Lukanyň Hoş Habary

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24

Chapter 1

1 Gadyrly Teofilus, aramyzda ýüze çykan wakalaryň taryhyny köp adamlar başdan öz gözleri bilen görenleriň we Sözüň hyzmatçysy bolanlaryň bize aýdyşy ýaly edip ýazmaga girişdiler.
2 Muňa görä men-de tä başyndan hemmesini üns bilen barlaşdyryp,
3 seniň özüňe öwredilenleriň dogrudygyny bilmegiň üçin,
4 ählisini bolşy ýaly, birin-birin saňa ýazmaklygy maslahat bildim.
5 Ýahuda patyşasy Hirodesiň zamanynda Abiýa bölüminden Zekerýa atly bir ruhany bardy. Onuň aýaly hem Harunyň neslinden bolup, ady Elizabetdi.
6 Bularyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogry bolup, Rebbiň bütin buýruk hem tabşyryklaryny kemsiz berjaý ederdiler.
7 Olaryň perzendi ýokdy, çünki Elizabet önelgesizdi. Olaryň ikisi-de eýýäm garrylyk ýaşyna ýetipdiler.
8 Bir gün Zekerýa öz bölüminiň nobatynda Hudaýyň huzurynda ruhanylyk hyzmatyny berjaý edip ýörkä,
9 ruhanylyk adaty boýunça, buhur ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girmek onuň bijesine düşdi.
10 Ähli jemagat buhur ýakylýan sagatda daşarda doga edip durdy.
11 Rebbiň buhurdanyň sagynda duran bir perişdesi Zekerýa göründi.
12 Zekerýa ony görende, gorkup aljyrady.
13 Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý Zekerýa, gorkma, çünki dogaň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dograr, onuň adyna Ýahýa dakarsyň.
14 Sen şatlanarsyň, begenersiň, onuň dogulmagyna köp adamlar şatlanar.
15 Çünki ol Rebbiň nazarynda uly bolar, şerap, içgi içmez. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruh bilen dolar.
16 Ysraýyl ogullarynyň köpüsini öz Hudaýlary Rebbe tarap öwrer.
17 Ol atalaryň ýüreklerini ogullara, günälileri dogrulara tarap öwürmek we Rebbe taýýar halk taýynlamak üçin, Rebbiň huzurynda Ylýasyň ruhy we gudraty bilen gezer».
18 Zekerýa perişdä: «Men muny nähili bileýin? Çünki men bir garry adam, aýalym-da garrylyk ýaşyna ýeten» diýdi.
19 Perişde oňa şeýle jogap berdi: «Men Hudaýyň huzurynda durýan Jebraýyl. Men seniň bilen gepleşmek, saňa bu hoş habary gowşurmak üçin iberildim.
20 Ine, diliň tutulyp, bu zatlar bolýança, gepläp bilmersiň. Çünki sen meniň bellenen wagtda ýerine ýetjek sözlerime ynanmadyň».
21 Şol wagt halk Zekerýa garaşýardy, onuň ybadathanada eglenenine geňirgenýärdiler.
22 Zekerýa daşary çykanda, olar bilen gepleşip bilmedi. Halk onuň ybadathanada görnüş görenini bildi. Çünki Zekerýa olara üm bilen yşarat edip, lal galdy.
23 Ol hyzmat günleri dolanda, öýüne gaýtdy.
24 Şu günlerden soň, onuň aýaly Elizabet göwreli boldy. Ol bäş aýlap gözden-ilden çekilip: «Adamlar arasyndaky utanjymy aýyrjak bolup, Reb şu günler maňa nazaryny saldy, meni şeýle etdi» diýýärdi.
26 Elizabetiň göwreliliginiň altynjy aýynda Jebraýyl perişde Hudaý tarapyndan Jeliläniň Nasyra atly şäherine,
27 Dawudyň neslinden Ýusup atly adamyň adaglysy bolan bir çykmadyk gyzyň ýanyna iberildi. Bu gyzyň ady Meremdi.
28 Perişde onuň ýanyna gelip: «Salam, eý, merhemete sezewar bolan! Reb seniň bilendir, sen aýallar arasynda mübäreksiň!» diýdi.
29 Merem bu sözlere gaty aljyrap, «Bu nähili salam?» diýip içini gepletdi.
30 Perişde oňa şeýle diýdi: «Gorkma, Merem, sen Hudaýdan merhemet tapdyň.
31 Ine, sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň.
32 Ol uly bolar, Oňa hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly diýler. Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer.
33 Ol Ýakubyň öýüne ebedi patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz».
34 Merem perişdä: «Bu nähili bolar? Men heniz durmuşa çykamok» diýdi.
35 Perişde oňa şeýle jogap berdi: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, hemmelerden Beýigiň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljaga Mukaddese Hudaýyň Ogly diýler.
36 Ine, seniň garyndaşyň Elizabetiň hem garrylygynda göwresinde oglany bar. Önelgesiz diýilýäniň eýýäm altynjy aýy.
37 Çünki Hudaýyň ýanynda bolmajak zat ýokdur».
38 Merem: «Ine, men Rebbiň gyrnagy. Maňa seniň aýdyşyň ýaly bolsun» diýdi. Perişde onuň ýanyndan gitdi.
39 Merem şol günlerde turup, gyssanmaç daglyga, Ýahuda ülkesiniň bir şäherine gitdi.
40 Ol Zekerýanyň öýüne baryp, Elizabete salam berdi.
41 Elizabet Meremiň salamyny eşidende, göwresindäki çaga gymyldap, Elizabet Mukaddes Ruh bilen doldy.
42 Ol batly gygyryp, şeýle diýdi: «Sen aýallar içinde bagtlysyň, seniň göwräňiň miwesi-de bagtlydyr!
43 Bu nähili boldy-da, Rebbimiň enesi meniň ýanyma geldi.
44 Ine, salamyň gulagyma gelip ýeten badyna, göwrämdäki çaga begençden gymyldady.
45 Iman getiren aýal bagtlydyr! Çünki Reb tarapyndan oňa aýdylanlar ýerine ýeter».
46 Merem şeýle diýdi: «Janym Rebbi öwgi bilen beýgeldýär,
47 Halasgärim Hudaýa ruhum şatlanýar.
48 Çünki Ol Öz gyrnagynyň ejizligini gördi. Mundan beýläk bütin nesiller maňa bagtly diýer.
49 Çünki Gudratygüýçli maňa uly işler etdi. Onuň ady mukaddesdir.
50 Onuň rehimi nesilden-nesle Özünden gorkýanlaryň üstündedir.
51 Ol goly bilen güýçli işler etdi, öz ýürek pikirleri bilen magtanýanlary dargatdy.
52 Güýçlüleri tagtlaryndan düşürip, ejizleri galdyrdy.
53 Açlary nygmatlar bilen doýrup, baýlary boş gaýtardy.
54 Atalarymyza beren sözi boýunça, Ybraýym bilen onuň nesline mydamalyk rehim etmegi unutman, guly Ysraýyla ýardam etdi».
56 Merem Elizabetiň öýünde üç aýa golaý bolup, soň öýüne gaýtdy.
57 Elizabetiň güni-sagady dolup, bir ogul dogurdy.
58 Goňşulary hem-de dogan-garyndaşlary Rebbiň oňa uly rehimdarlyk edenini eşidip, onuň bilen bile şatlandylar.
59 Sekizinji güni oglany sünnetlemäge gelenlerinde, onuň adyna kakasynyň ady ýaly Zekerýa dakjak boldular.
60 Ýöne ejesi garşy bolup: «Ýok, onuň ady Ýahýa bolmalydyr» diýdi.
61 Oňa: «Seniň garyndaşlaryňyň arasynda Ýahýa atly adam ýok» diýdiler.
62 Olar oglanyň kakasyna üm bilen düşündirip, onuň näme at dakmakçydygyny soradylar.
63 Ol hem bir kiçiräk tagta isläp, «Ady Ýahýadyr» diýip ýazdy. Hemmeler haýran galdylar.
64 Şol bada Zekerýanyň dili açylyp, Hudaýa öwgi aýdyp, geplemäge başlady.
65 Bütin goňşular gorkdular. Ýahuda daglygynyň ähli ýerinde bütin bu wakalaryň gürrüňi edildi.
66 Muny eşidenleriň bary bu zatlary ýüreklerinde saklap: «Bu çaga näme bolarka?» diýişýärdiler. Çünki Rebbiň eli onuň bilendi. 67 Oglanyň kakasy Zekerýa Mukaddes Ruh bilen dolup, welilik edip diýdi:
68 Ysraýylyň Hudaýy Reb mübärek bolsun! Ol Öz halkyny idemäge geldi, oňa gutulyş gazandyrdy.
69 Ol gadymdan Öz mukaddes pygamberleriniň agzy bilen aýdyşy ýaly, bize bendesi Dawudyň neslinden bir güýçli Halasgär çykaryp, duşmanlarymyzdan, bizi ýigrenýänleriň ählisiniň elinden gutular ýaly etdi.
72 Ol muny atalarymyza rehim etjek, Öz mukaddes ähtini,
73 biziň atamyz Ybraýyma eden kasamyny ýatlajak bolup etdi.
74 Ol bizi duşmanlarymyzyň elinden halas edip,
75 takwalyk hem dogrulyk bilen, öňünde ömürboýy Özüne ybadat etmäge bize mümkinçilik berjekdigini aýdypdy.
76 Eý çaga, sen hem hemmelerden beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsyň!
77 Çünki sen Onuň ýollaryny taýýarlamak, Onuň halkyna günäleriniň ötülmegi bilen gutuljakdyklaryny bildirmek üçin, Rebbiň öňünden ýörärsiň.
78 Sebäbi Hudaýymyz ýüreginiň rehimliligine görä, garaňkyda, ölüm kölegesinde oturanlara yşyk bermek üçin,
79 aýaklarymyzy parahatlyk ýoluna gönükdirmek üçin, dogan Gün kimin ýokarlardan bizi idemäge geler».
80 Oglan bolsa ulalyp, ruhy güýçlenýärdi. Ol Ysraýyla görünmeli günlerine çenli çöllerde boldy.




Chapter 2

1 Şol günlerde kaýsar Awgust bütin dünýäde ilat ýazuwyny geçirmeli diýen buýrugy çykardy.
2 Bu Kiriniusyň Siriýa häkimlik edýän wagtynda geçirilen ilkinji ýazuwdy.
3 Hemmeler ýazylmak üçin öz şäherlerine gitdiler.
4 Ýusup-da Dawudyň öýünden we neslinden bolansoň, ol ýerde adyny ýazdyrmak üçin, Jeliledäki Nasyra şäherinden ýola düşüp, Dawudyň Ýahudadaky Beýtullaham diýen şäherine gitdi.
5 Göwreli adaglysy Merem hem ýanyndady.
6 Olar Beýtullahamdakalar, Meremiň dogurmaly güni-sagady geldi.
7 Ol ilkinji ogluny dogrup, gundaga dolady-da, Ony bir ahyrda ýatyrdy. Çünki olara myhmanhanada ýer ýokdy.
8 Şol töwereklerde çopanlar bardy. Olar gijelerine düzde galyp, sürülerini bakardylar.
9 Ine, Rebbiň perişdesi olara göründi, Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular.
10 Perişde olara şeýle diýdi: «Gorkmaň, ine, men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn:
11 Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir.
12 Size alamat şeýle: siz ahyrda ýatan, gundaga dolangy bir çagany taparsyňyz».
13 Birdenkä perişde bilen birlikde Gökdäki goşundan bir uly mähelle göründi. Olar Hudaýy öwüp diýýärdiler:
14 «Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat, ýer ýüzünde parahatlyk, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun!»
15 Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp, Göge çykanlarynda, çopanlar biri-birlerine: «Beýtullahama gidip, bu bolan wakany, Rebbiň bize bildiren zadyny göreliň» diýişdiler.
16 Şeýlelikde, ylgap baryp, Meremi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar.
17 Muny görenlerinde, bu çaga hakda özlerine aýdylan sözi olara gürrüň berdiler.
18 Muny eşidenleriň bary çopanlaryň aýdanlaryna haýran galdylar.
19 Merem bolsa bu zatlar hakda ýagşy oýlanyp, bularyň baryny ýüreginde saklaýardy.
20 Çopanlar hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolanlygy üçin, Hudaýy şöhratlandyryp, öwüp, yzlaryna öwrüldiler.
21 Sekizinji gün dolup, çagany sünnetleme wagty ýetende, enesiniň göwresine düşmezden öň, perişdäniň aýdyşy ýaly, Onuň adyna Isa dakdylar.
22 Musanyň kanunynda beýan edilen çile döwri tamam bolanda, Rebbe bagyşlamak üçin, Isany Iýerusalime getirdiler. Çünki Rebbiň kanunynda: «Ilkinji doglan her bir erkek çaga Rebbe bagyşlanmalydyr» diýip ýazylypdyr.
23 Ýene Rebbiň kanunynda aýdylyşyna görä, olar
24 bir jübüt gumry ýa-da iki kepderi çagasyny gurban etmek üçin gitdiler.
25 Iýerusalimde Simun atly bir adam bardy. Ol dogry hem dindar bolup, Ysraýylyň teselli tapjak wagtyna garaşýardy we Mukaddes Ruh onuň üstündedi.
26 Oňa Rebbiň Mesihini görmezden öň ölüm garasyny görmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýdylypdy.
27 Ol Ruhuň ýol görkezmesi bilen ybadathana geldi. Isanyň ene-atasy kanunda ýazylan adaty berjaý etmek üçin, çagany içerik getirenlerinde,
28 Simun Ony gujagyna alyp, Hudaýa alkyş okap, şeýle diýdi:
29 Ýa Reb, beren sözüňe görä, indi hyzmatkäriňi sag-aman goýber.
30 Çünki Seniň bütin halklaryň gözüniň alnynda taýýarlap goýan,
31 milletleri ýagtyltjak yşygyňy,
32 halkyň Ysraýylyň şöhraty bolan gutaryşyňy gözüm gördi».
33 Ýusup bilen çaganyň enesi Ol hakda aýdylýan sözlere haýran galdylar.
34 Simun olara ak pata berip, ejesi Mereme şeýle diýdi: «Ine, bu çaga Ysraýylda köpleriň ýykylmagy we galmagy üçin, çekişmeler turuzjak alamat bolmak üçin bellenendir.
35 Ençeme ýürekleriň pikirleri äşgär bolar ýaly, seniň hem janyňa bir gylyç sokular».
36 Aşer taýpasyndan bolan Fanuiliň welilik edýän gyzy Anna-da şol ýerdedi. Onuň ýaşy garrylyga ýetipdi. Gyzlygyndan soňra äri bilen ýedi ýyl ýaşap,
37 indi bolsa ýaşy segsen dörde ýeten bu dul hatyn ybadathanadan çykman, gije-gündiz oraza tutup, doga edip, ybadat bilen meşguldy.
38 Ol hem edil şol wagt gelip, Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň gutulmagyna garaşýanlaryň baryna bu çaga hakda gürrüň berdi.
39 Ýusup bilen Merem Rebbiň kanuny boýunça ähli zady berjaý edenlerinden soň, Jeliledäki şäherleri Nasyra dolandylar.
40 Çaga ulalýardy, güýçlenip akyldarlykda ösýärdi. Hudaýyň merhemeti Onuň üstündedi.
41 Isanyň ene-atasy her ýyl Pesah baýramynda Iýerusalime giderdiler.
42 Ol on iki ýaşyndaka, baýram adaty boýunça Iýerusalime gitdiler.
43 Olar baýram günlerini ötürip, yzlaryna dolananlarynda, ýetginjek Isa Iýerusalimde galdy. Ýusup bilen çaganyň ejesi muny bilmeýärdiler.
44 Olar Ony ýolagçylaryň arasyndadyr öýdüp, bir günlük ýoly ýörediler. Onsoň, Ony dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň arasyndan gözläp başladylar.
45 Tapmansoňlar, Ony gözläp, yzlaryna Iýerusalime dolandylar.
46 Üç günden soň, Ony ybadathanadan tapdylar. Ol mugallymlaryň arasynda oturyp, olara gulak asyp, soraglar berýärdi.
47 Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar.
48 Ene-atasy Ony görenlerinde geň galdylar, ejesi Oňa: «Oglum! Näme beýtdiň? Ine, kakaň ikimiz Seni gaty gaýgy edip gözledik» diýdi.
49 Isa olara: «Meni nämä gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiňiz?» diýdi.
50 Emma olar Onuň aýdan bu sözüne düşünmediler.
51 Onsoň Isa ene-atasy bilen bile Nasyra gaýtdy, olaryň tabynlygynda galdy. Onuň ejesi bütin bu zatlary ýüreginde saklaýardy.
52 Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy.




Chapter 3

1 Kaýsar Tiberiusyň häkimliginiň on bäşinji ýylynda, Pontius Pilatus Ýahudanyň häkimikä, Hirodes Jelile tetrarhy, onuň dogany Filipus Iturea we Trahonitis welaýatynyň tetrarhy, Lisaniýas Abiliniň tetrarhydy.
2 Hanna bilen Kaýafa hem baş ruhanydy. Şonda çölde Zekerýanyň ogly Ýahýa Hudaýyň sözi geldi.
3 Ol Iordanyň töweregindäki bütin ýurtlara aýlanyp, günäleriň ötülmegi üçin toba edip çokundyrylmagy wagyz edýärdi.
4 Şonuň ýaly-da, Işaýa pygamberiň kitabynda ýazylgydyr: «Çölde gygyrýanyň sesi: Rebbiň ýoluny taýýarlaň, Onuň ýodalaryny dogrulaň.
5 Her dere doldurylar, her dag, depe peseldiler, egri ýollar dograldylar, çarkandakly ýollar tekizlener.
6 Bütin adamzat Hudaýyň gutaryşyny görer».
7 Ýahýa çokundyryljak bolup ýanyna gelýän halaýyga şeýle diýýärdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçmagy size kim salgy berdi?
8 Indi, toba mynasyp miweler öndüriň. Içiňizden: „Biziň atamyz Ybraýymdyr" diýip başlamaň. Çünki men size aýdýaryn: Hudaý Ybraýyma şu daşlardan-da perzent ýaratmagy başarýandyr.
9 Palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän agaç kesilip, oda taşlanar».
10 Halaýyk ondan: «Onda, biz näme etmeli?» diýip sorady.
11 Ol: «Iki köýnekli birini köýneksize bersin. Azykly hem şonuň ýaly etsin» diýdi.
12 Salgytçylar-da çokundyrylmak üçin onuň ýanyna gelip: «Mugallym, biz näme etmeli!» diýdiler.
13 Ýahýa olara: «Özüňize bellenenden artyk almaň» diýdi.
14 Esgerler-de: «Onda, biz näme etmeli?» diýip, ondan soradylar. Olara: «Hiç kimi talamaň, hiç kime töhmet atmaň, öz hakyňyza kaýyl boluň» diýdi.
15 Halk garaşyp durka, hemmesi Ýahýa hakda öz içlerinden: «Bu Mesihmikä?» diýip oýlanýardylar.
16 Ýahýa hemmesine şeýle diýdi: «Men sizi suw bilen çokundyrýaryn, ýöne menden güýçli Biri geler. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruh hem ot bilen çokundyrar.
17 Onuň küregi elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy ammaryna üýşürip, samany sönmez otda ýakar».
18 Ol başga-da köp öwüt-ündew edip, halka Hoş Habary wagyz edýärdi.
19 Emma Hirodes tetrarh doganynyň aýaly Hirodiýa üçin we öz eden ähli erbet işleri üçin, Ýahýanyň käýinjine sezewar bolany zerarly,
20 bu ähli erbetlikleriň üstüne Ýahýany zyndana salmaklygy hem goşdy.
21 Bütin halk çokundyrylyp ýörkä, Isa-da çokundyryldy. Ol doga edip otyrka, Gök açylyp,
22 Mukaddes Ruh jan-ten bolup, kepderi kimin Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söýgüli Oglumsyň. Men senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.
23 Isa Öz hyzmatyna başlan wagty otuz ýaşlaryndady, çak edilişine görä, Ýusup ogly, Eli ogly,
24 Mattat ogly, Lewi ogly, Melki ogly, Ýannaý ogly, Ýusup ogly,
25 Mattatýa ogly, Amos ogly, Nahum ogly, Esli ogly, Naggaý ogly,
26 Maat ogly, Mattatýa ogly, Semeýn ogly, Ýoseh ogly, Ýoda ogly,
27 Ýoanan ogly, Risa ogly, Zerubabel ogly, Şealtiýel ogly, Neri ogly,
28 Melki ogly, Addi ogly, Kosam ogly, Elmadam ogly, Er ogly,
29 Ýeşu ogly, Elizer ogly, Ýorim ogly, Mattat ogly, Lewi ogly,
30 Simun ogly, Iuda ogly, Ýusup ogly, Ýonam ogly, Elýakim ogly,
31 Melea ogly, Menna ogly, Mattata ogly, Natan ogly, Dawut ogly,
32 Ýesse ogly, Obed ogly, Boaz ogly, Salmon ogly, Nahşon ogly,
33 Aminadap ogly, Ram ogly, Hesron ogly, Peres ogly, Iuda ogly,
34 Ýakup ogly, Yshak ogly, Ybraýym ogly, Teraz ogly, Nahor ogly,
35 Seruh ogly, Reu ogly, Peleg ogly, Eber ogly, Şela ogly,
36 Kainan ogly, Arfakşad ogly, Sam ogly, Nuh ogly, Lamek ogly,
37 Metuşelah ogly, Hanok ogly, Ýared ogly, Mahalaleýel ogly, Kainan ogly,
38 Enoş ogly, Şit ogly, Adam ogly, Hudaý ogludy.




