Süleýmanyň pähimleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Chapter 1

1 Ysraýyl patyşasy, Dawut ogly Süleýmanyň pähimleri:
2 Bu pähimler danalygy we öwüt-nesihaty bilmek, paýhasly sözleriň manysyna düşünmek üçindir.
3 Parasatly hem-de dogruçyl bolmak, adyllyk we deňlik, öwüt-nesihaty özleşdirmek,
4 Sadalara paýhas, ýaşlara bilim we akyl bermek üçindir.
5 Bu pähimlere hem tymsallara, atalar sözlerine we matallaryna düşünmeklik üçin: Akyldarlar bulary eşidip, bilimini has-da artdyrsyn, düşbi adamlar sagdyn maslahat alsyn.
7 Bilimiň başlangyjy – Rebden gorkmakdyr; diňe akmaklar danalygy hem öwüt-nesihaty har edýärler.
8 Diňle, oglum, ataňyň nesihatlaryny, eneňiň öwütlerinden ýüz öwürme.
9 Ol seniň başyňa ajaýyp täç, boýnuňa monjuk bolar.
10 Eý, oglum, seni günäkärler azdyrjak bolsa ylalaşma.
11 Eger olar: «Biziň bilen ýör. Gan dökmek üçin bukuda garaşaly. Sebäpsiz ýere bigünäni öldüreli.
12 Olary ölüler dünýäsi ýaly diriligine, gabra inenler deý tutuşlaýyn ýuwdalyň.
13 Her hili baýlyk taparys, öýümizi oljadan doldurarys.
14 Ählimiz üçin horjun bir bolsun; aramyzda şärikligimiz deň bolsun» diýseler,
15 eý, oglum, olar bilen bir ýoldan ýöreme, olaryň ýol-ýodasyna gadam urma.
16 Çünki olar şere kowalaşýarlar, gan dökmäge howlugýarlar.
17 Guşuň gözüniň öňünde oňa tor gurmak puçdur. Ýöne bukuda garaşýanlaryň öz gany döküler, bukuda otyrkalar, olaryň aljak jany öz jany bolar.
19 Olaryň takdyry şeýle bolar, zuluma gyzygyp toplan baýlygy öz janyny alar.
20 Danalyk köçede gaty seslenýär, bazar ýerlerinde jar çekýär.
21 Jemendeli ýerlerde gygyrýar; şäher derwezesiniň agzynda sözleýär:
22 «Eý, nadanlar, haçana çenli nadanlygy söýjeksiňiz? Masgaralaýjylar haçana çenli öz masgaralamagyndan keýp aljakkalar? Akmaklar haçana çenli bilimi ýigrenjekkäler?
23 Meniň käýinjime üns berseňiz, ruhumy üstüňize dökerin. Men sözümi size bildirerin.
24 Men sizi çagyrdym, meni ret etdiňiz; elimi uzatdym, hiç kim oňa üns bermedi.
25 Gaýtam ähli maslahatymy ret etdiňiz, meniň käýinjimi duýmak islemediňiz.
26 Men-parasat betbagtlygyňyza gülýändirin; sizi gorky basanda ýaňsylaryn.
27 Sizi gorky gaý kimin basanda, betbagtlyk harasat bolup inende, muşakgat hem gaýgy başyňyza düşende,
28 şonda meni çagyrarsyňyz. Ýöne men jogap bermerin. Meni ir ertirden agtararsyňyz, emma tapmarsyňyz.
29 Çünki olar bilimi ýigrendiler, Rebden gorkmagy makul bilmediler.
30 Meniň maslahatymy kabul etmediler, ähli käýinjimi ýigrendiler.
31 Munuň üçin olar tutan ýollarynyň miwesini iýerler, öz pällerinden taparlar.
32 Çünki nadanlar ýoldan çykyp ölerler, akmaklary geleňsizlik heläk eder.
33 Meni diňlänler parahat mekan tutarlar, ýamanlykdan gorkman aman bolarlar». ‎




Chapter 2

1 Oglum, meniň sözümi kabul edip, buýrugymy kalbyňda saklasaň,
2 danalyga gulak asyp, düşünjä ýüregiňi berseň,
3 hawa, paýhasy çagyrsaň, düşünjä ýalbarsaň,
4 ony kümüş ýaly gözleseň, hazyna dek agtarsaň,
5 şonda Rebden gorkmaklyga akyl ýetirip, Hudaýy tanamagy başararsyň.
6 Çünki danalyk berýän Rebdir, bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr.
7 Ol dogruçyllara ýardam berýär, sadyklykda gezýänlere galkan bolýar.
8 Ol adalat ýollaryny goraýar, Özüne sadyklaryň ýoluny goraýar.
9 Şonda dogruçyllyga we adalata akyl ýetirersiň, adyllyga we ýagşy ýola düşünersiň.
10 Çünki danalyk seniň ýüregiňe girer, bilim kalbyňa hoş ýakar.
11 Akyllylyk seni gorar, düşünje saňa sereder.
12 Danalyk seni ýaman ýoldan, ýaramaz gepleýänlerden halas eder.
13 Olar dogry ýoly taşlap, garaňkylyk ýolundan ýöreýärler.
14 Ýaman iş edip şatlanýarlar, ýamanyň ýaramazlygyna guwanýarlar.
15 Olaryň ýollary egridir, ýodalary öwrümli.
16 Hudaý bilen ähtini unudandan, başdaşyndan aýrylyşan aýaldan, dili süýji keseki zenandan danalyk seni halas eder.
18 Çünki onuň öýi ölüme eltýär, ýollary zeminiň teýine barýar.
19 Onuň ýanyna giren yzyna dolanyp bilmez, gaýdyp ýaşaýyş ýoluna ýetmez.
20 Şonuň üçin ýagşy iş edýäniň ýolundan ýöre, dogruçyllaryň ýoluny tut.
21 Çünki ýurtda dogruçyllar mekan tutarlar, sadyklar şol ýerde galarlar.
22 Ýöne ýaramazlyk edýänler ir ölerler, haýynlar köki bilen gyrlarlar. ‎




Chapter 3

1 Oglum, unutma öwredenlerimi, buýruklarymy kalbyňda sakla.
2 Çünki olar ömrüň ýyllaryny uzaldar, abadanlygyňy köpelder.
3 Wepaly söýgiňi terk etme. Bagla olary boýnuňa. Ýüregiň gatyna ýazyp goý.
4 Şonda sen Hudaýyň hem adamlaryň nazarynda merhemet we abraý taparsyň.
5 Öz düşünjäňe daýanma, bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla.
6 Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular.
7 Özüňi akylly saýma; Rebden gork, ýamandan çekil.
8 Şonda seniň janyňa sagdynlyk, bedeniňe şypa berler.
9 Rebbi bütin baýlygyň hem ilkinji hasylyň bilen hormatla.
10 Şonda seniň ammaryň dolup-daşar, çelekleriň täze şerapdan joşar.
11 Rebbiň terbiýesini terk etme, oglum. Onuň käýinjine gysynma.
12 Çünki atanyň eý görýän ogluna temmi berşi ýaly, Reb hem söýenini terbiýeleýändir.
13 Danalyk tapan, düşünje gazanan adam bagtlydyr.
14 Çünki onuň girdejisi kümüşden, peýdasy altyndan artykdyr.
15 Danalyk jöwherden gymmat, hiç bir arzyly zat oňa taý gelmez.
16 Uzak ömür onuň sag elinde, baýlyk hem şöhrat sol elinde.
17 Onuň ýollary ýakymly ýoldur, barça ýodalary hem salamatlykdyr.
18 Ýapyşanlar üçin ol durmuş daragtydyr. Ony gaýym tutanlar bagtlydyr.
19 Reb danalyk bilen jahany bina etdi; düşünje bilen gökleri ýerleşdirdi.
20 Onuň biliminden çuňluklar böwsüldi, bulutlar çygyny pürkdi.
21 Oglum, danalygy, akyllylygy gorap sakla, gözüňden salma.
22 Şeýle etseň, olar janyňa ýaşaýyş, boýnuňa bezeg bolar.
23 Onsoň aman-esen gezersiň, büdremersiň.
24 Otursaň arkaýyn bolarsyň, ýatsaň süýji uka gidersiň.
25 Duýdansyz gelýän howpdan, ýaramazlaryň başyna inen weýrançylykdan gorkma.
26 Çünki Reb seniň ähtibaryň bolar, aýagyňy duzaga düşmekden saklar.
27 Eliňden gelýärkä, mätäçlerden ýardamyňy aýama.
28 Eliňde barka, ýakynyňa: «Git, soň gel, ertir bererin» diýme.
29 Saňa ynanyp, arkaýyn ýaşaýan ýakynyňa garşy ýaman niýet etme.
30 Ýamanlyk etmedik adam bilen nähak jedelleşme.
31 Zalyma gözüň gitmesin, onuň ýollaryny saýlama.
32 Reb azgyn adamlary ýigrenýär, Ol dogruçyllara ýakyn bolýar.
33 Reb ýaramazlaryň öýüni näletleýär, dogruçyllaryň ýurduny bolsa ýalkaýar.
34 Reb ýaňsylaýjylary ýaňsylaýandyr, kiçigöwünli adamlara rehim edýändir.
35 Akyllylar şöhrata eýe bolarlar, akmaklar bolsa uýada galarlar. ‎




Chapter 4

1 Ogullarym, diňläň ataňyzyň öwüt-terbiýelerini, düşünje almak üçin gulak asyň.
2 Çünki size gowy bilim berýärin, meniň öwüdimden ýüz öwürmäň.
3 Menem atamyň perzendi boldum, enemiň eý görýän ýalňyzydym.
4 Atam maňa şeýle öwretdi: «Sözlerimi ýüregiňe bagla. Buýruklarymy berjaý et, şonda ýaşarsyň.
5 Danalyk al, paýhasa eýe bol. Aýdanlarymy unutma, sözümden çykma.
6 Danalykdan aýrylma, ol seni gorar; söý ony, saňa gözegçilik eder.
7 Danalygyň başy şudur – oňa eýe bol. Bir zat satyn alsaň – paýhas al.
8 Oňa hormat goý, ol seni göge göterer; ony bagryňa bas, ol seni şöhratlandyrar.
9 Başyňa güllerden boglan ajaýyp täç geýdirer; öwüşginli täji serpaý eder».
10 Diňle, oglum, aýdanlarymy kabul et, uzalar ömrüň.
11 Saňa danalyk ýollaryny öwretdim, dogrulyk ýodalaryndan ýöretdim.
12 Ýöräniňde aýagyňa päsgelçilik bolmaz; ylganyňda büdremersiň.
13 Terbiýä berk ýapyş. Ony goýberme, ony gora. Çünki ol seniň ýaşaýşyňdyr.
14 Ýaramazyň ýodasyna gadam basma, ýöreme ýamanlaryň ýolundan.
15 Daş dur şol ýoldan. Ondan gitme. Ondan sowlup geç.
16 Çünki ýamanlyk etmeseler uklap bilmeýärler; birini büdretmese, gözi bürülmez.
17 Olar ýaramazlyk nanyny iýýärler, zalymlyk şerabyny içýärler.
18 Ýöne dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy ýalydyr, gün dogýança, gitdigiçe ýagtylýandyr.
19 Ýaramazlaryň ýoly tüm-garaňkylyk ýalydyr, olar nämä büdrändigini bilmeýärler.
20 Oglum, sözlerime üns ber, aýdýanlaryma gulak as.
21 Olary gözüňden salma, ýüregiň töründe sakla.
22 Çünki olary tapana ýaşaýyş, tenlerine şypa berler.
23 Bar güýjüň bilen ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy ýürekden gaýdýar.
24 Agzyňdan egriligi, diliňden hilegärligi aýyr.
25 Gözleriň dogry öňe seretsin, nazaryň göni öňe dikilsin.
26 Aýak basjak ýodaňy dogrula, şonda ähli ýollaryň berk bolar.
27 Saga-sola sowulma, ýamanlykdan daş dur.
28




