Ester

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10

Chapter 1

1 Bu waka Kserks patyşanyň döwründe bolup geçipdi. Kserks Hindistan bilen Efiopiýanyň aralygyndaky bir ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň üstünden şalyk sürýärdi.
2 Şol döwürde Kserks patyşa Suza galasyndaky tagtynda oturyp, ýurtda şalyk sürýärdi.
3 Patyşalygynyň üçünji ýylynda ol özüniň ähli begleri hem köşk emeldarlary üçin meýlis gurady. Meýlise Parsyň we Midiýanyň harby ýolbaşçylary, han-begleri we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.
4 Ol ýüz segsen günläp patyşalygynyň egsilmez baýlyklaryny, öz belent mertebesini we şöhratyny görkezdi.
5 Şol günler geçenden soň, Suza galasynda baý-garyp diýmän bütin halk üçin köşgüň howlusyndaky bagda patyşa ýedi günläp meýlis gurady.
6 Bagda gyrmyzy zygyr ýüpler bilen kümüş halkajyklara we mermer sütünlere berkidilen ak we mawy reňkli perdeler asylgydy. Sadap, mermer we beýleki gymmatbaha daşlar bilen nagyşlanan ýerde goýlan çarpaýalar altyn–kümüşdendi.
7 Şol ýere gelen adamlara biri-birinden üýtgeşik bolan altyn pyýalalarda patyşanyň baýlygyna laýyk şa şerabyndan bolelinlikde berildi.
8 Şerap diýseň boldy. Patyşa myhmanlara isledikleriçe şeraby gaýgyrman bermekligi öz hyzmatkärlerine buýurdy.
9 Şa aýaly Waşty hem Kserks patyşanyň köşgünde aýallar üçin meýlis gurady. 10–11 Meýlisiň ýedinji güni şerapdan serhoş bolan Kserks patyşa şa aýaly Waştynyň başyna şalyk täjini geýdirip, ony öz huzuryna getirmeklerini köşkde hyzmat edýän ýedi agtasyna: Mehumana, Bizta, Harbona, Bigta, Abagta, Zetara we Karkasa buýurdy. Ol bütin halka we beglere onuň gözelligini görkezmek isledi, çünki ol görmegeý aýaldy.
12 Patyşanyň agtalary onuň buýrugyny şa aýaly Waşta ýetirenlerinde, ol patyşanyň huzuryna barmakdan boýun gaçyrdy. Muňa patyşanyň gaty gahary gelip, onuň kalbynda gazap ody lowlady.
13 Kanuny we höküm çykarylyşy oňat bilýän adamlardan maslahat soramak adat bolansoň, patyşa şol döwri oňat bilýän akyldarlardan maslahat sorady.
14 Olar patyşanyň iň ýakyn adamlary, onuň ýörite maslahatçylary, Parsyň we Midiýanyň ýedi begi Karşena, Şetar, Admata, Tarşyş, Meres, Marsena hem-de Memukan dagylardy. Olar patyşanyň huzurynda iň beýik wezipeleri eýelediler.
15 Patyşa olardan: «Kserks patyşanyň agtalary arkaly beren tabşyrygyny ýerine ýetirmändigi üçin, şa aýaly Waşta kanuna görä nähili çäre görmeli?» diýip sorady.
16 Soňra Memukan patyşanyň we begleriň öňünde şeýle diýdi: «Şa aýaly Waşty diňe patyşa garşy däl-de, eýsem patyşa Kserksiň ähli welaýatlaryndaky hemme han-beglere we halka garşy gabahat iş etdi.
17 Çünki şa aýalyň bu hereketini ähli aýallar eşiderler, şunlukda, olar hem öz ärlerini kemsidip, olara ýigrenç bilen seredip başlarlar. Olar: „Kserks patyşa şa aýaly Waştynyň öz huzuryna getirilmegini buýurdy, emma ol patyşanyň huzuryna barmakdan boýun gaçyrdy“ diýerler.
18 Hut şol günüň özünde şa aýalyň bu hereketini eşiden Pars we Midiýa begleriniň aýallary patyşanyň beglerine gulak asmazlar. Bu olarda ýigrenç, gahar-gazap döreder.
19 Eger patyşa oňlasa, goý, ol bir perman çykarsyn. Şa aýaly Waşty mundan beýläk Kserks patyşanyň huzuryna barmaly däldir diýlip, parslaryň we midiýalaryň kanunlaryna girizilsin we üýtgedilmesin. Şeýle hem, goý, patyşa Waştynyň şa aýallyk derejesini ondan gowurak başga birine bersin.
20 Şeýdip, patyşanyň çykaran permany onuň bütin patyşalygynda yglan edilse, baýu-garyp ähli aýallar öz ärlerine hormat goýarlar».
21 Bu maslahat patyşanyň hem-de onuň begleriniň göwnünden turdy we patyşa edil Memukanyň aýdyşy ýaly hem etdi.
22 Ol her bir erkek öz öýüne hojaýyn bolsun diýip, her halka öz dilinde yglan edip, özüniň bütin patyşalygyndaky welaýatlara hersiniň öz ýazuwynda, öz dilinde hatlar ýollady.




