Resullaryň Işleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28

Chapter 1

1 Eý Teofilus! Men ilkinji kitabymy Isanyň Öz saýlan resullaryna Mukaddes Ruh arkaly buýruk bereninden soň, Onuň tä Göge alnan gününe çenli etmäge we öwretmäge başlan ähli zatlary hakda ýazdym.
3 Ol görgüsinden soň hem kyrk günüň dowamynda resullara göründi, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berip, köp kesgitli alamatlar bilen Özüniň diridigini olara görkezdi.
4 Olar bilen bile bolan wagty olara buýruk berdi: «Iýerusalimden aýrylman, Atanyň wadasyna garaşyň. Siz ol wadany menden eşitdiňiz.
5 Çünki Ýahýa suw bilen çokundyrdy, ýöne siz ýene birnäçe günden Mukaddes Ruh bilen çokundyrylarsyňyz».
6 Indi bular özara ýygnanyşanlarynda Ondan soradylar: «Ýa Reb, Ysraýyl üçin patyşalygy gaýtadan şu wagt berkarar etjekmi?»
7 Isa olara şeýle diýdi: «Atanyň Öz ygtyýaryna tabyn eden wagt ýa möwsümlerini bilmek siziň işiňiz däl.
8 Ýöne Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Ýahudada, Samariýada, Ýeriň tä soňuna çenli Meniň şaýatlarym bolarsyňyz».
9 Isa bulary aýdandan soň, olaryň gözleriniň alnynda ýokary galdyryldy, bir bulut Ony olaryň nazaryndan gizledi.
10 Ol barýarka, olar hem Göge bakyşyp durkalar, ine, ýanlarynda egni ak eşikli iki adam durup, şeýle diýdiler:
11 «Eý, jelileli adamlar! Nämä bu ýerde Göge bakyşyp dursuňyz? Isa Göge alyndy. Ol gidişi ýaly, gaýdyp hem geler».
12 Ine, şonda olar Zeýtun dagy diýen dagdan Iýerusalime öwrüldiler. Bu dag Iýerusalime ýakyn bolup, bir sabat günlük ýoldur.
13 Şähere girenlerinde Petrus, Ýahýa, Ýakup, Andreas, Filipus, Tomas, Bartolomeus, Matta, Alfeusyň ogly Ýakup, Watançy Simun we Ýakubuň ogly Iuda öz bolýan balahanalaryna çykdylar.
14 Bularyň bary aýallar, Isanyň ejesi Merem we Onuň doganlary bilen bile bir adam ýaly bolup, üznüksiz doga we dileg edýärdiler.
15 Şol günlerde Petrus sany ýüz ýigrimä golaý bolan doganlaryň ortasynda ýokary turup, şeýle diýdi:
16 «Eý doganlar! Isany tutanlara ýolbaşçylyk eden Iuda hakda Mukaddes Ruhuň Dawudyň agzy bilen ozaldan bildiren ýazgysy berjaý bolmalydy.
17 Çünki ol bizden saýylyp, bu gullukdan paý aldy.
18 Bu adam ýamanlyk muzdy bilen bir ekin meýdanyny satyn aldy. Soň ýere ýüzin ýykylyp, ortadan iki ýaryldy, bütin içegeleri döküldi.
19 Bu ähli Iýerusalim ilatyna belli boldy; şoňa görä-de ol ekin meýdanyna öz dillerinde „Hakeldama", ýagny „Gan meýdany" diýdiler.)
20 Çünki Zebur kitabynda: „Onuň mesgeni çolarsyn, içinde ýaşan bolmasyn, wezipesini başga biri alsyn" diýip ýazylgydyr.
21 Munuň üçin Reb Isanyň biziň aramyzda girip-çykan bütin zamanynyň dowamynda,
22 Ýahýanyň çokundyrmasyndan başlap, tä Onuň bizden ýokary alnan gününe çenli bize hemra bolan adamlaryň biri Onuň direlişine biziň bilen birlikde güwä geçsin».
23 Şeýlelikde, iki adamy, lakamy Ýustus bolup, Barsaba diýilýän Ýusup bilen Mattiýasy teklip etdiler.
24 Onsoň doga edip diýdiler: «Eý hemmäniň ýüregini bilýän Hudaý! Bu ikisinden haýsysyny saýlan bolsaň, görkez;
25 ol Iudanyň öz ýerine gitmek üçin terk eden bu gulluk we resullyk paýyny alsyn».
26 Olar üçin bije atdylar; bije Mattiýasa düşüp, ol on bir resuluň hataryna girdi.




