2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36

Chapter 1

1 Dawudyň ogly Süleýman öz patyşalygyny berkitdi. Hudaýy Reb onuň bilen bolup, ony juda beýgeltdi.
2 Süleýman tutuş Ysraýyly–müňbaşylary, ýüzbaşylary, häkimleri, Ysraýylyň ähli baştutanlaryny we urugbaşylary çagyrdy.
3 Onsoň Süleýman ýanyndaky bütin jemagat bilen Gibgondaky sežde edilýän ýere gitdiler. Rebbiň guly Musanyň çölde guran Hudaýa ýüz tutulýan çadyry şol ýerdedi.
4 Dawut Hudaýyň sandygyny Kiriýatýegarymdan Iýerusalime onuň üçin taýýarlan çadyryna getiripdi.
5 Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleliň bürünçden ýasan gurbanlyk sypasy bolsa Gibgonda Rebbiň mukaddes çadyrynyň öňündedi. Şoňa görä Süleýman bilen jemagat ol ýere Rebden maslahat soramaga gitdiler.
6 Süleýman ol ýerde Rebbiň huzurynda mukaddes çadyrdaky bürünçden bolan gurbanlyk sypasyna gelip, onda müň sany ýakma gurbanlygyny hödürledi.
7 Şol gije Hudaý Süleýmana görnüp, oňa: «Dile, dilän zadyňy bereýin» diýdi.
8 Süleýman Hudaýa şeýle jogap berdi: «Sen meniň kakam Dawuda beýik, sadyk söýgiňi görkezip, meni onuň ýerine patyşa etdiň.
9 Ýa Beýik Hudaý, goý, indi kakam Dawuda beren wadaň amala aşsyn, çünki Sen meni ýeriň tozy ýaly san-sajaksyz bolan bir halkyň üstünden patyşa etdiň.
10 Indi şu halky dolandyrmagym üçin maňa danalyk hem bilim ber. Kim Seniň bu beýik halkyňy dolandyryp biler?» 11–12 Hudaý Süleýmana şeýle diýdi: «Kalbyňda şu islegiň bardygy üçin, özüňe mal-mülk, baýlyk, at-abraý ýa öz duşmanlaryňyň ölümini ýa-da özüň üçin uzak ömür dilemän, eýsem üstünden patyşalyga bellän halkymy dolandyrmaga özüňe pähim-paýhas we düşünje diländigiň üçin, Men saňa paýhas we düşünje berýärin. Şeýle hem Men saňa senden öň hiç kimde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolmajak baýlyk, mal-mülk we at-abraý bererin».
13 Şeýdip, Süleýman Gibgondaky sežde edilýän ýerden, Rebbiň mukaddes çadyryndan Iýerusalime gelip, Ysraýyla patyşalyk etdi.
14 Süleýman söweş arabalary bilen arabaly goşun toplady. Onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgeri bardy. Süleýman olary söweş arabalary saklanýan şäherlerde we patyşanyň ýanynda – Iýerusalimde ýerleşdirdi.
15 Patyşa Iýerusalimde kümüş bilen altyny daş ýaly köpeltdi, kedr agaçlaryny-da günbatar baýyrlykda bitýän ýabany injir agajy ýaly köpeltdi.
16 Süleýmanyň atlary Müsürden we Keweden getirildi; patyşanyň täjirleri olary Keweden belli bir baha satyn aldylar.
17 Süleýmanyň atlary Müsürden getirildi. Bir söweş arabasy, on ýedi gadak töweregi kümşe, bir at bolsa dört gadakdan gowrak kümşe satyn alyndy. Şeýdip, bu söweş arabalary we atlar, Süleýmanyň täjirleriniň üsti bilen hetleriň we Aramyň ähli patyşalaryna satylýardy.




Chapter 2

1 Süleýman Rebbe ybadat öýüni we özüne köşk gurmak kararyna geldi.
2 Ol dagda ýetmiş müň sany hammaly, segsen müň sany daş ýonujyny we olaryň üstünden gözegçilik eder ýaly üç müň alty ýüz sany adamy toplady. Sur patyşasy Huram bilen şertnama baglaşýar
3 Süleýman Sur patyşasy Hurama çapar iberip şeýle diýdi: «Özüne ýaşar ýaly köşk gurunsyn diýip, kakam Dawuda iberen kedr agaçlaryňdan maňa-da ibermegiňi towakga edýärin.
4 Ine, men Hudaýym Rebbe öý gurup, ol öýi Oňa bagyş etmekçi bolýaryn. Ol öýde Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakylar, adaty hödür çöregi hödürlener, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklary hödürlener. Bular Ysraýyl üçin ebedi parzdyr.
5 Biziň Hudaýymyzyň beýleki ähli hudaýlardan beýik bolşy ýaly, meniň gurjak öýüm hem beýik bolar.
6 Emma Oňa öý gurmaga kimiň güýji ýeter? Gögüň, hatda gökleriň gögüniňem Ony sygdyryp bilmeýän halatynda Oňa öý gurar ýaly men kimmişim? Men bu öýi Onuň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurýaryn.
7 Ýahudada we Iýerusalimde öz ýanymdaky kakam Dawudyň taýýarlan ökde ussalary bilen işlär ýaly maňa altyn, kümüş, bürünç, demir işlerine, goýy badam, gyrmyzy we gök ýüplük boýaglaryna, şeýle hem oýma işlerine ussat hünärment ibermegiňi towakga edýärin. 8–9 Maňa ýene Liwandan kedr, serwi we sandal agaçlaryny iber. Men seniň işçileriňiň Liwanda agaç kesmäge ussatdyklaryny bilýärin. Maňa bol agaç taýýarlamak üçin meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler. Meniň gurjak öýüm juda uly we gözel bolar.
10 Ine, men seniň agaç kesen işçileriňe elli müň çuwal üwelen bugdaý, elli müň çuwal arpa, ýedi ýüz hum şerap we ýedi ýüz hum zeýtun ýagyny bererin».
11 Onsoň Sur patyşasy Huram Süleýmana hat üsti bilen jogap gaýtardy: «Reb Öz halkyny söýensoň, seni olaryň üstünden patyşa goýdy».
12 Huram sözüni şeýle dowam etdi: «Gögi we ýeri ýaradan Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! Reb Dawut patyşa pähim-paýhasdan we düşünjeden doly akylly ogul berdi. Şol ogul Rebbe öý we özüne köşk gurar.
13 Men saňa bir ussat we düşünjeli hünärment Huramabi ýollaýaryn.
14 Onuň ejesi danlardan bolup, kakasy hem surludy. Huramabi altyn, kümüş, bürünç, demir, daş, agaç işlerine, badam, gök we gyrmyzy ýüplük we keteni boýaglaryna, oýma işlerine we özüne berlen islendik nusga bilen işlemäge ussatdyr. Ol seniň hünärmentleriň we jenabym – kakaň Dawudyň hünärmentleri bilen işlär.
15 Indi, goý, jenabym wada beren bugdaýyny, arpasyny, zeýtun ýagyny we şerabyny öz gullaryna ibersin.
16 Biz saňa Liwandan näçe agaç gerek bolsa kesip, ony sallara ýükläp, Ýafo deňziniň üsti bilen akdyryp getireris; sen-de ony Iýerusalime äkidersiň».
17 Onsoň Süleýman kakasy Dawudyň hasaba alşy ýaly, Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleriň baryny hasaba aldy. Gelmişekleriň sany bir ýüz elli üç müň alty ýüz boldy.
18 Süleýman olardan ýetmiş müň adamy ýük daşamaga, segsen müň adamy dagda daş ýonmaga, üç müň alty ýüz adamy-da işgärlere gözegçilige belledi.




Chapter 3

1 Süleýman Iýerusalimde kakasy Dawuda Rebbiň görnen Moryýa dagyndaky, Dawudyň taýýarlan ýeri – ýabusly Ornanyň harmanynda Rebbiň öýüniň gurluşygyna başlady.
2 Süleýman patyşalygynyň dördünji ýylynyň ikinji aýynyň ikisi güni öýüň gurluşygyna başlady.
3 Süleýman patyşanyň Hudaý üçin guran öýüniň uzynlygy öňki ölçeg boýunça altmyş tirsek, ini ýigrimi tirsekdi.
4 Öýüň öňündäki eýwanyň boýy öýüň inine görä ýigrimi tirsekdi; onuň beýikligi bir ýüz ýigrimi tirsekdi. Süleýman onuň iç tarapyny sap altyna gaplady.
5 Ol uly otagy serwi agajy bilen örtüp, ony sap altyna gaplady we onuň üstüne palma agajynyň hem-de zynjyryň nagşyny saldy.
6 Süleýman öýi owadan, gymmatbaha daşlar bilen bezedi. Altyn Parwaýymdan getirilipdi.
7 Şeýdip, ol öýe, onuň pürslerine, gapy bosagalaryna, diwarlaryna altyn çaýdy. Ol diwarlara oýup, keruplaryň şekilini çekdi.
8 Süleýman iň mukaddes otagy-da gurdy; onuň boýy öýüň inine görä ýigrimi tirsek, ini hem ýigrimi tirsekdi; ol mukaddes otagy dokuz ýüz batman sap altyna gaplady.
9 Altyn çüýleriň agramy bir ýarym gadak töweregidi. Süleýman ýokarky otaglary-da altyna gaplady.
10 Süleýman iň mukaddes otagda iki kerubyň heýkelini ýasap, olary altyna gaplady.
11 Keruplaryň ganatlarynyň uzynlygy ýigrimi tirsekdi. Bir kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol öýüň diwaryna degýärdi, beýleki ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol beýleki kerubyň ganatyna degýärdi.
12 Ikinji kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol öýüň beýleki diwaryna degýärdi, beýleki ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol birinji kerubyň ganatyna degýärdi.
13 Bu keruplaryň ganatlarynyň uzynlygy jemi ýigrimi tirsekdi. Keruplar uly otaga tarap seredip, aýaklarynyň üstünde durdular.
14 Süleýman tutyny gök, goýy gyrmyzy we al ýüpeklerden we nepis matadan etdi, ýüzüne keruplaryň nagşyny saldy. Iki sütün
15 Ol öýüň öňünde beýikligi otuz bäş tirsek bolan iki sany sütün ýasady. Her sütüniň ýokarsynda bäş tirsek bolan täç bardy.
16 Tor şekilli örme zynjyrlar ýasalyp, her sütüniň depesi olar bilen bezelendi. Süleýman ýüz sany nar ýasap, olary zynjyrlaryň üstünde goýdy.
17 Ol sütünleri öýüň öňünde dikdi. Ol günortada sütün dikip, ony Ýakyn diýip atlandyrdy. Beýlekisini demirgazykda dikip, ony Bowaz diýip atlandyrdy.




Chapter 4

1 Süleýman uzynlygyny we inini ýigrimi tirsek, beýikligini on tirsek edip, bürünçden gurbanlyk sypasyny ýasatdy.
2 Soňra ol bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli on tirsek, beýikligi bäş tirsek edip, bürünçden uly guýma taz ýasady. Oňa: «Deňiz» diýildi. Onuň töweregi otuz tirsekdi.
3 Deňziň erňeginiň aşagynda daşyna aýlanan, hersi on tirsek bolan iki hatar ökuz şekilli guýma nagyşlar bardy. Olar Deňiz bilen bile guýlup ýasalandy.
4 Deňiz on iki öküziň üstünde durdy. Öküzleriň üçüsi demirgazyga, üçüsi günbatara, üçüsi günorta, üçüsi hem gündogara bakyp durdy. Deňiz olaryň üstünde ýerleşdirilip, öküzleriň arkasy içe tarap bakyp durdy.
5 Deňziň galyňlygy dört barmak bolup, erňegi käsäniň erňegi ýaly açylan gülüň şekilindedi. Ol bir müň elli gorküýze tutýardy.
6 Şeýle hem ol zatlary ýuwar ýaly on sany bürünç legen ýasady. Olaryň bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini demirgazyk tarapda goýdy. Bu legenlerde ýakma gurbanlyk üçin ulanylan zatlar ýuwuldy. Deňiz ruhanylaryň ýuwunmagy üçindi.
7 Ol berlen nusga görä, sap altyndan on sany şemdany ýasap, olaryň bäşisini ybadathananyň günorta tarapynda, beýleki bäşisini-de demirgazyk tarapynda goýdy.
8 Ol on sany hantagta ýasap, olary ybadathanada – bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini-de demirgazyk tarapda goýdy. Ol ýüz sany altyn legen ýasady.
9 Ol ruhanylaryň howlusyny, uly howlyny we howlynyň gapylaryny ýasap, olary bürünje gaplady.
10 Deňzi öýüň sag tarapynda – günorta-gündogar burçunda ýerleşdirdi. 11–15 Huramabi şeýle hem, gazanlar, kül atarlar we legenler ýasady. Şeýdip, ol Hudaýyň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işlerini, ýagny iki sütüni, sütünleriň depesindäki iki jam şekilli täji, sütünleriň depesindäki iki jam şekilli täji bezäp duran iki sany örme zynjyry, sütünleriň depesindäki jam şekilli täjiň örtýän örme zynjyryna dakmak üçin iki hatarda dört ýüz sany nary, arabalary, arabalaryň üstündäki legenleri, bir sany tazy hem-de tazyň astyndaky on iki öküzi ýasap boldy.
16 Gazanlar, kül atarlar, çarşaklar we Huramabiniň Rebbiň öýi üçin Süleýman patyşa ýasap beren enjamlary ýalpyldawuk bürünçdendi.
17 Patyşa bulary Iordan düzlüginde, Sukot bilen Seredanyň arasyndaky toýun toprakly ýerde guýdurdy.
18 Süleýman ummasyz köp gap-gaçlary ýasatdy, şoňa görä sarp edilen bürünjiň agramy anyklanmady. 19–22 Şeýdip, Süleýman Hudaýyň öýündäki ähli enjamlary: altyndan edilen gurbanlyk sypasyny, Rebbe hödür çöregi goýulýan hantagtalary, düzgün boýunça iň mukaddes otagyň öňünde ýakmak üçin sap altyn çyradanlary çyralary bilen, sap altyn gülleri, çyralary, ätişgirleri, sap altyn müçenekleri, pelte gaýçysyny, legenleri, jamlary, maňňallary ýasatdy. Öýüň girelgesi–iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary altyndy.




Chapter 5

1 Şeýdip, Süleýman patyşanyň Rebbiň öýi üçin etmeli ähli işleri tamamlandy. Süleýman kakasy Dawut tarapyndan öýe bagyş edilen ähli zatlary–kümşi, altyny we ähli enjamlary getirip, Hudaýyň öýündäki hazynada goýdy.
2 Onsoň Süleýman Rebbiň Äht sandygyny Dawut galasy bolan Siýon galasyndan getirtmek üçin, Ysraýylyň ýaşulularyny, ähli tirebaşylaryny, ysraýyllaryň urugbaşylaryny Iýerusalime ýygnady.
3 Bütin ysraýyl halky ýedinji aýda bolýan Çatma baýramçylygynda patyşanyň ýanyna ýygnanyşdy.
4 Bütin Ysraýylyň ýaşululary geldiler we lewiler sandygy göterdiler.
5 Şeýdip, olar sandygy, Rebbe ýüz tutulýan çadyry hem-de çadyryň içindäki ähli mukaddes enjamlary getirdiler. Bularyň baryny ruhanylar bilen lewiler getirdiler.
6 Süleýman patyşa we onuň huzuryna ýygnanan bütin ysraýyl halky Äht sandygynyň öňündedi. Olar san-sajaksyz goýunlary, öküzleri gurbanlyk berdiler.
7 Soňra ruhanylar Rebbiň Äht sandygyny öz ýerine, Rebbiň öýüniň iň mukaddes otagyna, keruplaryň ganatlarynyň astyna getirip goýdular.
8 Keruplar ganatlaryny sandygyň üstüne gerip, sandygyň-da, onuň syryklarynyň-da üstüni örtýärdi.
9 Syryklar şeýle uzyndy welin, hatda olaryň uçlary iň mukaddes otagyň öňündäki mukaddes ýerdenem görnüp durdy, ýöne daşardan görünmeýärdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.
10 Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy. Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep dagynda sandyga salypdy.
11 Ruhanylar mukaddes otagdan daşary çykdylar. Ol ýerdäki ruhanylaryň ählisi toparlaryna garamazdan, inlerini tämizläpdiler.
12 Ähli lewi nagmaçylary: Asaf, Heýman, Ýedutun, olaryň ogullary we garyndaşlary keteni lybaslaryna beslenip, kimwallary, barbatlary we arfalary bilen gurbanlyk sypasynyň gündogar tarapynda ýüz ýigrimi sany surnaýçy ruhany bilen durdular.
13 Surnaýçylar bilen nagmaçylar bir ses ýaly bolup, Rebbe alkyş aýdyp, şükür etdiler. Surnaýlardyr kimwallar we beýleki saz gurallary bilen seslerini gataldyp: «Ol gowudyr, Onuň sadyk söýgüsi ebedidir» diýip, Rebbe alkyş aýdanlarynda, öý – Rebbiň öýi bulutdan doldy.
14 Ruhanylar bulut zerarly Rebbiň huzurynda hyzmata durup bilmediler, çünki Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüni doldurypdy.




Chapter 6

1 Şonda Süleýman şeýle diýdi: «Reb tüm garaňkylykda mesgen tutjakdygyny aýtdy.
2 Men Saňa baky mesgen tutaryň ýaly, uçursyz gözel öý gurdum».
3 Onsoň patyşa halka tarap öwrülip, bütin ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Bütin ysraýyl jemagaty dik durdy. 4–5 Süleýman şeýle diýdi: «Kakam Dawuda: „Men Öz halkymy Müsürden çykaralym bäri, Maňa ybadat etmäge öý gurmaklary üçin ysraýyl tirelerinden ýekeje şäheri-de saýlamadym. Men ysraýyl halkyma şalyk eder ýaly hiç kimi saýlamadym.
6 Ýöne indi adym şol ýerde bolsun diýip, Iýerusalimi saýladym we ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“ diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!
7 Kakam Dawut Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurmagy ýüregine düwüpdi. 8–9 Emma Reb kakam Dawuda: „Maňa ybadat üçin öý gurmagy ýüregiňe düwmek bilen sen gowy etdiň; ýöne şeýle-de bolsa öýi sen gurmarsyň. Seniň biliňden önen ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýdi.
10 Ine, Hudaý Öz beren wadasyny berjaý etdi, çünki men kakam Dawudyň ýerine geçdim. Rebbiň wada berşi ýaly, men Ysraýylyň tagtynda otyryn. Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurdum.
11 Sandygy men şol öýde goýdum. Rebbiň ysraýyl halky bilen eden ähti şonuň içindedir». Süleýmanyň dilegi
12 Soňra Süleýman Rebbiň gurbanlyk sypasynyň hem bütin ysraýyl halkynyň öňünde durup, ellerini uzatdy.
13 Süleýman uzynlygy we ini bäş tirsek, beýikligi üç tirsek bolan bürünç seki ýasadyp, ony howluda goýdy-da, onuň üstünde durdy. Soňra ol bütin ysraýyl halkynyň öňünde dyza çöküp, ellerini göge tarap uzatdy:
14 «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, ýerde-de, gökde-de Seniň ýaly Hudaý ýokdur. Bütin kalplary bilen ýoluňdan ýöreýän gullaryň üçin Sen ähtiňi, sadyk söýgüňi saklaýarsyň.
15 Sen guluň kakam Dawuda beren wadaňy berjaý etdiň. Şu gün Seniň ähli aýdan sözleriň amala aşdy.
16 Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluň kakam Dawuda: „Eger seniň ogullaryň Maňa gulak asyp, seniň ýöreýşiň ýaly, Meniň hakykat ýolumdan ýöreseler, seniň nesliňden hiç bir adam Ysraýylyň tagtyndan aýrylmaz“ diýip beren wadaňy berjaý et.
17 Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, goý, guluň kakam Dawuda beren wadaň amala aşsyn!
18 Emma Hudaý ýerde ynsanlaryň arasynda mesgen tutarmy? Hatda Seni gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!
19 Ýöne şonda-da, ýa Beýik Hudaýym, Sen guluň dilegine hem-de ýalbaryşyna gulak sal-da, guluňyň edýän nalyşyny we dilegini kabul et.
20 Gözleriň gije-gündiz Özüňe ybadat etmekleri üçin saýlan şu öýüňde bolsun. Guluňyň şu ýere tarap bakyp edýän dilegini eşit.
21 Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň ysraýylyň nalyşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.
22 Bir adam başga bir adama garşy günä edip, ant içmäge mejbur edilse, ol gelip, şu öýde Seniň gurbanlyk sypaňyň öňünde günäsizdigine ant içse,
23 şonda Sen gökde eşit-de, oňa jogap ber. Gullaryňa höküm edip, günälä günäsine görä jeza ber, günäsizi akla-da, dogrulygyna görä syla.
24 Seniň halkyň ysraýyl Saňa garşy günä edenligi zerarly duşman öňünde ýeňlişe sezewar bolanda, täzeden Saňa ýüz tutup, Seniň adyňy ykrar etse, şu öýde Saňa dileg edip, ýalbarsa,
25 şonda Sen gökde eşit-de, halkyň ysraýylyň günäsini geçip, olary yzlaryna, özlerine we atalaryna beren ýurduňa getir.
26 Garşy günä edendikleri zerarly gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly, olar şu ýere tarap bakyp, dileg edip, Seniň adyňy ykrar etseler, Seniň hasrat çekdirenleriň hem günäleri üçin toba etseler,
27 şonda Sen gökde eşit-de, Öz gullaryň bolan ysraýyl halkynyň günäsini geçip, olara dogry ýoldan ýöremegi öwret. Öz halkyňa miras hökmünde beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr.
28 Eger ýurtda açlyk ýa gyrgyn keseli bolsa, epgek, ygaldan çüýremeklik, çekirtge ýa-da gurçuk peýda bolsa, eger duşmanlary öz islendik galalarynda olara sütem etseler, nähili bela, nähili kesel bolsa-da,
29 islendik adam ýa-da ysraýyl halky tarapyndan nähili dilegdir nalyş edilen bolsa, her kes öz ýürek hasratynyň derdini bilip, şu öýe tarap ellerini gerse,
30 şonda Sen gökde Öz mesgeniňde eşit-de, olary bagyşla we olara ýardam et. Her kese eden işine görä jogap ber, çünki her ynsanyň ýüregini diňe Sen bilýänsiň.
31 Şeýdip, olar Seniň atalarymyza beren ýurduňda ömürboýy ýoluňdan ýöräp, Senden gorkup ýaşasynlar.
32 Halkyň ysraýyldan bolmadyk, ýöne Seniň beýik adyň, gudratyň hem-de Öz halkyň üçin eden beýik işleriň barada eşidip, uzak ýurtdan gelen keseki şu öýde dileg etse,
33 Sen gökde, Öz mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkup, Saňa ybadat üçin guran öýümi bilerleri ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber.
34 Eger halkyň Seniň iberen ýoluň bilen duşmanlaryna garşy söweşe çykyp, Seniň saýlan şäheriňe, meniň Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, Saňa dileg etse,
35 şonda Sen gökde olaryň dileglerini, nalyşlaryny eşidip, olara duşmanlarynyň üstünden ýeňiş ber.
36 Olar Saňa garşy günä etseler–günä etmeýän adam ýokdur – Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakyn-u uzak ýurda äkitse,
37 olar hem ýesirlige äkidilen ýurtlarynda oýlanyp toba edip, ýalbaryp: „Biz nähaklyk etdik, günä gazandyk, pislik etdik“ diýip,
38 özlerini ýesir alan duşmanlarynyň ýurdunda päk kalplary we jan-tenleri bilen Saňa ýüzlenip, atalaryna beren ýurduňa, Öz saýlan şäheriňe, Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, dileg etseler,
39 şonda Sen Öz gökdäki mesgeniňde olaryň dileglerini, nalyşlaryny eşit-de, olaryň dadyna ýetiş. Saňa garşy günä eden halkyňy bagyşla.
40 Indi eý, Hudaýym, goý, bu ýerde edilen dilegi Seniň gözleriň görsün we gulaklaryň eşitsin.
41 Ýa Beýik Hudaý, indi Sen Öz mesgeniňe çyk, Özüň hem gudrat sandygyň-da çyksyn! Ýa Beýik Hudaý, goý, ruhanylaryň gutulyşa beslensin, Sadyklaryň Seniň gowulygyňa guwansynlar!
42 Eý, Beýik Hudaý, seçip saýlanyňy ret etme. Guluň Dawuda görkezen sadyk söýgüňi ýada sal».