Chapter 2

1 Şu wakalardan soň Kserks patyşanyň gahary ýatyşyp, ol şa aýaly Waşty, onuň eden işi hem-de oňa garşy çykarylan perman barada pikirlendi.
2 Onsoň patyşanyň emeldarlary oňa şeýle teklip etdiler: «Goý, patyşa üçin görmegeý, ýaş, boý gyzlary tapsynlar.
3 Olary Suza galasynda ýerleşen haremhana getirtmek üçin, patyşa öz patyşalygyndaky bütin welaýatlarda synçylary bellesin. Olar patyşanyň aýallara sakçylyk edýän agtasy Hegaýyň gözegçiligi astynda goýulsynlar; olara owadanlyk serenjamlary berilsin.
4 Patyşanyň göwnüne ýaran gyzlaryň biri şa aýaly Waştynyň deregine şa aýaly bolsun». Bu teklip patyşa ýarap, ol olaryň aýdyşy ýaly hem etdi.
5 Suza galasynda Mordekaý atly bir ýahuda bardy. Ol benýamin tiresinden bolan Kişiň çowlugy, Şimginiň agtygy, Ýaýyryň ogludy.
6 Ýahuda patysasy Ýehoýakyn bilen birlikde Kiş hem Iýerusalimden Babyla ýesir edilipdi. Olary Babyl patysasy Nebukadnesar ýesir edip äkidipdi.
7 Mordekaý daýysynyň gyzy Hadassany, ýagny Esteri özi terbiýeläp kemala getiripdi, çünki ol gyzyň ejesi-de, kakasy-da ýokdy. Ol syratly, görmegeý boý gyzdy. Onuň ejesi, kakasy ölenden soň, Mordekaý ony özüne gyzlyga alypdy.
8 Şeýdip, patyşanyň tabşyrygy we permany yglan edilip, birtopar boý gyzlar Suza galasyna getirilip, Hegaýyň gözegçiligi astynda goýuldy. Ester hem patyşanyň köşgüne getirilip, aýallara sakçylyk edýän Hegaýyň gözegçiligine berildi.
9 Bu gyz Hegaýyň göwnünden turup, onuň merhemetini gazandy. Ol dessine Esteri owadanlyk serenjamlary hem-de iýmitden ýetdik paý bilen üpjün edip, patyşanyň köşgünden ýedi kenizi saýlap, ony kenizler bilen bile haremhananyň iň oňat ýerine geçirdi.
10 Ester öz milleti we maşgalasy barada hiç zat aýtmady, çünki Mordekaý bu barada dil ýarmazlygy oňa tabşyrypdy.
11 Esteriň hal-ýagdaýyny we oňa näme bolýanyny bilmek üçin, Mordekaý her gün haremhananyň howlusynyň öňünde gezmelärdi.
12 Patyşanyň huzuryna barmazdan öň, aýallar düzgüni boýunça gyz on iki aýlyk timar beriş döwrüni geçmelidi. Bu döwürde gyzlara alty aý mür ýagy bilen, alty aý hem atyrlar hem-de owadanlyk serenjamlary bilen timar berilýärdi.
13 Boý gyz patyşanyň huzuryna gidende, oňa haremhanadan özi bilen äkitmäge soran zadyny bererdiler.
14 Ol gyz agşam patyşanyň ýanyna gidip, ertesi patyşanyň gyrnak aýallaryna seredýän agtasy Şagaşgazyň gözegçiligi astyndaky ikinji haremhana gaýdyp gelerdi. Patyşanyň göwnüne ýarap, patyşa adyny tutup çagyrýança, ol ikilenç patyşanyň huzuryna barmazdy.
15 Ester Mordekaýyň gyzlygy, onuň daýysy Abyhaýylyň gyzydy. Patyşanyň huzuryna barmak nobaty ýetende, ol patyşanyň aýallara gözegçilik edýän agtasy Hegaýyň aýdanlaryndan başga hiç zat soramady. Ester özüni görenleriň barynyň göwnünden turdy.
16 Ester Kserksiň patyşalygynyň ýedinji ýylynyň onunjy aýy bolan Tebet aýynda patyşanyň huzuryna äkidildi.
17 Ähli aýallaryň içinden patyşa Esteri saýlady. Ol patyşanyň nazarynda beýleki gyzlaryň ählisinden köp merhemet we mähir gazandy. Şeýdip, ol Esteriň başyna şalyk täjini geýdirip, ony şa aýaly Waştynyň ýerine öz şa aýaly etdi.
18 Soňra patyşa Esteriň hatyrasyna özüniň ähli begleri hem-de köşk emeldarlary üçin meýlis gurady. Ol ähli welaýatlara dynçlyk berdi, hemmelere sahylyk bilen sowgat-serpaýlar etdi. Mordekaý patyşanyň janyny halas edýär
19 Boý gyzlar ikinji gezek bir ýere toplanylanda, Mordekaý köşk emeldarydy.
20 Ester Mordekaýyň tabşyryşy ýaly özüniň maşgalasy we milleti hakynda olara hiç zat aýtmandy, çünki ol Mordekaýyň tabşyryklaryny özüniň terbiýelenen wagtyndakysy ýaly ýerine ýetirýärdi.
21 Mordekaýyň köşk emeldary bolup işleýän döwründe patyşanyň gapy saklaýan agtalary Bigtan we Tereş gaharlanyp, Kserksi patyşany öldürmegi ýüreklerine düwdüler.
22 Mordekaý muny bilip, şa aýaly Estere habar berdi. Ester hem muny Mordekaýyň adyndan patyşa habar berdi.
23 Bu iş barlanylyp, munuň, hakykatdan-da, şeýledigine göz ýetirilenden soň, olaryň ikisi-de dardan asyldy. Bu waka patyşanyň huzuryndaky ýyl ýazgylaryna ýazyldy.




