Chapter 1

1 [1–2] Rebbiň kanunyndan lezzet alýan, gije-gündiz şol barada oýlanýan bagtlydyr! Ol erbetleriň maslahatyna gitmeýär, günäkärleriň ýolundan ýöremeýär, ýaňsylaýjylaryň arasynda oturmaýar.
3 Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde getirýän, ýapragy solmaýan agaç kimindir; ähli edýän işi oňuna bolýar.
4 Erbetler bolsa beýle däldir, olar ýeliň sowran harpygy ýalydyr.
5 Şoňa görä, erbetler höküm çykarylanda, günäliler-de dogrular mejlisinde durup bilmezler.
6 Çünki Reb dogrularyň ýoluny gözden salmaýar, erbetleriň ýoly bolsa heläkçilige eltýändir.




Chapter 2

1 Milletler arasyndaky başbozarlyk, halklaryň biderek hüňürdemeleri näme?
2 Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar.
3 Olar şeýle diýýär: «Sypyryp taşlalyň gandallaryny hem-de gyraly zynjyrlaryny».
4 Göklerde oturan Taňry olaryň üstünden gülýär hem-de olary masgaralaýar.
5 Şonda olara gahar bilen ýüzlener, gazabynda olary eýmendirer:
6 «Mukaddes dagym Siýonda Mendirin Öz patyşamy oturdan».
7 Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ata boldum Men saňa.
8 Menden dile, saňa bereýin milletleri miras hökmünde, tutuş älem-jahany mülk hökmünde.
9 Sen olary demir hasaň bilen döwersiň; küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak edersiň».
10 Şeýlelikde, eý, patyşalar, paýhasly boluň; dünýä hökümdarlary, şundan habarly boluň:
11 Rebbe gulluk ediň siz gorky bilen: hem galpyldaň, hem-de şatlanyň.
12 Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.




Chapter 3

Dawudyň öz ogly Abşalomdan gaçan mahaly aýdan mezmury
1 Ýa Reb! Duşmanlarym neneň köpeldi! Maňa garşy baş göterýänleriň sany kän.
2 Köpler men babatda şeýle diýýärler: «Hudaý ony halas eýlemez». Sela
3 Emma Sen, ýa Reb, daşymda bir galkansyň, şan-şöhratym, başymy dikeldýän Sensiň.
4 Men Rebbe edýärin dady-perýady, Ol mukaddes dagyndan maňa berýär jogaby. Sela
5 Men ýatýaryn hem-de uka gidýärin, sag-aman oýanýaryn, çünki Reb goldaýar meni.
6 Çar tarapdan meniň garşyma çykan biçak köp duşmandan gorkmaýaryn men.
7 Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaýym, halas et meni! Ähli duşmanlarymyň äňine urýaň, erbetleriň dişlerini kül-owram edýäň.
8 Ýeňiş Rebdendir, berekediň Seniň halkyňyň üstünde bolsun. Sela




Chapter 4

Sazandalar ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.
1 Eý, meni hakly çykarýan Hudaýym! Maňa jogap ber çagyranymda, maňa giňlik berdiň daryganymda, maňa merhemet et-de, dilegime gulak goý.
2 Eý, ynsan ogullary! Haçana çenli siz Meniň adyma ysnat getirjek? Haçana çenli puç zady söýüp, siz ýalana eýerjek? Sela
3 Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin sadyk adamy saýlap goýandyr. Reb meni eşidýär çagyranymda.
4 Gaharlanyp, günä galmaň siz: Düşegiňizde oýlanyň, ümsüm boluň siz. Sela
5 Dogry gurbanlary hödürläň, Rebbe bil baglaň.
6 «Kim bize ýagşylyk eder?» diýýänler köpdür. Ýa Reb, ýüzüňiň nuruny üstümize saç!
7 Hasyl, täze şerap bol bolanda bagtdyr, ýöne ýüregime beren şatlygyň mundan-da köpdür.
8 Men arkaýyn ýatýan hem-de uklaýan; çünki diňe Sen, ýa Reb, meni amanlykda ýaşadýaň.




Chapter 5

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Dawudyň mezmury.
1 Ýa Reb, diňle meniň sözlerimi hem-de eşit meniň ahy-zarymy.
2 Diňle dady-perýadymyň sesini, eý, Patyşam hem-de Hudaýym, men Saňa edýändirin dilegi.
3 Ýa Reb, meniň sesimi ertirine eşidýärsiň Sen, häzirlenip, säher bilen huzuryňda garaşýaryn men.
4 Sen erbetligi halamaýan Hudaýsyň, Seniň huzuryňda ýaman ýaşamaz,
5 tekepbirler Seniň gaşyňda durmaz; Sen ýigrenýärsiň betkärleriň baryny,
6 ýok edýärsiň ýalan sözleýänleri; Sen, ýa Reb, ýigrenýärsiň ganhor bilen kezzaby.
7 Men bolsa egsilmez wepaly söýgiň arkaly, girerin Seniň öýüňe; men Senden heder ederin, mukaddes ybadathanaňa sežde ederin.
8 Ýa Reb, duşmanlarym zerarly, Öz adalatyňda meni ugrukdyr; Sen dogrula öňümdäki ýoluňy.
9 Olaryň agzynda dogry söz ýokdur: olaryň ýüregi weýrançylykdyr, olaryň bogazy açyk gabyrdyr, dilleri bilen-de ýallaklaýandyr.
10 Eý, Hudaý, olara çykar hökümi, pällerinden tapyp, ýykylsyn olar; ýazyklary üçin kowup çykar olary, çünki olar Saňa garşy baş galdyrdylar.
11 Seni pena edinýänleriň bary şatlansyn, elmydama joşup, nagmalar aýtsyn; çünki Sen goraýarsyň olary, adyňa aşyklar Sende şat bolsun.
12 Sen ýalkaýarsyň dogry ynsany, hoşamaýlygyň-da bolýar onuň galkany.




Chapter 6

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Sekiz kirişli saz guralynda çalynýan Dawudyň mezmury.
1 Ýa Reb, gaharyňda meni ýazgarma, gazabyňda meni terbiýeleme.
2 Ýa Reb, maňa merhemet eýle, çünki mende ysgyn-mydar galmady; ýa Reb, maňa ber Sen şypaňy, çünki galpyldaýar meniň süňklerim.
3 Güýçli galpyldaýar janym hem meniň. Ýa Reb, haçana çenli bu dowam eder?
4 Ýa Reb, maňa öwrülip, halas et, meniň janymy, wepaly söýgiňiň hatyrasyna, azat meni.
5 Çünki Seni gabyrda ýatlamak ýokdur; Saňa ölüler dünýäsinde kim öwgi aýdar?
6 Iňňildimden halys ýadadym, her agşam aglap, düşegimi suw-sil edýärin, ýorganymy gözýaşlaryma men gark edýärin.
7 Gözlerimiň nury öçdi gussa zerarly, küteldi ähli duşmanlarym sebäpli.
8 Menden daşlaşyň, eý, betkärleriň bary, çünki Reb eşitdi agy sesimi.
9 Reb eşitdi meniň ýalbaryşymy, kabul edýär Reb meniň dogamy.
10 Ähli duşmanlarym utanyp, gorka gaplansyn, aljyrap birbada, yzyna dönsün.




Chapter 7

Benýamin tiresinden bolan Kuşuň sözlerine degişli Dawudyň Rebbe aýdan şigaýony
1 Ýa Beýik Hudaýym! Seni pena edinýärin men, meni yzarlaýanlaryň baryndan halas et, gutar.
2 Ýogsam hiç kim ýokka meni halas edere, olar şir dek meni parçalaýmasyn.
3 Ýa Reb, Hudaýym, eger şulary men eden bolsam: eger ellerimde haksyzlyk bolsa,
4 eger özüm bilen asudalykda ýaşana men ýamanlyk edäýen bolsam, duşmanymy sebäpsiz ýere men talan bolsam,
5 onda, goý, yzarlaýanlar yzymdan ýetsin, depgiläp, janymy ýere gaplasyn hem-de hormatymy aýak astyna salsyn. Sela
6 Ýa Reb, galk Sen Öz gazabyňda, garşy çyk Sen duşman dergazabyna; eý, Hudaýym, oýan-da, jar et Öz hökümiňi.
7 Halklar jemagaty gurşasyn töweregiňi, göklerden ýöret olara Sen hökümiňi.
8 Reb halklara höküm çykarýar; ýa Reb, dogrulygym bilen päkligime görä, Sen meni akla.
9 Erbet adamlaryň ýamanlygy soňlansyn, berkarar et Sen dogry ynsany, çünki Sen, ýa hak Hudaý, köňüldir ýürekleri barlaýarsyň ahyryn.
10 Hudaýdadyr meniň galkanym, Ol dogry ýüreklini halas edýändir.
11 Hudaý adyl Kazydyr, haksyzlygy günde höküm edýändir.
12 Eger kimdir biri toba etmese, Hudaý Öz gylyjyny ýitelder; ýaýynyň kirşini çekip, ony çenändir.
13 Ol öwrüp peýkamlaryny lowlaýan oda, oňa ölüm ýaraglaryny taýynlap goýýar.
14 Ynha, erbet adamyň haksyzlykdan hamyla bolup, göwresinde ýamanlygy göterip, ýalany dünýä indirişini gör!
15 Ol gazýar bir çukur, ony çuňaldýar, gazan çukuryna-da onuň özi düşýär.
16 Öz ýamanlygy inýär onuň başyna, zalymlygy inýär öz depesine.
17 Rebbe Onuň haklygynda şükür edýärin, şatlanyp, Beýik Hudaý nagma aýdýaryn.




Chapter 8

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Dawudyň mezmury.
1 Ýa Reb, biziň Taňrymyz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde! Ýaýdyň söhratyňy gökler üstünde.
2 Sen Öz ýagylaryň sebäpli, duşmandyr öç alýany dymdyrmak üçin, çagalaryň, bäbekleriň alkyşlaryndan gala ýaratdyň.
3 Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine, Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa nazar aýlanymda, şeýle diýýärin:
4 «Adam näme Sen ony ýatlaryň ýaly? Ynsan ogly näme aladasyny ederiň ýaly?
5 Ony perişdelerden biraz pesräk ýaratdyň, oňa şöhrat bilen hormat jygasyny geýdirdiň.
6 Ony Öz elleriňiň işlerine hökümdar goýduň; ähli zady aýagynyň astynda goýduň:
7 goýunlardyr öküzleriň baryny, şeýle-de çöl haýwanlaryny,
8 gök guşlaryny, deňiz balyklaryny, deňiz içre geçýän bar jandarlary».
9 Ýa Reb, biziň Taňrymyz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde!




Chapter 9

א
1 Men bütin ýüregim bilen Rebbe şükür ederin; Seniň ähli gudratly işleriňi aýdyp bererin.
2 Sende begenerin, joşa gelerin, adyňy taryplap, nagma aýdaryn, ýa Beýik Hudaý! ב
3 Meniň duşmanlarym yzlaryna dönende, büdräp, ýok bolýarlar Seniň öňüňde.
4 Çünki Sen adalatly alyp bardyň dawamy, Sen tagtda oturyp, çykardyň dogry karary. ג
5 Milletleri ýazgardyň, heläk etdiň erbetleri, ebedilik we baky öçürdiň olaryň atlaryny.
6 Müdimilik weýrançylykda ýok boldy duşman, şäherlerini ýok etdiň düýp-teýkaryndan, olary ýatlamadan galmady nyşan. ה ד
7 Ýöne Reb baky höküm sürýändir; Ol adalatly höküm çykarmak üçin, Öz tagtyny berkarar etdi.
8 Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk edýär, halklara ýüz görmezden höküm çykarýar. ו
9 Reb berkitme bolar ezilýänlere, berkitme bolar muşakgatlyk wagtynda.
10 Adyňy bilýänler Saňa bil baglar, çünki, ýa Reb, Özüňi agtarýanlary Sen terk eden dälsiň. ז
11 Siýonda mesgen tutan Rebbe aýdyň siz nagma; eden işlerini jar ediň halklaryň arasynda.
12 Çünki Ol dökülen ganlaryň hununy alýar, olary Öz hakydasynda saklaýar; ejir çekýänleriň perýadyny Ol unutmaýar. ח
13 Ýa Reb, maňa merhemet eýle, gör meni ýigrenýänlerden çekýän derdimi;
14 Saňa ähli alkyşlarymy jar ederim ýaly, Sensiň ölüm derwezelerinden meni halas eýleýän. Siýon gyzynyň2 derwezelerinde Seniň halas edişiňe men şatlanaýyn. ט
15 Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy, gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy.
16 Çykaran höküminde Reb Özüni tanatdy – erbetleriň sapalagyna özlerini düşürdi. Higaýon. Sela י
17 Ölüler dünýäsine düşerler erbetler we Hudaýy unudan ähli milletler. כ
18 Çünki mätäç hemişelik unudyljak däl, garybyň umydy hem baky ýitjek däl.
19 Galk Sen, ýa Reb, ynsan üstün çykmasyn, milletlere höküm çykarylsyn Seniň öňüňde.
20 Ýa Reb, gorka gapla milletleriň kalbyny, bilsin olar, özleriniň diňe ynsandyklaryny. Sela




Chapter 10

ל
1 Ýa Reb, näme üçin uzakda durýaň? Näme üçin muşakgatlyk wagty gizlenýäň?
2 Erbetler öz tekepbirliginde yzarlaýar garyby; goý, guran hilelerine düşsün olaryň özi. נ
3 Çünki erbetler göwün höweslerine magtanýar, açgözi alkyşlap, Saňa biparh garaýar.
4 Tekepbirliklerinde Seni agtarmaz erbetler, pikirleriniň barynda «Hudaý ýok» diýýär.
5 Elmydama üstünlikli bolýar onuň ýollary, מ
6 göz ýetirerinden Seniň hökümleriň ýokary. Ol ähli duşmanlarynyň üstünden gülýär.
7 Ýüreginde diýýär: «Meni hiç zat sarsdyrmaz, nesillerden-nesle ýüzüm ýamanlyk görmez». פ
8 Onuň agzy gargyşdan, aldawdan, zulumdan doly, diliniň astynda zyýan, etmiş bar. ע
9 Obalaryň ýanynda oturýar ol bukuda, bigünäni öldürýär gizlin ýerlerde; göz astyna alyp, ol ejizi aňtaýar;
10 ol şiriň sürende bukulyşy kimin gizlenýär, garyby garbamaga buky ýerde garaşýar; duzak gurup, garyby öz toruna tutýar.
11 Ol egilýär we ýapyrylýar, ejiz-de onuň goluna düşýär.
12 Öz ýüreginde şeýle oýlaýar: «Hudaý edenlerimi unutdy, ýüzüni sowdy, Ol asla görmeýär muny». ק
13 Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaý, galdyr eliňi, ýadyňdan çykarma Sen ejizleri.
14 Näme üçin erbetler Hudaýy ret edýärler, ýüreginde: «Sen hasap soramarsyň» diýýärler? ר
15 Emma salýarsyň-a Sen nazary! Öz eliň bilen jezalaryny bereriň ýaly, dogrudan hem görýäň azap bilen külpeti. Saňa tabşyrýandyr ejiz özüni; ýetimiň hossary Sensiň. שׁ
16 Erbet bilen betkäriň döw Sen goluny, erbetlikleri soňlanýança, jezalandyr olary.
17 Reb ebedi hem-de baky Patyşa, Onuň ýurdundan ýiter milletler. ת
18 Ýa Reb! Pespälleriň islegini eşidersiň, olaryň ýüreklerine kuwwat berersiň, ýetim bilen ejiziň hakyny almaklyk üçin gulak goýarsyň; asly toprakdan bolan ynsandan mundan beýläk hiç kim, goý, eýmenmesin.




Chapter 11

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Men Rebbi pena edinýärin. Maňa neneň şeýle aýdyp bilýäňiz: «Guş kimin öz dagyňa gaç –
2 ynha, gör, erbetler ýaýyny gurýar, peýkamyny ýaýyň kirşine goýýar, dogry ýüreklileri garaňkyda nyşana alýar.
3 Eger binýatlar edilse weýran, näme edip biler ol dogry ynsan?»
4 Reb Öz mukaddes ybadathanasyndadyr; Onuň tagty göklerdedir. Onuň gözleri synlaýar, nazary adamzady barlaýar.
5 Reb synaýar dogry ynsany, emma Onuň kalby ýigrenýär erbetleri we zorluk söýýän adamy.
6 Ol erbetleriň üstüne ýagdyrar köreýän közleri hem-de kükürdi; ýandyryjy ýel bolar nesibeleri.
7 Çünki Reb dogrudyr; söýýär Ol dogry işleri; dogry ynsan görer Onuň ýüzüni.




Chapter 12

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Sekiz kirişli saz guralynda çalynýan Dawudyň mezmury.
2 Halas et, ýa Reb, sadyk adam galmady, adamzat arasyndan ynamdarlar ýitirim boldy.
3 Olar biri-birine ýalan sözleýär; ýaranjaň dilleri ikigepli gürleýär.
4 Goý, Reb ähli ýaranjaň agyzlary, badyhowa gürleýän dilleri kessin.
5 Olar şeýle diýýär: «Dilimiz arkaly üstün çykarys, agyz özümiziňki – kim bize hojaýyn çykýan?»
6 Garyplaryň ezilişinden, mätäçleriň ahyndan ýaňa Reb şeýle diýýär: «Men şu pursat turaryn, olary küýseýän howpsuzlygyna gowuşdyraryn».
7 Rebbiň sözleri sap sözlerdir, toýun küresinde arassalanyp, ýedi gezek saplanan kümüş kimindir.
8 [8–9] Erbetler gezýär ähli ýerlerde, adamzat ýamanlyga hormat goýanda. Ýa Reb, Sen bize pena bolarsyň, bizi bu adamlardan baky gorarsyň.




Chapter 13

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
2 Ýa Reb, haçana çenli maňa nazar saljak däl? Sen meni baky unudaýjakmy? Haçana çenli gizlejek menden ýüzüňi?
3 Haçana çenli janym gaýgy etmeli, ýüregim-de uzakly gün gussa çekmeli? Haçana çenli duşmanym üstün çykarka?
4 Nazar sal-da, maňa jogap ber, ýa Beýik Hudaýym! Gözlerime nur ber, ölüm ukusyna gitmezim ýaly;
5 Duşmanym: «Ondan ökde geldim» diýmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, şatlanmasyn.
6 Men bolsa bil bagladym wepaly söýgiňe, ýüregim halas edişiňe begener. Men Rebbe nagma aýdaryn, sebäbi Ol maňa jomartlyk etdi.




Chapter 14

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Akmaklar ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýär. Olar azýar we ýigrenji işleri edýär; ýagşylyk edýän ýok.
2 Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip, Reb göklerden adamzada nazar aýlaýar.
3 Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar, bary deň derejede haram boldular; ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.
4 Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler? Olar halkymy çörek ýaly iýýärler hem-de Rebbi çagyrmaýarlar.
5 Olar şol ýerde dowla düşerler, çünki Hudaý dogrularyň tarapdarydyr.
6 Siz äsgermeýärsiňiz garybyň niýetlerini, ýöne welin Rebdir onuň penasy.
7 Wah, gelsedi Siýondan Ysraýyl ýeňşi! Reb dikeldende halkyň öňki abadanlygyny, Ýakup nesli begener, Ysraýyl hem şatlanar.




Chapter 15

1 Dawudyň mezmury Ýa Reb, Seniň çadyryňda kim düşläp bilýär? Mukaddes dagyňda kim ýaşap bilýär?
2 Kämil gezýän, dogry iş edýän, hem-de ýüreginden hakykaty sözleýän,
3 dili bilen myjabat ýöňkemeýän, ýoldaşyna ýamanlygy etmeýän, ýakyny barada gybat etmeýän;
4 onuň nazarynda ret edilen ýigrenji, emma sylaýandyr Rebden gorkýany; eden ähti zyýanyna bolsa-da, ondan dänmeýän;
5 öz puluny göterimine bermeýän, ýazyksyza garşy para almaýan. Şeýle ynsan asla yranmaz.




Chapter 16

1 Dawudyň miktamy Gora meni, eý, Hudaý, çünki Seni pena tutunýan.
2 Rebbe diýdim: «Sen meniň Taňrym, maňa Senden özge hiç eşret ýokdur».
3 Ýurtdaky mukaddes halka – şu abraýly adamlara ymtylýar kalbym.
4 Özge hudaýlara eýerýänler köpelder öz hasratyny; men guýmaryn olaryň guýýan ganly içgi sadakasyny, agzamaryn olaryň atlaryny.
5 Reb meniň mirasym hem-de nesibäm, Onuň elindedir meniň ykbalym.
6 Ajaýyp ýerlerden düşdi mellegim, göwne ýakymlydyr meniň mirasym.
7 Maňa maslahat beren Rebbe alkyş aýdaryn; hatda gijelerine-de öwüt berýär ýüregim.
8 Reb elmydama gözlerimiň öňünde, sarsdyrylmaryn, çünki Ol meniň sagymda.
9 Şoňa görä ýüregim begençli, kalbym şatlanýar, meniň tenim hem asudalykda ýaşaýar.
10 Çünki meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň, Öz sadygyň gabra girmegine razy bolmarsyň.
11 Ýaşaýyş ýoluny maňa görkezersiň: Sen huzuryňda doldurarsyň meni şatlykdan, Öz sagyňda hem – ebedilik begençden.




Chapter 17

1 Dawudyň dogasy Ýa Reb, hakykaty eşit, perýadyma dykgat ber; hilesiz agyzdan çykýan dilegime gulak goý.
2 Ýa Reb, sen meni akla! goý, haklygy görsün Seniň gözleriň.
3 Sen meniň niýetlerimi ykjam barladyň, gijäniň dowamynda meni synadyň, emma menden ýazyk tapmadyň; günäli zady aýtmazlygy ýüregime düwdüm.
4 Ynsan işleri babatda aýtsam: Seniň buýruklaryň arkaly, zalymyň ýollaryndan men gaça durdum.
5 Gadamlarym pugta tutdy ýodalaryňy; meniň aýaklarym taýmady.
6 Men çagyrýan Seni, çünki Sen berersiň maňa jogaby, eý, Hudaý; gulak goý-da, eşit meniň sözümi.
7 Ýagylardan ýaňa Senden pena gözleýänleri eliň bilen halas edýän Sen, ajaýyp wepaly söýgiňi görkez.
8
9 Gora meni gözüň göreji ýaly; maňa hüjüm edýän erbet adamdan, daşymy gurşaýan ganym duşmandan Öz ganatlaryňyň astynda gizle Sen meni.
10 Olar rehim etmäge ýapýarlar ýüreklerini, ulumsylyk bilen gürleýär olaryň agzy.
11 Olar her ädimimizi aňtap, gurşaýarlar daşymy, meni ýere urmak üçin peýleýärler pursaty.
12 Olar parçalamaga hyjuwlanýan arslan dek, buky ýerde gizlenen ýaş arslan ýaly. 13–14 Galk, ýa Reb! Garşy çyk-da, agdar olary; gylyjyň bilen janymy erbetlerden halas et, ýa Reb, Öz eliň bilen adamlardan azat et. Çünki şu dünýäde olaryň ýaşaýyş paýy. Sen boldan-bol doýrarsyň garynlaryny; çagalaryndan hoşal olaryň göwni; balalaryna galdyrar özlerinden artany.
15 Men bolsa dogrulykda Seniň ýüzüňi görerin, oýanan wagtym didaryňdan doýaryn.




Chapter 18

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Rebbiň guly Dawudyň mezmury. Reb ony ähli duşmanlarynyň we Şawulyň elinden halas eden güni ol bu nagmanyň sözlerini Rebbe ýüzlenip aýtdy:
2 Seni söýýärin, ýa Reb – kuwwatym.
3 Reb meniň gaýam, galam hem Halasgärim, Hudaýym – pena edinýän gaýam, galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm.
4 Men şan-şöhrata mynasyp Rebbi çagyrýaryn, hem-de duşmanlarymdan halas bolýaryn.
5 Ölüm tanaplary maňa oraldy, weýrançylyk silleri meni garbady.
6 Ölüm dünýäsiniň tanaplary maňa saraldy, ölüm duzaklary garşymdan çykdy.
7 Gam-gussamyň içinde Rebbi çagyrdym, öz Hudaýyma men perýat etdim. Ol ybadathanasyndan meniň sesimi eşitdi; Onuň gulagyna perýadym ýetdi.
8 Şonda ýer çaýkandy hem endiredi, daglar binýatlary sarsyp, lerzana geldi, sebäbi Reb gazaba mündi.
9 Gazabyndan ýaňa tüsse çykdy burnundan, ýuwudyjy ot bilen köreýän közler çykdy agzyndan.
10 Ol gökleri böwsüp, aşaga indi, zulmat aýaklarynyň astynda bardy.
11 Ol bir keruba mündi-de, uçdy, ýeliň ganatlarynda gaýdy.
12 Ol Özüniň daşyna örtgi etdi tümlügi, telär etdi goýy bulutlaryň ýagmyr tümüni.
13 Huzurynyň ýalkymyndan ýaňa köreýän közlerdir doly böwsüp geçdi Onuň gara bulutlaryny.
14 Reb göklerde güňleç gürledi, Beýik Hudaý sesini közdür doly bilen çykardy.
15 Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.
16 Şonda, ýa Reb, Seniň käýinjiňden, burnuňdan çykan demiňden ýaňa, deňziň geçelgeleri göründi, dünýäniň-de binýatlary açyldy.
17 Ol belentden ýetdi hem meni aldy Ol meni çuň suwlardan çekip çykardy.
18 Halas etdi meni ýigrenýän güýçli ýagymdan, çünki olar güýçlüdi menden.
19 Olar betbagt günümde garşyma çykdy, ýöne Reb meniň daýanjym boldy.
20 Meni giň ýere çykardy hem halas etdi, çünki Ol menden göwnühoş boldy.
21 Ol dogrulygyma laýyk öwezini gaýtardy, ellerimiň tämizligine laýyk Ol sylaglady.
22 Çünki men Rebbiň ýollaryndan ýöredim, Hudaýymdan aýrylmak ýaly erbet işi men etmedim.
23 Çünki gözümiň alnyndady ähli kararlary, özümden daşlaşdyrmandym Onuň parzlaryny.
24 Men kämildim Onuň öňünde, sakladym özümi günä etmekden.
25 Şonuň üçin, dogrulygyma we ellerimiň päkligine görä, Reb öwezini gaýtardy Öz nazarynda.
26 Wepalylyk edýärsiň Sen wepalylara, kämillik edýärsiň Sen kämillere,
27 päklik edýärsiň Sen päk ynsanlara, egrilere bolsa egriligine görä garaýarsyň Sen.
28 Pesgöwünli halky halas edýärsiň, emma tekepbir gözleri peseldýärsiň Sen.
29 Ýa Reb, çyrama nur berýän Sensiň, Hudaýym ýagtyldýar meniň tümlügmi.
30 Seniň bilen talaňçylara hüjüm ederin, Öz Hudaýym bilen diwardan aşyp bilerin.
31 Hudaý – Onuň ýoly kämildir, Rebbiň sözleri sapdyr, Ony pena edinýänleriň baryna Reb galkandyr.
32 Çünki Rebden başga Hudaý ýok! Hudaýymyzdan başga gaýa ýok!
33 Ol meni kuwwata besleýän Hudaý, Ol meniň ýolumy aýypsyz edýär.
34 Aýaklarymy keýigiňki dek edýär, belent ýerlerde meni ykjam duruzýar.
35 Urşa türgen edýär Ol ellerimi, gollarym egreldýär bürünçden ýaýy.
36 Ýeňiş galkanyňy maňa berýärsiň, Seniň goluň meni goldaýar, Seniň kömegiň-de meni beýgeldýär.
37 Gadamlarymyň astyndaky ýoly giňeldýäň, meniň aýaklarym taýmaýar.
38 Duşmanlarymy kowalap, yzlaryndan ýetýärin, olary gyryp tükedýänçäm, dolanmaýaryn.
39 Men olary derbi-dagyn edýärin, galyp bilmeýär, aýaklarymyň astyna olar ýykylýar.
40 Uruş üçin Sen bilime kuwwat berýärsiň, garşyma çykanlary maňa tabyn edýärsiň.
41 Boýun egdirýärsiň duşmanlarymy, gyrýaryn men özümi ýigrenýänleri.
42 Perýat etseler-de, olary halas edýän ýok; Rebbi çagyrsalar-da, Ol jogap berenok.
43 Olary owradyp, tozan dek ýele sowurýaryn, köçeleriň palçygy kimin taşlaýaryn.
44 Söweşjeň goşundan meni halas eýleýäň, Sen meni milletlere baş edip goýýaň, tanamadyk halkym tabyndyr maňa.
45 Meni eşiden dessine boýun bolýarlar, ýatlar maňa ýalym-ýulum edýärler.
46 Kesekileriň ýüzi gorkudan ak tama dönýär, olar galalaryndan titreşip çykýar,
47 Reb diridir! Meniň Gaýam alkyşly bolsun! Gutulyşymyň Hudaýy belende çykarylsyn!
48 Ol meniň arymy alyp berýän Hudaýdyr, Ol halklary maňa tabyn edýändir,
49 Ol meni duşmanlarymdan halas eýleýär. Sen meni ýagylarymdan üstün çykardýarsyň, hem-de meni zalymdan halas edýärsiň.
50 Munuň üçin, ýa Reb, milletler arasynda Saňa öwgi aýdaryn, men Seniň adyňa nagma aýdaryn. [51] Ol Öz şasyna beýik ýeňişler berýär, seçip saýlan Dawudyna, onuň nesline elmydama wepaly söýgüsini görkezýär.




Chapter 19

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
1 Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.
2 Gün söz sözleýär ertirki güne, gije bilim berýär indiki gijä.
3 Ne gep bar, ne-de bir gürrüň, eşidilmeýär sesi olaryň.
4 Ýöne tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, älem çäklerine – olaň sözleri. Hudaý Gün üçin göklerde dikdi çadyry,
5 Gün gelin jaýdan giýew dek çykýar, ylgamakçy bolýan ýüwrük kimin şatlanýar.
6 Gökler gözýetiminden onuň çykyşy, beýleki gözýetimine onuň aýlawy, hiç bir zat gizlin däl onuň howrundan.
7 Rebbiň kanuny kämildir, ol jany täzeleýär. Rebbiň düzgüni ygtybarlydyr, ol akmagy akyldar edýär.
8 Rebbiň buýruklary dogrudyr, olar ýüregi şatlandyrýar. Rebbiň tabşyryklary aýdyňdyr, olar gözleri nurlandyrýar.
9 Rebden gorkmak päkdir, ýaşaýar ol ebedi. Rebbiň kararlary ygtybarlydyr, adyldyr olaryň bary.
10 Arzuwlydyr olar altyndan, hatda sap altynyň köplüginden-de; süýjüdir olar ary balyndan, aryň mum öýjüginden damýan baldan-da.
11 Seniň bendäňe-de duýduryş berilýär olar arkaly; olary berjaý etmekde beýik sylag bar.
12 Eýsem öz ýalňyşyny kim aňyp bilýär? Meni gizlin ýazyklardan tämizle.
13 Öz bendäňi gora betpällik günälerinden, olar höküm sürmesin meniň üstümden; men aýypsyz bolaryn şonda, päk bolaryn güýçli bitabynlykdan.
14 Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri goý, Seniň huzuryňda kabul edilsin, ýa Reb, meniň Gaýam hem Halasgärim.




Chapter 20


1 Muşakgatly günde Reb saňa jogap bersin, Ýakubyň Hudaýy seni gorasyn.
2 Ol saňa mukaddes öýden ýardam ibersin hem-de Siýondan seni goldasyn.
3 Seniň ähli sadakalaryňy, goý, ýada salsyn, ýakma gurbanlyklaryňy kabul eýlesin. Sela
4 Ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl etsin, ähli maksatlaryňa seni ýetirsin.
5 Seniň ýeňşiňe joşup şatlanarys, Hudaýymyzyň adyna baýdaklar dikeris. Goý, Reb seniň ähli dilegleriňi bitirsin.
6 Men indi bilýärin: Öz seçip saýlanyny Reb halas eder. Ol golunyň gudratly işleri bilen, jogap berer Öz mukaddes gögünden.
7 Käbirleri söweş arabalaryna, käbirleri-de bedewlerine buýsanýar, biz bolsa Hudaýymyz Rebbiň adyna buýsanýandyrys.
8 Olar büdrär hem-de ýykylar, biz bolsa turarys hem dik durarys.
9 Ýa Reb! Patyşany halas et, çagyran wagtymyzda bize jogap ber.




Chapter 21


1 Ýa Reb! Patyşa Seniň kuwwatyňa şatlanýar, halas edendigiňe biçak begenýär.
2 Ýürek arzuwlaryny Sen oňa berdiň; diliniň dilegini Sen ret etmediň.
3 Bol bereketleriň bilen Sen garşy aldyň, başyna sap altyndan jyga geýdirdiň.
4 Ol Senden ömür diledi, Sen oňa berdiň ebedilik, müdimilik bir ýaşy.
5 Seniň ýeňşiň bilen beýik onuň şöhraty, Sen hormat bilen dabara beslediň ony.
6 Sen oňa ebedi bereket berýäň, huzuryňdaky şatlyk bilen ony şat edýäň.
7 Çünki Rebbe bil baglaýar patyşa, Beýik Hudaýyň wepaly söýgüsi arkaly ol sarsdyrylmaz.
8 Seniň eliň tapar ähli duşmanlaryňy, Seniň goluň – Seni ýigrenýänleri.
9 Seniň huzuryň peýda bolanda, olary edersiň otly tamdyr deý; Reb ýuwdar olary Öz gaharynda; ot hem ýalmap iýer olary.
10 Ýer ýüzünden ýok edersiň nesillerini, ynsanlar arasyndan – zürýatlaryny.
11 Saňa garşy erbet niýet edäýseler hem, dildüwşük guraýsalar hem – üstün çykmazlar.
12 Çünki ýüzlerine peýkamlary çenemek bilen Sen olary yzlaryna öwrersiň.
13 Ýa Reb, beýgel Sen Öz kuwwatyňda, biz Seniň güýjüň barada nagma aýdyp, alkyş aýdarys.




Chapter 22


1 Hudaýym, Hudaýym, näme üçin meni terk etdiň? Näme üçin halas ederden, perýadymy eşiderden uzakdasyň Sen?
2 Hudaýym, gündizine çagyrýan, ýöne jogap bermeýäň, gijesine – emma rahatlygy tapmaýan.
3 Ýöne welin mukaddessiň Sen! Ysraýyl alkyşlarynyň üstünde tagt guransyň Sen.
4 Saňa bil bagladylar atalarymyz; ynandylar, Sen hem halas etdiň olary.
5 Olar Saňa perýat edip, halas boldular; Saňa bil bagladylar, baglan umydynda aldanmadylar.
6 Men bolsa bir gurçuk, ynsan däldirin: ynsanlaryň ýüzügarasy, halkyň kemsidýäni.
7 Meni görýänleriň bary üstümden gülýär, başlaryny ýaýkaýar hem ýaňsylaýar:
8 «Rebbe tabşyrypdy özüni; goý, Ol ony halas eýlesin, ony azat etsin, çünki Reb ondan köp razy!»
9 Emma Sensiň ýatgydan meni çykaran, enem gujagyndakam maňa rahatlyk beren.
10 Dünýä inäýemde Saňa atyldym, Sen – Hudaýym enem göwresinden çykalym bäri.
11 Menden daşlaşma Sen, çünki muşakgat ýakyn, kömekçi-de ýok.
12 Birentek öküzler meni gurşady, güýçli Başan öküzleri meni gabady;
13 olar maňa açýarlar agyzlaryny parçalaýjy, arlaýjy bir arslan ýaly.
14 Men suw kimin döküldim, bogun-bogun söküldi ähli süňklerim, mum kimin meniň ýüregim gursagymda pagyş-para eredi.
15 Güýjüm küýzäniň döwügi dek gurady, dilim-de kentlewügime ýapyşdy, çünki ölüm topragynda Sen meni goýduň.
16 Itler meniň daşymy aldy, betkärler topary meni gurşady, el-aýaklarymy parran deşdiler.
17 Ähli süňklerimi sanaýmalydyr, olar maňa seredip, tomaşa edýär.
18 Özara paýlaşýar geýimlerimi, eginbaşym üçin bije atýarlar.
19 Emma Sen, ýa Reb, uzakda bolma, eý, güýjüm, ýetiş meniň dadyma.
20 Gylyçdan halas et meniň janymy, itiň penjesinden – meniň ömrümi.
21 Meni ýabany öküzden Sen halas etdiň, gutar meni arslanlaryň agzyndan.
22 Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin, jemagatyň ortasynda Saňa şöhrat aýdaryn.
23 Eý, Rebden gorkýanlar, Ony alkyşlaň! Eý, Ýakubyň ähli zürýady, Ony şöhratlandyryň! Eý, Ysraýylyň bar neberesi, Onuň öňünde galpyldaň!
24 Çünki Ol görgüliniň görgüsine biparh bolmady, ony ýigrenç saýmady, Öz ýüzüni ondan kese sowmady, gaýtam Oňa perýat edende, ony eşitdi.
25 Uly jemagatda Saňa bolar meniň alkyşym; Rebden gorkýanlaryň öňünde berjaý ederin öz kasamlarym.
26 Görgüliler gerk-gäbe iýip doýarlar, Rebbi agtarýanlar Ony şöhratlandyrsyn! Ýüregiňiz elmydama şat bolsun!
27 Ýeriň ähli uçlary Rebbi ýada salyp, Oňa öwrüler, halklaryň ähli uruglary Oňa sežde ederler.
28 Çünki şalyk Rebbiňki, Ol milletleriň üstünden sürýär hökümi.
29 Oňa sežde eder dünýäniň ähli tekepbirleri, ölüm ýassygynda ýatanlaryň ählisi, janyny diri saklap bilmedikler-de, Onuň öňünde tagzym ederler.
30 [31–32] Zürýatlary Oňa gulluk ederler, Taňrynyň adyny geljek nesle yglan ederler,
31 «Taňry muny berjaý etdi» diýip, Onuň halas ediş hakykatyny indi doguljaklara yglan ederler.




