubyň ogly Ezri baştutanlyk edýärdi.
27 Ramaly Şimgi üzüm baglaryna, şepamly Zabdy üzüm baglaryndaky şerap ammarlaryna,
28 gederli Bagalhanan günbatar baýyrlykdaky zeýtun hem-de ýabany injir agaçlaryna, Ýogaş ýag ammarlaryna garaýardy.
29 Şaronly Şitraý Şarondaky iri mallara, Adlaýyň ogly Şapat jülgelerdäki iri mallara,
30 ysmaýyl urugyndan bolan Obyl düýelere, meronotly Ýehdeýa eşeklere, hagarly Ýazyz dowarlara garaýardy.
31 Şularyň hemmesi Dawut patyşanyň mülklerine gözegçilik eden adamlardy.
32 Dawudyň daýysy Ýonatan geňeşçidi; ol paýhasly adamdy hem-de kätipdi. Hakmonynyň ogly Ýehiýel patyşanyň ogullaryna seredýärdi.
33 Ahytopel patyşanyň geňeşçisi, arkyly Huşaý bolsa patyşanyň dostudy.
34 Ahytopelden soň Benaýanyň ogly Ýehoýada we Abýatar geňeşçi boldy. Patyşa goşunynyň serkerdesi bolsa Ýowapdy.




Chapter 28

1 Dawut Ysraýylyň ähli baştutanlaryny: tirebaşylary, patyşa gullugyndaky bölümleriň goşunbaşylaryny, müňbaşylardyr ýüzbaşylary, patyşanyň hem-de ogullarynyň mülklerine, mallaryna seredýänleriň baştutanlaryny, köşk emeldarlaryny, edermen esgerleri we batyr ýigitleriň ählisini Iýerusalime toplady.
2 Dawut patyşa turdy-da, olara şeýle diýdi: «Doganlarym, halkym, maňa gulak asyň! Meniň Hudaýymyzyň aýak kürsi bolan Rebbiň Äht sandygyny goýmak üçin öý gurmak niýetim bardy; onuň üçin taýýarlygam gördüm.
3 Ýöne Hudaý maňa: „Maňa öýi sen gurmarsyň, sebäbi sen uruş adamysyň, sen gan dökdüň“ diýdi.
4 Ýöne ebedilik patyşa bolmagym üçin, Ysraýyl Hudaýy Reb kakamyň maşgalasynyň arasyndan meni saýlady. Ol Ýahudany baştutan saýlady, Ýahudanyň neslinden kakamyň maşgalasyny saýlady. Bütin Ysraýyla patyşa etmekde kakamyň ogullarynyň arasyndan men Onuň göwnünden turdum.
5 Özüniň maňa beren köp ogullarynyň arasyndan Ysraýylyň üstündäki Reb patyşalygynyň tagtynda oturtmak üçin Reb oglum Süleýmany saýlap-seçdi.
6 Ol maňa şeýle diýdi: „Ogluň Süleýman Maňa ybadathana hem-de howlular gurmaly adamdyr. Çünki Men ony Özüme ogul saýladym, Menem onuň Atasy bolaryn.
7 Ol Meniň buýrukdyr hökümlerimi häzirkisi ýaly gyşarnyksyz berjaý etmegini dowam etdirse, Men onuň patyşalygyny ebedileşdirerin“.
8 Indi, tutuş Ysraýylyň, Rebbiň jemagatynyň gözüniň alnynda, Hudaýa eşitdirip, men saňa Hudaýyňyz Rebbiň ähli buýruklaryny ýerine ýetirmegi buýurýaryn. Şeýtseňiz şu eşretli topragyň eýesi bolarsyňyz we ony özüňizden soň nesilleriňize baky miras goýarsyňyz.
9 Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.
10 Ine seret, mukaddes öý gurmak üçin Reb seni saýlady. Berk dur-da, işi ýerine ýetir».
11 Soňra Dawut ogly Süleýmana öýüň eýwanynyň, jaýlarynyň, hazynalarynyň, üstküdir içki otaglaryň, Äht sandygyň gapagynyň teswirini berdi.