Chapter 2

1 Pentikost güni gelende, olaryň bary bir ýere ýygnanyşdylar.
2 Birden asmanda güýçli ýeliň sesine çalymdaş ses peýda bolup, ol olaryň oturan öýlerini bütinleý doldurdy.
3 Olara oduň ýalynlary kimin bölnen diller aýan bolup, olaryň her biriniň üstüne gondy.
4 Olaryň bary Mukaddes Ruhdan dolup, Ruhuň gepledişine görä, başga dillerde gepläp başladylar.
5 Iýerusalimde ýehudylar, Gök astyndaky her milletden bolan Hudaýdan gorkýan adamlar galýardy.
6 Bu ses gelende, halaýyk bir ýere ýygnandy. Olar haýran galdylar, çünki resullaryň aýdýan sözlerini olaryň hersi öz dilinde eşidýärdi.
7 Hemmeler haýran galdylar we geňirgenişip, biri-birlerine şeýle diýdiler: «Bu gepleýänleriň hemmesi jelileli dälmi näme?
8 Onda biziň her birimiz nähili öz ene dilimizi eşidýäris?
9 Biz ― parfiýalylar, midiýalylar, eýlamlylar, Mesopotamiýada, Ýahudada, Kappadokiýada, Pontusda we Aziýada,
10 Firikiýada we Pamfiliýada ýaşaýanlar, şeýle hem Müsüriň, Libiýanyň we Kirinäniň töwereginde ýaşaýanlar, rimli myhmanlar, ýehudylar we ýehudy dinine geçenler,
11 kiritliler, araplar bolup, olaryň öz dilimizde Hudaýyň uly işlerini gürrüň berişlerini eşidýäris».
12 Olaryň bary haýran galdylar we aljyrap: «Bu näme boldugy?» diýişdiler.
13 Käbirleri bolsa olary masgaralap: «Olar täze şerapdan julk bolupdyr» diýdi.
14 Ine, şonda Petrus Onbirler bilen birlikde ýokary turdy-da, sesini gataldyp, olara ýüzlendi: «Eý ýahudaly adamlar we bütin Iýerusalim ilaty! Bu size belli bolsun, meniň sözlerime gulak asyň.
15 Bular siziň güman edişiňiz ýaly, serhoş däl, sebäbi heniz gün guşluk hem bolanok.
16 Ýöne bu Ioel pygamberiň aýdanydyr:
17 „Hudaý diýýär: soňky günlerde şeýle bolar, Men Ruhumdan bütin adamzat üstüne dökerin. Siziň ogullaryňyz, gyzlaryňyz pygamberlik eder, ýaşlaryňyz görnüşler, garrylaryňyz düýşler görer.
18 Şol günlerde Ruhumdan gullarymyň, gyrnaklarymyň üstüne dökerin, olar hem pygamberlik eder.
19 Ýokarda ― Gökde gudratlar, aşakda ― ýer ýüzünde alamatlar, gan, ot we tüsse buguny görkezerin.
20 Rebbiň uly, dabaraly güni gelmezden ozal, Gün ― tümlüge, Aý gana döner.
21 Onsoň Rebbi çagyran adam gutular".
22 Eý ysraýyllylar, bu sözleri diňläň! Nasyraly Isa Özi arkaly Hudaýyň araňyzda döreden gudratlary, mugjyzalary we alamatlary bilen size Hudaý tarapyndan tassyklanan bir adamdy. Öz bilşiňiz ýaly,
23 Hudaýyň berk islegi, öňünden bilmegi bilen eliňize berlen bu adamy siz kanunsyzlaryň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz.
24 Emma Hudaý ölüm agyrylaryny çözüp, Ony direltdi, sebäbi ölümiň Ony saklamagy mümkin däldi.
25 Çünki Dawut Ol barada şeýle diýýär: „Rebbi elmydama garşymda gördüm, çünki men endiremez ýaly, Ol sagymdadyr.
26 Şonuň üçin göwnüm galkyndy, dilim şatlandy; tenim hem umytda ýaşar.
27 Çünki Sen janymy ölüler diýarynda goýmarsyň, Öz Mukaddesiň çüýremegine razy bolmarsyň.
28 Sen Maňa ýaşaýyş ýollaryny görkezdiň. Meni Öz huzuryňda şatlykdan doldurarsyň".
29 Doganlar! Men uly atamyz Dawut hakda size açygyny sözlesem, ol öldi, jaýlandy, mazary bolsa şu güne çenli aramyzda dur.
30 Ýöne ol pygamber bolanlygy üçin we Hudaýyň oňa beden boýunça öz zürýadyndan bolan Mesihi çykaryp, tagty üstünde oturtjakdygyna ant içip, wada edendigini bilenligi üçin,
31 muny öňden görüp, Mesihiň direlişi barada şeýle diýdi: „Ol ne ölüler diýarynda goýuldy, ne-de teni çüýredi".
32 Isany Hudaý direltdi; muňa biziň barymyz şaýatdyrys.
33 Isa Hudaýyň sagyna galdyrylandan we wada edilen Mukaddes Ruhy Atadan alandan soň, siziň bu görýän, eşidýän zatlaryňyzy dökdi.
34 Çünki Dawut Göge çykanok; onuň özi şeýle diýýär: „Reb Rebbime diýdi:
35 Duşmanlaryňy aýaklaryňa basgançak edýänçäm, Meniň sagymda otur".
36 Şeýlelik bilen, bütin Ysraýyl öýi siziň haça çüýlän bu Isaňyzy Hudaýyň hem Reb, hem-de Mesih edenini äşgär bilsin».
37 Muny eşidenlerinde, ýüreklerinde sanjy döräp, Petrus we beýleki resullara: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýdiler.
38 Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, günäleriňiziň ötülmegi üçin ähliňiz Isa Mesihiň adyna çokundyrylyň. Ine, şeýdip, siz Mukaddes Ruhuň sylagyny alarsyňyz.
39 Çünki wada siziň özüňiz, çagalaryňyz, uzakda bolanlaryň ählisi, şeýle hem Hudaýymyz Rebbiň çagyrjaklarynyň hemmesi üçindir».
40 Ýene-de köp sözler bilen şaýatlyk etdi we: «Özüňizi bu azgyn nesilden halas ediň!» diýip öwüt berdi.
41 Onuň sözüni begenç bilen unanlar çokundyrylyp, şol günde olara üç müňe golaý adam goşuldy.
42 Resullaryň nesihatlaryny diňlemek, çörek bölmek, ýakyn aragatnaşykda bolmak we doga okamak bilen olar wagtlaryny geçirýärdiler.
43 Hemmeleriň janyna gorky aralaşypdy. Resullar arkaly köp gudratlar, alamatlar görkezilýärdi.
44 Iman edenleriň bary bilediler, olaryň ähli zatlary ortadady.
45 Olar mal-mülklerini satyp, her kimiň mätäçligine görä, öz aralarynda bölüşerdiler.
46 Bir adam ýaly bolup, her gün ybadathana ýygnanardylar, öýden-öýe çörek bölüşip, guwanç, akýüreklilik bilen nahar edinerdiler.
47 Hudaýa alkyş okap, bütin il ýanynda eziz görlerdiler. Hudaý hem gutulanlaryň sanyny günsaýyn köpelderdi.




Chapter 3

1 Bir gün günortandan üç sagat soň ― doga wagtynda Petrus bilen Ýahýa ikisi ybadathana gitdi.
2 Dogabitdi otura birini her gün göterip, ybadathananyň Owadan diýen gapysynyň agzynda oturdýardylar. Ol ybadathana girýänlerden sadaka dileýärdi.
3 Bu adam Petrus bilen Ýahýanyň ybadathana girip barýanyny görüp, olardan sadaka diledi.
4 Petrus bilen Ýahýanyň oňa gözleri düşdi. Petrus oňa garap: «Bize seret!» diýdi.
5 Ýaňky adam olardan bir zat hantama bolup, olara çiňerilip seretdi.
6 Petrus oňa şeýle diýdi: «Meniň kümşüm, altynym ýok, ýöne öz barymy saňa berýärin: Nasyraly Isa Mesihiň adyndan: Ýöre!»
7 Onsoň sag elinden tutup, ol ony galdyrdy. Şobada hem ýaňky adamyň aýaklaryna, topuklaryna ysgyn geldi.
8 Ol ýokary towusdy-da, dik durup, ýöräp başlady. Gezmeläp, towsup, Hudaýa alkyş okap, olar bilen birlikde ybadathana girdi.
9 Bütin halk onuň ýöräp, Hudaýa alkyş okap ýörenini gördi.
10 Onuň sadaka dilemek üçin ybadathananyň Owadan diýen gapysynyň agzynda oturýan adamdygyny tanadylar, onuň başyndan geçen işe haýran galdylar.
11 Ýaňky sagalan otura Petrus bilen Ýahýany goýbermän durka, bütin halk geňirgenişip, olara tarap, Süleýmanyň Eýwany diýen ýere ylgaşyp geldi.
12 Petrus muny görende, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý, Ysraýyl adamlary! Näme üçin muňa geňirgenişýärsiňiz? Biz muny öz güýjümiz ýa takwalygymyz bilen ýöreden ýaly, näme üçin bize bakyşyp dursuňyz?
13 Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýy, biziň atalarymyzyň Hudaýy Öz guly Isany şöhratlandyrdy. Ony siz ölüme tabşyrdyňyz, Pilatus Ony boşatmagy ýüregine düwende, onuň öňünde siz Ony inkär etdiňiz.
14 Mukaddes we dogry Adamy inkär edip, bir adam öldürijiniň özüňize bagyşlanmagyny talap etdiňiz.
15 Ýaşaýyş Başlygyny öldürdiňiz; ýöne Hudaý Ony direltdi, muňa biz güwä geçýäris.
16 Siziň görýän, tanaýan şu adamyňyz Isa bolan öz ynamy arkaly gözüňiziň alnynda bütinleý sagaldy. Bu adama kuwwat beren zat onuň Isa bolan ynamydyr.
17 Eý doganlar, men siziň-de öz başlyklaryňyz ýaly, muny bilmezlikden edendigiňizi bilýärin.
18 Ýöne Hudaý Öz Mesihiniň görgi görjekdigi baradaky ähli pygamberler arkaly öňünden aýdanlaryny şeýle ýerine ýetirdi.
19 Indi günäleriňiziň geçilmegi üçin toba ediň, dönüň.
20 Şeýlelikde, Rebbiň huzuryndan täzelenme pursatlary geler, Ol siziň üçin bellenen Mesih Isany ýollar.
21 Hudaýyň gadymdan mukaddes pygamberler arkaly aýdanlarynyň barynyň gaýtadan tertip-düzgüne salynjak wagtyna çenli Gök Ony kabul etmelidir.
22 Çünki Musa atalarymyza şeýle diýipdi: „Reb Hudaý size öz doganlaryňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber döretjekdir. Onuň ähli diýjeklerine gulak asyň.
23 Şol Pygambere gulak asmadyk her jan halk arasyndan ýok ediler".
24 Samuýelden başlap, ähli pygamberler, geplänleriň bary şu günleri habar berdiler.
25 Siz pygamberleriň ogullarysyňyz, Hudaýyň Ybraýyma: „Ýer ýüzüniň ähli uruglary seniň nesliňden bereket tapar!" diýip, ata-babalaryňyz bilen baglaşan ähtiniň ogullarysyňyz.
26 Hudaý Öz saýlan guly Isany siziň her biriňizi ýaman päliňizden gaýtarsyn, size bereket bersin diýip direltdi, Ony ilki bilen size ýollady».




