Mika

1 2 3 4 5 6 7

Chapter 1

1 Ýahuda patyşalary Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe mareşaly Mika pygambere Samarýa we Iýerusalim barada Rebbiň sözi geldi. Samarýanyň we Iýerusalimiň ýykylmagy
2 Ähliňiz eşidiň, eý, halklar! Gulak goýuň, eý, zemin we onuň ýaşaýjylary! Hökmürowan Reb mukaddes ybadathanasyndan size garşy güwälik eder.
3 Ine, Reb Öz mekanyndan çykyp, ýer ýüzüne inip, baýyrlarda ýörär.
4 Daglar Onuň aýak astynda erär, dereler böwsülip, otda ereýän mum ýaly, kertden inýän suw deýin bolar.
5 Bularyň bary Ýakubyň nesilleriniň ýazygy, Ysraýyl halkynyň günäleri üçindir. Ýakubyň nesilleriniň ýazygyna kim sebäpkär? Samarýa dälmi? Ýahudanyň butlara sežde edýän ýeri nirede? Iýerusalimde dälmi?
6 «Şonuň üçin Men Samarýany harabaçylyga, üzümçilik ýerine öwrerin. Daşlaryny derä döküp, düýplerini açyk goýaryn» diýýär Reb.
7 «Ähli butlary bölek-bölek ediler, haram gazançlarynyň bary oda ýakylar, butlarynyň baryny ýok ederin, çünki bulary zyna gazanjy bilen toplady. Olar ýene-de zyna gazanjyna öwrüler» diýýär Reb.
8 Munuň üçin men aglap, dady-perýat ederin. Eşiksiz we aýakýalaňaç gezerin. Şagallar kimin uwlaryn. Düýeguşlar kimin gözýaş dökerin.
9 Samarýanyň ýarasyna em ýok. Ol Ýahuda gelip ýetdi. Halkymyň derwezesine, Iýerusalime baryp ýetdi.
10 Muny Gatda aýtmaň, ahy-nalaňyzy bes ediň; Beýtlegaparda gamgynlykdan guma togalanyň.
11 Eý, Şapyr halky! Ýalaňaçlanyp, utanç içinde ötüň. Sawanan halky çadyryndan çykmasyn. Beýtesel halkynyň özi ýas tutýar, ondan size ýardam bolmaz.
12 Marotyň halky ýagşylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar, emma Reb Iýerusalimiň derwezesine bela inderdi.
13 Eý, Lakyş halky, ýüwrük aty araba goş. Sen Siýon gyzynyň günäsiniň başysyň, çünki Ysraýylyň ýazygy senden çykdy.
14 Indi Moreşetgata hoşlaşyk sowgadyny berersiň. Akzyp obasy Ysraýyl patyşalaryna duzak bolar.
15 Eý, Mareşa ilaty, Reb galaňyza basybalyjy gönderer. Ysraýylyň beýik ýolbaşçylary Adullam galasynda gizlener.
16 Söýgili ogullaryňyza ýas tutmak üçin saçyňyzy syryň. Başyňyz çaýkeliňki kimin kel bolsun, çünki çagalaryňyz sürgün ediler. Adalatsyzlyk ýurdy weýran edýär




Chapter 2

1 Düşeginde pislik oýlaýanlaryň, niýetini ýamana düwýänleriň, dat gününe! Daň atanda niýetlerini amala aşyrýarlar, çünki olaryň muňa güýji ýetýär.
2 Gözüne ýakan ekin meýdanlaryny zorluk bilen alýarlar, islän öýlerini eýeleýärler; öý eýesini öýünden, halky mirasyndan mahrum edýärler.
3 Şonuň üçin Reb şeýle diýýär: «Men bu halka garşy bela taýynlaýaryn, ondan boýun gaçyryp bilmersiňiz. Başyňyzy dik tutup gezmersiňiz, çünki bu pis zamana bolar.
4 Şol gün sizi masgaralap ýaňsylarlar, siz şeýle agy aýdymyny aýdarsyňyz: „Büs-bütin weýran bolduk! Reb halkymyň mirasyny dagadýar. Ol muny elimden alýar! Ýerimizi haýynlara paýlaýar“».
5 Muňa görä Rebbiň halkynyň arasynda ýurt bije üsti bilen paýlaşylanda, sizden paýy miras almaga adam tapylmaz.
6 Adamlar: «Wagyz etme» diýip, maňa wagyz edýärler, «Beýle zatlar hakda wagyz etme, biz utanja galmarys» diýýärler.
7 Eý, Ýakubyň nesli, heý: «Rebbiň sabyr käsesi doldumy? Ol beýle işleri edermi?» diýmelimi siz? Meniň sözlerim dogruçylyň haýryna dälmi näme?
8 Emma siz halkymyň garşysyna duşman kimin aýaga galýarsyňyz. Söweşden gelýänleriň, asuda geçip barýanlaryň egninden donlaryny sypyrýarsyňyz.
9 Halkymyň aýallaryny rahat öýlerinden kowýaňyz. Çagalaryny berekedimden ebedilik mahrum edýäňiz.
10 Turuň, gidiň, çünki bu ýer dynçlyk ýeri däldir! Murdarlygyňyz zerarly bu ýer zalymlyk bilen weýran ediler.
11 Ýalançy, kezzap biri gelip: «Size bol şerap we içgi hakynda wagyz edeýin» diýse, bu halk şeýle pygamberi kabul eder.
12 «Eý, Ýakubyň nesilleri, Men hökman ähliňizi bir ýere ýygnaryn. Ysraýyllardan aman galanlaryny bir ýere toplaryn. Men sizi agyldaky goýunlar kimin, örüdäki süri kimin bir ýere getirerin. Ýurduňyz ýene-de adamdan dolar».
13 Taňry ýol açyp, halkyň öňünden gider. Gala derwezelerini ýykyp, daşary çykarlar. Patyşalary baş bolar, Reb öňlerinden ýörär.




