Chapter 1

1 Kebar kanalynyň ýakasynda sürgün edilenleriň arasyndakam, gökler açyldy we men Hudaýdan gelen görnüşleri gördüm. Bu sürgünde bolýan wagtymyzyň otuzynjy ýylynyň dördünji aýynyň bäşine boldy.
2 Bu Ýehoýakyn patyşanyň sürgün edilmeginiň bäşinji ýylydy. Dördünji aýyň bäşine
3 babyllylaryň ýurdundaky Kebar kanalynyň ýakasynda Büziniň ogly Ezekiýel ruhana Rebbiň sözi geldi. Ol ýerde Rebbiň eli onuň üstündedi.
4 Men demirgazykdan tupanly şemalyň gelýänini gördüm. Şöhleli, üznüksiz ot saçýan äpet bulut gelýärdi, oduň ortasynda ýakuda meňzeş bir zat ýalpyldaýardy.
5 Buludyň ortasynda keşpleri ynsana meňzeş dört sany jandaryň duranyny gördüm.
6 Olaryň hersiniň dört ýüzi we dört ganaty bardy.
7 Aýaklary gönüdi, dabanlary göläniň toýnagyna meňzeýärdi we ýaldyrawuk bürünç kimin şöhle saçýardy.
8 Ganatlarynyň astyndan, dört gapdallaryndan ynsan elleri çykyp durdy. Dördüsiniň-de ýüzleri we ganatlary şeýledi:
9 Olaryň ganatlary biri-birine degip durdy. Jandarlar ýöränlerinde hiç ýana öwrülmän, her haýsy öz tarapyna göni gidýärdi.
10 Olaryň dördüsiniň-de ýüz keşpleri şeýledi: öňde dördüsiniň-de ynsan ýüzi, sag tarapynda arslan ýüzi, çep tarapynda öküz ýüzi we yzda bürgüt ýüzi bardy.
11 Olaryň ýüzleri şeýledi. Ganatlary bolsa ýokaryk gerilgidi; her jandaryň ganatlarynyň ikisi biri-birine galtaşyp durdy, beýleki iki ganaty bolsa, olaryň bedenlerini örtýärdi.
12 Olaryň her biri gös-göni hereket edýärdi. Olar hiç ýana sowulman, Ruhuň isleýän ugruna gidýärdiler.
13 Bu jandarlaryň görnüşi ýanyp duran oduň közlerini ýa-da şamçyraglary ýada salýardy; ot jandarlaryň ortasynda dyngysyz hereket edýärdi. Ot şöhle saçýardy we ondan ýyldyrym çykýardy.
14 Jandarlar ýyldyrym çaltlygynda gelip-gidip durdylar.
15 Men jandarlara seredenimde, ine, dört ýüzli jandarlaryň ýanynda olaryň hersi üçin ýerde bir tigir gördüm.
16 Tigirleriň görnüşi we gurluşy şeýledi: olar sary ýakut kimin ýalpyldaýardy we dördüsi-de biri-birine meňzeşdi; olaryň görnüşleri we gurluşlary tigir içindäki tigir ýalydy.
17 Çar tarapa ýöräp bilýärdiler; tigirler hiç ýana öwrülmeýärdiler.
18 Tigirleriň gurşawlary belent hem gorkunçdy; dördüsiniň-de gurşawlary tutuşlaýyn gözlerden doludy.
19 Jandarlar ýöränlerinde, tigirler-de olaryň ýany bilen ýöreýärdiler; jandarlar ýerden galanlarynda, tigirler-de bile ýerden galýardylar.
20 Ruh nirä gitmek islese, olar-da şol ýana gidýärdiler. Jandarlaryň ruhy tigirlerdedigi üçin, tigirler-de olar bilen bile ýerden galýardylar.
21 Jandarlar ýöreseler, tigirler-de ýöreýärdiler; jandarlar dursalar, tigirler-de durýardylar. Jandarlaryň ruhy tigirlerdedigi üçin, olar ýerden galanlarynda, tigirler-de bile galýardylar.
22 Gümmeze çalymdaş, buz ýaly ýaldyraýan gorkunç bir zat jandarlaryň kelleleriniň üstüne ýaýylypdy.
23 Gümmeziň aşagynda olaryň ganatlary biri-birine tarap gerilgi ýagdaýda gönelip durdy. Olaryň hersiniň bedenini örtýän başga-da iki ganaty bardy.
24 Olar ýöränlerinde, ganatlaryndan çykýan sesi eşitdim: joşup akýan suwlaryň şaggyldysy, Gudratygüýçliniň sesi we uly goşunyň gürpüldisi ýalydy. Olar duranlarynda, ganatlaryny aşak goýberýärdiler.
25 Ganatlaryny aşak goýberenlerinde, kellelerindäki gümmezden bir ses gelýärdi.
26 Kellelerindäki gümmeziň depesinde ýakut görnüşli tagtyň keşbi bardy; tagtyň keşbiniň üstünde ynsan görnüşinde bir keşp bardy.
27 Men keşbiň bilinden ýokardaky görnüşini gördüm, ol içi tutuşlaýyn ot görnüşli ýaldyraýan ýakut kimindi, keşbiň bilinden aşakdaky görnüşini-de gördüm, ol ot deýin parlap, töwerek-daşa şöhle saçyp durdy.
28 Daş-töwerekdäki şöhläniň görnüşi ýagyşly gün bulutda peýda bolan älemgoşar kimindi. Bu Rebbiň şöhratynyň görnüşiniň keşbidi. Men muny gören badyma ýüzin ýykyldym we kimdir biriniň gepleýän sesini eşitdim.




Chapter 2

1 Gepleýän ses maňa: «Eý, ynsan ogly, aýak üstüne gal, seniň bilen gepleşjek» diýdi.
2 Ol geplände, Ruh içime girip, meni aýak üstüne galdyrdy. Men Onuň özüme ýüzlenip gepleýänini eşitdim.
3 Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly, Men seni garşyma baş göteren pitneçi millet bolan ysraýyl halkynyň arasyna iberýärin. Şu güne çenli olar we olaryň ata-babalary Maňa garşy bolup geldiler.
4 Bu halk dikdüşdi we tekepbirdir. Men seni olaryň ýanyna iberýärin. Sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diý.
5 Bu pitneçi halk seni islese diňlesin, islemese diňlemesin, ýöne olar öz aralarynda bir pygamberiň bardygyny bilsinler.
6 Eý, ynsan ogly, sen olardan we olaryň sözlerinden gorkma. Daşyňy çalydyr tikenekler gurşasa-da, içýanlar arasynda ýaşasaň-da gorkma. Olaryň sözlerinden gorkma, ýüzlerinden heder etme, olar pitneçi halkdyr.
7 Olar seni isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara sözlerimi aýt, çünki olar pitneçi halkdyr.
8 Ýöne sen, eý, ynsan ogly, özüňe aýdýanlarymy diňle. Bu pitneçi halk ýaly dikdüşdi bolma, agzyňy aç-da, saňa berjek zadymy iý».
9 Onsoň men özüme tarap uzalýan bir el gördüm; ol elde düýrlenen bir kagyz bardy.
10 Ony meniň öňümde açyp goýdy, onuň iki tarapy hem ýazylgydy, onda agylar, iňňildiler we nalyş sözleri ýazylgydy.




Chapter 3

1 Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Özüňe berleni iý, şu kagyzy iýeniňden soň bolsa git-de, ysraýyl halky bilen gepleş» diýdi.
2 Onsoň men agzymy açdym we Ol bu kagyzy maňa iýmäge berdi.
3 Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Garnyňy doýur, bu kagyzdan içiňi doldur; muny saňa berýärin» diýdi. Onsoň men ony iýdim, ol agzymda bal ýaly süýjüdi.
4 Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Bar, git-de, ysraýyl halkyna Meniň sözlerimi aýt.
5 Men seni düşnüksiz gepleýän we dili kyn millete däl-de, ysraýyl halkynyň arasyna iberýärin.
6 Hawa, seni düşnüksiz gepleýän, dili kyn we sözlerine düşünip bolmaýan beýleki köp milletleriň arasyna iberemok. Olara ibersedim, olar seni hökman diňlärdiler.
7 Emma ysraýyl halky seni diňlemek islemez, olar hatda Meni-de diňlemek islemeýärler; çünki bütin ysraýyl halky keçjal we doňýürekdir.
8 Seret, Men seni edil olar ýaly keçjal we doňýürek etdim.
9 Seniň maňlaýyňy almaz ýaly çakmakdaşyndan hem gaty etdim. Olar pitneçi halkdyr, olardan gorkma, ýüzlerinden heder etme».
10 Ol maňa ýene-de şulary diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň saňa aýdýan ähli sözlerime gowuja gulak goý we ýüregiňe ornaşdyr.
11 Onsoň sürgün edilen halkyňyň ýanyna git-de, olara aýt. Isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diý».
12 Ruh meni ýokary galdyrdy, men ýeňsämden: «Rebbiň şöhratyna Öz mekanynda alkyş bolsun!» diýen äpet gopgunly sesi eşitdim.
13 Bu jandarlaryň biri-birlerine degýän ganatlarynyň we olaryň gapdallaryndaky tigirleriň äpet gopgunly sesidi.
14 Ruh meni ýokary göterip, bu ýerden alyp gitdi. Rebbiň eli meniň üstümde berk durdy we janym gahardan dolup, men gaýgy-hasratda gitdim.
15 Onsoň men Kebar kanalynyň ýakasyndaky Telabypda ýaşaýan sürgündäkileriň ýanyna bardym. Men olaryň ýaşaýan ýerinde, olaryň arasynda ýedi günläp aňk-taňk bolup oturdym.
16 Ýedi gün geçenden soň, maňa Rebbiň sözi geldi:
17 «Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi belledim. Meniň her bir aýdýan sözümi diňle-de, Menden olara duýduryş ber.
18 Men erbet adama: „Sen hökman ölersiň“ diýsem, sen hem oňa duýduryş bermeseň ýa-da onuň ömrüni halas etmek üçin erbet ýollaryndan el çekmek barada onuň bilen gepleşmeseň, ol erbet adam öz günäsi zerarly öler, emma onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn.
19 Emma sen erbede duýduryş berseň, ol-da erbetlikden el çekmese, ýaramaz gylyklaryny üýtgetmese, ol öz günäsi zerarly öler, emma sen öz janyňy halas edersiň.
20 Eger dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlige ýüz ursa, Men ony agyr güne salaryn, ol hem öler. Sen ol adama duýduryş bermeseň, ol öz günäsi zerarly öler we onuň eden dogry işleri ýatlanmaz. Men onuň ganyny bolsa senden talap ederin.
21 Ýöne dogruçyl adam günä etmez ýaly, oňa duýduryş berseň, ol-da günä etmese, elbetde, ol diri galar, sebäbi oňa duýduryş berildi; sen hem öz janyňy halas edersiň».
22 Ol ýerde Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol maňa: «Tur, düzlüge git, ol ýerde Men seniň bilen gepleşjek» diýdi.
23 Şeýlelikde, men turup, düzlüge gitdim. Ol ýerde Rebbiň şöhraty Kebar kanalynyň ýakasynda gören şöhratym ýalydy, men ýüzin ýykyldym.
24 Ruh içime girip, meni aýak üstüne galdyrdy. Ol meniň bilen gepleşip, şeýle diýdi: «Git-de, öýüňde gapyny içinden gulpla.
25 Ýöne sen, eý, ynsan ogly, boýnuňa tanap atylyp baglanarsyň. Şeýdip, sen halkyň arasyna gidip bilmersiň.
26 Olaryň pitneçi halkdygy üçin Men diliňi damagyňa ýapyşdyraryn, sen lal bolarsyň we olara öwüt berip bilmersiň.
27 Emma Men seniň bilen gepleşip, diliňi açaryn we sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär!“ diýersiň. Goý, diňlän diňlesin, diňlemedik ýüz öwürsin, çünki olar bir pitneçi halkdyr».




Chapter 4

1 Sen, eý, ynsan ogly! Özüňe bir kerpiç alyp, öňüňde goý-da, onuň ýüzüne Iýerusalim şäheriniň suratyny çek.
2 Onuň daşyny gaba, garşysyna berkitmeler sal, diwaryna çykmak üçin ýapgyt gur; düşelgeler dik, töwerek-daşynda diwar ýykýan pürsler ýerleşdir.
3 Onsoň bir demir jam al-da, demir diwar bolar ýaly, ony özüň bilen şäheriň arasynda ýerleşdir; ýüzüňi oňa tarap öwür. Şäher gabawda bolar, ony özüň gabarsyň. Bu ysraýyl halky üçin bir alamat bolar.
4 Onsoň çep gapdalyňa gyşaryp ýat-da, ysraýyl halkynyň ýazygyny öz üstüňde ýerleşdir; çep gapdalyňa gyşaran günleriňiň sanyna görä olaryň ýazyklaryny çekersiň.
5 Men olaryň ýazyklarynyň her ýylyny bir gün hasabyna öwrüp, seniň üstüňe ýükledim. Bu üç ýüz togsan gündür. Şeýlelikde, ysraýyl halkynyň ýazygyny sen çekersiň.
6 Bulary gutaranyňdan soň, ikinji gezek gyşar, ýöne bu gezek sag gapdalyňa gyşar. Şeýdip, ýahuda halkynyň ýazygyny çekersiň. Men muny her ýyly bir gün hasabyna öwrüp, jemi kyrk güni seniň üstüňe ýükledim.
7 Ýüzüňi Iýerusalimiň gabawyna tarap öwür-de, gollaryňy çermäp, onuň garşysyna pygamberlik et.
8 Ine, Men seni tanap bilen baglaryn, sen gabaw günleriňi tamamlaýançaň, bir gapdalyňdan beýleki gapdalyňa öwrülip bilmersiň.
9 Bugdaý, arpa, noýba, merjimek, dary we çowdary alyp, bir gaba guý-da, olardan özüňe çörek bişir; gapdalyňa gyşarjak günleriň sanyna görä üç ýüz togsan günläp ondan iý.
10 Her günki iýjek iýmitiňiň agramy ýarym gadak bolar; sen muny bellenen wagtda iýersiň.
11 Suwy hem ölçeg bilen içersiň. Ol ýarty küýze bolar; ony bellenen wagtda içersiň.
12 Arpa kökeler iýersiň; kökeleri halkyň gözüniň alnynda adam nejasatyny ýakyp, şonuň üstünde bişirersiň.
13 Reb: «Meniň aralaryna kowjak milletlerimiň içinde ysraýyl halky çöreklerini şeýdip, haram edip iýerler» diýdi.
14 Onsoň men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men hiç haçan özümi haram eden däldirin, men ýaşlygymdan tä şu wagta çenli hiç wagt maslyk ýa parçalanan haýwan iýmedim, agzyma haram et degirmedim» diýdim.
15 Ol maňa: «Bolýar, sen adam nejasatynyň deregine sygyr tezegini ulanyber, çöregiňi şonuň üstünde bişirersiň» diýdi.
16 Soňra Ol sözüni dowam edip, maňa: «Eý, ynsan ogly! Men Iýerusalimde olary bir döwüm çörege zar ederin. Olar çöreklerini gorky içinde bellenen agramda iýerler we suwlaryny howp astynda ölçeg bilen içerler.
17 Onsoň olar çörek bilen suwa zar bolup, biri-birlerine gorky bilen seredişerler we öz etmişleriniň astynda heläk bolarlar» diýdi.




Chapter 5

1 Eý, ynsan ogly, özüňe bir kesgir gylyç al, ony dellek päkisi hökmünde ulanyp, saç-sakgalyňy syr. Soň ölçär ýaly bir terezi al-da, saç-sakgalyňy böleklere böl.
2 Şäheriň gabaw günleri tamamlananda, onuň üçden birini şäheriň ortasynda ýak. Beýleki üçden birini al-da, gylyç bilen urup, tutuş şäheriň töweregine pytrat. Galan üçünji bölegini bolsa ýele sowur, Men-de gylyjymy ýalaňaçlap, olaryň yzyndan kowalaryn.
3 Sen saç-sakgaldan birazajyk alyp, donuňyň etegine daň.
4 Olardan ýene-de alyp, oda taşla-da ýak, ondan bütin ysraýyl halkyna garşy ot çykar.
5 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bu Iýerusalimdir; Men ony milletleriň merkezinde goýdum, ýurtlary onuň töwereginde ýerleşdirdim.
6 Emma Iýerusalim töweregindäki ähli milletlerden we ýurtlardan has beter erbetlik edip, Meniň hökümlerime we parzlaryma garşy baş galdyrdy, Meniň hökümlerimi ret etdi we parzlarymy tutmady».
7 Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz töweregiňizdäki milletlere garanda has beter pitneçi bolduňyz, parzlarymy berjaý etmediňiz, hökümlerimi ýerine ýetirmediňiz, hatda siz tutuş daş-töweregiňizdäki milletleriň hökümlerine görä-de hereket etmediňiz».
8 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men, hut Meniň Özüm size garşy çykaryn, milletleriň gözleriniň alnynda size höküm çykararyn.
9 Ähli nejis işleriňiz üçin Men size öň etmedik, indem etmejek zatlarymy ederin.
10 Munuň üçin siziň araňyzda ata-eneler çagalaryny, çagalar bolsa ata-enelerini iýerler. Men siziň garşyňyza hökümler çykararyn we sizden diri galanlaryň ählisini ýeliň çar tarapyna dargadaryn».
11 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Barlygymdan ant içýärin, ähli ýigrenji zatlaryňyz we nejis işleriňiz bilen mukaddes öýümi murdar edendigiňiz üçin, Men-de sizi gylyç bilen gyryp taşlaryn; gözüm gaýgyrmaz we haýpym gelmez.
12 Siziň üçden bir bölegiňiz mergiden, ýene üçden bir bölegiňiz daş-töweregiňizdäki gylyçdan öler; beýleki üçden bir bölegiňizi bolsa ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzyňyzdan kowalaryn.
13 Gazabymy olaryň üstüne döküp, gaharym ýatyşandan soň, Men köşeşerin. Olara gahar-gazabymy dökenimde, olar Men-Rebbiň gabanjaňlyk bilen gepländigimi bilerler.
14 Töweregiňizdäki milletleriň arasynda we ähli ötegçileriň gözleriniň alnynda, sizi weýrançylyga we masgaraçylyga sezewar ederin.
15 Gahar-gazap we agyr jezalar bilen size hökümler çykaranymda, siz töweregiňizdäki milletlere masgara, sögünç, duýduryş hem gorky bolarsyňyz. Muny Men-Reb aýtdym.
16 Açlygyň ölüm oklaryny ýollanymda, olar sizi weýran etsinler diýip ýollaryn. Üstüňizdäki açlygy has-da artdyraryn, bir döwüm çörege zar ederin.
17 Üstüňize açlyk we ýyrtyjy haýwanlary ýollaryn; olar sizi perzentsiz goýarlar; mergi we uruş sizi ýok edip taşlar, başyňyzdan gylyç salaryn. Muny Men-Reb aýtdym».




Chapter 6

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Ysraýyl daglaryna tarap öwür-de, olara pygamberlik et.
3 Eý, Ysraýyl daglary, Hökmürowan Rebbiň sözüni diňläň! Hökmürowan Reb daglara we depelere, jülgelere we derelere şeýle diýýändir diý: „Ine, hut Men, Meniň Özüm üstüňize gylyç getirerin, sežde edilýän ýerleriňizi ýok ederin.
4 Gurbanlyk sypalaryňyz weýran bolar, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyz kül-peýekun ediler; gylyçdan geçirilenleriňizi butlaryňyzyň öňüne taşlaryn.
5 Men ysraýyl halkynyň jesetlerini öz butlarynyň öňünde goýaryn, süňkleriňizi bolsa gurbanlyk sypalaryňyzyň töweregine pytradaryn.
6 Nirede ýaşasaňyz hem galalaryňyz weýran bolar, sežde edilýän ýerleriňiz haraba döner. Şonuň üçin gurbanlyk sypalaryňyz döwlüp ýykylsyn, butlaryňyz parçalanyp, ýer bilen ýegsan bolsun, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyz ýok edilsin we el işleriňizden hiç zat galmasyn.
7 Adamlaryňyz ähli ýerde öldüriler, şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
8 Emma Men birnäçäňizi aman galdyraryn. Käbiriňiz milletleriň arasynda gylyçdan gaçyp gutularsyňyz we başga ýurtlara dargadylarsyňyz.
9 Gaçyp gutulanlaryňyz ýesirlige äkidilen ýerlerindäki milletleriň arasynda Meni ýatlarlar. Men olaryň Özümden ýüz öwren zynahor ýüreklerinden, butlarynyň yzyna eýeren zynahor gözlerinden ýaňa ajy hasrat çekdim. Olar ähli nejis işlerinde eden pisliklerinden ýaňa öz-özlerini ýigrenerler.
10 Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler, Men olara bu ýamanlygy etjekdigimi ýöne ýere aýtmadym“».
11 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eliňizi maňlaýyňyza, aýaklaryňyzy ýere uruň we şeýle diýiň: „Ysraýyl halkynyň eden ähli pis nejis işleri üçin waý-u-dat! Olar gylyçdan, açlykdan we mergiden heläk bolarlar.
12 Uzakdakylar mergiden ölerler; ýakyndakylar gylyçdan heläk bolarlar we galyp-gaçyp aman galanlar bolsa açlykdan ölerler. Men olara bolan gazabymy şeýle tamamlaryn.
13 Gurbanlyk sypalarynyň töweregindäki butlarynyň arasynda, her bir belent depede, ähli daglaryň başynda, her bir kölegeli agajyň we gür ýaprakly dub agajynyň astynda, butlaryna ýakymly ysly tütetgi hödür edilýän ähli ýerlerinde olaryň gylyçdan geçirilenleri serlip ýatanda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
14 Men olara garşy elimi uzadyp, olaryň çöllükden tä Dibla çenli bolan ilatly ýerlerini harabaçylyga we weýrançylyga öwrerin. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“».




Chapter 7

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb Ysraýyl ýurduna şeýle diýýär: „Soňy geldi! Ýurduň dört künjeginiň soňy geldi!
3 Ine, siziň soňuňyz geldi! Men siziň üstüňizden gazabymy indererin. Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda üstüňizden höküm çykararyn, ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin.
4 Araňyzda nejis işler edýändigiňiz üçin, Men sizi öz ýollaryňyza görä jezalandyraryn. Gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“».
5 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Betbagtlyk! Ine, öň görlüp-eşidilmedik betbagtlyk gelýär!
6 Soňuňyz geldi; hawa, soňuňyz geldi! Ol siziň garşyňyza oýandy; ine, gelýär!
7 Nobat size ýetdi, eý, ýurduň ilaty! Wagt geldi, ol gün ýakynlaşdy. Daglarda şowhunly baýramçylyk deregine howsala güni geldi.
8 Indi Men gazabymy basym üstüňize dökerin, size bolan gaharymy tamamlaryn. Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda höküm çykararyn, ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin.
9 Araňyzda nejis işler edýändigiňiz üçin, öz tutan ýollaryňyza görä jezalandyraryn. Gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Şonda özüňizi jezalandyranyň Men-Rebdigimi bilersiňiz.
10 Ine, ol gün! Ine, ol gün ýetip gelýär! Nobatyňyz ýetdi, taýak gunçalady, tekepbirlik gülledi.
11 Zulum güýjäp, heläkçilik taýagyna öwrüldi. Olardan hiç zat galmaz, olaryň bolçulygyndan, baýlygyndan zat galmaz, aralarynda şan-şöhratlylyk bolmaz.
12 Wagt geldi, ol gün golaýlaşdy; müşderi şatlanmasyn, satyjy ýas tutmasyn, çünki gazap ähli jemagatyň üstünden inýär.
13 Bu aýanlyk onuň ähli jemagatyna degişlidigi üçin satyjy dirikä, satan ýerini yzyna almaz. Ýazykly her bir adamyň ýaşaýşy berk bolmaz.
14 Surnaý çalyndy, ähli zat taýýar; ýöne hiç kim söweşe gitmeýär, çünki gazabym ähli jemagatyň üstündedir.
15 Daşarda gylyç, içerde mergi we açlyk bar; şäheriň daşyndakylar gylyçdan ölerler; içindäkiler açlykdan we mergiden heläk bolarlar.
16 Aman galanlaryň ählisi gaçyp, öz etmişleri zerarly dere gögerçinleri kimin daglarda ahy-nala çekerler.
17 Hiç kimiň golunda kuwwat galmaz, ähli kişiniň dyzlary titrär.
18 Olar jul geýerler, olary howsala gaplar. Hemmäniň ýüzi utançly bolar, ähli başlaryň saçy syrylar.
19 Kümüşleri köçelere taşlanar, altynlary murdar hasaplanar. Altyn-kümüş olara günä etdirýän büdreme daşyna öwrüldi. Şonuň üçin Rebbiň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez, açlykdan gutarmaz ýa-da garynlaryny doýurmaz.
20 Olar Meniň öýümiň şaý-sepleriniň gözelligi bilen özlerini gopbamsy tutdular we olardan nejis butlary we ýigrenji zatlary ýasadylar. Şonuň üçin hem Men bu şaý-sepleri olar üçin murdar zada öwürdim.
21 Men ony olja hökmünde gelmişekleriň eline, talaň hökmünde dünýädäki ýaramazlaryň eline bererin, ony murdar ederler.
22 Olardan ýüz öwrenimde, olar Meniň hazynamy harlarlar, talaňçylar girip, ony harlarlar.
23 Zynjyrlar ýasa! Ýurt ganly jenaýatdan, şäher zorlukdan doly.
24 Ysraýyllaryň öýlerini eýelär ýaly, Men milletleriň iň ýamanyny getirerin. Men güýçlüleriň tekepbirliginiň soňuna çykaryn, olaryň mukaddes ýerleri murdar bolar.
25 Gorky gaplanda, olar parahatçylyk agtararlar, ýöne tapmazlar.
26 Betbagtlyk üstüne betbagtlyk geler, erbet habar üstüne erbet habar çykar. Pygamberden boş ýere aýanlyk tama ederler; ruhany kanun öwretmez, ýaşuly öwüt bermez.
27 Patyşa ýas tutar, hökümdary aljyraňňylyk gaplar, ýurduň halkynyň gorkudan elleri titrär. Men olaryň tutan ýollaryna görä hasaplaşaryn, öz hökümlerine laýyklykda höküm çykararyn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».




Chapter 8

1 Sürgünde bolýan wagtymyzyň altynjy ýylynyň altynjy aýynyň bäşine öýümde Ýahuda ýaşululary bilen otyrkam, Hökmürowan Reb elini meniň üstüme goýdy.
2 Men seredenimde, oduň görnüşinde bir adamyň şekilini gördüm. Onuň bilinden aşagy oda meňzeýärdi, bilinden ýokarsy bolsa ýakut ýaly şöhle saçýardy.
3 Ol ele meňzeş bir zat uzadyp, meniň saçymdan tutdy. Ruh meni ýer bilen gögüň arasyna galdyrdy we Hudaýdan gelen görnüşde Iýerusalime, içki howlynyň demirgazyk derwezesiniň girelgesine getirdi. Ol ýerde Hudaýda gabanjaňlyk döredýän nejis but gurulgydy.
4 Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty şol ýerdedi. Ol meniň düzlükde gören görnüşim ýalydy.
5 Onsoň Hudaý maňa: «Eý, ynsan ogly! Demirgazyk tarapdaky ýola seret» diýdi. Görsem, gurbanlyk sypasynyň demirgazyk derwezesiniň girelgesinde ýaňky nejis but bar eken.
6 Ol maňa ýene: «Eý, ynsan ogly! Olaryň näme edýänini görýärsiňmi? Meni mukaddes öýümden daşlaşdyrjak bolup, ysraýyl halky bu ýerde nejis işler edýär. Indi mundan-da beter nejisligi görersiň» diýdi.
7 Ol meni howlynyň girelgesine getirdi. Görsem, diwarda bir deşik bar eken.
8 Soňra Ol maňa: «Eý, ynsan ogly, gel, diwary oý» diýdi. Men diwary oýdum; ol ýerde bir girelge peýda boldy.
9 Maňa: «Içeri gir-de, olaryň bu ýerde edýän has nejis işlerini gör» diýdi.
10 Men içerik girip seretdim, diwaryň töwerek-daşyna her hili süýrenijileriň, ýigrenji haýwanlaryň we ysraýyl halkynyň ähli butlarynyň suratlary çekilendi.
11 Olaryň öňünde bolsa ysraýyl halkynyň ýaşulularyndan ýetmiş kişi durdy. Olaryň ortasynda Şapanyň ogly Ýazanýa durdy. Her haýsynyň elinde ýakymly ysly tütetgi gaby bardy. Tütetginiň ysy bulut kimin ýokary göterilýärdi.
12 Onsoň Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşulularynyň her biriniň garaňkyda butlardan doly otaglarynda näme edýänini gördüňmi? Olar Reb bizi görmeýär, Reb ýurdy terk etdi diýýärler» diýdi.
13 Maňa ýene-de: «Beýläňe öwrül, olaryň mundan beter nejisligini görersiň» diýdi.
14 Onsoň meni Rebbiň öýüniň demirgazyk tarapyndaky derwezesiniň girelgesine getirdi. Ine, ol ýerde Tammuz hudaýy üçin ýas tutýan aýallar otyrdylar.
15 Ol maňa: «Eý, ynsan ogly, gördüňmi? Ýene öwrül, mundan hem beter nejisligi görersiň» diýdi.
16 Onsoň meni Rebbiň öýüniň içki howlusyna getirdi. Ine, Rebbiň ybadathanasynyň girelgesinde eýwan bilen gurbanlyk sypasynyň aralygynda ýigrimi bäşe golaý adam bardy. Olaryň arka tarapynda Rebbiň ybadathanasy, özleri bolsa gündogara tarap bakyp durdular. Olar gündogara tarap bakyp, Güne sežde edýärdiler.
17 Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly, gördüňmi? Ýahuda halkyna bu ýerde nejis işleri etmek azlyk edýärmikä? Olar ýurdy zorlukdan doldurdylar, ýene-de Meniň gaharymy getirýärler; seret, burunlaryna çybyk tutýarlar.
18 Munuň üçin Men-de gahar-gazap bilen hereket ederin, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Gaty ses bilen gulagyma gygyrsalar-da, olary diňlemerin».