Chapter 7

1 Süleýman dileg edip bolan dessine gökden ot inip, ýakma gurbanlygy we beýleki gurbanlyklary ýalmap-ýuwutdy. Öý Rebbiň şöhratyndan doldy.
2 Rebbiň şöhratynyň öýi doldurandygy sebäpli ruhanylar Rebbiň öýüne girip bilmediler.
3 Bütin ysraýyl halky gökden inen ody we öýdäki Rebbiň şöhratyny görende, ýüzüni ýere berip ybadat etdi. Halk: «Reb gowudyr, Onuň sadyk söýgüsi ebedidir» diýip Rebbe alkyş aýtdy.
4 Onsoň patyşa we onuň ýanyndaky bütin ysraýyl halky Rebbiň huzurynda gurbanlyk berdiler.
5 Süleýman patyşa Rebbe gurbanlyk hökmünde ýigrimi iki müň öküz we bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Hudaýyň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler.
6 Ruhanylar öz wezipelerinde durdular, lewiler-de Dawudyň tabşyryşy ýaly: «Onuň sadyk söýgüsi ebedidir!» diýip, Rebbe öwgi aýtdylar. Olar Dawut patyşanyň ýasadan saz gurallary bilen saz çaldylar. Lewileriň öňünde ruhanylar surnaý çaldylar. Bütin ysraýyl halky dik durdy.
7 Süleýman patyşa Rebbiň öýüniň öňündäki howlynyň ortasyny tämizläp mukaddes etdi. Patyşa şol ýerde ýakma gurbanlyklaryny we salamatlyk gurbanlyklarynyň ýaglaryny berdi, çünki Süleýmanyň ýasadan bürünç gurbanlyk sypasy ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny we salamatlyk gurbanlygynyň ýag böleklerini tutardan gaty kiçidi.
8 Şeýdip, Süleýman we bütin ysraýyl halky – ägirt uly mähelle Hamat girelgesinden Müsür serhedine çenli bolan aralykda, ýedi günläp Çatma baýramyny belläp geçdiler.
9 Sekizinji gün mukaddes ýygnanyşyk boldy. Gurbanlyk sypasynyň bagyş ediliş dabarasyny ýedi gün, baýramy-da ýedi gün tutdular.
10 Süleýman ýedinji aýyň ýigrimi üçüne halky öýli-öýüne ugratdy. Olar Rebbiň Öz guly Dawuda, halky ysraýyla görkezen ähli ýagşylyklary üçin şatlanyp, göwnühoşlukda öýli-öýlerine gaýtdylar.
11 Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýüniň, öz köşgüniň gurluşygyny tamamlap, ol Rebbiň öýünde we öz köşgünde etmegi ýüregine düwen ähli işlerini üstünlik bilen amala aşyrdy. Reb ýene Süleýmana görünýär
12 Reb gije Süleýmana görnüp, oňa şeýle diýdi: «Men seniň eden dilegiňi eşitdim. Men şu ýeri Özüm üçin gurbanlyk berilýän öý hökmünde saýladym. 13–14 Ýagyş ýagmaz ýaly gögi baglanymda ýa-da çekirtgelere ýurduň hasylyny ýuwut diýip buýruk berenimde ýa-da halkymyň arasyna mergi ýollanymda, Meniň adymy göterýän halkym özüni peseldip, dileg edip, Meni agtaryp, öz pis ýollaryndan dönse, şonda Men olary gökden eşidip, günälerini geçip, ýurtlaryny dikelderin.
15 Indi şu ýerde edilen dileglere Meniň gözlerim görgür, gulaklarym eşitgir bolar.
16 Adym şu öýde ebedilik bolar ýaly, Men ony saýladym we mukaddes etdim, Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar. 17–18 Eger-de sen kakaňyň ýöreýşi ýaly Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyran ähli zatlarymy edip, hökümlerimdir düzgünlerimi berjaý etseň, „Seniň nesliňden Ysraýyla höküm sürjek adam kemlik etmez“ diýip, kakaň Dawuda wada berşim ýaly, patyşalygyňy berkarar ederin. 19–20 Emma siz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin. Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar.
21 Indi beýik bolan bu öýüň ýanyndan geçýän her kişi oňa haýranlar galyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“ diýer.
22 Onsoň ähli halklar: „Çünki ysraýyl halky ata-babalaryny Müsür ýurdundan çykaran özleriniň Hudaýy Rebden ýüz dönderip, başga hudaýlara tarap öwrüldiler. Olarayň öňünde sežde edip, olara hyzmat etdiler. Şonuň üçin hem Reb bu betbagtçylyklary olaryň başyndan inderdi“ diýerler».




Chapter 8

1 Süleýman Rebbiň öýi bilen öz köşgüni ýigrimi ýylda gurup gutardy.
2 Süleýman Huramyň özüne beren şäherlerini täzeden gurdy. Ysraýyllar şol şäherlerde ornaşdylar.
3 Süleýman Hamatzoba gidip, ony eýeledi.
4 Süleýman çölde Tadmory, Hamatda ammar şäherlerini gurdy.
5 Şeýle hem ol ýokarky we aşaky Beýthorony, berkidilen diwarly, derwezeli we kiltli galalary gurdy.
6 Şeýle hem Süleýman Bagalaty, özüniň ammar galalaryny, söweş arabalarynyň we söweş arabaly goşunyň saklanýan galalaryny, özüniň Iýerusalimde, Liwanda hem-de öz golastyndaky ýerleriň ählisinde gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurdy.
7 Ysraýyl halkyndan bolmadyk hetler, amorlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar entek hem şol ýurtda ýaşaýardylar.
8 Olar ysraýyllaryň bütinleý ýok etmedik halklarynyň nesilleridir. Süleýman olary gula öwürdi. Bu şu güne çenli hem şeýledir.
9 Emma Süleýman ysraýyl halkyny gul etmedi. Olar Süleýmanyň esgerleri, harby baştutanlary, onuň söweş arabaly goşunynyň serkerdeleridiler.
10 Olar Süleýman patyşanyň baş serkerdeleridi. Olaryň sany iki ýüz elli bolup, olar halka gözegçilik etdiler.
11 Süleýman Müsür patyşasy fyrownyň gyzyny Dawut galasyndan onuň üçin guran köşgüne getirdi. Süleýman: «Aýalym Ysraýylyň patyşasy Dawudyň köşgünde ýaşamasyn, çünki Rebbiň sandygynyň bolan ýerleri mukaddesdir» diýdi.
12 Süleýman eýwanyň öňünde Reb üçin guran gurbanlyk sypasynda Rebbe ýakma gurbanlyklaryny hödürledi.
13 Ol ýakma gurbanlyklaryny Musanyň tabşyrygy boýunça gündelik borja görä, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda, ýylda üç gezek bolýan petir, Gyzyl kerwen baýramy we Çatma baýramlarynda hödür etdi.
14 Kakasy Dawudyň düzgüni boýunça Süleýman ruhany toparlaryny öz hyzmatlaryna belledi. Lewileri gündelik borjuň talabyna laýyklykda ruhanylar bilen hyzmat etmäge we alkyş aýtmaga belledi. Derwezebanlary toparlaryna görä her derwezä belledi. Çünki Hudaýyň adamy Dawut şeýle tabşyrypdy.
15 Olar ähli işde, hazyna babatda-da patyşanyň ruhanylara we lewilere beren tabşyryklaryndan çykmadylar.
16 Şeýdip, Rebbiň öýüniň düýbi tutulan gününden tä öýüň tamamlanan gününe çenli Süleýmanyň ähli işleri doly gurlup gutaryldy.
17 Soňra Süleýman Esýongebere we Edomyň deňiz ýakasynda bolan Elota gitdi.
18 Huram oňa öz nökerlerinden gämilere we deňze belet nökerler iberdi. Olar Opyra gidip, ol ýerden ýedi ýüz on batman altyn alyp, Süleýman patyşa getirip berdiler.




Chapter 9

1 Saba melikesi Süleýmanyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi. Saba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdardaky altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary hakynda onuň bilen söhbetleşdi.
2 Süleýman onuň ähli soraglaryna jogap berdi. Patyşa onuň ýekeje sowalyny-da jogapsyz galdyrmady. 3–4 Saba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näzi-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, onuň sakylaryny, olaryň egin-eşiklerini, Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akyly haýran boldy. 5–6 Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa danalaygyňyzyň hatda ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidişimden has artyk eken.
7 Seniň halkyň nähili bagtly! Hemişe huzuryňda bolup, pähim-paýhasyňy eşidýän emeldarlaryň nähili bagtly!
8 Senden hoşal bolup, Hudaýyň Rebbiň patyşasy bolmagyň üçin seni Öz tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Hudaý Ysraýyly söýensoň, ony ebedilik berkarar etmek üçin, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi».
9 Onsoň Saba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Saba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdarda hoşboý ysly zatlar heniz berilmändi.
10 Huramyň we Süleýmanyň Opyrdan altyn getiren hyzmatkärleri mundan başga-da sandal agajyny we gymmatbaha daşlary hem getirdiler.
11 Patyşa sandal agajyndan Rebbiň öýüne, patyşanyň köşgüne basgançaklar, aýdymçylar üçin barbatdyr arfalar ýasady; beýle saz gurallary şu güne çenli görlüp-eşidilmändi.
12 Süleýman patyşa Saba melikesiniň göwnüniň islän zadyny berdi. Süleýman oňa özüne getiren zatlaryndan has köp zatlary berdi. Şeýdip, Saba melikesi emeldarlary bilen öz ýurduna dolandy. Süleýmanyň baýlygy 13–14 Süleýmana bir ýylda gelen altynyň agramy alyş-beriş edýän adamlardan, söwdagärleriň söwdasyndan, ähli arap şalaryndan, ýurduň häkimlerinden gelen altyndan daşary bir müň bir ýüz otuz batmandan gowrakdy.
15 Süleýman patyşa ýenjilen altyndan iki ýüz sany uly galkan ýasady. Her bir uly galkana, on ýedi gadak altyn sarp edildi.
16 Ol ýenjilen altyndan üç ýüz galkan ýasady; her galkana sekiz ýarym gadak altyn sarp edildi. Patyşa bulary «Liwan jeňňeli» atly köşgünde goýdy.
17 Patyşa tagtyny piliň süňki bilen haşamlap, sap altyna gaplady.
18 Tagtyň alty basgançagy we altyndan aýak kürsüsi oňa berkidilendi. Tagtyň iki tarapynda hem tirseklikler, tirseklikleriň gapdalynda-da iki ýolbars durdy.
19 Alty basgançagyň her tarapynda bir ýolbars, jemi on iki ýolbars durdy. Beýle zat entek asla hiç bir ýurtda ýasalmandy.
20 Süleýmanyň gap-gaçlarynyň barysy altyndandy. Onuň «Liwan jeňňeli» atly köşgüniň ähli gap-gaçlary-da sap altyndandy. Kümüş Süleýmanyň döwründe hiç zatça görülmeýärdi.
21 Çünki Süleýmanyň Huramyň adamlary bilen birlikde Tarşyşa gatnaýan gämileri bardy. Deňiz gämileri üç ýylda bir gezek gelip, altyn, kümüş, pil süňküni, maýmynlary we tawuslary getirerdiler.
22 Şeýdip, Süleýman patyşa baýlykda, pähim-paýhasda ýer ýüzündäki ähli patyşalardan öňe geçdi.
23 Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin ähli milletleriň patyşalary onuň didaryna zardy.
24 Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylba-ýyl kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, atyrlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi.
25 Süleýmanyň atlar bilen söweş arabalary üçin dört müň athana bardy, hem-de on iki müň arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda – Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi.
26 Süleýman Perat derýasyndan piliştlileriň ýurduna we Müsür serhedine çenli aralykda bolan ähli patyşalaryň üstünden höküm sürdi.
27 Süleýman Iýerusalimde kümşi daş bilen deň etdi, kedr agajyny günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi.
28 Süleýmanyň atlary Müsürden, beýleki ähli ýurtlardan getirildi. Süleýmanyň ölümi
29 Süleýmanyň galan ähli işleri–owalky we soňky eden işleri Natan pygamberiň taryh kitabynda, şiloly Ahyýanyň pygamberliginde we Ydo görgüriň Nebadyň ogly Ýarobgam baradaky görnüşlerinde ýazylandyr.
30 Süleýman Iýerusalimde tutuş Ysraýyla kyrk ýyl patyşalyk etdi.
31 Süleýman ata-babalaryna gowuşdy. Ol kakasy Dawudyň galasynda jaýlandy. Ogly Rehabgam onuň ýerine patyşa boldy.




Chapter 10

1 Rehabgam Şekeme gitdi. Bütin ysraýyl halky Rehabgamy patyşa etjek bolup, Şekeme gelipdi.
2 Nebadyň ogly Ýarobgam bu habary eşidenden soň (ol Müsürdedi, çünki ol şol ýere Süleýman patyşadan gaçyp gidipdi), Müsürden gaýdyp geldi.
3 Ysraýyllar Ýarobgamy çagyrdyp alyp, onuň bilen bile Rehabgamyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler:
4 «Kakaň bize agyr zulum etdi. Indi sen kakaňyň bize eden agyr zulmuny ýeňlet we bize salan salgydyny azalt, şonda biz saňa gulluk ederis».
5 Rehabgam ysraýyl halkyna: «Ýene-de üç günden meniň ýanyma dolanyp geliň» diýdi. Şeýdip, olar gitdiler.
6 Onsoň Rehabgam patyşa kakasy Süleýmanyň diri mahalynda onuň hyzmatynda duran ýaşululary bilen geňeşip, olardan: «Bu halka näme jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýip sorady.
7 Ýaşulular oňa: «Eger sen şu gün bu halka ýagşylyk edip, olary razy etseň, olardan ýagşy sözüňi gaýgyrmasaň, olar saňa baky hyzmat ederler» diýip jogap berdiler.
8 Emma Rehabgam ýaşulularyň beren maslahatyny äsgermän, özi bilen bile ösüp ulalan, huzurynda hyzmat edýän ýaş ýigitler bilen geňeşdi.
9 Rehabgam ýaş ýigitlerden: «Siz: „Sen kakaňyň bize eden agyr zulmuny ýeňlet“ diýýän bu halka nähili jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýdi.
10 Onuň bilen bile ösüp ulalan ýaş ýigitler oňa: «Saňa „Kakaňyň bize eden agyr zulmuny ýeňlet“ diýýän bu halka öz külem barmagyň kakaňyň bilinden ýogyndygyny aýt.
11 Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilýän zulmy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler.
12 Şeýdip, patyşanyň: «Meniň ýanyma ýene-de üç günden dolanyp geliň» diýip aýdyşy ýaly, Ýarobgam bilen bütin halk üçünji gün Rehabgamyň ýanyna geldiler.
13 Patyşa halka rehimsizlik bilen jogap berdi. Ol ýaşulularyň özüne beren maslahatyny ret etdi.
14 Rehabgam ýaş ýigitleriň beren maslahatyna eýerip, Ýarobgama we ysraýyl halkyna şeýle jogap berdi: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulmy has-da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn».
15 Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şiloly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Hudaý tarapyndan şeýle tamamlanypdy.
16 Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, her kes öýli-öýüne gaýtsyn! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar.
17 Emma Rehabgam Ýahuda şäherlerinde ýaşaýan ysraýyllara patyşalyk etdi.
18 Rehabgam patyşa gullaryň baştutany bolan Hadoramy Ysraýyla iberende, ysraýyl halky ony daşlap öldürdi. Rehabgam patyşa Iýerusalime gaçmak üçin, howlukmaçlyk bilen öz at arabasyna mündi.
19 Şeýdip, demirgazyk ysraýyl tireleri şu güne çenli Dawudyň nesillerine garşy pitne turzup gelýärdiler.




Chapter 11

1 Rehabgam Iýerusalime geldi. Demirgazyk ysraýyl tirelerine garşy urşup, patyşalygy Rehabgama gaýtaryp bermek üçin, ýahuda hem-de benýamin tirelerinden ýüz segsen müň saýlama goşun toplady.
2 Emma Hudaýyň adamy Şemagýa Rebbiň şu sözi geldi:
3 «Süleýmanyň ogly, Ýahudanyň patyşasy Rehabgama, Ýahudadaky we Benýamindäki bütin ysraýyl halkyna
4 Reb şeýle diýýär diý: „Siz doganlaryňyzyň garşysyna uruşmaň. Her kes öz öýüne gaýtsyn, çünki bu bolan waka Mendendir“». Olar Rebbiň sözüne gulak asyp, Ýarobgamyň garşysyna çykman, öýlerine gaýtdylar. Rehabgam Ýahudany berkidýär
5 Rehabgam Iýerusalimde mesgen tutup, Ýahudany goramak üçin galalar gurdy.
6 Ol Beýtullahamy, Eýtamy, Tekowany,
7 Beýtsury, Sokony, Adullamy,
8 Gaty, Mareşany, Zipi,
9 Adoraýymy, Lakyşy, Azekany,
10 Zorany, Aýalony we Hebrony gurdy. Rehabgam Ýahudadaky we Benýamindäki galalary berkitdi.
11 Rehabgam galalary berkidip, olara serkerdeler belledi. Galalaryň hersini azyk, ýag we şerap bilen üpjün etdi.
12 Ol şeýle hem, ähli galalarda uly galkanlary we naýzalary goýup, olary has berkitdi. Ýahuda bilen Benýamin Rehabgamyňkydy. Ruhanylar we lewiler Rehabgamy goldaýarlar
13 Ruhanylar we lewiler Ysraýylyň dürli çäklerinden Rehabgamyň ýanyna geldiler.
14 Lewiler öz öri meýdanlaryny we mülklerini taşlap, Ýahuda, Iýerusalime geldiler, çünki Ýarobgam we onuň ogullary olary ruhanylyk etmekden aýrypdylar.
15 Ýarobgam sežde edilýän ýerlere, öz ýasan but erkeçlerine we gölelerine ruhanylaryny belledi.
16 Ysraýylyň ähli tirelerinden Ysraýyl Hudaýy Rebbi agtarmagy ýüregine düwenler atalarynyň Hudaýyna gurbanlyk bermek üçin lewileriň yzyndan Iýerusalime geldiler.
17 Olar Ýahuda patyşalygyny kuwwatlandyrdylar. Olar üç ýyllap Süleýmanyň ogly Rehabgama goldaw berdiler, çünki olar üç ýyllap Dawudyň, Süleýmanyň ýolundan ýöräpdiler. Rehabgamyň maşgalasy
18 Rehabgam Mahalata öýlendi. Mahalat Dawudyň ogly Ýerimot bilen Abyhaýylyň gyzydy. Abyhaýyl Ýyşaýyň ogly Eliýabyň gyzydy.
19 Mahalat Rehabgama: Ýeguş, Şemarýa we Zaham atly ogullary dogrup berdi.
20 Mahalatdan soň Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magaka öýlendi. Magaka oňa: Abyýa, Ataý, Ziza we Şelomyt atly ogullary dogrup berdi.
21 Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magakany beýleki hemme aýallaryndan we gyrnaklaryndan eý görýärdi. Rehabgamyň on sekiz aýaly we altmyş gyrnagy bardy; ol ýigrimi sekiz ogluň we altmyş gyzyň atasydy.
22 Rehabgam Magakanyň ogly Abyýany geljekde patyşa etmek niýeti bilen inilerine baştutan belledi.
23 Rehabgam parasatlyk bilen ogullaryny tutuş Ýahuda we Benýamin welaýatlaryna, ähli galalara iberip, olara ummasyz azyk berdi, olara köp aýallar alyp berdi.