Chapter 23

1 Reb–meniň çopanym; pro men hiç zada mätäç bolmaryn.
2 Ol meni ýaşyl örülerde ýatyrýar, siňňin akýan suwlaryň ýakasyna äkidýär.
3 Meniň janymy Ol täzeleýär hem-de Öz adynyň hatyrasyna dogrulyk ýollaryndan meni äkidýär.
4 Tüm garaňky dereden geçäýemde-de, ýamanlykdan gorkmaýaryn men, çünki Sen meniň bilensiň. Seniň hasaň, çopan taýagyň aram berýär janyma meniň.
5 Sen maňa saçak ýazýarsyň duşmanlarymyň gözleriniň alnynda; ýag çalýarsyň meniň başyma; pürepürdir meniň pyýalam.
6 Bilýärin, ýagşylyk we wepaly söýgi ömürboýy hemra bolarlar maňa; ömürbaky ýaşaryn Rebbiň öýünde.




Chapter 24

1 Rebbiňkidir ýer we ondaky zatlar, älem hem-de onda ýaşaýanlar.
2 Çünki Ol deňizler üstünde ýeriň düýbüni tutdy hem-de ony suwlaryň üstünde gurdy.
3 Rebbiň dagyna kim çykyp biler? Mukaddes öýünde kim durup biler?
4 Elleri päk, ýüregi-de ak, köňlüni galplyga gönükdirmeýän, hile bilen kasam etmeýän ynsan.
5 Ol Rebden alar ak pata, halas edýän Hudaýyndan alar aklanma.
6 Ony – Ýakup Hudaýynyň ýüzüni agtarýanlaryň neslindendir ol.
7 Eý, derwezeler, başlaryňyzy galdyryň! Eý, gadymy gapylar, ýokary galyň! Şöhrat Şasy içerik girsin!
8 Bu şöhrat Şasy kim? Rebdir güýçli, kuwwatly, Rebdir, söweşdäki kuwwatly.
9 Eý, derwezeler, başlaryňyzy galdyryň! Eý, gadymy gapylar, ýokary galyň! Şöhrat Şasy içerik girsin!
10 Bu şöhrat Şasy kim? Ol–Hökmürowan Reb we şöhrat Şasy.




Chapter 25

1 Ýa Reb, men köňlümi Saňa göge göterýän. ב
2 Eý, Hudaýym, men Saňa bil baglaýan; men utanja galmaýyn; duşmanlarym menden üstün çykmasyn. ג
3 Saňa intizarlar galmasynlar utanja, nähak ýere hyýanat edýänler galsyn utanja. ד
4 Ýa Reb, maňa salgy ber Öz ýollaryňy hem-de öwret maňa ýodalaryňy. ה
5 Meni hakykatyňda ýöret hem maňa öwret, çünki meni halas edýän Hudaý Sen; men uzakly gün Saňa intizardyryn. ז
6 Ýa Reb, ýadyňa sal merhemetdir wepaly söýgiňi, çünki olar bardyr gadymdan bäri. ח
7 Ýatlama Sen ýaşlyk günälerimi hem-de bitabynlyk ýodalarymy. Ýa Reb, wepaly söýgiňe görä, Öz ýagşylygyň hatyrasyna ýada sal meni. ט
8 Reb ýagşy hem-de dogrudyr Ol günäkärlere Öz ýoluny öwredýär. י
9 Dogry ýola gönükdirýär göwni pesleri Öz ýoluny pespällere öwredýär. כ
10 Onuň ähtiniň düzgünlerini saklaýanlara söýgi bilen wepalylykdyr Rebbiň ähli ýollary. ל
11 Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna bagyşla Sen meniň etmişlerimi, çünki uludyr olar. מ
12 Rebden gorkýan ynsan bar bolsa, Reb oňa öwreder saýlamaly ýoluny. נ
13 Ol ýaşajakdyr bolelinlikde, ýeri miras alar onuň zürýady. ס
14 Reb Öz niýetini Ondan gorkýanlara aýan eýleýär, Ol olara Öz ähtini bildirýär. ע
15 Gözlerim mydama Rebbe garap dur, çünki Ol aýaklarymy tordan çykarar. פ
16 Maňa öwrül-de, merhemet eýle, çünki men ýalňyz, ezýetlidirin. צ
17 Ýüregimiň gaýgy-hasraty artdy; jebir-jepalarymdan halas et meni. ר
18 Muşakgatym bilen yzama seret hem-de meniň ähli günälerimi öt. ר
19 Gör Sen köpdügini duşmanlyrymyň, olar güýçli ýigrenç bilen ýigrenýär meni. ש
20 Janymy gora-da, halas et meni, utanmaýyn, çünki pena edindim Seni. ת
21 Kämillikdir dogrulyk meni gorasyn, çünki men Saňa intizardyryn.
22 Eý, Hudaý, ysraýyl halkyny ähli muşakgatlardan Sen halas eýle.




Chapter 26

1 Meni akla, ýa Reb, çünki aýypsyz gezdim, bil bagladym Rebbe, yranmaryn men.
2 Meni barla, ýa Reb, hem meni derňe, meniň pikirlerimi, ýüregimi syna.
3 Çünki söýgiň gözlerimiň alnynda, gezdim men Seniň wepalylygyňda.
4 Bolgusyzlar bilen men oturmaýaryn, ikiýüzlülere ýaran bolmaýaryn.
5 Betkärleriň üýşmeleňini ýigrenýärin; erbetleriň ýanynda oturmaýaryn.
6 Ellerimi ýuwup ýazyksyzlykda, aýlanyp gurbanlyk sypaň daşyndan, ýa Reb,
7 Saňa şükür nagmasyny aýdýaryn; ähli gudratly işleriňi mälim edýärin.
8 Ýa Reb, söýýärin mesgen tutan öýüňi hem-de Seniň şöhratyňyň ýaşalgasyny.
9 Günäkärleriňki bilen bile alma meniň janymy, ganhorlaryňky bilen bile – meniň ýaşaýyşymy.
10 Olaryň elinde haýynlyk bardyr; gollary para-peşgeşden doludyr.
11 Men bolsa gezýärin aýypsyzlykda, meni halas et, maňa merhemet eýle.
12 Tekiz ýerde dur meniň aýagym, Rebbe alkyş aýtjak men jemagatda.




Chapter 27

1 Reb – nurum hem Halasgärim, men kimden heder edeýin? Reb ömrümiň penasy: men kimden wehim edeýin?
2 Betkärler: duşmanlarym hem ýagylarym töhmetleri bilen maňa hüjüm edende özleri büdreýär hem-de ýykylýar.
3 Bir goşun meni gabasa – ýüregim sarsmaz, maňa garşy uruş tursa-da, umytdan düşmerin.
4 Rebden bir zat diledim, islegim şudur: Rebbiň öýünde ömürboýy ýaşamak, Rebbiň gözelligini höwes bilen synlamak, Onuň ybadathanasynda doga-dilegler etmek.
5 Çünki Ol muşakgatlyk wagtynda meni gorar Öz penasynda hem-de gizlär Öz çadyrynda; Ol gaýanyň üstüne meni galdyrar.
6 Indi meniň ýeňişli başym meni gurşan duşmanlarymyň depesinden garaýar. Şadyýanlyk şowhunyny Onuň çadyrynda hödür ederin; Rebbe nagma aýdyp, owaz ederin.
7 Ýa Reb, dat-perýatly sesimi eşit; merhemet eýle-de, maňa jogap ber.
8 «Onuň ýüzüni agtar» diýýär ýüregim. Ýa Reb, Seniň ýüzüňi agtarýaryn men.
9 Sen gizleme menden ýüzüňi, gazabyňda kowma Sen Öz guluňy; Sen maňa kömekçi bolduň; meni taşlama hem-de terk etme, eý, Halasgär Hudaýym meniň!
10 Hatda ata-enem terk edäýse-de, Reb men barada alada eder.
11 Ýa Reb, maňa ýoluňy öwret hem-de duşmanlarym zerarly, meni düz ýodadan alyp git.
12 Duşmanlarymyň eline meni tabşyrma, çünki ýalan şaýatlar çykdy garşyma, olar zalymlygyny pürkýärler maňa.
13 Ýöne diriler ýurdunda Reb ýagşylygyny görjekdigime ynanýaryn men.
14 Rebbe umyt bagla; mert bol, goý, güýçlensin seniň ýüregiň; Rebbe umyt bagla.




Chapter 28

1 Ýa Reb, Seni çagyrýaryn; eşitmezlige salma, eý, meniň Gaýam, dymma, gabra inýänlere meňzemäýin men.
2 Saňa dat-perýat eden wagtymda, iň mukaddes otagyňa tarap ellerimi galdyranymda, ýalbaryşlarymyň sesini eşit.
3 Erbetler, betkärler bilen bile meni süýreme; olar parahat gepleşýärler goňşusy bilen, emma welin erbetlik bar ýüreklerinde.
4 Olaryň etmişlerini, eden ýamanlygyny özlerine gaýtar; elleriniň edenlerini özlerine gaýtar; edenlerine laýyk öwezini ber.
5 Rebbiň işlerine, Onuň elleriniň işine üns bermeýändikleri sebäpli, Ol weýran eder olary hem-de gaýdyp bina etmez olary.
6 Rebbe alkyş bolsun! Ol eşitdi perýadymyň sesini.
7 Reb meniň güýjüm hem-de galkanym; Oňa bil baglady meniň ýüregim, Ol maňa ýardam edýär, ýüregim biçak şatlanýar; Oňa nagmam bilen şükür ederin.
8 Reb halkyň güýjüdir, seçip saýlanyň halas berkitmesi Oldur.
9 Öz halkyňy halas et, saýlan halkyňa pata ber, olara çopançylyk et, mydama olary eliňde göter!




Chapter 29

1 Reb barada aýdyň, eý, ylahy barlyklar, Rebbiň şöhratlydygy, kuwwatlydygy barada aýdyň.
2 Rebbiň adyny mynasyp şöhratlandyryň; şanly mukaddesliginde Oňa siz sežde ediň.
3 Rebbiň sesi suwlaryň ýüzünde, Hudaýyň şöhraty gümmürdeýär, Reb ummasyz suwlardan üstündir.
4 Rebbiň sesi kuwwatlydyr, Rebbiň sesi şan-şöhratlydyr.
5 Rebbiň sesi kedr agaçlaryny döwýär, Reb Liwan kedrlerini owradýar.
6 Ol Liwan dagyny göle deý, Sirýon dagyny-da ýabany öküzçe deý bökdürýär.
7 Rebbiň sesi ýyldyrymlar çakdyrýar.
8 Rebbiň sesi çöli sarsdyrýar, Reb Kadeş çölüni sarsdyrýar.
9 Rebbiň sesi keýikleri guzladýar, tokaýlary ýalaňaçlaýar; Onuň ybadathanasynda hemmeler «Hudaýa şöhrat!» diýýär.
10 Reb siliň ýokarsynda tagt gurup oturýar. Reb Şa hökmünde baky oturýar.
11 Goý, Reb Öz halkyna güýç-kuwwat bersin hem-de ony parahatlyk bilen ýalkasyn!




Chapter 30

Dawudyň mezmury. Ybadathana bagyş edilende aýdylýan nagma.
1 Ýa Reb, Seni beýgeltjek, çünki Sen ýokary meni galdyrdyň, meni duşman gülküsine goýmadyň.
2 Ýa Reb, Hudaýym, Saňa dat-perýat etdim, Sen hem maňa şypaňy berdiň.
3 Ýa Reb, Sen meniň janymy ölüler dünýäsinden çykaryp aldyň; gabra inmezim ýaly, ýaşaýyş berdiň.
4 Eý, Rebbiň sadyklary, Oňa nagmalar aýdyň; mukaddes adyna şükürler ediň.
5 Çünki bir salymlyk Onuň gazaby; ömürboýy dowam edýär mähribanlygy. Agşamdan daňa çenli agy ýaňlanar, ertirine bolsa şadyhorramlyk geler.
6 Men şeýle diýdim öz rahatlygymda: «Meni asla hiç zat sarsdyrmaz».
7 Ýa Reb, Öz hoşamaýlygyň bilen meni dag dek kuwwatly etdiň; gizlediň Sen menden ýüzüňi, şonda gorky gaplady meni.
8 Ýa Reb, Seni çagyrdym; Taňrymdan merhemet diläp, dat-perýat etdim.
9 Diýdim «Men ölüp, inemde gabra, munuň peýdasy bolarmy Saňa? Toprak Saňa öwgi aýdyp bilermi? Seniň wepalylygyňy beýan edermi?»
10 Ýa Reb, meni eşit-de, merhemet eýle! Ýa Reb, Sen bol meniň kömekçim.
11 Sen meniň ýasymy toýa öwürdiň, ýas julumy çykaryp, meni begenç lybasyna beslediň.
12 Kalbym Saňa nagma aýtsyn, dymmasyn. Saňa baky şükür etjek, ýa Beýik Hudaýym!




Chapter 31

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
1 Ýa Reb, men Seni pena edinýärin, meni hiç haçan utanja goýma; dogrulygyň bilen halas et meni.
2 Maňa gulak goý, tiz ýetiş meniň dadyma; bol Sen meni penalaýan bir gaýa, halas bolmagym üçin bir mäkäm gala.
3 Çünki meniň gaýam hem galam Sensiň; Öz adyň hatyrasyna ýol görkez maňa, meni ugrukdyr.
4 Maňa gurlan tordan Sen meni çykar, çünki Sen meniň penamsyň.
5 Seniň eliňe tabşyrýaryn men öz ruhumy; meni halas etdiň, ýa Reb, hakykatyň Hudaýy.
6 Ýigrenýärin dereksiz butlara sygynýanlary; men diňe Rebbe baglaýan bili.
7 Begenip şatlanaryn wepaly söýgiňe, çünki Sen muşakgat halymy gördüň, janymyň çekýän derdini bildiň;
8 tabşyrmadyň meni duşman eline; duruzdyň aýaklarymy giň ýerde.
9 Ýa Reb, maňa merhemet eýle, sebäbi men hasrat içinde; gaýgy-gamdan ýaňa gözüm küteldi; meniň janym hem-de bagrym gurady.
10 Ömrüm soňlanyp barýar gam-gussa bilen; ýyllarym-da dat-perýat bilen; günäm zerarly kuwwatym gaçdy hem-de meniň süýeklerim gurady.
11 Ýüzügara boldum ähli ýagylaryma, ylaýta-da öz goňşularyma; betnyşan boldum men tanyşlaryma; köçede görýänler menden gaçýarlar.
12 Merhum dek unudyldym men; bir döwlen küýzä öwrülendirin.
13 Çünki köpleriň ýamanlamasyny eşidýän, maňa garşy dildüwşük guranlarynda, janyma kast etmekçi bolanlarynda, töwerek-daşymy gorky gaplaýar.
14 Emma, ýa Reb, Saňa bil baglaýan; Men diýýän: «Sensiň meniň Hudaýym».
15 Ömrümiň günleri Seniň eliňde; halas et meni ýagylarymyň hem-de meni yzarlaýanlaryň elinden.
16 Saç ýüzüňiň nuruny bendäň üstüne; wepaly söýgiň bilen meni halas et.
17 Ýa Reb, meni utanja goýma, çünki Seni çagyrýaryn men; goý, erbetler utanja galsyn; ölüler dünýäsine inip, goý, olar dymsyn.
18 Tekepbirlik hem-de kemsitme bilen dogry ynsana sögýän ýalan diller lal bolsun.
19 Seniň ýagşylygyň neneňsi uly! Özüňden gorkýanlar üçin saklaýaň ony; adamzat öňünde Saňa bil baglaýanlara edýärsiň Sen bu ýagşylygy.
20 Sen ynsan dildüwşüklerinden olary Öz huzuryň saýasynda gizleýäň; dilleriň dawalaşmagyndan çadyryň howpsuzlygynda saklaýaň.
21 Rebbe alkyş bolsun! Çünki Ol daşy gabalan şäherde maňa ajaýyp söýgüsini görkezdi.
22 Öz howsalamda şeýle oýladym: «Men Seniň nazaryňdan taşlandym». Ýöne Saňa perýat eden wagtymda Sen dady-perýatlarymy eşitdiň.
23 Eý, Rebbiň ähli sadyklary, söýüň siz Ony! Reb goraýar Özüne wepadarlary, doly jeza berýär tekepbirlik edýäne.
24 Eý, Rebbe umyt baglaýanlaryň bary, batyr boluň, kuwwatlansyn ýürekleriňiz!




Chapter 32

1 Ýazygy bagyşlanan, günäsi örtülen adam nähili bagtly!
2 Reb tarapyndan etmişi hasaba alynmaýan, ruhunda hile ýok adam nähili bagtly!
3 Men dymyp, uzakly gün zar-zar aglanymda, gurap galdy meniň süňklerim.
4 Çünki gije-gündiz eliň üstüme agramyn saldy, tomus yssysynda ýaly ysgynym gaçdy. Sela
5 Saňa äşgär etdim men öz günämi hem-de gizlemedim etmişlerimi. Diýdim: «Reb ýanynda boýun aljak ýazyklarymy». Sen hem bagyşladyň günämiň ýazygyny. Sela
6 Munuň üçin sadyklaryň her biri günäsini aňlan wagty Saňa etsin dogany. Şonda, muňa ýokdur hiç şübhe: oňa ýetmez köp suwlaryň joşmagy.
7 Sensiň meniň gizlenýän ýerim; goraýarsyň meni howp-hatarlardan; Sen meni halas eýlediň, ýüregime şatlyk nagmasyn goýduň. Sela
8 «Men saňa öwüt bererin, ýöremeli ýoluňy salgy bererin; maslahat bererin, sende bolar Meniň nazarym.
9 Düşünjesiz at ýa gatyr dek bolma: bilmeýärler olar gitjek ýoluny agyzzyryk bilen uýan bolmasa».
10 Köp bolýandyr erbet adamyň gaýgysy, emma Rebbe bil baglaýanlary gurşap alýar Onuň wepaly söýgüsi.
11 Eý, dogry adamlar, Rebde begeniň hem-de şatlanyň! Eý, ýüregi dogrular, hemmäňiz heşelle kakyň!




Chapter 33

1 Eý, dogry adamlar, şatlanyň Rebde, dogruçyla alkyş aýtmak gelişýär.
2 Rebbe alkyş aýdyň barbatda, Oňa mukam çalyň on kirişli arfada.
3 Aýdyň Oňa täze nagmany, şadyýan gygyryşyp, ussatlarça çalyň öz sazyňyzy.
4 Çünki Rebbiň sözi dogry, wepalydyr Onuň ähli işleri.
5 Ol dogrulygy, adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň wepaly söýgüsinden doludyr.
6 Ýaradyldy gökler Reb sözi bilen, bar asman jisimleri – agzynyň nepesi bilen.
7 Ol deňiz suwlaryny üýşmek kimin ýygnady, düýpsüz suwlary howdanlara sygdyrdy.
8 Bütin ýer ýüzi, goý, Rebden gorksun; dünýäde ýaşaýanlaryň bary Ondan eýmensin.
9 Çünki Ol aýtdy – aýdany boldy; Ol buýurdy – buýrany hem berk durdy.
10 Reb milletleriň maslahatyny hiç edýär, halklaryň niýetlerini puja çykarýar.
11 Emma ebedidir Reb maslahaty, Onuň ýürek pikirleri – nesillerboýy.
12 Hudaýy Reb bolan millet bagtlydyr; Öz genji hökmünde saýlan halky bagtlydyr.
13 Reb göklerden nazar aýlaýar, Ol adamzadyň baryny görýär.
14 Tagtynda oturan ýerinden ýeriň ähli ilatyna nazar aýlaýar:
15 Oldur her biriniň ýüregini ýaradan, olaryň ähli işlerine düşünýän.
16 Patyşany halas etmez uly goşuny, uly güýji halas etmez edermeni.
17 Güýçli bedew ýeňşi kepillendirmez, uly güýji bilen hiç kimi ol halas etmez.
18 Ynha, Rebbiň nazary Ondan gorkýanlarda, wepaly söýgüsine umyt baglaýanlarda,
19 Ölümden olaryň janyny Ol halas eder, açlyk döwründe-de aman galdyrar.
20 Rebbi pena edinýär biziň janymyz, Ol–kömegimiz we galkanymyz.
21 Onda şatlanýar ýüreklerimiz, çünki mukaddes adyna bil baglaýandyrys.
22 Ýa Reb, biz Saňa umyt baglaýandyrys, Seniň wepaly söýgiň bize ýar bolsun!




Chapter 34

Dawudyň Abymelegiň öňünde özüni dälilige uran wagtyndaky mezmury. Abymelek Dawudy kowandan soň, ol gitdi. א
1 Men Rebbe hemişe alkyş aýdaryn, Oňa öwgi elmydama agzymda bolar. ב
2 Reb bilen meniň janym magtanar, pespäller eşider hem-de şat bolar. ג
3 Meniň bilen bile Rebbi öweliň, beýgeldeli bilelikde Onuň adyny. ד
4 Men Rebbi agtardym, Ol jogap berdi hem-de ähli howplardan meni halas eýledi. ה
5 Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz, asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz. ז
6 Men-biçäre Rebbi çagyrdym, Ol hem eşitdi, meni ähli azaplarymdan halas eýledi. ח
7 Reb perişdesi Ondan gorkýanlary gurşaýar, olary bela-beterden halas eýleýär. ט
8 Dadyp görüň Reb ýagşylygyny, Ony pena edinýän nähili bagtly! י
9 Rebden gorkuň, eý, Onuň mukaddesleri, Ondan gorkýanlaryň ýok mätäçligi. כ
10 Hatda ýolbarslar hem çekýär ejir bilen açlygy, Rebbi agtarýanlar bolsa çekmez hiç mätäçligi. ל
11 Geliň, eý, ogullarym, diňläň siz meni, öwredeýin size Rebden gorkmagy. מ
12 Ynsan ýagşylygy göreri ýaly, isleýärmi ýaşamaklygy? Arzuw edýärmi uzak bir ömri? נ
13 Ýamanlykdan sakla sen öz diliňi we hileli gepden – dodaklaryňy; ס
14 ýamanlykdan aýryl, et sen ýagşylyk, parahatlyk agtar, onuň yzyndan galma. ע
15 Dogry adamlarda Rebbiň gözleri, perýatlaryna açyk Onuň gulagy. פ
16 Rebbiň ýüzi betkärlere garşydyr; olary ýatlamadan ýer ýüzünde nyşan galdyrmaz. צ
17 Reb eşidýär dogrular perýat edende, Ol olary ähli muşakgatlaryndan halas eýleýär. ק
18 Reb kalby synyklara ýakyndyr; ruhdan düşenleri halas edýändir. ר
19 Dogry ynsanyň dertleri köpdür, emma Reb ählisinden ony halas eýleýär. שׁ
20 Onuň ähli süňklerini goraýar, olaryň biri hem döwülmez. ת
21 Ýamanlyk erbet adamy öldürer, dogry adamy ýigrenýän höküm ediler.
22 Reb Öz bendelerini halas edýändir, Ony pena edinýänleriň hiç biri höküm edilmez.




Chapter 35

1 Ýa Reb, meniň bilen dawalaşýanlar bilen Sen dawalaş; meniň bilen söweşýänler bilen Sen söweş;
2 sowudyňy geý, galkanyňy al, dadyma ýetiş.
3 Meni kowalaýanlara garşy naýzaly, aýpaltaly çyk. Kalbyma diý: «Halasgäriň – Men».
4 Janymyň kastyna çykanlar, goý, utanyp masgara bolsun; maňa garşy erbetlik niýetlänler yzyna dönsün, ýüzi gyzarsyn.
5 Goý, olar ýel öňündäki ownuk saman dek bolsun; Rebbiň perişdesi olary syryp äkitsin.
6 Goý, olaryň ýoly garaňky hem sürçek bolsun; Rebbiň perişdesi olary kowsun.
7 Çünki sebäpsiz ýere meniň üçin duzak gurdular; sebäpsiz ýere meniň üçin çukur gazdylar.
8 Goý, heläkçilik duýdansyz başyna insin, gizlin guran duzagyna onuň özi düşsün, heläkçilige uçranda, goý, şoňa düşsün.
9 Meniň janym bolsa Rebde şat bolar; ol meni halas edendigine begener.
10 Şeýle diýer meniň ähli süňklerim: «Ýa Reb, eýsem Sen ýaly barmy? Sen ejizi gutarýarsyň güýçlüden, pukaradyr mätäçleri – talaňçysyndan».
11 Betniýet şaýatlar garşyma çykýar, bilmeýän zadymy menden soraýar.
12 Ýagşylygyma ýamanlyk edýär, meniň janymy hossarsyz goýýar.
13 Men bolsa jul geýerdim olar syrkawka, agyz bekläp, özümi pespäl tutardym; emma jogapsyz galdy doga-dilegim.
14 Men olara dostum ýa doganym ýaly garardym, ejeme ýas tutýan dek başym aşak salyp, matam tutardym.
15 Olar bolsa büdränime şatlanyp, ýygnanardylar; myjabatçylar maňa garşy toplanardylar; agsan bolup, meni ýaňsylardylar; meni dyngysyz parçalardylar.
16 Şikeslini ýaňsylaýan hudaýsyzlar dek, olar maňa dişlerini gyjaýardylar.
17 Ýa Taňry, Sen haçana çenli muňa seretjek? Olaryň süteminden halas et meniň janymy, arslanlardan halas et ýeke-tägimi.
18 Men uly ýygnakda Saňa şükür ederin, köp sanly halkyň arasynda Seni şöhratlandyraryn.
19 Maňa nähak duşman bolanlar, goý, şatlanmasyn, meni sebäpsiz ýigrenýänler göz gypyşmasyn.
20 Çünki olar asudalyk barada gürrüň etmeýärler, tersine, ýer ýüzündäki asudahalarlara garşy hileli sözleri oýlap tapýarlar.
21 Meni aýyplap, agyzlaryny giňden açýarlar: «Hä-ä, öz gözümiz bilen görendiris!» diýýärler.
22 Ýa Reb, Özüň gördüň, dymma! Ýa Taňry, menden uzakda bolma.
23 Meniň hakym hem dawam üçin, gaýrata gal, oýan, eý, Hudaýym we meniň Taňrym.
24 Dogrulygyňa laýyklykda meni akla, ýa Beýik Hudaýym; heşelle kakmasynlar meniň üstümden.
25 Ýürekden: «Hä-ä, ýürek islegimiz ýerine düşdi: biz ondan dyndyk» diýip, olar aýtmasyn.
26 Hasratyma şatlanýanlaryň bary ýüzleri gyzaryp, biabraý bolsun; öňümde özüni beýgeldýänleriň eginbaşlary utanç hem-de betnamlyk bolsun.
27 Meniň haklylygymy isleýänler şatlanyp, heşelle kaksyn, «Öz bendesine parahatlyk isleýän Rebbiň belentligi artsyn» diýip, dyngysyz aýtsyn.
28 Meniň dilim Seniň dogrulygyňy aýdar hem-de uzakly gün Saňa ol alkyş eder.




Chapter 36

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Rebbiň guly Dawudyň mezmury.
1 Erbet adamyň etmişi ýüreginde seslenýär, Hudaýdan gorky ýok onuň gözünde.
2 Çünki günäsini tapyp, ony ýigrenerinden, juda hoşdur onuň göwni özünden.
3 Agzynyň sözleri – betlik hem hile, paýhaslanyp, ýagşylyk etmegi hiç islemeýär.
4 Düşeginde ýamanlyk etmegiň ýollaryny oýlaýar, bet ýola düşýär, ony asla ýigrenç saýmaýar.
5 Ýa Reb, göklere ýetýär Seniň söýgiň, bulutlara ýetýär wepadarlygyň.
6 Seniň dogrulygyň belent daglar deý, Seniň adalatly hokümleriň düýpsüz çuňluk deý. Ýa Reb, Sen ynsany, haýwany halas edýärsiň.
7 Eý, Hudaý, wepaly söýgiň neneň gymmatly! Seniň ganatlaryň saýasy ynsan ogullaryna pena bolýandyr.
8 Öýüňiň näzi-nygmatyndan doýýarlar; Sen olary Öz lezzet derýaňdan gandyrýaň.
9 Çünki ýaşaýşyň gözbaşy Sende; biz nur görýäris Seniň nuruňda.
10 Seni tanaýanlara dowam etdir wepaly söýgiňi, ýüregi dogrulara – dogrulygyňy.
11 Tekepbiriň aýagy meni basgylamasyn, erbet adamlaryň eli meni kowmasyn.
12 Betkärler ol ýerde ýykyldylar, ýere ýazyldylar, galyp bilmeýärler.




Chapter 37

1 Erbet iş edýänlere janyňy ýakma, naýynsaplara höwesli bakma.
2 Çünki olar tiz wagtda ot kimin gurar, gök ösümlik kimin saralyp solar. ב
3 Rebbe bil bagla, et sen ýagşylyk, ýurtda ýaşap, ýaýna asudalykda.
4 Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder. ג
5 Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla, şonda Ol saňa hemaýat berer.
6 Nur deý ýalpyldadar dogrulygyňy, günorta çagy deý – haklylygyňy. ד
7 Ümsüm bol Rebbiň öňünde, Oňa sabyrly garaş, ýoly rowaç betniýete höwesli bakma. ה
8 Gahardan saklan, gazaby taşla, aladaçyl bolma: ol şere elter.
9 Çünki kesilip taşlanar erbetlik edýänler, Rebbe intizarlar ýeri miras alarlar. ו
10 Az-kem sabyr et, erbetler ýok bolarlar, ýerlerine göz aýlarsyň, ýöne tapmarsyň.
11 Päli pes adamlar bolsa ýeri miras alarlar, abadançylykda ýaşap, hezil ederler. ז
12 Erbet dogry adama hyýanat edýär hem-de oňa dişlerini gyjaýar.
13 Taňry bolsa onuň üstünden gülýär, çünki onuň wagtynyň dolýandygny görýär. ח
14 Garyp bilen mätäji ýere çalmaklyk üçin, dogry ýoldan barýanlary öldürmek üçin, erbet adamlar gylyç syryp, ýaýyny gurýar.
15 Emma gylyçlary öz ýüreklerine sanjylar, olaryň ýaýlary hem kül-owram bolar. ט
16 Dogry ynsanyň az zady ähli erbetleriň baýlygyndan ýagşydyr.
17 Çünki erbetleriň gollary döwler, ýöne Reb dogrulary söýgetlär. י
18 Reb kämilleriň günlerini bilýändir, olaryň mirasy ebedi galar.
19 Olar ýaman wagty utandyrylmaz, dok bolarlar açlyk döwründe. כ
20 Emma erbetler heläk bolarlar, Rebbiň duşmanlary örüleriň gözelligi deý ýitip giderler, gaýyp bolarlar, tüsse içinde sumat bolarlar. ל
21 Erbet adam karz alyp, yzyna bermez, dogry ynsan bolsa jomart we eli açyk.
22 Çünki Onuň ýalkanlary ýeri miras alarlar, Onuň garganlary bolsa gyrlyp ýok bolarlar. מ
23 Reb dogrynyň gadamyny berkarar edýär, Ol onuň ýolundan göwnühoş bolýar.
24 Ýykylmaz bu ynsan büdräýende hem, çünki Reb onuň elinden tutýar. נ
25 Ýaş ýigitdim, indi garradym, ýöne dogry ynsanyň terk edilenini ýa zürýadynyň çörek dilenenini heniz görmedim.
26 Elmydama eli açyk hem-de karz berýär; olaryň neslinden ýalkynyş geler. ס
27 Şer işden gaça dur hem et ýagşylyk – baky ýaşarsyň. ע
28 Çünki Reb adalaty söýýändir, sadyk ynsany Ol terk edýän däldir; dogry ynsan baky goralar, ýöne erbetleriň zürýatlary gyrlyp ýok bolar.
29 Dogry ynsanlar ýeri miras alarlar hem-de onda baky mesgen tutarlar. פ
30 Dogry adamyň agzy danalygy sözleýär, onuň dili adalaty beýan eýleýär.
31 Onuň ýüregindedir Hudaýyň kanuny, taýýan däldir onuň aýagy. צ
32 Erbet dogry ynsany aňtaýar, ony öldürmäge pursat peýleýär.
33 Ýöne Reb dogry ynsany erbediň eline bermez; kaza getirilende, ony aýyply çykarmaz. ק
34 Rebbe umyt bagla, Onuň ýoluny sakla, Ol hem ýeri miras almagyň üçin seni beýgelder; sen erbetleriň ýok edilenini görersiň. ר
35 Men yzgytsyz erbet adamyň çynar dek gögeren ýerinde ýaýrap oturanyny gördüm.
36 Birdenkä ol gaýyp boldy-da gitdi; men ony gözledim, emma tapmadym. שׁ
37 Kämil ynsany synla, dogry adama seret. Parahat ynsanyň gelejegi bar.
38 Emma günäliler bütinleý weýran ediler; erbetleriň gelejegi ýok bolar. ת
39 Reb dogry ynsanlary halas edýändir, muşakgatlykda olara pena bolýandyr.
40 Reb olara kömek berer we halas eder; olary erbetlerden gutarar we halas eder, çünki olar Ony pena tutunýar.




Chapter 38

Dawudyň ýatlanma dilegi
1 Ýa Reb, gaharyňda meni ýazgarma, gazabyňda meni terbiýeleme.
2 Çünki peýkamlaryň parran geçdi içimden, Seniň eliň agram salýar meniň üstümden.
3 Gaharyň zerarly tenimiň abat ýeri ýok, günäm zerarly bedenimde saglyk ýok.
4 Çünki ýazyklarym başymdan agdy, agyr ýük deý maňa agramyn saldy.
5 Akmaklygym zerarly ýaralarym iriňledi hem-de porsady.
6 Iki bükülip, ýere ýazyldym, men uzakly gün ýas tutup gezýän.
7 Çünki ysytmadan doludyr bilim, bedenimiň abat ýeri galmady.
8 Halys tapdan düşdüm, mydar galmady, ýürek yzasyndan zar-zar gygyrýan.
9 Ýa Taňry, Saňa aýan ähli dilegim, Senden gizlin däldir meniň perýadym.
10 Ýüregim galpyldap, ysgynym gaçdy, meniň gözlerimiň nury galmady.
11 Dost-ýarlarym ýaralarym zerarly menden daşlaşýar, goňşularym-da menden uzakda durýar.
12 Janymyň kastyndakylar duzak gurýarlar; meniň zelelimi gözleýänler meni ýykmak hakda gürrüň edýärler; uzakly gün hile gurmagy niýet edýärler.
13 Men bolsa eşidip bilmeýän ker adam ýaly, gürläp bilmeýän lal ynsan ýaly.
14 Dilsiz-agyzsyz ker kimin boldum.
15 Çünki, ýa Reb, men Saňa intizardyryn; Sen jogap berersiň, ýa Taňry meniň Hudaýym.
16 Diýdim: «Duşmanlarym çekýän jebrime, goý, begenmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, öwünmesin».
17 Çünki ýykylmaga golaýlandyryn, dyngysyz agyrym bilen ýüzbe-ýüzdürin.
18 Men öz ýazygymy boýun alýaryn, günäm babatda hasrat çekýärin.
19 Duşmanlarym bolsa diri hem güýçli; meni nähak ýere ýigrenýänler köpeldi.
20 Ýagşylygyma ýamanlyk edýänler maňa duşmandyr, çünki ýagşylyga eýerýärin men.
21 Ýa Reb, meni terk etme! Uzaklaşma menden, eý, meniň Hudaýym!
22 Ýardam etmek üçin dadyma ýetiş, ýa, Taňry meniň Halasgärim!




Chapter 39

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysy Ýedutunyň mukamyna laýyklykda. Dawudyň mezmury.
1 Diýdim: «Dilimden günä galmazlyk üçin, ýörejek ýolumy saýgarjakdyryn; erbetler meniň garşymda durka agzymy jylawlap saklajakdyryn».
2 Lal bolup, ümsümligi bozmadym, hatda ýagşy zatlary-da aýtmadym; emma beterledi meniň agyrym.
3 Ýüregim tutaşdy meniň içimde, ot alawlady oý-hyýalymda, ahyrsoňy dilimi ýardym:
4 «Bildir, ýa Reb, meniň soňumy hem-de galan günlerimiň sanyny; bildir ömrümiň panydygyny.
5 Sen meniň günlerimi bir garyş etdiň! Seniň nazaryňda ömrüm puç zatdyr. Dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr». Sela
6 «Dogrudan-da, ynsan gezýär bir sudur kimin; dogrudan-da, biderek ýere ol hysyrdaýar; ýygnaýar, munuň kime galjagyny bilmeýär.
7 Ýa Taňry, indi nämä garaşaýyn men? Meniň ähli umydym Sende.
8 Ähli ýazyklarymdan meni halas et, meni akmaklara masgara etme.
9 Lal bolup, açmaýaryn agzymy, çünki Sen etdiň muny.
10 Aýyr menden Öz urgularyňy, eliň zarbyna ýitip gidýärin.
11 Ynsany günäsine görä paş edip, temmi bereňde, guwanýan zatlaryny güýe ýaly dargadýaň; dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr!» Sela
12 «Dogamy eşit, ýa Reb, gulak goý meniň dat-perýadyma; Sen biparh garama gözýaşlaryma, çünki men gelmişek Seniň ýanyňda, ähli atalarym deý men bir keseki.
13 Nazaryňy menden sow, gidip, ýok bolmazdan öň bir ynjalaýyn».