Chapter 4

1 Isa Mukaddes Ruh bilen dolup, Iordandan yzyna öwrüldi. Ruh ony çöle äkitdi.
2 Iblis Isany kyrk günläp synady. Ol bu günleriň dowamynda hiç bir zat iýmän, olar ötende bolsa ajykdy.
3 Iblis Oňa: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, şu daşa çörek bol diýip buýur» diýdi.
4 Isa oňa şeýle jogap berdi: «„Adam diňe çörek bilen däl, eýsem, Hudaýyň her sözi bilen hem ýaşaýandyr" diýip ýazylgydyr» diýdi.
5 Iblis Ony bir belent ýere çykaryp, bir salymyň içinde dünýäniň bütin patyşalyklaryny görkezip,
6 şeýle diýdi: «Men Saňa şularyň hemmesiniň ygtyýaryny hem şöhratyny bereýin, çünki bular maňa tabşyryldy. Men olary islänime berip bilýärin.
7 Sen maňa sežde etseň, bularyň bary Seniňki bolar».
8 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Meniň ýanymdan güm bol, şeýtan! Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et diýip ýazylgydyr».
9 Iblis Ony Iýerusalime eltdi, ybadathananyň küňresinde oturdyp, Oňa şeýle diýdi: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi şu ýerden aşak zyň.
10 Sebäbi: „Ol Sen hakda Öz perişdelerine Seni gorasynlar diýip buýruk berer".
11 „Olar aýagyň daşa degäýmesin diýip, Seni ellerinde götererler" diýip ýazylgydyr».
12 Isa oňa: «„Öz Hudaýyň Rebbi synama" diýlendir» diýdi.
13 Iblis bütin synaglary gutarandan soň, birnäçe wagtlap Onuň ýanyndan aýrylyp gitdi.
14 Isa Ruhuň güýji bilen Jelilä öwrüldi. Ol hakdaky gürrüňler bütin şol töwereklere ýaýrady.
15 Ol hemmeler tarapyndan hormatlanyp, olaryň sinagogalarynda sapak berýärdi.
16 Isa Öz önüp-ösen ýeri bolan Nasyra geldi. Endigi boýunça Sabat güni sinagoga bardy we Mukaddes Ýazgylardan okamak üçin, ýokary turdy.
17 Oňa Işaýa pygamberiň kitaby berildi. Ol hem kitaby açyp, şu sözleriň ýazylan ýerini tapdy:
18 «Rebbiň Ruhy üstümdedir. Çünki garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin Meni mesh etdi; Meni tussaglara azatlygy, körlere gözleriniň açylmagyny yglan etmäge, zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga,
19 Rebbiň merhemet ýylyny yglan etmäge iberdi».
20 Onsoň kitaby ýapyp, yzyna ― hyzmatkäre berdi-de oturdy. Sinagogadakylaryň hemmesiniň gözi Oňa dikildi.
21 Ol bolsa olara gürrüň bermäge durdy: «Siziň eşiden bu ýazgyňyz şu gün berjaý boldy».
22 Hemmeler Ony taryplap, Onuň agzyndan çykýan mähirli sözlere täsin galyp: «Bu Ýusubyň Ogly dälmi?» diýişýärdiler.
23 Isa olara şeýle diýdi: «Siz, hökman, Maňa „Tebip, özüňe em et!" diýen nakyly aýdarsyňyz, „Kapernaumda bolanyny eşiden zatlarymyzy şu ýerde, Öz ýurduňda-da et" diýersiňiz».
24 Ol ýene şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: hiç bir pygamber öz ýurdunda kabul edilýän däldir.
25 Size dogrusyny aýdýaryn: Ylýasyň zamanynda Ysraýylda birtopar dul hatyn bardy. Gök üç ýyl alty aýlap baglanyp, bütin ýurda açlyk düşende,
26 Ylýas olaryň hiç biriniň ýanyna iberilmän, diňe Saýdadaky Sarepta şäherinde bolan bir dul hatynyň ýanyna iberildi.
27 Elişa pygamberiň zamanynda-da Ysraýylda birtopar heýwere keselli adam bardy. Ýöne siriýaly Naamandan başga olaryň hiç biri tämiz bolmady».
28 Bu sözleri eşidenlerinde, sinagogadakylaryň hemmesi gahar-gazaba mündüler.
29 Turup, Ony şäherden kowdular, şäherleriniň ýerleşen dagynyň başyna eltip, şol ýerden aşak zyňjak boldular.
30 Emma Isa olaryň arasyndan geçip, ýola rowana boldy.
31 Isa Jeliläniň bir şäheri bolan Kapernauma geldi. Sabat günlerinde halka sapak bererdi.
32 Halk Onuň taglymatyna haýran galdy. Çünki Onuň sözi erk-ygtyýarlydy.
33 Sinagogada arwah-jynly bir adam bardy. Ol batly ses bilen gygyryp, şeýle diýdi:
34 «Goý, biziň bilen näme işiň bar, eý, Nasyraly Isa? Bizi heläk etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň».
35 Isa oňa käýäp: «Sesiňi çykarma-da, çyk!» diýdi. Jyn hem ol adamy sinagoganyň ortasynda ýere ýykdy-da, hiç bir zyýan ýetirmän, ondan çykdy.
36 Hemmeler haýran galyşyp, biri-birlerine: «Bu nähili söz? Ol ygtyýar hem gudrat bilen al-arwahlara buýruk berýär. Olar hem çykýarlar» diýişdiler.
37 Ol hakdaky gürrüň şol töwerekleriň hemme ýerine ýaýrady.
38 Isa sinagogadan çykyp, Simunyň öýüne bardy. Simunyň gaýynenesini agyr gyzzyrma tutup ýatyrdy. Ol hakda Isa haýyş etdiler.
39 Isa onuň başujunda durup, gyzzyrma käýedi. Gyzzyrma ondan aýrylyp, ol derrew ör turdy-da, olara hyzmat etmäge durdy.
40 Gün ýaşanda, dürli syrkawçylyklary bar adamlary Onuň ýanyna getirdiler. Isa hem ellerini her biriniň üstüne goýup, olary sagaltdy.
41 Köpüsinden jynlar: «Sen Hudaýyň Ogly Mesihsiň!» diýip, gygyryşyp çykýardy. Isa hem käýäp, olary gepletmeýärdi. Çünki Onuň Mesihdigini bilýärdiler.
42 Daň atanda, Isa çykyp bir ýere gitdi. Ýöne halaýyk Ony gözläp, ýanyna geldi, ol ýerden gitmez ýaly, olar Isany alyp galjak boldular.
43 Isa olara şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny Men beýleki şäherlere-de bildirmeli. Çünki Men munuň üçin wagyz etdim».
44 Şeýdip, Ol Jeliläniň sinagogalarynda wagyz edýärdi.




Chapter 5

1 Bir gün halaýyk Hudaýyň Sözüni diňlejek bolup, Isanyň daşyny alyp durka, Ol Jenesaret kölüniň kenarynda durdy.
2 Şonda Isanyň gözi kölüň ýakasynda duran iki gaýyga düşdi. Balykçylar gaýyklardan düşüp, torlaryny ýuwup durdular.
3 Isa gaýyklaryň birine münüp, gaýygyň eýesi Simundan kenardan biraz uzaklaşmagy haýyş etdi. Onsoň gaýykda oturan ýerinden halka sapak bermäge durdy.
4 Sözüni gutaranda Simuna: «Çuň ýere gidiň-de, aw üçin torlaryňyzy suwa zyňyň» diýdi.
5 Simun Oňa şeýle diýdi: «Ussat! Bütin gije zähmet çekip, hiç bir zat tutup bilmedik, ýöne Seniň sözüň hatyrasyna torlary zyňaýyn».
6 Muny edenlerinde, şeýle köp balyk tutdular welin, torlary ýyrtylyp ugrady.
7 Beýleki gaýykdaky ýoldaşlaryna gelip kömekleşmekleri üçin ellerini bulap yşarat etdiler. Olar hem gelip, iki gaýygy-da balykdan doldurdylar. Gaýyklar tas suwa batypdy.
8 Simun Petrus muny görende: «Ýa Reb, meniň ýanymdan aýryl, çünki men bir günäkär adam!» diýip, Isanyň dyzyna ýykyldy.
9 Sebäbi tutan balyklarynyň köpdügine ol we ýanyndakylaryň hemmesi ―
10 Simunyň ýoldaşlary bolan Zebedeýiň ogullary, Ýakup bilen Ýahýa hem haýran galdylar. Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk ynsanlary tutarsyň» diýdi.
11 Şeýlelikde, olar gaýyklaryny kenara çykaryp, bar zady taşlap, Onuň yzyna düşdüler.
12 Isa şäherleriň birindekä, tutuş endamy heýwere keselli bir adam geldi. Ol Isany görende, ýüzüni ýere berip, Oňa: «Ýa Reb, isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýip ýalbardy.
13 Isa hem elini uzadyp: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi-de, oňa elini degirdi. Heýwere keseli derrew ol adamdan aýryldy.
14 Isa oňa: «Muny hiç kime aýtma» diýip tabşyrdy-da: «Ýöne bar-da, özüňi ruhana görkez, hemmelere güwälik bolar ýaly, tämizligiň üçin Musanyň tabşyrygy boýunça gurban bagyş et» diýdi.
15 Isa hakdaky gürrüňler barha ýaýraýardy. Isany diňlejek, syrkawlyklaryndan açyljak bolup, Onuň ýanyna uly märekeler ýygnanýardy.
16 Emma Ol çöllere çykyp doga edýärdi.
17 Bir gün Isa sapak berip otyrdy. Jeliläniň ähli obalaryndan, Ýahudadyr Iýerusalimden gelen fariseýler bilen kanunçylar-da şol ýerde otyrdylar. Rebbiň gudraty Onuň syrkawlara şypa berşinde özüni görkezýärdi.
18 Şol wagt birnäçe adam bir ysmazy düşegi bilen göterip getirdiler. Ony içerik salyp, Isanyň öňünde ýatyrjak boldular.
19 Emma märeke zerarly içerik salmak üçin ýol tapman, öýüň üstüne çykyp, üçegiň arasyndan ony düşegi bilen orta ― Isanyň öňüne düşürdiler.
20 Ol hem olaryň imanyny görüp: «Eý adam, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.
21 Kanunçylar bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri Hudaýdan başga kim ötüp biljek?» diýip, içlerini gepletmäge başladylar.
22 Emma Isa olaryň nämä oýlanýanyny bilip, olara şeýle diýdi: «Näme içiňizi gepledýärsiňiz?
23 Haýsy aňsat, „Günäleriň ötüldi" diýmekmi ýa-da „Tur, ýöre" diýmek?
24 Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge ygtyýarynyň bardygyny biler ýaly...» diýdi-de, ysmaz bolan adama: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe git» diýdi.
25 Ol hem derrew olaryň gözleriniň alnynda ör turup, düşegini aldy-da, Hudaýy şöhratlandyryp, öýüne gitdi.
26 Hemmeler haýran galyşyp, Hudaýy şöhratlandyrdylar, gorky bilen dolup: «Bu gün geň zatlar gördük» diýişdiler.
27 Isa daşaryk çykanda, gümrükhanada oturan Lewi atly salgytçyny gördi. Ol oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi.
28 Ol hem bar zady taşlap, turdy-da, Onuň yzyna düşdi.
29 Lewi öz öýünde Isa üçin bir uly zyýapat berdi. Saçagyň başynda olar bilen oturan birtopar salgytçy we başga köp adam bardy.
30 Fariseýler bilen olaryň kanunçylary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler.
31 Isa olara: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir.
32 Men dogry adamlary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýip jogap berdi.
33 Olar hem Oňa şeýle diýdiler: «Näme üçin Ýahýanyň şägirtleri ýygy-ýygydan oraza tutup, doga edýärler, fariseýleriňki hem şeýle, ýöne Seniň şägirtleriň iýip-içip ýörler?»
34 Isa şeýle jogap berdi: «Giýew ýanlaryndaka, siz toýdakylara oraza tutduryp bilersiňizmi?
35 Emma giýewiň olaryň ýanyndan alynjak günleri geler, olar şonda, şol günlerde oraza tutarlar».
36 Isa olara bir tymsal aýtdy: «Hiç kim täze eşikden bir bölek ýyrtyp alyp, köne eşige ýamalyk etmez. Ýogsa, ol täzäni ýyrtar hem-de täzeden alnan ýamalyk köne eşige gelişmez.
37 Hiç kim-de täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa, täze şerap meşikleri ýaryp, daşary döküler, meşikler zaýalanar.
38 Täze şerap täze meşiklere guýulmalydyr. Şeýlelikde, ikisi-de aman galar.
39 Hiç kim-de köne şeraby içensoň täzäni küýsemez, çünki „Könesi oňat" diýer».




Chapter 6

1 Pesahyň ikinji gününden soňky ilkinji sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýarka, şägirtleri bugdaý başlaryny ýolup, aýalarynda owup iýýärdiler.
2 Fariseýleriň käbirleri olara: «Näme üçin Sabat güni etmesiz zady edýärsiňiz?» diýdiler.
3 Isa olara şeýle diýdi: «Siz özi we ýanyndakylar aç galanlarynda, Dawudyň näme edenini okamadyňyzmy?
4 Ol Hudaýyň öýüne bardy-da, Hudaýa hödürlenen, ruhanylardan başga hiç kimiň iýmeli däl çöreklerini alyp iýdi we ýanyndakylara hem berdi».
5 Olara: «Ynsan Ogly sabat gününiň hem Rebbidir» diýdi.
6 Ýene bir sabat güni Isa sinagoga baryp, sapak bermäge durdy. Ol ýerde sag eli gurap, inçelen bir adam bardy.
7 Kanunçylar bilen fariseýler Ony aýyplajak bolup, «Sabat güni şypa edermikä?» diýip, Ony aňtadylar.
8 Isa olaryň pikirlerini bilip, eli gurap, inçelen adama: «Ýokary gal-da, ortada dur» diýdi. Ol hem ýokary galyp durdy.
9 Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Sizden soraýaryn: Sabat güni näme etmek dogry, ýagşylyk etmekmi ýa ýamanlyk etmek? Jan halas etmekmi ýa öldürmek?»
10 Onsoň töweregindäkileriň hemmesine seretdi-de, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem şeýle etdi we eli beýlekisi ýaly sagaldy.
11 Olar bolsa gahar-gazaba münüp, Isa näme etmelidigi barada öz aralarynda gürrüňe başladylar.
12 Şol günleriň birinde Isa doga etmäge daga çykyp, uzyn gijäni Hudaýa doga etmek bilen geçirdi.
13 Gündiz bolanda şägirtlerini ýanyna çagyrdy. Olardan on ikisini saýlap, resullar adyny dakdy. Saýlanlary şulardyr:
14 Petrus adyny bereni Simun we onuň dogany Andreas, Ýakup we Ýahýa, Filipus we Bartolomeus,
15 Matta we Tomas, Alfeusyň ogly Ýakup we Watançy diýilýän Simun.
16 Ýakubyň ogly Iuda we soňra Oňa haýynlyk eden Iuda Iskariot.
17 Isa olar bilen aşak inip, bir tekiz ýerde durdy. Ol ýerde şägirtlerinden ybarat bir uly märeke we bütin Ýahudadan, Iýerusalimden, Saýdanyň we Suruň kenar ýakalaryndan Ony diňlemäge, syrkawlygyndan açylmaga gelen uly halk köpçüligi bardy.
18 Al-arwahlardan yza çekýänler-de şypa tapýardylar.
19 Bütin märeke Oňa el degirjek bolup dyrjaşýardy. Çünki Ondan güýç çykyp, hemmesine şypa berýärdi.
20 Isa şägirtlerine garap, şeýle diýdi: «Eý garyplar, siz bagtlysyňyz, çünki Hudaýyň Patyşalygy siziňkidir.
21 Häzirki açlar, siz bagtlysyňyz, çünki doýarsyňyz. Häzirki aglaýanlar, siz bagtlysyňyz, çünki gülersiňiz.
22 Ynsan Ogly sebäpli adamlar sizi ýigrenip, aralaryndan kowan wagtlary, size sögüp, adyňyzy ýamana çykaran wagtlary siz bagtlysyňyz!
23 Şol gün şatlanyň, begençden böküň, çünki Gökde aljak sylagyňyz uludyr. Olaryň atalary-da pygamberlere şeýle edendirler.
24 Emma waý size, eý baýlar! Çünki siz öz teselliňizi alansyňyz.
25 Waý size, eý, häzirki doklar! Çünki siz aç galarsyňyz. Waý size, eý, häzirki gülýänler! Çünki siz ýas tutup aglarsyňyz.
26 Ähli adamlar sizi taryplan mahaly waý halyňyza! Çünki olaryň atalary ýalan pygamberlere-de şeýle edendirler».
27 Emma, eý, Meni diňleýänler, size diýýärin, duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi ýigrenýänlere ýagşylyk ediň.
28 Özüňize gargaýanlar barada ýagşy dilegde boluň, özüňizi ynjydýanlara doga ediň.
29 Bir ýaňagyňa urana ol ýaňagyňy-da tut. Donuňy alandan köýnegiňi hem gaýgyrma.
30 Saňa dileg salana ber, özüňden bir zat alandan yzyna dileme.
31 Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň.
32 Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, munuň bilen näme abraý gazanýarsyňyz? Çünki günäkärlär-de özlerini söýýänleri söýýärler.
33 Siz özüňize ýagşylyk edýänlere ýagşylyk edýän bolsaňyz, munuň bilen näme abraý gazanýarsyňyz? Çünki günäkärler-de muny edýärler.
34 Yzyna almak tamasy bilen karz berýän bolsaňyz, munuň bilen näme abraý gazanýarsyňyz? Çünki günäkärler-de doly yzyna almak niýeti bilen günäkärlere karz berýärler.
35 Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almagy umyt etmän karz beriň. Şeýlelikde, baýragyňyz uly bolup, Hemmelerden Beýik Bolanyň ogullary bolarsyňyz. Çünki Ol gadyr bilmezlere-de, ýamanlara-da mähribandyr.
36 Ataňyzyň rehimdar bolşy ýaly, siz-de rehimdar boluň».
37 Başgalaryň üstünden höküm çykarmaň, siziň-de üstüňizden höküm çykarylmaz. Iş kesmäň, size-de iş kesilmez. Bagyşlaň, siz-de bagyşlanarsyňyz.
38 Beriň, size-de berler. Gujagyňyza basylyp silkelenip, pürepür, oňat ölçeg bilen berler. Çünki haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler».
39 Isa olara bir tymsal hem aýtdy: «Kör köri idip bilermi? Ikisi hem guýa gaçaýmazmy.
40 Şägirt öz mugallymyndan ýokary däldir, ýöne kämilleşensoň, her kes öz mugallymy ýaly bolar.
41 Näme üçin sen doganyňyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň?
42 Ýa-da öz gözüňdäki agajy görmän, doganyňa nädip: „Dogan! Gel, seniň gözüňdäki çöpi çykaraýyn" diýjek? Eý ikiýüzli! Ilki öz gözüňden agajy çykar. Şonda doganyňyň gözündäki çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň».
43 Oňat agajyň erbet miwe bermeýşi ýaly, erbet agaç-da oňat miwe bermez.
44 Agaç öz miwesinden tanalýandyr. Sebäbi ne tikenden injir alynýandyr, ne-de çalydan üzüm ýygylýandyr.
45 Oňat adam ýüreginiň oňat hazynasyndan oňat zat çykarýandyr. Erbet adam-da ýüreginiň erbet hazynasyndan erbet zat çykarýandyr. Çünki onuň agzy ýüreginden joşanyny sözleýändir.
46 Näme üçin Maňa „Ýa Reb! Ýa Reb!" diýip-de, aýdanlarymy etmeýärsiňiz?
47 Meniň ýanyma gelýän, Meniň sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän adamyň kim ýalydygyny Men size aýdaýyn.
48 Ol bir öý salan adam ýalydyr. Bu adam ýeri çuň gazyp, binany bir gaýanyň üstünde tutdy. Sil gelende bolsa derýa ol öýe urup, ony gymyldadyp bilmedi. Çünki onuň binasy gaýanyň üstünde tutulypdy.
49 Ýöne Meniň sözlerimi eşidip-de, berjaý etmedik topragyň üstünde binýatsyz öý salan adam ýalydyr. Derýa ol öýe uran badyna, öý ýykylyp, onuň dargaýşy gorkunç boldy».




