Chapter 1

1 Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylynyň sekizinji aýynda Ydonyň agtygy, Berekýanyň ogly Zakarýa pygamberiň üsti bilen Rebbiň sözi geldi:
2 «Men – Rebbiň siziň ata-babalaryňyza gaty gahary geldi.
3 Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Maňa tarap öwrülsinler. Şonda Menem size tarap öwrülerin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.
4 Ata-babalaryňyz ýaly bolmaň. Öňki pygamberler olara ýüzlenip, şuny jar etdiler: Hökmürowan Reb ýaman ýollaryňyzdan, pis işleriňizden el çekiň diýýär. Ýöne olar muny diňlemediler, Maňa gulak asmadylar. Muny diýýän Men – Rebdirin.
5 Hany ata-babalaryňyz, olar nirede? Pygamberler, näme, baky geldilermi?
6 Emma gullarym bolan pygamberlere buýran sözlerimdir, beren duýduryşlarymy, näme, ata-babalaryňyz ýerine ýetiren däldir öýdýäňizmi? Olar toba edip, Hökmürowan Reb öz tutan ýolumyza hem etmişlerimize görä bize näme etmegi niýetlän bolsa, şony hem etdi diýdiler“».
7 Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylynyň on birinji aýynyň – Şebat aýynyň ýigrimi birinji güni Ydonyň agtygy Berekýanyň ogly bolan men-Zakarýa pygambere Rebbiň sözi geldi.
8 Agşam jülgedäki mirt agaçlaryň arasynda duran bir dor atly adamy gördüm. Onuň ýeňsesinde dor, gyr hem-de ak atlar bardy.
9 Men: «Jenabym, bular näme?» diýip soradym. Meniň bilen gepleşip duran perişde maňa: «Olaryň nämedigini men saňa görkezerin» diýdi.
10 Onsoň mirt agaçlaryň arasynda duran: «Olar Rebbiň dünýäni aýlanyp çykmak üçin iberenleri» diýip jogap berdi.
11 Soňra olar Rebbiň mirt agaçlarynyň arasynda duran perişdesine: «Biz dünýäni aýlandyk, hawa, tutuş dünýä parahat eken» diýdiler.
12 Rebbiň perişdesi: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen ýetmiş ýyllap Iýerusalim bilen Ýahuda gahar etdiň, ýene-de näçe wagtlap olaryň şäherlerinden Öz rehmetiňi gaýgyrjak?» diýdi.
13 Soňra Reb meniň bilen gepleşen perişdä mähirli hem köşeşdiriji sözler bilen jogap berdi.
14 Meniň bilen gepleşen perişde maňa şeýle diýdi: «Şu habary jar et we Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men Iýerusalimi, hawa, Siýony juda gabanýaryn.
15 Men Öz halkymy diňe ýeňil jezalandyrmakçydym, emma asudalykda biperwaý oturan bu halklar olaryň başyna düşen külpeti has hem artdyrdylar. Indi bu halklara Meniň gaty gaharym gelýär“».
16 Şoňa görä, Reb şeýle diýýär: «Men duýgudaşlyk bilen Iýerusalime tarap öwrülerin; Meniň ybadathanam şol ýerde gurlar we Iýerusalimi dikeltmek üçin ölçeg ýüpi çekiler. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».
17 Şuny-da jar edip, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Meniň şäherlerim ýene bolelinlige ýeter. Men-Reb Siýony ýene köşeşdirerin we Iýerusalimi ýene saýlaryn».
18 Soňra men seredip durkam, dört sany şah gördüm.
19 Özüm bilen gepleşen perişdeden: «Bular näme?» diýip soradym. Ol: «Bular Ýahudany, Ysraýyly hem-de Iýerusalimi dargadan şahlar» diýip jogap berdi.
20 Soňra Reb maňa dört ussany görkezdi.
21 Men: «Olar näme üçin geldiler?» diýip soradym. Reb maňa: «Bu şahlar ýahuda halkynyň içinden ýekejesi-de baş galdyrmaz ýaly, olary dargatdylar. Ýöne bu ussalar şahlara howp salyp, olary döwmäge geldiler. Sebäbi bu şahlar Ýahudanyň garşysyna hüjüm edip, onuň halkyny dargatdylar» diýip jogap berdi.




