Danyýel

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12

Chapter 1

1 Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň patyşalygynyň üçünji ýylynda Babyl patyşasy Nebukadnesar öz goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň daş-töweregini gabady.
2 Taňry Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymy hem-de Hudaýyň ybadathanasyndaky gap-gaçlaryň bir bölegini onuň golastyna berdi. Nebukadnesar ol zatlary Şingara getirdi. Ol Hudaýyň ybadathanasyndan getirilen gap-gaçlary öz hudaýlarynyň buthanasyndaky gaznasynda goýdy.
3 Soňra Nebukadnesar özüniň baş gözegçisi Aşpenaza ysraýyllaryň arasyndan patyşanyň we han-begleriň maşgalasyndan bolan ýigitleriň birnäçesini getirmegi buýurdy.
4 Bu ýaş ýigitler bedenleri hiç hili şikessiz, görmegeý, her bir ylymdan baş çykarýan, bilimli, öwrenmäge ukyply we patyşanyň köşgünde hyzmat etmäge mynasyp bolmalydylar. Olara babyllylaryň edebiýaty we dili öwredilmelidi.
5 Patyşa öz gündelik köşk saçagyndan olara bir paý nahar we şerap bölüp berdi. Olar üç ýyl okadylyp, üçünji ýylyň ahyrynda patyşanyň huzurynda hyzmat etmäge getirilmelidiler.
6 Saýlananlaryň arasynda ýahuda tiresinden Danyýel, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa bardy.
7 Baş gözegçi olaryň adyny üýtgetdi. Danyýele Belteşasar, Hananýa Şadrak, Mişaýyla Meýşak, Azarýa Abednego diýip at goýdy.
8 Danyýel özüni haram etmezligi ýüregine düwdi. Şeýdip, ol baş gözegçiden özüniň patyşanyň saçagyndan bölüp berilýän nahardan, şerapdan saklanmagyny haýyş etdi.
9 Baş gözegçiniň nazarynda Hudaý Danyýele merhemet we rehim-şepagat berdi.
10 Baş gözegçi Danyýele: «Men onuň alyhezretleri patyşadan gorkýaryn. Ol siziň nahar we içgi paýyňyzy bölüp berdi ahyryn. Eger siziň ýüzüňiziň özüňiz bilen deň bolan beýleki ýaş ýigitleriňkiden hordygyny görse, ol janymy jähenneme iberer» diýdi.
11 Soňra Danyýel baş gözegçiniň özüniň, Hananýanyň, Mişaýylyň we Azarýanyň üstünden goýan sakçysyndan haýyş edip, şeýle diýdi:
12 «Öz gullaryňy on gün synap göräý. Goý, bize iýmek üçin gök-önümler, içmek üçin bolsa suw berilsin.
13 Şundan soň sen biziň ýüzümizi köşk saçagyndan iýýän beýleki ýigitleriň ýüzi bilen deňeşdirip bilersiň we öz gullaryňa näme etmegi isleseň, gözel göwnüň».
14 Şeýdip, sakçy bu pikir bilen ylalaşyp, olary on gün synap gördi.
15 On günden soň bu dört ýigit köşk saçagyndan naharlanýanlaryň hemmesinden has görmegeý we daýaw göründiler.
16 Şeýdip, sakçy olaryň köşk saçagyndan iýmeli naharyny, içmeli şerabyny özüne alyp galyp, olara diňe gök-önümler berdi.
17 Hudaý bu dört ýigide edebiýatyň we ylmyň her bir ugruny öwrenmäge bilim bilen ukyp berdi. Danyýel her bir görlen düýşi we görnüşleri ýorup bilýärdi.
18 Patyşanyň olary getirmegi buýran möhleti gelip ýetende, baş gözegçi olary Nebukadnesaryň huzuryna getirdi.
19 Patyşa olaryň ählisi bilen tanyşdy. Olaryň hemmesiniň içinde Danyýel, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa dagy bilen deňeşdirer ýalysy tapylmady. Şonuň üçin patyşanyň hyzmatyna olar bellendiler.
20 Patyşa her bir ylym ýa-da düşünje bilen baglanyşykly mesele hakda soranda, öz patyşalygyndaky ähli jadygöýlerdir palçylardan olaryň on esse artykdygyny gördi.
21 Kureş patyşanyň şalygynyň birinji ýylyna çenli Danyýel şol ýerde köşkde hyzmat etdi.




Chapter 2

1 Nebukadnesar özüniň patyşalygynyň ikinji ýylynda bir düýş gördi. Muňa onuň ýüregi howsala düşüp, ukusy gaçdy.
2 Onsoň patyşa düýşüni ýordurmak üçin jadygöýleri, palçylary, gözbagçylary we müneçjimleri toplap getirmegi buýurdy. Olar gelip, patyşanyň huzurynda durdular.
3 Patyşa olara: «Men bir düýş gördüm. Düýşüň ýorgudyny bilmek islegi ýüregimi howsala salýar» diýdi.
4 Akyldarlar arameý dilinde patyşa ýüzlenip: «Patyşa baky ýaşasyn! Gören düýşüňizi öz gullaryňa aýt, biz onuň näme aňladýandygyny ýorup bereli» diýdiler.
5 Patyşa akyldarlara şeýle jogap berdi: «Men şeýle karara geldim: eger-de siz meniň gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp bermeseňiz, siziň el-aýaklaryňyzy çapyp, öýleriňizi weýran etdirerin.
6 Emma siz maňa gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp berseňiz, onda siz menden sowgatlar we sylag-serpaýlar alyp, beýik hormata mynasyp bolarsyňyz. Şonuň üçin hem maňa gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp beriň».
7 Olar oňa ýene-de: «Ilki bilen, goý, patyşamyz öz gullaryna gören düýşüni aýtsyn, biz hem onuň ýorgudyny aýdaly» diýip jogap berdiler.
8 Patyşa: «Meniň kararymyň çynlakaýdygyny görüp, siziň wagt utmak isleýändigiňizi anyk bilýärin.
9 Eger siz maňa gören düýşümi aýdyp bermeseňiz, size ýeke-täk bir höküm garaşýandyr. Wagtyň geçmegi bilen siz meniň pikirim üýtgär öýdüp, maňa ýalan we biderek zatlar aýtmak üçin öz araňyzda dilleşipsiňiz. Şoňa görä-de gören düýşümi maňa siziň özüňiz aýdyp berersiňiz. Şonda siziň onuň ýorgudyny aýdyp biljekdigiňize gözüm ýeter» diýdi.
10 Akyldarlar patyşa şeýle diýdiler: «Ýer ýüzünde seniň edýän bu talabyňyň hötdesinden hiç kim gelip bilmez! Dogrusy, munuň ýaly işi beýik we güýçli patyşalaryň hiç biri-de jadygöýden ýa palçydan, ýa-da müneçjimden soramandyr.
11 Patyşanyň soraýan bu işi juda agyr. Muny hudaýlardan başga hiç kim patyşa äşgär edip bilmez, olaryň bolsa mesgeni ynsanlar arasynda däldir».
12 Patyşa muny eşidip, gazap atyna atlandy. Ol Babylyň ähli akyldarlaryny öldürmegi buýurdy.
13 Akyldarlaryň hemmesiniň öldürilmelidigi barada perman çykdy. Olar Danyýeli we onuň ýoldaşlaryny hem öldürmek üçin, olaryň gözlegine çykdylar.
14 Patyşanyň janpenalarynyň başlygy Arýok Babylyň akyldarlaryny öldürmäge çykanda, Danyýel oňa akylly-başly hem parasatlylyk bilen sala saldy.
15 Ol köşk emeldary Arýokdan: «Näme üçin patyşanyň permany beýle gazaply?» diýip sorady. Arýok bolan wakany Danyýele düşündirdi.
16 Şonda Danyýel içeri girip, patyşanyň düýşüniň ýorgudyny aýtmak üçin özüne wagt berilmegini haýyş etdi.
17 Onsoň Danyýel öýüne baryp, bu ahwalaty ýoldaşlary Hananýa, Mişaýyla we Azarýa habar berdi.
18 Bu syryň açylmagy üçin Gökdäki Hudaýdan rehim-şepagat sorap dileg etmeklerini Danyýel olardan haýyş etdi. Şonda Danyýel we onuň ýoldaşlary Babylyň akyldarlary bilen birlikde heläk boljak däldiler.
19 Soňra bu syr Danyýele gijeki görnüş arkaly aýan boldy. Danyýel Gökdäki Hudaýa alkyş aýtdy.
20 Ol şeýle diýdi: «Owaldan ebedä çenli Hudaýyň adyna alkyş ýagsyn, çünki paýhas we gudrat Oňa mahsusdyr.
21 Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär.
22 Çuň we gizlin syrlary Ol açýar, tümlükde näme bolýanyny Ol bilýär, Onuň Özi nurda ýaşaýar.
23 Eý, ata-babalarymyň Hudaýy! Saňa şöhrat we öwgi bolsun! Çünki maňa paýhas we gudrat berdiň, Senden dilän dilegimizi maňa aýan etdiň, patyşanyň buýran zadyny bize açyp berdiň».
24 Soňra Danyýel patyşanyň Babylyň akyldarlaryny öldürmek üçin bellän adamy Arýogyň ýanyna bardy. Danyýel oňa: «Babylyň akyldarlaryna degme. Meni patyşanyň huzuryna elt, men onuň gören düýşüni ýorup berjek» diýdi.
25 Arýok ony derrew patyşanyň huzuryna eltip: «Patyşahym, Ýahudadan ýesir edip getirilenleriň arasyndan siziň gören düýşüňizi ýorup biljek bir adam tapdym» diýdi.
26 Patyşa Belteşasar diýlip atlandyrylan Danyýelden: «Sen maňa nähili düýş görenimi aýdyp, ony ýorup bilersiňmi?» diýip sorady.
27 Danyýel patyşa: «Patyşanyň soraýan bu syryny hiç bir akyldar-da, palçy-da, jadygöý-de, bilgiç-de açyp bilmez.
28 Emma göklerde gizlin syrlary açýan Hudaý bar. Ahyrky günlerde näme boljagyny Nebukadnesar patyşa Ol bildirdi. Ýatyrkaň düýşüňde gören görnüşleriň şular bolmaly:
29 Eý, patyşahym, sen ýatyrkaň hyýalyňa mundan soňra nämeler bolarka diýen pikir geldi we syrlary Aýan ediji muny saňa äşgär etdi.
30 Maňa bolsa bu syr başga adamlardan has akyllydygym üçin açylman, eýsem munuň ýorgudy patyşa aýan edilsin, ol hem öz ýüregindäki pikirlere düşünsin diýlip aýan boldy.
31 Eý patyşahym, ine, sen düýşüňde beýik bir heýkel gördüň. Ol heýkel şeýle äpetdi, şöhle saçýardy. Ol seniň öňüňde durdy we onuň daş görnüşi gorkunçdy.
32 Heýkeliň kellesi sap altyndan, döşi bilen gollary kümüşden, bili bilen butlary bürünçdendi.
33 Baldyrlary demirdendi, aýaklarynyň ýarysy demirden, ýarysy hem toýundandy.
34 Sen seredip durkaň, ynsan eli degmezden bir daş gopup gaçdy, ol heýkeliň demirden we toýundan bolan aýaklaryna uruldy-da, olary çym-pytrak etdi.
35 Soňra demir, toýun, bürünç, kümüş we altyn harman jaýdaky saman ýaly kül-peýekun boldular. Şemal olary pytradyp taşlanda, olaryň yzy-sory galmady. Emma heýkele urlan daş beýik daga öwrülip, bütin ýer ýüzüni doldurdy.
36 Görlen düýş, ine, şudur. Indi bolsa biz ony patyşa ýorup bereli.
37 Eý, siziň alyhezretiňiz, siz şalaryň şasysyňyz. Gökdäki Hudaý saňa şalyk, güýç, gudrat we şöhrat berdi.
38 Ähli ýerde ýaşaýan ynsanlary, ýabany haýwanlary, gökdäki guşlary seniň ygtyýaryňa tabşyrdy. Olaryň hemmesiniň üstünden seni hökümdar goýdy. Sap altyndan bolan kelle bu sensiň!
39 Seniň patyşalygyňdan soňra seniňkiden pes bolan başga bir patyşalyk peýda bolar. Soňra tutuş ýer ýüzüne hökümdarlyk etjek üçünji bir bürünç patyşalyk geler.
40 Dördünji patyşalyk demir ýaly güýçli bolar, çünki demriň ähli zady mynjyradyşy ýaly, ol hem bularyň hemmesini gyryp tükeder.
41 Aýaklaryň we barmaklaryň ýarysynyň toýundan, ýarysynyň bolsa demirdendigini gördüň. Bu bolsa bölünen patyşalygy aňladýar. Demriň toýun bilen garylandygyny görşüň ýaly, onda biraz demriň güýji bolar.
42 Aýaklaryň barmaklarynyň ýarysynyň demirden, ýarysynyň hem toýundan bolmagy, bu patyşalygyň bir böleginiň güýçli, bir böleginiň bolsa ejiz boljakdygyny aňladýar.
43 Görşüň ýaly, demriň toýun bilen garylmagy halklaryň gyz alşyp-berşip, biri-birleri bilen garyşjakdyklaryny aňladýar. Emma demriň toýun bilen garylyp bilmeýşi ýaly, olar hem biri-birleri bilen garyşyp bilmezler.
44 Şol patyşalaryň döwründe gökdäki Hudaý hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.
45 Seniň özüňiň görşüň ýaly, adam eli degmezden dagdan gopan daş demri, bürünji, toýny, kümşi we altyny çym-pytrak etdi. Beýik Hudaý mundan soň nämeleriň boljagyny patyşa aýan etdi. Bu düýş dogrudyr we onuň ýorgudy-da hakykatdyr!».
46 Soňra Nebukadnesar patyşa ýere ýüzin düşüp, Danyýele tagzym etdi. Oňa galla sadakasyny we ýakymly ysly tütetgi hödür etmeklerini buýurdy.
47 Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary Aýan edijidir» diýdi.
48 Soňra patyşa Danyýele ýokary wezipe berdi, oňa köp gymmatbaha sowgatlar etdi. Ony tutuş Babyl welaýatyna ýolbaşçy belledi we ähli Babyl akyldarlaryna baştutan goýdy.
49 Danyýel patyşadan haýyş edip, Şadragy, Meýşagy we Abednegony Babyl welaýatynyň ýokary wezipelerine belletdi, emma Danyýeliň özi köşkde galdy.