Chapter 9

1 Soňra Ol meniň gulagyma gaty ses bilen: «Şäheri jezalandyrjak bolýanlaryň her biri eline gyrýan ýaragyny alyp, golaýa gelsin» diýip gygyrdy.
2 Ine, demirgazyk tarapdaky ýokarky derwezäniň ýolundan alty adam geldi. Her biriniň elinde gyrýan ýaragy bardy, aralarynda bolsa eginbaşy zygyr matadan edilen we bili ýazuw esbaply bir adam bardy. Olar içeri girip, bürünç gurbanlyk sypasynyň ýanynda durdular.
3 Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty keruplaryň üstünden aýrylyp, Hudaýyň öýüniň bosagasyna geldi. Reb eginbaşy zygyr matadan edilen, bilinde ýazuw esbaby bolan adamy çagyryp,
4 oňa: «Iýerusalim şäheriniň içinden geç-de, onda edilýän nejis işlerden ýaňa ah çekip, aglaýanlaryň maňlaýyna bellik et» diýdi.
5 Beýlekilere bolsa maňa eşitdirip: «Onuň yzy bilen şäheriň içinden geçiň we öldüriň; gözüňiz gaýgyrmasyn, haýpyňyz gelmesin.
6 Gojalary, ýigitleri, boý gyzlary, çagalar bilen aýallary öldüriň, emma maňlaýynda bellik bolanlara golaýlaşmaň. Meniň mukaddes öýümden başlaň» diýdi. Olar-da öýüň öňündäki ýaşululardan başladylar.
7 Soňra olara: «Baryň, ybadathanany murdar ediň, howlulary gylyçdan geçirilenlerden dolduryň!» diýdi. Şeýdip, olar gidip, şäherdäkileri öldürmäge başladylar.
8 Olar öldürip ýörkäler, men ýeke galdym we ýüzin ýykylyp, dady-perýat etdim: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Gahar-gazabyňy Iýerusalimiň üstünden döküp, Ysraýylyň aman galan halkynyň hem baryny gyraýjakmy?».
9 Ol maňa: «Ysraýyl bilen ýahuda halkynyň ýazygy juda çökder, ýurt gandan, şäher adalatsyzlykdan doly. Olar: „Reb ýurdy terk etdi, Reb görmeýär“ diýýärler.
10 Munuň üçin Meniň hem gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, eden işlerini öz başlaryndan indererin» diýdi.
11 Ine, eginbaşy zygyr matadan edilen we bili ýazuw esbaply adam: «Buýruşyň ýaly etdim» diýip habar berdi.




Chapter 10

1 Soňra men keruplaryň ýokarsyndaky gümmeziň depesinde ýakut ýaly tagtyň şekilini gördüm.
2 Ol eginbaşy zygyr matadan edilen adama: «Keruplaryň aşagyndaky tigirleriň arasyna gir. Keruplaryň aralarynda ýanyp duran közlerden goşawujyňy doldur-da, şäheriň üstüne seç» diýdi. Ol adam meniň gözümiň alnynda tigirleriň arasyna girdi.
3 Ýaňky adam girende keruplar Hudaýyň öýüniň günorta tarapynda durdular. Bulut içki howlyny doldurdy.
4 Rebbiň şöhraty keruplaryň üstünden aýrylyp, Hudaýyň öýüniň bosagasyna gelip durdy. Hudaýyň öýi bulutdan doldy; howly bolsa Rebbiň şöhratynyň ýalkymyndan doludy.
5 Keruplaryň ganatlarynyň sesi Gudratygüýçli Hudaýyň geplänindäki sesi ýaly daşky howluda-da eşidildi.
6 Ol eginbaşy zygyr matadan edilen adama: «Tigirleriň arasyndan, keruplaryň aralygyndan köz al» diýip tabşyranynda, ýaňky adam girip, tigirleriň ýanynda durdy.
7 Keruplaryň biri özleriniň aralaryndaky köze elini uzadyp, ondan aldy-da, eginbaşy zygyr matadan edilen adamyň elleriniň aýasynda goýdy. Ol-da ony alyp çykdy.
8 Keruplaryň ganatlarynyň aşagyndan adam eliniň şekili göründi.
9 Görsem, keruplaryň gapdalynda dört tigir bar eken. Her bir kerubyň gapdalynda bir tigir bardy, tigirler sary ýakut kimin ýalpyldaýardy.
10 Dördüsiniň-de görnüşi birdi, edil tigir içinde tigir bar ýalydy.
11 Olar ýöränlerinde, dört tarapa hereket edýärdiler; saga-sola öwrülmeýärdiler, bir kelle haýsy tarapa öwrülse, beýlekiler hem hiç ýana gyşarman, şol tarapa ýöreýärdiler.
12 Bütin göwreleri, arkalary, elleri, ganatlary we tigirleri dördüsiniň-de tigirleri tutuşlygyna gözlerden doludy.
13 Tigirler bolsa, meniň eşidişim ýaly, «Aýlanýan tigirler» diýlip atlandyryldy.
14 Olaryň her haýsynyň dört ýüzi bardy. Birinji ýüz kerup ýüzüne, ikinji ýüz ynsan, üçünji ýüz arslan, dördünji ýüz bolsa bürgüt ýüzüne meňzeýärdi.
15 Keruplar ýerinden galdylar. Bular meniň Kebar kanalynyň ýakasynda gören jandarlarymdy.
16 Keruplar ýöränlerinde, tigirler-de olaryň gapdalyndan ýöreýärdiler. Ýerden galmak üçin keruplar ganatlaryny galdyranlarynda, tigirler-de olaryň gapdalyndan aýrylmaýardylar.
17 Jandarlar duranlarynda, tigirler-de durýardylar. Jandarlaryň ruhy tigirlerdedigi üçin, jandarlar ýokary galanlarynda, bular-da galýardylar.
18 Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüniň bosagasyndan aýrylyp, keruplaryň üstünde durdy.
19 Keruplar ganatlaryny galdyryp, meniň gözümiň alnynda ýokary galdylar. Olar çykanlarynda, tigirler-de olar bilen bile çykyp, Rebbiň öýüniň gündogar derwezesiniň girelgesinde durdular. Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty bolsa olaryň depesindedi.
20 Bular meniň Kebar kanalynyň ýakasynda, Ysraýyl Hudaýynyň aýagynyň astynda gören jandarlarymdy. Men olaryň keruplardygyna göz ýetirdim.
21 Her haýsynyň dört ýüzi, dört ganaty bolup, ganatlarynyň aşagynda ynsan eline meňzeş bir zat bardy.
22 Olaryň ýüz keşpleri edil meniň Kebar kanalynyň ýakasynda gören ýüzlerim ýalydy, her biri gös-göni öňe ýöreýärdi.




Chapter 11

1 Ruh meni ýokary galdyryp, Rebbiň öýüniň gündogar tarapdaky derwezesine getirdi. Derwezäniň girelgesinde ýigrimi bäş adam bardy. Men olaryň arasynda halkyň ýolbaşçylaryndan Azuryň ogly Ýazanýa bilen Benaýanyň ogly Pelatýany gördüm.
2 Reb maňa: «Eý, ynsan ogly! Päliýamanlar, şäherde erbet öwütler berýänler şu adamlardyr.
3 Bular: „Öýleri gurmagyň wagty basym gelmezmi? Bu şäher bir gazandyr, biz bolsa onuň içinde abat saklanýan etdiris“ diýýärler.
4 Munuň üçin sen olaryň garşysyna pygamberlik et. Hawa, pygamberlik et, eý, ynsan ogly!» diýdi.
5 Onsoň Rebbiň ruhy üstüme inip, maňa şulary aýtmagymy buýurdy: «Reb şeýle diýýär: „Eý, ysraýyl halky, Men siziň agzyňyzdan çykýan her bir sözi, kelläňizdäki pikiri bilýärin.
6 Bu şäherde siz köp adamy öldürdiňiz, onuň köçelerini gylyçdan geçirilenlerden doldurdyňyz“».
7 Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siziň gylyçdan geçirip taşlanlaryňyz et, bu şäher bolsa gazandyr, emma siz onuň içinden çykarylarsyňyz.
8 Siz gylyçdan gorkýarsyňyz, emma Men üstüňizden gylyjy salaryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
9 Sizi onuň içinden çykaryp, gelmişekleriň eline bererin, garşyňyza hökümler çykararyn.
10 Siz gylyçdan heläk bolarsyňyz, size Ysraýyl serhedinde höküm ederin, onsoň Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
11 Bu şäher siziň üçin gazan bolmaz, sizem onda et bolmarsyňyz. Men Ysraýyl serhedinde size höküm çykararyn.
12 Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. Siz Meniň parzlarymy berjaý etmediňiz, hökümlerimi ýerine ýetirmediňiz, gaýtam töweregiňizdäki milletleriň hökümlerine görä hereket etdiňiz».
13 Onsoň şeýle boldy: men pygamberlik edip ýörkäm, Benaýanyň ogly Pelatýa öldi. Men ýüzin ýykyldym, gaty ses bilen: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Sen Ysraýylyň aman galan adamlarynyň hem soňuna çykaýjakmy?» diýip perýat etdim. Hudaý Ysraýyly dikelder
14 Onsoň maňa Rebbiň sözi geldi:
15 «Eý, ynsan ogly! Iýerusalim ilaty seniň doganlaryň hakynda sürgünde ýören hossarlaryň we bütin ysraýyl halkyň hakynda „Olar Rebden daşlaşdylar, bu ýurt mülk hökmünde bize berildi“ diýdiler.
16 Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Olary uzakdaky milletleriň arasyna iberdim, ýurtlara dargatdym. Şonda-da giden ýurtlarynda gysga möhlet üçin olara mukaddes öý bolan Mendirin“».
17 Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men sizi halklaryň arasyndan ýygnaryn, dargadylan ýurtlaryňyzdan bir ýere jemlärin we Ysraýyl topragyny size bererin.
18 Ýurda dolanyp, ähli ýigrenji we nejis zatlaryny ol ýerden aýryp zyňarlar.
19 Olaryň ýüregini bir ederin, täze ruh bererin. Içlerindäki daş ýüregi aýryp, olara etden bolan ýürek bererin.
20 Şonda olar parzlarymy berjaý edip, hökümlerimi saklap, olary doly berjaý ederler. Şeýle hem olar-a Meniň halkym, Menem olaryň Hudaýy bolaryn.
21 Emma ýürekleri ýigrenji we nejis zatlaryň yzyna eýeren adamlary jezalandyraryn, olaryň eden işlerini öz başlaryndan indererin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
22 Onsoň keruplar ganatlaryny galdyrdylar, tigirler-de olaryň gapdalyndady. Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty bolsa olaryň üstündedi.
23 Rebbiň şöhraty şäherden çykyp, şäheriň gündogaryndaky dagyň üstünde durdy.
24 Görnüşde Hudaýyň ruhy meni ýokary galdyryp, babyllylaryň ýurdundaky sürgün edilenleriň ýanyna getirdi. Onsoň gören görnüşim gözümden gaýyp boldy.
25 Men Rebbiň özüme görkezen ähli zatlaryny sürgün edilenlere gürrüň berdim.




Chapter 12

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Sen pitneçi halkyň arasynda ýaşaýarsyň, olaryň görmäge gözleri bar, ýöne görmeýärler, eşitmäge gulaklary bar, ýöne eşitmeýärler, çünki olar bir pitneçi halkdyr.
3 Şonuň üçin, eý, ynsan ogly, sen ýesir edip äkidilýän adam ýaly, öz goşuňy taýýarla-da, gündiziň güni olaryň gözleriniň alnynda ýola düş. Sen ýesir edip äkidilen ýaly, olaryň gözleriniň alnynda öz ýeriňden başga bir ýere göç. Olar pitneçi halk bolsalar-da, belki, muňa düşünerler.
4 Gündiz olaryň gözleriniň alnynda sürgün edilýäniň goşy kimin goşuňy çykar we sürgün edilýän kişi kimin olaryň gözleriniň alnynda agşam ýola düş.
5 Olaryň gözleriniň alnynda diwary oý-da, goşuňy ondan çykar.
6 Olaryň gözleriniň alnynda goşuňy gerşiňde göter-de, garaňkyda çyk, bu ýurdy görmez ýaly ýüzüňi büre, çünki Men seni ysraýyl halky üçin bir alamat etdim».
7 Men hem özüme buýrulyşy ýaly etdim. Goşumy sürgüne gidýäniň goşy kimin ilki gündiz çykardym. Agşam diwary elim bilen oýup, goşumy garaňkyda çykardym, olaryň gözleriniň alnynda ony gerşimde göterdim.
8 Säher bilen maňa Rebbiň sözi geldi:
9 «Eý, ynsan ogly! Bu pitneçi ysraýyl halky senden: „Sen näme edýärsiň?“ diýip sorady, şeýle dälmi?».
10 Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Bu Iýerusalimdäki hökümdara we onuň içindäki ähli ysraýyl halkyna degişli pygamberlikdir.
11 Olara: „Men size bir nyşandyryn, men näme eden bolsam, olar-da şeýle ederler, olar ýesir düşüp, sürgüne giderler“ diý.
12 Aralaryndaky hökümdar goşlaryny gerşinde göterip, garaňkyda daşary çykarar. Ony çykarmak üçin diwary oýar, bu ýurdy görmez ýaly ýüzüni bürär.
13 Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer. Ony Babyl ýurduna getirerin, emma ol şol ýerde Babyly görmän öler.
14 Onuň töweregindäkileri, ähli kömekçilerini we ähli nökerlerini ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzlaryndan kowalaryn.
15 Olary ýurtlara dargadanymda, milletler arasyna pytradanymda, Meniň Rebdigimi bilerler.
16 Baran ýerlerindäki milletleriň arasynda öz nejisliklerini gürrüň berer ýaly, olaryň birazyny gylyçdan, açlykdan we mergiden alyp galaryn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».
17 Maňa Rebbiň sözi geldi:
18 «Eý, ynsan ogly! Çöregiňi sandyrap iý, suwuňy gorkudan ýaňa titräp iç.
19 Ýurduň halkyna, Iýerusalim ilatyna we ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Olar çöreklerini gorky bilen iýip, suwlaryny howp astynda içerler, sebäbi ol ýerde ýaşaýanlaryň eden zorlugy zerarly ýurt çolaryp galar.
20 Ilatly galalar weýran bolar, ýurt haraba döner. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“».
21 Maňa Rebbiň sözi geldi:
22 «Eý, ynsan ogly! Siziň ysraýyl ýurdunda „Günler geçer gider, her bir aýanlyk puç bolar“ diýýän bu nakylyňyz näme?
23 Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men bu nakyly ýok ederin, gaýdyp ony Ysraýylda nakyl edip aýtmazlar“. Ýene-de olara: „Günler ýakyndyr, ähli aýanlygyň amala aşmagynyň günleri ýakyndyr“ diý.
24 Mundan beýläk ysraýyl halkynyň arasynda ýalan aýanlyk we aldawçy palçylyk bolmaz.
25 Muny Reb bolan Men aýdýandyryn we Meniň aýdan zatlarym amala-da aşar. Eý, pitneçi halk, indi bu gaýra goýulmaz, Men sözi aýdaryn we ony amala aşyraryn». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
26 Maňa Rebbiň sözi geldi:
27 «Eý, ynsan ogly! Ine, ysraýyl halky: „Oňa gelen aýanlyk geljekki günler üçindir, ol uzak geljek barada pygamberlik edýär“ diýýär.
28 Munuň üçin olara Hökmürowan Rebbiň sözüni ýetir: „Meniň sözlerimiň hiç biri indi gaýra goýulmaz, näme aýtsam, şol söz amala aşar“». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.




Chapter 13

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Pygamberlik edýän Ysraýyl pygamberlerine garşy pygamberlik et. Öz-özlerinden pygamberlik edýän ol pygamberlere Rebbiň sözüni diňlemegi tabşyr.
3 Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Akmak pygamberleriň dat gününe! Olar hiç bir zat görmän, öz hyýallarynyň yzyna eýerýärler.
4 Eý, Ysraýyl, seniň pygamberleriň harabalykda gezýän şagallar kimindir.
5 Rebbiň gününde ysraýyl halkynyň söweşde berk durmagy üçin, diwaryň opurylan ýerlerini täzeden bejermediňiz.
6 Olar ‘Rebbiň sözi’ diýip, boş görnüşlere we ýalan pallara uýdular. Olary Reb ýollamady, emma şonda-da sözleriniň amala aşmagyna umyt baglaýarlar.
7 Men aýtmadyk hem bolsam, ‘Rebbiň sözi’ diýeniňizde, boş görnüşler görüp, ýalandan pal atmadyňyzmy?“.
8 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siz ýalan sözlediňiz, boş görnüşler gördüňiz, munuň üçin Men size garşydyryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
9 Boş görnüşler görýän, ýalandan pal atýan pygamberleriň garşysyna el galdyraryn. Olar Meniň halkymyň maslahatyna gatnaşmazlar, ysraýyl halkynyň sanawyna ýazylmazlar we Ysraýyl ýurduna girmezler. Onsoň siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz.
10 Bu pygamberler parahatçylyk ýok ýere ‘parahatçylyk’ diýip, Meniň halkymy azdyrýarlar; biri diwar salanda, olar muňa hek çalýarlar.
11 Hek çalýanlara diwar ýykylar diý; güýçli ýagyş bilen daşly dolular ýagar; diwary tupanly ýel ýumrar.
12 Diwar ýykylanda, sizden çalan hekiňiziň nirededigini soramazlarmy?!“.
13 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men gazaplanyp, tupanly ýel bilen diwary ýumraryn, gaharym bilen güýçli ýagyş we daşly doly ýagdyryp, diwary ýer bilen ýegsan ederin.
14 Hek çalan diwaryňyzy ýykaryn, ony ýer bilen ýegsan ederin, onuň düýbi görner. Diwar ýykylyp, siz içinde heläk bolarsyňyz. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“.
15
16 [15–16] Men diwara we oňa hek çalanlara gazabymy döküp, size şeýle diýerin: „Diwar-da, oňa hek çalanlar-da ýok boldular. Iýerusalimde parahatçylyk ýok ýere ‘parahatçylyk’ barada aýanlyk alan Ysraýyl pygamberleri-de ýok boldy“. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
17 Ýöne sen, eý, ynsan ogly, öz-özlerinden pygamberlik edýän halkyň gyzlaryna tarap ýüzüňi öwür-de, olara garşy pygamberlik et.
18 Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Her bir ynsanyň janyny awlajak bolup, her kimiň bilegine bilezik dakýan, dürli boýdaky adamlaryň başyna bürenjek tikýän aýallaryň dat gününe! Siz Meniň halkymyň janyny awlamak bilen öz janyňyzy halas edýändiris öýdýärsiňizmi?
19 Bir gysym arpa we bir döwüm çörek üçin halkymyň arasynda Maňa ysnat getirdiňiz. Ýalana gulak asýan halkyma ýalan sözlemek bilen ölüme laýyk däl janlary öldürdiňiz, ölüme laýyk janlara bolsa ýaşajakdyklaryny yglan etdiňiz“.
20 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ine, Men siziň ynsan janyny guş kimin awlaýan jadygöý bilezikleriňize garşydyryn. Men olary gollaryňyzdan sypyraryn. Guş kimin awlaýan janlaryňyzy boşadyp goýbererin.
21 Bürenjekleriňizi-de ýyrtyp, halkymy eliňizden halas ederin, indi olar siziň eliňizde ýesir bolmazlar. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
22 Meniň ynjatmak islemedik dogruçyl kişimiň ýüregini ýalan zatlar bilen ynjatdyňyz we erbet adam öz erbet ýolundan dönüp, diri galmaz ýaly, onuň goluna kuwwat berdiňiz.
23 Munuň üçin siz indi ýalan görnüşler görmersiňiz we palmançylyk etmersiňiz. Men halkymy siziň eliňizden halas ederin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“».




Chapter 14

1 Ysraýyl ýaşulularyndan birnäçesi meniň alnyma gelip oturdy.
2 Onsoň maňa Rebbiň sözi geldi:
3 «Eý, ynsan ogly! Bu adamlaryň ýüregi butlara baglandy. Günä edip, büdreme daşyny öz öňlerinde goýdular. Heý, şundan soň hem Men bulara Özüme maslahat saldyrarynmy?
4 Şonuň üçin hem olar bilen gepleş-de, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ýüregini butlara baglan, etmişlerini büdreme daşy hökmünde öz öňünde goýan, soň hem pygamberiň ýanyna baran her bir ysraýylla, Men-Reb butlarynyň köplügine laýyklykda Özüm jogap bererin.
5 Şeýdip, butlary zerarly Maňa keseki bolan bütin ysraýyl halkynyň ýüregini täzeden Özüme tarap öwrerin“».
6 Munuň üçin ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Toba ediň we butlaryňyzdan el çekiň, ähli nejis işleriňizden ýüz öwrüň.
7 Aýdalyň, ysraýyl halkyndan bolan ýa-da Ysraýylda gelmişek bolup ýaşaýan biri Meni terk edip, ýüregini butlara baglap, etmişini büdreme daşy hökmünde öz öňünde goýupdyr. Onsoň ol Maňa maslahat salyp, pygamberlere ýüz tutsa-da, Men-Reb oňa öz etmişlerine görä jogap bererin.
8 Ol adamdan ýüzümi öwrüp, ony alamata we tymsala öwrerin, ony halkymyň içinden sogrup taşlaryn. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
9 Eger bir pygamber aldanyp, bir söz aýtsa, ol pygamberi aldawa salan Men-Rebdirin. Men oňa garşy elimi uzadyp, ony halkym Ysraýylyň içinden sogrup taşlaryn.
10 Olar öz etmişleriniň jezasyny çekerler. Pygamber-de, ondan maslahat soran-da bir meňzeş jezalandyrylar.
11 Şeýdip, ysraýyl halky indi Menden aýrylmaz, günäleri bilen özlerini haram etmezler. Olar Meniň halkym, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
12 Maňa Rebbiň sözi geldi:
13 «Eý, ynsan ogly! Bir ýurt dönüklik edip, Maňa garşy günä edende, oňa garşy elimi uzadyp, olary bir döwüm çörege zar ederin. Üstüne açlyk iberip, ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlaryn.
14 Eger şu üç adam Nuh, Danyýel we Eýýup ol ýerde bolsalar-da, olar dogruçyllyklary bilen diňe öz janlaryny halas edip bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
15 Eger Men ol ýurda ýyrtyjy haýwanlary ýollasam, olar-da ony adamsyz goýsalar, ýurt haraba dönüp, ýaňky haýwanlardan ýaňa onuň içinden hiç kim geçmese,
16 Öz barlygymdan ant içýärin, Hökmürowan Reb diýýär, bu üç adam ol ýurtda ýaşasa-da, olar ne ogullaryny, ne-de gyzlaryny halas ederler. Diňe öz janlaryny halas edip bilerler. Ýurt bolsa haraba döner.
17 Ýa-da ol ýurduň üstüne gylyç getirip: „Eý, gylyç, ýurduň içinden geç!“ diýsem, ondaky ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlasam,
18 Öz barlygymdan ant içýärin, Hökmürowan Reb diýýär, bu üç adam ol ýerde bolsalar-da, ne ogullaryny, ne-de gyzlaryny halas ederler. Diňe öz janlaryny halas edip bilerler.
19 Ýa-da ol ýurda mergi ýollap, gan dökmek üçin üstüne gazabymy döküp, ynsany we haýwany gyryp taşlasam,
20 Öz barlygymdan ant içýärin, Hökmürowan Reb diýýär, Nuh, Danyýel we Eýýup ol ýerde bolsalar-da, ne ogullaryny, ne-de gyzlaryny halas ederler. Olar dogruçyllyklary bilen diňe öz janlaryny halas edip bilerler».
21 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimdäki ynsanlary we haýwanlary ýok etmek üçin üstlerine dört agyr hökümimi gylyç, açlyk, ýyrtyjy haýwanlar we mergi ýollanymda, olaryň ýagdaýy has çökder bolar.
22 Muňa garamazdan, ol ýerde gaçyp gutulan ogullaryňyz we gyzlaryňyz galdyrylyp, ol ýerden çykarylar. Olar siziň ýanyňyza bararlar, siz olaryň erbet ýollaryny we işlerini görüp, Meniň Iýerusalimiň başyna salan ýamanlygymdan, başyndan inderen zatlarymdan teselli taparsyňyz.
23 Olaryň erbet ýollaryny we işlerini göreniňizde, size teselli bererler we siz Meniň Iýerusalimde eden ähli işlerimi biderek ýere etmändigimi bilersiňiz». Muny Hökmürowan Reb diýýär.




Chapter 15

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Üzüm agajyndan, ýagny jeňňel agaçlarynyň arasyndaky üzüm şahasyndan näme edilýär? Tokaýyň ähli agaçlary bilen deňeşdireniňde, onuň peýdasy ýokdur.
3 Iş üçin ondan agaç alynýarmy? Ýa üstünden bir zat asmak üçin asgyç ýasalýarmy?
4 Ol odun hökmünde ýakylýar. Ot onuň iki ujuny ýakyp, ortasyny garaldansoň, ol derde ýararmy?
5 Abatka derde ýaramadyk zat, oda ýanyp garalansoň işe ýararmy?».
6 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men tokaý agaçlarynyň arasyndan üzüm agajyny odun hökmünde nädip ýakan bolsam, Iýerusalimiň ilatyny-da şeýdip oda ýakaryn.
7 Men olardan ýüzümi öwrerin. Olar bir otdan gaçyp gutulsalar-da, beýleki bir ot barybir olary ýandyrar. Ýüzümi olaryň garşysyna öwrenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
8 Onsoň olaryň Maňa dönüklik edendigi üçin ýurdy haraba öwrerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.