Chapter 5

1 Oglum, akyllylygy gorar ýaly, dodagyň bilimi gorar ýaly, meniň danalygyma üns ber; düşünjäme gulak as.
3 Çünki bozuk aýalyň dodagyndan bal damýandyr, sözleri ýagdan ýumşakdyr.
4 Emma soňunda ýowşan ýaly ajydyr, ikiýüzli gylyç ýaly ýitidir.
5 Onuň aýaklary ölüme, ädimleri ölüler dünýäsine tarapdyr.
6 Ol ýaşaýşa barýan ýol barada oýlanmaýar; Ugry bulaşyk, özi muny bilmeýär.
7 Şonuň üçin, ogullarym, meni diňläň, agzymyň sözlerinden çykmaň.
8 Ol aýaldan gaça duruň, onuň bosagasyna ýakynlaşmaň.
9 Ýogsa abraýdan düşersiň, zalyma bergidar bolarsyň.
10 Çeken azabyň hözirini başgalar görer, gazanjyň özgäniň öýüne gider.
11 Ah çekip nalarsyň ömrüň soňunda, teniň hem bedeniň guranda.
12 Diýersiň şonda: «Men näme üçin terbiýäni ýigrendim, ýüregim-de käýinji ret etdi?
13 Mugallymlarymy diňlemedim, öwredýänlere gulak asmadym.
14 Jemlenen jemagatyň öňünde, tas masgara bolupdym».
15 Suwy diňe öz guýyňdan, öz çeşmäň akaba suwundan iç.
16 Çeşmeleriň köçelere, bulaklaryň meýdançalara ýaýrasynmy?
17 Olary özge bilen paýlaşma, olar diňe özüňki bolsun.
18 Bulagyň suwlary ak pataly bolsun, ýaşlykda öýleneniňe guwan.
19 Ol bir söýgüli sugun, näzik maral ýalydyr, onuň göwüsleri seni gandyrsyn. Mydama keýpli joş.
20 Oglum, seni näme üçin başga aýal joşdurmaly? Näme üçin zynahor aýaly bagryňa basjak?
21 Ynsanyň ýollary Rebbiň gözüniň alnyndadyr, olaryň ähli ýodalaryny synlaýandyr.
22 Ýaramazlar öz etmişinde tutulyp, günälerine baglanýarlar.
23 Olar terbiýesizlikden ölerler, aşa akmaklygyndan azaşarlar. ‎




Chapter 6

1 Oglum, karz aljaga kepil geçip, oňa derek el beren bolsaň,
2 Öz diliňden duzaga düşensiň, öz sözleriň bilen tutulansyň.
3 Ondan halas bolmak üçin şeýle etmeli, oglum. Ýakynyň penjesine düşeniňe görä, bar-da, onuň öňünde özüňi kiçelt. Ýalbar.
4 Gözüňe uky berme, gabagyňy ýumma.
5 Awçydan gaçan jeren kimin, Guşbazyň elinden sypan guş kimin özüňi gutar.
6 Eý, ýalta, garynjanyň ýanyna bar; olaryň işleýşine seret-de, akyl al!
7 Olaryň ne baştutany, ne gözegçisi, ne-de hökümdary bar.
8 Tomusda öz iýmitini toplaýarlar, orakda öz azygyny ýygnaýarlar.
9 Eý, ýalta kişi, sen haçana çenli ýatjak? Ukudan haçan oýanjak?
10 Birazajyk uklamak, biraz irkilmek üçin, gyşaryp gol gowşuranyňda, garyplyk garakçy ýaly, mätäçlik ýaragly adam mysaly başyňdan iner.
12 Deýýus bilen ýamanyň ýalan ýaşaýar agzynda.
13 Ol gözlerini gypýar, aýaklary bilen yşarat edýär, barmagy bilen ümleýär.
14 Ýüreginde mekir niýet bar, mydama dawa-jenjel turuzýar.
15 Şonuň üçin oňa betbagtçylyk duýdansyz iner; pagyş-para bolar, şypa tapylmaz.
16 Reb alty zady, dogrusy, ýedi zady ýigrenýändir.
17 Tekepbir göz, ýalançy dil, bigünä gan dökýän el.
18 Ýaman niýetli ýürek, ýamanlyga ýortýan aýaklar,
19 Ýalan ýagdyrýan galp şaýat, doganlar arasynda dawa döredýän adam.
20 Oglum, ataň buýrugyny berjaý et, eneň öwütlerinden ýüz öwürme.
21 Olary mydam ýüregiňde sakla, boýnuňa bagla.
22 Ýolbelet bolarlar saňa ýörän mahalyň; gorarlar seni ýatan mahalyň; gürrüňdeş bolarlar oýa wagtyňda.
23 Ýaman aýaldan, süýji dilli zynahor aýaldan goramak üçin, buýruk – çyra, öwüt – nurdur. Käýinç-terbiýe – ýaşaýşa ýoldur.
25 Onuň gözelligine ýüregiňden höwes etme, kirpikleriniň ýesiri bolma.
26 Lolynyň bahasy bir döwüm çörege dursa-da, bu kemçin gymmatly jany awlaýandyr.
27 Kim eteginde ot göterer-de, eşigini ýakmaz?
28 Kim közüň üstünden ýörär-de, dabany köýmez?
29 Ýakynynyň aýalynyň ýanyna giren hem şeýle bolýar; oňa el degren jezasyz galmaz.
30 Açka garnyny doýurmak üçin ogurlan ogryny ýigrenýän däldirler ahyryn?
31 Ýöne ol tutulsa, ýedi esse edip gaýtarar; öýüniň bar baýlygyny bermeli bolar.
32 Zyna edýän adam kemakyldyr; ol öz janyny heläk edýär.
33 Ol tenine ýara alar, biabraýçylyga uçrar, päklenip bolmajak uýada galar.
34 Çünki gabanjaňlyk erkek kişini gazaplandyrýar, ol öç alanda, hiç rehim etmez.
35 Ol seniň para-peşgeşiňe bakmaz, näçe töleseň-de, hiç razy bolmaz. ‎




Chapter 7

1 Oglum, meniň sözlerimi sakla, buýruklarymy unutma.
2 Buýruklarymy sakla, şonda ýaşarsyň, öwütlerimi gözüň göreji ýaly aýa.
3 Olary barmaklaryňa dak, ýüregiň gatyna ýazyp goý.
4 Özüňi zynahor aýaldan saklar ýaly, süýji dilli başga aýaldan gorar ýaly, danalyga: «Sen meniň uýam» diý. Paýhasa: «Garyndaşym» diý.
6 Bir gezek men öz öýümiň penjiresinden, gözenegiň arasyndan aşak seredýärdim.
7 Nadan jahyllaryň arasynda bir kemakyl ýaş ýigidi gördüm.
8 Alagaraňkyda, agşamara, gije aralaşyp, garaňky düşende, burçdaky ol aýalyň öýüne golaý köçeden geçip, onuň öýüne tarap barýar.
10 Seret, bir aýal öňünden çykdy, loly lybasyndaky gara ýürekli aýal ony garşy aldy.
11 Ol şermendedir hem hötjetdir, öz öýünde oturyp bilmez.
12 Bir görseň köçede, bir görseň bazarda, her burçda bir adama garaşýandyr.
13 Aýal ýigidi gujagyna garbap, ony ogşaýar, Ýüzüni galňadyp, şeýle diýýär:
14 «Men şu gün wadamy ýerine ýetirdim, salamatlyk gurbanlygyny berdim.
15 Şonuň üçin seni garşylamaga çykdym, gözlegiňe çykdym-da, indi tapdym.
16 Dürli gülli müsür matasyndan düşek ýazdym.
17 Düşegime hoşboý ysly mür, sarysabyr hem dalçyn sepdim.
18 Gel, ertire çenli yşkdan doýup-ganýançak, aýşy-eşretden lezzet alaly.
19 Çünki ärim öýde ýok; ol uzak ýola gitdi.
20 Ýanyna kümüşli horjunyny aldy. Aý dolýança, öýe dolanmaz».
21 Ençeme söz bilen özüne maýyl edýär, süýji dili bilen ýigidi yrýar.
22 Ýigit öldürilmäge alnyp barylýan öküz ýaly, bagryndan ok geçýänçä, duzaga howlugýan sugun ýaly, janynyň kastynadygyny bilmän tora barýan guş mysaly, aýalyň yzyna düşýär.
24 Şol sebäpli, ogullarym, maňa gulak goýuň, aýtjak sözüme üns beriň.
25 Ýüregiňiz onuň ýoluna yrylmasyn, onuň ýodalarynda azaşmaň.
26 Çünki ol köpleri ýaralap ýykdy, pidalary sansyz-sajaksyzdyr.
27 Onuň öýi – ölüler dünýäsiniň ýoludyr, ölüme inýändir. ‎




Chapter 8

1 Danalyk çagyrmaýarmy eýsem? Belent jar çekýän düşünje dälmidir?
2 Ol ýol ýakasyndaky belentligiň üstünde, ýodalaryň çatrygynda durýar.
3 Ol şäher derwezeleriniň agzynda, girelgeleriň öňünde durup jar çekýär:
4 «Eý, adamlar, men sizi çagyrýaryn, çagyryşymy ynsan ogullaryna gönükdirýärin.
5 Nadanlar, akylly boluň! Siz, akmaklar, akylyňyza aýlanyň.
6 Diňläň, men möhüm zatlary aýdýaryn, dogryny beýan edýärin.
7 Çünki dilim şeksiz hakykaty gepleýär, agzym ýalany ýigrenýär.
8 Bar sözüm dogrudyr, ýokdur egri-ýalany.
9 Düşünýäne olaryň ählisi aýdyňdyr, bilim tapanlar üçin dogrudyr.
10 Kümşi däl, nesihatymy al, sap altyn ornuna bilim al.
11 Çünki danalyk jöwherden gowudyr, hiç arzyly zat oňa taý gelmez.
12 Men – danalyk, pähim-paýhas bilen ýaşaýaryn, bilim hem akyllylyk mendedir.
13 Rebden gorkmak – ýamanlygy ýigrenmekdir. Men tekepbirligi hem ulumsylygy, ýamanlyk ýoluny, ýalançy dili ýigrenýärin.
14 Öwüt hem sagdyn çözgüt mendedir. Paýhas mendirin, güýç-kuwwat hem mendedir.
15 Men arkaly patyşalar şalyk edýärler, hökümdarlar adyl höküm çykarýarlar.
16 Serdarlar, emeldarlar, barça dogruçyl höküm ýöredýänler meniň üstüm bilen höküm sürýärler.
17 Meni söýýänleri söýýärin, meni yhlas bilen agtarýanlar tapýarlar.
18 Baýlyk, şöhrat, tükenmez mal-mülk we adalat mendedir.
19 Meniň miwäm tylladan, sap altyndan gowudyr, meniň peýdam saýlama kümüşden oňatdyr.
20 Özümi söýýänlere baýlygy miras berýän, olaryň hazynalaryny doldurýan. Çünki men dogrulyk ýolundan, adalat ýodalaryndan ýöreýän.
22 Reb owal başda meni emele getirdi, Onuň eden işleriniň ilkinjisi mendim.
23 Gadymyýetde, Dünýä ýaradylmazdan öň, başda men berkarar edildim.
24 Düýpsüz suwlar ýokka, bol suwly çeşmeler ýokka doguldym.
25 Daglary ýerde dikeltmänkä, depeler döremezden öň emele geldim. Reb zemini, ýeriň topragyny entek ýaratmandy.
27 Hudaý gökleri berkarar eden mahaly, düýpsüz suwlaryň ýüzüne gözýetim çekende, men ol ýerdedim.
28 Gökde bulutlary berkidip, düýpsüz suwlarda çeşmeleri goýanda,
29 suwlar buýrugymdan çykmasyn diýip, deňze çäk çeken mahaly, Ýeriň binýadyny tutan mahaly,
30 bir ussa ýaly men Onuň ýanyndadym. Her gün Onuň begenjidim, Onuň huzurynda elmydam şatlanýardym.
31 Onuň tutuş dünýäsinden şatlandym, ynsan ogullaryna begendim.
32 Indi, ogullarym, meni diňläň! Meniň ýolumy tutýanlar nähili bagtly!
33 Öwüt-nesihatyma gulak goýup, akyl-paýhasly boluň, ony harlamaň.
34 Her gün derwezämi garawullap, gapymy gorap, meni diňleýän adam bagtlydyr!
35 Çünki meni tapan ýaşaýşy tapar we Rebbiň razylygyny gazanar.
36 Kim meni tutmasa, öz janyna zyýan edýär. Meni ýigrenýänleriň ählisi ölümi söýýändir». ‎