12 Şeýle hem ol göz öňünde tutan ähli işleriniň: Rebbiň öýüniň howlularynyň, onuň töwereginde bolmaly jaýlaryň, Hudaýyň öýüniň hazynalarynyň hem-de berlen sadakalardyr hazynalary,
13 ruhanylar hem-de lewiler toparlarynyň, Rebbiň öýünde berjaý edilmeli hyzmat işleriniň, Rebbiň öýünde ulanyljak esbaplaryň,
14 her bir iş üçin gerek boljak altyndyr kümüş esbaplara sarp ediljek altynyň hem-de kümşüň agramynyň,
15 altyn şemdanlara we çyralara sarp ediljek altynyň, altyn şemdanlardyr çyralaryň her birine sarp ediljek altynyň agramynyň, kümüşden ediljek şemdana we çyra sarp ediljek kümşüň agramynyň hersiniň ulanylyşyna görä,
16 hödür çöregi üçin ulanyljak her bir altyn hantagta sarp ediljek altynyň agramynyň, kümüş sekiler üçin kümşüň agramynyň,
17 sap altyndan ediljek çarşaklara, legenlere, küýzelere, jamlara sarp ediljek altynyň agramynyň, kümüş jamlara sarp ediljek kümşüň agramynyň,
18 ýokary hilli altyndan ediljek ýakymly ysly tütetgileriň gurbanlyk sypasy üçin sarp ediljek altynyň agramynyň, ganatlaryny ýaýyp, Rebbiň Äht sandygyny büräp oturan keruplar üçin altyn arabanyň teswirini berdi.
19 Soňra Dawut patyşa: «Şularyň barynyň nusgalary maňa Reb tarapyndan ýazuw üsti bilen berildi» diýdi.
20 Dawut ýene ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Güýçli hem mert bol, işe başla! Gorkma, aljyrama, çünki meniň Hudaýym Hökmürowan Reb seniň bilendir. Rebbiň öýüniň hyzmat işleriniň ählisi tamamlanman, Ol seni taşlamaz, terk etmez.
21 Ine, şular Hudaýyň öýüniň ähli hyzmatyny ýerine ýetirmeli ruhanylardyr lewileriň toparlarydyr. Şu işleriň ählisi üçin başarnykly döwtalaplaryň hemmesi seniň ýanyňda bolar. Ýolbaşçylardyr ähli halk hem seniň diýeniň bilen bolar».




Chapter 29

1 Dawut halka şeýle diýdi: «Hudaýyň saýlany, oglum Süleýman heniz ýaş hem tejribesiz, edilmeli iş bolsa uly. Çünki ybadathana ynsan üçin däl-de, Hökmürowan Reb üçindir.
2 Men güýjümiň ýetdiginden Hudaýymyň öýi üçin altyndan ýasalmaly zatlar üçin – altyn, kümüşden ýasalmaly zatlar üçin – kümüş, bürünçden ýasalmaly zatlar üçin – bürünç, demirden ýasalmaly zatlar üçin – demir, agaçdan ýasalmaly zatlar üçin – agaç, köp möçberde hakyk hem-de oturtma daşlar, bezeg daşlary, dürli reňkli daşlar, gymmatbaha daşlaryň ähli görnüşini we köp möçberde mermer taýýarladym.
3 Üstesine-de, Hudaýymyň öýüne bolan söýgim sebäpli, mukaddes ybadathana üçin şu taýýarlan zatlarymdan daşary meniň öz hususy altyn hem kümüş hazynam bar. Men şony-da Hudaýymyň öýüne berdim.
4 Ol bäş müň batman Opyr altynyndan, ybadathananyň diwarlarynyň ýüzüne çaýar ýaly on iki müň batman ýokary hilli kümüşden ybaratdyr.
5 Hünärmentleriň etjek her işi üçin, altyn zatlar üçin altyn, kümüş zatlar üçin kümüş berýärin. Kim bu gün meýletinlik bilen zat hödür edip, özüni Rebbe bagyş etjek?».
6 Soňra urugbaşylardyr tire baştutanlary, müňbaşylardyr ýüzbaşylar, şa gullugyndaky baştutanlar meýletin gurbanlyklar berdiler.
7 Olar Hudaýyň ybadathanasynyň hyzmaty üçin sekiz müň batman hem-de dört batman altyn, on ýedi müň batman kümüş, otuz müň batman bürünç hem-de demir berdiler.
8 Kimde gymmatbaha daşlar bar bolsa, olary Rebbiň ybadathanasynyň hazynasy üçin gerşon urugyndan Ýehiýele tabşyrdylar.
9 Adamlar gaty şatlandylar, çünki olar Rebbe beren zatlaryny meýletinlik bilen, çyn ýürekden beripdiler. Dawut patyşa hem gaty şatlandy. Dawut Hudaýa doga okaýar
10 Soň Dawut tutuş halkyň öňünde Rebbi alkyşlap, şeýle diýdi: «Eý, Atamyz Ysraýyl Hudaýy Reb, Saňa ezelden ebedä çenli alkyş bolsun!