Chapter 3

1 Şu wakalardan soň Kserks patyşa agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň wezipesini beýgeldip, ony öz ýanyndaky emeldarlaryň ählisinden ýokarda goýdy.
2 Patyşanyň köşgündäki ähli köşk emeldarlary dyza çöküp, Hamana tagzym etdiler, çünki patyşa olara şeýle tabşyryk beripdi. Emma Mordekaý oňa dyza çöküp, tagzym etmekden boýun towlady.
3 Patyşanyň köşk emeldarlary Mordokaýdan: «Sen näme üçin patyşanyň tabşyrygyny ýerine ýetirmekden boýun towlaýarsyň?» diýip soradylar.
4 Olar Mordekaýa bu barada irginsiz aýtsalar-da, ol bulara gulak asmazdy. Mordekaýyň bu hereketine Hamanyň takadynyň ýetjekdigini ýa-da ýetmejekdigini bilmek üçin, köşk emeldarlary muny Hamana habar berdiler, çünki Mordekaý olara özüniň ýahudadygy barada aýdypdy.
5 Mordekaýyň dyza çöküp, özüne tagzym etmeýändigini görende, Haman gahar-gazapdan doldy.
6 Emma Hamana diňe Mordekaýyň özüne el gatmaklyk ýeterlik däldi. Şeýlelikde, Mordekaýyň haýsy halkdandygyny oňa mälim edenlerinden soň, Haman Kserksiň bütin patyşalygyndaky ähli ýahudalary, Mordekaýyň tutuş halkyny ýok etmegiň küýüne düşdi.
7 Kserks patyşanyň şalygynyň on ikinji ýylynyň birinji aýy bolan Nisan aýynda, şu dildüwşügiň amala aşyryljak aýyny we gününi bilmeklik üçin, olar Hamanyň öňünde pur, ýagny bije atdylar. Bije on ikinji aý bolan Adar4 aýynyň on üçüne düşdi.
8 Soňra Haman Kserkse patyşa şeýle diýdi: «Siziň patyşalygyňyzyň ähli welaýatlaryndaky halklaryň arasyna ýaýran, ýöne olardan aýry ýaşaýan bir halk bar. Olaryň kanunlary-da beýleki halklaryňkydan üýtgeşik. Mundan başga-da, olar patyşanyň kanunlaryny berjaý etmeýärler. Olara beýle zada ýol bermeklik patyşanyň bähbidine däl.
9 Eger patyşa oňlasa, goý, olaryň ýok edilmegi barada bir perman ýazylsyn. Patyşanyň hazynalaryna goýmak üçin, men patyşanyň hazynadarlarynyň eline on ýedi müň batman kümüş bererin».
10 Şeýlelikde, patyşa barmagyndaky möhür ýüzügini çykaryp, Hammedatanyň ogly, ýahudalaryň duşmany, agak tiresinden bolan Hamanyň eline berdi.
11 Patyşa Hamana: «Kümüş-de, halk-da seniň ygtyýaryňa berilýär, olara isläniňi et» diýdi.
12 Birinji aýyň on üçüne patyşanyň mürzeleri çagyryldy. Hamanyň tabşyrygy boýunça patyşanyň ähli welaýatlardaky hökümdarlaryna we häkimlerine, bütin halkyň beglerine, her welaýata öz ýazuwynda, her halka öz dilinde perman ýazyldy. Perman patyşanyň adyndan ýazylyp, onuň ýüzügi bilen möhürlenildi.
13 On ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne ýahudalaryň uludan kiçä baryny: aýallary we çagalary bir günde gyryp, bütinleý ýok edip, ähli mal-mülklerini basyp almaklyk barada ähli welaýatlara çaparlardan elin hatlar iberildi.
14 Şol gün üçin taýyn bolar ýaly, bu permanyň nusgasy her bir welaýatda perman hökmünde çykarylyp, bütin halka yglan edilmelidi.
15 Çaparlar patyşanyň buýrugy bilen gyssagly ýola düşdüler. Perman Suza galasynda çykaryldy. Patyşa bilen Haman içmäge oturdylar. Suzada welin aljyraňňylykdy.