Chapter 12

1 Patyşalygy pugtalanyp, özi kuwwatlanandan soň, Rehabgam tutuş ysraýyl halky bilen birlikde Rebbiň kanunyny terk etdi. 2–3 Rehabgamyň patyşalygynyň bäşinji ýylynda Ysraýylyň Rebbe biwepalyk edendigi zerarly, Müsür patyşasy Şişak bir müň iki ýüz söweş arabasy we altmyş müň söweş arabaly esgerleri bilen Iýerusalimiň üstüne çozdy. Şişak bilen Müsürden gelenler – liwiýalylar, sukkiler we efiopiýalylar san-sajaksyzdy.
4 Şişak Ýahudanyň berkidilen galalaryny basyp alyp, Iýerusalime çenli geldi.
5 Şemaýa pygamber Şişak zerarly Iýerusalime ýygnanan Rehabgamyň we Ýahuda baştutanlarynyň ýanyna gelip, olara şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Siz Meni terk etdiňiz, Men hem sizi terk edip, Şişagyň eline berdim“».
6 Onsoň Ysraýylyň baştutanlary we patyşa özlerini kiçeldip: «Reb adyldyr!» diýdiler.
7 Reb olaryň özlerini kiçeldenini görende, Şemaýa Rebbiň şu sözi geldi: «Olaryň özlerini kiçeldendigi üçin Men olary ýok etmerin. Emma Men olara biraz gutulyş bererin. Meniň gazabym Şişagyň eli bilen Iýerusalimiň üstüne dökülmez.
8 Muňa garamazdan, olar Şişagyň gullary bolarlar. Şonda olar Maňa hyzmat etmek bilen beýleki ýurtlaryň patyşalaryna hyzmat etmegiň parhyny bilerler».
9 Şeýdip, Müsür patyşasy Şişak Iýerusalime hüjüm etdi. Ol Rebbiň öýündäki hazynalaryň, patyşanyň köşgündäki hazynalaryň baryny talady. Ol Süleýmanyň altyndan ýasadan ähli galkanlaryny hem alyp gitdi.
10 Rehabgam patyşa bolsa olaryň deregine bürünçden galkanlar ýasadyp, olary patyşanyň köşgüniň gapysyny saklaýan garawullaryň baştutanlarynyň eline berdi.
11 Patyşa her sapar Rebbiň öýüne gidende, garawullar olary getirip, soňra ýene yzyna garawulhana äkidýärdiler.
12 Rehabgamyň özüni kiçeldendigi sebäpli, Rebbiň gazaby ondan sowlup, ony bütinleý ýok etmedi. Ýahudada-da ýagdaýlar gowudy.
13 Şeýdip, Rehabgam patyşa kuwwatlanyp, Iýerusalimde şalyk sürdi. Rehabgam patyşa bolanda kyrk bir ýaşyndady. Ol Rebbiň Özüne ybadat etmegi üçin Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyndan saýlan şäheri bolan Iýerusalimde on ýedi ýyl şalyk sürdi. Onuň ejesiniň ady ammonly Nagamady.
14 Rehabgam pis işleri etdi. Ol Rebbi agtarmagy ýüregine düwmedi.
15 Rehabgamyň başdan-aýak eden işleri Şemaýa pygamberiň we Ydo görgüriň taryh kitaplarynda nesil daragtyna görä ýazylandyr. Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda hemişe uruş boldy.
16 Rehabgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda Dawut galasynda jaýlandy. Rehabgamyň ýerine ogly Abyýa patyşa boldy.




Chapter 13

1 Ýarobgamyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda Abyýa Ýahuda patyşa boldy.
2 Abyýa Iýerusalimde üç ýyl patyşalyk etdi; onuň ejesiniň ady Mikaýady; ol gibgaly Uryýeliň gyzydy. Abyýa bilen Ýarobgamyň arasynda uruş gidýärdi.
3 Abyýa dört ýüz müň saýlama, batyr ýigitlerden ybarat bolan goşuny bilen urşa girişdi. Ýarobgam hem sekiz ýüz müň saýlama, batyr ýigitleri bilen Abyýanyň garşysyna söweşe çykdy.
4 Onsoň Abyýa Efraýym daglygynda bolan Zemaraýym dagynyň üstünde durup, şeýle diýdi: «Eý, Ýarobgam we bütin ysraýyl halky, maňa gulak asyň!
5 Siz Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Ysraýylyň üstünden şalyk sürmekligi ebedilik Dawuda we onuň ogullaryna berendigini bilmeýärmisiňiz? Ol muny bozulmajak ähtiň üsti bilen etdi.
6 Emma Dawudyň ogly Süleýmanyň nökeri, Nebadyň ogly Ýarobgam gidip, öz hökümdaryna garşy gozgalaň turuzdy.
7 Boş we ýaramaz adamlar Ýarobgamyň ýanyna ýygnanyp, Süleýmanyň ogly Rehabgamyň garşysyna çykdylar. Rehabgam ýaş we tejribesiz bolansoň, olar bilen urşup bilmedi.
8 Indi siz Dawudyň ogullarynyň elinde bolan Rebbiň patyşalygyna garşy durup bileris diýip pikir edýärsiňiz. Çünki siziň sanyňyz juda köpdür hem-de Ýarobgamyň hudaýlar hökmünde siziň üçin ýasan altyn göleleri ýanyňyzdadyr.
9 Siz Rebbiň ruhanylary bolan Harunyň ogullaryny we lewileri kowup, başga ýurtlaryň halklary ýaly öz ruhanylaryňyzy bellediňiz. Bir öküzçe ýa-da ýedi goç bilen mukaddes edilmäge gelen her kes but hudaýlara ruhany bolýar.
10 Emma biziň Hudaýymyz Rebdir. Biz Ony terk etmedik. Bizde Rebbiň hyzmatynda durýan ruhanylar bar.
11 Ol ruhanylar ertirine, agşamyna Rebbe ýakma gurbanlyklar berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýarlar, sap altyn hantagtasynda huzur çöregini goýýarlar, her gije altyn şemdanda şemleri ýakýarlar. Çünki biz Hudaýymyz Rebbiň ýumuşlaryny bitirýäris, emma siz Ony terk etdiňiz.
12 Hudaý biziň baştutanymyzdyr. Onuň ruhanylarynyň ellerinde size garşy urşy yglan etmäge surnaýlar bardyr. Eý, ysraýyllar, atalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň garşysyna uruş etmäň, çünki siz ýeňiş gazanyp bilmersiňiz».
13 Ýarobgam Ýahuda goşunyň ýeňse tarapyndan bukuda ýatmak üçin goşun iberipdi. Şeýdip, onuň goşuny Ýahudanyň öň tarapynda, bukuda ýatan goşuny bolsa Ýahudanyň ýeňse tarapyndady.
14 Ýahudalar özleriniň hem öňlerinde, hem yzlarynda söweş gidýändigini gördüler. Olar Rebbe perýat etdiler, ruhanylar surnaýlaryny çaldylar.
15 Onsoň ýahuda halky gygyryşdy. Ýahudalar gygyryşanlarynda, Hudaý Abyýanyň we Ýahudanyň öňünde Ýarobgamy we bütin ysraýyl halkyny ýeňlişe sezewar etdi.
16 Ysraýyllar ýahudalardan gaçdylar. Hudaý ysraýyllary Ýahudanyň eline berdi.
17 Abyýa we onuň goşuny ysraýyllara agyr zarba urdular. Ysraýylyň bäş ýüz müň saýlama esgeri öldürildi.
18 Şeýdip, şonda ysraýyllar basylyp, ýahudalar atalarynyň Hudaýy Rebbe bil baglandyklary üçin olary ýeňdiler.
19 Abyýa Ýarobgamyň yzyndan kowup, onuň Beýtel, Ýeşanan we Epron diýen şäherlerini obalary bilen bile basyp aldy.
20 Ýarobgam Abyýanyň döwründe güýç-kuwwatyny dikeldip bilmedi. Reb Ýarobgamy jezalandyrdy, şonda ol öldi.
21 Emma Abyýa barha güýçlendi. Ol on dört aýal alyp, ýigrimi iki ogluň, on alty gyzyň kakasy boldy.
22 Abyýanyň galan işleri, onuň hereketleri we sözleri Ydo pygamberiň ýazgylarynda ýazylandyr.




Chapter 14

1 Abyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Ogly Asa onuň ýerine patyşa boldy. Onuň döwründe ýurt on ýyl asudalykda ýaşady.
2 Asa öz Hudaýy Rebbiň nazarynda oňat we dogry işleri etdi.
3 Asa keseki gurbanlyk sypalaryny we sežde edilýän ýerleri aýryp, dikme daşlaryny ýykdy, Aşera butlaryny kesdi.
4 Ol ýahuda halkyna atalarynyň Hudaýy Rebbi agtaryp, Onuň kanunyny we tabşyryklaryny berjaý etmegi buýurdy.
5 Şeýle hem, Asa Ýahudanyň ähli galalaryndaky sežde edilýän ýerleri we ýakymly ysly tütetgi berilýän sypalaryny aýyrdy. Onuň şalyk süren döwründe ýurt asudalykda ýaşady.
6 Ol Ýahuda asudalykdaka galalary gurdy. Şol ýyllarda ol hiç kim bilen uruş etmedi. Reb oňa parahatçylyk beripdi.
7 Asa ýahuda halkyna: «Geliň, bu galalary gurup, olaryň daşyna diwarlar, diňler, derwezeler we kiltler edeliň. Ýurt entek hem biziňkidir, çünki biz Hudaýymyz Rebbi agtardyk. Biz Ony agtardyk, Ol bize her tarapdan asudalyk berdi». Şeýdip, olaryň gurluşyk işleri rowaçlandy.
8 Asanyň Ýahudadan uly galkanlardyr naýzalar bilen ýaraglanan üç ýüz müň adamdan, Benýaminden galkan göterip, ýaý atýan iki ýüz segsen müň adamdan ybarat goşuny bardy. Olaryň bary batyr ýigitlerdi. Müsürliniň hüjümi
9 Efiopiýaly Zera müňlerçe esgeri we üç ýüz söweş arabasy bilen Asa garşy çykyp, Mareşa çenli geldi.
10 Asa Zeranyň öňünden çykdy. Olar Mareşadaky Zefata deresinde söweş üçin nyzama düzüldiler.
11 Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçlä ýa-da güýçsüze ýardam bermelidiginiň Seniň üçin parhy ýok. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk».
12 Şeýdip, Reb efiopiýalylary Asanyň we ýahuda halkynyň öňünde ýeňlişe sezewar etdi. Olar gaçdylar.
13 Asa bilen onuň goşuny efiopiýalylary Gerare çenli kowdular. Efiopiýalylaryň bary gyrlyp, ýekejesi hem diri galmady. Olar Rebbiň we Onuň goşunynyň öňünde ýeňlişe sezewar boldular. Ýahuda halky gaty köp olja alyp gaýtdy.
14 Ýahudalar Geraryň töweregindäki ähli galalara zarba urdular, çünki ýerli halka Rebbiň gorkusy aralaşypdy. Ýahudalar ähli galalara talaň saldylar, sebäbi şol galalarda olja köpdi.
15 Ýahudalar çarwalaryň çadyrlaryna hem hüjüm edip, ummasyz goýundyr geçiler we düýeler alyp, Iýerusalime gaýdyp geldiler.




Chapter 15

1 Odetiň ogly Azarýanyň üstüne Rebbiň ruhy indi.
2 Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder.
3 Uzak wagtlap Ysraýyl hak Hudaýsyz ýaşapdy; tälim berýän ruhany-da, kanun-da bolmandy.
4 Emma agyr günlerinde olar Ysraýyl Hudaýy Rebbe ýüz tutup, Ony agtardylar; Ol Özüni olara görkezdi.
5 Şol döwürlerde ähli ýurtlaryň ilatlarynyň arasyndaky uly howsalalyk zerarly girip-çykmak howpludy.
6 Bir millet beýleki millete garşy, bir şäher beýleki şähere garşy göreşdi. Hudaý olary her hili betbagtçylyk bilen howsala salypdy.
7 Ýöne siz berk duruň! Ruhdan düşmäň! Eden işleriňiziň hözirini görersiňiz».
8 Asa bu sözleri, ýagny Odetiň ogly Azarýanyň pygamberligini eşidende ruhlandy. Ol bütin Ýahudadaky, Benýamindäki we Efraýym daglygyndan alan ähli galalaryndaky ýigrenji butlary ýok etdi. Asa Rebbiň öýüniň eýwanynyň öňündäki Rebbiň gurbanlyk sypasyny täzeden dikeltdi.
9 Asa ähli ýahudalary we benýaminleri, olaryň arasynda keseki hökmünde ýaşap ýören efraýymlary, manaşeleri we şimgonlary toplady. Beýik Hudaýyň Asa bilendigini görüp, ysraýyllardan köp Asanyň tarapyna geçipdiler.
10 Olar Asanyň patyşalygynyň on bäşinji ýylynyň üçünji aýynda Iýerusalime ýygnanyşdylar.
11 Şol gün olar getiren oljalaryndan ýedi ýüz öküzi we ýedi müň goýny Rebbe gurbanlyk hökmünde berdiler.
12 Olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi bütin kalplary, bütin jan-teni bilen agtarmagy äht etdiler.
13 Ýaş bolsun, garry bolsun, erkek bolsun, aýal bolsun–parhy ýok – Ysraýyl Hudaýy Rebbi agtarmadyk her kes öldürilmelidi.
14 Olar batly ses bilen gygyryşyp, surnaýlar we tüýdükler çalyp, Rebden ant içdiler.
15 Bütin ýahuda halky bu kasam üçin begendiler. Olar çyn ýürekden ant içip, Rebbi uly yhlas bilen agtardylar. Reb hem olara Özüni görkezdi. Reb olara her tarapdan asudalyk berdi.
16 Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden boşatdy, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, parçalap, Kidron çaýynda ýakdy.
17 Emma Ysraýyldaky sežde edilýän ýerler ýok edilmändi. Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe wepaly boldy.
18 Ol kakasynyň we özüniň aýdan sadakalaryny, ýagny altyny, kümşi we gap-gaçlary Hudaýyň öýüne getirdi.
19 Asanyň patyşalygynyň otuz bäşinji ýylyna çenli uruş bolmady.




Chapter 16

1 Asanyň patyşalygynyň otuz altynjy ýylynda Ysraýyl patyşasy Bagşa Ýahudanyň üstüne çozdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip-gitmek isleýänleriň ýoluny ýapmak üçin Rama galasyny berkitdi.
2 Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalaryndan kümüşdir altyn alyp, olary Damaskda ýaşaýan Aram patyşasy Benhadada iberdi.
3 Asa öz emeldarlaryndan Benhadada şeýle habar ýollady: «Seniň kakaň bilen meniň kakamyň arasynda bolşy ýaly, ikimiziň aramyzda-da ylalaşyk bolsun. Men saňa kümüşdir altyn sowgat iberýärin. Sen gidip, Ysraýylyň patyşasy Bagşa bilen eden ylalaşygyňy boz, ol meniň üstümden sowulsyn».
4 Benhadat Asa patyşanyň aýdanlaryna gulak asdy. Ol goşun serkerdelerini iberip, Yýony, Dany, Abelmaýymy, Naftalynyň ähli ammar galalaryny basyp aldy.
5 Bagşa muny eşidende, Rama galasyny berkitmekden el çekip, işini togtatdy.
6 Soňra Asa patyşa ýahuda halkynyň baryny toplady. Olar Rama galasyndaky Bagşanyň berkitme üçin ulanyp ýören daşlaryny, agaçlaryny alyp gitdiler. Asa patyşa bu daşdyr agaçlar bilen Geba we Mispa galalaryny berkitdi. Hanany pygamberiň sözleri
7 Şol wagt görgür Hanany Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdi: «Hudaýyň Rebbe bil baglaman, Aram patyşasyna bil baglanyň üçin Aram patyşasynyň goşuny seniň eliňden gaçyp gutuldy.
8 Efiopiýalylar we Liwiýalylar biçak köp söweş arabaly we sansyz-sajaksyz söweş arabaly goşun dälmidi? Emma Rebbe bil baglandygyňyz üçin, Reb olary siziň eliňize berdi.
9 Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».
10 Onsoň Asa Hanany görgüre gaharlanyp, ony zynjyrlap zyndana saldy, çünki Asa munuň üçin oňa gazaplanypdy. Asanyň ölümi
11 Asanyň başdan-aýaga çenli eden ähli işleri barada Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
12 Emma Asanyň patyşalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda ol aýakdan dert çekdi Onuň aýak agyrysy gitdigiçe agyrlaşsa-da, ol Rebden medet dilemän, lukmanlardan medet gözledi.
13 Asa patyşalygynyň kyrk birinji ýylynda ata-babalaryna gowuşdy.
14 Asany Dawut galasynda özi üçin gazyp goýan mazarynda jaýladylar. Ony bir ussat tarapyndan taýýarlanan her hili ýakymly ysly zatlardan doldurylan tabytda goýdular. Asanyň hatyrasyna uly ot ýakyldy.




Chapter 17

1 Asanyň ogly Ýehoşapat onuň ýerine patyşa boldy. Ol Ysraýyla garşy güýç toplady.
2 Ol Ýahudanyň esasy galalarynyň ählisinde goşun goýdy. Kakasy Asanyň basyp alan galalary bolan Efraýym galalarynda goşun ýerleşdirdi. 3–4 Reb Ýehoşapat bilendi, sebäbi ol kakasynyň owalky ýollaryndan ýöredi. Ýehoşapat Bagaly agtarman kakasynyň Hudaýyny agtaryp, Onuň tabşyryklaryna gulak goýdy, Ysraýylyň ýoluna eýermedi.
5 Şonuň üçin hem Reb onuň patyşalygyny berkitdi. Ähli ýahuda halky Ýehoşapata salgyt töledi. Ol gaty baý hem at-abraýlydy.
6 Ýehoşapat Rebbiň ýolundan ýöremeklige ýüregi bilen berlendi. Ol Ýahudadaky sežde edilýän ýerleri we Aşera butlaryny ýok etdi.
7 Patyşalygynyň üçünji ýylynda Ýehoşapat Ýahudanyň şäherlerinde halka tälim bersinler diýip emeldarlaryndan Benhaýyly, Zakarýany, Nataniýeli we Mikaýany iberdi.
8 Lewilerden Şemaýa, Netanyýa, Zebadýa, Asahel, Şemiramot, Ýonatan, Adonyýa, Tobyýa, Tobadonyýa hem-de ruhanylar Elişama, Ýoram olar bilen gitdiler.
9 Olar Ýahudada tälim berdiler. Ýanlaryna Rebbiň kanun kitabyny alyp, Ýahudanyň ähli şäherlerine aýlanyp, halka tälim berdiler.
10 Ýahudanyň töweregindäki ähli ýurtlaryň patyşalyklaryna Rebbiň gorkusy aralaşdy. Olar Ýehoşapata garşy uruş etmediler.
11 Piliştlileriň käbirleri Ýehoşapata sowgatlar, salgyt üçin kümüş getirdiler; araplar hem ýedi müň ýedi ýüz goç we ýedi müň ýedi ýüz erkeç getirdiler.
12 Ýehoşapat gitdigisaýy güýçlenýärdi. Ol Ýahudada galalar we ammar şäherlerini gurdy.
13 Ol Ýahuda şäherlerinde beýik işleri etdi. Onuň Iýerusalimde söweşijileri we batyr ýigitleri bardy.
14 Uruglaryna görä olaryň sany şulardy: Ýahudanyň müňbaşylary: serkerde Adna üç ýüz müň batyr ýigit bilen,
15 ondan soň serkerde Ýehohanan iki ýüz segsen müň esger bilen,
16 ondan soň Zikriniň ogly Amasýa, Rebbiň meýletin hyzmatkäri iki ýüz müň batyr ýigit bilen.
17 Benýaminlerden: batyr ýigit Elýada iki ýüz müň ýaýdyr galkan bilen ýaraglanan esger bilen,
18 ondan soň Ýehozabat urşa taýýar ýüz segsen müň esger bilen.
19 Bular patyşanyň bütin Ýahudadaky berkidilen galalarynda ýerleşdiren esgerlerinden daşary patyşa hyzmat edýän esgerlerdi.