Chapter 16

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Iýerusalime öz nejis işlerini bildir.
3 Hökmürowan Reb Iýerusalime şeýle diýýär diý: „Seniň aslyň, doglan ýeriň Kengan ýurdudyr. Seniň kakaň amor, ejeň het tiresindendir.
4 Göbegiň doglan günüň kesilmedi, arassalamak üçin suw bilen ýuwulmadyň, duz bilen sürtülmediň we gundalmadyň.
5 Hiç kimiň haýpy gelip, saňa bulardan birini hem etmedi, rehim-şepagat görkezmedi. Gaýtam, dünýä inen günüň seni ýigrenip, meýdana taşladylar.
6 Men gapdalyňdan geçenimde, seniň öz ganyňa bulaşyp ýatanyňy görüp: ‘Diri gal!’ diýdim.
7 Seni meýdan ösümligi kimin ösdürdim, sen ösüp, kemala geldiň, aňrybaş gözellige ýetdiň, göwüsleriň tözlenip, saçyň uzyn boldy, ýöne sen alaň-açyk we ýalaňaçdyň.
8 Onsoň ýene gapdalyňdan geçip, saňa seretdim. Seniň tüýs söýgi çagyňdy; etegimi üstüňe ýazyp, ýalaňaçlygyňy örtdüm. Saňa ant içip, seniň bilen äht baglaşdym, sen-de Meniňki bolduň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
9 Seni suwa düşürdim, ganyňy ýuwup arassaladym we zeýtun ýagyny çaldym.
10 Saňa keşdeli eşikler geýdirdim, aýagyňa gaýyşdan çaryk, başyňa nepis matadan ýaglyk daňyp, gymmatbaha geýimler geýdirdim.
11 Seni şaý-sepler bilen bezedim, bilegiňe bilezikler, boýnuňa zynjyr dakdym.
12 Burnuňa ysyrga, gulaklaryňa gulakhalkalar dakyp, başyňa gözellik täjini geýdirdim.
13 Sen altyn, kümüş bilen bezeldiň, eşigiň zygyr, gymmatbahaly we keşdeli matady. Höregiňe oňat un, bal we ýag iýdiň, owadanlygyňyň çeni-çaky bolman, şa aýalynyň derejesine ýetdiň.
14 Owadanlygyň sebäpli şöhratyň milletleriň arasyna ýaýrady, saňa bagyşlan şöwketim sebäpli, owadanlygyň kämildi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
15 Ýöne sen owadanlygyňa bil bagladyň, şöhratyňdan peýdalanyp, zynagärlik etdiň. Her geçene köňül berdiň, owadanlygyň onuňky boldy.
16 Sen nepis geýimleriňden özüňe owadan sežde edilýän ýerler salyp, olaryň üstünde zynagärlik etdiň, beýle zat öň bolan däldir we indi hem bolmaz.
17 Meniň beren altyn-kümüş bezeg şaýlarymy alyp, erkekleriň heýkellerini ýasandyň we olar bilen zyna etdiň.
18 Keşdeli eşikleriňi alyp, olara geýdirdiň. Meniň zeýtun ýagymy we ýakymly ysly tütetgimi olaryň öňünde goýduň.
19 Saňa beren çöregimi, iýdiren oňat unumy, zeýtun ýagyny we baly hoşboý yslar hökmünde olaryň öňünde goýduň, hawa, şeýle etdiň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
20 Meniň üçin dogran ogullaryňy we gyzlaryňy alyp, iýmit hökmünde butlara gurban etdiň. Hamala, zynagärligiň az ýalydy!
21 Çagalarymy öldürdiň, olary oda ýakyp, butlara gurban berdiň.
22 Ähli nejis işleriňde, zynagärligiňde ýaşlyk günleriňi, alaň-açyk we ýalaňaç bolup, ganyňa bulaşan wagtyňy ýatlamadyň“». 23–24 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Waý halyňa! Seniň halyňa waý! Ähli pislikleriňden soň, her bir açyk meýdanda özüňe çadyr we sežde edilýän ýer saldyň.
25 Her köçäniň başynda sežde edilýän ýer gurup, owadanlygyňy harladyň, her bir ötegçä özüňi hödürläp, zynagärligiňi artdyrdyň.
26 Daýaw bedenli goňşularyň müsürliler bilen zynagärlik etdiň we Meniň gaharymy getirmek üçin zynagärligiňi artdyrdyň.
27 Şonuň üçin hem, Men saňa garşy el göterdim, rysgalyňy kemeltdim we seni özüňi ýigrenýänlere, seniň zynagärligiňden utanýan piliştli gyzlaryň erkine berdim.
28 Sen aşurlylar bilen-de zynagärlik etdiň, sebäbi sen doýmaz-dolmazdyň, olar bilen-de zynagärlik etdiň, şonda-da ganmadyň.
29 Zynagärligiňi söwdagärleriň ýurdy bolan babyllylaryň ýurduna çenli artdyrdyň; ýöne munuň bilen-de doýmadyň.
30 Bu işleriň ählisini, utançsyz lolynyň işlerini edeniňde, ýüregiň nähili mejalsyz boldy. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
31 Her köçäniň başynda sen özüňe çadyr gurduň, her bir açyk meýdanda sežde edilýän ýer saldyň. Sen beýleki lolular ýaly bolmadyň, sebäbi muzdy äsgermediň.
32 Sen zynagär, äriniň ýerine kesekileri kabul edýän aýalsyň!
33 Ähli lolulara sowgatlar berilýär, sen bolsa ähli oýnaşlaryňa özüň sowgat berýärsiň, zynagärligiň üçin her tarapdan gelsinler diýip para berýärsiň.
34 Zynagärligiňde beýleki aýallara meňzemeýärsiň, sebäbi zynagärlik etmek üçin hiç kim seniň yzyňa düşmeýär. Saňa muzd tölenmän, özüň olara muzd töleýärsiň, munuň üçin beýlekilere meňzemeýärsiň».
35 Munuň üçin, eý, azgyn aýal, Rebbiň sözüni diňle:
36 «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Seniň haýasyzlygyň äşgär bolup, oýnaşlaryň we ähli nejis butlaryň bilen zynagärlik edýärkäň, ýalaňaçlygyň üsti açyldy. Olara beren ogullaryňyň gany üçin
37 keýpi-sapa eden ähli oýnaşlaryňy, ähli söýenleriňi bütin ýigrenenleriň bilen birlikde üýşürerin. Olary tutuşlaýyn garşyňa üýşürip, olaryň öňünde seni ýalaňaçlaryn. Şeýdip, seniň tutuş ýalaňaçlygyňy görerler.
38 Men saňa zyna eden we gan döken aýallara degişli hökümler çykararyn. Öçli gahar-gazabym we gabanjaňlygym bilen seniň ganyňy akdyraryn.
39 Seni olaryň eline bererin, olar seniň çadyryňy ýykarlar, sežde edilýän ýerleriňi kül-peýekun ederler, egniňden eşigiňi sypyrarlar, şaý-sepleriňi alyp, seni ýalaňaç we alaň-açyk galdyrarlar.
40 Olar jemagaty seniň garşyňa küşgürerler, seni daşlarlar, gylyçdan geçirerler.
41 Öýleriňi oda ýakyp, köp aýallaryň gözleriniň alnynda saňa höküm çykararlar. Men zynagärligiňi bes etdirerin, indi gaýdyp oýnaşlaryňa muzd tölemersiň.
42 Şeýlelikde, saňa bolan gahar-gazabymy öçürerin, saňa bolan gabanjaňlygym aýrylar, onsoň Men köşeşerin we mundan soň gaharlanmaryn.
43 Sen ýaşlyk günleriňi ýatlaman, eden ähli hereketleriň bilen Meni gazaplandyrdyň. Ine, Men-de eden işleriňi öz başyňdan indererin“. Muny Hökmürowan Reb diýýär. „Näme üçin sen ähli nejis işleriňiň üstüne bu haýasyzlygyňy-da goşduň?
44 Ine, hemmeler seniň garşyňa ‘Enesini gör-de, gyzyny al’ diýen nakyly aýdarlar.
45 Sen öz ärini we ogluny kemsidýän enäniň gyzysyň, öz ärlerini we ogullaryny kemsidýän uýalaryň uýasysyň, siziň ejeňiz hetli, kakaňyz bolsa amorlydy.
46 Gyzlary bilen birlikde seniň demirgazyk tarapyňda ýaşaýan uly uýaň Samarýadyr, gyzlary bilen seniň günorta tarapyňda mesgen tutan kiçi uýaň Sodomdyr.
47 Sen olaryň ýollaryndan ýöräp, olaryň nejis işlerini etmediňmi? Bu hem az ýaly, öz ýollaryňda olardan hem beter bozuldyň.
48 Öz barlygymdan ant içýärin Hökmürowan Reb diýýär uýaň Sodom öz gyzlary bilen seniň özüňiň we gyzlaryňyň edenini etmedi.
49 Ine, seniň uýaň Sodomyň etmişi şudy: Onuň özünde we gyzlarynda tekepbirlik, bol nan we doly rahatlyk bardy, emma ol garyby we mätäji goldamady.
50 Olar özlerine guwandylar we Meniň gözümiň alnynda nejis işler etdiler. Şonuň üçin hem muny görenimde, olary öňümden süpürip taşladym.
51 Samarýa seniň eden günäleriňiň ýarysyny-da etmedi, emma nejis işleriňde sen olardan geçirdiň, eden ähli nejis işleriň bilen uýalaryňy akladyň.
52 Sen-de utanjyňyň ýüküni çek. Nejislik bilen eden günäleriň uýalaryňkydan köpdügi sebäpli olara ýeňil höküm çykartdyň. Olar senden has dogry saýyldylar. Munuň üçin utan we öz utanjyňyň ýüküni çek, çünki sen uýalaryňy akladyň.
53 Sodomyň, Samarýanyň we olaryň gyzlarynyň, olar bilen birlikde seniň öňki abadançylygyňyzy dikelderin.
54 Şonda sen öz utanjyňy çekersiň, eden ähli işleriňe utanyp, olara teselli bolarsyň.
55 Seniň uýalaryň Sodom we Samarýa öz gyzlary bilen birlikde öňki ýagdaýlaryna dönenlerinde, sen hem gyzlaryň bilen öňki ýagdaýlaryňa dönersiň.
56 Tekepbir wagtyňda uýaň Sodomyň adyny dile almaýardyň.
57 Indi bolsa seniň pisligiňiň üsti açyldy. Indi sen Edom, pilişt gyzlary we seni ýigrenýän başga halklar tarapyndan masgaralanýarsyň.
58 Sen öz haýasyzlygyň we nejis işleriňiň jezasyny çekýärsiň“». Muny Reb diýýär. Baky äht
59 Hawa, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen eden ähtiňi bozup, içen antyňy harladyň. Men-de seni edil öz edişiň ýaly ederin.
60 Ýöne ýaşlygyňda seniň bilen baglaşan ähtimi ýatlap, seniň üçin baky äht berkarar ederin.
61 Özüňden uly we kiçi uýalaryňy ýanyňa alanyňda, eden etmişleriňi ýatlap utanarsyň. Men olary saňa gyzlyga bererin, emma bu seniň ähtiň boýunça däldir. 62–63 Men seni ähli eden erbet işleriňden saplanymda, sen muny ýatlap utanar ýaly, utanjyňdan ýaňa agzyňy açmaz ýaly, seniň bilen ähtimi berkarar ederin, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň». Muny Hökmürowan Reb diýýär.




Chapter 17

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halkyna bir matal ber, bir tymsal aýt.
3 Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Uly ganatly, uzyn ýelekli, dürli reňkli mymyk tüýlerden doly, äpet bürgüt Liwana gonup, kedr agajynyň depesini eýeledi.
4 Agajyň ýokarky şahasyny ýolup, söwdagärleriň ýurduna getirdi, täjirleriň şäherinde ýerleşdirdi.
5 Onsoň ýurduň tohumyndan alyp, ony hasylly meýdanda ekdi, bol suwlar ýakasynda ýerleşdirip, söwüt agajy kimin oturtdy.
6 Ol gögerip, pessejik boýly ýaýraň üzüm agajyna öwrüldi, şahalary özüne tarap egildi, kökleri öz astyndady. Şeýdip, bu üzüm agajy boldy, şahalady, pudak çykardy.
7 Uly ganatly we köp ýelekli başga bir äpet bürgüt bardy. Ine, ýaňky üzüm agajy öz ekilen keşinden oňa tarap köklerini egreltdi. Suwarsyn diýip, şahalaryny oňa tarap sallady.
8 Ol şahalap, miwe berip, oňat üzüm agajy bolar ýaly, bol suwlar ýakasyndaky hasylly meýdanda ekilipdi“».
9 Ysraýyla Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ol üzüm şahasy boý alyp ösermi? Birinji bürgüt täze baldaklary gurasyn diýip, köklerini sogurmazmy, miwesini ýolmazmy? Kökünden sogurmak üçin güýçli gol ýa-da beýik goşun gerek bolmaz ahyryn.
10 Ol ekilse-de, boý alyp ösermi? Gündogar şemaly uranda bütinleý guramazmy? Öz gögeren keşlerinde solmazmy?»
11 Onsoň maňa Rebbiň sözi geldi:
12 «Indi, pitneçi halka: „Siz bularyň nämedigini bilmeýärsiňizmi?!“ diý. Olara şeýle diý: „Ine, Babyl patyşasy Iýerusalime gelip, onuň patyşasyny we han-beglerini Babyla äkitdi. 13–14 Ol patyşanyň tohum-tijinden bolan bir adamy alyp, onuň bilen äht baglaşdy; oňa ant içirdi. Ol muny ýurt kiçi göwünli bolsun, gedemlik etmesin, ähtimi saklar ýaly, ýerinde dursun diýip etdi. Ol ýurduň baştutanlaryny ýesir edip alyp gitdi.
15 Ýöne Iýerusalimiň patyşasy atlar we köp esger bersin diýip, ilçilerini Müsüre ibermek bilen Babyl patyşasynyň garşysyna gozgalaň turuzdy. Ol üstünlik gazanarmy? Bu işleri eden aman galarmy? Eden ähtini bozan halas bolarmy?
16 Içen antyna biperwaý garandygy, eden ähtini bozandygy üçin Öz barlygymdan ant içýärin ol özüni patyşa edip, tagtda oturdan patyşanyň mekany bolan Babylda öler. Muny Hökmürowan Reb aýdýar.
17 Babyllylar köp janlary gyrmak üçin berkitmeler salyp, ýapgytlar guranlarynda, güýçli goşuny we uly ýygny bolsa-da, fyrown oňa söweşde ýardam etmez.
18 Ol eden ähtini bozdy, içen antyna biperwaý garady; ol söz beren hem bolsa, bu işleri etdi; indi ol gutulmaz“».
19 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öz barlygymdan ant içýärin! Men ol tarapdan biperwaý garalan antymy we bozulan ähtimi onuň öz başyna getirerin.
20 Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer, onsoň Babyla getirip, Maňa eden dönükligi sebäpli oňa höküm çykararyn.
21 Onuň ähli gaçgak esgerleri gylyçdan geçiriler we aman galanlary çar tarapa dargadylar. Onsoň siz muny Men-Rebbiň aýdandygymy bilersiňiz».
22 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Kedr agajynyň depesinden bir şahajyk alyp oturdaryn. Şahasyndan bir ýaş baldak ýolup, belent dagyň depesinde ekerin.
23 Ony Ysraýylyň belent dagynda oturdaryn, ol pudak çykarar, miwe berer, şöhratly kedr agajy bolar. Her dürli guşlar şahalarynda mesgen tutar, her hili ganatly jandarlar kölegesinde saýalar.
24 Ýurduň ähli agaçlary belent agajy peseldýäniň, pes agajy beýgeldýäniň, ýaşyl agajy guradýanyň, guran agajy gögerdýäniň Men-Rebdigimi bilerler. Muny Men-Reb aýdýaryn, amala-da aşyraryn».




Chapter 18

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Näme üçin siz Ysraýyl ýurdy hakynda „Atalar turşy üzüm iýdiler, ogullaryň dişi gamaşdy“ diýen nakyly aýdýarsyňyz?
3 Öz barlygymdan ant içýärin, siz bu nakyly Ysraýylda gaýdyp ulanmarsyňyz. Muny Men Hökmürowan Reb diýýärin.
4 Ine, her bir diri jan Meniňkidir. Atalaryň jany-da, ogullaryň jany-da Meniňkidir; diňe günä eden jan öler.
5 Emma dogruçyl adam adalatly we dogry zady edýändir.
6 Ol daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýmez, ysraýyl halkynyň butlaryna göz dikmez, goňşusynyň aýalyny haram etmez ýa-da aýalynyň aýbaşyly wagtynda onuň bilen ýatmaz.
7 Hiç kime zulum etmez, bergidaryň girewini yzyna gaýtarar, talaňçylyk etmez, aja nan, ýalaňaja don berer.
8 Özüniň peýdasyna karz bermez, göterimine pul bermez, elini adalatsyzlyk etmekden saklar, iki adamyň arasynda adalaty hakykata laýyk ýerine ýetirer.
9 Ol Meniň parzlarymy ýerine ýetirer, hökümlerimi ak ýürekden doly berjaý eder; ol dogruçyl adamdyr; ol hökman diri galar». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. 10–11 «Indi bu dogruçyl adamyň zorluk edýän, gan dökýän bir ogly bar diýeliň. Bu ogul atasynyň hiç bir etmedik ýamanlyklaryny edip, ýagşy işleriň gyrasynda görünmez, gaýtam, daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýer, goňşusynyň aýalyny haram eder.
12 Garyba we mätäje zulum eder, talaňçylyk eder, girewini yzyna gaýtarmaz. Butlara bil baglar, nejis işler eder.
13 Öz peýdasyna karz berip, göterimine pul berer. Beýle ogul diri galarmy? Ýok, diri galmaz. Ol bu nejis işleriň ählisini etdi, ol hökman öler we dökülen gany öz boýnuna bolar.
14 Aýdalyň, bu ogluň-da bir ogly bar bolsa, ol atasynyň eden ähli günälerini görüp pikir eder we bular ýaly işleri etmez;
15 daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýmez, ysraýyl halkynyň butlaryna bil baglamaz, goňşusynyň aýalyny haram etmez.
16 Hiç kime zulum etmez, girew almaz, talaňçylyk etmez, aja nan, ýalaňaja don berer,
17 garyba zulum etmez, peýda we göterim almaz. Eger ol Meniň hökümlerimi ýerine ýetirip, parzlarymy berjaý etse, kakasynyň ýazygy zerarly ölmän, ol hökman diri galar.
18 Onuň kakasy bolsa öz eden günäleri üçin öler, ol zalymlyk edip, doganyny talady, halkynyň arasynda ýaramaz işler etdi.
19 Ýöne siz: „Näme üçin ogul atasynyň ýazygyny çekmeýär?“ diýýärsiňiz. Sebäbi bu ogul adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirdi, Meniň ähli parzlarymy berk saklap, olary doly berjaý etdi; ol hökman diri galar.
20 Günä eden adam ölmelidir; atasynyň ýazygyny ogly çekmez, oglunyň ýazygyny-da atasy çekmez. Dogruçyl adam dogruçyllygynyň, erbet adam erbetliginiň jogabyny alar.
21 Erbet adam eden ähli günälerinden toba edip, Meniň ähli parzlarymy berjaý etse, adalaty, dogruçyllygy ýerine ýetirse, ol hökman diri galar, ölmez.
22 Onuň eden ähli jenaýatlary barada ýatlanman, ol eden dogry işlerinde ýaşar.
23 Näme Men erbet adamyň ölümini oňlaýarynmy? Men onuň erbet ýollaryndan toba edip, diri galmagyny islemeýärinmi näme? Muny Men Hökmürowan Reb diýýärin.
24 Ýöne dogruçyl adam öz dogruçyllygyndan dönüp, erbediň ähli nejis işlerini, pisliklerini etse, ol diri galarmy? Onuň eden dogry işleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol özüniň eden dönükligi bilen etmişi we günäsi üçin öler.
25 Ýöne siz: „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýärsiňiz. Eý, ysraýyl halky, indi muny eşidiň, Meniň ýolum dogry dälmi? Nädogry ýol siziň ýollaryňyz dälmidir?
26 Dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlik etse we ölse, ol öz eden günäsi sebäpli öler.
27 Erbet adam-da eden erbetliginden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse, ol adam öz janyny halas eder.
28 Ol özüniň eden ähli günälerine göz ýetirip, olara toba edendigi üçin, hökman diri galar, ol ölmez.
29 Ýöne ysraýyl halky: „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýär. Eý, ysraýyl halky, Meniň ýollarym dogry dälmi? Nädogry ýol siziň ýollaryňyz dälmidir?
30 Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjek. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Toba edip, ähli jenaýatlaryňyzdan el çekiň, şondan soň olar size günä etdirýän büdreme daşy bolmaz.
31 Edýän ähli jenaýatlaryňyzy özüňizden aýryň, täze ýürek we täze ruh ediniň! Eý, ysraýyl halky, siz näme üçin öljek bolýarsyňyz?
32 Men hiç kimiň ölümini oňlamaýaryn. Muny Men Hökmürowan Reb diýýärin. Şonuň üçin günäňizden el çekiň-de, diri galyň».




Chapter 19

1 Sen Ysraýyl ýolbaşçylary üçin şu agyny aýt:
2 «Seniň eneň kimdi? Arslanlar arasynda ene arslandy! Ýaş arslanlar arasynda ýatardy, çagalaryny kemala getirerdi.
3 Çagalaryndan birisi şir arslan bolup ýetişdi, awuny parçalamagy öwrendi, adamlary iýdi.
4 Milletler ol barada eşitldiler. Ony duzagyna düşürdiler, çeňňege ildirip, Müsüre getirdiler.
5 Enesi garaşyp, umydyny üzensoň, çagalaryndan başga birini alyp, ony şir arslan edip ýetişdirdi.
6 Ol arslanlar arasynda gezdi, şir arslan bolup ýetişdi, awuny parçalamagy öwrendi, adamlary iýmäge başlady.
7 Olaryň galalaryny ýykdy, şäherlerini weýran etdi. Ýurt we onuň içindäkiler arryldysyndan ýaňa çolardy.
8 Töweregindäki milletler oňa hüjüm etdiler; torlaryny ýazyp, ony duzaga düşürdiler.
9 Çeňňege ildirip, kapasa saldylar, Babyl şasynyň huzuryna getirdiler. Ysraýyl daglarynyň üstünde gaýdyp sesi eşidilmesin diýip, ony zyndana taşladylar.
10 Eneň bagdaky üzüm agajy kimin suwlaryň boýunda ekilipdi, ol bol suwlardan ýaňa hasylly we gür şahalydy.
11 Hökümdara hasa bolar ýaly güýçli şahalary bardy, boýy belent bulutlara ýetdi; belentligi we bol şahalary bilen göze ilip durardy.
12 Ýöne ony gazap bilen sogrup ýere taşladylar; gündogar ýeli miwesini guratdy, berk şahalary goparylyp soldy, olary ýalynly ot ýakyp ýok etdi.
13 Ol indi çölde, gurak we suwsuz ýurtda ekildi.
14 Onuň şahalarynyň bir çybygyndan ot çykyp, şahasyny hem miwesini ýandyrdy, hökümdarlyk hasasy üçin berk şaha galmady». Bu agydyr we agylygyna-da galar.




Chapter 20

1 Sürgünde bolýan wagtymyzyň ýedinji ýylynyň bäşinji aýynyň onuna Ysraýyl ýaşulularyndan birnäçesi Rebden maslahat soramak üçin gelip, meniň garşymda oturdy.
2 Maňa Rebbiň sözi geldi:
3 «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşululary bilen gepleş we olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Siz Menden maslahat soramaga geldiňizmi? Öz barlygymdan ant içýärin, Men size Özüme maslahat saldyrtmaryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
4 Olary höküm et, eý, ynsan ogly, olary höküm et! Olara ata-babalarynyň nejis işlerini aýdyp ber“».
5 Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ysraýyly saýlan günüm Ýakubyň nesline kasam eden günümdir we Müsür ýurdunda Özümi olara aýan edip: „Men siziň Hudaýyňyz Rebdirin!“ diýip ant içen günümdir.
6 Hawa, şol gün Men olary Müsür ýurdundan çykaryp, olar üçin gözlän ýurduma, ähli ýurtlardan gözel bolan süýt we bal akýan ýurda getirjekdigime söz berdim.
7 Onsoň Men olara: „Her kim göz dikýän nejis zatlaryny taşlasyn, özüňizi Müsür butlary bilen haram etmäň; siziň Hudaýyňyz Reb Mendirin“ diýdim.
8 Ýöne olar Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar, Meni diňlemek islemediler; olaryň hiç biri gözlerine ýakymly görünýän nejis zatlaryny taşlamady, Müsür butlaryny-da terk etmedi. Onsoň Men gahar-gazabymy Müsürde olaryň başyndan inderjekdigimi aýtdym.
9 Ýöne olaryň arasynda ýaşaýan milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat getirmezlik üçin, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim. Men ol milletleriň gözüniň alnynda ysraýyl halkyny Müsürden çykarmak bilen, Özümi olara aýan etdim.
10 Şeýlelikde, olary Müsür ýurdundan çykaryp, çöle getirdim.
11 Men olara parzlarymy we hökümlerimi berdim. Bu hökümleri berjaý eden her bir adam ýaşar.
12 Olary mukaddes halk eden Rebbiň Mendigimi bilsinler diýip, Özüm bilen olaryň arasynda alamat bolar ýaly, mukaddes Sabat kanunlarymy hem olar üçin belledim.
13 Ýöne ysraýyl halky çölde Meniň garşyma gozgalaň turuzdy. Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý eden adam aman galsa-da, olar kanunlarymy ýerine ýetirmediler. Hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat kanunlarymy bütinleý harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym.
14 Emma ysraýyllary Müsürden çykarandygymy gören milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat gelmesin diýip, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim.
15 Olary özlerine berjek iň gözel ýurduma, süýt we bal akýan ýurda getirmejekdigime çölde ant içdim.
16 Olaryň ýüregi butlarynyň yzyna eýerendigi üçin, Meniň hökümlerimi ret etdiler, parzlarymy berjaý etmediler we mukaddes Sabat kanunlarymy harladylar.
17 Ýöne Meniň ýene-de olara ýüregim awady, olary heläk etmedim, çölde olaryň soňuna çykmadym.
18 Çölde olaryň perzentlerine şeýle diýdim: „Ata-babalaryňyzyň parzlaryna eýermäň, hökümlerini berjaý etmäň, özüňizi olaryň butlary bilen haram etmäň.
19 Men siziň Hudaýyňyz Rebdirin. Meniň parzlarymy tutuň, hökümlerimi doly berjaý ediň, olary ýerine ýetiriň.
20 Mukaddes Sabat kanunlarymy ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilmegiňiz üçin Meniň bilen siziň araňyzda alamat bolarlar“.
21 Ýöne perzentler Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar; Meniň parzlarymy doly berjaý etmediler, bulary ýerine ýetiren adam aman galsa-da, hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat kanunlarymy harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym.
22 Muňa garamazdan, ysraýyllary Müsürden çykaranymy gören milletleriň nazarynda adyma ysnat gelmesin diýip, ýene elimi yza çekdim we Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim.
23 Mundan başga-da, Men olary milletler arasyna pytradyp, başga ýurtlara dargatjakdygyma çölde ant içdim.
24 Olaryň gözleri ata-babalarynyň butlarynyň yzyndadygy üçin, hökümlerimi ýerine ýetirmediler, parzlarymy ret etdiler we mukaddes Sabat kanunlarymy harladylar.
25 Munuň üçin Men olara ýagşy bolmadyk parzlary we ýerine ýetiren adam aman galmaz ýaly hökümleri berdim.
26 Her bir ilkinji doglan çagany ot üsti bilen gurban eden gurbanlyklary bilen haram etdim. Şeýdip, Men olary ýok etdim we Özümiň Rebdigimi bilsinler diýdim».
27 Munuň üçin, eý, ynsan ogly, ysraýyl halky bilen gepleş we olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ata-babalaryňyz dönüklik etmek bilen birlikde Maňa dil-de ýetirdiler.
28 Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören belent depesinde, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».
29 Onsoň Men olardan: «Siziň bu gidip, sežde edýän ýeriňiz nähili ýer?» diýip soradym. Şonuň üçin hem bu ýerlere şu güne çenli hem sežde edilýän ýerler diýilýär.
30 Muňa görä ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Näme üçin siz özüňizi ata-babalaryňyzyň ýol-ýörelgeleri bilen haram edip, olaryň ýigrenji zatlary bilen zynahorluk edýärsiňiz?
31 Siz bu güne çenli ogullaryňyzy otda gurbanlyk hökmünde hödür edip, ähli butlaryňyz bilen özüňizi haram edýärsiňiz. Şundan soň, eý, ysraýyl halky, Men size Özüme maslahat saldyrarynmy? Öz barlygymdan ant içýärin Hökmürowan Reb diýýär Men size maslahat bermerin.
32 Siz: „Agaja we daşa sygynyp, biz-de beýleki milletler ýaly, başga ýurtlardaky taýpalar ýaly bolarys“ diýýärsiňiz, emma akylyňyzda aýlaýan bu zatlaryňyz amala aşmaz.
33 Öz barlygymdan ant içýärin Hökmürowan Reb diýýär Men güýç-gudratym we gahar-gazabym bilen üstüňizden höküm sürerin.
34 Güýç-gudratym hem gahar-gazabym bilen sizi halklaryň arasyndan çykararyn we dargadylan ýurtlaryňyzdan yzyňyza ýygnaryn.
35 Onsoň sizi halklaryň çölüne getirip, ýüzbe-ýüzleşip, size höküm çykararyn.
36 Müsür çölünde ata-babalaryňyza nähili höküm çykaran bolsam, size hem şeýle höküm çykararyn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
37 Men sizi gözden geçirip, ähte boýun bolmaga mejbur ederin.
38 Pitneçileri we Meniň garşyma jenaýat edenleri siziň araňyzdan aýraryn, olary gelmişek bolup ýaşaýan ýurtlaryndan çykararyn, ýöne olar Ysraýyl ýurduna girmezler. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz».
39 «Eý, ysraýyl halky, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Meni diňlemejek bolsaňyz, gidiň, mundan beýläk her kim öz butlaryna gulluk etsin; ýöne sadakalaryňyzdyr butlaryňyz bilen Meniň mukaddes adyma ysnat getirmäň.
40 Ysraýyl halky, ýurtdakylaryň ählisi Maňa mukaddes dagymda, Ysraýylyň belent dagynda gulluk eder. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Men olardan şol ýerde razy bolaryn. Men ähli mukaddes zatlaryňyz bilen birlikde sadakalaryňyzy we gymmatly sowgatlaryňyzy şol ýerde talap ederin.
41 Sizi halklaryň arasyndan çykaryp, dargadylan ýurtlaryňyzdan ýygnanymda, sizi hoşboý ys hökmünde kabul ederin we milletleriň gözleriniň alnynda Öz mukaddesligimi ykrar ederin.
42 Sizi ata-babalaryňyza bermeklige ant içen ýurduma, Ysraýyl ýurduna getirenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
43 Onsoň siz erbet ýollaryňyzy, özüňizi haram eden ähli işleriňizi ol ýerde ýatlarsyňyz we eden ähli pislikleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.
44 Eý, ysraýyl halky! Men siziň öz tutan ýollaryňyza we ýaramaz işleriňize görä däl-de, Öz adymyň hatyrasyna hereket edenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
45 Maňa Rebbiň sözi geldi:
46 «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Teýmana öwür-de, Daroma wagyz et, Negep tokaýyna garşy pygamberlik et.
47 Oňa Rebbiň sözüni eşit, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men içiňde ot tutaşdyraryn, ol sendäki her bir ösüp oturan agajy hem, guran agajy hem köýdürer. Lowlaýan ýalyn söndürilmez we günortadan demirgazyga çenli ähli ýüzler onuň bilen birlikde ýanar.
48 Ähli adamzat ody Men-Rebbiň tutaşdyrandygymy görer; ot söndürilmez“».
49 Onsoň men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Olar men hakda „Aý, ol özünden toslap tapýar-laý!“ diýişýärler» diýdim.




