Markusyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16

Chapter 1

1 Bu Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdaky Hoş Habaryň başlangyjydyr.
2 Pygamberleriň kitabynda şeýle ýazylgy: «Ine, Men Öz habarçymy Seniň öňüňden iberýärin. Ol Seniň ýoluňy taýýarlar».
3 «Çölde gygyrýanyň sesi: Rebbiň ýoluny taýýarlaň, Onuň ýodalaryny dogrulaň diýýär».
4 Şeýlelikde, Ýahýa peýda boldy. Ol çölde çokundyrýardy, günäleriň ötülmegi üçin toba edip çokundyrylmagy wagyz edýärdi.
5 Bütin Ýahuda ýurdy, iýerusalimlileriň bary onuň ýanyna çozuşýardylar. Olar günälerini boýun alýardy, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda çokundyrýardy.
6 Ýahýanyň düýe ýüňünden geýimi, bilinde gaýyşdan guşagy bardy we çekirtge bilen ýabany bal iýerdi.
7 Ol wagyz edip: «Menden soň menden has güýçli Biri geler. Men egilip, Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin.
8 Men sizi suw bilen çokundyrdym, emma Ol sizi Mukaddes Ruh bilen çokundyrar» diýýärdi.
9 Şol günlerde Isa Jeliläniň Nasyra şäherinden geldi, Ýahýa Ony Iordan derýasynda çokundyrdy.
10 Isa suwdan çykyp gelýärkä, Gögüň ýarylyp açylanyny, Ruhuň kepderi kimin Öz üstüne inip gelýänini gördi.
11 Gökden: «Sen Meniň söýgüli Oglumsyň, Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.
12 Ruh Isany derrew çöle ýollady.
13 Ol kyrk günläp çölde boldy; şeýtan Ony synady. Isa wagşy haýwanlaryň arasynda boldy, perişdeler Oňa hyzmat etdiler.
14 Ýahýa tutulandan soň, Isa Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edip, Jelilä geldi.
15 Ol: «Wagt doldy, Hudaýyň Patyşalygy golaýlady. Toba ediň, Hoş Habara ynanyň!» diýýärdi.
16 Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, Simun bilen onuň dogany Andreýasyň köle torlaryny zyňyp duranlaryny gördi. Bular balykçydylar.
17 Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi.
18 Olar-da derrew torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler.
19 Biraz ýöränlerinden soň, Isa Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen onuň dogany Ýahýany gördi. Olar gaýygyň içinde torlaryny bejerip otyrdylar.
20 Isa derrew olary çagyrdy. Olar-da kakalary Zebedeýi öz günlükçileri bilen gaýykda galdyryp, Isanyň yzyna düşdüler.
21 Kapernauma geldiler. Sabat güni Isa sinagoga baryp, sapak bermäge durdy.
22 Onuň taglymatyna haýran galdylar. Çünki Isa olara kanunçylar kimin däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly bolup sapak berýärdi.
23 Şol wagt olaryň sinagogasynda arwaha sataşan bir adam bardy. Ol:
24 «Biziň bilen Seniň näme işiň bar, eý, Nasyraly Isa? Bizi heläk etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy.
25 Isa arwaha käýäp: «Sem bol-da, ondan çyk!» diýdi.
26 Arwah hem ol adamy sandyratdy-da, bagyryp, ondan çykdy.
27 Hemmeler geňirgenişip, biri-birlerine: «Bu näme boldugy? Bu täze taglymat näme? Ol al-arwahlara-da ygtyýar bilen buýruk berýär, olar-da aýdanyna gulak asýarlar!» diýişdiler.
28 Şeýlelikde, Isa hakdaky gürrüňler tiz Jeliläniň bütin etrabyna ýaýrady.
29 Sinagogadan çykan batlaryna, Ýakup we Ýahýa bilen bilelikde Simun we Andreýasyň öýüne gitdiler.
30 Simunyň gaýynenesi gyzzyrma tutup ýatyrdy. Muny derrew Isa aýtdylar.
31 Ol-da syrkawyň ýanyna bardy, ony elinden tutup galdyrdy. Aýalyň gyzzyrmasy aýrylyp, olara hyzmat etmäge durdy.
32 Gün ýaşyp, agşam düşende, ähli syrkawlary, arwah-jyn uran adamlary Onuň ýanyna getirdiler.
33 Bütin şäher halky gapynyň agzyna ýygnanyşypdy.
34 Isa dürli syrkawçylyklara ýolugan ençeme adamy sagaltdy, ençeme jyny kowup çykardy. Ol jynlary gepletmeýärdi, çünki olar Onuň kimdigini bilýärdiler.
35 Ertir irden, şapak entek gyzarmanka, Isa turup, daşaryk çykdy, bir çola ýere baryp, doga etmäge durdy.
36 Simun bilen ýanyndakylar Ony gözlemäge gitdiler.
37 Ony tapanlarynda: «Her kes Seni gözläp ýör» diýdiler.
38 Isa olara: «Başga ýere, golaýdaky şäherlere gideliň, Men ol ýerlerde-de wagyz etjek, çünki şonuň üçin geldim» diýdi.
39 Şeýlelikde, sinagogalarynda wagyz edip, jynlary kowup, bütin Jeliläni gezdi.
40 Isanyň ýanyna heýwere keselli bir adam geldi, dyza çöküp: «Eger isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýip, Oňa ýalbardy.
41 Isanyň ýüregi awady, elini uzatdy-da: «Isleýärin, tämiz bol!» diýip, oňa elini degirdi.
42 Heýwere keseli ondan derrew aýrylyp, ol adam tämiz boldy.
43 Isa oňa berk tabşyryk berip, ony derrew ugradyp:
44 «Seret, hiç kime aýtma, ýöne bar, özüňi ruhana görkez-de, hemmelere güwälik bolar ýaly, tämizligiň üçin Musanyň tabşyran gurbanlaryny bagyş et» diýdi.
45 Emma ol adam çykdy, köp gürrüň berip, bolan zatlary ýaýratmaga başlady. Şonuň üçin, Isa, artykmaç, hiç bir şähere aç-açan girip bilmän, daşarda, çola ýerlerde bolýardy. Halk hem her tarapdan Onuň ýanyna çozýardy.




Chapter 2

1 Bir näçe gün soň ýene Kapernauma gelende, Isanyň öýdedigi eşidildi.
2 Üýşüşen adamlar şeýle bir köpdi welin, gapynyň agzynda-da ýer ýokdy. Isa olara Hudaýyň sözüni aýdyp durdy.
3 Şonda Onuň ýanyna dört adam tarapyndan göterilip getirilen bir ysmazy alyp geldiler.
4 Märeke zerarly Isanyň ýanyna ýakynlaşyp bilmän, Onuň duran jaýynyň üçegini açyp, ysmazy düşegi bilen deşikden aşak düşürdiler.
5 Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.
6 Ol ýerde oturan kanunçylaryň käbiri bolsa:
7 «Bu Adam näme üçin beýle gepleýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär! Günäleri ýalňyz Hudaýdan başga kim ötüp biljek?» diýip, içlerini gepletdiler.
8 Isa derrew beýle oýlanýandyklaryny ruhunda syzyp, olara şeýle diýdi: «Näme içiňizi beýle gepledýärsiňiz?
9 Ysmaza haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi" diýmekmi ýa-da „Tur, düşegiňi al-da ýöre" diýmek?
10 Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge ygtyýarynyň barlygyny biler ýaly...» diýdi-de, ysmaz bolan adama:
11 «Saňa diýýärin: tur, düşegiňi al-da, öýüňe git» diýdi.
12 Ol hem ýokaryk turdy-da, derrew düşegini alyp, hemmeleriň gözüniň alnynda çykyp gitdi. Bary haýran galyşyp, Hudaýy şöhratlandyryp: «Biz beýle zady asla görmändik» diýişdiler.
13 Isa çykyp, ýene kölüň ýakasyna gitdi. Bütin halaýyk Onuň ýanyna geldi, Ol hem olara sapak berdi.
14 Ol geçip barýarka, gümrükhanada oturan Alfaýyň ogly Lewini görüp oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.
15 Ol Lewiniň öýünde saçak başynda otyrka, Isa we Onuň şägirtleri bilen birlikde birentek salgytçylar we günäkärler-de otyrdylar. Çünki Onuň yzyna düşüp gidenleriň sany köpdi.
16 Fariseýler we kanunçylar Isanyň günäkärdir salgytçylar bilen bile nahar iýip oturanyny görenlerinde, şägirtlerinden: «Ol näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen bile iýip-içýär?» diýip soradylar.
17 Isa muny eşideninde olara: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir. Men dogry adamlary däl, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýdi. Oraza barada sorag
18 Ýahýanyň şägirtleriniň we fariseýleriň agyzlary orazaka, käbir adamlar gelip, Oňa: «Näme üçin Ýahýanyň şägirtleri, fariseýleriň şägirtleri oraza tutýarlar-da, Seniň şägirtleriň oraza tutmaýarlar?» diýdiler.
19 Isa olara şu gaýtargyny berdi: «Giýew ýanlarynda barka, toýdakylar oraza tutup bilermi? Giýew ýanlaryndaka, oraza tutup bilmezler.
20 Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda, şol gün olar oraza tutarlar.
21 Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz. Ýogsa, täze ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk has hem erbet bolar.
22 Hiç kim-de täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa, şerap meşikleri ýaryp döküler, meşikler-de zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr».
23 Bir Sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri ýolda barýarkalar, bugdaý başlaryny ýolmaga başladylar.
24 Fariseýler Isa: «Seret, näme üçin Sabat güni etmesiz zady edýärler?» diýdiler.
25 Isa olara şeýle gaýtargy berdi: «Siz özi we ýanyndakylar aç hem mätäç galanlarynda, Dawudyň näme edenini asla okamadyňyzmy?
26 Ol baş ruhany Abiýataryň zamanynda Hudaýyň öýüne bardy, Hudaýa hödürlenen, ruhanylardan başga hiç kimiň iýmeli däl çöreklerini alyp iýdi, ýanyndakylara hem berdi».
27 Ýene olara: «Adam Sabat güni üçin däl, eýsem, Sabat güni adam üçin döredildi.
28 Şonuň üçin, Ynsan Ogly Sabat gününiň-de Rebbidir» diýdi.