Chapter 7

1 Isa bu sözleri halka eşitdirip bolandan soň, Kapernauma bardy.
2 Bir ýüzbaşynyň eziz görýän hyzmatkäri syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy.
3 Ýüzbaşy Isa baradaky gürrüňleri eşidende, baryp, hyzmatkärini sagaltmagy Ondan haýyş etsinler diýip, ýehudylaryň birnäçe ýaşulusyny Onuň ýanyna iberdi.
4 Olar hem Isanyň ýanyna gelenlerinde, Oňa çyny bilen ýalbaryp, şeýle diýdiler: «Ol muny etmegiňe mynasypdyr.
5 Çünki ol biziň milletimizi söýýär, sinagogany-da bize şol salyp berdi».
6 Isa olar bilen bile gitdi. Ol onuň öýüne golaýlanda, ýüzbaşy dostlaryny iberip, Oňa şeýle diýdi: «Ýa Reb, zähmet çekme. Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl.
7 Şonuň üçin hem men özümi Seniň ýanyňa gelmäge mynasyp görmedim, ýöne bir söz aýt, meniň hyzmatkärim sagalar.
8 Çünki men bir gol astyndaky adam, meniň gol astymda hem esgerler bar, birine: „Git" diýýärin, gidýär, ýene birine: „Gel" diýýärin, gelýär, hyzmatkärime: „Şuny et" diýýärin, edýär».
9 Isa muny eşidende, oňa haýran galdy, yzyna düşüp gelýän halaýyga ýüzlenip, şeýle diýdi: «Size diýýärin: Men hatda Ysraýylda-da beýle imany göremok».
10 Iberilenler öýe gaýdyp gelenlerinde, syrkaw hyzmatkär sagalan eken.
11 Ertesi Isa Nain diýen şähere gitdi. Şägirtleriniň köpüsi we uly märeke hem Onuň bilen bile gitdi.
12 Isa şäheriň derwezesine golaýlanda, ine, bir ölini ugradyp barýardylar. Ol dul galan ejesiniň ýalňyz ogludy. Şäher halkynyň birtopary hem aýalyň ýanyndadylar.
13 Reb enäni görende, oňa haýpy gelip: «Aglama!» diýdi.
14 Baryp tabyda elini degirdi, gölegçiler hem durdular. Ol diýdi: «Eý, ýaş ýigit! Saňa diýýärin, tur!»
15 Öli ýerinden galyp oturdy-da, geplemäge başlady. Isa ony enesine gowşurdy.
16 Hemmelere gorky aralaşdy. Olar: «Aramyzda bir uly pygamber peýda bolupdyr, Hudaý Öz halkyny idemäge gelipdir» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.
17 Isa hakdaky bu gürrüň bütin Ýahuda, dumly-duşa ýaýrady.
18 Ýahýanyň şägirtleri bularyň ählisini oňa habar berdiler.
19 Ýahýa-da öz şägirtlerinden ikisini ýanyna çagyryp, Rebden: «Sen şol geljek Mesihmi ýa biz başga birine garaşmalymy!» diýip soramaga Onuň ýanyna iberdi.
20 Olar Onuň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Çokundyryjy Ýahýa bizi Seniň ýanyňa: „Sen şol geljek Mesihmi ýa biz başga birine garaşmalymy?" diýip soramaga iberdi».
21 Edil şol wagt Isa birtopar adamlary syrkawlyklardan, dertlerden we erbet ruhlardan sagaltdy. Köp körleriň gözüni açdy.
22 Şeýlelikde, Ol olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň: körler görýär, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.
23 Men sebäpli büdremedik bagtlydyr!»
24 Ýahýanyň iberen adamlary gidenden soň, Isa halaýyga Ýahýa hakda gürrüň bermäge durdy: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Ýeliň yraýan gamşynymy?
25 Eýsem, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýnen bir adamymy? Nepis eşikler geýnip, zowky-sapada ýaşaýanlar patyşalaryň köşklerindedir.
26 Eýsem, näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, size aýdýaryn: ol pygamberden hem artykdyr.
27 „Ine, Men Öz habarçymy Seniň öňüňden iberýärin. Ol öňden gidip, Seniň ýoluňy taýýarlar" diýip ýazylan şudur.
28 Size diýýärin: aýaldan doglanlaryň arasynda Çokundyryjy Ýahýadan uly pygamber ýok, ýöne Hudaýyň Patyşalygynda iň kiçi hem ondan uludyr».
29 Ony diňlän bütin halaýyk hem salgytçylar Hudaýyň ýoluny oňladylar. Sebäbi Ýahýa tarapyndan çokundyryldylar.
30 Ýöne fariseýler bilen kanunçylar onuň tarapyndan çokundyrylman, Hudaýyň özleri hakdaky niýetinden boýun gaçyrdylar.
31 Şonda Isa olara şeýle diýdi: «Bu nesliň adamlaryny Men kime meňzedeýin? Olar kime meňzeýär!
32 Olar bazar ýerinde oturyp, öz ýoldaşlaryna: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz, agy etdik, aglamadyňyz" diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler.
33 Çünki Çokundyryjy Ýahýa geldi, ol ne çörek iýýär, ne-de şerap içýär, siz bolsa oňa „jynly" diýýärsiňiz.
34 Ynsan Ogly geldi, iýýär hem içýär, siz: „Ine, horan, arakhor, salgytçy, günäkärleriň dosty" diýýärsiňiz.
35 Ýöne akyldarlyk özüniň ähli çagalary tarapyndan tassyklandy».
36 Fariseýlerden biri Isadan özi bilen bile nahar iýmegini haýyş etdi. Ol hem ýaňky fariseýiň öýüne baryp, saçak başynda oturdy.
37 Ol şäherde bir günäkär aýal bardy. Ol Isanyň fariseýiň öýünde saçak başynda oturandygyny eşidende, bir ak mermer gapda atyr ysly ýag getirdi.
38 Ol aýal yzda, Isanyň aýagyna ýakyn durup, aglap, gözýaşlary bilen Onuň aýagyny ýuwmaga durdy. Onsoň öz saçy bilen süpürip, aýaklaryndan öpüp, ysly ýag bilen ýaglady.
39 Isany öýüne çagyran fariseý muny görende: «Bu Adam pygamber bolsa, onda Özüne elini degirýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal bir günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi.
40 Isa oňa: «Simun! Saňa bir aýtjak zadym bar» diýdi. Ol hem: «Aýdyber, Mugallym» diýdi.
41 Isa şeýle diýdi: «Iki adam bir karz berijä bergilidi. Biriniň bäş ýüz dinar, biriniň hem elli dinar bergisi bardy.
42 Olaryň bermäge zatlary bolmansoň, karz beriji ikisiniň hem bergisini geçdi. Indi Maňa aýt, olaryň haýsysy ony köp söýer?»
43 Simun: «Meniň pikirimçe, köpräk karzy geçilen bolsa gerek» diýdi. Isa: «Dogry pikir etdiň» diýdi.
44 Onsoň aýala tarap öwrülip, Simuna şeýle diýdi: «Bu aýaly görýäňmi? Men seniň öýüňe geldim, sen Maňa aýagym üçin suw-da bermediň. Emma ol Meniň aýagymy gözýaşlary bilen ýuwup, saçy bilen süpürdi.
45 Sen meni öpmediň, emma bu aýal gelelim bäri, yzyny üzmän aýaklarymdan öpüp otyr.
46 Sen Meniň başymy zeýtun ýagy bilen-de ýaglamadyň, emma bu aýal aýaklarymy ysly ýag bilen ýaglady.
47 Şonuň üçin saňa aýdýaryn: onuň köp bolan günäleri geçildi. Onuň köp söýýändiginiň sebäbi, ine, şunda. Emma kimiň az günäsi geçilse, ol az söýer».
48 Aýala bolsa: «Seniň günäleriň geçildi» diýdi.
49 Onuň bilen bile saçak başynda oturanlar: «Günäleri-de geçýän bu kimkä?» diýşip, içlerini gepletmäge başladylar.
50 Isa bolsa aýala: «Imanyň seni halas etdi. Sag-aman git» diýdi.




Chapter 8

1 Şundan soň, Isa şäherme-şäher, obama-oba aýlanyp, wagyz edip, Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny bildirýärdi.
2 On iki şägirt we erbet ruhlardan hem syrkawlyklardan gutulan käbir aýallar, içinden ýedi jyn çykan Magdalaly diýilýän Merem,
3 Hirodesiň öýüni dolandyrýan Huzanyň aýaly Ýuhanna, Suzanna we başga-da birtopar aýallar Onuň ýanyndady. Olar öz emläkleri bilen Oňa gulluk edýärdiler.
4 Köp halaýyk üýşüp, her şäherden Isanyň ýanyna ýygnananlarynda, Ol tymsal bilen gürrüň berdi:
5 Bir daýhan ekin ekmäge gidýär. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň ýakasyna düşýär, olar depelenýär we guşlar gelip, olary çokalaýarlar.
6 Birnäçesi hem daşlyga düşüp, gögeren badyna guraýar, çünki yzgar ýok eken.
7 Birnäçesi tikenleriň arasyna düşýär, tikenler olar bilen ösüp, olary basýar.
8 Birnäçesi-de gowy ýere düşensoň, gögerip, ýüz esse hasyl berýär». Bulary aýdansoň: «Gulagy barlar eşitsin!» diýip gygyrdy.
9 Şägirtleri Ondan: «Bu tymsalyň manysy näme?» diýip soradylar.
10 Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň syrlaryna düşünmek ukyby size berildi, ýöne başgalaryna gözläp görmesinler, eşidip düşünmesinler diýip, tymsallar bilen aýdylýar.
11 Tymsalyň manysy şeýle: Tohum Hudaýyň sözüdir.
12 Ýoluň ýakasyna düşen däneler sözi eşidýän adamlary aňladýar. Ýöne soň gutulmazlyklary üçin şeýtan olaryň kalbyndan sözi sogrup alar.
13 Daşlyk ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde şatlyk bilen kabul edýän adamlary aňladýar. Ýöne olar kökleriniň ýoklugy üçin, az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler.
14 Tikenler arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänleri aňladýar, ýöne bu ýaşaýşyň gaýgylary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bermeýärler.
15 Gowy topraga düşenler bolsa, Sözi eşidip, ony ýagşy hem ak ýürekde saklap, sabyr bilen miwe berýänleri aňladýar.
16 Hiç kim çyrany ýakyp, onuň üstüni bir gap bilen örtýän däldir ýa-da ony çarpaýanyň aşagynda goýýan däldir. Gaýtam, içerik girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr.
17 Çünki belli bolmajak gizlin zat ýokdur, bilnip üsti açylmajak ýaşyryn zat ýokdur.
18 Şonuň üçin, eşidişiňize üns beriň, çünki kimde bar bolsa, oňa berler, ýöne kimde ýok bolsa, özünde bardyr diýip güman edýäni hem ondan alnar».
19 Isanyň ejesi bilen doganlary Ony görmäge geldi, ýöne märeke zerarly, olar Onuň ýanyna baryp bilmediler.
20 Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň daşarda durlar, Seni görmek isleýärler» diýip habar berildi.
21 Emma Isa: «Meniň ejem, doganlarym ― Hudaýyň Sözüni diňläp, ony berjaý edýänlerdir» diýdi.
22 Bir gün Isa şägirtleri bilen bir gaýyga münüp, olara: «Kölüň aňyrsyna geçeliň» diýdi. Şeýlelikde, ugradylar.
23 Barýarkalar, Ol uka gitdi. Kölde birden güýçli ýel turup, gaýyga suw dolup başlady, olar howply ýagdaýa düşdüler.
24 Şägirtler baryp, Ony oýaryp: «Ussat, Ussat, heläklenip barýarys!» diýdiler. Isa turup, ýele hem çaýkanýan suwa käýedi, olar-da ýatdy, şeýle imi-salalyk boldy.
25 Ol şägirtlerine: «Siziň imanyňyz hany?» diýdi. Olar bolsa geňirgenişip, gorkuşyp, biri-birlerine: «Bu kim? Bu ýele hem suwa buýruk berýär, olar-da gulak asýar» diýişdiler.
26 Olar Jeliläniň garşysynda ýerleşen gadaralylaryň ýurduna geldiler.
27 Isa kenarda gaýykdan düşende, Oňa şol şäherden bolan we kän wagt bäri jyny bar bir adam gabat geldi. Bu eginbaş geýmän, öýde ýaşaman, mazarlaryň içinde ýaşardy.
28 Ol Isany görende gygyryp, Onuň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen şeýle diýdi: «Eý Isa! hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Saňa ýalbarýaryn, meni gynama».
29 Çünki Isa arwaha ol adamdan çykmagy buýrupdy, sebäbi arwah ony ýygy-ýygydan tutýardy. Munuň üçin ol adamy zynjyrlap, kündeläp saklardylar. Emma ol baglary gyrardy, jyn ony çöllere çekerdi.
30 Isa ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Legion» diýip jogap berdi. Çünki oňa köp jyn giripdi.
31 Jynlar özlerine dowzah çukuryna gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar.
32 Şol ýerde dagyň üstünde bir uly doňuz sürüsi otlap ýördi. Jynlar doňuzlaryň içine girmäge rugsat bermegi üçin, Oňa ýalbardylar. Ol hem rugsat berdi.
33 Olar ýaňky adamdan çykyp, doňuzlara girdiler. Süri bolsa uçutdan kölüň içine paýyrdaşyp gark boldy.
34 Çopanlar bolan zady görenlerinde gaçyp, şäherdir obalara muny habar berdiler.
35 Halaýyk-da bolan zady görmek üçin çykyp, Isanyň ýanyna geldi. Olar içinden jynlaryň çykan adamynyň geýnip, Isanyň aýaklarynyň düýbünde oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular.
36 Bu wakany görenler bolsa jyn uran adamyň nähili sagalanyny olara gürrüň berdiler.
37 Onsoň gadaralylar ýurdunyň bütin ilaty Isadan ýanlaryndan gitmegini haýyş etdiler, sebäbi olara uly gorky aralaşypdy. Isa-da gaýyga münüp, yzyna gaýtdy.
38 Emma içinden jynlar çykan adam Onuň ýanynda bolmak üçin, Isa ýalbardy.
39 Isa-da: «Bar, öýüňe gaýt, Hudaýyň saňa edenlerini gürrüň ber» diýip, ony ugratdy. Ol hem gidip, Isanyň özüne edenlerini bütin şähere jar etdi.
40 Isa yzyna öwrülip gelende, halk Ony garşylady, çünki hemmeler Oňa garaşýardy.
41 Ine, sinagoganyň başlygy bolan Ýaýrus atly bir adam gelip, Isanyň aýagyna ýykylyp, Ondan öýüne barmagy haýyş etdi.
42 Çünki onuň on iki ýaşlaryndaky ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy. Isa ol ýere barýarka, halaýyk her ýandan Ony gysýardy.
43 Ol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy tutup, bar-ýoguny tebiplere harç etse-de, hiç birisinden şypa tapmadyk bir aýal bardy.
44 Ol Isanyň ýeňsesinden baryp, Onuň geýiminiň syýyna elini degirdi welin, şol bada onuň gan akmasy kesildi.
45 Isa: «Maňa kim el degirdi!» diýdi. Hemmeler inkär edende, Petrus bilen ýanyndakylar: «Ussat! Halk daşyňy alyp, Seni gysyp-gowrup barýar, Sen bolsaň: „Maňa kim el degirdi?" diýýärsiň» diýdiler.
46 Emma Isa: «Maňa biri elini degirdi, çünki Men Özümden bir güýjüň çykanyny aňdym» diýdi.
47 Aýal gizlin galyp bilmänini görüp, titräp, Onuň öňünde ýere ýykyldy. Bütin halkyň öňünde näme üçin Oňa elini degrenini, şol bada hem şypa tapanyny aýtdy.
48 Isa oňa: «Gyzym! Imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git» diýdi.
49 Isa bu sözleri aýdyp durka, sinagoga başlygynyň öýünden biri gelip: «Gyzyň aýryldy, Mugallymy azara goýma» diýdi.
50 Emma Isa muny eşidende, oňa: «Gorkma, diňe iman et, ol gutular» diýdi.
51 Öýe gelip ýetenlerinde bolsa, Petrus, Ýahýa, Ýakup we gyzyň ene-atasyndan başga hiç kime Özi bilen içerik girmäge rugsat etmedi.
52 Hemmeler aglaşyp, ýas tutup otyrdylar. Isa: «Aglamaň, ol ölenok, ol uklap ýatyr» diýdi.
53 Gyzyň ölüdigini bilýändikleri üçin, Oňa gülüşdiler.
54 Emma Isa hemmeleri daşaryk kowup, gyzyň elinden tutdy-da, gygyryp: «Gyzym, gal!» diýdi.
55 Onuň ruhy yzyna gelip, gyz şolbada ýokary galdy. Isa oňa nahar berilmegini buýurdy.
56 Gyzyň ene-atasy geň galdy. Isa bolsa näme bolanyny hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.