Chapter 21

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Iýerusalime tarap öwür-de, mukaddes ýerlere garşy wagyz et, Ysraýyl ýurdy barada pygamberlik edip,
3 oňa Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men saňa garşydyryn, gylyjymy gynyndan çykaryp, ýagşyny-da, ýamany-da senden kesip taşlaryn.
4 Ýagşyny-da, ýamany-da senden kesip taşlamak üçin günortadan demirgazyga çenli ähli ynsana garşy gylyjymy gynyndan çykararyn.
5 Şonda tutuş adamzat gylyjyny gynyndan çykaranyň Men-Rebdigimi biler; indi gylyjy gynyna salmaryn“».
6 «Eý, ynsan ogly, ah çek, olaryň gözleriniň alnynda ýüregiňi paralap, ajy gözýaş dök.
7 Olar saňa: „Näme beýle gam-gussa batýaň?“ diýenlerinde, sen olara: „Gelen erbet habar zerarly gama batýaryn. Muňa her bir ýürek erär, ähli eller gowşar, her bir ruh tapdan düşer, her bir dyz epiler. Ine, habar gelýär, ol amala aşar“ diý». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
8 Maňa Rebbiň sözi geldi:
9 «Eý, ynsan ogly! Pygamberlik et we Reb şeýle diýýär diý: „Gylyç! Gylyç! ol ýiteldildi, çarhlandy!
10 Bu öldürmek üçin ýiteldildi, ýyldyrym kimin çaksyn diýip çarhlandy. Biz nädip şatlanyp bileris? Oglum, sen taýagy we temmini harladyň ahyryn.
11 Gylyç ulanmak üçin çarhlanmaga berildi; gylyç ganhoruň eline berilsin diýip ýiteldildi, çarhlandy.
12 Eý, ynsan ogly! Perýat et, bagyr! Çünki bu gylyç Meniň halkymyň, ähli Ysraýyl ýolbaşçylarynyň üstünden inýär. Ysraýyl ýolbaşçylary Meniň halkym bilen birlikde gylyçdan geçiriler; munuň üçin döşüňi ýumrukla.
13 Bu bir synagdyr; taýak äsgerilmese, soňy näme bolar?“». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
14 «Eý, ynsan ogly, pygamberlik et we maňlaýyňa ur. Gyrýan gylyç iki-üç gezek ursun. Bu öldürýän gylyçdyr, köp sanly ynsanlary gyran, olary her ýandan gurşan gylyçdyr.
15 Şeýdip, olaryň gorkudan ýaňa ýüregi bükgüldesin, büdremeleri artsyn diýip, Men ähli derwezelerinde howp salýan gylyjy goýdum. Pah-pah, gylyç ýyldyrym kimin parlady, gyrmak üçin çykaryldy.
16 Eý, gylyç, sagyňa çoz, soluňy çap, ugruň nirä bolsa, şoňa-da git.
17 Men-de maňlaýyma uraryn, gahar-gazabym ýatyşar, muny Men-Reb diýdim».
18 Maňa Rebbiň sözi geldi:
19 «Eý, ynsan ogly, Babyl patyşasynyň gylyjy geler ýaly, özüňe iki ýol belle, ikisi-de bir ýurtdan çyksyn. Gala barýan ýoluň başynda bir belgi ýasap goý.
20 Ammonlaryň Raba galasyna ýa-da Ýahudadaky berk diwarly Iýerusalime girer ýaly, gylyç üçin ýol ýasa.
21 Çünki Babyl patyşasy iki ýoluň başynda durup jogap agtarýar. Ol oklary silkeleýär we butlara maslahat salyp, gurbanlyk malynyň bagryna seredýär.
22 Onuň sag elinde Iýerusalimi görkezýän pal bar. Onda diwar ýykýan pürsleri ýerleşdirmek, ölüm buýrugyny bermek, söweş nagralaryny çekmek, derwezeleri ýumrujy gurallary goýmak, berkitmeler we diwara çykmak üçin ýapgytlar gurmak barada aýdylýar.
23 Babyl patyşasyna ant içip, kasam edenleriň nazarynda bu boş pal bolar; emma olar ele salnanda, pal bulara ýazygy ýatladar».
24 Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz jenaýatlaryňyzyň üstüni açmak bilen ýazygyňyzy ýatlatdyňyz. Ähli işleriňizde günäleriňizi görkezmek bilen ýazygyňyzy ýatlatdyňyz. Şonuň üçin zorluk bilen ele düşersiňiz.
25 Eý, Ysraýylyň dereksiz, pis hökümdary, soňky günüň ýakynlaşdy, soňky jeza günüň ýetip geldi!».
26 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Selläňi aýyr, täjiňi çykar. Indi bu beýle bolmaz. Pes bolan beýgeler, beýik bolan peseler.
27 Weýran! Weýran! Şäheri weýran ederin! Höküm çykarýan gelýänçä, bu başa barmaz. Soňra Men şäheri oňa bererin».
28 «Sen bolsa, eý, ynsan ogly, pygamberlik et we masgaralaýjy sözler aýdýan ammonlar barada Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Gylyç, gylyç! Öldürmek üçin gyndan çykaryldy, ýuwutsyn we ýyldyrym kimin çaksyn diýip ýiteldilip çarhlandy.
29 Eý, ammon halky, sen hakda görülýän görnüşler biderek, atylýan pallar ýalandyr. Eý, gylyç, ol zalym pisleriň boýnuny çapyp taşla, çünki olaryň soňky güni geldi, ahyrky jezasynyň wagty ýetdi.
30 Gylyjy gynyňa sal! Ýaradylan ýeriňde, dogduk mekanyňda Men saňa höküm çykararyn.
31 Üstüňize gaharymy döküp, gazap odumy üflärin, seni öldürmäge ussat wagşylaryň eline bererin.
32 Sen oda ýangyç bolarsyň. Ganyň tutuş ýurtda akar, indi sen hiç haçan ýatlanmarsyň; çünki muny Men-Reb aýtdym“».




Chapter 22

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Bu ganhor şäheri höküm et, eý, ynsan ogly, ony höküm et! Onsoň oňa özüniň eden nejis işlerini aýdyp ber.
3 Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, öz içinde gan döküp, weýrançylygyny taýýarlaýan şäher! Butlar ýasap, özüni haram edýän şäher!
4 Döken ganlaryň bilen etmişli bolduň, ýasan butlaryň bilen haram bolduň; günleriňiň soňuny ýakynlaşdyrdyň, ýyllaryňyň soňuna çykdyň. Şonuň üçin hem Men seni milletleriň öňünde utanja, ähli ýurtlaryň öňünde masgaraçylyga sezewar ederin.
5 Eý, ady nejis we içi gowgadan doly şäher, ýakyndakylar-da, uzakdakylar-da seni masgaralarlar.
6 Ine, içiňde ýaşaýan her bir Ysraýyl ýolbaşçysy öz güýjüniň çatdygyndan gan dökýär.
7 Olar ata-enäni kemsitdiler, seniň içiňde gelmişege sütem etdiler, dul hatyna we ýetime zulum etdiler.
8 Sen Meniň mukaddes zatlaryma we mukaddes Sabat kanunlaryma biperwaý garadyň.
9 Gan dökmek üçin araňyzda töhmetçiler bar. Öz araňyzdakylar daglaryň üstünde gurbanlyk iýdiler we haýasyzlyk etdiler.
10 Olaryň käbiri öz atalarynyň aýaly bilen ýatdy. Seniň içiňde aýal haramka namysyna degildi.
11 Kimse goňşusynyň aýaly bilen nejis iş etdi; kimse haýasyzlyk bilen öz gelnini haram etdi; kimse öz aýal doganynyň, öz atasynyň gyzynyň namysyna degdi.
12 Gan dökmek üçin seniň içiňde para aldylar; sen peýda we göterim aldyň, zorluk bilen goňşyňdan gazanç etdiň we Meni unutdyň. Muny Hökmürowan Reb aýdýar.
13 Ine, eden haram gazanjyň we öz içiňde döken ganyň üçin Men elimi elime uraryn.
14 Seniň bilen iş salşan günlerimde ýüregiň berk, elleriň güýçli bolarmy? Muny Men-Reb aýtdym. Ony ýerine hem ýetirerin.
15 Men seni milletleriň arasyna dargadaryn, ýurtlara pytradaryn, haramlygyňyň soňuna nokat goýaryn.
16 Milletleriň gözüniň alnynda özüňi haram etmegiňi bes edeniňde Meniň Rebdigimi bilersiň“».
17 Maňa Rebbiň sözi geldi:
18 «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halky Meniň üçin galyndy boldy; olaryň bary bir körükde eredilen kümşüň galyndysy bürünç, galaýy, demir we gurşun galyndysy ýalydyr.
19 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Baryňyzyň galyndy bolandygyňyz üçin, Men sizi Iýerusalimiň ortasyna ýygnaryn.
20 Eretmek üçin ody üfläp, kümşi, bürünji, demri, gurşuny we galaýyny körüge salyşlary ýaly, Men-de sizi gahar-gazabym bilen şähere salyp erederin.
21 Sizi ýygnap, gazap odumy üstüňize üflärin we siz şäheriň içinde erärsiňiz.
22 Kümşüň körükde ereýşi ýaly, siz-de şäheriň içinde erärsiňiz, onsoň gahar oduny üstüňize dökeniň Men-Rebdigimi bilersiňiz“».
23 Maňa Rebbiň sözi geldi:
24 «Eý, ynsan ogly! Oňa: „Sen gazap güni tämizlenmedik, üstüne ýagyş ýagmadyk ýurtsuň!“ diý.
25 Onuň içindäki hökümdarlary arlap awuny parçalaýan arslan kimindir; olar adamlary ýuwutdylar, baýlyk we mal-mülk aldylar, öz içinde dullaryň sanyny köpeltdiler.
26 Onuň ruhanylary kanunlarymy basgyladylar, mukaddes zatlarymy harladylar; mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň arasynda parh goýmadylar, haramyň we halalyň nämedigini halka öwretmediler, mukaddes Sabat kanunlaryma biperwaý garadylar; Men olaryň arasynda äsgermezçilige duçar boldum.
27 Aralaryndaky ýolbaşçylary haram gazanç üçin gan dökmekde, adam janyny ýok etmekde awuny parçalaýan gurtlar kimindir.
28 Pygamberleri boş görnüşler görüp, ýalandan pal atyp, bu etmişleriniň üstüne hek çalýarlar. Men-Reb aýtmadyk bolsam hem, „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diýýärler.
29 Ýurduň halky biri-birini ezip, talaňçylyk etdi, garyba we mätäje zulum etdi, nähak ýere gelmişege sütem etdi.
30 Ýurdy heläk etmezligim üçin diwary täzeden bejerip, onuň gädiginde ýurt üçin öňümde durup biljek bir adam agtardym, ýöne tapyp bilmedim.
31 Şonuň üçin hem Men olaryň üstlerine gazabymy dökdüm, gahar odum bilen olary ýakyp ýok etdim. Eden işlerini öz başlaryndan inderdim». Muny Hökmürowan Reb diýýär.




Chapter 23

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Bir eneden doglan iki gyz bardy.
3 Olar ýaşkalar Müsürde loly bolup, zyna etdiler. Ol ýerde olaryň mämeleri ellendi we gyz göwüsleri gysymlandy.
4 Ulusynyň ady Ohola, kiçisiniňki bolsa Oholybady. Olar Meniňki boldular, ogullar we gyzlar dogurdylar. Atlaryna görä Ohola Samarýadyr, Oholyba Iýerusalimdir.
5 Ohola Meniňkikä zyna edip, oýnaşlary bolan aşur ýolbaşçylaryna göwün berdi.
6 Bular mawy eşik geýnen häkimler bilen emeldarlardy, ählisi görmegeý ýaş ýigitler we atly esgerlerdi.
7 Ohola Aşuryň görnükli adamlaryna özüni zynagärlige berdi. Ol kimlere göwün beren bolsa, şolaryň butlary bilen özüni haram etdi.
8 Müsürliler bilen hem zynagärligini goýmady. Ol ýaşka müsürliler onuň bilen ýatdylar, gyz göwüslerini gysymladylar we zynalaryny onuň üstüne dökdüler.
9 Şonuň üçin Men ony göwün beren oýnaşlarynyň eline, ýagny aşurlaryň eline berdim.
10 Olar onuň ýalaňaçlygyny paş etdiler, ogullaryny we gyzlaryny aldylar, özüni bolsa gylyç bilen öldürdiler. Oňa hökümler çykaryldy we ol aýallaryň arasynda masgara boldy.
11 Aýal dogany Oholyba muny görse-de, göwün bermekde ondan hem azgyndy, zynagärligi uýasynyňkydan-da has çökderdi.
12 Ol bezemen geýnüwli aşur ýolbaşçylaryna häkimlere, emeldarlara, at münýänlere, görmegeý ýaş ýigitleriň baryna göwün berdi.
13 Men onuň haram bolandygyny gördüm; ikisiniň hem ýoly birdi.
14 Emma Oholyba zynagärligini artdyrdy, ol gyzyl reňkler bilen diwaryň ýüzüne çekilen babylly erkekleriniň şekilini gördi.
15 Şeýle hem billeri guşakly, başlary uly selleli, ählisi serkerde sypatly, asly babylly bolanlaryň suratyny gördi.
16 Oholyba olary gören badyna göwün berip, babyllylaryň ýurduna çaparlar ýollady.
17 Babyllylar onuň ýanyna, söýgi düşegine geçdiler, zynagärlikleri bilen ony haram etdiler. Babyllylar bilen özüni haram edenden soň, olary kalby bilen ýigrendi.
18 Oholyba zynagärligini we ýalaňaçlygyny açyk paş edende, onuň uýasyny ýigrenişim ýaly, kalbym ony-da ýigrendi.
19 Oholyba Müsür ýurdunda zynagärlik eden ýaşlyk günlerini ýatlamak üçin zynagärligini has artdyrdy.
20 Göwreleri eşegiň göwresi kimin we billeri atyň bili kimin bolan oýnaşlaryna göwün berdi.
21 Şeýlelikde, müsürliler seniň mämeleriňi elläp, gyz göwüsleriňi gysymlan döwründäki ýaly ýaşlyk haýasyzlygyňy etdiň».
22 Şonuň üçin, eý, Oholyba, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men seniň ýigrenen oýnaşlaryňy özüňe garşy küşgürerin, olary her ýandan saňa garşy aýaga galdyraryn.
23 Babyllylary, ähli kesetleri, pekotlary, şowalary, kowalary we olar bilen birlikde tutuş aşurlary görmegeý ýaş ýigitleri, häkimleriň we emeldarlaryň baryny, serkerdeleri we ýolbaşçylary, at münýänleri saňa garşy goýaryn.
24 Olar ýaraglar, uruş arabalary, at-arabalar we bir topar halklar bilen saňa garşy çykyp, uly-kiçi galkanlary, demir tuwulgalary bilen daş-töwerekden daşyňy alarlar. Men olara höküm etmek ygtyýaryny bererin, olar öz däp-dessurlary boýunça saňa hökümler çykararlar.
25 Saňa garşy gabanjaňlygym oýanar. Olar saňa gazaplanyp ýowuz daraşarlar, burnuňy we gulaklaryňy kesip taşlarlar, aman galanlaryňyz gylyçdan heläk bolarlar. Ogullaryňy we gyzlaryňy alarlar, aman galanlaryňyzy ot ýakyp ýok eder.
26 Olar seniň geýimiňi sypyrarlar, owadan şaý-sepleriňi alarlar.
27 Men seniň Müsürden getiren haýasyzlygyň we zynagärligiň soňuna çykaryn. Sen olara indi gabagyňy galdyrmarsyň, Müsüri gaýdyp ýatlamarsyň».
28 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men seni öz ýigrenen adamlaryňyň, kalbyňyň ýigrenenleriniň eline bererin. 29–30 Olaryň saňa garşy özlerini alyp baryşlary ýigrençli bolar, seniň ähli zähmetiňiň hasylyny alyp, seni ýalaňaç hem alaň-açyk goýarlar. Sen milletler bilen zyna etdiň, olaryň butlary bilen haram bolduň. Şeýlelikde, zynagärligiň ýalaňaçlygy paş bolar. Bu zatlaryň ählisi haýasyzlygyň we azgynlygyň sebäpli başyňdan iner.
31 Sen uýaňyň ýolundan ýörediň, Men onuň käsesini seniň eliňe bererin».
32 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen uýaňyň çukur we giň käsesinden içersiň, bu käsäniň pürepürdigi sebäpli, seniň üstüňden gülnüp masgara bolarsyň.
33 Serhoşlykdan we gaýgydan dolarsyň, ol seniň uýaň Samarýanyň käsesidir, ol elhençlik hem weýrançylyk käsesidir.
34 Ony içip tükedersiň, böleklerini ýenjip, göwsüňi parçalarsyň, Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär».
35 Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meni unudandygyňa, Menden ýüz öwrendigiňe görä sen hem öz haýasyzlygyň we zynagärligiň üçin jezaňy çek».
36 Reb maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Sen Ohola we Oholybanyň üstünden höküm çykar! Olara nejis işlerini bildir.
37 Olar zyna etdiler, elleri gan dökdi; butlary bilen zyna etdiler. Maňa dogran çagalaryny-da iýmit hökmünde olaryň butlaryna hödürlediler.
38 Maňa-da şu işi etdiler: şol gün Meniň mukaddes öýümi haram etdiler, mukaddes Sabat kanunlarymy harladylar.
39 Butlary üçin çagalarynyň damagyny çalanlaryndan soň, hut şol gün mukaddes öýümi harlamak üçin ol ýere girdiler, ine, Meniň öýümiň içinde şeýle etdiler.
40 Hatda, siz, iki uýa! Uzaklardan adamlar geler ýaly çaparlar ýolladyňyz, olar geldiler. Olar üçin siz ýuwundyňyz, gözleriňize sürme çekdiňiz, şaý-sepler bilen bezenip,
41 şanly düşekde oturdyňyz, düşegiň öňünde bolsa taýyn saçak bardy. Meniň ýakymly ysly tütetgim bilen ýagymy onuň üstünde goýduňyz.
42 Aladasyz märekäniň şowhunly sesi ýaňlanýardy; köpçülik adamlar bilen birlikde çölden serhoşlar hem getirildi. Olar bu iki uýanyň bileklerine bilezikler dakdylar, başlaryna gözel täçleri geýdirdiler.
43 Onsoň men: „Wah, bu bir zyna edip, sandan çykan aýal-a, emma olar onuň bilen jyns gatnaşyklaryny etmeklerini dowam etdirýärler“ diýdim.
44 Olar bir lolynyň ýanyna girilişi ýaly, onuň bilen ýatdylar. Şeýdip, haýasyz aýallar bolan Oholanyň we Oholybanyň ýanyna girdiler.
45 Emma dogruçyl adamlar olara zynahor we ganhor aýallaryňky ýaly höküm çykararlar, sebäbi olar zynahordurlar we ellerini gana buladylar».
46 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Olaryň garşysyna jemagaty örüz, olary howp astyna we talaňa sal.
47 Jemagat olary daşlar, gylyçlary bilen kerçär, ogul-gyzlaryny öldürip, öýlerini ýakar.
48 Şeýdip, Men ýurtdaky haýasyzlygyň soňuna çykaryn, ähli aýallar mundan sapak alyp, siziňki ýaly haýasyzlyk etmezler.
49 Olar haýasyzlygyňyzy öz üstüňize ýüklärler. Siz butlaryňyzyň günäsiniň jezasyny çekersiňiz. Şonda siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz».




Chapter 24

1 Sürgünde bolýan wagtymyzyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Özüňe şu günüň, hut şu günüň senesini ýazyp goý. Babyl patyşasy hut şu gün Iýerusalimi gabamaga başlady.
3 Pitneçi halka bir tymsal aýdyp, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Gazan atar, gazan atar-da, içine suw guý.
4 Et böleklerini, ýagny but we döşüň oňat böleklerini onuň içine at. Ony saýlama omaçalardan doldur.
5 Süriniň iň saýlamasyndan al. Gazanyň aşagyndaky odunlary üýşür, gazany mazaly gaýnat, içindäki omaçalar bişsin“».
6 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ganhor şäheriň halyna waý! Kesmek tutan, kesmeginden arassalanmadyk bu gazanyň halyna waý! Saýlamazdan eti gazandan bölek-bölek edip çykaryp zyňyň.
7 Şäheriň gany onuň ortasyndadyr; ol ony ýalaňaç gaýanyň üstüne dökdi; ony gum bilen örter ýaly ýere dökmedi.
8 Men hem gazabymy tutaşdyryp, öç alar ýaly onuň ganyny ýalaňaç gaýanyň üstüne dökdüm, onuň üsti örtülmez».
9 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ganhor şäheriň halyna waý! Men-de odun üýşmegini has belent ederin.
10 Odunlary üýşür, ody tutaşdyr, eti gowuja bişir, çorbany gaýnat, goý, omaçalar-da ýanyp köýsün!
11 Onsoň boş gazany onuň közleriniň üstünde goý. Şeýdip, ol gyzar, misi ýanar, pisligi içinde eräp, kesmegi aýrylar.
12 Onuň bar zähmeti biderek boldy, galyň kesmegi ondan aýrylmaýar; kesmegiň aýrylmagyna hatda ot hem ýardam etmez.
13 Haýasyzlygyň seni haram etdi. Men seni tämizlejek boldum, emma sen tämizlenmek islemediň. Saňa garşy tutaşan gazabym ýatyşýança, sen haramlygyňdan tämizlenmersiň.
14 Muny Men-Reb aýtdym, bu berjaý bolar, Men ony ederin. Jezaňy geçmerin, gaýgyrmaryn we haýpym gelmez. Öz tutan ýollaryňa we işleriňe laýyklykda saňa höküm çykarylar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
15 Maňa Rebbiň sözi geldi:
16 «Eý, ynsan ogly! Ine, Men gözleriňe iň gymmatly bolan kişini bir zarbada senden alaryn, ýöne sen zeýrenme, aglama, gözýaş dökme.
17 Dymyp ah çek; öliň üçin ýas tutma; selläňi geý, çarygyňy geý, sakgalyňy örtme; ýas çöregini iýme».
18 Şeýlelikde, men daňdan halka bu sözleri aýtdym; agşam bolsa aýalym öldi. Ertesi daňdan men ähli zady özüme buýrulyşy ýaly berjaý etdim.
19 Halk maňa: «Seniň edýän bu zatlaryňyň bize näme dahyly bar? Muny bize aýtjak dälmi?» diýdi.
20 Onsoň men olara özüme Rebbiň sözüniň gelendigini aýtdym:
21 «Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“.
22 „Siz-de meniň edişim ýaly edersiňiz; sakgalyňyzy örtmersiňiz we ýas çöregini iýmersiňiz.
23 Selläňiz başyňyzda, çarygyňyz aýagyňyzda bolar. Ýas tutmarsyňyz, aglamarsyňyz, emma etmişleriňiz zerarly gurap ýok bolarsyňyz, biri-biriňiz üçin ah çekersiňiz“.
24 „Ezekiýel siziň üçin bir alamat bolar, ol näme eden bolsa, sizem şony edersiňiz. Bu hadysalar ýüze çykanda, siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz“». 25–26 «Eý, ynsan ogly! Men olaryň güýjüni, gözellik şatlygyny, göz guwanjyny, janlarynyň perwaz urýan zadyny, ogul-gyzlaryny olardan alan günüm bu beladan gaçyp gutulan biri gelip, muny saňa habar berer.
27 Şol gün beladan gaçyp gutulan adam bilen gepleşmek üçin saňa täzeden dil biter, sen geplärsiň, gaýdyp diliň tutulmaz. Sen olar üçin bir alamat bolarsyň, onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».




Chapter 25

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi ammonlara tarap öwür-de, olaryň garşysyna pygamberlik et.
3 Hökmürowan Rebbiň sözüni eşidiň! Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Meniň mukaddes öýümi harlanlarynda, Ysraýyl ýurduny weýran edenlerinde we ýahuda halkyny sürgün edenlerinde, siz olar barada: ‘Pah-pah! Ne ajap!’ diýşip begendiňiz.
4 Şonuň üçin, ine, Men sizi mülk hökmünde gündogar halklarynyň eline bererin. Olar düşelgelerini siziň araňyzda gurarlar, çadyrlaryny sizde dikerler, olar siziň miweleriňizi iýerler, süýdüňizi içerler.
5 Raba galasyny düýeleriň örüsine we Ammon ýurdyny dowarlaryň ýatagyna öwrerin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“».
6 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz elleriňizi çarpyp, tans etdiňiz, Ysraýyl ýurduna bolan ýigrenjiňiz bilen ýürekden şatlandyňyz.
7 Şonuň üçin hem, ine, Men elimi siziň garşyňyza uzatdym. Sizi milletlere olja edip bererin. Men sizi halklaryň arasyndan sogrup zyňaryn, ýurtlaryň arasyndan süpürip taşlaryn, sizi ýok ederin. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz».
8 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Mowap bilen Segir: „Ýahuda halky hem beýleki milletler ýalydyr“ diýdiler.
9 Şonuň üçin Men Mowabyň bir gapdalyny böwsüp, ýurduň şöhraty bolan serhet şäherlerine Beýtýeşimota, Bagalmegona we Kirýataýyma zarba uraryn.
10 Men Mowaby ammonlar bilen birlikde gündogar halklarynyň eline mülk edip bererin. Şeýdip, ammonlar milletler arasynda hiç haçan ýatlanylmaz.
11 Mowaba hökümler çykararyn, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler». Edom ýurduna garşy pygamberlik
12 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Edom öç almak bilen ýahuda halkynyň garşysyna hereket etdi, olardan öç alyp, agyr günä batdy.
13 Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men elimi Edomyň garşysyna uzadyp, ondan ynsany-da, haýwany-da sogrup taşlaryn we ony harabaçylyga öwrerin. Olar Teýmandan Dedana çenli aralykda gylyçdan heläk bolarlar.
14 Men Edomdan halkym Ysraýylyň eli bilen öç alaryn. Olar Edomda Meniň gahar-gazabym boýunça hereket ederler, onsoň olar Meniň öjümiň nämedigini bilerler“». Muny Hökmürowan Reb aýdýar.
15 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ebedi duşmançylygy bolan piliştliler ýahudalardan ar aldylar, ýüreklerindäki ýigrenç zerarly olary ýer bilen ýegsan edip öç aldylar.
16 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ine, Men elimi piliştlileriň garşysyna uzadyp, olardan keretlileri sogrup taşlaryn, deňiz ýakasynda galanlaryny ýok ederin.
17 Gazaply jezalar bilen olardan agyr öç alaryn. Şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler“».




Chapter 26

1 Sürgünde bolýan wagtymyzyň on birinji ýylynyň birinji aýynyň birine maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Sur galasy Iýerusalim hakda: „Baý-baý-ow, halklaryň gapysy bolan şäher ýykyldy, derwezeleri meniň üçin açyldy. Ol weýran boldy, indi men baýlykdan dolaryn“ diýdi».
3 Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý Sur! Men saňa garşydyryn. Deňiz tolkunlarynyň ýokary galşy ýaly, Men hem milletleri seniň garşyňa aýaga galdyraryn.
4 Olar Soruň diwarlaryny weýran ederler, onuň diňlerini ýykarlar. Men onuň topragyny syryp-süpürip, ýalaňaç gaýa öwrerin.
5 Ol deňiz ortasynda tor ýazylýan ýer bolar. Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär. Sur galasy milletlere olja bolar.
6 Olar Sur galasyna garaşly şäherlerde ýaşaýanlary gylyçdan geçirerler; onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».
7 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men patyşalaryň patyşasy bolan Babyl patyşasy Nebukadnesary atlar, söweş arabalary, atlylar, köp halklardan ybarat äpet goşun bilen birlikde demirgazykdan Sur galasynyň üstüne getirerin.
8 Eý, Sur galasy, olar saňa garaşly şäherlerde ýaşaýanlary gylyçdan geçirerler, garşyňa berkitmeler salyp, diwaryňa çykmak üçin ýapgytlar gurarlar we galkanlaryny seniň garşyňa goýarlar.
9 Pürsler bilen diwarlaryňy oýarlar, demir gurallary bilen diňleriňi ýykarlar.
10 Atlarynyň köplüginden ýaňa seni tozan gapar; diwarlary ýumrulan bir gala girilişi ýaly, seniň derwezeleriňden girende atlylaryň, tigirleriň we söweş arabalarynyň sesinden ýaňa diwarlaryň sarsar.
11 Ähli köçeleriňi atlarynyň toýnagy bilen basalarlar; halkyňy gylyç bilen öldürerler, güýçli sütünleriňi ýer bilen ýegsan ederler.
12 Baýlygyňy talap, mal-mülküňi basyp alarlar, diwarlaryňy ýykyp, gözel jaýlaryňy weýran ederler. Daşlaryňy, agaçlaryňy we topragyňy deňze taşlarlar.
13 Men seniň aýdymlaryňyň sesini keserin, arfalaryňyň sesi gaýdyp eşidilmez.
14 Seni ýalaňaç gaýa öwrerin, tor ýazylýan ýer bolarsyň. Indi sen hiç haçan täzeden bejerilmersiň, çünki Hökmürowan Reb: „Muny Men-Reb aýtdym“ diýýär».
15 Hökmürowan Reb Sur galasyna şeýle diýýär: «Ýykylyşyňyň gürpüldisinden, ýaralylaryň iňňildisinden, başyňdan inen elhenç mergiden kenarlardaky halklar titreşmezmi?
16 Şonda deňiz boýundaky ähli hökümdarlar tagtlaryndan düşüp, donlaryny çykararlar, keşdeli eşiklerini sypyrarlar. Gorky lybasyna girip, ýerde oturarlar we dynuwsyz sandyraşyp, saňa aňk-taňk bolarlar.
17 Soňra olar sen hakda agy aýdarlar: „Eý, deňizçileriň ýaşaýan şäheri, deňizde iň güýçli meşhur şäher! Wah, sen we sende ýaşaýanlaryň barysy nähili heläk boldy! Sen deňziň ýakasynda ýaşaýanlara howp saldyň!“
18 Seniň ýykylan günüň kenarlardaky halklar titreşerler, deňiz kenaryndakylar seniň heläk bolşuňa howsala düşerler».
19 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Seni ilatsyz galan şäherler ýaly harabaçylyga öwrenimden soň, çuňlugy üstüňe getirip, köp suwlar bilen büränimden soň,
20 seni ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde gadymy halkyň ýanyna indererin. Ilatsyz bolar ýaly, seni ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýinde, gadymdan bäri harabaçylyga öwrülen ýerlerde ornaşdyraryn; sen gaýdyp ilatly bolmarsyň ýa-da dirileriň ýaşaýan ýurduny eýelemersiň.
21 Men seni elhenç howpa duçar ederin, sen ýok bolarsyň. Seni gözlärler, emma hiç haçan tapmazlar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.




