Nehemýa

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13

Chapter 1

1 Hakalýanyň ogly Nehemýa, ine, şulary gürrüň berdi. Pars patyşasy Artakserksiň patyşalyk etmeginiň ýigriminji ýylynyň Kislew aýynda men Suza galasyndadym.
2 Doganlarymyň biri bolan Hanany birnäçe adam bilen Ýahudadan geldi. Men olardan ýesirlikden gutulyp, aman galan ýahudalar hakda we Iýerusalim hakda soradym.
3 Olar maňa: «ýesirlikden gutulyp, aman galan ýahudalar uly betbagtçylykda; olar ile masgaradyrlar; Iýerusalimiň diwarlary ýumrulyp, onuň derwezeleri oda ýandy» diýip gürrüň berdiler.
4 Men bu zatlary eşidenimde, oturyp agladym we birnäçe günläp ýas tutdum. Agyz bekläp, Gökdäki Hudaýdan dileg etdim.
5 Men şeýle diýdim: «Eý, Gökdäki Hudaý Reb, beýik we haýbatly Hudaý! Sen Özüňi söýüp, tabşyryklaryňy berjaý edýänler bilen ähtiňi hem wepaly söýgüňi saklaýaň.
6 Guluň bolan meniň ysraýyl halkynyň Saňa garşy eden günäsini boýun alyp, gije-gündiz Saňa edýän dilegimi eşideriň ýaly, gulagyň eşitgir, gözüň ýiti bolsun. Menem, atalarymam günä etdik.
7 Biz Seniň guluň Musa beren tabşyryklaryňy, parzlaryňy, hökümleriňi berjaý etmän, Seniň garşyňa juda erbet iş etdik. 8–9 Guluň Musa: „Eger biwepalyk etseňiz, sizi halklaryň arasyna pytradaryn. Ýöne siz Maňa dolanyp, tabşyryklarymy ýatda saklap, berjaý etseňiz, siziň sürgün edilenleriňiz ýeriň aýagujunda bolsa-da, Men olary şol ýerden ýygnap, Öz adymyň mesgen tutmagy üçin saýlan ýerime getirerin“ diýen sözleriňi ýada sal.
10 Olar Seniň beýik güýjüň, gudratyň bilen halas eden Öz gullaryň we halkyňdyr.
11 Ýa Reb, Öz guluňyň dilegine we Saňa hormat goýýan gullaryňyň dilegini eşit! Öz guluňyň işini şu gün Özüň oňuna edip, patyşanyň maňa rehimi iner ýaly et». Men şol wagtlar patyşanyň şerap guýýançysydym.




Chapter 2

1 Bu waka Artakserksiň patyşalygynyň ýigriminji ýylynyň Nisan aýynda bolupdy. Şerap getirilende, men ony alyp patyşa uzatdym. Şu wagta çenli onuň huzurynda meniň gussaly bolan pursadym ýokdy.
2 Onsoň patyşa maňa: «Syrkaw däl halyňa ne beýle ýüzüň salyk? Bu ýürek gussasyndan başga hiç zat däldir» diýdi. Men juda gorkdum.
3 Men patyşa şeýle jogap berdim: «Patyşa uzak ýaşasyn! Atalarymyň mazarlary ýatan şäher haraba öwrülip, onuň derwezeleri oda ýanypdyr, onsoň nädip meniň ýüzüm salyk bolmasyn?»
4 Patyşa menden: «Islegiň näme?» diýip sorady. Men Gökdäki Hudaýdan dileg etdim.
5 Onsoň men patyşa şeýle jogap berdim: «Eger patyşa oňlasa we men siziň nazaryňyzda hormat gazanan bolsam, onda meni Ýahuda, ata-babalarymyň mazarlary ýatan şäheriň diwarlaryny dikeltmäge goýber».
6 Patyşa (şa aýaly-da onuň ýanynda otyrdy) menden näçe wagtlyk gitjekdigimi we haçan dolanyp geljekdigimi sorady. Men patyşa belli bir möhleti aýdanymdan soň, ol meni goýbermäge razy boldy.
7 Soňra men patyşa: «Eger patyşa oňlasa, ol Ýahuda barýançam meni geçirerleri ýaly, menden Perat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimlerine hatlar iberilsin.
8 Şeýle hem patyşa tokaýynyň sakçysy Asafa, ybadathana galasynyň derwezeleri üçin, şäheriň diwarlary we meniň ýaşajak öýümiň pürsleri üçin agaç berer ýaly hat bersin» diýdim. Hudaýymyň ýalkamagy bilen patyşa meniň dilegimi bitirdi.
9 Patyşa meniň ýanym bilen goşun serkerdelerini, atlylar ýollady. Onsoň men Perat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimleriniň ýanyna baryp, olara patyşanyň hatlaryny berdim.
10 Emma horonly Sanballatdyr Ammon welaýatynyň wekili Tobyýa, bir adamyň ysraýyl halkynyň bähbidini arap gelendigini eşidenlerinde, gahar-gazaba mündüler.
11 Men Iýerusalime gelip, ol ýerde üç gün boldum.
12 Soňra gije turup, ýanyma birnäçe adam aldym. Iýerusalim hakynda Hudaýymyň kalbyma näme salandygyny hiç kime aýtmadym. Ýanymda münüp barýan eşegimden başga mal ýokdy.
13 Men gije Dere derwezesinden çykdym. Şagal çeşmesiniň ýany bilen Dökün derwezesine çenli gidip, Iýerusalimiň ýykylan diwarlaryny, oda ýanan derwezelerini gözden geçirdim.
14 Soňra men Bulak derwezesine we Patyşa howzuna gitdim. Emma ol ýerde eşegim geçer ýaly ýer ýokdy.
15 Onsoň men gije deräniň içi bilen ýokaryk galyp, diwary gözden geçirdim. Soňra men yzyma dolanyp, Dere derwezesinden yzyma dolandym.
16 Şäher baştutanlaryna meniň nirä gidenimi we näme edenimi bilmediler. Men entek ýahudalara, ruhanylara, beglere, şäher baştutanlaryna we işi ýerine ýetirmäge gatnaşjak beýleki adamlara hiç zat aýtmandym.
17 Soňra men olara: «Iýerusalimiň haraba öwrülip, onuň derwezeleriniň oda ýanandygy zerarly biziň nähili ejir çekýändigimizi siziň özüňiz görüp dursuňyz. Mundan artyk wejera bolup ýörmezlik üçin, geliň, Iýerusalimiň diwaryny dikeldeliň!» diýdim.
18 Men olara Hudaýyň maňa nähili kömek edendigini we patyşanyň maňa aýdan zatlaryny gürrüň berdim. Onsoň olar: «Geliň, işe başlalyň!» diýşip, bu oňat iş üçin billerini berk guşadylar.
19 Emma horonly Sanballatdyr ammon emeldar Tobyýa we Geşem arap dagy muny eşidenlerinde, bizi äsgermezlik edip, biziň üstümizden gülüp: «Bu etjek bolýan zadyňyz näme? Patyşanyň garşysyna pitne turuzmakçy bolýarmysyňyz?» diýdiler.
20 Onsoň men olara: «Gökdäki Hudaý işimizi oňuna salar. Onuň gullary bolan biz gurluşyk işine başlarys. Emma siziň welin, Iýerusalimde ne paý, ne-de hak-hukuklaryňyz bar» diýip jogap berdim.