Chapter 9

1 Isa on iki şägirdini bir ýere çagyryp, olara bütin jynlary kowmaga, syrkawlyklara em etmäge, güýç hem ygtyýar berip,
2 olary Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmäge, syrkawlara şypa bermäge ýollady.
3 Olara şeýle diýdi: «Ýol üçin hiç zat almaň: ne taýak, ne torba, ne çörek, ne pul, ne-de iki köýnek.
4 Haýsy öýe barsaňyz, şol ýerde galyp, şol ýerden hem ýola çykyň.
5 Sizi nirede kabul etmeseler, şol şäherden çykyp barýarkaňyz, olara güwälik bolar ýaly, aýagyňyzyň tozuny kakyň».
6 Olar-da ýola düşüp, obama-oba aýlandylar, Hoş Habary yglan edip, hemme ýerde şypa berdiler.
7 Tetrarh Hirodes bolan wakalaryň baryny eşidip, gaty aljyrady. Çünki käbirleri: «Ýahýa ölümden direlipdir»,
8 käbirleri: «Ylýas peýda bolupdyr», başgalary hem: «Gadym pygamberleriň biri direlipdir» diýişýärdiler.
9 Hirodes bolsa: «Men Ýahýanyň başyny kesdim, ýöne bu habarlaryny eşidýän Adamym kimkä?» diýip, Ony görjek bolýardy.
10 Resullar yzlaryna öwrülip gelenlerinde, öz eden işlerini Isa habar berdiler. Ol hem olary ýanyna alyp, Betsaýda diýen şäheriň golaýynda bir çola ýere çekildi.
11 Halaýyk muny bilip, Onuň yzyndan bardy. Ol hem olary oňat garşylap, Hudaýyň Patyşalygy hakda gürrüň berip, şypa mätäçleri sagaltdy.
12 Gün ýaşyp barýarka, Onkiler Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Halky goýber, töwerekdäki obalara, meýdanlara gidip, ýatara ýer we azyk tapsynlar. Çünki biz bir çola ýerde».
13 Emma Ol: «Olara siz iýere zat beriň» diýdi. Olar hem: «Gidip, bütin bu halaýyga iýmit satyn almasak, biziň bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok» diýdiler.
14 Sebäbi olar bäş müňe golaý adamdy. Emma Isa şägirtlerine: «Olary elli-elliden topar-topar bölüň-de oturdyň» diýip tabşyrdy.
15 Olar hem şeýle edip, hemmeleri oturtdylar.
16 Isa bolsa bäş çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp, olar üçin şükür etdi-de, halka paýlar ýaly, bölüşdirip, şägirtlerine berdi.
17 Hemmeler iýip doýdy, artyp galan çöregiň döwümlerini bolsa ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
18 Bir gün Isa ýekelikde doga edýärdi, şägirtleri hem Onuň ýanyndady. Isa olardan: «Halk Maňa kim diýýär?» diýip sorady.
19 Olar şeýle jogap berdiler: «Çokundyryjy Ýahýa diýýärler. Käbirleri-de Ylýas, käbirleri hem gadym pygamberleriň biri direlipdir diýýär».
20 Olara: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýdi. Petrus: «Sen Hudaýyň Mesihisiň» diýdi.
21 Isa bolsa muny hiç kime aýtmaň diýip, olara berk tabşyrdy.
22 Ol ýene şeýle diýdi: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular, baş ruhanylar we kanunçylar tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we ölenden üç günden soň direlmelidir».
23 Hemmelere şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün.
24 Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder.
25 Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp-da, özüni ýogaltsa ýa özüne zyýan ýetirse, oňa näme peýdasy bar?
26 Kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Özüniň, Atasynyň we mukaddes perişdeleriň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar.
27 Emma size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň arasynda Hudaýyň Patyşalygyny görmezden öň ölümi datmajak käbir adamlar bar».
28 Bu sözleri aýdanyndan sekiz güne golaý wagt geçensoň, Isa Petrusy, Ýahýany we Ýakuby ýanyna alyp, doga etmäge daga çykdy.
29 Doga edip otyrka, Onuň ýüz keşbi üýtgäp, eginbaşy ýaldyrap agardy.
30 Ine, iki adam Onuň bilen gürrüň edip durdular. Bu Musa bilen Ylýasdy.
31 Olar şöhrat bilen peýda bolup, Onuň Iýerusalimde amala aşjak aýrylyşy hakda gürrüň edýärdiler.
32 Petrus bilen onuň ýanyndakylary uky basmarlaýardy, ýöne ukudan açylanlarynda, Isanyň şöhratyny hem Onuň ýanynda duran iki adamy gördüler.
33 Musa bilen Ylýas Isanyň ýanyndan aýrylyp barýarkalar, Petrus näme diýýänini bilmän Oňa: «Ussat, Bize bu ýerde bolmak gowy, üç çadyr guraly: biri ― Saňa, biri ― Musa, biri ― Ylýasa» diýdi.
34 Petrus bulary aýdyp durka, bir bulut gelip, olara kölege saldy. Olar buluda girenlerinde gorkdular.
35 Bulutdan: «Meniň söýgüli Oglum Bu! Ony diňläň» diýen owaz geldi.
36 Bu owaz gelen wagty, Isa ýeke galdy. Şägirtler bolsa dymyp, gören zatlary barada şol günlerde hiç kime gürrüň bermediler.
37 Şol günüň ertesi dagdan inenlerinde, bir uly märeke Isany garşylady.
38 Märekäniň içinden bir adam gygyryp, şeýle diýdi: «Mugallym! Saňa ýalbarýaryn, meniň ogluma bir seret, çünki ol meniň ýalňyz çagam.
39 Ine, ony bir ruh tutýar-da, çaga birden çygyrýar. Ruh silterläp, onuň agzyndan ak köpük getirip, pagyş-para edenden soň, ondan zordan aýrylýar.
40 Ony çykarmaklary üçin, Seniň şägirtleriňe ýalbardym, ýöne olar başarmadylar».
41 Isa oňa: «Eý, ýoldan çykan imansyz nesil! Men haçana çenli siz bilen bile bolup, size çydaýyn? Ogluňy bärik getir» diýdi.
42 Çaga Isanyň ýanyna gelýärkä, jyn ony ýere urup, köp silterledi. Emma Isa arwaha käýäp, çagany sagaldyp, atasyna gowşurdy.
43 Hemmeler Hudaýyň beýikdigine geň galdylar. Hemmeler Isanyň bütin işlerine geň galyşyp durkalar, Ol Öz şägirtlerine:
44 «Bu sözler gulagyňyzda galsyn: Ynsan Ogly ynsan eline berler» diýdi.
45 Emma olar bu söze düşünmediler. Söz olar akyl ýetirmez ýaly ýaşyryndy, olar hem bu barada Isadan soramaga çekindiler.
46 Şägirtleriň arasynda olaryň haýsynyň uludygy barada jedel ýüze çykdy.
47 Isa olaryň ýüregindäki pikiri aňyp, bir çagany aldy-da, ýanynda duruzdy.
48 Onsoň olara şeýle diýdi: «Kim bu çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni Ýollany kabul etdigidir. Siziň araňyzda kim hemmeden kiçi bolsa, ol uly bolar».
49 Ýahýa şeýle diýdi: «Mugallym! Biz Seniň adyň bilen jynlary çykarýan bir adamy görüp, ony bökdedik, çünki ol biziň bilen birlikde Seniň yzyňa eýerenok».
50 Isa oňa: «Ony bökdemäň! Çünki kim size garşy bolmasa, siziň tarapdaryňyzdyr» diýdi.
51 Göge alynmaly mahaly golaýlanda, Isa Iýerusalime tarap aýgytly ýola düşdi.
52 Ol Özünden öň birnäçe çapary ýollady. Olar hem Oňa taýýarlyk görmek üçin baryp, samariýalylaryň bir obasyna girdiler.
53 Emma Ony ol ýerde kabul etmediler, çünki ugry Iýerusalime tarapdy.
54 Şägirtleri Ýakup bilen Ýahýa muny görüp: «Ýa Reb! Olary heläk etsin diýip, Ylýasyň edişi ýaly, Gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi?» diýdiler.
55 Isa öwrülip, olara käýedi: «Siz haýsy ruhdandygyňyzy bilmeýärsiňiz.
56 Ynsan ogly adamlary heläk etmäge däl-de, halas etmäge geldi». Onsoň başga oba gitdiler.
57 Ýol bilen barýarkalar, bir adam Oňa: «Ýa Reb! Sen nirä gitseň, men-de yzyňa düşerin» diýdi.
58 Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýdi.
59 Başga birine: «Meniň yzyma düş» diýdi. Emma ol: «Ýa Reb! Rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi.
60 Emma Isa oňa: «Goý, ölüler öz ölülerini jaýlasynlar, ýöne sen git-de, Hudaýyň Patyşalygyny wagyz et» diýdi.
61 Ýene birisi: «Ýa Reb! Seniň yzyňa düşeýin, ýöne rugsat ber, öňürti öz maşgalam bilen hoşlaşaýyn» diýdi.
62 Isa oňa: «Eline azaly alansoň, yzyna seredýän adam Hudaýyň Patyşalygyna ýaraşmaz» diýdi.




Chapter 10

1 Şundan soň Reb başga ýetmiş adamy belläp, olary Öz gitjek bolup ýören ähli şäherlerine, ýerlerine iki-ikiden öňünden ýollady.
2 Olara şeýle diýdi: «Hasyl bol, ýöne işgär az. Hasylyny ýygmaga işgär iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň.
3 Gidiň! Ine, Men sizi möjekler arasyna guzular ýaly ýollaýaryn.
4 Ýanyňyza ne halta, ne torba, ne-de çaryk alyň. Ýolda hiç kime salam bermäň.
5 Haýsy öýe barsaňyz, öňürti: „Bu öýe parahatlyk!" diýiň.
6 Ol öýde parahatlygy söýýän adam bar bolsa, salamyňyz onuň üstüne gonar, ýok-da bolsa, ýene özüňize öwrüler.
7 Ol öýde galyp, olaryň berenlerini iýip-içiň, çünki işgär öz muzduna mynasypdyr. Öýden-öýe gitmäň.
8 Bir şähere baryp, kabul edileniňizde, öňüňizde näme goýulsa, şony iýiň.
9 Ol ýerdäki syrkawlara şypa beriň-de: „Hudaýyň Patyşalygy size golaýlady" diýiň.
10 Emma bir şähere baryp, kabul edilmäniňizde, onuň köçelerine çykyň-da, şeýle diýiň:
11 „Şäheriňizde aýagymyza ýapyşan tozany-da size garşy kakýarys. Ýöne Hudaýyň Patyşalygynyň özüňize golaýlaşanyny biliň".
12 Men size şol günde Sodomyň ýagdaýynyň ol şäheriň ýagdaýyndan has ýeňil boljagyny aýdýaryn.
13 Waý saňa, eý Horazin! Waý saňa, eý Betsaýda! Sizde ýüze çykan mugjyzalar Surda we Saýdada ýüze çykan bolsady, onda olar eýýäm jul hem külüň içinde oturyp toba ederdiler.
14 Emma magşar güni Suruň we Saýdanyň ýagdaýy siziň ýagdaýyňyzdan has ýeňil bolar.
15 Sen, eý Kapernaum, arşa göterilersiňmi? Ýok, dowzaha çenli aşak taşlanarsyň.
16 Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa, Meni Ýollany ret eder».
17 Ol ýetmiş şägirt şatlyk bilen öwrülip: «Ýa Reb! Seniň adyňy agzanymyzda, jynlar hem bize boýun bolýarlar» diýdiler.
18 Isa olara şeýle diýdi: «Men şeýtanyň Gökden ýyldyrym ýaly bolup aşak inenini gördüm.
19 Ine, size ýylanlary, içýanlary we duşmanyň bütin güýjüni depelemäge ygtyýar berdim, hiç zat size zyýan ýetirmez.
20 Ýöne ruhlaryň size boýun bolmagyna däl-de, atlaryňyzyň Gökde ýazylmagyna begeniň».
21 Şol sagatda Isa Mukaddes Ruh arkaly şatlanyp, şeýle diýdi: «Eý, Ýeriň-gögüň Rebbi Atam, Seniň bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, kiçijik çagalara aýan edeniňe şükür edýärin! Hawa, Ata! Çünki Seniň halaýşyň şeýledi».
22 Onsoň şägirtlerine şeýle ýüzlendi: «Hemme zady Maňa Atam tabşyrdy, Ogluň kimdigini Atadan başga hiç kim bilmez. Atanyň hem kimdigini Oguldan we Ogluň äşgär etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim bilmez».
23 Ýörite şägirtlere ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siziň görýän zatlaryňyzy görýän gözler ne bagtly!
24 Size aýdýaryn: köp pygamberler, patyşalar siziň görýänleriňizi görmek islediler, ýöne görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, ýöne eşitmediler».
25 Ine, bir kanunçy turup, Isany synamak üçin: «Mugallym! Ebedi ýaşaýşy miras almak üçin, meniň näme etmegim gerek?» diýip. Ondan sorady.
26 Isa oňa sorag bilen ýüzlendi: «Kanunda näme ýazylypdyr? Sen nähili okaýarsyň?»
27 Ol: «Hudaýyň Rebbi bütin kalbyň, bütin janyň, bütin güýjüň we bütin düşünjäň bilen söý, goňşyňy özüň ýaly söý» diýdi.
28 Isa oňa: «Dogry jogap berdiň, şuny et, ýaşarsyň» diýdi.
29 Emma ol özüni aklajak bolup: «Meniň goňşym kim?» diýip, Isadan sorady.
30 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Bir adam Iýerusalimden Eriha barýarka, garakçylaryň eline düşýär. Olar onuň eşiklerini egninden sypyryp alýarlar-da, ony ýenjip, çalajan taşlap gidýärler.
31 Tötänlikde bir ruhany şol ýoldan barýarka, ol adamy görende, ýoluň ol tarapy bilen geçip gidýär.
32 Onsoň bir lewili-de şol ýere gelip, ony görende, ýoluň ol tarapy bilen geçip gidýär.
33 Ýöne şol ýoldan geçip barýan bir samariýaly onuň üstünden gelýär, ony görüp ýüregi awaýar.
34 Onuň ýanyna baryp, zeýtun ýagy bilen şerap guýup, ýaralaryny saraýar. Onsoň ol adamy öz eşegine mündürip, bir myhmanhana getirip, oňa garaşyk edýär.
35 Şol günüň ertesi çykaryp myhmanhanaça iki dinar berip: „Muňa garaşyk et, artykmaç harajadyňy öwrülip gelýärkäm bererin" diýýär.
36 Seniň pikiriňçe, bu üç adamyň haýsysy garakçylaryň eline düşen adamyň goňşusy bolýar?»
37 Kanunçy: «Oňa rehim eden adam» diýip jogap berdi. Isa hem oňa: «Bar, sen-de şonuň ýaly et» diýdi.
38 Isa bilen şägirtleri ýollaryna dowam edip barýarkalar, Ol bir oba girdi. Ol obada Marta atly bir aýal Ony öýüne myhman aldy.
39 Bu aýalyň Merem atly bir gyz dogany bardy. Ol Isanyň aýagyna ýakyn oturyp, Onuň sözlerine gulak asýardy.
40 Marta hyzmat bilen başagaý bolup ýörşüne, Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Ýa Reb! Gyz doganymyň meniň ýeke özüme hyzmat etdirip ýörmegi seniň perwaýyňa dälmi? Oňa aýt, maňa kömekleşsin».
41 Isa oňa şeýle diýdi: «Marta, Marta! Sen köp zatlara aladalanyp, biynjalyk bolýarsyň.
42 Ýöne diňe bir zat gerek. Merem özünden alynmajak oňat paýy saýlady».




Chapter 11

1 Günleriň birinde Isa bir ýerde doga edýärdi. Dogasyny gutaranda, şägirtleriniň biri Oňa: «Ýa Reb! Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize doga etmegi öwret» diýdi.
2 Olara şeýle diýdi: «Doga edeniňizde şeýle diýiň: Eý, Gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun. Patyşalygyň gelsin, Gökde bolşy ýaly, Ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn.
3 Gündelik çöregimizi bize günde ber.
4 Günälerimizi geç. Çünki biz hem özümize garşy günä edenleriň barynyň günäsini geçýäris. Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et».
5 Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Aýdaly, siziň biriňiziň bir dostuňyz bar. Ol ýarygije oňa baryp, şeýle diýýär: „Dost! Maňa üç çörek karz ber.
6 Çünki bir dostum ýoldan meniňkä geldi. Onuň öňünde goýara zadym ýok".
7 Ol hem içerden şeýle diýýär: „Maňa zähmet berme, gapy eýýäm ýapyldy, çagalarym meniň bilen bile düşekde ýatyr, men turup, saňa zat berip biljek däl".
8 Size diýýärin, ýaňky dostluk hatyrasyna turup, oňa çörek bermese-de, onuň höçjetligi üçin näçe islese berer.
9 Size diýýärin, diläň, size berler. Agtaryň, taparsyňyz. Gapyny kakyň, size açylar.
10 Çünki her dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana gapy açylar.
11 Sizden haýsy ata ogly çörek dilände, oňa daş berer? Ýa-da balyk dilände, balyk ýerine oňa ýylan berer?
12 Ýa-da ýumurtga dilände, oňa içýan berer?
13 Şeýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy berer!»
14 Bir gezek Isa bir lal jyny kowýardy. Jyn çykan badyna, lal adam geplemäge başlady, halaýyk muňa geňirgendi.
15 Ýöne olaryň käbiri: «Ol jynlaryň hany Beýelzebul arkaly jynlary kowýar» diýdiler.
16 Beýlekiler hem Gökden bir alamat görkezmegini talap edip, Ony synamakçy boldular.
17 Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölnen öý ýykylar.
18 Şeýtan öz içinden bölünse, onuň patyşalygy nähili durar? Muny siziň „Jynlary Beýelzebul arkaly kowýar" diýýäniňiz üçin aýdýaryn.
19 Men jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda siziň adamlaryňyz olary kim arkaly kowýar? Munuň üçin, olar size kazylyk ederler.
20 Men jynlary Hudaýyň barmagy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyň Patyşalygy size gelendir.
21 Doly ýaraglanan bir güýçli adam öz öýüni goraýan bolsa, onuň mal-mülki howpsuzlykdadyr.
22 Emma özünden güýçli adam hüjüm edip, ony ýeňse, onda onuň buýsanýan hemme ýaraglaryny alyp, oljasyny paýlar.
23 Meniň bilen bile bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen bile ýygmadyk dagadar.
24 Al-arwah adamdan çykanda, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk gözleýär, ýöne ony tapmanda: „Çykan öýüme öwrüleýin" diýýär.
25 Dolanyp gelende, öýüň süpürilgi, ýerbe-ýerdigini görýär.
26 Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp, mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy ozalkysyndan hem erbet bolýar».
27 Isa bu zatlary aýdyp durka, halaýygyň arasyndan bir aýal sesini gataldyp: «Seni dogran, Seni emdiren ene ne bagtly!» diýdi.
28 Ol bolsa şeýle jogap berdi: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony ýerine ýetirýänler has hem bagtlydyr!»
29 Halaýyk ýygnanyberende, Isa şeýle diýdi: «Bu nesil erbet nesil, ol alamat talap edýär, ýöne oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez.
30 Ýunus Ninewiýa halkyna nähili alamat bolan bolsa, şonuň ýaly-da, Ynsan Ogly bu nesle alamat bolar.
31 Günortanyň aýal patyşasy höküm gününde bu nesliň adamlary bilen bilelikde galyp, olary höküm eder. Çünki ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, Ýeriň ol ujundan geldi, ine, bu ýerde Süleýmandan-da uly Biri bar.
32 Ninewiýa halky höküm gününde bu nesil bilen bilelikde galyp, ony höküm eder, çünki olar Ýunusyň wagzy bilen toba etdiler, ine, bu ýerde Ýunusdan-da uly Biri bar».
33 Hiç kim çyrany ýakyp, gizlin ýerde ýa-da galla ölçeginiň aşagynda goýýan däldir, tersine, içeri girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr.
34 Seniň bedeniň çyrasy gözüňdir. Gözüň sag bolsa, bütin bedeniň hem ýagty bolar, gözüň şikesli bolsa, bütin bedeniň hem garaňky bolar.
35 Şeýlelikde, ägä bol, sendäki yşyk garaňky bolaýmasyn.
36 Seniň bütin bedeniň ýagty bolup, hiç bir garaňky ýeri ýok bolsa, çyra seni öz şöhlesi bilen ýagtyldýan ýaly, bedeniň bütinleý ýagty bolar».
37 Isa bu zatlary aýdyp durka, bir fariseý Ony öýüne nahara çagyrdy. Ol baryp, saçak başynda oturdy.
38 Fariseý Onuň nahardan öň ýuwunmanlygyny görende geňirgendi.
39 Emma Reb oňa şeýle diýdi: «Ine, siz fariseýler käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, ýöne içiňiz ogrulyk hem ýamanlykdan doly.
40 Akmaklar! Daşaryny ýaradan içerini-de ýaratmadymy?
41 Bar zadyňyzdan sadaka beriň, ine, hemmesi siziň üçin arassa bolar.
42 Waý günüňize, eý fariseýler! Çünki siz narpyzdan, sadap otundan, her hili gök önümden zekat berýärsiňiz, ýöne adyllyk we Hudaýyň söýgüsini äsgermezlik edýärsiňiz. Siz bulary etmeli, beýlekileri-de äsgermezlik etmeli däldiňiz.
43 Waý günüňize, eý fariseýler! Çünki siz sinagogalarda baş kürsüleri, bazar ýerlerinde salam almagy söýýärsiňiz.
44 Waý günüňize! Çünki siz belgisiz gabyrlar ýalysyňyz. Bu gabyrlaryň üstünde gezýän adamlar olaryň barlygyny bilýän däldir».
45 Kanunçylaryň biri Oňa: «Eý Mugallym! Sen bu zatlary aýtmak bilen, biziň hem göwnümize degýärsiň» diýdi.
46 Isa hem şeýle diýdi: «Waý siziň hem günüňize, eý kanunçylar! Çünki siz götermegi kyn ýükleri adamlara ýükleýärsiňiz, özüňiz bolsa ol ýüklere bir barmagyňyzy hem degirmeýärsiňiz.
47 Waý günüňize! Çünki siz pygamberleriň guburlaryny salýarsyňyz, olary öldürenler bolsa siziň atalaryňyz.
48 Şeýdip hem, atalaryňyzyň eden işlerine güwälik berip, olar bilen ylalaşýarsyňyz. Olar pygamberleri öldürdiler, siz hem olaryň guburlaryny salýarsyňyz.
49 Şu sebäpden hem Hudaýyň hikmeti aýdypdyr: „Men olara pygamberler, resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirini hem yzarlarlar".
50 Şonuň üçin, dünýä gurlaly dökülen bütin pygamberleriň gany şu nesilden soralar.
51 Hawa, Men size aýdýaryn: Habylyň ganyndan başlap, tä gurbanlyk edilýän ýer bilen ybadathana arasynda öldürilen Zekerýanyň ganyna çenli dökülen ganlar şu nesilden soralar.
52 Waý günüňize, eý kanunçylar! Çünki siz bilimiň açaryny alyp gitdiňiz, ne özüňiz girdiňiz, ne-de girjeklere ýol berdiňiz».
53 Isa ol ýerden gidensoň, kanunçylar bilen fariseýler Ony gaty gyssap, birentek zatlara jogap bermegini islediler.
54 Şeýlelikde, Onuň agzyndan bir zat gapjak bolup, duzak gurdular.