Chapter 9

1 Danalyk özüne jaý gurdy, onuň ýedi sütünini ýondy.
2 Gurbanlyk soýdy, şerabyny häzirläp, saçagyny ýazdy.
3 Kenizlerini ýollap, şäheriň belent ýerinden jar çekdiler:
4 «Kim nadan bolsa, bärik sowulsyn!» Kemakyla bolsa şeýle diýýär:
5 «Gel, meniň nanymdan iý. Taýýarlan şerabymdan iç.
6 Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň. Paýhas ýolundan ýöre».
7 Masgaralaýja käýän özüne uýat getirer, ýaramazlyk edýäni ýazgaran özüne zyýan ýetirer.
8 Masgaralaýja käýeme, ýogsa seni ýigrener. Akyldara käýe, ol seni söýer.
9 Akyldara öwretseň, akyldarlygy artar, dogruçyla öwretseň, bilimi artar.
10 Danalygyň başlangyjy – Rebden gorkmakdyr. Mukaddesligi tanamak bolsa pähim-paýhasdyr.
11 Çünki meniň üstümden seniň günleriň uzalar, ömrüň ýyllary artar.
12 Akylly bolsaň, özüňe peýda. Masgaralasaň-da, ony özüň çekersiň.
13 Akmak aýal şermendedir, nadandyr, hiç zat bilýän däldir.
14 Öýüniň gapysynyň alnynda, şäheriň belent ýerinde oturyp, ýoldan geçip barýanlary çagyrmak üçin jar çekýär:
16 «Kim nadan bolsa, bärik sowulsyn!» Kemakyla bolsa:
17 «Ogurlyk suw süýjüdir, gizlin iýilýän nan tagamly» diýýändir.
18 Emma ol ýerde ölümiň bardygyny, onuň ýanyna baranlaryň ölüler dünýäsiniň düýbündedigini bilmeýärler. ‎




Chapter 10

1 Süleýmanyň pähimleri: Akylly ogul atasyna şatlykdyr, akmak ogul enesine gaýgydyr.
2 Ýaramazlyk bilen gazanylan baýlygyň peýdasy ýokdur, dogrulyk bolsa ölümden halas edýändir.
3 Reb dogruçyly aç goýýan däldir, ýöne ýaramazlaryň arzuwyny ret edýändir.
4 Ýalta el garyplyk getirýär, işeňňir el baýlyk.
5 Tomusda ýygnaýan parasatly oguldyr, Orak wagtynda uklaýan – atasyny uýada goýar.
6 Dogrularyň başyna bereket ýagýar, ýaramazyň dilinde zorluk gizlenýär.
7 Dogrularyň ýatlanmagy ýalkanyşdyr, ýamanlaryň ady çüýreýändir.
8 Kalbynda danalyk bolan öwüdi kabul eder, akmagyň dili bolsa bela elter.
9 Sadyklykda gezen aman gezýändir, egri ýoldan ýörän aýan bolýandyr.
10 Göz gypýan gam-gussa duçar bolar, akmagyň dili başyna bela getirer.
11 Dogrularyň agzy ýaşaýyş bulagydyr, ýaramazlaryň agzy zorlugy örtýändir.
12 Ýigrenç gahar-gazaby oýarýar, söýgi bolsa bar ýazygy bagyşlaýar.
13 Düşünjeli adamyň dilinden danalyk dökülýär, kemakylyň arkasyna bolsa gamçy garaşýar.
14 Akyllylar bilimi goraýarlar, akmagyň dili bolsa heläkçilige getirýär.
15 Baýyň galasy onuň baýlygydyr, garybyň ýoksullygy onuň heläkçiligidir.
16 Dogrynyň gazanjy ýaşaýşa getirýär, ýaramazlaryň gazanjy günä getirýär.
17 Terbiýäni saklaýan ýaşaýyş ýolundadyr, käýinji ret edýän bolsa ýoldan azaşýandyr.
18 Ýigrenji ýaşyrýan kişi – ýalançy, gybat ýaýradýan bolsa akmakdyr.
19 Gepi köpüň ýazygy bardyr, emma agzyna eýelik edýän adam parasatlydyr.
20 Dogruçylyň dili saýlama kümüşdir, ýaramazlaryň ýüregi hiç zada durýar.
21 Dogruçylyň agzy köpleri bakýar, akmaklar bolsa kemakyllykdan ölýär.
22 Rebbiň berekedi baýlyk getirýär, Ol bu baýlyga dert-alada goşmaz.
23 Akmak ýamanlyga şatlanar, düşünjeli adam danalyga.
24 Ýaramazyň gorkusy başyna geler, dogruçyllar myradyna ýeter.
25 Tupan geçýär, ýaramazlar ýok bolýar, dogruçyllar bolsa ebedi berkdir.
26 Işýakmaza iş buýurmak, diliňe burç degen, gözüňe tüsse dolan ýalydyr.
27 Rebden gorkmak ömri uzaldýandyr, ýaramazyň ömri gysgalýar.
28 Dogruçylyň umydy şatlyk getirýär, ýaramazyň umydy puja çykýar.
29 Rebbiň ýoly dogrulara penadyr, şerlere bolsa gorky-beladyr.
30 Dogruçyl hiç haçan ornundan sarsmaz, ýaramazlar ýer-ýüzünde galmaz.
31 Dogruçylyň dilinden danalyk ýaýraýandyr, ýalan sözleýän dil kesilip taşlanýandyr.
32 Dogruçylyň agzy mynasyp sözi bilýär, ýaramazyň agzyndan egrilik çykýar. ‎




Chapter 11

1 Rebbiň ýigreneni galp terezidir, dogry ölçegden bolsa göwni hoş bolýandyr.
2 Tekepbirlik gelse, masgaraçylyk gelýändir, akyldarlyk bolsa kiçigöwünliler bilendir.
3 Dogry adamyň dogruçyllygy oňa ýol görkezýändir, dönügiň hilegärligi bolsa ony heläk edýändir.
4 Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir, dogruçyllyk bolsa ölümden gutarar.
5 Sadyk adamyň dogrulygy onuň ýoluny gönelder, ýaramazlar bolsa öz ýaramazlygy zerarly ýykylar.
6 Dogry adamlary dogruçyllygy halas edýär, haýynlar öz nebsine çolaşýarlar.
7 Ýaramaz adam ölse, onuň umyt-niýetem ölýär, onuň baý bolmak tamasy puja çykýar.
8 Dogry adam muşakgatdan gutulýar, oňa derek ýaramazlar muşakgata uçraýar.
9 Imansyz ýakynyny dili bilen heläkleýär, dogruçyl bolsa bilim bilen gutulýar.
10 Dogrularyň işi rowaç alanda, şäher begenýär, ýaramazlar ölende toý-dabara bolýar.
11 Dogruçyllaryň dileginden şäher belende galýar, ýaramazlaryň dilinden ol weýran bolýar.
12 Ýakynyny kemsidýän kemakyldyr, düşünjeli adamyň agzyndan söz çykmaýar.
13 Gybatkeş başganyň syryny paş edýändir, ynamdar göwün syrdaş bolýandyr.
14 Maslahatsyz millet heläk bolýandyr, maslahatçy köp bolan ýerde ýeňiş bar.
15 Nätanşa kepil bolan köp zyýan çeker, kepil bolmakdan gaçan dynç gezer.
16 Mylakatly aýal hormat, zalymlar baýlyk gazanýandyr.
17 Merhemetli özüne peýda getirýär, zalym bolsa özüne zyýan edýär.
18 Ýaramazyň gazanjy galplykdyr, dogrulyk ekýän hökman hakyny alar.
19 Ýürekden dogruçyl ynsan – ýaşaýşa, ýamanlygy yzlaýan – ölüme barýar.
20 Gara ýürekliler Rebbe nejisdir, Reb sadyk ýoldan hoşaldyr.
21 Men söz berýän, elbetde, ýaman jezasyz galmaz, dogrularyň nesilleri gutular.
22 Salykatlylykdan ýüz öwren görmegeý aýalyň ýagdaýy doňzuň burnuna dakylan altyn ysyrga ýalydyr.
23 Dogrular diňe ýagşylygy arzuwlar, ýaramazlaryň garaşýany gahar-gazap.
24 Biri bar – paýlaýandyr, baýlygy bolsa artýar. Biri bar – gaty gysyk, diňe mätäçlige gowuşýar.
25 Sahy adamyň berekedi artar, suw berene suw berler.
26 Gallasyny gizleýäne halk gargaýar, galla satýanyň başyna bereket ýagýar.
27 Ýagşylyk gözleýän merhemet gazanýar, ýamanlyk gözleýän ýamanlyga ýeter.
28 Baýlygyna baýrynýan ýykylar, dogrular bolsa täze baldak ýaly öser.
29 Hojalygyna betbagtlyk getiren ýel gysymlan ýaly bolar, akmak akylly adamyň hyzmatkäri bolar.
30 Dogrynyň miwesi ýaşaýyş daragtydyr, akyldar adam ynsanlary gazanýar.
31 Dünýäde dogry adam jezalandyrylsa, ýaramaz bilen günäkäriň almyty, gör, näçe esse bolar! ‎




Chapter 12

1 Terbiýäni söýýän bilimi söýýändir, käýinji ýigrenýän bolsa samsykdyr.
2 Ýagşy adam Rebbiň merhemetini gazanýandyr, erbet niýetlini bolsa höküm edýändir.
3 Adam ýaramazlyk bilen berkäp bilmez, dogrularyň köküni hiç zat goparmaz.
4 Mynasyp aýal äriniň başynyň täjidir, binamys aýal bolsa süýegiňi çüýreder.
5 Dogruçylyň pikiri adyldyr, ýaramazlaryň maslahaty haýynlykdyr.
6 Ýaramazlaryň gep-gürrüňi gan dökmäge teşnedir, dogrularyň dili bolsa olary halas eder.
7 Ýaramazlar düňderilip ýok bolýandyr, dogrularyň öýi bolsa berk durýandyr.
8 Ynsan akyl-paýhasyna görä öwülýär, adamda egri hyýal bolsa halanmaýar.
9 Özüni ulumsy tutup, nana zar bolan adamdan, gününi özi dolaýan garamaýak gowudyr.
10 Dogruçyl kişi malynyň janyny hem gaýgyrýar, ýaramazlaryň rehimi hem zalymlykdyr.
11 Ýerini bejerýän adamyň nany bol bolar, boş hyýala eýerýän bolsa kemakyldyr.
12 Ýaramazlar ýamanlaryň oljasyny isleýär, dogruçyllaryň bolsa köki ösýär.
13 Ýamanlar ýazykly gürrüňinden duzaga düşýär, dogruçyllar kynçylykdan ýol tapýar.
14 Ynsan diliniň miwesinden ýagşylyk tapar, elleriniň hyzmaty özüne serpaý bolar.
15 Akmagyň ýoly öz gözüne dogrudyr, akyldar adam maslahaty diňleýär.
16 Akmagyň gahary derrew bildirýändir, seresaply kişi göwne deglenini ýaşyrýandyr.
17 Hakykaty aýdýan adyl gepleýändir, galp şaýat bolsa ýalany.
18 Oýlanman gepleýän dil gylyç ýaly sanjylýandyr, akyldaryň dili bolsa şypa berýändir.
19 Çyn dil ebedilikdir, ýalançy dil az salymlykdyr.
20 Ýaman niýetliniň ýüreginde hile bardyr, salamatlygy niýetleýän bolsa şatlyk alar.
21 Dogruçyl adama hiç bela gelmez, ýaramazlaryň başy beladan gutulmaz.
22 Ýalan dil Reb üçin nejislikdir, dogruçyllyk isleýänlerden bolsa Ol hoşaldyr.
23 Seresaplylar bilimi özi üçin saklaýar, akmagyň ýüregi bolsa akmaklygyny äşgär edýändir.
24 Janypkeşiň eli höküm sürer, ýalta mejbury işe gider.
25 Gaýgyly ýürek adamy çökerýär, ýagşy söz bolsa ony şatlandyrýar.
26 Dogruçyl adam ýakynyna ýol görkezýändir, ýaramazlaryň ýoly bolsa azaşdyrýandyr.
27 Ýaltanyň eli tutan awuny bişirmez, gaýratly bolsa gymmatly hazyna.
28 Dogrulyk ýolunda ýaşaýyş bardyr, ol ýolda ölüm ýokdur. ‎




