Hagaý

Chapter : 1 2

Chapter 1

1 Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birinji güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şeýaltiýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa Rebbiň sözi geldi.
2 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bu halk Rebbiň öýüni täzeden gurmagyň entek wagty gelenok diýýär».
3 Onsoň Hagaý pygamberiň üsti bilen Rebbiň şu sözi geldi:
4 «Bu öý haraba bolup ýatyrka, özüňiziň kaşaň jaýlarda ýaşamagyňyzyň wagtymy?
5 Şonuň üçin indi Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Öz ýaşan ýyllaryňyza ser salyp pikir ediň.
6 Siz köp ekip, az hasyl alýarsyňyz, iýip doýmaýarsyňyz, içip ganmaýarsyňyz, geýinýärsiňiz, ýöne ýylynmaýarsyňyz, gazanjyňyz düýbi deşik pul torba düşýär“».
7 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öz ýaşan ýyllaryňyza ser salyp pikir ediň.
8 Daglyga gidiň-de, agaç getiriň we Meniň öýümi guruň. Şonda Men hoşal bolaryn, şöhratlanaryn, muny Reb diýýär.
9 Siz köp hasyla garaşýardyňyz, ýöne ol hasyl az bolup çykdy. Ony öýe getireniňizde, Men ony ýele sowurdym. Näme üçin? Meniň öýümiň haraba öwrülip ýatany üçin! Men muny siziň ähliňiziň diňe öz öýleriňiz bilen gümradygyňyz üçin şeýle etdim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.
10 Şonuň üçin-de asman ygaly, ýer hasyly sizden gysganýar.
11 Şeýle hem Men ýurda we onuň daglaryna, galla meýdanlaryna, üzümçiliklerine, zeýtun baglaryna, ýerden önýän ähli önümlere, ynsandyr haýwanlaryň üstüne, çekýän ähli zähmetiňiziň üstüne gurakçylyk jezasyny inderdim».
12 Şeýaltiýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisi Rebden gorkup, özleriniň Hudaýy Rebbiň sözüne we Hagaý pygamberiň aýdanlaryna gulak asdylar. Çünki Hagaý pygamberi Beýik Hudaý iberipdi.
13 Onsoň Rebbiň wekili Hagaý Rebbiň şu habaryny halka ýetirdi. Ol: «Reb: „Men siziň bilendirin“ diýýär» diýdi.
14 Reb Ýahudanyň häkimi Şeýaltiýeliň ogly Zerubabylyň, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň we halkyň aman galanlarynyň ählisiniň kalbyny oýardy. Onsoň olar gelip, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň öýüni gurmaga başladylar.
15 Bu waka patyşa Darýuşyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň ýigrimi dördüne bolup geçdi.




Chapter 2

1 Bu ýylyň ýedinji aýynyň ýigrimi biri güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Rebbiň şu sözi geldi:
2 «Indi Ýahudanyň häkimi Şeýaltiýeliň ogly Zerubabyla, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisine ýüzlenip, şeýle diý:
3 „Araňyzda bu öýüň öňki şöhratyny görenlerden kim bar? Indi ol size nähili görünýär? Siziň nazaryňyzda ol hiç zatça görünýän-ä däldir?
4 Eý, Zerubabyl, ruhdan düşme, muny Reb diýýär. Eý, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa, ruhdan düşme! Eý, ýurduň ähli halky, ruhdan düşme. Muny diýýän Men – Rebdirin. Işläň, çünki Men siziň bilendirin, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.
5 Müsürden çykanyňyzda, size söz berşim ýaly, Ruhum araňyzdadyr, gorkmaň!“»
6 Çünki Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men az salymdan ýene bir gezek gögi we ýeri, deňzi we gury ýeri titrederin.
7 Men ähli milletleri-de sarsdyraryn, şonda ähli milletleriň hazynalary şu ýere geler we Men bu öýi şan-şöhratdan dolduraryn. Muny diýýän Men – Hökmürowan Rebdir.
8 Kümüş-de, altyn-da Meniňkidir. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
9 Men ýene: „Bu öýüň soňky şöhraty onuň öňki şöhratyndan hem has belent bolar“ diýýärin. Bu ýere abadançylyk bererin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».
10 Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň dokuzynjy aýynyň ýigrimi dördi güni Hagaý pygambere Rebbiň şu sözi geldi:
11 «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ruhanylardan kanun hakynda sora.
12 Eger bir adam Rebbe bagyş edilen eti etegine salyp äkidende, onuň etegi çörege, çorba, şeraba, ýaga ýa-da başga bir iýmite galtaşsa, şolar mukaddes bolarmy?“». Ruhanylar: «Ýok» diýip jogap berdiler.
13 Onsoň Hagaý: «Eger ölä galtaşyp, haram bolan adam bu zatlardan birine elini degirse, şol zat murdar bolarmy?» diýip sorady. Ruhanylar muňa: «Hawa, ol murdar bolar» diýip jogap gaýtardylar.
14 Onsoň Hagaý şeýle diýdi: «Reb bu halk, bu millet hem Meniň nazarymda şeýledir diýýär. Olaryň edýän ähli işleri-de şeýledir, şonuň üçin olaryň hödür edýän zatlarynyň hemmesi murdardyr.
15 Indi şu günden beýläk öz ýagdaýlaryňyz hakda pikir ediň. Rebbiň ybadathanasynda daş üstüne daş goýulmazdan öň
16 nähili ýaşapdyňyz?! Biri ýigrimi batmanlyk harmany ýygnamaga gelende, ol on batman çykardy. Ol şeraply çelekden elli küýze şerap aljak bolanda, diňe ýigrimi küýze çykardy.
17 Men el zähmetiňiz bilen öndürýän ähli önümleriňiziň üstünden epgek öwüsdirip, heň we doly bilen harapladym. Emma siz şonda-da Maňa tarap öwrülmediňiz, muny Reb diýýär.
18 Şu günden, ýagny dokuzynjy aýyň ýigrimi dördünden – Rebbiň ybadathanasynyň düýbi tutulan gününden beýläk öz ýagdaýlaryňyz hakda mazaly oýlanyň.
19 Ammarda tohum galdymy? Galmady. Üzüm, injir, nar we zeýtun agaçlary entek hem hasyl berýärmi? Bermeýär. Men size şu günden beýläk bereket ýagdyraryn».
20 Şol gün – aýyň ýigrimi dördi güni Hagaý pygambere ikinji gezek Rebbiň şu sözi geldi:
21 «Ýahudanyň häkimi Zerubabyla Meniň Ýeri we Gögi titretjekdigimi aýt.
22 Patyşalaryň tagtlaryny agdararyn, Men milletleriň patyşalyklarynyň güýjüni ýok ederin. Söweş arabalardyr olaryň üstündäkileri agdararyn, atlardyr olaryň çapyksuwarlaryny ýykaryn, her kim öz ýoldaşynyň gylyjyndan heläk bolar».
23 Hökmürowan Reb ýene şeýle diýýär: «Eý, gulum, Şeýaltiýeliň ogly Zerubabyl, şol gün Men seni getirip, möhür ýüzügim deý ederin, çünki Men seni saýladym. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».