Chapter 18

1 Ýehoşapat örän baý we at-abraýlydy. Ol Ahap bilen guda boldy.
2 Birnäçe ýyldan soň Ýehoşapat Samarýa Ahabyň ýanyna gitdi. Ahap Ýehoşapat we onuň bilen gelenler üçin köp goýun we öküz öldürdip, ony özi bilen Ramotgilgada garşy hüjüm etmäge yrdy.
3 Ahap Ýehoşapatdan: «Sen meniň bilen Ramotgilgada hüjüm etmäge gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat oňa: «Menem, halkam seniň hyzmatyňdadyrys. Uruşda seniň bilendiris» diýip jogap berdi.
4 Ýehoşapat sözüni dowam edip, Ysraýylyň patyşasy Ahaba: «Öňürti Rebden sorap göräý» diýdi.
5 Onsoň Ysraýylyň patyşasy Ahap dört ýüze golaý pygamberi toplap, olardan: «Biziň ikimizem Ramotgilgada hüjüm edelimi ýa-da men etmäýinmi?» diýip sorady. Olar: «Hüjüm et, çünki Hudaý ony seniň eliňe berer» diýdiler.
6 Emma Ýehoşapat: «Bu ýerde sorar ýaly Rebbiň başga pygamberi ýokmy?» diýdi.
7 Ysraýylyň patyşasy Ahap Ýehoşapata şeýle jogap berdi: «Rebden sorap görmäge ýene bir pygamber bar, ol Ýymla ogly Mikaýa, ýöne men ony ýigrenýärin. Ol maňa hiç ýagşy zatlary pygamberlik etmän, gaýtam diňe betbagtçylyk hakynda pygamberlik edýär». Ýehoşapat: «Eý, patyşa, beýle zatlary diliňe alma» diýdi.
8 Onsoň Ysraýyl patyşasy Ahap köşk emeldaryny çagyryp: «Git-de, dessine Ýymla ogly Mikaýany şu ýere getir» diýdi.
9 Ysraýyl patyşasy bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat şalyk lybasyny geýip, Samarýanyň derwezesiniň agzyndaky harmanda öz tagtlarynda otyrdylar. Ähli pygamberler olaryň öňünde pygamberlik edýärdiler.
10 Kenagananyň ogly Sidkiýa özüne demir şahlar ýasap, Reb şeýle diýýär: «Sen şu şahlar bilen aramlylaryň üstüne hüjüm edip, olardan üstün çykarsyň» diýdi.
11 Ähli pygamberler şol bir zady pygamberlik edip: «Ramotgilgada git, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony patyşanyň eline berer» diýdiler.
12 Mikaýany getirmäge giden çapar oňa: «Ähli pygamberler patyşa bir agyzdan hoş sözleri aýdýarlar; sen hem şolar ýaly hoş sözleri aýt» diýdi.
13 Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Hudaýym maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.
14 Mikaýa patyşanyň ýanyna geldi. Patyşa ondan: «Mikaýa, biz Ramotgilgada çozuş edelimi ýa-da etmäli?» diýip sorady. Mikaýa: «Çozuş et, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony seniň eliňe berer» diýip jogap berdi.
15 Patyşa oňa: «Maňa Rebbiň adyndan hakykatdan başga zat aýtmazlygy saňa näçe gezek ant içirmeli?» diýdi.
16 Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“» diýdi.
17 Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapata: «Men saňa ol hiç haçan ýagşy zat hakda däl-de, eýsem, diňe betbagtçylyk hakda pygamberlik edýär diýip aýtmadymmy näme?» diýdi.
18 Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, ähli gögüň goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda duranyny gördüm.
19 Reb şeýle diýdi: „Ramotgilgada gidip heläk bolmagy üçin, Ysraýyl patyşasy Ahaby kim yryp biler?“ Biri bir zat diýdi, beýlekisi başga zat.
20 Onsoň bir ruh gelip, Rebbiň huzurynda durup, şeýle diýdi: „Ony men yraryn“. Reb ondan: „Nädip?“ diýip sorady.
21 Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“ diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de ony yr, sen muny başararsyň“ diýdi.
22 Ine, görýäňmi, Reb seniň ähli pygamberleriňi ýalan sözletdi. Reb seniň başyňa bela getirer».
23 Onsoň Kenaganyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, onuň ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi.
24 Mikaýa: «Sen muny gizlenmek üçin içki otaga giren günüň bilersiň» diýip jogap berdi.
25 Ysraýyl patyşasy Ahap şeýle diýdi: «Mikaýany al-da, ony yzyna–galanyň häkimi Amona we şazada Ýowaşa eltip ber.
26 Ýowaşa we Amona patyşa şeýle diýýär diý: „Mikaýany tussaghana salyň-da, men söweşden sag-salamat dolanyp gelýänçäm, oňa açlykdan ölmezi ýaly ýeterlik çörek bilen suw beriň“».
27 Mikaýa: «Eger sen söweşden sag-salamat dolanyp gelseň, onda Reb men arkaly geplän däldir» diýdi. Soňra ol: «Eý, jemagat, muny hemmäňiz eşidiň» diýdi. Ahabyň ölümi
28 Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ramotgilgada hüjüm etmäge gitdiler.
29 Ysraýyl patyşasy Ýehoşapata: «Meni tanamazlar ýaly, men söweşe eşigimi üýtgedip girjek, ýöne sen öz şalyk lybasyňy geý» diýdi. Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy eşigini üýtgedip, söweşe girdi.
30 Aram patyşasy öz söweş arabalarynyň serkerdelerine: «Uly bilen-de, kiçi bilen-de uruşman, eýsem ýalňyz Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen uruş ediň» diýip tabşyrdy.
31 Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapaty görenlerinde: «Şu hökman Ysraýylyň patyşasy bolmalydyr» diýip, oňa hüjüm etmek üçin şol tarapa sowuldylar. Ýehoşapat bar sesine gygyrdy. Reb oňuň dadyna ýetişip, serkerdeleri ondan daşlaşdyrdy.
32 Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapatyň Ysraýylyň patyşasy Ahap däldigini görenlerinde, yzlaryna dolandylar.
33 Bir adam ýaýyny çekip, tötänden Ysraýyl patyşasynyň sowudynyň arasyndan urdy. Patyşa öz arabaçysyna: «At arabasyny yza öwür-de, meni söweşiň içinden çykar, men ýaralandym» diýdi.
34 Şol gün söweş gaty gyzgalaňlydy. Ysraýylyň patyşasy öz arabasynda agşama çenli aramlylara tarap bakyp durdy, ol gün ýaşanda öldi.




Chapter 19

1 Ýahuda patyşasy Ýehoşapat sag-aman Iýerusalime, öz köşgüne dolanyp geldi.
2 Hananynyň ogly Ýehu görgür Ýehoşapatyň öňünden çykyp, oňa: «Sen näme üçin ýamana ýardam edip, Rebbi ýigrenýänleri söýýäň? Şonuň üçin hem Rebbiň gazaby seniň başyňdan inendir.
3 Muňa garamazdan, sen gowy işler hem etdiň. Sen Aşera butlaryny ýurtdan ýok edip, ýüregiňi Hudaýy agtarmaklyga gönükdirdiň». Ýehoşapatyň özgertmeleri
4 Ýehoşapat Iýerusalimde ýaşady. Ol Beýerşebadan Efraýym daglygyna çenli bolan halklaryň arasyna gidip, olary ata-babalarynyň Hudaýy Rebbe tarap öwürdi.
5 Ol bütin ýurda, Ýahudanyň ähli galalarynyň her birine häkimler belledi.
6 Ýehoşapat häkimlere şeýle diýdi: «Işiňize ünsli boluň! Çünki siz ynsanlaryň adyndan däl-de, Rebbiň adyndan höküm çykarýansyňyz. Reb höküm işinde siziň bilendir.
7 Rebbiň gorkusy siziň üstüňizde bolsun. Işiňizde ägä boluň. Rebde adalatsyzlyk, ýüz görmeklik ýa-da para almaklyk ýokdur».
8 Şeýle hem Ýehoşapat Iýerusalimde Rebbiň adyndan höküm çykarmak üçin we dawalary çözmek üçin lewilerden, ruhanylardan we Ysraýyl tirelerinden baştutanlar belledi. Olar şäherde ýaşadylar.
9 Ýehoşapat olara şeýle tabşyryk berdi: «Siz Rebbiň gorkusy bilen, sadyklyk bilen tüýs ýürekden işläň.
10 Galalarynda ýaşaýan ýoldaşlaryňyzdan size gelen her işde, isle adam öldürmek dawasy bilen, isle kanun, tabşyryk, parzlar ýa-da hökümler işi bilen bolsun, Rebbe garşy günä etmezlige olara duýduryş beriň. Şonda siziň we ýoldaşlaryňyzyň üstünden Onuň gazaby inmez. Şeýle ediň, şonda siz ýazykly bolmarsyňyz.
11 Rebbiň ähli işlerinde baş ruhany Amarýa, patyşanyň ähli işleri üçin Ýahuda tiresiniň baştutany Ysmaýylyň ogly Zebadýa siziň üstüňizden garaýandyr, lewiler hem öňüňizde gözegçi bolarlar. Işde batyr boluň! Reb ýagşylar bilen bolsun!»




Chapter 20

1 Mundan soň mowaplar we ammonlar megunylar bilen birlikde Ýehoşapatyň garşysyna söweşe çykdylar.
2 Ýehoşapata şeýle habar geldi: «Deňziň aňyrsyndan, Edomdan bir uly mähelle seniň garşyňa gelýär. Olar eýýäm Haseson Tamardadyr». Bu ýere Engedi-de diýilýär.
3 Ýehoşapat gorkup, Rebbi agtarmagy ýüregine düwdi. Ol bütin Ýahudada agyz beklemekligi yglan etdi.
4 Ýahuda halky Rebden medet dilemek üçin ýygnanyşyp, Ýahudanyň hemme şäherlerinden Rebbi agtarmaga geldiler.
5 Ýehoşapat Rebbiň öýünde, täze howlynyň öňünde Ýahuda we Iýerusalim jemagatynyň öňünde durup, şeýle diýdi:
6 «Atalarymyzyň Hudaýy, ýa, Reb. Gökdäki Hudaý Sen dälmisiň? Bütin milletleriň patyşalyklarynyň üstünden höküm sürýän Sensiň. Güýç, gudrat Seniň eliňdedir, hiç kim Saňa garşy durup bilmez.
7 Eý, biziň Hudaýymyz, Sen bu ýurduň ilatyny Öz halkyň ysraýylyň öňünden kowup çykaryp, ýurdy dostuň Ybraýymyň nesillerine ebedilik berdiň.
8 Olar ýurtda mesgen tutdular, ol ýerde Seniň adyňa mukaddes öý bina edip, şeýle diýdiler:
9 „Başymyzdan betbagtçylyk inse, ýagny gylyç jezasy, mergi ýa-da açlyk gelse, biz şu mukaddes ýerde, Seniň huzuryňda durarys, çünki Seniň adyň şu mukaddes ýerdedir. Başymyza gelen betbagtçylyk zerarly Saňa perýat etsek, Sen bizi eşidersiň we halas edersiň“. 10–11 Ine, indi ammonlar, mowaplar we Segir dagynyň ilaty, bize miras beren ýurduňdan bizi kowup çykarmakçy bolýarlar. Müsürden çykyp gelýärkäler, ysraýyl halkyna Sen bu milletleriň üstüne çozup girmäge ýol bermediň, ysraýyllar hem yzyna dönüp, olary ýok etmediler.
12 Eý, Hudaýymyz, Sen olaryň üstünden höküm çykar! Bize garşy gelýän bu beýik goşuna garşy çykmaga bizde güýç-kuwwat ýok. Biz näme etjegimizi bilemzok, gözümizi Saňa dikýäris».
13 Ähli ýahudalar öz ýaş çagajyklary, aýallary we ogullary bilen Rebbiň huzurynda durdular.
14 Onsoň halkyň arasyndan Asafyň neslinden bolan lewilerden Ýegiýeliň üstüne Rebbiň ruhy indi. Ýahazyýal Zakarýanyň ogly, Benaýanyň agtygy, Ýegiýeliň çowlugy we Matanýanyň ýuwlugydy.
15 Ýahazyýal şeýle diýdi: «Eý, ýahuda halky, Iýerusalimiň ilaty, patyşa Ýehoşapat, gulak asyň! Reb size şeýle diýýär: „Siz bu beýik goşundan gorkmaň, heder etmäň, çünki uruş siziňki däldir, Hudaýyňkydyr.
16 Ertir olaryň üstüne hüjüm ediň. Olar Ziz depesine çykarlar. Siz olary Ýerubel çölüniň öňüsyrasynda, deräniň aňry başynda taparsyňyz.
17 Bu söweşde size söweşmek gerek däldir. Eý, ýahuda we Iýerusalim halky, nyzama duruň-da, garaşyň, Rebbiň size berjek ýeňşini görüň“. Gorkmaň, heder etmäň. Ertir siz olaryň garşysyna çykyň. Reb siz bilen bolar».
18 Ýehoşapat ýüzüni ýere berip sežde etdi, tutuş ýahuda we Iýerusalim halky-da Rebbiň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler.
19 Lewiler, kohatlar we koralar belent owaz bilen Ysraýyl Hudaýy Rebbe öwgi aýtmak üçin dik durdular.
20 Olar ertesi irden turup, Tekowa çölüne tarap gitdiler. Olar ýola rowana bolanlarynda, Ýehoşapat durup, şeýle diýdi: «Eý, ýahuda we Iýerusalim ilaty, maňa gulak asyň! Hudaýyňyz Rebbe ynanyň, şonda berk durarsyňyz. Rebbiň pygamberlerine ynanyň, şonda işiňiz şowuna bolar».
21 Ýehoşapat halk bilen maslahatlaşandan soň, Rebbiň şanly huzurynda nagma hem öwgi aýdarlary ýaly aýdymçylar belledi. Aýdymçylar goşunyň öňünden gidip baryşlaryna: «Rebbe şükür ediň, çünki Onuň sadyk söýgüsi ebedidir» diýdiler.
22 Olar aýdym aýdyp, alkyşlamaga başlan batlaryna, Reb Ýahudanyň garşysyna gelen ammonlara, mowaplara we Segir dagynyň ilatyna garşy duzak gurdy, olary dowla saldy.
23 Çünki ammonlar we mowaplar Segir dagynyň ilatyna hüjüm edip, olary bütinleý ýok edipdiler. Segir dagynyň ilatynyň soňuna çykandan soň, ammonlar we mowaplar biri-birlerini gyrmaga başladylar.
24 Ýahuda halky çöldäki gözegçilik diňine gelende, uly goşuna tarap seretdiler, maslyklar ýerde pytrap ýatyrdylar. Gaçyp gutulan adam ýokdy.
25 Ýehoşapat bilen onuň adamlary olaryň oljasyny almaga gelenlerinde, olar ummasyz köp mallar, harytlar, egin-eşikler we gymmatbahaly zatlar tapdylar. Olar göterip äkiderden köp olja aldylar, olar olja gaty köp bolandygy üçin, ony üç günläp topladylar.
26 Dördünji gün olar Beraka deresine ýygnanyp, şol ýerde Rebbi alkyşladylar. (Şonuň üçin-de bu dere şu güne çenli hem Beraka deresidir).
27 Onsoň ýahuda we Iýerusalim halky Ýehoşapatyň baştutanlygynda şatlyk bilen Iýerusalime dolanyp geldiler, çünki Reb olara duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazandyrypdy.
28 Olar Iýerusalimdäki Rebbiň öýüne arfadyr barbatlar we surnaýlar bilen geldiler.
29 Rebbiň Ysraýylyň duşmanlarynyň garşysyna eden söweşi barada eşidenlerinde, ähli ýurtlaryň patyşalyklaryna Rebbiň gorkusy indi.
30 Ýehoşapatyň ýurdy asudalykda boldy, çünki Hudaý olara hemme tarapdan asudalyk beripdi.
31 Şeýdip, Ýehoşapat Ýahuda patyşalyk etdi. Ýehoşapat patyşa bolanda otuz bäş ýaşyndady. Ol ýigrimi bäş ýyl Iýerusalimde patyşalyk etdi, onuň ejesiniň ady Azubady. Ol Şilhiniň gyzydy.
32 Ýehoşapat Rebbiň nazarynda dogry işleri edip, kakasy Asanyň ýollaryndan ýöräp, ondan çykmady.
33 Emma Ýahudadaky sežde edilýän ýerler entek hem doly aýrylmandy. Halk entek hem ýüregini ata-babalarynyň Hudaýyna baglamandy.
34 Ýehoşapatyň başdan-aýak eden ähli işleri barada Hananynyň ogly Ýehuwyň işlerinde – Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
35 Ömrüniň ahyrynda Ýahudanyň patyşasy Ýehoşapat pis işleri eden Ysraýyl patyşasy Ahazýa goşuldy.
36 Ýehoşapat Tarşyşa gidýän gämileri ýasamak üçin Ahazýa goşuldy. Olar gämileri Esýongeberde ýasadylar.
37 Onsoň Mareşadan bolan Dodawahunyň ogly Eligezer Ýehoşapata garşy pygamberlik edip: «Ahazýa goşulandygyň üçin Reb seniň ýasan zadyňy ýok eder» diýdi. Gämiler çagşap, olar Tarşyşa gidip bilmediler.




Chapter 21

1 Ýehoşapat ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ýoram onuň ýerine patyşa boldy.
2 Ýoramyň inileri şulardy: Azarýa, Ýehiýel, Zakarýa, Azarýa, Mikaýyl we Şepatýa. Bular Ýehoşapatyň ogullarydy.
3 Olaryň kakasy ogullaryna Ýahudadaky galalar bilen birlikde kümüşden, altyndan we gymmatbaha zatlardan ybarat bolan köp sowgatlar beripdi. Emma Ýehoşapat patyşalygy Ýorama beripdi. Ýoram onuň nowbahar ogludy.
4 Ýoram kakasynyň tagtyna çykyp, patyşalygyny berkidensoň, ol ähli inilerini hem-de Ysraýylyň käbir baştutanlaryny gylyçdan geçirdi.
5 Ýoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime sekiz ýyl patyşalyk etdi.
6 Ahabyň nesilleriniň edişi ýaly, Ýoram-da Ysraýyl patyşalarynyň ýollaryndan ýöredi, çünki Ahabyň gyzy onuň aýalydy. Ýoram Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.
7 Emma Reb Dawuda onuň nesillerinden biriniň ömürlik tagtda oturjakdygyny wada berendigi we Öz guly Dawut bilen äht edendigi üçin Ýahudany derbi-dagyn etmek islemedi. Edomyň gozgalaňy
8 Ýoramyň döwründe edomlar gozgalaň turzup, Ýahudanyň gol astyndan çykdylar we özlerine bir patyşa goýdular.
9 Onsoň Ýoram söweş arabalarynyň serkerdeleri bilen gitdi. Edomlar Ýoram bilen onuň serkerdeleriniň daşyny gabadylar, ýöne Ýoram ýanyndakylar bilen gije edomlaryň içinden geçip, gaçdylar.
10 Şeýdip, Edom şu güne çenli hem Ýahuda garşy gozgalaň turzup, oňa garaşsyz bolup gelýär. Edil şol wagtda Libna galasy hem Ýahudanyň garşysyna uruş turuzdy, çünki Ýoram ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi ret edipdi.
11 Mundan başga-da, Ýoram Ýahuda daglygyndaky butlara sežde edilýän ýerleri gurdy. Ol Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirip, Ýahudany azdyrdy. 12–13 Ýorama Ylýasdan ine, şu hat geldi: «Ataň Dawudyň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Sen kakaň Ýehoşapatyň we Ýahudanyň patyşasy Asanyň ýollaryna eýermän, eýsem Ysraýylyň patyşalarynyň ýollaryna eýerip, Ysraýylyň patyşasy Ahabyň Ysraýyla edişi ýaly, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirdiň. Sen şeýle hem öz maşgala agzalaryň bolan inileriňi öldürdiň. Olar senden gowudylar.
14 Ine, Reb seniň halkyň, çagalaryň, aýallaryň, ähli mal-mülkiň başyndan agyr külpet inderer.
15 Sen bolsa agyr içege keseline ýolugarsyň. Tä içegeleriň daşyna akyp çykýança, keseliň günsaýyn ýaramazlaşar“».
16 Reb piliştlileriň we efiopiýalylaryň golaýyndaky araplaryň Ýorama garşy gazabyny oýardy.
17 Olar Ýahudanyň üstüne çozup girip, patyşanyň köşgüne degişli bolan ähli mal-mülkleri, patyşanyň ogullarydyr aýallaryny alyp gitdiler. Patyşanyň körpe ogly Ýehogahazdan başga ogly galmady.
18 Bu wakalardan soň, Reb Ýoramy bejerip bolmaýan içege keseline ýolukdyrdy.
19 Iki ýyllap onuň keseli günsaýyn ýaramazlaşyp, ikinji ýylyň ahyrynda içegeleri daşyna çykyp, ol agyr jebir-sütemden ýaňa dünýäden ötdi. Onuň halky ata-babalaryna edişleri ýaly onuň hatyrasyna ot ýakmadylar.
20 Ýoram patyşa bolanda otuz iki ýaşyndady. Ol sekiz ýyl Iýerusalime patyşalyk etdi. Onuň ölümine gynanç bildiren bolmady. Olar Ýoramy Dawut galasynda jaýladylar; ýöne ony patyşalaryň mazarynda goýmadylar.