Chapter 3

1 Nebukadnesar patyşa bir altyn heýkel ýasatdy. Onuň boýy altmyş, ini alty tirsekdi. Patyşa heýkeli Babyl welaýatynyň Deýra diýen düzlüginde dikdi.
2 Soňra Nebukadnesar patyşa häkimlere, serdarlara, wezirlere, geňeşçilere, hazynadarlara, kazylara, kanun gözegçilerine we welaýatyň ähli han-beglerine çapar ýollap, olara heýkeliň açylyş dabarasyna gatnaşmaklaryny buýurdy.
3 Şeýlelikde häkimler, serdarlar, wezirler, geňeşçiler, hazynadarlar, kazylar, kanun gözegçileri we welaýatyň ähli han-begleri Nebukadnesar patyşanyň diken heýkeliniň açylyş dabarasyna ýygnanyşdylar. Olar Nebukadnesaryň diken heýkeliniň öňünde durkalar,
4 jarçy batly ses bilen şuny yglan etdi: «Eý halklar, milletler, uruglar! Size şeýle buýruk berilýär:
5 Surnaýyň, tüýdügiň, barbatyň, üçburç barbatyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyňyza Nebukadnesar patyşanyň diken altyn heýkeliniň öňünde ýere ýüzin düşüp sežde ediň.
6 Ýere ýüzin düşüp sežde etmedik adam duran ýerinde ýanyp duran kürä taşlanjakdyr».
7 Şeýlelikde, surnaýyň, tüýdügiň, barbatyň, üçburç barbatyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesi eşidilen badyna ähli halklar, milletler we uruglar ýere ýüzin düşüp, Nebukadnesar patyşanyň diken altyn heýkeline sežde etdiler.
8 Edil şol wagt babyllylardan käbirleri patyşanyň huzuryna gelip, ýewreýleri ýamanladylar.
9 Olar Nebukadnesar patyşa şeýle diýdiler: «Patyşa baky ýaşasyn!
10 Eý, patyşa, sen surnaýyň, tüýdügiň, barbatyň, üçburç barbatyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesi eşidilen badyna ähli kişi ýere ýüzin düşüp, altyn heýkele sežde etmeli diýip buýruk berdiň.
11 Ýere ýüzin düşüp sežde etmedigiň ýanyp duran kürä taşlanjakdygyny duýdurypdyň.
12 Ynha, Babyl welaýatynda seniň ýokary wezipelere bellän Şadrak, Meýşak we Abednego atly ýewreýleriň bar. Ine, patyşahym, şol adamlar seniň buýrugyňa boýun egmeýärler. Olar seniň hudaýlaryňa gulluk etmeýärler we seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeýärler».
13 Şonda Nebukadnesar gahar-gazaba münüp, Şadragy, Meýşagy we Abednegony getirmeklerini buýurdy. Şeýdip, olary patyşanyň huzuryna getirdiler.
14 Nebukadnesar olara: «Eý, Şadrak, Meýşak, Abednego, siz hakykatdan hem meniň hudaýlaryma gulluk etmeýärsiňizmi, diken altyn heýkelime sežde etmeýärsiňizmi?
15 Entek hem bir pille, siz surnaýyň, tüýdügiň, barbatyň, üçburç barbatyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyňyza ýüzüňizi ýere berip, meniň diken heýkelime sežde etmäge taýýar bolsaňyz ne ýagşy. Emma sežde etmekden boýun gaçyrsaňyz, duran ýeriňizde ýanyp duran kürä taşlanarsyňyz. Sizi meniň elimden halas edip biljek hudaý barmyka?» diýdi.
16 Şadrak, Meýşak we Abednego Nebukadnesar patyşa şeýle jogap berdiler: «Bu ýagdaýda özümizi senden goramagyň geregi ýok.
17 Eý, patyşahym, bizi ýanyp duran küreden halas edip bilýän Hudaý – bu biziň gulluk edýän Hudaýymyzdyr, Ol bizi seniň eliňden halas eder.
18 Ýöne Ol bizi halas etmese-de, eý, patyşahym, şuny bilip goýgun, biz seniň hudaýlaryňa gulluk etmeris, seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeris».
19 Şundan soň Şadraga, Meýşaga we Abednego garşy Nebukadnesaryň gahar-gazaby ot bolup tutaşdy. Gahardan ýaňa hatda onuň ýüzi gamaşyp gitdi. Ol ýanyp duran küräni adatdakysyndan hem ýedi esse artyk gyzdyrmaklaryny buýurdy.
20 Şeýle hem ol goşunyndaky iň güýçli esgerlere Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň el-aýagyny daňyp, olary ýanyp duran kürä taşlamaklaryny buýurdy.
21 Şeýlelikde, uzyn köýnekli, donly, selleli we beýleki geýim-gejimli halda el-aýaklaryny daňyp, olary ýanyp duran kürä taşladylar.
22 Patyşanyň buýrugynyň juda berkdigi sebäpli küre çendenaşa gyzdyrlandygy üçin, Şadragy, Meýşagy, Abednegony oda taşlan adamlar onuň howruna ýandylar.
23 Şadrak, Meýşak we Abednego bolsa daňlyp, ýanyp duran küräniň içine ýykyldylar.
24 Şol wagt Nebukadnesar patyşa gorkudan ýaňa aňk bolup, haýran galyp, çaltlyk bilen ör-boýuna galdy. Ol geňeşçilerine ýüzlenip: «Biziň daňyp, oduň içine atanymyz üç adam dälmidi näme?» diýdi. Olar: «Dogry, eý, patyşahym!» diýip jogap berdiler.
25 Patyşa: «Emma men oduň içinde gezip ýören, el-aýagy çözülen dört adamy görýärin. Olara hiç hili zeper ýetmändir we olaryň dördünjisiniň keşbi hudaýlaryň biriniňkä meňzeýär» diýdi.
26 Onsoň Nebukadnesar ýanyp duran küräniň agzyna golaý baryp: «Eý, Beýik Hudaýyň sadyk gullary Şadrak, Meýşak we Abednego, daşary çykyň! Bäri geliň!» diýdi. Şeýdip, Şadrak, Meýşak we Abednego oduň içinden çykdylar.
27 Emirler, serdarlar, häkimler we patyşanyň geňeşçileri üýşüp, oduň bu adamlara hiç hili zyýan ýetirmändigini gördüler. Olaryň başlaryndaky saçlary-da çirkizilmändi, donlaryna-da zeper ýetmändi, hatda olaryň üstüne oduň ysy hem urmandy.
28 Nebukadnesar şeýle diýdi: «Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna alkyş bolsun! Perişdesini iberip, Özüne bil baglan gullaryny halas etdi. Olar patyşanyň buýrugyna boýun bolmadylar. Özleriniň Hudaýyndan başga hudaýa gulluk ýa sežde etmezlik üçin, janlaryny howp astyna saldylar.
29 Şonuň üçin hem men perman çykarýaryn: Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna garşy küpür geplän her bir halkyň, milletiň ýa-da urugyň el-aýagy çapylyp, öý-öwzary weýran ediljekdir. Çünki şunuň ýaly halas edip biljek başga hiç bir hudaý ýokdur».
30 Soňra patyşa Şadragy, Meýşagy we Abednegony Babyl welaýatynda has-da ýokary wezipelere belledi. Nebukadnesar patyşanyň ikinji düýşi
31 Nebukadnesar patyşa ýer ýüzünde ýaşaýan ähli halklara, milletlere we uruglara şeýle habary iberdi: «Öýleriňiz abadan bolsun!
32 Men size Beýik Hudaýyň özüme görkezen alamatlarydyr mugjyzalaryny yglan etmegi makul bildim.
33 Onuň alamatlary nähili beýik! Mugjyzalary hem nähili güýçli! Onuň patyşalygy ebedi şalykdyr! Hökümdarlygy nesilden-nesle dowam eder».