Chapter 3

1 Isa ýene sinagoga bardy. Ol ýerde eli gurap inçelen bir adam bardy.
2 Käbirleri Isany aýyplajak bolup, «Sabat güni şypa edermikä?» diýip aňtaýardylar.
3 Isa eli gurap inçelen adama: «Orta çyk!» diýdi.
4 Onsoň olardan sorady: «Sabat güni haýsysy dogry, ýagşylyk etmekmi ýa ýamanlyk etmek? Jan halas etmekmi ýa öldürmek?» Olardan ses çykmady.
5 Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynanyp, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy, eli sagaldy.
6 Fariseýler daşaryk çykyp, Ony nähili heläk etmek barada Hirodesiň tarapdarlary bilen maslahat geçirdiler.
7 Isa şägirtleri bilen bile kölüň ýakasyna gitdi. Jelileden bir uly märeke hem Onuň yzyna düşüp barýardy.
8 Onuň eden ähli işlerini eşidip, Ýahudadan, Iýerusalimden, Idumeýadan, Iordan derýasynyň aňyrsyndan, Sur we Saýda töwereklerinden-de uly märeke ýanyna çozuşdy.
9 Isa märekäniň içinde gysylmazlyk üçin, Öz şägirtlerine bir gaýygy taýýarlap goýmagy buýurdy.
10 Bir toparlaryny sagaldany üçin hemme syrkawlar Oňa ellerini degirjek bolup, ýanyna itekleşip gelýärdiler.
11 Al-arwahlar Ony görenlerinde, Öňünde ýere ýykylyp: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyrýardylar.
12 Emma Ol Özüniň kimdigini mälim etmezligi olara berk tabşyrdy.
13 Onsoň Isa daga çykyp, Öz islän adamlaryny ýanyna çagyrdy, olar-da Onuň ýanyna bardylar.
14 Ol Özi bilen bile bolar ýaly on iki adamy belledi. Onuň wagyz etmäge iberen, syrkawlary sagaldyp, jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki adamy şulardyr:
17 Petrus lakamyny bereni Simun, Beni-Regoş, ýagny «Gök gürrüldisiniň Ogullary» lakamyny bereni Zebedeýiň ogly Ýakup bilen onuň dogany Ýahýa, Andreas, Filipus, Bartolomeus, Matta, Tomas, Alfeusyň ogly Ýakup, Taddeus, watançy Simun we Isa haýynlyk eden Iuda Iskariot.
20 Onsoň bir öýe bardylar. Ýene şeýle uly märeke ýygnandy welin, Isa bilen şägirtleriniň nahar iýmäge-de eli ýetmedi.
21 Isanyň ýakynlary muny eşidip, Ony alyp gaýtmaga bardylar. Çünki Oňa üýtgäpdir diýýärdiler.
22 Iýerusalimden gelen kanunçylar bolsa: «Ony Beýelzebul eýeläpdir, Ol jynlary jynlaryň hany arkaly kowup çykarýar» diýişýärdiler.
23 Şonuň üçin Isa halky ýanyna çagyryp, olara tymsal bilen şeýle diýdi: «Şeýtan şeýtany nähili kowup çykarsyn?
24 Bir patyşalygyň içinde bölünişik bolsa, ol patyşalyk berk durup bilmez.
25 Bir öýüň içinde bölünişik bolsa, ol öý berk durup bilmez.
26 Şeýtan öz-özüne garşy çykyp bölünse, berk durup bilmez, onuň soňunyň geldigidir.
27 Hiç kim bir güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap bilmez; öňürti ony baglamaly bolar, onsoň öýüni talar.
28 Size dogrusyny aýdýaryn, ynsanlaryň hemme günäleri, her bir zada dil ýetirmeleri bagyşlanar.
29 Emma Mukaddes Ruha dil ýetirene asla bagyşlanma ýokdur. Ol ebedi höküme sezewar bolar».
30 Isa muny: «Ol arwahly» diýenleri üçin aýtdy.
31 Onsoň Onuň ejesi bilen doganlary geldi. Daşarda durup, ýanyna adam iberip, Ony çagyrdylar.
32 Märeke Isanyň daşyny alyp otyrdy. Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň, uýalaryň daşarda Seni soraýarlar» diýdiler.
33 Isa olara jogap berip: «Meniň ejem, doganlarym kim?» diýdi.
34 Onsoň daşyny alyp oturanlara seredip, şeýle diýdi: «Ine, Meniň ejem, Meniň doganlarym!
35 Hudaýyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam we ejemdir».




Chapter 4

1 Isa ýene-de kölüň ýakasynda halka sapak bermäge başlady. Daşyna üýşüşen märeke şeýle uludy welin, Ol köldäki bir gaýyga münüp oturdy. Bütin märeke bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy.
2 Olara tymsallar bilen köp zatlar öwretdi.
3 Olara öwredip otyrka, şeýle diýdi: «Gulak asyň! Ine, bir daýhan ekin ekmäge gidýär.
4 Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň kenaryna düşýär. Guşlar hem gelip, ony iýýärler.
5 Birnäçesi topragy az, daşlyk ýere düşüp, tiz gögerip çykýar, çünki toprak çuň däl eken.
6 Ýöne olar Gün galanda, kökleriniň ýoklugy zerarly, ýanyp, gurap gidýär.
7 Birnäçe tohumlar tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler ösüp, olary basýar. Şeýlelikde, olar hasyl bermeýär.
8 Birnäçesi bolsa gowy ýere düşýär. Ösüp, köpelip, käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berýär».
9 Isa onsoň olara: «Gulagy barlar eşitsin!» diýdi.
10 Ol ýeke galanda, Onkiler bilen daşyndakylar Ondan bu tymsallaryň manysyny soradylar.
11 Isa olara şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň syry size berildi, ýöne daşardakylara hemme zat tymsallar bilen aýdylýar.
12 Bu bolsa gözleýänler gözleri bilen seredip görmesinler, eşidýänler gulaklary bilen eşidip düşünmesinler diýlip edilýär. Beýle bolmasa, Hudaýa tarap öwrülip bagyşlanarlar».
13 Isa olara şeýle diýdi: «Siz bu tymsala düşünmeýärsiňizmi? Onda bütin tymsallara nähili düşünjek?
14 Daýhanyň ekýäni Hudaýyň sözüdir.
15 Sözüň ekilen ýerinde, ýoluň kenaryndakylar sözi eşiden, ýöne ýüreklerine ekilen bu sözi tiz şeýtana aldyran adamlardyr.
16 Şonuň ýaly-da, daşlyk ýere ekilenler sözi eşidip, ony derrew şatlyk bilen garşylan adamlardyr.
17 Emma olarda kök ýokdur, çydamsyzdyrlar. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, derrew ýüz döndererler.
18 Tikenler arasyna düşen beýlekiler bolsa, sözi eşiden adamlardyr.
19 Emma dünýäniň gaýgylary, baýlygyň aldawçylygy, başga höwesler ara girip, sözi bogýar, ol hasylsyz bolýar.
20 Gowy topraga ekilen bolsa, sözi eşidip, kabul eden, käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berenlerdir».
21 Isa olara şeýle diýdi: «Çyra galla ölçeginiň ýa çarpaýanyň aşagynda goýmak üçin getirilýärmi? Çyradanyň üstünde goýmak üçin dälmi?
22 Gizlin bolup-da, belli bolmajak zat ýokdur, ýaşyryn bolup-da, üsti açylmajak zat ýokdur.
23 Gulagy barlar eşitsin!»
24 Isa olara ýene şeýle diýdi: «Eşidýänleriňize üns beriň. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler. Siz ― üns berýänler hatda köpräk hem alarsyňyz.
25 Çünki kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, elindäki hem ondan alnar».
26 Onsoň Isa şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygy ýere tohum sepýän adam ýalydyr.
27 Gije-gündiz ýatar, turar; tohum biter, öser. Ol munuň nähili bolýanyny bilmez.
28 Toprak öz-özünden hasyl berer. Öňürti baldagy, soňra başy, soňra-da başdaky doly däneleri berer.
29 Hasyl bişende, ýaňky adam derrew oragy işe salar. Çünki orak wagty gelendir».
30 Olara ýene-de şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygyny nämä meňzedeli ýa ony haýsy tymsal bilen düşündireli?
31 Hudaýyň Patyşalygy gorçisa tohumy ýalydyr. Ýer ýüzünde topraga ekilýän ähli tohumlaryň iň maýdasy bolan bu tohum ekilenden soň ösüp, ähli ösümliklerden belent bolýar. Şeýle uly şahalar çykarýar welin, gögüň guşlary kölegesinde höwürtgeläp bilýärler».
33 Isa sözi olara eşidip biljek möçberlerinde şunuň ýaly köp tymsallar bilen aýdardy.
34 Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy, ýöne ýeke galanlarynda, Öz şägirtlerine ähli zady düşündirerdi.
35 Şol gün, agşam bolanda şägirtlerine: «Beýleki kenara geçeliň» diýdi.
36 Märekäni ugradyp, Ony şol oturyşyna gaýyk bilen alyp gitdiler. Ýanynda beýleki gaýyklar-da bardy.
37 Bir güýçli ýel turup, tolkunlar gaýyga şeýle urdy welin, gaýyk eýýäm suwdan dolup ugrady.
38 Ol bolsa gaýygyň artky tarapynda bir ýassygy ýassanyp, uklap ýatyrdy. Şägirtler Ony oýaryp: «Mugallym, heläklenip barýarys! Seniň perwaýyňa-da dälmi?» diýdiler.
39 Isa turup, ýele käýäp, köle: «Sem bol, dek otur!» diýdi. Şeýlelikde, ýel ýatyp, imi-salalyk boldy.
40 Isa şägirtlere: «Näme üçin gorkýarsyňyz? Näme üçin imanyňyz ýok?» diýdi.
41 Olar gaty gorkuşyp, biri-birlerine: «Bu kim? Ýel-de, köl-de Onuň sözüne gulak asýar!» diýişdiler.




Chapter 5

1 Olar kölüň beýleki kenaryna, gadaralylaryň ýurduna geldiler.
2 Isa gaýykdan düşen badyna, Oňa mazarlardan çykan bir arwahly adam gabat geldi.
3 Bu adam mazarlaryň içinde ýaşardy. Ony, artykmaç, hiç kim zynjyr bilen-de baglap bilmezdi.
4 Telim gezek kündelenip zynjyrlanypdy, ýöne ol zynjyrlary gyryp, kündeleri bölek-bölek ederdi. Hiç kim ony ýola getirip bilmezdi.
5 Hemişe ― gije-gündiz mazarlar arasynda, daglarda gygyryp, özüni daşlar bilen ýaralar ýörerdi.
6 Ol Isany uzakdan görüp, ylgap geldi-de, Oňa sežde etdi.
7 Batly ses bilen gygyryp: «Eý Isa! Hemmeden beýik bolan Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Hudaýyň haky üçin Saňa ýalbarýaryn, meni gynama!» diýdi.
8 Çünki Isa oňa: «Eý arwah, bu adamdan çyk» diýipdi.
9 Onsoň ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Legion, çünki biz köpdüris» diýip jogap berdi.
10 Özlerini ol ýurtdan kowup goýbermezligi üçin Isa köp ýalbardy.
11 Şol ýerde dagyň eteginde bir uly doňuz sürüsi otlap ýördi.
12 Arwahlar: «Bizi bu doňuzlaryň arasyna goýber, olaryň içine gireli» diýip, Isa ýalbardylar.
13 Isa olara rugsat berdi. Al-arwahlar çykyp, doňuzlara girdiler. Iki müňe golaý doňuzdan ybarat bu süri uçutdan aşak kölüň içine paýyrdaşyp gark boldy.
14 Çopanlar bolsa gaçyp, şäherdir obalara bu wakany habar berdiler. Halaýyk hem näme bolanyny görmäge geldi.
15 Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, bir legion jyn tarapyndan eýelenen adamyň egin-eşikli oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular.
16 Wakany görenler jynlaryň eýelän adamyna hem doňuzlara näme bolanyny olara aýtdylar.
17 Onsoň halk öz ülkelerinden gitmegi üçin Isa ýalbarmaga başlady.
18 Ol gaýyga münende, jynlardan halas bolan adam Onuň bilen bile gitmek üçin Isa ýalbardy.
19 Ol muňa rugsat bermän, ol adama: «Öýüňe, özüňkileriň arasyna git, Rebbiň saňa edenleriniň baryny, saňa nähili rehim edenini olara aýt» diýdi.
20 Ol hem gidip, Isanyň özüne edenleriniň baryny Dekapolisde jar etmäge başlady. Hemme adamlar muňa haýran galdy.
21 Isa gaýyk bilen ýene beýleki kenara geçende, daşyna uly märeke üýşdi. Isa kölüň kenaryndady.
22 Sinagoga başlyklaryndan Ýaýrus atly bir adam geldi. Isany görüp, Onuň aýagyna ýykyldy.
23 Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalsyn, ýaşasyn!» diýdi.
24 Isa bu adam bilen gitdi. Uly märeke-de yzyna düşüp, Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy.
25 Şol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy bolan bir aýal bardy.
26 Ol ençeme tebibiň elinden köp ezetler çekip, bar-ýoguny harç edipdi, ýöne hiç bir peýda görmän, gaýtam, haly has erbetleşipdi.
27 Bu aýal Isa hakda aýdylýan zatlary eşidip, märekäniň içi bilen Onuň ýeňsesinden gelip, geýimine elini degirdi.
28 Çünki ol öz içinden: «Diňe geýimine elimi degirsem-de, sagalaryn» diýýärdi.
29 Şol bada-da gan akmasy kesilip, derdinden açylandygyny endamynda duýdy.
30 Isa Özünden bir güýjüň çykandygyny derrew aňyp, märekäniň içinde öwrülip: «Meniň geýimime kim el degirdi!» diýdi.
31 Şägirtleri Oňa: «Sen Özüňi gysyp-gowrup gelýän märekäni görýärsiň, ýene-de: „Maňa kim el degirdi?" diýýärsiň» diýdiler.
32 Emma Isa muny edeni görjek bolup, daş-töweregine seredýärdi.
33 Ýaňky aýal özüne näme bolandygyny bileninden soň gorkup, titräp geldi. Isanyň öňünde ýere ýykylyp, Oňa hemme zadyň dogrusyny aýtdy.
34 Isa oňa: «Gyzym, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git-de, derdiňden açyl» diýdi.
35 Ol bu sözleri aýdyp durka, sinagoga başlygynyň öýünden birnäçe adam gelip: «Gyzyň aýryldy. Näme üçin Mugallyma artykmaç zähmet berýärsiň?» diýdiler.
36 Isa muny eşiden badyna, sinagoga başlygyna: «Gorkma, diňe iman et!» diýdi.
37 Isa Petrus, Ýakup we Ýakubyň dogany Ýahýadan başga hiç kime Özi bilen gitmäge rugsat etmedi.
38 Sinagoga başlygynyň öýüne gelenlerinde, Isa galmagaly, aglaşyp, dady-perýat edip oturanlary gördi.
39 Içerik girip, olara: «Näme üçin galmagal edip, aglaşyp otyrsyňyz? Çaga ölenok, ol diňe uklap ýatyr» diýdi.
40 Olar Oňa gülüşdiler. Emma Isa hemmesini daşarda goýup, çaganyň ata-enesi bilen Öz ýanyndakylary ýanyna alyp, çaganyň ýatan ýerine bardy.
41 Çaganyň elinden tutup, oňa: «Talita kumi!» diýdi. Bu bolsa «Gyzjagaz, saňa gal diýýärin» diýmekdir.
42 Gyz derrew galyp, ýöräp başlady. Ol on iki ýaşyndady. Ol ýerdäkileriň ählisi gaty geň galdylar.
43 Isa olara muny hiç kime bildirmezligi berk tabşyryp, gyza nahar berilmelidigini aýtdy.