Chapter 40

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
1 Men intizar bolup, Rebbe garaşdym, Ol maňa tarap eglip, perýadymy eşitdi.
2 Meni heläkçilik gorpundan, batgalyk laýyndan çykaryp aldy; aýaklarymy gaýanyň üstünde durzup, Ol meniň ädimlerimi berkitdi.
3 Ol meniň agzymda bir täze nagma – Hudaýymyza alkyş nagmasyn goýdy; köpler muny görüp gorkarlar, hem-de Rebbe bil baglarlar.
4 Rebbe bil baglaýan nähili bagtly! Tekepbirlere, ýalan hudaýlara ýüz bermeýän ynsan nähili bagtly!
5 Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň we pikirleriň köpdür; men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür.
6 Gurban bilen sadakany Sen islemediň; Sen meniň gulaklarymy açdyň; ýakma gurbanlygy, günä gurbanlygy talap etmediň.
7 Şonda diýdim: «Ynha, gelýärin; kitapda men barada ýazylgy.
8 Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmekden lezzet alýaryn; Seniň kanunyň hem meniň kalbymda».
9 Uly jemagatda dogrulygyňy men wagyz etdim; Sen bilýärsiň, ýa Reb, men agzymy ýummadym.
10 Seniň dogrulygyňy ýüregimde men ýaşyrmadym; wepalylygyň, halas edişiň barada men gürrüň berdim; uly jemagatda söýgiňi, wepalylygyňy men gizlemedim.
11 Ýa Reb, Öz merhemetiňi menden aýama; Seniň söýgiň, wepalylygyň, goý, elmydama meni gorasyn.
12 Çünki sansyz bela-beter meni gurşady; öz etmişlerim meniň başymdan indi; görüp bilmeýän: olar başymyň saçyndan hem kän; pagyş-para boldy meniň ýüregim.
13 Ýa Reb, meni halas etmegi niýetiňe sal; ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.
14 Janyma kast edýänleriň hemmesi, goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn; başyma gelen külpetlere şat bolýanlar, yzyna öwrülip, masgara bolsun.
15 Maňa «haý, haý!» diýýänler, utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.
16 Seni agtarýanlaryň bary Sende begenip, şadyýan bolsun; «Reb beýikdir!» diýip, halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.
17 Men bolsa garyp we mätäçdirin, emma Taňry maňa gamhorlyk eder; Sensiň kömegim hem Halasgärim, eglenme, eý, meniň Hudaýym!




Chapter 41

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
1 Ejizlere rehimli garaýan neneňsi bagtly! Ýaman günde Reb ony halas eder.
2 Reb ony gorar, aman galdyrar, ýer ýüzünde oňa bagtly diýerler; Sen duşman eline ony bermersiň.
3 Hassalyk düşeginde Reb onuň daýanjy bolar, Reb oňa bütinleý şypa berer.
4 Men diýdim: «Ýa Reb, maňa merhemet eýle, şypa ber, çünki men günäli Seniň öňüňde».
5 Duşmanlarym erbet gürrüň edýärler men hakda, diýýärler: «Haçan ölüp, ady-sory ýiterkä?»
6 Olardan biri meni görmäge gelse, ýalan sözleýär, ýüregi gybat toplaýar, daşaryk çykandan soň, ony ýaýradýar.
7 Men barada pyşyrdaşýar meni ýigrenýänleriň bary, maňa garşy ýaman niýet edýärler.
8 Olar: «Ol ölüm howply bela uçrady, ine, ýatyr, indi galmaz» diýýärler.
9 Hatda duzumy iýen, bil baglan dostum maňa hyýanat etdi.
10 Emma Sen, ýa Reb, maňa merhemet eýle, meni dikelt, men olaryň almytyny bereýin.
11 Duşmanlarym menden üstün çykmasa, Seniň menden hoşaldygyňy bilerin.
12 Sen meni aýypsyzlygymda berkidýäň; ebedilik huzuryňda duruzýaň.
13 Ysraýylyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun ezelden ebedä çenli! Omyn! Omyn!




Chapter 42

Saz ýolbaşçysyna. Koragyň nesilleriniň maskili.
1 Keýigiň akar suwlary küýseýşi kimin, eý, Hudaý, janym Seni küýseýär!
2 Hudaýa, diri Hudaýa teşnedir janym, haçan görerkäm men Hudaýyň ýüzün.
3 Diýenlerinde dyngysyz: «Hany Hudaýyň?» gözýaşlarym ýeke-täk azygym boldy.
4 Men ýörärdim jemagat bilen, baýram edýän halky äkiderdim Hudaý öýüne; olar şatlanyp, nagma aýdardy. Şu zatlary ýatlan wagtymda küýsemeden para-para bolýar ýüregim.
5 Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene öwgi aýdaryn Oňa – Halas edýän öz Hudaýyma.
6 Eý, Hudaýym, içimde janym gamlanýar, munuň üçin Iordan topragynda, Hermon hem-de Mizar dagynda Seni ýatlaýan.
7 Çuňluk çuňluga gygyrýar, şaglawuklaryňyň owazy bilen. Seniň ähli tolkunlaryň, silleriň kimin muşakgatlar meniň başymdan geçdi.
8 Reb gündiz wepaly söýgüsini görkezýär, gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn – ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,
9 Gaýam–Hudaýyma şeýle diýýärin: Näme üçin meni unutdyň? Duşman meni gysan wagtynda näme üçin gam-gussaly gezmeli?
10 Duşmanlarym günde: «Hudaýyň nirede?» diýýär, kemsitme arkaly süňklerimi kül-owram edýär.
11 Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene öwgi aýdaryn Oňa – Halasgärime we Hudaýyma.




Chapter 43

1 Eý, Hudaý, Sen meni akla! Hudaýsyz milletden alyp ber meniň hakymy, hilegär we adalatsyz adamlardan halas et meni.
2 Çünki pena tutunýan Hudaýym Sensiň. Sen näme üçin meni terk etdiň? Duşman meni gysan wagtynda, näme üçin gam-gussaly gezmeli?
3 Sen iber nuruňy, hakykatyňy, goý, olar ýol görkezsin maňa; goý, olar meni äkitsin, mukaddes dagyňa we ýaşalgaňa.
4 Şonda Hudaýyň gurbanlyk sypasyna, keýpiköklügim bolan Hudaýyma bararyn. Eý, Hudaý, meniň Hudaýym, men Saňa kinorda öwgi nagmasyny aýdaryn.
5 Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene öwgi aýdaryn Oňa – Halasgärime we Hudaýyma.




Chapter 44

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koragyň nesilleriniň maskili.
1 Eý, Hudaý, gulagymyz bilen eşitdik; atalarymyzyň döwründe, gadym eýýamda olar bize Seniň edenleriň barada gürrüň berdiler.
2 Milletleri kowup Öz eliň bilen, Sen atalarymyza ýer berdiň. Halklary wes-weýran edip, Sen atalarymyzy ýaýratdyň.
3 Olar ýurdy eýelemediler gylyjy bilen, ýeňşi gazanmadylar gollary bilen – Seniň eliň, goluň, ýüzüňiň nury edendir muny; çünki Sen juda söýdüň olary.
4 Sensiň meniň Patyşam hem-de Hudaýym. Ýakup üçin ýeňişleri Sen buýur.
5 Duşmanlarymyzy basgylarys Seniň kuwwatyň bilen, garşydaşlarymyzy depgiläris Seniň adyň bilen.
6 Men öz ýaýyma bil baglamaýan, meni halas etmeýär meniň gylyjym.
7 Sensiň bizi halas eden duşmanlarymyzdan, Sensiň bizi ýigrenýänleri utanja goýan.
8 Uzakly gün Hudaý bilen magtanýarys Seniň adyňa baky şükür ederis. Sela
9 Ýöne indi bizi taşladyň, utanja goýduň, goşunlarymyz bilen bile gitmeýärsiň Sen.
10 Bizi duşmandan gaçar ýaly etdiň Sen, bizi ýigrenýänler bizi talaýar.
11 Bizi goýun kimin iýmäge berdiň, Sen milletler arasynda bizi pytratdyň.
12 Sen Öz halkyňy haýyrsyz satdyň, olaryň bahasyndan haýyr görmediň.
13 Goňşy halklaryň öňünde biz ýüzügara, göz-gülban etdiň, töwerek-daşa etdiň masgara.
14 Milletleriň diline düşürdiň bizi, halklar ýaýkaýarlar bize başyny.
15 [15–16] Myjabat ýöňkeýäniň, dil ýetirýäniň sesinden ýaňa, duşmandan we öç alýandan ýaňa, uzakly gün ryswalygym garşymda, meniň ýüzümi utanç büredi.
17 Başymyza indi bularyň bary, ýöne unudan däldiris Seni, hyýanat etmedik Seniň ähtiňe.
18 [18–19] Biziň ýüregimiz Senden dänmedi, ädimlerimiz Seniň ýoluňdan çykmady. Sen bolsa bizi şagallar mekanynda kül-peýekun etdiň, ölüm kölegesi bilen Sen bizi örtdüň.
20 Eger Hudaýymyzyň adyny unudan bolsak, bir ýat taňra ellerimizi uzadan bolsak,
21 Hudaýa aýan bolmazmydy bu? Ol bilýär-ä ýürekdäki syrlary!
22 Biz her gün Seniň üçin öldürilýäris, biz damagy çalynjak goýun saýylýarys.
23 Oýan, ýa Taňry, näme üçin uklaýaň? Galk Sen, bizi baky taşlama.
24 Näme üçin Sen ýüzüňi gizleýäň, muşakgat bilen hasratymyzy unudýaň?
25 Biz gara ýere ýazylyp gitdik, indi toprakdan galyp bilemzok.
26 Galk-da, bize kömek et, wepaly söýgiň hatyrasyna bizi halas et.




Chapter 45

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Liliýa» äheňinde aýdylýan. Koragyň nesilleriniň maskili. Söýgi nagmasy.
2 Ýagşy sözler joşýar meniň kalbymdan, düzen şygyrlarymy patyşa aýdyp berýärin; dilim çalasyn ýazyjynyň galamy kimin.
3 Ynsan ogullarynyň içinde iň görmegeýi sen, merhemet saçylýar seniň diliňden; şoňa görä Hudaý seni baky ýalkady.
4 Eý, edermen, dak gylyjy biliňe, beslen şöhratyňa hem-de şanyňa.
5 Hakykat, pespällik, dogrulyk üçin, sen öz şanyňda ýeňişli atlan; seniň goluň gudrat görkezsin.
6 Oklaryň duşmanlaryňyň ýüregine sanjylar; seniň aýaklaryňyň astyna halklar ýykylar.
7 Eý, patyşa, Hudaýyň saňa beren şalygy, dowam eder baky ebedi, Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy.
8 Sen dogrulygy söýüp, ýigrenýärsiň erbetligi. Şonuň üçin Hudaý, seniň Hudaýyň, seni ýoldaşlaryň içinden seçip saýlady, başyňa şatlyk ýagyny çaldy.
9 Eginbaşyň mür, aloe, dalçyn yslydyr; pil süňküne bezelen köşklerden ýaňlanýan sazlar seni şat edýär.
10 Şa gyzlary bardyr hormatly zenanlaryňyň içinde, opyr tyllasyna beslenen şa gyzy dur seniň sagyňda.
11 Eý, şa gyzy, diňle, oýlan hem-de gulak goý, sen öz halkyňy, ataň öýüni unut.
12 Şa arzuwlar seniň gözelligiňi, ol seniň hojaýynyň, oňa tagzym et.
13 Sur şasynyň gyzy saňa sowgat getirer, halkyň barly adamlary göwnüňi awlar.
14 Şa gyzy ne gözel öz köşgünde! Onuň lybaslary altyn-zerden dokalan.
15 Ol al-elwan lybasda şa ýanyna eltiler, onuň kenizleri, ulugyzlar şa gaşyna eltiler.
16 Şatlyk-şagalaň bilen getirilýärler, patyşanyň köşgüne olar girýärler.
17 Ogullaryň geçer seniň atalaryňyň ornuna, olary hökümdar bellärsiň tutuş ýeriň ýüzüne. [18] Men nesilden-nesle yglan etjek adyňy, şoňa görä, elmydama we baky halklar seni şükürlere beslärler.




Chapter 46

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna, soprana derejesinde. Koragyň nesilleriniň nagmasy.
2 Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz, Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär.
3 Şonuň üçin gorkmarys ýer yransa-da, daglar deňziň bagryna yňdarylsa-da,
4 olaryň suwlary güwläp, joşsa-da, zarbyndan ýaňa daglar sarssa-da. Sela
5 Bir derýa bar, onuň akymlary şat edýär Hudaýyň şäherini – Beýik Hudaýyň mukaddes mesgenini.
6 Hudaý bu şäheriň ortarasynda, ol sarsdyrylmaz, Hudaý oňa kömek eder säher çagyndan.
7 Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.
8 Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy – berkitmämizdir.
9 Geliň, görüň Rebbiň edenlerini, ýer ýüzüne getiren weýranlygyny.
10 Ol ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar, ýaýlary kül-owram edýär, naýzalary ikä bölüp taşlaýar, galkanlary ot-ýalynda ýandyrýar.
11 Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň – Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin». [12] Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy – berkitmämizdir. Sela




Chapter 47

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koragyň nesilleriniň mezmury.
2 Eý, ähli halklar, el çarpyşyň! Eý, patyşa, Hudaýyň saňa beren şalygy ýa-da Eý, Hudaý, Seniň tagtyň Hudaýa heşelle kakyň!
3 Beýik Hudaý–Rebden gorkmalydyr, çünki Ol bütin ýer ýüzüniň Beýik Şasydyr.
4 Ol halklary biziň golastymyza berdi, milletleri aýak astymyza çökerdi.
5 Reb saýlap-seçip, bize ýurt berdi, biz – Onuň söýýän halky. Sela
6 Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen, Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar.
7 Nagma aýdyň, nagma aýdyň Hudaýa, nagma aýdyň, nagma aýdyň Şamyza!
8 Çünki Hudaý tutuş ýeriň Şasydyr, Oňa mezmur bilen nagmalar aýdyň.
9 Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý, Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý. [10] Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.




Chapter 48

Koragyň nesilleriniň nagmasy. Mezmur.
1 Reb beýikdir, Hudaýymyzyň şäherinde, Onuň mukaddes dagynda Ol aşa şöhratlandyrylmaga mynasypdyr.
2 Belent, gözel Siýon dagy tutuş ýer ýüzüniň şatlygydyr; Siýon dagy Beýik Şanyň şäheri, ol Sapon dagynyň çür başy ýalydyr.
3 Hudaý onuň galasynda Özüni berkitme hökmünde tanadýar.
4 Ine, patyşalar agyz birikdirdiler, bilelikde ol ýerlerden geçdiler.
5 Olar ony görenlerinde haýran galdylar, dowla düşüp, gaçyp gitdiler.
6 Şol ýerde sandyrama tutdy olary, dogurýan aýalyň burgusy ýaly.
7 Gündogar ýeliň Tarşyş gämilerini çym-pytrak edişi ýaly, Sen derbi-dagyn etdiň olary.
8 Biz şäheriň şöhratyny eşitdik, indi bolsa ony – Hökmürowan Rebbiň bu şäherini özümiz gördük. Ol ony ebedi berkarar eder. Sela
9 Eý, Hudaý, ybadathanaňda oýlanýarys wepaly söýgiň barada.
10 Eý, Hudaý, Seniň adyň deý, alkyşyň-da ýeriň dört künjüne ýetýär. Seniň eliň adalatdan doludyr.
11 Goý, Siýon dagy begensin. Seniň adalatly hökümleriň hatyrasyna, Ýahudanyň gyzlary, goý, şat bolsun.
12 Siýonyň daşynda gezip, ony aýlanyň, onuň diňlerini siz sanap çykyň.
13 Onuň içki berkitmelerine üns beriň, geljek nesle aýtmak üçin, onuň köşklerine aýlanyp çykyň.
14 Çünki bu Hudaý şunuň ýalydyr, Ol ebedi we baky Hudaýymyzdyr; ölýänçäk bize ýol görkezjek Oldur.




Chapter 49

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koragyň nesilleriniň mezmury.
2 Eý, ähli halklar, eý, dünýäde ýaşaýanlar, ähliňiz muny eşidiň.
3 Sada halk we begzadalar, baý we pukara – baryňyz diňläň.
4 Meniň agzym danalygy sözlesin, ýürek pikirlerim düşünje bersin.
5 Men bir tymsala gulak gereýin, mukam bilen matalymy çözüp bereýin.
6 Muşakgatlyk wagtynda, duşmanlar nähak ýere maňa hüjüm edende, men näme üçin gorka düşeýin?
7 Baýlygyna bil baglaýan ynsanlar, mal-mülküniň köplügine magtanýar.
8 [8–10] Ynsan doganynyň ebedi ýaşary ýaly, hem-de gabry görmezi ýaly, pul töläp, ony azatlyga çykaryp bilmez; onuň üçin Hudaýa töleg tölemez. Dogrudan-da, jan azatlygyny gazanma gymmat, muny hiç kim başaryp bilmez.
11 Sebäbi ol akyldaryň-da ölýänin görýär; akmaklar-da, samsyklar-da ýok bolup gidýär, mal-mülklerini başgalara galdyrýar.
12 Mazarlary baky öýleri bolar, mesgenleri geçer nesilden-nesle, atlaryny dakýarlar öz mülklerine.
13 Ýöne ynsan hormatda galmaz, ol ýok bolup gidýän haýwanlar ýalydyr.
14 Olaryň ýoly şular ýalydyr, akmaklyk-da olaryňkydyr. Emma muňa garamazdan, indiki nesil olaryň magtanmasyny makullaýandyr. Sela
15 Olar ölüler dünýäsine goýun dek sürler, ölüm olaryň çopany bolar; säher çagy dogry adamlar olaryň üstünden agalyk sürer; ýaşaýan ýerlerinden uzakda – ölüler dünýäsinde bedeni çüýrär.
16 Emma Hudaý meni kabul eder; Ol ölüler dünýäsiniň ygtyýaryndan, meniň janymy boşadar. Sela
17 Bir adam baýap, öýüniň şöhraty artsa, muny görüp, umytdan düşme.
18 Çünki ölende ýany bilen hiç zat äkitmez, şöhraty onuň yzyna düşmez.
19 Ýaşaýşynda özüni bagtly saýsa-da, (öwýändirler seni rowaçlananyňda)
20 onuň jany ata-babasynyň ýanyna gider; olar gaýdyp görmezler nury. [21] Hormatlansa-da, muny göternip bilmeýän ynsan, ýok bolup gidýän haýwanlar deýdir.




Chapter 50

1 Asafyň mezmury. Nagma. Hudaý, Beýik Hudaý gürleýär, gündogardan günbatara çenli ýer ýüzüni çagyrýar.
2 Gözelligiň naýbaşy bolan Siýondan Hudaý parlaýar.
3 Hudaýymyz gelýär, ümsüm däldir Ol: Onuň öňünde ot bar ähli zady ýalmaýan, töwereginde – güýçli gaý-tupan.
4 Ol halkyna kazylyk etmeklik üçin Ýeri, Gögi şaýatlyga çagyrýar:
5 «Ýygnaň ýanyma sadyklarymy – gurbanlyk arkaly äht baglaşanlarymy».
6 Gök yglan edýär Onuň dogrulygyny, çünki kazylyk edýän – Hudaýyň Özi. Sela
7 «Men gepläýin, sen hem diňle, eý, halkym; Mendirin Hudaýyň, seniň Hudaýyň, eý, Ysraýyl, saňa garşy şaýatlyk Men edeýin.
8 Gurbanlaryň üçin Men seni ýazgarjak däl, ýakma gurbanlaryň dyngysyz Meniň öňümde.
9 Maňa ne öküz gerek seniň öýüňden, ne-de erkeç – seniň agyllaryňdan.
10 Çünki jeňňel jandarlarynyň ählisi – müňlerçe daglaryň haýwanlary Meniňki.
11 Men bilýärin dagyň ähli guşlaryny, meýdan jandarlarynyň bary Meniňki.
12 Eger ajyksam-da, saňa aýtmaryn, çünki dünýä hem ondaky ähli zatlar Meniňki.
13 Öküzleriň etini iýýärinmi Men? Erkeçleriň ganyny içýärinmi Men?
14 Sen şüküri gurbanlyk ber Hudaýa, Beýik Hudaý beren kasamlaryňy berjaý et.
15 Meni çagyr muşakgat günde, seni halas ederin, Maňa şöhrat aýdarsyň şonda».
16 Emma Hudaý erbet adama şeýle diýýär: «Parzlarymy agzamaga, ähtimi diliňe almaga näme hakyň bar?
17 Çünki Meniň terbiýämi ýigrenýärsiň sen, sözlerimi ýele sowurýarsyň sen.
18 Bir ogryny göreňde, oňa goşulýaň, zynahorlara şärikdeş bolýaň.
19 Ýamanlyga berdiň sen öz agzyňy, seniň diliň düzýär hile-pirimi.
20 Sen oturyp, doganyňa garşy gepleýäň, öz ejeňiň ogluna myjabaty ýöňkeýäň.
21 Sen bulary etdiň, Men gürlemedim, sen Maňa hem özüň ýalydyr öýtdüň. Emma saňa käýärin, göz alnyňda etmişleriňi goýaryn.
22 Eý, Hudaýy unudanlar, bu barada oýlanyň, ýogsa Men sizi parça-parça ederin, sizi halas eden tapylmaz.
23 Şükür sadakasyny berýän Meni sylaýar; Men öz ýoluny dogry tutany halas ederin».




Chapter 51

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawut Batşeba bilen günä edenden soň, Natan pygamber onuň ýanyna gelýär. Şonda Dawudyň aýdan mezmury.
1 Eý, Hudaý, maňa rehim-şepagat eýle, Öz wepaly söýgiň hatyrasyna; Öz merhemetiň köplügine görä, Sen öçür meniň etmişlerimi.
2 Sen meni bütinleý ýuw ýazygymdan hem-de tämizle meni günämden.
3 Çünki günälerimi boýun alýaryn, günäm elmydama meniň öňümde.
4 Saňa, diňe Saňa garşy men günä etdim, Seniň nazaryňda ýamanlyk etdim; şoňa görä, Seniň sözleriň dogry, çykaran hökümiňde Sen adalatly.
5 Hakyky, men günäli dünýä inelim bäri, günäli men enem göwresinde galalym bäri.
6 Ynha, Sen hakykat isleýärsiň ýürekde, danalygy öwredýärsiň meniň içimde.
7 Meni ýowşan bilen arassala, bolaryn men päk, meni ýuw, bolaryn men gardan hem ap-ak.
8 Maňa eşitdir şatlykdyr begenç sesini, meni peseltdiň, indi bolsa, men şatlanaýyn.
9 Meniň günälerimden sow Sen ýüzüňi hem-de öçür meniň ýazyklarymy.
10 Eý, Hudaý, mende päk ýürek ýarat we içimdäki hakykat ruhuny özgert.
11 Sen Öz huzuryňdan meni taşlama, menden Mukaddes Ruhuňy alma.
12 Öz halas edişiňiň şatlygyny Sen maňa gaýtar, yhlasly ruh berip, maňa söýget bol.
13 Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.
14 Eý, Hudaý, meni halas eýleýän Hudaý! Döken ganymyň günäsinden Sen meni gutar, dilim Saňa – Halasgärime nagmalar aýdar.
15 Ýa Taňry, aç Sen meniň agzymy, meniň dilim Saňa alkyşlar aýtsyn.
16 Sen gurban isläňok, ýogsa bererdim, ýakma gurbanlary bersem-de, razy bolmarsyň.
17 Synyk ruh – Hudaýa ýaraýan gurban; eý, Hudaý, synyk, ökünçli ruhy Sen kemsitmersiň.
18 Siýona Öz keremiň bilen Sen ýagşylyk et, we Iýerusalimiň diwarlaryny Sen dikelt.
19 Şonda dogrulyk gurbanlary, ýakma gurbanlary, tutuş ýakma gurbanlary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler.




Chapter 52

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Edomly Döweg Şawula gelip, Dawut Ahymelegiň öýüne baryp ýetendigini habar berende, Dawudyň aýdan mezmury.
1 Näme üçin ýamanlyk bilen öwünýäň, eý, edermen? Hudaýyň wepaly söýgüsi hemişe meniň bilen!
2 Seniň diliň düzýär weýrançylyklary, ol ýiti päki kimin işläp düzýär hiläni.
3 Sen ýagşylykdan ýamanlygy halaýaň, hakykaty sözläniňden – ýalan aýtmagy.
4 Eý, hileli dil, sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri!
5 Emma Hudaý seni baky heläklär, seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar, ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela
6 Dogry adamlar muny görüp, gorkarlar, oňa gülüp, şeýle diýerler:
7 «Ine, bu adam Hudaýy özüne pena etmedi, öz baýlygynyň köplügine baglady bili; ol öz baýlygyndan pena gözledi».
8 Men bolsa Hudaýyň öýündäki gök öwüsýän zeýtun agajy ýaly; Hudaýyň wepaly söýgüsine ebedi we baky baglaýan bili.
9 Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin; Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.




Chapter 53


1 Akmak adam ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýär. Olar azýar we ýigrenji işleri edýär; ýagşylyk edýän ýok.
2 Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip, Reb göklerden adamzada nazar aýlaýar.
3 Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar, bary deň derejede haram boldular; ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de. 9Ýowşan – Ýewreýler ýowşan ýaly bir ösümlik bilen gurban sypasyny arassalaýardylar.
4 Akylyna aýlanmazmy ähli betkärler? Olar halkymy çörek ýaly iýýärler hem-de Hudaýy çagyrmaýarlar.
5 Olar gorky ýok ýerde gorka düşerler, çünki Hudaý seni gabanlaryň süňklerini dagadar. Sen olary galdyrarsyň uýada, çünki olary Hudaý ret etdi.
6 Wah, gelsedi Siýondan Ysraýyl ýeňşi! Hudaý dikeldende halkyň öňki abadanlygyny, Ýakup begener, Ysraýyl hem şatlanar.




Chapter 54


1 Eý, Hudaý, meni halas et Öz adyň bilen, meni akla Sen gudratyň bilen.
2 Eý, Hudaý, meniň dogamy eşit, Sen agzymyň sözlerine gulak goý.
3 Çünki gelmişekler garşyma galdy, sütemkärler janymyň kastyna çykdy; olar Hudaýy äsgermeýärler. Sela
4 Meniň üçin bolsa Hudaý kömekdir! Taňry söýgetleýär meniň janymy.
5 Ol duşmanlarymyň eden ýamanlygyny olaryň öz başlaryna inderer. Öz wepalylygyň hatyrasyna ýok et olary.
6 Saňa höwes bilen gurban keseýin, ýa Reb, Seniň ýagşy adyňa şükür edeýin.
7 Çünki Ol meni ähli muşakgatdan halas eýledi, gözüm duşmanlaryma ýeňiş bilen garady.




Chapter 55


1 Eý, Hudaý, gulak goý meniň dogama, ret etme ýalbaryşymy.
2 Meni ünsli diňle hem-de jogap ber, pikirlerim meni birahat edýär; duşmanyň sesinden ýaňa, erbet adamyň zulmundan ýaňa, meniň başym çaşdy.
3 Çünki olar maňa sütem edýärler, gaharlarynda ajysyny pürkýärler.
4 Ýüregim ezýet çekýär içimde, ölüm howpy abandy meniň üstüme.
5 Gorky bilen galpyldy üstüme indi, meni aýylganç gorky gaplady.
6 Diýdim: «Wah, kepderi kimin ganatlarym bolsady! uçup gidip, asudalykda bolardym.
7 Hakyky, uzaklara – çöl-beýewana tarap gaçardym. Sela
8 Güýçli ýelden, gaý-harasatdan gaçalgama tarap men howlugardym».
9 Bulaşdyr, ýa Taňry, alart agyzlaryny, çünki gördüm şäherde zorluk, jenjeli.
10 Gije-gündiz diwarlarynyň üstünde aýlanýar olar, onuň içinde horluk, ezýet bar.
11 Onuň ortasynda weýrançylyk bar, zulum, hile köçelerinden hiç aýrylmaýar.
12 Çünki meni ýaňsylaýan duşman bolsady – muňa çydardym, meni ýigrenýän özüni menden ýokary tutsady – ondan gizlenerdim.
13 Emma muny edýän sen, ýagny özüm bilen des-deň tutanym: meniň dostum hem-de ýaranym.
14 Seniň bilen ýürekden söhbet ederdik, jemagat bilen Hudaý öýüne bile giderdik.
15 Goý, ölüm olaryň başyna insin, olar ölüler dünýäsine, goý, diri barsyn, çünki ýamanlyk bar öýlerinde, aralarynda.
16 Men bolsa çagyraryn Hudaýy, halas eder Reb meni.
17 Agşam, ertir, günorta çagy men ýalbaryp, nala çekýärin, Ol eşidýär meniň sesimi.
18 Maňa garşy bolan uruşda Ol halas eder meniň janymy, çünki köpler çykdy meniň garşyma.
19 Owaldan tagtynda oturan Hudaý eşider hem-de olara gaýtawul berer. Çünki olarda özgerişlik ýok, Hudaýdan olar gorkanok.
20 Ýoldaşym dostuna elin galdyrdy hem-de eden ähtini bozdy.
21 Onuň gepi baldan süýjüdi, kalbynda bolsa uruş-jeň bardy. Onuň sözleri ýagdan ýumşakdy, aslynda welin syrylan gylyçdy olar.
22 Sen ýüküňi Rebbiň üstüne ýükle, Ol seni söýgetlär. Ol dogry ynsanyň yranmagyna hiç haçan ygtyýar etmez.
23 Emma Sen, eý, Hudaý, ölüm çukuryna inderersiň olary; ganhorlar we hilegärler ömürleriniň ýaryny hem ýaşamaz; men bolsa bil baglaryn Saňa.




Chapter 56


1 Eý, Hudaý, maňa merhemet eýle, çünki adamlar meni depgileýärler; duşmanlar uzakly gün maňa sütem edýärler.
2 Duşmanlarym uzakly gün meni depgileýärler, çünki meniň bilen uruşýanlar köp, eý, Beýik Hudaý!
3 Men gorka düşenimde Saňa bil baglaýandyryn.
4 Hudaýy Onuň wadasy üçin şöhratlandyrýaryn, Oňa bil baglap, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin?
5 Olar uzakly gün ýoýýar meniň sözlermi, maňa zyýan etmäge gönükdirilen bar niýetleri.
6 Olar dil düwüşýär hem-de gizlenýär, janymy almak üçin meni aňtaýar.
7 Eýsem olar günä etse-de, gaçyp gutularmyka? Eý, Hudaý, gazabyňda boýun egdir halklary!
8 Sergezdan gezen günlerim Sende sanalgy, meniň gözýaşlarym Sende ýazylgy; olar Seniň kitabyňda ýazylgy dälmi?
9 Seni çagyranymda duşmanlarym yzyna dönýär; bilýärin: Hudaý – tarapdarymdyr.
10 Hudaýa–wadasy üçin şöhratlandyrýaryn, Rebbe – wadasy üçin şöhratlandyrýaryn,
11 Hudaýa bil baglaýan, gorkmaýaryn men; ynsan maňa näme edip bilsin?
12 Eý, Hudaý, Saňa beren kasamlarymy berjaý ederin, Saňa şükür gurbanlaryny hödür ederin.
13 Çünki Sen janymy ölümden halas eýlediň; ýaşaýyş nurunda Hudaý öňünde gezerim ýaly, Sen aýaklarymy büdremekden sakladyň.




Chapter 57


1 Maňa merhemet et, eý, Hudaý, maňa merhemet et, çünki meniň janym Saňa sygynýar. Men bela-beter geçip gidýänçä, Seniň ganatlaryňyň saýasynda gizlenjek.
2 Men çagyraryn Beýik Hudaýy – men babatda niýetini berjaý edýän Hudaýy.
3 Ol gökden kömek iberip, meni halas eder, maňa sütem edýäni utanja goýar. Hudaý söýgüsini, wepadarlygyny iberer.
4 Men arslanlaryň arasynda, wagşy haýwanlar ýaly adamlaryň arasynda ýatyryn; olaryň dişleri naýza, ok ýaly, kesgir gylyç ýaly olaryň dili.
5 Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel! Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!
6 Olar ädimlerime duzak gurdular – gaýgydan ýaňa bilim büküldi. Olar öňümde çukur gazdylar – ýöne özleri oňa düşdüler.
7 Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmazdyr meniň ýüregim: men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.
8 Oýan sen, eý, meniň ýüregim. Oýanyň, arfa hem kinor! Men daňy oýararyn nagmalar bilen.
9 Ýa Taňry, halklar arasynda Saňa şükür ederin. Milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn.
10 Çünki Seniň söýgiň göklere ýetýär, wepalylygyň bulutlara direýär.
11 Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel! Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!




Chapter 58


1 Eý, hökümdarlar, dogrudan-da, adalatly kazylyk edýäňizmi? Siz ynsan ogullaryna ýüz görmezden höküm çykarýaňyzmy?
2 Ýok! Siz kalbyňyzda adalatsyzlyk düzýäňiz, elleriňiz zorluk saçýar ýeriň ýüzüne.
3 Erbetler ene ýatgysyndan bäri dogry ýoldan azaşandyrlar, dünýä inenleri bäri ýalan sözläp, ýalňyşýandyrlar.
4 Olar alahöwren ýaly zäherlidirler.
5 Olar ökde jadygöýüň ýa-da owsunçynyň jadylaýjy sesini eşitmeýän ker kepjebaş ýaly gulaklaryny dykýarlar.
6 Eý, Hudaý, agyzlarynda kül et olaň dişini, ýa Reb, owrat ýolbarslaryň gyýyk dişini.
7 Olar akyp gidýän suw dek, goý, ýitip gitsin, oklaryny çenänlerinde ujy kütelsin.
8 Goý, eräp giden balykgulak dek bolsun, aýalyň düşen çagasy dek, güneş görmesin.
9 Olar böwürslen dek tiken çykarmankalar, gök bolsun, gury bolsun, goý, tüweleý äkitsin.
10 Öç alnanyny görende dogry ynsan şat bolar, erbediň ganynda aýaklaryny ýuwar.
11 Ynsan diýer: «Dogrudan-da, dogry ynsana sylag bar eken! Dogrudan-da, dünýä kazylyk edýän Hudaý bar eken!»




Chapter 59


1 Eý, Hudaýym, halas et meni ýagylarymdan, gora meniň garşyma baş galdyrýanlardan.
2 Ýamanlyk edýänlerden Sen meni gutar, ganhorlardan meni halas et.
3 Ine, olar meni öldürmek üçin bukuda ýatýar, güýçlüler maňa garşy dil birikdirýär, ýogsa ýazygym-da, günäm-de ýok, ýa Reb!
4 Etmişim bolmasa-da, maňa hüjüm etmäge olar howlugýar, maňa kömek etmek üçin oýan we seret!
5 Eý, Hökmürowan Beýik Hudaý, Sen Ysraýylyň Hudaýy! Galk Sen ähli milletlere jeza bermeklik üçin, haýyn betpälleriň hiç birine Sen rehim etme. Sela
6 Olar her gün agşam yzlaryna dolanýar, itler dek uwlaşyp, şäherde sümsünip ýörýär.
7 Ine, olar agyzlaryndan erbetlik saçýar, dilleri ajylyk pürkýär. Olar: «Kim eşider?» diýip oýlaýar.
8 Emma Sen, ýa Reb, olaryň üstünden gülýäň, ähli milletleri masgaralaýaň.
9 Eý, Güýjüm, men Saňa intizardyryn, eý, Hudaý, Sen – meniň berkitmäm.
10 Hudaýym wepaly söýgüsi bilen meni garşylar, maňa duşmanlarymyň ýeňlişini görkezer.
11 Eý, galkanymyz Taňry! Olary öldürme, ýogsa halkym unudar, olary Öz gudratyň bilen dargat-da, dyzyna çöker.
12 Olar agyzlarynyň günäsi üçin, dilleriniň sözleri üçin, aýdýan gargyşlary, ýalan sözleri üçin, tekepbirliklerine, goý, özleri çolaşsyn.
13 Sen gazabyňda ýok et olary, tä tükenýänçäler ýok et olary. Goý, mälim bolsun: Hudaý Ysraýylyň we tutuş ýer ýüzüniň Hojaýynydyr. Sela
14 Olar her gün agşam yzlaryna dolanýar, itler dek uwlaşyp, şäherde sümsünip ýörýär.
15 Olar iýmit gözläp eýläk-beýläk urunýar, garynlary doýmasa, hyňranyşýar.
16 Men bolsa Seniň gudratyň hakda nagma aýdaryn, ir säherde wepaly söýgiň hakda nagma aýdaryn. Çünki Sen maňa berkitme bolduň, muşakgatly günde Sen penam bolduň.
17 Eý, Güýjüm, men Saňa nagma aýdaryn, çünki, eý, Hudaý, meniň berkitmäm – Sensiň. Sen meni wepalylyk bilen söýýän Hudaýsyň.




Chapter 60


1 Eý, Hudaý, bizi ret etdiň, biziň hatarymyzy böwüsdiň, gazaplandyň: wah, gaýdyp bersene öňki abadanlygy!
2 Sen ýeri sarsdyrdyň, ony jaýyrdyň, ýaryklaryny bejer, titreýändir ol.
3 Agyr güne saldyň Sen Öz halkyňy, bize entediji şerap içirdiň.
4 Oklardan gutulyp bileri ýaly, Özüňden gorkýanlara Sen nyşan berdiň. Sela
5 Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly, goluň bilen halas et, bize jogap ber.
6 Wada berdi Hudaý Öz mukaddes öýünden: «Uly şatlyk bilen Men Şekemi bölerin hem-de Sukot deresini ölçärin.
7 Gilgat Meniňki, Manaşe Meniňki, Efraýym–tuwulgam, Ýahuda–patyşalyk hasam.
8 Mowap–ýuwunmak üçin legenim, Edomyň üstüne zyňaryn Men çarygymy. Pilişt topragynda ýeňiş dabarasy bilen gygyraryn Men».
9 Berk gala kim meni elter? Meni Edoma kim alyp gider?
10 Eý, Hudaý, eýsem Sen bizi ret etmediňmi? Eý, Hudaý, goşunlarymyz bilen gitjek dälmi Sen?
11 Duşmanlarymyza garşy bize kömek et, sebäbi ynsan kömegi biderek zatdyr.
12 Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys, duşmanlarymyzy depelejek Oldur.