Chapter 4

1 Mordekaý bolup geçen ähli zatlar hakynda eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, başyndan kül sowurdy we şäheriň ortasyna çykyp, dady-perýat etdi.
2 Ol patyşa köşgüniň derwezesine çenli geldi, çünki jul geýnen adam derwezeden içeri girmeli däldi.
3 Patyşanyň tabşyrygyny we permanyny eşiden ähli welaýatlardaky ýahudalar agyz bekläp, aglaşyp, dady-perýat bilen uly ýas tutdular. Olaryň köpüsi jul geýnip, kül üstünde oturdylar.
4 Esteriň kenizleri we agtalary gelip, muny oňa habar berenlerinde, şa aýaly uly gaýga batdy. Ol Mordekaýa juluň deregine geýer ýaly eginbaş iberdi, emma ol olary kabul etmedi.
5 Soňra Ester öz hyzmatynda durýan patyşanyň agtalaryndan biri bolan Hatagy çagyryp, oňa Mordekaýyň ýanyna baryp, nämeleriň bolýandygyny we sebäbiniň nämedigini bilmekligi tabşyrdy.
6 Hatak patyşanyň derwezesiniň öňündäki şäher meýdançasyna, Mordekaýyň ýanyna gitdi.
7 Mordekaý oňa özi bilen bolup geçen zatlaryň barysy barada hem-de ýahudalary ýok etmek üçin Hamanyň patyşanyň hazynasyna goýmagy wada beren kümşüniň mukdaryna çenli aýdyp berdi.
8 Şeýle hem, Mordekaý özlerini derbi-dagyn etmek baradaky Suzada çykarylan permanyň ýazuw nusgasyny Estere görkezip, düşündirmegi üçin Hataga berdi. Ol Estere patyşanyň huzuryna baryp, ondan öz halkyna rehim etmegini sorap, öz adamlary üçin oňa ýalbarmagyny tabşyrmaklygy Hatakdan haýyş etdi.
9 Hatak Esteriň ýanyna gidip, Mordekaýyň ähli tabşyryklaryny oňa aýtdy.
10 Soňra Ester Hatak bilen gepleşip, ondan Mordekaýa şeýle habar iberdi:
11 «Erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, patyşanyň ýanyna çakylyksyz gelen adam babatda bir kanun bar – ölüm, diňe patyşanyň altyn hasasyny uzadan adamy diri galýar. Patyşanyň ähli köşk emeldarlary we onuň ähli welaýatlaryndaky adamlary muny bilýärler. Men otuz gün bäri patyşanyň ýanyna çagyrylamok».
12 Olar Esteriň sözlerini Mordekaýa aýtdylar.
13 Mordekaý hem Estere olardan şeýle jogap iberdi: «Patyşanyň köşgünde bolanyň üçin bar ýahudalaryň içinden ýeke özüň aman galaryn öýtme.
14 Çünki sen şunuň ýaly pursatda ümsüm otursaň, onda ýahudalar başga ýerden ýardam tapyp, halas bolarlar, ýöne sen we seniň kakaň maşgalasy heläk bolar. Belki, sen şunuň ýaly pursatlar üçin şa aýaly bolansyň!»
15 Soňra Ester Mordekaýa şeýle jogap beriň diýdi:
16 «Bar, Suzadaky ähli ýahudalary ýygna, meniň üçin agyz bekläň, üç gije-gündizläp iýmäň, içmäň. Men we meniň kenizlerim-de siz ýaly agyz bekläris. Şondan soň kanundan çykýan hem bolsam, patyşanyň ýanyna giderin. Goý, ölsem öleýin».
17 Soňra Mordekaý gidip, hemme zady Esteriň tabşyryşy ýaly etdi.