Chapter 13

1 Akylly ogul atasynyň öwredenini diňleýär, masgaralaýjy bolsa käýinje gulak asmaýar.
2 Ýagşylar agzynyň miwesinden hasyl alar, ýöne haýynlaryň islegi zulumdyr.
3 Diline berk janyny goraýandyr, agzyboşlar heläkçilige barýandyr.
4 Ýaltanyň göwni isleýär, ýöne hiç zat gazanmaýar, janypkeşiň göwni bolsa dokmädedir.
5 Dogruçyl ýalan sözi ýigrenýär, ýaramaz bolsa ryswalyk getirýär.
6 Dogruçyllyk dogrularyň ýoluny goraýar, ýöne günä erbetleri ýykýandyr.
7 Biri bardyr, özüni baý görkezýändir, ýöne hiç zady ýok. Biri bardyr, özüni garyp görkezýändir, emma baýlygy köp.
8 Adamyň baýlygy janyna töleg bolýar, ýöne garyp haýbaty diňleýän däldir.
9 Dogruçylyň nury şöhle saçýar, ýaramazyň çyrasy öçýär.
10 Tekepbirlikden diňe jedel döreýär, maslahat soraýanda danalyk.
11 Duýdansyz gelen baýlyk bara azalar, el bilen çöpleýän köp gazanar.
12 Uzaga çeken tama ýürek derdidir, hasyl bolan isleg ýaşaýyş daragtydyr.
13 Öwüdi äsgermeýän özüni heläk edýär, buýrugy saklaýan bolsa sylag-serpaý alýar.
14 Akyldaryň öwüdi ölüm duzagyndan sowýan ýaşaýyş çeşmesidir.
15 Sagdyn pikir merhemet gazanýar, haýynyň ýoly muşakgata barýar.
16 Seresaplylar bilim bilen iş edýändirler, akmak bolsa samsyklygyny görkezýändir.
17 Ýaramaz ilçi başa bela getirýär, sadyk ilçi bolsa şypa getirýär.
18 Öwüt-nesihaty ret eden garyplyk hem biabraýlyk alar, käýinji kabul edene hormat.
19 Amala aşan arzuw jana rahat berýär, ýamanlykdan aýrylmagy akmak ýigrenýär.
20 Akyldarlar bilen ýöreýän akylly bolar, akmak bilen gatnaşýan zyýana galar.
21 Günäkäri betbagtlyk kowalaýar, dogruçyllar bolsa ýagşylyk sylagyny alýar.
22 Ýagşy adam agtyk-çowluklaryna-da miras galdyrýar, ýöne günä edýänleriň baýlygy dogrulara galýar.
23 Garybyň ýeri bol hasyl berýär, ýöne ol adalatsyzlyk bilen süpürilip äkidilýär.
24 Taýagyny gaýgyrýan adam ogluny ýigrenýändir, ony söýýän bolsa wagtynda terbiýe berýär.
25 Dogruçylyň doýýança iýjegi bardyr, emma ýaramazlaryň garny aç galar.
26




Chapter 14

1 Akyldar zenan jaý gurýandyr, akmak aýal bolsa öýüni öz eli bilen ýumurýar.
2 Dogrulykda ýöreýän Rebden gorkýandyr, Ýoldan çykýan bolsa, Ony ýigrenýändir.
3 Tekepbiriň sözi – özüne gamçy, dananyň dodagy bolsa özüni goraýandyr.
4 Öküzler ýok wagty ahyr arassa, hasylyň bolçulygy bolsa öküziň güýji bilendir.
5 Sadyk şaýat ýalan sözlemez, galp şaýat her deminde ýalan ýagdyrýandyr.
6 Masgaralaýjy danalyk agtarsa-da, ony tapýan däldir, düşünjeli adama bolsa bilim aňsatdyr.
7 Akmagyň ýanyndan çekil, çünki onuň agzyndan bilim almarsyň.
8 Paýhasly adamyň danalygy öz ýoluna düşünmegi üçindir, akylsyzyň akmaklygy bolsa aldawçylykdyr.
9 Akmaklar günä gülýändirler, ýöne hoşallyk dogruçyllaryň arasyndadyr.
10 Ýürek öz derdini özi bilýändir, şatlansa-da keseki goşulýan däldir.
11 Ýaramazlaryň öýi weýrana dönýär, dogruçyllaryň çadyry pajarlap ösýär.
12 Ýol bardyr, adama dogry ýaly görünýär, ýöne onuň soňy ölüme barýar.
13 Käte gülki içinde-de ýüregiň gamgyn, şatlygyň soňunda-da gam bardyr.
14 Wyždansyz öz ýollaryndan, ýagşy adam öz edeninden kanagatlanar.
15 Nadan her söze ynanýandyr, paýhasly adam bolsa öz ädimini oýlaýandyr.
16 Akylly adam ýamanlykdan gorkup gaça durýandyr, akmak bolsa hetdenaşa batyrsyrap soňuny saýmaz.
17 Gaharjaň adam akmaklyk edýändir, mekir adam hem ýigrenilýändir.
18 Nadanlar akmaklygy miras alýar, paýhaslylar bolsa bilim täjini geýýär.
19 Ýamanlar ýagşylaryň öňünde, ýaramazlar dogruçylyň gapysynda baş egýändir.
20 Garyby öz ýakynlary-da ýigrenýändir, baýy bolsa söýýän köpdür.
21 Öz ýakynyny ýigrenýänler günä edýändir, garyba rehim edýän bolsa bagtlydyr.
22 Ýamanlygy niýet edýänler ýalňyşmaýarlarmy? Ýagşylygy pikir edýänler wepaly söýgi gazanmaýarlarmy?
23 Her bir zähmetden haýyr geler, boş gep diňe mätäçlik getirer.
24 Danalygyň baýlygy hormat täjidir, akmaklaryň bezegi olaryň akmaklygydyr.
25 Çyn şaýat adamy halas edýändir, ýalançy şaýat bolsa dönüklik edýändir.
26 Rebden gorkýana güýçli gorag bardyr, onuň çagalaryna-da pena bolar.
27 Ynsany ölüm duzagyndan sowar ýaly, Rebden gorkmak ýaşaýyş çeşmesidir.
28 Patyşanyň şöhraty halkyň köplügindedir, halkyň ýok bolmagy hökümdaryň heläkçiligidir.
29 Giň göwünli adamyň düşünjesi köpdür, dargursak bolsa akmaklygy beýgeldýändir.
30 Asuda paýhas bedene ýaşaýyş berýär, göriplik bolsa süýekleri çüýredýär.
31 Ejizi ezýän ony Ýaradany ynjadýandyr, mätäje merhemet edýän Ýaradany hormatlaýandyr.
32 Ýaramaz öz ýamanlygyndan ýykylýar, dogruçyla bolsa ölümde hem pena garaşýar.
33 Danalyk düşünjeli ýürekde ýaşaýar, hatda akmaklar arasynda-da bildirýär.
34 Dogrulyk milleti beýgeldýän bolsa, günä halklara utançdyr.
35 Paýhasly iş edýän hyzmatkär patyşanyň merhemetini gazanýar, masgara iş edýän bolsa Onuň gazabyna duçar bolýar. ‎




Chapter 15

1 Mylaýym jogap gahary sowýar, gaty söz gazaby joşdurýar.
2 Danalygyň dilinden bilim ýaýraýar, akmagyň agzyndan akmaklyk çykýar.
3 Rebbiň gözi hemme ýerdedir, ýamana-ýagşa bakýandyr.
4 Mylaýym dil ýaşaýyş daragtydyr, bozuk dil ruhy çökerýär.
5 Akmak atasynyň öwüdini ret edýändir, terbiýä gulak asýan bolsa seresaplydyr.
6 Dogrynyň öýünde baýlyk köpdür, ýamanyň gazanjynda muşakgat bardyr.
7 Dananyň dili bilim ýaýradýar, akmagyň aňy beýle däldir.
8 Ýamanlaryň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.
9 Ýaramazlaryň ýoly Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllygy yzlaýany bolsa Ol halaýandyr.
10 Dogry ýoly terk edýän berk jeza alar, terbiýäni ýigrenýän ölüme barar.
11 Ölüler dünýäsi we heläkçilik ýeri Rebbe açyk bolsa, ynsan ýüregi Oňa has hem aýandyr.
12 Masgaralaýjy adam käýinji halaýan däldir, ol akyldaryň ýanyna hem gitmez.
13 Ýürek şatlygy ýüzi ýagtyldýar, ýürek yzasy ruhy syndyrýar.
14 Düşünjeli adamyň ýüregi bilim agtarýandyr, akmaklaryň agzy bolsa akmaklykdan ganýandyr.
15 Garyplaryň hemme güni muşakgat, ýöne ýagşy ýürek mydamalyk meýlisdir.
16 Köp baýlyk bilen kynçylykda ýaşanyňdan, az baýlyk bilen Rebden gorkup ýaşamak ýagşydyr.
17 Ýigrenç bilen iýlen göle etinden, söýgi bilen iýlen bulamak gowudyr.
18 Gaharjaň dawa turuzýandyr, giň göwünli bolsa jenjeli ýatyrýandyr.
19 Ýaltanyň ýoly tikenli aýmança meňzeýär, dogruçylyň ýoly bolsa düzdür.
20 Akylly ogul atasyny guwandyrýar, akmak ogul bolsa enesini ýigrenýär.
21 Akmaklyk kemakyllara şatlykdyr, düşünjeliler bolsa dogry ýöreýär.
22 Maslahat bolmasa maksatlar puçdur, maslahatçy köp bolanda myrat hasyl bolýar.
23 Ynsana şatlyk gowy jogapdan gelýändir, ýerlikli söz adama şatlyk getirýändir.
24 Akyldara ýokardaky durmuş ýolundan ýöremegi aşakdaky Ölüler dünýäsinden daşlaşmagy üçindir.
25 Reb tekepbirleriň öýüni ýykýandyr, dul hatynyň çägini bolsa goraýandyr.
26 Ýaman niýet Rebbe ýigrenjidir, ýakymly sözleri bolsa tämiz saýýar.
27 Nebsine çapýan öýüne alada getirýär, parany ýigrenýän bolsa uzak ýaşaýar.
28 Dogruçylyň aňy jogap berende oýlanýandyr, ýaramazlaryň agzy ýamanlygy sowurýandyr.
29 Reb ýaramazlardan daşdadyr, dogruçyllaryň dogasyny bolsa eşidýär.
30 Gözüň nury ýüregi begendirýär, hoş habar bolsa süňküňe kuwwat berýär.
31 Ýaşaýyş öwüdini diňleýän gulak parasatlylar arasynda mesgen tutar.
32 Öwüt-nesihaty tutmaýan öz janyny ýigrenýändir, öwüdi diňleýän bolsa düşünje gazanýar.
33 Rebden gorkmaklyk danalygy öwredýändir, hormat pes göwünlilikden soň gelýändir. ‎




Chapter 16

1 Ýüregiň pikirleri ynsandan, ýöne diliň jogaby Rebdendir.
2 Adamyň ähli ýollary öz gözüne sapdyr, ýöne ruhuňa syn edýän Rebdir.
3 Işleriňi Rebbe tabşyr, niýetleriň berkarar bolar.
4 Reb ähli zady bir maksadyna döretdi, hatda ýaramazy hem ýaman gün üçin.
5 Ähli tekepbir Rebbe ýigrenjidir. Hatyrjem bol, olar jezasyz galmaz.
6 Wepaly söýgi etmişden saplaýar, Rebden gorkmak ýamanlykdan sowýar.
7 Adamyň işleri Rebbiň göwnünden turanda, ony hatda duşmanlary bilen ýaraşdyrýar.
8 Haramlykdan gelen uly gazançdan, halallykdan gelen az gowudyr.
9 Adam ýüreginden niýet edýär, onuň ädimine bolsa Reb höküm edýär.
10 Ruhubelent çözgüt patyşanyň dilindedir, ol adalatsyz höküm çykarmaz.
11 Dogry terezi we gapan Rebbiňkidir, torba içindäki ähli çekim daşlary Onuň işidir.
12 Patyşanyň ýaramazlyk etmegi ýigrençlikdir, sebäbi tagt dogruçyllyk bilen berkarardyr.
13 Dogry söz patyşanyň göwnünden turýar, ol dogry gepleýäni söýýär.
14 Patyşanyň gazaby ölüm çaparydyr, ýöne parasatly adam ony köşeşdirýär.
15 Patyşanyň ýüzündäki nurda ýaşaýyş bardyr, merhemeti ýaz ýagşyny getirýän bulut ýalydyr.
16 Danalyk almak altyndan gowudyr, paýhas kümüşden oňat.
17 Dogruçyllygyň şaýoly ýamanlykdan sowulýar, ýoluna dykgat edýän öz janyny goraýandyr.
18 Heläkçilikden öň tekepbirlik, ýykylmakdan öň gedemlik gelýändir.
19 Tekepbirler bilen olja paýlaşandan, kiçigöwünli garyplaryň arasynda bolmak gowy.
20 Söze üns berýän rowaç tapar, Rebbe ynanýan bolsa bagtlydyr.
21 Ýüregi parasatla paýhasly diýilýär, ýakymly sözleýiş bilimi artdyrýar.
22 Akyl-paýhas eýesi üçin – ýaşaýyş çeşmesidir, akmak üçin akmaklyk jezadyr.
23 Danalygyň ýüregi dile paýhas berýär, onuň sözüni ynançly edýär.
24 Ýakymly sözleýiş bal ýaly süýjüdir, jana ýakymly, süňke şypadyr.
25 Ýol bardyr, adama dogry ýaly görünýär, ýöne onuň soňy ölüme alyp barýar.
26 Zähmet çekdirýän onuň işdäsidir, açlygy ony mejbur edýändir.
27 Ýamanlar ýaramazlygy gazýandyr, dili köýdüriji ot kimindir.
28 Egri adam dawa ýaýradýar, gybatkeş dostlary biri-birinden aýyrýar.
29 Zulum edýän ýakynyny aldap, ýaman ýola salýar.
30 Gözüni gyrpýan egri işleri niýet edýär, dodagyny çöwürýän bolsa ýamanlyk döredýär.
31 Dogrulyk ýolunda agaran saç hormat täjidir.
32 Giň göwünli adam güýçlülerden üstündir, özüne erk edýän şäheri basyp alandan üstündir.
33 Bije etege atylýar, ýöne höküm Rebdendir. ‎