Chapter 3

1 Onsoň baş ruhany Elýaşyp we onuň ruhany doganlary Goýun derwezesini täzeden gurup, onuň gapylaryny oturtdylar. Onsoň olar diwary Ýüzler diňine we Hananel diňine çenli bagyş etdiler.
2 Elýaşyň gapdalynda Ýerihonyň halky gurýardy. Olaryň gapdalynda bolsa Imriniň ogly Zakur gurdy.
3 Hasenanyň ogullary Balyk derwezesini bina etdiler. Olar onuň pürslerini goýup, derwezäniň gapylaryny ýerine oturdyp, nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar.
4 Olaryň gapdalyndaky diwar bölümini Hakosyň agtygy, Uryýanyň ogly Meremot dikeltdi. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini Meşezabeliň agtygy, Berekýanyň ogly Meşullam dikeltdi. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini bolsa Bagananyň ogly Sadok dikeltdi.
5 Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini tekowalylar dikeltdiler. Ýöne olaryň begleri baştutanlary tarapyndan bellenen işi etmekden ýüz öwürdiler.
6 Paseýanyň ogly Ýoýada bilen Besodýanyň ogly Meşullam Köne derwezäni dikeltdi. Olar pürsleri goýup, derwezäniň gapylaryny ýerine oturdyp, onuň nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar.
7 Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini gibgonly Melatýa bilen meronotly Ýadon Perat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdarynyň golastyndaky Gibgonyň we Mispanyň ýaşaýjylary bilen bile dikeltdiler.
8 Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini zergärlerden Harhaýanyň ogly Uzyýel dikeltdi. Onuň gapdalynda bolsa atyr ýasaýjylardan bolan Hananýa diwary dikeltdi. Olar Iýerusalimi tä Giň diwara çenli berkitdiler.
9 Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini Iýerusalimiň etrabynyň ýarysynyň häkimi Huruň ogly Repaýa dikeltdi.
10 Olaryň gapdalynda Harumapyň ogly Ýedaýa öz öýüniň garşysyndaky diwar bölegini dikeltdi. Onuň gapdalyndaky diwar bölegini Haşabneýanyň ogly Hatuş dikeltdi.
11 Harymyň ogly Malkyýa bilen Pahatmowabyň ogly Haşup diwaryň başga bir bölegini we Tamdyrlar diňini dikeltdiler.
12 Onuň gapdalyndaky diwar bölegini Iýerusalim etrabynyň galan ýarysynyň häkimi Halloheşiň ogly Şallum we onuň gyzlary dikeltdiler.
13 Hanun we zanowalylar Dere derwezesini dikeldip, onuň gapylaryny oturdyp, nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar. Olar Dökün derwezesine çenli diwaryň müň tirsek aralygyny dikeltdiler.
14 Beýthakerem etrabynyň häkimi Rekawyň ogly Malkyýa Dökün derwezesini dikeltdi. Ol derwezäni täzeden bina edip, onuň gapylaryny oturtdy we nurbatlaryny, kiltlerini dakdy.
15 Mispa etrabynyň häkimi Kolhozeniň ogly Şallum Bulak derwezesini dikeltdi. Ol derwezäni täzeden bina edip, onuň üstüni basyrdy, gapylaryny ýerine oturdyp, onuň nurbatlaryny we kiltlerini dakdy. Şeýle hem ol patyşa bagynyň ýanyndaky Şela howzunyň diwaryny tä Dawut şäherinden aşak inýän basgançaklara barýança gurdy.
16 Şallumdan soň Beýtsur etrabynyň ýarysynyň häkimi Azbugyň ogly Nehemýa Dawut gonamçylygynyň garşysyndan tä emeli howza we edermen urşujylaryň öýüne çenli bolan diwary dikeltdi.
17 Onuň gapdalyndaky diwar bölegini lewiler dikeltdiler: Banynyň ogly Rehum onuň gapdalyndaky diwary dikeltdi; Kegila etrabynyň ýarysynyň häkimi Haşabýa öz etraby üçin bir diwar bölegini dikeltdi.
18 Onuň gapdalynda olaryň garyndaşlary, Kegila etrabynyň ýarysynyň häkimi Henadadyň ogly Bawaý beýleki diwar bölegini dikeltdi.
19 Bawaýyň gapdalynda diwaryň öwrülýän ýerinden gorhana uçudynyň gabadynda bolan diwaryň binýat diregini Mispanyň häkimi Ýeşuwanyň ogly Ezer dikeltdi.
20 Ezerden soň diwaryň öwrülýän ýerinden, baş ruhany Elýaşybyň öýüniň gapysyna çenli diwary Zakaýyň ogly Baruk dikeltdi.
21 Barukdan soň Elýaşybyň öýüniň gapysyndan tä öýüň gutarýan ýerine çenli aralykdaky diwary Hakosyň agtygy Uryýanyň ogly Meremot dikeltdi.
22 Meremotdan soň Iýerusalimiň töwerek-daşyndaky ýerlerden gelen ruhanylar diwaryň bir bölegini dikeltdiler.
23 Olaryň gapdalynda Benýamin bilen Haşup öz öýleriniň gabadyndaky diwar bölegini dikeltdiler. Olaryň gapdalynda Ananýanyň agtygy, Magaseýanyň ogly Azarýa öz öýüniň ýanyndaky diwar bölegini dikeltdi.
24 Onuň gapdalynda Henadadyň ogly Binnuý Azarýanyň öýünden diwaryň öwrümine – burça çenli bolan diwar bölegini dikeltdi. 25–26 Uzaýyň ogly Palal diwar öwrüminiň garşysyny we garawulhana howlusynyň ýanyndaky ýokarky köşgüň diňini dikeltdi. Onuň gapdalynda Paroşyň ogly Pedaýa bilen Ofelde ýaşaýan ybadathana hyzmatkärleri gündogarda Suw derwezesiniň gabadyna we garawul diňine çenli aralykdaky diwar bölegini dikeltdiler.
27 Onsoň tekowalylar beýik gorag diňiniň garşysyndaky Ofel diwaryna çenli bolan aralygy dikeltdiler.
28 Ruhanylar At derwezesinden başlap, demirgazyga tarap hersi, öz öýleriniň gabadyndaky diwary dikeltdiler.
29 Olaryň gapdalynda Immeriň ogly Sadok öz öýüniň gabadyndaky diwar bölegini dikeltdi. Onuň gapdalynda Gündogar derwezesini saklaýan Şekanýanyň ogly Şemagýa bir diwar bölegini dikeltdi.
30 Onuň gapdalyndaky diwar bölümini Şelemýanyň ogly Hananýa bilen Salapyň altynjy ogly Hanun dikeltdiler. Olaryň gapdalynda Berekýanyň ogly Meşullam öz öýüniň gabadyndaky diwar bölegini dikeltdi.
31 Onuň gapdalyndaky diwar bölümini zergärlerden bolan Malkyýa Gözden geçiriş derwezesiniň garşysynda bolan ybadathana hyzmatkärleriniň hem-de täjirleriň öýüne çenli bolan aralygy we burçdaky ýokarky otaga çenli bolan aralygy dikeltdi.
32 Burçda ýerleşen ýokarky otag bilen Goýun derwezesiniň aralygyndaky diwar bölegini zergärler bilen täjirler dikeltdiler.




Chapter 4

1 Sanballat biziň diwary örüp ýörenimizi eşidende, ol gaty gaharlandy we gazap donuny geýip, ýahudalaryň üstünden gülmäge başlady.
2 Sanballat öz ýaranlarynyň we Samarýa goşunynyň öňünde şeýle diýdi: «Bu bolgusyz ýahudalar näme edip ýörler? Olar näme hemme zady täzeden guraýjaklarmyka? Ýa-da gurbanlyk berjekmikäler? Olar işi bir günüň içinde tamamlarys öýdýärmikäler? Olar zir-zibil üýşmeginden alnan we ýanan daşlardan bina galdyraýjaklarmyka?»
3 Onuň ýanyndaky ammonly Tobyýa şeýle diýdi: «Olaryň gurýan daş diwarynyň üstüne tilki münse-de ýykylar!»
4 Eý, Hudaýymyz, olaryň bizi nähili masgaralaýandyklaryny eşit! Bize atýan myjabatlaryny öz başlaryndan inderip, olary ýat ülkede, ýesirlikde talaňa ber!
5 Olaryň ýazyklarynyň üstüni basyrma, günälerini nazaryňdan sypdyrma, çünki olar biziň – gurluşykçylaryň göwnüne degdiler.
6 Muňa garamazdan biz diwary täzeden gurduk; tutuş diwar birikdirilip, onuň beýikligi ýarysyna ýetirildi, çünki halk işlemegi ýüregine düwdi.
7 Emma Sanballatdyr Tobyýa, araplardyr ammonlar we aşdotlylar Iýerusalim diwarlarynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, diwar gädikleriniň bitirilip barýandygyny eşidenlerinde, gaty gaharlandylar.
8 Onsoň olaryň hemmesi gelip, Iýerusalime garşy uruşmak we onda aljyraňňylyk döretmek üçin dil düwüşdiler.
9 Onsoň biz öz Hudaýymyza dileg etdik we olardan goranmak üçin, gije-gündiz garawul goýduk.
10 Emma ýahudalar: «Ýük daşaýanlar güýçden gaçýar, ýykyk-ýumruklar bolsa gaty köp; şonuň üçinem biz diwary örüp bilmeris» diýişýärdiler.
11 Duşmanlarymyz hem: «Üstlerine baranymyzy duýmankalar, biz olary öldürip, işi togtadarys» diýýärmişler.
12 Olaryň ýanynda ýaşaýan ýahudalar gelip, bize: «Duşmanlarymyz çar tarapdan bize hüjüm etjekler» diýip, gaýta-gaýta aýtdylar.
13 Şonuň üçin men diwaryň pes ýerleriniň aňyrsyndaky açyk meýdanda halky uruglary boýunça, gylyçlary, naýzalary we ýaýlary bilen duruzdym.
14 Onsoň men beglere, baştutanlara we beýleki duranlara birlaý göz aýlap, şeýle diýdim: «Olardan gorkmaň! Beýik we haýbatly Rebbi ýatlaň! Garyndaşlaryňyz, ogullaryňyz, gyzlaryňyz, aýallaryňyz we öýleriňiz üçin söweşiň!»
15 Duşmanlarymyz olaryň niýetleriniň bize aýandygyny we Hudaýyň olaryň niýetlerini başa bardyrmanlygyny eşidenlerinde, biziň hemmämiz diwar gurmaga, herimiz öz işli-işimize gaýdyp bardyk. 16–17 Şol günden başlap, meniň adamlarymyň ýarysy diwar gurluşygynda işledi; beýleki ýarysy-da naýzalary, galkanlary, ýaýlary we sowutlary bilen goragda durdular. Baştutanlar hem diwar gurýan ýahudalary göz astynda sakladylar. Ýük daşaýanlar bir elleri bilen işläp, beýleki ellerinde ýarag tutdular.
18 Gurluşykçylaryň hemmesiniň işleýärkäler-de billeri gylyçlydy. Surnaýçy bolsa meniň ýanymda durdy.
19 Men beglere, baştutanlara we halkyň galanyna: «Iş köp we onuň gerimi giň, diwaryň üstünde biz dagynyk we biri-birimizden uzak.
20 Şonuň üçin siz surnaý sesini eşiden badyňyza biziň ýanymyza ýygnanyşyň. Hudaýymyz biziň üçin söweşer» diýdim.
21 Şeýdip, biz her gün daň atandan gün batýança işledik, adamlaryň ýarysy naýzalar göterdi.
22 Şol wagt men ýene-de halka ýüzlenip: «Gije bizi gorap, gündizem işlär ýaly, goý, her kim öz hyzmatkäri bilen Iýerusalimde gije ýatymlyk galsyn» diýdim.
23 Şeýdip, ne men, ne garyndaşlarym, ne hyzmatkärlerim, ne-de yzymdaky janpenalarym – hiç birimiz eşigimizi çykarmadyk. Ýaraglarymyz hem sag elimizdedi.