Chapter 5

1 Üçülenji güni Ester özüniň şa lybasyny geýip, patyşa köşgüniň içki otagynda, patyşanyň tagty ýerleşen otagynyň garşysynda durdy. Patyşa köşgüň agzyndaky otagda öz şalyk tagtynda otyrdy.
2 Patyşa şa aýaly Esteriň içki otagda duranyny görende, Ester patyşanyň nazarynda merhemet gazandy. Patyşa elindäki altyn hasasyny Estere tarap uzatdy. Soňra Ester oňa golaý baryp, hasanyň ujuna elini degirdi.
3 Patyşa oňa: «Şa aýaly Ester, saňa näme gerek? Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa, ol saňa berler» diýdi.
4 Ester oňa: «Eger patyşa oňlasa, şa we Haman şu gün meniň patyşa üçin guran meýlisime gelsinler» diýip jogap berdi.
5 Soňra patyşa: «Esteriň islegini bitirmek üçin, Hamany tiz getiriň» diýdi. Şeýlelikde, patyşa we Haman Esteriň guran meýlisine geldiler.
6 Şerap içip otyrkalar, patyşa Estere: «Näme dilegiň bar? Ol saňa berler. Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa berler» diýdi.
7 Ester: «Meniň dilegim, islegim şudur:
8 „Eger men patyşanyň göwnünden turan bolsam, patyşa dilegimi bitirip, islegimi ýerine ýetirmegi oňlasa, patyşa bilen Haman ertir meniň olar üçin gurjak meýlisime gelsinler. Men ertir patyşanyň soragyna jogap bererin“» diýdi. Haman Mordekaýy öldürmegiň küýüne düşýär
9 Şol gün Haman şadyýan, göwnühoş bolup çykyp gaýtdy. Emma patyşa köşgüniň derwezesinde, Mordekaýyň özünden heder edip, ýerinden turmandygyny görende, Haman Mordekaýa garşy gahar-gazapdan doldy.
10 Muňa garamazdan, Haman özüni saklap, öýüne gaýtdy. Ol öýüne dostlaryny çagyryp, aýaly Zereşiň hem olara goşulmagyny sorady.
11 Haman olara öz ummasyz baýlyklaryny, näçe oglunyň bardygyny, patyşanyň özüniň wezipesini beýgeldip, beýleki beglerden we köşk emeldarlaryndan ýokarda goýup, eden hezzet-hormatlaryny sanap berdi.
12 Haman gürrüňiniň üstüni ýetirip şeýle diýdi: «Hatda şa aýaly Ester hem öz guran meýlisine patyşa bilen birlikde menden başga hiç kimi çagyrmady. Men ertir hem patyşa bilen birlikde onuň meýlisine çagyryldym.
13 Ýöne patyşanyň köşgüniň derwezesinde oturýan Mordekaý ýahudany görenimde, bu zatlaryň hemmesi puja çykýar».
14 Soňra aýaly Zereş we ähli dostlary oňa: «Beýikligi elli tirsek bolan bir dar agajyny taýýarlasynlar. Ertir patyşa aýt, goý, ol şol dar agajyndan Mordekaýy asdyrsyn. Soňra şatlanyp, patyşa bilen bile meýlise git» diýdiler. Bu pikir Hamana ýarady. Ol dar agajyny taýýarlatdy.




Chapter 6

1 Şol gije patyşanyň gözüne uky gelmän, ol köşgüň ýyl ýazgylaryny getirmegi buýurdy. Ony patyşanyň öňünde okadylar.
2 Ondan patyşanyň gapy saklaýan agtalary Bigtana bilen Tereşiň Kserks patyşanyň janyna kast etmek niýetleriniň bardygy barada Mordekaýyň aýdan zatlary hakyndaky ýazgy tapyldy.
3 Patyşa: «Munuň üçin Mordekaýa näme hezzet-hormat edildi?» diýdi. Patyşanyň emeldarlary: «Oňa hiç zat edilmedi» diýdiler.
4 Patyşa: «Howluda kim bar?» diýip sorady. Edil şol wagt Mordekaý üçin taýýarlanan dar agajyndan ony asdyrmak barada patyşa bilen gepleşmek üçin, Haman köşgüň daşky howlusyna giripdi.
5 Patyşanyň emeldarlary oňa: «Howluda Haman bar» diýdiler. Patyşa: «Goý, ol içeri girsin» diýdi.
6 Şeýdip, Haman içeri girdi. Patyşa ondan: «Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna näme edilse, gowy bolar?» diýip sorady. Haman öz içinden: «Patyşa menden başga kimi şeýle hormatlasyn?» diýip pikirlendi. 7–9 Haman patyşa: «Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna, patyşanyň geýen şa lybaslary, patyşanyň münen, başynda şalyk täji bolan aty getirilip, şa lybaslary we aty patyşanyň iň atly-abraýly beglerinden biriniň eline berilsin; goý, ol patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyny geýindirsin, goý, ol ony ata mündürip, şäheriň açyk meýdançasynda jar çekip: „Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna şeýle edilýär“ diýip aýlasyn» diýdi.
10 Soňra patyşa Hamana: «Dessine şa lybaslaryny we aty al-da, patyşa köşgüniň derwezesinde oturýan Mordekaý ýahudany edil aýdyşyň ýaly et. Ýaňky aýdanlaryňyň ýekejesi-de kem bolmasyn» diýdi.
11 Şeýlelikde, Haman şa lybaslaryny we aty alyp, Mordekaýy geýindirip, ony ata mündürip, şäheriň açyk meýdanynda jar çekip: «Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna şeýle edilýär» diýip aýlady.
12 Soňra Mordekaý ýene-de dolanyp patyşanyň derwezesine geldi. Ýöne Haman ýas tutup, ýüzüni büräp, tiz öýüne gaýtdy.
13 Haman başdan geçiren wakalarynyň baryny aýaly Zereşe we ähli dostlaryna gürrüň berdi. Soňra onuň dostlary we aýaly Zereş oňa: «Öňünde abraýdan düşen Mordekaýyň ýahudalardan bolsa, onda sen ondan üstün bolup bilmersiň, sen hökman ýeňlersiň» diýdiler.
14 Olar Haman bilen gepleşip otyrkalar, patyşanyň agtalary gelip, Hamany gyssagly Esteriň guran meýlisine alyp gitdiler.




