Hoşeýa

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14

Chapter 1

1 Ýahudada Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň hem Hizkiýanyň; Ysraýylda Ýowaş ogly Ýarobgamyň patyşalyk eden döwründe, Beýeriniň ogly Hoşeýa Rebbiň sözi aýan boldy.
2 Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa aýtdy: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ondan nikasyz çagalar bolsun. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär».
3 Onsoň Hoşeýa gidip, Diblaýymyň gyzy Gomere öýlendi. Ol göwreli bolup, Hoşeýa üçin bir ogul dogurdy.
4 Reb oňa aýtdy: «Ogluň adyna Ýizregel dak, çünki az wagtdan Ýizregeliň gany üçin, Ýehunyň nesline jeza bererin, Ysraýyl patyşalygyny tamamlaryn.
5 Şol gün Ýizregel deresinde Ysraýylyň ýaýyny döwerin».
6 Gomer ýene-de göwreli bolup, gyz dogurdy. Reb Hoşeýa aýtdy: «Gyzyň adyna Loruhama dak, çünki mundan bu ýana Ysraýyl öýüne rehim edip günälerini geçmerin.
7 Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».
8 Gomer Loruhamany süýtden aýransoň, göwreli bolup, ogul dogurdy.
9 Reb Hoşeýa şeýle diýdi: «Adyna Logammy dak. Çünki siz-ä Meniň halkym däl, Menem siziň Hudaýyňyz däldirin.
10 Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.
11 Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer, özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler. Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».




Chapter 2

1 «Siz doganyňyzy: „Meniň halkym“, Aýal doganlaryňyzy: „Rehim edilenler diýip çagyryň“. Wepasyz Gomer – wepasyz Ysraýyl
2 Gyjalat beriň ejeňize, gyjalat, çünki ol Meniň aýalym däl; Men hem onuň äri däl; goý, ýüzünden görünýän zynahorlugy, teninden azgynlygy aýyrsyn.
3 Aýyrmasa Men ony edil doglan wagtyndaky ýaly çuw-ýalaňaç ederin. Ony boş çöle, gury topraga öwrerin. Teşnelikden öldürerin.
4 Çagalaryna-da rehim etmerin, çünki olar zynadan doglan.
5 Çünki olaryň ejesi zyna etdi we bilinde çaga galdyryp, özüni ryswa etdi. Çünki: „Maňa nan bilen suwumy, ýüňümi, zygyr matamy, zeýtun ýagymy hem içgimi berýän oýnaşlarymyň yzyndan gitjek“ diýdi.
6 Onuň ýoluna tikenli çäk çekerin, öz ýodalaryny tapmaz ýaly, Onuň garşysyna diwar guraryn.
7 Ol oýnaşlarynyň yzyndan kowalar, Ýöne olary ýetip bilmez. Olary gözlär, ýöne tapmaz. Şonda ol aýdar: „Ilkinji ärimiň ýanyna dolanaryn, Çünki öňki ýagdaýym häzirkimden gowudy.“
8 Ýöne ol bilmedi, Gallany, täze şeraby, täzeje ýagy beren, Bagal butuna harçlan altynyny, Kümşüni bol eden Men.
9 Şonuň üçin beren gallamy öz wagtynda Men yzyna alaryn, Öz möwsüminde täze şerabymy gaýdyp alaryn. Ýalaňaç bedenini örtýän ýüňümi, zygyrymy yzyna alaryn.
10 Indi oýnaşlarynyň öňünde aýybyny açaryn, Hiç kim ony Meniň elimden halas etmez.
11 Onuň bar şadyýanlygyny, baýramlaryny, Täze Aý meýlisini we Sabat gününi, ähli dabaralaryny tamam ederin.
12 Onuň: „Oýnaşlarymyň maňa beren haky“ diýen üzümligini, injir baglaryny weýran ederin. Men olary jeňňele öwrerin, haýwanlara iýmit bolarlar.
13 Bagal butuna tütetgi ýakan günleri üçin, ony jezalandyraryn. Şol wagt özüni halkadyr ýüzükler bilen bezäp, oýnaşynyň yzyndan kowalady. Meni bolsa unutdy» – muny Reb aýdýandyr.
14 «Şonuň üçin häzir ony ynandyryp, çöle alyp bararyn, onuň ýüregini awlaryn.
15 Ol ýerde Men oňa üzüm bagyny bererin. Akor deresini Umyt geçelgesine öwrerin. Şonda ýaşlyk günlerinde bolşy ýaly, Müsür topragyndan çykanda bolşy kimin, aýdymlar aýdar.
16 Şol gün Meni „Ärim“ diýip çagyrar. Mundan beýläk „Bagalym“ diýip çagyrmaz – muny Reb aýdýandyr.
17 Dilinden Bagal butlaryň atlaryny aýraryn, olaryň atlaryny gaýdyp tutmazlar.
18 Şol gün olar üçin meýdandaky haýwanlar, asmandaky guşlar, toprakda ýaşaýan süýrenijiler bilen äht edişerin. Ýurtdan ýaýy, gylyjy, söweş goşunlaryny ýok ederin. Aman ýaşadaryn olary.
19 Ysraýyl, seni Özüme hemişelik aýalym hökmünde kabul ederin. Dogrulyk, adalatlylyk hem wepaly söýgi, rehimlilik bilen Özüme alaryn.
20 Men seni wepadarlyk bilen alaryn, sen Meni Reb hökmünde tanarsyň.
21 Şol gün Men jogap bererin – Reb aýdandyr – Göklere-de jogap bererin. Olar hem ýere jogap bererler.
22 Ýer galla we täze şeraba, täzeje zeýtun ýagyna jogap bererler. Olar hem Ýizregele jogap bererler.
23 Halkymy toprakda Özüm üçin ekerin. Loruhama rehim ederin. Logamma sen Meniň halkym diýerin. Ol bolsa „Sen meniň Hudaýymsyň“ diýer».