Chapter 27

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly, Sur galasy hakda agy aýt.
3 Deňiz girelgelerinde mesgen tutan we her bir kenar ýakasyndaky halklar bilen söwdagärlik eden Sur galasyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Sur, sen ‘Gözellik kämilligi mendirin!’ diýdiň.
4 Seniň hökümdarlygyň beýik deňizlerdedir; seni bina edenler gözelligiňi aňrybaş derejesine ýetirdiler.
5 Sen Senir dagynyň serwilerinden ýasalan uly gämi ýalydyň; saňa bogaldak etmek üçin Liwandan kedr agajyny getirdiler.
6 Kürekleriňi Başan dublaryndan etdiler; tagtalaryňy Kipr adasynyň serwi agajyndan ýasap, piliň dişi bilen bezediler.
7 Saňa baýdak bolar ýaly, Müsüriň keşdeli zygyr matasy seniň ýelkeniňdi; Elişa kenarynyň mawy we gyrmyzy matasy seniň ýapynjaňdy.
8 Sidon we Arwat ilaty seniň kürekçileriňdi. Eý, Sur, sende akyldarlar bardy, olar seniň gämiçileriňdi.
9 Gebalyň garrylary we akyldarlary sende bolup, jaýryklaryňy suwaýardylar. Harytlaryňy alyş-çalyş etmek üçin ähli gämiler deňizçileri bilen sendediler.
10 Pars, Lut we Put seniň urşujylaryňdy; olar galkanlary bilen demir tuwulgalaryny diwaryňdan asardylar; olar saňa şöhrat getirerdiler.
11 Arwatlylar we heýlekliler töwerek-daşyňdaky diwarlaryňyň, gammatlylar bolsa diňleriňiň üstündediler. Olar galkanlaryny diwarlaryňyň töwerek-daşyndan asyp, gözelligiňi aňrybaşa ýetirerdiler.
12 Baýlygyňyň köpdügi üçin Tarşyş seniň bilen söwda etdi; harytlaryňyň deregine kümüş, demir, galaýy we gurşun bererdi.
13 Ýawan, Tubal we Meşek seniň söwdagärleriňdiler; olar harytlaryňyň deregine gullar we bürünç gaplar bererdiler.
14 Togarma halky seniň harytlaryňyň deregine ýabylary, uruş atlaryny we gatyrlary bererdi.
15 Dedanlylar seniň söwdagäriňdiler; köp kenarlaryň söwda gatnaşygy seniň eliňdedi; olar senden alan harytlarynyň deregine piliň dişi we eben agajy bilen hasaplaşardylar.
16 Söwdaňyň köpdügi üçin Aram seniň bilen söwda etdi; olar seniň harytlaryňyň deregine zümerret, gyrmyzy we keşdeli matalar, nepis zygyr mata, merjen we ýakut bererdiler.
17 Ýahuda bilen Ysraýyl ýurdy seniň söwdagärleriňdiler; olar harytlaryňyň deregine Minnit bugdaýyny, un, bal, ýag we melhem bererdiler.
18 Söwdaňyň we baýlygyňyň köpdügi üçin Damask hem seniň bilen söwda etdi; ol Helbon şerabyny we ak ýüň getirerdi.
19 Uzal ýurdundan gelen Dan we Ýawan harytlaryňyň deregine ýüplük bererdiler; alyş-çalyş harytlaryňyň arasynda bolsa işlenen demir, dalçyn we hoşboý ysly gamyş bardy.
20 Dedan at münmäge gerekli bolan eýerlik atkeçeleri bilen söwda ederdi.
21 Arabystan we bütin Kedar hökümdarlary seniň iň gadyrly müşderileriňdi; olar guzular, goçlar we erkeçler getirip, seniň bilen söwda etdiler.
22 Sabanyň we Ramanyň täjirleri seniň söwdagäriňdiler; olar harytlaryňyň deregine ähli atyrlaryň seresini, her hili gymmatbaha daşlar we altyn bererdiler.
23 Haran, Kanne, Eden, Saba täjirleri, Aşur we Kilmat seniň söwdagäriňdiler.
24 Olar seniň bazaryňdaky harytlaryňy saýlama zatlar bilen, mawy we reňbe-reň keşdeli matalar we ýüp bilen berk daňlan reňkli halylar bilen alyş-çalyş ederdiler.
25 Seniň harytlaryňyň kerweni Tarşyşyň gämileridi; sen dolup-daşyp, deňizler ummanynda agyr ýük bilen ýüklenerdiň.
26 Kürekçileriň seni açyk deňizlere alyp çykarlar, emma gündogar şemaly deňizler ummanynda seni kül-peýekun eder.
27 Ýykylan günüň seniň baýlygyň, harytlaryň, mallaryň, deňizçileriň, gämiçileriň, jaýryklaryňy suwaýanlar, harytlaryňy alyş-çalyş edýänler, sendäki ähli urşujylar we içiňdäki ähli jemagat deňizler ummanyna gark bolarlar.
28 Gämiçileriň ahy-nalasyndan öri meýdanlar lerzana geler.
29 Ähli kürekçiler, deňizçiler we ähli deňiz gämiçileri gämilerinden düşüp, gury ýerde durarlar.
30 Seslerini gataldyp, seniň üçin perýat ederler, başlaryndan gum sowrarlar, küle togalanarlar.
31 Seniň üçin saçlaryny syryp, jul geýnerler, janhowluna hasrat bilen zar-zar aglap, dady-perýat ederler.
32 Seniň üçin agy aýdyp, ýas tutarlar, ahy-nala çekip, şeýle diýerler: ‘Deňiz ortasynda Sur ýaly dym-dyrs bolan gala barmy?
33 Harytlaryň deňizden çykanda, sen köp halklary doýurdyň, baýlygyň we harytlaryň köplügi bilen patyşalary baýatdyň.
34 Ine, deňizde, suwlaryň düýbünde kül-peýekun bolanyňda, içiňdäki harytlaryň we ähli jemagatyň özüň bilen bile gark boldy’.
35 Kenarlardaky ähli ilatlar saňa aňkaryşdylar; patyşalary gaty gorkdular, ýüzleriniň reňki öçdi.
36 Halklar arasyndaky täjirler saňa sykylyk atdylar; sen elhenç howpa uçrap, ebedilik ýok bolarsyň“».




Chapter 28

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň.
3 Sen Danyýelden has akyldarsyň, hiç bir syr senden gizlin däldir.
4 Sen danalygyň we düşünjäň bilen baýlyk edindiň, hazynalaryňda altyn, kümüş topladyň.
5 Söwdada çuň danalygyň bilen baýlygyňy köpeltdiň, baýlygyňdan ýaňa ýüregiňi gedem tutdyň“».
6 Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen ýüregiňi hudaý ýaly tutdyň.
7 Munuň üçin Men gelmişekleri, milletleriň iň rehimsizini seniň üstüňe getirerin; olar seniň ajaýyp danalygyňy gylyç bilen kesip, şan-şöhratyňy harlarlar.
8 Seni gabra indererler; sen deňizleriň goýnunda wagşy ölüme duçar bolarsyň.
9 Sen özüňi öldürenleriň huzurynda-da: „Men hudaý“ diýersiňmi? Özüňi öldürenleriň elinde sen hudaý dälsiň, ynsansyň.
10 Sen gelmişekleriň elinde sünnetsizleriň ölümi bilen heläk bolarsyň. Çünki Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär».
11 Maňa Rebbiň sözi geldi:
12 «Eý, ynsan ogly! Sur patyşasy üçin agy aýt, oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Kämilligiň möhüri, danalygyň, gözelligiň aňrybaşy sendiň.
13 Sen Eremde Hudaýyň bagyndadyň; lagyl, topaz, göwher, sary ýakut, hakyk, ýaşyl gaşlar, ýakut, pöwrize we zümerret ýaly ähli gymmatbaha daşlara we altyna gaplanypdyň; gaş öýeleriňdir oýma nakgaşçylyk işleriň hem altyndandy, bularyň ählisi seniň ýaradylan günüň taýýarlanypdy.
14 Sen goragçy kerup bolar ýaly ganatlaryňy ýaýyp oturdyň, seni Men belläpdim. Sen Hudaýyň mukaddes dagyndadyň, otly daşlaryň arasynda gezdiň.
15 Ýaradylan günüňden tä senden ýazyk tapylýança, ýollaryňda aýypsyzdyň.
16 Söwdaňyň köplügi zerarly seni zulumdan doldurdylar, sen günä etdiň. Şeýlelikde, Men seni haram hökmünde Hudaýyň dagyndan aşak taşladym. Men seni, eý, goragçy kerup, otly daşlaryň arasyndan kowup ýok etdim.
17 Owadanlygyň zerarly ýüregiňi tekepbir tutdyň, şöhratparazlygyňdan ýaňa danalygyňy harladyň; Men seni ýere çaldym; görsünler diýip, patyşalaryň öňüne zyňdym.
18 Sen köp etmişleriň bilen, erbet söwdagärligiň bilen mukaddes ýerleriňi haram etdiň; onsoň Men içiňden ot berdim; ol seni ýandyrdy. Men seni ähli görýänleriň gözleriniň alnynda ýakyp, ýer ýüzünde kül etdim.
19 Halklar arasynda seni tanaýanlaryň bary saňa aňkarylyşarlar; sen elhenç howpa uçrap, ebedilik ýok bolarsyň“». Sidon galasyna garşy pygamberlik
20 Maňa Rebbiň sözi geldi:
21 «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Sidona tarap öwür-de, oňa garşy pygamberlik et.
22 Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ynha, Sidon, Men saňa garşydyryn; Men seniň içiňde şöhrat gazanaryn. Saňa hökümler çykaryp, Öz mukaddesligimi ykrar edenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
23 Men onuň içine mergi iberip, köçelerinden gan akdyraryn; dumly-duşdan üstüne inýän gylyçdan içindäki ýaralylar heläk bolarlar. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler.
24 Ysraýyl halkyny ýigrenýänleriň hiç biri indi gaýdyp Ysraýyla çümýän ýandak we awuly tiken bolmaz, şonda olar Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilerler“».
25 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkyny dargadylan halklaryň arasyndan yzyna ýygnap, milletleriň gözleriniň alnynda mukaddesligimi ykrar ederin. Şundan soň olar öz ýurtlarynda, ýagny Meniň gulum bolan Ýakuba beren ýurdumda mesgen tutarlar.
26 Ol ýerde howpsuz ýaşap, öýler gurarlar, üzüm baglaryny oturdarlar. Daş-töwerekdäki olary ýigrenýänlere hökümler çykaranymdan soň, olar howpsuz ýaşarlar. Şonda olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler».




Chapter 29

1 Sürgünde bolýan wagtymyzyň onunjy ýylynyň onunjy aýynyň on ikisine maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Müsür patyşasy fyrowna tarap öwür-de, oňa we bütin Müsüre garşy pygamberlik et.
3 Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Müsür patyşasy fyrown! Özüň derýalar goýnunda ýatan äpet aždarha bolsaň-da, ‘Nil meniňkidir, ony özüm üçin ýaratdym’ diýýäň! Men saňa garşydyryn.
4 Seniň äňleriňe çeňňekler sokaryn we derýalaryňyň balyklaryny teňňeleriňe ýapyşdyraryn. Teňňeleriňe ýapyşan balyklar bilen birlikde seni derýalaryňdan kowup çykararyn.
5 Seniň özüňi we derýalaryňdaky ähli balyklary çöle taşlaryn. Sen açyk meýdanda heläk bolarsyň, ol ýerden ýygnalmarsyň we hiç kim saňa eýe çykmaz. Men seni ýabany haýwanlara we ýyrtyjy guşlara şam ederin.
6 Onsoň ähli Müsür ilaty Meniň Rebdigimi biler. Müsür halky ysraýyl halky üçin gamyşdan hasa boldy.
7 Ysraýyl halky senden ýapyşanda, sen döwlüp, ysraýyllaryň eginlerini ýaraladyň; saňa ýaplananlarynda, sen owranyp, billerini döwdüň“».
8 Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men seniň üstüňden gylyç inderip, ynsany-da, haýwany-da senden sogrup taşlaryn.
9 Müsür ýurdy harabaçylyga we çöllüge öwrüler; onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler. Fyrown: „Nil derýasy meniňki, ony men ýaratdym“ diýdi.
10 Şonuň üçin hem Men saňa we seniň derýalaryňa garşydyryn; Men Migdoldan Sewene çenli, Efiopiýanyň serhedine çenli Müsür ýurduny bütinleý çöllüge we harabaçylyga öwrerin.
11 Oňa adam aýagy basmaz, haýwan toýnagy sekmez; ol ýerde kyrk ýyllap hiç kim ýaşamaz.
12 Men Müsüri haraba öwrülen ýurtlaryň hem iň harabasyna öwrerin, onuň şäherleri weýran edilen şäherleriň hem iň weýrany bolup, kyrk ýyllap haraba bolup ýatar. Men müsürlileri milletleriň arasyna pytradaryn, ýurtlaryň arasyna dargadaryn».
13 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Kyrk ýyldan soň müsürlileri pytradylan halklarynyň arasyndan ýygnaryn.
14 Men müsürlileriň öňki abadançylygyny dikeldip, Patros ýurduna öz dogduk mekanlaryna getirerin. Ol ýerde olaryň patyşalygy ejiz patyşalyk bolar.
15 Patyşalyklaryň iň ejizi bolar, gaýdyp milletlerden özüni ýokary tutmaz. Milletleriň üstünden höküm sürmesinler diýip, Men olary azaldaryn.
16 Müsürliler indi hiç haçan ysraýyl halky üçin arkadaýanç bolmazlar. Gaýtam, Müsüriň betbagtlygy olara Müsüre dolanmak bilen eden günälerini ýatladar. Onsoň ysraýyllar Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilerler».
17 Sürgünde bolýan wagtymyzyň ýigrimi ýedinji ýylynyň birinji aýynyň birine maňa Rebbiň sözi geldi:
18 Eý, ynsan ogly! Babyl patyşasy Nebukadnesar öz goşunyna Sora garşy agyr zähmet çekdirdi: her bir esgeriň saçy döküldi, her bir egniň hamy soýuldy; emma çeken zähmetine görä, ne onuň özüne, ne-de goşunyna Sordan muzd tölendi.
19 Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Müsür ýurduny Babyl patyşasy Nebukadnesara bererin; ol onuň baýlygyny äkider, oljasyny alar we ony talar; bu onuň goşuny üçin muzd bolar.
20 Men onuň garşysyna çeken zähmeti üçin Müsür ýurduny oňa berdim, sebäbi olar Meniň üçin işlediler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
21 Men ol gün ysraýyl halkyna güýç bererin, olaryň arasynda saňa saýrap duran dil bererin. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».




Chapter 30

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Muny pygamberlik et-de, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Siz ‘Ol gün üçin waý!’ diýip perýat ediň.
3 Çünki ol gün indi ýakyn, Rebbiň güni golaýdyr. Bu gün apy-tupan güni, milletleriň kyýamat günüdir.
4 Müsüriň üstünden gylyç iner, müsürliler gylyçdan heläk bolanlarynda, Efiopiýa ilatyna gorky aralaşar. Müsüriň baýlygy äkidiler, binalary kül-peýekun ediler.
5 Müsür bilen birlikde Efiopiýa, Put, Lut we beýleki halklardan gelen goşunlaryň bary, Kub we ylalaşyk baglaşan ýurdunyň ilaty gylyçdan geçiriler“».
6 Reb şeýle diýýär: «Müsüre arka duranlar heläk bolarlar, onuň kuwwatynyň buýsanjy öçer. Migdoldan Sewene çenli olaryň bary bilelikde gylyçdan geçiriler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
7 Olar haraba öwrülen ýurtlardan hem beter haraba öwrüler, onuň şäherleri weýran edilen şäherleriň hem iň weýrany bolar.
8 Müsüre ot berip, ony goldaýanlaryň baryny ýok edenimde, olar Meniň Rebdigimi bilerler.
9 Ol gün gaýgy-gamsyz ýaşaýan efioplary gorkuzmak üçin gämiler bilen habarçylar ýollaryn. Müsüriň kyýamat gününde bolşy ýaly, olara howp aralaşar, ine, ol gün ýetip gelýär».
10 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eli bilen Müsüriň beýik goşunynyň soňuna çykaryn.
11 Milletleriň iň gorkunjy bolan bu Müsür ýurduny weýran etmek üçin Nebukadnesar goşuny bilen birlikde geler. Olar Müsürde gylyçlaryny ýalaňaçlap, ýurdy jesetden doldurarlar.
12 Men derýalary guradaryn, ýurdy ýaramaz adamlara sataryn; ýurdy we onuň içindäkileriň baryny gelmişekleriň eli bilen weýran ederin. Muny Men-Reb aýtdym».
13 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men butlary-da ýok ederin, Nopdaky biderek heýkelleri aýryp taşlaryn. Gaýdyp Müsür ýurdunda hökümdar bolmaz. Müsür ýurduna gorky salaryn.
14 Patrosy weýran ederin, Zogan galasyna ot bererin, Tebes galasynda hökümler çykararyn.
15 Gazabymy Müsüriň güýji bolan Siniň üstüne döküp, Tebesiň köp ilatlylygynyň soňuna çykaryn.
16 Müsüre ot bererin, Sin soňsuz jebir çeker, Tebes galasynyň diwary jaýryk atar we Nop galasy her gün duşman hüjümine sezewar bolar.
17 Heliýopolysyň we Pibesediň ýaş ýigitleri gylyçdan heläk bolarlar; galadaky halk sürgün ediler.
18 Müsüriň boýuntyrygyny döwen günüm Tahpanhesde gündiz gijä öwrüler. Onuň kuwwatynyň buýsanjy tamamlanar; ony bir gara bulut gaplar we şäheriň halky sürgüne gider.
19 Men Müsüre hökümler çykararyn; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».
20 Sürgünde bolýan wagtymyzyň on birinji ýylynyň birinji aýynyň ýedisine maňa Rebbiň sözi geldi:
21 «Eý, ynsan ogly! Men Müsür patyşasy fyrownyň goluny döwdüm. Ol şypa tapar ýaly daňylmady ýa-da gylyç tutmak üçin güýje geler ýaly oňa sargy saralmady.
22 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Müsür patyşasy fyrowna garşydyryn. Men onuň iki elini hem: sagdyn elini-de, döwük elini-de syndyryp taşlaryn, elindäki gylyjyny gaçyraryn.
23 Men müsürlileri milletleriň arasyna pytradaryn, olary ýurtlaryň arasyna dargadaryn.
24 Babyl patyşasynyň gollaryny güýçlendirip, gylyjymy onuň eline bererin; emma fyrownyň gollaryny döwerin. Fyrown Babyl patyşasynyň öňünde agyr ýaraly adamyň iňňildeýşi kimin iňňildär.
25 Babyl patyşasynyň goluny güýçlendirerin, emma fyrownyň gollaryny syndyraryn. Gylyjymy Babyl patyşasynyň eline bererin, ol hem ony Müsüriň garşysyna uzadar, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler.
26 Men müsürlileri milletleriň arasyna pytradaryn, ýurtlaryň arasyna dargadaryn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“».




Chapter 31

1 Sürgünde bolýan wagtymyzyň on birinji ýylynyň üçünji aýynyň birine maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Fyrowna we onuň halkyna şeýle diý: „Sen beýikligiň boýunça kime meňzeýärsiň?
3 Ine, Aşur Liwanda owadan şahaly, tokaý saýaly kedr agajydy. Onuň boýy uzyndy, başy bulutlarda ýerleşýärdi.
4 Suwlar ony ösdürdi, ýerasty bulaklar ony belent etdi; daş-töweregini derýalar gurşap, akar çeşmeleri bilen uzakdaky ähli agaçlary gandyrýardy.
5 Munuň üçin onuň boýy beýleki agaçlaryň baryndan uzyndy, baldaklary güreldi; suwuň bollugyndan şahalary uzady.
6 Pudaklarynyň üstünde gögüň ähli guşlary höwürtgelediler; şahalarynyň astynda ähli ýyrtyjy haýwanlar guzladylar we kölegesinde ähli uly milletler mesgen tutdular.
7 Ol belentligi bilen, şahalarynyň uzynlygy bilen gözeldi, köki-de çuň suwlara ýetipdi.
8 Hudaýyň bagyndaky kedr agaçlary onuň boýuna, serwiler onuň pudaklaryna-da taý gelmeýärdi, çynarlar onuň şahalaryna deň däldi, Hudaýyň bagyndaky hiç bir agaç gözellikde oňa taý gelmeýärdi.
9 Men ony gür şahalar bilen bezäpdim; Hudaýyň Erem bagyndaky ähli agaçlar oňa göriplik etdiler“».
10 Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Onuň boýy ösüp, başy bulutlara ýetende, bu beýiklik onuň ýüreginde tekepbirlik döretdi.
11 Şonuň üçin Men ony milletleriň hökümdarynyň eline berdim, oňa öz erbetligine laýyk daraşdylar. Men ondan ýüz öwürdim,
12 gelmişek milletleriň iň rehimsizi ony kesip taşlap ret etdi. Şahalary daglaryň üstüne we tutuş derelere düşüp, pudaklary çapylyp, ýurduň ähli jülgelerine taşlandy. Dünýäniň ähli halklary onuň kölegesinden gitdiler, ony terk etdiler.
13 Gögüň ähli guşlary onuň döwlen böleklerinde mesgen tutýarlar, meýdanyň ähli haýwanlary onuň şahalarynyň arasynda ýerleşýärler.
14 Şeýlelikde, suwlaryň ýakasynda ýetişen hiç bir agaç boý alyp, belende çykmaz ýa-da başlary buluda ýetmez we bol suw içip ösen hiç bir agaç beýle belentlige ýetmez. Olaryň bary gabra inýän ähli ynsanlar bilen birlikde ölüler dünýäsine ýeriň teýine inderildiler».
15 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ölüler dünýäsine inen güni, Men ol agaç üçin ýas tutsunlar diýip, ony düýpsüz çuňluk bilen örtdüm, onuň derýalaryny togtatdym; äpet suwlary sakladym. Bu agaç üçin tutuş Liwany tümlüge gapladym, onuň ähli agaçlaryny soldurdym.
16 Ony gabra inýänler bilen birlikde ölüler dünýäsine inderenimde, ýykylyşynyň gürpüldisinden milletleri titretdim; onsoň Erem bagynyň ähli agaçlary, Liwanyň iň owadan we iň saýlama agaçlary, bol suw içip ösenleriň bary ýeriň teýinde teselli tapdylar.
17 Kölegesinde ýaşanlar, ýagny milletleriň arasynda onuň bilen ylalaşyk baglaşanlar hem onuň bilen birlikde ölüler dünýäsine gylyçdan geçirilenleriň ýanyna indiler.
18 Erem bagynyň agaçlarynyň haýsysy şan-şöhratda we beýiklikde saňa meňzeýär? Ýöne sen Erem agaçlary bilen birlikde ýeriň teýine inderilersiň. Sen gylyçdan geçirilenler bilen birlikde sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň. Fyrownyň we onuň ähli beýik goşunynyň soňy şeýle bolar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.




Chapter 32

1 Sürgünde bolýan wagtymyzyň on ikinji ýylynyň on ikinji aýynyň birine maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Müsür patyşasy fyrown üçin agy aýt we oňa şeýle diý: „Özüňi milletleriň ýaş arslanyna meňzetdiň, ýöne sen deňizlerdäki aždarha kiminsiň. Derýalaryňda eýläk-beýläk okduryldyň; aýaklaryň bilen suwlary çaýkadyň, derýalary bulandyrdyň“».
3 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Birtopar halklaryň öňünde torumy seniň üstüňe taşlaryn; olar seni Meniň torum bilen tutarlar.
4 Onsoň seni gury ýere taşlaryn, meýdana zyňaryn, gögüň ähli guşlaryny seniň üstüňe gonduraryn, tutuş dünýäniň ýyrtyjy haýwanlaryny senden doýraryn.
5 Etiňi daglaryň üstüne serip, dereleri çüýrän läşiňden dolduraryn.
6 Topragyňy daglara çenli ganyň bilen suwararyn; jülgeler seniň läşiňden dolar.
7 Seni gümlän mahalym gökleri bürärin, ýyldyzlary garaldaryn; Güni bulut bilen örterin, Aý-da öz yşygyny bermez.
8 Depäňdäki gökleriň ähli parlak yşyklaryny garaldaryn, ýurduňa garaňky düşürerin, muny Hökmürowan Reb diýýär.
9 Seniň tanamaýan ýurtlaryňa, başga milletleriň arasyna dargadylan bölegiňi getirenimde, köp halklaryň ýüreklerini howsala salaryn.
10 Köp halklary saňa aňkardaryn, öňlerinde gylyjymy bulaýlanymda, olaryň patyşalary sen sebäpli gaty gorkarlar; seniň agdarylan günüň olaryň ählisi öz janlary üçin her pursatda titrär».
11 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Babyl patyşasynyň gylyjy seniň depäňden iner.
12 Babyl gerçekleri milletleriň iň elhenjidir, olaryň gylyjy bilen goşunyňy heläk ederin. Olar Müsüriň buýsanjynyň ýoguna ýanarlar, onuň bütin goşuny heläk bolar.
13 Onuň ähli mal-garalaryny bol suwlaryň başyndan ýok ederin; mundan beýläk ynsan aýagy-da, haýwan toýnagy-da suwlary bulandyrmaz.
14 Onsoň suwlaryny durlap, derýalaryny asuda akdyraryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
15 Müsür ýurduny harabaçylyga öwrenimde, ony ähli zatdan mahrum edenimde we onuň ilatyny gylyç bilen gyranymda, olar Meniň Rebdigimi bilerler.
16 Agy budur, olar muny aýdarlar; bu agyny milletleriň gyzlary aýdarlar. Müsür we onuň goşuny barada bu agyny aýdarlar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
17 Sürgünde bolýan wagtymyzyň on ikinji ýylynyň birinji aýynyň on bäşine maňa Rebbiň sözi geldi:
18 «Eý, ynsan ogly! Müsür goşuny hakda dady-perýat et, ony we güýçli milletleriň gyzlaryny ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýine inder.
19 Olara şeýle diý: „Sen kimden görmegeý? Aşak in-de, sünnetsizler bilen bir gabyrda ýat“.
20 Olar gylyçdan geçirilenleriň arasyna ýykylarlar. Gylyç syryldy; Müsüri we onuň bütin goşunyny ýere çalyp süýräň.
21 Ölüler dünýäsinde Müsür we onuň tarapdarlary hakda iň batyr ýolbaşçylar: „Olar aşak indiler, gylyçdan geçirilen sünnetsizler bilen ýatyrlar!“ diýerler.
22 Aşur we onuň tutuş goşuny ol ýerde. Gylyçdan geçirilip, heläk bolan esgerleriniň gabyrlary onuň daşyny gurşap alypdyr.
23 Onuň gabyrlaryna ölüler dünýäsiniň iň düýbünden ýer berildi, goşuny gabrynyň töwerek-daşyny tutup dur. Dirileriň ýurduna howp salanlaryň bary gylyçdan geçirilip öldürilendirler.
24 Eýlam ýurdy ol ýerde we ähli goşuny onuň gabrynyň töwerek-daşynda; olaryň bary gylyçdan geçirilip öldürilenler; dirileriň ýurduna howp salan bu sünnetsizler ýeriň teýine indiler. Ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde olar hem utanja galdylar.
25 Eýlam ýurduna we onuň tutuş goşunyna gylyçdan geçirilenleriň arasyndan düşek saldylar; bütin halky onuň gabrynyň töwerek-daşyndady; ählisi hem sünnetsizdi we gylyç bilen öldürilendi; olar dirileriň ýurduna howp salypdylar, indi ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde olar hem utanja galdylar, olar gylyçdan geçirilenleriň arasynda ýerleşdirildiler.
26 Meşek, Tubal ol ýerdedi. Olaryň ähli goşuny olaryň gabyrlarynyň töwerek-daşyndady; dirileriň ýurduna howp salandyklary üçin, olaryň ählisi hem sünnetsizdi we gylyç bilen öldürilendi;
27 Olar ölüler dünýäsine söweş ýaraglary bilen inen, gylyçlaryny başlaryna ölüm ýassygy edinen, beýleki heläk bolan sünnetsiz batyrlar bilen bile ýatmaýarlar. Olaryň günäleriniň jezasy süňklerine ornar, sebäbi olar dirileriň ýurdunda batyrlara howp salýardylar.
28 Sen hem, eý, fyrown, heläk bolarsyň we gylyçdan geçirilenler bilen bile sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň.
29 Edom hem öz patyşalary we ähli hökümdarlary bilen ol ýerdedi. Güýçlüdigine garamazdan, olaryň bary gylyçdan geçirilenler bilen bile ýatyrlar. Olar sünnetsizler we ölüler dünýäsine inýänler bilen bile ýatyrlar.
30 Ähli demirgazyk ýolbaşçylary we sidonlylar hem ol ýerdedi. Güýçli bolup howp salandyklaryna garamazdan, olar utanç içinde gylyçdan geçirilenler bilen birlikde aşak indiler. Olar gylyçdan geçirilen sünnetsizler bilen ýatyrlar we ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde utanja galdylar.
31 Fyrown we onuň tutuş goşuny olary görüp, özleriniň gylyçdan geçirilen ähli goşuny üçin teselli taparlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
32 Men dirileriň ýurduny gorkudan sandyramaga mejbur ederin! Fyrown we onuň tutuş goşuny bolsa gylyçdan geçirilip, sünnetsizleriň arasynda ýatar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.