Chapter 2

1 Soňra men seredip durkam, eli ölçeg ýüpli bir adamy gördüm.
2 Men ondan: «Nirä barýarsyň?» diýip soradym. Ol maňa: «Iýerusalimi ölçäp, onuň giňliginiň hem-de uzynlygynyň näçedigini bilmäge barýaryn» diýip jogap berdi.
3 Meniň bilen gepleşen perişde menden daşlaşanda, başga bir perişde ony garşylamaga çykdy.
4 Ol: «Bar, ylga-da şol ýigide aýt: Ol ýerde ýerleşjek san-sajaksyz adamlardyr mal-garadan ýaňa Iýerusalim diwarsyz bir şäher bolar.
5 Men onuň daşynyň otly diwary, içiniň şöhraty bolaryn. Muny Reb diýýär» diýdi.
6 Reb şeýle diýýär: «Haýdaň, haýdaň! Demirgazyk ýurdundan gaçyň. Çünki Men sizi gögüň dört tarapyna öwüsýän ýel kimin dargatdym, muny Men – Reb aýdýandyryn.
7 Haýda, Babylda ýaşaýan Siýon, gaç!».
8 Çünki Hökmürowan Reb meni Öz şöhraty üçin iberdi. Sizi talan halklar babatda Ol şeýle diýýär: «Siýona degen hut Meniň görejime degýändir.
9 Indi Men olaryň garşysyna el göterjek; olary öz gullary talaňa salar». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.
10 «Aýdym aýt, şatlan, eý, Siýon gyz! Men gelip, siziň araňyzda mekan tutjak. Muny Reb diýýär.
11 Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.
12 Reb mukaddes toprakda Öz paýy hökmünde Ýahudany mülk edip alar we ýene Iýerusalimi saýlar.
13 Ähli janly-jandarlar, Rebbiň öňünde ümsüm boluň; Ol turup, mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.




Chapter 3

1 Men Rebbiň perişdesiniň öňünde duran baş ruhany Ýeşuwany hem-de ony günäkärlemek üçin sagynda duran şeýtany gördüm.
2 Reb şeýtana şeýle diýdi: «Reb saňa käýeýär, eý, şeýtan, Iýerusalimi saýlan Reb saňa käýeýär! Bu adam otdan çykarylan kesindi dälmi näme?»
3 Perişdäniň öňünde duran Ýeşuwanyň egnindäki geýimi kirlidi.
4 Perişde öňünde duranlara: «Onuň kirli geýimlerini çykaryň» diýdi. Ol Ýeşuwa ýüzlenip: «Seret, günäňi aýryp taşladym, men saňa toý lybasyny geýdirýän» diýdi.
5 Onsoň men – Zakarýa: «Ýeşuwanyň başyna tämiz selle orasynlar» diýdim. Olar onuň başyna tämiz selle oradylar, ony geýindirdiler. Rebbiň perişdesi-de onuň ýanynda durdy.
6 Rebbiň perişdesi Ýeşuwa şeýle güwä geçdi:
7 «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyryklarymy ýerine ýetirseň, sen Meniň ybadathanamy dolandyrarsyň, howlularyma gözegçilik edersiň. Men saňa şu ýerde duranlaryň arasynda gezmek hukugyny bererin.
8 Indi gulak salyň, eý, baş ruhany Ýeşuwa, sen we öň ýanyňda oturan ruhanylar – siziň hemmäňiz geljekde boljak işleriň alamatysyňyz. Men Şaha diýen gulumy orta çykarjakdyryn.
9 Ine, Ýeşuwanyň öňünde goýan ýedi gözli daşym. Men onuň ýüzüne oýup hat ýazjak. Men bir günüň içinde şu ýurduň günäsini aýryp taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
10 Şol gün siz biri-biriňizi üzüm hem-de injir agaçlaryňyzyň aşagyna oturmaga çagyrarsyňyz. Muny Hökmürowan Reb diýýär“».




Chapter 4

1 Meniň bilen gepleşen perişde ýene geldi-de, meni ukudan oýaran ýaly edip turuzdy.
2 Ol menden: «Näme görýäň?» diýip sorady. Men: «Guýma altyndan edilen şemdany görýärin; onuň depesinde ýag gaby, üstünde ýedi çyra, ýedi çyranyň her biriniň ýedi turbajygy bar.
3 Olaryň ýanynda iki sany zeýtun agajy bar. Olaryň biri ýag gabynyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapynda» diýip jogap berdim.
4 Men perişdeden: «Jenabym, bular näme?» diýip soradym.
5 Meniň bilen gepleşen perişde: «Bularyň nämedigini bileňokmy?» diýip sorady. Men: «Ýok, jenabym» diýdim.
6 Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
7 Sen kimmişiň, eý, beýik dag? Sen Zerubabylyň öňünde tep-tekiz bolarsyň. Ol ybadathananyň iň soňky daşyny goýýarka, halk „Ne gözel, ne ajap!“ diýip gygyrar».
8 Şeýle hem maňa Rebbiň şu sözi geldi:
9 «Şu ybadathananyň binýadyny Zerubabylyň elleri tutdy. Ony ahyryna çenli alyp gitjek hem şonuň elleridir». Şonda meni siziň ýanyňyza Hökmürowan Rebbiň iberendigini, sen – Zerubabyl bilersiň.
10 «Ýeňil işler eden gününi ähmiýetsiz hasaplanlar Zerubabylyň elindäki şuguly görüp şatlanarlar. Bu ýedi çyra Rebbiň gözüdir, olar dünýäni aýlanyp ýörendir».
11 Men ol perişdeden: «Onda şemdanyň sagyndaky hem çepindäki iki düýp zeýtun agajy nämäni aňladýar?» diýip soradym.
12 Ondan ýene-de: «Iki altyn turbajygyň üsti bilen altyn reňkli ýag çykaryp duran zeýtun agajynyň iki şahasy nämäni aňladýar?» diýip soradym.
13 Ol menden: «Bularyň nämedigini bileňokmy?» diýip sorady. Men: «Ýok, jenabym» diýdim.
14 Ol: «Bular mesh edilip, bütin ýer ýüzüniň Taňrysyna gulluk edýän iki kişidir» diýip jogap berdi.