Chapter 3

1 Reb maňa şeýle diýdi: «Menden ýüz öwrüp, başga hudaýlara öwrülen, olaryň kişmişli külçelerine göwün beren Ysraýyl halkyny söýşüm ýaly, sen ýene-de baryp, başgany söýýän azgyn aýaly söý».
2 Men aýaly on bäş kümüş teňňä, we on bäş batman arpa satyn aldym.
3 Men aýala şeýle diýdim: «Sen maňa uzak garaşmaly, sen başga bilen azgynçylyk etme. Men hem saňa ýakynlaşmaryn». 4–5 Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Soňky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.




Chapter 4

1 «Eý, ysraýyl halky, Rebbiň sözüni eşit, Çünki bu ýurtda ýaşaýanlar bilen Rebbiň dawasy bar: Sebäbi ýurtda wepalylyk-da, söýgi-de, Hudaýy tanamaklyk-da ýok.
2 Gargyş we ýalançylyk, ganhorluk, ogurlyk we zyna. Jenaýatçylyk artýar we gan üstüne gan dökülýär.
3 Şonuň üçin toprak hasrat çekýär. Onda ýaşaýanlar ejizleýärler. Sähradaky haýwanlar hem asman guşlary, hatda deňizdäki balyklar gyrylýarlar.
4 Hiç kes dawa etmesin. Hiç kes başgany aýyplamasyn. Seniň halkyň ruhana garşy aýyplama getirýäne meňzeýändir.
5 Sen gündizlikde, Pygamber bolsa gijelikde seniň bilen büdrär. Seniň ejeň Ysraýyly ýok ederin.
6 Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär. Sen bilimi ret edeniňden soň, Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin. Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň, Men-de seniň çagalaryňy unudaryn.
7 Ruhanylar näçe köpeldigiçe, Meniň garşyma şonça köp günä etdiler. Olaryň şöhratyny masgaraçylyga öwrerin.
8 Ruhanylar Meniň halkymyň günäsi bilen beslenip, olaryň köpräk etmiş etmegine jan çekýärler.
9 Halka nähili bolan bolsa, ruhanylara-da şeýle bolar. Men olaryň tutan ýollary üçin jeza bererin. Eden işleriniň öwezini gaýtararyn. 10–12 Olar iýerler, ýöne doýmazlar. Olar zyna ederler, emma köpelmezler. Çünki Hudaýy terk edip, butlara çörňeşdiler. Köne hem täze şerap halkymyň düşünjesini aýyrýar. Olar hatda agaç butdan maslahat soraýarlar! Olaryň hasasy welilik edýär! Çünki zynalyk ruhy olary ýoldan çykardy. Zyna üçin, öz Hudaýyndan ýüz öwürdiler.
13 Dagyň depesinde gurbanlyk kesýärler, Baýyrlarda bolsa sadaka berýärler. Dub, derek hem saýaly agajyň aşagynda sadaka edýärler. Çünki olaryň kölegesi goýy. Şonuň üçin gyzlaryňyz azgynlyk, gelinleriňiz bolsa zyna edýärler.
14 Siziň azgynlyk eden gyzlaryňyza, zyna eden gelinleriňize jeza bermerin. Çünki erkekleriňiz lolynyň tarapynda bolýarlar. Buthanadaky kemçin bilen gurbanlyk edýärler. Düşünjesiz halk bolsa heläk bolýar.
15 Eý, Ysraýyl, sen zyna etseň-de, Ýahuda bir günäli bolmasyn. Siz Gilgala girmäň, Beýtawene bolsa barmaň. „Rebden ant içýärin“ diýip kasam etmäň.
16 Çünki Ysraýyl boýun egmezek göle ýaly hötjet boldy. Indi Reb olary otluk ýerde, giň örüde tokly bakan ýaly bakyp bilermi?
17 Efraýym butlara ýapyşdy. Ony goý!
18 Olaryň serhoş oturylyşygy tamamlanandan soň, zyna işe geçýärler. Olaryň serdarlary masgaraçylygy söýýär.
19 Ýel olary ganatyna orap alar. Olar gurbanlyklary sebäpli masgara bolarlar».




