Ýunus

Chapter : 1 2 3 4

Chapter 1

1 Amytaý ogly Ýunusa Rebbiň sözi geldi:
2 «Hany bol, Ninewä – ol beýik şähere git-de, onuň halkynyň günäkärdigini jar et, çünki olaryň betpälligi Maňa aýan boldy».
3 Ýöne Ýunus Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin ýola düşdi. Ol Ýopa şäherine gelip, Tarşyşa gidýän bir gämi tapdy. Gäminiň ýol kireýini töledi we Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin, ol gämiçiler bilen bile gämä mündi.
4 Emma Reb deňze güýçli ýel iberdi; deňizde elhenç gaý turdy we gämi çagşara geldi.
5 Gämiçileri gorky gaplap aldy; olaryň hersi öz hudaýyny çagyrmaga başlady. Gämini ýeňletmek üçin, olar ýüklerini deňze taşladylar. Ýunus bolsa aşakda, gäminiň içki ammarynda süýji uka gidipdi.
6 Gäminiň başlygy onuň ýanyna gelip: «Heý! Sen näme ýatyrsyň? Tur, öz hudaýyňy çagyr. Belki, onuň rehmi inip, bizi halas eder» diýdi.
7 Şol wagt gämiçiler biri-birlerine: «Geliň, bije atalyň-da, haýsymyz sebäpli bu bela duçar bolandygymyzy bileliň» diýişdiler. Şeýlelikde, olar gurra taşladylar. Gurra Ýunusa düşdi.
8 Onsoň: «Sen bize aýt, näme sebäpli bu bela sataşdyk? Bu ýerde näme işläp ýörsüň? Nireden gelýärsiň? Sen nireli? Haýsy halkdan bolarsyň?» diýip, olar ondan soradylar.
9 Ýunus bulara: «Deňzi we gury ýeri ýaradan Gökdäki Hudaý Rebbe sygynýaryn. Men ýewreýdirin» diýip jogap berdi.
10 Soňra gämiçiler juda gorkdular we Ýunusa: «Näme üçin beýtdiň?» diýdiler. (Sebäbi Ýunus olara özüniň Rebbiň nazaryndan gaçyp barýandygyny aýdypdy.)
11 Deňiz gitdigisaýy gazaba münýärdi. Gämiçiler Ýunusa: «Deňiz köşeşer ýaly, biz seni näme edeli?» diýdiler.
12 Ýunus olara: «Bu gaýa duçar bolmagyňyza özümiň sebäpkärdigimi men bilýärin. Meni göteriň-de, suwa taşlaň, şonda deňiz köşeşer» diýdi.
13 Olar ýetişibildiklerine kürekläp, kenara çykmaga dyrjaşýardylar, ýöne bu olara başartmaýardy, çünki deňiz gitdigisaýy güýçli çyrpynyp, olara garşylyk görkezýärdi.
14 Şondan soň olar Rebbi çagyrmaga durdular: «Ýa Reb, bu adamyň jany üçin bizi heläk etme, bularyň hemmesi Seniň islegiň bilen boldy. Şoňa görä, bizi nähak gana galdyrma».
15 Soňra bolsa Ýunusy göterdiler-de, deňziň düýbüne goýberdiler. Deňiz dessine köşeşdi.
16 Gämiçiler Rebden gaty gorkdular; Oňa gurbanlyk berdiler we Oňa gulluk etmäge kasam içdiler. ‎




Chapter 2

1 Şondan soň Reb uly bir balyga Ýunusy ýuwutmagy emr etdi. Ýunus üç gije-gündizläp balygyň garnynda boldy. Ýunusyň dogasy
2 Soňra Ýunus balygyň garnyndan öz Hudaýy Rebbe ýüzlenip, şeýle doga okady: «Jebir çekenimde, ýa Reb, çagyrdym Seni. Jogap berdiň maňa.
3 Ölüler diýarynyň goýnundan çagyrdym Seni, Eşitdiň Sen nalamy.
4 Çuňluga, deňizleriň bagryna taşladyň meni. Gurşady suwlar meni. Ähli güýçli tolkunlaryň Üstümden geçdi meniň.
5 Şonda nazaryňdan kowuldym diýdim, Eý, Seniň mukaddes ybadathanaňy Ýene nädip görerin diýdim.
6 Suw kekirdegime geldi. Ýesir düşdüm çuňluga. Başyma çolaşdy deňiz otlary.
7 Indim daglaryň köküne. Gapylary baky ýapylýan ýere düşdüm. Ýöne, eý Hudaýym Reb, janymy çuňlukdan halas etdiň.
8 Ýa Reb, jandan umyt üzenimde, Seni çagyrdym. Öz mukaddes ybadathanaňda sözümi eşitdiň.
9 Puç butlara sygynanlar Öz wepalylygyny terk etdiler.
10 Men welin alkyşly aýdymlar bilen Saňa gurbanlyk bererin. Kasamymy berjaý ederin. Gutulyş Rebdendir».
11 Reb balyga emr etdi. Balyk Ýunusy gury ýere gusdy. ‎