Chapter 22

1 Iýerusalimiň ilaty Ýoramyň körpe ogly Ahazýany kakasynyň ýerine patyşa etdi. Ýoramyň beýleki ogullarynyň ählisini araplar bilen düşelgä gelen leşger öldüripdi. Şeýdip, Ýoramyň ogly Ahazýa Ýahuda patyşa boldy.
2 Ahazýa patyşa bolanda kyrk iki ýaşyndady. Ol Iýerusalime bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Atalýa Ysraýylyň patyşasy Omrynyň agtygydy.
3 Ahazýa hem Ahabyň maşgalasynyň pis ýolundan ýöredi. Ahazýanyň ejesi pis iş etmekde geňeşçisidi.
4 Ahazýa hem Ahabyň maşgalasy ýaly, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Kakasy ölenden soň, Ahabyň nesilleri Ahazýanyň geňeşçisi bolup, ony heläkçilige uçratdylar.
5 Ahazýa olaryň maslahatyna eýerip, Ysraýylyň patyşasy Ahabyň ogly Ýoram bilen Aramyň patyşasy Hazaýyla garşy uruşmak üçin Ramotgilgada gitdi. Aramlylar şol ýerde Ýoramy ýaraladylar.
6 Ýoram Ramotgilgatda Hazaýyla garşy urşup ýörkä, aramlylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp geldi. Ýahuda patyşasy Ýoramyň ogly Ahazýa ýaralanan Ahabyň ogly Ýoramy görmek üçin Ýizregele gitdi.
7 Emma Ahazýanyň Ýoramyň ýanyna gelip heläk bolmagy Hudaý tarapyndandy. Ahazýa bu ýere gelip, Ýoram bilen bile Nimşiniň ogly Ýehuwyň ýanyna gitdi. Reb Ahabyň nesillerini ýok etmek üçin Ýehuwy saýlapdy.
8 Ýehu Ahabyň nesillerine höküm edýärkä, Ýahudanyň baştutanlaryna we Ahazýa hyzmat eden Ahazýanyň doganlarynyň ogullaryna duşup, olary öldürdi.
9 Ýehuwyň adamlary Ahazýany agtardylar. Ahazýa Samarýada gizlenip ýörkä tutulyp, Ýehuwyň ýanyna getirildi we öldürildi. Ony jaýlap, şeýle diýdiler: «Ahazýa Rebbi bütin kalby bilen agtaran Ýehoşapatyň agtygydyr». Ahazýanyň nesillerinden patyşalygy dolandyryp biljek adam galmandy. Ýowaş Atalýadan halas edilýär
10 Ýahuda patyşasy Ahazýanyň ejesi Atalýa öz oglunyň öldürilendigi barada eşiden dessine, Ýahudadaky ähli patyşa nesillerini ýok etdi.
11 Emma patyşanyň gyzy Ýehoşebat patyşanyň öldürilmeli şazadalarynyň içinden Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy ogurlap, ony enekesi bilen bile ýatylýan otagda goýdy. Şeýdip, Ýoram patyşanyň gyzy, ruhany Ýehoýadanyň aýaly, Ahazýa patyşanyň uýasy Ýehoşebat Ýowaşy Atalýadan gizledi we Ýowaş diri galdy.
12 Ýowaş alty ýyllap Ýehoşebat bilen Hudaýyň öýünde gizlenip gezdi. Şol döwürde Atalýa ýurt




Chapter 23

1 Ýedinji ýylda Ýehoýada gaýrata galyp, ýüzbaşylar Ýerohamyň ogly Azarýa, Ýehohananyň ogly Ysmaýyl, Obediniň ogly Azarýa, Adaýanyň ogly Magaseýa we Zikriniň ogly Elişapat bilen äht edişdi.
2 Ýüzbaşylar Ýahuda aýlanyp, Ýahudanyň ähli şäherlerinden lewileri we ysraýylyň tirebaşylaryny toplap, Iýerusalime geldiler.
3 Onsoň bütin jemagat Hudaýyň öýünde patyşanyň ogly bilen äht edişdi. Ýehoýada olara şeýle diýdi: «Ine, bu patyşanyň ogludyr. Rebbiň Dawudyň ogullary barada beren wadasyna görä patyşalyk eder.
4 Siziň etmeli işiňiz şudur: Sabat güni hyzmata gelýän ruhanylaryň we lewileriň üçden biri derwezeban bolsun.
5 Üçden biriňiz patyşanyň köşgünde, üçden biriňiz Bina derwezesinde, tutuş halk hem Rebbiň öýüniň howlusynda bolsun.
6 Rebbiň öýüne ruhanylardan we hyzmat edýän lewilerden başga hiç kim girmesin. Ruhanylar bilen lewiler girip bilerler, çünki olar mukaddesdirler. Ýöne bütin halk Rebbiň görkezmelerini berjaý etsin.
7 Lewileriň ählisiniň eli ýaragly bolup, olar patyşanyň daşyny gurşasyn. Öýe ýakynlaşan adam öldürilsin. Patyşa girende-çykanda onuň ýanynda boluň». Ýowaş patyşalyga bellenýär
8 Lewiler we bütin ýahuda halky Ýehoýada ruhanynyň tabşyran zatlaryny aýdyşy ýaly ýerine ýetirdiler. Olaryň hersi öz adamlaryny Sabat güni nobatçylyk edenleri-de, etmedikleri-de alyp geldiler, Ýehoýada ruhany toparlaryň hiç birini goýbermedi.
9 Ýehoýada ruhany Dawut patyşanyň Hudaýyň öýündäki naýzalaryny, uly we kiçi galkanlaryny serkerdelere berdi.
10 Ýehoýada bütin halky patyşany goramak üçin öýüň daş-töwereginde, gurbanlyk sypasynyň we öýüň töwereginde garawul hökmünde goýdy, olaryň hersiniň elleri ýaraglydy.
11 Onsoň Ýehoýada patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtini berdi. Ýehoýada bilen onuň ogullary Ýowaşyň başyna ýag çalyp, ony patyşalyga bellediler. Ony patyşa diýip yglan edip: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar. Atalýa öldürilýär
12 Atalýa halkyň ylgaşyp, patyşany alkyşlaýanyny eşidende, halkyň ýanyna, Rebbiň öýüne geldi.
13 Görse, ine, patyşa girelgede öz sütüniniň ýanynda durdy. Serkerdelerdir surnaýçylar-da patyşanyň ýanyndadylar. Ýurduň bütin halky şatlanyp, surnaý çalýardy, nagmaçylar hem öz saz gurallary bilen alkyş aýdýardylar. Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Haýynlyk! Haýynlyk!» diýip gygyrdy.
14 Onsoň Ýehoýada ruhany goşun ýüzbaşylaryna: «Atalýany bu ýerden çykaryň. Onuň yzyna eýereni gylyçdan geçiriň» diýip buýruk berdi. Çünki ruhany: «Goý, ol Rebbiň öýünde öldürilmesin» diýipdi.
15 Şeýdip, olar Atalýany tutdular. Ony At derwezesinden patyşanyň köşgüne getirip, şol ýerde öldürdiler. Ýehoýadanyň dini üýtgeşmeleri
16 Halk Rebbiň halky bolar ýaly, Ýehoýada özüniň, bütin halkyň we patyşanyň arasynda äht etdi.
17 Onsoň bütin halk Bagalyň buthanasyna baryp, ony ýykdy. Ondaky gurbanlyk sypalaryny, butlary döwüp, bölek-bölek edip taşladylar. Olar Bagalyň ruhanysy Matany gurbanlyk sypalarynyň öňünde öldürdiler.
18 Ruhany Rebbiň öýüne gözegçilik etmek işine ruhanylary we lewileri belledi. Dawut olary Rebbiň öýüne gözegçilik etmäge belläpdi. Olar Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Dawudyň tabşyrygy boýunça şadyhorramlyk we aýdym-saz bilen Rebbe ýakma gurbanlyklar hödürlemelidiler.
19 Ýehoýada Rebbiň öýüne hiç bir haram adam girmez ýaly, onuň derwezesinde garawullar goýdy.
20 Ýehoýada ruhany ýüzbaşylary, han-begleri, halkyň häkimlerini, ýurduň bütin halkyny özi bilen alyp gitdi. Olar patyşany Rebbiň öýünden alyp, ýokarky derwezäniň üsti bilen köşge getirdiler. Ýowaşy şa tagtynda oturtdylar.
21 Şeýdip, ýurduň bütin ilaty şat boldy. Atalýa gylyçdan geçirilenden soň, şäherde ümsümlik boldy.




Chapter 24

1 Ýowaş patyşalyk edip başlanda ýedi ýaşyndady. Ol kyrk ýyllap Iýerusalimde patyşalyk etdi. Onuň ejesi Beýerşebadan bolup, ady Sibýady.
2 Ýowaş Ýehoýada ruhanynyň bütin ömrüne Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.
3 Ýehoýada Ýowaşa iki aýal alyp berdi; Ýowaş olardan ogullardyr gyzlar gördi.
4 Mundan soň Ýowaş Rebbiň öýüni dikeltmegi ýüregine düwdi.
5 Ýowaş ruhanylary we lewileri ýygnap, olara şeýle diýdi: «Ýahudanyň şäherlerine gidiň-de, Hudaýyňyzyň öýüni her ýyl bejermek üçin bütin ysraýyl halkyndan pul toplaň. Bu işi dessine ýerine ýetiriň». Emma lewiler howlukmadylar.
6 Şeýdip, Ýowaş patyşa Ýehoýada baştutany çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Näme üçin Rebbiň guly Musanyň ysraýyl halkyna Äht çadyry üçin salan salgydyny Ýahudadan we Iýerusalimden getirmekligi lewilerden talap etmediň?»
7 Pis aýal Atalýanyň ogullary Hudaýyň öýüne urup girip, Rebbiň öýündäki mukaddes zatlary Bagal butlaryna sežde etmekde ulanypdylar.
8 Patyşa sandyk ýasamagy buýurdy. Sandygy ýasap, ony Rebbiň öýüniň derwezesiniň agzynda goýdular.
9 Hudaýyň guly Musanyň çölde ysraýyl halkyna salan salgydynyň Reb üçin getirilmelidigi Ýahudada we Iýerusalimde yglan edildi.
10 Ähli baştutanlar we bütin halk şadyhorramlyk bilen salgytlaryny getirip, tä sandyk dolýança, oňa atdylar.
11 Lewiler sandygy patyşanyň emeldarlaryna getirip berenlerinde, onuň içinde köp puluň toplanandygyny görýärdiler. Patyşanyň kätibi bilen baş ruhany gelip, sandygy boşadyp, ony äkidip öz ýerinde goýardylar. Olar her gün şeýle edip, gaty köp pul topladylar.
12 Patyşa we Ýehoýada puly Rebbiň öýünde işleýän işçilere gözegçilik edýänlere berdiler. Olar hem şol puldan neçjarlara, ussalara, şeýle hem, demir we bürünç ussalaryna Rebbiň öýüni bejermek üçin iş hakyny tölediler.
13 Gözegçiler öz işlerini etdiler. Olaryň bejeriş işleri rowaç aldy. Olar Hudaýyň öýüni öňki halyna getirip, ony berkitdiler.
14 Olar işi tamamlanlaryndan soň, galan puly patyşa we Ýehoýada ruhana getirip berdiler. Galan puldan Rebbiň öýi üçin enjamlary, hyzmat üçin we ýakma gurbanlyk bermek üçin enjamlar, jamlar, altyn we kümüş esbaplar ýasadylar. Olar Ýehoýadanyň ömrüniň dowamynda hemişe Rebbiň öýünde ýakma gurbanlyklar hödür etdiler. Ýehoýadanyň ölüminden soňky wakalar
15 Ýehoýada garrap, ýaşy bir çene ýetip, bir ýüz otuz ýaşynda dünýäden ötdi.
16 Ýehoýadany Ysraýylda Hudaý we Onuň öýi üçin eden gowy işleri sebapli Dawut galasynda patyşalaryň ýanynda jaýladylar.
17 Ýehoýada ölenden soň, Ýahudanyň baştutanlary gelip, patyşa tagzym etdiler. Patyşa olara gulak asdy.
18 Olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi terk edip, Aşera we beýleki butlara gulluk etdiler.
19 Reb olary Özüne tarap öwürmek üçin olaryň arasyna pygamberler iberdi. Pygamberler olaryň garşysyna şaýatlyk etdiler, ýöne olar gulak asmadylar.
20 Onsoň Ýehoýada ruhanynyň ogly Zakarýanyň üstüne Hudaýyň ruhy indi. Zekarýa halkyň öňünde dik durup, şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Näme üçin Rebbiň tabşyryklaryny terk edýärsiňiz? Siziň işiňiz rowaç almaz. Rebbi terk edendigiňiz üçin, Ol hem sizi terk etdi“».
21 Emma halk Zekarýanyň garşysyna dil düwşüp, ony patyşanyň tabşyrygy bilen Rebbiň öýüniň howlusynda daşlap öldürdi.
22 Patyşa Ýowaş Zekarýanyň kakasy Ýehoýadanyň özüne eden ýagşylyklaryny ýatlaman, onuň ogluny öldürdi. Zekarýa ölüm ýassygyndaka: «Reb muny görüp, hasabyny sorasyn!» diýdi.
23 Ýylyň ahyrynda Aram goşuny Ýowaşyň garşysyna çykdy. Olar Ýahuda we Iýerusalime gelip, halkyň baştutanlarynyň baryny ýok etdiler. Olardan alnan ähli oljany Damaskdaky patyşa iberdiler.
24 Aramlylaryň goşuny az hem bolsa, Reb Ýahudanyň uly goşunyny olaryň eline berdi, çünki Ýahudanyň halky ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi terk edipdiler. Şeýdip, olar Ýowaşy jezalandyrdylar.
25 Aramlylar Ýowaşa agyr ýara salyp, onuň ýanyndan gidenlerinden soň, Ýowaşyň öz nökerleri Ýehoýada ruhanynyň oglunyň gany üçin ar almaga onuň garşysyna dildüwşük gurap, ony düşeginde öldürdiler. Şeýdip, Ýowaş öldi. Ýowaşy Dawut galasynda jaýladylar, ýöne ony patyşalaryň ýanynda jaýlamadylar.
26 Ýowaşyň garşysyna dildüwşük guranlar: ammonly aýal Şimgatyň ogly Zabat, mowaply aýal Şimritiň ogly Ýehozabatdy.
27 Ýowaşyň ogullary, Ýowaşa garşy edilen köp çykyşlar we Hudaýyň öýüniň täze gurluşygy patyşalaryň taryh kitabynda ýazylandyr. Ýowaşyň ýerine ogly Amazýa patyşa boldy.




Chapter 25

1 Amazýa patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde ýigrimi dokuz ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Iýerusalimli bolup, ady Ýehogadandy.
2 Amasýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi, ýöne bu çyn ýürekden däldi.
3 Amasýa patyşalygyny kuwwatlandyryp, öz kakasyny öldüren nökerleri öldürdi.
4 Emma Musanyň Töwrat kitabynda berlen tabşyryklary berjaý edip, Amasýa kakasyny öldüren nökerleriň çagalaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Ene-atalar çagalarynyň günäsi üçin öldürilmesin, çagalar-da ene-atalarynyň günäleri üçin öldürilmesin, her kim öz günäsi üçin öldürilsin» diýip tabşyryk beripdi. Edomlara garşy uruş
5 Amazýa ýahuda halkyny ýygnap, ähli ýahudalary we benýaminleri uruglaryna görä müňbaşylaryň we ýüzbaşylaryň baştutanlygy astynda goýdy. Ýigrimi we ondan ýokary ýaşlylary sanap, olardan naýza we galkan göterip, söweşip biljek üç ýüz müň saýlama esger tapdy.
6 Amasýa ýüz ýetmiş batman kümşe Ysraýyldan ýüz müň batyr ýigidi hakyna tutdy.
7 Emma Hudaýyň bir adamy gelip, Amasýa şeýle diýdi: «Eý, patyşa! Ysraýyl goşuny seniň bilen gitmesin. Reb ysraýyl halky, ýagny ähli efraýymlar bilen däldir.
8 Eger efraýymlar seniň bilen gitseler, sen edermenlik bilen söweşseň-de, Hudaý seniň duşmanlaryňa ýeňiş berer, çünki ýeňiş berýän-de, ýeňlişe sezewar edýän-de Hudaýdyr».
9 Amazýa Hudaýyň adamyna: «Ysraýyl goşunyna beren ýüz ýetmiş batman kümşüm bilen näme etmeli?» diýdi. Hudaýyň adamy: «Reb saňa ondan hem artyk berip biler» diýip jogap berdi.
10 Onsoň Amazýa Efraýymdan gelen goşuny boşadyp, ony yzyna goýberdi. Emma olaryň Ýahuda garşy gazaby lowlap, gahar-gazap bilen öýlerine dolandylar.
11 Amazýa güýç toplap, öz goşunyna baş bolup, Duz deresine gitdi we ol ýerde Segir halkyndan on müň adamy öldürdi.
12 Ýahudanyň esgerleri ýene on müň adamy diriligine tutup, olary gaýanyň depesine çykaryp, şol ýerden aşak taşladylar. Olar bölek-bölek boldular.
13 Emma Amazýanyň özi bilen urşa gitmesin diýip yzyna iberen goşunynyň esgerleri Samarýadan Beýthorona çenli bolan Ýahuda şäherlerine hüjüm edip, üç müň adamy öldürdiler we köp olja aldylar.
14 Amazýa edomlylardan üstün çykyp gelende, Segir halkynyň hudaýlaryny getirip, olary öz hudaýlary hökmünde goýup, olara sežde edip, olara gurbanlyklar ýakdy.
15 Rebbiň Amazýa gahary gelip, onuň ýanyna bir pygamber iberdi. Pygamber Amasýa: «Näme üçin sen öz halkyny seniň eliňden halas edip bilmedik halkyň taňrylaryna sežde edýärsiň?» diýdi.
16 Pygamber sözleýärkä, patyşa oňa: «Biz seni patyşa maslahatçy edip belledikmi? Bes et! Ýogsam öldürilersiň» diýdi. Pygamber: «Seniň şeýle edip, meniň maslahatyma gulak goýmandygyň üçin Hudaýyň seni öldürmegi karar edendigini men bilýärin» diýip, sözüni bes etdi. Ysraýyla garşy uruş
17 Onsoň Ýahuda patyşasy Amazýa maslahatlaşyp, Ýehogahazyň ogly, Ýehuwyň agtygy Ysraýyl patyşasy Ýowaşa çapar ýollap: «Gel, ýüzbe-ýüz bolaly» diýdi.
18 Ysraýyl patyşasy Ýowaş Ýahuda patyşasy Amazýanyň ýanyna adam iberip, şeýle diýdi: «Liwandaky ýandak Liwandaky kedr agajyna sawçy ýollap: „Gyzyňy meniň ogluma ber“ diýip sorapdyr. Emma Liwandaky bir wagşy haýwan geçip barýarka, ýandagy depeläpdir.
19 Sen: „Ine, men edomlardan üstün çykdym“ diýip öwnüp, muňa buýsanýarsyň. Sen öýüňde otur. Näme üçin sen özüňiň we ýahudalaryň başyňa bela getirmegine bahana agtarýarsyň?»
20 Emma Amazýa muňa gulak asmady. Bu zatlar ýahudalary duşmanlarynyň eline bermek üçin Hudaý tarapyndan edilipdi, sebäbi olar Edom hudaýlaryna sežde edipdiler.
21 Şeýdip, Ysraýyl patyşasy Ýowaş öz goşuny bilen Ýahuda patyşasy Amazýanyň üstüne gitdi. Ýowaş Ýahudanyň Beýtşemeş diýen ýerinde Amasýa garşy uruşda onuň bilen ýüzbe-ýüz sataşdy.
22 Ýahudalar ysraýyl halkyndan ýeňlip, hersi öz çadyrlaryna gaçyp gitdiler.
23 Ysraýyl patyşasy Ýowaş Ahazýanyň agtygy, Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýany Beýtşemeşde tutup, Iýerusalime getirdi. Ýowaş Iýerusalimiň diwarynyň Efraýym derwezesinden Künç derwezesine çenli dört ýüz tirsek aralygyny ýykdy.
24 Ýowaş Obetedomyň ygtyýaryndaky Hudaýyň öýündäki altyn-kümşüň, enjamlaryň baryny we patyşanyň köşgündäki hazynalary, bulardan daşary-da girew alan adamlaryny alyp, Samarýa dolanyp geldi. Amasýanyň ölümi
25 Ýowaşyň ogly Ýahuda patyşasy Amazýa, Ýehogahazyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýowaş ölenden soň on bäş ýyl ýaşady.
26 Amazýanyň başdan-aýak eden ähli işleri Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
27 Amazýanyň Rebbiň yzyna eýermekden ýüz öwren pursatyndan başlap, Iýerusalimde onuň garşysyna dildüwşük guraldy. Onsoň Amasýa Lakyşa gaçyp gitdi. Emma onuň yzyndan Lakyşa adam iberip, olar ony şol ýerde öldürdiler.
28 Onsoň Amazýanyň jesedini atlara ýükläp getirdiler-de, ony Ýahuda şäherinde atalarynyň ýanynda jaýladylar.