Chapter 5

1 «Muny eşidiň, eý, ruhanylar. Dykgat ediň, eý, ysraýyllar! Gulak as, patyşanyň öýi! Siziň üstüňizden höküm çykarylar. Sebäbi siz Mispada duzak bolduňyz. Taborda gurlan tor bolduňyz.
2 Bize gazylan garymy çuňaltdyňyz. Ýöne Men baryňyzy ýola salaryn.
3 Men Efraýymy tanaýaryn, Ysraýylam Menden gizlin däldir. Çünki sen zyna etdiň, eý, Efraýym. Ysraýyl hem haramdyr.
4 Bularyň eden işleri Hudaýa dolanmaga goýmaýar. Çünki olaryň kalbynda zyna ruhy bar. Rebbi hem tanamaýarlar.
5 Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär. Ysraýyl hem Efraýymyň günälerine büdräp ýykylar. Ýahuda hem birlikde ýykylar.
6 Ownukly-irili mal-garalary alyp, Rebbi gözlemäge giderler. Ýöne Ony tapmazlar. Çünki Reb olardan çekildi.
7 Olar nikasyz çagalar dogrup, Rebbe biwepalyk etdiler. Täze aý meýlisi olary ekin meýdanlary bilen ýuwudar.
8 Gibgada şah çal, Ramada surnaý. Beýtawende söweş tebilini uruň. „Biz siziň arkaňyzda, Benýamin“ diýip, Beýtawende jar çekiň.
9 Efraýym jeza gününde çöle öwrüler. Ysraýyl tireleriniň arasynda Men muny takyk bildirerin.
10 Ýahuda hökümdarlary araçäk daşyny süýşürýänlere meňzeýär. Men olaryň üstünden gazabymy sil ýaly dökjek.
11 Zulum gördi Efraýym. Höküm bilen ezildi. Çünki bilip durubam, boş hyýalyň yzyndan gitmek isledi.
12 Şonuň üçin Efraýyma güýe ýaly bolaryn, Ýahudanyň neslini çüýrederin.
13 Efraýym keselini, Ýahuda ýarasyny görende, Efraýym Aşuryň ýanyna gitdi. Beýik patyşadan ýardam isledi. Ýöne ol size şypa berip bilmez, Ýaraňyza em etmez.
14 Men Efraýym üçin bir şir, Ýahudanyň öýi üçin bolaryn arslan. Olary parçalan hut Mendirin. Süýräp äkiderin, Olary hiç kim halas etmez.
15 Olar günälerini boýun alyp, Meniň huzurymy ýürekden agtarýançalar, hasratly ýagdaýda meni yzlaýançalar, Men öz mekanyma giderin».