Chapter 3

1 Men-Mika diýdim: «Gulak goý, eý, Ýakup nesliniň baştutanlary, Ysraýyl halkynyň hökümdarlary! Adalaty bilmeli siz dälmi näme?
2 Siz ýagşylygy ýigrenip, ýamanlygy söýýärsiňiz, halkymyň hamyny soýup, süýeginden etini sypyrýarsyňyz.
3 Halkymyň hamyny soýup, etini iýýärsiňiz, süýeklerini döwüm-döwüm edip, gazana, taba atyljak et kimin dograýarsyňyz».
4 Soňra olar Rebbe dady-perýat ederler. Emma Reb olara jogap bermez. Ol ýüzüni olardan gizlär, çünki olar pis işleri etdiler.
5 Halkyny azaşdyryp, özlerini doýurýanlara asudalyk diläp, doýurmaýanlara-da uruş yglan edýän pygamberler hakynda Reb şeýle diýýär:
6 «Munuň üçin gijäňiz görnüşsiz bolar, sizi tümlük gaplar, palçylyk edip bilmersiňiz. Pygamberleriň üstünden gün ýaşar, gündiz gijä öwrüler.
7 Görgürler masgara ediler, palçylar utanja galar. Hudaýdan jogap bolmany üçin, olar uýatdan ýüzlerini örterler».
8 Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn.
9 Muňa gulak asyň, eý, adalaty ýigrenip, hakykaty ýoýýan Ýakup nesliniň baştutanlary! Ysraýyl halkynyň ýolbaşçylary!
10 Siýony gan bilen, Iýerusalimi adalatsyzlyk bilen bina edýänler!
11 Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.
12 Şonuň üçin hem siz sebäpli Siýon ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňelik basar.




Chapter 4

1 Şeýle günler geler, Rebbiň öýüniň duran dagy ähli daglardan belentde bolar, ähli baýyrlardan üstün bolar, halklar oňa tarap eňerler.
2 Köp milletler gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň. Reb bize Öz ýollaryny öwreder. Biz hem Onuň ýodalaryndan ýöräris». Çünki kanun Siýondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.
3 Reb halklara höküm eder. Uzakdaky güýçli milletleriň dawa-jenjelini çözer; olaryň gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar. Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, uruş tälimini almazlar indi.
4 Her kes öz üzüm, injir baglarynyň saýasynda oturar, olary hiç kim gorkuzmaz, çünki Hökmürowan Rebbiň Özi aýtdy.
5 Bütin halklar öz hudaýlarynyň yzyna eýererler, emma biz ömürlik Hudaýymyz Rebbiň yzyna eýereris. Ysraýyllar sürgünden gaýdyp geljek
6 Reb diýýär: «Şol gün Men maýyplary ýygnaryn. Kowlan, ejir gören halkymy bir ýere toplaryn.
7 Agsaklary aman galdyraryn, uzaklara sürlenleri güýçli millet ederin. Şu günden tä ebedä çenli Siýon dagynda Men–Reb olara hökümdarlyk ederin».
8 Eý, süriniň gözegçi diňi bolan Siýon gyzynyň galasy! Gaýtarylyp berler hökümdarlygyň, Iýerusalim gyzynyň patyşalygy diklener.
9 Indi näme üçin möňňürip aglaýaň? Dogurýan aýal ýaly nämä ah çekýäň? Patyşaň ýoklugy üçinmi? Geňeşdaryň heläk bolany üçinmi?
10 Eý, Siýon gyzy, dogurýan aýal ýaly agyryňy çekip, görgiňi gör. Çünki indi düzde ýaşarsyň sen, galadan çykyp, Babyla gidip, ol ýerde halas bolarsyň. Reb şol ýerde duşman elinden gutarar seni.
11 Indi köp milletler Saňa garşy birleşip: «Goý, Siýon haram bolsun, muny öz gözümiz bilen göreli!» diýişýärler.
12 Emma Rebbiň pikirini bilmeýär olar, Onuň maksadyna-da düşünmeýärler. Harmanda döwüljek bugdaý desseleri deý jezalandyrmak üçin Reb olary bir ýere jemledi.
13 Reb şeýle diýýär: «Eý, Siýon gyzy! Tur, döwek döw! Şahyňy demirden, toýnaklaryňy bürünçden ederin Men. Onsoň sen köp halklary ezersiň. Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».