Chapter 5

1 Biraz wagt geçensoň, birtopar adam we olaryň aýallary öz ýahuda doganlaryndan ýaňa ahy-nala etdiler.
2 Käbirleri: «Ogullarymyz we gyzlarymyz bilen biz köplükdiris; diri galarymyz ýaly, bize galla berilsin» diýýärdiler.
3 Käbirleri-de: «Biz açlyk zerarly galla aljak bolup, ýerimizi, öýümizi, üzümli howlularymyzy girewe goýduk» diýýärdiler.
4 Olaryň: «Biz patyşanyň ekin ýerimize, üzümçiligimize salýan salgydyny tölemek üçin, pul karz aldyk.
5 Biziň süňňümizem, aslymyzam beýleki ýahudalaryňky bilen birdir. Çagalarymyzam şolaryň çagasyndan kem däl. Muňa garamazdan, biz ogullarymyzy, gyzlarymyzy gulçulyga bermeli bolýarys. Gyzlarymyzyň-a eýýäm gyrnak bolanlary-da bar. Emma biziň etjek alajymyz ýok, sebäbi ekin ýerimizem, üzümçiligimizem başga adamlaryň elinde» diýýänleri-de bardy.
6 Olaryň dady-perýatlaryny we arz-şikaýatlaryny eşidenimde, meniň gaty gaharym geldi.
7 Bu zatlar hakda oýlanyp, beglere hem baştutanlara käýindim. Men olara: «Siziň her biriňiz öz halkyňyza göterimine pul berýärsiňiz» diýdim. Onsoň olaryň garşysyna uly jemagaty ýygnap, şeýle diýdim:
8 «Biz ýagdaýymyzyň çatdygyndan, başga milletlere satylan öz ýahuda doganlarymyzy yzyna satyn aldyk. Emma siz hatda öz garyndaşlaryňyzy-da gulçulyga satýarsyňyz; soň biz olary yzyna satyn almaly bolýarys!» Olar dymyp, diýere söz tapmadylar.
9 Onsoň men: «Siziň bu edýän işiňiz gowy däl. Bize duşman bolan milletleriň gyjalatyndan gutulmak üçin, Hudaýymyzyň gorkusynda gezmeli dälmisiňiz?» diýdim.
10 Munuň üstesine-de, men, meniň doganlarym we meniň hyzmatkärlerim hem olara pul we galla karz berýäris. Geliň, şu göterimine zat bermegi bes edeliň.
11 Şu günüň özünde olaryň ekin ýerlerini, üzümçiligini, zeýtun baglaryny, öýlerini, puldan, bugdaýdan, ýaş şerapdan we ýagdan alan göterimiňizi olara yzyna gaýdyp beriň.
12 Şonda olar: «Biz edil seniň aýdyşyň ýaly ederis. Bularyň hemmesini yzyna bereris we olardan hiç zat talap etmeris» diýdiler. Onsoň men ruhanylary çagyryp, ähli ýolbaşçylara beren sözlerini berjaý etjekdiklerine ruhanylaryň öňünde ant içirdim.
13 Men donumyň syýyny silkip: «Eger-de kim şu beren sözünden dänse, Hudaý ony edil don syýynyň silkilip boşadylyşy ýaly öýünden, işinden mahrum etsin. Olar ähli zadyndan jyda düşsün» diýdim. Bütin jemagat hem muny makullap: «Omyn!» diýşip, Rebbe alkyş aýtdylar. Halk beren wadasyny ýerine ýetirdi. Nehemýanyň sahylygy
14 Ýahuda ýurduna häkimlige bellenen günümden, ýagny Artakserks patyşanyň ýigriminji ýylyndan otuz ikinji ýylyna çenli – on iki ýyllap men-de, meniň doganlarym-da häkime mahsus naharlanmadyk.
15 Menden öňki bolan häkimler welin, halkyň boýnuna agyr ýük bolup, olar ilatdan bir gadak kümüşden daşary-da, azyk, şerap alýan ekenler. Hatda olaryň hyzmatkärleri-de, halkyň üstünden höküm sürýän ekenler. Emma men Hudaýdan gorkýandygym üçin beýle iş etmedim.
16 Men ähli güýjümi diwaryň gurluşygyna sarp etdim. Özümize ýerem talap etmedim. Hyzmatkärlerimiň hemmesi-de iş üstünde boldular.
17 Saçagymyň başynda bize başga milletlerden gelenlerden başga-da, ýahudalardan we olaryň baştutanlardan ybarat ýüz elli adam naharlanardy.
18 Her gün nahar üçin bir öküz bilen alty sany semiz goýun soýlardy. Şeýle hem maňa towuklar bişirilip, her on günden meşikläp täze şerap getirilerdi. Emma men halkyň nähili agyr güzeran görýändigini bilýärdim, şonuň üçinem men häkime berilmeli azyk möçberini talap etmedim.
19 Eý, Hudaýym, bu halka eden ähli hyzmatlarym üçin meni ýagşylykda ýatla!




Chapter 6

1–2 Sanballat, Tobyýa, Geşem arap we beýleki duşmanlarymyz meniň diwary gurup gutardandygymy, onda ýekeje gädigiň hem galmandygyny (derwezeler entek ýerine oturdylmadyk hem bolsa) eşidenlerinde, Sanballat bilen Geşem meniň ýanyma adam iberip: «Gel, Ono düzlügindäki bir owada duşuşaly» diýdiler. Olar maňa kast etmegi ýüreklerine düwüpdiler.
3 Men hem olara çapar ýollap: «Men bu wagt gaty wajyp iş bilen meşgul, şonuň üçin baryp biljek däl. Onsoňam men siziň ýanyňyza baryp gelýänçäm, näme iş dursunmy?» diýdim.
4 Şeýle habar bilen olar meniň ýanyma dört gezek çapar ýolladylar. Men hem olary her gezek şol bir jogap bilen gaýtardym.
5 Bäşinji gezek Sanballat öz hyzmatkäriniň eline açyk hat berip, ony meniň ýanyma iberdi.
6 Ol hatda şeýle ýazylandy: «Milletler arasynda şeýle gürrüň bar, muny Geşem hem tassyklaýar. Sen we ýahudalar pitne turuzjak bolýarmyşyňyz? Diwary-da şonuň üçin gurup ýörmüşiňiz? Aýdyşlaryna görä, sen olara patyşa bolmalymyşyň.
7 „Ýahudanyň patyşasy bar“ diýip, özüň hakda Iýerusalimde wagyz etdirmek üçin pygamberler hem belläpsiň. Aýdyşlaryna görä, bu zatlaryň hemmesini patyşa habar berjekmişler. Şonuň üçinem, gel, bile maslahat edeli.»
8 Onsoň men onuň ýanyna adam iberip: «Seniň bu diýýän zatlaryň hiç biri-de edilenok. Bularyň ählisi seniň öz toslamaň» diýdim.
9 Çünki olaryň hemmesi bizi gorkuzmak isleýärdiler we: «Elleri işden sowap, iş togtar» diýip pikir edýärdiler. Şonuň üçinem men işi dowam etmek üçin güýç-kuwwat diledim.
10 Onsoň men öýünden çykman oturan, Mehetabeliň agtygy Delaýanyň ogly Şemagýanyň öýüne geldim. Ol maňa: «Gel, ikimiz Hudaýyň öýünde, içki otagda duşuşaly. Içki otagyň gapylarynam ýapaly, çünki olar seni öldürmäge gelerler. Olar hökman şu gije seni öldürmäge gelerler» diýdi.
11 Emma men: «Meniň ýaly adam gaçarmy? Heý-de, meniň ýaly adam diri galmak üçin içki otagda gizlenermi? Ýok, men içki otaga girjek däl!» diýdim.
12 Şemagýany Hudaýyň ibermändigine göz ýetirdim. Ol hamala bir pygamber hökmünde maňa şu zatlary diýdi, sebäbi Tobyýa bilen Sanballat ony hakyna tutupdylar.
13 Ol meni gorkuzyp, meniň şeýle hereket edip, günä gazanmagyma itergi bermek maksady bilen hakyna tutulypdy. Men şeýle edäýen bolsam, olar meni biabraý edip kemsidip biljekdiler.
14 Eý, Hudaýym, Tobyýa bilen Sanballatyň bu eden işlerini unutma, şeýle hem, pygamber aýal Nogadýa bilen beýleki meni gorkuzmak islän pygamberleriň edenlerini hem unutma! Işiň tamamlanmagy
15 Elli iki günden soň, Elul aýynyň ýigrimi bäşi güni diwar gurluşygy tamamlandy.
16 Töweregimizdäki milletlerden bolan ähli duşmanlarymyz muny eşidenlerinde, gaty gorkup, muny özlerine kemlik bildiler. Sebäbi olar bu işiň Hudaýymyzyň kömegi bilen edilendigine göz ýetirdiler.
17 Mundan başga-da, şol günler Ýahudanyň begleri Tobyýa köp hat ýolladylar. Tobyýanyň hatlary hem olara geldi.
18 Ýahudada köp adam Tobyýa bilen kasam edişipdi, çünki Tobyýa Araňyň ogly Şekanýanyň giýewsidi. Onuň ogly Ýehohanan hem Berekýanyň ogly Meşullamyň gyzyna öýlenipdi.
19 Şeýle hem olar meniň ýanymda onuň ýagşy işleri hakda gürrüň etdiler. Meniň diýýän sözlerimi hem oňa ýetirdiler. Tobyýa-da meni gorkuzjak bolup, maňa hatlar ýollady.