Chapter 6

1 «Geliň, Rebbe dolanalyň. Ol bizi parçalady. Özi şypa berer. Bizi ýaralady. Indi ýaramyzy daňar.
2 Iki günden soňra bizi dirilder, Has takygy – üçünji güni Ol bizi aýaga galdyrar. Onuň huzurynda ýaşaryş.
3 Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýaz ýagyş ýaly bize geljek, Topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek».
4 «Eý, Efraýym, saňa näme edeýin? Eý, Ýahuda, seniň bilen näme etmeli? Siziň söýgiňiz säher dumany, ýerdäki çyg ýaly, basym ýok bolýar.
5 Şoňa görä Men olary pygamberiň sözi bilen parçaladym. Olary agzymdan çykan söz bilen öldürdim. Hökümim nur kimin parlaýar.
6 Çünki Men gurbanlygy däl, wepaly söýgini, Ýakma gurbanlygyndan, Hudaýy tanamaklygy isleýärin.
7 Olar Adam ýaly, ähti bozdular, Ol ýerde maňa wepasyzlyk etdiler.
8 Gilgat ýamanlaryň şäheri, Gan yzy bilen doludyr.
9 Garakçylar adamy nähili peýleýän bolsa, Ruhanylaryň topary-da şeýle. Şekem ýolunda ganhorluk edip, erbet jenaýata ulaşýarlar.
10 Ysraýyl öýünde bir gorkunç zat gördüm: Şol ýerde Efraýym zyna batdy. Ysraýyl haram edildi.
11 Men seniň – halkymyň rysgalyny gaýtaryp berenimde, Seniň üçin jeza güni taýýar bolar, eý, Ýahuda».




Chapter 7

1 «Men Ysraýyla em etjek bolsam, Efraýymyň günäleri, Samarýanyň pislikleri aýan bolar. Çünki olar hile gurýarlar. Öýlere ogry girýär, köçede talaňçylyk edýärler.
2 Olaryň ähli pislikleri Meniň ýadymda. Olar muňa üns bermeýärler. Indi olary eden işleri gurşaýar. Eden işleri gözümiň öňündedir.
3 Olar pisligi bilen patyşasyny, ýalançylygy bilen emeldarlaryny şatlandyrýarlar.
4 Olaryň hemmesi zynagärdirler, Çörekçiniň tamdyry ýaly gyzgyndyr. Ýugrulan hamyr ajaýança bişirijä ody gorjamak gerek däl.
5 Patyşanyň meýlis gününde emeldarlar şerabyň gyzgynyna huşuny ýitirýärler. Patyşa ýaman iş edýänler bilen el-ele berýär.
6 Olar hile bilen oňa ýakynlaşýar. Olaryň gazaby gijäniň soňuna çenli ýanýar. Irden bolsa ýalynly ot ýaly gahary tutaşýar.
7 Olaryň barysy tamdyr ýaly gyzgyn Öz hökümdarlaryny heläk edýärler. Olaryň patyşalarynyň barysy ýykyldy. Hiç biri Meni çagyrmaýar.
8 Efraýym başga halklar bilen garyşýar. Efraýym bir ýüzi bişmedik petir ýalydyr.
9 Onuň güýjüni özgeler iýýär. Parhyna barmady. Saçyna çal sepildi. Muny bilmeýär.
10 Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär. Şonda-da olar öz Hudaýy Rebbe dolanmaýarlar. Barybir Ony gözlemeýärler.
11 Efraýym samsyk we akylsyz gögerçin ýaly, ýa müsürlileri çagyrýar, ýa Aşura gidýär.
12 Olar gidýärkäler Men torumy olaryň üstüne taşlaryn. Asmanyň guşlary ýaly olary aşak indererin. Olara pis işleri üçin temmi bererin.
13 Olaryň dat gününe! Çünki Menden daşlaşdylar. Bela insin başlaryna! Çünki Maňa garşy baş göterdiler. Men olary halas ederdim. Ýöne olar Men barada ýalan söz aýtdylar.
14 Ýüreklerinden maňa perýat etmeýärler. Düşegiň üstünde ýatyp uwlaýarlar. Galla ýa-da täze şerap üçin tenine ýara salýarlar. Menden bolsa ýüz öwürýärler.
15 Men olara nesihat berdim. Ellerine güýç-kuwwat berdim. Ýöne olar Maňa garşy ýamanlyk niýetlediler.
16 Olar ýok zada ýüz tutýarlar. Olar haýynlyk ýaýyna meňzeýärler. Olar zäherli dilinden, emeldarlary gylyçdan ýykylar. Munuň üçin Müsürde olaryň üstünden güljekler».