Chapter 6

1 Isa ol ýeri terk edip, Öz önüp-ösen mekanyna gitdi. Şägirtleri hem Onuň yzyna düşüp gitdiler.
2 Sabat güni gelende, sinagoga baryp, sapak bermäge durdy. Onuň aýdýanlaryny eşiden köp adamlar geňirgenişip: «Bu Adam bu zatlary nireden aldy? Muňa berlen bu akyldarlyk näme? Beýle mugjyzalary nähili edýärkä? diýdiler.
3 Bu agaç ussasy dälmi? Bu Meremiň ogly, Ýakup, Ioses, Iuda we Simunyň dogany dälmi? Munuň aýal doganlary biziň ýanymyzda dälmi?» Şeýlelikde, öýke-kine bilen Ony ret etdiler.
4 Isa olara: «Pygamber öz ýurdundan, garyndaşlarynyň arasyndan, öz öýünden başga hiç ýerde gadyrsyz däldir» diýdi.
5 Ol birnäçe syrkawy üstlerine ellerini goýup sagaltmakdan başga ol ýerde hiç bir mugjyza edip bilmedi.
6 Olaryň imansyzdygyna geň galdy. Şondan soň Isa töwerekdäki obalara aýlanyp sapak bererdi.
7 Ol Onkileri ýanyna çagyryp, olary iki-ikiden ýollamaga başlady, olara al-arwahlary kowmaga ygtyýar berdi.
8 Ýol üçin ýanlaryna bir taýakdan başga hiç bir zat almazlygy tabşyrdy. Ne çörek, ne torba, ne-de guşaklarynda pul bolmalydy.
9 Olar diňe çaryk geýmelidiler, iki köýnek geýmeli däldiler.
10 Isa olara şeýle diýdi: «Haýsy ýerde bir öýe barsaňyz, ol ýerden gidýänçäňiz şol öýde boluň.
11 Haýsy ýer sizi kabul etmese, sizi diňlemese, ol ýerden çykyp barýarkaňyz, olara garşy güwälik bolar ýaly, aýaklaryňyzyň tozuny kakyň».
12 Şunluk bilen, olar ýola düşüp, adamlaryň toba etmek gerekdigini wagyz etmäge başladylar.
13 Olar köp jynlary kowup çykardylar, köp syrkawlary ýag çalyp sagaltdylar.
14 Hirodes patyşa-da bolup-geçýän zatlary eşitdi. Çünki Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Hirodes hem: «Çokundyryjy Ýahýa ölümden direlendir. Bu mugjyzalaryň ondan çykmagynyň sebäbi budur» diýýärdi.
15 Beýlekiler bolsa: «Bu ― Ylýas», käbirleri-de: «Bu şol öňki pygamberleriň biri ýaly pygamberdir» diýişýärdiler.
16 Hirodes bulary eşidip: «Meniň başyny kesen Ýahýam direlipdir!» diýdi.
17 Çünki Hirodesiň özi adam iberip Ýahýany tutduryp, el-aýagyny bagladyp, ony zyndana saldyrypdy. Ol muny öz dogany Filipusyň aýaly Hirodiýanyň hatyrasyna edipdi. Çünki Hirodes bu aýala öýlenende, Ýahýa oňa: «Seniň öz doganyňyň aýalyny almagyň dogry däl» diýipdi.
19 Şeýlelikde, Hirodiýa Ýahýa garşy ýüreginde kine saklap, ony öldürmek isleýärdi, ýöne bu elinden gelmeýärdi.
20 Çünki Hirodes Ýahýanyň dogry hem mukaddes adamdygyny bilip, ondan heder ederdi, ony gorardy. Ony diňledigiçe, howsala düşerdi, muňa garamazdan, guwanç bilen Ony diňlärdi.
21 Ýöne welin Hirodes öz doglan güni mynasybetli köşk emeldarlaryny, müňbaşylary we Jeliläniň uly adamlaryny çagyryp, toý tutanda, amatly pursat hem gelip ýetdi.
22 Hirodiýanyň gyzy içerik girip, tans edip, Hirodesiň we onuň myhmanlarynyň göwnüni çaglady. Patyşa gyza: «Näme dileseň dile, saňa bereýin» diýdi.
23 Oňa: «Menden näme dileseň, patyşalygymyň ýarysy-da bolsa, saňa bererin» diýip ant içdi.
24 Gyz hem daşaryk çykyp ejesine: «Näme diläýin?» diýdi. Ol hem: «Çokundyryjy Ýahýanyň başyny» diýip jogap berdi.
25 Gyz derrew patyşanyň ýanyna ylgap geldi-de: «Häziriň özünde Çokundyryjy Ýahýanyň başyny bir tabakda goýup, maňa bermegiňi isleýärin» diýdi.
26 Patyşa gaty gamgyn boldy, ýöne myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, gyzyň dilegini yzyna gaýtarmak islemedi.
27 Derrew bir jellady ýollap, Ýahýanyň başyny getirmegi buýurdy. Jellat-da baryp, zyndanda Ýahýanyň başyny kesdi.
28 Kesilen başy bir tabakda getirip, gyza berdi. Gyz-da ony ejesine berdi.
29 Ýahýanyň şägirtleri muny eşidip geldiler-de, onuň jesedini äkidip, bir mazarda jaýladylar.
30 Resullar Isanyň ýanyna ýygnanyp, öz eden işleriniň, öwreden zatlarynyň baryny Oňa habar berdiler.
31 Isa olara: «Siziň ýeke özüňiz bir çola ýere geliň-de, biraz dem-dynç alyň» diýdi. Çünki gelip-gidýänleriň köpdüginden ýaňa, nahar edinmäge-de elleri ýetmeýärdi.
32 Olar-da ýeke özleri gaýyga münüp, bir çola ýere gitdiler.
33 Gidip barýanlaryny görenlerinde, köp adamlar olary tanap, bütin şäherlerden paý-pyýada ylgaşyp, olaryň özlerinden öň ol ýere bardylar we Isanyň öňünden çykdylar.
34 Isa gaýykdan düşende, uly märekäni görüp, olara haýpy geldi. Çünki olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin, olara köp zatlary öwretmäge başlady.
35 Wagt gijigenden soň, şägirtleri Onuň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi.
36 Märekäni goýber, töwerekdäki ekin meýdanlaryna, obalara gidip, özlerine iýere zat satyn alsynlar».
37 Emma Isa: «Olara siz iýere zat beriň» diýdi. Oňa: «Biz gidip, iki ýüz dinara çörek satyn alyp-da, olara iýdirelimi?» diýdiler.
38 Isa: «Näçe çöregiňiz bar? Gidiň-de, görüň» diýdi. Görenlerinden soň: «Bäş çörek bilen iki balygymyz bar» diýdiler.
39 Şonda olara halaýygy topar-topar edip, gök otuň üstünde oturtmagy buýurdy.
40 Şunluk bilen, olar ýüz-ýüzden, elli-elliden topar-topar bolup oturdylar.
41 Isa bäş çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp şükür etdi-de, märekäniň öňünde goýar ýaly, bölüşdirip şägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryň hemmesine paýlady.
42 Hemmeler iýip doýdular.
43 Şägirtler artyp galan çöregiň döwümlerini, balyklaryň ownuklaryny ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
44 Çörekleri iýenler bäş müň adamdy.
45 Isa märekäni urgadyp durka, şägirtlerine derrew gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenardaky Betsaýda geçmegi buýurdy.
46 Märeke bilen hoşlaşanyndan soň, Ol doga etmäge daga çykdy.
47 Agşam düşende, gaýyk kölüň ortasynda, Ol bolsa, ýeke Özi ýerdedi.
48 Isa olaryň kynlyk bilen kürekläp barýandyklaryny gördi. Çünki ýel olaryň garşysyndandy. Gijäniň dördünji nobaty uçurlarynda kölüň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi we ýanlaryndan geçip gitjek boldy.
49 Emma olar Onuň kölüň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde, gözlerine görünýändir öýdüp gygyryşdylar.
50 Çünki hemmeler Ony görüp gorkdular. Emma Isa derrew olara söz gatyp: «Batyr boluň! Bu ― Men, gorkmaň!» diýdi.
51 Onsoň olaryň ýanyna gaýyga mündi, ýel hem ýatdy. Olar has beter geňirgenişip, haýran galdylar.
52 Çünki çörekli mugjyza düşünmändiler, sebäbi ýürekleri gataşypdy.
53 Kölüň aňyrsyna geçensoň, Jenesaret ýurduna baryp, ol ýerde labyr taşladylar.
54 Gaýykdan inen batlaryna halk Isany tanap,
55 Ylgaşyp şol jelegaýlara uçdantutma aýlandylar. Isanyň nirededigini eşidenler syrkawlary düşekleri bilen bile şol ýere getirmäge başladylar.
56 Oba bolsun, şäher ýa düz bolsun, Ol nirä barsa, syrkawlary bazar ýerinde ýatyryp, diňe geýiminiň syýnlaryna ellerini degirmäge rugsat etsin diýip, Oňa ýalbarýardylar. El degrenleriň hemmesi-de sagaldy.