Chapter 17

1 Rahatlykdaky bir döwüm gury nan dawadan doly jaýdaky meýlisden gowudyr.
2 Masgara ogluň üstünden paýhasly gul höküm sürer we doganlar hatarynda mirasa şärik bolar.
3 Kümüş göweçde, altyn kürede synalýan bolsa, ýürekleri barlaýan Rebdir.
4 Ýamanlyk edýän erbet dodaklara üns berýändir, ýalançy ýaman niýetli dile gulak asýandyr.
5 Garyby ýaňsylaýan Ýaradany kemsidýändir, betbagtlyga şatlanýan bolsa jezasyz galmaz.
6 Agtyklar garry adamlaryň täjidir, ogullaryň şan-şöhraty bolsa ene-atalarydyr.
7 Dürdäne söz akmaga ýaraşmasa, aldawly söz hem asylzada hiç gelişmeýär.
8 Para ony berýäniň gözüne bir tumar kimindir, ol nirä öwrülse, üstünlik getirer.
9 Ýazygy geçýäni söýgi höweslendirýändir, dawa-jenjeli gaýtalaýan bolsa dostuny ýitirýär.
10 Düşünjeli adama bir käýinç akmaga urlan ýüz kötekden agyrdyr.
11 Ýamanlar diňe bulagaýlyk turuzýandyr, olara garşy bolsa zalym çapar gönderiler.
12 Akmagyň akylsyzlygyna duş bolanyňdan, çagasyny aldyran aýa duş gelmek gowudyr.
13 Ýagşylyga ýamanlyk gaýtarýanyň öýünden ýamanlyk gitmez.
14 Dawa-jenjeliň başy böwsülen böwet ýalydyr, şonuň üçin ony tutaşmanka bes et.
15 Ýaramazy aklaýan bilen dogruçyl adamy ýazgarýanyň ikisini-de Reb ýigrenýändir.
16 Näme üçin akmagyň elinde danalyk almaga pul bolsun? Onda öwrenmek niýeti ýok.
17 Ýakynyň seni hemme wagt söýýändir, dogan kynçylykly pursatyň üçin doglandyr.
18 Düşünjesi kemlik edýän kemakyl ýakynynyň deregine el berip kepil bolýandyr.
19 Ýazygy söýýän dawany söýýändir, kim bosagasyny belent gursa, süňküniň döwülmegine garaşýandyr.
20 Egri ýürek ýagşylyk tapmaýar, egri dil bolsa, kynçylyga düşýär.
21 Akmagyň atasy hasrat çeker, akylsyzyň atasy şatlygy bilmez.
22 Şadyýan ýürek oňat şypadyr, synyk ruh süýegiňi guradýandyr.
23 Adalat ýodalaryny ýoýmak üçin, ýaramaz adam gizlin para alýandyr.
24 Düşünjeli adam danalyga seredýändir, akmagyň nazary ýeriň aňry çetine.
25 Akmak ogul atasyna hasrat, dograna dertdir.
26 Ýazyksyza jerime salmak nädürsdir, asylzada-da dogruçyllygy üçin jeza bermek dürs däldir.
27 Sözüni jylawlaýan bilimlidir, düşünjeli adam bolsa mylaýym ruhludyr.
28 Akmak hem dymanda akylly, agzyny ýumanda, düşünjeli saýylýandyr. ‎




Chapter 18

1 Üzňelikde ýaşaýan öz islänini edýändir, ol ähli sagdyn öwüde garşy gidýändir.
2 Akmak adam düşünjeden däl-de, diňe öz pikirini aýtmakdan keýplenýändir.
3 Ýaramazlyk bilen ýigrenç gelýändir, biabraýlyk bilen-de masgaraçylyk.
4 Ynsanyň agzyndan çykýan sözler düýpsüz suwlar kimindir, danalyk bolsa joşup akýan bulak mysalydyr.
5 Hökümde ýaramazyň tarapynda bolup, dogruçyly haksyz çykarmak dürs däldir.
6 Akmagyň dili jenjel turuzýar, onuň agzy taýagy çagyrýar.
7 Akmaga dilinden bela gelýändir, onuň dodagy janyna duzakdyr.
8 Gybatkeşiň sözleri datly lukma ýalydyr, olar garnyňa siňýär.
9 Işinde ýaltalyk edýän ýumrujynyň doganydyr.
10 Rebbiň ady berk galadyr, dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar.
11 Baýlaryň baýlygy – olaryň berk galasy, onuň hyýalynda beýik haýat kimindir.
12 Heläkçilikden öň adamyň ýüregi tekepbir bolýandyr, hormat pes göwünlilikden soň gelýär.
13 Diňlemän jogap bermek akmaklyk hem utançdyr.
14 Adamyň derdini ruhy çekip bilýär, ýöne synyk ruha kim çydam eder.
15 Paýhasly adam bilim alýandyr, danalygyň gulagy bilim agtarýar.
16 Sowgat gapylary açýar, emeldarlaryň ýanyna eltýär.
17 Başga biri gelip, oňa sorag berýänçä, dawada ilki geplän dogry ýaly görünýändir.
18 Bije dawany togtadýandyr, güýçli garşydaşlaryň arasyndaky meseläni çözýändir.
19 Öýkeli dogan içine aralaşyp bolmaýan berk galadyr, aralykdaky dawa bolsa, galanyň gözenekli gapysy ýalydyr.
20 Adam agzynyň miwesinden kanagatlanýar, diliniň hasylyndan doýýar.
21 Ölümem, ýaşaýyşam diliň ygtyýarynda, dili söýýän hasylyndan iýer.
22 Gowy aýala gowşan gowulyk tapýandyr we Rebbiň razylygyny gazanýandyr.
23 Garyp ýalbaryp gepleýändir, baý bolsa gödek jogap berýändir.
24 Dosty köp bolanyň heläkçiligi-de bolar, ýöne dogandan-da ýakyn dost bar.
25




Chapter 19

1 Egri dilli akmakdan, sadyklykda gezýän garyp gowudyr.
2 Bilimsiz gaýrat ýagşy däldir, Aşa howlugýan ýoluny ýitirýär.
3 Adamy öz akmaklygy ýykýar, ýüreginden bolsa Rebbe gaharlanýar.
4 Baýlyk tanyşlary beter köpeldýär, garyp bolsa öz ýakynyndanam aýrylýar.
5 Galp şaýat jezasyz galmaz, ýalan sözleýänem gaçyp gutulmaz.
6 Jomardyň ýüzüni küýseýänler köp, hemmeler eli açyga dost.
7 Garyby hemme doganlary ýigrenýän bolsa, dostlary ondanam beter terk edýär, ýalbaryp yzyndan ylgasa, olar eýýäm ýokdur.
8 Pähim-paýhas gazanýan özüni söýýär, düşünjeliligi saklaýan bolsa rowaçlyk tapýar.
9 Galp şaýat jezasyz galmaz, ýalan sözleýän hem heläk bolar.
10 Akmaga aýşy-eşretde ýaşamagyň gelişmeýşi ýaly, gula hem begiň üstünden höküm sürmek has beter gelişýän däldir.
11 Paýhasly adam giň göwünli bolar, ýazyk geçmek onuň şöhratydyr.
12 Patyşanyň gazaby arslan nagrasy kimindir, onuň razylygy bolsa otlaryň üstüniň çygy ýalydyr.
13 Akmak ogul atasyna beladyr, aýalyň igenji üznüksiz damja ýalydyr.
14 Öý we mal-mülk atalardan miras, ýöne paýhasly aýal Rebdendir.
15 Ýaltalyk gaflat ukusyna batyrýar, ýalta adam açlyk çekýär.
16 Hudaýyň buýrugyny amal edýän öz janyny goraýar, ýollaryna üns bermeýän bolsa öler.
17 Kim garyba merhemet edýän bolsa, Rebbe karz berýär, Reb onuň öwezini gaýtarar.
18 Umyt barka ogluňa temmi ber, ýöne gaharyň gelip, ony heläk etme.
19 Gaty gaharjaň adam jeza çeker, eger ony halas etseň, muny ýene gaýtalamaly bolarsyň.
20 Ahyr akylly bolaryň ýaly, nesihata gulak goý, öwüdi kabul et.
21 Adamyň ýüreginde niýet köpdür, emma Rebbiň maksady amala aşýar.
22 Adamdan garaşylýany wepalylykdyr, Garyp adam ýalançydan ýagşydyr.
23 Kim Rebden gorkýan bolsa ýaşar! Ol kanagatly hem kynçylyksyz ýaşar.
24 Ýalta tabaga uzadan elini hatda agzyna ýetirmez.
25 Masgaralaýjyny ur, nadanlar paýhaslylyk öwrener, düşünjelini terbiýele, ol bilim alar.
26 Atasyna zulum edýän we enesini kowýan ogul masgaralyk hem ysnat getirýär.
27 Oglum, eger bilimli sözlerden azaşsaň, öwüdi diňlemekden saklanarsyň.
28 Nämynasyp şaýat adalatyň üstünden gülýär, ýaramazlaryň agzy ýamanlyk iýýär.
29 Masgaralaýjy üçin jeza, akmagyň ýagyrnysyna urgy taýýardyr. ‎




Chapter 20

1 Şerap biabraý edýändir, içgi dawa-jenjel turuzýandyr. Oňa aldanýanyň ählisi akylsyzdyr.
2 Patyşanyň gazaby arslanyň nagrasy kimindir, onuň gaharyny getirýän öz janyna töwekgellik edýändir.
3 Dawadan gaçmak adama abraý getirýär, bar akmak jedele taýýar.
4 Ýalta ýer sürmän, orak wagtynda hasyl gözlär, ýöne tapmaz.
5 Ynsanyň ýüregindäki pikir çuň suw kimindir, düşünjeli adam ony çekip çykarar.
6 Köp adam özüne «Men wepaly» diýýändir, ýöne ynamdar birini kim tapyp biler?
7 Dogruçyl sadyklykda ýöreýär, onuň yzynda çagalary nähili bagtly bolar!
8 Hökmürowan tagtynda oturýan patyşa ähli ýamanlygy gözleri bilen saýgarýar.
9 «Ýüregimi tämizledim, günäden päklendim» diýip, kim aýdyp biler?
10 Iki dürli terezi daşynyň, iki dürli ölçegiň ikisi hem Rebbe ýigrenjidir.
11 Hatda çaga hem eden işiniň päkdigini ýa dogrudygyny öz hereketi bilen aýan edýär.
12 Diňleýän gulagy, görýän gözi – ikisinem Reb ýaradandyr.
13 Garyp bolmazyň ýaly, ukyny söýme, gözüňi aç, nanyň bol bolar.
14 Satyn alýan: «Erbet, erbet» diýýändir, aňyrrak baryp bolsa öwýändir.
15 Altyn bar, jöwherem köpdür, ýöne bilimli dil tapylgysyz zatdyr.
16 Nätanşa kepil bolanyň geýimini al, kesekä kepil bolandan girew al.
17 Hile bilen gazanylan nan süýjüdir, soňra agzy çagyldan dolar.
18 Maksatlar maslahat bilen berkarar bolýandyr; sagdyn maslahatlar bilen urşa git.
19 Gybatkeş syry paş edýändir, agzyboş bilen gatnaşyk açma.
20 Ata-enesini näletleýäniň tüm garaňkylykda çyrasy söner.
21 Başda basym alnan miras soňunda bereketli bolmaz.
22 «Ýamanlygy ýerine salaryn» diýme, Rebbe garaş, Ol seni halas eder.
23 Galp terezi daşy Rebbe ýigrenjidir, hileli terezi hem gowy däldir.
24 Adamyň her ätjek ädimi Rebdendir. Şeýle bolansoň, adam öz ýoluna nädip düşünsin?
25 Zadyny pähimsiz bagyş edýän adam duzaga düşer, ol äht edenden soň oýlanar.
26 Akylly patyşa ýaramazlary sowrup, olaryň üstünde döwek döwýär.
27 Adamyň ruhy – Rebbiň çyrasydyr, ol ynsan kalbynyň bütin jümmüşini barlaýar.
28 Sadyklyk we ynamdarlyk patyşany goraýar, onuň tagty sadyklykdan berkarar bolýar.
29 Ýigitlik kuwwaty – olaryň şöhratydyr, çal saçlar bolsa garrylaryň abraýydyr.
30 Yz galdyrýan urgy ýamanlykdan tämizleýär, kötekler bolsa kalbyň jümmüşini päkleýär. ‎