Chapter 4

1 Men Nebukadnesar öýümde rahat, köşgümde şadyhorramlykda ýaşaýardym.
2 Men bir düýş gördüm, ol meni gaty gorkuzdy. Ýatyrkam hyýallarym we gören görnüşlerim meni howsala saldy.
3 Şonda men bu düýşi ýordurmak üçin Babylyň ähli akyldarlaryny huzuryma getirmeklerini buýurdym.
4 Onsoň jadygöýler, palçylar, müneçjimler we bilgiçler geldiler. Men olara gören düýşümi gürrüň berdim, emma olar ony ýorup bilmediler.
5 Ahyry meniň hudaýymyň adyna görä Belteşasar diýlip atlandyrylan, mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylan Danyýel huzuryma geldi. Men oňa düýşümi gürrüň berdim:
6 «Eý, jadygöýleriň başlygy Belteşasar, seniň mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylandygyňy bilýärin. Islendik bir gizlin syry açmak seniň üçin kyn däldir. Meniň gören düýşüme gulak goý-da, onuň ýorgudyny maňa aýdyp ber.
7 Ine, meniň ýatyrkam gören düýşüm: Ýeriň ortasynda bir agaç bardy, onuň boýy diýseň gaty belentdi.
8 Agaç belende ösüp, has güýçlendi, başy baryp, gök asmana direndi, görünýärdi ol dünýäniň çar künjünden.
9 Onuň ýapraklary şeýle gözeldi, diýseň bolelin miwesi bardy. Ol hemmelere iýmäge ýetjekdi, ýabany haýwanlar onuň saýasynda ýatýardy, gögüň guşlary şahasynda höwürtgeleýärdi, ähli janly-jandarlar şondan iýmitlenýärdi.
10 Hyýalyma ýatyrkam gören düýşüm üznüksiz gelip durdy, ine, gökden bir gözegçi mukaddes barlyk inip gelýärdi.
11 Ol batly ses bilen gygyryp, şeýle diýdi: „Agajy kesiň, şahalaryny döwüň, ýapraklaryny ýoluň, miwesini pytradyň. Goý, haýwanlar onuň aşagyndan gaçsynlar, guşlar onuň şahasyndan uçsunlar.
12 Emma onuň köküni we damaryny daşyna demir we bürünç aýlap, meýdan otlarynyň arasynda goýuň. Goý, ol gögüň çygy bilen ýuwunsyn. Çöl haýwanlary bilen birlikde ýerdäki otlardan paý alsyn.
13 Onuň ynsan ýüregi alnyp, deregine haýwan ýüregi berilsin. Onuň üstünden ýedi pasyl aýlansyn.
14 Bu höküm gözegçileriň karary bilen çykdy. Bu çözgüt mukaddesleriň buýrugy bilen berildi. Ähli janly-jandarlar şuny bilsin: Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaý höküm sürýär. Ol patyşalygy Öz islän adamyna berýär. Ynsanyň iň pesini onuň üstünden goýýar“.
15 Ynha, men Nebukadnesaryň gören düýşi şudur! Eý, Belteşasar, indi munuň ýorgudyny maňa aýan et, çünki patyşalygymdaky akyldarlaryň hiç biri bu düýşi ýorup bilmedi. Ýöne sen başararsyň, çünki sen mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylansyň».
16 Şonda Belteşasar, ýagny Danyýel bir salym agyr pikire çümdi. Pikirleri ony howsala saldy. Patyşa: «Belteşasar, seni agyr ünjä goýan bu düýş we onuň ýorgudy bolaýmasyn» diýdi. Belteşasar oňa şeýle jogap berdi: «Eý, jenabym, goý, bu düýş seni ýigrenýänleriň, onuň ýorgudy bolsa duşmanlaryňyň başyna gelsin!
17 Seniň gören bu agajyň, ýagny belent we güýçli, boýy asmana ýetip duran, dünýäniň çar künjünden hem görnüp duran,
18 owadan ýapraklary, hemmelere ýetjek diýseň bol miwesi bolan, kölegesinde ýabany haýwanlaryň ýatýan, şahalarynda gögüň guşlarynyň höwürtgeleýän agajy,
19 eý, patyşa, bu agaç sensiň! Sen ulalyp güýçlendiň. Beýikligiň gitdigiçe ösüp, göge ýetdi, hökümdarlygyň dünýäniň çar künjegine ýaýrady.
20 Eý, patyşa, sen bir mukaddes gözegçiniň gökden aşak inip gelýänini gördüň. Ol: „Agajy kesip, ony ýok ediň, emma onuň köküniň we damarynyň daşyna demir hem bürünç aýlap, meýdan otlarynyň içinde goýuň. Üstünden ýedi pasyl geçýänçä, goý, ol gögüň çygy bilen ýuwunsyn we çöl haýwanlary bilen bile paý alsyn“ diýdi.
21 Eý, patyşahym, düýşüň ýorgudy şudur: Beýik Hudaýyň emr eden hökümi geljekde seniň başyňdan iner.
22 Sen ynsanlar arasyndan kowlup, ýabany haýwanlar bilen ýaşarsyň. Öküz ýaly ot iýersiň, gögüň çygy bilen ýuwnarsyň. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we ony Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçäň, seniň üstüňden ýedi pasyl aýlanar.
23 Agajyň köküniň we damarynyň goýulmagy barada buýruk berlişi ýaly, sen Gökdäkiniň hökümdarlygyna göz ýetireniňden soň, patyşalygyň täzeden dikeldiler.
24 Şonuň üçin hem, eý, şahym, meniň maslahatymy kabul et: Günäleriňden adalatyň bilen, ýazyklaryňdan garyplara rehim etmegiň bilen dyn. Belki şonda asudalygyň möhleti uzar».
25 Bularyň hemmesi Nebukadnesar patyşanyň başyna geldi.
26 On iki aý geçenden soň, ol Babylyň şa köşgüniň ýokarsynda gezmeläp ýördi.
27 Patyşa: «Bu patyşa paýtagty bolsun diýip, şan-şöhratym üçin öz gudratly güýjüm bilen guran beýik Babylym dälmi?» diýdi.
28 Entek patyşanyň sözleri agzyndaka, gökden bir owaz geldi: «Eý, Nebukadnesar patyşa, saňa ine, şu yglan edilýär: Patyşalyk senden alyndy!
29 Sen ynsanlar arasyndan kowlup, ýabany haýwanlar bilen ýaşarsyň. Öküzler ýaly ot iýersiň. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we ony Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçäň, seniň üstüňden ýedi pasyl aýlanar».
30 Nebukadnesaryň garşysyna çykarylan bu höküm şol wagtyň özünde amala aşdy. Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, öküzler ýaly ot iýdi, onuň endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy. Saçy bürgüdiň ýelegi ýaly, dyrnaklary guşlaryň penjesi ýaly ösdi.
31 Bellenen möhlet dolanda, men Nebukadnesar gözlerimi göge dikdim we akylyma geldim. Men Beýik Hudaýa alkyş aýtdym. Baky Ýaşaýany şöhratlandyrdym, hormatladym. Onuň hökümdarlygy ebedi hökümdarlykdyr. Patyşalygy nesilden-nesle dowam eder.
32 Dünýäniň ähli ilaty hiç zat saýylar. Gögüň goşunyna hem, ýer ýüzüniň ilatyna hem Öz islän zadyny eder. Onuň elini saklap, «Seniň edýäniň näme?» diýjek hiç kim ýokdur.
33 Şol wagt men akylyma geldim. Patyşalygymyň şöhraty üçin meniň hormatym we mertebäm täzeden dikeldildi. Geňeşçilerim we törelerim meniň golastyma dolanyp geldiler. Men ýene-de patyşalygyma gowuşdym. Şöhratyma ýene-de şöhrat goşuldy.
34 Indi men Nebukadnesar gögüň Patyşasyny öwgi bilen beýgeldip hormatlaýaryn. Çünki Onuň ähli işleri hakykat, ýollary adalatdyr. Tekepbirleri peseltmäge Onuň güýji ýetýändir.