Chapter 8

1 «Surnaýy dodagyňa ýetir. Çünki çaýkel Rebbiň öýüniň üstünden aýlanýar. Olar Meniň ähtimi bozdy, kanunyma garşy çykdylar.
2 „Hudaýymyz, biz – Ysraýyl Seni tanaýarys“ diýip, Maňa perýat edýärler.
3 Ysraýyl ýagşylygy ret etdi. Duşman ony yzarlar.
4 Menden soraşman, özlerine patyşalar bellediler. Menden soragsyz serdarlary seçdiler. Kümüşden, altyndan özlerine weýrançylyk getirýän butlar ýasadylar.
5 Eý, Samarýa, Men seniň göle – butuňy bütinleý ret etdim. Meniň gazabym olaryň garşysyna alawlady. Haçana çenli olar päk bolup biljek däl?
6 Çünki bu but Ysraýylyň işidir. Ony ussa ýasady. Ol Hudaý däldir. Samarýanyň gölesi bölek-bölek bolar.
7 Olar ýel ekip, tupan orarlar. Sümmülsiz bugdaý un bermez. Hasyl beräýse-de, özgeler iýer.
8 Ysraýyl ýuwdulandyr. Olar başga milletleriň arasynda dereksiz gap bolup galdy.
9 Olar ýeke aýlanýan gulan ýaly, Aşura gitdiler. Efraýym özüne oýnaşlary satyn aldy.
10 Olary başga halklar ýaran bolmaga satyn alsa, Men olary toplap ýygnaryn. Olar tizara beýik patyşanyň salgydyndan sandyrarlar.
11 Efraýym günä üçin gurbanlyk bermäge, köp gurbanlyk sypalaryny gurdy. Bu gurbanlyk sypalary günä mesgeni boldy.
12 Näçe köp kanunlar ýazsam, olar muny ýat zat hasap edýärler.
13 Maňa gurbanlyklar getirýärler, Gurban kesýärler, ýöne eti özleri iýýärler. Reb olardan razy däldir. Indi olaryň günäleri ýatlanar. Etmişlerine görä jeza berler. Olar Müsüre dolanarlar.
14 Ysraýyl özüni Ýaradany unutdy. Özüne köşkler gurdy. Ýahuda hem galalary köpeltdi. Ýöne Men olaryň şäherine ot göndererin. Galalaryny ot ýuwudar».




Chapter 9

1 «Eý, Ysraýyl, şatlanma, beýleki halklar ýaly joşma. Çünki sen zyna edip, Hudaýyňdan uzaklaşdyň. Hemme harman ýerlerinde sen zynanyň muzduna göwün berdiň.
2 Ne däne, ne şerap size ýeter. Siziň täze şeraba bolan umydyňyz puja çykar.
3 Siz Rebbiň topragynda ýaşamarsyňyz. Efraýym Müsüre dolanjak. Aşurda haram zatlar iýersiňiz.
4 Ysraýyl halky içgi sadakasyny Rebbe bermez. Gurbanlyklaryndan Ol razy bolmaz. Onuň nany ýashana ýeriniň çöregi ýaly, ondan iýenler haram bolarlar. Çünki olaryň nany diňe garyn doýurmak üçindir. Ol Rebbiň öýüne getirilmez.
5 Baýramçylyk gününde, Rebbe dabara gününde näme edersiňiz?
6 Olar weýrançylykdan gutulsalar-da, Müsür olary ýygnap alar. Nop şäheri olary gabra gömer. Kümüş hazynasyny demirtiken örter. Çadyrlarynda ýandak biter.
7 Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, Pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.
8 Pygamber meniň Hudaýymyň Efraýymda goýan garawulydyr. Ýöne onuň ugran ýollarynda duzak gurdular. Hudaýyň öýünde-de oňa ýigrenç bar.
9 Gibga günlerinde bolşy ýaly, Olar agyr heläkçilige düşdüler. Ol etmişlerini ýatlar. Olaryň etmişlerine görä jeza bar.
10 Çölde üzüm tapan ýaly, Men Ysraýyly tapdym. Ilkinji miwe beren injir agajyny gören ýaly, Men ata-babalaryňyzy gördüm. Ýöne olar Pegor dagynyň butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urarlar. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular.
11 Bir guş kimin Efraýymyň şöhraty uçup gider. Olardan çaga önmez, ne hamyla bolar, ne-de göwreli.
12 Çagalaryny ýetişdirse-de, Balalaryny ellerinden alaryn. Men olary terk edenimde, Olaryň dat gününe!
13 Men Efraýymy Sur galasy ýaly, otluk ýaýlada gördüm. Emma Efraýym öz ogullaryny jelladyň eline berjek».
14 Ber olara, Reb! Näme berersiň? Aýallaryna önelgesiz ýatgy, süýtsüz göwüs ber.
15 Reb diýýär: «Olaryň Gilgaldaky ýaramaz işleri üçin, şol ýerde olary ýigrendim. Men olary öýümden kowaryn. Indi Men olary halamaryn. Bar hökümdary Maňa garşy baş göterdiler.
16 Efraýym keselledi, köki gurady. Olar miwe bermezler. Çaga dogursalar-da, Men eziz çagalaryny öldürjek».
17 Meniň Hudaýym olary ret eder. Çünki Ony diňlemediler. Olar milletler arasynda sergezdan bolarlar.