Chapter 61


1 Eý, Hudaý, eşit dat-perýadymy hem-de diňle meniň dogamy.
2 Meniň kalbym gam laýyna batanda, Seni çagyrýaryn ýeriň ujundan; çykyp bilmejek gaýama Sen meni çykar.
3 Çünki Sen meniň penamsyň, duşmana garşy mäkäm galamsyň.
4 Men çadyryňda baky mesgen tutaýyn, ganatlaryňyň astynda pena tapaýyn. Sela
5 Sen, eý, Hudaý, eden kasamlarymy eşitdiň, Öz adyňdan gorkýanlar üçin niýetlenen mirasy Sen maňa berdiň.
6 Şa ömrüniň günlerine günler goş, günlerini uzalt nesilden-nesle!
7 Goý, ol Hudaýyň huzurynda tagtda baky otursyn, söýgi bilen wepadarlyk ber, goý, olar ony gorasyn!
8 Günde berjaý edip kasamlarymy, Seniň adyňa nagma aýdaryn baky.




Chapter 62


1 Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdandyr meniň gutulyşym.
2 Ol – ýeke-täk gaýam hem gutulyşym, meniň berkitmäm: ýykylmaryn men.
3 Ýalňyz bir ynsana garşy çykýar köpsanly duşman: olaryň bary meni öldürmegi niýet edinýär, men olar üçin gyşyran diwar, çagşan haýat dek.
4 Olaryň bar niýeti–meni beýiklikden pese düşürmek; olar ýalan sözlemekden lezzet alýarlar, agyzlary bilen ak pata berýärler, ýüreklerinde bolsa näletleýärler. Sela
5 Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdadyr meniň umydym.
6 Ol–ýeke-täk gaýam hem gutulyşym, meniň berkitmäm: yranmaryn men.
7 Hudaýdadyr gutulyşym hem-de şöhratym, Hudaýdadyr mäkäm gaýam we meniň penam.
8 Eý, halk, elmydama Oňa bil baglaň; ýüregiňizi Onuň öňünde döküň, çünki Hudaýdyr biziň penamyz. Sela
9 Ynsanlar biderek zatdyr, ynsan ogullary bir ýalan zatdyr. Olaryň hemmesini terezä goýsaň, howadan hem ýeňil bolar olaň agramy.
10 Talaňçylyga siz bil baglamaň, ogurlyga umyt baglamaň, baýlyk artsa, oňa kalbyňyz bermäň.
11 Hudaý maňa aýtdy, men gaýta-gaýta eşitdim muny: gudrat – Hudaýdadyr.
12 Ýa Taňry, wepaly söýgi Seniňkidir, Sen her kese edenine görä öwezini gaýtarýarsyň.




Chapter 63


1 Eý, Hudaý! Sensiň Hudaýym, Seni agtarýaryn ir säher bilen, meniň janym teşnedir Saňa. Gurak, içgysgynç, suwsuz toprakda kimin Seni küýseýär meniň bedenim.
2 Seniň kuwwatyňy, şöhratyňy görmeklik üçin, Mukaddes öýüňde Saňa seretdim.
3 Çünki Seniň wepaly söýgiň ýaşaýyşdan ýagşydyr, meniň dilim Saňa öwgüler aýdar.
4 Ömürboýy Saňa alkyş okaryn, ellerimi galdyryp, Saňa doga ederin.
5 Düşegimde Seni ýatlan wagtymda, gijäniň nobatlarynda Sen hakda oýlananymda,
6 janym ýilik bilen ýagdan doýan dek bolýar, şadyýan dilim bilen agzym Seni şöhratlandyrýar.
7 Çünki Sen meniň kömegim bolduň; ganatlaryňyň saýasynda şatlanyp, nagma aýdaryn.
8 Meniň janym Saňa mäkäm ýapyşýar, Seniň goluň meni goldaýar.
9 Janymyň kastyna çykanlar bolsa, ýeriň teýine inip giderler.
10 Olar gylyjyň zarbyna berler, şagallara şam bolar olar.
11 Şa bolsa Hudaýyň edenlerine şat bolar; Oňa wada berýänleriň bary heşelle kakar, çünki ýalançylaryň agzy baglanar.




Chapter 64


1 Eý, Hudaý, arz edenimde sesimi eşit, duşman wehiminden janymy gora.
2 Meni gizle erbetleriň dilleşmesinden hem-de betkärleriň gozgalaňyndan.
3 Olar dillerini gylyç kimin ýiteldýär; bigünäni bukudan atmakçy bolup, ajy sözlerini peýkam kimin çeneýär;
4 duýman durka ony atyp, asla gorkmaýar.
5 Olar ýaman niýetlerinden asla dänmeýär, gizlin duzaklary gurmak üçin dil birikdirýär, «Olary görjek barmy?» diýip oýlanýar.
6 Olar jenaýat etmegi niýet edinýär, olar: «Birkemsiz hile-pirim düzdük, ynsanyň kalbyny bilip bolmaýar», diýip birek-biregne aýdýar.
7 Emma Hudaý olara peýkamyn atar, olar duýdansyz ýaralanar.
8 Öz dilleri olaryň başyna ýeter, olary görenleriň bary hopugyp gaçar.
9 Ähli ynsanlar gorka düşerler, olar Hudaýyň işini beýan ederler; Onuň edeni barada pikir ederler.
10 Dogry adam Rebde şatlansyn, goý, ol Rebbi özüne pena edinsin; ýüregi dogrularyň bary magtansyn.




Chapter 65


1 Eý, Hudaý, Sen mynasypsyň Siýondaky alkyşa, Saňa berlen kasamlar berjaý ediler.
2 Sensiň doga-dilegleri eşidýän, ähli ynsanlar Saňa gelerler.
3 Günäler götererden juda çökder bolanda, Sen olary bagyşlaýarsyň.
4 Howlularyňda ýaşasyn diýip saýlan ynsanyň – Özüňe ýakynlaşdyran ynsanyň nähili bagtly! Seniň öýüň, mukaddes ybadathananyň ýagşylygyndan doýaly.
5 Eý, bizi halas eýleýän Hudaý! Gutulyşyň gudratly işlerini görkezmek bilen, Sen biziň dogalarymyza jogap berýärsiň. Ýeriň dört künjüniň, ummanyň aňyrsynda ýaşaýanlaryň umydy – Sensiň.
6 Sen Öz kuwwatyňy guşandyň hem-de daglary berkarar etdiň.
7 Deňizleriň tupan-harasadyny, onuň tolkunlarynyň güwwüldisini, halklaryň tolgunmasyny ýatyrýan Sensiň.
8 Hatda dünýäniň iň çet çäklerinde ýaşaýanlaram Seniň alamatlaryňdan gorkup galpyldar; Günüň dogýan hem-de batýan ýerinde Sen şatlyk şowhunlaryny döredýärsiň.
9 Sen ýeriň aladasyny edýärsiň – ony suwarýarsyň, bolelin kuwwat berýärsiň; bol suwly derýalar arkaly halkyň gallasyny üpjün edýärsiň; sebäbi Sen ony şeýle gurnadyň.
10 Sen onuň keşlerini suwdan gandyrýarsyň, onuň keş tümmeklerini tekizleýärsiň, ýagyş damjalary bilen ony ýumşadýarsyň, onuň hasylyny bereketleýärsiň.
11 Sen Öz jomartlygyňy ýyla jyga edip geýdirýärsiň, geçen ýerleriňden bolçulyk joşýar.
12 Dolup-daşýar çöl örüleri, baýyrlar hem şatlyk guşanýar.
13 Örüler sürülere beslenýär, dereler hem galla bürenýär, olar joşup aýdymlar aýdýar.




Chapter 66

1 Eý, tutuş ýer ýüzündäki ynsanlar! Hudaýa heşelle kakyň.
2 Onuň şöhratly adyna nagmalar aýdyň, Oňa ajaýyp alkyşlar aýdyň.
3 Hudaýa diýiň: «Eý, Hudaý, işleriň neneň haýbatly! Kuwwatyňyň beýikliginden ýaňa duşmanlaryň boýun bolýarlar Saňa.
4 Saňa sežde edýär bütin ýer ýüzi; olar Saňa nagma aýdýarlar, Seniň adyňa nagma aýdýarlar». Sela
5 Gelip görüň Hudaýyň edenlerini: Ol ynsanlar arasynda edýän işlerinde haýbatly.
6 Ol deňzi gury ýere öwürdi; olar derýadan pyýada geçdi; Onuň şol ýerde edenlerine şatlandyk.
7 Ol kuwwaty arkaly höküm sürýär ebedi, milletlere garaýar Onuň gözleri; goý, pitneçiler baş galdyrmasyn. Sela
8 Eý, halklar, Hudaýymyza alkyşlar aýdyň; Oňa aýdýan alkyşlaryňyz ýaňlansyn.
9 Ol bizi aman galdyrdy, aýagymyzy büdremekden saklady.
10 Eý, Hudaý, Sen bizi synap barladyň, kümşüň arassalanyşy dek bizi sapladyň.
11 Sen bizi duzaga saldyň, arkamyza muşakgatlar ýüklediň.
12 Başymyzy ynsanlaryň aýak astyna saldyň; biz otdan geçdik, suwlardan geçdik, ahyrsoňy giň ýere bizi çykardyň.
13 Men ýakma gurbanlar bilen öýüňe baryp, Saňa eden kasamlarymy berjaý ederin.
14 Bu wadalary kynçylyga duçar bolamda, dilim sözläp, agzym kasam edipdi.
15 Saňa gurbanlyk goçlaryň tüssesi bilen semiz mallardan ýakma gurbanlary hödür ederin; öküzleri, goçlary Saňa gurban ederin. Sela
16 Eý, Hudaýdan gorkýanlar, geliň-de, diňläň! Onuň meniň üçin edenlerini aýdyp bereýin.
17 Men Oňa dat-perýat etdim, dilim bilen Ony beýgeltdim.
18 Eger ýüregimde günä bolsady, onda Taňry maňa gulak goýmazdy.
19 Emma Hudaý meni eşitdi, dogamyň sözlerine Ol dykgat berdi.
20 Goý, Hudaýa alkyş aýdylsyn, çünki meniň dogamy Ol ret etmedi, menden wepaly söýgüsini Ol gaýgyrmady.




Chapter 67


1 Goý, Hudaý bize merhemet etsin, bizi ýalkasyn, üstümize Öz ýüzüniň nuruny saçsyn. Sela
2 Şonda Seniň ýoluňy bilerler ýeriň ýüzünde, halas ediş güýjüňi – bar milletlerde.
3 Eý, Hudaý, goý, halklar Saňa öwgüler aýtsyn, ähli halklar Saňa öwgüler aýtsyn.
4 Halklar şatlansyn, joşup nagmalar aýtsyn, çünki Sen halklara adalatly kazylyk edýärsiň, ýer ýüzündäki halklara Sen ýol görkezýärsiň. Sela
5 Eý, Hudaý, goý, halklar Saňa öwgüler aýtsyn, ähli halklar Saňa öwgüler aýtsyn.
6 Toprak öz hasylyny eçildi; Hudaý, biziň Hudaýymyz bize bereket bersin.
7 Goý, Hudaý bizi ýalkasyn, dünýäniň dört künji Ondan eýmensin.




Chapter 68


1 Hudaý galkar, duşmanlary dargadar, Ony ýigrenýänler öňünden gaçar.
2 Sen olary dagadarsyň tüssäniň dagaýşy kimin, mumuň otda ereýşi kimin. Hudaýyň öňünden erbetler ýok bolar.
3 Dogry adamlar bolsa şadyýan bolar, Hudaýyň öňünde şatlykdan joşup gygyrar, begençden ýaňa heşelle kakar.
4 Siz Hudaýa nagmalar aýdyň, Onuň adyna öwgüler aýdyň. Bulutlara atlanyp Barýany arşa çykaryň, Onuň ady – Reb. Onuň öňünde heşelle kakyň.
5 Mukaddes mesgeninde ýaşaýan Hudaý – ýetimleriň atasy, dul hatynlaryň hossary.
6 Hudaý ýalňyzlary öýli-işikli edýär, tussaglary azatlyga çykarýar; pitneçiler bolsa jöwzaly ýerde ýaşaýar.
7 Eý, Hudaý, Sen halkyňa öňbaşçylyk edeňde, çöl-beýewanda gadam uraňda,
8 Hudaýyň, Sinaýdakynyň öňünde – Ysraýyl Hudaýynyň öňünde zemin titräp, göklerden ýagyş guýuldy.
9 Eý, Hudaý, Sen bolelin ýagyş ýagdyrdyň, saýlan topragyň tapdan düşende, oňa güýç berdiň.
10 Seniň halkyň şol toprakda ýaşady. Eý, Hudaý, Öz ýagşylygyň sebäpli Sen ony mätäçlere taýynlap goýduň.
11 Taňry buýruk berýär; ony jar edýän aýallar – ägirt bir goşun.
12 Olar şeýle diýýär: «Goşunlaryň şalary gaçýar, ökje göterýär!» Öýde galan aýallar bolsa olja paýlaşýar.
13 Olar ganatlary kümşe, ýelekleri sap altyna gaplanan kepderä meňzär. Eý, erkekler, jeň-söweş güni näme üçin ýatyrsyňyz agylda?
14 Gudratygüýçli Salmon dagynda duşman şalary garly harasat kimin dargatdy.
15 Eý, Başan dagy, Hudaýyň dagy, çür başlary köp bolan, eý, Başan dagy!
16 Eý, çür başlary köp bolan daglar! Hudaýyň Öz mesgeni edip saýlan dagyna, ebedi mesgen tutjak dagyna neçün göriplik bilen seredýärsiňiz?
17 Hudaýyň uruş arabalary sanardan köpdür, olaryň sany müňlerçe müňler. Taňry olaryň arasyndadyr, Ol Sinaý dagyndan mukaddes öýüne geldi.
18 Sen ýokary belentlige çykanyňda, ýesirleri Öz yzyňa düşürdiň. Ynsanlardan, hatda bitabynlardan Sen, ýa Beýik Hudaý, paç-hyraç aldyň; Sen indi biziň aramyzda ýaşarsyň.
19 Taňra alkyş bolsun! Ol her günki ýükümizi göterýär. Hudaý bizi halas eýleýär. Sela
20 Hudaýymyz–halas eýleýän Hudaý, Hökmürowan Reb – ölümden gutaryp bilýär.
21 Emma Hudaý duşmanlarynyň kellelerini, günäden el çekmeýänleriň uzyn saçly başlaryny kül-owram eder.
22 Taňry şeýle diýdi: «Aýagyňy duşman ganyna batyrar ýaly, itleriň-de ondan öz paýyny ýalary ýaly,
23 olary Başandan yzyna dolap, deňiz çuňlugyndan alyp çykaryn».
24 Eý, Hudaý, Seniň ýörişiň – Hudaýym – Patyşamyň mukaddes öýüne gelşi görünýär:
25 öňden bagşylar, sazandalar–olaň yzyndan, deprek çalýan gyzlar aralarynda:
26 Olar şeýle diýýär: «Eý, siz, Ysraýylyň bilinden önenler! Uly jemagatda Rebbe alkyşlar aýdyň».
27 Öňden iň kiçileri bolan Benýamin barýar, mähellede Ýahudanyň şazadalary bar, Zebulun we Naftaly şazadalary bar,
28 Hudaý öňden belläpdi güýç-kuwwatyňy, eý, Hudaý, biziň üçin edenleriňi Sen berkit!
29 Iýerusalimdäki ybadathananyň hatyrasyna milletleriň şalary Saňa sowgat getirýär.
30 Bu duşman milletlere temmi ber, olar gamyşlykdaky ýekegapanlar ýaly, sygyrlara aralaşan öküzler ýaly. Boýun egdir milletleri, goý, olar bize salgyt tölesin; uruşdan lezzet tapýan halklary dargat!
31 Müsürden bürünçden ýasalan zatlar, goý, getirilsin, Hudaýa sowgat getirmek üçin Efiýop ýurdy, goý, alňasasyn.
32 Eý, ýer ýüzündäki şalyklar! Hudaýa nagmalar aýdyň, Taňra, ezelden bar bolan göge Münýäne, alkyşlar aýdyň.
33 Diňläň, ine, Ol sesi, gudratly sesi bilen seslenýär.
34 Ykrar ediň: Güýç Hudaýyňkydyr, Onuň belentligi Ysraýylyň üstündedir, Onuň gudraty gökler üstündedir!
35 Hudaý Öz mukaddes öýünde wehimlidir. Ysraýyl Hudaýy Öz halkyna güýç, kuwwat berýär. Alkyş bolsun, alkyş bolsun Hudaýa!




Chapter 69


1 Eý, Hudaý, meni halas et, çünki suwlar boýnuma ýetdi.
2 Çuň batgalyga batyp barýaryn, aýagymy diremäge hiç ýer ýok. Çuň suwlara girdim, siller meni öz girdabyna saldy.
3 Men öz perýadymdan halys ýadadym, gurap galdy meniň damagym; Hudaýyma garaşa-garaşa gözüm küteldi.
4 Meni nähak ýere ýigrenýänleriň sany başymyň saçyndan hem köp; janyma kast etmekçi bolup, ýalan ýere maňa günä ýapýan ýagylarym köp. Men ogurlamadyk zadymy gaýtaraýynmy?
5 Eý, Hudaý, Saňa mälimdir meniň akmaklygym, Senden gizlin däldir meniň günälerim.
6 Eý, Hökmürowan Reb, Gudratygüýçli! Saňa umyt baglaýanlar men zerarly, goý, utanmasyn; Eý, Ysraýyl Hudaýy, Seni agtarýanlar men zerarly, goý, uýalmasyn.
8 Men doganlaryma gelmişek boldum, ejemiň ogullaryna keseki boldum.
9 Seniň öýüňe bolan yhlas meni köýdürdi, Saňa dil ýetirýänleriň gybaty başyma indi.
10 Agyz bekläp, gözýaş döküp, ruhumy syndyranymda, bularyň bary maňa gyjalat boldy.
11 July eşik edinenimde, olaryň agyz-diline düşdüm.
12 Derwezede oturanlar meniň gybatym edýär, serhoşlar men barada aýdymlar düzýär.
13 Ýa, Reb hoşamaýlyk et-de, dogamy eşit. Öz söýgiňe görä, halas ediş güýjüňiň wepalylygynda maňa jogap ber.
14 Halas et, men batgalyga batmaýyn; meni ýigrenýänlerden, suwlaryň çuňlugyndan halas bolaýyn.
15 Sil suwlary meni girdabyna salmasyn, çuňluk meni, goý, ýuwutmasyn, gabyr üstümden öz agzyny ýummasyn.
16 Ýa Reb, maňa jogap ber, çünki Seniň wepaly söýgiň ýagşydyr; bolelin merhemetiňe görä, maňa nazar sal.
17 Sen guluňdan Öz ýüzüňi gizleme, ejir çekýärin, tizräk jogap bersene!
18 Maňa ýakynlaş hem-de halas et, duşmanlarymyň elinden meni azat et.
19 Sen bilýärsiň men babatda aýdylýan ýaman gepleri, meniň utanjymy, betnamlygymy. Sen bilýärsiň ähli duşmanlarymy.
20 Ryswalyk ýüregimi perişan etdi – men ruhdan düşdüm. Tessellä garaşdym, emma bolmady; göwünlik berjekleri agtardym, emma tapmadym.
21 Olar nahar ýerine maňa öt berdi, suwsanymda sirke içirdi.
22 Olara öz saçagy, goý, duzak bolsun, myhmanlary üçin bir gapan bolsun.
23 Goý, gözleri garaňkyrasyn, görüp bilmesin, olar elmydama, goý, sandyrasyn.
24 Olaryň üstüne Öz gazabyňy dök, gaharyňyň ody olaryň üstüne insin.
25 Goý, olaryň öýleri çolaryp galsyn, çadyrlarynda hiç kim mesgen tutmasyn.
26 Çünki olar Seniň uranlaryňy yzarlaýarlar, ýaralan adamlaryňyň agyrysy barada gürrüň edýärler.
27 Sen olaryň jezasyna jeza goş, olar Sen tarapdan, goý, aklanmasyn.
28 Ýaşaýyş kitabyndan olaryň ady bozulsyn, olar dogrular bilen bile, goý, ýazylmasyn.
29 Emma men bir mätäç, ejir çekýärin, eý, Hudaý, halas et we gora meni.
30 Men nagmada Hudaýyň adyny öwjek, Ony şükürler bilen arşa çykarjak.
31 Bu has köp ýarar Rebbiň göwnüne şahly, toýnakly öküzden ýa-da bugadan.
32 Pes göwünliler muny görüp begensin, eý, Hudaýy agtarýanlar, ýüregiňiz galkynsyn.
33 Çünki Reb mätäçleri eşidýär, Öz ýesir halkyny gözden salmaýar.
34 Goý, Ony şöhratlandyrsyn asman bilen ýer, deňizler we olardaky ähli janly-jandarlar.
35 Çünki Hudaý halas eder Siýony, dikelder Ýahudanyň şäherlerini, olar ornaşyp, şol ýere eýelik ederler.
36 Bendeleriniň zürýady ol ýeri miras alarlar, Onuň adyny söýýänler şol ýerde mesgen tutarlar.




Chapter 70


1 Eý, Hudaý, meni halas etmegi niýetiňe sal; ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.
2 Janyma kast edýänleriň hemmesi, goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn; başyma gelen külpetlere şat bolýanlar, yzyna öwrülip, masgara bolsun.
3 Maňa «haý, haý!» diýýänler, utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.
4 Seni agtarýanlaryň bary Sende begenip, şadyýan bolsun; «Hudaý beýikdir!» diýip, halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.
5 Men bolsa garyp we mätäç, ýöne Reb maňa gamhorlyk eder; Sensiň kömegim hem Halasgärim, eglenme, eý, meniň Hudaýym!




Chapter 71

1 Ýa Reb, men Seni pena edinýän, meni asla utanja goýma.
2 Öz dogrulygyňda meni gutar, azat et, maňa gulak goý-da, meni halas et.
3 Elmydama meni gizläp biläýjek, mesgen tutunjak mäkäm gaýam bol. Halas bolmagymy Sen emr etdiň, çünki gaýam, berkitmäm Sensiň.
4 Eý, Hudaýym, meni halas et erbediň elinden, adalatsyz bilen zalymyň penjelerinden.
5 Çünki, eý, Hökmürowan, umydym Sensiň, Ýa Reb, ýaşlygymdan bil baglanym Sensiň.
6 Dünýä inenimden Saňa daýandym, Sen ejemiň göwresinden meni dünýä inderdiň; men Saňa dyngysyz alkyş aýdýaryn.
7 Men köplere täsinlik bolup göründim, emma Sen mäkäm penamsyň.
8 Saňa bolan alkyş düşmez dilimden, uzakly gün agzym doly şan-şöhratyňdan.
9 Garrylyk çagymda meni taşlama, kuwwatdan düşenimde meni terk etme.
10 Duşmanlarym men barada gürrüň edişýär, janymy aňtap, özara dil birikdirýär.
11 Olar diýýär: «Hudaý ony taşlady, kowalap, tutuň siz ony. Ony halas etjek ýok indi».
12 Eý, Hudaý, menden daşlaşma, eý, Hudaýym, tiz ýetiş meniň dadyma.
13 Meniň ýagylarym utansyn, ýok bolup gitsin, maňa ýamanlygy niýet edýänler utanç bilen betnamlyga bürelsin.
14 Men bolsa hemişe umyt baglaryn, Saňa alkyş üstüne alkyş aýdaryn.
15 Dilim uzakly gün sözlär dogrulygyňy hem-de halas etmek üçin edýänleriňi; olaryň sany akyl ýetirerden kän.
16 Men Hökmürowan Rebbiň gudratly güýji bilen gelerin, Seniň, diňe Seniň dogrulygyňy yglan ederin.
17 Eý, Hudaý, ýaşlygymdan maňa terbiýe berdiň, men heniz-de gudratlaryňy beýan edýärin.
18 Jar edýänçäm geljek nesle güýç–kuwwatyňy, indi doguljaklaryň ählisine Seniň güýjüňi, garrasam-da, başym çalarsa-da meni taşlama.
19 Eý, Hudaý, Seniň dogrulygyň göklere ýetýär, Sen berjaý etdiň ägirt işleri. Eý, Hudaý, barmy Sen ýaly?
20 Köp görgä, ýaman muşakgatlara meni uçratdyň, ýöne gaýtadan meni ýaşaýşa gowuşdyrarsyň, ýeriň teýinden meni ýene çykararsyň Sen.
21 Beýgeldersiň meniň at-abraýymy, kalbyma berersiň Sen rahatlygy.
22 Eý, Hudaýym, men arfada wepalylygyňy öwerin. Eý, Ysraýyl Mukaddesi, kinorda Saňa alkyş aýdaryn.
23 Men Saňa nagma aýdanymda, dilim, halas bolan janym şatlyk bilen gygyrar.
24 Dilim uzakly gün dogrulygyňy aýdar, çünki maňa ýamanlygy niýet edenler masgara bolup, utanja galdy.




Chapter 72

1 Eý, Hudaý, patyşa paý ber adalatyňdan, şa ogluna – Öz dogrulygyňdan.
2 Goý, ol dogrulyk bilen halkyňa kazylyk etsin, garyplaryňa adalatly höküm çykarsyn.
3 Goý, daglar halka abadanlyk habaryny getirsin, depeler adalaty, goý, yglan etsin.
4 Şa halkyň garyplarynyň hakyny, goý, alyp bersin, mätäçleriň ogullaryny halas eýlesin, zalymlary, goý, weýran etsin!
5 Tä Gün hem Aý şöhle saçýarka, nesillerboýy, goý, ol ýaşasyn
6 Insin orlan ýaýla bir ýagmyr kimin, ýeri suwarýan çabgalar kimin.
7 Onuň günlerinde adalatlyk güllesin. Aý ýitip gidýänçä abadançylyk bolsun.
8 Deňizden–deňze, Perat derýasyndan ýeriň uçlaryna çenli, goý, ol öz hökümini ýöretsin.
9 Çölde ýaşaýanlar oňa baş egsin, duşmanlary, goý, toprak ýalasyn.
10 Tarşyş şalary we deňiz ýakasyndakylar oňa paç-hyraç tölesin, Şeba we Saba şalary sowgat getirsin.
11 Oňa ähli şalar, goý, tagzym etsin, oňa ähli milletler, goý, hyzmat etsin.
12 Çünki ol halas edýär mätäji özüne perýat edende, garyby-da, kömekçisi bolmadyk ynsanlary-da.
13 Onuň ejizlere, mätäçlere rehimi inýär, ol mätäçleriň janyny aman galdyrýar.
14 Goraýar sütemden, zorlukdan olaryň janlaryny, nazarynda gymmatly olaryň gany.
15 Patyşa, goý, uzak ýaşasyn! Şeba altynyndan oňa berilsin, onuň üçin elmydama doga okalsyn, uzakly gün oňa alkyş aýdylsyn.
16 Ýurtda galla bolelin bolsun, daglaryň depelerinde, goý, tolkun atsyn, onuň hasyly Liwandaky deý köp bolsun; şäher halky ýaýla oty kimin, goý, pajarlasyn.
17 Onuň ady baky ýaşasyn, Gün astynda onuň ady güllesin, ähli halklar onda ýalkansyn, ähli milletler oňa, goý, bagtly diýsin.
18 Ysraýyl Hudaýyna, Rebbe alkyşlar bolsun! Gudratlary diňe Ol edýär.
19 Onuň şöhratly adyna baky alkyşlar bolsun! Onuň şöhraty tutuş ýeriň ýüzüne dolsun. Omyn! Omyn!
20 Ýyşaý ogly Dawudyň doga-dilegleri tamamlandy.




Chapter 73

1 Dogrudan-da, Hudaý Ysraýyla – ýüregi päk bolanlara ýagşydyr.
2 Ýöne tas büdräpdi meniň aýaklarym, tas taýypdy meniň gadamlarym.
3 Çünki tekepbirlere göriplik etdim: olar erbetlik edýän-de bolsa, abadan durmuşlarynyň bardygny gördüm.
4 Çünki olar jebir çekmeýäne meňzeýär, olaryň sagdyn, semiz bedenleri bar.
5 Olar beýlekiler ýaly azap çekmeýär, beýlekiler ýaly kynçylyga duçar bolmaýar.
6 Şoňa görä tekepbirlikleri boýunlaryny monjuk kimin bezeýär, zulum olary eginbaş kimin büreýär.
7 Ýagdan ýaňa gabarýar olaryň gözi, göwün hyýallaryndan dolup-daşýar ýüregi.
8 Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär, gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar.
9 Olaryň agyzlary göklere hüjüm eýleýär, dilleri bolsa ýerde boş zatlary ýaňraýar.
10 Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär, olaryň gepine gulak gabardýar.
11 Tekepbirler diýýär: «Hudaý biläýermikä? Beýik Hudaý mundan habarlymyka?»
12 Ine, tekepbirler şeýle gürleýär; olar elmydama gaýgysyz-gamsyz, öz baýlygyny artdyrýandyrlar.
13 Men biderek ýere kalbymy päk saklapdyryn, günä etmekden saklanypdyryn.
14 Çünki uzakly gün kynçylyga sezewar boldum, her säherde men ejir çekdim.
15 «Men hem şolar ýaly gürlejek» diýen bolsadym, onda Hudaýyň halkynyň öňünde dönük bolardym.
16 Muňa akyl ýetirjek bolup pikire batdym, emma tä Hudaýyň mukaddes öýüne girýänçäm,
17 bu maňa juda kyn bolup göründi. Şondan soň erbetleriň soňuna düşünip galdym.
18 Dogrudan-da, Sen sürçek ýerlerde goýduň olary, harabalyga düşer ýaly etdiň olary.
19 Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!
20 Düýş görüp oýanylan pursatdaky deý, ýa Taňry, peýda bolan wagtyňda, Sen puja çykararsyň hyýallaryny.
21 Kalbym hasratdan ýaňa dolup-daşanda, ýüregim sanjym-sanjym bolanda,
22 nadan bolup, düşünmändirin, haýwan kimin bolupdyryn Seniň öňüňde.
23 Ýöne şonda-da mydama Seniň bilendirin, meni golumdan Sen tutýandyrsyň.
24 Nesihatlaryň bilen maňa ýol görkezýärsiň, soňunda meni hormat bilen kabul edersiň.
25 Meniň göklerde Senden başga kimim bar? Seniň bilen ýerde-gökde ýok mätäçligim.
26 Tenim, ýüregim ysgyndan düşýär, ýöne Hudaý ýürek kuwwatym, baky nesibäm.
27 Dogrudan-da, Senden uzaklaşýanlar ýok bolup gider, Özüňe biwepalyk edenleri Sen ýok edersiň.
28 Meniň üçin bolsa Hudaýa ýakynlaşmak ýagşydyr. Men Hökmürowan Rebbi özüme pena edindim; men Onuň ähli eden işlerini yglan ederin.




Chapter 74

1 Eý, Hudaý, näme üçin bizi hemişelik taşladyň? Näme üçin öriňdäki goýunlara lowlaýar Seniň gazabyň?
2 Ýatla Sen gadymdan Özüň üçin saýlan halkyňy – Özüňe taýpa edinmek üçin azat edenleriňi, ýatla Sen mesgen tutunan Siýon dagyňy.
3 Müdimi harabalyklara howluk-da, sal sen nazary – duşman weýran etdi mukaddes öýüňdäki ähli zatlary.
4 Ybadat öýünde duşmanlaryň arlap gygyrdy, olar nyşanlaryny şol ýerde dikdi.
5 Olar göýä gür agaçlyga paltalary aýlap salýan kişiniň keşbindediler.
6 Indi bolsa ähli haşamlaryny bir pursatyň içinde palta, çekiç bilen parçaladylar.
7 Mukaddes öýüňi oda ýakdylar, Seniň mesgeniňi haramladylar, ony ýer bilen ýegsan etdiler.
8 Öz-özlerine şeýle diýdiler: «Olaryň baryny tabyn edeliň». Hudaýyň ýurdundaky ähli ybadat öýlerini oda berdiler.
9 Biz görmeýäris gudratly alamatlary, indi hiç bir pygamber hem ýok; haçana çenli şeýle boljagyny bilýän aramyzda ýok.
10 Eý, Hudaý, duşman haçana çenli ýaňsylamaly? Duşman Seniň adyňa ebedilik dil ýetirsinmi?
11 Näme üçin goluňy yza çekýärsiň? Eliňi goltugyňdan çykaryp, olary ýok et!
12 Eý, Hudaý, ezelden bäri Sen Patyşamsyň, ýer ýüzünde halas ediş işlerini berjaý edýärsiň.
13 Gudratyň arkaly Sen deňzi böldüň, deňiz aždarhalarynyň başlaryny suwlarda döwdüň.
14 Liwýatanyň başlaryny kül-owram edip, ony çöl wagşylaryna şam edip berdiň.
15 Gözbaşlar ýardyryp, bulaklary akdyrdyň, haýbatly derýalary gus-gury etdiň.
16 Gündiz Seniňki, gije Seniňki, Sen gögüň yşyklaryny, Güni berkarar etdiň.
17 Ýeriň ähli çäklerini Sen çekdiň, Sen tomsy, gyşy ýaratdyň.
18 Ýa Reb, ýatla duşmanyň ýaňsylaýşyny, akmak halkyň Seniň adyňy har edişini.
19 Wagşy haýwanlara berme Öz gumryň janyny, ebedilik unutma pukaralaryň ýaşaýyşyny.
20 Öz ähtiňi ýatla, çünki ýurduň ähli buky ýerleri zulum öýlerinden ýaňa dos-doly.
21 Ezilenler ryswa bolmasyn, pukaralar, mätäçler adyňy şöhratlandyrsyn.
22 Eý, Hudaý, galk-da, dawaň üçin dawalaş, akmagyň günuzyn Seni ýaňsylaýşyny ýatla.
23 Öz duşmanlaryňyň seslerini unutma; Saňa garşy baş galdyrýanlaryň gohy dyngysyz artýar.




Chapter 75


1 Eý, Hudaý, Saňa şükür edýäris, Sen Öz barlygyňy aýan edýäň, şükür edýäris, Biz Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys.
2 Diýýärsiň: «Öz bellän wagtym gelende, ýüz görmezlik bilen höküm çykararyn Men.
3 Ýer we onuň ilaty titrän wagtynda, Liwýatan – gadymy rowaýatlardaky deňiz peläketi. Sözlüge seret. Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys – bu sözlem käbir gadymy golýazmalardan alnandyr. Ol başga golýazmalarda Seniň gudratlaryňy jar edýärler görnüşinde duş gelýär. Mendirin onuň direglerini berkiden» Sela
4 Öwünjeňlere: «Öwünmäň» diýýän, erbetlere: «Güýjüňize daýanmaň» diýýän.
5 Siz öz kuwwatyňyza magtanmaň, ýeňsäňizi dim-dik tutup gürlemäň.
6 Çünki ýeňiş ne gündogardan, ne günbatardan, ne-de çöldendir.
7 Kazylyk edýän diňe Hudaýdyr, birini peseldip, birini beýgeldýän Oldur.
8 Çünki käse Rebbiň elinde, ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly. Reb gazaby we şeraby käseden guýar: ýer ýüzüniň ähli erbetleri, ony löderesine çenli içerler.
9 Men bolsa elmydama beýan ederin, Ýakubyň Hudaýyna nagma aýdaryn.
10 Ol erbetleriň ähli kuwwatyny syndyrar, dogrularyň kuwwatyny bolsa Ol belende galdyrar.




Chapter 76


1 Hudaý Ýahudada meşhurdyr, Onuň ady Ysraýylda beýikdir.
2 Onuň çadyry Salimdedir, Onuň mekany Siýondadyr.
3 Ol şol ýerde döwdi otly peýkamlary hem-de galkany, gylyjy hem-de söweş ýaraglaryny. Sela
4 Sen nur deý şöhle saçýarsyň, awlaglara baý bolan daglardan dabaralysyň.
5 Arslan ýürekliler oljasyny aldyrdylar, olar baky uka gitdiler. Iň güýçlüleriň hiç biriniň-de elini galdyrmaga gurby çatmady.
6 Eý, Ýakubyň Hudaýy, Seniň käýinjiňden atlar, söweş arabalary doňup galdylar.
7 Sen wehimlisiň! Gazaba müneňde kim durup biler?
8 Sen göklerden yglan etdiň karary; ýer ýüzüniň ähli pukarasyny halas etmäge,
9 Sen kazylyk etmek üçin aýaga galdyň, şonda ýer-ýüzi eýmenip, ümsümlik boldy. Sela
10 Saňa öwgi gazandyrar hatda ynsan gazaby, gazabyňdan gutulanlar-da Saňa öwgi aýdarlar.
11 Beýik Hudaýyňyza sadaka aýdyň, olary beriň, töweregindäkileriň bary wehimli Hudaýa sowgat getirsin.
12 Şazadalaryň ruhuny syndyrýan Oldur, ýer ýüzüniň şalaryna wehimli Oldur.