Chapter 21

1 Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.
2 Adamyň ähli ýoly öz gözüne dogrudyr, emma ýürekdäkini ölçeýän Rebdir.
3 Dogrulyk we adalatlylyk etmek Rebbe gurbanlyk berenden ýakymlydyr.
4 Ulumsy nazar, tekepbir ýürek, ýaramazlaryň çyrasy – günädir.
5 Janypkeşiň maksady diňe bolçulyga getirýär, alňasak adamlaryň bary mätäç düşýändir.
6 Ýalan söz bilen toplanan hazyna ölüme kowalap barýan ümür-dumandyr.
7 Ýaramazlaryň zorlugy özlerini süpürip äkidýändir, çünki olar adalaty berjaý etmekden boýun gaçyrýandyr.
8 Ýazyklynyň ýoly egridir, päkleriň bolşy dogrudyr.
9 Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan, üçegiň bir burçunda ýaşamak ýegdir.
10 Ýaramazyň göwni ýamanlyk küýseýär, ýakyny onuň göwnünden turmaýar.
11 Masgaralaýja jeza berlende, nadan akylly bolýandyr, dana adam tälim alanda, bilimini artdyrýandyr.
12 Dogruçyl ýaramazyň öýüni synlaýar, ýaramazlar heläkçilige barýar.
13 Garybyň dady-perýadyna gulak asmadygyň öz dady-perýadyna-da jogap berilmez.
14 Gizlin berlen sowgat gahary, goltuga sokulan para güýçli gazaby ýatyrýar.
15 Adalaty berjaý etmek dogruçyl adama şatlykdyr, ýaman iş edýäne heläkçilikdir.
16 Düşünje ýolundan sowlan ölüler toparynda ornaşar.
17 Hezilligi söýýän mätäçdir, şeraby we ýagy söýýän baýamaz.
18 Ýaramazlar dogruçyl üçin, biwepalar hem sadyk üçin töleg bolar.
19 Igenjeň hem gaharjaň aýal bilen ýaşandan, çölde ýaşamak gowudyr.
20 Arzyly hazyna hem ýag dananyň jaýyndadyr, akmak bolsa baryny symyşlar.
21 Dogruçyllyk hem sadyklyk yzlaýan adam ýaşaýyş hem hormat tapar.
22 Akyldar adam güýçlüleriň şäherine baryp, olaryň bil baglaýan berkitmesini ýumurýar.
23 Agzyna we diline berk janyny beladan goraýandyr.
24 Çendenaşa bihaýa iş edýän gedem hem tekepbir adamyň ady masgaralaýjydyr.
25 Ýaltany öz höwesi öldürýär, çünki onuň elleri işden boýun gaçyrýar.
26 Ol uzak gün açgözlük bilen isleýär, dogruçyl bolsa ölçemän berýär we gysganmaýar.
27 Ýaramazlaryň gurbanlygy ýigrenjidir, eger ol ýaman niýet bilen getiren bolsa, ondanam beterdir.
28 Galp şaýat heläk bolar, diňleýän adamyň sözi dowam eder.
29 Ýaramaz adam ýüzüni galňadýandyr, dogruçyl adam bolsa öz ýoluny oýlaýandyr.
30 Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.
31 At söweş güni üçin seýislenýändir, emma ýeňiş Rebdendir. ‎




Chapter 22

1 Ýagşy at-abraý köp baýlykdan artyk, sylag-hormat hem kümüşden-altyndan ýagşydyr.
2 Baý bilen garybyň bir meňzeşligi bar, olaryň ikisini-de ýaradan Rebdir.
3 Paýhasly adam howpy görüp gizlenýändir, nadan göni gidip jeza alýandyr.
4 Kiçigöwünliligiň, Rebden gorkmagyň sylagy – baýlyk, abraý we ýaşaýyşdyr.
5 Egri adamyň ýolunda tikenler we duzaklar bardyr. Öz janyna haýpy gelýän olardan daş durar.
6 Çagany dogry ýol bilen terbiýele, ulalanda hem şondan sowulmaz.
7 Baýlar garyplaryň üstünden höküm sürýändir, bergili-de karz bereniň guludyr.
8 Adalatsyzlyk ekýän bela-beter orar, gazabyň taýagyndan heläk bolar.
9 Sahy adam ýalkanýandyr, çünki ol çöreginden ejizlere berýär.
10 Masgaralaýjyny kow, şonda jenjel ýok bolar, töhmetdir-dawanyň yzy kesiler.
11 Päk ýürekliligi söýýän, merhemetli sözleýän patyşanyň ýakyny bolar.
12 Rebbiň gözleri bilimi goraýandyr, wepasyzyň sözlerini bolsa ýalana çykarýandyr.
13 Ýalta diýýär: «Daşarda arslan bar, ýolda ol meni parçalar».
14 Azgyn aýalyň agzy düýpsüz gorpdur, Rebbiň gazabyna duşan oňa ýykylar.
15 Çaganyň ýüreginde akmaklyk kök urýandyr, ýöne terbiýe taýagy ony akmaklykdan uzaklaşdyrýandyr.
16 Baý bolmak üçin garyplary ezýän hem-de baýlara sowgat berýän diňe garyp düşer.
17 Gulak as-da, akyldarlaryň sözüni diňle, meniň öwretjek zatlaryma dykgat et.
18 Sen olary kalbyňda saklasaň, olaryň ählisi diliňde bolsa ýakymly bolar.
19 Seniň Rebbe ynanjyň bolary ýaly, men şu gün saňa, hut saňa öwredýärin.
20 Gaýdanyňda seni ýollanlara çyn söz hem ynamly jogap bereriň ýaly, men saňa maslahat hem bilim üçin otuz nesihat ýazyp bereýin.
22 Garyby garyplygy sebäpli talama, mätäji mejlisde ezme.
23 Çünki olaryň tarapyny Reb tutar, olary talany Ol talar.
24 Olaryň ýollaryna öwrenişip, janyňy duzaga düşürmeziň üçin, gaharjaň adam bilen tirkeşme, gyzma adam bilen gatnaşyk açma.
26 Biri bilen el berişme, birine kepil bolýanlardan bolma.
27 Tölemäge zadyň bolmasa, aşagyňdaky düşegiňi almazlarmy näme?
28 Ata-babaň goýan gadymy araçäk daşyny süýşürme.
29 Işine ökde adamlary görýäňmi? Olar garamaýagyň hyzmatyny etmez, patyşalaryň huzurynda durar. ‎




Chapter 23

1 Hökümdar bilen nahar iýmäge oturanyňda, öňüňde goýlana syn et.
2 Horan bolsaň, bogazyňa pyçak goý.
3 Onuň näz-nygmatyna höwes etme, çünki ol hileli çörekdir.
4 Baýajak bolup agyr zähmet çekme, pähimli bol, bu pikiriňden el çek.
5 Seniň gözüň baýlyga kaklyşanda, şol baýlyk gidýändir, çünki ol birden ganat çykaryp, bürgüt ýaly asmana uçýandyr.
6 Gysganç adamyň çöregini iýme, onuň lezzetli näzi-nygmatlaryna höwes etme.
7 Çünki ol içinden peýdasyny hasaplaýan ýalydyr, «Iý, iç!» diýýändir, ýöne ýüregi seniň bilen däldir.
8 Iýen lukmaňy gusarsyň, süýji sözleriňi ýele sowrarsyň.
9 Akmaga söz aýtma, çünki ol aýdan danalygyňy ýigrener.
10 Gadymy araçäk daşyny süýşürme, ýetimleriň ekin ýerinden alma.
11 Çünki olaryň Hossary güýçli, olaryň dawasyny seniň bilen Ol tutar.
12 Kalbyňy öwüt-nesihata, gulaklaryňy-da bilimli sözlere ber.
13 Terbiýäni çagalaryňdan gaýgyrma; terbiýe taýagy olary öldürmez.
14 Eger sen olary taýak bilen ursaň, janlaryny ölüler dünýäsinden halas edersiň.
15 Oglum, seniň ýüregiň akylly bolsa, meniň ýüregim hem şatlanar.
16 Sen dogry sözläniňde, meniň göwnüm şatlanar.
17 Günäkärlere gözüň gitmesin, mydam Rebden gorkup gez.
18 Çünki seniň geljegiň bolar ahyryn, umydyň üzülmez.
19 Oglum, diňle, sen akylly bol, ýüregiňi dogry ýola sal.
20 Şerap içegenleriň ýa-da et iýegenleriň arasynda bolma.
21 Çünki içegen we iýegen har düşer, ukuçyllyk bolsa adama ýyrtyk jul geýdirýändir.
22 Ataňy diňle, ol seni dünýä inderdi, eneňi ýigrenme garran wagtynda.
23 Hakykaty satyn al, ony satma. Danalygy, öwüdi, paýhasy hem satyn al.
24 Dogruçylyň atasy köp begener, parasatly perzendi dünýä inderen, oňa guwanar.
25 Ataň-eneň guwansyn, seni dogran begensin.
26 Oglum, ýüregiňi maňa bagla, gözleriňi meniň ýollaryma dik.
27 Çünki loly düýpsüz gorpdur, kemçin-de dar guýudyr.
28 Ol garakçy kimin ýolda peýläp durup, wepasyzlaryň sanyny artdyrýar.
29 Ah çekýän kim? Wah çekýän kim? Jenjel kimiňki? Nala kimiňki? Sebäpsiz ýaralanan kim? Gözleri gyzaran kim?
30 Şerabyň başynda uzak oturýanlaryňky, garyşyk içgini içip görýänleriňki.
31 Şerabyň alyna, pyýalada öwşün atyşyna, aňsatlyk bilen aşak sarkýanyna bakma.
32 Soňunda ýylan kimin çakýandyr, alahöwren bolup sokýandyr.
33 Gözleriň geň-taň zatlary görer, seniň aňyň egri sözler aýdar.
34 Sen kä deňiz ortasynda ýatan ýaly, kä gäminiň bogaldagynda oturan ýaly bolarsyň.
35 «Meni urdular, agyry duýmadym; meni ýençdiler, ony bilmedim. Ýaňadan içmek üçin, haçan turaryn?» diýersiň. ‎