Chapter 7

1 Iýerusalimden gelen fariseýler bilen birnäçe kanunçylar Onuň daşyna üýşüşdiler.
2 Olar Onuň şägirtlerinden käbirleriniň hapa eli bilen, ýagny dini adat boýunça elini ýuwman, nahar iýýänini gördüler.
3 Fariseýler we bütin ýehudylar ata-babalarynyň adatlaryny saklap, ellerini ýagşy ýuwman nahar iýmeýärler.
4 Bazardan gelenlerinde ýuwunman, nahar iýmeýärler. Başga-da käse, gap-çanak, mis gaplary ýuwma ýaly adatlary saklaýarlar.
5 Fariseýler bilen kanunçylar Oňa sorag berip: «Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalaryň adatyna görä gezmän, hapa elleri bilen nahar iýýärler?» diýdiler.
6 Isa olara şeýle diýdi: «„Bu halk dilinde Meni sylaýar, emma ýürekleri Menden uzakdyr.
7 Biderek ýere Maňa sežde edýärler, çünki taglymat hökmünde öwredýänleri ynsan buýruklary" diýip ýazylyşy ýaly, Işaýa pygamber siz ikiýüzlüler hakda oňat welilik edipdir.
8 Siz Hudaýyň tabşyryklaryny terk edýärsiňiz, küýzedir käsäni ýuwmak ýaly köp zatlary edip, adamlaryň adatlaryny berjaý edýärsiňiz».
9 Ýene olara şeýle diýdi: «Öz adatlaryňyzy berjaý etmek üçin, Hudaýyň buýruklaryndan ýüz dönderýärsiňiz!
10 Musa: „Ataňy, eneňi syla", „Atasyna ýa enesine ýokuş söz aýdan hökman öldürilsin" diýip aýdypdyr.
11 Emma siz: Eger bir adam atasyna ýa enesine: „Menden görjek peýdaň gurbandyr, Hudaýa peşgeşdir" diýse,
12 siz oňa artykmaç ata ýa enesine hiç hili kömek etmäge rugsat etmeýärsiňiz.
13 Şeýdip, nesilden-nesle galdyrýan adatlaryňyz arkaly Hudaýyň sözüni bozýarsyňyz. Şunuň ýaly zatlary köp edýärsiňiz».
14 Ol märekäni ýene ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Hemmäňiz Meni diňläň, düşüniň:
15 adamyň içine daşardan girip-de, ony murdar edip biljek hiç bir zat ýokdur, ýöne adamy murdar edýän adamdan çykýan zatlardyr.
16 Kimiň eşitmäge gulagy bar bolsa, eşitsin!»
17 Ol märekäniň ýanyndan aýrylyp, öýe girende, şägirtleri Ondan bu tymsalyň manysyny soradylar.
18 Isa-da olara şeýle jogap berdi: «Eýsem siz hem düşüneňzokmy? Adamyň içine daşardan giren hiç bir zadyň ony murdar edip bilmejegine düşünmeýärsiňizmi?
19 Bular adamyň ýüregine däl-de, garnyna girýär, ol ýerden-de daşaryk çykýar». Şeýlelik bilen, Isa ähli iýmitleriň tämizdigini aýdypdyr.
20 Ol ýene şeýle diýdi: «Adamy murdar edýän onuň öz içinden çykýan zatdyr.
21 Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, zynahorluk, ogrulyk, adam öldürme, azgynlyk, açgözlülik, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, bahyllyk, sögünç, tekepbirlik we akylsyzlyk çykýar.
23 Bu erbet zatlaryň ählisi içden çykyp, adamy murdar edýär».
24 Isa ol ýerden aýrylyp, Sur we Saýda etrabyna gitdi. Bu ýerde bir öýe bardy. Ol muny hiç kimiň bilmegini islemeýärdi, ýöne muny gizlin saklap bilmedi.
25 Kiçijik gyzyna arwah ýolugan bir aýal Isa hakdaky habarlary eşiden badyna gelip, Onuň aýagyna ýykyldy.
26 Bu aýal grek, siriýa-finikiýalydy. Ol gyzyndaky jyny kowup çykarmagy üçin, Isa ýalbardy.
27 Isa oňa: «Goý, öňürti çagalar doýsun. Çagalaryň çöregini alyp-da, itlere zyňmak dogry däldir» diýdi.
28 Aýal hem: «Hawa, ýa Reb! Ýöne itler hem saçagyň aşagynda çagalaryň çöreklerinden gaçan owuntyklary iýýändir» diýdi.
29 Isa oňa: «Bu sözüň üçin bar, gidiber, jyn seniň gyzyňdan çykdy» diýdi.
30 Aýal öýüne baranda, jyn çykyp, gyzy düşeginde ýatan eken.
31 Onsoň Isa Sur we Saýda etrabyndan gaýdyp, Dekapolis sebitleriniň üsti bilen Jelile kölüne geldi.
32 Onuň ýanyna hem ker, hem peltek adamy getirip, onuň üstünde elini goýmagy üçin Isa ýalbardylar.
33 Isa ol adamy märekäniň içinden bir çete çekip, barmaklaryny onuň gulaklaryna sokdy, tüýkürip, onuň diline elini degirdi.
34 Onsoň Göge bakyp, ah çekdi-de: «Effata!», ýagny: «Açyl» diýdi.
35 Ýaňky adamyň gulaklary derrew açylyp, dili dogry geplemäge başlady.
36 Isa olara muny hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. Emma ol näçe tabşyran bolsa, olar habary şonça köp ýaýratdylar.
37 Olar çakdanaşa geňirgenişip: «Ol hemme zady ýagşy edýär. Kerleriň gulagyny açýar, dilsizleri gepledýär» diýişýärdiler.




Chapter 8

1 Şol günlerde ýene bir uly märeke ýygnanypdy. Iýmäge hiç bir zatlary bolmansoň, Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi:
2 Bu märekä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç bir zatlary ýok.
3 Bulary öýlerine aç goýbersem, ýolda ysgyndan gaçarlar, çünki käbiri uzak ýerden gelipdir».
4 Şägirtleri: «Bu çola ýerde bu adamlary doýrar ýaly çöregi nireden tapyp bolar?» diýip, Ondan soradylar.
5 Isa: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip, olaryň özlerinden sorady. Olar: «Ýedi» diýip jogap berdiler.
6 Ol märekä ýerde oturmagy buýurdy. Ýedi çöregi alyp, şükür edeninden soň, bölüşdirdi-de, paýlasynlar diýip, şägirtlerine berdi. Olar hem märekä paýladylar.
7 Olaryň biraz balyklary hem bardy. Isa şükür edeninden soň, bulary-da paýlamagy buýurdy.
8 Olar iýip doýdular, artyp galan döwümleri hem ýygnap, ýedi sebedi doldurdylar.
9 Iýenler dört müňe golaý adamdy. Onsoň Isa olary ugratdy.
10 Özi bolsa derrew şägirtleri bilen gaýyga münüp, Dalmanuta etrabyna gitdi.
11 Fariseýler gelip, Onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Ony synajak bolup, Gökden bir alamat görkezmegini talap etdiler.
12 Ol hem ruhundan ah çekip: «Näme üçin bu nesil alamat talap edýär? Size dogrusyny aýdýaryn, bu nesle hiç bir alamat görkeziljek däldir» diýdi.
13 Isa olary ol ýerde taşlady-da, gaýyga münüp, beýleki kenara geçdi.
14 Şägirtleri çörek almagy unudan ekenler. Gaýykda ýanlarynda diňe ýekeje çörek bardy.
15 «Sak boluň! Fariseýleriň hamyrmaýasyndan, Hirodesiň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip, Isa olara duýduryş berdi.
16 Olar bolsa özara çekişip: «Çöregimiz ýok» diýişýärdiler.
17 Isa muny bilip, olara şeýle diýdi: «Näme üçin çöregimiz ýok diýşip çekişýärsiňiz? Entek-de, akyl ýetirmeýärsiňizmi, düşünmeýärsiňizmi? Ýürekleriňiz entek-de gatymy?
18 Gözli bolup, görmeýärsiňizmi? Gulakly bolup, eşitmeýärsiňizmi? Bolup geçenler ýadyňyza düşmeýärmi?
19 Men bäş çöregi bäş müň adama bölenimde, galan döwümlerden näçe sebet doldurypdyňyz?» Olar: «On iki» diýdiler.
20 «Ýedi çöregi dört müň adama bölenimde, galan döwümlerden näçe sebet doldurypdyňyz?» Olar: «Ýedi» diýdiler.
21 Isa: «Entek hem düşünmeýärsiňizmi?» diýdi.
22 Onsoň Betsaýda geldiler. Ol ýerde bir kör adamy Onuň ýanyna getirip, oňa elini degirsin diýip ýalbardylar.
23 Isa kör adamyň elinden tutup, ony obanyň daşyna çykardy. Onuň gözlerine tüýkürip, ellerini üstünde goýup: «Bir zat görýärsiňmi?» diýip sorady.
24 Ol hem ýokaryk seredip: «Adamlary görýärin, olar ýöräp barýan agaçlar ýaly bolup görünýär» diýdi.
25 Onsoň Isa ýene-de ellerini onuň gözlerine goýdy. Kör çiňerilip seretdi, şypa tapyp, bar zady aýyl-saýyl gördi.
26 Isa: «Oba barma, muny obada hiç kime aýtma» diýip, ony öýüne iberdi.
27 Isa şägirtleri bilen Kaýsariýa-Filipi etrabyndaky obalara gitdi. Ýolda şägirtlerinden: «Adamlar Maňa kim diýýärler?» diýip sorady.
28 Olar-da: «Çokundyryjy Ýahýa, käbiri Ylýas, käbiri-de pygamberleriň biri diýýärler» diýip jogap berdiler.
29 Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Mesih» diýip jogap berdi.
30 Onsoň Isa olara Özi hakda hiç kime hiç zat aýtmazlygy tabşyrdy.
31 Ynsan Oglunyň köp görgi görmelidigi, ýaşulular, baş ruhanylar we kanunçylar tarapyndan ret edilmelidigi, öldürilmelidigi, üç günden soň direlmelidigi hakda olara sapak bermäge başlady.
32 Ol bu sözleri açyk aýtdy. Petrus bolsa Ony bir çete çekip, Onuň aýdanlaryna garşy çykmaga başlady.
33 Emma Isa öwrülip, şägirtlerine seredip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Hudaý işlerini däl, ynsan işlerini oýlanýarsyň» diýip, Petrusa käýedi.
34 Isa märeke bilen Öz şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp yzyma düşsün.
35 Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň we Hoş Habaryň ugrunda ýitirse, ony halas eder.
36 Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp-da, öz janyny ýogaltsa, oňa näme peýdasy bar?
37 Adam öz janyna derek näme berip biler?
38 Bu zynahor, günäkär nesliň içinde kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da mukaddes perişdeleri bilen bilelikde Atasynyň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar».