Chapter 4

1 Olar halka gürrüň berip durkalar, ruhanylar, ybadathananyň serkerdesi we saddukeýler olaryň üstüne döküldiler.
2 Olar gaharlydylar, sebäbi resullar halka sapak berip, Isanyň (mysalynda) ölüleriň direlişini yglan edýärdiler.
3 Olara el urdular, ertire çenli tussaga saldylar; çünki eýýäm agşam bolupdy.
4 Emma sözi eşidenleriň köpüsi iman etdi; iman edenleriň sany bäş müňe golaýlady.
5 Şol günüň ertesi olaryň başlyklary, ýaşululary we kanunçylary Iýerusalime ýygnandylar.
6 Baş ruhany Hanna we Kaýafa, Ýahýa we Isgender hem-de baş ruhanynyň urugyndan bolanlaryň bary şol ýerdediler.
7 Olary ortada durzup: «Siz muny haýsy güýç, haýsy at bilen etdiňiz?» diýip soradylar.
8 Şonda Petrus Mukaddes Ruh bilen dolup, olara şeýle diýdi: «Eý, halkyň başlyklary, Ysraýyl ýaşululary!
9 Biz bu gün bir maýyp adama edilen ýagşylyk üçin we onuň şypa tapanlygy üçin soraga çekilýän bolsak,
10 onda siziň hemmäňiz we bütin Ysraýyl halky bilsin: bu adam siziň haça çüýläniňiz we Hudaýyň direldeni Nasyraly Isa Mesihiň ady arkaly sag-salamat öňüňizde dur.
11 Siz ussalar tarapyndan äsgerilmedik bu Daş burçbaşy bolup çykdy.
12 Başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur».
13 Petrus bilen Ýahýanyň gaýratyny görenlerinde, olaryň okuwsyz, garamaýak adamlardygyny saýgaranlarynda, olar geňirgenişdiler, olaryň Isa bilen bile bolandyklaryna göz ýetirdiler.
14 Şypa tapan adamyň hem olar bilen duranyny görüp, munuň garşysyna hiç zat aýdyp bilmediler.
15 Şeýlelikde, olara mejlisden daşaryk çykmagy buýurdylar-da, özara geňeşip, şeýle diýdiler:
16 «Bu adamlara näme edeli? Çünki bular arkaly göze ilginç alamatyň ýüze çykanyny bütin Iýerusalim ilaty bilýär, biz muny inkär edip bilmeris.
17 Ýöne munuň halk arasyna mundan artyk ýaýramazlygy üçin, mundan beýläk bu at bilen hiç kime hiç zat aýtmazlary ýaly, olara haýbat atalyň».
18 Onsoň olary çagyryp, Isanyň adyndan geplemezligi we öwretmezligi tabşyrdylar.
19 Emma Petrus bilen Ýahýa olara şeýle gaýtargy berdiler: «Size Hudaýa gulak asandan hem artyk gulak asmak Hudaýyň ýanynda dogrumydyr? Özüňiz oýlanyp görüň!
20 Çünki görenimizi, eşidenimizi sözlemezlik biziň üçin mümkin däl».
21 Olar ýene-de haýbat atyp, ýöne halk zerarly temmi bermegiň çäresini tapman, olary boşatdylar, çünki hemmeler bolan iş üçin Hudaýy şöhratlandyrýardylar.
22 Sebäbi bu şypa keramaty ýaşy kyrkdan agan bir adamda ýüze çykypdy.
23 Olar boşadylandan soň, özleriniňkilere gelip, baş ruhanylaryň, ýaşulularyň özlerine aýdanlarynyň baryny habar berdiler.
24 Muny eşidenlerinde, olar agzybirlik bilen seslerini gataldyp, Hudaýa, ine, şeýle diýdiler: «Eý Baýar! Gögi, Ýeri, deňzi we onuň içindäki ähli zady ýaradan Hudaý Sensiň,
25 Sen Öz guluň Dawudyň agzy bilen şeýle diýdiň: „Näme sebäpden milletler bulagaýçylyk turuzdy, halklar puç zatlaryň küýüne düşdi?
26 Näme sebäpden ýer ýüzüniň patyşalary aýaga galdylar, hökümdarlar Rebbe garşy, Onuň Mesihine garşy ýygnanyşdylar?"
27 Çünki, hakykatdan-da, şu şäherde Hirodes we Pontius Pilatus özge milletler we Ysraýyl halky bilen bilelikde Seniň wezipä bellän mukaddes Guluň Isa garşydyr.
28 Olar Seniň eliňiň, islegiňiň ýüze çykmagyny öňünden bellänleriniň baryny amala aşyrmak üçin ýygnanyşdylar.
29 Ýa Reb, indi olaryň howp salyşlaryna seret, gullaryňa batyrlyk bilen Öz sözüňi sözlemäge gaýrat ber.
30 Öz mukaddes Guluň Isanyň ady bilen şypalaryň, alamatlaryň we gudratlaryň döremegi üçin eliňi uzat!»
31 Doga edip bolanlarynda, olaryň üýşüp duran ýerleri titredi, hemmeler Mukaddes Ruh bilen dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň sözüni gaýratly sözlemäge başladylar.
32 Iman eden halaýyk bir ýürek we bir jandy, biri-de öz malyndan bolan bir zada meniňki diýmeýärdi, bar zatlary ortakdy.
33 Resullar uly güýç bilen, Reb Isa Mesihiň direlişine güwä geçýärdiler. Barynyň üstünde uly merhemet bardy.
34 Aralarynda mätäç kişi ýokdy. Sebäbi ýerli, öýli bolanlaryň ählisi olary satýardylar. Satylan zatlaryň bahasyny bolsa getirip,
35 resullaryň öňünde goýýardylar. Şeýlelikde, her kime geregiçe paýlanýardy.
36 Resullaryň Barnabas («Göwünlik Ogly») lakamyny bereni, kiprli lewili Ýusubyň hem
37 bir mellegi bardy. Ýusup ony satdy-da, puluny getirip, resullaryň öňünde goýdy.