Chapter 10

1 Ysraýyl bir golly-pudakly üzüm agajydy, bol-bol bar getirdi. Miwesi artdygyça, şonça köp gurbanlyk sypasyny gurdy. Topragy bereketli boldugyça, dikme daşlaryny bezedi.
2 Olaryň ýüregi ýalançylykdan doldy. Ýazyklaryna görä jeza alarlar. Reb olaryň gurbanlyk sypalaryny dargatjak, Dikme daşlaryny syndyrjak.
3 Olar aýdarlar: «Bizde patyşa ýok, Rebden gorkmaýarys. Patyşa bolsa-da, bize näme edip bilerdi?»
4 Boş gepleýärler, ýalan kasam bilen äht edişýärler. Şoňa görä-de «adalatly» işleri zäherli ot ýaly, sürlen meýdanda birden peýda bolýar.
5 Samarýada ýaşaýanlar Beýtaweniň gölesi üçin gorkýarlar. Ilaty onuň üçin ýas tutar. Onuň şöhraty bilen joşan butparaz ruhanylar aglaýarlar. Çünki şöhraty ondan gitdi.
6 Göle beýik patyşa üçin sowgat bolup, Aşura äkidiler. Efraýym masgaralanar, Ysraýyl agaç butundan uýada galar.
7 Samarýa öz patyşasy bilen suwuň ýüzündäki çybyk ýaly akyp gider.
8 Ysraýylyň günäsi bolan Awendäki sežde edilýän ýerler ýok ediler. Olaryň gurbanlyk sypalarynda ýandak hem gyzgan biter. Olar daglaryna: «Bizi örtüň!» Baýyrlaryna: «Biziň depämize iniň!» diýerler.
9 «Eý, Ysraýyl, Gibga günlerinden bäri günä etdiňiz. Olar şol taýda günälerini dowam etdiler. Pislik edýänlere garşy uruş Gibgada siziň üstüňizi basmazmyka?
10 Men islän wagtymda olara temmi bererin. Öz etmişine iki esse daňlan wagtynda, milletler olaryň garşysyna birleşerler.
11 Efraýym harman döwmegi söýýän öwrendikli gölä meňzeýärdi. Men onuň owadan boýnuna boýuntyryk salmadym. Indi Efraýyma boýuntyryk salaryn. Ýahuda ýer sürer, Ýakup bolsa mala basar.»
12 Özüňiz üçin dogrulyk ekip, wepaly söýgi hasylyny oruň. Tarp ýeriňizi işläň. Çünki Rebbe ýüzlenmek wagty geldi. Ol dogrulygy üstüňize ýagdyrar.
13 Siz etmiş ekip, adalatsyzlyk orduňyz. Ýalanyň miwesinden iýdiňiz. Çünki siz öz ýoluňyza hem söweşijileriň köplügine baýryndyňyz.
14 Halkyň arasynda uruş gopguny dörär. Şalmanyň söweş gününde Beýtarbeli weýran edip, eneler bala-çagalary bilen parçalanyşy ýaly, ähli galalaryň haraba öwrüler.
15 Eý, Beýtel, pisligiňiziň köpdügi üçin, size hem şeýle ediler. Daň atanda ysraýyl patyşasy bütinleý heläk bolar.