Chapter 5

1 Onsoň seredip durkam, uçup ýören bir ýazgyly kagyza gözüm düşdi.
2 Perişde maňa: «Näme görýäň?» diýdi. Men: «Bir kagyz-a uçup ýör; onuň boýy ýigrimi tirsek, ini on tirsek» diýip jogap berdim.
3 Ol maňa şeýle diýdi: «Bu bütin dünýä siňýän näletdir. Bu kagyzyň bir tarapynda ýazylyşy ýaly, ogurlyk eden sogrulyp taşlanjakdyr, beýleki tarapynda ýazylyşy ýaly bolsa, ýalandan ant içen kowlup çykaryljakdyr.
4 Men ony ýolladym. Ol ogrynyň hem-de Meniň adymdan ýalandan ant içýäniň öýüne girer we şol öýde-de galar; agaç-tagtasydyr daşlary bilen bile öýi ýuwdar. Muny Hökmürowan Reb diýýär».
5 Soňra meniň bilen gepleşen perişde öňüme geçdi-de: «Ýokaryňa seret, şol gelýän zadyň nämedigini gör» diýdi.
6 Men: «Ol näme?» diýip soradym. Ol maňa: «Ol gelýän küýzedir. Bu tutuş ýurduň etmişidir» diýdi.
7 Soňra gurşun gapak ýokary göterildi: küýzäniň içinde bir aýal otyrdy.
8 Perişde: «Bu şerdir» diýdi. Aýaly küýzäniň içine itekläp goýberdi-de, gurşun gapagy mäkäm ýerine ýapdy.
9 Soňra men seredip durkam, iki aýalyň gelýändigini gördüm. Olar şemala ganatlaryny ýaýyp, uçup gelýärdiler. Olaryň ganaty leglegiň ganaty ýalydy. Olar ýer bilen gögüň aralygynda küýzäni göterip äkitdiler.
10 Men perişdeden: «Olar küýzäni nirä alyp barýarlar?» diýip soradym.
11 Ol maňa: «Şingar ýurduna; şol ýerde oňa öý gurjaklar. Öý taýýar bolanda, olar küýzäni şonuň içinde öz ýerinde goýarlar» diýdi.




Chapter 6

1 Men ýene-de seredip durkam, iki dagyň arasyndan çykyp gelýän dört söweş arabasyny gördüm. Ol daglar bürünçdendi.
2 Arabalaryň birine dor atlar, beýlekisine gara atlar,
3 üçünji birine ak atlar, soňkusyna bolsa güýçli gyr atlar goşulandy.
4 Meniň bilen gepleşen perişdeden: «Eý, jenabym, bular näme?» diýip soradym.
5 Perişde: «Bular bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň huzuryndan çykýan gögüň dört ruhudyr.
6 Gara atlara goşulan araba ýurduň demirgazygyna, ak atlara goşulan araba olaryň yzyndan gidýär, gyr atlara goşulan araba bolsa günorta gidýär» diýdi.
7 Gyr atlar gidip, ýer ýüzüni aýlanmak isleýärdiler. Perişde: «Baryň, ýer ýüzüni aýlanyň» diýdi. Olar ýer ýüzüne aýlandylar.
8 Soňra ol meni çagyryp: «Seret, demirgazyk ýurda giden atlar ol ýerde Meniň gaharymy köşeşdirdiler» diýdi.
9 Maňa Rebbiň şu sözi geldi:
10 «Şu gün Sepanýanyň ogly Ýoşyýanyň öýüne git-de, Babyl sürgüninden gaýdyp gelen Heldaýdan, Tobyýadan hem-de Ýedagýadan altyn-kümüş ýygna.
11 Ýygnan altyn-kümşüňden bir täç ýasap, ony Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň başyna geýdir.
12 Hökmürowan Reb şuny jar edýär diý: „Ine, Şaha diýen adam. Ol öz ornundan şahalar çykarar we Rebbe ybadathana gurar.
13 Hawa, Rebbe ybadathana gurjak şoldur. Ol şalyk şöhratyny gazanar, tagtynda oturyp şalyk sürer. Onuň tagtynyň ýanynda ruhany bolar we ol ikisiniň arasynda ylalaşykly maslahat bolar.
14 Bu täçler Heldaýyň, Tobyýanyň, Ýedagýanyň hatyrasyna hem-de Sepanýanyň ogly Ýoşyýanyň sahylygynyň hatyrasyna Rebbiň ybadathanasynda goýlar.
15 Uzakda ýaşaýanlar hem gelip, Rebbiň ybadathanasynyň gurluşygyna kömek ederler“». Şeýlelikde, siziň ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüni berk tutsaňyz, gurluşyk babatda bu aýdylanlar amala aşar.




