Nagmalar nagmasy

1 2 3 4 5 6 7 8

Chapter 1

1 Dodaklary bilen, goý, meni öpsün! Çünki şerapdan datlydyr söýgiň!
2 Müşki-anbarlaryň neneňsi hoşboý, adyň-da dökülen atyr deý, şonuň üçin gyzlar söýýärler seni.
3 Meni özüň bilen alaý, howlugaly. Şazadam meni içki otagyna getirdi. Bile lezzet alarys senden; şerapdanam zyýada wasp ederis yşgyňy; sen olaryň söýgisine mynasyp.
4 Eý, Iýerusalim gyzlary, garaýagyz-da bolsam, görmegeýdirin, gara men Kedaryň çadyrlary deý, owadan men Süleýmanyň perdeleri deý.
5 Garaýagyzlygyma bakmaň, gün garaltdy meni. Enemiň ogullary maňa gaharlandylar; üzüm bagyna meni sakçy goýdular, ýöne öz üzüm bagyma bakyp bilmedim.
6 Eý, köňlümiň aşygy, aýt maňa, Nirede bakýaň süriňi? Günorta çagy olara nirede dynç berýäň? Ýoldaşlaryňyň sürüleriniň ýanynda näme üçin sergezdan zenan dek bolaýyn?
7 Eý, gözelleriň soltany! Eger bilmeseň, süriniň yzy bilen git, çopanlaryň çadyrynyň ýanynda owlaklaryňy bak.
8 Fyrownyň arabasyna goşulan baýtala meňzedýärin seni, eý, meniň magşugym!
9 Şelpeli ýaňaklaryň, hünjüli boýnuň ne gözel!
10 Kümüş düwmeli tylla şelpeler ýasarys saňa.
11 Şazadam suprasynda otyrka, nard atyrym hoşboý ysyny saçdy.
12 Aşygym meniň üçin göwüslerimiň arasynda ýatýan mür bogdajygydyr.
13 Aşygym meniň üçin Engedi üzüm baglaryndaky hyna gülleriniň çogdamydyr.
14 Sen neneňsi gözel, Söýgüli dildarym, meniň! Sen neneňsi gözel, gögerçin gözlim!
15 Gör, nähili syratly sen, eý, meniň söýgüli ýarym, neneňsi hoşroý sen! Gök maýsalykdyr ýatýan ýerimiz.
16 Kedrdendir diregleri öýmüziň, arçadandyr üçegi.




Chapter 2

1 Men Şaronyň bägüli, dereleriň çigildemdirin.
2 Tiken arasyndaky çigildemdir dildarym, gyzlar içinde.
3 Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.
4 Ol meni meýlishana getirdi, maňa söýgi meýli bardy onda.
5 Kişmişler bilen meni güýçlendir, gurplandyr almalar bilen, çünki yşk heseri meni gaplady.
6 Sol eli kellämiň astynda, gujaklaýar meni sag eli bilen.
7 Eý, Iýerusalim gyzlary, jerenlerdir çöl marallaryndan ant içýärin: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň! Bahar aýdymy
8 Ýarymyň owazydyr bu! Ine, ol daglaryň üstünde bökjekläp, depeleriň üstünde towsaklap gelýär.
9 Jerene, keýik owlagyna meňzeýär dildarym. Ine, ol howlymyzyň daşynda durup, penjirelerden garaýar, gözeneklerden seredýär.
10 Söýgülim maňa şeýle diýdi: «Tur, dildarym, gözelim tur, ýör gideli bile.
11 Gyş ötdi, ýagyş diňdi.
12 Ýerde güller açylyp, nagma pursaty gelip, ülkämizde gumrynyň owazy eşidilýär.
13 Injir miwesini düwýär, üzümler gül açýar, hoşboý ysyny saçýar. Tur, dildarym, gözelim, bile gideli ýör».
14 Gaýa gowaklaryndaky, uçut kenardaky gögerçinim, jemalyň göreýin, eşideýin owazyň, şirin owazyň, jemalyň-da ajaýypdyr.
15 Bize tilkileri, üzüm baglaryny weýran edýän tilkijikleri tutup beriň, çünki üzüm baglarymyz gül açýar.
16 Söýgülim meniňki, men-de onuňkydyryn; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.
17 Daň atyp, kölegeler ýitýänçä, dolan yzyňa, söýgülim, Beser daglaryndaky jeren deý, keýik owlagy deý bol!