Chapter 7

1 Ine, diwar örülip, gapylar ýerine oturdyldy, derwezebanlar, aýdymçylar, lewiler bellendi.
2 Onsoň men doganym Hanany bilen galanyň serkerdesi Hananýany Iýerusalime häkim edip belledim. Çünki ol ynamdar adam bolup, köplere garanda, Hudaýdan has gaty gorkýardy.
3 Men olara şeýle tabşyryk berdim: «Gün gyzýança, Iýerusalimiň derwezeleri açylmasyn. Gün ýaşan çagy, entek derwezebanlar nobatçylykdan gitmänkäler, gapylary gulplasynlar. Iýerusalimiň ilatyndan garawullar goýuň; olaryň käbiri öz goramaly ýerlerinde we beýlekileri bolsa öz öýleriniň öňünde bolsunlar». Sürgünden gaýdyp gelenleriň sanawy
4 Şäher giň hem uludy, emma onuň içindäki ilat welin azdy, jaýlar salynmandy.
5 Onsoň nesilleri boýunça hasaba almak üçin begleri, baştutanlary we halky üýşürmegi Hudaýym ýüregime saldy. Men ýesirlikden ilkinji dolanyp gelenleriň nesilleri bilen geçirilen ilat ýazuwyny gözläp tapdym. Onda şular ýazylandy:
6 Babyl patyşasy Nebukadnesar tarapyndan ýesir alnyp, Babyla sürgün edilenleriň nesillerinden Iýerusalimdäki we Ýahudadaky öz galalaryna gaýdyp gelenleri, ine, şulardy:
7 Zerubabyl, Ýeşuwa, Nehemýa, Azarýa, Ragamýa, Nahamany, Mordekaý, Bilşan, Misperet, Bigwaý, Nehum we Bagana dagy bilen geldiler. Ysraýyl halkynyň erkek adamlarynyň sany:
8 Paroşyň nesilleri: iki müň bir ýüz ýetmiş iki adam;
9 Şepatýanyň nesilleri: üç ýüz ýetmiş iki adam;
10 Aranyň nesilleri: alty ýüz elli iki adam;
11 Ýeşuwanyň we Ýowabyň neslinden – Pahatmowabyň nesilleri: iki müň sekiz ýüz on sekiz adam;
12 Eýlamyň nesilleri: bir müň iki ýüz elli dört adam;
13 Zatunyň nesilleri: sekiz ýüz kyrk bäş adam;
14 Zakaýyň nesilleri: ýedi ýüz altmyş adam;
15 Binnuýyň nesilleri: alty ýüz kyrk sekiz adam;
16 Bebaýyň nesilleri: alty ýüz ýigrimi sekiz adam;
17 Azgadyň nesilleri: iki müň üç ýüz ýigrimi iki adam;
18 Adonykamyň nesilleri: alty ýüz altmyş ýedi adam;
19 Bigwaýyň nesilleri: iki müň altmyş ýedi adam;
20 Adiniň nesilleri: alty ýüz altmyş bäş adam;
21 Ateriň, ýagny Hizkiýanyň nesilleri: togsan sekiz adam;
22 Haşumyň nesilleri: üç ýüz ýigrimi sekiz adam;
23 Bezaýyň nesilleri: üç ýüz ýigrimi dört adam;
24 Harybyň nesilleri: bir ýüz on iki adam;
25 Gibgonyň nesilleri: togsan bäş adam;
26 Beýtullahamyň we Netopanyň ýaşaýjylary: bir ýüz segsen sekiz adam;
27 Anotodyň ýaşaýjylary: bir ýüz ýigrimi sekiz adam;
28 Beýtazmawediň ýaşaýjylary: kyrk iki adam;
29 Kirýat Ýegarymyň, Kepiranyň we Beýerodyň ýaşaýjylary: ýedi ýüz kyrk üç adam;
30 Ramanyň we Gebanyň ýaşaýjylary: alty ýüz ýigrimi bir adam;
31 Mikmaşyň ýaşaýjylary: bir ýüz ýigrimi iki adam;
32 Beýteliň we Aýyň ýaşaýjylary: bir ýüz ýigrimi üç adam;
33 Beýleki Nebonyň ýaşaýjylary: elli iki adam;
34 Beýleki Eýlamyň nesilleri: bir müň iki ýüz elli dört adam;
35 Harymyň nesilleri: üç ýüz ýigrimi adam;
36 Ýerihonyň nesilleri: üç ýüz kyrk bäş adam;
37 Loduň, Hadydyň we Ononyň nesilleri: ýedi ýüz ýigrimi bir adam;
38 Senanyň nesilleri: üç müň dokuz ýüz otuz adam.
39 Ruhanylar: Ýeşuwanyň kowmundan Ýedagýanyň nesilleri: jemi dokuz ýüz ýetmiş üç adam;
40 Immeriň nesilleri: bir müň elli iki adam;
41 Paşhuryň nesilleri: bir müň iki ýüz kyrk ýedi adam;
42 Harymyň nesilleri: bir müň on ýedi adam;
43 lewiler: Hodawýanyň nesilleri, ýagny Ýeşuwanyň we Kadmyýeliň nesilleri: ýetmiş dört adam;
44 aýdymçylar: Asafyň nesilleri bir ýüz kyrk sekiz adam;
45 derwezebanlar: Şallumyň, Ateriň, Talmonyň, Akubyň, Hatytanyň, Şobaýyň nesilleri: bir ýüz otuz sekiz adam;
46 ybadathana hyzmatkärleri: Sihanyň, Hasupanyň, Tabagotyň,
47 Kerosyň, Siganyň, Padonyň,
48 Lebananyň, Hagabanyň, Şalmaýyň,
49 Hananyň, Gideliň, Gaharyň,
50 Reýaýanyň, Resiniň, Nekodanyň,
51 Gazamyň, Uzanyň, Paseýanyň,
52 Besaýyň, Megunymyň, Nepuşesimiň,
53 Bakbugyň, Hakupanyň, Harhuryň,
54 Baslutyň, Mehidanyň, Harşanyň,
55 Barkosyň, Siseranyň, Temanyň,
56 Nesiýanyň, Hatypanyň nesilleri;
57 Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesillerinden: Sotaýyň, Soperetiň, Peridanyň,
58 Ýaglanyň, Darkonyň, Gideliň,
59 Şepatýanyň, Hatylyň, Pokeret-Hasebaýymyň we Amonyň nesilleri.
60 Ähli ybadathana hyzmatkärleriniň we Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesilleriniň jemi üç ýüz togsan iki adam boldy.
61 Telmeladan, Telharşadan, Kerupdan, Adondan we Immerden çykanlar, ýöne öz uruglaryny, öz aslyny ýa-da özleriniň Ysraýyla degişlidiklerini subut edip bilmedikler şulardy:
62 Delaýanyň, Tobyýanyň we Nekodanyň nesilleri: alty ýüz kyrk iki adam;
63 şeýle hem ruhanylardan: Hobaýanyň nesilleri, Hakosyň nesilleri we gilgatly Barzyllaýyň gyzlaryndan aýal alyp, olaryň ady bilen atlandyrylan Barzyllaýyň nesilleri.
64 Bular öz ýazgylaryny nesilleri boýunça hasaba alnanlaryň arasyndan gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçinem olar galp ruhanylar hökmünde ruhanylykdan çykaryldylar.
65 Häkim olara Urymy we Tummymy ulanyp bilýän ruhany gelýänçä, iň mukaddes nahardan iýmezligi tabşyrdy. 66–67 Ýedi müň üç ýüz otuz ýedi aýaldyr erkek hyzmatkärleri hem-de iki ýüz kyrk bäş erkek we aýal aýdymçylary hasap etmäniňde, ähli halkyň sany kyrk iki müň üç ýüz altmyşdy. 68–69 Olaryň dört ýüz otuz bäş düýesi we alty müň ýedi ýüz ýigrimi sany-da eşegi bardy.
70 Käbir urugbaşylar iş üçin peşgeşler berdiler. Häkim hazyna ýigrimi gadak töweregi altyn, elli legen, bäş ýüz otuz laý ruhany eşigini berdi.
71 Käbir urugbaşylar bolsa gurluşyk gaznasyna sekiz ýarym batman töweregi altyn, altmyş bäş batman kümüş berdiler.
72 Halkyň galan böleginiň beren zatlary, sekiz ýarym batman töweregi altyn, elli sekiz batman kümüş we altmyş ýedi laý ruhany eşiginden ybarat boldy.
73 Ruhanylar, lewiler, halkyň käbiri, ybadathana derwezebanlary, aýdymçylary, hyzmatkärleri we bütin ysraýyl halky öz galalarynda ornaşdylar. Ýedinji aý gelende, ysraýyllaryň hemmesi öz galalaryndadylar.