Chapter 9

1 Ol olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu ýerde duranlaryň arasynda Hudaýyň Patyşalygynyň gudrat bilen gelenini görmezden öň ölümi datmajak käbir adamlar bar». Isanyň görnüşi üýtgeýär
2 Isa alty günden soň Petrusy, Ýakuby we Ýahýany ýanyna alyp, aýratyn olary bir beýik dagyň üstüne çykardy. Şol ýerde olaryň gözleriniň alnynda Onuň görnüşi üýtgedi.
3 Egin-eşigi ýaldyrap, şeýle bir agardy welin, ýer ýüzünde hiç bir ýuwujynyň ony beýle agardyp biljek gümany ýokdy.
4 Olara Ylýas bilen Musa göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular.
5 Petrus Isa: «Mugallym! Bize bu ýerde bolmak gowy, üç çadyr guraly: biri Saňa, biri Musa, biri Ylýasa» diýdi.
6 Ol näme diýjegini bilmeýärdi, çünki gaty gorkupdylar.
7 Bir bulut gelip, olara kölege saldy. Bulutdan: «Bu Meniň söýgüli oglum! Ony diňläň» diýen owaz geldi.
8 Birden, töwereklerine seredenlerinde, ýanlarynda Isadan başga hiç kime gözleri düşmedi.
9 Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara Ynsan Ogly ölümden direlýänçä gören zatlaryny hiç kime aýtmazlygy buýurdy.
10 Olar bu sözi ýüreklerinde saklap, Onuň näme diýmek isleýänini biri-birlerinden soraşýardylar.
11 Olar Isadan: «Näme üçin kanunçylar öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar.
12 Ol hem olara şeýle diýdi: «Dogrudan-da, Ylýas öňürti gelip, hemme zady düzeder, ýöne näme üçin Ynsan Oglunyň köp görgi görüp-de, ret edilmegi ýazylypdyr?
13 Men size aýdýaryn: Ylýas geldi, ol hakda ýazylyşy ýaly, oňa halanlaryny etdiler».
14 Beýleki şägirtleriň ýanlaryna gelenlerinde, olaryň daşyny alyp duran märekäni, olar bilen jedelleşip duran kanunçylary gördüler.
15 Isany görende, märeke gaty geňirgendi, hemmeler derrew ylgaşyp gelip, Oňa salam berdiler.
16 Isa olardan: «Bular bilen näme hakda jedelleşýärsiňiz?» diýip sorady.
17 Märekäniň içinden biri Oňa şeýle jogap berdi: «Mugallym, Saňa oglumy getirdim, oňa bir dilsiz ruh ýolugypdyr.
18 Ony tutan ýerinde ýere urýar. Oglan agzyny köpürjikledip, dişlerini gyjyrdadyp, gatap galýar. Seniň şägirtleriňden ruhy çykarmaklaryny haýyş etdim, ýöne olar başarmadylar».
19 Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siz bilen bile bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Meniň ýanyma getiriň» diýdi.
20 Olar ony Isanyň ýanyna getirdiler. Ruh Isany gören badyna, oglany gaty silterledi. Oglan ýere ýykylyp, agzyny köpürjikledip, togalanmaga başlady.
21 Isa oglanyň kakasyndan: «Munuň beýle bolanyna näçe wagt boldy?» diýip sorady. Kakasy: «Çagalygyndan bäri şeýle.
22 Ruh ony heläklejek bolup, telim gezek oda, suwa atdy. Eliňden bir zat gelse, bize haýpyň gelsin, kömek et!» diýdi.
23 Isa oňa: «Imanyň bar bolsa, iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýdi.
24 Şol bada oglanyň kakasy aglap gygyrdy: «Iman edýärin, imansyz bolmazlygym üçin maňa kömek et!»
25 Isa märekäniň ylgaşyp gelýänini görüp: «Eý, güň hem lal ruh! Saňa buýurýaryn, oglandan çyk, oňa gaýdyp girme!» diýip, arwaha käýedi.
26 Arwah-da gygyryp, oglany has beter silterläp, daşyna çykdy. Oglan ölene meňzeýärdi, şonuň üçin märekäniň köpüsi: «Ol öldi» diýişýärdi.
27 Emma Isa onuň elinden tutup galdyrdy, ol hem ör turdy.
28 Isa öýe girenden soň, şägirtleri öz-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin ruhy çykaryp bilmedik?» diýip soradylar.
29 Isa olara: «Bu hili ruhlary dogadan, orazadan başga hiç bir zat bilen çykaryp bolýan däldir» diýdi.
30 Ol ýerden çykyp, Jeliläniň üstünden geçdiler. Isa muny hiç kimiň bilmegini islemeýärdi.
31 Ol şägirtlerine sapak berýärkä şeýle diýipdi: «Ynsan Ogly ynsan eline berler, Ony öldürerler, ýöne öldürenlerinden üç gün soň Ol direler».
32 Emma olar bu söze düşünmediler, soramaga-da çekindiler.
33 Olar Kapernauma bardylar. Öýe girenden soň, Isa olardan: «Ýolda näme hakda jedelleşýärdiňiz?» diýip sorady.
34 Emma olaryň hiç birinden ses çykmady. Çünki ýolda biri-birleri bilen kimiň uludygy hakda jedelleşýärdiler.
35 Isa oturyp, Onkileri ýanyna çagyrdy. Olara: «Biri ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäniň soňkusy, hemmäniň hyzmatkäri bolmalydyr» diýdi.
36 Onsoň bir çagany alyp, olaryň ortasynda duruzdy-da, ony gujaklap, olara şeýle diýdi:
37 «Kim şunuň ýaly çagalaryň birini Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni däl, Meni Ýollany kabul eder».
38 Ýahýa Oňa şeýle diýdi: «Mugallym! Biz Seniň adyň bilen jynlary çykarýan, ýöne biziň yzymyza eýermeýän bir adamy görüp, ony bökdedik, çünki ol biziň yzymyza eýerenok».
39 Isa oňa şeýle diýdi: «Ony bökdemäň! Çünki Meniň adym bilen mugjyza edip-de, derrew yzysüre Meni ýamanlap biljek adam ýokdur.
40 Kim bize garşy bolmasa, biziň tarapdarymyzdyr.
41 Size dogrusyny aýdýaryn, Mesihe baglydygyňyz üçin, kim Meniň adym bilen size bir käse suw berse, ol asla sylagsyz galmaz».
42 Kim Maňa iman eden bu çagalardan biriniň günä etmegine sebäp bolsa, boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňze zyňylmak onuň üçin has gowy bolar.
43 Eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Saňa çolak bolup ýaşaýşa gowuşmak, iki elli bolup sönmez oda, dowzaha gitmekden gowudyr.
44 Ol ýerde olaryň gurdy ölýän däldir, ody sönýän däldir.
45 Eger aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Saňa agsak bolup ýaşaýşa gowuşmak, iki aýakly bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr.
46 Ol ýerde olaryň gurdy ölýän däldir, ody sönýän däldir.
47 Gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar. Saňa ýeke gözli bolup Hudaýyň Patyşalygyna girmek, iki gözli bolup dowzaha zyňylmakdan gowudyr.
48 Ol ýerde olaryň gurdy ölýän däldir, ody sönýän däldir.
49 Çünki hemmeler ot bilen duzlanar, hemme gurbanlar duz bilen duzlanar.
50 Duz gowy zatdyr, ýöne duz şorlugyny ýitirse, onda oňa näme bilen tagam berler? Içiňizde duz bolup, araňyzda parahatlyk bolsun».




Chapter 10

1 Isa ol ýerden gidip, Ýahuda çäklerine, Iordan derýasynyň aňyrsyna bardy. Onuň daşyna ýene-de bir topar märeke ýygnanyşyp, Ol ýene-de adaty boýunça olara sapak bermäge durdy.
2 Birnäçe fariseý gelip, Ony synamak üçin: «Bir adamyň aýalyny aýyrmagy dogrumydyr?» diýip sorady.
3 «Musa size nähili tabşyryk beripdir?» diýip, Isa olaryň özlerinden sorady.
4 Olar-da: «Musa talak hatyny ýazyp, aýyrmaga ygtyýar beripdir» diýdiler.
5 Isa olara şeýle diýdi: «Musa bu tabşyrygy siziň doňýürekdiňiz zerarly ýazdy.
6 Emma ýaradylyşyň başynda Hudaý olary „erkek we aýal edip ýaratdy".
7 Şonuň üçin erkek adam ata-enesini terk edip, aýalyna goşular.
8 Onsoň ikisi bir ten bolar". Şunluk bilen, olar indi iki däl, bir tendir.
9 Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny adam aýyrmasyn».
10 Şägirtleri Oňa öýde bu barada ýene sorag berdiler.
11 Isa olara: «Kim aýalyny aýryp, başga aýala öýlense, oňa garşy zyna edýändir.
12 Aýal-da ärinden aýrylyp, başga erkege barsa, zyna edýändir» diýip jogap berdi.
13 Olara elini degirsin diýip, çagalary Isanyň ýanyna getirdiler. Şägirtleri bolsa olary getirenlere käýediler.
14 Isa muny görende, gaharlanyp, olara şeýle diýdi: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň, çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr.
15 Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Patyşalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez».
16 Ol çagalary gujaklap, elini üstlerinde goýup, olara ak pata berdi.
17 Isa ýola düşüp barýarka, bir adam ylgap geldi-de, öňünde dyza çöküp: «Eý, ýagşy Mugallym! Men ebedi ýaşaýşy miras alar ýaly näme etmeli?» diýip, Ondan sorady.
18 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Bir Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir.
19 Sen tabşyryklary bilýänsiň: „Adam öldürme, zyna etme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, hiç kimi talama, ataňy, eneňi syla"».
20 Ýaňky adam Oňa: «Men ýaşlygymdan bäri bularyň baryny berjaý edip gelýärin» diýdi.
21 Isa oňa söýgi bilen seredip: «Seniň bir zadyň kem, bar, nämäň bar bolsa sat-da, garyplara ber, Gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.
22 Bu sözlere ýaňky adamyň mazasy gaçyp, ol ýerden tukat bolup gitdi. Çünki onuň köp mal-mülki bardy.
23 Isa töweregine seredip, şägirtlerine: «Barlylara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin!» diýdi.
24 Şägirtler Onuň sözlerine geňirgenişdiler. Isa ýene olara şeýle diýdi: «Oglanlar, baýlyga bil baglaýanlara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin!
25 Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi barly adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr».
26 Şägirtler çakdanaşa geňirgenişip, biri-birlerine: «Onda, kim halas bolup biler?» diýişdiler.
27 Isa olara seredip: «Ynsanlaryň muňa mümkinçiligi ýok, ýöne Hudaý üçin beýle däl ― Hudaý üçin ähli zat mümkin» diýdi.
28 Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» diýip başlady.
29 Isa şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň hatyram üçin, Hoş Habaryň hatyrasy üçin öýüni, doganlaryny, uýalaryny, enesini, atasyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlap-da,
30 şindi, bu zamanda çekjek azaplary bilen birlikde, ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, eneler, atalar, oglan-uşaklar, ýerler we geljek döwürde ebedi ýaşaýyş almajak ýokdur.
31 Ýöne köp ilkinjiler iň soňkular, iň soňkular hem ilkinjiler bolar».
32 Olar ýola düşüp, Iýerusalime bakan barýardylar. Isa öňlerinden ýöräp barýardy. Şägirtler geňirgenişýärdi, yzyna düşüp barýanlar hem gorky içindediler. Ol ýene-de Onkileri bir çete çekdi-de, Özüne näme boljagy hakda gürrüň bermäge başlap,
33 Şeýle diýdi: «Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly baş ruhanylara, kanunçylara tabşyrylar. Ony ölüme höküm edip, milletlere tabşyrarlar.
34 Oňa gülerler, üstüne tüýkürerler, Ony gamçylap, öldürerler we üçünji günde Ol direler».
35 Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýahýa Isanyň ýanyna baryp, Oňa: «Mugallym! Biz Senden näme dilesek, şony ýerine ýetirmegiňi isleýäris» diýdiler.
36 «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýip, Isa olardan sorady.
37 Olar hem: «Öz şöhratyňda birimiziň sagyňda, birimiziň çepiňde oturmagymyza rugsat et» diýdiler.
38 Emma Isa olara: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek käsämden içip bilersiňizmi? Ýa Meniň çokunyşym bilen çokunyp bilersiňizmi?» diýdi.
39 Olar-da Oňa: «Muny edip bileris» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz. Meniň çokunyşym bilen çokunarsyňyz.
40 Ýöne size sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu kimler üçin taýynlanan bolsa, şolar üçindir».
41 Beýleki on şägirt muny eşidip, Ýakup bilen Ýahýa gaharlanmaga başladylar.
42 Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Özüňiz bilýärsiňiz, milletleriň arasynda başlyk saýylýanlar olara agalyk edýär, ululary-da olara ygtyýar bilen baştutanlyk edýär.
43 Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim uly bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun.
44 Araňyzda kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun.
45 Çünki Ynsan Ogly-da Özüne hyzmat edilmegi üçin däl, eýsem, hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi».
46 Onsoň Eriha geldiler. Isa şägirtleri we uly märeke bilen Erihadan çykyp barýarka, Timaý ogly Bartimaý atly bir kör ýoluň kenarynda dilegçilik edip otyrdy.
47 Ol bu gelýäniň nasyraly Isadygyny eşidip: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip, gygyrmaga durdy.
48 Köp adamlar sesini çykarmasyn diýip, oňa käýediler, emma ol öňküden hem gaty ses bilen: «Eý, Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy.
49 Isa aýak çekip: «Ony çagyryň» diýdi. Köri çagyryp oňa: «Batyr bol, tur, seni çagyrýar» diýdiler.
50 Ol hem donuny taşlap turdy-da, Isanyň ýanyna geldi.
51 Isa ondan: «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Kör adam: «Ussat, gözüm görsün» diýdi.
52 Isa hem oňa: «Bar, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Onuň gözleri derrew görüp, ýol bilen Isanyň yzyna düşüp gidiberdi.