Chapter 26

1 Bütin ýahuda halky on alty ýaşly Uzyýany alyp, ony kakasy Amazýanyň deregine patyşa etdi.
2 Patyşa Amazýa ata-babalaryna gowuşandan soň, Uzyýa Eloty täzeden gurup, ony Ýahuda gaýtaryp berdi.
3 Uzyýa patyşa bolanda on alty ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli iki ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýekolýa Iýerusalimlidi.
4 Uzyýa öz kakasy Amazýa ýaly, Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.
5 Özüne Hudaýdan gorkmaklygy öwreden Zakarýanyň bütin ömrüne Uzyýa Hudaýy agtardy. Rebbi agtaran döwürlerinde Hudaý Uzyýanyň işine rowaçlyk berdi.
6 Uzyýa gidip, piliştlilere garşy urşup, Gatyň, Ýabnäniň we Aşdotyň diwarlaryny ýykdy. Ol Aşdotyň töwereginde we Piliştiň beýleki çäklerinde galalar gurdy.
7 Piliştlilere, Gurbagalda ýaşan araplara we megunlara garşy alyp barýan uruşlarynda Hudaý Uzyýa ýardam etdi.
8 Ammonlar Uzyýa salgyt tölediler. Uzyýa has güýçlenip, şan-şöhraty Müsüriň çäklerine çenli ýaýrady.
9 Şeýle hem, Uzyýa Iýerusalimdäki Künç, Dere we Burç derwezelerinde diňler gurup, olary berkitdi.
10 Uzyýa çölde-de diňler gurup, köp howdan guýulary gazdyrdy. Onuň günbatar baýyrlykda we düzlükde uly mal sürüsi bardy, daglarda we mes toprakly ýerlerde daýhanlary we üzüm bagbanlary bardy. Uzyýa daýhançylyk etmegi söýýärdi.
11 Uzyýanyň söweşe ukyply esgerleri bardy. Olar patyşanyň serkerdelerinden bolan Hananýanyň gol astyndaky kätip Ýegiýel we serkerde Magaseýanyň tarapyndan geçirilen tükellemäniň sanyna görä topar-topar bolup söweşe çykdylar.
12 Batyr ýigitleriň urugbaşylarynyň umumy sany iki müň alty ýüzdi.
13 Olaryň gol astynda üç ýüz ýedi müň bäş ýüz esgerden ybarat goşun bardy. Olar uly güýç bilen duşmana garşy söweş edip, patyşa ýardam ederdiler.
14 Uzyýa tutuş goşuny galkanlar, naýzalar, tuwulgalar, sowutlar, ýaýlar we sapan daşlary bilen üpjün etdi.
15 Uzyýa diňleriň we diwar burçlarynyň üstünden oklar we uly daşlar atmaga ukyply adamlar tarapyndan oýlanyp tapylan desgalaryny Iýerusalimde goýdy. Onuň şan-şöhraty uzaklara ýaýrady. Oňa uly ýardam edilip, ol juda güýçlendi. Uzyýa heläkçilige uçraýar
16 Uzyýa kuwwatlananda, gopbamsylyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi.
17 Ruhany Azarýa Rebbiň segsen batyr ruhanysy bilen Uzyýanyň yzyndan girdi.
18 Olar Uzyýa patyşa garşy çykyp, oňa şeýle diýdiler: «Eý, Uzyýa, Rebbe ýakymly ysly tütetgi ýakmak seniň işiň däl, ol Harunyň neslinden bolan, mukaddes edilen ruhanylaryň işidir. Sen mukaddes öýden çyk, çünki sen hyýanat etdiň. Bu iş saňa Beýik Hudaýdan hormat getirmez».
19 Uzyýa gazaplandy; ol ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypanyň ýanynda, Rebbiň öýündäki ruhanylaryň öňünde tütetgi ýakmak üçin durdy. Ol ruhanylara gazaplananda, onuň maňlaýynda heýwere keseli peýda boldy.
20 Baş ruhany Azarýa bilen beýleki ruhanylaryň hemmesi Uzyýa seredenlerinde, onuň maňlaýyndaky heýwere keselini gördüler. Olar ony ol ýerden tiz çykardylar. Uzyýanyň özi hem, ol ýerden dessine çykmak bilen boldy, çünki Reb ony şeýle heläkläpdi.
21 Uzyýa patyşa tä ölýänçä, heýwere keselinden ejir çekip, aýratyn ýerde ýaşady, ol Rebbiň öýünden çetleşdirilipdi. Patyşanyň ogly Ýotam ýurtdaky halka baştutanlyk edip, köşgi dolandyrdy.
22 Uzyýanyň başdan-aýak eden işleriniň bary barada Amozyň ogly Işaýa pygamber ýazdy.
23 Uzyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ony atalarynyň ýanynda patyşalara degişli bolan mazarlykda jaýladylar, çünki ol «heýwere keselli» diýdiler. Ogly Ýotam onuň ýerine patyşa boldy.




Chapter 27

1 Ýotam patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýeruşa Sadogyň gyzydy.
2 Ýotam kakasy Uzyýa ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi; emma ol Rebbiň ybadathanasyna girmedi. Halk entek hem erbet işleri edýärdi.
3 Ýotam Rebbiň öýüniň demirgazyk derwezesini gurdy. Ofel diwarynyň üstünde hem köp gurluşyk işlerini etdi.
4 Bulardan daşary-da, Ýotam Ýahuda daglarynda şäherler gurdy we tokaýlyklarda galalar we diňler saldy.
5 Ýotam ammonlaryň patyşasyna garşy urşup, olardan üstün çykdy. Ammonlar şol ýyl Ýotama ýüz ýetmiş batman kümüş, ýigrimi bäş müň çuwal bugdaý we on müň ölçeg arpa berdiler. Ammonlar oňa ikinji we üçünji ýylda ýene şonça mukdarda berdiler.
6 Hudaýy Rebbiň öňünde wepalylygyny saklandygy üçin Ýotam kuwwatlandy.
7 Ýotamyň beýleki işleri, ähli alyp baran uruşlary hem-de eden işleri Ysraýyl we Ýahuda patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
8 Ýotam patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi.
9 Ýotam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Ogly Ahaz onuň ýerine patyşa boldy.




Chapter 28

1 Ahaz patyşa bolanda ýigrimi ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Ahaz atasy Dawut ýaly bolmady, ol öz Hudaýy Rebbiň nazarynda dogry işleri etmedi.
2 Ahaz Ysraýyl patyşalarynyň ýoly bilen ýöredi. Ol hatda Bagal hudaýy üçin guýma butlar ýasady.
3 Ahaz Benhinnom deresinde ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogullaryny otdan geçirdi.
4 Ol sežde edilýän ýerlerde we her gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy. Aram we Ysraýyl bilen uruş
5 Şonuň üçin hem Hudaýy Reb Ahazy Aram patyşasynyň eline berdi. Aram patyşasy Ahazdan üstün çykyp, onuň köp sanly adamlaryny ýesir alyp, olary Damaska getirdi. Ol Ysraýyl patyşasynyň hem eline berildi. Ysraýyl patyşasy Ahaza agyr zarba urdy.
6 Remalýanyň ogly Peka Ýahudada bir ýüz ýigrimi müň edermen esgeri bir günde öldürdi, çünki olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi terk edipdiler.
7 Efraýymyň batyr ýigidi Zikri patyşanyň ogly Magaseýany, patyşa köşgüniň emeldary Azrikamy we patyşadan soň ikinji adam bolan Elkanany öldürdi.
8 Ysraýyllar öz doganlaryndan iki ýüz müň erkegi, aýallary, ogullardyr gyzlary ýesir aldylar, ysraýyllar şeýle hem olardan köp olja alyp, oljalary Samarýa getirdiler.
9 Emma Rebbiň bir pygamberi bardy, onuň ady Odetdi. Odet Samarýa gelen goşunyň ýanyna gelip, olara şeýle diýdi: «Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Reb Ýahuda gazaplanany üçin olary siziň eliňize berdi. Emma siz göge ýeten gazap bilen olary öldürdiňiz.
10 Indi siz Ýahudanyň we Iýerusalimiň halklaryny: aýaldyr-erkekleri gul-gyrnak hökmünde özüňize tabyn etjek bolýarsyňyz. Eýsem Hudaýyňyz Rebbiň öňünde siziň özüňiz ýazyksyzmy näme?
11 Indi maňa gulak asyň-da, garyndaşlaryňyzdan alan ýesirleriňizi yzyna iberiň, çünki Rebbiň gahar–gazaby siziň üstüňizdedir».
12 Şeýle hem, efraýymlardan bolan käbir baştutanlar: Ýehonananyň ogly Azarýa, Meşillemotyň ogly Berekýa, Şalumyň ogly Hizkiýa we Hadlaýyň ogly Amasýa dagy uruşdan gelýänleriň garşysyna çykyp, olara:
13 «Ýesirleri bu ýere getirmäň. Bu biziň günälerimizi we ýazyklarymyzy artdyryp, Rebbe garşy günä etdigimiz bolar. Biziň ýazygymyz eýýäm gaty juda çökderdir. Rebbiň gazaby Ysraýyla garşy lowlaýandyr» diýdiler.
14 Şeýdip, esgerler ýesirleri we oljalary baştutanlaryň, bütin jemagatyň ýanynda goýup gitdiler.
15 Onsoň ady agzalanlar turup, ýesirleri aldylar-da, olaryň arasyndaky ýalaňaçlaryna oljalardan eşikler alyp geýdirdiler. Olara eşik, çaryk geýdirip, iýmit we suw bilen üpjün etdiler; ýaralaryna ýag çaldylar; ýarawsyzlaryny eşege mündürip, Ýeriho Palma galasyndaky garyndaşlaryna getirip, soň yzlaryna–Samarýa dolandylar. Aşur Ýahuda kömek etmekden ýüz öwürýär
16 Şol wagtlarda Ahaz patyşa kömek sorap, Aşur patyşasynyň ýanyna adam ýollady.
17 Edomlylar ýene-de çozup, Ýahudadan üstün çykypdy, olary ýesir edip äkidipdiler.
18 Piliştliler Ýahudanyň günbatar baýyrlaryndaky we Negep çölündäki şäherlerine hüjüm edip, Beýtşemeşi, Aýalony, Gederoty, Sokony ýanyndaky obalary bilen, Timnany ýanyndaky obalary bilen, Gomzony ýanyndaky obalary bilen basyp alyp, şol ýerlerde mesgen tutupdylar.
19 Ysraýyl patyşasy Ahaz zerarly Reb Ýahudany kiçeldipdi, çünki Ahaz Ýahudada azgynlyk edip, Rebbe hyýanat edipdi.
20 Şeýdip, Aşur patyşasy Tilgatpilneser Ahazyň garşysyna çykyp, oňa ýardam etmegiň deregine zulum etdi.
21 Ahaz Rebbiň öýüni, patyşanyň köşgüni we emeldarlaryň öýlerini talap, olardan Aşur patyşasyna salgyt töledi; emma bu Ahaza kömek etmedi. Ahazyň günäleri
22 Ahaz patyşa betbagtçylykly pursatlarynda Rebbe hyýanatçylygyny has-da artdyrdy.
23 Ahaz özüni ýeňlişe sezewar eden Damask hudaýlaryna gurbanlyk berip, şeýle diýdi: «Aşur patyşalarynyň hudaýlarynyň olara ýardam edişleri ýaly, maňa-da ýardam etmekleri üçin, men olara gurbanlyk bererin». Emma ol hudaýlar Ahazyň we tutuş Ysraýylyň başyndan betbagtçylyk inderdi.
24 Ahaz Hudaýyň öýündäki enjamlary toplap, olary döwüp bölek-bölek etdi. Ol Rebbiň öýüniň gapylaryny gulplady. Ahaz Iýerusalimiň her künjeginde özi üçin gurbanlyk sypalaryny ýasady.
25 Başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin Ýahudanyň her şäherinde sežde edilýän ýerler gurup, ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň gaharyny getirdi.
26 Ahazyň başdan-aýak eden ähli işleri Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
27 Ahaz ata-babalaryna gowuşdy. Ol Iýerusalim şäherinde jaýlandy. Emma Ahazy Ysraýyl patyşalarynyň mazaryna getirmediler. Ogly Hizkiýa onuň ýerine patyşa boldy.




Chapter 29

1 Hizkiýa patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde ýigrimi dokuz ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Abyýa Zakarýanyň gyzydy.
2 Ol atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. Rebbiň öýi tämizlenýär
3 Patyşalygynyň birinji ýylynyň birinji aýynda, Hizkiýa Rebbiň öýüniň gapylaryny açyp, ony bejerdi.
4 Ol ruhanylardyr lewileri çagyryp, olary gündogar tarapdaky açyk meýdana toplady.
5 Hizkiýa olara: «Lewiler, maňa gulak asyň! Iniňizizi tämizleniň we Rebbiň öýüni mukaddes edip, mukaddes ýerden murdarlygy aýryň.
6 Çünki biziň ata-babalarymyz Rebbe hyýanat edip, Onuň nazarynda pis işleri etdiler; Rebbi terk edip, Onuň mesgeninden ýüz dönderip, ýeňselerini öwürdiler.
7 Olar eýwanyň gapylaryny hem gulplap, çyralary öçürdiler. Mukaddes ýerde Ysraýylyň Hudaýyna ýakymly ysly tütetgi ýakmadylar, ýakma gurbanlyk bermediler.
8 Şonuň üçin hem, Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstünden Rebbiň gazaby indi. Öz gözüňiz bilen görşüňiz ýaly, olary ile elhençlik, geň-täsinlik we gülki etdi.
9 Şu sebäpli, biziň atalarymyz gylyçdan öldüler, ogullarymyzdyr gyzlarymyz we aýallarymyz ýesirlikdedir.
10 Indi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň güýçli gazaby bizden sowlar ýaly, men Onuň bilen äht edişmegi ýüregime düwdüm.
11 Ogullarym, siz geleňsizlik etmäň, çünki Reb sizi Öz huzurynda durup hyzmat etmegiňiz üçin, Öz hyzmatkärleri bolup, ýakymly ysly tütetgi ýakmagyňyz üçin sizi saýlady».
12 Onsoň lewilerden ine, şular ýerlerinden turdy: Kohadyň nesillerinden: Amasaýyň ogly Mahat we Azarýanyň ogly Ýowel; Merarynyň nesillerinden: Abdynyň ogly Kiş, Ýehaleliň ogly Azarýa; Gerşonyň nesillerinden: Zimanyň ogly Ýowa, Ýowanyň ogly Eden;
13 Elisapanyň nesillerinden: Şimri we Ýegiýel; Asafyň nesillerinden: Zakarýa we Matanýa;
14 Heýmanyň nesillerinden: Ýehiýel we Şimeý; Ýedutunyň nesillerinden: Şemaýa we Uzyýel.
15 Olar doganlaryny toplap, inlerini tämizläp, Rebbiň sözüne görä patyşanyň tabşyryşy ýaly, Rebbiň öýüni tämizlemek üçin ol ýere girdiler.
16 Ruhanylar Rebbiň öýüni tämizlemek üçin içine girip, ybadathanadan tapan ähli murdar zatlaryny Rebbiň öýüniň howlusyna çykardylar. Lewiler hem olary alyp, Kidron çaýyna äkitdiler.
17 Birinji aýyň birinji gününde mukaddes etme işine başladylar, aýyň sekizine Rebbiň eýwanyna ýetdiler. Sekizinji gün olar Rebbiň öýüni mukaddes etdiler we birinji aýyň on altysy güni işi tamamladylar.
18 Onsoň olar patyşa Hizkiýanyň ýanyna girip: «Biz tutuş Rebbiň öýüni, ýakma gurbanlyk sypasyny, ähli enjamlary we hödür çörekleri goýulýan hantagtany, ähli enjamlaryny doly tämizledik.
19 Ahaz patyşanyň höküm sürýän döwründe haýynlyk edip, aýryp taşlan ähli enjamlaryny taýynlap, mukaddes etdik. Olar Rebbiň gurbanlyk sypasynyň öňündedir» diýdiler.
20 Onsoň Hizkiýa irden turup, şäheriň baştutanlaryny ýygnap, Rebbiň öýüne gitdi.
21 Olar patyşalyk, mukaddes öý we ýahuda halky üçin günä gurbanlygy hökmünde ýedi öküz, ýedi goç, ýedi guzy we ýedi teke getirdiler. Patyşa Harunyň nesillerine–ruhanylara olary gurbanlyk sypasynda Rebbe bermegi tabşyrdy.
22 Şeýdip, olar öküzleri öldürdiler; ruhanylar gany alyp, gurbanlyk sypasyna tarap serpdiler. Olar goçlary we guzulary öldürip, olaryň ganyny hem gurbanlyk sypasyna tarap serpdiler.
23 Günä gurbanlygy üçin erkeçler patyşanyň we halkyň ýanyna getirildi, olar erkeçleriň üstüne ellerini goýdular.
24 Onsoň ruhanylar erkeçleri öldürip, olaryň ganyny bütin ysraýyl halkyny günäden saplamak üçin gurbanlyk sypasynyň üstüne günä gurbanlygy hökmünde dökdüler. Çünki patyşa bütin ysraýyl halky üçin ýakma gurbanlygynyň we günä gurbanlygynyň berilmegini tabşyrypdy.
25 Dawudyň, patyşanyň görgüri Gatyň we Natan pygamberiň tabşyrygy boýunça, patyşa lewileri kimwallar, arfalardyr barbatlar bilen Rebbiň öýünde ýerleşdirdi. Bu tabşyrygy Reb pygamberleriň üsti bilen beripdi.
26 Lewiler Dawudyň saz gurallary, ruhanylar hem surnaýlary bilen durdular.
27 Onsoň Hizkiýa patyşa gurbanlyk sypasynda ýakma gurbanlyk bermegi tabşyrdy. Ýakma gurbanlyk bermäge başlanlarynda, surnaýlar we Ysraýyl patyşasy Dawudyň saz gurallary bilen Rebbe alkyş aýtmaga başladylar.
28 Bütin halk ybadat edip, aýdymçylar aýdym aýdyp, surnaýçylar surnaý çaldylar. Tä ýakma gurbanlygy tamamlanýança, aýdym-saz dowam etdi.
29 Ýakma gurbanlygy tamamlananda, patyşa we onuň ýanyndakylaryň bary ýüzlerini ýere berip ybadat etdiler.
30 Hizkiýa patyşa we onuň baştutanlary lewilere Dawudyň we Asaf görgüriň sözleri bilen Rebbe alkyş aýtmagy tabşyrdylar. Olar şatlyk bilen alkyş aýdyp, dyza çöküp ybadat etdiler.
31 Onsoň Hizkiýa: «Indi siz özüňizi Rebbe bagyş etdiňiz. Golaý geliň-de, Rebbiň öýüne gurbanlyklar, şükür gurbanlyklaryny getiriň» diýdi. Halk gurbanlyklar we şükür gurbanlyklaryny getirdiler; göwnünden çykaran her kes ýakma gurbanlyklaryny getirdi.
32 Halkyň getiren ýakma gurbanlyklarynyň sany ýetmiş öküz, ýüz goç we iki ýüz guzudy. Bularyň bary Rebbe ýakma gurbanlygyny bermek üçindi.
33 Mukaddes edilen mallaryň sany alty ýüz öküz we üç müň goýundan ybaratdy.
34 Emma ruhanylar azdyklary üçin ýakma gurbanlyklarynyň hemmesiniň derisini soýup bilmediler. Iş gutaryp, galan ruhanylar inlerini tämizleýänçäler, doganlary lewiler ruhanylara ýardam etdiler, lewiler inlerini tämizlemekde ruhanylara garanda has sap ýüreklidiler.
35 Köp sanly ýakma gurbanlyklaryndan daşary-da, salamatlyk gurbanlyklarynyň ýagy we ýakma gurbanlyklary bilen berilýän içgi sadakalary bardy. Şeýdip, Rebbiň öýüniň hyzmaty dikeldildi.
36 Hudaýyň halk üçin eden işlerine Hizkiýa we bütin halk şatlandylar, çünki bu iş tiz tamamlanypdy.