Chapter 12

1 Bu aralykda halkdan müňlerçe adam üýşüşip, biri-birlerine gysylyşyp durkalar, Isa öňürti Öz şägirtlerine gürrüň bermäge başlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň.
2 Üsti açylmajak ýapyk zat, bilinmejek gizlin zat ýokdur.
3 Garaňkylykda näme aýtsaňyz, ýagtylykda eşidiler, içki otaglarda çakan çawuşyňyz tamlaryň üstünden yglan ediler.
4 Emma Men, eý dostlarym, size aýdýaryn, teni öldürip-de, başga zat etmegi başarmaýanlardan gorkmaň.
5 Kimden gorkmalydygyňyzy Men size aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga gudraty güýçli Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň.
6 Bäş serçe iki köpüge satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Hudaý olaryň hiç birini unutmaýar.
7 Siziň başyňyzyň saçlary hem bütinleý sanalgydyr. Gorkmaň, siz köp serçelerden gymmatlysyňyz.
8 Size diýýärin, kim Meni adamlaryň öňünde ykrar etse, Ynsan Ogly hem ony Hudaýyň perişdeleriniň öňünde ykrar eder.
9 Kim Meni adamlaryň öňünde inkär etse, ol Hudaýyň perişdeleriniň öňünde inkär ediler.
10 Kim Ynsan Ogluna garşy bir söz aýtsa, bagyşlanar, ýöne kim Mukaddes Ruha dil ýetirse, bagyşlanmaz.
11 Sizi sinagogalara, başlyklaryň, hökümdarlaryň öňüne getirenlerinde, nähili, näme jogap berjegiňizi, näme diýjegiňizi gaýgy etmäň.
12 Çünki Mukaddes Ruh näme diýmelidigiňizi şol sagadyň özünde size öwreder».
13 Halaýygyň arasyndan biri Oňa: «Mugallym! Doganyma aýt, goý, ol mirasy meniň bilen bölüşsin» diýdi.
14 Isa oňa: «Eý adam, kim Meni siziň kazyňyz ýa miras bölüjiňiz edip belledi?» diýdi.
15 Onsoň olara: «Habardar boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, çünki biriniň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi.
16 Olara bir tymsal aýtdy: «Bir baý adamyň ýeri bol hasyl berýär.
17 Ol adam: „Näme etsemkäm? Hasylymy goýmaga jaýym ýok" diýip içini gepledýär.
18 Onsoň şeýle diýýär: „Şeýle ederin: ammarlarymy söküp, ulurak ammarlar salaryn-da, bütin gallamy, bar zadymy şol ýere ýygnap,
19 özüme: Eý janym, köp ýyl üçin ýygnalan birtopar zadym bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek" diýerin.
20 Emma Hudaý oňa: „Eý akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň senden alnar. Onsoň taýýarlan zatlaryň kime galar?" diýýär.
21 Hudaýyň nazarynda baý bolman, özi üçin döwlet ýygnaýan adamyň ýagdaýy şeýledir».
22 Onsoň Isa şägirtlerine şeýle nesihat berdi: «Şonuň üçin size diýýärin: näme iýerkäm diýip janyňyzy, näme geýerkäm diýip teniňizi gaýgy etmäň.
23 Jan ― iýmitden, ten egin-eşikden ýokarydyr.
24 Gargalara serediň, olar ne ekýär, ne-de orýar. Olaryň ne ammarlary, ne-de azyk saklanýan jaýlary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan näçe gymmatlysyňyz!
25 Siziň haýsy biriňiz alada edip, öz boýuňyzy tirsek boýy artdyryp bilýärsiňiz?
26 Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsaňyz, onda nämä galan zatlaryň gaýgysyny edýärsiňiz?
27 Liliýalaryň ösüşine serediň, olar ne zähmet çekýär, ne-de ýüp egirýär. Emma size diýýärin: Süleýman özüniň bütin şan-şöhratynda hem bularyň biri ýaly-da geýinmändi.
28 Bu gün meýdanda bolup, ertir ojaga taşlanýan oty Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi nähili artyk geýindirer, eý, imany azlar!
29 Siz-de näme iýjegiňizi, näme içjegiňizi agtarmaň, gaýgy etmäň.
30 Çünki dünýäniň milletleri bularyň hemmesini agtarýarlar, Ataňyz hem bularyň size gerekdigini bilýär.
31 Hudaýyň patyşalygyny agtaryň, bu zatlaryň hem bary size onuň üstüne goşulyp berler.
32 Gorkma, eý kiçijik süri! Çünki Ataňyz Patyşalygy size bermäge razy boldy.
33 Nämäňiz bar bolsa satyň, sadaka beriň. Özüňize Gökde könelmeýän kiseler, tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe degýän däldir.
34 Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar».
35 Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun.
36 Agalary toýdan gelip, gapyny kakanda, tiz oňa açmak üçin garaşýan adamlar ýaly boluň.
37 Agasy gelende, oýadygyny görjek hyzmatkärleri nähili bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, ol bilini guşap, olary saçak başynda oturdyp, geler-de, olara hyzmat eder.
38 Ikinji nobatda ýa-da üçünji nobatda gelip-de, olaryň oýadygyny görse, ol hyzmatkärler bagtlydyr.
39 Emma muny biliň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, oýa galardy we öýüni ýardyrmazdy.
40 Siz hem taýýar boluň. Çünki Ynsan Ogly oslamaýan sagadyňyzda geler».
41 Şonda Petrus: «Ýa Reb! Bu tymsaly diňe bize aýdýarsyňmy ýa-da hemmelere?» diýdi.
42 Reb şeýle diýdi: «Onda, wagtly-wagtynda hyzmatkärlere nahar paýlaryny bermek üçin, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim?
43 Agasy gelende, onuň şeýle edip ýörenini görjek hyzmatkäri ne bagtly!
44 Size dogrusyny aýdýaryn: agasy bütin mal-mülküni şoňa ynanar.
45 Bu hyzmatkär öz içinden: „Agam giç geler" diýip, hyzmatkärleri, kenizleri urmaga, iýip-içip serhoş bolmaga başlasa,
46 Ol hyzmatkäriň agasy onuň oslamaýan gününde, bilmeýän sagadynda gelip, ony iki böler-de, paýyny imansyzlaryňky bilen deň eder.
47 Agasynyň islegini bilip, taýynlanmadyk, onuň islegini ýerine ýetirmedik hyzmatkär köp ýenjiler.
48 Ýöne bilmän, taýaga mynasyp iş eden az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler, kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp hem islener.
49 Men dünýä ot ýagdyrmaga geldim, artykmaç tutaşyp ýanmagyny nähili arzuw edýärin!
50 Meniň ýerine ýetirmeli bir çokunmam bar, bu bolýança nähili darygýaryn!
51 Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýdýärsiňizmi? Ýok, size aýdýaryn: tersine, bölünişik getirmäge geldim.
52 Mundan beýläk bir öýde ýaşaýan bäş adam bölünişip, üçüsi ikisine garşy, ikisi hem üçüsine garşy bolar.
53 Ata ogla garşy, ogul ata garşy, ene gyza garşy, gyz hem enä garşy, gaýynene gelne garşy, gelin hem gaýynenä garşy bolar».
54 Isa halaýyga hem şeýle diýdi: «Siz bir buludyň günbatardan galanyny gören badyňyza: „Ýagyş gelýär" diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar.
55 Ýel ilerden öwsende: „Yssy boljak" diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar.
56 Eý ikiýüzlüler! Ýeriň, Gögüň ýüzüni tanap bilýän siz, nähili bolýar-da, häzirki wagty tanap bilmeýärsiňiz?
57 Näme üçin öz ýanyňyzdan dogryny saýgaryp bilmeýärsiňiz?
58 Dawagäriň bilen häkime barýarkaň, ýolda onuň bilen ýaraşjak bol, ol seni kazynyň öňüne sürmesin, kazy hem seni nobatçynyň eline bermesin, nobatçy hem seni zyndana salmasyn.
59 Saňa aýdýaryn, soňkuja köpügiňi berýänçäň, ol ýerden çykmarsyň».




Chapter 13

1 Şol wagt birnäçe adam gelip, Pilatusyň gurbanlaryny öz ganlaryna garan jelilelileri hakda Oňa gürrüň berdiler.
2 Isa şeýle jogap berdi: «Bu görgüleri görendikleri üçin, siz ol jelilelileri beýleki bütin jelilelilerden günäkärdir öýdýärsiňizmi?
3 Men size diýýärin: ýok! Ýöne toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şeýle heläk bolarsyňyz.
4 Ýa-da üstlerine Siloam minarasy ýykylyp ölen ol on sekiz adamy Iýerusalimde ýaşaýan ähli adamlardan ýazyklydyr öýdýärsiňizmi?
5 Men size diýýärin: ýok! Ýöne toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şolar ýaly heläk bolarsyňyz».
6 Onsoň Isa olara şu tymsaly aýtdy: «Bir adamyň bagynda bitip oturan bir injir agajy bar eken. Ol gelip, ondan miwe agtarýar, ýöne tapmaýar.
7 Bagbana: „Ine, üç ýyldyr, men gelip, bu agaçdan miwe agtarýaryn, emma tapmaýaryn. Ony kes, nämä ýeri biderek tutup otyr?" diýýär.
8 Emma bagban oňa şeýle diýýär: „Aga, oňa bu ýyl hem degme, men onuň töweregini gazyp, dökünläýin.
9 Miwe bersä oňat, bermese-de, geljek ýyl kesäýersiň"».
10 Isa Sabat güni sinagogalaryň birinde sapak berip otyrdy.
11 Ol ýerde on sekiz ýyl bäri içinde ejizlik ruhy bolan bir aýal bardy. Ol iki eplenip, asla gönelip bilmeýärdi.
12 Isa ony görende, ýanyna çagyryp, oňa: «Naçar! Sen öz ejizligiňden halas edildiň» diýdi.
13 Onsoň elini onuň üstünde goýdy welin, aýal derrew göneldi-de, Hudaýy şöhratlandyrmaga başlady.
14 Sinagoganyň başlygy Isanyň Sabat güni şypa berenine gahary geldi, halaýyga ýüzlenip: «Iş etmek üçin alty gün bardyr, şypa tapmaga Sabat güni däl-de, şol günlerde geliň» diýdi.
15 Reb hem oňa şeýle diýdi: «Ikiýüzlüler! Siziň haýsy biriňiz Sabat güni öküz ýa eşegini ahyryň başyndan çözüp, suwa ýakmaga äkitmeýär?
16 Bu bolsa Ybraýymyň on sekiz ýyllap şeýtan tarapyndan baglanan gyzy. Ol Sabat güni bu daňydan halas edilmeli dälmi?»
17 Isa bu sözleri aýdanda, Oňa garşy çykýanlaryň hemmesi utandylar, Onuň edýän dabaraly işlerine bütin halaýyk begendi.
18 Onsoň Isa şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygy nämä meňzeýär? Men ony nämä meňzedeýin?
19 Ol bir adamyň alyp, öz bagynda eken gorçisa tohumy ýalydyr. Ol ösüp, bir uly agaç boldy, gögüň guşlary şahalarynda höwürtgelediler».
20 Ýene-de şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygyny nämä meňzedeýin?
21 Ol bir aýalyň alyp, bütin hamyr turşaýança üç çanak una goşan hamyrmaýasy ýalydyr».
22 Isa Iýerusalime tarap barşyna, şäherleriň, obalaryň içinden geçip, sapak berýärdi.
23 Bir adam Oňa: «Ýa Reb! Halas boljaklar azmy?» diýdi. Isa olara şeýle diýdi:
24 Dar gapydan girmäge çalşyň, çünki size diýýärin: birentekler girjek bolar, ýöne başarmaz.
25 Öý eýesi turup, gapyny ýapanda, siz daşarda galyp: „Ýa Reb, gapyny bize aç" diýip, gapyny kakmaga durarsyňyz. Emma Ol size: „Men sizi tanamaýaryn, nireden gelendigiňizi bilmeýärin" diýip jogap berer.
26 Şonda siz şeýle diýersiňiz: „Biz Seniň öňüňde iýip-içdik, Sen biziň köçelerimizde sapak berdiň".
27 Emma Ol: „Men sizi tanamaýaryn, niredendigiňizi bilmeýärin diýip aýdýaryn ahyryn. Baryňyz ýanymdan aýrylyň, eý, nähak iş edenler" diýer.
28 Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby we ähli pygamberleri Hudaýyň Patyşalygynda, özüňiziň bolsa daşaryk kowulanyňyzy göreniňizde, ol ýerde aglama we diş gyjama bolar.
29 Gündogardan, günbatardan, demirgazykdan, günortadan adamlar gelip, Hudaýyň Patyşalygynda saçak başynda oturarlar.
30 Ine, ilkinjiler boljak ahyrkylar bar we ahyrkylar boljak ilkinjiler bar».
31 Şol wagt käbir fariseýler gelip, Oňa: «Bu ýerden aýryl, git, Hirodes Seni öldürmek isleýär» diýdiler.
32 Isa olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, ol tilkä aýdyň, ine, Men bu gün we ertir jynlary kowup, şypa bererin, üçünji güni işimi bitirerin.
33 Ýöne Men bu gün, ertir we birigün ýol ýöremeli. Çünki bir pygamberiň Iýerusalimden daşarda ölmegi bolup biljek zat däldir.
34 Eý Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne iberilenleri daşlaýan Iýerusalim! Bir towugyň jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem näçe gezek seniň çagalaryňy üýşürjek boldum, emma siz islemediňiz!
35 Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar. Men size aýdýaryn: siz: „Rebbiň adyndan gelen gutly bolsun" diýene deňeç Meni görmersiňiz».




Chapter 14

1 Bir Sabat güni Isa fariseýleriň başlyklaryndan biriniň öýüne nahara geldi. Olar hem Ony göz astyna alýardylar.
2 Ine, suw ýygnanma keselli bir adam Onuň garşysyna geldi.
3 Isa kanunçylara, fariseýlere ýüzlenip: «Sabat güni şypa bermek dogrumy ýa dogry dälmi?» diýdi.
4 Olar seslerini çykarmadylar. Isa hem ýaňky adamy ýanyna çekip, ony sagaldyp goýberdi.
5 Onsoň olardan: «Sabat güni sizden biriniň eşegi ýa-da öküzi guýa gaçsa, ony derrew çykarmazmy?» diýip sorady.
6 Olar bu soraglara jogap berip bilmediler.
7 Isa çagyrylanlaryň töri saýlaýandyklaryny görüp, olara bir tymsal aýtdy:
8 Biri seni toýa çagyranda, baryp, töre geçme, ol senden has gadyrly birini hem çagyran bolaýmasyn.
9 Seni çagyran gelip, saňa: „Ýeriňi muňa ber" diýäýmesin. Onsoň sen utanyp, iň pes ýerde oturmaly bolarsyň.
10 Çagyrylanyňda, seni çagyran ýanyňa gelip: „Eý dost! Töre geç" diýer ýaly, baryp, iň pes ýerde otur. Onsoň saçak başynda özüň bilen oturanlaryň ýanynda hormatyň bolar.
11 Çünki kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler».
12 Onsoň Isa Özüni çagyrana şeýle diýdi: «Öýlänlik ýa-da agşamlyk naharyny bereňde dostlaryňy, doganlaryňy ýa garyndaşlaryňy, ýa-da baý goňşularyňy çagyrma. Çagyrsaň, olar hem seni çagyryp, öwezini dolar.
13 Zyýapat bereňde garyplary, maýyplary, agsaklary, körleri çagyr.
14 Olar saňa öwezini dolup bilmedikleri üçin, sen bagtly bolarsyň, çünki dogrularyň direlen wagty, saňa onuň öwezi berler».
15 Isa bilen bile saçak başynda oturanlaryň biri muny eşidende Oňa: «Hudaýyň patyşalygynda çörek iýjek ne bagtly!» diýdi.
16 Ol hem oňa şeýle diýdi: «Bir adam uly zyýapat berip, birtopar adamy çagyrýar.
17 Nahar wagty bolanda çagyrylanlara: „Geliň, ähli zat taýýar" diýip, hyzmatkärini iberýär.
18 Emma olaryň bary, dilleşen ýaly, ötünç soramaga başlaýarlar. Ilkinjisi oňa: „Men bir bölek ýer satyn aldym, gidip şony görmeli. Haýyş edýärin, meni bagyşla" diýýär.
19 Beýlekisi: „Men bäş jübüt öküz satyn aldym, şolary barlamaga barýaryn. Haýyş edýärin, meni bagyşla" diýýär.
20 Ýene biri: „Men ýaňy öýlendim, şonuň üçin gelip bilmeýärin" diýýär.
21 Hyzmatkär gelip, bulary agasyna habar berýär. Onsoň öý eýesi gaharlanyp, hyzmatkärine: „Tiz şäheriň köçelerine, ýollaryna git-de, garyplary, maýyplary, körleri, agsaklary, şu ýere getir" diýýär.
22 Hyzmatkär: „Aga! Seniň aýdanyň ýerine ýetirildi, ýöne entek hem ýer bar" diýýär.
23 Onsoň aga hyzmatkärine: „Ýollara, haýatlara bar-da, adamlary güýç bilen getir, öýüm dolsun" diýýär.
24 Size aýdýaryn, çagyrylan adamlaryň ýekejesi hem Meniň zyýapat naharymdan datmaz».
25 Uly märeke Isa bilen bile barýardy. Isa yzyna öwrülip, olara şeýle diýdi:
26 Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, oglan-uşagyny, doganyny, uýasyny hatda öz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez.
27 Kim öz haçyny göterip, Meniň yzyma düşmese, Meniň şägirdim bolup bilmez.
28 Sizden biri bir minara saljak bolýar diýeli. Ol: „Muny tamamlamaga pulum ýetermikä?" diýip, ilki oturyp, harjyny hasaplamazmy?
29 Çünki binany tutup, soň işi tamamlap bilmese, muny görenleriň hemmesi oňa gülüp:
30 „Bu adam salmaga başlady welin, ýöne tamamlap bilmedi" diýer.
31 Ýa-da bir patyşa başga bir patyşa bilen uruş etmäge barýar diýeli. On müň esger bilen üstüme gelýän ýigrimi müňe garşylyk görkezmegi başararynmy diýip, ilki oturyp maslahatlaşmazmy?
32 Başarmajak bolsa, ol duşman entek uzakdaka, ilçi iberip, ýaraşyk şertlerini sorar.
33 Şeýlelikde, siziň her biriňiz bar zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniň şägirdim bolup bilmersiňiz.
34 Duz gowy zatdyr, ýöne ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa näme bilen tagam berler?
35 Ol ne ýere, ne-de döküne ýarar, ony daşaryk zyňarlar. Gulagy barlar eşitsin!»