Chapter 77


1 Men Hudaýa perýat edýärin, meni eşideri ýaly perýat edýärin.
2 Muşakgatly günümde Taňryny agtarýaryn, gollarymy gijesine dynuwsyz göge gerýärin, meniň janym tesellini kabul etmeýär.
3 Hudaýy ýatlap, ahy-nala çekýärin, Ol hakda oýa batýaryn, ruhum ysgyndan düşýär. Sela
4 Sen meniň gözlerimi ukudan goýduň, ynjalykdan gaçyp, gürläp bilmeýärin.
5 Gadymy günler, köne döwür barada oýa batýaryn.
6 Ýatlaýaryn, gijesine öz ýüregim bilen söhbet edýärin oýlanýaryn, ruhum içgin-içgin çintgeýär:
7 Eýsem Taňry ebedilik ret edäýdimi? Indi menden asla razy bolmazmy?
8 Eýsem söýgüsi ebedilik kesiläýdimi? Beren sözlerini hiç haçan berjaý etmezmi?
9 Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela
10 Diýdim: «Beýik Hudaý indi tarapymyzy tutmaýar – bu meni lapykeç edýär».
11 Men Rebbiň edenlerini ýada salaryn, Seniň gadymy gudratlaryňy ýatlap geçerin.
12 Ähli işleriň barada pikir ederin, Seniň beýik işleriň barada oýa bataryn.
13 Seniň ýoluň mukaddesdir, eý, Hudaý, Hudaýymyz ýaly beýik haýsy hudaý bar?
14 Sen gudratlary edýän Hudaýsyň, Sen halklar arasynda güýjüňi aýan edensiň.
15 Sen kuwwatly goluň bilen Öz halkyňy: Ýakubyň, Ýusubyň nesillerini azat eýlediň. Sela
16 Eý, Hudaý, suwlar Seni gördüler, Seni görenlerinde heder etdiler, düýpsüz çuňluklar galpyldadylar.
17 Bulutlar suwlar dökdüler, gökler gübürdediler, peýkamlaryň çar tarapa uçdular.
18 Harasat içinde gürrüldiňiň sesi ýaňlandy, ýyldyrymlaryň dünýäni ýagtylandyrdy, ýer titräp, lerzana geldi.
19 Seniň ýoluň deňiz içredi, Seniň ýodaň haýbatly suwlar içredi, emma aýak yzlaryň görünmeýärdi.
20 Sen halkyňa Musany, Haruny çopan bellediň, olara goýun sürüsine dek Sen ýol görkezdiň.




Chapter 78

1 Eý, halkym, taglymatyma dykgat ber, meniň sözlerime gulak goý.
2 Men size tymsal aýdyp bereýin, gadymyýetiň syrlaryny beýan edeýin.
3 Eşiden we bilen zatlarymyzy, atalarymyzyň bize aýdanlaryny.
4 Olary zürýatlaryndan gizlemeris biz; Rebbiň şanly işlerini, güýç-kuwwatyny, Onuň görkezen gudratlaryny, geljek nesle yglan ederis.
5 Geljek nesliň, indi doguljaklaryň bileri ýaly, olaryň hem öz nobatynda çagalaryna aýdary ýaly, umytlaryny Hudaýa baglary ýaly,
6 Hudaýyň edenlerini unutman, Onuň parzlaryny saklary ýaly, ýürekleri Hudaýa wepa bermedik,
7 ruhy Oňa sadyk bolmadyk atalary deý dikdüşdi, pitneçi bolmazy ýaly, Ol Ýakubyň nesline – Ysraýyl halkyna kanuny berdi.
8 Perzentlerine ony öwretmekligi ata-babalarymyza Ol emr etdi.
9 Ok-ýaý bilen ýaraglanan Efraýym nesli, söweş gününde ökje göterdi.
10 Olar Hudaýyň ähtini saklamadylar, Onuň kanunyna görä ýöremekden ýüz döndürdiler.
11 Unutdylar Onuň işlerini, olara görkezen gudratlaryny.
12 Ol Müsür ýurdunda, Zogan düzünde, atalarynyň öňünde gudratly işleri etdi.
13 Ol deňzi böldi, olary ondan geçirdi, suwlary bir üýşmek kimin duruzdy.
14 Gündizine ýol görkezdi Ol bulut bilen, bütin gije – oduň ýagtysy bilen.
15 Ol çölde gaýany ýardy, çuňluklardan deý olary bolelin suwdan gandyrdy.
16 Ol gaýadan suwlar çogdurdy, suwlary derýalar kimin akdyrdy.
17 Ýöne şonda-da Oňa garşy günä etmegi, çölde Beýik Hudaý garşy baş götermegi, dowam etdiler.
18 Ýüreklerinde Hudaýy synaga salyp, öz küýsän iýmitlerini talap etdiler.
19 Hudaýa garşy sözläp, şeýle diýdiler: «Hudaý çölde saçak ýazyp bilermi?
20 Hawa, Ol gaýany ýaryp, suwlar çogdurdy, akarlary dolup-daşdyrdy, emma Öz halkyna çörek berip bilermi? Ony et bilen üpjün edip bilermi?»
21 Reb muny eşidende dergazap boldy, Ýakup halkyna garşy ýalyn tutaşdy, Ysraýyl halkyna gazaby ör boýuna galdy.
22 Sebäbi olar Hudaýa iman etmedi, Onuň halas ediş güýjüne bil baglamady.
23 Muňa garamazdan, Ol asmana buýurdy, gökleriň gapylaryny açyp goýberdi.
24 Olar iýer ýaly üstlerine manna ýagdyrdy, olara gökleriň gallasyny iberdi.
25 Adam ogullary perişdeleriň çöregini iýdi, Ol olara bolelin iýmit iberdi.
26 Göklerde gündogar ýelini Ol öwüsdirdi, kuwwaty bilen günorta ýelini Ol gönükdirdi.
27 Et ýagdyrdy üstlerine bir tozan kimin, ganatly guşlary – deňiz çägesi kimin.
28 Bulary gaçyrdy çadyrlarynyň aralaryna, mesgenleriniň daş-töweregine.
29 Olar gerk-gäbe iýip doýdular, sebäbi Ol olaryň küýsän zadyny berdi.
30 Emma heniz isleglerinden el götermänkä, iýmitleri heniz agyzlaryndaka,
31 Hudaýyň gazaby olaryň üstünden indi. Ol olaryň iň daýawlaryny öldürdi, Ysraýylyň nowjuwanlaryny ýere gaplady.
32 Emma şonda-da günälerini dowam etdiler, Onuň gudratlaryna ynanmadylar.
33 Şoňa görä, olaryň günlerini puja çykardy, ýyllaryny howp-hatara gaplady.
34 Olary öldüren mahaly Ony agtarýardylar, toba edip, erjellik bilen Ony gözleýärdiler.
35 Olar Hudaýyň özleriniň gaýasydygyny Beýik Hudaýyň özleriniň Halasgäridigini ýatlaýardylar.
36 Olar agyzlary bilen Oňa ýaranýardylar, emma dilleri bilen ýalan sözleýärdiler.
37 Ýürekleri bolsa Oňa sadyk däldiler, olar Onuň ähtine biwepadylar.
38 Ýöne rehim-şepagat edip, olaryň günäsini Ol bagyşlady, olary heläk etmedi, gaharyny köp gezek olardan sowdy, bütin gazabyny oýandyrmady.
39 Onuň ýadyndady olaryň bir ynsandygy, geçip gidýän we dolanmaýan bir şemaldygy.
40 Näçe gezek çölde Oňa garşy baş galdyrdylar, sährada Ony gamlandyrdylar!
41 Hudaýy öwran-öwran synap gördüler, Ysraýylyň Mukaddesini öjükdirdiler.
42 Ýatlamadylar Onuň güýjüni, olary duşmandan azat eden gününi.
43 Müsürde görkezen alamatlaryny, Zogan düzündäki gudratlaryny:
44 Olar derýalaryndan içmesin diýip, Ol akarlaryny gana öwürdi.
45 Olary ýalmap-ýuwutsyn diýip, üstlerine siňek sürüsini iberdi. Olary başagaý etsinler diýip, gurbagalar iberdi.
46 Gemriji çekirtgä berdi hasyllaryny, ýumurtgadan çykan çekirtgä – zähmet rähnetlerini.
47 Doly bilen weýran etdi üzümlerini, çabga bilen – injir agaçlaryny.
48 Dola berdi mal-garalaryny, ýyldyrymlara – sürülerini.
49 Olaryň üstlerine iberdi, Öz gaharynyň howruny, gazaby, dergazaby hem-de belany – gyrýan perişdeleriň bir toparyny.
50 Ol ýol berdi Öz gazabyna: ölümden goramady olaň janyny, mergä berdi ömürlerini.
51 Müsürde heläkledi ähli nowbaharlary – Hamyň çadyrlaryndaky ilkinji zürýatlary.
52 Öz halkyny bolsa goýunlar kimin ýola rowana etdi, çölde olary bir süri kimin Ol ugrukdyrdy.
53 Olary howp-hatardan gorap äkitdi, eýmenmediler, duşmanlaryny bolsa deňiz ýuwutdy.
54 Getirdi olary Öz mukaddes ýurduna – eliniň ýeňip alan dagyna.
55 Milletleri olaryň öňünden kowdy, çadyrlarynda Ysraýyl tirelerini ornatdy, mülklerini paýlap, olara miras hökmünde berdi.
56 Olar bolsa heniz-de Beýik Hudaýy synaýardylar, Oňa garşy baş galdyrýardylar, parzlaryny berjaý etmeýärdiler.
57 Dänip, atalary dek biwepadylar, ähtibarsyz keman kimin ynamsyzdylar.
58 Ony öjükdirýärdiler seždegähleri bilen, gabanjaňlygyny oýarýardylar butlary bilen.
59 Hudaý eşidip, gazaba mündi, Ysraýyly büs-bütinleý ret etdi.
60 Ynsanlar arasyndaky mesgeni bolan Şilodaky çadyryny terk etdi,
61 Ýesirlige berdi Äht sandygyny, duşmanlaryň eline – Öz şöhratyny.
62 Öz halkyny gylyja berdi, Öz saýlan halkyna dergazap boldy.
63 Ýigitlerini ot ýalmap ýuwutdy, gyzlaryna toý aýdymlary aýdylman galdy.
64 Ruhanylary gylyçdan öldi, olaryň dul hatynlary ýas tutup bilmedi.
65 Şonda Taňry galkdy ukudan oýanan kimin, şerapdan aýňalmadyk bir erkek kimin.
66 Ol duşmanlaryna ökje götertdi, olary baky ryswalyga sezewar etdi.
67 Ol Ýusubyň çadyryny ret etdi, Efraýymyň tiresini saýlamady-da,
68 saýlap aldy Ýahuda tiresini – Özüniň söýen Siýon dagyny.
69 Mukaddes öýüni Ol bina etdi, belent gökler deý, ebedilik berkarar eden dünýäsi kimin.
70 Öz bendesi Dawudy saýlap, ony goýun agylyndan Ol aldy.
71 Ony saýlap seçen milleti Ysraýyla – Öz halky bolan Ýakup nesline çopançylyk etmeklik üçin, guzuly goýunlaryň yzyndan Ol alyp galdy.
72 Dawut päk ýürek bilen olary bakdy, olary ökde elleri bilen ol ugrukdyrdy.




Chapter 79

1 Eý, Hudaý, keseki milletler Seniň saýlan topragyňa aralaşdylar, mukaddes ybadathanaňy haramladylar, Iýerusalimi weýran etdiler.
2 Seniň bendeleriň jesetlerini berdiler gök guşlaryna, Seniň sadyklaryň etini – ýeriň wagşy haýwanlaryna.
3 Iýerusalimiň daş-töweregine suw kimin olaryň ganlaryny dökdüler, olary jaýlan bolmady.
4 Goňşularymyza bolduk biz gülki, töweregimizdäkilere – ryswa, oýnatgy.
5 Ýa Reb, haçana çenli gaharlanjak? Bize müdimilik gaharlanjakmy? Gabanjaňlygyň ot deý lowlap ýanjakmy?
6 Sen Öz gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň üstüne, adyňy çagyrmaýan şalyklaryň üstüne.
7 Çünki olar ýuwutdylar Ýakup halkyny, wes-weýran etdiler onuň ýurduny.
8 Atalarymyzyň günälerini bize ýükleme, bizi garşylamaga howluksyn Seniň rehimiň, çünki juda tapdan düşendiris biz.
9 Eý, Hudaý, Halasgärimiz! Öz şanly adyňyň hatyrasyna, Sen ýardam eýle, Öz adyňyň hatyrasyna, bizi halas et, günäden sapla.
10 «Olaryň Hudaýy nirede?» diýip, goý, milletler aýtmasyn. Seniň bendeleriň dökülen ganlarynyň alynýanlygy göz alnymyzda, goý, milletler bilsin.
11 Huzuryňa tussaglaryň nalasy ýetsin; ölüme höküm edilenleri gora Sen Öz beýik güýjüňe görä.
12 Ýa Taňry, goňşularymyzyň Seni ýaňsylan ýaňsylaryny ýedi esse edip olaryň başyndan inder.
13 Onsoň biz – Seniň halkyň, öriň sürüsi, şükür ederis Saňa ebedi, şöhratyňy beýan ederis nesillerboýy.




Chapter 80


1 Eý, Ysraýyl Çopany, Eý, Ýusuba sürä deý ýol Görkezýän, gulak goý! Eý, keruplaryň üstünde Oturan, nur saç!
2 Efraýymyň, Benýaminiň, Manaşäň öňünde; güýjüňi oýar, gel-de halas et.
3 Eý, Hudaý, Sen bizi dikelt, ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.
4 Ýa Hökmürowan Beýik Hudaý! Öz halkyň doga-dileglerine Sen haçana dek boljak gaharly?
5 Sen olara gözýaşly çörek iýdirdiň, gözýaşlaryny suw kimin içirdiň.
6 Goňşy halklar biz babatda jedel edýärler, duşmanlarymyz üstümizden gülýärler.
7 Bizi dikelt, eý, Hökmürowan Hudaý! Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.
8 Üzüm nahalyny Sen Müsürden getirdiň, milletleri kowup, ony oturtdyň.
9 Sen onuň üçin taýýarladyň topragy, ol kök urup, doldurdy ýurdy.
10 Daglar bürendi onuň saýasyna, äpet kedr daragty – şahalaryna.
11 Ol deňze çenli uzatdy şahalaryny, derýa çenli – öz pudaklaryny.
12 Emma her ötegçiniň onuň miwesini ýolup bileri ýaly, Sen onuň haýatlaryny näme üçin weýran eýlediň?
13 Tokaý ýekegapany ony dagadýar, meýdan jandarlary ony gemirýär.
14 Dolan, eý, Hökmürowan Hudaý! Göklerden sal Sen nazary, gör bu üzüm bagyny –
15 eliň oturdan bu nahalyny, Özüň üçin kuwwatlandyran ynsan ogluňy.
16 Olar ony otda ýakdylar, ony çapdylar. Goý, olar Seniň gazaply bakyşyňdan ýitip gitsinler.
17 Emma kömek et sagyňdaky ynsana Sen ony Özüň üçin getirensiň kemala
18 Şonda ýüz öwürmeris Senden hiç haçan; bize ýaşaýyş ber, çagyrarys Seniň adyňy.
19 Bizi dikelt, ýa Hökmürowan Beýik Hudaý! Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.




Chapter 81


1 Kuwwatymyz bolan Hudaýa nagmalar aýdyň, Ýakubyň Hudaýyna joşup heşelle kakyň.
2 Mukama başlaň: deprek, hoş owazly kinory, arfany çalyň.
3 Täze Aý, dolan Aý wagtynda, baýram günümizde surnaýlar çalyň.
4 Çünki bu – Ysraýylyň parzlary, Ýakup Hudaýynyň beren adalatly hökümleri.
5 Ýusup nesli Müsürden çykyp gaýdanda, Hudaý muny oňa düzgün hökmünde berdi. Men bir nätanyş diliň owazyny eşitdim:
6 «Men gerşiňi dyndyrdym ýükden, seniň elleriň halas boldy sebetden.
7 Muşakgat içinde çagyrdyň, seni halas eýledim, gök gürrüldisinden Men jogap berdim. Meribanyň boýunda seni synadym. Sela
8 Diňle, eý, halkym, habardar edeýin seni: eý, Ysraýyl, wah, diňlän bolsadyň Meni!
9 Ýat hudaý araňyzda bolmasyn, keseki hudaýa sežde etmegin.
10 Men – Reb, seniň Hudaýyň, çykardym Men seni Müsür ýurdundan. Agzyňy giňden aç, ony dolduraýyn.
11 Emma halkym sesime gulak asmady, Ysraýyl Maňa tabyn bolmady.
12 Şonuň üçin niýetlerine görä ýaşasyn diýip, Men olary kesir ýüreklerine tabşyrdym.
13 Wah, halkym Maňa gulak asan bolsady! Ysraýyl Meniň ýolumdan ýörän bolsady!
14 Şonda tiz boýun egdirerdim ýagylaryny, duşmanlaryna gönükdirerdim Men Öz elimi.
15 Rebbi ýigrenýänler oňa ýalym-ýulum ederdi, kysmatlary ebedi dowam ederdi.
16 Men oňa saýlama bugdaý iýdirerdim, gaýadan akan bal bilen seni doýrardym».




Chapter 82

1 Hudaý Öz mejlisinde ornuna geçip, ylahy barlyklaryň arasynda kazylyk edýär.
2 Hudaý şeýle diýýär: «Haçana dek adalatsyz kazylyk edip, siz erbetlere tarapgöýlik etmekçi? Sela
3 Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny, goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.
4 Halas ediň ejiz bilen mätäji, erbetleriň golundan azat ediň olary.
5 Siz bilmeýärsiňiz, düşünmeýärsiňiz, siz garaňkylykda ýöreýärsiňiz, ýeriň binýatlary lerzana gelýär».
6 Men diýýärin: «Siz ylahy barlyklarsyňyz, Beýik Hudaýyň ogullary – siziň baryňyz.
7 Emma adam ogly kimin siz ölersiňiz, şazadalar kimin ýykylarsyňyz».
8 Galk, eý, Hudaý, kazylyk et ýeriň ýüzüne çünki Seniňkidir ähli milletler.




Chapter 83


1 Eý, Hudaý, dymma, eý, Hudaý, ümsüm, biperwaý bolma.
2 Seret, duşmanlaryň pitne turuzýar, Seni ýigrenýänler başlaryny galdyrýar.
3 Seniň halkyňa garşy erbet niýet edinýär, Seniň goraýanlaryňa garşy dil birikdirýär.
4 Diýýärler: «Geliň, ýok edeli, goý, olar millet bolmasyn, mundan beýläk Ysraýylyň ady, goý, agzalmasyn».
5 Olar bir çukura tüýkürip, dil birikdirýär hem-de Saňa garşy äht baglaşýar:
6 edomlar we ysmaýyllar, mowaplar we hagarlar,
7 Gebal, Ammon hem-de Amalek, Pilişt hem-de Suruň ilaty,
8 Aşur-da goşuldy, olar Lut ogullaryny goldady. Sela
9 Sen Midýana hem-de Kişon çaýynda Sisera bilen Ýabyna edenleriňi olaryň başyndan inder.
10 Olar Eýndorda heläk edildi, olar topragyň dökünine öwrüldi.
11 Orep we Zeýep ýaly et serdarlaryny, Zebah we Salmunna dek – ähli serkerdesini.
12 Olar: «Geliň, Hudaýyň örülerini özümize mülk edineli» diýdiler.
13 Eý, Hudaý, tüweleýdäki tozana, ýel öňündäki samana öwür olary.
14 Oduň tokaýy köýdürşi kimin, ýalnyň daglary otlaýşy kimin,
15 harasatyň bilen kowala Sen olary, apy-tupanyň bilen gorkuz olary.
16 Utanja gapla olaň ýüzüni, ýa Reb, şonda olar agtarar Seniň adyňy.
17 Baky ryswa bolup, goý, dowla düşsün, utanç içinde ýok bolup gitsin.
18 Goý, olar bilsin: Reb – diňe Sensiň, tutuş ýeriň Beýik Hudaýsysyň!




Chapter 84


1 Eý, Hökmürowan Reb! Seniň mesgeniň neneňsi eziz!
2 Rebbiň howlularyny küýsäp, meniň janym ysgyndan düşýär; ýüregim, tenim diri Hudaýa şatlanyp, nagmalar aýdýar.
3 Seniň gurbanlyk sypaň ýanynda hatda serçe hem tapýar özüne bir öý, garlawaç hem – öz çagalary üçin höwürtge, eý, Hökmürowan Reb: Patyşam hem-de Hudaýym!
4 Bagtlydyr Seniň öýüňde mesgen tutanlar, olar mydama Seni şöhratlandyrarlar. Sela
5 Bagtlydyr Senden kuwwat alýanlar, kalbynda Siýona eltýän ýoly arzuwlaýanlar!
6 Olar Agy-perýat jülgesinden geçende, ol ýer çeşmeler mekanyna öwrülýär, güýzki ýagyş ol ýere bereket berýär.
7 Olaryň kuwwaty barha möwjeýär, Siýonda Hudaýyň huzurynda häzir bolarlar.
8 Ýa Hökmürowan Beýik Hudaý, eşit dogamy, diňle meni, eý, Ýakubyň Hudaýy! Sela
9 Eý, Hudaý hoşamaý seret patyşa – galkanymyza, merhemet et Öz seçip saýlanyňa.
10 Çünki Seniň howlularyňda geçen ýeke gün başga ýerde geçen müň günden ýagşy. Erbetleriň çadyrlarynda men ýaşanymdan, Hudaýymyň öýüniň bosagasynda duranym ýagşy.
11 Çünki Beýik Hudaý – Günümiz we galkanymyz, Ol merhemet we şöhrat berýär; Ol dogry ýoldan ýöreýänlerden hiç bir ýagşylygyny gaýgyrýan däldir.
12 Eý, Hökmürowan Reb! Saňa bil baglaýanlar nähili bagtly!




Chapter 85


1 Ýa Reb, Sen Öz ýurduňa merhemet etdiň, Ýakup halkynyň abadanlygyny ýene dikeltdiň.
2 Öz halkyňyň etmişlerini geçirdiň, onuň ähli günälerini Sen bagyşladyň. Sela
3 Ähli gazabyňy Sen jylawladyň, ýowuz gazabyňy Sen köşeşdirdiň.
4 Eý, bizi halas eýleýän Hudaý, bagtyýar günlerimizi ýene-de gaýtar, bize bolan gahar-gazabyňdan eliňi göter.
5 Sen gaharlanjakmy bize ebedi? Nesilden-nesle geçirjekmi Öz gaharyňy?
6 Halkyňyň Sende şatlanyp bileri ýaly, Sen bizi gaýtadan dikeltjek dälmi?
7 Ýa Reb, bize wepaly söýgiňi görkez, Öz halas edişiňi bize peşgeş et.
8 Diňlärin Beýik Hudaýyň aýtjaklaryny. Ol halkynyň, sadyklarynyň gaýtadan akmaklyk etmezi ýaly, olara wada berýär parahatlygy.
9 Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly, Ol Özünden gorkýanlary dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar!
10 Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.
11 Wepadarlyk ýerden gögerer, dogrulyk-da asmandan garar.
12 Hawa, Reb ýagşy zatlary berer, topragymyz öz hasylyny eçiler.
13 Dogrulyk Onuň öňünden ýörär, Onuň gadamlaryna ýoly taýynlar.




Chapter 86

1 Ýa Reb, gulak goý, maňa jogap ber, çünki men garyp we mätäçdirin.
2 Janymy gora, men Saňa sadyk, Özüňe bil baglaýan bendäňi Sen halas eýle; meniň Hudaýym Sensiň.
3 Ýa Taňry, maňa merhemet eýle, men uzakly gün Saňa perýat edýärin.
4 Sen şatlandyr Öz bendäňiň kalbyny, çünki Saňa, eý, Taňry, tabşyrýaryn janymy.
5 Ýa Taňry, Sen ýagşy we geçirimli, Seni çagyrýanlaryň baryna eçilýärsiň wepaly söýgiňi.
6 Ýa Reb, gulak goý meniň dogama, dykgat ber perýadymyň dat-bidadyna.
7 Muşakgatly günümde çagyrýan Seni, çünki Sen berersiň maňa jogaby.
8 Ýa Taňry, hudaýlar arasynda Sen kimin ýokdur, Seniň işleriňe taý geljek ýokdur.
9 Ýa Taňry, ýaradan milletleriň ählisi gelip, Seniň gaşyňda sežde ederler, Seniň adyňa şöhrat aýdarlar.
10 Çünki Sen beýiksiň, ajaýyp işleri edýän hem Sensiň, diňe Sensiň – ýeke-täk Hudaý.
11 Ýa Reb, hakykatyňda gezerim ýaly, maňa öwret Sen Öz ýoluňy. Seniň adyňdan gorkarym ýaly, Özüňe bagla meniň ýüregimi.
12 Ýa Taňry, meniň Hudaýym, tutuş kalbym bilen Saňa şükür edýärin, Seniň adyňy elmydama taryp ederin.
13 Çünki maňa bolan wepaly söýgiň beýikdir, Sen janymy ölüler dünýäsinden halas eýlediň.
14 Eý, Hudaý, tekepbirler garşyma galýar, zalymlar topary meni öldürjek bolýar, olar Sen barada hiç oýlanmaýar.
15 Sen bolsa, ýa Taňry, rehimdar, merhemetli Hudaýsyň, Sen giň göwünli, söýgä, wepadarlyga baýsyň.
16 Maňa nazar sal-da, merhemet eýle, gujur-gaýratyňdan ber Öz bendäňe, keniziňiň ogluny Sen halas eýle.
17 Öz hoşamaýlygyňdan bir nyşan görkez, meni ýigrenýänler ony görüp, utanja galsyn. Sebäbi, ýa Reb, Sen kömek etdiň, Sen maňa göwünlik berdiň.




Chapter 87

1 Koragyň nesillerine. Mezmur. Nagma.
2 Reb şäheriniň binýady mukaddes daglardadyr. Reb söýýär Ýakup halkynyň ähli mesgenlerini, aýratyn-da – Siýonyň derwezelerini.
3 Eý, Hudaý şäheri! Sen hakda şöhratly zatlar aýdylýar. Sela
4 Reb şeýle diýýär: «Özümi tanaýanlaryň ýanynda Men Rahaby we Babyly agzaýyn, Pilişt, Sur, Efiopiýa ýurtlaryny ýatlaýyn; Diýýärler: „Bu adam Siýonda doglan“».
5 Siýon babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.
6 Reb «Bu adam Siýonda doglan» diýip, halklaryň sanawyny ýazanda bellär. Sela
7 «Meniň ähli gözbaşlarym Siýonda» diýip, bagşylar we tansçylar biragyzdan aýdar.




Chapter 88


1 Ýa Reb, meni halas eýleýän Hudaý, gije-gündiz gaşyňda dat-perýat etdim.
2 Seniň huzuryňa barsyn doga-dilegim, diňle meniň dat-perýadymy.
3 Çünki muşakgatlardan doludyr janym, ölüler dünýäsine golaýlandyr meniň ömrüm.
4 Men gabra inip barýanlardan saýyldym, bir mejalsyz adam dek boldum.
5 Men ölüler arasyna taşlanyp, Seni indi asla ýada salmaýan, Seniň eliňden uzaga düşüp, gabyrda ýatan jeset dek boldum.
6 Sen meni gabryň düýbünde, tümlükde, çuňlukda goýduň.
7 Seniň gazabyňyň labyry üstüme indi, ähli tolkunlaryň meni ýumurdy. Sela
8 Dost-ýaranlarymdan meni aýyrdyň, meni olara ýigrenji etdiň. Daşymdan baglanan, çykyp bilmeýän.
9 Hasratdan ýaňa küteldi gözüm, ýa Reb, her gün Seni çagyrdym, men ellerimi Saňa uzatdym.
10 Sen gudratlary merhumlara etjekmi? Ölüler Saňa öwgi aýdarmy? Sela
11 Seniň söýgiň jar edilermi gabyrda, Seniň wepadarlygyň – heläkçilik ýerinde?
12 Gudratlaryň bilinýärmi tümlükde, Seniň dogrulygyň – unudylma ýurdunda?
13 Men bolsa, ýa Reb, Saňa perýat edýärin, ir säherde Saňa doga edýärin.
14 Ýa Reb, näme üçin ret edýäň meni? Näme üçin gizleýäň menden ýüzüňi?
15 Men çagalykdan bäri görgüli, ölüm halynda, howplaryňa uçrap, umytdan düşdüm.
16 Seniň gazabyň üstüme indi, wehimiňiň hüjümleri meni ýumurdy.
17 Olar uzakly gün sil dek gabaýar, ähli tarapdan töweregimi gurşaýar.
18 Uzaklaşdyrdyň menden dostlarymy, ýakynlarymy, garaňkylyk – ýalňyz ýoldaşym.




Chapter 89


1 Ýa Reb, elmydama Seniň söýgiňe nagma aýdaryn, dilim wepadarlygyňy beýan eder nesilden-nesle.
2 Diýdim: «Seniň söýgiň baky berkarar, wepadarlygyň gökler deý mäkäm».
3 Diýdiň: «Saýlanym bilen Men äht baglaşdym. Öz gulum Dawuda Men kasam etdim:
4 „Ebedi berkarar ederin seniň nesliňi, nesillerboýy bina ederin seniň tagtyňy“». Sela
5 Ýa Reb, gökler öwgi aýtsyn gudratlaryňa, mukaddesler mejlisinde – wepadarlygyňa.
6 Çünki göklerde Rebbe taý geljek barmy? Ylahy barlyklaryň arasynda Reb deýin barmy?
7 Hudaý mukaddesler maslahatynda örän haýbatly, töweregindäkileriniň hemmesinden wehimli.
8 Ýa Hökmürowan Beýik Hudaý! Sen dek, ýa Reb, kuwwatly barmy? Wepadarlygyň gurşaýar Seni.
9 Guduzlan deňze ýöredýäň Öz hökümiňi, tolkunlary möwjände, köşeşdirýäň olary.
10 Sen maslyk kimin mynjyratdyň Rahaby, güýçli goluň bilen pytratdyň ýagylaryňy.
11 Gökler Seniňki, ýer-de Seniňki, Sen berkarar etdiň älemi, ondaky ähli zatlary.
12 Sen ýaratdyň demirgazygy we günortany, Tabor, Hermon şatlykly taryplaýar Seniň adyňy.
13 Bardyr Seniň kuwwatly goluň, Seniň eliň güýçli, goluň belentdir.
14 Seniň tagtyň düýbi – dogrulyk hem-de adyllyk, öňüňden ýöreýär – söýgi hem wepalylyk.
15 Şatlyk şowhunyny bilýän halk nähili bagtly! Ýa Reb, olar Seniň ýüzüňiň nurunda gezýär!
16 Uzakly gün Seni arşa çykarýar, dogrulygyň arkaly olar beýgelýär.
17 Çünki güýçleriniň şöhraty – Sensiň, hoşamaýlygyň bilen beýgelýär biziň güýjümiz.
18 Biziň galkanymyz – Rebbiňki, şamyzy Ysraýylyň Mukaddesi belledi.
19 Sen bir wagtlar aýanlykda sadyklaryňa şeýle diýipdiň: «Men edermene kömek berdim, Men halkyň içinden ony saýladym.
20 Men Öz gulum Dawudy tapdym, başyna mukaddes ýagymy çalyp, ony saýladym.
21 Elim elmydama ony söýgetlär, golum hem ony kuwwatlandyrar.
22 Duşman ony aldawa salmaz, erbet adam oňa hiç sütem etmez.
23 Duşmanlaryny öňünde weýran ederin, ony ýigrenýänleri gyryp taşlaryn.
24 Onuň bilen bolar söýgim, wepadarlygym, Meniň adym bilen onuň güýji beýgeler.
25 Onuň elini goýaryn deňiz üstünde, Onuň goluny – derýalaryň üstünde.
26 Ol batly gygyryp diýer: „Sen – meniň Atam Hudaýym, gutulyş Gaýam!“
27 Men nowbaharlygy oňa bererin, ony dünýä şalarynyň iň beýigi ederin.
28 Öz wepaly söýgimi onuň üçin baky saklaryn, onuň bilen eden ähtime sadyk galaryn.
29 Men ebedi berkarar ederin onuň neslini, gökleriň günleri deý – onuň tagtyny.
30 Eger ogullary Meniň parzlarymdan ýüz öwürseler, adalatly hökümlerime görä ýöremeseler,
31 Meniň parzlarymy saklamasalar, tabşyryklarymy berjaý etmeseler,
32 taýak bilen jezalandyraryn etmişlerini, gamçy bilen – olaryň günälerini.
33 Emma Dawutdan aýyrmaryn söýgimi, Men wepadarlygyma galplyk etmerin.
34 Öz eden ähtimi Men bozmaryn, agzymdan çykan sözden dänmerin.
35 Bir gezek Öz mukaddesligimden ant içdim: Dawuda ýalan sözlemerin Men.
36 Onuň nesli dowam eder ebedi, Meniň gaşymda onuň tagty – Gün ýaly.
37 Gökde sadyk şaýatlyk bolan, baky berkarar edilen Aý ýaly bolar». Sela
38 Emma Sen ony taşladyň, kabul etmediň, Öz seçip saýlanyňa Sen gaharlandyň.
39 Öz guluň bilen eden ähtiňden dändiň, onuň jygasyny tozana gardyň.
40 Onuň ähli diwarlaryny ýumurdyň, berkitmelerini wes-weýran etdiň.
41 Ötegçileriň ählisi ony talaýar, gülki boldy ol goňşularyna.
42 Ýagylaryny ondan üstün çykartdyň, onuň duşmanlaryny Sen begendirdiň.
43 Onuň gylyjynyň tygyny yza öwürdiň, söweşde ony Sen hiç goldamadyň.
44 Şan-şöhratynyň soňuna çykdyň, onuň tagtyny ýere pylçadyň.
45 Ýaşlyk günlerini Sen gysga etdiň, ony utanja goýduň. Sela
46 Ýa Reb, ýüzüňi gizlejek haçana çenli? Sen Özüňi gizlejekmi ebedi? Haçana çenli gazabyň ýandyrar ot-alaw ýaly?
47 Sen ýadyňa sal ömrümiň gysgadygyny. Haýsy panylyk üçin ýaratdyň bar ynsan ogullaryny?
48 Heý-de ýaşap, ölüm ýüzüni görmeýän barmy? Ölüler dünýäsiniň penjesinden gutulan barmy? Sela
59 Ýa Taňry, Seniň öňki söýgiň nirede? Sen wepadarlygyňda äht etdiň-ä Dawuda.
50 Ýa Taňry, ýatla bendeleriňiň ryswalygyny, köp halklaryň sögünjini gursagymda göterişimi,
51 Ýa Reb, Seniň ýagylaryňyň ýaňsylaýşyny, seçip saýlanyňyň her ädimini ýaňsylaýşyny.
52 Reb alkyşa mynasyp asyrlarboýy! Omyn! Omyn!




Chapter 90

1 Hudaýyň adamy Musanyň dogasy
2 Ýa Taňry, mesgenimiz bolduň nesillerboýy.
3 Daglar emele gelmezden ozal, topragy, älem-jahany ýaratmazyňdan ozal, ezelden ebedä çenli bolan Hudaý – Sen.
4 «Eý, adam ogullary, dolanyň» diýip, Sen bizi topraga dolandyrýarsyň.
5 Seniň nazaryňda müň ýyl düýnki geçen gün ýa gijäniň nobaty ýaly.
6 Olary syryp äkidýärsiň, olar düýş ýaly, olar säher çagy bitýän ot ýaly; ol ir säherde ösüp, gülleýär, agşamyna bolsa orlup, guraýar.
7 Seniň gaharyňdan ýaňa biz ýok bolýarys, gazabyňdan ýaňa dowla düşýäris.
8 Sen günälerimizi goýduň öňüňde, gizlin günälerimizi – Öz gözleriňiň alnynda.
9 Ähli günlerimiz gazabyňyň astynda geçýär, ýyllarymyz bir dem kimin soňlanyp barýar.
10 Ýetmiş ýyl – ömrümiziň günleri, segsen ýyl – eger bolaýsak güýçli, olaryň iň ýagşysy geçýär azap bilen külpetde, basym geçýär, biz ýok bolup gidýäris.
11 Kim Seniň gaharyňyň güýjüni bilýär? Gazabyňyň wehimine düşünýän barmy?
12 Ýüregimiziň parasatly bolary ýaly, sanamagy öwret günlerimizi.
13 Dolan, ýa Reb! Haçana çenli biz garaşmaly? Öz bendeleriňe et Sen rehimi!
14 Uzakly gün şatlanyp, begener ýaly, ir säherde wepaly söýgiň bilen bizi hoşwagt eýle.
15 Muşakgat çekdiren günleriňiň, ýamanlyk gören ýyllarymyzyň öwezini dolup, bizi şat eýle.
16 Seniň işiň aýan bolsun bendeleriňe, şan-şöhratyň – olaryň çagalaryna.
17 Hudaýymyz Taňryň merhemeti biz bilen bolsun. Haýyrly et ellerimiziň işini, hawa, ellerimiziň işi haýyrly bolsun!




Chapter 91

1 Beýik Hudaýyň penasynda ýaşaýan ynsan Gudratygüýçliniň kölegesini mesgen ediner.
2 Rebbe diýerin: «Meniň penam hem-de berkitmäm, meniň Hudaýym, özümiň bil baglaýanym».
3 Ol halas eder seni awçyň torundan hem-de heläkleýji mergiden.
4 Ol perleri bilen seni basyrar; ganatlarynyň astynda pena taparsyň, Onuň wepadarlygy galkan, sowutdyr.
5 Gorkmarsyň gijäniň howp-hataryndan ýa-da gündiz uçýan peýkamdan,
6 tümlükde assyrynlyk bilen gelýän mergiden ýa günortan çagy tozdurýan weýrançylykdan.
7 Gapdalyňda müň adam, sagyňda on müň adam ýykylar, emma bu zatlar saňa ýanaşmaz.
8 Sen gözleriň bilen ýöne gararsyň, erbetleriň jezalaryny görersiň.
9 Sen Rebbe: «Meniň penamsyň» diýip, Beýik Hudaýy özüňe mesgen edindiň.
10 Şoňa görä ýamanlyk saňa asla ýanaşmaz, bela-beter çadyryňyň ýanyna gelmez.
11 Seni ähli ýollaryňda goramak üçin, perişdelerine sen babatda Ol emr eder.
12 Aýagyň daşa büdremez ýaly, olar seni ellerinde göterer.
13 Arslany, ýylany sen depgilärsiň, ýolbarsy, alahöwreni sen basgylarsyň.
14 Reb diýýär: «Meni söýýänleri halas ederin, adymy bilýänlere pena bolaryn.
15 Meni çagyranlarynda jogap bererin. Muşakgatlarda olar bilen bolaryn, azat edip, şan-şöhrata beslärin.
16 Olara uzak ömür bagyş ederin olara halas edişimi Men görkezerin».