Chapter 30

1 Hizkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe Pesah baýramyny bellemek üçin Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne gelsinler diýip, bütin ysraýyl, ýahuda halklaryna habar ýollap, efraýymlara we manaşelere hem hatlar ýazdy.
2 Patyşa hem onuň baştutanlary we bütin halk Pesah baýramyny ikinji aýda bellemek barada maslahat geçiripdiler.
3 Çünki ruhanylaryň özlerini ýeterlik möçberde inlerini tämizlemändigi we halkyň Iýerusalime ýygnanmandygy sebäpli Pesahy bellenen wagtda edip bilmediler.
4 Bu niýet patyşanyň we halkyň gözüne dogry göründi.
5 Şeýdip, halk Iýerusalime gelip, Ysraýyl Hudaýy Reb üçin Pesah baýramyny bellesinler diýip, Beýerşebadan Dana çenli tutuş Ysraýylda yglan etmeli diýen karara geldiler, çünki halkyň köp bölegi Pesah baýramyny aýdylyşy ýaly ýerine ýetirmändiler.
6 Şeýdip, çaparlar patyşanyň we onuň baştutanlarynyň hatlary bilen tutuş Ysraýyla we Ýahuda aýlanyp, patyşanyň tabşyrygy boýunça şeýle diýdiler: «Eý, ysraýyllar! Ybraýymyň, Yshagyň we Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrüliň! Reb Aşur patyşasynyň elinden gutulyp, aman galanlara tarap öwrüler!
7 Atalaryňyz we doganlaryňyz ýaly atalaryňyzyň Hudaýy Rebbe biwepalyk etmäň. Görşüňiz ýaly, Reb olary elhenç zada öwürdi.
8 Atalaryňyz ýaly boýnuýogyn bolmaň. Rebbe tabyn boluň, Onuň ebedilik mukaddes eden öýüne gelip, Hudaýyňyz Rebbe hyzmat ediň. Onsoň Onuň gazaby sizden sowlar.
9 Rebbe dolansaňyz, siziň garyndaşlaryňyz we çagalaryňyz özlerini ýesir alanlaryň alnynda rehim-şepagat tapyp, öz mekanlaryna dolanyp gelerler. Çünki Hudaýyňyz Reb merhemetlidir we rehimdardyr. Rebbe dolansaňyz, Ol sizden ýüz öwürmez».
10 Şeýdip, çaparlar Efraýym hem Manaşe ýurtlarynyň üsti bilen Zebuluna çenli şäherme-şäher aýlandylar, ýöne olar çaparlaryň üstünden gülüp, olary masgaraladylar.
11 Diňe Aşerden, Manaşeden we Zebulundan käbir adamlar özlerini kiçeldip, Iýerusalime geldiler.
12 Rebbiň sözüne görä patyşanyň we baştutanlaryň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde, olara agzybirlik beren Hudaýyň eli Ýahudanyň üstündedi.
13 Ikinji aýda Petir baýramyny bellemek üçin Iýerusalime köp halk, uly märeke ýygnandy.
14 Olar işe girişip, Iýerusalimdäki gurbanlyk sypalary we ähli ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary aýryp, Kidron çaýyna taşladylar.
15 Olar ikinji aýyň on dördüne Pesah gurbanlyk guzusyny soýdular. Ruhanylar we lewiler utanyp, inlerini tämizläp, ýakma gurbanlyklaryny Rebbiň öýüne getirdiler.
16 Olar Hudaýyň adamy Musanyň kanuny boýunça, öz adaty ýerlerinde durdular. Ruhanylar lewilerden alan gurbanlyk ganlaryny serpdiler.
17 Halkyň arasynda inini tämizlemedik köp adam bardy. Şonuň üçinem lewiler tämiz bolmadyk her adam üçin Pesah gurbanlyk guzusyny soýup, gurbanlygy Rebbe bagyş etdiler. 18–19 Efraýym, manaşe, ysakar we zebulun tirelerinden bolan köp adamlar özlerini tämizlemezden, Pesah gurbanlygyndan iýdiler. Olar iýip, düzgüni bozdular. Emma Hizkiýa olar üçin dileg etdi. Hizkiýa: «Eý, merhemetli Reb, mukaddes ýeriň düzgünine görä tämiz bolmazdan ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi agtarmagy ýüregine düwen her kesi bagyşla» diýdi.
20 Reb Hizkiýanyň dilegini eşidip, halky bagyşlady.
21 Iýerusalimde bolan ysraýyl halky uly şatlyk bilen ýedi günläp Petir baýramyny belledi. Lewiler hem ruhanylar belent sesli saz gurallary bilen her gün Rebbe öwgi aýtdylar.
22 Hizkiýa Rebbiň hyzmatynda ussatlyk görkezen lewileri ruhlandyrdy. Şeýdip, olar salamatlyk gurbanlygyny berip, atalarynyň Hudaýy Rebbe şükürler aýdyp, ýedi günläp baýramçylyk iýmitlerini iýdiler.
23 Onsoň bütin halk ýene-de ýedi günläp baýram etmegi karar etdi. Şeýdip, olar ýene ýedi günläp şady-horramlykda baýram etdiler.
24 Ýahuda patyşasy Hizkiýa halka gurbanlyk üçin müň öküz, ýedi müň goýun berdi, baştutanlar hem halka müň öküz, on müň goýun berdiler. Köp sanly ruhanylar inlerini tämizlediler.
25 Bütin ýahuda halky, ruhanylar, lewiler we Ysraýyldan gelen tutuş halk, Ysraýyldan gelen keseki halklar hem-de Ýahudada mesgen tutan keseki halklar şatlandylar.
26 Iýerusalimde uly şatlyk boldy, çünki Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň döwründen bäri Iýerusalimde beýle baýram bolmandy.
27 Onsoň ruhanylardyr lewiler ýerlerinden turup, halka ak pata berdiler. Olaryň sesleri eşidilip, dilegleri gökdäki Hudaýyň mukaddes mesgenine ýetdi.




Chapter 31

1 Pesah baýramy tamamlanandan soň, ol ýerdäki bütin ysraýyl halky Ýahuda galalaryna gidip, dikme daşlary kül-owram edip, Aşera butlaryny kesdiler. Bütin Ýahudada, Benýaminde, Efraýymda we Manaşede bolan sežde edilýän ýerleri we gurbanlyk sypalarynyň ählisini ýok etdiler. Onsoň ysraýyl halkynyň hersi öz galalaryna, öz mülklerine dolandy.
2 Hizkiýa ruhanylardyr lewileriň hersini topar-topar edip, hyzmatyna görä toparlara böldi. Ruhanylar hem lewiler ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny bermek we Rebbiň düşelgesiniň derwezelerinde alkyş hem öwgi aýdyp hyzmat etmekleri üçin bellendi.
3 Rebbiň kanunynda ýazylyşy ýaly, Hizkiýa ýakma gurbanlyklar üçin ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklaryny, Sabat güni üçin, Täze Aý we beýleki baýramlar üçin ýakma gurbanlyklary öz malyndan berdi.
4 Ruhanylar, lewiler özlerini Rebbiň kanunyna bagyş eder ýaly, Hizkiýa Iýerusalimiň ilatyna ruhanylara we lewilere ondan bir bölegi bermeklerini buýurdy.
5 Patyşanyň buýrugy ýaýran badyna, ysraýyl halky dänäniň, şerabyň, ýagyň, balyň we ekin meýdanynyň ähli önümleriniň ilkinji miwelerinden bolluk bilen berdiler; hemme zatdan köp, hemme zatdan ondan birini berdiler.
6 Ýahuda galalarynda ýaşaýan ysraýyl, ýahuda halklary hem irili ownukly mal ondan birini, Hudaýy Rebbe bagyş edilen mukaddes zatlaryň ondan birini getirip üýşürdiler.
7 Üçünji aýda üýşmekleri ýerbe-ýer goýmaga başlap, ýedinji aýda ony soňladylar.
8 Hizkiýa bilen baştutanlar gelip, üýşmekleri görüp, Rebbi we onuň halky ysraýyly alkyşladylar.
9 Hizkiýa ruhanylardan we lewilerden getirilen zatlaryň üýşmekleri barada sorady.
10 Sadogyň neslinden bolan baş ruhany Azarýa şeýle jogap berdi: «Rebbiň öýüne sadakalaryny getirip başlanlaryndan bäri biziň iýmitimiz ýeterlik boldy, hatda köp artyp hem galdy. Rebbiň Öz halkyna bereket berendigi sebäpli, bizde artyk galan köp zat bar».
11 Onsoň Hizkiýa olara Rebbiň öýünde ammarlary taýýarlamagy tabşyrdy. Olar hem ammarlary taýýarladylar.
12 Olar sadakalaryny, ondan birlerini we bagyş edilen zatlary wepalylyk bilen şol ýere getirdiler. Bu zatlar lewilerden Konanýanyň baştutanlygynda edildi. Konanýanyň inisi Şimeý bolsa onuň kömekçisidi.
13 Ýehiýel, Azazýa, Nahat, Asahel, Ýerimot, Ýozabat, Eliýel, Ismakýa, Mahat we Benaýa dagylar Hizkiýa patyşanyň we Hudaýyň öýüniň esasy baştutany Azarýanyň belländigi üçin Konanýa bilen onuň inisi Şimeýiň gözegçiligi astynda işleýärdiler.
14 Gündogar derwezesiniň sakçysy lewilerden Ýimnanyň ogly Kore Rebbe berilýän meýletin sadakalaryň üstünden garaýardy. Şeýle hem Rebbe hödürlenen sadakalary we bagyş edilen sadakalary paýlamak işini ýerine ýetirýärdi.
15 Eden, Miniýamin, Ýeşuwa, Şemaýa, Amarýa we Şekanyýa dagy ruhanylaryň galasynda toparlaryna görä ýaşdyr garry garyndaşlaryna paýlary bölmekde Kore wepalylyk bilen ýardam etdiler.
16 Rebbiň öýüne wezipelerine hem bölümlerine görä gündelik hyzmat üçin gelen, nesillerine görä hasaba alnan üç ýaş we ondan ýokary bolan erkekleriň hemmesine paý berdiler.
17 Ruhanylaryň hasaba alnyşy uruglaryna görä geçirildi. Lewileriň ýigrimi we ondan ýokary ýaşlylary wezipelerine we bölümlerine görä bellendi.
18 Ruhanylar ýaş çagalary, aýallary, ogullary we gyzlary, tutuş jemagat bilen hasaba alyndylar, çünki olar inlerini tämizlemekde wepaly bolupdylar.
19 Öz şäherleriniň açyk meýdanlarynda ýaşaýan Harunyň neslinden bolan ruhanylara ýokarda ady agzalan adamlar her erkek ruhana we her bir hasaba alnan lewä paý bermelidiler.
20 Hizkiýa bütin Ýahudada şeýle etdi. Ol Hudaýy Rebbiň öňünde oňat, dogry we hak iş etdi.
21 Hudaýyň öýüne hyzmat etmekde eden her işinde, kanuny we tabşyryklary saklamakda, Hizkiýa öz Hudaýyny bütin kalby bilen agtardy. Munuň üçin ol rowaçlandy.




Chapter 32

1 Hizkiýanyň eden wepaly işlerinden soň, Aşur patyşasy Sanherip gelip, Ýahuda çozuş edip, galalaryň garşysynda düşelge gurup, olary ele almagy ýüregine düwdi. 2–3 Hizkiýa Sanheribiň gelip, Iýerusalime garşy uruş etmekçi bolýandygyny görende, şäheriň daşyndaky çeşmeleriň suwuny bentlemek barada öz baştutanlary we batyr ýigitleri bilen maslahatlaşdy. Olar Hizkiýa ýardam etdiler.
4 Köp halk toplanyp: «Näme üçin Aşur patyşalary gelip, bol suw tapmalymyşyn?» diýip, ýurduň içinden akyp geçýän ähli çeşmedir akarlary bentlediler.
5 Şeýdip, Hizkiýa kuwwatlanyp, diwaryň ähli ýykylan ýerlerini bejerip, onuň üstünde diňler düzetdi. Daşyndan ol ýene-de başga bir diwar gurdy. Hizkiýa şeýle hem, Dawut galasyndaky Millony berkidip, köp mukdarda ýaraglardyr galkanlar ýasatdy. 6–7 Hizkiýa halkyň üstünden uruş serkerdelerini belläp, olary öz ýanyna, şäher derwezesiniň meýdançasyna ýygnap, şeýle diýdi: «Dözümli we mert boluň. Aşur patyşasyndan gorkmaň, heder etmäň, çünki biziň bilen Bolýan onuň bilen bolýandan has güýçlüdir.
8 Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy.
9 Mundan soň Aşur patyşasy Sanherip tutuş goşuny bilen Lakyşdaka, nökerlerini Iýerusalimdäki Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň we bütin ýahuda halkynyň ýanyna iberdi.
10 Nökerler gelip, Aşur patyşasy Sanherip şeýle diýýär: «Nämä bil baglaýarsyňyz, siz Iýerusalimde gabaw içinde otyrsyňyz?
11 Hizkiýa: „Hudaýymyz Reb bizi Aşur patyşasynyň elinden halas eder“ diýip, sizi açlykdan we suwsuzlykdan öldürjek bolup aldaýar.
12 Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: „Siz diňe bir gurbanlyk sypanyň öňünde sežde edip, şonuň üstünde gurbanlyk ýakyň“ diýip, Rebbe sežde edilýän ýerleri, gurbanlyk sypalaryny aýran şu Hizkiýa dälmi näme?
13 Ähli ýurtlaryň halklaryna meniň we ata-babalarymyň näme edenini bilmeýärsiňizmi? Şol ýurtlaryň milletleriniň taňrylary ýurtlaryny meniň elimden halas edip bildilermi?
14 Hudaýyňyzyň sizi meniň elimden halas edip biler ýaly, ata-babalarymyň bütinleý ýok eden şol milletleriniň ähli taňrylarynyň arasynda haýsysy öz halkyny meniň elimden halas edip bildi?
15 Indi siz özüňizi Hizkiýa aldatmaň, oňa özüňizi şu ýol bilen azaşdyrmaga ýol bermäň we oňa ynanmaň. Çünki hiç bir milletiň ýa-da patyşalygyň taňrysy öz halkyny meniň we ata-babalarymyň elinden halas edip bilen däldir. Siziň Hudaýyňyz-da sizi meniň elimden halas edip bilmez!» diýdiler.
16 Sanheribiň nökerleri Beýik Hudaýa we Onuň guly Hizkiýa garşy sözlerini dowam etdirdiler.
17 Sanherip Ysraýyl Hudaýy Rebbe dil ýetirip ýazan hatlarynda Rebbe garşy şeýle diýdi: «Beýleki milletleriň taňrylarynyň öz halklaryny meniň elimden halas etmeýişleri ýaly, Hizkiýanyň Hudaýy hem Öz halkyny meniň elimden halas etmez».
18 Sanheribiň nökerleri bu sözleri diwaryň üstündäki Iýerusalim halkyny gorkuzyp, howsala düşürip, şäheri basyp almak üçin olara ýahuda dilinde gaty ses bilen gygyryp aýtdylar.
19 Olar Iýerusalimde mesgen tutýan Hudaýy hakda-da dünýä halklarynyň ynsan eli bilen ýasalan hudaýlary hakda sözleýişleri ýaly sözlediler.
20 Onsoň Hizkiýa patyşa bilen Amozyň ogly Işaýa pygamber munuň üçin dileg edip, Hudaýa perýat etdiler.
21 Reb bir perişde ýollap, Aşur patyşasynyň düşelgesindäki ähli batyr ýigitleri, serkerdeleri we baştutanlary ýok etdi. Şeýdip, Sanherip biabraýlyk bilen öz ýurduna dolanyp geldi. Ol öz taňrysynyň buthanasyna gelende, onuň özünden önen ogullarynyň käbiri Sanheribi gylyç bilen öldürdiler.
22 Şeýdip, Reb Hizkiýany hem Iýerusalim ilatyny Aşur patyşasy Sanheribiň we ähli duşmanlarynyň elinden halas edip, olary dumly-duşdan gorady.
23 Iýerusalime köp adamlar gelip, Rebbe sadakalar, Ýahuda patyşasy Hizkiýa gymmatbaha sowgatlar getirdiler. Şondan soň, Hizkiýa ähli milletleriň nazarynda beýgeldi. Hizkiýanyň näsaglaýar
24 Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ol Rebbe dileg etdi. Reb Hizkiýanyň dilegine jogap berip, oňa bir alamat berdi.
25 Emma Hizkiýa özüne edilen ýagşylygy ödemedi, ol gopbamsylyk etdi. Şonuň üçin hem Hizkiýanyň, Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstüne gazap indi.
26 Onsoň Hizkiýa gopbamsylygy üçin özüni kiçeltdi. Iýerusalimiň ilaty-da şeýle etdi. Şeýdip, Hizkiýanyň döwründe Rebbiň gazaby olaryň üstüne inmedi.
27 Hizkiýada ummasyz köp baýlyk bolup, onuň şan-şöhraty beýgeldi. Ol özüne kümüş, altyn, gymmatbaha daşlar, atyrlar, galkanlar we her hili gymmatbahaly zatlar üçin hazynalar edindi.
28 Bugdaý, şerap we zeýtun ýagy üçin ammarlar, mallar üçin ahyrlar we sürüler üçin agyllar ýasatdy.
29 Hizkiýa özi üçin şäherler gurdurdy. Onuň juda köp ownuk we iri mallary bardy, çünki Hudaý Hizkiýa gaty köp mal-mülk beripdi.
30 Gihon suwlarynyň ýokarky goluny baglap, olary Dawut galasynyň günbatar tarapyna aşaklygyna sowan bu Hizkiýadyr. Hizkiýanyň ähli işleri rowaçlandy.
31 Ine, Babyl hökümdarlarynyň ýurtda bolan alamat hakynda soramak üçin Hizkiýanyň ýanyna iberen ilçileri gelende, Hudaý Hizkiýany synap, onuň ýüreginde bolan bar zady bilmek üçin ony ýeke galdyrdy.
32 Hizkiýanyň beýleki işleri, eden oňat işleri barada Amozyň ogly Işaýa pygamberiň pygamberliklerinde, Ýahuda hem Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitaplarynda ýazylandyr.
33 Hizkiýa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawudyň nesilleriniň mazarlarynyň ýokarsynda jaýlandy. Hizkiýa aradan çykanda, bütin Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilaty oňa hormat goýdular. Ogly Manaşe onuň ýerine patyşa boldy.