Chapter 3

1 Köňül aşygymy gije düşegimden agtardym; gözläp tapmadym ony.
2 Indi turup, şähere çykaryn, köçelerden, meýdançalardan köňül aşygymy agtararyn. Gözläp tapmadym ony.
3 Aýlanyp ýören, şäher gözegçileri duşdy maňa. Olardan: «Köňül aşygymy gördüňizmi?» diýip soradym.
4 Olaryň deňinden geçen dessime, köňül aşygymy tapdym men. Ony saklap, enemiň öýüne, meni dogranyň otagyna getirýänçäm, goýbermedim.
5 Eý, Iýerusalim gyzlary, jerenlerdir çöl marallaryndan ant içýärin: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň! Giýew we onuň toýy
6 Tüsse sütüni deý çölden çykyp gelýän kim? Ondan täjirleriň hoşboý ysly atyrlaryndan edilen mürüň we ýakymly ysly tütetginiň hoşboý ysy bark urýar.
7 Ana, Süleýmanyň şa paýtuny! Ysraýylyň altmyş gerçegidir onuň daşynda.
8 Ählisi gylyçly, söweşe ökde; gijäniň wehiminden billeri gylyçlydyr.
9 Süleýman şa liwan agaçlaryndan özüne şa paýtunyny ýasatdy:
10 sütünleri kümüşden, tirsekligi gyzyldan, oturgyjy gyrmyzy mahmaldan. Içi Iýerusalim gyzlarynyň söýgüsine beslenen.
11 Eý, Siýon gyzlary, daşa çykyň-da, Süleýmany toý gününde, ýürekden şat gününde ejesiniň başyna geýdiren täjine bakyň!




Chapter 4

1 Neneňsi gözel sen, dildarym, neneňsi gözel! Bürenjegiň astynda gögerçin gözlim. Gilgat dagyndan inip gelýän geçileriň sürüsine ogşaýar saçyň.
2 Gyrkylyp, suwdan çykyp gelýän goýun sürüsine ogşaýar dişleriň. Ählisi ekizlidir, ýalky däldir olar.
3 Gyrmyzy sapak deý dodaklaryň, agzyň-da ne ajaýyp. Bürençekde gizlenen ýaňaklaryň enara meňzeýär.
4 Dawudyň gorhana diňidir boýnuň, müň gerçegiň galkany asylgydyr ondan.
5 Maýsalykda otlaýan ekiz jeren owlagyna ogşaýar iki göwsüň.
6 Daň atyp, kölegeler ýitýänçä, mür dagyna, hoşboý ysly tütetgi baýryna giderin.
7 Katdy-kamatyň neneňsi gözel, eý, dildarym! Sende hiç bir kemlik ýok.
8 Liwandan bile gideli, eý, gelinligim; Liwandan meniň bilen gaýt! Amana depesinden, Senir, Hermon depelerinden, şirleriň sürenlerinden, gaplaňly daglardan aşyp gel.
9 Eý, ezizim, gelinligim, köňlümi maýyl etdiň, gözleriň bilen bir bakyşda, boýnuň hünjüsiniň biri bilen köňlümi maýyl etdiň.
10 Ne şirin söýgiň seniň, eý, ezizim, gelinligim! Yşkyň şerapdan, atyryňyň hoşboý ysy ähli hoşboý ysly zatlardan lezzetlidir!
11 Dodaklaryňdan bal damýar, eý, gelinligim; bal bilen süýt bar diliň astynda; lybaslaryňyň ýakymly ysy Liwanyň hoşboý ysy deý.
12 Eý ezizim, gelinligim, sen bir gapysy ýapyk bagsyň, agzy ýapyk guýusyň, möhürlenen çeşmesiň.
13 Nahallaryň nar bakjasydyr: saýlama miweleri bilen, hyna hem nard atyrlary bilen,
14 atyrdyr zagpyran bilen, ysly gamyşdyr dalçyn bilen, dürli hoşboý ysly agaçlar bilen, mürdür aloýeler, dürli hoşboý ysly zatlar bilen.
15 Sen bag çeşmesisiň, şypaly suw guýusysyň, Liwanyň akar suwusyň.
16 Oýan, eý, demirgazyk ýeli! Gel, eý, günorta ýeli! Bagymyň üstünden öwüs, onuň atyr ysy çar tarapa ýaýrasyn. Ýarym öz bagyna gelsin, saýlama miwelerini iýsin!