Chapter 5

1 Belşasar şalyk tagtyna çykandan soň, töreleriniň müňüsi üçin uly meýlis gurady we olar bilen bile şerap içdi.
2 Belşasar şerapdan keýplenip, atasy Nebukadnesaryň Iýerusalimdäki ybadathanadan alyp gaýdan altyn we kümüş gap-gaçlaryny getirmekligi buýurdy. Patyşa, onuň töreleri, aýallary we gyrnaklary şeraby şolara guýup içmekçidiler.
3 Şeýdip, Iýerusalimdäki ybadathanadan Hudaýyň öýünden alnyp gaýdylan altyn gap-gaçlary getirdiler. Patyşa, onuň töreleri, aýallary we gyrnaklary şeraby şolara guýup içdiler.
4 Olar şerap içip, altyndan, kümüşden, bürünçden, demirden, agaçdan we daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladylar.
5 Şol pursatda bir ynsan eliniň barmaklary peýda bolup, çyradanyň gapdalyndaky şa köşgüniň diwarynyň ýüzüne bir zatlar ýazmaga başlady. Patyşanyň ýazýan ele gözi düşdi.
6 Patyşanyň ýüzünde reňk-pet galmady, pikirleri ony howsala saldy. Onuň süňňi saňňyldap, dyzlary biri-birine degip sandyrap başlady.
7 Patyşa: «Palçylary, müneçjimleri we bilgiçleri getiriň» diýip, batly ses bilen gygyrdy. Ol Babyl akyldarlaryna ýüzlenip: «Kimde-kim şu ýazgyny okap, onuň manysyny düşündirip berse, gyrmyzy don ýapylyp, onuň boýnuna altyn zynjyr dakylar we patyşalykda ol meniň sag elim bolar» diýdi.
8 Onsoň patyşanyň ähli akyldarlary içeri girdiler, emma olar patyşa bu ýazgyny ne okap berip, ne-de onuň manysyny düşündirip bildiler.
9 Mundan soň Belşasar patyşa gaty howsala düşdi, onuň ýüzünde reňk-pet galmady, töreleri hem aljyraňňylyga düşdüler.
10 Patyşanyň hem-de onuň töreleriniň sesini eşidip, patyşanyň ejesi meýlis jaýyna geldi. Patyşanyň ejesi şeýle diýdi: «Patyşa baky ýaşasyn! Pikirleriň seni howsala salmasyn, ýüzüňiň reňki solmasyn.
11 Seniň patyşalygyňda mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylan bir adam bar. Ataňyň döwründe ol nuranalygy, düşünjeliligi, hudaýlar ýaly paýhaslylygy bilen özüni tanatdyrdy. Ataň Nebukadnesar patyşa ony jadygöýleriň, palçylaryň, müneçjimleriň we bilgiçleriň üstünden baştutan edip goýdy.
12 Patyşanyň Belteşasar diýip at beren bu Danyýeline düýşleri ýormakda, tapmaçalary bilmekde, kyn ýagdaýdan çykalga tapmakda ýiti aň, bilim we düşünje berlipdir. Indi Danyýeli çagyrt, bu ýazgynyň manysyny saňa ol aýdyp berer».
13 Şondan soň Danyýeli patyşanyň huzuryna getirdiler. Patyşa Danyýele şeýle diýdi: «Patyşa atamyň Ýahudadan ýesir edip getiren Danyýeli senmi?
14 Men sende hudaýlaryň ruhunyň bardygyny, saňa ýiti aň, düşünje we beýik paýhaslylyk berlendigini eşitdim.
15 Bu ýazgyny okap, onuň näme aňladýandygyny maňa aýdyp bermekleri üçin akyldarlary, palçylary huzuryma getirdiler, emma olar munuň näme aňladýandygyny düşündirip bilmediler.
16 Ýöne seniň düýşleri ýorup, kyn meseleleri çözüp bilýändigiňi eşitdim. Indi sen bu ýazgyny okap, onuň manysyny maňa düşündirip berseň, saňa gyrmyzy don ýapylar, boýnuňa altyn zynjyr dakylyp, patyşalykda meniň sag elim bolarsyň».
17 Şonda Danyýel patyşa şeýle jogap berdi: «Peşgeşleriň, goý, özüňe galsyn, sylag-serpaýlaryňy-da başga birine ber! Ýöne men ýazgyny okap, manysyny saňa düşündirip bereýin.
18 Eý, patyşa, Beýik Hudaý seniň ataň Nebukadnesara patyşalyk, beýiklik, şan-şöhrat we hormat berdi.
19 Hudaýyň oňa beren beýikliginden ýaňa ähli halklar, milletler we uruglar ondan gorkup sandyraşýardylar. Ol islän adamyny öldürip, islän kişisini-de diri goýýardy. Halanyny beýgeldip, halanyny-da peseldýärdi.
20 Emma ol doňýürek bolup, tekepbirlik bilen gopbamsy hereket edende, patyşalyk tagtyndan düşürildi we şöhraty elinden alyndy.
21 Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, aňy haýwan aňyna öwrüldi. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we patyşalygy Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçä, ol ýabany eşekler bilen ýaşady, öküzler ýaly ot iýdi, endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy.
22 Emma sen, onuň ogly Belşasar, bularyň baryny bilip durkaňam ýüregiňi pespäl tutmadyň!
23 Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.
24 Şonuň üçin hem Ol bir el goýberip, şeýle ýazgyny ýazdyrdy.
25 Ýazylan ýazgy şudur: MENE, MENE, TEKEL we PARSIN.
26 Bu sözleriň manysy şeýle: MENE Hudaý seniň patyşalygyňyň möhletini hasaplap, ony soňlady.
27 TEKEL sen terezide çekildiň we ýeňil çykdyň.
28 PERES patyşalygyň bölünip, madaýlara we parslara berildi».
29 Şundan soň Belşasaryň buýrugy boýunça Danyýele gyrmyzy don ýapdylar, boýnuna altyn zynjyr dakdylar we ony patyşanyň sag eli diýip jar etdiler.
30 Babyl patyşasy Belşasar şol gije öldürildi.
31 Patyşalygy altmyş iki ýaşly madaýly Darýuş eline aldy.