Chapter 92


1 Ýa Reb, ne ajaýyp Saňa şükürler etmek, ýa Beýik Hudaý, adyňa nagmalar aýtmak!
2 On kirişli guralda we arfada, kinorda mukamlar çalyp,
3 gije-gündiz söýgiňi, wepadarlygyňy beýan eýlemek!
4 Çünki, ýa Reb, işleriň bilen meni şat etdiň, elleriňiň işlerine şatlanyp nagma aýdaryn.
5 Ýa Reb, neneň beýik Seniň işleriň! Gaty çuňdur Seniň oý-pikirleriň!
6 Kemakyl adam muny bilmeýär, akmak muňa hiç düşünmeýär.
7 Emma erbetler ot deý gögerseler-de, betkärler gülleseler-de, olar baky weýrançylyga höküm edilen.
8 Emma Sen, ýa Reb, baky belentsiň.
9 Ine, ýa Reb, duşmanlaryň, Seniň duşmanlaryň, ýitip giderler, ine, ähli betkärler dargadylarlar.
10 Sen meni ýabany öküz dek kuwwatly etdiň, başyma täze ýag çalyp, meni saýladyň.
10 Duşmanymyň ýeňlişini gördi gözlerim, maňa garşy galýanlaryň heläk bolşuny eşitdi meniň gulagym.
12 Dogry adamlar palma agajy deý pajarlar, Liwanyň kedr daragty deý boý alar.
13 Olar ekilendir Rebbiň öýünde, gülleýärler Hudaýymyzyň howlularynda.
14 Olar garrasa-da, miwe getirýändirler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.
15 Olar: «Reb dogrudyr, Ol meniň gaýam, Onda nähaklyk ýokdur!» diýip aýdarlar.




Chapter 93

1 Reb höküm sürýär, Ol şöwkete beslenen. Reb gudrata beslenen, ony guşanan – dünýä bina edilen, asla sarsmaz ol.
2 Seniň tagtyň owaldan bina edilen, Sen barsyň ezelden bäri.
3 Ýa Reb, siller beýgeldi, siller öz sesini gataltdy, siller güwwüldisini artdyrdy.
4 Emma ägirt suwlar sesinden, kuwwatly deňiz tolkunlaryndan, beýikdäki Reb has kuwwatlydyr.
5 Seniň düzgünleriň örän ähtibarlydyr. Ýa Reb, mukaddeslik öýüňe baky mahsusdyr.




Chapter 94

1 Ýa Reb, öç alýan Hudaý, nuruňy saç, eý, öç alýan Hudaý!
2 Galk, eý, ýer ýüzüniň Kazysy, tekepbirlere päline görä yzyna ber jezasyny!
3 Ýa Reb, erbetler haçana çenli, haçana çenli erbetler dabaralanar?
4 Ulumsylyk saçýar olaryň agzy, öwünýär betkärleriň hemmesi.
5 Ýa Reb, olar halkyňy ezýär, Seniň milletiňe ejir çekdirýär.
6 Olar dul hatyny, gelmişegi öldürýär hem-de ýetimleriň ganyna galýar.
7 Diýýärler: «Reb görmeýär. Ýakubyň Hudaýy dykgat bermeýär».
8 Düşüniň, eý, halkyň kemakyllary, eý, akmaklar, haçan bolarkaňyz paýhasly?
9 Gulagy ýaradan, heý, eşitmezmi? Göze şekil beren, heý-de görmezmi?
10 Milletleri toba getirýän, ynsanýete bilim öwredýän jeza bermezmi?
11 Reb bilýär ynsanlaryň pikirlerini hem-de bu pikirleriň panydygyny.
12 Ýa Reb, Seniň terbiýeleýän ynsanyň, Öz kanunyňy öwredýän ynsanyň nähili bagtly!
13 Sen erbetleriň gabry taýýar bolýança, bu ynsany muşakgatlyk döwründe aman galdyrýaň.
14 Çünki Reb Öz halkyny taşlamaz, Ol saýlan halkyny asla terk etmez.
15 Çünki adalat dogrulyga dolanar, ýüregi dogrular hem oňa eýerer.
16 Meniň üçin erbetleriň garşysyna kim galar? Meniň üçin betkärlere kim garşy durar?
17 Eger Reb kömekçim bolmadyk bolsa, janym gabryň ümsümligine eýýäm göçerdi.
18 «Aýagym büdreýär» diýen mahalym, meni, ýa Reb, wepaly söýgiň goldady.
19 Ýürek gaýgylarymyň artan mahaly, Seniň teselliň janyma rahatlyk berýär.
20 Zulum kanunlaryny düzýän erbet hökümdarlar, eýsem Saňa ýaran bolup bilermi?
21 Olar dogry ynsanyň janyna garşy dil birikdirýärler, bigünäni ölüme höküm edýärler.
22 Emma Reb boldy meniň berkitmäm, Hudaýym – pena edinen gaýam.
23 Ol olaryň ýamanlygyny özlerine gaýtarar, olary erbetlikleri üçin gyryp tükeder; Hudaýymyz Reb olary gyryp tükeder.




Chapter 95

1 Geliň, Rebbe nagma aýdaly, halas edýän gaýamyza şatlanyp, aýdym aýdaly.
2 Şükürlerimiz bilen huzuryna baraly, alkyş aýdymlaryny aýdyp, Oňa heşelle kakaly.
3 Çünki Reb beýik Hudaýdyr, ähli hudaýlaryň beýik Şasydyr.
4 Onuň elindedir ýer çuňluklary, Onuňkydyr dagyň çür depeleri.
5 Deňiz Onuňkydyr, çünki Ol ýaratdy ony, gury ýere şekil berdi Onuň elleri.
6 Geliň, sežde edip, tagzym edeli, bizi ýaradan Rebbiň öňünde dyza çökeli.
7 Çünki Ol biziň Hudaýymyzdyr, biz Onuň örüsiniň halkydyrys, Onuň elindäki goýunlardyrys. Onuň şu gün diýýänlerine gulak goýuň:
8 «Meribada, ol gün Masa çölündäki deý, siz gatatmaň ýüregiňizi.
9 Ol ýerde atalaryňyz Meni barlady, edenlerimi görse-de, Meni synady.
10 Kyrk ýyllap şu nesli Men ýigrenç saýdym. Diýdim: „Bu bir ýüregi azaşan halkdyr, Meniň ýollarymdan ýöreýän däldir“.
11 Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip, Öz gazabymda Men kasam etdim».




Chapter 96

1 Rebbe täze nagmany aýdyň, Rebbe nagma aýt, eý, tutuş ýer ýüzi!
2 Rebbe nagma aýdyň, Onuň adyna alkyşlar okaň, halas edýändigini günsaýyn buşlaň.
3 Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny, ähli halklara – gudratly işlerini.
4 Çünki Reb beýik, Ol belent sena mynasyp, biziň seždämize diňe Ol laýyk. Ol milletleriň hudaýlaryndan has wehimlidir.
5 Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur, emma gökleri Reb ýaradandyr.
6 Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, Onuň mekanyndadyr gözellik, kuwwat.
7 Eý, halklaryň tireleri, Rebbi wasp ediň, Rebbiň şöhratyny, güýjüni öwüň.
8 Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň, gurbanlyk getirip, howlularyna giriň.
9 Rebbe şanly mukaddesliginde siz sežde ediň, eý, ýer ýüzündäkiler, Onuň öňünde titräň.
10 Milletler arasynda siz şuny aýdyň: «Reb–Patyşa! Berk berkarar edildi dünýä, ol sarsmaz asla. Ol ýüz görmezden halklara kazylyk eder».
11 Goý, gökler begensin, ýer hem şatlansyn. Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin.
12 Meýdan we ondaky bar zatlar şatlykdan joşsun. Şonda tokaý agaçlary nagmalar aýdar
13 Rebbiň öňünde, çünki Ol gelýär; Ol dünýä kazylyk etmäge gelýär. Ol dünýä dogrulyk bilen, halklara Öz wepadarlygy bilen kazylyk eder.




Chapter 97

1 Reb höküm sürýär: goý, ýer şatlansyn, hemme adalar, goý, begenişsin.
2 Onuň daş-töweregi – bulut we tümlük, tagtynyň düýbi – dogrulyk hem-de adyllyk.
3 Onuň öňünden ot-alaw ýöreýär, töwerekdäki duşmanlaryny ýandyrýar.
4 Ýyldyrymlary dünýäni ýagtylandyrýar, ýer ýüzi görýär hem galpyldaýar.
5 Daglar mum dek ereýär Rebbiň öňünde – tutuş ýer ýüzüniň Taňrysynyň öňünde.
6 Gökler Onuň dogrulygyny jar edýär. Ähli halklar Onuň şan-şöhratyny görýär.
7 Biderek butlaryna magtanyp, şekillere sežde edýänler utandyrylýar. Oňa tagzym ediň, eý, ähli hudaýlar!
8 Ýa Reb, Seniň kararlaryňy Siýon eşidip, şadyýan bolýar, Ýahudanyň gyzlary hem begenýär.
9 Ýa Reb, Sen ýer ýüzünde iň beýigisiň, ähli hudaýlardan belende çykarylansyň.
10 Eý, Rebbi söýýänler, ýamanlygy ýigreniň! Ol sadyklarynyň janlaryny aman saklaýar, olary erbet adamyň elinden halas eýleýär.
11 Nur dogulýar dogrular üçin, şadyýanlyk – ýüregi dogrular üçin.
12 Eý, dogrular, Rebde şatlanyň, mukaddes adyna şükürler ediň.




Chapter 98

1 Rebbe täze nagmany aýdyň, çünki Ol gudratly işleri etdi. Goly, mukaddes goly, Oňa ýeňiş getirdi.
2 Reb Öz ýeňşini aýan eýledi, milletleriň nazarynda dogrulygyny aýan eýledi.
3 Hudaý ysraýyl halkyny söýýär, Ol hemişe Öz halkyna wepadar. Dünýäniň dört künjegi Hudaýyň ýeňşini gördi.
4 Eý, bütin dünýä, Rebbe heşelle kakyň, şatlyk nagmasyny, alkyşlar aýdyň.
5 Rebbe kinorda, kinorda owazly alkyşlar aýdyň.
6 Surnaýyň, şahyň sesleri bilen Patyşamyz–Rebbiň öňünde heşelle kakyň.
7 Güwwüldeşsin deňiz we ondakylaryň ählisi, dünýä we onda ýaşaýanlaryň bary.
8 Rebbiň öňünde derýalar ellerin çarpsyn, baýyrlar joşgunly nagmalar aýtsyn, çünki Ol ýer ýüzüne kazylyk etmäge gelýär.
9 Ol dünýä kazylyk eder dogrulyk bilen, halklara – ýüz görmezlik bilen.




Chapter 99

1 Reb höküm sürýär, halklar, goý, galpyldasyn! Ol keruplar arasynda tagt gurup otyr, goý, ýer titresin!
2 Reb Siýonda beýikdir, ähli halklardan beýgeldilendir.
3 Goý, olar öwsünler Seniň beýik, gorkunç adyňy, Sen – mukaddes hem-de gudratly!
4 Sen adalaty söýýän Patyşa: ýüz görmezligi, adalaty, dogrulygy berkarar etdiň; bulary Ýakup neslinde Sen amal etdiň.
5 Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň aýagyna ýykylyp, siz sežde ediň: mukaddesdir Ol!
6 Ruhanylarynyň arasynda Musa, Harun bar, Onuň adyny çagyrýanlaryň arasynda Şamuwal hem bar. Olar Rebbe doga etdiler, Ol jogap berdi.
7 Ol olara bulut sütüninden gürledi, olar Onuň beren düzgünini, parzlaryny saklady.
8 Eý, Hudaýymyz Reb, Sen jogap berdiň. Sen etmişleri üçin jeza berseň-de, olar üçin bagyşlaýjy Hudaý bolansyň.
9 Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň. Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!




Chapter 100

1 Eý, bütin ýer ýüzi, Rebbe heşelle kakyň.
2 Rebbe şatlyk bilen siz gulluk ediň, nagma aýdyp, Onuň gaşyna baryň.
3 Beýik Hudaýdyr, siz muny biliň. Bizi Ol ýaratdy, biz-de Onuňky, biz – örüsiniň goýunlary we Onuň halky.
4 Derwezelerinden giriň şükürler bilen, howlularyna – öwgüler bilen. Oňa şükür ediň, adyna alkyşlar aýdyň.
5 Çünki Reb ýagşy, Onuň söýgüsi dowam edýär ebedi, wepadarlygy – nesillerboýy.




Chapter 101

1 Men wepalylyk we adalat barada nagma aýdaryn, ýa Reb, men Saňa şatlanyp, nagma aýdaryn.
2 Men kämillik ýolundan ýörärin. Wah, haçan gelerkäň meniň ýanyma?! Öýümde ýürek kämilliginde ýaşaryn.
3 Göz alnymda ýaman zada men ýol bermerin, günä etmegi men ýigrenýärin, günä maňa ýanaşmaz.
4 Ýürek azgynlygyndan daşda bolaryn, ýamanlyga şärik bolmaryn.
5 Gizlinlikde ýakynyna töhmet atany weýran ederin, gözi ýer görmeýäne, tekepbir ýüreklä çydap bilmerin.
6 Ýurduň sadyklarynyň maňa ýoldaş bolary ýaly, men olara mähir bilen gararyn. Meniň gullugymda kämillik ýolunda gezýänler durar.
7 Hilegärlik edýän meniň öýümde ýaşamaz, ýalan sözleýän gaşymda durmaz.
8 Rebbiň şäherinden betkärleri kowmaklyk üçin, sähersaýyn ýurtdaky erbetleri weýran ederin.




Chapter 102

1 Derde batan we arzyny Rebbiň öňüne dökýän görgüliniň dogasy
2 Ýa Reb, dogamy eşit, Saňa ýetsin meniň perýadym.
3 Kyn günümde menden ýüzüňi sowma, gulak goý maňa, çagyran günümde maňa tizräk jogap bersene.
4 Çünki günlerim tüsse deý ýitýär, süňklerim tutaşan odun dek ýanýar.
5 Ýüregim ýaraly, ot dek gurady, mende çörek iýmäge ysgyn galmady.
6 Iňňildimiň zaryndan ýaňa, meniň derim süňklerime ýapyşýar.
7 Men çöl-beýewandaky bir hüwi ýaly, harabalykdaky bir baýguş ýaly.
8 Gözüme asla gelmeýär uky, men üçekdäki ýalňyz guşjagaz ýaly.
9 Uzakly gün duşmanlarym meni ýaňsylaýarlar, üstümden gülýänler adymy näletleýärler.
10 Seniň gahar-gazaplaryň zerarly, küli çörek kimin iýýärin, gözýaşlarym garylan içgi içýärin.
11 Sen meni göterip, gyra taşladyň.
12 Agşam kölegesi deý meniň günlerim, men ot kimin saralyp soldum.
13 Sen bolsa, ýa Reb, tagtda otyrsyň baky, Seniň adyň dowam eder nesillerboýy.
14 Sen galkarsyň, Siýona rehim edersiň, çünki oňa merhemet etmek wagtydyr; ýetip geldi bellenen wagt.
15 Seniň bendeleriň onuň daşlaryny eziz görýärler, onuň weýranlygyna haýpy gelýärler.
16 Milletler gorkar Rebbiň adyndan, dünýä şalary gorkar Onuň şan-şöhratyndan.
17 Sebäbi Reb Siýony gaýtadan gurar, şan-şöhratynda Ol peýda bolar.
18 Dykgat berer pukaranyň dogalaryna, äsgermezlik etmez olaryň doga-dilegne.
19 Indi doguljaklar Rebbi şöhratlar ýaly, goý, bu geljek nesil üçin ýazgy edilsin.
20 Çünki tussaglaryň ahy-zaryny eşitmek üçin, ölüme höküm edilenleri boşatmak üçin,
21 Reb mukaddes belentliginden aşak seretdi, Ol göklerden ýere nazar aýlady.
22 Ol halklar, şalyklar Rebbe sežde etmäge üýşenlerinde,
23 Siýonda Rebbiň adyny, Iýerusalimde şan-şöhratyny yglan etsinler diýip, şulary etdi.
24 Ol orta ýolda meni tapdan düşürdi, Ol meniň günlerimi gysgaltdy.
25 Diýýärin: «Eý, meniň Hudaýym, ömrümiň ýarynda dünýäden alma. Seniň ýyllaryň dowam edýär nesillerboýy».
26 Sen gadymyýetde ýeriň binýadyn tutduň, gökler hem Seniň elleriňiň işidir.
27 Olar ýitip gider, Sen bolsa dowam edersiň, olar köne eginbaş kimin dargap giderler; Sen olary eginbaş kimin çalşarsyň, olar geçip giderler.
28 Emma Seniň şol öňküligiň, soňy ýokdur Seniň ýyllaryň. [29] Seniň bendeleriňiň çagalary asuda ýaşar, olaryň zürýatlary huzuryňda berkarar bolar.




Chapter 103

1 Rebbe alkyş aýt, eý, meniň köňlüm, mukaddes adyny alkyşla, eý, tutuş jan-bagrym.
2 Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym, Onuň eden ýagşylyklaryny asla unutma.
3 Ähli günäleriňi Ol bagyşlaýar, ähli dertleriňe Ol şypa berýär.
4 Ömrüňi gabyrdan halas eýleýär, wepaly söýgi, merhemet jygasyny saňa geýdirýär.
5 Seni ömürboýy ýagşylyklar bilen Ol razy edýär: bürgüdiňki ýaly täzelenýär seniň ýaşlygyň.
6 Reb ezilenleriň ählisi üçin berjaý edýär hak-adalaty.
7 Ol Musa görkezdi Öz ýollaryny, ysraýyl halkyna – Öz işlerini.
8 Reb rehimdar we merhemetli, giň göwünli, wepaly söýgä baýdyr.
9 Ol bizi hemişe ýazgaryp durmaz, Öz gaharyny baky saklamaz.
10 Ol bize günälerimize görä garanok, ýazyklarymyza görä Ol gaýtaranok.
11 Çünki gökler ýerden nähili belentde bolsa, Rebbiň wepaly söýgüsi Ondan gorkýanlara şonça-da beýik.
12 Gündogar günbatardan nähili uzakda bolsa, şonça-da Ol günälerimizi bizden aýyrýar.
13 Atanyň öz ogullaryna rehim edişi kimin, Reb hem Ondan gorkýanlara edýär rehimi.
14 Çünki niçik ýaradylandygymyzy Ol bilýär, biziň bir toprakdygymyz ýadyna düşýär.
15 Ynsan ömri ota meňzeýär, meýdan güli kimin olar gülleýär,
16 üstünden şemal öwüsýär: ol hem ýok bolýar; öňki ýeri ony indi hiç tanamaýar.
17 Emma ezelden ebedä çenli Rebden gorkýanlara Onuň wepaly söýgüsi. Onuň dogrulygy hem çagalarynyň çagalaryna:
18 Onuň ähtini saklaýanlara, buýruklaryny berjaý etmegi unutmaýanlara.
19 Reb tagtyny göklerde berkarar etdi, Onuň şalygy ähli ýere hökmürowandyr.
20 Eý, Rebbiň edermen perişdeleri – Onuň buýruklaryny berjaý edýänler, Onuň aýdan sözüne tabyn bolýanlar, Rebbi alkyşlaň!
21 Eý, Onuň islegini berjaý edip, Oňa hyzmat edýän melekleri, Rebbi alkyşlaň!
22 Eý, Onuň höküm sürýän ýerlerindäki ýaradan zatlarynyň ählisi, Rebbi alkyşlaň! Eý, janym, Rebbi alkyşla!




Chapter 104

1 Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym! Sen nähili beýik, ýa Beýik Hudaýym! Şöhrata, şöwkete beslenýänsiň Sen!
2 Sen nury don kimin geýýäň, gökleri çadyr dek gerýäň.
3 Sen otaglaryňy suwlaryň üstünde gurýaň, bulutlary Özüňe söweş arabasy edinýäň, ýeliň ganatlaryna münüp aýlanýaň.
4 Sen ýelleri Özüňe ilçi edinýäň, ot-alawy Özüňe emeldar edýäň.
5 Sen ýeri binýatlarynyň üstünde gurduň, ol sarsmaz asyrlarboýy.
6 Sen ony çuňluklara beslediň, daglar suwlaryň astynda galdy.
7 Suwlar Seniň käýinjiňden yza çekilýär, gürrüldiňiň sesini eşidip, gaçýar.
8 Olar daglardan aşyp, jülgelere – Seniň olar üçin bellän ýeriňe inýär.
9 Suwlar gaýdyp ýer ýüzüni örtmesin diýip, Sen olar geçmesin diýip, bir serhet goýduň.
10 Sen çeşmeleri jülgelere akdyrýaň, olar daglaryň aralaryndan akýar.
11 Ähli meýdan haýwanlaryny hem suwa ýakýar, gulanlary suwdan gandyrýar.
12 Gök guşlary olaryň boýnunda mesgen tutunýar, ýapraklaryň arasyndan olar saýraşýar.
13 Sen daglary belentlikdäki mesgeniňden suwarýaň, Seniň işleriňiň miwesinden ýer kanagatlanýar.
14 Ynsanlar, mallar toprakdan azygyny edinsin diýip, olar üçin galla, otlar ösdürýäň:
15 ynsan kalbyny şatlandyrýan şeraby, onuň ýüzüni ýaldyradýan zeýtun ýagyny, ynsan ýüregine kuwwat berýän çöregi.
16 Rebbiň agaçlary – Onuň oturdan Liwan kedrleri bol suwarylýar.
17 Ol ýerde guşlar höwürtgeleýär, onuň çür başynda leglek höwürtge gurýar.
18 Belent daglar dag geçileri üçindir, baýyrlar torsuklara penadyr.
19 Ol möwsümleri kesgitlemek üçin Aýy ýaratdy, Gün hem öz ýaşmaly wagtyny bilýär.
20 Gije bolýar Sen garaňky düşüreniňde, ähli jeňňel haýwanlary janlanýar şonda.
21 Aw üçin arslanlar arlaýar, olar Hudaýdan rysklaryny dileýär.
22 Gün dogýar, olar yza çekilýär, sürenlerine girýär-de, ýatýar;
23 ynsan öz işine ugraýar, agşama çenli ol zähmet çekýär.
24 Ýa Reb, Seniň işleriň neneň köpsanly! Sen olaryň baryny etdiň paýhasly, Seniň ýaradanlaryňdan ýer ýüzi doly.
25 Ynha deňiz: ol ägirt we giň ol ýerde san-sajaksyz süýrenijiler, ululy-kiçili jandarlar bardyr.
26 Ol ýerde gämiler ýüzýär, deňiz içre oýnasyn diýip ýaradan aždarhaň-da bar.
27 Rysklaryny wagtynda berersiň diýip, olaryň bary Saňa garaşýar.
28 Sen berýärsiň – olar ýygnaýar, eliňi açýarsyň – näzi-nygmatdan doýýar.
29 Sen ýüzüňi gizleýärsiň – olar howsala düşýär, janlaryny alýarsyň – olar öz topragyna dolanýar.
30 Jan berýän demiňi iberýäň – olar ýaradylýar, Sen ýeriň ýüzüni täzeleýärsiň.
31 Goý, Rebbiň şöhraty ebedi bolsun, Reb Öz işleri babatda şadyýan bolsun.
32 Ol ýere seredýär, ol hem titreýär, daglara elin degirýär – olar tüteýär.
33 Men ömürboýy Rebbe nagma aýdaryn, barkam Hudaýa alkyş okaryn.
34 Meniň oýlanmalarym, goý, Onuň göwnünden tursun, çünki men Rebde şatlanýandyryn.
35 Goý, günäliler ýer ýüzünden ýok bolsun, erbet adamlar indi asla bolmasyn. Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym. Rebbe şan-şöhrat bolsun!




Chapter 105

1 Rebbe şükür ediň, Ony çagyryň, halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň.
2 Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.
3 Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň; Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.
4 Rebbe, Onuň kuwwatyna sygynyň, dyngysyz Onuň huzuryny agtaryň.
5 Eý, Rebbiň bendesi Ybraýymyň zürýady, Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli!
6 Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny, mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny.
7 Ol – Hudaýymyz Reb, Ol tutuş ýer ýüzüne kazylyk edýär.
8 Ol ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini,
9 Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaýar.
10 Diýdi: «Men size Kengan ýurduny, mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin».
11 Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde, Ysraýyla – müdimi äht hökmünde.
12 Şonda olar az sanlydylar, gaty az we şol ýerde gelmişekdiler.
13 Geçýärdiler bir milletden başga millete, bir şalykdan – başga şalyga.
14 Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi, şolar sebäpli Ol şalara käýedi.
15 Diýdi: «Saýlap seçenlerime siz el degirmäň, pygamberlerime ýamanlyk etmäň».
16 Şonda Reb ýurda açlyk düşürdi, Onuň ähli azygyny weýran eýledi.
17 Öňlerinden bir adamy ýollady: Ýusup gul edilip satyldy.
18 Onuň aýaklaryna zynjyr uruldy, boýny demir halka salyndy.
19 Rebbiň aýdanlary berjaý bolýança, Onuň sözi Ýusuby synap barlady.
20 Patyşa adam iberip, ony boşatdy, halklaryň hökümdary ony azat eýledi.
21 Oňa emeldarlarynyň üstünden ygytyýar berip, ýaşulularyna paýhas öwretsin diýip,
22 Ýusuby öz öýüne hojaýyn etdi, tutuş mülküne hökümdar goýdy.
23 Onsoň Ysraýyl Müsüre geldi, Ýakup Ham ýurdunda gelmişek bolup ýaşady.
24 Reb Öz halkyny juda köpeltdi, olary duşmanlaryndan kuwwatly etdi.
25 Hudaý bendeleriniň janyna kast etsinler diýip, duşmanlaryň ýüreginde Öz halkyna ýigrenç döretdi.
26 Reb olaryň arasyna bendesi Musany we seçip saýlan Harunyny ýollady.
27 Olaryň arasynda görkezdiler Rebbiň alamatlaryny, Ham ýurdunda – gudratlaryny.
28 Reb garaňky düşürdi, ýurdy garaňkyratdy, Musa bilen Harun Onuň sözünden çykyp bilmedi.
29 Ol olaryň suwuny gana öwürdi. Olaryň balyklaryny gyryp taşlady.
30 Müsür ýurdy, hatda şa otaglary-da, gurbagalardan dos-doly boldy.
31 Reb buýurdy, siňek sürüsi geldi, çirkeýler tutuş ýurtlaryny doldurdy.
32 Ol ýagyş deregine doly ýagdyrdy, tutuş ýurtlaryna ýalynly ýyldyrymlar çakdyrdy.
33 Reb üzüm baglaryny, injir agaçlaryny urdy, ýurtlaryndaky agaçlary çym-pytrak etdi.
34 Ol buýurdy: çekitgeler, san-sajaksyz ganat baglamadyk çekirtgeler hüjüm eýledi.
35 Olar Müsürdäki ösümlikleriň baryny iýdi, topragynyň hasylyny ýuwutdy.
36 Reb öldürdi Müsürdäki nowbaharlary – bar güýç-kuwwatlary bolan ilkinji zürýatlaryny.
37 Soňra Ysraýyllary ol ýerden altyn-kümüşli edip çykardy, olaryň tireleriniň arasynda büdrän bolmady.
38 Olar çykyp gaýdansoňlar Müsür begendi, çünki olar zerarly üstlerine howp-hatar abandy.
39 Reb örtgi hökmünde ýaýdy buludy, gije yşyk bersin diýip – alawy.
40 Dilediler, Ol bedene iberdi, gögüň çöregini bolelin berdi.
41 Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy, ol çölüstanlykda derýa deý akdy.
42 Çünki Öz bendesi Ybraýyma beren mukaddes wadasyny Ol ýada saldy.
43 Ol şatlyk bilen çykardy Öz halkyny, nagma bilen – seçip saýlanlaryny.
44 Olar Hudaýyň parzlaryny saklary ýaly, Onuň kanunlaryny berjaý ederi ýaly, başga milletleriň ýurduny olara berdi.
45 Olar şol halklaryň ekinleriniň hasylyny ordular. Rebbe şan-şöhrat bolsun!




Chapter 106

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Şükür ediň, çünki Ol – ýagşy, Onuň söýgüsi baky.
2 Rebbiň beýik işlerini beýan edip biljek barmyka? Oňa laýyk şan-şöhrat aýdyp biljek barmyka?
3 Adalaty goraýanlar, elmydama dogrulyk edýänler neneňsi bagtly!
4 Ýa Reb, halkyňa merhemet edeniňde, meni ýada sal.
5 Seniň seçip saýlanlaryň abadanlygyny görüp bilerim ýaly, halkyňyň şatlygyna şatlanyp bilerim ýaly, saýlan halkyň bilen bile magtanyp bilerim ýaly, olary halas edeniňde maňa kömek et.
6 Biz hem ata-babalarymyz deý günä işleri etdik, ýazykly bolduk, ýamanlyk etdik.
7 Ata-babalarymyz Müsürde gudratlaryňa düşünmediler, boldan-bol wepaly söýgiňi ýatlamadylar. Gyzyl deňziň ýakasynda baş galdyrdylar.
8 Emma Ol gudratyny bildirmek üçin, Öz adynyň hatyrasyna olary halas eýledi.
9 Ol Gyzyl deňze buýurdy, ol hem gurady, olary çuňlukdan gury ýerden kimin geçirdi.
10 Olary duşman elinden halas eýledi, olary ýagynyň penjesinden gutardy.
11 Suwlar duşmanlarynyň üstüni örtdi, olardan hiç biri aman galmady.
12 Şonda Onuň sözlerine olar uýdular, Oňa şöhrat nagmasyny aýtdylar.
13 Emma olar Onuň işlerini tiz unutdylar, Onuň maslahatyna garaşmadylar.
14 Olar çölde açgözlüge göwün berdiler, çöl-beýewanda Hudaýy synap gördüler.
15 Ol olaryň dileglerini bitirdi, emma üstlerine gyrgyn iberdi.
16 Olar düşelgede Musa, Rebbiň ruhanysy Haruna görip boldular.
17 Ýer ýarylyp Datany ýalmap ýuwutdy, Abyramyň toplanyşygynyň üstüni örtdi.
18 Olaryň toplanyşygynda ot alawlady, erbetleri ýalyn ýandyrdy.
19 Olar Horepde öküziň heýkelini ýasap, guýma buta sežde etdiler.
20 Olar Hudaýyň şan-şöhratyny ot iýýän öküziň şekiline çalyşdy.
21 Olar Hudaýy – Müsürde beýik işleri, Ham ýurdunda gudratlary işleri,
22 Gyzyl deňzinde haýbatly işleri eden Halasgärlerini ýatdan çykardy.
23 Ol olary ýok etmek howpuna saldy, emma Musa, Onuň saýlany, Oňa töwella etdi, Onuň ýandyryjy gazabyn sowdy.
24 Olar gözel ýurdy äsgermediler, Onuň beren sözüne ynanmadylar.
25 Öz çadyrlarynda hüňürdeşdiler, Rebbiň sesini diňlemediler.
26 Şoňa görä, olary çölde ýoklaryn diýip, milletler arasyndan zürýatlaryny ýoklaryn diýip,
27 olary ýer ýüzüne dargatjak diýip, elini galdyryp, Reb kasam etdi.
28 Soňra Bagalpegora bil bagladylar, ölülere bagyş edilen gurbanlary olar iýdiler.
29 Olar edenleri bilen Rebbi gazaplandyrdy, mergi olaryň başyna indi.
30 Şonda Pinehas durup töwella etdi, mergi togtady.
31 Bu oňa dogrulyk hökmünde nesillerboýy baky saýyldy.
32 Olar Meribanyň boýunda Rebbi gazaplandyrdy, Musa olar zerarly oňaýsyz ýagdaýa galdy.
33 Çünki olar onuň ruhuny gaýgylandyrdy, onuň dili oýlanyşyksyz sözleri aýtdy.
34 Olar Rebbiň buýranlaryny berjaý etmediler – olar halklary ýoklamadylar.
35 Gaýtam milletlere garyşyp, olaryň däp-dessuryna eýerdiler.
36 Olaryň butlaryna hyzmat etdiler, butlar hem olara duzak boldular.
37 Olar öz ogullaryny we gyzlaryny galp hudaýlara gurban etdiler.
38 Olar ogullaryny we gyzlaryny Kengan butlaryna gurban etdiler, olaryň bigünä ganyn dökdüler; ýurdy gan bilen haramladylar.
39 Edenleri bilen haram boldular, öz işleri arkaly zyna etdiler.
40 Reb Öz halkyna garşy gazaba mündi, saýlap seçen halkyny Ol ýigrenç saýdy.
41 Olary milletleriň eline berdi, olary ýigrenýärler üstlerinden agalyk sürdi.
42 Duşmanlary olara jebir çekdirdi, olary güýç bilen boýun egdirdi.
43 Ol ençeme gezek olary halas eýledi, emma olar pällerinden ýaňa baş galdyrdylar, öz günäleri zerarly kemsidildiler.
44 Emma Ol dat-perýatlaryny eşiden wagty, olaryň muşakgatlaryna nazar aýlady.
45 Olaryň hatyrasyna Öz ähtini ýadyna saldy, wepaly söýgüsiniň bollugyna görä rehim eýledi.
46 Olary ýesir edenleriň kalbyna olar babatda rehim-şepagat saldy.
47 Eý, Hudaýymyz Reb, bizi halas et! Mukaddes adyňa şükürler eder ýaly, Seniň şöhratyňa buýsanar ýaly, milletleriň arasyndan bizi toplap al.
48 Ysraýyl Hudaýy Rebbe ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun! Ähli halk, goý, «Omyn!» diýsin. Rebbe şan-şöhrat bolsun!




Chapter 107

1 «Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky!» –
2 diýip, Rebbiň azat edenleri, goý, aýtsyn. Ol olary duşman elinden halas eýledi,
3 olary ýat ýurtlardan ýygnap jemledi: gündogardan hem günbatardan demirgazykdan hem günortadan.
4 Olar çöl-beýewanda sergezdan boldy, ilatly şähere eltýän ýoly tapyp bilmedi.
5 Açlygyň, teşneligiň derdinden ýaňa, olarda ysgyn-mydar galmady.
6 Olar görgi içinde Rebbe dat-perýat etdi, Ol hem muşakgatlaryndan halas eýledi.
7 Olar mesgen tutar ýaly şähere baryp ýetýänçä, Ol olary göni ýoldan ýöretdi.
8 Rebbiň wepaly söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.
9 Çünki Ol teşne jany gandyrýar, ajygany näz-nygmatdan doýurýar.
10 Olar garaňkylykda we tümlükde ýaşady, zynjyrlara, jebir-jepa baglandy.
11 Çünki olar Hudaý sözüne tabyn bolmandy, Beýik Hudaýyň öwüdine äsgermezlik edipdi.
12 Reb agyr zähmet arkaly olary boýun egdirdi: ýykyldylar, asla ýardam beren bolmady.
13 Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.
14 Olary garaňkylykdan we tümlükden çykardy, olaryň zynjyrlaryny gyryp taşlady.
15 Rebbiň wepaly söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.
16 Çünki Ol bürünç derwezeleri çym-pytrak etdi, demir söýeleri ikä bölüp taşlady.
17 Öz günäli ýollary we etmişleri zerarly, akylsyzlar jebir-jepalar çekdi.
18 Olar iýmitiň islendigini ýigrendi, ölüm derwezeleriniň agzyna bardy.
19 Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.
20 Ol sözüni iberdi we şypa berdi, olary gabra inmekden halas eýledi.
21 Rebbiň wepaly söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin,
22 şükür gurbanlaryny, goý, hödürlesin, Onuň işlerini şatlyk nagmasynda beýan eýlesin.
23 Deňizdäki gämilerde ýüzýänler, haýbatly suwlarda söwda edýänler
24 Rebbiň işlerini, çuňluklardaky ajaýyp işlerini gördüler:
25 Ol buýurdy-da, tupanly gaý turuzdy, ol hem deňziň tolkunlaryny galkdyrdy.
26 Gämiçiler göge galdy, çuňluga indi, gorkudan ýaňa janlary çykara geldi.
27 Serhoş kimin yranyp entirekledi, akyl-huşlary başyndan uçdy.
28 Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.
29 Ol tupany asudalyga öwürdi, deňiz tolkunlary hem köşeşdi.
30 Şatlandylar, çünki ümsümlik boldy, Ol olaryň islän gämi duralgasyna ýetirdi.
31 Rebbiň wepaly söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.
32 Olar halk jemagatynda Ony beýgeltsin, ýaşulular mejlisinde Ony şöhratlandyrsyn.
33 Reb ýurt ilatynyň erbetlikleri zerarly, derýalary öwürýär çölüstanlyga,
34 suwuň gözbaşlaryny – teşne topraga, bereketli topragy – şorluk ýerlere.
35 Ol çöli öwürýär kak köllerine, gurak topragy – suw gözbaşyna.
36 Ol şol ýerde aç-suwsuzlary ýaşadýar, olar hem ýaşamak üçin şäher gurunýar.
37 Olar meýdanlara ekin ekýär, üzüm baglaryny oturdýar hem-de boldan – bol hasyly alýar.
38 Hudaý berekedi arkaly olar köpelýär, Ol mal-garalaryny hiç azaltmaýar.
39 Emma mätäçler ezýet, muşakgat, hasrat zerarly, azalyp, boýun egdirilende,
40 Ol şazadalaryň üstüne betnamlyk guýýar, olary ýol-ýodasyz çölde sergezdan edýär.
41 Mätäji bolsa görgülerinden dyndyrýar, onuň maşgalasyny süri kimin köpeldýär.
42 Ýüregi dogrular muny görüp şatlanýar, erbetler bolsa agzyny ýumýar.
43 Paýhasy bolan muňa üns bersin, Rebbiň wepaly söýgüsini aňlasyn.