Chapter 8

1 Ähli halk edil bir adam ýaly bolup, Suw derwezesiniň öňündäki meýdança ýygnandy. Onsoň olar ruhany we mürze Ezradan Reb tarapyndan Ysraýyla berlen Musanyň Töwrat kitabyny getirmegini soradylar.
2 Şeýdip, ýedinji aýyň birinji güni Ezra Töwrat kitabyny halkyň öňüne getirdi. Diňläp, erkeklerdir aýallaryň we beýleki düşünip biljekleriň öňünde hemmesi ol ýerdedi.
3 Onsoň ol Suw derwezesiniň öňündäki meýdançada erkekleriň we aýallaryň we beýleki düşünip biljekleriň öňünde ir ertirden günortana çenli ony okady. Bütin halk Töwrat kitabyny üns berip diňledi.
4 Mürze Ezra ýörite şu maksat üçin gurlan agaç sekiniň üstünde durdy. Onuň sag gapdalynda Matytýa, Şema, Anaýa, Uryýa, Hilkiýa we Magaseýa, çep gapdalynda bolsa Pedaýa, Mişaýyl, Malkyýa, Haşum, Haşbadana, Zakarýa we Meşullam dagy durdular.
5 Ezra bütin halkyň gözüniň alnynda kitaby açdy. Ol hemmeden ýokarda durdy. Ol kitaby açanda, bütin halk ör turdy.
6 Onsoň Ezra beýik Hudaý Rebbe alkyş aýtdy. Ähli jemagat elini ýokary galdyryp: «Omyn. Omyn» diýip jogap berdi. Soňra olar ýüzlerini ýere berip, Rebbe sežde etdiler.
7 Soňra olar ýerlerinden turup, hersi öz ýerinde durdular. Lewiler: Ýeşuwa, Bany, Şerebýa, Ýamyn, Akup, Şabetaý, Hodyýa, Magaseýa, Kelita, Azarýa, Ýozabat, Hanan, Pelaýa dagy halka kanuny düşündirdiler.
8 Olar kitapdan, Hudaýyň kanunyndan jikme-jik okap, onuň manysyny halka düşündirdiler.
9 Kanunyň sözlerini eşidende, halk aglady. Onsoň häkim Nehemýa, ruhany hem mürze Ezra we kanuny düşündirýän lewiler halka ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Bu gün Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes gündür. Şonuň üçin ýas tutup aglaşmaň!
10 Baryň ýagly et iýiň, süýji şerap içiň. Bişirmäge zady ýoklara paý iberiň, çünki bu gün Rebbimiz üçin mukaddes gündür. Gam çekmäň, çünki Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat berer».
11 Şeýdip, lewiler: «Ümsüm boluň, bu gün mukaddes gündür, gamgyn bolmaň!» diýip, halky köşeşdirdiler.
12 Onsoň bütin halk iýip-içip, özlerinde bar zatlaryny başgalar bilen paýlaşyp, uly şagalaň etmäge gitdiler. Çünki olar okalyp berlen sözlere düşünipdiler. Çatma baýramy
13 Ikilenji gün bütin halkyň urugbaşylary, ruhanylardyr lewiler bilen bile mürze Ezranyň ýanyna kanunyň sözlerini öwrenmäge üýşdüler. 14–15 Olar kanunda: «Ysraýyl halky ýedinji aýda baýramçylyk döwründe çatmalarda ýaşasyn. „Daglara çykyp, zeýtun, igde, mirt, palma we beýleki gyrymsy agaçlaryň şahalaryny getirip, kanunda ýazylyşy ýaly çatma guruň!“ diýip, özleriniň ähli galalarynda we Iýerusalimde jar çekdirip mälim etmeklerini Reb Musa arkaly tabşyrdy» diýlen ýazgyny tapdylar.
16 Onsoň adamlar şahalar getirip, her kim öz öýüniň üçeklerinde, howlularynda, Hudaýyň öýüniň howlularynda, Suw derwezesiniň, Efraýym derwezesiniň ýanyndaky meýdançalarda özlerine çatma dikdiler.
17 Ýesirlikden gaýdyp gelenleriň ählisi çatma dikip, onda wagtlaýyn boldular. Çünki Nunuň ogly Ýeşuwanyň döwründen tä şol güne çenli ysraýyl halky beýle zat etmändi. Olar şeýle uly şady-horramlyk etdiler.
18 Baýramçylygyň birinji gününden ahyrky gününe çenli Ezra her gün Hudaýyň Töwrat kitabyndan okady. Olar ýedi günläp baýram etdiler. Sekizlenji gün bolsa buýrulyşy ýaly, mukaddes ýygnak geçirildi.




Chapter 9

1 Ýedinji aýyň ýigrimi dördüne ysraýyl halky agyz beklemäge ýygnanyşdy. Olar jul geýnip, başlaryndan gum sowrupdy.
2 Ysraýyllar ähli kese ýerlilerden özlerini aýryp, öz günälerini, ata-babalarynyň etmişlerini boýun aldylar.
3 Duran ýerlerinden ör turup, günüň dörtden bir bölegini öz Hudaýy Rebbiň Töwrat kitabyny okap geçirdiler we beýleki dörtden birinde bolsa günälerini boýun alyp, öz Hudaýy Rebbe ybadat etdiler.
4 Lewileriň sekisinde Ýeşuwa, Bany, Kadmyýel, Şebanýa, Bunny, Şerebýa, Bany we Kenany dagy durdular. Olar gaty ses bilen Hudaýy Rebbi çagyrdylar.
5 Onsoň lewiler Ýeşuwa, Kadmyýel, Bany, Haşabneýa, Şerebýa, Hodyýa, Şebanýa we Petahýa dagy şeýle diýdiler: «Ör turup, Hudaýyňyz Rebbi ezelden ebedä çenli şöhratlaň! Ýa Hudaý Reb, alkyşlardan, öwgülerden üstün bolan şöhratly adyňa alkyş bolsun!» Tutuş halk toba edýär
6 Ezra şeýle diýdi «Reb Sen, diňe Sensiň. Gögi, arşy ähli ýyldyzlary bilen, Ýeri we onuň üstündäki barça zatlary, deňizleri we olardaky ähli janly-jandarlary ýaradan Sensiň. Hemmesine Sen jan berýäň. Gögüň goşunlary Saňa sežde edýärler.
7 Ýa Beýik Hudaý, Ybramy saýlap, ony babyllaryň Ur galasyndan çykaryp, oňa Ybraýym adyny beren Sensiň.
8 Öz huzuryňda ýüregini sadyk tapyp, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, ýabuslaryň, girgaşlaryň ýurduny nesline bermek hakda onuň bilen äht edişen we ähtini ýerine ýetiren adalatly Hudaýsyň.
9 Sen ata-babalarymyzyň Müsürde başyndan inen külpetlerini gördüň; Gyzyl deňziniň kenaryndaky perýatlaryny eşitdiň.
10 Fyrownyň garşysyna, onuň ähli hyzmatkärleriniň we onuň ýurdunyň ähli ilatynyň garşysyna alamatlar, gudratlar görkezdiň. Çünki Sen olaryň biziň atalarymyza garşy tekepbirlik bilen hereket edendiklerini bilýärdiň. Sen Özüňe şu günlere çenli öçmejek şöhratly at gazandyň.
11 Deňziň ortasynda gury ýerden geçerleri ýaly, Sen olaryň öňünde deňzi ikä böldüň. Olaryň yzlaryndan kowalaýanlary bolsa çuňluga, daş bölegi ýaly möwç urýan suwlara taşladyň.
12 Üstesine-de, olara gündizlerine bulut sütüni bilen ugur görkezip, gijelerine ot sütüni bilen ýöremeli ýollaryny ýagtyltdyň.
13 Sen Sinaý dagynyň depesine inip, gökden olar bilen gürleşdiň. Olara dogry hökümler, hak kanunlar, oňat parzlar hem tabşyryklar berdiň.
14 Öz mukaddes Sabat günüňi olara aýan etdiň. Guluň Musanyň üsti bilen olara tabşyryklar, parzlar we kanunlar berdiň.
15 Ajyganlarynda, gökden çörek inderdiň, suwsanlarynda, gaýadan suw çykardyň. Berjek diýip wada eden ýurduňy gidip eýelemegi Sen olara emr etdiň.
16 Emma ata-babalarymyz tekepbirlik hem boýnuýogynlyk etdiler, Seniň tabşyryklaryňa gulak asmadylar.
17 Gulak asmakdan boýun towlap, olaryň arasynda Seniň görkezen gudratlaryňy ýatdan çykardylar. Emma olar boýnuýogynlyk edip, Müsürdäki gulçulyklaryna dolanyp barmagy ýüreklerine düwdüler. Emma Sen geçirimli, merhemetli, rehimdar, giň göwünli we wepaly söýgä baý Hudaý. Sen olary terk etmediň. 18–19 Hatda olar özlerine göle heýkelini ýasap: „Sizi Müsürden çykaran hudaý, ynha, şudur!“ diýip, Saňa erbet dil ýetirenlerinde-de, beýik rehimdarlygyň üçin Sen olary çölde ýeke taşlamadyň. Olara ýol görkezmäge gündizlerine bulut sütünini, gijelerine-de ýörejek ýollaryny ýagtyldyp, gitmeli ugurlaryny görkezer ýaly ot sütünini depelerinden aýyrmadyň.
20 Olara öwüt bermek üçin paýhasly Ruhuňy berdiň. Mannany olaryň agzyndan kesmediň, suwsanlarynda suw berdiň.
21 Olary kyrk ýyllap çölde eklediň, hiç zada zar etmediň. Olaryň eşikleri könelmedi, aýaklary gabarmady.
22 Olara patyşalyklary, halklary berip, her bir künjegi deň paýladyň. Şeýdip, olar Heşbon patyşasy Sihonyň ýurduny we Başan patyşasy Oguň ýurduny eýelediler.
23 Nesillerini gögüň ýyldyzlary kimin köpeldip, olary eýelemäge bararsyňyz diýip atalaryna aýdan ýurduňa getirdiň.
24 Olaryň nesilleri gelip, ýurdy eýelediler. Sen ýurduň ilatyny, kenganlylary olara boýun egdirdiň. Halanlaryny etsinler diýip ýurduň halklaryny patyşalary bilen birlikde olaryň ellerine berdiň.
25 Şeýdip, olar galaly şäherleri, mes toprakly ýerleri basyp aldylar. Içi oňat zatlardan doly öýleri, gazylan daş guýylary, üzüm baglaryny, zeýtun baglaryny, köp sanly miweli agaçlary eýelediler. Şeýdip, olar iýip doýdular, semrediler. Seniň uly sahawatyňdan lezzet aldylar.
26 Muňa garamazdan, olar gulak asmazak boldular. Olar Saňa garşy pitne turzup, Seniň kanunyňy ýigrendiler. Saňa tarap öwrülmelidiklerini duýduran pygamberleriňi öldürdiler. Saňa erbet dil ýetirdiler.
27 Şonuň üçinem Sen olary duşmanlarynyň eline berdiň. Duşmanlary olara ezýet berdiler. Horluk çekýärkäler, olar Saňa nalyş etdiler. Sen olaryň nalasyny gökden eşitdiň. Beýik rehimdarlygyň bilen ysraýyllary duşman elinden halas eder ýaly halasgärler berdiň.
28 Emma janlary aram tapan badyna, olar Seniň öňüňde ýene-de pislik etdiler. Sen olary duşmanlarynyň elinde galdyrdyň. Duşmanlary olaryň üstünden agalyk sürdüler. Ýöne olar ýene Saňa nalyş edenlerinde, Sen gökden olaryň nalasyna gulak saldyň. Rehimdarlygyň bilen olary ençeme gezek halas etdiň.
29 Sen olara Öz kanunyňa tarap öwrülmeklerini duýdurdyň. Emma olar şonda-da tekepbirlik edip, Seniň tabşyryklaryňa boýun egmediler, hökümleriňi ret etdiler. Hökümleri berjaý eden ýaşar. Olar gerişlerini ýükden sowup, boýnuýogynlyk etdiler, diňlemediler.
30 Sen ençeme ýyllap, olar bilen sabyrly bolduň. Pygamberleriň arkaly, Öz Ruhuň bilen olara duýdurdyň. Emma şonda-da olar gulak asmadylar. Şonuň üçin hem Sen olary ýurtlaryň halklarynyň eline berdiň.
31 Emma Öz tükenmez rehimdarlygyň bilen olary bütinleý ýok etmediň ýa-da terk etmediň. Çünki Sen merhemetli, rehimdar Hudaýsyň.
32 Eý, ähtini we wepaly söýgüsini saklaýan Hudaýymyz! Beýik, gudratly hem haýbatly Hudaý! Aşur patyşalarynyň döwründen tä şu güne çenli patyşalarymyzyň, baştutanlarymyzyň, ruhanylarymyzyň, pygamberlerimiziň, ata-babalarymyzyň, Seniň halkyň bolan biziň başymyzdan inen jebir-jepalar Seniň gözüňe az görünmesin.
33 Başymyzdan inen ähli jezalarda Sen adalatly bolduň. Çünki Sen wepaly bolsaň-da, biz erbetlik etdik.
34 Patyşalarymyz, baştutanlarymyz, ruhanylarymyz we ata-babalarymyz Seniň kanunyňy tutmadylar. Seniň beren tabşyryklaryňa, duýduryşlaryňa gulak asmadylar.
35 Olar öz patyşalyklarynda, Seniň beren bolçulygyňda, Seniň beren giň we mes toprakly mekanyňda Saňa gulluk etmediler, öz pis işlerinden el çekmediler.
36 Ine, biz şu güne çenli guldurys. Miwesini, nygmatyny iýsinler diýip ata-babalarymyza beren ýurduňda biz guldurys.
37 Mundan önýän bol hasyl bolsa günälerimiz zerarly Seniň üstümizden goýan patyşalaryňa gidýär. Olar biziň, mal-garalarymyzyň üstünden isledikleriçe höküm sürýärler. Biz bolsak, agyr muşakgat içindediris».
38 Bu zatlaryň hemmesi üçin biz Seniň bilen ýazmaça berk äht edişýäris. Bu möhürli hata baştutanlarymyzyň, lewilerimiziň we ruhanylarymyzyň atlary ýazylýar.