Chapter 15

1 Bütin salgytçylardyr günäkärler Isanyň aýdýanlaryny diňlejek bolup, Onuň daşyna üýşüşýärdiler.
2 Fariseýler bilen kanunçylar bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen bile nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler.
3 Onsoň Isa olara şu tymsaly aýtdy:
4 Sizden biriniň ýüz goýny bar we olaryň birini ýitirýär diýeli. Ol togsan dokuzysyny düzde goýup, tapýança, ýiteniň yzyndan gitmezmi?
5 Tapanda bolsa ony begenç bilen gerşine alyp,
6 öýüne geler. Onsoň dostlaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň. Men ýiten goýnumy tapdym" diýer.
7 Size aýdýaryn: şunuň ýaly, toba eden ýeke günäkär üçin, Gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin bolan şatlykdan uly bolar».
8 Ýa-da bir aýalyň on sany kümüş puly bar we olaryň birini ýitirýär diýeli. Ol çyrany ýakyp, öýi süpürip, tapýança, dykgat bilen ony gözlemezmi?
9 Tapanda bolsa öz joralaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň. Men ýitiren pulumy tapdym" diýer.
10 Şonuň ýaly, Men hem size aýdýaryn: toba eden ýeke günäkär üçin Hudaýyň perişdeleriniň arasynda şatlyk bolar».
11 Isa ýene-de şeýle diýdi: «Bir adamyň iki ogly bar eken.
12 Kiçi ogly kakasyna: „Kaka, mal-mülkden maňa ýetenini ber" diýýär. Kakasy hem baýlygyny ogullarynyň arasynda bölýär.
13 Birnäçe günden soň kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir daş ýurda gidýär, ol ýerde aýşy-eşretde ýaşap, mal-mülküni sowurýar.
14 Baryny sowandan soň, ýaňky ýurda gaty açlyk düşüp, ol mätäçlik çekmäge başlaýar.
15 Şeýlelikde, baryp, şol ýurtlularyň birine günlükçi bolýar. Ol hem ony öz örülerine doňuz bakmaga ýollaýar.
16 Oglanyň doňuzlaryň iýýän kösükleri bilen garnyny doýrasy gelýär, ýöne oňa hiç kim bermeýär.
17 Ol ahyrsoňy aýňalyp, öz-özüne şeýle diýýär: „Kakamyň günlükçilerinden birenteginiň artykmaç çörekleri bar, men bolsam bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün!
18 Kakamyň ýanyna baryp oňa: kaka, Men Hudaýa hem saňa garşy günä etdim.
19 Men indi seniň ogluň diýilmäge mynasyp däl, meni öz günlükçileriňden biri ýaly et" diýeýin.
20 Turup, kakasynyň ýanyna gidýär. Entek daşdaka, kakasy ony görüp, oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar.
21 Ogly oňa: „Kaka, men Hudaýa hem saňa garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge mynasyp däl" diýýär.
22 Emma kakasy hyzmatkärlerine şeýle tabşyryk berýär: „Derrew iň gowy dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük, aýaklaryna çaryk beriň.
23 Baga bakylan göläni getiriň-de, damagyny çalyň, iýip şatlanalyň!
24 Çünki meniň bu oglum ölüdi, direldi, ýitipdi, tapyldy". Şeýdip, olar toý etmäge başlaýarlar.
25 Onuň uly ogly ekin meýdanynda eken. Gelip, öýe golaýlanda, aýdym-saz hem tans sesi gulagyna ilýär.
26 Hyzmatkärleriň birini ýanyna çagyryp, munuň nämedigini soraýar.
27 Ol hem oňa: „Doganyň geldi. Kakaň ony sag-aman yzyna alany üçin, baga bakylan göläniň damagyny çaldy" diýýär.
28 Ol gaharlanyp, içerik girmejek bolýar. Kakasy daşaryk çykyp, oňa ýalbarýar.
29 Emma ol kakasyna jogap berip diýýär: „Ine, näçe ýyldyr men saňa hyzmat edýärin, seniň buýruklaryňa hiç haçan garşy çykamok. Muňa garamazdan, öz dostlarym bilen şatlyk eder ýaly, sen maňa hiç haçan bir çebiş hem bermediň.
30 Emma bütin baýlygyňy ahlaksyz aýallara ýoklan bu ogluň gelende, sen onuň üçin baga bakylan göläniň damagyny çalýarsyň".
31 Kakasy oňa: „Oglum, sen hemişe meniň ýanymda, meniň bar zadym seniňki.
32 Ýöne şatlyk edip, begenişmek gerek, çünki doganyň ölüdi, direldi, ýitipdi, tapyldy"» diýýär.




Chapter 16

1 Isa şägirtlerine ýüzlenip şeýle diýdi: «Bir baý adamyň iş dolandyryjysy bar eken. Oňa: „Iş dolandyryjyň seniň mal-mülküňi dargadýar" diýip şikaýat edýärler.
2 Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen barada meniň bu eşidýänlerim näme! Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, çünki sen indi iş dolandyryjy bolup bilmeýärsiň" diýýär.
3 Iş dolandyryjy öz-özüne şeýle diýýär: „Näme ederkäm? Agam meniň işimi elimden alýar. Gazy gazmagy başarmaýaryn, dilenmäge utanýaryn.
4 Işimi elden beremde, halk meni öýüne kabul eder ýaly, näme etjegimi bilýärin".
5 Şeýlelikde, agasyna bergili adamlary ýekän-ýekän çagyryp, birinjisine: „Meniň agama näçe bergiň bar?" diýýär.
6 Ol: „Ýüz çanak zeýtun ýagy" diýýär. Oňa: „Borçnamaňy al, derrew otur-da, şony elli edip ýaz" diýýär.
7 Onsoň başga birine: „Seniň näçe bergiň bar?" diýýär. Ol hem: „Ýüz çanak bugdaý" diýip jogap berýär. Oňa-da: „Borçnamaňy al-da, şony segsen edip ýaz" diýýär.
8 Agasy bu hilegär iş dolandyryjyny paýhasly hereket edeni üçin öwýär. Çünki bu döwrüň ogullary öz nesline garşy hereket etmekde nur ogullaryndan paýhaslydyr.
9 Size aýdýaryn: mal-mülküňiz tükenende, olar sizi ebedi mesgenlere kabul eder ýaly, dünýäniň hileli baýlygy bilen dost gazanyň».
10 Az zatda ynamly bolan köp zatda hem ynamlydyr, az zatda hilegär bolan köp zatda hem hilegärdir.
11 Şeýlelikde, dünýäniň hileli baýlygynda ynamly bolmadyk bolsaňyz, çyn baýlygy size kim ynanar?
12 Kesekiniň maly barada ynamly bolmadyk bolsaňyz, özüňiziňkini size kim berer?
13 Hiç bir hyzmatkär iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Çünki ol ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem mammona hyzmat edip bilmersiňiz».
14 Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isa güldüler.
15 Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, ýöne Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlar arasynda ýokary saýylýan zat Hudaý ýanynda ýigrenjidir.
16 Kanun we Pygamberler ýazgylary Ýahýanyň zamanyna çenli bildirildi. Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habary şondan bäri wagyz edilip gelinýär, her kim zor bilen oňa girýär.
17 Emma Gök bilen Ýeriň geçip gitmegi Mukaddes Kanundan ýekeje nokadyň gaçyp galmagyndan aňsatdyr.
18 Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen her kes zyna edýändir, ärinden aýrylan aýala öýlenen-de zyna edýändir».
19 Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy we nepis keteniden tikilen eşikler geýnip, her gününi toý-meýlisde geçirer eken.
20 Onuň gapysynyň agzynda tutuş bedenini baş tutan Lazar atly bir gedaý ýatar eken.
21 Ol baýyň saçagyndan dökülen owuntyklary iýmegiň arzuwynda eken. Itler hem gelip, onuň başyny ýalar eken.
22 Gedaý ölende, perişdeler ony Ybraýymyň gujagyna äkidýärler. Soň baý hem ölüp, jaýlanýar.
23 Ol dowzahda gynalyp ýörkä, gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy, onuň gujagyndaky Lazary görýär.
24 Şonda gygyryp: „Eý, Ybraýym ata! Maňa rehim et, Lazary iber, barmagynyň başyny suw bilen ölläp, meniň dilimi sowatsyn. Çünki bu ýalynda azap çekýärin" diýýär.
25 Emma Ybraýym şeýle diýýär: „Eý ogul! Sen öz ýaşaýşyňda oňat zatlar alanyňy, Lazaryň bolsa erbet zatlar alanyny ýadyňa sal, indi ol bu ýerde rahatlyk görýär, sen azap çekýärsiň.
26 Mundan başga hem, bu ýerden siz tarapa geçjek bolýanlar, ol ýerden hem biz tarapa geçjek bolýanlar geçip bilmez ýaly, biz bilen siziň araňyzda uly uçut goýlupdyr".
27 Ol-da şeýle diýýär: „Eý ata! Haýyş edýärin, ony meniň atamyň öýüne iber.
28 Çünki meniň bäş doganym bar. Olar bu gynalýan ýere gelmez ýaly, Lazar baryp habar etsin".
29 Emma Ybraýym: „Olarda Musanyň, pygamberleriň ýazgylary bar, şolara gulak assynlar" diýýär.
30 Ol hem: „Ýok, eý Ybraýym ata! Olar diňe ölülerden biri ýanlaryna barsa, toba ederler" diýýär.
31 Ybraýym oňa şeýle diýýär: „Olar Musa hem pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar"».




Chapter 17

1 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Adamlaryň günä etmegine sebäp bolýan zatlaryň gelmezligi mümkin däl, ýöne olary getiren adamyň gününe waý!
2 Bu çagalaryň biriniň günä etmegine sebäp bolmakdan boýnundan bir degirmen daşy asylyp, deňze taşlanmak onuň üçin oňat bolardy.
3 Habardar boluň! Doganyň günä etse, oňa käýe, toba etse, ony bagyşla.
4 Ol saňa garşy günde ýedi gezek günä etse, ýedi gezek-de ýanyňa gelip: „Toba edýärin!" diýse, ony bagyşla».
5 Resullar Rebbe: «Biziň imanymyzy köpelt!» diýdiler.
6 Reb şeýle diýdi: «Eger siziň bir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu tut agajyna: „Şu ýerden goparyl-da, deňizde göger!" diýsediňiz, ol size gulak asar.
7 Emma sizden kim ýer sürýän ýa-da çopançylyk edýän hyzmatkäri bolup, ol düzden öýe gelende: „Tiz gel-de, saçak başyna geç" diýer?
8 Gaýtam, oňa: „Meniň agşamlygymy taýýarla, biliňi guşa-da, iýip-içýänçäm, maňa gulluk et, sen onsoň iýip-içersiň" diýmezmi?
9 Buýruklaryny berjaý edeni üçin, ol hyzmatkäre minnetdarlyk bildirermi? Güman etmeýärin.
10 Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz dereksiz hyzmatkärlerdiris, biz diňe öz wezipämizi berjaý etdik" diýiň».
11 Isa Iýerusalime tarap barýarka, Samariýa bilen Jelile arasyndaky serhediň boýy bilen gitdi.
12 Baryp bir oba girende, Oňa endamy pis açan on adam sataşdy. Olar daşda durup,
13 gaty ses bilen: «Isa Ussat, bize rehim et!» diýdiler.
14 Isa olary görüp: «Baryň, ruhanylara görnüň» diýdi. Olar ýoldakalar keselden gutuldylar.
15 Olaryň biri sagalanyny görende, gaty ses bilen Hudaýy şöhratlandyryp yzyna öwrüldi.
16 Ol Isanyň aýagyna ýüzin ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy.
17 Isa şeýle diýdi: «Keselden gutulanlar on dälmidi? Galan dokuzy hany?
18 Bu ýat adamdan başga yzyna öwrülip, Hudaýy şöhratlandyran bolmadymy?»
19 Onsoň oňa: «Tur, git, imanyň seni halas etdi» diýdi.
20 Fariseýler Hudaýyň Patyşalygynyň haçan geljegini ondan soranlarynda, Isa olara şeýle jogap berdi: «Hudaýyň Patyşalygy ne göze görnüp geler,
21 ne-de „Ine, bu ýerde!" ýa-da „Ine, ol ýerde!" diýerler. Çünki Hudaýyň Patyşalygy siziň içiňizdedir».
22 Onsoň şägirtlerine şeýle diýdi: «Ynsan Oglunyň günlerinden birini görmegi küýsejek wagtyňyz gelýär, ýöne ony görmersiňiz.
23 Size: „Ine, şu ýerde" ýa-da „Ine, ol ýerde" diýerler. Gitmäň, olaryň yzyna düşmäň!
24 Çünki ýyldyrym Gögüň bir ujundan çakyp, ol ujuny-da nähili ýagtyldýan bolsa, Ynsan Ogly hem Öz gününde şeýle bolar.
25 Ýöne Ol öňürti köp görgi görmeli, bu nesil tarapyndan ret edilmelidir.
26 Nuhuň günlerinde nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň günlerinde-de şeýle bolar.
27 Adamlar Nuhuň gämä münen gününe deňeç iýýär, içýär, öýlenýär we äre çykýardylar. Soň tupan turup, hemmesini dargatdy.
28 Lutuň günlerinde hem şonuň ýaly boldy: adamlar iýýär, içýär, alýar, satýar, ekýär we dikýärdiler.
29 Emma Lutuň Sodomdan çykan güni Gökden ot bilen kükürt ýagyp, hemmesini dargatdy.
30 Ynsan Oglunyň görünjek gününde hem şeýle bolar.
31 Şol gün özi öýüň üçeginde bolup, zatlary öýüň içinde bolan adam olary aljak bolup, aşak inmesin. Şonuň ýaly, ekin meýdanyndaky hem yzyna öwrülmesin.
32 Lutuň aýalyny ýada salyň!
33 Kim janyny saklamaga çalyşsa, ony ýitirer, kim janyny ýitirse, ony diri saklar.
34 Size aýdýaryn: ol gije bir düşekde iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar.
35 Bilelikde galla üweýän iki aýal bolar, biri alnar, ol biri goýlar.
36 Ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar».
37 Oňa ýüzlenip: «Ýa Reb, nirede?» diýdiler. Ol hem: «Maslyk nirede bolsa, garaguşlar hem şol ýere üýşüşýändir» diýip jogap berdi.




Chapter 18

1 Hemişe doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda hem Isa Öz şägirtlerine bir tymsal aýtdy:
2 Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan, adamlary äsgermeýän bir kazy bar eken.
3 Şol şäherde bir dul hatyn hem bar eken. Ol gelip: „Dawagärimden meniň hakymy alyp ber" diýýär.
4 Kazy birnäçe wagtlap etmeýär. Soň bolsa öz-özüne şeýle diýýär: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de,
5 üznüksiz gelip, meni bizar etmez ýaly, bu dul hatynyň hakyny alyp bereýin. Çünki maňa köp ezet berýär"».
6 Reb şeýle diýdi: «Adalatsyz kazynyň aýdýanyna gulak asyň.
7 Hudaý gije-gündiz Özüne ýüz tutup, perýat edýän saýlananlarynyň hakyny almazmy? Olaryň hakyny almagy gijikdirermi?
8 Size diýýärin: haklaryny tiz alar. Emma Ynsan Ogly gelende ýeriň ýüzünden iman taparmy?»
9 Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa şu tymsaly aýtdy:
10 Iki adam doga etjek bolup, ybadathana gidýär. Olaryň biri fariseý, biri-de salgytçy eken.
11 Fariseý durup, öz içinden şeýle doga edýär: „Eý Hudaý! Men başga adamlar kimin talaňçy, egri, zynagär we bu salgytçy ýaly-da däldigime şükür edýärin.
12 Men hepdede iki gezek oraza tutýaryn, bütin girdejimden zekat berýärin".
13 Salgytçy bolsa daşda durýar. Ol gabagyny Göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, ýöne gursagyna urup: „Eý Hudaý! Men günäkäre rehim et!" diýýär.
14 Size aýdýaryn, fariseý däl, şu adam aklanyp, öýüne gidýär, çünki her kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler».
15 Kiçijik çagalara elini degirsin diýip, olary Isanyň ýanyna getirýärdiler. Şägirtleri muny görenlerinde olara käýediler.
16 Emma Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň. Çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr.
17 Size dogrusyny aýdýaryn: kim Hudaýyň Patyşalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez».
18 Bir başlyk Ondan: «Ýagşy Mugallym! Men ebedi ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady.
19 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Bir Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir.
20 Sen tabşyryklary bilýänsiň: zyna etme, adam öldürme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, ataňy, eneňi syla».
21 Ol: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin» diýdi.
22 Isa muny eşidende oňa: «Seniň ýene bir zadyň kem. Nämäň bar bolsa, baryny sat-da, garyplara paýla, Gökde hazynaň bolar. Onsoň gel, Meniň yzyma düş» diýdi.
23 Ol bu sözleri eşidende, gaty tukat boldy, çünki çakdanaşa baýdy.
24 Isa onuň tukatlygyny görüp, şeýle diýdi: «Barlylara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin!
25 Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi, barly adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr».
26 Muny eşidenler: «Onda kim gutulyp biler?» diýdiler.
27 Ol: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar, Hudaý üçin mümkindir» diýdi.
28 Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» diýdi.
29 Isa olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Patyşalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny ýa-da oglan-uşagyny taşlap,
30 bu zamanda köp essesini we geljek döwürde ebedi ýaşaýşy almajak ýokdur».
31 Isa on iki şägirdi çete çekip, şeýle diýdi: «Ine, biz Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly hakda pygamberler arkaly ýazylanlaryň hemmesi berjaý bolar!
32 Çünki Ol milletlere tabşyrylar. Olar Oňa gülerler, masgaralarlar, Onuň üstüne tüýkürerler we Ony gamçylap öldürerler.
33 Ýöne ölenden üç günden soň Ol direler».
34 Şägirtler bu zatlaryň hiç birine düşünmediler. Bu sözleriň manysy olardan gizlenipdi. Olar Onuň näme hakda gürrüň edýänini bilmediler.
35 Isa Eriha golaýlanda, ýoluň kenarynda bir kör adam dilegçilik edip otyrdy.
36 Ol halaýygyň gapdalyndan geçip barýanyny eşidip: «Bu näme?» diýip sorady.
37 Oňa: «Nasyraly Isa geçip barýar» diýip habar berdiler.
38 Ol hem: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy.
39 Öňden barýanlar sesini çykarmasyn diýip, oňa käýediler, ýöne ol öňküden hem gaty: «Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy.
40 Isa durdy-da, ol adamy getirsinler diýip, buýruk berdi. Ol golaý gelende, Isa ondan:
41 «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Ýa Reb! Gözüm görsün» diýdi.
42 Isa oňa: «Gözüň görsün! Imanyň saňa şypa berdi» diýdi.
43 Onuň gözleri derrew görensoň, Hudaýy şöhratlandyrdy-da, Isanyň yzyna düşüp gidiberdi. Bütin halaýyk muny görüp, Hudaýa alkyş okady.