Chapter 7

1 Darýuşyň şalygynyň dördünji ýylynyň dokuzynjy aýynyň, ýagny Kislew aýynyň dördüne Zakarýa Rebbiň sözi gelipdi.
2 Beýteliň halky bolsa Rebbe ýalbarmak üçin, Sareseri we Regemmelegi adamlary bilen bile iberipdi.
3 Şeýle hem olar Hökmürowan Rebbiň ybadathanasyndaky ruhanylarydyr pygamberlerinden: «Ýyllar boýy edişimiz ýaly, bäşinji aýda agyz bekläp aglalymy?» diýip soramalydylar.
4 Şonda Hökmürowan Reb maňa şeýle diýdi:
5 «Ýurduň ähli halkyna hem-de ruhanylaryna aýt: „Ýetmiş ýyllap bäşinji hem ýedinji aýlarda ýas tutup, agyz bekläniňizde, siz muny Meniň üçin edipmidiňiz?
6 Iýip-içeniňizde, diňe özüňiz üçin iýip-içmeýärsiňizmi?
7 Rebbiň öňki pygamberleriň üsti bilen aýdan sözleri-de şular dälmidi? Şol zamanlar Iýerusalim we onuň daş-töweregindäki galalar heniz ilatlydy, parahatdy. Negep çöli bilen günbatar baýyrlyk-da ilatlydy“».
8 Zakarýa Rebbiň şu sözi geldi:
9 «Hökmürowan Reb şeýle diýdi: „Adalatly höküm çykaryň, biri-biriňizi söýüň we rehim-şepagatly boluň;
10 dul aýala, ýetime, gelmişege ýa-da garyp-gasara sütem etmäň; biri-biriňize garşy pislik etmäň.
11 Ýöne Meniň halkym boýnuýogynlyk edip, bu sözlere gulak asmadylar, eşitmejek bolup gulaklaryny dykdylar.
12 Hökmürowan Rebbiň Öz ruhy arkaly öňki pygamberleriň üsti bilen iberen kanundyr nesihatlaryny eşitmez ýaly, olar doňýürek boldular. Şol sebäpden Hökmürowan Rebbiň olara gaty gahary geldi.
13 Şeýlelikde, Men çagyranymda, olar gulak asmadylar, olar çagyranda Men hem olara jogap bermedim. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
14 Şeýdip, Men olary tanamaýan-bilmeýän halklarynyň arasyna harasat bilen dargatdym. Olaryň taşlap giden ýurduny harabaçylyga öwürdim. Ol ýerde janly-jemende galmady; ne gözel ýurt tozap galdy“».