Chapter 6

1 Darýuş öz patyşalygynyň üstünden ýüz ýigrimi sany häkim bellemegi makul bildi. Olar tutuş patyşalygyň üstünden garamalydylar.
2 Bu häkimleriň hem üstünden sereder ýaly üç sany wezir goýdy. Patyşany alada goýmaz ýaly häkimler bu wezirlere hasabat bermelidiler. Üç weziriň biri hem Danyýeldi.
3 Özüniň ýiti zehini bilen Danyýel derrew beýleki wezirleriň we häkimleriň ählisinden tapawutlandy. Patyşa ony tutuş patyşalygyň üstünden garaýan edip bellemegiň niýetindedi.
4 Şeýlelikde, wezirler we häkimler patyşalyk işlerinde Danyýeliň üstünden arz eder ýaly bahana gözlemäge başladylar. Emma olar arz eder ýaly ondan hiç hili ýazyk tapmadylar, çünki Danyýel wepalydy. Ondan hiç hili ýalňyşlyk ýa ýazyk tapylmady.
5 Ol adamlar: «Danyýele garşy onuň Hudaýynyň kanuny bilen baglanyşykly bir zatlar tapaýmasak, ondan başga aýyp tapyp bilmeris» diýişdiler.
6 Onsoň ol wezirler, häkimler dil düwşüp, patyşanyň ýanyna geldiler we oňa: «Darýuş patyşa baky ýaşasyn!
7 Patyşalygyň ähli wezirleri, serdarlary, häkimleri, geňeşçileri we emirleri patyşanyň bir perman çykaryp, ony güýje girizmegi barada özara maslahatlaşdylar. Eý, patyşahym, kimde-kim otuz günüň dowamynda senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edip ýüz tutsa, ýolbarsly çukura taşlansyn.
8 Eý, şahym, madaýlaryň we parslaryň ýatyrylmajak kanuny hökmünde hiç wagt üýtgedilmez ýaly, şu karary tassykla we permana gol goý» diýdiler.
9 Şeýdip, Darýuş patyşa bu permana we karara gol çekdi.
10 Permana gol çekilenini bilenden soň, Danyýel öýüne gaýtdy. Onuň ýokarky otagynyň penjireleri Iýerusalime tarap bakýardy. Danyýel öňki edişi ýaly, dyzyna çöküp, günde üç gezek öz Hudaýyna dileg edýärdi we Onuň öňünde şükür edýärdi.
11 Şonda dil düwşen adamlar gelip, Danyýeliň öz Hudaýyna dileg edip ýalbaryp oturanyny gördüler.
12 Olar patyşanyň ýanyna baryp, onuň permany hakda söz açyp: «Eý, patyşahym! Otuz günüň içinde senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edeniň ýolbarsly çukura taşlanjakdygy baradaky permana gol çekmänmidiňiz näme?» diýdiler. Patyşa olara: «Madaýlaryň we parslaryň ýatyrylmajak kanuny hökmünde bu söz dogrudyr» diýip jogap berdi.
13 Olar: «Şahym, Ýahudadan ýesir edilip getirilenleriň biri bolan Danyýel seni-de, seniň möhür basan permanyňy-da äsgermän, günde üç gezek dileg edýär» diýip, patyşa habar berdiler.
14 Bu sözleri eşidip, patyşa agyr ünjä batdy. Ol Danyýeli halas etmegi ýüregine düwdi. Hatda Gün batýança, ony halas etmäge çalyşdy.
15 Şol wagt adamlar üýşüp, patyşanyň ýanyna geldiler we oňa: «Eý, şahym, bilip goýgun, madaý we pars kanunyna görä, patyşanyň tassyk eden karary we permany üýtgedilmeli däldir» diýdiler.
16 Mundan soň patyşa Danyýeli getirip, ýolbarsly çukura taşlamagy buýurdy. Patyşa Danyýele: «Goý, seni wepalylyk bilen gulluk edýän Hudaýyň halas etsin» diýdi.
17 Bir daşy getirip, çukuryň agzynda goýdular. Danyýele degişli hiç zat üýtgedilmesin diýip, patyşa özüniň we töreleriniň möhürli ýüzügi bilen daşy möhürledi.
18 Onsoň patyşa köşgüne gitdi. Oňa göwnüni göterer ýaly hiç zat getirilmedi we ol gijesini agyz bekläp geçirdi. Onuň gözüne uky gelmedi.
19 Säher bilen daň atan badyna patyşa turup, ýolbarsly çukura tarap howlukdy.
20 Ol çukura ýakynlaşanda, naýynjar ses bilen Danyýele: «Eý, diri Hudaýyň guly Danyýel, wepalylyk bilen gulluk edýän Hudaýyň seni ýolbarslardan halas edip bildimi?» diýip gygyrdy.
21 Danyýel patyşa şeýle diýdi: «Patyşa baky ýaşasyn!
22 Meniň Hudaýym perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady. Olar maňa zeper ýetirmediler, çünki Hudaýyň huzurynda men bigünä saýyldym. Seniň öňüňde hem, eý, şahym, men hiç bir şer iş eden däldirin».
23 Patyşa muňa gaty begendi we Danyýeli çukurdan çykarmaklygy buýurdy. Şeýdip, Danyýel çukurdan çykaryldy, onda hiç hili ýara yzy ýokdy, çünki ol öz Hudaýyna bil baglapdy.
24 Patyşanyň buýrugy boýunça Danyýeli şugullan adamlary getirdiler. Olary çagalary we aýallary bilen bilelikde ýolbarsly çukura taşladylar. Olar entek çukuryň düýbüne ýetmänkäler, ýolbarslar olary gapyp, ähli süňklerini owradyp kül etdiler.
25 Soňra Darýuş patyşa bütin ýer ýüzünde ýaşaýan halklara, milletlere we uruglara şeýle diýip ýazdy: «Öýleriňiz abadan bolsun!
26 Patyşalygyma degişli ýerlerde ýaşaýan her bir adamyň Danyýeliň Hudaýyndan sandyrap gorkmagyny buýruk berýärin. Ol diri Hudaýdyr, baky dowam etjekdir. Patyşalygy hiç haçan ýykylmazdyr, hökümdarlygy soňsuzdyr.
27 Ol halas edýär we boşadýar. Gökde hem, ýerde hem alamatlardyr mugjyzalar görkezýär. Danyýeli ýolbarsyň penjesinden halas eden hut Oldur».
28 Şeýdip, patyşa Darýuşyň we Pars patyşasy Kureşiň döwründe Danyýel rowaçlandy.




Chapter 7

1 Babyl patyşasy Belşasaryň şalygynyň birinji ýylynda Danyýel ýatyrka düýşünde görnüşler gördi. Soňra ol düýşüniň özenini ýazyp beýan etdi.
2 Ol şeýle gürrüň berdi: «Men gije bir görnüş gördüm, ine, gögüň dört şemalynyň beýik deňze tarap tolkun atýandygyny gördüm.
3 Deňizden biri-birine meňzemeýän dört sany uly haýwan çykdy.
4 Birinjisi ýolbarsa meňzeýärdi we onda bürgüdiň ganatlary bardy. Men seredip durkam, onuň ganatlary goparylyp, ýerden galdy-da, ynsan ýaly iki aýagynyň üstünde durdy. Oňa ynsan ýüregi berildi.
5 Ikinji bir haýwan peýda boldy. Ol aýa meňzeýärdi. Ol bir gapdalyna dikeldi. Onuň agzyndaky dişleriniň arasynda üç sany gapyrga süňki bardy. Oňa: „Hany, tur, köp et iý!“ diýdiler.
6 Mundan soň gaplaňa meňzeş başga bir haýwan gördüm, onuň arkasynda guşuň dört ganaty bardy we ol dört kellelidi. Oňa hökümdarlyk berlendi.
7 Onsoň men gije şol görnüşimde gorkunç, aýylganç we gaty güýçli dördünji bir haýwany gördüm. Onuň äpet uly demir dişleri bardy. Ol parçalap iýýärdi, galan-gaçanlaryny bolsa aýaklary bilen mynjyradýardy. Bu özünden öňki haýwanlaryň hemmesinden tapawutlanýardy. Onuň on sany şahy bardy.
8 Şahlara üns berip durkam, olaryň arasyndan ýene-de başga bir kiçijik şah peýda boldy. Öňki peýda bolan şahlardan üçüsi onuň öňünden köki-damary bilen sogruldy. Bu şahyň ynsanyň gözlerine meňzeş gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy.
9 Men seredip durkam tagtlar guruldy. Owaldan Bar Bolan tagtynda oturdy. Onuň geýimleri gar ýaly çuw-akdy, başyndaky saçlary ýüň ýaly ap-akdy. Onuň tagty oduň ýalny kimindi, tigirleri ýanyp duran otdy.
10 Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy.
11 Şahyň agzyndan çykýan tekepbir sözler meniň ünsümi özüne çekdi. Bu haýwan gözümiň alnynda öldürildi we maslygy ýok edilip, ýanyp duran oda taşlandy.
12 Beýleki galan haýwanlaryň hem ellerinden hökümdarlyk alyndy, emma olaryň ömürleriniň möhleti wagtlaýynça uzaldyldy.
13 Gije şol görnüşimde ynsan ogluna meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi.
14 Ähli halklar, milletler we uruglar oňa gulluk etsinler diýip, oňa hökümdarlyk, şöhrat we patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy sowulmaz baky hökümdarlykdyr. Patyşalygy hiç wagt ýykylmajak patyşalykdyr».
15 Gören görnüşlerim men Danyýeli böwrüme pyçak sanjylan ýaly howsala saldy.
16 Men ol ýerde duranlaryň birine ýakynlaşyp, ondan bulara degişli ähli hakykaty soradym. Şeýdip, ol maňa bu zatlaryň ýorgudyny aýdyp berdi:
17 «Bu dört uly haýwan ýer ýüzünde dört patyşanyň aýaga galjagydyr.
18 Emma patyşalygy Beýik Hudaýyň mukaddes adamlary alarlar, olar patyşalyga hemişelik, ömür baky we ebedilik eýelik ederler».
19 Soňra men beýleki haýwanlaryň ählisinden tapawutly, örän gorkunç, dişleri demirden, dyrnaklary bürünçden, çeýnäp parçalaýan, galan-gaçanlaryny bolsa aýaklary bilen mynjyradýan dördünji haýwan hakynda hakykaty bilmek isledim.
20 Onuň başyndaky on şahdan soňra çykan bir şahyň hem nämedigini bilesim geldi. Bu şahyň öňünde öňki üç şah ýykyldy. Bu şahyň gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy, görnüşi beýlekilerden has uludy.
21 Men seredip durkam, bu şah Hudaýyň mukaddes adamlary bilen uruş etdi we olardan üstün çykdy.
22 Onsoň owaldan Bar Bolan gelip, Özüniň mukaddes adamlarynyň haýryna höküm çykardy. Beýik Hudaýyň mukaddes adamlary üçin patyşalygy eýelemegiň wagty geldi.
23 Meniň söhbetdeşim şeýle diýdi: «Dördünji haýwan ýer ýüzünde dörejek dördünji patyşalykdyr. Ol ähli patyşalyklardan tapawutly bolup, tutuş ýer ýüzüni çeýnär, ony depeläp, bölek-bölek eder.
24 On şah bolsa bu patyşalykdan çykjak on patyşadyr. Bulardan soňra öňkülerden tapawutly başga bir patyşa döräp, öňki üç patyşany ýykyp taşlar.
25 Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.
26 Emma kazyýet mejlisi höküm çykarar. Onuň hökümdarlygy elinden alnar, wes-weýran bolup, bütinleý ýok ediler.
27 Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler».
28 Ynha, şu ýerde gürrüň gutarýar. Pikirlerim men Danyýeli howsala saldy, ýüzümde reňk-pet galmady, emma men bu sözleri ýüregimde sakladym.




