Habakuk

Chapter : 1 2 3

Chapter 1

1 Habakuk pygambere aýanlyk üsti bilen gelen pygamberlik. Habakuk adalatsyzlykdan şikaýat edýär
2 Ýa Reb, haçana çenli medet diläp perýat edeýin? Sen gulak salýaňmy? Zulumdan perýat edýän, Ýöne Sen halas etmeýäň.
3 Näme üçin pisligi maňa gördürýäň? Ýamanlyga neneň çydaýaň? Zorluk we zulum gözümiň alnynda, Uruş-galmagalyň, jenjeliň soňy gelenok.
4 Şonuň üçin kanunyň güýji ýok, Adalata ýol ýok, Erbetler dogruçyllardan üstün çykýarlar, Şeýdibem, hakykat ýoýulýar.
5 «Milletlere serediň! Haýran galyň! Siziň günleriňizde Etjek işimi eşideniňizde, Gulagyňyza ynanmarsyňyz.
6 Özgeleriň ýurtlaryny eýelejek bolup, Dünýäniň çar tarapyna ýöriş edýän Rehimsiz we zalym babyl milletini Size garşy öjükdürerin.
7 Aýylganç hem gorkunçdyrlar, Öz düzgünlerine görä hereket edýärler.
8 Atlary barsdan ýüwrük, Özlerem gijeki aç gurtdan guduz, Atlylary uzakdan ýer gazap gelýär, Aw üstüne topulýan bürgüt dek okdurylýarlar.
9 Zulum etmekde olaryň hyýaly, Çölüň ýeli kimin öňe dyzaýar, Ýesirleri çäge kimin toplaýarlar.
10 Patyşalary masgaralaýarlar, Hökümdarlary ýaňsylaýarlar, Galalaryň üstünden gülýärler, Ýanynda depe ýasap, ele salýarlar.
11 Olar ýel kimin geçip gidýärler. Bu günäli adamlaryň hudaýy – öz güýçleridir».
12 Owaldan bar bolan Sen dälmi, ýa Reb?! Mukaddes Hudaýym biz ölmeris! Eý, Reb, babyllary bize höküm etsin diýip saýladyň, Eý, Gaýam, olary bize jeza bersin diýip bellediň.
13 Pisligi görerden päkdir gözleriň, Ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen, Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýäň, Erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka, Sen näme dymýarsyň?
14 Sen ynsanlary deňizdäki balyklar ýaly, Serdarlary bolmadyk süýrenijiler ýaly etdiň.
15 Duşmanlar olary çeňňek bilen tutýarlar, torlary bilen awlaýarlar, giň torda gyra çekip çykarýarlar. Muňa şatlanyp, heşelle kakýarlar.
16 Olar hudaýlary hökmünde toruna gurbanlyk berýärler, Toruň hatyrasyna ýakymly ysly tütetgi ýakýärlar, Çünki tory olary lezzetli durmuş, Bol saçak bilen üpjün edýär.
17 Torlaryny boşatmagyny dowam ederlermi? Milletleri rehimsizlik bilen gyrarlarmy?




Chapter 2

1 Gözegçilik edýän ýerimde duraryn, Diňiň üstüne çykaryn, Rebbiň maňa näme diýjegini bileýin, Şikaýatyma näme jogap berjegini göreýin. Rebbiň Habakuga jogaby
2 Reb maňa şeýle jogap berdi: «Aýanlygy ýaz, Habarçy bir nazarda okar ýaly Ony düşnükli hem aýdyň edip ýaz.
3 Aýanlyk bellenen wagt üçindir, Ol kyýamat barada aýdýar, bu ýalan däl, Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, Ol wagt hökman geler, eglenmez.
4 Sered-ä olaryň tekepbirligine! Olaryň niýeti betpäl, Emma dogruçyl iman bilen ýaşar».
5 Tekepbirler şerap deý hilegärdirler, Olarda ynjalyk bolmaz, Ölüler dünýäsi ýaly açgözdürler, Doýmazlar asla ölüm ýaly. Bütin milletleri ýanlaryna toplap, Ähli halklary basyp alýarlar olar.
6 Ýesirler olary ýaňsylap diýýärler: «Ogurlanan zatlary toplaýanyň dat gününe! Haçana çenli agyr girewleri öz üstüňe aljak?».
7 Algydarlaryňyz bir gün duýdansyz peýda bolup, Oýanyp, sizi gorkudan titretmezlermi? Onsoň siz olara olja bolarsyňyz.
8 Köp milletleri talandygyňyz üçin, Ynsanlaryň ganyny döküp, Ýurda, şäherlere we ilatyna sütem edendigiňiz üçin, Halklaryň aman galanlary sizi talarlar.
9 Öýüni haram gazanç bilen doldurýanyň, Betbagtlyk penjesinden gaçmak üçin, Öýüni belentlikde gurýanyň dat gününe!
10 Köp halklaryň soňuna çykmak bilen Öz öýüňizi utanja goýduňyz, Janyňyzdan mahrum bolduňyz.
11 Hatda diwar daşlary bu barada gygyrarlar, Agaç pürsi jogap berer.
12 Gan döküp, şäher guranyň, Adalatsyzlyk bilen galanyň düýbüni tutanyň Dat gününe!
13 Halklaryň çeken zähmetiniň biderek bolmagy, Milletleriň özlerini biderek kösemegi Bu Hökmürowan Rebbiň işi dälmidir?
14 Suwlaryň deňzi dolduryşy deýin, Bütin ýer ýüzi-de, Rebbiň şöhraty hakyndaky bilimden dolar.
15 Ýalaňaçlygyna tomaşa etjek bolup, Goňşularyny şerapdan serhoş edýänleriň dat gününe!
16 Şan-şöhratyňyz utanja öwrüler, Indi siz hem içip, serhoş ýörersiňiz, Reb size sag elindäki jeza käsesinden içirer, Şonda siz abraýdan düşüp, ile ryswa bolarsyňyz.
17 Liwanda eden sütemiňiz öz başyňyza geler, Gyran haýwanlaryňyz sizi uly howpa salar, Çünki siz ynsan ganyny dökdüňiz, Ýurtlara, şäherlere ilaty bilen sütem etdiňiz.
18 Hünärmendiň ýasan oýma we guýma butlarynyň, Ýalançylygy öwretmekden başga ne haýry bar? Ýasalan zat diňe but bolup, gepläp bilmese-de, Hünärment öz ýasan zadyna bil baglaýar.
19 Agaja: «Oýan!» Dilsiz daşa: «Tur!» diýýäniň, dat gününe! But ýol görkezip bilermi? Altyn-kümşe gaplanandyr ol, Ýöne içinde jany bolmaz.
20 Emma Özüniň mukaddes ybadathanasyndadyr Reb, Goý, bütin dünýä dymsyn Onuň öňünde!