Chapter 33

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Men bir ýurduň üstünden gylyç inderenimde, ol ýurduň halky öz arasyndan bir adamy saýlap, özlerine gözegçi goýjakdygyny halkyňa aýt.
3 Gözegçi ýurduň üstüne gylyjyň gelýändigini görende, halka duýduryş bermek üçin surnaý çalar.
4 Şonda kim surnaý sesini eşidibem, ägä bolmasa we gylyç gelip, ony öldürse, onuň gany öz boýnuna bolar.
5 Ol surnaý sesini eşidibem, ägä bolmady; onuň gany öz boýnuna bolar; ýöne ägä bolan öz janyny halas eder.
6 Gözegçi gylyjyň gelýändigini görübem, surnaý çalmasa, halka duýduryş bermese we gylyç gelip, olardan biriniň janyny alsa, bu adam öz etmişi üçin öldüriler. Emma onuň gany üçin Men gözegçi bilen haklaşaryn.
7 Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi goýdum; sen Menden söz eşidip, olara Meniň tarapdan duýduryş berersiň.
8 Men erbet adama: „Eý, erbet adam, sen hökman ölersiň!“ diýenimde, öz ýolundan ägä bolar ýaly, erbede duýdurmasaň we erbet adam öz etmişi üçin ölse, onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn.
9 Dogry ýola düşer ýaly, erbet adamy öz ýolundan habardar etseň, emma ol şonda-da öz ýolundan dönmese, ol etmişi sebäpli öler, emma sen öz janyňy halas edersiň.
10 Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halkyna: „Siz: Jenaýatlarymyz we günälerimiz bizi çökerýär, olardan ýaňa eräp ýok bolup barýarys. Bu ýagdaýda biz nähili diri galarys? diýýärsiňiz“ diý.
11 Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.
12 Eý, ynsan ogly, öz halkyňa şeýle diý: „Günä eden güni dogruçyl adamyň dogruçyllygy ony halas etmez we erbetliginden dönen güni erbet adamyň erbetligi onuň heläk bolmagyna sebäp bolmaz. Dogruçyl adam günä eden güni öňki dogruçyllygy sebäpli diri galmaz“.
13 Men dogruçyl adam hakda „Elbetde, ol diri galar“ diýenimde, ol öz dogruçyllygyna bil baglap, erbetlik etse, onuň ähli dogry işleri ýatlanman, gaýtam ol öz eden erbetliginde öler.
14 Men erbet adama „Sen hökman ölersiň“ diýenimde, ol öz günäsinden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse,
15 girewi yzyna berse, ogurlan zadyny tölese we erbetlik etmän, ýaşaýşyň düzgünlerinde ýörese, ol hökman ýaşar, ölmez.
16 Eden günäleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirendir, ol hökman diri galar.
17 Ýöne seniň halkyň „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýär; olaryň öz ýollary dogry däl.
18 Dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlik etse, munuň üçin ol öler.
19 Erbet adam erbetliginden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse, olar arkaly diri galar.
20 Eý, ysraýyl halky, siz „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýärsiňiz. Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjekdirin!».
21 Sürgünde bolýan wagtymyzyň on ikinji ýylynyň onunjy aýynyň bäşine Iýerusalimden gaçyp gutulan bir adam meniň ýanyma gelip: «Şäher basylyp alyndy» diýdi.
22 Ýaňky adam gelmezinden öň, agşam Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ertesi irden ýaňky adam ýanyma gelmänkä, Reb maňa dil bitirdi. Dilim açyldy, indi men lal däldim.
23 Maňa Rebbiň sözi geldi:
24 «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýurdundaky harabaçylyklarda ýaşaýan ilat: „Ybraýym ýeke adamdy, ol bu ýurdy miras aldy; emma biz köp; indi bu ýurt mülk hökmünde bize berlendir“ diýýärler».
25 Şonuň üçin olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz eti gany bilen iýýärsiňiz, gözleriňizi butlaryňyza dikýärsiňiz, gan dökýärsiňiz; onsoň ýurdy siz miras alarmysyňyz?
26 Siz gylyjyňyza daýanýarsyňyz, nejis işler edýärsiňiz, her kes öz goňşusynyň aýalyny haram edýär; onsoň ýurdy siz miras alarmysyňyz?»
27 Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Öz barlygymdan ant içýärin, harabalykdakylar gylyçdan heläk bolarlar; çöldäkileri iýmit bolar ýaly, ýyrtyjy haýwanlara bererin; galadakylar we gowakdakylar bolsa mergiden ölerler.
28 Men ýurdy harabaçylyga öwrerin we weýran ederin, onuň kuwwatynyň buýsanjy tamam bolar; Ysraýylyň daglary çolaryp galar, olardan geçen bolmaz.
29 Eden nejis işleri sebäpli ýurdy weýran edenimden we harabaçylyga öwrenimden soň, olar Meniň Rebdigimi bilerler».
30 «Sen, eý, ynsan ogly, diwarlaryň gapdalynda, öýleriň gapysynda halkyň sen barada gürrüň edýär we biri-birine, her kim öz doganyna: „Gel, Rebden gelen sözüň nämedigini eşideli!“ diýýär.
31 Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.
32 Ine, sen olar üçin oňat saz çalyp, mahmal owazyň bilen söýgi aýdymlaryny aýdýan bagşysyň. Olar seniň sözleriňi diňleýärler, emma olary berjaý etmeýärler.
33 Ine, bu sözler dogry çykanda dogry çykyp hem gelýär olar öz aralarynda bir pygamberiň bolandygyny bilerler».




Chapter 34

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl çopanlarynyň garşysyna pygamberlik et. Pygamberlik edip, olara, ýagny çopanlara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Özlerini bakyp ýören Ysraýyl çopanlarynyň halyna waý! Çopanlar sürini bakmaly dälmidir?
3 Siz ýag iýip, ýüňden eşik geýinýärsiňiz; semiz goýunlar soýýarsyňyz, emma sürini bakmaýarsyňyz.
4 Siz ejizi kuwwatlandyrmadyňyz, syrkawy bejermediňiz, ýaralynyň ýarasyny daňmadyňyz, azaşany yzyna getirmediňiz we ýitigi idemediňiz; gaýtam, zorluk hem rehimsizlik bilen olaryň üstünden agalyk etdiňiz.
5 Çopanyň ýokdugy sebäpli olar dargadyldy; olar dargadylanda, ýyrtyjy haýwanlara şam boldular.
6 Goýunlarym bütin daglarda we belent depelerde ygyp gezdiler; Meniň goýunlarym bütin ýer ýüzüne dargady, olary soran-da bolmady, idän-de“».
7 Şonuň üçin, eý, çopanlar, Rebbiň sözüni eşidiň:
8 «Öz barlygymdan ant içýärin, çopanyň ýoklugy üçin Meniň goýunlarym talandy we ýyrtyjy haýwanlara şam boldy. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Çopanlarym goýunlarymy idemediler, olar sürini bakman, özlerini bakdylar».
9 Şonuň üçin, eý çopanlar, Rebbiň sözüni eşidiň.
10 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men çopanlara garşydyryn! Sürim üçin olardan hasabat soraryn we indi goýun bakdyrmagy goýduraryn. Gaýdyp, çopanlar özlerini bakmazlar; Men goýunlarymy olara iýmit bolmaz ýaly agyzlaryndan halas ederin».
11 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Goýunlarymy Özüm gözlärinem, idegem ederin.
12 Dargan goýunlarynyň arasynda galan çopan sürüsine nähili ideg, gözleg edýän bolsa, Men-de goýunlaryma şonuň ýaly ideg ederin. Gara bulutly, tüm garaňkylyk güni Men olary ähli dargadylan ýerlerinden halas ederin.
13 Olary halklaryň arasyndan çykararyn, ýurtlardan ýygnaryn; öz ýerlerine getirip, Ysraýylyň daglarynda, jülgelerinde we ýurduň ähli oturymly ýerlerinde bakaryn.
14 Olary ýaşyl ýaýlada bakaryn; Ysraýylyň belent daglary olaryň örüsi bolar; ol ýerde ýaşyl ýaýlada ýatyp, Ysraýylyň daglarynda bol örüde otlarlar.
15 Goýunlarymy Özüm bakyp, Özüm ýatyraryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
16 Ýiteni agtararyn, azaşany yzyna getirerin, ýaralynyň ýarasyny daňaryn we ejizi kuwwatlandyryp, semizi, güýçlini heläk ederin; olary adalatlylyk bilen bakaryn».
17 «Eý, Meniň sürim, Men Hökmürowan Reb size şeýle diýýärin: „Goýun bilen goýnuň, goç bilen tekäniň arasynda höküm çykarjak Mendirin.
18 Ýaşyl ýaýlada otlaýarsyňyz, şonda-da örüleriňiziň artyp galanyny aýaklaryňyz bilen basalaýarsyňyz. Dury suwdan gansaňyz-da, galanyny aýagyňyz bilen bulaýarsyňyz.
19 Meniň goýunlarym siziň basgylan otlaryňyzy iýýärler, aýaklaryňyz bilen bulandyran suwuňyzy içýärler“».
20 Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Semiz goýun bilen arryk goýnuň arasynda hökümi Meniň Özüm çykarjakdyryn.
21 Siz ejiz goýunlaryň ählisini kowup, tä uzaklara dargadýançaňyz, ýanbaşyňyz we çigniňiz bilen itýärsiňiz, şahyňyz bilen süsýärsiňiz.
22 Şonuň üçin Men goýunlarymy halas ederin, olar gaýdyp talaňa salynmaz; goýun bilen goýnuň arasynda höküm çykararyn.
23 Olary bakar ýaly üstlerinden ýeke-täk çopan goýaryn. Meniň gulum Dawut olary bakar we olaryň çopany bolar.
24 Men-Reb olaryň Hudaýy we gulum Dawut olaryň hökümdary bolar. Muny Men-Reb aýtdym.
25 Men olar bilen parahatçylyk ähtini baglaşaryn, ýurtdaky ýyrtyjy haýwanlaryň soňuna çykaryn. Olar çölde howpsuz ýaşarlar we tokaýlarda ýatarlar.
26 Men olara we dagymyň töweregindäki ýerlere bereket indererin; ýagşy öz möwsüminde ýagdyraryn, ol ýagyşlar bereket ýagyşlary bolar.
27 Ähli agaçlar öz miwesini berer, ýer öz hasylyny eçiler. Olar öz ýurtlarynda howpsuz ýaşarlar. Boýuntyryk baglaryny goparyp, gul edenleriň elinden azat edenimde, olar Meniň Rebdigimi bilerler.
28 Olar mundan bu ýana milletleriň talaňyna duçar bolmazlar we ýyrtyjy haýwanlar olary iýmez. Olar howpsuz ýaşarlar, olary gorkuzan bolmaz.
29 Olar ýurtda gaýdyp açlykdan heläk bolmaz we milletleriň gyjalatyny çekmez. Şonda Men olar üçin bol däneli ekerançylyk meýdanyny ýetişdirerin.
30 Şonda özleriniň Hudaýy Men-Rebbiň olar bilen biledigimi, ysraýyl halkynyň bolsa Meniň halkymdygyny bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
31 Siz Meniň goýunlarym, örimiň goýunlarysyňyz. Siz ynsansyňyz, Men bolsam siziň Hudaýyňyzdyryn». Muny Hökmürowan Reb diýýär.




Chapter 35

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Segir dagyna tarap öwür-de, onuň garşysyna pygamberlik et.
3 Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Segir dagy, Men saňa garşydyryn; elimi saňa tarap uzadyp, seni weýran edip, harabaçylyga öwrerin.
4 Galalaryňy weýran ederin, sen harabaçylyga öwrülersiň; onsoň sen Meniň Rebdigimi bilersiň.
5 Sende ebedi duşmançylyk bar. Sen ysraýyl halkynyň başyna bela gelen güni, soňky jezasy döwründe olary gylyja tabşyrdyň.
6 Şonuň üçin hem Öz barlygymdan ant içýärin, Hökmürowan Reb diýýär: ganyňy akdyraryn we gan seni kowalar. Gan dökmekligi ýigrenmändigiň üçin, gan seni kowalar.
7 Segir dagyny weýran edip, harabaçylyga öwrerin; ol ýere gelip-gidýäni kesip taşlaryn.
8 Daglaryňy jesetden dolduraryn; gylyçdan geçirilenler seniň depeleriňde, dereleriňde we jülgeleriňde ýatarlar.
9 Seni ebedilik harabaçylyga öwrerin, galalaryň ilatsyz bolar. Onsoň sen Meniň Rebdigimi bilersiň“».
10 «Men-Reb ol ýerde bolsam-da, sen „Bu iki millet, bu iki ýurt biziňki bolar, biz ony eýeläris“ diýdiň.
11 Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: Öz barlygymdan ant içýärin, Men hem seniň halkyma bolan ýigrenjiň sebäpli görkezen gahar we göripligiňe laýyk iş keserin. Seniň üstüňden höküm çykaranymda, ysraýyllaryň arasynda Özümi aýan ederin.
12 Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Men seniň Ysraýyl daglaryna: „Harabaçylyk! Bular bize iýmäge berildi!“ diýip aýdan ähli sögünçleriňi eşitdim.
13 Sen diliň bilen Maňa garşy gedemlik etdiň, Meniň garşyma biderek ýaňradyň, Men muny eşitdim».
14 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bütin dünýäniň şatlanýan mahaly Men seni harabaçylyga öwrerin.
15 Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».




Chapter 36

1 Sen, eý, ynsan ogly, Ysraýyl daglary hakda pygamberlik edip, şeýle diý: «Eý, Ysraýyl daglary, Rebbiň sözüni eşidiň.
2 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Duşman siz hakda: ‘Heýjanelek! Indi gadymy belentlikler-de biziň mülkümiz boldy!’ diýýär“».
3 Şonuň üçin pygamberlik et-de, şeýle diý: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Sizi harabaçylyga öwrüp, her tarapdan weýran etdiler. Şeýdip, siz milletleriň galyndysyna mülk bolduňyz, agza-dile düşüp, ile gürrüň bolduňyz“».
4 Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl daglary, Hökmürowan Rebbiň sözüni eşidiň. Hökmürowan Reb daglara we depelere, jülgelere we derelere, daş-töwerekdäki başga milletlere talaň we gülki bolan harabalyklara, terk edilen galalara şeýle diýýändir:
5 «Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Başga milletlere, esasan hem bütin Edoma garşy gyzgyn gaharym bilen gepledim. Olar örülere talaň saljak bolup, ýürek şatlygy we çuňňur ýigrenç bilen Meniň ýurdumy özlerine mülk edindiler“».
6 Şonuň üçin Ysraýyl ýurdy hakda pygamberlik et, daglara we depelere, jülgelere we derelere Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz milletleriň gyjalatyny çekendigiňiz üçin, Men gabanjaňlyk gazabymda gepledim».
7 Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men elimi galdyryp ant içýärin, töweregiňizdäki ähli milletler-de beren gyjalatlary zerarly özleri ejir çekerler.
8 Eý, Ysraýyl daglary, siz şahalar çykaryp, halkym Ysraýyla miwe berersiňiz, çünki olaryň öz ýurduna dolanmaly wagty golaýlady.
9 Men siziň tarapyňyzy tutýaryn we size tarap öwrülýärin; siz bejerilip ekilersiňiz.
10 Men siziň ilatyňyzy, tutuş ysraýyl halkyny, olaryň hemmesini köpelderin, galalar ilatly bolar, harabalar abatlanar.
11 Men ýurduňyzdaky ynsanlaryň we haýwanlaryň sanyny köpelderin. Olar örňäp köpelerler. Ozalkyňyz ýaly ýurduňyzy adamlardan dolduraryn we size öňküden-de artyk ýagşylyk ederin; onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
12 Depäňizde ynsanlary halkym Ysraýyly gezdirerin; olar sizi mülk edinerler, siz olaryň mirasy bolarsyňyz. Gaýdyp olary öz çagalaryndan mahrum etmersiňiz».
13 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Olar saňa: „Sen adam iýiji, milletini öz çagalaryndan mahrum eden bir ýurt“ diýdiler.
14 Şonuň üçin sen mundan bu ýana adam iýmersiň, gaýdyp milletiňi öz çagalaryndan mahrum etmersiň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
15 Indi hiç haçan milletleriň gyjalatyny saňa eşitdirmerin; sen gaýdyp halklaryň kemsitmelerini çekmersiň we öz milletleriň büdremegine sebäp bolmarsyň». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
16 Maňa Rebbiň sözi geldi:
17 «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halky öz ýurdunda mesgen tutan wagty, erbet ýol-ýörelgeleri we işleri bilen ony haram etdi; Meniň öňümde olaryň ýol-ýörelgeleri aýbaşyly aýalyň haramlygy kimindi.
18 Şeýlelikde, ýurda gan çaýkandyklary we öz ýasan butlary bilen ony haram edendikleri üçin, Men olaryň üstüne gyzgyn gazabymy dökdüm.
19 Men olary milletleriň arasyna dargatdym, olar keseki ýurtlara seçelendiler; öz tutan ýollaryna we işlerine görä olara höküm çykardym.
20 Olar milletleriň arasynda, her bir baran ýerlerinde Meniň mukaddes adyma ysnat getirdiler. Olar hakda „Bular Rebbiň halky dälmi näme? Onda näme üçin olar Onuň ýurdundan çykaryldylar?“ diýildi.
21 Ysraýyl halkynyň gelip, milletleriň arasynda mukaddes adyma ysnat getirendiklerine haýpym geldi».
22 Munuň üçin ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Eý, ysraýyl halky, Men muny siziň hatyraňyza däl-de, siziň milletleriň arasyna gidip, ysnat getiren Öz mukaddes adymyň hatyrasyna edýärin.
23 Milletleriň arasynda ysnat getirilen, olaryň arasynda siziň ysnat getiren beýik adymyň mukaddesdigini görkezerin. Men olara siziň üstüňiz bilen mukaddesligimi görkezenimde, milletler Meniň Rebdigimi bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
24 Men sizi milletleriň arasyndan yzyňyza alaryn, ähli ýurtlardan ýygnap, öz ýurduňyza getirerin.
25 Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.
26 Size täze ýürek we täze ruh bererin. Içiňizdäki daşdan bolan ýüregi aýryp, ýerine etden bolan ýürek bererin.
27 Parzlarymy berjaý ederiňiz ýaly, Men sizi ruhum bilen dolduraryn; onsoň hökümlerimi doly ýerine ýetirersiňiz.
28 Ata-babalaryňyza beren ýurdumda mesgen tutarsyňyz. Siz Meniň halkym bolarsyňyz, Men-de siziň Hudaýyňyz bolaryn.
29 Sizi ähli haramlygyňyzdan halas ederin. Men galla emr edip, ony köpelderin, size gaýdyp açlyk çekdirmerin.
30 Gaýdyp siz milletleriň arasynda açlyk ryswalygyny çekmeziňiz ýaly, agajyň miwesini we meýdanyň hasylyny köpelderin.
31 Onsoň erbet ýollaryňyzy, pis işleriňizi ýatlap, etmişleriňizden we nejis işleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.
32 Men muny siziň hatyraňyza etmeýärin Hökmürowan Reb diýýär muny bilip goýuň. Eý, ysraýyl halky, tutan ýollaryňyzdan utanyň, ýüzüňiz gyzarsyn!».
33 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sizi ähli etmişleriňizden tämizlän günüm galalary ilatly ederin, weýran bolup ýatan harabalary abatlaryn.
34 Ötegçileriň gözleriniň alnynda haraba bolup ýatan çola ýurt bejeriler.
35 Şonda olar şeýle diýerler: „Bu çola ýurt Erem bagy ýaly boldy, harabaçylyga öwrülip, weýran edilen we ýykylan gala diwarly we ilatly boldy“ diýerler.
36 Onsoň töweregiňizde galan milletler ýykylany dikeldýäniň, çola ýerleri ekinzarlyga öwürýäniň Men-Rebdigimi bilerler. Muny Men-Reb aýtdym we hökman ýerine ýetirerin».
37 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkynyň Özümden ýene ýardam dilemegine gulak goýup, olar üçin şuny etjek: olary goýun sürüsi kimin köpeltjek.
38 Baýramçylyklarda Iýerusalim gurbanlyk sürüsi bilen näçe doly bolsa, weýran edilen galalar-da ynsan sürüsinden şonça doly bolar. Şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».




Chapter 37

1 Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol meni Öz ruhy bilen getirip, düzlügiň ortasynda goýdy; düzlük süňklerden doludy.
2 Ol meni olaryň arasyndan her tarapa geçirdi. Düzlükde süňkler san-sajaksyzdy. Olar gaty gurandy.
3 Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Bu süňkler direlip bilermi?» diýip sorady. Men: «Ýa Hökmürowan Reb, muny Sen bilýärsiň» diýip jogap berdim.
4 Onsoň Ol maňa bu süňkler hakda pygamberlik edip, olara şulary aýt diýdi: «Eý, gury süňkler, Rebbiň sözüni eşidiň!
5 Hökmürowan Reb bu süňklere şeýle diýýär: „Ine, Men size nepesimi üflärin, siz direlersiňiz.
6 Üstüňize siňirler çekip, size et bitirerin, üstüňize deri geýdirip, içiňize nepesimi üflärin; siz direlersiňiz we Meniň Rebdigimi bilersiňiz“».
7 Men özüme tabşyrylyşy ýaly, pygamberlik etdim. Pygamberlik edip durkam, bir goh turdy, şakyrdy boldy. Süňkler biri-birine, ýagny her süňk özüne degişli süňke ýakynlaşdy.
8 Men seredip durkam, olaryň üstlerinde siňirler we et peýda boldy; ýokardan olary deri gaplady; ýöne olaryň nepesi ýokdy.
9 Onsoň Ol maňa nepese pygamberlik et, eý, ynsan ogly, pygamberlik et-de, nepese aýt diýdi: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eý, nepes, şemal bolup, çar tarapdan öwüs-de, bu öldürilenleriň üstüne üfle, olar direlsinler“».
10 Şeýlelikde, Onuň maňa tabşyryşy ýaly, pygamberlik etdim we nepes olaryň içine girdi. Olar direlip, köp, örän köp goşun kimin aýak üstüne galdylar.
11 Onsoň Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Bu süňkler bütin ysraýyl halkydyr. Olar: „Süňklerimiz gurady, umydymyz üzüldi; biz bütinleý ýok edildik“ diýýärler».
12 Munuň üçin, pygamberlik et-de, olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men gabyrlaryňyzy açyp, sizi gabyrlaryňyzdan çykararyn, eý, halkym; sizi Ysraýyl ýurduna getirerin.
13 Men gabyrlaryňyzy açyp, sizi gabyrlaryňyzdan çykaranymda, eý, halkym, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
14 Onsoň Men sizi ruhum bilen dolduraryn, siz direlersiňiz. Men sizi öz ýurduňyzda ýerleşdirerin. Onsoň muny Men-Rebbiň aýdandygyny we ýerine hem ýetirjekdigimi bilersiňiz». Muny Reb diýýär.
15 Maňa Rebbiň sözi geldi:
16 «Eý, ynsan ogly, özüňe bir taýak al-da, onuň ýüzüne „Ýahuda üçin we onuň bilen birleşen ysraýyllar üçin“ diýip ýaz. Ýene bir taýak al-da, onuň ýüzüne „Ýusup we onuň bilen jebisleşen tutuş ysraýyl halky üçin Efraýymyň taýagy“ diýip ýaz.
17 Bir taýak bolar ýaly, olary biri-birine sepleşdir, olar seniň eliňde bir bolar».
18 Halkyň senden: «Bularyň nämäni aňladýandygyny bize aýtjak dälmi?» diýip soranlarynda,
19 olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men Efraýymyň elindäki taýagyny Ýusup bilen birleşen ysraýyl tireleriniň taýagyny alyp, Ýahudanyň taýagyna seplärin. Olary bir taýak ederin, Meniň elimde olar bir bolarlar.
20 Ýüzüne ýazgy ýazjak taýaklaryň olaryň gözleriniň alnynda seniň eliňde bolsun».
21 Onsoň olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men ysraýyl halkyny giden ýerlerindäki milletleriň arasyndan çykararyn. Dumly-duşdan ýygnap, olary öz ýurtlaryna getirerin.
22 Olary ýurtda, Ysraýyl daglarynyň üstünde bir millet ederin, olaryň baryny bir patyşa dolandyrar; olar gaýdyp iki millet bolmazlar, iki patyşalyga bölünmezler.
23 Mundan beýläk özlerini butlary bilen, ýigrenji zatlary bilen ýa-da her dürli jenaýatlary bilen haram etmezler; Men olary eden ähli dönükliginden halas ederin, tämizlärin. Şeýlelikde, olar Meniň halkym bolarlar, Men hem olaryň Hudaýy bolaryn.
24 Olara gulum Dawut patyşa bolar; hemmesi üçin diňe bir çopan bolar. Olar Meniň hökümlerim bilen ýöräp, parzlarymy doly berjaý ederler.
25 Olar gulum Ýakuba beren ýurdumda, ýagny siziň ata-babalaryňyzyň mesgen tutan ýurdunda ýaşarlar; özleri we çagalary, çagalarynyň çagalary ebedilik ol ýerde mesgen tutarlar, gulum Dawut ebedilik olaryň hökümdary bolar.
26 Men olar bilen parahatçylyk ähtini baglaşaryn, bu baky äht bolar. Olary ornaşdyryp, köpelderin we mukaddes öýümi ebedilik olaryň ortasynda berkarar ederin.
27 Men olaryň arasynda mekan tutaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar.
28 Mukaddes öýüm ebedilik olaryň arasynda ýerleşende, milletler Ysraýyly mukaddes edeniň Men-Rebdigimi bilerler».