Chapter 11

1 «Ysraýyly ýaş wagtynda söýdüm. Oglumy Müsürden çagyrdym.
2 Olar çagyryldygyça, Menden şonça uzaklaşdylar. Bagal butuna gurbanlyk berdiler, butlara ýakymly ysly tütetgi ýakdylar.
3 Efraýyma ýöremegi Men öwretdim, Golumda göterdim olary. Meniň aladamy olar bilmediler.
4 Olary ynsanperwerlik ýüpleri, söýgi baglary bilen Özüme çekdim. Boýunlaryndan boýuntyryklaryny galdyrdym. Eglip olara iýmit berdim.
5 Olar Müsüre dolanarlar. Aşur olara patyşalyk eder. Çünki olar tobany terk etdiler.
6 Galalarynda gylyç ýalawlanyp, derweze gözeneklerini gyrar, olary niýeti-pälleri sebäpli ýok eder.
7 Menden dänmek pikiri halkymyň ýüregine kök urdy. Beýik Hudaýy çagyrsalar-da, olara hiç medet bermez.
8 Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.
9 Gyzgyn gazabymy başyňyza indermen. Efraýymy ýaňadan weýran etmerin. Çünki Men ynsan däl, Hudaýdyryn. Siziň araňyzda Mukaddes Bolan. Men gazap bilen gelmerin.
10 Reb arslan ýaly nagra çeker. Olar Rebbiň yzyna eýererler, Nagra çekende, Onuň çagalary günbatardan titreşip geler.
11 Müsürden guş ýaly, Aşurdan gögerçin ýaly titreşip gelerler. Olary öýlerine eltip goýaryn» – muny Reb aýdýandyr. Ysraýyla we Ýahuda garşy höküm çykar
12 Efraýym ýalançylyk, Ysraýyl hile-mekirlik bilen daşymy gurşady. Ýahuda bolsa heniz Hudaý bilen ýöreýär. Mukaddes Bolana sadyk bolýar.




Chapter 12

1 Efraýym ýel bilen naharlanýar. Uzakly gün gündogardan gelen ýeli kowalaýar. Ýalançylygy, zulumy artdyrýar. Aşur bilen şertnama baglaşyp, Müsüre zeýtun ýagyny gönderýär.
2 Ýahuda bilen Rebbiň dawasy bar. Tutan ýoluna görä Ýakuba jezasyny berjek. Edenini garşysyna gaýtarjak.
3 Ene garnyndaka, Ýakup öz doganynyň ökjesinden tutdy. Ýetişen çagynda, Reb bilen göreşdi.
4 Perişde bilen göreşip ýeňdi. Aglap onuň göwnüni tapjak boldy. Hudaý ony Beýtelde tapdy. Şol ýerde biziň bilen gepleşdi.
5 Hökmürowan Hudaý-Reb onuň tanalýan adydyr!
6 Indi sen Hudaýyň kömegi bilen oňa dolan. Wepaly söýgini we adalatlylygy saklap, hemişe öz Hudaýyňa umyt baglap göz dik.
7 Efraýym täjirdir, elindäki galp terezisi bilen aldamagy söýýär.
8 «Men baýadym – diýer Efraýym. – Özüm üçin gor topladym. Men näme iş edenem bolsam, hiç kim menden günä tapmaz».
9 «Men Reb – seniň Hudaýyň. Seni Müsürden çykaran. Baýramçylyklarda bolşy ýaly, Sizi ýene çadyrda ýaşadaryn.
10 Men pygamberlere gepledim, Men köp aýanlyk gönderdim. Pygamberleriň üsti bilen tymsallar berdim».
11 Gilgatda etmiş bar, olaryň halky nämynasyp. Gilgalda öküzleri gurbanlyk etdiler. Şol sebäpli olaryň gurbanlyk sypasy sürlen meýdandaky daş üýşmegi ýaly bolar.
12 Ýakup Aram ýurduna gaçdy. Ysraýyl ol ýerde aýal almak üçin hyzmat etdi. Öýlenmäge goýun bakdy.
13 Reb pygamber arkaly Ysraýyly Müsürden alyp çykdy. Pygamber üsti bilen ony gorady.
14 Efraýym Taňryny berk gazaplandyrdy. Şonuň üçin Taňry dökülen gany onuň başyna getirer. Onuň masgara işini özüne gaýtarar.