Chapter 10

1 Möhürli hata ady ýazylanlar: Hakalýanyň ogly häkim Nehemýa, Sidkiýa,
2 Seraýa, Azarýa, Ýermeýa,
3 Paşhur, Amarýa, Malkyýa,
4 Hatuş, Şebanýa, Malluk,
5 Harym, Meremot, Abadýa,
6 Danyýel, Gineton, Baruk,
7 Meşullam, Abyýa, Miýamyn,
8 Magazýa, Bilgaý, Şemaýa – bular ruhanylardyr.
9 Lewiler: Azanýanyň ogly Ýeşuwa, Henadadyň ogullaryndan Binnuý, Kadmyýel.
10 Olaryň doganlary Şebanýa, Hodyýa, Kelita, Pelaýa, Hanan,
11 Mika, Rehop, Haşabýa,
12 Zakur, Şerebýa, Şebanýa,
13 Hodyýa, Bany, Beninu.
14 Halk ýolbaşçylaryndan: Paroş, Pahatmowap, Eýlam, Zatu, Bany,
15 Bunny, Azgat, Bebaý,
16 Adonyýa, Bigwaý, Adin,
17 Ater, Hizkiýa, Azur,
18 Hodyýa, Haşum, Bezaý,
19 Haryp, Anatot, Nebaý,
20 Magpygaş, Meşullam, Hezir,
21 Meşezabel, Sadok, Ýaduwa,
22 Pelatýa, Hanan, Anaýa,
23 Hoşeýa, Hananýa, Haşup,
24 Halloheş, Pilha, Şobek,
25 Rehum, Haşabna, Magaseýa,
26 Ahyýa, Hanan, Anan,
27 Malluk, Harym, Bagana. Kanuny saklamak baradaky şertnama 28–29 Galan halk, ruhanylar, lewiler, ybadathana derwezebanlary, aýdymçylary, hyzmatkärleri we Hudaýyň kanunyna uýmak üçin özlerini ýerli halklardan bölüp aýranlaryň hemmesi – olaryň aýallary, ogul-gyzlary, kanuna düşünip bilýänleriň bary öz garyndaşlary we olaryň begleri bilen birleşdiler. Olar Hudaýyň guly Musanyň üsti bilen berlen kanuna görä ýaşamaga, Hudaýymyz Rebbiň ähli tabşyryklaryny, hökümlerini, parzlaryny saklap, olary berjaý etmäge ant içdiler, ýerine ýetirmeýänleri bolsa näletlediler.
30 Biz ýerli halklar bilen gyz alşyp-berişmeris.
31 Eger ýerli halklar Sabat güni satmaga harytlar ýa-da galla getirseler-de, biz olardan Sabat we mukaddes günlerde hiç zat satyn almarys. Her ýedinji ýyl biz ýere dynç bereris hem-de algylarymyzyň baryny geçeris. 32–33 Şeýle hem biz her ýyl bir mysgal kümşi, Hudaýymyzyň öýüniň hyzmaty üçin bermegi özümize borç edindik. Bu kümüş hödür çöregi, hemişelik galla sadakasy, hemişelik ýakma gurbanlygy, Sabat günleri, Täze Aý baýramlary we beýleki baýramlar, mukaddes sadakalar, Ysraýyly günäsinden saplama gurbanlyklary üçin ulanylar.
34 Biz halk, ruhanylar we lewiler bije atyşyp, her ýyl bellenen wagtlarda Hudaýymyzyň öýüne oduny haýsy urugyň getirmelidigini şertleşdik. Bu odunlar kanunda ýazylyşy ýaly, Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasynda ýakylmalydy.
35 Ýerimiziň ilkinji hasylyny we her bir agaçdan önen ilkinji miweleri her ýyl Rebbiň öýüne getirmegi özümize borç edinýäris.
36 Kanunda ýazylyşy ýaly, ilki doglan ogullarymyzy Hudaýyň öýünde hyzmat edýän ruhanylaryň ýanyna getirip, ilkinji mal-garalarymyzy, sürülerimiziň ilki bolan öküzçelerini, goýun-geçilerimiziň ilkinji erkek owlak-guzularyny olara eltip bereris.
37 Her ýyl ilkinji galladan edilen hamyry, öz sadakalarymyzy, dürli miweleri, täze şeraby, ýagy ruhanylara, Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarys. Ýerimizden önýän hasylyň ondan bir bölegini lewilere bereris. Çünki galalarymyzda lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarlar.
38 Lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarkalar, Harun neslinden bir ruhany olaryň ýanynda bolar. Lewiler hem özleri üçin toplanan tutuş hasylyň ondan bir bölegini Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarlar.
39 Çünki ysraýyl halky we lewiler gallany, täze şerap we ýag sadakasyny ammarlara getirmelidirler. Ol ýerde mukaddes ýeriň gap-gaçlary, hyzmat edýän ruhanylar, derwezebanlardyr aýdymçylar bolýandyr. Biz Hudaýymyzyň öýüni terk etmeris.