Chapter 38

1 Maňa Rebbiň sözi geldi:
2 «Eý, ynsan ogly! Magok ýurdundaky Meşegiň we Tubalyň hökümdary Goga tarap ýüzüňi öwür-de, oňa garşy pygamberlik et.
3 Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Meşegiň we Tubalyň hökümdary Gog! Men saňa garşydyryn.
4 Men seni arkan agdaryp, äňleriňe çeňňek salaryn. Seni we bütin goşunyňy, atlaryňy, atlylaryňy, bezemen geýnüwli, uly hem kiçi galkanly, elleri syrylan gylyçly uly jemagatyňyň ählisini çykararyn.
5 Olar bilen birlikde ählisi galkanly, demir tuwulgaly bolan pars, Efiopiýa we Put halklaryny,
6 Gomeri we onuň tutuş goşunlaryny, demirgazygyň aňry ujundan Togarma halkyny we ähli goşunlaryny seniň bilen birlikde köp halklary çykararyn.
7 Taýýar bol! Ýanyňa ýygnan ähli jemagatyň bilen birlikde taýýar bol. Bu jemagata sen goragçy bolarsyň.
8 Köp wagtdan soňra sen söweşe çagyrylarsyň. Geljek ýyllarda sen köp halklaryň içinden yzyna ýygnalan, hemişelik haraba öwrülen Ysraýyl daglarynda toplanan, uruşdan rahatlyga gowşan ýurda hüjüm edersiň. Başga milletleriň arasyndan çykarylyp getirilen bu halkyň hemmesi indi howpsuz ýaşaýarlar.
9 Sen ýokary göterilip, tupan ýaly bolup gelersiň; ýurdy gaplamak üçin sen we goşunlaryň, özüň bilen birlikde köp halklar bulut ýaly bolup gelerler“».
10 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün seniň aňyňa köp pikirler geler, dildüwşük gurarsyň.
11 Sen: „Goragsyz obalaryň garşysyna çykaýyn, dynç we howpsuz ýaşaýanlaryň üstüne döküleýin. Olaryň ýaşaýan ýerleriniň bary diwarsyz, ol ýerde kilt-de, gapy-da ýok“ diýersiň.
12 Sen öň weýran edilen, emma indi ilatly bolan şäherlerde ýaşaýan bu halky talap, olja alarsyň. Milletleriň arasyndan yzyna ýygnalyp, çarwaçylyk hem söwda bilen meşgullanýan, dünýäniň ortasynda ýaşaýan bu halka garşy eliňi uzadarsyň.
13 Saba, Dedan, Tarşyş söwdagärleri we onuň ähli ýolbaşçylary senden: „Talamaga geldiň dälmi? Jemagatyňy olja almak, altyn-kümüş äkitmek, emläk we köp olja edinmek üçin ýygnadyňmy?“ diýip sorarlar».
14 Munuň üçin, eý, ynsan ogly, pygamberlik et-de, Goga Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Şol gün sen Meniň halkym Ysraýylyň howpsuz ýaşaýandygyna göz ýetirersiň!
15 Şonda sen ýanyňdaky köp halklar bilen, at üstünde bolan uly jemagat we güýçli goşun bilen demirgazygyň aňry ujundan, öz mekanyňdan gelersiň.
16 Sen ýer ýüzüni gaplaýan bulut kimin halkym Ysraýylyň üstüne hüjüm edersiň. Eý, Gog, geljekde Men seni Öz ýurdumyň üstüne ibererin, şonda milletlere seniň üstüň bilen mukaddesligimi görkezenimde, olar Meni tanasynlar».
17 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öňki döwürlerde gullarym Ysraýyl pygamberleriniň üsti bilen gürrüňini edenim sen dälmidiň? Ol günlerde Meniň seni ysraýyllaryň garşysyna çykarjakdygym hakda ýyllar boýy pygamberlik etdiler.
18 Goguň Ysraýyl ýurdunyň garşysyna çykan güni, hut şol gün Meniň gahar-gazabym möwç urar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
19 Gabanjaňlygym we otly gazabym bilen Men jar edýän: Şol gün Ysraýyl ýurdunda ýer titrär.
20 Deňziň balyklary, gögüň guşlary, ýyrtyjy haýwanlar, ýerdäki süýrenijiler we ýer ýüzündäki ähli ynsanlar Meniň huzurymda titreşerler, daglar ýumrular, uçutlar ýykylar, ähli diwarlar ýer bilen ýegsan bolar.
21 Ähli daglarymda gylyjy Goguň üstüne çozmaga çagyraryn Hökmürowan Reb diýýär her adamyň gylyjy öz doganyna garşy bolar.
22 Gogy mergi we gylyç bilen jezalandyraryn; onuň we goşunlarynyň üstüne, ýanyndaky köp halklaryň üstüne gark ediji ýagyş we güýçli doly, ot we kükürt ýagdyraryn.
23 Şeýdip, Men beýikligimi we mukaddesligimi görkezjekdirin, köp milletleriň gözleriniň alnynda Özümi aýan etjekdirin; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».




Chapter 39

1 Eý, ynsan ogly, Goguň garşysyna pygamberlik et we oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Eý, Meşegiň we Tubalyň hökümdary Gog! Men saňa garşydyryn.
2 Seni arkan agdaryp süýrärin, demirgazygyň aňry uçlaryndan çykaryp, Ysraýyl daglarynyň üstüne getirerin.
3 Sol eliňden ýaýyňy, sag eliňden okuňy urup gaçyraryn.
4 Sen ähli goşunlaryň we ýanyňdaky halklar bilen birlikde Ysraýyl dagynyň üstünde heläk bolarsyň. Seni her hili ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara iýmit edip bererin.
5 Sen açyk meýdanda heläk bolarsyň, çünki Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär.
6 Magogyň we kenar ýakalarynda howpsuz ýaşaýanlaryň üstüne ot ibererin; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler.
7 Halkym Ysraýylyň içinde mukaddes adymy aýan ederin; mundan beýläk mukaddes adymyň harlanmagyna ýol bermerin; onsoň milletler Ysraýylda mukaddes bolan Rebbiň Mendigimi bilerler.
8 Ine, ol gün geler we amala aşar, Hökmürowan Reb diýýär; Meniň gürrüňini eden günüm bu gündür.
9 Ysraýyl galalarynyň ilaty daşary çykyp ot ýakar, ähli ýaraglary, kiçi hem uly galkanlary, ýaýlary we oklary, serdesseleri we naýzalary ýakyp-ýandyrarlar; bular ýedi ýyllap oda ýakylar.
10 Oduny meýdandan daşamazlar, tokaýlary çapmazlar. Olar ody ýaraglar bilen ýakarlar; özlerini talanlary talarlar, soýanlary soýarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
11 Şol gün Men Ysraýylda, deňziň gündogaryndaky Ötegçiler deresinde Goga gabrystanlyk bererin. Gogy we onuň ähli goşunyny ol ýerde gömerler we oňa „Goguň beýik goşunynyň deresi“ diýerler.
12 Ýurdy tämizlemek üçin ysraýyl halky ýedi aýlap olary gömmegini dowam etdirer.
13 Ýurduň halky olary gömer. Meniň şöhratlanan günüm bu ysraýyl halky üçin at-abraý bolar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
14 Ýurdy tämizlemek üçin adamlar bellener. Olar hemişe ýurduň içinde gezip, her bir ýerde galan basybalyjynyň jesedini gömerler, şeýdip, ýurdy tämizlärler. Bu tämizleýiş işi ýedi aýyň dowamynda geçirilmelidir.
15 Ýurduň içinde gezýän gözlegçiler adam süňküni görse, ony tä Gog goşunynyň deresinde gömýänçäler, onuň ýanynda bir nyşan dikerler.
16 Galanyň ady-da Hamona bolar. Şeýdip, olar ýurdy tämizlärler».
17 Eý, ynsan ogly, Hökmürowan Reb her hili guşlara we ähli ýyrtyjy haýwanlara şeýle diýýär diý: «Üýşüň-de, geliň; siziň üçin kesjek gurbanlygyma, Ysraýyl daglarynyň üstündäki uly gurbanlyga dumly-duşdan ýygnanyň, et iýersiňiz, gan içersiňiz.
18 Başanyň semiz haýwanlarynyň: goçlaryň, guzularyň, erkeçleriň we öküzleriň eti we gany ýaly, güýçli adamlaryň we dünýäniň hökümdarlarynyň etini iýersiňiz, ganyny içersiňiz.
19 Siziň üçin kesen gurbanlygymdan doýýançaňyz ýag iýersiňiz, serhoş bolýançaňyz gan içersiňiz.
20 Saçagymyň başynda atlardan, söweş arabalaryndan, güýçli urşujylardan hem esgerlerden doýarsyňyz. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
21 Men milletleriň arasynda şöhratymy aýan ederin; çykaran hökümlerimi, üstlerine goýan elimi milletler görerler.
22 Şeýlelikde, ysraýyl halky şol günden başlap, Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi biler.
23 Milletler ysraýyl halkynyň Maňa dönüklik edendigi üçin, öz ýazygy sebäpli ýesir edip äkidilendigini bilerler. Men ýüzümi olardan gizledim, olary duşmanlarynyň eline berdim, ählisi gylyçdan heläk boldular.
24 Olara öz haramlyklaryna we günälerine laýyk jeza berdim; ýüzümi olardan gizledim».
25 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi Men Ýakubyň öňki abadançylygyny dikelderin, bütin ysraýyl halkyna rehim ederin we mukaddes adym sebäpli gabanjaň bolaryn.
26 Olara hiç kim howp salman, öz ýurtlarynda howpsuz ýaşanlarynda, özleriniň masgaraçylykly hereketlerine we Maňa garşy eden dönükliklerine utanarlar.
27 Men olary halklaryň arasyndan yzlaryna getirenimde we duşmanlarynyň ýurdundan ýygnanymda, olaryň üsti bilen köp milletleriň gözleriniň alnynda Öz mukaddesligimi görkezerin.
28 Sürgün eden ýerlerimden halky yzyna getirenimde, olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler; ol ýerde olaryň birini-de galdyrman öz ýurtlaryna ýygnaryn.
29 Ruhumy ysraýyl halkynyň üstüne dökerin we indi hiç haçan ýüzümi olardan gizlemerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.




Chapter 40

1 Sürgünde bolýan wagtymyzyň ýigrimi bäşinji ýylynyň birinji aýynyň onuna Iýerusalim şäheriniň ýykylmagynyň on dördünji ýyly, edil şol gün Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol meni şol ýere äkitdi.
2 Görnüşde Hudaý meni Ysraýyl ýurduna getirip, bir belent dagyň üstünde goýdy. Günorta tarapda şähere meňzeş binalar bar ýalydy.
3 Reb meni ol ýere getirdi. Ine, bir adam peýda boldy, daş keşbi bürünç ýaly ýalpyldaýardy, elinde zygyrdan edilen ýüp we bir ölçeg taýagy bardy; ol derwezede durdy.
4 Ýaňky adam maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Gözleriň bilen gör, gulaklaryň bilen eşit, saňa görkezjek ähli zatlaryma ýagşy üns ber. Sen bu ýere meniň saňa görkezmegim üçin getirildiň. Görýän ähli zatlaryňy ysraýyl halkyna jar et».
5 Ine, Hudaýyň öýüniň daşynda töwerekleýin diwar bardy. Ýaňky adamyň elinde alty sany uzyn tirsek bolan ölçeg taýagy bardy, her uzyn tirsek adaty tirsekden bir sere artykdy. Ol diwaryň galyňlygyny ölçedi: onuň ini-de, boýy-da bir ölçeg taýagyna deňdi.
6 Onsoň ol gündogar tarapdaky derwezä gelip, onuň basgançaklary bilen gapysynyň ýanyna çykyp, onuň bosagasyny ölçedi: onuň ini bir ölçeg taýagydy. Bu bosaganyň ini bir ölçeg taýagydy.
7 Her hüjräniň uzynlygy-da, ini-de bir ölçeg taýagydy. Hüjreleriň aralygy bäş tirsekdi. Hudaýyň öýüne tarap bakýan eýwanyň ýanyndaky gapynyň bosagasynyň uzynlygy bir ölçeg taýagydy. 8–9 Soňra ol derwezäniň içki eýwanyny ölçedi, ini alty tirsek, uzynlygy sekiz tirsek çykdy. Söýeleriniň galyňlygy iki tirsekdi; derwezäniň içki eýwany Hudaýyň öýüne tarap bakyp durdy.
10 Gündogar tarapdaky derwezäniň hüjreleri her ýandan üçdi; üçüsiniň-de ölçegi birdi; söýeleriň ölçegi hem her ýandan birdi.
11 Ol derwezäniň agzynyň inini ölçedi, on tirsek boldy we içki derwezäniň uzynlygy on üç tirsek boldy.
12 Hüjreleriň öňünde her tarapdan bir tirseklik diwar bardy; hüjreleriň ölçegi her ýandan alty tirsekdi.
13 Ol derwezäni bir hüjräniň üçeginden beýleki üçegine çenli ölçedi: onuň ini ýigrimi bäş tirsek çykdy, hüjreleriň girelgeleri biri-birine bakyşyp durdular.
14 Derwezäniň girelgesindäki däliziň töwerekleýin ölçegi altmyş tirsek çykdy.
15 Derwezäniň girelgesinden içki eýwanyň aňry başyna çenli uzynlyk elli tirsekdi.
16 Derwezäniň iç tarapynda hüjreleriň we söýeleriň her ýanynda penjire görnüşli tagçalar bardy, eýwanlar hem şeýledi; söýeleriň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy.
17 Onsoň ol meni daşky howla getirdi; ol ýerde otaglar we töwerekleýin çekilen daş ýol bardy. Daş ýoluň ugrunda otuz otag bardy.
18 Derwezeleriň iki gapdalyndaky daş ýoluň giňligi derwezeleriň uzynlygyna deňdi. Bu aşaky daş ýoldy.
19 Onsoň ol aşaky derwezäniň öňünden içki howlynyň öňüne çenli bolan giňişligi daşardan ölçedi: ol ýüz tirsek çykdy; gündogar we demirgazyk tarapda-da şeýledi.
20 Daşky howlynyň demirgazygyndaky derwezäniň-de uzynlygyny we inini ölçedi.
21 Onuň hüjreleri bu ýanda üç, ol ýanda hem üçdi; söýeleriň we eýwanyň ölçegi birinji derwezäniň ölçegi bilen meňzeşdi; uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.
22 Onuň tagçalary, eýwany we çekilen palma agaçlarynyň şekili gündogar tarapdaky derwezäniň ölçegine görädi. Oňa ýedi basgançakdan çykylýardy we olar eýwana alyp barýardy.
23 Içki howlynyň derwezeleri demirgazyk we gündogar tarapdaky derwezeler bakyşyp durdular; derwezeden derwezä çenli aralygy ölçedi: ol ýüz tirsek çykdy.
24 Onsoň ol adam meni günorta tarapa äkitdi; ine, günorta tarapa bakýan bir derweze bardy; onuň söýelerini we eýwanyny ölçedi, munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi.
25 Derwezede we eýwanda öňki tagçalar ýaly tagçalar bardy we derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.
26 Oňa çykar ýaly ýedi basgançak bardy we olar eýwana alyp barýardy. Onuň söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; olaryň biri bu ýanda, beýlekisi ol ýandady.
27 Içki howlynyň günorta derwezesi bardy; ol adam günorta derwezeden beýleki derwezä çenli uzynlygyny ölçedi, ol ýüz tirsek çykdy.
28 Soňra ol meni günortadaky derwezeden içki howla getirdi we günortadaky derwezäni ölçedi; munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi.
29 Onuň hüjreleriniň, söýeleriniň we eýwanynyň ölçegleri-de beýlekilere meňzeşdi. Derwezede we eýwanda töwerekleýin tagçalar bardy. Derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.
30 Howlynyň her gapdalynda uzynlygy ýigrimi bäş tirsek, ini bäş tirsek bolan eýwanlary bardy.
31 Derwezäniň eýwany daşky howla tarap bakyp durdy; söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy.
32 Onsoň ol meni içki howla, onuň gündogar tarapyna getirdi; derwezäni ölçedi, munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi.
33 Onuň hüjreleriniň, söýeleriniň we eýwanynyň ölçegleri-de beýlekilere meňzeşdi; derwezede we eýwanda töwerekleýin tagçalar bolup, derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.
34 Derwezäniň eýwany daşky howla tarap bakyp durdy; söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy.
35 Onsoň ol meni demirgazykdaky derwezä getirdi; ony ölçedi, munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi.
36 Munuň-da hüjreleri, söýeleri, eýwany we tutuş töweregindäki tagçalary meňzeşdi. Onuň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi.
37 Onuň eýwany daşky howla tarap bakýardy; söýeleriniň ýüzünde her ýan tarapdan palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy.
38 Derweze girelgesindäki sütünleriň gapdalynda gapysy açyk bir otag bardy; ýakma gurbanlyklaryny şol ýerde ýuwýardylar.
39 Üstünde ýakma gurbanlygyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny soýar ýaly eýwanyň her tarapynda iki hantagta durdy.
40 Eýwanyň daşynda, demirgazykdaky derweze girelgesiniň her ikiýan gapdalynda iki hantagta durdy.
41 Derwezäniň her ikiýan gapdalynda dört hantagta bolup, üstünde gurbanlyk malyny soýar ýaly jemi sekiz hantagta bardy.
42 Ýakma gurbanlygy üçin ýonulan daşdan uzynlygy we ini bir ýarym tirsek, beýikligi bolsa bir tirsek bolan dört hantagta durdy; olaryň üstünde bolsa ýakma gurbanlygyny we beýleki gurbanlyklary soýmak üçin enjamlar bardy.
43 Otagyň içinde töwerekleýin hersiniň uzynlygy bir sere bolan ildirgiçler kakylgydy; hantagtalaryň üstünde bolsa gurbanlyk eti bardy.
44 Içki derwezäniň daşynda, içki howluda iki otag bardy; bularyň biri demirgazyk derwezesiniň gapdalyndady we ýüzi günorta tarap bakýardy, beýlekisi günorta derwezesiniň gapdalynda bolup, ýüzi demirgazyk tarapa bakýardy.
45 Ol adam maňa şeýle diýdi: «Ýüzi günorta tarap bakýan bu otag Hudaýyň öýüni goraýan ruhanylar üçindir.
46 Ýüzi demirgazyga tarap bakýan otag bolsa, gurbanlyk sypasyny goraýan ruhanylar üçindir. Bular lewi tiresinden bolup, Rebbe hyzmat etmek üçin, Oňa ýakynlaşan Sadogyň ogullarydylar».
47 Soňra ol howlyny ölçedi; onuň uzynlygy-da, ini-de ýüz tirsek bolup, inedördüldi. Gurbanlyk sypasy bolsa Hudaýyň öýüniň öňündedi.
48 Onsoň ol adam meni Hudaýyň öýüniň eýwanyna getirip, eýwanyň gapysynyň iki söýesini ölçedi, olaryň uzynlygy hemme taraplaýyn bäş tirsekdi; ini bolsa her ýandan üç tirsekdi.
49 Eýwanyň uzynlygy ýigrimi tirsek, ini on iki tirsekdi; oňa çykar ýaly on basgançak bardy. Derwezäniň söýeleriniň ikiýan gapdalynda sütünler bardy.




Chapter 41

1 Onsoň ol adam meni Hudaýyň öýüniň daşky otagyna getirip, onuň söýelerini ölçedi, onuň ini her ýandan alty tirsekdi; bu öňki mukaddes çadyryň giňligi ýalydy.
2 Girelgäniň ini on tirsekdi; oňa her iki tarapdan birleşýän diwarlaryň ini bäş tirsekdi. Ol daşky otagy hem ölçedi, onuň uzynlygy kyrk tirsek, ini ýigrimi tirsekdi.
3 Onsoň ol içki otaga girip, girelgäniň her söýesini ölçedi, olaryň her biriniň ini iki tirsekdi. Girelgäniň ini alty tirsekdi we oňa her iki tarapdan birleşýän diwarlaryň ini ýedi tirsekdi.
4 Ol adam daşky otagyň öňündäki bu otagy ölçedi: uzynlygy-da, ini-de ýigrimi tirsekdi. Onsoň ol maňa: «Bu iň mukaddes otagdyr» diýdi.
5 Hudaýyň öýüniň diwaryny ölçedi, onuň galyňlygy alty tirsekdi; onuň tutuş daş-töweregindäki gapdal otaglarynyň ini dört tirsekdi.
6 Otag üstünde otag bolup, gapdal otaglar üç gatdy we her gatda otuz otag bardy. Pürsler öýüň diwarlaryna girmesin diýip, öýüň diwarlarynda gapdal otaglara goldaw berýän çykgytlar bardy.
7 Hudaýyň öýüniň töweregindäki gapdal otaglar ýokary gata çykdygyňça giňelýärdi, sebäbi öýüň diwarlarynyň düýbi ýokarsyna garanda inlidi. Ýokary gatlara çykdygyňça-da, otaglar giňelýärdi. Şeýle-de, iň aşaky otagdan iň ýokarky otaga ortaky otagdan çykylýardy.
8 Men bu öýüň daş-töwerekleýin belentligini gördüm; gapdal otaglaryň düýpleri doly bir ölçeg taýagyna, ýagny alty tirsege deňdi. 9–10 Gapdal otaglaryň daşky diwarynyň galyňlygy bäş tirsekdi; öýüň gapdal otaglary bilen howlynyň otaglarynyň arasynda boş aralyk bardy. Onuň ini ýigrimi tirsek bolup, öýi daş-töwerekleýin gurşap alýardy.
11 Gapdal otaglar açyk giňişlige tarap açylýardy. Demirgazyk tarapdaky otaglara girilýän bir gapy bardy, günorta tarapynda hem bir gapy bardy; töwerekleýin açyk giňişligiň ini bolsa bäş tirsekdi.
12 Günbatardaky meýdançanyň öňünde bir ymarat bardy, onuň ini ýetmiş tirsekdi; diwarynyň galyňlygy her ýandan bäş tirsek, uzynlygy togsan tirsekdi.
13 Soňra ol adam Hudaýyň öýüni ölçedi: uzynlygy ýüz tirsekdi; onuň meýdançasy, jaýy, diwarlary bilen birlikde ýüz tirsek çykdy.
14 Öýüň gündogar tarapynyň we meýdançasynyň ini hem ýüz tirsekdi.
15 Onsoň ol öýüň arkasyndaky meýdança bakyp duran ymaratyň uzynlygyny ölçedi, her tarapyndaky eýwanlary bilen birlikde onuň uzynlygy ýüz tirsekdi. Daşky otag, içki otag, howla bakyp duran eýwan,
16 bosagalar, tagçalar, bosaganyň garşysyndaky üçtaraplaýyn diwarly eýwança ýerden tagçalaryna çenli agaç gapylydy. Bu tagçalar penjire görnüşindedi. 17–18 Gapynyň depesi, içki hem daşky otaglary, öýüň tutuş diwarlary nagyşlar bilen oýulyp, keruplar we palma agaçlary ýasalypdy; iki kerubyň arasynda bir palma agajy bolup, her kerubyň iki ýüzi bardy.
19 Bir tarapynda palma agajyna bakýan ynsanyň ýüzi bardy, beýleki tarapynda palma agajyna bakýan ýaş arslanyň ýüzi bardy. Tutuş öýüň ähli töweregine şeýle edilipdi.
20 Daşky otagyň diwarynyň ýüzüne poldan gapynyň depesine çenli keruplar haşamlanandy; öýüň diwarynyň ýüzi-de şeýledi.
21 Daşky otagyň gapy söýeleri inedördüldi; iň mukaddes otagyň öňündäki gapy söýeleri-de bulara meňzeýärdi.
22 Gurbanlyk sypasy agaçdan bolup, beýikligi üç tirsek, uzynlygy iki tirsekdi; burçlary, uzynlygy we diwarlary hem agaçdandy. Ol maňa: «Rebbiň huzuryndaky hantagta budur» diýdi.
23 Daşky otag bilen iň mukaddes otagyň iki-ikiden goşa gapysy bardy.
24 Her gapynyň iki taýy, açylyp-ýapylýan iki taýy bardy; iki taýy bir gapynyňky, iki taýy-da beýleki gapynyňkydy.
25 Diwarlaryň ýüzüne çekilişi ýaly, daşky otagyň gapylaryna-da keruplar bilen palma agaçlary oýulyp çekilendi; daşarda eýwanyň öňünde dalan bardy.
26 Eýwanyň gapdal diwarlarynda penjire görnüşli tagçalaryň we palma agaçlarynyň şekili bardy. Öýüň gapdal otaglary we dalan hem şeýledi.




Chapter 42

1 Onsoň ol adam meni demirgazyk tarapdan daşky howla çykardy. Hudaýyň öýüniň meýdançasynyň we ymaratyň gapdalyndaky demirgazyk otaglara getirdi.
2 Gapysy demirgazyga bakýan bu ymaratyň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsekdi.
3 Içki howlynyň ini ýigrimi tirseklik boş aralygynyň we daşky howlynyň daş ýolunyň arasynda üç gatly biri-birinden beýgelýän eýwanlar bardy.
4 Bu iki hatar otaglaryň arasynda gezer ýaly ini on tirsek, uzynlygy ýüz tirsek bolan däliz bardy; onuň gapylary demirgazyga bakýardy.
5 Ýokarky otaglar dardy, sebäbi jaýyň aşaky we ortaky otaglaryna garanda, eýwanlar olardan köpräk ýer tutýardy.
6 Olar üç gatdan ybaratdy, howlynyň sütünleri ýaly sütünleri ýokdy; şonuň üçin ýokarky eýwan aşaky we ortaky eýwandan darrak edilipdi.
7 Otaglaryň öňünde otaglara we daşky howla tarap uzalýan diwar bardy, onuň uzynlygy elli tirsekdi.
8 Daşky howludaky otaglaryň uzynlygy elli tirsekdi; ybadathananyň garşysyndaky gapdal otaglaryň uzynlygy bolsa ýüz tirsekdi.
9 Bu otaglara daşky howludan girjek bolsaň, gündogar tarapdaky aşaky geçelgeden bir girelge bardy.
10 Içki howlynyň gündogar tarapynda meýdança we ymarata bakýan başga otaglar hem bardy.
11 Demirgazyk tarapdaky otaglarda bolşy ýaly, bu otaglaryň hem deňinde bir geçelge bardy. Otaglaryň uzynlygy we ini birmeňzeşdi; olaryň ähli çykalgalary, gurluşy we gapylary edil şolar ýalydy.
12 Şeýdip, günbatardaky otaglara edil demirgazykdaky ýaly diwaryň ýanyndaky gündogar tarapdan uzalýan aşaky geçelgeden girilýärdi.
13 Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir.
14 Ruhanylar mukaddes ýere girenlerinde, hyzmat edýän wagty geýýän geýimlerini bu otaglarda çykaryp goýmazdan daşky howla çykmasynlar, sebäbi bu geýimler mukaddesdir. Halkyň ýanyna çykmazdan öň, olar başga geýimler geýmelidirler».
15 Ol adam mukaddes ýeri ölçäp bolanyndan soň, meni gündogara tarap bakýan derwezeden çykaryp, diwaryň töwereginiň uzynlygyny ölçedi.
16 Ölçeg taýagy bilen mukaddes ýeriň gündogar tarapyny ölçedi: bu ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy.
17 Onuň demirgazyk tarapyny ölçedi, ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsekdi.
18 Onuň günorta tarapyny ölçedi: ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy.
19 Onuň günbatar tarapyny ölçedi: ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy.
20 Ony dört tarapyndan hem ölçedi. Mukaddes zady ýönekeý zatdan aýyrmak üçin onuň daş-töwereginde bir diwar bardy. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş ýüz tirsege deňdi.




Chapter 43

1 Onsoň ol adam meni gündogar tarapa bakyp duran derwezä getirdi.
2 Ine, gündogar tarapdan Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty geldi. Onuň sesi güýçli akýan suwlaryň şaggyldysy ýalydy. Onuň şöhratyndan ýer nur saçýardy.
3 Bu görnüş Hudaýyň Iýerusalimi heläk etmäge gelendäki we Kebar kanalynyň ýakasyndaky gören görnüşlerime meňzeşdi; men ýere ýüzin ýykyldym.
4 Rebbiň şöhraty gündogara tarap bakýan derwezeden öýe girdi.
5 Onsoň Ruh meni alyp, içki howla getirdi; Rebbiň şöhraty öýi doldurdy.
6 Ýaňky adam ýanymda durka, men öýden biriniň özüme söz gatýandygyny eşitdim.
7 Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň tagtymyň we aýak dabanymyň ýeri, ysraýyl halkynyň arasynda ebedilik oturjak ýerim bu ýerdir. Mundan beýläk ysraýyl halky-da, olaryň patyşalary-da zyna edip, sežde edilýän ýerlerinde patyşalarynyň heýkellerini oturtmak bilen Meniň mukaddes adymy haram etmezler.
8 Olar bosagasyny bosagamyň, gapylarynyň söýesini gapymyň söýesiniň ýanynda gurdular, Men bilen olaryň arasynda diňe bir diwar bardy; olar nejis işleri bilen Meniň mukaddes adymy haram etdiler; Men gahar-gazabym bilen olary heläk etdim.
9 Indi zynalaryny we patyşalarynyň heýkellerini Menden uzaklaşdyrsynlar, Men hem ebedilik olaryň arasynda mesgen tutaryn.
10 Sen, eý, ynsan ogly, ysraýyl halkyny bu öýden habarly et, goý, onuň nusgasyny ölçesinler we etmişlerinden ýaňa utansynlar.
11 Eger eden ähli işleri üçin utansalar, öýüň gurluşyny, onuň ýerbe-ýerdigini, girelgelerini we çykalgalaryny, tutuş taslamasyny we düzgünlerini, ähli meýilnamalaryny we kanunlaryny olara aýan et, gözleriniň alnynda şuny ýaz. Şeýdip, onuň tutuş meýilnamasyny we ähli düzgünlerini saklasynlar, olary berjaý etsinler.
12 Hudaýyň öýüniň kanuny şeýledir: Dagyň başynda onuň ähli töwereginiň araçägi örän mukaddes ýer bolar. Ine, Hudaýyň öýüniň kanuny şudur».
13 Bir tirsek we bir sere bolan uzyn tirsek boýunça gurbanlyk sypasynyň ölçegi şeýledir: onuň ýapjagazynyň çuňlugy-da, ini-de bir tirsek, ýabyň gyrasy töwerekleýin bir garyş. Gurbanlyk sypasynyň esasy düýbi budur.
14 Arykdan aşaky diwara çenli beýikligi iki, ini bir tirsekdir; kiçi diwardan uly diwara çenli beýikligi dört, ini bir tirsekdir.
15 Gurbanlyk sypasynyň beýikligi dört tirsek. Onuň üstünden ýokarlygyna dört şah bolar.
16 Gurbanlyk sypasynyň üst böleginiň ojagynyň boýy on iki tirsek, ini on iki tirsek bolup, her dört tarapdan inedördül bolar.
17 Uly diwaryň her dört tarapynyň uzynlygy we ini on dört tirsek bolar. Onuň her dört gapdalyndaky ýabyň gyrasy ýarym tirsek, töwerekleýin ýapjagazy bir tirsek bolup, basgançaklary gündogar tarapda bolar.
18 Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Gurbanlyk sypasyny dikeniňizde, onuň üstünde ýakma gurbanlyklary hödür etmek we oňa gan serpmek üçin düzgünler şulardyr:
19 Maňa hyzmat etmek üçin huzuryma gelen ýakynlaşan Sadok neslinden bolan ruhanylara günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçe ber. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
20 Onuň ganyndan al-da, gurbanlyk sypasynyň dört şahyna, diwaryň dört burçuna we töwerekleýin ýabyň gyrasyna çal; bu ony tämizläp, haramlygyndan sapladygyň bolar.
21 Günä gurbanlygy bolan öküzçäni al-da, Hudaýyň öýüniň bellenen ýerinde, mukaddes ýeriň daşynda ýak.
22 Ikinji gün günä gurbanlygy hökmünde şikessiz bir erkeji hödür et we gurbanlyk sypasyny öküzçe bilen nähili tämizlän bolsaň, ýene-de şeýdip tämizle.
23 Tämizleme işini tamamlanyňdan soň, şikessiz bir öküzçe bilen sürüden şikessiz bir goç hödür et.
24 Olary Rebbiň huzuryna getir, ruhanylar üstüne duz sepip, ýakma gurbanlygy hökmünde olary Rebbe hödür ederler.
25 Ýedi günläp günä gurbanlygy hökmünde her gün bir erkeç taýýarla; şikessiz bir öküzçe bilen sürüden bir goç taýýarla.
26 Olar gurbanlyk sypasyny ýedi günläp murdarlygyndan saplarlar, ony tämizläp, mukaddes ederler.
27 Ýedi gün tamamlanandan soň, sekizinji günden başlap, ruhanylar gurbanlyk sypasynda ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryňyzy hödür ederler. Onsoň Men sizden razy bolaryn“». Muny Hökmürowan Reb diýýär.