Chapter 7

1 Şeýdip, patyşa bilen Haman şa aýaly Esteriň guran meýlisine gitdiler.
2 Meýlisiň ikinji güni şerap içip otyrkalar, patyşa ýene-de Estere ýüzlenip: «Şa aýaly Ester, seniň näme dilegiň bar? Ol saňa berler. Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa, ol ýerine ýetiriler» diýdi.
3 Şa aýaly Ester şeýle jogap berdi: «Eý, patyşahym, eger men seniň göwnüňden turan bolsam, eger patyşa oňlasa, meniň dilegim boýunça janym, islegim boýunça-da halkym berilsin.
4 Çünki men we meniň halkym gyrlyp, bütinleý ýok edilmek üçin satyldyk. Eger biz diňe bir gul-gyrnak edilmek üçin satylan bolsadyk, onda men sesimi çykarmazdym, çünki gam-gussamyz bilen patyşany biynjalyk edip bolmaz».
5 Kserks patyşa şa aýaly Esterden: «Beýle iş etmäge ýürek eden adam kim? Ol nirede?» diýip sorady.
6 Ester: «Biziň ganym duşmanymyz, ine, şu zalym Hamandyr!» diýdi. Haman patyşa bilen şa aýaly Esteriň öňünde gaty gorkdy.
7 Patyşa gazaba münüp, meýlisden çykyp, köşk bagyna tarap çykyp gaýtdy. Haman şa aýaly Esterden öz janyny dilejek bolup şol ýerde galdy, çünki ol patyşanyň özüni öldürmek kararyna gelendigini görüp durdy.
8 Patyşa köşk bagyndan meýlise dolanyp gelende, Haman Esteriň ýaplanyp oturan çarpaýasyna özüni oklapdy. Patyşa: «Ol hut meniň öýümde, meniň gözümiň alnynda şa aýalyny zorlajak bolýarmy?» diýdi. Bu söz patyşanyň agzyndan çykan badyna, patyşanyň agtalary Hamanyň ýüzüni bürediler.
9 Ol patyşanyň hyzmatyndaky agtalaryň biri bolan Harbona şeýle diýdi: «Patyşanyň janyny halas eden Mordekaýy asmak üçin Hamanyň taýýarlan beýikligi elli tirsek bolan dar agajy onuň öýünde dur». Patyşa: «Şol dar agajyndan onuň özüni asyň» diýdi.
10 Şeýdip, olar Hamanyň Mordekaý üçin taýýarlan dar agajyndan onuň özüni asdylar. Şondan soň patyşanyň gahary ýatyşdy.