Chapter 5

1 Eý, ezizim, gelinligim, men bagyma gelýärin; mürüm bilen atyrymy ýygnaýan, bal öýjügimi, balymy iýýän, şerabymy, süýdümi içýän.
2 Men ukuda, ýöne köňlüm oýa. Ine, bu ýarymyň owazy. «Gapyny aç, ezizim, dildarym meniň, gögerçinim, päkizäm meniň! Başym çyga ezilen, saçym-da gijäniň nemine».
3 Eşigimi çykarypdym geýeýinmi ýene? Aýaklarymy ýuwupdym hapalaýynmy ýene?
4 Elini gapy deşiginden uzatdy ýarym, yşkym oňa galkyndy.
5 Turdum ýaryma gapy açmaga, ellerimden damdy mür, barmaklarymdan akdy mür gulpuň tutawajyna.
6 Gapyny açdym ýaryma, ýöne giden eken ol. Owazyna ezildi ýüregim. Agtardym, tapmadym ony; çagyrdym, jogap bermedi.
7 Şäherde aýlanyp ýören gözegçiler maňa duşdular; meni urdular, ýaraladylar, şäher diwarlarynyň sakçylary bürenjegimi başymdan aýyrdylar.
8 Eý, Iýerusalim gyzlary! Size ýalbarýaryn, ýarymy görseňiz aýdyň, yşkdan heserländirin.
9 Ýaryň beýlekilerden nämesi artyk, eý, gözeller gözeli? bize ant içeriň ýaly, beýlekilerden nämesi artyk ýaryňyň?
10 Akmeňiz, gülgüne ýüzlüdir, ýarym, on müňleriň arasynda saýlanýar ol.
11 Sap altyndyr başy, saçlary buýra, garga deý gara.
12 Süýde ýuwlan gözleri, bulak başyndaky gögerçin ýaly, ýelmenen gymmatbaha daş deý görünýär.
13 Atyr saçýan gülhana deý ýaňaklary, mür damdyrýan bägüle ogşaýandyr dodaklary.
14 Gollary ýüzi sary ýakut bilen bezelen togalak altyndyr, göwresi gök ýakuda gaplanan pil süňküdir.
15 Aýaklary sap altyn üstünde oturdylan mermer sütünler deý, görki Liwan deý, saýlama kedr agaçlary deý.
16 Agzy iň datly, katdy-kamaty owadan. Bu meniň ýarymdyr, dostumdyr, eý, Iýerusalim gyzlary!




Chapter 6

1 Ýaryň nirä gitdi, eý, gözelleriň gözeli? Haýsy ýana ýöneldi ol? Ony yzlaly seniň bilen.
2 Ýarym öz bagyna, atyr saçýan gülhanasyna, baglarda sürüsini bakmaga, çigildemler ýygmaga gitdi.
3 Ýarym meniňki, men onuňky; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.
4 Eý, dildarym, Tirsa şäheri deý gözelsiň sen, hoşroýsyň Iýerusalim deý, tugly goşun deý şöwketli.
5 Gözleriňi menden sow, men olara bendi! Gilgat dagyndan inip gelýän geçi sürüsine ogşaýar saçyň.
6 Gyrkylyp, suwdan çykyp gelýän goýun sürüsine ogşaýar dişleriň. Ählisi ekizlidir, ýalky däldir olar.
7 Bürençekde gizlenen ýaňaklar enara meňzeýär.
8 Şanyň altmyş aýaly bar hem segsen gyrnagy, gyzlar-da san-sajaksyzdyr.
9 Gögerçinimiň, päkizämiň bolsa deňi-taýy ýok, enesiniň eziz gyzy ol, naýbaşysy ol. Gyzlar ony görüp, oňa bagtly diýdiler; şa aýallarydyr gyrnaklar ony öwdüler.
10 Şapak deý ýalpyldaýan, Aý dek gözel, Gün deý parlaýan, tugly goşun deý şöwketli kim bu?
11 Jülgäniň hasylyna seretmäge, üzüm baglarynyň gunçalaryny, narlaryň güllerini görmäge hoz bagyna gitdim.
12 Bilmän galdym, isleg-hyjuwym meni nädip şanly halkymyň söweş arabalaryna mündürdi.