Chapter 11

1 Iýerusalime golaýlap, Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa gelip ýetenlerinde, Isa öz şägirtlerinden ikisini ýollap,
2 olara şeýle diýdi: «Öňüňizdäki oba baryň. Obanyň içine giren badyňyza daňylgy duran bir taýhar taparsyňyz, üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Ony çözüň-de, alyp geliň.
3 Eger biri size: „Näme üçin beýle edýärsiňiz?" diýse, „Bu taýhar Rebbe gerek, ynha yzyna iberer" diýip aýdyň».
4 Olar gitdiler. Köçede bir gapynyň ýanynda daňylgy duran bir taýhary tapyp, ony çözdüler.
5 Ol ýerde duranlaryň käbiri olara: «Näme üçin taýhary çözýärsiňiz?» diýdiler.
6 Olar-da Isanyň aýdanyny aýtdylar. Onsoň ýaňky adamlar olary goýberdiler.
7 Taýhary Isanyň ýanyna getirip, öz egin-eşiklerini onuň üstüne atdylar. Isa-da taýharyň üstüne mündi.
8 Köp adamlar egin-eşiklerini, käbirleri-de baglardaky agaçlardan kesen şahalaryny ýola düşediler.
9 Öňden barýanlar, yzdan gelýänler: «Hosanna! Rebbiň adyndan gelýän gutly bolsun!
10 Atamyz Dawudyň golaýlap gelýän patyşalygy gutly bolsun! Iň ýokarlarda hosanna!» diýip gygyryşýardylar.
11 Isa Iýerusalime baryp, ybadathana girdi. Daş-töweregindäki ähli zatlara göz aýlaşdyrandan soň, wagt hem gijigeni üçin, Onkiler bilen bilelikde Beýtaniýa gitdi.
12 Ertesi gün Beýtaniýadan çykanlarynda, Isa ajykdy.
13 Uzagrakda ýaprakly bir injir agajyna gözi düşende, ondan bir zat tapmazmykam diýip, agaja tarap gitdi. Onuň ýanyna gelende, ýapraklardan başga hiç zat tapmady. Çünki injiriň wagty däldi.
14 Isa agaja: «Mundan beýläk hiç kim senden asla iýmiş iýmesin!» diýdi. Şägirtleri hem muny eşitdiler.
15 Iýerusalime geldiler. Isa ybadathana girip, içerdäki satyjylary, alyjylary kowmaga durdy. Pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi.
16 Hiç kimiň ybadathananyň içinden goş gatnatmagyna rugsat etmedi.
17 Olara sapak berip, şeýle diýdi: «„Meniň öýüme bütin milletleriň doga öýi diýler" diýip ýazylgy dälmi? Emma siz muny garakçylaryň sürenine dönderdiňiz».
18 Baş ruhanylar we kanunçylar muny eşidip, Ony heläk etmegiň küýüne düşdüler. Olar Isadan gorkýardylar, çünki bütin halk Onuň taglymatyna täsin galýardy.
19 Agşam düşende, Isa şäherden çykyp gitdi.
20 Ertir ir bilen geçip barýarkalar, injir agajynyň köki bilen gurandygyny gördüler.
21 Petrus bolup geçeni ýatlap: «Mugallym! Ine, Seniň gargan injir agajyň gurapdyr» diýdi.
22 Isa olara şeýle jogap berdi: «Hudaýa imanyňyz bolsun.
23 Size dogrusyny aýdýaryn, kim ýüreginde şübhä ýol bermän, diýýäniniň boljakdygyna iman edip, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl" diýse-de, onuň diýeni bolar.
24 Munuň üçin size diýýärin: doga bilen dilän ähli zadyňyzy aljagyňyza iman ediň, ol size berler.
25 Gökdäki Ataňyz siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar ýaly, birinden öýke-kinäňiz bar bolsa, doga etmäge duran mahalyňyz siz-de ony bagyşlaň.
26 Siz bagyşlamasaňyz, Gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz».
27 Olar ýene Iýerusalime geldiler. Isa ybadathanada gezmeläp ýörkä, baş ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular ýanyna gelip,
28 Oňa: «Sen haýsy ygtyýar bilen bu zatlary edýärsiň? Ýa bulary etmäge Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýdiler.
29 Isa-da olara şeýle diýdi: «Men sizden bir zat sorajak. Maňa jogap beriň, Men-de size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýdaýyn:
30 Ýahýanyň çokundyrmasy Gökdenmidi ýa ynsandan?»
31 Olar-da özara pikir alşyp, şeýle diýdiler: «Biz: „Gökden" diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin oňa iman getirmediňiz?" diýer.
32 Emma ynsandan diýsek...» Olar halkdan gorkýardylar. Çünki hemmeler Ýahýany çyn pygamber saýýardy.
33 Olar Isa jogap berip: «Biz bilmeýäris» diýdiler. Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtmaryn» diýdi.




Chapter 12

1 Isa olara tymsallar bilen gürrüň bermäge durdy: «Bir adam üzüm agaçlaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Üzümi sykmak üçin bir çukur gazýar, bir-de diň salyp, üzümligi bagbanlara ekerine berýär-de, uzak ýola gidýär.
2 Möwsümi gelende, üzümligiň miwesinden alyp gel diýip, bir hyzmatkärini bagbanlara iberýär.
3 Emma olar ony tutup ýenjip, boş kowup goýberýärler.
4 Üzümligiň eýesi ýene başga bir hyzmatkärini iberýär. Olar onuň kellesini ýaryp, biabraý edýärler.
5 Ýene birini iberýär, muny öldürýärler. Ýene köp hyzmatkärini iberýär. Bularyň-da käbirini ýenjip, käbirini hem öldürýärler.
6 Üzümligiň eýesiniň ýene bir adamy bar eken, ol-da özüniň söýýän ýekeje ogly eken. „Oglumy sylarlar" diýip, iň soňy bagbanlara ogluny iberýär.
7 Emma bagbanlar biri-birlerine: „Mirasdar şu, geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar" diýişýärler.
8 Ony tutup öldürýärler-de, üzümlikden daşaryk taşlaýarlar.
9 Indi üzümligiň eýesi näme eder? Ol gelip, bu bagbanlary heläk eder-de, üzümligi başgalaryna berer.
10 Siz bu Ýazgyny okamadyňyzmy? „Ussalaryň ret eden daşy, burçuň başy boldy.
11 Bu Rebbiň edenidi, biziň gözümize bir täsinlik"».
12 Ony tutjak boldular, çünki bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Ýöne halkdan gorkup, Ony taşlap gitdiler.
13 Isany gepde tutjak bolup, fariseýleriň, hirodesçileriň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler.
14 Olar hem gelip, Oňa şeýle diýdiler: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, hiç kime ýaranjak bolmaýandygyňy bilýäris, çünki Sen adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat ýüzünden öwredýärsiň. Kaýsara salgyt tölemek dogrumy ýa dälmi? Tölälimi ýa tölemälimi?»
15 Isa olaryň ikiýüzlüligini bilip, şeýle diýdi: «Meni näme üçin synaýarsyňyz? Maňa bir dinar getiriň, göreýin».
16 Olar hem getirdiler. Isa olara: «Bu surat bilen ýazgy kimiňki?» diýdi. Olar-da Oňa: «Kaýsaryňky» diýdiler.
17 Isa olara: «Kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Olar Oňa aňka-taňka boldular.
18 Isanyň ýanyna ölümden direlme ýokdur diýýän saddukeýler gelip, Oňa şeýle sorag berdiler:
19 Mugallym! Musa bize, bir adamyň dogany zürýatsyz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, doganyna nesil ýetişdirmelidir diýip ýazypdyr.
20 Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýal aldy, ýöne yzynda nesil galdyrman öldi.
21 Ikinjisi şol aýaly aldy, ol hem yzynda nesil galdyrman öldi. Olaryň üçünjisi hem şeýle boldy.
22 Ýedisi-de nesil galdyrmady. Olardan soň aýal hem öldi.
23 Ölüleriň direlen mahaly, olar direlenlerinde, ol haýsysynyň aýaly bolar? Çünki ýedisi hem ony aýal edinipdiler».
24 Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz Mukaddes Ýazgylary we Hudaýyň gudratyny bilmän ýalňyşmaýarsyňyzmy?
25 Çünki ölümden direlen mahallary olar öýlenmän, äre çykman, Gökdäki perişdeler ýaly bolarlar.
26 Ölüleriň direlişine gelenimizde bolsa, Musanyň kitabynyň ýanan çaly baradaky babynda siz Hudaýyň oňa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýydyryn" diýip ýazanyny okamadyňyzmy?
27 Ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýydyr; siz gaty ýalňyşýarsyňyz».
28 Golaýa gelip, olaryň çekişmelerini eşiden kanunçylardan biri Isanyň olara gowy jogap berenini görüp, Ondan: «Haýsy tabşyryk ähli tabşyryklaryň birinjisidir?» diýip sorady.
29 Isa şeýle jogap berdi: «Birinji tabşyryk şu: „Diňle, eý Ysraýyl! Hudaýymyz Reb ýalňyz Rebdir.
30 Öz Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň, bütin güýjüň bilen söý!"
31 Ikinjisi şu: „Goňşyňy özüň ýaly söý!" Bulardan uly tabşyryk bolmaz».
32 Kanunçy Oňa şeýle diýdi: «Eý, ýagşy Mugallym! Sen „Ol birdir, Ondan başgasy ýokdur" diýip, dogry aýtdyň.
33 Ony bütin ýürek bilen, bütin düşünje bilen, bütin güýç bilen söýmeklik, goňşyňy özüň ýaly söýmeklik ýakylýan sowgatlaryň, kesilýän gurbanlaryň hemmesinden artykdyr».
34 Isa onuň paýhasly jogap berenini görüp: «Sen Hudaýyň Patyşalygyndan uzak dälsiň» diýdi. Şondan soň Ondan bir zat soramaga hiç kim ýürek etmedi.
35 Isa ybadathanada sapak berip otyrka, şeýle diýdi: «Kanunçylar nähili Mesih Dawudyň Ogludyr diýýärler?
36 Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, şeýle diýipdir: „Reb Meniň Rebbime diýdi: Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda basgançak edip goýýançam, Meniň sagymda otur".
37 Dawudyň özi Oňa Reb diýýär. Ol nähili onuň ogly bolýar?» Uly märeke Ony hezil edip diňleýärdi.
38 Isa öwredip diýýärdi: «Kanunçylardan ägä boluň! Olar uzyn geýimler geýnip gezmegi, bazar ýerinde salam almagy,
39 sinagogalarda baş kürsüleri, zyýapatlarda töri halaýandyr.
40 Olar dul hatynlaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Bular has agyr jeza sezewar bolarlar».
41 Isa hazynanyň garşysynda hazyna pul atýan halky synlap otyrdy. Köp baý adamlar kän pul atdylar.
42 Bir garyp dul hatyn gelip, hazyna iki lepta, ýagny bir kodrant atdy.
43 Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, şu garyp dul hatyn hazyna pul atýanlaryň hemmesinden kän atdy.
44 Çünki olaryň hemmesi özlerinden artany atdylar, ýöne bu hatyn garyplygyna garamazdan, bütin elde baryny, bütin çörek puluny atdy».