Chapter 108


1 Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmaz meniň ýüregim: men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.
2 Oýan sen, eý, meniň ýüregim. Oýanyň, arfa hem kinor! Men daňy oýararyn nagmalar bilen.
3 Ýa Reb, halklar arasynda Saňa şükür ederin, milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn.
4 Çünki Seniň söýgiň göklere ýetýär, wepalylygyň bulutlara direýär.
5 Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel, tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!
6 Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly, goluň bilen halas et, maňa jogap ber.
7 Wada berdi Hudaý Öz mukaddes öýünden: «Uly şatlyk bilen Men Şekemi bölerin hem-de Sukot deresini ölçärin.
8 Gilgat Meniňki, Manaşe Meniňki, Efraýym – tuwulgam, Ýahuda – patyşalyk hasam.
9 Mowap – ýuwunmak üçin legenim, Edomyň üstüne zyňaryn Men çarygymy. Pilişt topragynda ýeňiş dabarasy bilen gygyraryn Men».
10 Berk gala kim meni elter? Meni Edoma kim alyp gider?
11 Eý, Hudaý, Sen bizi ret etdiň, Eý, Hudaý goşunlarymyz bilen gitjek dälmi Sen?
12 Duşmanlarymyzy ýeňmäge bize kömek et, sebäbi ynsan kömegi biderek zatdyr.
13 Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys, duşmanlarymyzy depelejek Oldur.




Chapter 109

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Dymma, eý, senamyň Hudaýy!
2 Çünki erbetler, hilegärler maňa garşy agzyny açyp, ýalançy dilleri bilen garşyma olar gepleýär.
3 Olar ýigrenç sözleri bilen meni gurşaýar, sebäpsiz ýere meniň bilen uruşýar.
4 Men olar üçin doga-dileg edýärin, olar bolsa söýgime derek meni ýazgarýar.
5 Olar ýagşylygyma ýamanlyk edýär, söýgime derek meni ýigrenýär.
6 Olar şeýle diýýär: «Goý, onuň garşysyna erbet adam çyksyn, garalawjy onuň sagynda dursun.
7 Işine garalanda, aýyply çyksyn, onuň doga-dilegi günä saýylsyn.
8 Onuň günleri sanlyja bolsun, başga onuň ornuny alsyn.
9 Onuň çagalary, goý, ýetim bolsun, aýaly hem dul bolup galsyn.
10 Çagalary entäp, goý, gedaý gezsin, harabalyklaryndan çykarylyp, çörek dilesin.
11 Süýthor onuň bar zadyny garbasyn, agyr zähmetiniň rähnetini keseki görsün.
12 Hiç kim oňa, goý, merhemet etmesin, ýetimlerine hiç kimiň haýpy gelmesin.
13 Goý, onuň nesli kesilsin, geljekgi nesilden onuň ady, goý, öçürilsin.
14 Atalarynyň günäsi elmydama Rebbiň öňünde, goý, ýatlanylsyn, ejesiniň ýazygy öçürilmesin!
15 Goý, günäleri elmydama Rebbiň öňünde bolsun, ýer ýüzünde ýatlanmaz ýaly, goý, Ol ony kesip taşlasyn.
16 Çünki ol merhemet etmegi ýada salmady, gaýtam garyby, mätäji, ýüregi gamlyny öldürjek bolup, olary yzarlap gezdi.
17 Ol gargyşy söýdi; goý, gargyşy öz başyndan insin, ol hiç kime ýagşylygy arzuwlamady, goý, oňa-da hiç kim ýagşlygy arzuw etmesin!
18 Ol gargyşy don edip geýdi: goý, ol suw kimin siňsin onuň tenine, ýag kimin – onuň süýeklerine.
19 Şoňa görä, goý, ol eşik kimin ony dolasyn, günde guşanýan guşagy bolsun.
20 Goý, Rebbe meni ýamanlaýanlaryň, janyma garşy söz aýdýanlaryň aljak almyty şular deý bolsun».
21 Emma Sen, eý, Hökmürowan Reb, meniň bähbidimi ara Öz adyň hatyrasyna Wepaly söýgiňiň ýagşydygy sebäpli, meni halas et.
22 Çünki men garyp we mätäçdirin, ezýet çekýär meniň ýüregim.
23 Agşam kölegesi dek ýitip gidýärin, olar meni çekirtge deý kakýarlar.
24 Agyz beklemeden ýaňa dyzymyň kuwwaty gaçdy, göwräm ýagsyzlykdan ýaňa horlanyp galdy.
25 Meni ýamanlaýanlara boldum bir gülki, meni görenlerinde ýaýkaýar olar başyny.
26 Ýa Reb, Hudaýym, maňa kömek et, Öz wepaly söýgiň hatyrasyna meni halas et.
27 Bilsinler bu işde Seniň eliň bardygyny, ýa Reb, muny Seniň edendigiňi.
28 Goý, olar gargabersin, emma Sen ak pata berersiň! Olar baş galdyrýar, emma masgara bolar, Seniň bendäň bolsa şadyýan bolar.
29 Meni ýazgarýanlar betnamlyga bürensin, goý, olar ryswalygyny don edip geýsin.
30 Men Rebbe agzym bilen köp şükür etjek, uly jemagatda Ony şöhratlandyrjak.
31 Çünki Ol mätäjiň sagynda durýar, ony ölüme höküm edýänleriň elinden halas eýleýär.




Chapter 110

1 Hudaý rebbime şeýle sözledi: «Duşmanlaryňy aýagyňyň astyna serýänçäm, Meniň sagymda otur».
2 Reb Siýondan uzadar şalyk hasaňy, duşmanlaryňa ýöret sen öz hökümiňi.
3 Söweş günüňde gerçekleriň mukaddes şöhrata beslenip, meýletin bolar, ýaşlygyň säher çygy deý dolanyp geler.
4 Reb ant içdi, Ol ondan dänmez: «Mäliksadygyň derejesindäki müdimilik ruhanysyň sen».
5 Taňry seniň tarapdaryňdyr: Ol gazaba münen gününde şalary kül-peýekun eder.
6 Reb milletlere höküm çykarar, olaryň ýurduny läşlerinden doldurar. Ol tutuş ýeriň ýüzünde baştutanlary kül-peýekun eder.
7 Sen bolsa ýoldaky çeşmeden içersiň, şoňa görä, sen başyňy belent tutarsyň.




Chapter 111

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! א Men dogrularyň mejlisinde we jemagatda ב tutuş kalbym bilen Rebbe şükür ederin. ג
2 Beýikdir Rebbiň işleri, ד olary agtarýar bar muşdaklary. ה
3 Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, ו Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi. ז
4 Ol ýatdan çykmajak gudratly işleri etdi, ח Reb merhemetli hem-de rehimli. ט
5 Ol Özünden gorkýanlara berýär rysgaly, י eden ähti ýadyndadyr müdimi. כ
6 Ol halkyna işleriniň gudratyny görkezdi: ל milletleriň mirasyny olara berdi. מ
7 Onuň elleriniň işleri wepaly we adalatly, נ Onuň bar buýruklary ygtybarlydyr. ס
8 Elleriniň işleri berkarar edildi asyrlarboýy, ע wepalylyk we dogrulyk olaryň binýatlary. פ
9 Reb Öz halkyny halas eýledi, צ Öz ähtini baky buýurdy; Onuň ady mukaddes hem-de wehimli. ר
10 Rebden gorkmak – danalyk başy, ש muny amal edýänleriň düşünjeleri dogry. ת Onuň senasy dowam edýär asyrlarboýy.




Chapter 112

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! א Rebden gorkýan, ב buýruklaryndan lezzet alýan neneňsi bagtly! ג
2 Onuň zürýady ýurtda kuwwatly bolar, ד dogrularyň nesli bereket tapar. ה
3 Bolelinlik, baýlyk onuň öýünde bolar, ו dogrulygy dowam eder asyrlarboýy. ז
4 Dogry ynsan üçin hatda garaňkyda nur dogar, ח ol mähriban, dogruçyl we rehimlidir. ט
5 Jomart, karz berýän ynsan gowudyr, י ol işlerini adalatly ýola goýýandyr. כ
6 Çünki dogry ynsan hiç haçan sarsmaz, ל müdimilik ol unudylmaz. מ
7 Ol şum habardan gorkmaz, נ Rebbe bil baglap, ýüregi sarsmaz. ס
8 Onuň ýüregi mäkäm, ע ol asla eýmenmez, iň soňunda duşmanlarynyň ýeňlişin görer. פ
9 Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi, צ onuň dogrulygy dowam eder ebedi, at-abraýy bilen bile artýar kuwwaty. ר
10 Erbet adam muny görüp, gazaba münýär, ש dişini gyjaýar we ruhdan düşýär; ת erbet adamyň göwün islegleri puç bolar.




Chapter 113

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, şöhratlandyryň, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!
2 Şindiden ebedä çenli Rebbiň ady alkyşly bolsun!
3 Günüň dogýan ýerinden batýan ýerine çenli, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!
4 Reb ähli milletlerden belentde, Onuň şan-şöhraty gökler üstünde.
5 Eýsem Hudaýymyz Reb kimin barmy? Ol göklerde oturan bolsa-da,
6 eglip, göge, ýere nazar aýlaýar.
7 Ol garyplary ýerden galdyrýar, mätäçleri kül içinden çykarýar,
8 olary şazadalaryň ýanynda, Öz halkynyň şazadalary bilen oturdýar.
9 Önelgesiz aýalyň öýüni dikýär, ony çagalaryna guwandyryp, bagtyýar edýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun!




Chapter 114

1 Ysraýyl Müsürden çykyp gaýdanda, Ýakup nesli dili başga halkdan gaýdanda,
2 Ýahuda Hudaýyň mukaddes öýüne, Ysraýyl hem Onuň şalygyna öwrüldi.
3 Deňiz görüp, ökje göterdi, Iordan derýasy ters ugra akdy.
4 Daglar bökjekleşdi goçlar ýaly, depeler hem – guzular ýaly.
5 Eý, deňiz, näme üçin gaçdyň? Eý, Iordan derýasy, näme üçin tersine akdyň?
6 Eý, daglar, näme üçin bökjekleşdiňiz siz goçlar ýaly, depeler hem – guzular ýaly?
7 Gaýany suw howzuna öwürýän, çakmak daşy suw gözbaşyna öwürýän Rebbiň öňünde,
8 Ýakup Hudaýynyň öňünde titre, ýer ýüzi!




Chapter 115

1 Bize däl, ýa Reb, bize däl, söýgiň we wepadarlygyň hatyrasyna şan – şöhrat ber Sen Özüňe!
2 «Hany olaryň Hudaýy?» diýip, näme üçin milletler aýtsyn?!
3 Biziň Hudaýymyz göklerde Ol göwnüniň islän zadyny edýär.
4 Milletleriň butlary kümüş, tylladyr, olar ynsan elleriniň işidir.
5 Olaryň agzy bar, ýöne gürlemeýär, gözleri bar, ýöne görmeýär.
6 Gulaklary bar, ýöne eşitmeýär, burunlary hem ys-kok almaýar.
7 Elleri bar, ýöne hiç zat duýmaýar, aýaklary bar, ýöne ýöremeýär, bogazlaryndan ses-üýn çykmaýar.
8 Şolar dek bolar olary ýasanlar, we olara bil baglan ähli ynsanlar.
9 Eý, Ysraýyl, Rebbe bil bagla! Ol seniň kömegiň hem-de galkanyň.
10 Eý, Harunyň nesli, Rebbe bil bagla! Ol seniň kömegiň hem-de galkanyň.
11 Eý, Rebden gorkýan, Oňa bil bagla! Ol seniň kömegiň hem-de galkanyň.
12 Reb bizi ýadyna saldy, Ol bize ak pata berer. Ol Ysraýylyň nesline ak pata berer, Ol Harunyň nesline ak pata berer.
13 Rebden gorkýanlara, uly-kiçä ak pata berer;
14 goý, Reb sizi hem-de zürýatlaryňyzy köpeltsin;
15 goý, gögi-ýeri ýaradan Reb size ak pata bersin.
16 Gökler Rebbiňkidir, ýeri bolsa Reb ynsan ogullaryna berdi.
17 Merhumlar, gabra inýänleriň hiç biri Rebbi şöhratlandyrmaýar.
18 Emma şindiden ebedä çenli, biz Rebbe aýtjak alkyşy. Rebbe şan-şöhrat bolsun!




Chapter 116

1 Rebbi söýýärin, çünki Ol eşitdi sesimi, dat-perýadymy.
2 Ol maňa gulak goýandygy sebäpli, Ony çagyraryn men ömürboýy.
3 Ölüm tanaplary maňa oraldy, ölüler dünýäsiniň sütemleri üstüme indi, meni jebir-jepa, gam-gussa basdy.
4 Men şonda çagyrdym Rebbi: «Ýa Reb, ýalbarýaryn, halas et meniň janymy!»
5 Reb dogry we merhemetli, biziň Hudaýymyz rehimli.
6 Reb goraýar sada ynsany, tapdan düşenimde, Ol meni halas eýledi.
7 Rahatlygyňa öwrül, eý, meniň janym, çünki Reb saňa jomartlyk etdi.
8 Sen ölümden halas etdiň janymy, gözýaşlardan – meniň gözümi, büdremekden – aýaklarymy.
9 Men diriler diýarynda Rebbiň huzurynda gezerin.
10 «Ejirlerim juda köp» diýenimde hem, imandan aýrylmadym men.
11 Howsala düşen wagtymda: «Ähli ynsanlar ýalançy» diýdim.
12 Rebbiň maňa eden ýagşylyklarynyň öwezini nädip dolaýyn?
13 Gutulyş pyýalasyny galdyryp, çagyraryn Rebbiň adyny.
14 Bütin halkynyň öňünde berjaý etjek Rebbe eden kasamlarymy.
15 Rebbiň sadyklarynyň ölümi Onuň üçin neneňsi agyr!
16 Ýa Reb! Men Seniň bendäň, men Seniň bendäň, Seniň gyrnagyň ogly; Sen gyryp taşladyň zynjyrlarymy.
17 Saňa şükür gurbanyny hödür ederin, Rebbiň adyny men çagyraryn.
18 Bütin halkynyň öňünde, Reb öýüniň howlularynda, eý, Iýerusalim, seniň içiňde, berjaý etjek Rebbe eden kasamlarymy.
19 Rebbe şan-şöhrat bolsun!




Chapter 117

1 Rebbe şöhratlandyryň, ähli milletler! Ony beýgeldiň siz, eý, ähli halklar!
2 Çünki Onuň bize bolan söýgüsi uly, Onuň wepadarlygy baky. Rebbe şan-şöhrat bolsun!




Chapter 118

1 Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky!
2 Goý, Ysraýyl diýsin: «Onuň söýgüsi baky».
3 Goý, Harunyň nesli diýsin: «Onuň söýgüsi baky».
4 Goý, Rebden gorkýanlar diýsin: «Onuň söýgüsi baky».
5 Darygan çagymda çagyrdym Rebbi, Reb jogap berdi, göwnüme saldy giňligi.
6 Reb – tarapdarym, gorkmaýaryn men, ynsan maňa näme edip bilsin?
7 Reb kömekçi dek tarapdarymdyr, meni ýigrenýänlere dabaraly seretjekdirin.
8 Ynsana bil baglandan, Rebbi pena edinmek ýagşy.
9 Şalara bil baglandan, Rebbi pena edinmek ýagşy.
10 Ähli milletler gurşap aldy daşymy, Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.
11 Olar gurşap aldy meniň daşymy, çar tarapdan gabady meni, Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.
12 Olar ary kimin meni gurşady, ýöne ýandak ody dek söndi, Rebbiň ady bilen serpikdirdim olary.
13 Ýykylarym ýaly, gaty itildim, emma Reb boldy meniň kömegim.
14 Reb – güýjüm hem-de aýdymym, Ol meniň Halasgärimdir.
15 Dogrularyň çadyrlarynda şatlyk, ýeňiş nagmalary ýaňlanýar: «Rebbiň goly zor işleri görkezýär!
16 Rebbiň goly belende galýar! Rebbiň goly zor işleri görkezýär!»
17 Men ölmerin, aman ýaşaryn hem-de Rebbiň işlerini yglan ederin.
18 Reb meni berk jezalandyrdy, emma ölüme meni bermedi.
19 Açyň maňa dogrulyk derwezelerini, men girip, Rebbe şükür edeýin.
20 Bu – Rebbiň derwezeleri, dogrular ondan girerler.
21 Men Saňa şükür edeýin, çünki jogap berdiň, meni halas eýlediň.
22 Ussalaryň ret eden daşy, binýadyň burç daşy boldy.
23 Muny Reb etdi, bu nazarymyzda täsin saýyldy.
24 Bu – Rebbiň ýaradan güni, geliň onda begeneli we şatlanaly.
25 Ýa Reb, ýalbarýarys, halas et bizi, Ýa Reb, ýalbarýarys, ber üstünligi.
26 Reb adyndan gelýän bolsun alkyşly! Reb öýünden siziň üçin etjek doga-dilegi.
27 Beýik Hudaýdyr, üstümize nur saçan Oldur. Gurbanlyk malyny alyň, ony gurbanlyk sypasynyna daňyň.
28 Sen – meniň Hudaýym, Saňa şükürler etjek, Sen – meniň Hudaýym, men Seni beýgeltjek.
29 Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky!




Chapter 119

1 Kämil ýoldan ýöreýänler, Rebbiň kanunyna görä ýaşaýanlar bagtlydyr!
2 Onuň düzgünlerini saklaýanlar, tutuş kalby bilen Ony agtarýanlar bagtlydyr!
3 Olar nähak işi etmeýär, olar Onuň ýollaryndan ýöreýär.
4 Buýruklaryňy yhlasly berjaý etmegi, Sen emr etdiň.
5 Parzlaryňy berjaý ederim ýaly, hernä üýtgemesedi meniň ýollarym.
6 Şonda tabşyryklaryňa nazar salanymda, men utanmaryn.
7 Adalatly hökümleriňi öwrenen çagym, päk ýürekden Saňa öwgi aýdaryn.
8 Seniň parzlaryňy berjaý ederin, bütinleý terk etmegin meni. ב
9 Ýaş ynsan ýoluny nädip päk saklap biler? Ony Seniň sözüňe görä goramak bilen.
10 Seni agtarýaryn tutuş ýüregim bilen, meni tabşyryklaryňdan azaşdyrma Sen.
11 Saňa garşy günä etmäýin diýip, Seniň wadaňy ýüregimde aýap sakladym.
12 Ýa Reb, Saňa alkyşlar bolsun! Maňa öwret Sen Öz parzlaryňy.
13 Agzyňdan çykan adalatly hökümleriň baryny, men dilim bilen yglan edýärin.
14 Seniň düzgünleriňden lezzet alýaryn, göýä ähli baýlyga eýe bolan ýaly bolýaryn.
15 Buýruklaryň barada men oýlanaryn, Seniň ýollaryňa dykgat bererin.
16 Parzlaryňdan lezzet alaryn, Seniň sözüňi men unutmaryn. ג
17 Ýaşap, sözüňi saklap bilerim ýaly, Sen bendäňe et jomartlygy.
18 Kanunyňyň ajaýyplygyny görerim ýaly, Sen aç meniň gözlerimi.
19 Men bir gelmişek ýeriň ýüzünde, Öz tabşyryklaryňy gizleme menden.
20 Adalatly hökümleriňe bolan küýsegim, elmydama pagyş-para edýär meniň ýüregim.
21 Sen käýeýärsiň tabşyryklaryňdan azaşanlara: tekepbirlere hem-de lagnatlylara.
22 Utanç bilen betnamlygy Sen menden aýyr, çünki düzgünleriňi men saklandyryn.
23 Hökümdarlar oturyp, maňa garşy dil birikdirýär, bendäň bolsa parzlaryň barada oý-pikire batýar.
24 Seniň düzgünleriň – keýpiköklügim, olar meniň – geňeşdarlarym. ד
25 Meniň janym gara ýere ýapyşýar, Öz sözüňe laýyklykda maňa ber ömri.
26 Men beýan edenimde öz ýollarymy, Sen maňa berdiň jogaby; öwret maňa Öz parzlaryňy.
27 Maňa düşündir Öz düzgünleriňiň ýoluny, ajaýyp işleriň barada men oýlanaýyn.
28 Gaýgy-gamdan ýaňa janym basylýar, Öz sözüňe laýyklykda maňa kuwwat ber.
29 Ýalan ýollary menden uzak et, merhemetiň bilen maňa kanunyňy öwret.
30 Wepalylyk ýoluny men saýlap aldym, Seniň adalatly hökümleriňi öňümde goýdum.
31 Ýa Reb, düzgünleriňden mäkäm ýapyşdym, Sen meni utanja goýma.
32 Tabşyryklaryňyň ýolundan ylgaýaryn men, çünki Sen kalbymyň düşünjesini giňeltdiň. ה
33 Ýa Reb, parzlaryňyň ýoluny öwret, men ony ahyra çenli saklaryn.
34 Maňa düşünje ber kanunyňy berjaý ederim ýaly, ony tutuş ýüregim bilen saklarym ýaly.
35 Tabşyryklaryňyň ýolundan Sen meni ýöret, çünki men ondan alýaryn lezzet.
36 Diňe öz bähbidimi aramaz ýaly, Öz düzgünleriňe tarap öwür ýüregimi.
37 Boş hysyrdylardan sow gözlerimi, Öz ýollaryňda maňa ber ýaşaýyşy.
38 Özüňden gorkýanlara berdiň wadany: men–bendäň babatda hem tassykla ony.
39 Menden sow gorkýan masgaralygymy, çünki ýagşydyr Seniň adalatly hökümleriň.
40 Jan-tenden küýseýärin buýruklaryňy, Öz dogrulygyňda maňa ber ýaşaýyşy. ו
41 Ýa Reb, Öz beren wadaňa görä, wepaly söýgiň gelsin, halas et meni.
42 Şonda özümi ýaňsylanlara jaýdar jogap bererin, çünki Seniň sözüňe bil baglaýandyryn.
43 Hakykat sözüni bütinleý alma agzymdan, çünki adalatly hökümleriňe umyt baglaýandyryn.
44 Men dyngysyz, baky, ebedi Seniň kanunyňy berjaý ederin.
45 Men Seniň buýruklaryňy agtardym, şonuň üçin erkanalykda gezerin.
46 Şalaryň öňünde düzgünleriňi aýdaryn, hiç utanmaryn.
47 Seniň tabşyryklaryňdan lezzet alýaryn, çünki olary men söýýändirin.
48 Tabşyryklaryňy söýüp, olara tarap ellerimi gerýärin, parzlaryň barada oýa batýaryn. ז
49 Öz bendäňe beren sözüňi ýatla, ol arkaly umyt berensiň maňa.
50 Ol darygan günümde meniň tesellim, çünki Seniň wadaň maňa ýaşaýyş berýär.
51 Tekepbirler meni köp ýaňsylaýar, şonda-da kanunyňdan ýüz öwürmeýän.
52 Gadymy adalatly hökümleriň barada oýlananymda, ýa Reb, men tapýaryn teselli.
53 Kanunyňy terk edýän erbetleri görenimde, gahar-gazap gurşaýar meni.
54 Gelmişek bolup ýaşan her bir ýerimde, Seniň parzlaryň aýdymym boldy.
55 Ýa Reb, Seni gijesine men ýatlaýaryn, Seniň kanunyňy berjaý edýärin.
56 Men şeýle durmuşy amal edýärin: buýruklaryňy berjaý edýärin. ח
57 Reb – meniň paýym Seniň sözüňi saklamagy men wada etdim.
58 Tutuş kalbym bilen Saňa ýalbarýaryn: «Öz wadaňa görä, maňa merhemet eýle».
59 Öz ýollarym barada oýlananymda, gadamymy düzgünleriňe tarap öwürdim.
60 Tabşyryklaryňy berjaý etmeklik üçin alňasap, olary gijikdirmedim.
61 Erbetleriň tanaplary maňa duzak bolsa-da, Seniň kanunyňy men unutmadym.
62 Seniň hökümleriň adalatlydygy üçin, ýary gije turup, Saňa öwgi aýdýaryn.
63 Senden gorkýanlaryň baryna, buýruklaryňy berjaý edýänleriň baryna hemra bolýaryn.
64 Ýa Reb, ýeriň ýüzi wepaly söýgiňden doly, maňa öwret Öz parzlaryňy. ט 65 Ýa Reb, wadaňa görä, Öz bendäňe etdiň Sen ýagşylygy.
66 Maňa öwret paýhas bilen bilimi, çünki tabşyryklaryňa men iman etdim.
67 Ejir çekmezden öň men azaşypdym, emma indi Seniň sözüňi berjaý edýärin.
68 Sen ýagşysyň, edýärsiň ýagşylyklary, maňa öwret Öz parzlaryňy.
69 Tekepbirler maňa myjabat atýar, men bolsa tutuş kalbym bilen buýruklaryňy berjaý edýärin.
70 Olaryň ýürekleri daşa öwrüldi, hiç zat duýmaýar, men bolsa kanunyňdan lezzet alýaryn.
71 Seniň parzlaryňy öwrenmek üçin, ejir çekenim maňa ýagşylyk boldy.
72 Seniň agzyňyň sözlän kanuny maňa müňlerçe altyn-kümüşden gowy. י 73 Seniň elleriň meni ýaradyp, maňa durk berdi, tabşyryklaryňy öwrenerim ýaly ber düşünjäni.
74 Senden gorkýanlar meni görüp şatlanar, çünki Seniň sözüňe umyt bagladym.
75 Ýa Reb, bilýärin: adyldyr Seniň hökümleriň, wepalylygyň sebäpli maňa ejir çekdirdiň.
76 Öz bendäňe beren wadaňa görä, wepaly söýgiň maňa teselli bolsun.
77 Rehim et, goý, men ýaşaýyn çünki kanunyň – keýpiköklügim.
78 Tekepbirler, goý, utanja galsyn, çünki olar nähak ýere şyltak atdylar, men bolsa buýruklaryň barada oýa bataryn.
79 Senden gorkýanlar düzgünleriňi bileri ýaly, goý, olar maňa öwrülsin.
80 Utanja galmazym ýaly, kalbym parzlaryňda, goý, kämil bolsun. כ 81 Halas edişiňe intizar bolup, janym örtenýär, men Seniň sözüňe umyt baglaýan.
82 Seniň wadaňa intizar meniň gözlerim, «Haçan teselli berersiň?» diýip soraýan.
83 Tüsseden zaýalanan meşik deý boldum, emma Seniň parzlaryňy men unutmadym.
84 Seniň bendäň garaşmaly haçana çenli? Aňtaýjylaryma haçan çykarjak Sen hökümiňi?
85 Tekepbirler maňa çukur gazdylar, olar Seniň kanunyňa görä ýaşamaýarlar.
86 Seniň tabşyryklaryňyň bary ygtybarlydyr, maňa kömek et, olar nähak ýere azar berýärler.
87 Olar meni tas ýok edipdi ýeriň ýüzünden, şonda-da buýruklaryňy men terk etmedim.
88 Agzyňyň düzgünlerini saklap bilerim ýaly, Öz wepaly söýgiňde maňa ber ýaşaýyşy. ל 89 Ýa Reb, Seniň sözüň göklerde baky berkarar boldy.
90 Wepalylygyň dowam edýär nesillerboýy, Sen dünýäni gurduň, ol hem mäkäm dur.
91 Ähli zat şu güne çenli belleýşiň dek dur, çünki olar Saňa gulluk edýärler.
92 Eger kanunyň keýpiköklügim bolmadyk bolsa, ýok bolup giderdim gaýgy-gamymda.
93 Asla unutmaryn buýruklaryňy, çünki olar arkaly berdiň maňa ýaşaýşy.
94 Men Seniňki, meni halas et, çünki buýruklaryňa berdim men dykgat.
95 Erbetler meni ýok etjek bolup, bukuda ýatýar, men bolsa düzgünleriň barada pikire batýan.
96 Gördüm ähli kämillikleriň çäklidigini, emma Seniň tabşyryklaryň çendenaşa giň. מ 97 Seniň kanunyňy juda söýýärin! Ol uzakly gün meniň oýlanmalarym.
98 Seniň tabşyrygyň meni duşmandan paýhasly edýär, çünki ol elmydama meniň aňymda.
99 Ähli halypalarymdan paýhasly boldum, çünki Seniň düzgünleriň – oýlanmalarym.
100 Ýaşululardan-da köp aňlaýandyryn, çünki buýruklaryňy berjaý edýärin.
101 Seniň sözüňi saklamak üçin, ähli ýaman ýoldan men gaça durdum.
102 Seniň hökümleriňden ýüz öwürmedim, çünki maňa Sen tälim berdiň.
103 Seniň wadaň maňa nähili süýji! Ol agzyma baldan-da süýji!
104 Buýruklaryň arkaly boldum paýhasly, şonuň üçin ýigrenýärin her ýalan ýoly. נ
105 Seniň sözüň – çyra aýaklaryma, ol – ýagtylyk meniň ýodama.
106 Adalatly hökümleriňi berjaý ederin diýip, men kasam etdim we berjaý etdim.
107 Men jebir-jepalar çekdim; Ýa Reb, Öz wadaňa görä ber ýaşaýyşy.
108 Ýa Reb, gurbanlyk hökmünde kabul et alkyşlarymy hem-de öwret maňa adalatly hökümleriňi.
109 Janym dyngysyz howp astynda bolsa-da, Seniň kanunyňy unutmaýaryn.
110 Erbetler maňa duzak gursa-da, Seniň buýruklaryňdan azaşmaýaryn.
111 Seniň düzgünleriň – baky mirasym, çünki olar meniň ýürek şatlygym.
112 Seniň parzlaryňy berjaý etmegi ýüregime düwdüm baky, ahyra çenli. ס
113 Ikiýüzlüleri men ýigrenýärin, Seniň kanunyňy bolsa söýýärin.
114 Sen meniň gizlenýän ýerim hem-de galkanym, men Seniň sözüňe umyt baglaýaryn.
115 Eý, betkärler, menden aýrylyň, men Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edeýin.
116 Wadaňa görä meni söýgetle, goý, men ýaşaýyn, öz umydymdan hiç utanmaýyn.
117 Maňa daýanç bol, halas bolaýyn, parzlaryňa elmydama dykgat bereýin.
118 Parzlaryňdan azaşanlary Sen ret edýärsiň, çünki olaryň hilesi puçdur.
119 Çöp-çör kimin taşlaýarsyň ýer ýüzündäki ähli erbetleri, şoňa üçin men söýýärin düzgünleriňi.
120 Seniň wehimiňden titreýär tenim, men gorkýaryn hökümleriňden. ע
121 Adalatly we hak işleri etdim, meni sütemkärlerimiň eline berme.
122 Kepillendir Öz bendäňiň abadanlygyny, tekepbirler ezmesin meni.
123 Halas edişiňe, dogry wadaňyň berjaý bolmagyna meniň gözlerim intizar galdy.
124 Bendäňe wepaly söýgiňde gara, parzlaryňy öwret Sen maňa.
125 Men Seniň bendäň, paýhas ber maňa, akyl ýetireýin düzgünleriňe.
126 Indi Rebbiň hereket etmeli wagty, çünki ynsanlar bozdular Seniň kanunyňy.
127 Men welin altyndan, sap altyndan-da köp söýýärin Seniň tabşyryklaryňy.
128 Dogry saýýaryn ähli buýruklaryňy, ýigrenýärin her ýalan ýoly. פ
129 Ajaýypdyr Seniň düzgünleriň, şonuň üçin olary berjaý edýärin.
130 Sözleriňiň beýany ýagtylyk berýär, sada ynsanlara düşünje berýär.
131 Tabşyryklaryňa bolan küýsegden ýaňa, agzymy açamda-da, howa ýetmeýär maňa.
132 Adyňy söýýänlere edişiň ýaly, nazar salyp, maňa merhemet eýle.
133 Öz wadaňa görä mäkäm et ädimlerimi, hiç bir ýamanlyk üstümden höküm sürmesin.
134 Ynsan süteminden azat et meni, men Seniň buýruklaryňy berjaý edeýin.
135 Bendäňiň üstüne saç ýüzüň nuruny, maňa öwret Öz parzlaryňy.
136 Gözlerimiň ýaşy sil deýin akýar, çünki ynsanlar berjaý etmeýär Seniň kanunyňy. צ
137 Ýa Reb, Sen – dogry, Seniň hökümleriň hem adalatly.
138 Seniň buýran düzgünleriň adyl hem-de juda wepaly.
139 Yhlasym meni ýakyp-ýandyrýar, çünki duşmanlarym unudýar Seniň sözüňi.
140 Seniň wadaň örän ygtybarlydyr, Seniň bendäň ony söýýändir.
141 Äsgerilmän, kemsidilsem-de, unutmaýaryn buýruklaryňy.
142 Seniň dogrulygyň – baky dogrulyk, Seniň kanunyň hem hak.
143 Muşakgat we külpet üstüme indi, şonda-da tabşyryklaryňdan lezzet alýaryn.
144 Seniň düzgünleriň dogry asyrlarboýy, maňa paýhas ber, goý, men ýaşaýyn. ק
145 Tutuş ýüregim bilen perýat edýärin, Ýa Reb, maňa jogap ber, men parzlaryňy berjaý edeýin.
146 Seni çagyrýaryn, meni halas et, düzgünleriňi berjaý edeýin.
147 Gün dogmanka turup, perýat edýärin, Seniň sözüňe umyt baglaýaryn.
148 Seniň wadaň barada oýlanmak üçin, gözlerim uzakly gijäni oýa geçirdi.
149 Öz wepaly söýgiňe görä eşit sesimi, ýa Reb, adalatyňa görä maňa ber ýaşaýyşy.
150 Meni ýaman niýet bilen yzarlaýanlar ýakyna geldi, olar Seniň kanunyňdan uzakdadyrlar.
151 Emma Sen ýakynsyň, ýa Reb. Seniň tabşyryklaryň ählisi hakdyr.
152 Bilýärdim ozaldan bäri: Seniň düzgünleriň baky berkarar. ר
153 Jebir-jepamy gör-de, halas et meni, çünki unutmaýan men kanunyňy.
154 Hakymy alyp ber, azat et meni, wadaňa görä maňa ber Sen ýaşaýyşy.
155 Halas bolardan uzakdyr erbetler, çünki olar agtarmaýar Seniň parzlaryňy.
156 Ýa Reb, ägirt Seniň rehimiň, maňa adalatly hökümleriňe görä ber ýaşaýyşy.
157 Meni aňtaýanlar hem-de duşmanlarym köp, emma şonda-da düzgünleriňden çykýan däldirin.
158 Ýigrenç bilen garaýaryn men dönüklere, olar buýruklaryňy berjaý etmeýär.
159 Gör, nähili söýýärin buýruklaryňy! Wepaly söýgiňe görä ber ýaşaýyşy.
160 Ýa Reb, hakykatdyr Seniň sözleriň! Adalatly hökümleriňiň bary asyrlarboýy. ש
161 Şazadalar meni nähak ýere aňtaýar, emma ýüregim Seniň sözüňden gorkýar.
162 Uly hazyna edinen kimin, Seniň wadaňa begenýärin men.
163 Ýalany ýigrenip, nejis saýýaryn, men Seniň kanunyňy söýýärin.
164 Seniň adalatly hökümleriň üçin, günde ýedi gezek Seni şöhratlandyrýaryn.
165 Uly abadanlyk bar kanunyňy söýýänler üçin, olar asla büdremez.
166 Ýa Reb, halas edişiňe umyt baglaýaryn, tabşyryklaryňy berjaý edýärin.
167 Kalbym berjaý edýär düzgünleriňi, men olary juda söýýärin.
168 Berjaý edýärin buýruklaryňy, düzgünleriňi, çünki meniň ähli ýollarym mälimdir Saňa. ת
169 Ýa Reb, perýadym, goý, Saňa ýetsin, Öz wadaňa görä maňa düşünje ber.
170 Ýalbaryşym, goý, Saňa ýetsin, Öz wadaňa görä meni halas et.
171 Dilim öwgüler saçar, çünki maňa parzlaryňy öwretdiň;
172 dilim Seniň wadaňy nagma ediner, çünki tabşyryklaryňyň ählisi dogry.
173 Seniň eliň maňa, goý, ýardam bersin, çünki tabşyryklaryňa tabyn bolmagy men karar etdim.
174 Ýa Reb, halas edişiňi küýseýärin men, Seniň kanunyňdan lezzet alýaryn.
175 Goý, köňlüm ýaşasyn, Seni şöhratlandyrsyn, Seniň adalatly hökümleriň maňa, goý, kömek bersin.
176 Ýiten goýun kimin azaşdym, gözle bendäňi, çünki tabşyryklaryňy unutmaýaryn.




Chapter 120

1 Muşakgatly wagtym çagyrdym Rebbi, Ol hem maňa berdi jogaby.
2 Ýa Reb, ýalançy agyzdan, hileli dilden halas et meni.
3 Eý, hileli dil, saňa gör-bak näme ediler! Onuň üstesine näme goşular?
4 Edermeniň ýiti oklary, ojaryň ýandyryjy közleri!
5 Dat-bidat meniň halyma! Çünki Meşekde sergezdan boldum, Kedar çadyrlarynda mesgen tutmaly boldum;
6 dawa-jenjel agtarýan halkyň içinde, uzak wagtlap mesgen tutmaly boldum.
7 Parahatlygyň tarapdary men, emma agzymy açan badyma, olar eýýäm uruş-jenjele taýýar.