Chapter 8

1 Hut şol günüň özünde Kserks patyşa ýahudalaryň duşmany bolan Hamanyň emlägini şa aýaly Estere berdi. Mordekaý hem patyşanyň huzuryna geldi, çünki Ester onuň özüne nähili garyndaş bolýandygy barada patyşa aýdypdy.
2 Patyşa Hamandan yzyna alan möhür ýüzügini çykaryp, Mordekaýa berdi. Ester Mordekaýy Hamanyň bütin hojalygynyň üstünden baştutan edip goýdy.
3 Ester ýene-de patyşanyň aýagyna ýykylyp, aglap, oňa ýalbaryp, ondan agak tiresinden bolan Hamanyň ýahudalara garşy guran wagşyçylykly hilesini ýatyrmagyny sorady.
4 Patyşa Estere altyn hasasyny uzatdy.
5 Ester hem ýerinden turup, patyşanyň huzurunda durdy. Ol şeýle diýdi: «Eger patyşanyň göwnüne ýarasa, eger men patyşanyň nazarynda merhemet gazanan bolsam, bu işi patyşa oňlasa, eger men onuň göwnünden turan bolsam, goý, onda perman ýazylsyn. Şol permanda agak tiresinden bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň patyşanyň ähli welaýatlaryndaky ýahudalary ýok etmek üçin hilegärlik bilen ýazan hatlary ýatyrylýar diýip ýazylsyn.
6 Çünki men halkymyň başyna geljek bela nädip çydaýyn? Garyndaşlarymyň ýok edilmegine nädip çydaýyn?»
7 Soňra Kserks patyşa şa aýaly Estere we Mordekaý ýahuda şeýle diýdi: «Ine, men Hamanyň emlägini Estere berdim. Onuň özüni hem dardan asdyrdym, çünki ol ýahudalara el galdyrdy.
8 Siz-de ýahudalar hakda nämäni makul bilseňiz, ony patyşanyň adyndan ýazyň-da, patyşanyň ýüzügi bilen möhürläň; çünki patyşanyň adyndan ýazylyp, patyşanyň ýüzügi bilen möhürlenen permany hiç kim ýatyryp bilmez».
9 Üçünji aý bolan Siwan aýynyň ýigrimi üçüne patyşanyň mürzeleri çagyryldy. Mordekaýyň ähli tabşyryklary boýunça ýahudalara, Hindistandan Efiopiýa çenli bolan aralykdaky ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň hökümdarlaryna, häkimlerine, beglerine, her welaýata öz ýazuwynda, her halka öz dilinde, şeýle hem ýahudalara öz dilinde we öz ýazuwynda perman ýazyldy.
10 Mordekaý ony Kserks patyşanyň adyndan ýazyp, patyşanyň ýüzügi bilen möhür basyp, hatlary patyşa üçin ýörite seýislenen, onuň hyzmatyndaky ýyndam atlara atlanan çaparlardan ýollady.
11 Patyşa şu hatlaryň üsti bilen ähli şäherlerdäki ýahudalara ýygnanyşyp, özlerini goramaga rugsat berdi. Eger-de islendik halkyň ýa-da welaýatyň ýaragly toparlary olaryň çagalaryna, aýallaryna hüjüm edip, mal-mülklerini talaýsa, ýahudalaryň olary gyryp, bütinleý ýok etmäge haky bardy.
12 Muny şeýle etmek üçin Kserks patyşanyň bütin welaýatlarynda ýahudalar üçin bir gün – on ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçi güni bellenildi.
13 Ähli ýazylan zatlaryň nusgasy her bir welaýatda perman hökmünde çykarylyp, bütin halka yglan edilmelidi. Ýahudalar şol gün öz duşmanlaryndan öç almaga taýýarlykly bolmalydylar.
14 Şeýdip, çaparlar patyşanyň buýrugy bilen onuň hyzmatyndaky ýyndam atlara atlanyp, atlaryny ýüzin salyp, gyssagly gitdiler. Bu perman Suza galasynda çykaryldy.
15 Mawy hem ak reňkdäki şa lybasly, başy uly altyn jygaly we sowsany matadan dokalan gyrmyzy donly Mordekaý patyşanyň huzuryndan gaýtdy. Muňa Suzadakylar gygyryşyp şatlandylar.
16 Bu ýahudalar üçin bagt hem şatlyk, begenç hem hormatdy.
17 Her welaýatda, her şäherde, patyşanyň tabşyrygynyň, permanynyň gowşan ähli ýerinde ýahudalar şatlanyp, begenip, toý-meýlis, baýram etdiler. Ýahudalardan gorkularyna ýurduň halklarynyň köpüsi ýahudalara goşuldylar.