Chapter 5

1 Hananýa atly bir adam aýaly Safira bilen bir mülki satyp,
2 onuň bahasyndan bir bölegini özüne aldy we onuň diňe bir bölegini getirip, resullaryň öňünde goýdy. Onuň bu hilesinden aýalynyň-da habary bardy.
3 Petrus oňa şeýle diýdi: «Hananýa, şeýtanyň „Mukaddes Ruhy alda-da, satylan ýeriň bahasynyň bir bölegini özüňe al" diýen päline näme üçin ýüregiňden ýer berdiň?
4 Ol satylman galanda-da seniňki, satylandan soň hem seniň erkiňde dälmidi? Näme üçin bu zady ýüregiňe düwdüň? Sen ynsanlara däl-de, Hudaýa ýalan sözlediň».
5 Hananýa bu sözleri eşidip, ýykyldy we jan berdi. Muny eşidenleriň barynyň üstüne uly gorky abandy.
6 Ýaşlar turup, ony kepene doladylar-da, äkidip jaýladylar.
7 Üç sagat çemesi geçenden soň, Hananýanyň bolan zatdan habarsyz aýaly içerik girdi.
8 Petrus oňa: «Maňa aýt, ýeri şunça satdyňyzmy?» diýdi. Ol hem: «Hawa, şunça» diýdi.
9 Petrus oňa şeýle diýdi: «Näme üçin siz Rebbiň Ruhuny synamak üçin dilleşdiňiz? Ine, seniň äriňi jaýlanlar gapyda dur, olar seni hem äkiderler».
10 Edil şol pursat aýal Petrusyň aýagyna ýykylyp, jan berdi. Ýaşlar içeri girenlerinde, onuň ölendigini görüp, äkitdiler-de, äriniň ýanynda jaýladylar.
11 Bütin ýygnak we bulary eşidenleriň barynyň üstüne uly gorky abandy.
12 Resullar il içinde köp alamatlar, gudratlar görkezýärdiler we hemmeler bir adam ýaly bolup, Süleýmanyň Eýwanynda bolardylar.
13 Beýlekilerden hiç kim olara birikmäge ýürek etmeýärdi, ýöne halk olary juda sylaýardy.
14 Ýene-de Rebbe iman eden köp adamlar, topar-topar erkekdir aýallar olara goşulýardy.
15 Şeýlelikde, Petrus geçende, hiç bolmanynda, onuň kölegesi syrkawlaryň biriniň üstüne düşsün diýip, olary köçelere çykaryp, düşek hem çarpaýa üstünde ýatyrýardylar.
16 Iýerusalimiň töweregindäki şäherlerden-de halaýyk ýygnanyşyp, syrkawlary, murdar ruh uranlary getirdiler, olaryň bary şypa tapdy.
17 Şeýlelikde, baş ruhany we onuň ýanyndakylaryň ählisi, ýagny saddukeýler mezhebi göriplikden ýaňa aýaga galdylar.
18 Olar resullara el urdular, olary halk tussaghanasyna saldylar.
19 Ýöne gije Rebbiň bir perişdesi zyndanyň gapylaryny açdy-da, olary daşary çykaryp:
20 «Baryň, ybadathanada durup, halka bu täze ýaşaýşyň ähli sözlerini wagyz ediň» diýdi.
21 Resullar muny eşidenlerinde, säher bilen ybadathana baryp, sapak bermäge durdular. Bu aralykda baş ruhany bilen onuň ýanyndakylar gelip, mejlisi we Ysraýyl ogullarynyň ähli ýaşulularyny bir ýere çagyrdylar; onsoň resullary getirmäge tussaghana adam ýolladylar.
22 Emma gullukçylar olary zyndandan tapman, gelip:
23 «Tussaghananyň mäkäm ýapykdygyny, garawullaryň hem gapylaryň agzynda duranyny gördük, ýöne açanymyzda içerden hiç kimi tapmadyk» diýip habar berdiler.
24 Ybadathananyň serkerdesi, baş ruhanylar bu sözleri eşidenlerinde: «Bu näme boldugyka?» diýşip, aljyraňňy ýagdaýa düşdüler.
25 Emma biri gelip, olara: «Ine, zyndana salan adamlaryňyz ybadathanada halka sapak berip dur» diýip habar berdi.
26 Şeýlelikde, gullukçylar bilen gidip, serkerde olary güýç ulanmazdan getirdi, çünki olar halkyň özlerini daşlamagyndan gorkýardylar.
27 Olary getirip, mejlisiň öňünde duruzdylar. Baş ruhany olary soraga çekip:
28 «Şu at bilen sapak bermäň diýip, biz size berk tabşyryk berdik, emma siz öz taglymatyňyz bilen Iýerusalimi doldurdyňyz, bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýdi.
29 Petrusdyr resullar gaýtargy berip, şeýle diýdiler: «Adama garanda, Hudaýa boýun bolmak artykmaç bolmalydyr.
30 Ata-babalarymyzyň Hudaýy siziň agaçdan asyp öldüren Isaňyzy direltdi.
31 Hudaý Ysraýyla toba etdirip, günälerini bagyşlamak üçin, bu Adamy Başlyk hem Halasgär edip, Öz sagyna galdyrdy.
32 Biz bu babatda Oňa şaýatdyrys; Hudaýyň Özüne boýun bolanlara beren Mukaddes Ruhy hem bu babatda Oňa şaýatdyr».
33 Muny eşidenler gahar-gazaba münüp, olary öldürmegiň küýüne düşdüler.
34 Ine, şonda mejlisde Mukaddes Kanun mugallymy we bütin halk ýanynda hormatlanýan Gamaliýel atly bir fariseý turup, resullary birsalym daşary çykarmagy buýurdy.
35 Soňra ol şeýle diýdi: «Eý, Ysraýyl adamlary! Bu adamlar babatda etjek bolýan işiňizde seresap boluň.
36 Sebäbi bu günlerden ozal özüni uly adam saýýan Teudas çykdy, dört ýüze golaý adam onuň yzyna düşüpdi. Ol öldürildi, yzyna eýerenleriň hemmesi hem dagap gitdi.
37 Mundan soň ilat ýazuwy günlerinde jelileli Iuda çykyp, köp adamy öz yzyna düşürse-de, heläk bolup, yzyna eýerenleriň bary dagady.
38 Indi, bu adamlardan el çekiň, olary goýberiň, sebäbi bu iş ynsandan bolsa, onda öz-özünden ýok bolup gider.
39 Eger Hudaýdan bolsa, onda siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz, tersine, Hudaýyň garşysyna söweşýänler bolup çykaýmaň». Ine, şonda olar onuň bilen ylalaşdylar.
40 Ýöne resullary çagyryp, ýençdirdiler. Isanyň ady bilen geplemezligi tabşyryp, olary boşatdylar.
41 Resullar mejlisiň öňünden şadyýan gitdiler, çünki Reb Isanyň ady üçin masgaraçylyk çekmäge mynasyp bolupdylar.
42 Olar her gün ybadathanada we öýden-öýe sapak bermegiň, Isa Mesihiň hoş habaryny wagyz etmegiň yzyny üzmediler.