Chapter 19

1 Isa Eriha girip, onuň içinden geçip barýardy.
2 Ine, ol ýerde baş salgytçy bolan Zakkaý atly bir baý adam bardy.
3 Zakkaý Isanyň kimdigini görjek boldy, ýöne märeke zerarly görüp bilmedi, çünki boýy gysgady.
4 Şeýlelikde, Ony görmek üçin ylgap, öňe geçdi-de, bir ýabany injir agajynyň üstüne çykdy, çünki Isa şol ýoldan gelýärdi.
5 Isa ol ýere gelende, ýokary seredip, Oňa: «Zakkaý! Tiz aşak düş, çünki Men bu gün seniň öýüňde galmaly» diýdi.
6 Ol hem tiz aşak düşüp, Ony şatlyk bilen kabul etdi.
7 Halaýyk muny görüp: «Bir günäkäriň öýüne myhman boldy» diýşip, hüňürdemäge başladylar.
8 Zakkaý bolsa galyp, Rebbe: «Ine, ýa Reb! Men baýlygymyň ýarysyny garyplara berýärin. Kimiň-de zadyny aldaw bilen alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp bereýin» diýdi.
9 Isa oňa şeýle diýdi: «Bu gün bu öýe gutulyş geldi, çünki bu adam hem Ybraýymyň ogullarynyň biri.
10 Ynsan Ogly ýitenleri agtaryp, halas etmäge gelendir».
11 Bu zatlary diňläp durkalar, Isa bir tymsal bilen sözüniň üstüni ýetirdi. Çünki Ol Iýerusalimiň golaýyndady, halaýyk hem Hudaýyň Patyşalygy tiz görner diýip güman edýärdi.
12 Isa şonuň üçin şeýle diýdi: «Bir asylzada özüne patyşalyk alyp geljek bolup, bir uzak ýurda ýola düşýär.
13 Ol hyzmatkärlerinden onusyny çagyryp, olara: „Men gelýänçäm, şu puly işlediň" diýip, on mina pul berýär.
14 Emma ildeşleri ony ýigrenýän eken. Onuň yzyndan ilçiler iberip: „Bu adamyň biziň üstümizden patyşalyk etmegini islemeýäris" diýýärler.
15 Ol patyşalygy alyp, yzyna gelende, kimiň näme gazananyny biljek bolup, pul beren hyzmatkärlerini ýanyna çagyrýar.
16 Birinjisi gelip, şeýle diýýär: „Aga! Seniň bir minaň ýene on mina gazandy".
17 Oňa: „Berekella, ýagşy hyzmatkär! Az zatda sadyk bolanyň üçin, on şähere häkim bol" diýýär.
18 Ikinjisi gelip: „Aga! Seniň bir minaň ýene bäş mina gazandy" diýýär.
19 Muňa hem: „Sen-de bäş şähere häkim bol" diýýär.
20 Onsoň beýlekisi gelip, şeýle diýýär: „Aga! Ine, seniň bir minaň, men ony elýaglyga düwüp sakladym.
21 Çünki hyrsyz adamdygyň üçin senden gorkdum. Sen goýmadygyňy alýarsyň, ekmedigiňi orýarsyň".
22 Agasy oňa şeýle diýýär: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyň bilen höküm ederin! Sen meniň hyrsyz adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidiň?
23 Onda öwrülip gelenimde, peýdasy bilen alar ýaly, pulumy näme üçin pul işledýänlere bermediň?"
24 Onsoň ol ýerde duranlara diýýär: „Minany ondan alyň-da, on minala beriň".
25 Oňa: „Aga, onuň özünde on mina bar!" diýýärler.
26 Ol jogap berýär: „Men size diýýärin, kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar.
27 Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň"».
28 Isa bulary aýdyp bolansoň, öňe düşüp, Iýerusalime tarap ugrady.
29 Zeýtun diýen dagyň etegindäki Beýtfajy bilen Beýtaniýa golaýlanda, şägirtlerinden ikisini ýollap, şeýle diýdi:
30 Öňüňizdäki oba baryň. Oba gireniňizde daňylgy duran bir taýhar taparsyňyz, üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Şony çözüň-de, alyp geliň.
31 Eger biri sizden: „Näme üçin ony çözýärsiňiz?" diýip sorasa: „Bu taýhar Rebbe gerek" diýiň».
32 Ýollananlar gidip, baryny Onuň aýdyşy ýaly tapdylar.
33 Taýhary çözüp durkalar, onuň eýeleri: «Taýhary näme üçin çözýärsiňiz?» diýip soradylar.
34 Olar hem: «Bu taýhar Rebbe gerek» diýdiler.
35 Taýhary Isanyň ýanyna getirip, öz egin-eşiklerini onuň üstüne atdylar-da, Isany oňa mündürdiler.
36 Ol gidip barýarka, halk öz eginbaşlaryny ýola düşeýärdi.
37 Isa Zeýtun dagynyň eňňidine golaýlanda, şägirtleriň bary gören bütin mugjyzalaryna begenip, Hudaýy şöhratlandyrmaga başladylar.
38 Olar: «Rebbiň adyndan gelýän Patyşa gutly bolsun! Gökde parahatlyk, iň ýokarlarda şöhrat!» diýýärdiler.
39 Halaýygyň arasyndan käbir fariseýler Isa: «Mugallym! Şägirtleriňe käýe!» diýdiler.
40 Emma Ol: «Size aýdýaryn: olar dymsa, daşlar gygyryşar» diýdi.
41 Isa Iýerusalim şäherine golaýlanda, ony görüp aglady.
42 Diýdi: «Wah, sen, hawa, sen nämäniň özüňe parahatlyk getirjegini şu günüňde bir bilseňdiň! Ýöne ol entek seniň gözleriňden gizlin.
43 Seniň başyňa şeýle günler geler: duşmanlaryň daşyňa garymlar gazyp, seni gurşar, her ýandan gysyp-gowrar.
44 Seni, içiňdäki çagalary ýere ýegsan eder, içiňde daş üstünde daş goýmaz, çünki sen Hudaýyň özüňe gelen wagtyny bilmediň».
45 Onsoň Isa ybadathana girip, ol ýerdäki satyjylary kowmaga başlady.
46 Olara: «„Meniň öýüm doga öýüdir" diýip ýazylgydyr, siz muny garakçylaryň sürenine öwürdiňiz» diýdi.
47 Ol her gün ybadathanada sapak berýärdi. Baş ruhanylar, kanunçylar we halkyň baştutanlary bolsa Ony heläk etmegiň küýündediler.
48 Ýöne munuň ýoluny tapyp bilmeýärdiler, çünki bütin halk Onuň agzyna garaýardy.




Chapter 20

1 Günleriň birinde Isa ybadathanada halka sapak berip, Hoş Habary wagyz edip otyrka, baş ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular Onuň üstüne gelip,
2 Oňa: «Bize aýt, göreli, Sen haýsy ygtyýar bilen bu zatlary edýärsiň? Bu ygtyýary Saňa kim berdi?» diýdiler.
3 Ol şeýle diýdi: «Men-de sizden bir zat sorajak. Maňa aýdyň, göreýin,
4 Ýahýanyň çokundyrmasy Gökdenmidi ýa-da ynsandan?»
5 Olar hem özara pikir alşyp, şeýle diýişdiler: «Eger: „Gökden" diýsek, Ol bize: „Onda, näme üçin oňa iman getirmediňiz?" diýer.
6 Eger-de: „Ynsandan" diýsek, bütin halaýyk bizi daşlar, çünki Ýahýanyň pygamberdigine halkyň ynamy bar».
7 Şeýlelikde: «Biz onuň niredendigini bilmeýäris» diýip jogap berdiler.
8 Isa hem: «Men-de size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtmaryn» diýdi.
9 Soňra halka şu tymsaly aýtmaga durdy: «Bir adam üzümlik gurap, ony bagbanlara ekerine berip, uzak wagtlaýyn ýola gidýär.
10 Möwsümi gelende, üzümligiň miwesinden bersinler diýip, bagbanlara bir hyzmatkärini iberýär. Emma bagbanlar ony ýenjip, boş kowup goýberýärler.
11 Ol başga bir hyzmatkärini iberýär, bagbanlar ony-da ýenjip, biabraý edip, boş kowup goýberýärler.
12 Ol üçünjini-de iberýär. Olar ony hem ýaralap, daşaryk taşlaýarlar.
13 Onsoň üzümligiň eýesi: „Men näme etmeli? Gel, öz söýgüli oglumy ibereýin, belki, ony sylarlar" diýýär.
14 Bagbanlar bolsa ony görenlerinden, özara pikir alşyp: „Mirasdar şu, şuny öldüreliň, miras bize galar" diýişýärler.
15 Şeýlelikde, ony-da üzümlikden daşaryk taşlaýarlar we öldürýärler. Indi üzümligiň eýesi bulara näme eder?
16 Ol gelip bu bagbanlary heläk eder-de, üzümligi başgalaryna berer». Halk muny eşidip: «Hernä, beýle bolmasyn!» diýdi.
17 Isa olara bakyp, şeýle diýdi: «Onda, „Ussalaryň ret eden daşy, burçuň başy boldy" diýen ýazgynyň manysy näme?
18 Kim bu daşyň üstüne ýykylsa, bölek-bölek bolar, ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar».
19 Kanunçylar bilen baş ruhanylar Ony şol sagatda tutmagyň ýoluny agtardylar, çünki bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Ýöne halkdan gorkýardylar.
20 Ony göz astyna aldylar we gepde tutup, häkimiň höküm hem ygtyýaryna bersinler diýip, dogrusyraýan birnäçe içalyny Onuň yzyna saldylar.
21 Şeýlelikde, içalylar Oňa sorag berip, şeýle diýdiler: «Mugallym! Biz Seniň dogry zady aýdyp öwredýäniňi, adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat ýüzünden öwredýäniňi bilýäris.
22 Biziň kaýsara salgyt tölemegimiz dogrumy ýa dälmi?»
23 Isa olaryň hilesine düşünip:
24 «Maňa bir dinary görkeziň. Onuň ýüzündäki surat bilen ýazgy kimiňki?» diýdi. Olar: «Kaýsaryňky» diýip jogap berdiler.
25 Ol: «Onda, kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.
26 Olar halkyň ýanynda Ony sözünde tutup bilmän, beren jogabyna geňirgenişip, seslerini çykarmadylar.
27 Ölümden direlme ýokdur diýýän saddukeýleriň käbiri Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler:
28 Mugallym! Musa bize bir adamyň dogany zürýatsyz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, doganyna nesil ýetişdirmelidir diýip ýazypdyr.
29 Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýal alyp, zürýatsyz öldi.
30 Ikinjisi we üçünjisi hem şol aýaly aldy.
31 Şeýdip, ýedisi hem yzlarynda zürýat galdyrman öldüler.
32 Ahyrsoňy aýal hem öldi.
33 Indi ölüler direlende, bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Çünki ýedisi hem ony aýal edinipdiler».
34 Isa olara şeýle diýdi: «Bu döwrüň adamlary öýlenýändir, äre çykýandyr.
35 Ýöne ol döwre, ölülerden direlişe ýetmäge mynasyp görlenler ne öýlener, ne-de äre çykar.
36 Artykmaç, ölüp hem bilmez, çünki olar perişdeler ýalydyr. Direlişiň ogludyklary üçin Hudaýyň ogludyrlar.
37 Musa-da ölüleriň direlýändigini ýanan çaly baradaky bapda görkezýär. Ol şol ýerde Rebbi „Ybraýymyň Hudaýy, Yshagyň Hudaýy we Ýakubyň Hudaýy" diýip atlandyrýar.
38 Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr, çünki Onuň ýanynda hemmeler diridir».
39 Kanunçylaryň käbirleri: «Mugallym, gowy aýtdyň!» diýdiler.
40 Oňa gaýtadan sorag bermäge ýürek etmediler.
41 Onsoň Isa olara diýdi: «Nämüçin Mesih Dawudyň Ogludyr diýýärler?
42 Dawudyň özi Zebur kitabynda şeýle diýýär: „Reb meniň Rebbime diýdi: Duşmanlaryňy aýaklaryňa basgançak edýänçäm,
43 Meniň sagymda otur".
44 Dawut Oňa Reb diýýär. Ol nähili onuň ogly bolýar?»
45 Bütin halk Oňa gulak asyp otyrka, Isa şägirtlerine şeýle diýdi:
46 Kanunçylardan ägä boluň! Olar uzyn geýimler geýnip gezmegi halaýandyr, bazar ýerinde salam almagy, sinagogalarda baş kürsüleri, zyýapatlarda töri halaýandyr.
47 Olar dul hatynlaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyr. Bular has agyr jeza sezewar bolar».




Chapter 21

1 Isa gabagyny galdyranda, baý adamlaryň öz peşgeşlerini ybadathananyň hazynasyna atyp duranyny gördi.
2 Ol bir garyp dul hatynyň hem pul atanyny görüp,
3 şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul hatyn hemmeden kän atdy.
4 Çünki olaryň hemmesi Hudaýyň sandygyna özlerinden artany atdylar, bu hatyn bolsa garyplygyna garamazdan, bütin çörek puluny atdy».
5 Şägirtleriniň käbiri ybadathananyň gymmatbaha daşlar hem peşgeşler bilen bezelgidigini aýdanlarynda, Isa:
6 «Şeýlelikde, günler geler welin, şonda bu ýerde görýän zatlaryňyzdan daş üstünde daş galmaz, hemmesi dargar» diýdi.
7 Ondan: «Mugallym! Bu zatlar haçan bolar? Bularyň boljak mahalynda näme alamat peýda bolar?» diýip soradylar.
8 Ol şeýle jogap berdi: «Habardar boluň, sizi aldaýmasynlar! Çünki köpler Meniň adym bilen gelip, „Men ― Ol" we „Wagt golaýlady" diýerler. Olaryň yzyna düşmäň.
9 Uruşlar hem gozgalaňlar barada habar eşideniňizde gorkmaň. Bu zatlar öňürti bolmalydyr, ýöne dünýäniň soňy tiz gelmez».
10 Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar.
11 Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýer titremeler, açlyk hem gyrgynçylyk, gorkunç wakalar, Gökden uly alamatlar bolar.
12 Ýöne bulardan öň, Meniň adym üçin size el urarlar, yzarlarlar, eltip sinagogalara, zyndanlara tabşyrarlar, patyşalaryň, hökümdarlaryň alnyna getirerler.
13 Bu bolsa güwälik etmek üçin size bir pursat bolar.
14 Munuň üçin berjek jogabyňyzy öňünden gaýgy etmezligi ýüregiňize düwüň.
15 Çünki Men size dil hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.
16 Size ene-ataňyz, doganlaryňyz, garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz hem haýynlyk ederler, käbiriňizi öldürerler.
17 Meniň adym üçin hemmeler sizi ýigrener.
18 Ýöne kelläňizden bir gyl hem kemelmez.
19 Siz çydamak bilen, janyňyzy halas edersiňiz.
20 Iýerusalimi goşunlaryň gurşanyny göreniňizde, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýdygyny biliň.
21 Şonda Ýahudadakylar daglara gaçsyn, şäheriň içindäkiler çyksyn, töweregindäkiler şähere girmesin.
22 Çünki şol günler ähli ýazylanlaryň berjaý bolmagy üçin jeza günleridir.
23 Şol günlerde göwreli we çaga emdirýän aýallaryň gününe waý! Çünki ýurtda uly horluk bolup, bu halk gazaba sezewar bolar.
24 Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, bütin milletleriň arasyna sürgün ediler. Olar möwritleri dolanýança, Iýerusalimi basgylar.
25 Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar bolar. Ýer ýüzünde bolsa deňiz hem tolkunlaryň gürrüldisi zerarly, aljyraňňy ýagdaýdaky milletler galagopluga düşdüler.
26 Adamlar gorkudan, dünýäniň başyna gelýän belalara garaşmakdan ýaňa huşlaryny gaçyrar, çünki gögüň gudratlary titrär.
27 Şonda olar Ynsan Oglunyň bulut içinde gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görerler.
28 Bu zatlar bolmaga duranda, ýokaryk galyp başyňyzy galdyryň, çünki gutulyşyňyz golaýlap gelýändir».
29 Isa olara bir tymsal aýtdy: «Injire, ähli agaçlara serediň.
30 Olaryň ýapraklandyklaryny görüp, tomsuň golaýdygyny öz-özüňizden bilýärsiňiz.
31 Şonuň ýaly hem bu zatlaryň bolanyny göreniňizde, Hudaýyň Patyşalygynyň golaýdygyny biliň.
32 Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez.
33 Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim asla ötmez.
34 Habardar boluň! Horanlyk, serhoşluk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ýük bolup, ol gün duýdansyzlykda üstüňize abanaýmasyn.
35 Çünki ol gün bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne duzak kimin geler.
36 Bu boljak zatlaryň baryndan gaçyp biler ýaly, Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, doga ediň».
37 Isa gündizleri ybadathanada sapak berip, gijelerini bolsa daşaryk çykyp, Zeýtun dagynda geçirerdi.
38 Bütin halk Onuň aýdýanlaryny diňlejek bolup, ertir ir bilen ybadathana gelerdiler.