Chapter 7

1 Dolan, eý, şulamly gyz, dolan! Dolan, saňa bakaly, dolan. Iki toparyň tansyna tomaşa edýän deý, şulamly gyza bakjaksyňyz näme üçin?
2 Ne gözel çarykly aýaklaryň, eý, asylzada gyzy! Butlaryň ökde zergäriň elinden çykan göwher mysaly.
3 Garyşyk şeraply hiç egsilmez şa käse mysalydyr göbegiň. Garnyň çigildemlere guşanan bugdaý topbagyna meňzeýär.
4 Ekiz jeren owlagyna ogşaýar iki göwsüň.
5 Boýnuň pil süňkünden edilen diň deý, gözleriň Batrabbim derwezesiniň ýanyndaky Heşbon howuzlary deý. Burnuň Damaska bakyp duran Liwan diňi deý.
6 Başyň Karmel dagy deý dik bolup, zülpleriň benewşedir, şa olara bendi boldy.
7 Sen neneňsi gözel, neneňsi hoşroý, eý, mylakatly dildarym! Nagmalar nagmasy
8 Boýuň serwi agajyna, göwüsleriň üzüm salkymlaryna meňzeýär.
9 Serwi agajyna çykyp, şahalaryndan ýapyşaýyn diýdim. Göwüsleriň üzüm salkymlary deý, demiň almalar deý hoşboý,
10 Dodaklaryň saýlama şerap deý bolsun. Şerap ýarym üçin aksyn, uklap ýatanlaryň dodaklaryndan süzülsin.
11 Men ýarymyňky, ol maňa maýyl.
12 Eý, ýarym, giň sähra çykaly, gel; gel, oba gijelerine seýil edeli.
13 Üzüm baglaryna gideli ir säher, göreli, gunçalapmy, gülläpmi üzüm, hem-de nar. Şol ýerde yşkymy bagş ederin saňa.
14 Mandragoralar atyr saçýar, gapymyzda täze hem guradylan dürli saýlama miweler bar, olary seň üçin sakladym, eý, ýarym.




Chapter 8

1 Käşgä enemiň göwsünden emen agam deý bolsadyň maňa! Daşarda duşanymda, öperdim seni, hiç kim meni ýazgarmazdy.
2 Öňüňe düşüp, enemiň öýüne getirerdim seni, öwüt bererdiň sen maňa. Hoşboý ysly şerapdan, enarlarymyň suwundan içirerdim saňa.
3 Sol eli kellämiň astynda, Gujaklaýar meni sag eli bilen.
4 Eý, Iýerusalim gyzlary, size ýalbarýaryn: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň! Gyzyň boýdaşlary
5 Ýaryna söýenip, çölden çykyp gelýän kim?
6 Ýüregiňde, goluňda sakla meni möhür deý; çünki yşk ölüm deý güýçli, gabanjaňlyk gabyr deý ýowuz. Yşkyň ýalny otly ýalyndyr, lowlaýan ýalyndyr ol.
7 Yşky ne bol suwlar söndürer, ne-de derýalar ony gark edip biler. Ynsan yşk üçin bary-ýoguny berse-de, ol ýigrenç bilen ret edilerdi.
8 Kiçi uýam bar, mämeleri heniz tözlenmedik, uýamyza söz aýdylan güni onuň üçin näme ederis?
9 Diwar bolan bolsady ol, üstünde kümüş diňler gurardyk, gapy bolan bolsady, ony kedr agajyna gaplardyk.
10 Men bir diwar, göwüslerim-de diňler deý. Şoňa görä ýarymyň gözüne kämil görünýän men.
11 Süleýmanyň Bagalhamonda üzüm bagy bardy, ony sakçylara tabşyrdy ol; hersi hasyl üçin müň kümüş teňňe bermelidi.
12 Meniň-de üzüm bagym özümiňkidir; eý, Süleýman, müň teňňe seniňki bolsun, iki ýüz kümüş hasylyň sakçylarynyňky bolsun!
13 Eý, baglarda mesgen tutan! Ýoldaşlarym owazyňy diňleýärler; men-de owazyňy eşideýin.
14 Ylga, eý, ýarym! Bark urýan daglaryň üstünde jeren deý, keýik owlagy deý bolgun.