Chapter 13

1 Efraýym geplände, adamlar titreşdi. Onuň Ysraýylda mertebesi beýgeldi. Ýöne Bagal butuna sežde etmekden günäli bolup öldi.
2 Indi günä üstüne günä edýärler. Kümüşden özlerine butlar edinýärler. Butlar hünärli ýasalýar. Hemmesi ussanyň işidir. Adamlara: «Gurbanlyk etsinler! Göleleri öpsünler» diýýärler.
3 Şonuň üçin olar säherki ümür ýaly, basym guraýan çyg ýaly, harmandan sowrulýan harpyk dek, tüýnükden çykýan tüsse ýaly boljaklar.
4 «Men Reb – seniň Hudaýyňdym. Seni Müsür topragyndan çykaran mahalymdan, Men Reb – seniň Hudaýyňdym. Menden başga hudaýy tanamaly dälsiň. Menden başga halasgär ýokdur!
5 Çölde, gurak toprakda saňa göz-gulak bolan Mendirin.
6 Meniň naharymdan, olar doýdular. Doýandan soň olar tekepbir boldular. Soň olar Meni unutdylar.
7 Şonuň üçin men olara arslan ýaly bolaryn. Gaplaň kimin ýoluň ýakasynda, bukuda garaşaryn.
8 Çagalaryndan aýrylan aýy ýaly topularyn, olaryň döşüni çekelärin. Ene arslan kimin olary iýip gutararyn. Wagşy haýwan ýaly olary parçalaryn.
9 Men seni ýok ederin, eý, Ysraýyl. Kim saňa kömek eder?
10 Seni halas eder ýaly, seniň patyşaň nirede? Sen: „Maňa patyşa hem hökümdar ber“ diýipdiň. Seniň şäherleriňdäki hökümdarlar nirede?
11 Men gaharly wagtymda saňa patyşa berdim. Gazabym joşanda bolsa aýyrdym.
12 Efraýymyň etmişleri baglandy. Günäleri saklanyp goýuldy.
13 Ol akylsyz oguldyr. Burgy azaby başlanda – wagty gelende, ol ýatgydan çykmaýar.
14 Men Ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary? Olary ölümden halas etmäýinmi? Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň? Eý, Ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň? Nazarymdan rehimi aýraryn.
15 Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da, Gündogardan epgek, çölden Rebbiň ýeli öwser. Onuň çeşmesi kesiler, guýysy gurap galar. Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».




Chapter 14

1 Samarýa halky öz günäsiniň jezasyny çeker. Çünki Hudaýa garşy çykdylar. Olar gylyçdan heläk bolarlar. Balalary ýere ýazylyp parçalanar. Hamyla aýallarynyň garny ýarylar.
2 Eý, Ysraýyl, Beýik Hudaýyňa dolan. Sen etmişleriň sebäpli büdrediň.
3 Şu dileg bilen Rebbe dolanyň. «Bar etmişlerimizi geç. Ýagşy dileglerimizi kabul et. Öküziň deregine dilimiz bilen töläris.
4 Aşur bizi halas edip bilmez. Söweşe atlanmarys. Indi el bilen ýasan işimize „hudaýymyz“ diýmeris. Çünki ýetim Senden merhemet tapýar».
5 «Olaryň wepasyzlygyna melhem ederin. Men olary çäksiz söýerin. Çünki Meniň gazabym olardan sowuldy.
6 Men Ysraýyla ýeriň çygy ýaly bolaryn. Ol liliýa güli ýaly açylar. Liwan kedri kimin kök urar.
7 Ol pudak ýaýradar. Owadanlygy zeýtun agajy ýaly bolar. Liwanyň kedr agajy deýin ýakymly ys saçar.
8 Olar dolanyp, Meniň saýamda ýaşarlar. Bugdaý kimin bol bolarlar. Üzüm ýaly güllärler. Olaryň ysy Liwan şeraby ýaly bolar.
9 Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».
10 Kim paýhasly bolsa, bu sözlere düşünsin. Kim düşünjeli bolsa, olary bilsin. Çünki Rebbiň ýollary düzdür. Dogruçyllar ol ýoldan gidýärler. Garşy çykanlar ol ýollarda büdreýär.