Chapter 33

1 Manaşe patyşa bolanda on iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli bäş ýyl patyşalyk etdi.
2 Rebbiň ysraýyllaryň arasyndan kowup çykaran milletleriniň eden nejis işleri ýaly Manaşe hem Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi
3 Manaşe kakasy Hizkiýanyň ýykan sežde edilýän ýerlerini täzeden dikeltdi. Ol Bagal but üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimine sežde edip, şolara gulluk etdi.
4 Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.
5 Manaşe Rebbiň öýüniň iki howlusynda ähli asman jisimi üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.
6 Manaşe ogluny Benhinnom deresinde otdan geçirdi, gözbagçylyk, täleýe garamaklyk we jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.
7 Manaşe ýasan oýma Aşera butuny Hudaýyň öýünde goýdy. Bu öý Hudaýyň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler.
8 Eger olar Meniň ähli tabşyryklarymy, gulum Musanyň üsti bilen özlerine buýran ähli zatlarymy edip, kanunlarymy, parzlarymy we hökümlerimi berjaý etseler, Men mundan beýläk ysraýyl halkyny atalaryna beren ýurdumdan daşary çykartmaryn» diýen öýüdi.
9 Manaşe Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyny şeýle bir azdyrdy welin, olar Rebbiň ysraýyl halkynyň öňünden kowup çykaran milletlerinden hem has köp pis işleri etdiler. Manaşe toba edýär
10 Reb Manaşe we onuň halkyna sözledi, emma olar Rebbe gulak asmadylar.
11 Şonuň üçin hem, Reb Aşur patyşasynyň goşun serkerdelerini olaryň üstüne getirdi. Serkerdeler Manaşeni gandallap, zynjyr bilen baglap, Babyla ýesir edip alyp gitdiler.
12 Manaşe muşakgat içinde öz Hudaýy Rebbe ýalbaryp, ata-babalarynyň Hudaýynyň öňünde özüni gaty kiçeltdi.
13 Manaşe Hudaýa dileg etdi, Hudaý-da onuň dilegini kabul edip, nalyşyny eşidip, ony ýene-de Iýerusalime, öz patyşalygyna getirdi. Onsoň Manaşe Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bildi.
14 Şondan soň, ol Gihonyň günbatarynda, deredäki Balyk derwezesindäki girelgä çenli bolan Dawut galasynyň daşky diwaryny gurdy. Manaşe diwary Ofeliň daşyndan aýlap, has beýgeltdi. Ol şeýle hem, Ýahudanyň ähli galalarynda goşun serkerdelerini goýdy.
15 Manaşe Rebbiň öýündäki keseki taňrylary we buty Rebbiň öýüniň dagynda we Iýerusalimde guran ähli gurbanlyk sypalaryny ýok edip, olary şäheriň daşyna taşlady.
16 Şeýle hem, Manaşe Rebbiň gurbanlyk sypasyny täzeden dikip, onda salamatlyk we şükür gurbanlyklaryny hödür etdi. Ol ýahuda halkyna Ysraýyl Hudaýy Rebbe hyzmat etmekligi tabşyrdy.
17 Halk entegem sežde edilýän ýerlerde gurbanlyk hödür edýärdi, emma olar diňe öz Hudaýy Rebbe gurbanlyk hödürleýärdiler.
18 Manaşeniň galan işleri we onuň eden dilegleri we Ysraýyl Hudaýy Rebbiň adyndan sözlän bilgijiň sözleri barada Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
19 Manaşeniň dilegi we onuň dileginiň jogaby, onuň ähli günäleri, biwepalygy, özüni Hudaýyň öňünde kiçeltmezden öň guran sežde edilýän ýerleri barada görgürleriň taryh kitabynda ýazylandyr.
20 Manaşe ata-babalaryna gowuşdy. Ol öz köşgünde jaýlandy. Ogly Amon onuň ýerine patyşa boldy. Ýahuda patyşasy Amon
21 Amon patyşa bolanda ýigrimi iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde iki ýyl patyşalyk etdi.
22 Amon kakasy Manaşe ýaly, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Amon kakasy Manaşeniň ýasan ähli butlaryna gurbanlyk hödürläp, şolara gulluk etdi.
23 Kakasy Manaşeniň özüni Rebbiň öňünde kiçeldişi ýaly, Amon özüni Rebbiň öňünde kiçeltmedi, eýsem, gitdigisaýy köp günä etdi.
24 Amonyň nökerleri oňa garşy dildüwşük gurap, ony öz köşgünde öldürdiler.
25 Emma ýahuda halky Amon patyşa garşy dildüwşük guranlaryň baryny öldürip, onuň ýerine ogly Ýoşyýany patyşa etdi.




Chapter 34

1 Ýoşyýa patyşa bolanda sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde otuz bir ýyl patyşalyk etdi.
2 Ýoşyýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. Ol saga-sola sowulman, atasy Dawudyň ýollaryndan ýöredi. Ýoşyýanyň eden üýtgeşmeleri
3 Ýoşyýanyň patyşalygynyň sekizinji ýylynda, ol entek ýaşka öz atasy Dawudyň Hudaýyny agtarmaga başlady. Patyşalygynyň on ikinji ýylynda Ýoşyýa Ýahuda bilen Iýerusalimi sežde edilýän ýerlerden we Aşera butlaryndan, oýma we guýma butlaryndan arassalamaga başlady.
4 Ýoşyýanyň öňünde Bagal butlarynyň gurbanlyk sypalaryny ýykdylar; olaryň ýokarsynda bolan ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary ýumurdylar; Aşera butlaryny, oýma we guýma butlaryny-da bölek-bölek edip, küle öwrüp, ony şu butlara gurbanlyk berýänleriň gabyrlaryna sepelediler.
5 Şeýle hem, Ýoşyýa ruhanylaryň süňklerini öz gurbanlyk berilýän sypalarynda ýakyp, Ýahudany we Iýerusalimi arassalady. 6–7 Ýoşyýa Manaşe, Efraýym, Şimgon, hatda Naftala çenli bolan şäherlerdäki, olaryň töwereklerindäki harabalyklardaky gurbanlyk sypalaryny ýykdy. Aşera butlaryny we beýleki butlary döwüp kül etdi, bütin Ysraýyldaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary ýykdy. Soňra ol Iýerusalime dolanyp geldi. Töwrat kitabynyň tapylyşy
8 Patyşalygynyň on sekizinji ýylynda ýurdy we öýi arassalanyndan soň, Ýoşyýa patyşa Asalýanyň ogly Şapany, şäher häkimi Magaseýany we Ýowahazyň ogly taryhçy Ýowany Hudaýy Rebbiň öýüni bejermäge iberdi.
9 Olar baş ruhany Hilkiýanyň ýanyna gelip, Hudaýyň öýüne getirilen kümüşleri oňa berdiler. Derwezewan lewiler bu kümüşleri manaşe we efraýym halklaryndan, galan ähli ysraýyl halkyndan, bütin Ýahudadan we Benýaminden, Iýerusalim ilatyndan ýygnapdy.
10 Olar kümşi Rebbiň öýüni dikeltmek işine bellenen gözegçileriň we Rebbiň öýüni bejerýän işçilere berdiler.
11 Olar kümşi ýonulan daşlar, agaçlar we Ýahuda patyşalarynyň haraba eden jaýlary üçin pürsler satyn almak üçin agaç we daş ussalaryna berdiler. 12–13 Bu adamlar işi çyn ýürekden ýerine ýetirýärdiler. Merarynyň neslinden bolan lewi Ýahat bilen Obadýa, Kohadyň neslinden bolan Zakarýa we Meshullam dagylar bularyň üstünden baştutanlyga bellenipdiler. Saz gurallaryna ökde bolan beýleki ähli lewiler ýük daşaýanlara we dürli hyzmatda işleýänlere baştutanlyk etdiler. Kätipler, gözegçiler we derwezebanlar hem lewilerdendi.
14 Rebbiň öýüne getirilen kümşi çykaryp ýörkäler, ruhany Hilkiýa Musanyň üsti bilen berlen Töwrat kitabyny tapdy.
15 Baş ruhany Hilkiýa Şapan kätibe: «Men Rebbiň öýünde Töwrat kitabyny tapdym» diýdi. Hilkiýa kitaby Şapana berdi. 16–17 Onsoň Şapan kätip patyşanyň ýanyna gelip: «Gullaryň özlerine tabşyrylan bar işi edip ýörler. Olar Rebbiň öýündäki bar kümşi alyp, ony öý işine bellenen baştutanlaryň we işçileriň eline beripdirler» diýip, bar zady patyşa habar berdi.
18 Şapan kätip patyşa: «Hilkiýa ruhany maňa bir kitap berdi» diýdi. Onsoň Şapan kitaby alyp, patyşa sesli okap berdi.
19 Patyşa Töwrat kitabynyň sözlerini eşidende, ýakasyny ýyrtdy.
20 Onsoň patyşa Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama, Mikaýanyň ogly Abdona, Şapan kätibe we patyşanyň hyzmatkäri Asaýa şeýle tabşyryk berdi:
21 «Bar-da, meniň üçin Ysraýylda hem Ýahudada galanlar üçin bu tapylan kitapdaky aýdylýan sözler barada Rebden soraň, çünki Rebbiň bize garşy lowlaýan gazaby gaty güýçlüdir. Biziň atalarymyz bu kitapda ýazylan ähli sözlere görä Rebbiň sözüni berjaý etmediler».
22 Şeýdip, Hilkiýa ruhany we patyşanyň onuň bilen iberen adamlary eşik sakçysy Hasranyň agtygy, Tokatyň ogly Şallumyň aýaly Hulda zenan pygamberiň ýanyna gelip, oňa bu barada gürrüň berdiler. Hulda pygamber Iýerusalimiň täze bölüminde ýaşaýardy.
23 Hulda olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb sizi meniň ýanyma iberen adama şeýle diýýär:
24 „Men Ýahuda patyşasynyň öňünde okalan bu kitapda ýazylan ähli lagnatlara görä, hökman bu ýeriň we bu ýerde ýaşaýanlaryň başyndan betbagtçylyk indererin.
25 Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin, Meniň bulara garşy gaharym tutaşar, ol hiç haçan sönmez“.
26 Emma Ysraýyl Hudaýy Reb Özünden soramak üçin şu ýere ýollan Ýahuda patyşasyna onuň eşiden sözleri barada şeýle diýýär:
27 „Meniň bu ýere we onuň ilatyna garşy aýdan sözlerimi eşideniňden soň, seniň ýüregiň ýumşaşdy hem özüňi Hudaýyň öňünde kiçeltdiň, ýakaňy ýyrtyp, Öňümde dady-perýat etdiň. Şonuň üçin hem, Men seniň dilegiňi eşitdim.
28 Men seni atalaryň ýanyna ýygnaryn, sen-de asudalyk bilen öz gabryňa girersiň. Meniň bu ýere getirjek betbagtçylygymy sen görmersiň“». Olar bu habary patyşa ýetirdiler. Äht
29 Onsoň Ýoşyýa patyşa adam iberip, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýaşulularynyň baryny öz ýanyna ýygnady.
30 Ýoşyýa patyşa, tutuş ýahuda halky, Iýerusalimiň bar ilaty, ruhanylar, lewiler, uludan-kiçä ähli halk bilen bile Rebbiň öýüne gitdiler. Patyşa Rebbiň öýünden tapylan Äht kitabyndaky sözleri olara sesli okap berdi.
31 Ýoşyýa patyşa öz ýerinde durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu kitapda ýazylan äht barada aýdylan sözleri berjaý etjekdigi hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi.
32 Ýoşyýa Iýerusalimde we Benýaminde bolanlaryň baryna bu ähti saklajakdyklary barada kasam etdirdi. Iýerusalimiň ilaty Hudaýyň, atalarynyň Hudaýynyň ähtine görä hereket etdiler.
33 Ýoşyýa Ysraýyl topragyndaky ysraýyllara degişli bolan ýigrenji zatlaryň baryny ýok edip, Ysraýylda bolanlaryň hemmesine özleriniň Hudaýy Rebbe ybadat etmekligi buýurdy. Ýoşyýanyň ýaşan döwründe olar atalarynyň Hudaýy Rebbiň ýoluna eýermekden dönmediler.




Chapter 35

1 Ýoşyýa Iýerusalimde Rebbe Pesah baýramyny tutdy. Birinji aýyň on dördüne Pesah guzusyny soýmagy karar etdi.
2 Ol ruhanylary öz wezipelerinde goýup, Rebbiň öýüniň hyzmatynda olary ruhlandyrdy.
3 Ýoşyýa Reb üçin bagyş edilip, bütin ysraýyl halkyna tälim beren lewilere şeýle diýdi: «Mukaddes sandygy Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň guran öýünde goýuň. Mundan beýläk ony gerşiňizde götermekligiň geregi ýokdur. Indi Hudaýyňyz Rebbe we Onuň halky ysraýyla hyzmat ediň.
4 Ysraýyl patyşasy Dawudyň we onuň ogly Süleýmanyň ýazgylarynda görkezilişi ýaly, uruglaryňyza, bölümleriňize görä taýýarlanyň.
5 Kowumdaşlaryňyz bolan halkyň uruglaryna we lewileriň uruglaryna görä mukaddes ýerde topar-topar bolup duruň.
6 Pesah guzusyny soýuň; iniňizizi tämizläp, Rebbiň Musanyň üsti bilen beren sözüni amal eder ýaly, doganlaryňyz üçin taýýarlyk görüň».
7 Ýoşyýa Pesah gurbanlyk janlysy üçin şol ýerdäki halkyň ählisine otuz müň owlakdyr guzy hem-de üç müň öküz berdi. Bularyň ählisi onuň öz mallaryndandy.
8 Patyşanyň baştutanlary hem halka, ruhanylara we lewilere meýletin sadakalar berdiler. Hudaýyň öýüniň baştutanlary bolan Hilkiýa, Zakarýa we Ýehiýel dagylar ruhanylara Pesah gurbanlyklary üçin iki müň alty ýüz owlakdyr guzy we üç ýüz öküz berdiler.
9 Lewileriň baştutany bolan Konanýa hem onuň doganlary Şemaýa, Netanel, Haşabýa, Ýegiýel we Ýozabat dagylar lewilere Pesah gurbanlygy üçin bäş müň owlakdyr guzy we bäş ýüz öküz berdiler.
10 Hyzmat işi ýerine ýetirilip bolansoň, patyşanyň tabşyrygy boýunça ruhanylar öz ýerlerinde we lewiler hem öz bölümlerinde durdular.
11 Olar Pesah gurbanlyk janlysyny soýdular, ruhanylarda özlerine berlen gany serpdiler; lewiler bolsa janlylaryň derilerini soýdular.
12 Onsoň ýakma gurbanlyklary halkyň uruglaryna görä paýlamak üçin bir gapdalda goýdular, Musanyň kitabynda ýazylyşy ýaly, halk Rebbe ýakma gurbanlyklary hödürlediler Olar öküzler bilen-de şeýle etdiler.
13 Olar Pesah gurbanlyk guzusyny düzgün boýunça otda kebap etdiler. Mukaddes sadakalary-da gazanlarda, pitilerde we tabalarda bişirip, dessine bütin halka paýladylar.
14 Mundan soň, lewiler özleri we ruhanylar üçin taýýarlyk gördüler, çünki Harunyň neslinden bolan ruhanylar agşama çenli ýakma gurbanlyklaryny we ýaglary hödürlemek bilen meşgul boldular. Şeýdip, lewiler özleri we Harunyň neslinden bolan ruhanylar üçin taýýarlyk gördüler.
15 Asafyň nesillerinden bolan aýdymçylar Dawudyň, Heýmanyň we patyşanyň görgüri Ýedutunyň tabşyrygyna görä öz ýerlerindediler. Her derwezede derwezebanlar bardy. Garyndaşlary lewileriň olar üçin taýýarlyk görendikleri üçin, olara hyzmatlaryndan gitmek gerek däldi.
16 Ýoşyýa patyşanyň tabşyrygyna görä Pesah baýramyny bellemek we Rebbiň gurbanlyk sypasynda ýakma gurbanlyklary hödürlemek üçin, şol gün Rebbiň bar hyzmatyna şeýle taýýarlyk görüldi.
17 Ol ýerde bolan ysraýyl halky şol wagt Pesah baýramyny we Petir baýramyny ýedi günläp belledi.
18 Şamuwel pygamberiň döwründen bäri beýle Pesah baýramy geçirilmändi. Ýoşyýanyň, ruhanylaryň, lewileriň, bu ýerde bolan ähli ýahuda we ysraýyl halklarynyň we Iýerusalimiň ilatynyň geçiren bu Pesah baýramy ýaly Pesahy Ysraýylyň patyşalarynyň hiç biri-de geçirmändi.
19 Bu Pesah baýramy Ýoşyýa patyşanyň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda bellendi. Ýoşyanyň ölümi
20 Ýoşyýa patyşa öýüň dikeldiş işlerini tamamlandan soň, Müsür patyşasy Neko söweşmek üçin Perat derýasynyň boýundaky Karkemişe gitdi. Ýoşyýa hem Müsür patyşasyny garşylamaga gitdi.
21 Emma Müsür patyşasy Ýoşyýa çaparlar ýollap: «Eý, Ýahuda patyşasy, seniň bilen meniň näme işim bar!? Bu gün men seniň garşyňa uruşmaga gelemok-da, özüm bilen uruşda bolan ýurduň garşysyna uruşmaga gelýärin. Hudaý maňa howlukmagy buýurdy. Hudaý meniň tarapymdadyr, sen Oňa garşy çykmagyňy bes et, ýogsam Ol seni heläklär» diýdi.
22 Emma Ýoşyýa ondan el çekmän, gaýtam onuň garşysyna uruşmak üçin tanalmaz ýaly eşige girdi. Ýoşyýa Nekonyň Hudaý tarapyndan aýdan sözlerine gulak asman, onuň bilen uruşmak üçin Megido düzlügine çykdy.
23 Okçular Ýoşyýa patyşa tarap ok atdylar. Patyşa öz nökerlerine: «Meni bu ýerden äkidiň, men agyr ýaralandym» diýdi.
24 Şeýdip, Ýoşyýa patyşanyň nökerleri ony söweş arabasyndan alyp, özüniň ikinji bir söweş arabasyna mündürip, Iýerusalime getirdiler. Ýoşyýa Iýerusalimde dünýäden ötüp, atalarynyň gonamçylygynda jaýlanyldy. Bütin ýahuda we Iýerusalim halky Ýoşyýa üçin ýas tutdular.
25 Ýermeýa Ýoşyýa üçin agy aýdymyny düzdi. Erkekdir aýal aýdymçylar öz agy aýdymlarynda şu güne çenli hem Ýoşyýa barada gürrüň edip, olary Ysraýylda adata öwürdiler. Olar agy kitabynda ýazylandyr. 26–27 Ýoşyýanyň galan işleri, Rebbiň kanunynda ýazylanlara görä eden sadyk işleri, onuň tä başdan-aýak alyp baran işleri Ysraýyl hem Ýahuda patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.




Chapter 36

1 Ýurduň halky Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazy alyp, kakasynyň ýerine patyşa etdi.
2 Ýowahaz patyşa bolanda ýigrimi üç ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi.
3 Müsür patyşasy Iýerusalimde Ýehowahazy tagtdan agdaryp, ýurda bir ýüz ýetmiş batman kümüş, bir ýarym batman hem altyn salgyt saldy.
4 Müsür patyşasy Ýowahazyň inisi Elýakymy onuň ýerine Ýahuda we Iýerusalime patyşa edip, onuň adyny Ýehoýakym edip üýtgetdi. Onsoň Müsür patyşasy Ýehoýakymyň inisi Ýehowahazy alyp, Müsüre geldi. Ýahuda patyşasy Ýehoýakym
5 Ýehoýakym patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalime on bir ýyl patyşalyk etdi. Ol Hudaýy Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.
6 Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýehoýakymyň üstüne çozup, ony Babyla äkitmek üçin zynjyr bilen daňdy.
7 Nebukadnesar Rebbiň öýündäki gap-gaçlary hem Babyla äkidip, olary özüniň Babyldaky köşgünde goýdy.
8 Ýehoýakymyň galan işleri, onuň eden ýigrenji işleri we gabahatlyklary barada Ysraýyl hem Ýahuda patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr. Onuň ýerine ogly Ýehoýakin patyşa boldy. Ýahuda patyşasy Ýehoýakin
9 Ýehoýakin patyşa bolanda sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý, on gün patyşalyk etdi. Ýehoýakin Rebbiň nazarynda ýigrenji işler etdi.
10 Baharda patyşa Nebukadnesar adam iberip, Ýehoýakini Rebbiň öýüniň gymmatbaha gap-gaçlary bilen birlikde Babyla getirdip, onuň dogany Sidkiýany Ýahuda we Iýerusalime patyşa etdi. Ýahuda patyşasy Sidkiýa
11 Sidkiýa patyşa bolanda ýigrimi bir ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi.
12 Sidkiýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Rebbiň adyndan geplän Ýermeýa pygamberiň öňünde özüni kiçeltmedi. Iýerusalimiň synmagy
13 Şeýle hem Sidkiýa özüne Hudaýdan ant içiren Babyl patyşasy Nebukadnesara garşy gozgalaň turuzdy. Sidkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrülmejek bolup, boýnuýogynlyk etdi, ýüregini gatatdy.
14 Ähli ruhany baştutanlary bilen halkyň birlikde milletleriň ähli ýigrenji işlerine eýerdiler, biwepalyk çakdanaşa artdy. Olar Rebbiň Iýerusalimde mukaddes eden öýüni murdar etdiler.
15 Atalarynyň Hudaýy Reb olara pygamberleriň üsti bilen yzygiderli duýduryş berdi, çünki Onuň Öz halkyna we mesgenine rehimi indi.
16 Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady.
17 Onsoň Reb olaryň garşysyna babyllaryň patyşasyny çozdurdy. Babyllar ýahudalaryň mukaddes öýünde olaryň ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny babyllaryň patyşasynyň eline berdi.
18 Patyşa Hudaýyň öýündäki ähli ululy-kiçili gap-gaçlary, Rebbiň öýündäki hazynalary, patyşanyň we onuň emeldarlarynyň hazynalaryny Babyla alyp gitdi.
19 Babyllar Hudaýyň öýüni ýakyp, Iýerusalimiň diwaryny ýykyp, ondaky ähli köşklere ot berip, ähli gymmatbaha zatlary ýok etdiler.
20 Babyl patyşasy gylyçdan aman galanlary Babyla ýesir edip äkitdi. Ýesir edilip äkidilenler Pars patyşalygy häkimýet başyna geçýänçä, Babyl patyşasyna we onuň ogullaryna gul boldular. Hudaýyň halkynyň dolanmagy
21 Şeýdip, Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşdy. Ýurt weýrançylykda bolan günleriniň dowamynda doly ýetmiş ýyllap dynçlykda boldy. Kureş patyşa sürgündäkilere azatlyk jar edýär
22 Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşar ýaly, Reb Kureş patyşanyň ulanýan ýazuwynda perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna çapar üsti bilen jar etmegi onuň kalbyna saldy.
23 Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: «Gökdäki Hudaý Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne bir öý gurmagy emr etdi. Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, ýurduňyza dolanyň. Hudaýyňyz Reb size ýar bolsun!»