Chapter 8

1 Patyşa Belşasaryň patyşalygynyň üçünji ýylynda men Danyýel öňki görenimden başga ýene bir görnüş gördüm.
2 Görnüşde men özümi Eýlam welaýatyndaky Suza galasynda gördüm. Men özümiň Ulaý kanalynyň boýunda durandygymy gördüm.
3 Men seredip durkam, kanalyň kenarynda bir goç gördüm. Onuň iki şahy bardy. Şahlarynyň ikisi hem uzyndy, ýöne biri beýlekisinden has uzyndy we şol uzyny soň çykypdy.
4 Goçuň günbatar, demirgazyk we günorta taraplara süsýändigini gördüm. Hiç bir haýwan onuň öňünde durup, hiç kim onuň elinden gutulyp bilmeýärdi. Ol islän zadyny edýärdi we gitdigiçe güýçlenýärdi.
5 Men syn edip durkam, ine, günbatardan bir erkeç peýda boldy. Ol aýagyny ýere basmazdan, bütin ýer-ýüzüni aýlanyp çykdy. Onuň iki gözüniň ortasynda göze ilip duran bir şahy bardy.
6 Ol kanalyň kenarynda duran, meniň gören iki şahly goçumyň ýanyna gelip, bar gazaply güýji bilen oňa okduryldy.
7 Men onuň goça golaý baranyny gördüm. Ol goça gazap bilen hüjüm etdi, ony süsüp urup, iki şahyny-da döwdi. Onuň öňünde durmaga goçuň güýji ýokdy. Erkeç ony ýere çalyp depeledi. Goçy onuň elinden halas etjek hiç kim ýokdy.
8 Onsoň erkeç has güýçlendi, emma onuň güýji has beýgelende, onuň şol ýeke uly şahy döwüldi we onuň ýerine gögüň dört şemalyna garap duran dört sany göze ilginç şah peýda boldy.
9 Olaryň birinden başga bir kiçijik şah peýda boldy. Ol günorta, gündogara we owadan ýurda tarap has ulaldy.
10 Kiçijik şah ulalyp, asman jisimine çenli baryp ýetdi. Ol goşundan, ýagny ýyldyzlardan birnäçesini ýere taşlap depgiledi.
11 Kiçijik şah özüni hatda goşun serdaryna çenli beýgeltdi. Ol goşun serdarynyň elinden gündelik ýakma gurbanlygyny alyp, mukaddes öýi ýok etdi.
12 Pitne turzany sebäpli gündelik ýakma gurbanlygy goşun bilen birlikde onuň ygtyýaryna berildi. Ol hakykaty ýere çalyp, her bir eden işinde üstünlik gazandy.
13 Onsoň men bir perişdäniň geplänini eşitdim. Başga bir perişde bu geplän perişdä şeýle sorag berdi: «Bu görnüşde görlen zatlar haçana çenli dowam ederkä? Haçana çenli gündelik ýakma gurbanlygynyň ýerini weýrançylyk getirýän gozgalaň tutjakka we mukaddes öý bilen goşun aýak astyna taşlanyp depelenjekkä?».
14 Ol: «Bu waka iki müň üç ýüz gije-gündiz dowam eder. Soňra mukaddes öý adalatsyzlykdan tämizlener» diýip jogap berdi.
15 Men Danyýel gören görnüşimden many çykarmaga synanyşýarkam, birdenkä ynsan sypatyndaky biri meniň öňümde peýda boldy.
16 Men Ulaý kanalynyň ortasyndan bir ynsanyň sesini eşitdim, ol gygyryp: «Jebraýyl, bu adama görnüşden many çykarmaga kömek et» diýdi.
17 Şeýdip, Jebraýyl meniň duran ýerime geldi. Ol gelende, men dowla düşüp, özümi ýere taşladym. Emma ol maňa: «Eý, ynsan ogly, muny bilgin, bu görnüş ahyrzamana degişlidir» diýdi.
18 Ol maňa bu sözleri aýdýarka, huşumdan gidip, ýere ýüzin ýykyldym, ýöne ol meni tutup, aýak üstüne galdyrdy.
19 Jebraýyl maňa şeýle diýdi: «Diňle, ahyrky gahar-gazap günleri nämeleriň boljagyny men saňa aýdaýyn. Çünki bu görnüş ahyrzamanyň bellenen wagtyna degişlidir.
20 Seniň gören iki şahly goçuň madaý we Pars patyşalarydyr.
21 Erkeç bolsa Gresiýanyň patyşasydyr. Onuň iki gözüniň ortasyndaky uly şahy bolsa onuň ilkinji patyşasydyr.
22 Ol şahyň döwlüp, ýerine dört şahyň çykmagy ol milletden dört patyşalygyň çykjakdygyny, ýöne olaryň ilkinji patyşalyk ýaly güýçli bolmajakdygyny aňladýar.
23 Bu dört patyşalygyň soňy ýakynlaşanda, günäleri ýetjek derejesine ýetende, tekepbir, diýseň mekir patyşa dörär.
24 Ol güýçlenip kuwwatlanar, ýöne bu onuň öz güýji bilen bolmaz. Ol elhenç weýrançylyklar getirer, edýän işi rowaçlanar. Ol güýçlüleri we mukaddes adamlary heläk eder.
25 Öz danalygy bilen hilegärlikde üstünlik gazanar we ýüreginde özüni beýgelder. Duýdurmazdan köp halky ýok eder, hatda hökümdarlaryň Hökümdaryna garşy çykar. Emma onuň özi ynsan eli degmezden synar.
26 Agşam we ertir baradaky saňa görkezilen bu görnüş hakykatdyr. Emma bu görnüşi gizlin sakla, çünki ol uzak bir gelejege degişlidir».
27 Men Danyýel takatdan düşdüm, birnäçe günläp ýaramadym. Soňra aýak üstüne galyp, ýene-de patyşanyň işleri bilen meşgul boldum. Men bu görnüşe aňka-taňka boldum, oňa düşünmedim.




Chapter 9

1 Asly madaý bolan Kserksiň ogly Darýuşyň patyşalygynyň birinji ýylydy. Ol babyllylaryň üstünden patyşa goýlupdy.
2 Onuň şalygynyň birinji ýylynda men Danyýel mukaddes kitaplara ser saldym. Men olardan Rebbiň Ýermeýa pygambere iberen sözüne görä, Iýerusalimiň ýetmiş ýyllap harabaçylyga öwrülip ýatjakdygyna düşündim.
3 Onsoň men ýüzümi Taňry Hudaýa tarap öwürdim. Agyz bekläp, jul geýnip, kül üstünde oturyp, dileg etdim, Ony agtaryp ýalbardym.
4 Men Hudaýym Rebbe dileg etdim we toba edip, şeýle diýdim: «Eý Taňry, Seni söýýänlere, buýruklaryny berjaý edýänlere ähtini we baky söýgüsini saklaýan beýik we haýbatly Hudaý!
5 Seniň buýruklaryňdan we hökümleriňden ýüz öwrüp, günä gazandyk, azgynlyk etdik, erbetlik edip, Seniň garşyňa baş galdyrdyk.
6 Biz patyşalarymyza, han-beglerimize, ata-babalarymyza we ýurduň ähli halkyna Seniň adyňdan geplän gullaryň pygamberlere gulak asmadyk.
7 Ýa Reb, Sende adalat bar, emma biz bu günki gün hem ýüzügaradyrys! Bu ýahuda halkyna, Iýerusalimiň ilatyna, Saňa garşy eden dönükligi sebäpli ähli ýurtlara dargadan halkyňa, ýakyn-u uzakda bolan bütin ysraýyllara degişlidir.
8 Ýa Reb, patyşalarymyzyň, han-beglerimiziň, ata-babalarymyzyň ýüzüni utanç gaplandyr, sebäbi biz Saňa garşy günä etdik.
9 Rehimdarlyk we geçirimlilik Taňry Hudaýymyza mahsusdyr, çünki biz Onuň garşysyna baş galdyrdyk.
10 Hudaýymyz Rebbiň sözüne gulak asmadyk, Onuň gullary bolan pygamberler arkaly bize beren kanunlary bilen ýöremedik.
11 Bütin Ysraýyl Seniň kanunyňy bozup azdy we Seniň sözüňe gulak asmakdan boýun gaçyrdy. Şeýdip, Hudaýyň guly Musanyň kanunynda ýazylan nälet başymyzdan indi we kasam ýerine ýetdi. Sebäbi biz Saňa garşy günä etdik.
12 Başymyzdan äpet bela-beterler inderjekdigi barada Onuň bize we üstümizden höküm sürýän baştutanlarymyza aýdan sözleri berjaý boldy. Iýerusalimiň başyna inen bela gögüň astyndaky hiç bir şäheriň üstünden hiç haçan inmändi.
13 Edil Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, bu belalaryň ählisi biziň başymyzdan indi. Emma biz etmişlerimizden el çekip, Hudaýymyz Rebden mähir-muhabbet dilemedik, Onuň hakykatyna pitiwa etmedik.
14 Şonuň üçin Reb bu belalaryň amatly pursatyny peýläp, biziň başymyzdan inderdi. Çünki Hudaýymyz Reb ähli edýän işlerinde adyldyr. Biz bolsa Onuň sözüne boýun bolmadyk.
15 Eý, Taňry Hudaýymyz, Sen Öz halkyňy gudratly goluň bilen Müsürden çykardyň. Bu günki ýaly Öz adyňy-da şöhratlandyrdyň! Biz bolsa günä gazandyk, erbetlik etdik.
16 Eý, Taňry, ähli adalatly işleriňe görä, gahar-gazabyňy Öz şäheriň Iýerusalimden, mukaddes dagyňdan sow. Biziň günälerimiz we ata-babalarymyzyň ýazygy sebäpli Iýerusalim we Seniň halkyň daş-töweregimizdäki ähli halklara masgara boldy.
17 Eý, Hudaýymyz, şoňa görä indi Öz guluňyň dilegini we nalyşyny diňle! Öz hatyraň üçin, eý, Taňrym, weýran bolan mukaddes öýüňe Öz nuruňy saç.
18 Eý, Hudaýym, diňle we eşit! Gözleriňi açyp, biziň weýrançylygymyza we Seniň adyň dakylan şähere seret. Biziň dogruçyldygymyz sebäpli däl-de, eýsem Seniň beýik rehimdarlygyň sebäpli öz nalyşlarymyzy Seniň huzuryňa getirdik.
19 Ýa Reb, eşit! Bagyşla, ýa Reb! Ýa Reb, diňle we amala aşyr! Öz hatyraň üçin, eý, Hudaýym gijikdirme! Çünki şäher we halk Seniň adyňy göterýändir!».
20 Men dileg edip, öz günämi we halkym Ysraýylyň günäsini boýun alyp, Hudaýymyň mukaddes dagy üçin Hudaýym Rebbiň huzurynda nalyşlarymy aýan edip durdum.
21 Şonda agşam gurbanlyk berilýän wagty men entek dileg edip durkam, öňki görnüşimde gören adamym Jebraýyl çaltlyk bilen uçup, ýanyma geldi.
22 Ol maňa şeýle düşündirdi: «Danyýel, men saňa akyl-paýhas we düşünje bermek üçin geldim.
23 Seniň nalyşyňyň ilki başynda şeýle buýruk çykdy. Men hem ony saňa aýan etmäge geldim, çünki sen juda söýülýänsiň. Indi bolsa buýruga gulak goý we bu görnüşe düşün:
24 Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.
25 Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde köçeler we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar.
26 Altmyş iki ýediýyllykdan soň seçip saýlanan heläk bolar we ondan hiç zat galmaz. Geljek hökümdaryň goşuny bu şäheri we mukaddes öýi weýran eder. Onuň soňy tupanly bolar, ahyryna çenli uruş bolar. Weýrançylyk boljagy karar edilendir.
27 Hökümdar köpler bilen bir hepdelik berk äht baglaşar. Ýarym hepdeden soň bolsa gurbanlyk we sadaka bermesini goýar. Edilen karar onuň başyndan inýänçä, bu weýran ediji hökümdar ybadathananyň içinde weýrançylyk getirýän ýigrenji zady diker».