Chapter 5

1 Eý, Iýerusalim halky, goşunyňy topla! Daşymyz gabalýar. Ysraýyl hökümdarynyň dulugyna taýak bilen urýarlar.
2 Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.
3 Tä göwreli aýal dogurýança, duşmanlaryna tabşyrylar ysraýyl halky. Soňra onuň ýesir düşen doganlary Ysraýyl halkyna dolanarlar.
4 Ol gelip, Rebbiň güýji bilen, Hudaýy Rebbiň ajaýyp ady bilen bakar sürini. Olar asuda ýaşarlar; bütin dünýä ýaýrar beýikligi onuň.
5 Ol halkyna parahatçylyk getirer. Aşurlylar ýurdumyza gelip, köşgümizi basgylasalar, biz ýedi çopany, sekiz serdary olaryň garşysyna ibereris.
6 Olar Aşur ýurduny gylyç bilen, Nimrody alawly gylyç bilen dolandyrarlar. Serhedimizden geçip, ýurdumyza girjek bolýan aşurlylardan halas ederler bizi.
7 Ýakubyň neslinden aman galanlary köp halklaryň arasynda Rebbiň iberen çygy dek, ynsana garaşmaýan, adamzatdan çözülmeýän, ot üstüne ýagýan çabga dek bolarlar.
8 Ýakubyň neslinden aman galanlary milletleriň, köp halklaryň arasynda jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan, goýun sürüsine aralaşan şir çagasy dek bolarlar, arslan deý hüjüme geçende, basgylap, tüýdüm-tüýdüm eder, hiç kim olary onuň penjesinden halas etmez.
9 Eý, ysraýyllar, siz garşydaşlaryňyzy ýeňersiňiz. Ähli duşmanlaryňyz gyrlyp ýok bolar.
10 Reb diýýär: «Şol gün atlaryňyzy gyraryn, söweş arabalaryňyzyň ýoguna ýanaryn.
11 Ýurduňyzyň şäherlerini weýran ederin, ähli galalaryňyzy haraba öwrerin.
12 Jadygöýleriňizi gyraryn, araňyzda palçy galdyrmaryn.
13 Butlaryňyzy, dikme daşlaryňyzy ýok ederin, indi siz öz eliňiziň işine sežde etmersiňiz.
14 Aşera butlaryny sogrup taşlaryn, galalaryňyzy weýran ederin.
15 Boýun bolmaýan milletlerden gahar-gazap bilen öç alaryn». Reb ysraýyl halkyny günäkärleýär