Chapter 8

1 Hökmürowan Rebbiň maňa şu sözi geldi:
2 «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Siýony juda gabanýaryn, ony gahar-gazap bilen gabanýaryn“».
3 Reb şeýle diýýär: «Men Siýona tarap öwrülerin we Iýerusalimde mekan tutaryn. Iýerusalim „Wepaly şäher“ diýlip atlandyrylar. Hökmürowan Rebbiň dagy „Mukaddes dag“ diýlip atlandyrylar».
4 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Elleri hasaly gojalardyr kempirler ýene-de Iýerusalimiň köçelerinde oturarlar.
5 Şäheriň köçeleri oýnap ýören oglan-gyzlardan dolar».
6 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde halkyň aman galanlarynyň gözüne bu mümkin däl ýaly görünse, Maňa-da şeýle görünmelimi? Muny Hökmürowan Reb – Men aýdýandyryn».
7 Hökmürowan Reb: «Men Öz halkymy gündogar hem günbatar ýurtlaryndan halas ederin.
8 Men olary ýene Iýerusalime ýaşamaga getirerin. Olar Meniň halkym bolar, Men olaryň wepaly hem adalatly Hudaýy bolaryn» diýýär.
9 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşan pygamberlerden şu sözleri eşidenleriňiziň gollary kuwwatly bolsun!
10 Şol günlerden öň ynsan üçinem, haýwan üçinem paç alynmazdy, gelýänem-gidýänem üçin duşmandan ýaňa rahatlyk ýokdy, sebäbi Men adamlary biri-biriniň garşysyna öjükdiripdim.
11 Emma indi Men bu halkyň aman galan bölegine beýle etmerin. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
12 Tohum parahatlykda sepiler. Üzüm agajy miwe berer, toprak öz hasylyny eçiler, asman ýagmyryny ýagdyrar. Men bularyň hemmesini halkyň aman galan bölegine mülk hökmünde berjek.
13 Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkaýjy bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!».
14 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ata-babalaryňyzyň gaharymy getirendikleri üçin, Men olaryň başyna betbagtçylyk getirmegi ýüregime düwdüm we pikirimi üýtgetmändim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.
15 Emma Men şu günlerde Iýerusalime hem-de Ýahuda ýene ýagşylyk etmegi ýüregime düwdüm. Gorkmaň!
16 Siziň etmeli işleriňiz, ine, şulardyr: biri-biriňize diňe hakykaty aýdyň, kazyýetde adalatly hem parahatçylyk döredýän höküm çykaryň.
17 Biri-biriňize garşy pislik etmäň, ýalan ýere ant içmekden gorkuň; bularyň bary Meniň ýigrenýän zatlarymdyr. Muny Reb diýýär».
18 Hökmürowan Rebbiň maňa şu sözi geldi:
19 «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Dördünji, bäşinji, ýedinji hem-de onunjy aýlardaky agyz bekleýän günleriňiz ýahuda halky üçin şatlyk-şagalaň, dabaraly baýramçylyklar bolar. Şoňa görä hakykaty hem parahatlygy söýüň“».
20 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ýene-de halklar we köp şäherleriň ilaty geler.
21 Bir şäherde ýaşaýanlar başga bir şähere gidip, şeýle diýerler: „Geliň, Rebbe ýalbaralyň, Hökmürowan Rebbiň gözlegine çykalyň. Ynha, men-ä ýola düşdüm“.
22 Ençeme halklar, güýçli milletler Hökmürowan Rebbi gözlemäge we Rebbe ýalbarmaga Iýerusalime gelerler».
23 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudalaryň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler».




Chapter 9

1 Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Hadrak ýurduna degişli sözüdir. Bu Damask şäherinde galar. Rebbe degişlidir Aram şäherleri we ysraýyl tireleri.
2 Hadrak bilen araçäkdeş bolan Hamat hem, juda parasatly Sur bilen Sidon hem Ondadyr.
3 Sur özüne berkitme gurdy, gum kimin kümüş, köçe hapasy ýaly altyn üýşürdi.
4 Emma Reb onuň bar ýygnanjasyny elinden alar indi. Deňizdäki güýjüni ýok eder, şäheri ot ýalmap-ýuwdar.
5 Ony görüp, Aşkelon gorkar, Gaza yzadan ýaňa jebir çeker, umytdan düşen Ekron-da şeýle eder. Gazanyň şasy ýok ediler, Aşkelon ilatsyz galar.
6 Aşdotda dürli milletlerden garyşan halklar ýaşar, Men piliştleriň tekepbirliginiň soňuna çykaryn.
7 Alaryn agyzlaryndan ganly etlerin, dişleriniň arasyndan nejisliklerin. Aman galanlar Hudaýymyza degişli bolar, Ýahudanyň tiresi ýaly bolar, Ekron ýabuslar kimin bolar.
8 Goragçy hökmünde Öz mekanymda düşlärin, ýeke adam hem eýläk-beýläk geçmez. Sütemkär aman galanlara aralaşmaz, çünki indi olara hut Özüm nazar salaryn.
9 Şatlan, eý, Siýon gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.
10 Efraýymyň söweş arabalaryny, Iýerusalimiň atlaryny ýok ederin, söweş ýaýlary omrulyp taşlanar. Ol halklara abadançylygy berkarar eder. Hökümdarlygy deňizden-deňze, derýadan ýeriň uçlaryna ýeter.
11 Sizi bolsa gurbanlyk gany bilen baglaşan ähtim üçin, tussagdakylaryňyzy suwsuz çukurdan çykararyn.
12 Eý, umytly ýesirler, öz galaňyza dolanyň! Bu gün size iki esse bereket berjekdigimi jar edýän.
13 Ýahudany ýaý ýaly edip egerin, Efraýymy bolsa şol ýaýyň oky ederin. Eý, Siýon, ogullaryňy greklere garşy galdyraryn! Seni elimde urşujynyň gylyjy dek oýnaryn.
14 Şonda Reb Öz halkynyň üstünde peýda bolar, ýyldyrym deý uçar Onuň peýkamy. Hökmürowan Reb surnaý çalar-da, günortadan harasat turzup, ýola düşer.
15 Hökmürowan Reb halkyny gorap saklar. Halk öz duşmanlaryny ýok edip, sapan bilen uruşýanlary depeläp ýenjerler. Toýda şerap içen ýaly içip gygyryşarlar. Olar gurbanlyk legeni ýaly gandan doly bolup, gurbanlyk sypasynyň burçlary kimin gandan dolarlar.
16 Şol gün olaryň Hudaýy Reb halas eder, çünki olar çopan sürüsi kimindir. Olar täjiň gymmatbaha daşlary ýaly Hudaýyň ýurdunda şöhle saçarlar.
17 Nähili ajaýyp hem gözel bolarlar! Bol bugdaý hem täze şerapdan ýigit-gyzlar gül açarlar.