Chapter 6

1 Bu şägirtleriň sanynyň barha artýan günlerinde grekçe gepleşýän ýehudylar tarapyndan ýerli halka garşy nägilelik döredi, çünki gündelik iýmit paýlaşygynda olaryň dul hatynlary gözden salynýardy.
2 Şeýlelikde, on iki resul ähli şägirtleri ýanlaryna çagyryp, olara şeýle diýdiler: «Hudaýyň sözüni taşlap, saçak başynda hyzmatkärlik etmek bize gelşikli däl.
3 Eý doganlar, öz araňyzdan ýagşy atly, Mukaddes Ruhdan doly we akyl-paýhasly ýedi adamy saýlaň; bu işi şolara tabşyralyň.
4 Biz doga we sözüň gullugyna beriljek».
5 Bu söz bütin jemagata ýarady. Olar imandan hem Mukaddes Ruhdan doly adamlar bolan Stefanusy, Filipusy, Prohorusy, Nikanory, Timony, Parminasy we ýehudy dinine geçen antakiýaly Nikolausy saýladylar-da, bulary
6 resullaryň öňünde duruzdylar. Resullar ellerini olaryň depesinde goýup, olar üçin doga etdiler.
7 Şeýlelikde, Hudaýyň sözi ýaýylyp, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Ruhanylaryň uly topary-da imana uýýardylar.
8 Iman we güýç bilen doly bolan Stefanus halk arasynda uly gudratlar, alamatlar görkezýärdi.
9 Şol aralykda libertinler, kirneliler, isgenderiýalylar diýip atlandyrylan sinagogadan, şeýle hem, Kilikiýadan we Aziýadan bolan käbir adamlar gelip, Stefanus bilen jedelleşdiler.
10 Ýöne onuň parasatlylygyna we Ruha garşylyk görkezmäge olaryň gurplary çatmady.
11 Şeýlelikde, birnäçe kişini yryp, olara: «Onuň Musa we Hudaýa dil ýetirenini eşitdik» diýdirdiler.
12 Halky, ýaşululary we kanunçylary öjükdirdiler. Baryp, Stefanusy tutdular-da, mejlisiň öňüne getirdiler.
13 Ýalan güwäler goýdular, olar-da: «Bu adam häli-şindi şu mukaddes mekana, Kanuna dil ýetirip ýör.
14 Biz onuň: „Nasyraly Isa bu mekany berbat eder, Musanyň bize beren adatlaryny üýtgeder" diýenini eşitdik» diýdiler.
15 Mejlisde oturanlaryň bary Stefanusyň ýüzüne seredenlerinde, onuň ýüzüniň bir perişdäniň ýüzüne meňzeýänligini gördüler.




Chapter 7

1 Baş ruhany: «Bu zatlar şeýlemidir?» diýip sorady.
2 Stefanus şeýle diýdi: «Eý doganlar, atalar! Gulak asyň, şöhratly Hudaý biziň atamyz Ybraýyma Haranda oturmazyndan öň, Mesopotamiýadaka aýan boldy.
3 Oňa: „Ýurduňdan, kowum-garyndaşyň ýanyndan çyk-da, Meniň saňa görkezjek ýurduma git" diýdi.
4 Şeýlelikde, ol keldanylar ýurdundan çykyp, Haranda oturdy; atasy ölenden soň bolsa Hudaý ony siziň häzirki oturýan ýurduňyza göçürdi.
5 Hudaý bu ýerden oňa aýak basarlyk-da miras bermedi, ýöne heniz perzendi ýokka, bu ýurdy mülk hökmünde Ybraýyma, ondan soň hem zürýadyna bermegi wada etdi.
6 Hudaý şeýle diýdi: „Seniň zürýadyň bir ýat ýurtda dört ýüz ýyllap mysapyrlyk çeker, olary gul edip gysarlar".
7 Hudaý: „Men olary gul eden milleti höküm ederin. Onsoň olar çykyp, şu ýerde maňa gulluk ederler" diýdi.
8 Hudaý Ybraýyma sünnet ähtini berdi. Şeýlelikde, ondan Yshak önende, sekizinji güni ony sünnetledi. Yshakdan bolsa Ýakup, Ýakupdan-da on iki uly ata öndi.
9 Uly atalar Ýusuba göripçilik edip, ony Müsüre satdylar; ýöne Hudaý onuň bilendi.
10 Ol Ýusuby ähli muşakgatlaryndan halas etdi, Fyrownyň ― Müsür patyşasynyň huzurynda oňa mähir, akyldarlyk berdi. Fyrown ony Müsüriň we tutuş köşgüň häkimi edip goýdy.
11 Ine, bütin Müsür we Kengan ýurduna açlyk hem uly muşakgat indi. Atalarymyz hem iýmit tapmadylar.
12 Ýakup Müsürde galla barlygyny eşidip, atalarymyzy ilkinji gezek ol ýere ýollady.
13 Ikinji gezekde bolsa Ýusup doganlaryna özüni tanatdy. Şeýlelikde, Ýusubyň asly fyrowna belli boldy.
14 Ýusup adam ýollap, atasy Ýakuby, ýetmiş bäş adamdan ybarat bolan bütin garyndaşlaryny çagyrdy.
15 Şeýlelikde, Ýakup Müsüre gitdi. Ýakupdyr atalarymyz şol ýerde wepat boldular.
16 Olary Şekeme äkidip, Ybraýymyň Şekemde Hamor ogullaryndan pul berip satyn alan mazarynda jaýladylar.
17 Hudaýyň Ybraýyma beren wadasynyň wagty golaýladygyça, halkymyzyň sany hem Müsürde barha köpelýärdi.
18 Şeýlelikde, Ýusuby tanamaýan başga bir patyşa tagta çykdy.
19 Bu urugymyza hilegärlik etdi, atalarymyzy gysyp başlady, çagalaryny diri galmaz ýaly, daşary taşlamaga mejbur etdi.
20 Şol wagt Musa eneden doguldy. Hudaý ony eý görýärdi. Musa üç aý atasynyň öýünde eklendi.
21 Ýöne daşary taşlanandan soň, fyrownyň gyzy ony alyp, özüne ogul edindi, ekledi.
22 Musa müsürlileriň ähli bilimlerinden sapak berildi, ol sözlerinde, işlerinde güýçlüdi.
23 Kyrk ýaşyna ýetenden soň, Musa doganlaryny, Ysraýyl ogullaryny sorap-idemegi ýüregine düwdi.