Chapter 10

1 Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň üçünji ýylynda Belteşasar, ýagny Danyýele bir ylham geldi. Bu ylham hakykatdy we beýik bir urşuň boljakdygy baradady. Ol bu görnüşden many çykaryp, ylhama düşündi.
2 Şol günler men Danyýel üç hepdeläp ýas tutdum.
3 Üç hepde doly tamamlanýança, tagamly nahar iýmedim. Agzyma ne et, ne şerap degdi, bedenime hem hiç hili ýag çalmadym.
4 Birinji aýyň ýigrimi dördünji güni men beýik derýanyň Tigr derýasynyň kenarynda durdum.
5 Başymy galdyryp seretsem, ine, eginbaşy zygyr matadan, bili sap altyndan guşakly biri durdy.
6 Onuň bedeni sary ýakut ýalydy, ýüzi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy. Gözleri ýanyp duran şamçyrag, gollary we aýaklary ýalpyldawuk bürünç ýaly ýalpyldaýardy, sesi uly mähelläniň galmagaly ýalydy.
7 Men Danyýel ol görnüşi ýeke özüm gördüm. Meniň ýanymdakylar muny görmediler, gaýtam olary elhenç gorky gaplap aldy, olar gizlenmek üçin gaçyp gitdiler.
8 Şeýdip, men ýeke galdym. Bu beýik görnüşi görenimde, mende güýç galmady, ýüzümde reňk-pet galmady, men takatdan düşdüm.
9 Soňra men onuň sesiniň owazyny eşitdim. Geplände onuň sesini eşidip, huşumdan gitdim we ýere ýüzin ýykyldym.
10 Şonda bir el maňa galtaşyp, dyzyma galdyrdy.
11 Ol maňa: «Danyýel, sen jandan eziz söýülýänsiň. Meniň saňa aýtjak sözlerime gulak goý. Tur, aýaga gal, çünki men seniň ýanyňa iberildim» diýdi. Ol bu sözleri aýdanda, men titräp ýerimden galdym.
12 Ol sözüni dowam edip, maňa şeýle diýdi: «Danyýel, gorkma, çünki düşünmegi ýüregiňe düwen we Hudaýyňyň öňünde özüňi pespäl tutan ilkinji günüňden başlap, seniň sözleriň diňlendi we men seniň sözleriň sebäpli geldim.
13 Emma Pars patyşalygynyň serdary ýigrimi bir günläp maňa garşy durdy. Şol wagt baş serdarlardan biri bolan Mikaýyl maňa kömege geldi. Men ol ýerde Pars patyşalary bilen galypdym.
14 Men ahyrky günlerde seniň halkyňyň başyna nämeleriň geljegini saňa düşündirmäge geldim, çünki bu görnüş şol geljek döwre degişlidir».
15 Ol maňa bu sözleri aýdýarka, men ýüzümi aşak salyp, dilim tutuldy.
16 Şol wagt ynsana meňzeş biri dodaklaryma elini degirdi. Men agzymy açyp geplemäge başladym, öňümde durana ýüzlenip, şeýle diýdim: «Eý, jenabym, bu görnüş zerarly men dert çekdim, mende güýç-kuwwat galmady.
17 Guluň bolan men seniň ýaly jenabym bilen nädip gepleşeýin? Mende güýç-gurbat galmady, demim tutuldy».
18 Onsoň ýaňky ynsana meňzeş bolan ýene-de maňa elini degirdi, meni güýçlendirdi.
19 Ol maňa: «Jandan eziz söýülýän ynsan, gorkma, saňa rahatlyk bolsun! Dözümli we mert bol!» diýdi. Ol meniň bilen gepleşende, men güýçlendim we oňa: «Aýdyber, jenabym, çünki sen maňa güýç berdiň» diýdim.
20 Soňra ol maňa şeýle gürrüň berdi: «Meniň näme üçin seniň ýanyňa gelendigimi bilýärsiňmi? Indi men pars serdary bilen söweşmäge yzyma dolanmaly. Men gidenimden soň, Gresiýanyň serdary geler.
21 Emma men saňa hakykat kitabynda näme ýazylanyny aýan edeýin. Maňa olara garşy söweşmäge serdaryňyz Mikaýyldan başga hiç kim goldaw bermedi.