Chapter 10

1 Ýaz möwsüminde Rebden ýagyş diläň. Gara bulutlar getirýän Reb olara güýçli çabgalar ýagdyrýar, her kesiň meýdanynda otlar bitirýär.
2 Butlar bimany gepleýärler, palçylar ýalan sözleýärler, galp düýşleri ýorýarlar, soňy boş göwünlik berýärler. Şol sebäpden goýun ýaly ygyp ýörler, çopansyzdyklary üçin ejir çekýärler.
3 Çopanlara garşy tutaşdy gaharym, baştutanlary jezalandyraryn. Hökmürowan Reb Öz sürüsiniň – – Ýahuda nesliniň aladasyny eder, olary buýsançly söweş aty kimin eder.
4 Burç daşy, çadyr gazygy, söweş ýaýy, ähli ýolbaşçylar olardan çykar.
5 Söweş esgerleri deý bolar olar, depelärler duşmany köçeleriň palçygynda. Rebbiň özleri bilendigi üçin söweşip, olar atly goşuny uýada goýarlar.
6 Ýahuda neslini kuwwatlandyraryn, Ýusup neslini halas ederin, Men yzyna getirerin olary, çünki olara rehmim indi. Men tarapdan unudylmadyk ýaly bolarlar. Sebäbi olaryň Hudaýy Reb – Mendirin; Men olara gulak asaryn.
7 Efraýym halky batyrlar kimin bolar, şerap içen deý olaryň köňli hoş bolar. Muny ogullary görüp guwanarlar; olaryň göwünleri Rebde galkynar.
8 Sykylyk çalyp, toplaryn olary, çünki Men azat etdim olary. Köpelerler olar hut öňküleri ýaly.
9 Milletler arasyna olary tohum deý sepdim, emma olar Meni uzak ýurtlarda ýatlarlar. Çagalary bilen aman galyp dolanyp gelerler.
10 Yzyna getirerin olary Müsürden; Aşurdan ýygnaryn. Getirerin Gilgada, Liwana ýöne olar sygmazlar ol ýere.
11 Reb jebir deňzinden geçirer, deňiz tolkunlaryny köşeşdirer. Niliň düýpsüz çuňluklary gurar, Aşuryň tekepbirligi çöker, Müsüriň şalyk hasasy elinden gider.
12 Olar Men-Rebde kuwwatlanarlar, Meniň adym bilen gezerler, Muny Reb aýdýandyr.




Chapter 11

1 Eý, Liwan, derwezeleriňi aç, goý, ot kedr agaçlaryňy ýakyp ýok etsin!
2 Eý, serwi, bagyr, çünki kedr agajy ýykyldy, şöhratly agaçlar wes-weýran boldy! Eý, Başanyň dublary, uwlaň, çünki sümme tokaý ýer bilen ýegsan boldy!
3 Çopanlaryň bagyryşyna gulak salyň; olaryň şöhraty öçdi. Arslanlaryň arryldysyna gulak goýuň; Iordanyň etegindäki tokaý ýok edildi.
4 Meniň Hudaýym Reb şeýle diýýär: «Soýulýan sürä çopan bol.
5 Sürini satyn alanlar goýunlary soýýarlar, ýöne jezalaryny çekmeýärler. Goýunlary satýan adam olara: „Rebbe alkyş bolsun, sebäbi men baýadym“ diýýär. Çopanlaryň öz goýunlaryna haýpy gelmeýär.
6 Mundan beýläk ýurduň ilatyna haýpym gelmez, muny Reb diýýär. Men olaryň her birini goňşusynyň hem-de patyşasynyň eline bererin. Olar ýurdy weýran ederler. Men ýeke adamy-da olaryň elinden halas etmerin».
7 Şeýlelikde, goýun söwdagärleriniň hatyrasyna men soýulmaly sürä çopan boldum. Elime iki taýak aldym-da, olaryň birini «Merhemet», beýlekisini bolsa «Bitewilik» diýip atlandyrdym. Şeýdip, sürini bakdym.
8 Bir aýda üç çopany başymdan sowdum. Men goýun söwdagärlerini ýigrendim, olar hem meni ýigrendiler.
9 Men olara: «Men siziň üçin çopançylyk etjek däl. Ölen – ölsün, ýumrulan – ýumrulsyn. Aman galanlar bolsa biri-biriniň etini iýsinler» diýdim.
10 Ähli halklar bilen eden ähtimi bozmak üçin «Merhemet» diýip atlandyran taýagymy aldym-da, ony döwdüm.
11 Hut şol günüň özünde äht bozuldy. Jebir çeken goýunlar – olar maňa seredip durdular – munuň Rebbiň sözüdigine göz ýetirdiler.
12 Soňra olara: «Eger muny dogry hasaplasaňyz, onda muzdumy beriň, eger nädogry hasaplasaňyz, muzd gerek däl» diýdim. Şeýlelikde, olar maňa otuz kümüş teňňe çekip berdiler.
13 Reb maňa: «Olaryň Maňa kesen bir şaýa degmeýän bahasyny al-da, küýzegäre taşlap ber» diýdi. Onsoň men otuz kümüş teňňäni aldym-da, Rebbiň ybadathanasyndaky küýzegäre taşladym.
14 Soňra men Ýahuda bilen Ysraýylyň arasyndaky doganlyk gatnaşygyny bozmak üçin «Bitewilik» diýen ikinji taýagymy-da döwdüm.
15 Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Derde ýaramaýan çopanyň gurallaryny ýene-de al.
16 Men şu ýurda bir çopan goýjakdyryn, ol ölüm ýassygynda ýatanyň aladasyny etmez, ýiteni idemez, maýyby bejermez, sag adamyň garnyny doýurmaz. Gaýtam ol semizleriň etini iýip, toýnaklaryny goparar.
17 Sürini taşlaýan, derde ýaramaýan çopanyň dat gününe! Gylyç onuň elini çapsyn, sag gözüni oýsun. Eli bütinleý gurasyn, sag gözi sokur bolsun».