Chapter 24

1 Ýamanlara gözüň gitmesin, olar bilen bile bolmak isleme.
2 Çünki olaryň göwni zorluk barada pikir edýändir, dilleri içigaraçylygy gepleýändir.
3 Öý danalyk bilen gurulýandyr, düşünje bilenem berkarar edilýändir.
4 Bilim bilen öýüň içi gymmatly hem ýakymly baýlykdan dolýandyr.
5 Parasatly adam güýçlülerden güýçlüdir, bilimli adam öz güýjüni artdyrar.
6 Çünki sen urşuňy sagdyn maslahat bilen alyp barýarsyň, maslahatçynyň köp ýerinde ýeňiş bardyr.
7 Akmak üçin danalyk örän belentdedir, mejlisde ol agzyny açyp bilmeýär.
8 Niýetini ýamana dikýäne pitneçi diýilýändir.
9 Akmaklygy niýetlemek günädir, masgaralaýjy bolsa adamlara ýigrenjidir.
10 Agyr günde tapdan düşseň, seniň güýjüň azdyr.
11 Ölüme alnyp barylýanlary halas et, büdräp barýanlary yzyna çek.
12 Eger sen: «Biz bilmedik» diýseň, ýürekleri synaýan muny bilmezmi? Seniň janyňy goraýan ony aňmazmy? Ol her kime işine laýyk gaýtarmazmy?
13 Oglum, bal iý, çünki ol ýakymlydyr, bal damagyňa datlydyr.
14 Danalyk hem seniň janyňa bal ýalydyr, ony tapsaň, geljegiňi taparsyň. Umydyň üzülmez.
15 Ýaramaz adam ýaly dogruçylyň mesgenine garşy bukuda ýatma, onuň ýurduny ýykma.
16 Çünki dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerden galýandyr, ýaramazy betbagtlyk ýykýandyr.
17 Duşmanyň ýykylanda şatlanma, büdrese ýüregiň begenmesin.
18 Ýogsa ony Reb görüp, Ol senden närazy bolar, gaharyny duşmanyňdan sowar.
19 Ýamanlyk edýänler üçin gaharyňy getirme, ýaramazlara gözüň gitmesin.
20 Çünki olaryň geljegi bolmaz, ýaramazlaryň çyrasy öçer.
21 Oglum, Rebden hem patyşadan gork. Olara garşy pitneçiler bilen gatnaşyk etme.
22 Çünki olaryň betbagtlygy duýdansyz geler, Reb hem patyşadan ýetjek weýrançylygy kim biler?
23 Şular hem akyldarlaryň sözleridir: Hökümde tarapgöýlük etmek ýagşy däldir.
24 Ýaramaza: «Sen dogrusyň» diýeni halklar näletlär, ony milletler ýigrener.
25 Karar çykarýanlaryň şähdi şat bolar, olara ýagşy alkyşlar geler.
26 Dogry jogap dodagyňdan ogşalýan ýalydyr.
27 Daşardaky işleriňi bitir, ekin meýdanyňy tertibe sal, soňra öýüňi gur.
28 Ýakynyňa sebäpsiz ýere şaýatlyk etme, diliň bilen aldama.
29 «Maňa näme eden bolsa, menem şony ederin, etmişine görä gaýtararyn» diýme.
30 Men ýalta adamyň meýdanyndan, kemakylyň üzüm bagynyň gapdalyndan geçdim.
31 Ine, bar ýeri haşal ot basan eken, üstüni bürmek örten eken, daşyndaky diwary ýykylan eken.
32 Nazar saldym hem oýa batdym, görenimden sapak aldym.
33 Birazajyk uklamak, biraz irkilmek üçin, gyşaryp gol gowşuranyňda, garyplyk galtaman ýaly, mätäçlik ýaragly adam mysaly başyňdan iner. ‎




Chapter 25

1 Bular hem Süleýmanyň pähimleridir. Olary Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň emeldarlary göçürip alypdyrlar.
2 Ýaşyryn iş Hudaýyň şöhratydyr, işi derňemek bolsa patyşanyň şöhratydyr.
3 Asman belent, ýeriň aşagy çuň; patyşanyň ýüregi hem şeýledir, ony derňäp bolýan däldir.
4 Kümüşden hapany aýyr, zergäre bir gap bolar.
5 Ýaramaz adamy patyşanyň huzuryndan aýyr, şonda tagt dogruçyllyk bilen berkarar bolar.
6 Patyşanyň huzurynda özüňi ýokary tutma, beýikleriň ornunda durma.
7 Çünki asylzadalaryň öňünde kiçelmegiňden, emeldaryň saňa: «Töre geç» diýmegi gowudyr. Gözüň gören zadyny
8 derrew kaza getirme. Soňra ýakynyň seni utandyranda näme edersiň?
9 Dawany ýakynyň özi bilen et, başganyň syryny paş etme.
10 Ýogsa eşiden adam seni uýada goýar, hemişe ýaman atly bolarsyň.
11 Ýerinde aýdylan söz kümüş mejimäniň içinde goýlan altyn alma ýalydyr.
12 Diňleýän gulaga akyldaryň käýinji tylla ysyrga we altyn bezeg ýalydyr.
13 Sadyk ilçi özüni iberenler üçin, orak wagtynda garyň salkynlygy ýalydyr. Ol öz hojaýynynyň nepesini janlandyrar.
14 Berilmedik sowgat bilen öwünýän adam ýagmyrsyz bulut we boş ýel ýalydyr.
15 Hökümdar sabyr bilen yrylýandyr, mylaýym söz iň kütegiň hem aňyna ýetýändir.
16 Bal tapdyňmy? Ýeterlik iý, aşa düşüp gusaýma.
17 Ýakynyň öýüne ýygy-ýygy barmakdan aýagyňy kes, senden irip, seni ýigrenäýmesin.
18 Ýakynyna garşy ýalan şaýatlyk edýän adam gürzüdir, gylyçdyr, ýiti okdur.
19 Aladaly günde wepasyz adama ynanmak, çüýrük dişe we maýyp aýaga ynanan ýalydyr.
20 Gamly ýürege aýdym aýtmak sowuk howada geýim çykarmak we ýara sirke guýmak ýalydyr.
21 Eger duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber, suwsan bolsa suw ber.
22 Şonda onuň başyna köz goýarsyň, Reb seni sylaglar.
23 Demirgazyk ýeli ýagyş getirýändir, gybatkeş dil ýüzleri gaharly edýändir.
24 Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan, üçegiň bir burçunda ýaşamak gowudyr.
25 Uzak ýurtdan gelen hoş habar teşne bokurdaga sowuk suw ýalydyr.
26 Ýaramazlaryň öňünde ýan beren dogruçyl adam bulandyrylan çeşme, hapalanan bulak mysalydyr.
27 Baly köp iýmek ýagşy däldir, şöhratparazlykdan şöhrat gözlemek gowy däldir.
28 Özüne buýrup bilmeýän kişi diwardyr galasy ýykylan şäher kimindir. ‎




Chapter 26

1 Tomusda gar we orak döwründe ýagyn ýaly, akmaga hem hormat ýaraşýan däldir.
2 Serçäniň eýläk-beýläk uçuşy ýaly, garlawajyň uçup gidişi kimin, sebäpsiz näletem täsir etmez.
3 Ata gamçy, eşege nogta, akmagyň ýagyrnysyna-da taýak ýaraşýandyr.
4 Akylsyzyň akmaklygyna görä jogap berme, ýogsa senem oňa meňzärsiň.
5 Akylsyza akmaklygyna görä jogap ber, ýogsa özüni akylly saýar.
6 Akmagyň üsti bilen habar ýollaýan özüne zyýan eder hem azap çeker.
7 Ysmazyň aýagy nähili salparýan bolsa, akmagyň agzyndaky pähim hem şeýledir.
8 Daşy sapana berk daňyp goýan adam nähili bolsa, akmaga hormat goýýan-da şeýledir.
9 Serhoşuň eline batan tiken nähili bolsa, pähim-de akmagyň agzynda şeýledir.
10 Duş geleni ýaralaýan kemançy nähili bolsa, akmagy, bir ötegçini hakyna tutýan hem şeýledir.
11 Öz gusugyna öwrülip gelýän it nähili bolsa, akmaklygyny gaýtalaýan akmak hem şeýledir.
12 Öz gözüne akyldar görünýän adamy gördüňmi? Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür.
13 Ýalta: «Köçede arslan, ýolda ýolbars bar» diýýändir.
14 Gapy öz petlelerinde nähili aýlanýan bolsa, ýalta-da öz düşeginde şeýledir.
15 Ýalta elini tabaga uzadyp, ony agzyna ýetirmäge ýadaýandyr.
16 Ýalta öz gözüne sagdyn pikirli jogap berýän ýedi kişiden-de akyllydyr.
17 Özüne degişli bolmadyk dawa goşulýan geçip barýan itiň gulagyndan tutýan adam ýalydyr.
18 Öz ýakynyny aldap: «Men oýun edýän ahyryn» diýýän adam gor, ok we ölüm ýagdyrýan kişi ýalydyr.
20 Odun gutaranda, ot sönýändir, şugulçynyň ýok ýerinde dawa tükenýändir.
21 Kömür köz üçin, odun ot üçin, jenjelçi dawa tutaşdyrmak üçin gerek.
22 Gybatkeşiň sözleri datly lukma kimindir, olar hut içiňe siňýändir.
23 Süýji dilli hem ýaman ýürekli adam kümüş suwy çaýylan toýun gap ýalydyr.
24 Ýigrenjini dili bilen örtýändir, göwnünde bolsa hile saklaýandyr,
25 onuň mylaýym gepleýşine ynanma, çünki ýüreginde ýedi ýigrenç bardyr.
26 Ýigrenjini hile bilen örtse-de, ýamanlygy jemagata aýan bolýandyr.
27 Kim gorp gazsa, oňa özi ýykylar, kim ýokary daş togalasa, ol öz üstüne gaýdar.
28 Ýalançy dil ynjydýan adamlaryny ýigrenýändir, ýaranjaňlyk edýän dil heläkçilik döredýändir. ‎




Chapter 27

1 Ertirki günüň barada öwünme, çünki sen günüň näme getirjegini bilýän dälsiň.
2 Seni öz agzyň däl, başgalar öwsün, öz diliň däl, keseki öwsün.
3 Daş agyrdyr, çäge ýükdür, ýöne akmagyň meçew bermegi ol ikisinden-de agyrdyr.
4 Gazap zabundyr, gahar sil kimindir, emma gabanjaňlygyň öňünde kim durup biler?
5 Açyk käýinç ýaşyryn söýgüden gowudyr.
6 Dostuň salan ýarasy wepalylykdandyr, ýöne duşmanyň posalary köpdür.
7 Dok adam baly ýigrenýändir, aç kişä ajy zatlar hem süýjüdir.
8 Höwürtgesinden daş giden guş nähili bolsa, öz öýünden daşlaşan adam-da şeýledir.
9 Hoşboý ýag we atyr ýüregi şatlandyrýandyr, ýakynyň ýakymy ýürekden beren maslahatyndadyr.
10 Öz ýakynyňy, ataň ýakynyny terk etme, başyňa bela gelen güni doganyň öýüne gitme, uzakdaky dogandan, ýakyn goňşy ýagşydyr.
11 Oglum, akylly bol, meniň ýüregimi şatlandyr, şonda gyjalat berseler, men jogap bererin.
12 Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir, nadan bolsa, öňe geçip zyýan çekýändir.
13 Nätanşa kepil bolanyň geýimini al, kesekä kepil bolandan girew al.
14 Biri daň-säher turup, gaty ses bilen goňşusyndan saglyk-amanlyk sorasa, oňa nälet saýylar.
15 Igenjeň aýal hem üznüksiz damýan damjalar biri-birine meňzeşdir. Ol aýaly saklamak ýeli duruzmak ýa-da sag eliň bilen ýagy gysymyňda saklamak ýalydyr.
17 Demir demri, adam adamy ýiteldýändir.
18 Injir agajyna seredýän onuň miwesini iýer, hojaýynyna seredýän hormatly bolar.
19 Suwuň ýüzünde ýüzüň görnüşi ýaly, adam ýüreginde hem özi görünýär.
20 Ölüler dünýäsiniň we heläkçilik ýeriniň doýmaýşy ýaly, adamyň gözi-de asla doýýan däldir.
21 Kümüş göweçde, altyn kürede synalýan bolsa, adam hem öwgüde synalýandyr.
22 Akmagy sokuda galla garyp, sokudaşy bilen döwseň-de, ondan akmaklygy aýrylmaz.
23 Öz sürüleriň ýagdaýyny ýagşy bil, mallaryňa üns ber.
24 Çünki baýlyk ebedi däldir, täç-de elmydama nesilden-nesle geçýän däldir.
25 Otlar orlup, maýsa görnende, daglaryň oty ýygnalanda,
26 toklular seni geýindirer, tekeler meýdanyň bahasyny ödär.
27 Geçileriň süýdi seniň iýjegiň, içeriň iýmiti, hyzmatkäriň güzeranyna hem ýeterlik bolar. ‎