Chapter 9

1 On ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne patyşanyň tabşyrygy we permany amala aşyrylmalydy. Hut şol gün ýahudalaryň duşmanlary olary ýok etmegi ýüreklerine düwüpdiler, ýöne şol gün olar däl-de, ýahudalar öz duşmanlaryndan üstün çykdylar.
2 Ýahudalar özlerine zyýan ýetirmek isleýänlere gaýtawul bermek üçin, Kserks patyşanyň ähli welaýatlarynda, öz şäherlerinde ýygnandylar. Hiç kim olaryň garşysyna durup bilmedi, çünki ähli adamlaryň üstüne ýahudalar tarapyndan gorky howpy abanypdy.
3 Welaýatlaryň ähli han-begleri, hökümdarlary, häkimleri hem-de patyşanyň iş dolandyryjylary Mordokaýdan gorkularyna ýahudalara ýardam etdiler.
4 Mordekaýyň köşkdäki mertebesi, at-abraýy günsaýyn artyp, şöhraty ähli welaýatlara doldy.
5 Şeýdip, ýahudalar ähli duşmanlaryny gylyçdan geçirdiler, öldürdiler, ýok etdiler. Özlerini ýigrenýänlere islänini etdiler.
6 Ýahudalar Suza galasynda bäş ýüz adamy öldürip, bütinleý ýok etdiler. 7–10 Şeýle hem, olar ýahudalaryň duşmany bolan Hammedatanyň ogly Hamanyň on ogluny: Parşandatany, Dalpony, Aspatany, Poratany, Adalýany, Arydatany, Parmaştany, Arysaýy, Aridaýy, Waýzatany öldürdiler, emma olar olja el urmadylar.
11 Hut şol günüň özünde Suza galasynda öldürilenleriň sany barada patyşa maglumat berdiler.
12 Patyşa şa aýaly Estere şeýle diýdi: «Ýahudalar Suza galasynda bäş ýüz adamy hem-de Hamanyň on ogluny öldüripdirler. Kim bilýär, olar patyşanyň beýleki welaýatlarynda, gör, nämeler edendirler! Indi näme dilegiň bar? Ol saňa berler. Ýene näme islegiň bar? Ol ýerine ýetiriler».
13 Ester: «Eger patyşa muny oňlasa, Suzadaky ýahudalara şu günki permany ertir hem ýerine ýetirmäge rugsat etsin. Hamanyň on ogly dardan asylsyn» diýdi.
14 Şeýdip, patyşa munuň şeýle edilmegine buýruk berdi. Suzada perman çykarylyp, Hamanyň on ogly dardan asyldy.
15 Adar aýynyň on dördüne Suzadaky ýahudalar ýygnanyşyp, Suzada üç ýüz adamy öldürdiler, ýöne olar olja el urmadylar.
16 Patyşanyň beýleki welaýatlaryndaky ähli ýahudalar hem öz janlaryny goramak üçin ýygnanyşyp, öz duşmanlaryndan halas boldular, özleriniň duşmanlaryndan ýetmiş bäş müň adamy öldürdiler, ýöne olar olja el urmadylar.
17 Bu waka Adar aýynyň on üçüne boldy. On dördünji güni olar dynç alyp, şol gün toý-meýlis gurup şatlandylar. Purym baýramçylygy
18 Suzadaky ähli ýahudalar on üçünji hem on dördünji günleri ýygnanyşyp, on bäşinji güni toý-meýlis gurup, şatlanyp, dynç aldylar.
19 Şonuň üçin daşy diwarsyz obalarda ýaşaýan ýahudalar Adar aýynyň on dördünji gününi şatlyk, toý-meýlis, baýram güni hökmünde belläp, şol gün olar biri-birlerine toý paý iberýärler.
20 Mordekaý bu zatlary ýazyp, Kserks patyşanyň ýakynda we uzakda ýerleşen welaýatlaryndaky ähli ýahudalara hatlar ýollady. 21–22 Her ýyl Adar aýynyň on dördünji, on bäşinji günlerini ýahudalaryň öz duşmanlaryndan halas bolan günleri hökmünde, özleri üçin gamgynçylykdan şatlyga, ýasdan baýramçylyga öwrülen aý hökmünde bellemeklerini olara tabşyrdy. Şol gün olar toý-meýlis gurap, şatlanyp, biri-birlerine toý paý iberişip, garyp-gasarlara sowgatlar ibermelidiler.
23 Şeýdip, ýahudalar eýýäm başlan zatlaryny edil Mordekaýyň özlerine ýazyşy ýaly, ýerine ýetirmegi öz üstlerine aldylar.
24 Çünki ähli ýahudalaryň duşmany bolan Hammedatanyň ogly agak tiresinden bolan Haman ýahudalary ýok etmek üçin, olara garşy hile gurapdy, olaryň baryny heläk etmek üçin pur, ýagny bije atypdy.
25 Ýöne Ester patyşanyň huzuryna baranda, patyşa: «Hamanyň ýahudalara garşy guran hilesi onuň öz başyna gelsin hem-de onuň özi we ogullary dardan asylsyn» diýip, ýazmaça perman çykardy. 26–27 Şol sebäpli bu günleri «pur» sözüne görä, Purym diýip atlandyrdylar. Şonuň üçin şu hatda ýazylan ähli zatlar, gören hem-de başlaryna gelen zatlar zerarly, ýahudalar däp-dessurlary dikeltmekligi öz üstlerine aldylar. Olaryň nesilleri we olara goşulanlar her ýyl bu iki güni ýazylyşy we bellenen wagtyndaky ýaly edip yzygiderli geçirmelidiler.
28 Her bir maşgalanyň geljekki nesillerinde, her bir welaýatda, her bir şäherde şu günler ýatlanylyp, bellenilmelidi. Ýahudalaryň arasynda bu Purym günleri yzygiderli bellenilmelidir we şu günler olaryň nesilleriniň arasynda hem ýatdan çykarylmaly däldir.
29 Abyhaýylyň gyzy şa aýaly Ester Mordekaý ýahuda bilen Purym hakyndaky bu ikinji haty doly ygtyýarlylykda tassyklap ýazdylar.
30 Kserksiň höküm edýän ýüz ýigrimi ýedi welaýatyndaky ähli ýahudalara parahatçylykly we ynamly sözler bilen hatlar ýollanyldy.
31 Hatlarda Purym günlerini öz bellenen wagtynda geçirmeklik buýruk berilýärdi. Mordekaý ýahuda bilen şa aýaly Esteriň edil özleri we öz nesilleri üçin agyz beklemä we perýada degişli kada-kanunlary dikeldişleri ýaly, olar indi ýahudalar üçin kada-kanunlary dikeltdiler.
32 Şa aýaly Esteriň buýrugy boýunça, Purym günlerine degişli bolan kada-kanunlar tassyklanylyp, ýazga geçirildi.




Chapter 10

1 Kserks patyşa ýurda we deňiz adalaryna salgyt saldy.
2 Patyşanyň ähli güýç-kuwwaty, Mordekaýy hormatlap, onuň wezipesini beýgeldendigi hakyndaky ähli wakalar Midiýa we Pars patyşalarynyň ýyl ýazgylaryna ýazylandyr.
3 Çünki Mordekaý ýahuda wezipesine görä, Kserks patyşadan soň ikinji beýik adamdy. Onuň ýahudalaryň arasyndaky abraýy uludy we ol öz ýahuda doganlarynyň köpüsi tarapyndan sylanylýardy, çünki ol öz halkynyň abadançylygy ugrunda göreşip, tutuş halkyna parahatçylyk getiren adamdy.