Chapter 12

1 Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Ysraýyl hakyndaky sözüdir. Gögi ýaýan, ýeri esaslandyran we ynsan ruhuny ýaradan Reb şeýle diýýär:
2 «Men Iýerusalimi daş-töweregindäki halklar üçin başyňy aýlaýan şeraply bir käse ederin. Iýerusalim gabawa düşende, bu käseden Ýahuda-da içer.
3 Şol gün Men Iýerusalimi ähli halklar üçin agyr daş ederin. Ony göterenleriň ählisi özlerine zeper ýetirer. Ýer ýüzüniň ähli halklary birleşip, Iýerusalimiň garşysyna çykarlar.
4 Şol gün Men atlaryň baryny guduzladaryn, üstündäkileri bolsa dälirederin. Beýleki halklaryň atlarynyň gözlerini kör ederin, emma Ýahuda neslini Öz nazarymda saklaryn. Muny Reb diýýär.
5 Şonda Ýahuda baştutanlary öz-özlerine: „Özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebde kuwwatlanan Iýerusalimiň halky biziň gujur-gaýratymyzdyr“ diýerler.
6 Şol gün Men ýahuda baştutanlaryny oduň ortasynda ýanýan bir maňňal ýaly, bugdaý dessesiniň içinde alawlap ýanýan çyra ýaly ederin. Olar sag-solundaky halklaryň ählisini ýakyp-ýandyrarlar. Iýerusalim ýene-de özüniň öňki ýerinde oturar».
7 Dawudyň nesilleriniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň şöhraty Ýahudadan öňe geçmez ýaly, Reb ilki ýahuda halkyna ýeňiş berer.
8 Reb şol gün Iýerusalimiň halkyny gorar. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly bolar. Dawudyň nesli Hudaý ýaly, öňe çykan Rebbiň perişdesi ýaly bolar.
9 «Şol gün Men Iýerusalimiň garşysyna çykýan halklaryň ählisini derbi-dagyn etmäge girişerin.
10 Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.
11 Şol gün Iýerusalimde tutuljak ýas Megido düzlügindäki Hadatrimmonda tutulan ýas ýaly agyr bolar.
12 Ýurtda her kowumyň maşgalasy özbaşdak, aýallary aýry, erkekleri aýry ýas tutar: Dawudyň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry; Natanyň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry;
13 Lewiniň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry; Şimginiň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry;
14 şeýle hem ähli galan kowumlaryň erkekleri aýry, aýallary aýry ýas tutar».




Chapter 13

1 Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar. Butparazlygyň we ýalan pygamberligiň soňy
2 Şol gün Men ýurtdan butlaryň atlaryny öçürip taşlaryn, Hökmürowan Reb diýýär. Mundan beýläk olar ýatlanylmaz. Ýalan pygamberleri-de, erbet ruhy-da ýurtdan çykararyn.
3 Eger kimdir biri ýene pygamberlik edäýse, ata-enesi oňa: «Sen diri galmarsyň, sebäbi Rebbiň adyndan ýalan sözleýärsiň» diýer. Ol pygamberlik edende, ata-enesi ony pyçaklar.
4 Şol gün her bir pygamber pygamberlik edýän wagtynda görnen görnüşlerden utanar, adamlary aldamak üçin pygamberleriň ýüň donuny geýmez.
5 Ol: «Men pygamber däl, men – daýhan. Ýaş wagtym biri meni gul edip satyn alypdyr» diýer.
6 Eger ondan: «Döşüňdäki ýaraň näme?» diýip sorasalar, ol: «Bu dostlarymyň öýündekäm boldy» diýip jogap berer.
7 Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna! Oýan ýakynymyň garşysyna. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar. Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.
8 Tutuş ýurduň, Reb diýýär, üçden ikisi gyrlyp heläk bolar, üçden biri diri galar.
9 Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.