Chapter 28

1 Ýaramaz adam hiç kim kowalamasa-da gaçýandyr, dogruçyl bolsa arslan kimin batyrdyr.
2 Ýurt gozgalaň etse, serdary köpelýändir, aň-düşünjeli adam arkaly bolsa, abadanlyk dowam edýändir.
3 Ejizleri ezýän garyp hasyly süpürip äkidýän çabga ýalydyr.
4 Kanuny bozýanlar ýaramazlary öwýändir, kanuny saklaýanlar bolsa olar bilen göreşýändir.
5 Ýaman adamlar adalata düşünýän däldir, Rebbi agtarýanlar bolsa oňa doly düşünýändir.
6 Sadyk ýolda gezýän garyp egri ýoldan ýöreýän baýdan ýagşydyr.
7 Düşünjeli ogul kanuny saklaýar, horanlar bilen ýoldaş bolan atasyna ysnat getirer.
8 Peýda we göterim bilen baýlygyny artdyrýan ony garyplara sahawat edýän adam üçin ýygnaýandyr.
9 Kim kanuny diňlemezlik üçin gulagyny dykýan bolsa, onuň Hudaýdan dilegi-de ýigrenjidir.
10 Kim dogruçyllary ýaman ýola çekýän bolsa, öz gazan gorpuna özi ýykylar. Sadyklar bolsa ýagşy miras alarlar.
11 Baý öz gözüne akyllydyr, düşünjeli garyp bolsa ony synlap tanaýandyr.
12 Dogrular üstün çykanda, uly dabara bolýandyr, emma erbetler güýje eýe bolsa, adamlar bukulýandyr.
13 Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.
14 Mydama Rebden gorkýan adam nähili bagtly! Ýüregini gataldýanlar bolsa bela uçraýar.
15 Ejiz halkyň ýaramaz hökümdary arlaýan arslan, topulýan aýy ýalydyr.
16 Düşünjesiz hökümdar juda zalymdyr, adalatsyz gazanjy ýigrenýän bolsa ömrüni uzaldýandyr.
17 Biriniň ganyna galan adam gabra çenli gaçar, ony hiç kim goldamasyn.
18 Sadyk gezýänler halas bolar, egri ýolly adamlar bolsa duýdansyz ýykylar.
19 Öz ýerini bejerýäniň nany bol bolar, boş işlere kowalaşýan garyplykdan bol bolar.
20 Sadyk adamyň ýalkawy köp bolar, baýlygyň yzynda hars urýan bolsa jezasyz galmaz.
21 Tarapgöý bolmak ýagşy däldir, bir döwüm nan diýip ynsan ýazykly bolar.
22 Gysganç adam baýlygyň yzynda hars urup, başyna garyplygyň geljegini bilýän däldir.
23 Dili bilen ýaranjaňlyk edýänden, birine käýeýän köp göwün awlar.
24 Ata-enesini talap, ýene «Bu ýazyk däldir» diýýän garakçynyň şärigidir.
25 Açgöz adam jenjelçidir, Rebbe bil baglaýan bolsa doklukda ýaşar.
26 Özüne ynanýan akmakdyr, parasatly gezýän bolsa gutular.
27 Ýoksula ýardam edýän mätäç bolmaz, görmezlige salýan bolsa, näletsiz galmaz.
28 Erbetler güýje eýe bolanda, adamlar bukulýandyr, olar heläk bolanda bolsa, dogruçyllar güýçlenýändir. ‎




Chapter 29

1 Köp gezek käýelse-de boýnuýogynlyk edýän duýdansyz heläkçilige uçrar, melhem ýokdur.
2 Dogruçyllar güýçlenende, halk begenýändir. Ýaramazlar höküm sürende, halk ahy-nala çekýändir.
3 Danalygy söýýän ogul atasyny şatlandyrýandyr, emma lolulara ýaran bolan mal-mülküni ýoklaýandyr.
4 Patyşa ýurdy adalat bilen berkidýändir, para alýan bolsa ony tozdurýandyr.
5 Ýakynyna ýaranjaňlyk edýän adam onuň aýagyna tor gurýandyr.
6 Ýaman adamyň ýazygy özüne gapandyr, dogruçyl bolsa aýdym aýdyp şatlanýandyr.
7 Dogruçyl adam ejizleriň hakyna üns berýändir, ýaramaz bolsa şu meselä düşünýänem däldir.
8 Masgaralaýjy adamlar şäherde ot gorsaýandyrlar, akyldarlar bolsa gahar-gazaby köşeşdirýändirler.
9 Akylly adam akmak bilen kazyýetde dawalaşanda, akmak gyzanda-da, gülende-de rahatlyk bermez.
10 Ganhor aýypsyz adamlary ýigrenýändir, hatda dogry adamlaryň janyny almakçy bolýandyr.
11 Akmak bar gaharyny daşyna çykarýandyr, akylly adam bolsa gaharyna basalyk berýändir.
12 Hökümdar ýalan söze gulak salsa, onuň ähli emeldarlary ýaramaz bolar.
13 Garyp bilen zalymyň bir meňzeşligi bar, ikisiniň gözüne-de Reb ýagtylyk berýär.
14 Patyşa ejizlere adalatly höküm çykarsa, onuň tagty ebedi berkarar bolar.
15 Taýak we käýinç danalyk getirýändir, başyna goýberilen çaga bolsa enesini utanja goýýandyr.
16 Ýaramazlar güýçlenende, ýazyk hem köpelýändir, dogruçyllar bolsa olaryň ýykylýanyny görerler.
17 Ogluňy terbiýele, ol saňa rahatlyk berer, özüňe ýakymly bolar.
18 Gökden aýanlyk bolmasa, halk jylawsyz bolýandyr. Kanuny berjaý edýän bolsa bagtlydyr.
19 Gul diňe söz bilen terbiýelenýän däldir, çünki düşünse-de gulak asmaz.
20 Oýlanman gepleýän adamy gördüňmi? Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür.
21 Kim guluny ýaşlykdan läliksireden bolsa, soňunda ony mirasdary etmeli bolar.
22 Gaharjaň adam jenjel turuzýandyr, gazaply adam ýazyk etdirýändir.
23 Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir, pesgöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr.
24 Ogry bilen şärik bolýan özüni ýigrenýändir, ol günälenmegi eşitse-de, hiç gepläp bilmeýär.
25 Adamdan gorkmak duzakdyr, Rebbe bil baglaýan bolsa aman galýandyr.
26 Hökümdaryň gözüne ilmek isleýän köpdür, ýöne adam adalaty Rebden alýandyr.
27 Adalatsyz adam dogruçyllara ýigrenjidir, dogry adam hem ýaramazlara ýigrenjidir. ‎




Chapter 30

1 Massaly Ýakeniň ogly Aguryň wajyp sözleri: Şol adam Itiýele sargaýar, Itiýele we Ukala şeýle diýýär:
2 Men adam bolardan samsyk, ynsan düşünjesi mende ýok.
3 Ne danalygy öwrendim, ne Mukaddesi bildim.
4 Kim göge çykyp, aşak indi? Ýeli owujynda toplan kim? Suwlary geýiminde oran kim? Kim ýeriň ähli uçlaryny berkarar etdi? Onuň ady näme? Onuň oglunyň ady näme? Bilýäňmi näme?
5 Hudaýyň her bir sözi sap hakykatdyr. Ol Özüne sygynýanlara galkandyr.
6 Onuň sözlerine hiç zat goşma, saňa käýinmesin, ýalançy çykaýma.
7 Men Senden iki zat diledim, ölmänkäm olary menden gaýgyrma:
8 Galplygy, ýalan sözlüligi menden daş et, meni garyp hem, baý hem etme. Dok bolup: «Rebbim kim?» diýip, Seni inkär etmezim ýaly, garyplykda ogurlyk edip, Hudaýyň adyna ysnat getirmezim ýaly, ýeterlik paýymy ber meniň.
10 Hyzmatkäri hojaýynyna ýamanlama, ýogsa saňa gargyş eder, sen ýazykly çykarsyň.
11 Şeýle adamlar bar, atasyna gargaýandyr, enesine alkyş edýän däldir.
12 Şeýle adamlar bar, özüni tämiz saýýandyr, aslynda bolsa haramlykdan päklenen däldir.
13 Adamlar bar, bakyşy şeýle tekepbir, gabaklary nähili ýokary.
14 Şeýle adamlar bar, ýer ýüzünden garyplary, adamlar arasyndaky mätäçleri symyşlamak üçin dişleri gylyç, azylary pyçakdyr.
15 Sülügiň iki gyzy bar: «Ber! Ber!» diýip gygyrýar. Üç zat bardyr, hiç doýmaz, has takygy dört zat «Besdir» diýmez:
16 Ölüler dünýäsi, önelgesiz ýatgy, suwdan ganmaýan toprak, «Besdir» diýmeýän ot.
17 Atasyny masgaralap, enesini diňlemän, har edýän gözi dere gargalary çokar, bürgütler iýer.
18 Meni haýran galdyrýan üç zat bar, dogrusy dört zada akylym ýetmeýär:
19 Gökde bürgüdiň ýoly, gaýada ýylanyň ýoly, deňizde gäminiň ýoly, ýigidiň ulugyza bolan ýoly.
20 Zyna edýän aýalyň ýoly-da şeýledir: Ol iýýändir, agzyny süpürip: «Ýaman iş edemok» diýýändir.
21 Üç zatdan ýer sarsýandyr, ýagny dört zady göterip bilmeýär:
22 Gul patyşa bolanda, akmak iýmitden doýanda,
23 Halanmaýan garry gyz äre çykanda, gyrnak bikesiniň ornuny eýeläninde.
24 Dünýäde dört maýda zat bar. Ýöne olar gaty akyllydyrlar:
25 Garynjalar güýçli jandar däldirler, azygyny welin tomusda taýýarlaýandyrlar.
26 Gaýa torsuklary kuwwatsyz jandardyr, ýöne hinini gaýada gurýandyr.
27 Çekirtgeleriň patyşasy ýokdur, ýöne ählisi sap-sap bolup çykýandyr.
28 Kelpezäni el bilen tutup bolýandyr, ýöne patyşalaryň köşgünde bolýandyr.
29 Gadamy owadan üç zat, dogrusy ýörişi owadan dört zat bardyr:
30 Haýwanlaryň iň batyry, hiç birinden gaçmaýan arslan.
31 Magtanyp ýöreýän horaz we teke, goşuny ýanynda bolan patyşa.
32 Eger sen akmak bolup özüňi öwseň ýa ýamanlygy niýet eden bolsaň, onda eliňi agzyňa tut.
33 Çünki süýdi gysmakdan ýag, burnuňy gysmakdan gan, gazaby gysmakdan dawa çykýandyr. ‎




Chapter 31

1 Massa patyşasy Lemuwala ejesiniň öwreden wajyp sözleri:
2 Näme, oglum? Göwrämden önen zürýadym! Näme diýeýin, Hudaýdan diläp alan oglum?
3 Güýjüňi hem ýollaryňy patyşalary heläkleýän aýallara berme.
4 Eý, Lemuwal, şerap içmek patyşalara ýaraşmaz, meý-içgi hökümdarlara gelişmez.
5 Olar içip, düzgüni unudaýmasynlar, ähli ezilenleriň hakyny ýoýaýmasynlar.
6 Meýi heläk bolup barýana, şeraby ajy hasrat çekýäne bergin.
7 Olar içip, garyplygyny unutsyn, azabyny ýada salmasyn.
8 Agzyňy dilsizler üçin, hossarsyzlaryň haky üçin açgyn.
9 Geple, dogruçyllyk bilen höküm çykar, garybyň we mätäjiň hakyny alyp ber.
10 Başarjaň aýaly kim tapyp bilýär? Onuň gadyr-gymmaty jöwherden ýokarydyr.
11 Äri oňa ýürekden bil baglaýandyr, hiç zada mätäç bolmaz.
12 Ol ärine ýamanlyk däl-de, bütin ömrüne ýagşylyk edýändir.
13 Ýüňi we zygyry saýlaýandyr, elleri höwes bilen işleýändir.
14 Ol söwda gämileri ýaly, içerisiniň iýjegini uzakdan getirýändir.
15 Entek garaňkyka turup, içerisine nahar, hyzmatkärlerine tabşyryk berýändir.
16 Oýlanyp, ekin meýdanyny satyn alýandyr, eliniň gazanjy bilen üzümleri oturdýandyr.
17 Bilini berk guşap, gollaryna güýjüni toplaýandyr.
18 Harydynyň peýdasyny bilýändir, çyrasy gijesine-de sönýän däldir.
19 Elini çarha goýýandyr, barmaklary igi tutýandyr.
20 Garyba eli açykdyr, mätäje elini uzadýandyr.
21 Içerisi üçin gardan gorkýan däldir, çünki bütin içerisi galyň geýinýändir.
22 Özi ýorgan köpeýändir, lybasy nepis keteni we gyrmyzydyr.
23 Äri şäher derwezesiniň alnynda tanalýar, ýurduň ýaşulularynyň arasynda oturýandyr.
24 Keteniden lybaslar tikip satýandyr, söwdagärlere guşaklar eltip berýändir.
25 Güýç hem hormat onuň lybasydyr. Geljege seredip guwanýandyr.
26 Danalyk bilen sözleýändir, dilinde dogry öwütler bardyr.
27 Içerisiniň işlerine oňat seredýändir, ýaltalyk çöregini iýýän däldir.
28 Çagalary turup, oňa alkyş aýdýandyr, äri hem turup, ony taryplaýandyr:
29 «Başarjaňlyk bilen işleýän zenan köpdür, ýöne sen olaryň baryndan ýokarysyň».
30 Görmegeýlik aldawçydyr, owadanlyk puçdur, diňe Rebden gorkýan aýal taryplanýandyr.
31 Elleriniň miwesini oňa beriň, goý, şäher derwezesinde ony işleri öwsün.