24 Biriniň adalatsyzlyga sezewar edilenini görüp, oňa arka çykdy, ýaňky müsürlini öldürip, ezileniň aryny aldy.
25 Musa Hudaýyň öz eli bilen gutulyş berýänligine doganlary düşüner öýdýärdi, ýöne olar muňa düşünmediler.
26 Ertesi gün iki adam dawalaşyp durka, Musa ýanlarynda peýda bolup, olary ýaraşdyrmaga synanyp: „Eý adamlar, siz dogan ahyryn, nämä biri-biriňize adalatsyzlyk edýärsiňiz?" diýdi.
27 Öz ýakynyna adalatsyzlyk edýän adam ony itekläp şeýle diýdi: „Kim seni bize başlyk ýa kazy edip goýdy?
28 Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni-de öldürmekçimisiň?"
29 Musa bu sözi eşidenden gaçyp, Midiýan ýurdunda mysapyrlyk çekdi. Şol ýerde ondan iki ogul öndi.
30 Kyrk ýyl dolanda, Sina dagynyň töweregindäki çölde lowlap duran bir çalynyň ýalnynda oňa Rebbiň bir perişdesi göründi.
31 Musa bu görnüşi görende geňirgendi. Ol siňe seretjek bolup, ýakynlaşanda, Rebbiň sesi eşidildi:
32 „Men seniň atalaryň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn". Ine, şonda Musa titräp başlady, seretmäge ýürek etmedi.
33 Reb oňa şeýle diýdi: „Aýaklaryňdan çarygy çykar, çünki üstünde duran bu ýeriň mukaddes toprakdyr.
34 Men halkymyň Müsürde horlanýanyny gördüm, olaryň nalasyny eşitdim, olary halas etmek üçin aşak indim. Indi, gel, men seni Müsüre iberjek".
35 Hudaý olaryň: „Kim seni bize başlyk ýa kazy edip goýdy?" diýip inkär eden bu Musasyny oňa çalyda görnen perişdäniň üsti bilen başlyk we halasgär edip ýollady.
36 Musa Müsür ýurdunda, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap gudratlar hem alamatlar görkezip, olary daşary çykardy.
37 Ysraýyl ogullaryna: „Reb Hudaýyňyz doganlaryňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar, oňa gulak asyň" diýen Musadyr.
38 Sina dagynda özi bilen gepleşen perişde we atalarymyz bilen çölde toplanan ýygnakda bolan, bize bermek üçin diri sözler alan hem şoldur.
39 Atalarymyz oňa boýun bolman, ony ret edip, ýüreklerini Müsüre tarap öwürdiler.
40 Olar Haruna: „Bize öňümizden ýörär ýaly taňrylar ýasap ber, çünki bizi Müsür ýurdundan çykaran Musa näme bolanyny bilmeýäris" diýdiler.
41 Şol günlerde bir göle ýasadylar, bu buta gurbanlyk berip, öz elleriniň işlerine guwandylar.
42 Şeýlelikde, Hudaý dönüp, olary Gök goşunyna gulluk etmäge berdi. Ine, pygamberler kitabynda şeýle ýazylgydyr: „Eý, Ysraýyl öýi! Siz kyrk ýyllap çölde maňa gurbanlyklar, sowgatlar berdiňizmi?
43 Siz Molokuň çadyryny, taňryňyz Refanyň ýyldyzyny we sežde etmek üçin ýasan suratlaryňyzy göterdiňiz. Men sizi Babylyň aňyrsyna göçürerin".
44 Atalarymyzyň çölde mukaddes çadyry bardy. Musa muny özi bilen Gepleşeniň buýruşy ýaly, gören suraty boýunça ýasapdy.
45 Muny atalarymyz nobatma-nobat göterip, Ýeşuwyň ýolbaşçylygynda Hudaýyň atalarymyzyň öňünden kowup çykaran başga milletleriniň ýurduna getirdiler; ol Dawudyň günlerine çenli şol ýerde galdy.
46 Dawut Hudaýyň mährini gazanansoň, Ýakubyň Hudaýyna bir mesgen salmaga rugsat diledi.
47 Muňa garamazdan, Hudaýa öý salan Süleýman boldy.
48 Ýöne hemmelerden beýik Bolan ynsan eli bilen salnan jaýlarda ýaşamaz. Ine, pygamber şeýle diýýär:
49 „Gök ― Meniň tagtym, Ýer aýaklarymyň basgançagydyr. Siz Maňa nähili öý saljak?" Reb şeýle diýýär: „Ýa-da haýsy ýer Meniň dynçlyk mekanym bolar?
50 Bularyň baryny Öz elim ýaratmadymy?"
51 Eý boýnuýogynlar, ýürek we gulaklary sünnetsizler! Siz Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz. Atalaryňyzyň edişi ýaly, siz-de şeýle edýärsiňiz.
52 Pygamberleriň haýsysyna atalaryňyz azar bermedi? Olar ol Adylyň geljegini öňünden yglan edenleri öldürdiler. Siz-de, ine, Oňa hyýanat etdiňiz, Ony öldürdiňiz,
53 eý, Mukaddes Kanuny perişdeleriň tertipleşdirişi ýaly alyp-da, ony tutmadyklar!»
54 Olar muny eşidenlerinde, gahar-gazaba münüp, Stefanusa dişlerini gyjadylar.
55 Mukaddes Ruh bilen doly bolan Stefanus Göge seredip, Hudaýyň şöhratyny, Hudaýyň sagynda duran Isany görüp:
56 «Men Gögüň açykdygyny, Ynsan Oglunyň Hudaýyň sagynda durandygyny görýärin» diýdi.
57 Şonda olar batly gygyryşyp, gulaklaryny tutuşyp, hemmesi birden Stefanusyň üstüne topuldylar.
58 Ony şäherden daşary çykaryp daşladylar. Güwäler öz geýimlerini Saul atly bir ýaş ýigidiň öňünde goýdular.
59 Olar Stefanusy daşlap durkalar, ol Rebbi çagyryp: «Ýa Reb, Isa! Meniň ruhumy kabul et!» diýdi.
60 Onsoň dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýazma!» diýdi. Muny aýdandan soň bolsa ol jan berdi.