Chapter 14

1 Ine, Rebbiň güni gelýär! Eý, Iýerusalim halky, sizden alnan olja öz gözüňiziň alnynda paýlaşylar.
2 Men Iýerusalimiň garşysyna uruşmak üçin ähli halklary ýygnaryn. Şäherler basylyp alnar, öýler talanar, aýallar zorlanar. Şäher halkynyň ýarysy sürgün ediler, ýöne halkyň galan bölegi şäherden çykarylmaz.
3 Onsoň Reb çykyp, söweş günündäki ýaly edip, şol halklaryň garşysyna urşar.
4 Şol gün Onuň aýagy gündogarda – Iýerusalimiň öňündäki Zeýtun dagynda bolar. Bu dag gündogardan günbatara ägirt uly jülge bolup, ikä bölüner; dagyň ýarysy demirgazyga, ýarysy günorta çekiler.
5 Siz Rebbiň dagynyň jülgesiniň içi bilen gaçarsyňyz, sebäbi ol jülge Asele çenli uzalyp gider. Siz şonda Ýahuda patyşasy Uzyýanyň döwründe bolan ýertitremeden gaçyşyňyz ýaly gaçarsyňyz. Şol wagt meniň Hudaýym Reb ähli mukaddesler bilen bile geler.
6 Şol gün yşyk bolmaz, asmandaky yşyk çeşmeleri doňar.
7 Ol diňe Rebbe aýan bolan aýratyn bir gün bolar. Ol ne gündize meňzär, ne-de gijä; agşamyna ýagty bolar.
8 Şol gün Iýerusalimde suw joşar. Suwuň ýarysy gündogardaky deňze, ýarysy günbatardaky deňze akar. Bu gyşyna-da, tomsuna-da şeýle dowam eder.
9 Reb tutuş ýer ýüzüniň şasy bolar. Şol gün Reb ýeke-täk Reb bolar we Onuň ady ýeke-täk at bolar.
10 Gebadan Iýerusalimiň günortasyndaky Rimmona çenli tutuş ýurt düzlüge öwrüler. Emma Iýerusalim Benýamin derwezesinden öňki derwezäniň ýerleşen ýerine, Çüňk derwezesine çenli, ýagny Hananel diňinden patyşanyň üzüm sykylýan ýerine çenli aralykdaky belentlikde galar.
11 Iýerusalimde adamlar ýaşar, ol indiden beýläk ýok edilmez. Şäher howpsuz bolar.
12 Iýerusalimiň garşysyna urşan halklary Reb şu belalar bilen jezalandyrar: Heniz aýak üstünde gezip ýörkäler – tenleri, hanasyndaka – gözleri, agyzlaryndaka – dilleri çüýrär.
13 Şol gün olary Reb uly aljyraňňylyga salar, her kim öz gapdalyndakynyň elinden tutar, biri-birine ýumruk salarlar.
14 Hatda ýahudalar-da Iýerusalimde urşarlar. Daş-töwerekdäki ähli halklaryň baýlygy: uly möçberde altyn-kümşi, geýimleri ýygnalar.
15 Atlardyr gatyrlara, düýelerdir eşeklere hem-de olaryň düşelgelerinde bolan beýleki ähli haýwanlara-da şunuň ýaly belalar bilen jeza berler.
16 Iýerusalimiň üstüne çozan halklardan aman galanlary Patyşa, ýagny Hökmürowan Rebbe ybadat etmek hem-de Çatma baýramyny bellemek üçin ýylyň-ýylyna Iýerusalime giderler.
17 Patyşa, ýagny Hökmürowan Rebbe ybadat etmek üçin ýer ýüzündäki halklardan Iýerusalime gitmedikler ýagyş garasyny görmez.
18 Eger Müsür nesli hem gidip, şuny berjaý etmese, Reb olara-da Çatma baýramyny bellemäge gitmedik halklaryň başyndan inderen belasyny inderer.
19 Müsüriň hem-de Çatma baýramyny bellemäge gitmedik halklaryň ählisiniň jezasy şeýle bolar.
20 Şol gün hatda atlaryň jaňjagazlaryna-da «Rebbe bagyş edilen» diýip ýazylar; Rebbiň ybadathanasyndaky gazanlar hem gurbanlyk sypasynyň öňündäki jamlar ýaly bolar.
21 Iýerusalimdäki hem-de Ýahudadaky her bir gazan Hökmürowan Rebbe bagyş ediler. Gurbanlyk bermäge gelenler olary gurbanlyk etini bişirmek üçin ulanarlar. Şol günden beýläk Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynda ýekeje-de söwdagär bolmaz.