Chapter 6

1 Rebbiň aýdýan sözüne gulak asyň! Turuň, dawaňyzy daglaryň öňünde beýan ediň, Baýyrlar-da sesiňizi eşitsin!
2 Eý, daglar, ýer ýüzüniň sarsmaz binýatlary, Rebbiň dawasyna gulak asyň! Çünki Rebbiň Öz halky bilen dawasy bar, Ol Ysraýyl bilen haklaşar.
3 «Eý, halkym, Men saňa näme etdim? Nämede saňa ýük boldum? Maňa jogap ber!
4 Men sizi Müsürden çykardym, Gulçulykdan azat etdim, Size baş edip, Musany, Haruny we Merýemi iberdim.
5 Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.
6 Rebbiň huzuryna näme bilen baraýyn? Gökdäki Hudaýa nähili sežde edeýin? Onuň huzuryna ýakma gurbanlygy bilen geleýinmi? Ýa-da bir ýaşar göleler bilen?
7 Reb müňlerçe goçdan, On müňlerçe zeýtun ýagly derýadan hoşal bolarmy? Ýazygym üçin nobahar oglumy bereýinmi? Janymyň günäsi üçin bilimden öneni bereýinmi?
8 Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?
9 Reb gala seslenýär, (Seniň adyňdan gorkmak danalykdyr). Ol diýýär: «Eý, halk we gala jemagaty, diňläň!
10 Öýlerini haram hazynalardan dolduran pisleri, Men nädip bilmezlige salaýyn? Kem ölçemek näletlidir.
11 Ýalan tereziler ulanan, Torbasy kem ölçeg daşly adamy Men neneňsi aklaýyn?
12 Baýlary sütemden doly, halky-da ýalançy, agyzlaryndan ýalan sözler çykýar.
13 Şonuň üçin Men size zarba urup, günäleriňiz sebäpli sizi weýran etdim.
14 Iýersiňiz, emma doýmarsyňyz, aç galarsyňyz. Ýygnarsyňyz, ýöne saklamarsyňyz. Saklanyňyzy gylyç bilen ýok ederin.
15 Ekersiňiz, emma ormarsyňyz. Zeýtuny ýenjersiňiz, emma ýagyny sürtmersiňiz, üzüm sykarsyňyz, emma şerabyny içmersiňiz.
16 Çünki Omry şanyň parzlaryna, Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz, geňeşlerine uýduňyz. Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin, ilatyňyzy ile ryswa ederin; halkymyň kemsitmesini çekersiňiz».




Chapter 7

1 Dat günüme meniň! Çünki men tomus miwesiniň, üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin; ýekeje salkym ýok iýer ýaly; injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!
2 Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar.
3 Pis işe türgendir elleri, hökümdarlar, kazylar para soraýarlar, güýçlüler arzuwyna zor bilen amal edýärler. Adalaty ýoýýarlar şeýdip.
4 Iň gowusy tiken kimindir, iň dogruçyly tikenli germewden beterdir. Gözegçileriniň duýduryşy deý, olaryň jeza güni gelip ýetdi. Indi howsala düşýär olar.
5 Dostuňa ynanma, gardaşyňa bil baglama, gujagyňda ýatýan aýalyňyň ýanynda agzyňa bek bol.
6 Çünki ogly atasyny äsgermeýär, gyz enesine garşy gidýär, gelin gaýynenesiniň ýüzüni alýar, öz içeriňiz size duşmandyr.
7 Emma men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn. Maňa gulak asar Hudaýym.
8 Eý, duşmanym, heşelle kakma halyma, ýykylsam-da, galaryn. Garaňkylykda otursam-da, Reb maňa nur bolar.
9 Meniň tarapymy çalyp, höküm edip, tä alyp berýänçä hakym, çekmelidirin Onuň gahar-gazabyn. Çünki men Rebbe garşy günä etdim. Ol meni ýagtylyga çykarar, Men Onuň hakykatyny görerin.
10 «Hany, Hudaýyň Reb nirede?» diýen duşmanym muny görer, ol utanja galar. Duşmanymyň ýykylyşyny öz gözlerim bilen görerin. Köçeleriň palçygy dek, aýak astynda basgylanar ol.
11 Eý, Iýerusalim, diwarlaryň guruljak güni geler! Şol gün uzaklara gider serhet.
12 Şol gün Aşurdan Müsüre, Müsürden Perat derýasyna, deňizden deňze, dagdan daga çenli uzaklardan gelerler size.
13 Emma ilatlaryň etmişleri sebäpli, weýran bolar ýer ýüzi.
14 Ýa Reb, Öz mirasyň bolan bu sürä, Öz halkyňa hasaň bilen çopançylyk et! Olar tokaýlarda, gök ýaýlalarda ýeke ýaşaýarlar; gadymkylar deý Başanda, Gilgatda otlat olary.
15 Bize ajaýyp zatlar görkez Müsürden çykaran döwrüňdäki deý.
16 Milletler muny görüp, öz kuwwatlaryndan utanarlar. Ellerini agyzlaryna tutarlar, gulaklaryny dykarlar.
17 Ýylanlar we süýrenijiler ýaly gum ýalarlar. Galalaryndan titreşip çykarlar. Gorky içinde Hudaýymyz Rebbe tarap öwrülip, Senden heder ederler.
18 Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.
19 Rehimi iner Onuň bize ýene-de. Etmişlerimizi aýak astyna atar. Ähli günälerimizi deňziň düýbüne taşlarsyň.
20 Owaldan bäri ata-babalarymyza söz berşiň ýaly, Ýakuba we Ybraýyma wepalylygyňy görkezersiň.