Chapter 8

1 Stefanusyň öldürilmegini Saul hem unady. Şol gün Iýerusalimdäki ýygnagy yzgytsyz yzarlamaga başladylar. Resullardan başga hemmeler Ýahuda, Samariýa ýurtlaryna dagadylar.
2 Emma Stefanusy Hudaýdan gorkýan adamlar jaýlap, oňa uly ýas tutdular.
3 Munuň tersine, Saul öýden-öýe girip, ýygnaga ezet berýärdi, erkekdir aýallary süýräp zyndana salýardy.
4 Dagan imanlylar bolsa aýlanyp, Hudaýyň sözüni yglan edýärdiler.
5 Filipus-da Samariýanyň bir şäherine gelip, olara Mesihi wagyz etdi.
6 Halaýyk Filipusa gulak asdy, onuň eden alamatlaryny eşidip, görüp, aýdanlaryny bir adam ýaly diňlediler.
7 Çünki murdar ruhly adamlaryň köpüsinden ol ruhlar gaty gygyryşyp çykýardylar, ençeme ysmaz hem otura şypa tapýardy.
8 Şeýlelikde, şäherde uly şatlyk döredi.
9 Ozal bu şäherde jadygöýlük bilen meşgullanyp, Samariýa halkyny haýran galdyran, özüni uly adam diýip yglan eden Simun atly bir adam bardy.
10 Oňa uly-kiçi hemmeler üns berip: «Hudaýyň uly gudraty, ine, şudur» diýýärdiler.
11 Oňa üns bererdiler, çünki ol öz jadygöýlügi bilen ep-esli wagt olary haýran galdyrypdy.
12 Ýöne Hudaýyň Patyşalygy, Isa Mesihiň ady baradaky Hoş Habary wagyz eden Filipusa ynananlarynda hem erkekler, hem aýallar çokundyryldylar.
13 Simunyň özi-de iman etdi, çokundyrylandan soň bolsa Filipusyň ýanyndan aýrylmady. Ol uly alamatlaryň, gudratlaryň ýüze çykyşyny görüp haýran galýardy.
14 Resullar samariýalylaryň Hudaýyň sözüni kabul edenini Iýerusalimde eşidip, Petrus bilen Ýahýany olaryň ýanyna ýolladylar.
15 Bular hem baryp, Mukaddes Ruhy alsynlar diýip, olar üçin doga etdiler.
16 Sebäbi Ruh entek olaryň hiç biriniň üstüne inmändi, olar diňe Reb Isanyň ady bilen çokundyrylypdy.
17 Şonda resullar ellerini olaryň üstünde goýanlarynda, olar hem Mukaddes Ruhy aldylar.
18 Simun resullaryň elleriniň goýulmagy bilen, Mukaddes Ruhuň berlenini görende, olara pul getirip, şeýle diýdi:
19 «Elimi üstünde goýan adamym Mukaddes Ruhy alar ýaly, maňa-da bu ygtyýary beriň».
20 Ýöne Petrus oňa şeýle diýdi: «Puluň özüň bilen bile heläk bolsun! Çünki sen Hudaýyň sylagyny pul bilen satyn alaryn öýtdüň.
21 Bu işde seniň ne paýyň, ne-de hakyň bar, sebäbi seniň ýüregiň Hudaýyň öňünde dogry däl.
22 Indi, bu ýaman päliňden gaýt-da, Rebbe ýalbar, belki, Ol seniň bu pikiriňi bagyşlar.
23 Men seniň ajy ötden doludygyňy we erbetlik bilen baglydygyňy görýärin».
24 Simun oňa: «Meniň üçin Rebbe doga ediň, aýdanlaryňyzyň hiç birine duçar bolmaýyn!» diýdi.
25 Olar Rebbiň sözüne güwä geçip, ony aýdanlaryndan soň, Iýerusalime tarap gaýdyp, Samariýanyň ençeme obasynda Hoş Habary wagyz etdiler.
26 Rebbiň bir perişdesi Filipusa: «Tur, günorta bakan Iýerusalimden Gaza gidýän ýola rowana bol, ol çoladyr» diýdi.
27 Ol hem turup, ýola rowana boldy. Gidip barýarka, Hebeşistanyň aýal patyşasy Kandakynyň wezirleriniň biri, onuň gaznaçysy bolan bir agta duşdy. Ol Iýerusalime ybadat etmäge gelip,
28 indi hem yzyna dolanyp barýardy. Ol öz arabasynyň üstünde Işaýa pygamberiň kitabyny okap otyrdy.
29 Ruh Filipusa: «Bar, arabanyň ýanyndan ýöre!» diýdi.
30 Filipus ylgady-da, onuň Işaýa pygamberiň kitabyndan okaýan sözlerini eşidip: «Okaýan zatlaryňa düşünýärsiňmi?» diýdi.
31 Ol: «Biri ýol görkezmese, nähili düşüneýin?» diýdi. Onsoň araba münüp, ýanynda oturmagy Filipusdan haýyş etdi.
32 Onuň Mukaddes Ýazgylardan okap oturan ýeri şudy: «Goýun kimin öldürilmäge äkidildi, gyrkymçysynyň öňünde sem bolan guzy ýaly agzyny açmaýar.
33 Onuň kemsidilişinde adalat inkär edildi. Kim Onuň nesli hakynda gürrüň eder? Çünki Onuň ömür tanapy üzülendir».
34 Wezir Filipusa ýüzlenip: «Aýtsaňyzlaň, pygamber muny kim hakda aýdýar? Özi hakdamy ýa-da başga biri hakda?» diýdi.
35 Filipus şu ýazgydan söze başlap, Isanyň Hoş Habaryny oňa wagyz etdi.
36 Olar ýoldan barýarkalar, bir suwa geldiler. Wezir: «Ynha suw, meniň çokundyrylmagyma näme päsgel berýär?» diýdi.
37 Filipus oňa: «Bütin ýüregiň bilen iman edýän bolsaň, muňa rugsatdyr» diýdi. Ol: «Isa Mesihiň Hudaýyň Ogludygyna iman edýärin» diýdi.
38 Onsoň arabany saklatdy. Filipus bilen wezir bilelikde suwa girdiler; Filipus ony çokundyrdy.
39 Olar suwdan çykanlarynda, weziriň üstüne Mukaddes Ruh indi, Rebbiň bir perişdesi bolsa Filipusy göterip äkitdi. Wezir ony soň görmedi. Ol şatlanyp, öz ýoluny dowam etdirdi.
40 Filipus Azotosda peýda boldy. Ol Kaýsariýa çenli aýlanyp, ähli şäherlerde Hoş Habary wagyz etdi.