Chapter 11

1 Madaýly Darýuşyň patyşalygynyň birinji ýylynda men Mikaýyly goldap, ony güýçlendirmek üçin ýanynda durdum. Günorta patyşalary demirgazyk patyşalary bilen söweşýär
2 Indi men saňa hakykaty aýdyp bereýin. Pars ýurdundan ýene-de üç patyşa çykar. Dördünji patyşa olaryň hemmesinden baý bolar. Ol baýlygynyň üsti bilen güýçlenende, hemmäni Gresiýa patyşalygyna garşy aýaga galdyrar.
3 Soňra güýçli bir patyşa çykar. Ol beýik patyşalygy bilen höküm sürüp, öz islänini eder.
4 Ýöne ýaňy güýçlenip, aýaga galan mahaly, onuň patyşalygy dargadylyp, gögüň çar tarapyna bölüner. Patyşalyk onuň nesline geçmez, onuň ýerine patyşa bolanlaryň hiç biri onuň ýaly höküm sürmez. Onuň patyşalygy köki bilen sogrulyp, öz neslinden bolmadyk başga birilerine berler.
5 Günorta patyşasy güýçlener, emma onuň öz serkerdelerinden biri ondan has güýçlenip, serkerdäniň hökümdarlygy has beýgeler.
6 Birnäçe ýyl geçenden soň, günorta patyşasy demirgazyk patyşasy bilen birleşer. Ol gyzyny demirgazyk patyşasyna berip, onuň bilen ýaraşyk baglaşar. Emma ol gyz bu ýaraşygyň güýjüni uzak saklap bilmez. Patyşa hem, onuň tohum-tiji hem uzak döwran sürmez. Şeýdip, bu gyz-da, onuň ýaranlary-da, kakasy-da, özüni goldanlar bilen bile ele düşerler.
7 Ýöne ol gyzyň kakasynyň, ýagny günorta patyşasynyň ýerine gyzyň kökünden bir baldak çykar, ol demirgazyk patyşasynyň garşysyna hüjüm edip, onuň galasyna girer. Olar bilen söweşip, ýeňiş gazanar.
8 Olaryň hudaýlaryny, butlaryny, kümüşden we altyndan ýasalan gymmatbaha gap-gaçlaryny olja hökmünde Müsüre getirer. Onsoň ol birnäçe ýyllap demirgazyk patyşasynyň üstüne çozmaz.
9 Soňra demirgazyk patyşasy günorta patyşasynyň üstüne çozar, emma onuň hüjümi yzyna serpikdiriler.
10 Demirgazyk patyşasynyň ogullary söweşe taýýarlanyp, juda güýçli goşun toplarlar. Goşun sil kimin süýşüp gelip, basyp alar we öwrülip ýene-de günorta patyşasynyň galasyna hüjüm eder.
11 Günorta patyşasy gazap atyna atlanyp, demirgazyk patyşasyna garşy söweşer. Demirgazyk patyşasy hem uly bir goşuny aýaga galdyrar, emma onuň goşuny duşmanyndan ýeňler.
12 Bu goşun ele düşensoň, günorta patyşasynyň ýüregi galkynar. Ýöne ol on müňlerçe adamy öldürse-de, onuň ýeňşi uzaga çekmez.
13 Çünki demirgazyk patyşasy ýene-de öňküsinden hem has beýik bir goşun toplar. Birnäçe ýyldan soň ol doly ýaraglanan agyr goşun bilen geler.
14 Şol döwürde birtopar adam günorta patyşasynyň garşysyna çykar. Görnüşiň berjaý bolmagy üçin seniň halkyňyň arasyndan güýji zorlar aýaga galarlar, emma olar büdrärler.
15 Soňra demirgazyk patyşasy gelip, berk diwarly şäheriň daşyny gabap, ony basyp alar. Günorta goşuny hatda özüniň saýlama goşuny bilen-de onuň garşysynda durup bilmez, olaryň güýçleri ýetmez.
16 Demirgazyk patyşasy özüne garşy çykana islän zadyny eder, hiç kim onuň öňünde durup bilmez. Ol owadan ýurtda özüni berkarar eder we weýran ediş ygtyýaryna eýe bolar.
17 Patyşalygynyň ähli güýjüni toplap, duşmanynyň üstüne gelmegi ýüregine düwer. Patyşalygyny heläk etmek üçin, günorta patyşasy bilen ýaraşyk baglaşar, oňa aýal berer. Emma demirgazyk patyşasynyň bu guran hilesi başa barmaz, bu oňa hiç hili peýda getirmez.
18 Şundan soňra ol ünsüni kenar ýakasyndaky şäherlere tarap öwrer we olaryň köpüsini basyp alar. Ýöne bir serkerde onuň kemsitmeleriniň soňuna çykar, gopbamsylygy üçin jezasyny berer.
19 Soňra ol öz ýurdunyň galalaryna tarap öwrüler, ýöne büdräp ýykylar-da, ýitirim bolar.
20 Demirgazyk patyşasynyň ýerine patyşalygyň şöhraty üçin salgyt ýygnamaga iberýänçi biri bolar. Ol hem birnäçe günden ýok ediler, ýöne bu ne gahar üsti bilen, ne-de söweş üsti bilen ýok ediler.
21 Onuň ýerine patyşalyk hormatyna mynasyp bolmadyk bir namart adam peýda bolar. Ol duýdansyz gelip, patyşalygy mekirlik bilen eline alar.
22 Sil kimin gelip basan goşunlar onuň öňünden süpürilip aýrylar, hatda Äht hökümdary-da ýeňlişe sezewar bolar.
23 Namart adam ylalaşyk baglaşmak bilen hile gurar we kiçi goşun bilen güýçlener.
24 Ol welaýata bolçulyk döwründe duýdansyz baryp, ata-babalarynyň hiç haçan edip bilmedik işlerini eder. Talaň, çapawulçylyk edip, oljany öz goşunynyň arasynda paýlar. Galalaryň garşysyna dildüwşük gurar, emma bu uzak gitmez.
25 Soňra güýjüni we kuwwatyny jemläp, ol beýik goşun bilen günorta patyşasynyň garşysyna çykar. Günorta patyşasy-da has uly we güýçli goşun bilen urşa girişer. Emma günorta patyşasy özüne garşy gurlan dildüwşükler sebäpli ýeňiş gazanyp bilmez.
26 Onuň saçagyndan çörek iýenler ony weýran ederler. Goşuny dargadylyp, bir topary urlup öldüriler.
27 Bu patyşalaryň ikisiniň-de ýüreginde erbet niýet bolar. Olar bir saçagyň başynda bile oturyp, ýalan sözlärler, ýöne bu ýol almaz, çünki munuň soňy bellenen wagtda geler.
28 Demirgazyk patyşasy uly baýlyk bilen öz ýurduna dolanar, emma ýüregi mukaddes ähte garşy bolar. Ol niýetini amala aşyryp, ýurduna dolanar.
29 Bellenen wagtda ol ýene-de günorta öwrülip geler, emma bu gezek öňki ýaly bolmaz.
30 Kitim gämileri oňa garşy çykar. Onsoň ol ruhdan düşüp, yzyna öwrüler. Ol gazap atyna atlanyp, mukaddes ähte garşy hereket eder we mukaddes ähte hyýanat edenlere hormat goýar.
31 Onuň iberen goşunlary mukaddes ýeri we galany eýeläp, olary harama çykararlar. Olar gündelik ýakma gurbanlygyny ýatyryp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikerler.
32 Ol ähte hyýanat edenleri hilegärlik bilen ýolundan azdyrar, emma öz Hudaýyna wepaly halk bolsa berk durup, oňa garşy hereket eder.
33 Halkyň arasyndaky akylly adamlar köp kişilere akyl-paýhas bererler, emma birnäçe günüň dowamynda olary gylyçdan geçirerler, otda ýakarlar we sürgün edip talarlar.
34 Ýeňlişe sezewar bolanlarynda, olara biraz kömek ediler. Köp adam ýaranjaňlyk bilen olara goşular.
35 Galanlaryň ahyrzamana çenli günälerinden saplanmagy, päklenmegi we aklanmagy üçin akylly adamlardan birnäçesi heläk bolar. Çünki entek bellenen möhlete wagt bardyr.
36 Bu patyşa öz islänini eder. Ol özüni beýgeldip, her bir hudaýdan özüni ýokary tutar. Hatda hudaýlaryň Hudaýyna garşy küpür geplär. Hudaýyň gazaply döwri tamamlanýança, patyşanyň işi rowaçlanar, çünki kabul edilen karar ýerine ýetmelidir.
37 Ol ata-babalarynyň hudaýlaryna, hatda aýallaryň iň söýgüli hudaýyna hem hormat goýmaz. Ol hiç bir hudaýy sylamaz, ol özüni hemme zatdan ýokarda saýar.
38 Bulara derek ol galalaryň hudaýyna hormat goýar. Ata-babalarynyň tanamadyk hudaýyny altyn-kümüş, gymmatbaha daşlar we her dürli sylag-serpaýlar bilen hormatlar.
39 Ol keseki hudaýyň kömegi bilen galalary berkarar eder. Patyşa özüni hökümdar hökmünde kabul edenleri has artyk sylaglar, olary köp adamlaryň üstünden häkim goýar. Ýurdy olara baýrak hökmünde paýlar.
40 Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we bir topar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar.
41 Ol owadan ýurda girer we on müňlerçe adam heläk bolar, emma Edomyň, Mowabyň we Ammonyň ýolbaşçylary onuň elinden gaçyp gutularlar.
42 Ol ýurtlara zarba urar, ondan Müsür ýurdy-da gaçyp gutulmaz.
43 Ol altyn-kümüş hazynalaryny we Müsüriň ähli baýlygyny öz ygtyýaryna geçirer. Liwiýalylar we efiopiýalylar oňa boýun egerler.
44 Emma gündogardan we demirgazykdan gowşan habarlar ony howsala salar. Onsoň ol gazap atyna atlanyp, köp adamlary öldürmek we bütinleý ýok etmek üçin ýola düşer.
45 Ol öz şalyk çadyrlaryny deňiz bilen owadan mukaddes dagyň arasynda diker. Emma onuň ömrüniň soňy geler, oňa kömek eden tapylmaz».




Chapter 12

1 «Şol wagt seniň halkyňy goraýan baş serdar Mikaýyl öňe çykar. Şonda milletler döräli bäri görlüp-eşidilmedik jebir-jepaly döwür geler. Emma şol wagt seniň halkyňdan ady kitapda ýazylanlaryň ählisi halas bolar.
2 Topragyň astynda ýatanlaryň köpüsi oýanar: olaryň kimsi ebedi ýaşaýşa gowşar, kimsi ebedi utanja we ýigrenje duçar bolar.
3 Akylly adamlar asman şöhlesi deýin nur saçarlar, köp adamlary dogry ýola ündänler hem ýyldyzlar deý baky hem ebedilik ýagty saçarlar.
4 Emma, sen, Danyýel, ahyrzamana çenli bu sözleri gizlin sakla we bu kitaby möhürle. Köp adamlar bilimini artdyrmak üçin özlerini ol ýere, bu ýere urarlar».
5 Soňra men Danyýel seredenimde, biri derýanyň bu kenarynda, beýlekisi ol kenarynda duran başga iki adamy gördüm.
6 Suwuň ýokary akymynda eginbaşy zygyr matadan edilen adamdan: «Bu geň zatlaryň soňy haçan geler?» diýip, olaryň biri sorady.
7 Men suwuň ýokary akymynda eginbaşy zygyr matadan edilen adamyň sag hem çep elini göge galdyryp, ebedi Ýaşaýanyň adyndan ant içip: «Bir wagta, iki wagta we ýarym wagta çenli dowam eder. Mukaddes halkyň güýji soňuna çenli bütinleý syndyrylandan soňra, bu zatlaryň ählisi doly tamamlanar» diýenini eşitdim.
8 Men eşitdim, ýöne düşünmedim. Şonuň üçin ondan: «Jenabym, bu zatlaryň soňy nähili bolar?» diýip soradym.
9 Ol maňa şeýle diýdi: «Danyýel, öz ýoluň bilen git. Bu sözler ahyrzamana çenli gizlin saklanyp möhürlener.
10 Köpüsi günälerinden saplanar, köpüsi päklenip aklanar, emma ýaramaz adamlar şer işlerinden dönmezler. Ýaramaz adamlaryň hiç biri-de düşünmez, ýöne akylly adamlar düşünerler.
11 Gündelik ýakma gurbanlygyň ýatyrylyp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň dikeldilen wagtyndan başlap, bir müň iki ýüz togsan gün geçer.
12 Garaşyp, bir müň üç ýüz otuz bäş güne ýeten adam nähili bagtly!
13 Emma sen ömrüňiň ahyryna çenli öz ýoluň bilen gidip, rahatlykda gözüňi ýumarsyň. Ahyrzaman güni täzeden direlip, sylag-serpaýyňy alarsyň».