Chapter 11

1 Halk baştutanlary Iýerusalimde ýaşadylar. Ilatyň galany bije atyşyp, mukaddes şäher bolan Iýerusalimde ýaşar ýaly, her on maşgaladan birini saýladylar. Galan dokuzysy bolsa beýleki galalarda galdylar.
2 Halk Iýerusalimde ýaşamaga meýletin isleg bildirenleriň hemmesine ak pata berdi.
3 Iýerusalimde mesgen tutanlar welaýat baştutanlarydy. Ýöne ruhanylar, lewiler, ybadathana hyzmatkärleri, Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesilleri we beýleki ysraýyl adamlarynyň hersi Ýahudanyň galalaryndaky öz galasynda, öz mülkünde mesgen tutdular.
4 Ýahuda we benýamin tireleriniň käbirleri Iýerusalimde ýaşadylar. Ýahuda tirelerinden: Zakarýanyň agtygy Uzyýanyň ogly Ataýa. Onuň ata-babalaryna Pereziň neslinden bolan Amarýa, Şepatýa, Mahalalel degişlidir.
5 Kolhozeniň agtygy, Barugyň ogly Magaseýa. Onuň ata-babalaryna Hazaýa, Adaýa, Ýoýaryp we Zakarýa degişlidir. Bular Ýahudanyň ogly Şelanyň neslindendi.
6 Iýerusalimde mesgen tutan Pereziň ähli nesilleri dört ýüz altmyş sekiz edermen urşujylardan ybaratdy.
7 Benýamin tiresiniň adamlary: Ýogediň agtygy Meşullamyň ogly Sallu. Onuň ata-babalaryna Pedaýa, Kolaýa, Magaşeýa, Itiýel we Ýeşagýa degişlidir.
8 Sallunyň ýakyn garyndaşlary Gabaý hem Sallaý. Jemi dokuz ýüz ýigrimi sekiz benýaminli Iýerusalimde ýaşaýardy.
9 Zikriniň ogly Ýowel olaryň ýolbaşçysydy. Hasenuwanyň ogly Ýahuda bolsa şäheriň üstünden baştutanlyk edýän ikinji adamdy.
10 Ruhanylardan: Ýoýarybyň ogly Ýedagýa we Ýakyn.
11 Meşullamyň agtygy Hilkiýanyň ogly Seraýa. Onuň ata-babalaryna Sadok, Meraýot we Hudaýyň öýüniň baştutany bolan Ahytup degişlidir.
12 Olaryň Hudaýyň öýüniň işini edýän garyndaşlarynyň jemi sekiz ýüz ýigrimi iki adamdy. Ata-babalary Amasy, Zakarýa, Paşhur we Malkyýa bolan Pelalýanyň agtygy Ýerohamyň ogly Adaýa.
13 Onuň doganlary, urugbaşylary iki ýüz kyrk ikidi. Azareliň ogly Ahzaýyň agtygy Amaşsaý. Onuň ata-babalaryna Meşillemot we Immer degişlidir.
14 Olaryň doganlary bir ýüz ýigrimi sekiz edermen urşujylardy. Olaryň ýolbaşçysy Hagedolymyň ogly Zabdyýeldi.
15 Lewilerden: Azrykamyň agtygy, Haşubyň ogly Şemagýa. Onuň ata-babalaryna Haşabýa we Buni degişlidir.
16 Lewileriň baştutanlaryndan bolan, Hudaýyň öýüniň daşarky işlerine seredýän Şabetaý we Ýozabat.
17 Dilegde şükür etmäge başlananda öňüni başlaýan, Asafyň neslinden bolan Zabdynyň agtygy, Mikanyň ogly Matanýa. Doganlarynyň arasynda onuň orunbasary Bakbukýa; Ýedutunyň neslinden Galalyň agtygy, Şammuwanyň ogly Abda bardy.
18 Mukaddes şäherde ýaşaýan lewileriň jemi iki ýüz segsen dörtdi.
19 Derwezebanlar Akup, Talmon we onuň derwezeleri saklaýan doganlary bir ýüz ýetmiş ikidi.
20 Ysraýylyň, ruhanylaryň we lewileriň galanlary bolsa Ýahudanyň ähli galalarynda, öz mülklerindediler.
21 Emma ybadathana hyzmatkärleri Ofelde ýaşaýardylar. Ziha bilen Gişpa olara ýolbaşçylyk edýärdiler.
22 Iýerusalimdäki lewileriň ýolbaşçysy Uzydy. Ol Haşabýanyň agtygy Banynyň ogludyr. Onuň ata-babalaryna Hudaýyň öýünde gulluk edýän aýdymçylardan bolan Asafyň neslinden Matanýa we Mika degişlidir.
23 Patyşa tarapyndan olara degişli ýörite perman bardy we aýdymçylaryň her güni üçin azyk harjy bellenipdi.
24 Ýahuda nesliniň Zera urugyndan Meşezabeliň ogly Petahýa halka degişli her bir işde patyşanyň ýanynda wekilçilik edýärdi. Beýleki galalardaky we obalardaky halk
25 Halkyň köp bölegi obalarda, öz ekin meýdanlarynyň ýanynda ýaşadylar. Ýahuda halkynyň käbirleri Kirýatarbada, Dibonda, Ýekabseýelde we olaryň töweregindäki obalarda ýaşadylar.
26 Olar şeýle hem Ýeşuwada, Moladada, Beýtpeletde,
27 Hasarşugalda, Beýerşebada we onuň obalarynda mesgen tutdular.
28 Olar Ziklag galasynda, Mekonada we onuň golaýyndaky obalarda ýaşaýardylar.
29 Eýnrimmonda, Sorada, Ýarmutda,
30 Zanowada, Adullamda we bu galalaryň ýanyndaky obalarda ýaşaýardylar. Olar Lakyşda, onuň golaýyndaky meýdanlarda, Azekada we onuň obalarynda ýaşaýardylar. Olar Beýerşebadan Hinnom deresine çenli aralykda mesgen tutdular.
31 Benýamin ogullary, Gebada, Mikmaşda, Aýada, Beýtelde, golaýdaky obalarda,
32 Anatotda, Nopda we Ananýada,
33 Hasorda, Ramada we Gitaýymda.
34 Hadytda, Sebogymda we Neballatda.
35 Lotda, Onoda we hünärmentler deresinde mesgen tutdular.
36 Ýahudada ýaşaýan lewileriň käbir toparlary benýaminlere goşuldylar.




Chapter 12

1 Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl we Ýeşuwa bilen gelen ruhanylardyr lewiler: Seraýa, Ýermeýa, Ezra,
2 Amarýa, Malluk, Hatuş,
3 Şekanýa, Rehum, Meremot,
4 Ydo, Ginetoý, Abyýa,
5 Miýamyn, Magadýa, Bilga,
6 Şemagýa, Ýoýaryp, Ýedagýa,
7 Sallu, Amok, Hilkiýa, Ýedagýa. Ýeşuwanyň döwründe bular öz doganlarynyň we ruhanylaryň baştutanlarydylar.
8 Lewiler: Ýeşuwa, Binnuý, Kadmyýel, Şerebýa, Ýahuda we Matanýa öz doganlary bilen şükür edilende ýolbaşçylyk edýärdiler.
9 Olaryň doganlary Bakbukýa bilen Unny hem ybadat edilende olaryň garşysynda durardylar.
10 Ýeşuwa Ýoýakymyň atasydyr. Ýoýakym Elýaşybyň atasydyr. Elýaşyp Ýoýadanyň atasydyr.
11 Ýoýada Ýonatanyň atasydyr. Ýonatan Ýaduwanyň atasydyr.
12 Ýoýakymyň baş ruhany bolan döwründe şu ruhanylar urugbaşylar bolupdylar: Seraýa urugyndan Meraýa, Ýermeýa urugyndan Hananýa,
13 Ezra urugyndan Meşullam, Amarýa urugyndan Ýehohanan,
14 Meliku urugyndan Ýonatan, Şebanýa urugyndan Ýusup,
15 Harym urugyndan Adna, Meraýot urugyndan Helkaý,
16 Ydo urugyndan Zakarýa, Gineton urugyndan Meşullam,
17 Abyýa urugyndan Zikri, Minýamyn urugyndan we Mogadýa urugyndan Piltaý,
18 Bilga urugyndan Şammuwa, Şemagýa urugyndan Ýonatan,
19 Ýoýaryp urugyndan Matenaý, Ýedagýa urugyndan Uzy,
20 Sallaý urugyndan Kallaý, Amok urugyndan Eber,
21 Hilkiýa urugyndan Haşabýa, Ýedagýa urugyndan Netanel. Ruhany we lewi uruglarynyň ýazgysy
22 Bu ýazga Elýaşybyň, Ýoýadanyň, Ýohananyň we Ýaduwanyň döwründe lewi urugbaşylary girizildi. Şeýle hem Darýuş parsyň döwrüne çenli bolan ruhanylar ýazyldy.
23 Lewileriň urugbaşylary taryh ýazgylaryna Elýaşybyň ogly Ýohananyň döwrüne çenli ýazylgydylar.
24 Lewiler baştutanlary Haşabýa, Şerebýa we Kadmyýeliň ogly Ýeşuwa bir tarapda, doganlary-da beýleki tarapda durup, Hudaýyň guly Dawudyň tabşyryşy ýaly, gezek-gezegine alkyş okap, şükür edýärdiler.
25 Matanýa, Bakbukýa, Abadýa, Meşullam, Talmon we Akup ybadathana derwezeleriniň ýanyndaky ammarlary goraýan derwezebanlardy.
26 Bu adamlar Ýosadagyň agtygy Ýeşuwanyň ogly Ýoýakymyň hem-de häkim Nehemýanyň, şeýle-de ruhany, mürze Ezranyň döwründe ýaşadylar. Iýerusalim diwarynyň bagyş edilişi
27 Iýerusalim diwary bagyş edilende, lewileri Iýerusalime getirjek bolup, ähli ýerlerden gözlediler. Lewiler şatlyk, şükürlerdir we aýdymlar bilen kimwallar, arfalar we barbatlar bilen Iýerusalim diwarynyň bagyş ediliş dabarasyny bellemek üçin gerekdi. 28–29 Aýdymçylar Iýerusalimiň töweregindäki ýerlerden, netofalylaryň obalaryndan, şeýle hem Beýtgilgaldan, Geba we Azmawet etraplaryndan ýygnandylar. Çünki aýdymçylar Iýerusalimiň töwereginde özlerine obalar gurupdylar.
30 Ruhanylar we lewiler özlerini tämizlänlerinden soň, halky, derwezeleri we diwary-da tämizlediler.
31 Soňra men Ýahuda baştutanlaryny diwara çykardym. Dabaraly ýöriş edip, şükür edýän iki uly topary belledim. Olaryň biri diwaryň üsti bilen saga, Dökün derwezesine tarap gitdi.
32 Olaryň yzyndan Hoşagýa we Ýahuda baştutanlarynyň ýarysy,
33 Azarýa, Ezra, Meşullam,
34 Ýahuda, Benýamin, Şemagýa we Ýermeýa gitdi.
35 Şeýle hem elleri surnaýly käbir ruhany ogullary: Şemagýanyň agtygy, Ýonatanyň ogly Zakarýa. Onuň ata-babalaryna Asafyň urugyndan Matanýa, Mikaýa we Zakur degişlidir.
36 Onuň garyndaşlary: Şemagýa, Azarel, Milalaý, Gilalaý, Magaý, Netanel, Ýahuda we Hanany dagy ýörediler. Olaryň ellerinde Hudaýyň adamy Dawudyň saz gurallary bardy. Mürze Ezra hem olaryň öňünden gitdi.
37 Bulak derwezesiniň ýanynda öňlerindäki Dawut şäherine eltýän basgançaklardan diwaryň uçudyna çykdylar. Dawudyň köşgüniň üstünden gündogara tarap ýöräp, Suw derwezesine geldiler.
38 Şükür edýänleriň beýleki topary diwaryň üsti bilen ýöräp, çep tarapa gitdiler. Menem halkyň ýarysy bilen bularyň yzyndadym. Biz Tamdyr diňiniň üsti bilen geçip, Giň diwara çenli ýöredik.
39 Efraýym derwezesiniň üstünden Köne derwezesine, Balyk derwezesine, Hananel diňine, Ýüzler diňine we Goýun derwezesine çenli gidip, Garawul derwezesine ýetip durduk.
40 Şükür edýänleriň iki topary Hudaýyň öýünde durdy. Men hem ýanymdaky baştutanlaryň ýarysy bilen durdum. 41–42 Meniň toparymda surnaý çalýan şu ruhanylar bardy: Elýakym, Magaseýa, Minýamyn, Mikaýa, Elýogeýnaý, Zakarýa, Hananýa; aýdymçylar: Magaseýa, Şemagýa, Elgazar, Uzy, Ýehohanan, Malkyýa, Eýlam we Ezer bardy. Aýdymçylaryň ýolbaşçylary Ýizrahýa eşitdirip aýdym aýtdylar.
43 Şol gün olar köp gurbanlyklar berip şatlandylar. Çünki Hudaý olara uly şatlyk eçilipdi. Aýallardyr çagalar-da şatlanyşyp, Iýerusalimiň şowhuny alyslardan eşidildi. Ybadathana jogapkärçilikleri
44 Şol gün ybadathana üçin berilýän gatançlaryň, ilkinji miweleriň we ondan birleriň saklanýan ammarlaryna gözegçiler goýuldy. Olar ruhanylar we lewiler üçin kanun tarapyndan galalaryň meýdanlaryna görä kesgitlenen paýlary ýygnamalydylar. Çünki ýahudalar ruhanylaryň we lewileriň hyzmatyndan hoşaldylar.
45 Olar aýdymçylar bilen derwezebanlaryň, Dawudyň we ogly Süleýmanyň tabşyrygyny berjaý edişleri ýaly, öz Hudaýynyň hyzmatyny edip, tämizlik işine seretdiler.
46 Çünki owaldan, Dawudyň we Asafyň günlerinde aýdymçylaryň ýolbaşçysy bardy. Hudaýa alkyş we şükür aýdymlary aýdylýardy.
47 Zerubabylyň we Nehemýanyň döwründe bütin ysraýyl halky aýdymçylara we derwezebanlara gündelik paý berýärdi. Şeýle hem ysraýyllar lewilere degişli paýy aýry goýýardylar. Lewiler hem Harunyň nesillerine degişli paýy aýry goýýardylar.