Chapter 121

1 Gözlerimi daga aýlaýan maňa ýardam nireden geler?
2 Ýardam geler ýeri, gögi ýaradan Rebden.
3 Ol seniň aýagyňy taýdyrmaz, seni goraýan Hudaý irkilmez.
4 Seret, Ysraýyly goraýan Hudaý ne uklar, ne-de irkiler.
5 Reb seniň Arkadagyňdyr, Reb sagyňdaky kölegäňiňdir.
6 Günortan çagy Gün seni urmaz, gijesine Aý zeper ýetirmez.
7 Reb seni bela-beterden gorar, Ol seniň janyňy gorar.
8 Şindiden asyrlarboýy, Reb gorar girişiňi hem çykyşyňy.




Chapter 122

1 Maňa «Rebbiň öýüne gideli» diýenlerinde begendim.
2 Eý, Iýerusalim! derwezeleriňden ätledi gadamlarymyz!
3 Iýerusalim bitewi bir şäher dek bina edilen.
4 Ysraýyla berlen kanuna görä, tireler, Reb tireleri ol ýere Rebbe şükürler etmäge gidýär.
5 Ol ýerde kazylyk tagty – Dawut öýüniň tagty bina edilen.
6 «Seni söýýänler aman ýaşasyn! Diwarlaryňyň içinde parahatçylyk bolsun, gala diňlerinde howpsuzlyk bolsun!» diýip,
7 Iýerusalimiň parahatlygy üçin doga-dilegler ediň.
8 Doganlarym bilen ýakynlarymyň hatyrasyna, «Sende rahatlyk bolsun!» diýýärin.
9 Hudaýymyň Rebbiň öýüniň hatyrasyna seniň amanlygyň üçin doga edýärin.




Chapter 123

1 Eý, göklerdäki tagtda Oturan, gözlerimi Saňa bakan galdyrýaryn.
2 Gullaryň öz eýeleriniň eline bakyşy kimin, gyrnaklaryň öz bikeleriniň eline bakyşy kimin, Reb bize merhemet edýänçä, biziň gözlerimiz Oňa dikilgi.
3 Bize merhemet et, ýa Reb, bize merhemet et, kemsidilmeden halys bolduk biz.
4 Bikärleriň ýaňsylaryndan, tekepbirleriň kemsitmesinden, halys boldy biziň janymyz.




Chapter 124

1 «Eger Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, näme bolardy? – eý, Ysraýyl, jogap ber şuňa! –
2 Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, adamlar bize garşy aýaga galanlarynda,
3 bize garşy gaharlary ýanyp lowlanda, olar bizi diri ýalmap-ýuwdardy,
4 siller bizi syryp-süplärdi, suw akymy bizi girdabyna dolardy,
5 haýbatly suwlar üstümizden aşardy.
6 Bizi olaryň agzyna aw etmedik Rebbe alkyşlar bolsun!
7 Awçynyň duzagyndan guş kimin gaçyp gutuldyk: duzak gyryldy, biz hem gutuldyk.
8 Ýeri, gögi ýaradan Reb kömegimizdir».




Chapter 125

1 Rebbe bil baglaýanlar Siýon dagy deý: ol sarsmaz, ol durar asyrlarboýy.
2 Daglaryň Iýerusalimi gurşaýşy ýaly, Reb gurşaýar Öz halkynyň daşyny şindiden asyrlarboýy.
3 Dogrularyň ýurdunda erbetler höküm sürmezler baky, ýogsa dogrularyň hem ýamanlyk etmegi mümkin.
4 Ýa Reb, Sen ýalka, ýagşylary we päk ýüreklileri.
5 Emma Reb özleriniň egri ýollaryna sowlanlary, betkärler bilen bile jezalandyrar; goý, Ysraýylda rahatlyk bolsun!




Chapter 126

1 Reb Siýonyň abadanlygyny dikelden wagty, bu bize bir düýş kimin göründi.
2 Şonda gülküden doludy biziň agzymyz, şatlyk şowhunyndan – biziň dilimiz. Şonda milletler arasynda şeýle diýildi: «Reb olara beýik işleri etdi».
3 Reb bize beýik işleri etdi, şoňa görä, biz şatlykdan doly.
4 Ýagşyň çöli gülzarlyga öwrüşi kimin, ýa Reb, gaýtar bize öňki abadanlygy.
5 Gözýaş bilen ekin ekenler, heşelle kakyp, hasyl orarlar.
6 Tohumly çuwallary aglap göterip barýan, desselerini göterip, şatlyk bilen dolanar.




Chapter 127

1 Eger öýi Reb bina etmese, ony bina edýänleriň azaby puçdur. Eger şäheri Reb goramasa, garawulyň oýa durmagy puçdur.
2 Eklenmek üçin der dökmegiňiz, ir turup, giç ýatmagyňyz puçdur. Hawa, Ol söýýänine hatda ýatyrka-da rysgal berýändir.
3 Çagalar – Rebden bolan mirasdyr, ýatgynyň miwesi – Ondan sylagdyr!
4 Ýaşlyk çagynyň ogullary edermeniň elindäki peýkamlar ýaly:
5 sagdagyny olardan dolduran bagtly! Ol derwezede duşmany bilen gürleşen wagty utandyrylmaz.




Chapter 128

1 Rebden gorkýan, Onuň ýollaryndan ýöreýän nähili bagtly!
2 Sen öz el zähmetiňiň miwesini iýersiň, ýalkanarsyň, ýagşylyk seniňki bolar.
3 Aýalyň miweli üzüm agajy deý bolar seniň öýüňde ogullaryň zeýtun nahallary deý – saçagyňyň başynda
4 Rebden gorkýan, ine, şeýle ýalkanar!
5 Reb saňa Siýondan ak pata berer! ömürboýy Iýerusalimiň rowaçlygyny görersiň.
6 Sen ogullaryňyň ogullaryny görersiň. Goý, Ysraýylda rahatlyk bolsun!




Chapter 129

1 «Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler – – diýip, indi Ysraýyl aýtsyn. –
2 Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler. Ýöne menden üstün çykmadylar.
3 Sürümçiler meniň arkamy sürdüler, olar uzyn keşlerini çekdiler».
4 Emma wepaly Reb erbetleriň tanaplaryny gyryp taşlady.
5 Siýony ýigrenýänleriň ählisi goý, utanyp, yzyna dönsün.
6 Goý, olar üçekde gögerip, güllemänkä solýan ot kimin bolsun.
7 Ondan orakçy gysymyny doldurmaz, desse bogýan gujagyny doldurmaz.
8 «Çäjiňe bereket! Ömrüňe bereket!» diýip, ötegçi aýtmaz.




Chapter 130

1 Ýa Reb, çuňluklardan çagyrýan Seni.
2 Eý, Taňry, eşit sesimi, dat-perýatlarymyň sesini gulagyň diňlesin ünsli.
3 Ýa Reb, günäleri hasaba alsaň, ýa Taňry, huzuryňda kim durup biler?
4 Emma Senden gorkarlar ýaly, Sende bardyr geçirimlilik.
5 Men Rebbe intizar, janym intizar, men Onuň sözüne umyt baglaýan.
6 Garawullar daňyň atmagyna intizar, hawa, garawullar daňyň atmagyna intizar, meniň janym şondan hem köp Taňra intizar.
7 Eý, Ysraýyl, Rebbe bagla öz umydyňy: Reb wepaly söýgüsini görkezýär, Ol hemişe halas etmäge taýýar.
8 Ysraýyly ähli günälerinden Ol halas eder.




Chapter 131

1 Ýa Reb, meniň ýüregimde tekepbirlik ýok, gözlerim hem ulumsylyk bilen garanok, Düşünip bilmeýän juda beýik işlere men ulaşamok.
2 Tersine, süýtden aýrylan çagany enäniň köşeşdirişi deý, janyma basalyk berdim we köşeşdirdim,.
3 Eý, Ysraýyl, Rebbe bagla öz umydyňy, şindiden asyrlarboýy!




Chapter 132

1 Ýa Reb, ýatla Dawudy hem-de onuň çeken jepalaryny,
2 onuň Rebbe wada berşini, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna äht edişini:
3 [3–5] «Reb üçin bir ýer, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna mesgen tapýançam, öýüme girmerin, düşegime geçip ýatmaryn, gözlerime uky bermerin, gabaklarymy ymyzgandyrmaryn».
6 Ine, Efratda Äht sandygy barada eşitdik, Ýegarym topragynda biz ony tapdyk.
7 Ýörüň, Onuň mesgenine gideliň, Onuň aýagyna ýykylyp, sežde edeliň.
8 Galk, ýa Reb, gir Sen dynçlyk mekanyňa Öz güýjüňiň nyşany äht sandygy bilen.
9 Ruhanylaryň dogrulyk lybasyna beslensin, sadyklaryň, goý, şatlanyp, nagmalar aýtsyn.
10 Bendäň Dawudyň hatyrasyna, Öz seçip saýlanyňdan Sen ýüz öwürme.
11 Reb Dawut bilen ygtybarly äht baglaşdy, Ol eden ähtinden dänmez: «Seniň zürýatlaryňdan birini oturdaryn seniň tagtyňda.
12 Eger zürýatlaryň berjaý etse ähtimi hem-de olara öwreden düzgünlerimi, olaryň zürýatlary hem seniň tagtyňda oturarlar ebedi».
13 Çünki Reb Siýony seçip saýlady, ony Özüne mesgen etmek isledi:
14 «Bu Meniň baky dynçlyk mekanym, ony küýsedim: şu ýerde mesgen tutaryn.
15 Men onuň azygyny bolelin bereketlärin, onuň mätäçlerini nandan doýraryn.
16 Ruhanylaryny gutulyş lybasyna beslärin, onuň sadyklary şatlanyp, nagmalar aýdar.
17 Men ol ýerde Dawudyň kuwwatyny ösdürjek, Öz saýlanymyň şamçyragyna elmydama nur berjek.
18 Onuň duşmanlaryny ryswalyga bürärin, emma onuň depesindäki täç ýalkymyn saçar».




Chapter 133

1 Doganlaryň bile ýaşamaklary gör, nähili gowy hem-de ýakymly!
2 Bu başa guýulýan mukaddes ýag ýalydyr, sakgala, Harunyň sakgalyna, onuň geýiminiň ýakasyna syrygýan mukaddes ýag ýalydyr!
3 Ol Siýon daglaryna düşýän Hermonyň boldan-bol çygy kimindir. Çünki Reb ol ýerde ýalkynyş, baky ýaşaýyş bolsun diýip, tabşyryk berdi.




Chapter 134

1 Eý, Rebbe ähli hyzmat edýänler – gijesine Reb öýünde durýanlar, Rebbi alkyşlaň!
2 Mukaddes ýere tarap elleriňizi galdyryp, Rebbi alkyşlaň.
3 Ýeri-gögi ýaradan Reb, goý, size Siýondan ak pata bersin.




Chapter 135

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, Rebbiň adyny şöhratlandyryň!
2 Eý, Rebbiň öýünde, Hudaýymyzyň öýüniň howlusynda hyzmat edýänler, Rebbi şöhratlandyryň!
3 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Çünki Reb ýagşy. Onuň adyna nagmalar aýdyň, çünki bu örän lezzetli.
4 Çünki Reb Özi üçin Ýakup neslini, Öz genji hökmünde Ysraýyly seçip saýlady.
5 Men bilýärin Rebbiň beýikdigini, Taňrymyzyň ähli taňrylardan üstündigini.
6 Göklerde, ýeriň ýüzünde, deňizlerde, bar çuňluklarda Reb Öz göwnüniň islän zadyny edýär.
7 Ol ýeriň uçlaryndan bulutlary turuzýar, ýagyş üçin ýyldyrymlar çakdyrýar, Öz ammarlaryndan ýeli çykarýar.
8 Ol Müsürde ynsanlaryň we haýwanlaryň ilkinji doglanlaryny öldürdi.
9 Eý, Müsür, Ol seniň içiňe – fyrownyň, ähli hyzmatkärleriniň üstüne alamatlary, mugjyzalary ýollady.
10 Ol köp milletleri gyrdy, güýçli patyşalary öldürdi:
11 amorlaryň patyşasy Sihony, başanlaryň patyşasy Ogy we ähli Kengan şalyklaryny.
12 Olaryň topragyny miras hökmünde, saýlama mülk hökmünde Öz ysraýyl halkyna berdi.
13 Ýa Reb, Seniň adyň ebedi, ýa Reb, Sen ýatlanarsyň asyrlarboýy.
14 Reb Öz halkyny hakly çykarar, Öz bendelerine rehim-şepagat eder.
15 Milletleriň butlary kümüş-tylladyr, olar ynsan elleriniň işidir.
16 Olaryň agzy bar, ýöne gürlänok, gözleri bar, ýöne görenok.
17 Gulaklary bar, ýöne eşidenok, agyzlarynda hiç bir dem hem ýok.
18 Şolar dek bolar butlary ýasanlar, olara bil baglan ähli ynsanlar.
19 Eý, Ysraýyl nesli, Rebbi alkyşlaň, eý, Harun nesli, Rebbi alkyşlaň.
20 Eý, Lewi nesli, Rebbi alkyşlaň, eý, Rebden gorkýanlar, Rebbi alkyşlaň.
21 Iýerusalimde mesgen tutan Rebbe Siýondan alkyşlar bolsun! Rebbe şan-şöhrat bolsun!




Chapter 136

1 Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky.
2 Hudaýlar Hudaýyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky.
3 Taňrylar Taňrysyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky.
4 Beýik gudratlary edýän diňe Oldur, Onuň söýgüsi baky.
5 Gökleri paýhas bilen ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
6 Ýeri suwlaryň üstüne ýazan hem Oldur, Onuň söýgüsi baky.
7 Uly yşyklary ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
8 Gündiz höküm sürer ýaly Güni ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky,
9 gije höküm sürer ýaly Aýy, ýyldyzlary ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
10 Müsüriň nowbaharlaryny öldüren Oldur, Onuň söýgüsi baky.
11 [11-12]Güýçli eli, uzadan goly bilen, Onuň söýgüsi baky, ysraýyllary Müsürden çykaran Oldur, Onuň söýgüsi baky.
13 Gyzyl deňzi ikä bölen Oldur, Onuň söýgüsi baky.
14 Ysraýyllary onuň ortasyndan geçiren Oldur, Onuň söýgüsi baky.
15 Fyrowny, goşunyny Gyzyl deňzinde derbi-dagyn eden-de Oldur, Onuň söýgüsi baky.
16 Öz halkyna çölde ýol görkezen Oldur, Onuň söýgüsi baky.
17 Beýik patyşalary öldürýän Oldur, Onuň söýgüsi baky.
18 Kuwwatly patyşalary ýok edýän Oldur, Onuň söýgüsi baky.
19 Amorlaryň patyşasy Sihonyň, Onuň söýgüsi baky.
20 Başanyň patyşasy Oguň, Onuň söýgüsi baky.
21 Olaryň topragyny miras hökmünde beren Oldur, Onuň söýgüsi baky.
22 Olaryň topragyny miras hökmünde Ysraýyla – Rebbe hyzmat edýän halka beren-de Oldur, Onuň söýgüsi baky.
23 Pes günümizde bizi ýatlan Oldur, Onuň söýgüsi baky.
24 Duşmanlarymyzdan bizi halas eden Oldur, Onuň söýgüsi baky.
25 Ähli janly-jandara iýmit berýän Oldur, Onuň söýgüsi baky.
26 Gökleriň Hudaýyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky.




Chapter 137

1 Babyl suwlarynyň boýunda oturyp, Siýony ýatlan wagtymyz gözýaş döküpdik.
2 Şol ýerdäki derek agaçlaryndan öz kinorlarymyzy asyp goýupdyk.
3 Bizi ýesir alanlar şol ýerde nagma talap etdiler, bize ezýet berenler şadyýanlygy talap etdiler. «Bize Siýon nagmalaryndan birini aýdyň» diýdiler.
4 «Ýat toprakda neneň edip Rebbiň nagmasyny aýdaly?!»
5 Eý, Iýerusalim, eger seni unutsam, goý, elim hünärini unutsyn.
6 Eger seni ýada salmasam, Iýerusalim şatlygymyň seresidir diýmesem, goý, dilim damagyma ýapyşsyn!
7 Ýa Reb, Iýerusalimiň ýykylan güni: «Ony ýumruň, ony ýumruň düýbüne çenli!» diýen edomlary Sen ýadyňa sal!
8 Eý, Babyl gyzy, eý, weýran bolmuş, seniň bize edenleriňi gaýtarjak nähili bagtly!
9 Seniň balalaryňy daşa urjak nähili bagtly!




Chapter 138

1 Ýa Reb, tüýs ýürekden Saňa şükür ederin, ylahy barlyklar öňünde Saňa nagma aýdaryn.
2 Mukaddes ybadathanaňyň öňünde sežde ederin, Saňa söýgiň, wepadarlygyň üçin şükür ederin. Çünki Sen Öz adyňy hem-de sözüňi ähli zatdan beýgeltdiň.
3 Çagyran günümde Sen jogap berdiň, janymy güýç bilen kuwwatlandyrdyň.
4 Ýa Reb, Saňa şükür edýärler ýer ýüzüniň ähli şalary, çünki eşitdiler agzyňdan çykan sözleri.
5 Olar Rebbiň ýollary barada nagma aýdarlar, çünki Rebbiň şöhraty beýik.
6 Reb beýik bolsa hem, pespällere nazaryn salýar, emma tekepbirleri uzak ýerden saýgarýar.
7 Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär.
8 Reb meniň arymy alar; ýa Reb, Seniň söýgiň ebedi galar, Öz elleriňiň işini Sen terk eýleme.




Chapter 139

1 Ýa Reb, meni synaýarsyň we tanaýarsyň!
2 Oturyp-turşumy Özüň bilýärsiň, pikirlerimi uzaklardan aňýarsyň.
3 Ýöreýşimi, ýatyşymy yzarlaýarsyň, meniň ähli ýollarymy Sen tanaýarsyň.
4 Heniz agzymdan bir söz çykmanka, ýa Reb, Sen ony eýýäm doly bilýärsiň.
5 Yzymdan, öňümden Sen gurşaýarsyň, Sen üstüme Öz eliňi goýýarsyň.
6 Muny bilmek meniň üçin juda ajaýyp, ol belent, men ony aňyp bilemok.
7 Seniň Ruhuňdan nirä gideýin?! Seniň huzuryňdan nirä gaçaýyn?!
8 Göklere galsam, ol ýerde Sen bar! Ölüler dünýäsine insem, ol ýerde Sen bar!
9 Säheriň ganatlaryna münüp, deňziň iň uzak ýerinde çadyr gurunsam,
10 hatda ol ýerde-de eliň ýol görkezer maňa. Seniň goluň meni söýgetlär.
11 Diýsem: «Goý, tümlük meni büresin, meni gurşan ýagtylyk gijä öwrülsin».
12 Seniň üçin tümlük garaňky däldir! Gije hem gündiz ýaly ýagtydyr, Seniň bilen tümlük-de ýagtylyk deýdir.
13 Sen meniň içgoşlarymy ýaratdyň, enem göwresindekäm Sen şekil berdiň.
14 Men Saňa öwgi aýdýaryn, çünki meni ajaýyp, täsin ýaratdyň. Ajaýypdyr Seniň işleriň, muny juda oňat bilýändir kalbym.
15 Pynhanlykda ýaradylan mahalym, ýeriň çuňluklarynda emele gelen mahalym, Senden gizlin däldi meniň süňklerim.
16 Heniz şekilsizkäm meni gözleriň gördi, maňa bellenilen günleriň hiç biri heniz gelmänkä, olaryň her biri Seniň kitabyňda eýýäm ýazylgy.
17 Eý, Hudaý, pikirleriň maňa nähili eziz! Olaryň san-sajagy ýok!
18 Eger sanaýyn diýsem, olaryň sany çägeden-de köp, olary sanap bilsedim, Sen dek ýaşardym uzak.
19 Eý, Hudaý, ýok etsediň Sen erbet adamlary! Eý, ganhorlar, aýrylyň menden!
20 Olar Sen barada betpällik bilen gürleýär, duşmanlaryň adyňy ýerliksiz ýere agzaýar.
21 Ýa Reb, Seni ýigrenýänleri men ýigrenýärin, Saňa garşy baş galdyrýanlary nejis saýýaryn.
22 Olary bütinleý men ýigrenýärin, men olary öz duşmanym saýýaryn.
23 Eý, Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil! meni syna-da, pikirlerimi bil!
24 Gör, men erbet ýoldan barýan bolmaýyn, ebedilik ýoluna meni ugrukdyr.




Chapter 140


1 Ýa Reb, ýamanlardan meni halas et, zalym adamlardan meni penala.
2 Olar betniýetleri ýüregine düwýär, olar dyngysyz uruş turuzýar.
3 Olar ýylan ýaly dillerini ýiteldýär, agyzlarynda ýylan zäheri bar.
4 Ýa Reb, meni erbediň elinden sakla hem-de zalym adamdan gora. Olar aýagyma badak atmak isleýär.
5 Tekepbirler maňa gizlin duzak goýdular, torlarynyň ýüplerini ýazyp goýdular, ýoluň gyrasynda meniň üçin gapan gurdular. Sela
6 Rebbe diýdim: «Meniň Hudaýym Sensiň, ýa Reb, dady-perýadymyň sesini eşit.
7 Eý, Hökmürowan Reb, güýçli Halasgärimsiň söweş güni başymy Sen gorandyrsyň.
8 Ýa Reb, erbet adamy myradyna ýetirme, onuň betniýetleri berjaý bolmasyn, ol beýgelmesin!» Sela
9 Meni gabanlaryň agzyndan çykan gargyşlar, goý, olaryň öz başlaryndan insin.
10 Olaryň üstüne köýdüriji közler dökülsin, goý, olar oda, çuň gorpa düşsün, goý, olar asla çykyp bilmesin.
11 Töhmetçiler ýurtda, goý, ornaşmasyn, betbagtlyk zalym adamy, goý, aw edinsin.
12 Bilýärin: Reb ezilenleriň işine garar, mätäçlere adalatly karar çykarar.
13 Dogrular Seniň adyňa şükür ederler, dogry ynsanlar huzuryňda mesgen tutarlar.




Chapter 141

1 Ýa Reb, Seni çagyrýaryn, tiz dadyma ýetiş dat-perýadymyň sesini eşit!
2 Huzuryňda dogam saýylsyn hoşboý tüsse deý, ellerimi galdyryşym – agşam gurbanlygy deý.
3 Ýa Reb, garawul goý meniň agzyma, meniň dilimi gora.
4 Ýüregim ýamanlyga ýykgyn bolmasyn, günä edýän adamlar bilen erbet işleri etmäýin, olaryň näz-nygmatlaryndan asla datmaýyn.
5 Goý, dogry ynsan meni ursun, bu ýagşylykdyr, goý, maňa ol käýesin, bu başyma ýakymly ýag kimindir, meniň başym ony, goý, ret etmesin. Dogrudan-da, erbetleriň işlerine garşy dileg edýärin.
6 Olaryň baştutanlary gaýadan aşak zyňlanda, meniň sözlerimi eşider, çünki olar ýakymly.
7 Biriniň ýer sürende topragy agdarşy ýaly, biziň-de süňklerimiz ölüler dünýäsiniň agzynda çaşar.
8 Meniň gözlerim Saňa dikilgi, ýa Hökmürowan Reb! Seni pena edinýärin, meni goragsyz goýma!
9 Meni gora olaryň duzaklaryndan hem-de betkärleriň – gapanlaryndan.
10 Goý, erbetler öz torlaryna düşsün, men bolsa sag-aman geçip gideýin.




Chapter 142

1 Men gaty ses bilen Rebbe perýat edýärin, gaty ses bilen Rebbe men ýalbarýaryn.
2 Onuň öňüne arz-halymy dökýärin, Onuň öňünde gaýgylarymy beýan edýärin.
3 Ruhum tapdan düşen mahaly, Sen bilýänsiň meniň ýolumy! Ýöreýän ýodamda maňa duzak gurdular.
4 Sagyma bak-da, gör: hiç kim maňa hormat goýmaýar, maňa indi gaçalga-da ýok, hiç kim janymyň gaýgysyny etmeýär.
5 Ýa Reb, Saňa perýat edýärin, diýýärin: «Sen – meniň penam, diriler diýarynda – meniň nesibäm».
6 Meniň perýadyma dykgat ber, çünki gaty peselendirin. Aňtaýanlardan meni halas et, çünki olar menden güýçlüdir!
7 Zyndandan azat et meni, adyňa şükür edeýin! Ýa Reb! Maňa jomartlyk edeniň üçin, dogrular meni gurşarlar.




Chapter 143

1 Ýa Reb, dogamy eşit, dady-perýadyma gulak goý; Öz wepalylygyňda we dogrulygyňda, maňa jogap ber!
2 Öz bendäň bilen dawa girişme, çünki dirileriň hiç biri Seniň öňüňde aýypsyz çykmaz.
3 Duşmanlar aňtaýar meniň janymy, ýer bilen ýegsan etdiler ýaşaýyşymy, gadymyýetde ölenler kimin, olar tümlükde oturtdy meni.
4 Şoňa görä, ruhum sustlandy, meniň ýüregim sarsdy.
5 Gadymky günleri ýada salýaryn, Seniň ähli edenleriň barada oýa batýaryn, Seniň elleriňiň işi barada pikir edýärin.
6 Saňa tarap ellerimi gerýärin. Janym gurak toprak deý Saňa teşnedir. Sela
7 Ýa Reb, maňa tizräk jogap beräý-dä! Meniň ruhum ysgyndan düşýär! Gabra inýänlere meňzemez ýaly, menden gizleme Sen Öz ýüzüňi.
8 Ertirlerine maňa duýdur wepaly söýgüňi, çünki Saňa baglaýan bili. Maňa bildir ýöremeli ýolumy, çünki men Saňa intizardyryn.
9 Ýa Reb, duşmanlarymdan halas et meni, men Seni pena edinýändirin!
10 Maňa Öz yradaňy berjaý etmegi öwret, çünki meniň Hudaýym Sensiň! Seniň ýagşy Ruhuň düz ýoldan meni äkitsin!
11 Ýa Reb, Öz adyň hatyrasyna, gora Sen ýaşaýyşymy! Öz dogrulygyňyň hatyrasyna, muşakgatdan halas eýle janymy!
12 Öz wepaly söýgiňiň hatyrasyna, meniň duşmanlarymy heläk edersiň; janyma ezýet berýänleriň baryny weýran edersiň, çünki men Seniň bendäňdirin.




Chapter 144

1 Meniň ellerime uruşmagy, barmaklaryma söweşmegi öwredýän gaýam Rebbe alkyşlar bolsun!
2 Ol meniň wepaly söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.
3 Ýa Reb, ynsan kimmişin, Sen onuň aladasyny ederiň ýaly? Ynsan ogly kimmişin, Sen onuň pikirini ederiň ýaly?
4 Ynsan bir dem kimindir, onuň ömri geçip barýan kölege deýdir.
5 Ýa Reb, Öz gökleriňi ýar we aşaga in, daglara el degir, goý, tütesinler!
6 Ýyldyrymlar çakdyr, pytrat olary, peýkamlaryňy ýagdyr, dargat olary!
7 Beýiklikden uzat eliňi, haýbatly suwlardan, kesekilerden azat et, halas et meni.
8 Olaryň agzy ýalan sözleýär, olar ýalan kasam üçin sag elini galdyrýar.
9 Eý, Hudaý, Saňa täze nagma aýdaryn, on kirişli arfada Saňa mukam çalaryn.
10 Sensiň şalara ýeňişler berýän, bendäň Dawudy zalym gylyçdan azat eýleýän.
11 Meni azat et, kesekileriň elinden halas et meni. Olaryň agzy ýalan sözleýär, ýalan kasam üçin olar sag elini galdyrýar.
12 Ogullarymyz ýaş çagynda, ösümlik deý pajarlap össün. Gyzlarymyz köşgüň haşamlanan sütünleri deý bolsun.
13 Ammarlarymyz dürli azyk-owkatlardan, goý, dolup-daşsyn. Goýunlarymyz örülerde müňlerçe, on müňlerçe bolup örňesin.
14 Sygyrlarymyzyň höwri köp bolsun, duşman gala diwaryny, goý, böwüsmesin; olar bizi ýesirlige almasyn, köçelerimizde ahy-nalyş bolmasyn!
15 Şeýle ýalkanan halk nähili bagtly! Hudaýy Reb bolan halk nähili bagtly!




Chapter 145

1 Eý, Hudaýym, meniň Patyşam! Men Seni beýgelderin, Seniň adyňa ebedi we baky alkyş aýdaryn.
2 Saňa her gün alkyş aýdaryn, adyňy ebedi we baky şöhratlandyraryn.
3 Reb beýik, Ol çensiz öwgä mynasyp, Onuň beýikligi ynsan akylyna sygmaz.
4 Seniň işleriň nesilerboýy taryp ediler, Seniň gudratly işleriň hem yglan ediler.
5 Seniň belentligiňiň şanly şöwketi, ajaýyp işleriň barada men oýlanaryn.
6 Olar haýbatly işleriň gudratyndan gürrüň bererler, men hem Seniň beýikdigiňi yglan ederin.
7 Seniň bolelin ýagşylygyň dabarasyny beýan ederler, Seniň dogrulygyň barada nagma aýdarlar.
8 Reb merhemetli hem rehimli, giň göwünli, wepaly söýgä baýdyr.
9 Reb hemmeler üçin ýagşydyr, Ol ähli ýaradanlaryna merhemet edýär.
10 Ýa Reb, ähli işleriň Saňa şükür ederler, ähli sadyklaryň Saňa alkyş aýdarlar.
11 Seniň şalygyňyň şanly şöwketini, gudratly işleriňi ynsanlara bildirmek üçin,
12 olar Seniň şalygyňyň şöhratyny aýdarlar, Seniň gudratyňdan gürrüň bererler.
13 Seniň şalygyň – müdimi şalyk, hökümdarlygyň – nesillerboýy. Reb ähli sözlerinde wepadar, Ol ähli işlerinde rehimdar.
14 Reb söýgetleýär ähli ýykylanlary, Ol dikeldýär ähli bükülenleri.
15 Hemmäniň gözleri Saňa umyt bilen garaýar, Sen öz wagtynda olaryň ryskyny berýärsiň.
16 Sen eliňi açýarsyň, ähli jandarlara islän zadyny berýärsiň.
17 Reb ähli ýollarynda dogrudyr, Ol ähli işlerinde rehim-şepagatlydyr.
18 Reb Özüni çagyrýanlaryň hemmesine, Özüni çyndan çagyrýanlaryň hemmesine ýakyndyr.
19 Ol Özünden gorkýanlary myradyna ýetirýär, olaryň nalyşyny eşidýär we halas edýär.
20 Reb Özüni söýýänleriň ählisini goraýar, emma erbetleriň baryny Ol heläk eder.
21 Meniň agzym Rebbe öwgüler aýdar, janly-jandarlaryň bary asyrlarboýy mukaddes adyna alkyşlar aýdar!




Chapter 146

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebbi şöhratlandyr, eý, meniň janym!
2 Men ömürboýy Rebbi şöhratlandyraryn, demim barka Hudaýyma nagma aýdaryn.
3 Şazadalara, ynsan ogluna hiç bil baglamaň, çünki olar halas etmeýär.
4 Olaryň jany çykyp, topraga gaýdyp baranda, şol günüň özünde niýetleri puç bolýar.
5 Neneň bagtly Ýakubyň Hudaýyna daýanýan, onuň Hudaýy Rebbe umyt baglaýan!
6 Ýeri gögi, deňzi, onuň içindäkileri ýaradan Oldur, wepalylygy ebedi saklaýan Oldur.
7 Ol ezilenleriň hakyny alyp berýändir, açlara nan berýän Oldur, Reb ýesirleri boşadýar.
8 Reb körleriň gözüni açýar, Reb bükülenleri dikeldýär, Reb dogry ynsanlary söýýär.
9 Reb gelmişekleri gözden salmaýar, dul hatynlary, ýetimleri goldaýar, emma erbetleriň ýoluny weýran edýändir.
10 Reb höküm sürer ebedi, eý, Siýon, seniň Hudaýyň – nesillerboýy. Rebbe şan-şöhrat bolsun!




Chapter 147

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Çünki Hudaýymyzy nagma bilen öwmek ýagşydyr, lezzetlidir, Ol öwgülere laýykdyr.
2 Reb Iýerusalimi bina eýleýär, Ysraýylyň pytranlaryny jemleýär.
3 Göwni synyklara Ol şypa berýär, olaryň ýaralaryny daňýar.
4 Ýyldyzlaryň sanyny Ol hasaplaýar, olaryň ählisini Ol atlandyrýar.
5 Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür, paýhasynyň hiç çägi ýokdur.
6 Reb pespälleri galdyrýar, Ol erbetleri ýere pylçaýar.
7 Rebbe şükür nagmalaryny aýdyň, Hudaýymyza kinorda mukamlar çalyň!
8 Ol gökleri bulutlara büreýär, toprak üçin ýagyşlary taýynlap goýýar, baýyrlarda gök otlary gögerdýär.
9 Ol haýwanlara, jüýgüldeşýän garga çagalaryna olaryň ryskyny berýär.
10 Ol ne bedewiň güýjünden wagtyhoş bolýar, ne-de urşujynyň aýagyndan keýpi çag bolýar.
11 Reb Özünden gorkýanlardan, Onuň wepaly söýgüsine umyt baglaýanlardan, keýpi çag bolýar.
12 Eý, Iýerusalim, Rebbe öwgi aýt! Eý, Siýon, Hudaýyňa şan-şöhrat bolsun!
13 Çünki Ol derwezeleriňiň kiltlerini berkidýär, galadaky çagalaryňa ak pata berýär.
14 Çäkleriňde parahatlygy berkarar edýär, saýlama bugdaýdan seni doýurýar.
15 Ol buýruklaryny ýere gönderýär, Onuň sözi tizlik bilen ýaýraýar.
16 Gar ýagdyryp, ýeri ak ýorgana büreýär, kül kimin gyrawy Ol sepeleýär.
17 Buzlaryny parçalap, ýere taşlaýar, Rebbiň aýazyna döz geljek barmy?
18 Ol buýurýar, buzlar ereýär, ýel ösdürip, suwlar akdyrýar.
19 Ol Ýakup halkyna yglan edýär sözüni, Ysraýyla – parzlaryny we hökümlerini.
20 Reb başga hiç millete şeýle etmeýär, olar Onuň adalatly hökümlerini bilmeýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun!




Chapter 148

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Göklerden Rebbi şöhratlandyryň, belentliklerde Ony şöhratlandyryň!
2 Eý, ähli perişdeleri, Ony şöhratlandyryň! Eý, ähli gögüň goşunlary, Ony şöhratlandyryň!
3 Eý, Gün we Aý, Ony şöhratlandyryň! Eý, ähli nurly ýyldyzlar, Ony şöhratlandyryň!
4 Eý, gökleriň gökleri, eý, gökleriň üstündäki suwlar, Ony şöhratlandyryň!
5 Goý, olar Rebbi şöhratlandyrsyn! Çünki Ol buýurdy, olar emele geldi.
6 Reb olary baky, müdimi berkarar etdi, hiç üýtgemejek bir parzy berdi.
7 Eý, zeminde ýaşaýanlar, Rebbi şöhratlandyryň: eý, deňiz läheňleri, çuňluklaryň ählisi,
8 eý, ot we doly, gar we duman, Onuň sözüni berjaý edýän tupan ýelleri,
9 eý, daglar we baýyrlaryň ählisi, miweli agaçlar, kedr daragtlaryň ählisi,
10 eý, haýwanlar we ähli mal-gara süýrenijiler we guşlar,
11 eý, ýer ýüzüniň şalary, ähli halky, şazadalar, dünýäniň ähli hökümdarlary,
12 eý, ýaş gyzlar hem-de ýigitler, ýaşulular hem-de çagalar.
13 Goý, olar Rebbiň adyny şöhratlandyrsyn, çünki diňe Onuň ady beýgeldilendir, Onuň şan-şöhraty ýerden-gökden belentdir.
14 Ol Öz halkynyň kuwwatyny artdyrdy, şoňa görä, eý, Onuň ähli sadyklary, Oňa ýakyn bolan ysraýyl halky, Rebbe şan-şöhrat bolsun!




Chapter 149

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebbe täze nagma aýdyň, sadyklar jemagatynda Oňa öwgüler aýdyň!
2 Ysraýyl Ýaradanyna şatlansyn! Siýon perzentleri Şasyna, goý, begensin!
3 Olar tans edip, Ony şöhratlandyrsyn, deprekde, kinorda Oňa mukamlar çalsyn!
4 Çünki Reb Öz halkyndan göwnühoş bolýar, Ol pespälleri gutulyşa besleýär.
5 Sadyklar aklanyp, goý, beýgelsinler, düşeklerinde şatlanyp, nagma aýtsynlar.
6 Dillerinde Hudaýa öwgüler bolsun, ellerinde ikiýüzli gylyçlar bolsun.
7 Olar milletlerden, goý, öç alsynlar, halklara jeza bersinler.
8 Patyşalaryny zynjyrlasynlar, asylzadalaryna gandal ursunlar.
9 Olar babatda ýazylan hökümi berjaý etsinler! Munuň özi sadyklaryň bary üçin hormatdyr. Rebbe şan-şöhrat bolsun!




Chapter 150

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Ony mukaddes öýünde şöhratlandyryň, Ony kuwwatly göklerinde şöhratlandyryň!
2 Ony gudratly işleri üçin şöhratlandyryň, Onuň ajaýyp belentligine laýyk şöhratlandyryň!
3 Ony surnaýlaryň sesi bilen şöhratlandyryň, arfada we kinorda şöhratlandyryň!
4 Deprek kakyp, tans edip, şöhratlandyryň, kirişli gural, tüýdük çalyp, şöhratlandyryň!
5 Ony owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň, Ony belent owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň!
6 Burnunda dirilik nepesi bolanlaryň bary Rebbi şöhratlandyrsyn! Rebbe şan-şöhrat bolsun!