Chapter 13

1 Isa ybadathanadan çykanda, şägirtleriniň biri Oňa: «Mugallym! Gör, ne ajap daşlar, ne ajap jaýlar!» diýdi.
2 Isa oňa: «Bu uly jaýlary görýäňmi? Bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi dargar» diýdi.
3 Ol Zeýtun dagynda ybadathananyň garşysynda otyrka, Petrus, Ýakup, Ýahýa we Andreas dagy ýekelikde Ondan:
4 «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Bularyň ählisiniň ýerine ýetjek mahaly näme alamat peýda bolar?» diýip soradylar.
5 Isa-da olara gürrüň bermäge durdy: «Habardar boluň, sizi aldaýmasynlar!
6 Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men ― Ol" diýer. Olar köp adamy aldarlar.
7 Uruş seslerini, uruş turanlygy barada habar eşideňizde gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir.
8 Çünki millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar we belalar ýüze çykar. Bu wakalar burgularyň başlangyjydyr.
9 Emma siz özüňize habardar boluň! Sebäbi sizi mejlislere tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Olara güwälik üçin Men sebäpli sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň alnynda durzarlar.
10 Öňürti Hoş Habar bütin milletlere wagyz edilmelidir.
11 Sizi suda tabşyrjak bolup alyp barýarkalar, näme diýjegiňizi öňünden gaýgy etmäň, şol sagatda size näme berilse, şony diýiň. Çünki gepleýän siz däl-de, Mukaddes Ruhdur.
12 Dogan ― dogany, ata ― çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ata-enelerine garşy bolup, olary öldürderler.
13 Meniň adym üçin hemmeler sizi ýigrener, ýöne soňuna çenli çydan halas bolar.
14 Weýrançylyk getirýän, Daniýel pygamberiň aýdan ýigrenjisiniň bolmaly däl ýerinde duranyny göreniňizde, (okyjy düşünsin) Ýahudadakylar daglara gaçsyn.
15 Öýüň üçegindäki aşak inip, bir zat almak üçin, içerik girmesin.
16 Ekin meýdanyndaky donuny almak üçin, yzyna öwrülmesin.
17 Ol günlerde göwreli, çaga emdirýän aýallaryň gününe waý!
18 Siz bu waka gyşda bolmasyn diýip doga ediň.
19 Çünki ol günlerde şeýle bir muşakgat bolar welin, beýle muşakgat Hudaýyň bar eden ýaradylyşynyň başyndan tä şu wagta çenli ne bolandyr, ne-de bolar.
20 Reb ol günleri gysgaltmadyk bolsady, onda hiç kim halas bolmazdy. Emma Ol saýlan saýlantgylarynyň hatyrasyna ol günleri gysgaltdy.
21 Şonda biri size: „Ine, Mesih şu ýerde" ýa „Ine, ol ýerde" diýse, ynanmaň.
22 Çünki ýalan mesihler, ýalan pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary-da azdyrjak bolup, alamatlar, mugjyzalar görkezer.
23 Ägä boluň. Men hemme zady size öňünden aýtdym».
24 Şol günlerde ol muşakgatdan soň, Gün garalar, Aý yşygyny bermez.
25 Ýyldyzlar Gökden gaçar, Gökdäki güýçler titreşer.
26 Şonda Ynsan Oglunyň bulutlar içinde uly gudrat hem şöhrat bilen gelýänini görerler.
27 Şonda Ol perişdelerini ýollap, Öz saýlanlaryny dört tarapdan Ýeriň ujundan tä Gögüň ujuna çenli ýygnar».
28 Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýdygyny bilýärsiňiz.
29 Şonuň ýaly-da, bu zatlaryň bolýanyny göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaýdygyny, gapynyň agzyndadygyny biliň.
30 Size dogrusyny aýdýaryn, bütin bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez.
31 Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim ötmez».
32 Emma ol güni hem ol sagady hiç kim bilýän däldir, ne Gökdäki perişdeler, ne-de Ogul, diňe Ata bilýändir.
33 Ägä, oýa boluň, doga ediň! Çünki siz ol wagtyň haçandygyny bilmeýärsiňiz.
34 Bu uzak ýola çykan adam kimindir. Ol öýünden aýrylyp barýarka, hyzmatkärlerine ygtyýar, her haýsyna-da öz işini berip, gapynyň garawulyna-da oýa bolmagy tabşyrýandyr.
35 Şeýlelikde, oýa boluň, çünki siz öý eýesiniň agşammy, ýary gijemi, horaz gygyrandamy, ertir irdenmi ― haçan geljegini bilmeýärsiňiz.
36 Ol birden gelip-de, ukuda üstüňizi basaýmasyn.
37 Size aýdýanlarymy hemmelere aýdýaryn: oýa boluň!»




Chapter 14

1 Pesaha ― Petir baýramyna iki gün galypdy. Baş ruhanylar, kanunçylar Isany hile bilen tutup öldürmegiň ýoluny agtarýardylar.
2 Ýöne welin biri-birlerine: «Baýram günlerinde däl, halk galmagal turzaýmasyn» diýişýärdiler.
3 Isa Beýtaniýada heýwere keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka, bir aýal içi gymmatbaha sap-arassa nard ýagly ak mermer gap bilen gelip, gaby döwdi-de, ýagy Onuň depesinden guýdy.
4 Käbirleri gaharlanyp, biri-birlerine: «Näme üçin bu ýag beýle isrip edildi?
5 Bu ýagy üç ýüz dinardan ýokara satyp, garyplara-da paýlap bolardy» diýşip, aýala igendiler.
6 Emma Isa şeýle diýdi: «Oňa degmäň, näme üçin ony ynjydýarsyňyz? Ol Maňa ýagşylyk etdi.
7 Çünki garyplar hemişe siziň ýanyňyzda, olara halan mahalyňyz ýagşylyk edip bilýärsiňiz, ýöne Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn.
8 Ol elde baryny etdi, jaýlanmagyma taýýarlyk hökmünde bedenimi öňünden ýaglady.
9 Size dogrusyny aýdýaryn, Hoş Habar bütin dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de ony ýatlamak üçin aýdylar».
10 Onsoň Onkileriň biri bolan Iuda Iskariot Isa dönüklik etmek üçin, baş ruhanylaryň ýanyna bardy.
11 Olar hem muny eşidip begenişdiler, oňa pul bermäge söz berdiler. Ol-da Isany olara tabşyrmak üçin amatly pursat peýläp gezdi.
12 Pesah gurbanynyň kesilýän wagty bolan Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtleri Isa: «Pesah gurbanlygyny iýmegiň üçin, nirä baryp taýýarlyk görmegimizi isleýärsiň?» diýdiler.
13 Isa şägirtleriniň ikisini ýollap, olara şeýle diýdi: «Şähere baryň, küýze bilen suw alyp barýan bir adama sataşarsyňyz, şonuň yzyna düşüp gidiň.
14 Ol baryp nirä girse, şol öýüň eýesine: „Mugallym: 'Şägirtlerim bilen Pesah baýramyny geçirer ýaly, Meniň myhman otagym nirede?' diýip soraýar" diýiň.
15 Ol hem ýokarky mertebede düşek düşelgi, taýýar giň bir otagy görkezer, şol ýerde bize taýýarlyk görüň».
16 Şägirtler ýola düşüp, şähere geldiler, ähli zady Isanyň özlerine aýdyşy ýaly, tapyp, Pesahy taýýarladylar.
17 Agşam düşende, Isa Onkiler bilen bilelikde geldi.
18 Saçak başynda nahar iýip otyrkalar, Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn: siziň biriňiz ― Meniň bilen nahar iýip oturan biri Maňa haýynlyk eder» diýdi.
19 Olar hem tukatlanyp, yzly-yzyna Oňa: «Menmi?» diýmäge başladylar.
20 Isa olara şeýle diýdi: «Onkilerden biri ― Meniň bilen tabaga çörek batyryp oturanyň biri.
21 Çünki Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly barýar, ýöne Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň gününe waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy».
22 Nahar iýip otyrkalar, Isa çörek alyp, şükür etdi-de, ony döwüp şägirtlere berdi we: «Alyň, bu Meniň bedenimdir» diýdi.
23 Onsoň bir käse alyp, şükür edeninden soň, olara berdi, hemmesi ondan içdiler.
24 Soňra Isa olara şeýle diýdi: «Bu Meniň ganym, Täze ähtiň köp adamlar üçin dökülen ganydyr.
25 Size dogrusyny aýdýaryn, Hudaýyň Patyşalygynda täzesini içjek günüme deňeç, üzüm şiresini gaýtadan içmerin».
26 Olar bir öwgüli aýdym aýdyp bolanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.
27 Isa olara şeýle diýdi: «Siziň hemmäňiz Menden ýüz dönderersiňiz, çünki: „Çopany uraryn, goýunlar dagar" diýip ýazylgydyr.
28 Emma Men ölümden direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn».
29 Petrus Oňa: «Hemmeler Senden ýüz dönderse-de, men döndermerin» diýdi.
30 Isa-da oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn: şu gün, şu gije horaz iki gezek gygyrmazyndan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi.
31 Emma Petrus janygyp: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi. Hemmesi-de şeýle diýdiler.
32 Olar Getsemani diýen bir ýere geldiler. Isa şägirtlerine: «Men doga edip bolýançam, siz şu ýerde oturyň» diýdi.
33 Petrusy, Ýakuby we Ýahýany Özi bilen äkitdi, uly galagopluga düşüp, gaýgylanmaga başlady.
34 Olara: «Meniň janym öler ýaly tukat, siz şu ýerde galyň-da, oýa boluň» diýdi.
35 Isa biraz öňe gidip, ýere ýykylyp: «Mümkin bolsa, şu sagat Menden geçsin» diýip doga etdi.
36 Ol: «Abba, Ata, Seniň üçin hemme zat mümkin. Bu käsäni Menden geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň bolsun» diýdi.
37 Gaýdyp gelse, şägirtleri uklap ýatan eken. Petrusa şeýle diýdi: «Uklap ýatyrsyňmy? Bir sagat-da oýa bolup bilmediňmi?
38 Synaga düşmez ýaly, oýa boluň, doga ediň. Ruh islegli, ýöne beden ejizdir».
39 Isa ýene gidip, şol öňki sözleri aýdyp doga etdi.
40 Ýene gelende, şägirtleri uklap ýatan eken, çünki olaryň gözleri gaty ýumlup gelýärdi. Oňa näme diýjeklerini bilmediler.
41 Üçünji gezek gelip, olara şeýle diýdi: «Siz entek-de uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Bu ýeterlik, sagat geldi, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär.
42 Turuň, gideliň, ine, Maňa haýynlyk eden golaýlady».
43 Edil şol pursatda, Isa entek gepläp durka, Onkileriň biri bolan Iuda we onuň bilen bilelikde baş ruhanylardan, kanunçylar we ýaşulular tarapyndan gylyçly, taýakly bir märeke geldi.
44 Oňa haýynlyk eden Iuda olara: «Men kimi öpsem, Şoldur. Ony tutuň-da, seresap alyp gidiň» diýip gepleşipdi.
45 Ol gelip, derrew Isanyň ýanyna bardy-da: «Mugallym» diýip, Ony öpdi.
46 Olar hem el urup, Ony tutdular.
47 Ýanynda duranlaryň biri gylyjyny syrdy, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň gulagyny kesdi.
48 Isa olara şeýle diýdi: «Bir talaňçynyň garşysyna çykýan ýaly, Meni tutmak üçin gylyç hem taýak bilen geldiňizmi?
49 Her gün ybadathanada, siz bilen bile bolup sapak berenimde, Meni tutmandyňyz. Ýöne, goý, Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun».
50 Şägirtleriniň bary Ony taşlap, gaçyp gitdiler.
51 Ýalaňaç bedenini diňe bir kendir mata bilen bürän bir ýaş ýigit Onuň yzyna düşdi, ony hem tutdular.
52 Emma ol kendir matany taşlap, ýalaňaç halda olardan gaçyp gitdi.
53 Isany baş ruhanynyň ýanyna getirdiler. Hemme baş ruhanylar, ýaşulular we kanunçylar ýygnanypdylar.
54 Petrus baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi, baryp hem hyzmatkärler bilen bile oda çoýunyp oturdy.
55 Baş ruhanylar we bütin mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy güwäler agtardylar, ýöne tapyp bilmediler.
56 Köpler Oňa garşy ýalan güwälik berseler-de, olaryň güwälikleri bir çykmady.
57 Käbirleri turup, Oňa garşy ýalan güwälik berip, şeýle diýdiler:
58 «Biz Onuň: „Men el bilen salnan şu ybadathanany ýykyp, üç günüň içinde, el bilen salynmadyk başga bir ybadathana salaryn" diýenini eşitdik».
59 Barybir, olaryň güwälikleri bir çykmady.
60 Baş ruhany mejlisiň ortasynda ýokaryk galyp, Isa sorag berip, şeýle diýdi: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Saňa garşy berýän güwäligi näme?»
61 Ol dymdy, hiç bir jogap bermedi. Baş ruhany ýene Ondan: «Mübärek Hudaýyň Ogly Mesih Senmi?» diýip sorady.
62 Isa: «Mendirin, siz Ynsan Oglunyň gudratly Hudaýyň sagynda oturanyny, Gögüň bulutlary bilen gelýänini görersiňiz!» diýdi.
63 Baş ruhany şonda öz egin-eşigini ýyrtyp: «Bize başga güwä nämä gerek?
64 Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz. Näme diýýärsiňiz?» diýdi. Olaryň hemmesi höküm edip, Ony ölüme laýyk bildiler.
65 Käbirleri hem Onuň üstüne tüýkürip başladylar, ýüzüni örtüp, Ony ýumruklap: «Welilik et!» diýişýärdiler. Hyzmatkärler-de Oňa şapbat urýardylar. 66 Petrus howluda aşakda durka, baş ruhanynyň kenizlerinden biri geldi.
67 Çoýunyp oturan Petrusy görende, oňa seredip: «Sen-de şo-o-l Nasyradan dörän Isa bilen bilediň» diýdi.
68 Emma ol muny inkär edip: «Men seniň näme diýýäniňi ne bilýärin, ne-de oňa düşünýärin» diýip, daşaryk, howlynyň öň tarapyna gitdi. Şol wagt hem horaz gygyrdy.
69 Ony gören keniz ol ýerde duranlara ýene-de: «Bu şolardan» diýip başlady.
70 Emma ol muny ýene-de inkär etdi. Az salymdan soň, ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Dogrudan-da, sen hem şolardan, çünki sen jelileli, gepleýşiňden bildirip dur» diýdiler.
71 Emma ol: «Men siziň aýdýan bu Adamyňyzy tanamaýaryn» diýip, ant içip, awy ýalamaga durdy.
72 Edil şol wagt horaz ikinji gezek gygyrdy. Petrus Isanyň özüne: «Horaz iki gezek gygyrmazyndan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady-da, möňňürip aglady.