Chapter 13

1 Şol gün olar halka Musanyň kitabyny okap berdiler. Kitapdan: «Ammon ýa-da Mowap halky Hudaýyň halkyna asla goşulmaly däldir» diýen ýazgyny tapdylar.
2 Çünki olar ysraýyl halkyny çörek we suw bilen garşylaman, gaýtam, olary näletlesin diýip, Bilgamy hakyna tutdular. Ýöne Hudaýymyz näleti ýalkanyşa öwürdi.
3 Halk bu kanuny eşidip, keseki milletlerden bolanlaryň baryny Ysraýyldan bölüp aýyrdy. 4–5 Mundan ozal Hudaýymyzyň öýüniň otaglaryna gözegçi bellenen we Tobyýanyň garyndaşy bolan ruhany Elýaşyp Tobyýa üçin giň bir otag taýynlan eken. Öň şol otagda galla sadakasyny, ýakymly ysly tütetgini, gap-gaçlary tabşyryk boýunça lewilere, aýdymçylara we derwezebanlara berilýän gallanyň, şerabyň, ýagyň ondan birini hem-de ruhanylar üçin gatançlary saklaýan ekenler. 6–7 Bu zatlar bolýan wagty men Iýerusalimde däldim, sebäbi Babyl patyşasy Artakserksiň otuz ikinji ýylynda men onuň ýanyna gitdim. Biraz wagt geçensoň, men patyşadan rugsat alyp, Iýerusalime dolandym. Gelibem, Elýaşybyň Hudaýyň öýüniň howlularynda Tobyýa üçin bir otag taýynlap, nädogry iş edenligini eşitdim.
8 Muňa meniň gaty gaharym geldi. Tobyýanyň ähli öý goşlaryny otagdan çykaryp zyňdym.
9 Soňra men buýruk berip, otaglary tämizletdim. Onsoň bugdaý ondan birini, ybadathana gap-gaçlaryny, galla sadakasyny, ýakymly ysly tütetgini yzyna getirip goýdum.
10 Men lewileriň paýlarynyň berilmändigini hem eşitdim. Şonuň üçinem ybadathanada hyzmat eden lewiler we aýdymçylar öz ekin meýdanlaryna giden ekenler.
11 Men baştutanlary ýazgaryp, olardan: «Näme üçin Hudaýyň öýi terk edilipdir?» diýip soradym. Onsoň men lewileri we aýdymçylary ýygnap, olary öňki wezipelerine goýdum.
12 Soňra ähli ýahudalar ammarlara gallanyň, şerabyň, ýagyň ondan birini getirdiler.
13 Ammarlara gözegçi edip, men Şelemýa ruhanyny, Sadok mürzäni lewilerdenem Pedaýany belledim. Olaryň kömekçisi edip, Matanýanyň agtygy, Zakuryň ogly Hanany goýdum. Çünki bularyň hemmesi dogruçyl adamlar saýylýardy. Indi olaryň borjy doganlarynyň hakyny paýlamakdy.
14 Eý, Hudaýym, Seniň öýüň we onuň hyzmaty üçin eden ýagşy işlerimiň ählisini ýadyňa sal.
15 Şol günler men Ýahudada käbir adamlaryň Sabat güni üzüm sykýandygyny, bugdaý desselerini getirip, eşeklerine ýükläp ýörendiklerini gördüm. Şeýle hem olar Sabat güni şerap, üzüm, injir we her hili ýükleri Iýerusalime daşaýardylar. Onsoň men olara Sabat güni hiç zat satmaly däldigini duýdurdym.
16 Şäherde ýaşaýan surlular hem balyk we dürli harytlar getirip, Sabat güni Iýerusalimdäki ýahuda halkyna satýardylar. 17–18 Onsoň men Ýahudanyň beglerine käýäp, olara: «Sabat gününi harlap, bu edýän işiňiz näme? Siziň atalaryňyz hem şeýle etmänmidi? Ata-babalarymyzyň şeýle edenligi zerarly Hudaý bu belalary biziň başymyza, bu şäheriň başyna getirmänmidi? Siz Sabat gününi harlamak bilen, Ysraýylyň üstünden has-da güýçli gazap inderýärsiňiz!» diýdim.
19 Her Sabat gününiň öňüsyrasy, agşam garaňky gatlyşyberende, men Iýerusalimiň derwezeleriniň ýapylmalydygyny tabşyrdym. Sabat geçýänçä, olar açylmasyn diýip buýruk berdim. Onsoň men Sabat güni içerik ýük girizilmesin diýip, öz hyzmatkärlerimiň birnäçesini derwezede goýdum.
20 Şondan soň täjirler we dürli haryt satýanlar bir-iki sapar gijäni Iýerusalimiň daşynda geçirdiler.
21 Emma men olara: «Näme üçin gijäni diwaryň düýbünde geçirýärsiňiz? Eger ýene şeýle edäýseňiz, menden eýgilige garaşmaň!» diýip duýduryş berdim. Şondan soň olar Sabat güni gelmediler.
22 Soňra men lewilere özlerini tämizläp, mukaddes Sabat gününi tutmak üçin gelip, derwezeleri goramaklygy buýurdym. Eý, Hudaýym, meniň haýryma muny ýatlap, merhemetiň çäksizligine görä, meni aman sakla!
23 Şol günler men aşdotly, ammonly we mowaply aýallara öýlenen ýahudalary-da gördüm.
24 Olaryň çagalarynyň ýary aşdot dilinde gepläp, ýahuda dilinde gepläp bilmeýärdiler, olar dürli halklaryň dillerinde gepleýärdiler.
25 Onsoň men olara käýedim, näletledim, käbirlerini urdum, saçlaryny ütdüm. Olara Hudaýyň adyndan ant içirip, şeýle diýdim: «Gyzlaryňyzy olaryň ogullaryna bermäň, ogullaryňyza, özüňize olaryň gyzlaryny almaň!
26 Ysraýyl patyşasy Süleýman şeýle aýallar zerarly günä etmedimi näme? Köp milletleriň arasynda onuň ýaly patyşa ýokdy. Ol Hudaýyň halanydy. Hudaý ony bütin Ysraýylyň üstünden patyşa etdi, emma keseki milletden bolan aýallar oňa günä etdirdiler.
27 Indi biz siziň hem keseki milletlerden aýal alyp, şeýle pislik edip, Hudaýymyza biwepalyk edýändigiňiz barada eşitmelimi?»
28 Baş ruhany Elýaşybyň ogly Ýehoýadanyň ogullaryndan biri horonly Sanballatyň giýewsidi. Şonuň üçin men ony ýanymdan kowdum.
29 Eý, Hudaýym, olaryň bu etmişini unutma. Çünki olar ruhanylyga ysnat getirdiler, ruhanylaryň we lewileriň ähtini bozdular.
30 Şeýdip, men halky kesekileriň täsirinden sapladym. Ruhanylar bilen lewileriň wezipelerini paýlaşdyryp, hersiniň etmeli işlerini belledim.
31 Men wagtynda odun bilen üpjün edilişini, ilkinji miweleriň getirilişini ýola goýdum. Eý, Hudaýym, meni ýagşylykda ýatla!