Chapter 44

1 Onsoň ol adam meni mukaddes öýüň gündogara tarap bakýan derwezesinden yzyma getirdi; derweze ýapykdy.
2 Reb maňa şeýle diýdi: «Bu derweze ýapyk bolar, ol açylmaz, ondan hiç kim girmez, çünki ondan Ysraýyl Hudaýy Reb girdi; şonuň üçin ol ýapyk bolar.
3 Hökümdar bolsa hökümdardygy üçin, Rebbiň huzurynda nahar iýmek üçin ol ýerde oturar. Ol muňa derwezäniň eýwanynyň ýolundan girer we şol ýoldan-da yzyna çykar».
4 Ol meni demirgazyk derwezäniň ýolundan öýüň öňüne getirdi. Görsem, Rebbiň şöhraty Öz öýüni dolduryp durandygyny gördüm. Men ýere ýüzin ýykyldym.
5 Reb maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Ýagşy üns ber, öz gözleriň bilen gör, Rebbiň öýüniň ähli düzgünleri we kanunlary hakda saňa aýdýan zatlarymy öz gulagyň bilen eşit, mukaddes öýe kimiň girip-çykýandygyna ýagşy üns ber. 6–7 Pitneçi ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, ysraýyl halky! Meniň öýümi harlamak üçin sünnetsiz we boýnuýogyn gelmişekleri içerik salmak bilen eden ähli nejis işleriňizi bes ediň! Siz Maňa iýmit, ýag we gan hödür edeniňizde, olar mukaddes öýümde boldular. Siz ähli nejis işleriňiziň üstesine Meniň ähtimi hem bozduňyz.
8 Siz Meniň mukaddes zatlarymy goraman, gaýtam mukaddes öýümi goraýanlar hökmünde gelmişekleri öz başlaryna goýberdiňiz“».
9 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden hiç bir sünnetsiz we boýnuýogyn gelmişek Meniň mukaddes öýüme girmeli däldir.
10 Ýöne Ysraýylyň ýoldan çykan döwri Menden aýrylyp, erbet ýola düşen, öz butlarynyň yzyna eýeren lewiler etmişleriniň jezasyny çekerler.
11 Bu lewiler öýümiň derwezelerinde gözegçilik edip, onda hyzmatkär bolarlar, Meniň mukaddes öýümde hyzmat ederler; ýakma gurbanlygynyň we halkyň beýleki gurbanlyklarynyň malyny soýarlar, halkyň hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin olaryň öňünde durarlar.
12 Olar ýasan butlarynyň öňünde ysraýyl halkyna hyzmat etdiler, ysraýyl halkynyň ýazykly bolmagyna sebäpkär boldular. Şonuň üçin hem Men-Reb olaryň öz etmişleriniň jezasyny çekjekdigine ant içdim, muny Hökmürowan Reb diýýär.
13 Olar ruhany hökmünde Maňa gulluk etmek üçin golaýyma gelmesinler, mukaddes sadakalarymyň, iň mukaddes zatlaryň hiç birine ýakynlaşmasynlar, olar diňe öz eden nejis işleriniň utançlaryny çekerler.
14 Men olary öýüň ähli hyzmaty üçin, onda edilmeli ähli işleri goramak üçin bellärin.
15 Emma ysraýyl halky Menden aýrylyp, ýoldan çykanda, mukaddes öýümi goramak keşigini çeken Sadok neslinden bolan lewi ruhanylary Maňa hyzmat etmek üçin ýakynlaşarlar; ýagy we gany Maňa hödür etmek üçin huzurymda olar durarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
16 Mukaddes öýüme diňe olar girerler, Maňa hyzmat etmek üçin hantagtama olar ýakynlaşarlar we öýüň goramak keşigini olar çekerler.
17 Olar içki howlynyň derwezelerine zygyrdan dokalan eşikde girerler, içki howlynyň derwezelerinde we içerde hyzmat edýärkäler, eginlerinde ýüňden edilen eşik bolmasyn.
18 Başlaryna zygyrdan selle orap, eginlerine zygyrdan tikilen içki geýimleri geýerler; derledýän zat geýmesinler.
19 Olar halkyň ýanyna daşky howla çykanlarynda, eginlerindäki eşiklerini çykaryp, olary mukaddes otagda goýarlar; ol eşikleri bilen halka mukaddesliklerini geçirmezlik üçin başga eşikler geýsinler.
20 Ruhanylar kellelerini syrmasynlar, saçlaryny uzyn ösdürmesinler, olar saçyny diňe gyrkyp timarlasynlar.
21 Içki howla girende, hiç bir ruhany şerap içmeli däldir.
22 Olar dul we talagy berlen aýala öýlenmän, diňe Ysraýyl neslinden bolan boý gyza ýa-da başga ruhanydan dul galan aýala öýlensinler.
23 Meniň halkyma mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň, halal bilen haramyň parhyny öwretmeli.
24 Olar dawada kazy hökmünde çykyş edip, Meniň hökümlerim boýunça karar çykararlar; ähli baýramlarymyň kada-kanunlaryny we parzlarymy, mukaddes Sabat kanunlarymy ýerine ýetirerler.
25 Olaryň hiç biri ölüniň ýanyna baryp, özüni haram etmeli däldir; diňe ata-enesi üçin, ogul-gyzy üçin, erkek dogany we durmuşa çykmadyk gyz dogany üçin özlerini haram edip bilerler.
26 Ol tämiz bolandan soň, onuň üçin ýedi güni sanamalydyrlar.
27 Ol mukaddes ýerde hyzmat etmek üçin içki howla giren güni öz günä gurbanlygyny hödür etmelidir. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
28 Ruhanylaryň mirasy bardyr, ol miras Mendirin; Ysraýylda olara mülk bermäň, olaryň mirasy Mendirin.
29 Galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny olar iýerler. Ysraýylda ähli bagyş edilen zatlar olaryňky bolar.
30 Ähli zatlaryňyzyň ilkinji hasyly we ähli sadakalaryňyz ruhanylaryňky bolar. Öýüňize bereket iner ýaly, ilkinji galladan edilen hamyry ruhanylara beriň.
31 Guş bolsun ýa haýwan bolsun, parhy ýok haram ölen ýa parçalanan zady ruhany iýmeli däldir».




Chapter 45

1 Ýurdy mülk hökmünde bije atyp paýlanyňyzda, ýurtdan mukaddes bir bölek ýeri sadaka hökmünde Rebbe beriň. Onuň uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek we ini ýigrimi müň tirsek bolsun; bu bölek tutuş töwerekleýin mukaddes bolar.
2 Mukaddes öý üçin uzynlygy we ini bäş ýüz tirsek bolan inedördül meýdan we onuň töwereginde bolsa elli tirseklik açyk meýdan bolar.
3 Mukaddes bölekden uzynlygyny ýigrimi bäş müň tirsek, inini on müň tirsek edip bir bölegi ölçe; bu mukaddes öý, ýagny örän mukaddes ýer bolar.
4 Ýurduň bu mukaddes paýy mukaddes öýde Rebbe hyzmat etmek üçin ýakynlaşan ruhanylar üçindir. Bu bölekde olaryň öýleri bolar we mukaddes öý üçin mukaddes ýer bolar.
5 Uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek, ini on müň tirsek ýer bolan beýleki bölüm Hudaýyň öýünde hyzmat edýän lewilere ýaşaýyş şäherlerini gurmak üçin mülk bolar.
6 Mukaddes bölegiň gapdalynda şäher mülküni belläň; onuň uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek, ini bäş müň tirsek bolsun. Bu tutuş ysraýyl halkyna degişli bolar.
7 Mukaddes bölege düşen paý bilen şähere düşen paýyň iki tarapyndaky ýerler hökümdara berler. Ol günbatar tarapdan günbatara, gündogar tarapdan gündogara tarap uzalyp gidýär. Onuň uzynlygy günbatar serhetden gündogar serhede çenli ysraýyl tireleriniň hersiniň paýy bilen deňdir.
8 Bu Ysraýylda hökümdaryň mülki bolar. Mundan beýläk Meniň hökümdarlarym halkyma zulum etmezler, ýeri ysraýyl halkyna tirelerine görä paýlarlar.
9 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, ysraýyl hökümdarlary, indi bes ediň! Zorluk we zulumy aradan aýryp, adalaty we dogruçyllygy berjaý ediň; halkymy öz topragyndan kowmaň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
10 Tereziňiz dogry bolsun, dogry agyrlyk daşyny we ölçeg küýzesini ulanyň.
11 Agyrlyk daşy we ölçeg küýzesi birmeňzeş bolsun. Agyrlyk daşy batmanyň ondan birine, ölçeg küýzesi hem batmanyň ondan birine deň bolup, bularyň ölçegi bir bolsun; ikisiniň-de ölçegi resmi ölçege görä bolsun.
12 Bir şekel ýigrimi gera deň bolsun; bir mina ýigrimi şekele, ýigrimi bäş şekele we on bäş şekele deň bolsun.
13 Bermeli sadakalaryňyz şulardyr: bir batman bugdaýyň altydan biri, bir batman arpanyň altydan biri.
14 Resmi ölçege görä, ýag baradaky düzgün şudur: her kordan iki küýze ýag bersinler. Bir kor üç ýüz elli küýzä ýa-da on batmana deňdir.
15 Özlerini günäden saplamak üçin Ysraýylyň örülerinde bakylýan sürüden iki ýüzden bir goýny galla sadakasy, ýakma we salamatlyk gurbanlyklary hökmünde bersinler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
16 Ýurduň ähli halky bu sadakalary Ysraýyldaky hökümdara bermelidir.
17 Emma Ysraýylda ähli baýramlarda Täze Aý baýramynda, dabaralarda, Sabat günlerinde ýakma gurbanlygyny, galla we içgi sadakalaryny bermek hökümdaryň borjudyr. Ysraýyl halkyny günäden saplamak üçin günä gurbanlygyny, galla sadakasyny, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny getirjek oldur».
18 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Birinji aýyň birine şikessiz bir öküzçe al-da, mukaddes öýi tämizle.
19 Ruhany bolsa günä gurbanlygynyň ganyndan alyp, öýüň gapylarynyň söýelerine, gurbanlyk sypasynyň diwarynyň dört burçuna we içki howlynyň derwezeleriniň söýelerine çalsyn.
20 Ýalňyşlyk bilen ýa-da bilmän günä eden adam üçin-de aýyň ýedisine şeýle edersiňiz; şunlukda, öýi-de murdarlykdan saplarsyňyz.
21 Birinji aýyň on dördüne siziň üçin Pesah baýramy ýedi günlük baýram bolar; onda petir iýilmelidir.
22 Şol gün hökümdar özi üçin we ýurduň halky üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçe hödürlär.
23 Ol baýramyň tutuş ýedi gününde Rebbe ýakma gurbanlygy hökmünde her gün şikessiz ýedi öküzçe bilen ýedi goç we günä gurbanlygy üçin her gün bir erkeç hödürlär.
24 Galla sadakasy hökmünde berlen öküz üçin hem, goç üçin hem bir batman bugdaý we her batman üçin hem dört küýze ýag taýýarlar.
25 Ýedinji aýyň on bäşine baýramyň başyndan tä ahyryna çenli ýedi günläp hökümdar günä we ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny we zeýtun ýagyny şol bir mukdarda hödür etmelidir».




Chapter 46

1 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Içki howlynyň gündogara tarap bakýan derwezesi alty iş güni ýapyk bolar. Ol diňe Sabat güni we täze Aýyň ilkinji güni açylar.
2 Hökümdar daşardan derweze eýwanynyň üsti bilen içerik girip, gapynyň söýesiniň ýanynda durar. Onuň ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny ruhanylar hödür ederler; ol bosagada sežde edenden soň, daşary çykar, ýöne derweze agşama çenli açyk bolar
3 Sabat günlerinde we aýyň başlarynda ýurduň halky bu derwezäniň girelgesinde Rebbiň huzurynda sežde eder.
4 Hökümdaryň Sabat güni Rebbe hödür etmeli ýakma gurbanlygy şikessiz alty tokly we bir goç bolar.
5 Ol goç bilen berilmeli galla sadakasy üçin bir batman bugdaý bersin, guzular bilen berilmeli galla sadakasyny öz göwün islegine görä hödür etsin we her batman üçin dört küýze ýag berer.
6 Aýyň ilkinji güni bir öküzçe, alty tokly we bir goç hödür eder; bular şikesli bolmaly däldirler.
7 Öküzçe we goç bilen berilmeli galla sadakasy üçin hersine bir batman bugdaý bersin, guzular bilen berilmeli galla sadakasyny öz göwün islegine görä hödür etsin we her batman üçin dört küýze ýag bersin.
8 Hökümdar içeri girende, eýwanyň üsti bilen girip, şol ýol bilen hem yzyna çyksyn.
9 Ýurduň halky baýramlarda Rebbiň huzuryna gelende, sežde etmek üçin demirgazykdaky derwezeden giren günortadaky derwezeden çykmalydyr; şeýle hem, günortadaky derwezeden giren demirgazykdaky derwezeden çykmalydyr, ýagny giren derwezesinden öwrülmän, onuň garşysyndakydan çykmalydyr.
10 Girenlerinde, hökümdar olaryň ortasynda bolmalydyr we olar bilen bile girmelidir; çykanlarynda-da bile çykmalydyr.
11 Baýramlarda we dabaralarda öküzçe we goç bilen berilmeli galla sadakasy üçin hersine bir batman bugdaý berilsin, guzular bilen berilmeli galla sadakasy öz göwün isleglerine görä hödür edilsin we her batman üçin dört küýze ýag berilsin.
12 Hökümdar meýletin sadaka, ýagny ýakma ýa-da salamatlyk gurbanlyklary hökmünde Rebbe meýletin sadaka hödür edende, oňa gündogara tarap bakýan derweze açylmalydyr. Ol özüniň ýakma ýa-da salamatlyk gurbanlygyny edil Sabat güni edişi ýaly hödürlär. Onsoň daşary çykar we çykanyndan soň derweze ýapylar.
13 Rebbe ýakma gurbanlygy hökmünde her gün hiç bir şikessiz tokly taýýarlaň; ony her gün ertirine hödür ediň.
14 Şeýle hem onuň bilen her gün ertirine batmanyň altydan biri möçberinde saýlama un bilen, ony garmak üçin bir ýarym küýze ýag bilen galla sadakasyny hödür ediň. Bu ebedi düzgünler boýunça Rebbe hemişelik galla sadakasydyr.
15 Gündelik ýakma gurbanlygy hökmünde her gün ertirine tokly, galla sadakasy we ýag hödürlensin».
16 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eger hökümdar öz ogullaryndan birine bir zat peşgeş berse, bu onuň öz mirasy bolar. Bu hökümdaryň agtyklarynyňky bolar; bu olara miras ýeten mülkdir.
17 Eger-de öz mülküni gullarynyň birine peşgeş berse, ol azatlyk ýylyna çenli onuňky bolar; onsoň ol muny hökümdara yzyna gaýtarmalydyr; emma hökümdaryň mülki öz ogullarynyňky bolar.
18 Hökümdar halkyň mirasyndan alyp, olary mülklerinden mahrum etmeli däldir; Meniň halkymdan hiç bir kişi mülkünden kowulmaz ýaly, her kim ogullaryna öz mülkünden miras bermelidir».
19 Ýaňky adam meni derwezäniň gapdalyndaky girelgeden ruhanylaryň demirgazyga tarap bakýan mukaddes otaglaryna getirdi. Ine, ol maňa otaglaryň günbatarynda bir ýer görkezdi.
20 Ol maňa: «Bu ýer ruhanylaryň ýazyk hem günä gurbanlyklaryny gaýnadýan we galla sadakasyny bişirýän ýeridir. Şoňa görä olar daşky howla çykmazlar we halka öz mukaddesliklerini geçirmezler» diýdi.
21 Onsoň ol meni daşky howla çykaryp, howlynyň dört burçundan geçirdi; howlynyň her burçunda bir howly bardy.
22 Howlynyň dört burçunda uzynlygy kyrk tirsek, ini otuz tirsek bolan ýapyk howlular bardy; bularyň dördüsiniň-de ölçegi birdi.
23 Olaryň dördüsiniň-de daşy diwarlydy; töwerekleýin diwarlaryň düýbünde bolsa ojaklar bardy.
24 Ol maňa: «Bular biş-düş jaýlarydyr. Öýüň hyzmatkärleri halkyň gurbanlyklaryny bu ýerde bişirerler» diýdi.




Chapter 47

1 Soňra ol adam meni öwrüp, Hudaýyň öýüniň girelgesine getirdi. Öýüň bosagasynyň aşagyndan gündogara tarap suw akýardy. Öý gündogara tarap bakýardy. Suw öýüň sag tarapyndan, gurbanlyk sypasynyň günortasyndan inýärdi.
2 Soňra ol meni demirgazyk derwezesiniň ýoly bilen ýüzi gündogara bakyp duran daşky derwezä alyp geldi, suwlar daşky derwezäniň günorta tarapyna akýardy.
3 Ýaňky adam eli ölçeg ýüpli gündogara tarap çykanda, müň tirsek ölçäp, meni suwdan geçirdi; suw topuga çykýardy.
4 Ýene müň tirsek ölçäp, meni suwdan geçirdi; suw dyza çykýardy; ýene müň tirsek ölçäp, meni suwdan geçirdi; suw bile çykýardy.
5 Ol ýene müň tirsek ölçedi; suw bir derýa boldy. Suw ýokary göterilendigi sebäpli men onuň içinden geçip bilmedim. Ondan ýüzüp geçäýmeseň, ýöräp geçip boljak däldi.
6 Ol maňa: «Gördüňmi, eý, ynsan ogly?» diýdi. Onsoň meni derýanyň kenaryna öwrüp getirdi.
7 Öwrülip gelenimde, ine, derýanyň kenarynyň her ýan tarapynda köp agaçlar bardy.
8 Ol maňa şeýle diýdi: «Bu suwlar gündogardaky ülkelere tarap akýar we Iordan deresine inip, deňze guýanda, deňziň ýata suwlary süýji suwa öwrüler.
9 Bu şeýle bolar: derýanyň akyp baran ýerlerinde dürli-dümen suw jandarlarynyň ählisi diri galar. Ol ýerde balyk köp bolar, bu suwlar ol ýere akyp barar. Olar tämizlenip, derýanyň akyp baran ýerindäkileriň bary diri galar.
10 Deňziň kenarynda balykçylar durarlar; tor taşlanan ýer Eýngediden Eýneglaýyma çenli bolar. Olaryň balyklary dürli-dürlülikde Ortaýer deňziniň balyklary kimin gaty köp bolar.
11 Ýöne onuň palçyk we batgalyk ýerleri tämizlenmez; olar duz üçin galdyrylar.
12 Derýanyň boýunda, onuň ýakasynyň ikiýan tarapynda her hili miweli agaçlar gögerer. Suwlaryň mukaddes öýden çykýandygy sebäpli olaryň ýapraklary solmaz, miweleri tükenmez; her aý täze miwe bererler. Olaryň miweleri iýmit, ýapraklary derman bolar». Ýurduň täze araçäkleri
13 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ýurdy mülk hökmünde Ysraýylyň on iki tiresine görä böleniňizde, araçäk şu bolmalydyr: Ýusubyň nesli iki paý alar.
14 Ýurdy siz on iki tiräniň arasynda deň paýlaň. Men ony ata-babalaryňyza bermegi ant içdim. Bu ýurt size mülk edilip berler.
15 Ýurduň araçägi şu bolar: Demirgazyk tarapy Ortaýer deňzinden Hetlon ýoly bilen Lebohamada we Sedada çenli gelýär.
16 Ol Berota we Damask bilen Hamadyň araçäginde ýerleşýän Sibraýyma, şeýle-de Hawranyň araçägindäki Haserhattikona çenli uzalýar.
17 Araçäk deňizden Damask araçägindäki Hasareýnona çenli baryp, Hamadyň araçägi bilen demirgazyga tarap uzalýar. Bu demirgazyk tarapydyr.
18 Gündogar tarapy Hawran bilen Damaskyň arasyndaky Gilgady Ysraýyldan aýyrýan Iordan derýasy boýunça uzalyp gidýär. Mundan gündogar deňzine gelip, Tamara çenli ölçäň. Bu gündogar tarapydyr.
19 Günorta tarapy Tamardan Meribakadeş çeşmesine çenli bolup, Müsür derýasyndan Ortaýer deňzine baryp ýeter. Bu günorta tarapydyr.
20 Günbatar tarapy Lebohamadyň garşysyndaky nokada çenli bolan Ortaýer deňzi bolar. Bu günbatar tarapydyr.
21 Bu ýurdy öz araňyzda Ysraýyl tirelerine görä paýlap beriň.
22 Siz bije boýunça ýurdy özüňize, içiňizde ýaşaýan gelmişeklere we olaryň araňyzda doglan çagalaryna mülk hökmünde paýlaň. Ol gelmişekler siziň üçin asly ysraýylly hasaplanmalydyrlar. Olar hem bije boýunça ysraýyl tireleriniň arasynda siziň bilen deň mülk edinerler.
23 Gelmişekler haýsy tiräniň arasynda ýaşaýan bolsa, şol tire hem olara mülk hökmünde paý bölüp berer». Muny Hökmürowan Reb diýýär.




Chapter 48

1 Tireleriň atlary şulardyr: Dan tiresine bir paý berler. Onuň paýy demirgazyk araçäkden başlap, Hetlon ýolunyň ugry bilen Lebohamatdan Hasareýnana çenli, gündogardan günbatara tarap uzalar. Ol paý Damask araçäginde bolup, onuň demirgazygynda Hamat ýerleşýär.
2 Aşer tiresine bir paý berler. Olaryň araçägi dan tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer.
3 Naftaly tiresine bir paý berler. Onuň araçägi aşer tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer.
4 Manaşe tiresine bir paý berler. Onuň araçägi naftaly tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer.
5 Efraýym tiresine bir paý berler. Onuň araçägi manaşe tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer.
6 Ruben tiresine bir paý berler. Onuň araçägi efraýym tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer.
7 Ýahuda tiresine bir paý berler. Onuň araçägi ruben tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer.
8 Ýahuda tiresiniň gündogardan günbatara çenli uzalýan ýerleri sadaka hökmünde Rebbe berler. Onuň ini ýigrimi bäş müň tirsek bolup, uzynlygy gündogardan günbatara çenli paýlanan her bir tiräniň mülküne deň bolsun; mukaddes öý onuň ortasynda bolar.
9 Sadaka hökmünde Rebbe berjek ýeriňiziň uzynlygy ýigrimi bäş müň we ini ýigrimi müň tirsek bolar.
10 Bu ruhanylar üçin mukaddes paý bolar; onuň demirgazyga tarap uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek, günbatara we gündogara tarap ini on müň, günorta tarap uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek bolar. Rebbiň mukaddes öýi onuň ortasynda bolar.
11 Bu paý Maňa ruhanyçylyga bagyş edilen Sadok nesilleri üçindir. Olar öýümiň goramak keşigini çekdiler. Ysraýyl halky ýoldan çykanda, lewiler hem ýoldan çykdylar, emma Sadok nesilleri Maňa wepaly boldular.
12 Lewileriň araçäginiň ýanynda, ýurduň sadaka hökmünde Rebbe beren ýerinden Sadok nesillerine hem aýratyn bir paý degişli bolar. Bu örän mukaddes ýer bolar.
13 Lewileriň paýy bolsa ruhanylaryň araçäginiň garşysynda bolup, uzynlygy ýigrimi bäş müň, ini on müň tirsek bolar. Tutuş uzynlygy ýigrimi bäş müň, ini on müň tirsek bolar.
14 Lewiler ol ýeri satmazlar ýa-da başga ýere çalyşmazlar. Bu ýurduň iň oňat paý ýeridir, ol başga birine geçmez, çünki bu ýer Rebbe bagyş edilendir.
15 Ini bäş müň, uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek bolan artyp galan ýer ýaşamak we açyk meýdan hökmünde şäher üçin umumy ýer bolar. Şäher onuň ortasynda ýerleşer.
16 Onuň ölçegi şeýle bolar: demirgazyk, günorta, gündogar we günbatar taraplaryň her biri dört müň bäş ýüz tirsege deň bolar.
17 Şäheriň açyk meýdanlary bolar: olar demirgazyga, günorta, gündogara we günbatara tarap iki ýüz elli tirsek ölçegde bolar.
18 Mukaddes paýyň araçäginde artyp galan ýeriň gündogar tarapy hem, günbatar tarapy hem on müň tirsek bolar; ol mukaddes paýyň gapdalynda ýerleşer. Onuň hasyly şäheriň işçileri üçin iýmit bolar.
19 Ol ýeri Ysraýylyň ähli tirelerinden bolan şäheriň işçileri ekip bejererler.
20 Siziň sadaka hökmünde Rebbe goýan tutuş paýyňyz dörtburç şekilde bolup, her tarapy ýigrimi bäş müň tirsek bolar; mukaddes paýy şäheriň mülki bilen birlikde sadaka hökmünde berersiňiz.
21 Şäheriň mülki bilen mukaddes paýyň her ýanyndan artyp galan ýer hökümdaryňky bolar. Bu ýerler mukaddes paýa düşen ýigrimi bäş müň tirseklik bölegiň gündogaryndan we günbataryndan ýurduň gündogar we günbatar araçäklerine tarap uzalar. Tirelere düşen paýlar boýunça uzalýan bu iki bölek hökümdaryňky bolar. Hudaýyň öýüniň mukaddes ýeri bilen mukaddes paýy onuň ortasynda bolmalydyr.
22 Lewilere düşen paý bilen şähere düşen paý hökümdara berlen ýerleriň ortasynda galar. Hökümdara beriljek ýerler ýahuda tiresi bilen benýamin tiresiniň araçäkleriniň arasynda bolar.
23 Galan tirelere düşen ýer paýlary: benýamin tiresine bir paý berler. Onuň araçägi gündogardan günbatara çenli uzalyp gider.
24 Şimgon tiresine bir paý berler. Onuň araçägi benýamin tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer.
25 Ysakar tiresine bir paý berler. Onuň araçägi şimgon tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer.
26 Zebulun tiresine bir paý berler. Onuň araçägi ysakar tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer.
27 Gat tiresine bir paý berler. Onuň araçägi zebulun tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer.
28 Gat tiresiniň gündogar araçägi Tamardan gündogara, ol ýerden hem Meribakadeş çeşmesine çenli we Müsür derýasyndan Ortaýer deňzine çenli uzalar.
29 Mülk hökmünde ysraýyl tireleriniň arasynda paýlamaly ýurduňyz şudur, bular olaryň paýlary bolar. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 30–31 Şäheriň çykalgalary şular bolup, olar şäheriň ysraýyl tireleriniň atlaryna görä atlandyrylar. Dört müň bäş ýüz tirsek uzynlykda demirgazyk tarapynyň üç derwezesi bolar: Ruben derwezesi, Ýahuda derwezesi, Lewi derwezesi.
32 Dört müň bäş ýüz tirsek uzynlykda gündogar tarapynyň hem üç derwezesi bolar: Ýusup derwezesi, Benýamin derwezesi, Dan derwezesi.
33 Dört müň bäş ýüz tirsek uzynlykda günorta tarapynyň üç derwezesi bolar: Şimgon derwezesi, Ysakar derwezesi, Zebulun derwezesi.
34 Dört müň bäş ýüz tirsek uzynlykda günbatar tarapynyň üç derwezesi bolar: Gat derwezesi, Aşer derwezesi, Naftaly derwezesi.
35 Şäheriň tutuş töweregi on sekiz müň tirsek bolar. Şol günden başlap, şäheriň ady «Reb ol ýerdedir» bolar.