Chapter 15

1 Ertir irden baş ruhanylar, ýaşulular, kanunçylar we bütin mejlis maslahat geçirip, Isany daňyp, Pilatusa eltip tabşyrdylar.
2 Pilatus Ondan: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Ol jogap berdi: «Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi.
3 Baş ruhanylar Ony köp zatlarda aýypladylar.
4 Pilatus ýene-de Oňa: «Sen hiç hili jogap berjek dälmi? Gör, näçe zatlarda Seni aýyplaýarlar» diýdi.
5 Emma Isa başga hiç hili jogap bermedi. Pilatus geň galdy.
6 Pilatus her Pesah baýramynda halkyň dilän tussagyny boşadardy.
7 Pitnede adam öldüren gozgalaňçylar bilen bile tussaga salnan Barabbas atly biri bardy.
8 Halk Pilatusdan hemişeki edýän zadyny özleri üçin ýerine ýetirmegini gygyryşyp haýyş etdi.
9 Pilatus bolsa olara: «Ýehudylaryň patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýdi.
10 Çünki ol baş ruhanylaryň Ony göriplikden tabşyrandyklaryny bilýärdi.
11 Emma Munuň ýerine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, baş ruhanylar halky dürtgülediler.
12 Pilatus ýene olara: «Onda, men siziň ýehudylaryň patyşasy diýýän Adamyňyzy näme edeýin?» diýdi.
13 Olar bolsa: «Ony haça çüýle!» diýip, ýene gygyryşdylar.
14 Pilatus olara: «Ol näme ýaman iş etdi?» diýdi. Emma Olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar.
15 Şonda Pilatus halky kanagatlandyrma kararyna gelip, Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemäge berdi.
16 Esgerler Ony Pretorium diýen hökümet köşgüne eltip, bütin goşun bölümlerini çagyrdylar.
17 Onuň egnine gyrmyzy don, başyna hem tikenden täç geýdirdiler.
18 «Salam, eý, ýehudylaryň patyşasy» diýip, Oňa salam beren boldular.
19 Başyna taýak bilen urdular, üstüne tüýkürdiler, öňünde dyza çöküp, Oňa sežde eden boldular.
20 Ony masgaralanlaryndan soň, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge äkitdiler.
21 Isgender bilen Rufusyň kakasy kireneli Simun meýdandan gelşine, şol ýerden geçip barýardy. Ony Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler.
22 Isany Golgata, ýagny «Kelleçanak» diýen ýere eltdiler.
23 Oňa mür gatylan şerap berdiler, ýöne Ol almady.
24 Ony haça çüýlediler, kim näme alarka diýip bije atyşyp, Onuň egin-eşigini özara paýlaşdylar.
25 Ony haça çüýlänlerinde günortan bolmaga üç sagat wagt galypdy.
26 Depesindäki etmiş ýazgysynda bolsa: «ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýip ýazylgydy.
27 Isa bilen bile iki garakçyny haça çüýlediler, olaryň biri Onuň sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady.
28 Şeýlelik bilen, «ol şer iş edýänlerden saýyldy» diýen Ýazgy berjaý boldy.
29 Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Oňa sögüp: «Päheý-de welin, ybadathanany ýykyp-da, üç günde saljak Sen,
30 haçdan aşak in-de, Özüňi halas et!» diýişýärdiler.
31 Şonuň ýaly, baş ruhanylar bilen kanunçylar-da Isany masgaralap, biri-birlerine: «Özgeleri halas etdi, ýöne Özüni halas edip bilmeýär.
32 Biz görüp iman eder ýaly, Ysraýylyň Patyşasy Mesih häzir haçdan aşak insin» diýişýärdiler. Onuň bilen bile haça çüýlenenler-de Oňa sögýärdiler.
33 Günortan bütin ýurda garaňky düşüp, üç sagatlap dowam etdi.
34 Öýlän sagat üçde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lama sabaktani?» ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi.
35 Ol ýerde duranlaryň käbiri muny eşidenlerinde: «Ine, Ylýasy çagyrýar» diýişdiler.
36 Biri ylgap, bir gubkany sirkeden dolduryp, gamşyň başyna dakdy-da, içirjek bolup, Isa uzadyp: «Duruň göreliň, Ylýas Ony aşak indermäge gelermikä?» diýdi.
37 Emma Isa gaty gygyryp jan berdi.
38 Ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi.
39 Isanyň garşysynda duran ýüzbaşy Onuň şeýle gygyryp jan berenini görende: «Bu Adam, dogrudan hem, Hudaýyň Ogly eken» diýdi.
40 Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Hem magdalaly Merem hem-de kiçi Ýakupdyr Iosesiň ejesi Merem we Salome olaryň arasyndady.
41 Bular Isa Jeliledekä yzyna düşüp, Oňa hyzmat edýärdiler. Ol ýerde Onuň bilen bile Iýerusalime gelen başga köp aýallar hem bardy.
42 Agşam düşende, Taýýarlyk güni, ýagny Sabatdan bir gün öň bolany üçin,
43 Mejlisiň sylanýan agzasy, Hudaýyň Patyşalygyna garaşyp ýören arimatiýaly Ýusup Pilatusyň ýanyna barmaga batyrlyk edip, ondan Isanyň jesedini diledi.
44 Pilatus Onuň eýýäm ölenine geň galdy, ýüzbaşyny çagyryp: «Ölenine köp wagt boldumy?» diýip sorady.
45 Muny ýüzbaşydan bilensoň, jesedi Ýusuba berdi.
46 Ol hem kepen mata satyn aldy, jesedi aşak inderip, kepene dolady-da, gaýada oýulan bir mazarda jaýlap, mazaryň agzyna hem bir daş togalady.
47 Magdalaly Merem bilen Iosesiň ejesi Merem Onuň nirede jaýlananyny gördüler.




Chapter 16

1 Sabat güni geçenden soň, magdalaly Merem, Ýakubyň ejesi Merem we Salome dagylar gidip, Isanyň meýidini ýaglamak üçin, ýakymly ysly ýaglar satyn aldylar.
2 Hepdäniň ilkinji güni daň bilen, Gün doganda, mazaryň başyna geldiler.
3 Olar biri-birlerine: «Daşy mazaryň agzyndan bize kim aýryp bererkä?» diýişýärdiler.
4 Gabaklaryny galdyranlarynda, daşyň bir çete togalanandygyny gördüler. Daş gaty uludy.
5 Mazara girenlerinde bolsa, sag tarapda ak don geýnip oturan bir ýaş ýigidi görüp geňirgenişdiler.
6 Ol olara şeýle diýdi: «Geňirgenişmäň! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Ol direldi. Ol bu ýerde däl. Ine, Onuň jaýlanan ýeri.
7 Ýöne baryň-da, Onuň şägirtlerine, Petrusa: „Ol sizden öň Jelilä barýar, Özüniň size aýdyşy ýaly, Ony şol ýerde görersiňiz" diýiň».
8 Olar mazardan çykyp gaçdylar. Olara sandyrama hem aljyraňňylyk aralaşypdy, hiç kime-de hiç zat aýtmadylar, çünki gorkýardylar.
9 Isa hepdäniň ilkinji güni ir bilen direlip, ilki magdalaly Mereme göründi. Isa onuň içinden ýedi jyny kowup çykarypdy.
10 Ol hem muny Isa bilen bile bolanlara habar berdi. Olar ýas tutup, aglaşyp otyrdylar.
11 Isanyň diridigini, Mereme görnendigini eşidenlerinde, Olar ynanmadylar.
12 Şondan soň Isa olaryň ikisi oba barýarka, başga keşpde göründi.
13 Olar-da yzlaryna öwrülip, beýlekilere habar berdiler, ýöne bulara-da ynanmadylar.
14 Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň gatydygy üçin olary ýazgardy. Çünki olar Onuň direlendigini görenlere ynanmandylar.
15 Olara şeýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň.
16 Kim iman edip çokundyrylsa, halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler.
17 Şu alamatlar iman edýänleriň hemrasy bolar: Meniň adym bilen jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler.
18 Ýylanlary tutarlar, öldürýän zäher içseler-de, olara zyýan ýetmez. Syrkawlaryň üstüne ellerini goýarlar, olar hem sagalar».
19 Reb olara gürrüň bereninden soň, Göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy.
20 Olar-da çykyp, hemme ýerde wagyz edýärdiler, Reb hem olar bilen işläp, olara hemralyk edýän alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy. Omyn.