Chapter 22

1 Pesah, ýagny Petir baýramy golaýlapdy.
2 Baş ruhanylar bilen kanunçylar Isany öldürmegiň ýoluny agtarýardylar, ýöne halkdan gorkýardylar.
3 Şeýtan Onkileriň biri bolan Iskariot diýilýän Iudanyň ýüregine girdi.
4 Iuda baş ruhanylar we serkerdeleriň ýanyna baryp, Isany nähili tabşyrjagy barada olar bilen gürrüň etdi.
5 Olar hem begenişip, oňa pul bermäge razy boldular.
6 Iuda ylalaşdy. Halk ýokka, Isany olara tabşyrmak maksady bilen, pursat peýläp gezdi.
7 Pesah gurbanynyň kesilmeli güni bolan Petir güni geldi.
8 Isa: «Gidiň-de, Pesah baýramyny geçirer ýaly, taýýarlyk görüň» diýip, Petrus bilen Ýahýany iberdi.
9 Olar: «Ony nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar.
10 Olara şeýle diýdi: «Ine, şähere gireniňizde, küýze bilen suw alyp barýan bir adama sataşarsyňyz. Girjek öýüne barýança onuň yzyna düşüp gidiň-de,
11 öý eýesine baryp: „Mugallym senden şägirtlerim bilen Pesah naharyny iýer ýaly, myhman otagy nirede diýip soraýar" diýiň.
12 Ol hem size ýokarky mertebede düşek düşelgi giň bir otagy görkezer. Şol ýerde taýýarlyk görüň».
13 Olar gitdiler, ähli zady Isanyň aýdyşy ýaly tapyp, Pesah naharyny taýýarladylar.
14 Sagady gelende, Isa resullary bilen birlikde saçak başynda oturdy.
15 Olara şeýle diýdi: «Men bu Pesahy görgi görmezimden öň, siziň bilen birlikde iýmegi gaty arzuw edipdim.
16 Çünki size diýýärin: Pesahyň maksady Hudaýyň Patyşalygynda amala aşýança, Men ony gaýdyp iýmerin».
17 Bir käse alyp, şükür etdi-de, şeýle diýdi: «Muny alyň-da, özara paýlaşyň.
18 Çünki size diýýärin: Hudaýyň Patyşalygy gelýänçä, men gaýtadan üzüm şiresini içmerin».
19 Onsoň çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin berlen bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi.
20 Şonuň ýaly, agşamlyk naharyndan soň hem, bir käsäni alyp, şeýle diýdi: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülen ganym bilen berkidilen Täze ähtdir.
21 Ýöne, ine, Maňa haýynlyk etjegiň eli Meniň elim bilen birlikde saçak başynda dur.
22 Ynsan Ogly öňünden bellenişi ýaly gidýär, ýöne Oňa haýynlyk edeniň gününe waý!»
23 Olar bu işi etjegiň öz aralaryndan kim bolup biljegini biri-birlerinden sorap başladylar.
24 Şunluk bilen, aralarynda haýsysynyň uly saýylmalydygy barada jedel turdy.
25 Isa olara şeýle diýdi: «Milletleriň patyşalary olara agalyk edýär, hökümdarlary özlerine haýyr ediji diýýär.
26 Emma siz beýle bolmaň. Araňyzda iň uly iň kiçi kimin bolsun, ýolbaşçylyk edýän hyzmat edýän kimin bolsun.
27 Haýsysy has uly, saçak başynda oturanmy ýa-da hyzmat edýän? Saçak başynda oturan dälmi? Ýöne Men siziň araňyzda bir hyzmat edýän kimindirin.
28 Synaglarymda Meniň bilen birlikde durnuklylyk görkezenler sizsiňiz.
29 Siz Meniň Patyşalygymda saçagymyň başynda oturyp, iýip-içer ýaly, tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki taýpasynyň üstünden höküm çykarar ýaly,
30 Atamyň Maňa belleýşi kimin, Men-de size bir patyşalyk belleýärin.
31 Simun, Simun! Bugdaý kimin galbir bilen elejek bolup, şeýtan sizi diledi.
32 Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin doga etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleňde, doganlara goltgy ber».
33 Ol: «Ýa Reb! Men Seniň bilen hem zyndana düşmäge, hem-de ölüme gitmäge taýýar» diýdi.
34 Isa: «Petrus, saňa diýýärin, sen bu gün horaz gygyrmazdan öň Meni tanaýanlygyňy üç gezek inkär edersiň» diýdi.
35 Onsoň Isa olardan: «Men sizi haltasyz, torbasyz we çaryksyz ýollanymda, kem zadyňyz barmydy?» diýip sorady. Olar: «Ýokdy» diýip jogap berdiler.
36 Olara şeýle diýdi: «Indi haltaňyz bar bolsa, ýanyňyza alyň, bir torba hem alyň. Gylyjyňyz ýok bolsa, egin-eşigiňizi satyň-da, bir gylyç ediniň.
37 „Ol şer iş edýänlerden saýyldy" diýip ýazylgydyr. Men size diýýärin: bu Men barada berjaý bolmalydyr. Dogrudan-da, Men hakda ýazylanlar berjaý bolup barýar».
38 Şägirtler: «Ýa Reb! Ine, bu ýerde iki gylyç bar» diýdiler. Ol hem olara: «Şol ýeterlik» diýdi.
39 Isa çykyp, hemişekisi ýaly, Zeýtun dagyna gitdi, şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler.
40 Ol ýere baranlarynda, Isa olara: «Synaga düşmez ýaly, doga ediň!» diýdi.
41 Özi bolsa olardan bir daş atyma golaý aňryk çekildi-de, dyza çöküp:
42 «Eý Ata! Isleýän bolsaň, bu käsäni Menden geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň bolsun» diýip, doga etmäge durdy.
43 Gökden bir perişde Isa görnüp, Ony güýçlendirdi.
44 Ol agyr ynja düşüp, gaty yhlas bilen doga etdi. Isanyň deri ýere daman gan damjalary ýalydy.
45 Dogadan soň turup, şägirtleriň ýanyna gelse, olar tukatlykdan ýaňa uklap ýatan eken.
46 Isa olara: «Näme üçin uklap ýatyrsyňyz? Synaga düşmez ýaly, turuň-da, doga ediň!» diýdi.
47 Ol entek gepläp durka, ine, bir märeke göründi. Iuda atly Onkileriň biri märekäniň öňüne düşüp gelýärdi. Iuda Isany ogşajak bolup, Onuň golaýyna geldi.
48 Isa oňa: «Iuda! Sen Ynsan Ogluna ogşuk bilen haýynlyk edýärsiňmi?» diýdi.
49 Onuň ýanyndakylar näme boljagyny görüp: «Ýa Reb! Gylyç bilen uralymy?» diýdiler.
50 Olaryň biri baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň sag gulagyny kesdi.
51 Emma Isa jogap berip: «Bolýar, bes ediň!» diýdi. Onsoň hyzmatkäriň gulagyna elini degrip, ony sagaltdy.
52 Onsoň Isa Özüni ele salmaga gelen baş ruhanylara, ybadathananyň serkerdelerine, ýaşululara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bir talaňçynyň garşysyna çykýan ýaly, gylyç hem taýak bilen geldiňizmi?
53 Men her gün siziň bilen birlikde ybadathanadakam, maňa el uzatmandyňyz, ýöne indi siziň sagadyňyz, garaňkylygyň höküm sürýän sagadydyr».
54 Isany tutup, baş ruhanynyň öýüne alyp gitdiler. Petrus hem gara görnümden olaryň yzyna düşüp gitdi.
55 Olar howlynyň ortasynda ot ýakyp, bile otyrkalar, Petrus-da olaryň arasynda oturdy.
56 Petrusyň oduň ýagtysynda oturanyny görüp, bir keniz oňa siňe seretdi-de: «Bu adam hem Onuň bilen biledi» diýdi.
57 Emma Petrus: «Men ony tanamaýaryn, aýal» diýip inkär etdi.
58 Az salymdan soň başga biri ony görüp: «Sen-de şolardan» diýdi. Emma Petrus: «Olardan däl, aga» diýdi.
59 Aradan bir sagada golaý wagt geçende, başga bir adam hötjetlik bilen: «Dogrudan-da, bu adam Onuň bilen bile bolandyr, çünki bu jelileli» diýdi.
60 Emma Petrus: «Eý aga, men seniň näme aýdýanyňy bilmeýärin» diýdi. Edil şol wagt ― Petrus gepläp durka, horaz gygyrdy.
61 Reb öwrülip, Petrusa seretdi. Petrus Rebbiň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady.
62 Daşaryk çykyp, möňňürip aglady.
63 Isany saklap duran adamlar Ony masgaralap, urmaga başladylar.
64 Gözüni daňyp: «Welilik et! Seni uran kim?» diýip soradylar.
65 Ýene-de Oňa ençeme hapa sözler aýtdylar. 66 Daň atanda, halkyň ýaşululary, baş ruhanylar we kanunçylar ýygnanyşyp, Ony öz mejlislerine getirdiler.
67 Oňa: «Sen Mesih bolsaň, bize aýt» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Aýtsam, ynanmarsyňyz.
68 Sorasam, jogap bermersiňiz, Meni goýbermersiňiz.
69 Emma mundan beýläk Ynsan Ogly gudratly Hudaýyň sagynda oturar».
70 Hemmeler: «Onda, Sen Hudaýyň Oglumy?» diýdiler. Ol hem olara jogap berdi: «Hudaýyň Ogludygymy siz aýdyp otyrsyňyz».
71 Olar bolsa: «Bize artykmaç güwälik nämä gerek? Biz muny Onuň Öz agzyndan eşitdik» diýdiler.




Chapter 23

1 Olaryň mejlisindäkileriň ählisi turup, Isany Pilatusyň huzuryna eltdiler-de:
2 «Biz bu Adamy milletimizi azdyrmakda ýazykly tapdyk. Ol kaýsara salgyt bermäge garşy çykyp, Özüne Mesih, ýagny bir patyşa diýýär» diýip, Ony aýyplamaga durdular.
3 Pilatus Ondan sorady: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» Isa jogap berdi: «Seniň aýdyşyň ýalydyr».
4 Onsoň Pilatus baş ruhanylar bilen halka: «Men bu Adamdan hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi.
5 Emma olar hötjetlik edip: «Bu Adam Öz taglymaty bilen bütin Ýahudadaky halky öjükdirýär. Ol Jelileden başlap, şu ýere çenli geldi» diýdiler.
6 Pilatus muny eşidende: «Bu Adam jelilelimi?» diýip sorady.
7 Isanyň Hirodesiň welaýatyndandygyny bilende, Ony Hirodesiň ýanyna iberdi, çünki şol günlerde onuň özi hem Iýerusalimde bolýardy.
8 Hirodes Isany görüp, gaty begendi, çünki köp wagt bäri Ony görmek isleýärdi. Sebäbi Ol barada köp zatlar eşidipdi, Ondan bir alamat görerin diýen umydy bardy.
9 Hirodes Ondan köp soraglar etdi, emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi.
10 Baş ruhanylar bilen kanunçylar bolsa ol ýerde durup, Ony gaty aýyplaýardylar.
11 Onsoň Hirodes esgerleri bilen birlikde Ony kemsidip, masgaralap, egnine bir nepis geýim geýdirip, yzyna, Pilatusyň ýanyna iberdi.
12 Şol gün Pilatus bilen Hirodes dost boldy; ozal aralarynda duşmançylyk bardy.
13 Pilatus baş ruhanylary, başlyklary hem halky üýşürip,
14 olara şeýle diýdi: «Siz maňa bu Adamy halky azdyrýar diýip getirdiňiz. Ine, men siziň gözüňiziň alnynda barlag geçirip, Ondan hiç bir ýazyk tapmadym.
15 Hirodes hem tapmandyr, çünki men Ony Hirodesiň ýanyna iberipdim. Siziň görşüňiz ýaly, Onuň ölüme laýyk eden hiç bir zady ýok.
16 Munuň üçin, men Ony jezalandyryp boşatjak».
17 Pilatus baýram mynasybetli halka bir adamy boşatmalydy.
18 Emma bütin halk: «Bu Adamy ýok et! Bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar.
19 Barabbas şäherde ýüze çykan bir gozgalaňa gatnaşany we adam öldüreni üçin zyndana salnypdy.
20 Pilatus Isany boşatmak niýeti bilen ýene-de halka ýüzlendi.
21 Emma olar: «Ony haça çüýle, haça çüýle!» diýip gygyryşdylar.
22 Pilatus üçünji gezek olara: «Bu Adam näme ýaman iş etdi? Men Ondan ölüme laýyk hiç bir zat tapmadym. Munuň üçin, Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi.
23 Emma olar seslerini gataldyp, hötjetlik bilen Onuň haça çüýlenmegini talap etdiler. Şeýlelikde, olaryň we baş ruhanylaryň sesi üstün çykdy.
24 Şunluk bilen, Pilatus olaryň islegini ýerine ýetirme kararyna geldi.
25 Olaryň islän adamyny, gozgalaň turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy boşadyp, Isany olaryň erkine berdi.
26 Olar Isany alyp barýarkalar, düzden öwrülip gelýän kireneli Simuny tutup, Isanyň yzyndan göterip äkitsin diýip, arkasyna haç ýüklediler.
27 Halkdan uly märeke, Onuň üçin zarynlap aglaýan aýallar hem yzyna düşüp gitdiler.
28 Isa öwrülip, olara diýdi: «Eý Iýerusalim gyzlary! Meniň üçin aglaman, özüňiz, çagalaryňyz üçin aglaň.
29 Çünki, ine, „Önelgesiz aýallar, çaga dogurmadyk göwreler, çaga emdirmedik göwüsler ne bagtly!" diýiljek günler geler.
30 Şonda daglara: „Biziň üstümize ýykylyň!" Depelere: „Biziň üstümizi örtüň!" diýerler.
31 Çünki gök agaja bu zatlar edilse, onda gury agaja näme ediler?»
32 Iki jenaýatçyny hem dardan asjak bolup, Isa bilen bile alyp barýardylar.
33 Kelleçanak diýen ýere gelenlerinde Isany ýaňky jenaýatçylar bilen birlikde haça çüýlediler. Jenaýatçylaryň biri Onuň sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady.
34 Isa: «Ata! Olary bagyşla, çünki näme edýänlerini bilmeýärler» diýdi. Onuň egin-eşigini bolsa bije atyşyp paýlaşdylar.
35 Halk Oňa bakyşyp durdy. Başlyklar hem gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Hudaýyň saýlan Mesihi bolsa, Özüni halas etsin» diýişýärdiler.
36 Esgerler hem ýanyna gelip, Ony masgaralaýardylar. Oňa sirke hödür edip:
37 «Ýehudylaryň patyşasy bolsaň, Özüňi halas et» diýişýärdiler.
38 Onuň depesinde bolsa grekçe, latynça we ýewreýçe «BU ADAM ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýen ýazgy bardy.
39 Asylan jenaýatçylaryň biri Oňa sögüp: «Sen Mesih dälmi? Özüňi hem-de bizi halas et!» diýdi.
40 Beýlekisi bolsa oňa käýäp, şeýle diýdi: «Onuňky bilen bir höküme sezewar bolanyň üçin Hudaýdan gorkmaýarsyňmy?
41 Biz adalatlylyk bilen, öz etmişimize laýyk jeza aldyk. Bu Adamyň bolsa hiç bir eden etmişi ýok».
42 Onsoň: «Isa, Patyşalygyňa baryp gireniňde, meni ýatla!» diýdi.
43 Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile behiştde bolarsyň» diýdi.
44 Wagt günortana golaýdy, şondan soň üç sagatlap ýurda garaňky düşdi.
45 Gün garaldy, ybadathananyň tutusy ortarasyndan ýyrtylyp, ikä bölündi.
46 Isa gaty ses bilen gygyryp: «Eý Ata! Ruhumy Seniň eliňe berýärin!» diýdi, muny aýdandan soň jan berdi.
47 Ýüzbaşy bolan wakany görende, Hudaýy şöhratlandyryp: «Bu, hakykatdan-da, dogry Adam eken!» diýdi.
48 Bu tomaşa üçin üýşüşen halaýygyň bary bolan wakalary görüp, gursaklaryna ura-ura yzlaryna gaýtdylar.
49 Isany tanaýan adamlaryň bary, Jelileden Onuň yzyna düşüp gelen aýallar daşrakda durup, bu wakalara syn etdiler.
50 Ine, mejlis agzalaryndan Ýusup atly biri bardy. Ol gowy hem dogry adamdy.
51 Özi-de mejlisiň kararyna we işine razyçylyk bermändi. Ýahudanyň Arimatiýa şäherinden bolan bu Ýusup Hudaýyň Patyşalygyna garaşýardy.
52 Bu adam Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi.
53 Onsoň Ony aşak düşürip, kepene dolap, gaýada oýulan we şol wagta çenli hiç kimiň jaýlanmadyk mazarynda jaýlady.
54 Ol güni taýýarlyk güni bolup, sabat güni başlanmaga golaýdy.
55 Isa bilen bile Jelileden gelen aýallar hem Ýusubyň yzyna düşüp, baryp, mazary we Onuň jesediniň nähili jaýlananyny gördüler.
56 Onsoň öýlerine gaýdyp, ýakymly ysly ýag, atyrlar taýýarlap, sabat güni Hudaýyň buýrugy boýunça dynç aldylar.




Chapter 24

1 Hepdäniň ilkinji güni ertir ir bilen aýallar taýýarlan ýakymly ysly ýaglaryny alyp, mazara bardylar; ýanlarynda başga aýallar hem bardy.
2 Ine, mazaryň agzyndaky daş bir çete togalanan eken.
3 Olar içerik girenlerinde, Reb Isanyň jesedini tapmadylar.
4 Muňa geňirgenişip durkalar, birdenkä, garşylarynda ýalkym salýan eşikli iki sany adam peýda boldy.
5 Aýallar gorkup, ýüzlerini ýere egenlerinde, ýaňky adamlar olara şeýle diýdiler: «Siz näme üçin dirini ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz?
6 Ol bu ýerde däl, direldi! Onuň entek Jeliledekä size aýdanlaryny ýatlaň.
7 Ol: „Ynsan Ogly günäkär adamlara tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli, ölenden üç günden soň direlmelidir" diýipdi».
8 Onsoň Isanyň bu sözleri olaryň ýatlaryna düşdi.
9 Aýallar mazardan öwrülip gelip, bularyň baryny Onbirlere we beýlekileriň hemmesine habar berdiler.
10 Resullara bu habary ýetirenler Magdalaly Merem, Ýuhanna, Ýakubyň ejesi Merem we olaryň ýanyndaky beýleki aýallardy.
11 Bu sözler resullaryň göwnüne manysyz geldi, olar aýallaryň gepine ynanmadylar.
12 Onsoň Petrus turup, mazara ylgady-da, egilip, kepen matalaryň boş ýatanyny görende, bolan waka geňirgenip, yzyna gaýtdy.
13 Ine, şol gün olaryň ikisi Emmaus diýen oba barýardy. Bu obanyň Iýerusalimden on bir kilometre golaý aralygy bardy.
14 Olar bolan bu wakalar hakda özara gürleşýärdiler.
15 Şeýlelikde, gürleşip, pikir alşyp barýarkalar, Isanyň Özi ýakyna gelip, olar bilen bile ýöräberdi.
16 Ýöne Ony tanamaz ýaly, olaryň gözleri baglanypdy.
17 Isa olardan sorady: «Bu barşyňyza näme hakda gürrüň edişýärsiňiz?» Olar gaýgyly ýagdaýda aýak çekdiler.
18 Olaryň Kleopas atlysy: «Iýerusalimde bolup-da, şu günler ol ýerde bolan wakalary bilmeýän keseki ýeke Senmi?» diýdi.
19 Isa olardan: «Haýsy wakalary?» diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalary. Ol Hudaýyň we bütin halkyň ýanynda sözde hem işde güýçli pygamberdi.
20 Baş ruhanylar bilen başlyklarymyz ölüm jezasy berilsin diýip, Ony häkime tabşyrdylar, haça çüýlediler.
21 Biz Ysraýyly halas etjek Şoldur diýip umyt ederdik. Mundan başga hem, bu zatlaryň bolanyna üç gün boldy.
22 Üstesine-de, aýallarymyzyň käbiri hem bizi geňirgendirdi. Olar şu gün ir bilen mazara baryp,
23 Onuň jesedini tapmandyrlar. Gelip, gözlerine perişdeleriň görnenini aýtdylar. Perişdeler Oňa diri diýýärmiş.
24 Onsoň biziňkileriň käbiri mazara baryp, ýagdaýyň edil aýallaryň aýdyşy ýalydygyny görüpdirler, ýöne Isany görmändiler».
25 Isa olara şeýle diýdi: «Eý akmak adamlar, pygamberleriň ähli aýdanlaryna giç ynanýanlar!
26 Mesih bu görgüleri görüp, şöhratyna girmeli dälmidi?»
27 Onsoň Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi.
28 Olar barýan obalaryna golaýlanlarynda, Isa uzagrak giderli göründi.
29 Emma olar Ony saklap: «Biziň ýanymyzda galaý, çünki agşam golaýlap, Gün ýaşyp barýar» diýdiler. Şeýlelikde, Isa olaryň ýanynda galdy.
30 Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi.
31 Şonda olaryň gözleri açylyp, Ony tanadylar, emma Ol gözlerinden gaýyp boldy.
32 Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy?» diýişdiler.
33 Turup, şol sagadyň özünde Iýerusalime öwrüldiler. Görseler, on bir resul bilen olaryň ýanyndakylar üýşüşip oturan eken.
34 Bular: «Çyn! Reb direlipdir, Simuna görnüpdir» diýişýärdiler.
35 Onsoň olar-da ýolda bolan wakalary, Isa çöregi bölende, Ony tanandyklaryny aýtdylar.
36 Olar heniz bu barada gürrüň berip durkalar, Isanyň Özi ortalarynda durup: «Size parahatlyk!» diýdi.
37 Olar ruh görýändiris öýdüp, tisginip gorka düşdüler.
38 Isa olara şeýle diýdi: «Näme üçin aljyraşýarsyňyz? Näme sebäpden göwnüňize beýle pikirler gelýär?
39 Meniň ellerime, aýaklaryma serediň. Bu Meniň Özüm! Maňa elleriňizi degrip görüň. Ruhuň et bilen süňki bolmaz, ýöne siziň görşüňiz ýaly, Meniňki bar».
40 Muny aýdyp, ellerini, aýaklaryny olara görkezdi.
41 Olar şatlykdan ýaňa entek ynanman, geňirgenişip durkalar, Isa olara: «Bu ýerde iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýdi.
42 Oňa bişirilen balygyň bir bölegi bilen biraz bal berdiler.
43 Isa alyp, olaryň gözleriniň alnynda ony iýdi.
44 Olara şeýle diýdi: «Men hakda Musanyň Kanunynda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň bary berjaý bolmalydyr diýip, entek siziň ýanyňyzdakam aýdan sözlerim şulardyr».
45 Onsoň Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy.
46 Isa olara şeýle diýdi: «Şeýle ýazylgydyr: Mesih görgi görüp, ölenden üç günden soň direljekdir.
47 Iýerusalimden başlap, bütin milletler günäleriň geçilmegi üçin, Onuň adyndan toba çagyryljakdyr.
48 Siz bu zatlara şaýat bolarsyňyz.
49 Ine, Men Atamyň wada edenini size ýollaryn. Siz özüňize ýokardan güýç geýdirilýänçä, Iýerusalim şäherinde boluň».
50 Onsoň olary daşaryk çykaryp, Beýtaniýanyň golaýyna getirdi, ellerini galdyryp, olara ak pata berdi.
51 Ak pata berip durşuna olardan aýrylyp, Göge göterildi.
52 Olar hem Oňa sežde edip, uly şatlyk bilen Iýerusalime tarap öwrüldiler.
53 Elmydama ybadathanada bolup, Hudaýa öwgi aýdyp, alkyş okaýardylar. Omyn.