11 Beýiklik, güýç-gudrat, şöhrat, ýeňiş hem belentlik Seniňkidir, gökdäki hem ýerdäki zatlaryň hemmesi Seniňkidir; patyşalyk hem Seniňkidir, ýa Reb. Sen ählisinden belentsiň.
12 Baýlyklardyr sylag-hormat Senden gelýär, Sen ählisiniň üstünden höküm sürýärsiň. Güýç hem kuwwat Seniň eliňdedir. Ähli zady belent ýa-da kuwwatly etmek Seniň eliňdedir.
13 Indi eý, Hudaýymyz biz Saňa minnetdarlyk bildirýäris, Seniň şöhratly adyňa alkyş okaýarys.
14 Ýöne şunuň ýaly meýletin zat hödürlär ýaly men kim, meniň halkym kim? Bize ähli zat Senden gelýär; Saňa Öz beren zadyňdan yzyna berýäris.
15 Biz Seniň öňüňde ata-babalarymyz ýaly gelmişek hem-de musapyrdyrys. Biziň ýerdäki durmuşymyz edil kölege ýalydyr, umytsyzdyr.
16 Eý, Hudaýymyz Reb, Seniň mukaddes adyňa öý gurmak üçin taýýarlan şu bolçulyklarymyzyň hemmesini Sen berdiň; olaryň bary Seniň Özüňkidir.
17 Seniň kalby synaýandygyňy we kalbypäkligi halaýandygyňy men bilýärin, eý, Hudaý! Şu zatlaryň hemmesini men öz päk kalbym bilen meýletin berdim. Häzir men Seniň şu ýere ýygnanan halkyňyň meýletinlik hem şatlyk bilen sadaka berýändigini görýärin.
18 Eý, Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýylyň, biziň ata-babalarymyzyň Hudaýy, Öz halkyňyň kalbynda şeýle niýetleri baky sakla, olaryň kalbyny Özüňe tarap öwür.
19 Seniň tabşyryklaryňy, düzgünleriňi, parzlaryňy – şularyň hemmesini berjaý eder ýaly, meniň taýýarlyk gören ybadathanamy gurary ýaly, oglum Süleýmana sadyk ýürek ber».
20 Soň Dawut tutuş halka: «Hudaýyňyz Rebbe alkyş okaň» diýip ýüzlendi. Tutuş halk öz ata-babalarynyň Hudaýy Rebbe alkyş okadylar. Olar baş egip, Rebbe ybadat, patyşa-da tagzym etdiler.
21 Ertesi gün olar Rebbe müň öküz, müň goç, müň guzy, içgi sadakalaryny hem-de tutuş Ysraýyl üçin ençeme sadakalar berdiler.
22 Olar şol gün Rebbiň öňünde uly şatlyk-şagalaň bilen iýip-içdiler. Süleýman patyşalyga bellenilýär Dawudyň ogly Süleýmany ikilenç patyşa etdiler. Ony Rebbe hökümdarlyga, Sadogy hem ruhanylyga belledi.
23 Kakasy Dawudyň patyşalygyny miras alyp, Süleýman Rebbiň beren tagtynda oturdy. Onuň işi rowaç aldy, tutuş Ysraýyl oňa eýerdi.
24 Ähli nökerler, batyr ýigitler, Dawudyň ähli ogullary Süleýmana wepaly bolmaga wada berdiler.
25 Reb tutuş Ysraýylyň gözüniň alnynda Süleýmany belende göterdi we heniz Ysraýylda hiç bir patyşanyň eýe bolmadyk şalyk belentligini oňa berdi. Dawudyň ölümi
26 Şeýdip, Ýyşaýyň ogly Dawut tutuş Ysraýyla şalyk etdi.
27 Ol Ysraýylda jemi kyrk ýyl şalyk sürdi. Ol şonuň ýedi ýylyny Hebronda, otuz üç ýylyny bolsa Iýerusalimde geçirdi.
28 Dawut ýaşy bir çene baryp, garrap, mal-döwletdir şöhratdan doýup dünýäden ötdi. Onuň ýerine ogly Süleýman patyşa boldy.
29 Dawut patyşanyň eden işleri başdan-aýak Şamuwel görgüriň, Natan pygamberiň we Gat görgüriň kitabynda ýazylandyr.
30 Bu kitaplarda onuň nähili şalyk sürendigi, güýç-kuwwatynyň neneňsi bolandygy, onuň hem-de Ysraýylyň başdan geçiren wakalary we dünýäniň ähli patyşalary hakynda ýazylandyr.