Chapter 3

1 Ýunusa Rebbiň sözi ikinji gezek geldi: «Hany bol, Ninewä – şol beýik şähere git-de, Meniň özüňe aýdýanlarymy onuň halkyna ýetir!»
3 Şunlukda, Ýunus Rebbiň sözüne boýun boldy we Ninewä tarap ýola düşdi. Ninewe juda uly şäherdi. Onuň ol başyndan bu başyna çenli üç günlük ýoldy.
4 Ýunus şähere girdi we bir günlük ýol geçip: «Ýene kyrk günden Ninewe ýykyljak» diýip jar çekdi.
5 Nineweliler Hudaýa ynandylar. Olar uludan-kiçä oraza yglan etdiler we jul geýindiler.
6 Bu habar Ninewe patyşasyna ýetende, ol tagtyndan düşüp, şa lybasyny çykardy we jul geýnip, kül üstünde oturdy.
7 Soňra ol özüniň hem-de töreleriniň adyndan Ninewäniň halkyna şeýle buýruk berdi: «Ähli adamlar-da, haýwanlardyr mal-garalar-da hiç zat iýmesinler, suw-da içmesinler.
8 Ynsan-u haýwan jul geýinsin, bar güýji bilen Hudaýa perýat etsin, öz ýaman ýolundan dönüp, bet işlerinden el çeksin.
9 Belki, Hudaý pikirini üýtgeder, gazabyndan saklanar; şeýdip, biz heläk bolmarys».
10 Şondan soň Hudaý olaryň edenlerini, ýaman ýoldan dönendiklerini görüp, gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi. ‎




Chapter 4

1 Ýunus muňa gaty gamlandy we onuň gahary geldi.
2 Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, wepaly söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.
3 Indi bolsa, Ýa Reb, meniň janymy al, çünki ýaşanymdan ölenim gowudyr».
4 Reb oňa: «Seniň gaharlanmaga hakyň barmy?» diýdi.
5 Ýunus şäherden çykdy we onuň gündogar tarapynda bir ýerde dyz epdi. Şol ýerde özüne çatma dikdi we şähere näme bolýanyny görmek üçin, ol onuň kölegesinde oturdy.
6 Ýunusyň üstüne saýa salar ýaly we ony köşeşdirer ýaly, Reb Hudaý ol ýerde bir düýp ösümlik gögertdi. Muňa Ýunusyň göwni galkyndy.
7 Emma ertesi gün daňdan Hudaý bir gurçuk iberdi we ol gurçuk ösümligi içinden iýip, ony guratdy.
8 Gün doganda, Hudaý gündogardan epgek öwüsdirdi. Gün Ýunusyň depesini gaýnadyp başlady, onda ysgyn-mydar galmady. Ol özüne ölüm diläp: «Ýaşanymdan ölenim gowudyr» diýdi.
9 Hudaý Ýunusdan: «Ösümlik babatda gaharlanmaga hakyň barmy?» diýip sorady. Ýunus: «Hawa, hakym bar. Gahardan ýaňa özüme ölüm dileýärin» diýdi.
10 Şonda Reb oňa şeýle diýdi: «Öz zähmetiň siňmedik, bir gijäniň içinde ösüp, bir gijäniň içinde-de guran ösümlige seniň nebsiň agyranda, sagyny-soluny saýgaryp bilmeýän ýüz ýigrimi müňden agdyk adama we köp mal-garasy bolan şeýle uly şäher Ninewä Meniň neneň haýpym gelmesin». ‎