Chapter 3

1 Pygamber Habakugyň Şigýonota boýunça dilegi.
2 Şan-şöhratyň barada eşitdim, ýa Reb! Ýa Reb, işleriňe haýranlar galýan! Biziň döwrümizde işleriňi janlandyr, Biziň günlerimizde olary aýan et, Gazap içindekäň rehim etmegi unutma.
3 Hudaý Temandan, Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi. Sela Onuň şöhraty gökleri gaplady, Ýer ýüzi Oňa bolan öwgülerden doldy.
4 Onuň ýagtysy Gün kimindir, Elleri nur saçýandyr, Gudratynyň syry elindedir.
5 Onuň öňünden gyrgyn keseli, Yzyndan ölüm gitdi.
6 Ol saklananda, ýer sarsdy, Ol bakanda, milletleri titretdi, Gojaman daglar kül boldy, Gadymy baýyrlar baş egdi. Onuň ýollary ebedidir.
7 Kuşan çadyrlaryny muşakgat astynda gördüm, Midýan ýurdunyň çadyrlary gorkudan titredi.
8 Ýa Reb, gazabyň derýalara garşymydy? Gaharyň çeşmelere garşymydy? Atlaryňa, ýeňilmez söweş arabalaryňa müner ýaly, Gazabyň deňizlere garşymydy?
9 Ýalaňaç ýaýyňy galgatdyň, Sagdagyňy okdan doldurdyň. Sela Ýer ýüzüni akar suwlar bilen ýardyň.
10 Seni görüp, daglar titreşdi, Siller joşdy, Çuňluklar seslenip, Tolkunlar möwç urdy.
11 Uçuşýan oklaryň ýagtysyndan, Parlaýan naýzalaryň ýalpyldysyndan, Gün bilen Aý ýerlerinde durdy.
12 Ýer ýüzüne gazap bilen gadam basdyň, Milletleri gahar bilen depelediň.
13 Sen Öz halkyňyň gutulyşy üçin, Seçip saýlanany halas etmek üçin geldiň, Pis nesilbaşyny ezdiň, Ony depesinden dabanyna çenli soýduň. Sela
14 Esgerleri tüweleý dek bizi dargatmaga gelende, Olaryň başyny baştutanyň naýzalary bilen deşdiň. Gizlenen pukaralary ýuwutmak olara hoş ýakýar.
15 Atlaryň bilen deňizden geçip, Joşgunly suwlary köpükletdiň.
16 Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, Sesinden dodaklarym tibirdedi, Süňňüm eräp, Dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan Injek betbagtlyk gününe Sabyrsyzlyk bilen garaşaryn.
17 Injir agajy güllemese-de, Üzüm agaçlary miwe getirmese-de, Zeýtun agaçlary hasyl bermese-de, Ekin meýdanlary hasyl öndürmese-de, Dowar agyllary boş galyp, Ýataklar mal-garasyz bolsa-da,
18 Men Rebde şatlanaryn, Halasgärimde ýüregim joşar.
19 Beýik Hudaý güýjüm-kuwwatymdyr, Aýaklarymy keýigiň aýaklary dek edip, Meni belentliklerde gezdirýär. Horuň baştutanyna: kirişli saz gurallary bilen.