Chapter 9

1 Saul Rebbiň şägirtlerine heniz hem ölüm howpuny salyp, baş ruhanynyň ýanyna bardy.
2 Bu ýola uýanlary tapsa, erkek diýmän, aýal diýmän, tutup Iýerusalime getirer ýaly, özüne ondan Şamdaky sinagogalar üçin hatlar diledi.
3 Ol Şama ýetip barýarka, birdenkä Gökden bir nur onuň daş-töweregini ýagtyltdy.
4 Saul ýere ýykyldy. Şonda oňun gulagyna: «Saul! Saul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň?» diýen ses geldi.
5 Ol: «Ýa Reb, Sen kim?» diýip sorady. Reb: «Men seniň azar berýän Isaň. Çişe depmek saňa kyndyr» diýdi.
6 Saul titräp, aljyrap: «Ýa Reb, meniň näme etmegimi isleýärsiň?» diýdi. Reb oňa: «Tur-da, şähere git, näme etmelidigiň saňa aýdylar» diýdi.
7 Onuň bilen bile barýan adamlar ol ýerde doňup durdylar, çünki sesi eşitseler-de, hiç kimi görmeýärdiler.
8 Saul ýerden turdy, ýöne gözüni açanda hiç kimi görmedi. Ony elinden tutup idip, Şama getirdiler.
9 Ol üç günläp görüp bilmedi, iýmedi we içmedi.
10 Şamda Hananýa atly bir şägirt bardy. Reb onuň gözüne görnüp: «Eý Hananýa!» diýdi. Ol hem: «Lepbeý, Ýa Reb!» diýip jogap berdi.
11 Reb oňa şeýle diýdi: «Tur, Dogry diýen köçä bar-da, Iudanyň öýünden tarsusly Saul atly adamy sora; ine, ol doga edýär.
12 Ol bir görnüşde Hananýa atly bir adamyň içeri girip, gözi gaýtadan görer ýaly, elini öz üstünde goýanyny gördi».
13 Hananýa şeýle jogap berdi: «Ýa Reb! Men bu adam barada, onuň Iýerusalimde Seniň mukaddesleriňe näçe ýamanlyk edenini köp kişilerden eşitdim.
14 Seniň adyňy agzanlaryň baryny tutup daňmaga onuň bu ýerde-de baş ruhanylardan ygtyýary bar».
15 Reb oňa şeýle diýdi: «Bar, çünki bu adam milletleriň, patyşalaryň we Ysraýyl ogullarynyň öňünde Meniň adymy götermek üçin saýlanan guraldyr.
16 Çünki Meniň adym ugrunda bu adamyň näçe görgi görmelidigini Men oňa görkezmekçi».
17 Şeýlelikde, Hananýa baryp, ýaňky öýe girdi, ellerini Saulyň üstünde goýup, şeýle diýdi: «Saul dogan! Gelýän ýoluňda saňa görnen Reb Isa seniň gözüň açylyp, Mukaddes Ruhdan dolmagyň üçin, meni iberdi».
18 Şol bada-da gözünden barda aýrylan ýaly bolup, Sauluň gözi açyldy. Ol ýokary turup çokundyryldy.
19 Nahar iýip, gaýtadan kuwwata geldi. Ol bir näçe günläp Şamda şägirtleriň ýanynda galyp,
20 derrew hem Isanyň Hudaýyň Ogludygy barada sinagogalarda wagyz etmäge başlady.
21 Muny eşidenleriň bary geňirgenişip: «Iýerusalimde şu Ady tutanlary ýere ýegsan eden bu dälmidi? Ol bu ýere olary tutup, baş ruhanylaryň ýanyna äkitmäge gelmänmidi näme?» diýişýärdiler.
22 Saul bolsa barha güýçlenýärdi. Ol: «Bu Mesihdir» diýip subut etmek bilen, Şamda oturan ýehudylaryň başyny çaşyrdy.
23 Ençeme gün geçenden soň, ýehudylar ony öldürmegiň maslahatyny etdiler.
24 Ýöne olaryň dildüwşügi Saula belli boldy. Olar ony öldürmek niýeti bilen gije-gündiz derwezeleri hem saklaýardylar.
25 Şägirtler bolsa gijäniň birwagty ony sebediň içine salyp, şäheriň diwaryndan sallap düşürdiler.
26 Saul Iýerusalime gelip, şägirtlere goşulmaga synanyşdy, ýöne hemmeler ondan gorkýardylar, çünki onuň şägirtdigine ynam etmeýärdiler.
27 Onsoň Barnabas Sauly alyp, resullaryň ýanyna getirdi, olara ýolda onuň nähililik bilen Rebbi görendigini, Rebbiň onuň bilen gepleşendigini hem-de onuň Şamda Isanyň ady bilen gaýratly gepländigini gürrüň berdi.
28 Saul Iýerusalimde Rebbiň ady bilen gaýratly gepläp, olar bilen bilelikde girip-çykýardy.
29 Ol grekçe gepleşýän ýehudylar bilen gürleşip çekişýärdi; ýöne olar Sauly öldürmegiň kastyna düşdüler.
30 Doganlar mundan habarly bolanlarynda, ony Kaýsariýa getirip, Tarsusa tarap ýola saldylar.
31 Şeýlelikde, ýygnaklar bütin Ýahudada, Jelilede we Samariýada parahat ýaşaýardy, abatlanyp, Reb gorkusynda gezip, Mukaddes Ruhuň göwünlik bermegi bilen köpelýärdi.
32 Petrus hemme ýere aýlanyp ýörşüne Liddada oturan imanlylaryň ýanyna geldi.
33 Petrus ol ýerde sekiz ýyl bäri düşekde ysmaz bolup ýatan Eneas atly bir adamy görüp:
34 «Eneas, Isa Mesih saňa şypa berýär. Ýokaryk tur-da, ýorgan-düşegiňi düzet!» diýdi. Ol hem şobada ýokary turdy.
35 Lidda we Şaronda oturanlaryň bary ony görüp, Rebbe tarap öwrüldiler.
36 Ýafada Tabita atly (grekçe terjimesi Dorkas) bir zenan şägirt bardy. Munuň eden ýagşy işleri, beren sadakalary gaty köpdi.
37 Şol günlerde ol syrkawlap öldi, ony ýuwup, balahanada goýdular.
38 Lidda Ýafa ýakyn bolansoň, şägirtler Petrusyň şol ýerdedigini eşidenlerinde, oňa iki adamy ýollap: «Gijikdirmän, biziň ýanymyza gel!» diýip haýyş etdiler.
39 Petrus turup, olar bilen gitdi. Gelende, ony balahana eltdiler. Ähli dul hatynlar Petrusyň ýanyna ýygnandylar we aglaşyp, Dorkasyň heniz olaryň ýanyndaka tiken ähli köýnekdir lybaslaryny oňa görkezdiler.
40 Petrus hemmeleri daşary çykardy-da, dyza çöküp doga etdi we jesede ýüzlenip şeýle diýdi: «Tabita, tur!» Aýal gözüni açyp, Petrusy görende, galyp oturdy.
41 Petrus elini berip, ony turuzdy. Onsoň mukaddesleri we dul hatynlary çagyryp, ony olara diri tabşyrdy.
42 Bu habar bütin Ýafa ýaýrap, köp adamlar Rebbe iman etdiler.
43 Petrus Ýafada Simun atly bir eýleýjiniňkide ençeme günläp galdy.




Chapter 10

1 Kaýsariýada italiýaly diýen goşun bölüminiň ýüzbaşysy bolan Kornelius atly bir adam bardy.
2 Ol tutuş öý-içersi bilen birlikde Hudaýdan gorkýan, takwa adamdy, ýehudy halkyna köp sadakalar berip, Hudaýa mydama doga ederdi.
3 Kornelius öýlän sagat üçlerde Hudaýyň bir perişdesiniň: «Eý Kornelius!» diýip, ýanyna içerik girenini bir görnüşde aýdyň gördi.
4 Kornelius gorky içinde oňa gözlerini dikip: «Ýa Reb, näme?» diýdi. Perişde oňa jogap berdi: «Seniň okan dogalaryňy, beren sadakalaryňy Hudaý ýatlap kabul etdi.
5 Indi Ýafa birnäçe adam ýolla-da, lakamy Petrus bolan Simuny getirt.
6 Bu adam Simun atly bir eýleýjiniňkide myhmandyr, onuň öýi bolsa deňziň ýakasyndadyr. Petrus seni we içeriňi gutarjak sözler aýdar».
7 Özi bilen gepleşen perişde gidenden soň, Kornelius hyzmatçylaryndan ikisini we hemişe öz töwereginde bolýanlardan bir takwa esgeri çagyrdy.
8 Ähli zady aýdyp, olary Ýafa ýollady.
9 Şol günüň ertesi olar ýoldakalar, şähere golaýlanlarynda, günortan ýakyn Petrus doga etmek üçin üçege çykdy.
10 Ol ajykdy we naharlanmak isledi. Nahar taýýarlanyp ýörkä, özüni ýitirme ýagdaýyna geldi.
11 Ol Gögüň açylyp, dört burçundan baglanan saçak ýaly bir uly zadyň Ýere sallanyp, öz üstüne inip gelýänini gördi.
12 Onuň içinde bolsa Ýeriň ähli dört aýaklylaryndan, wagşy haýwanlaryndan, süýrenijilerinden hem-de Gögüň guşlaryndan bardy.
13 Bir ses oňa gygyryp: «Petrus tur, damaklaryny çal-da, iý!» diýdi.
14 Petrus: «Ýok, ýa Reb, men asla hapa, haram zat iýen däldirin» diýdi.
15 Ses ýene ikinji gezek oňa: «Hudaýyň tämiz eden zatlaryna hapa diýme» diýdi.
16 Bu üç gezek gaýtalanyp, saçak tiz Göge alyndy.
17 Petrus bu gören görnüşiniň nämedigi hakynda oýlanyp durka, ine, Korneliusyň ýollan adamlary Simunyň öýüni sorap, gapa gelip durdular.
18 Olar gygyryp: «Petrus lakamly Simun şu ýere myhmanmydyr?» diýip soradylar.
19 Petrus bu görnüş barada oýlanyp durka, Ruh oňa şeýle diýdi: «Ine, üç adam seni gözläp ýör.
20 Tur, aşak düş, ikirjiňlenme-de, olar bilen git, çünki olary Men ýolladym».
21 Adamlaryň ýanyna gelen Petrus: «Ine, gözleýän adamyňyz men. Näme üçin geldiňiz?» diýdi.
22 Olar şeýle diýdiler: «Ýüzbaşy Kornelius dogry, Hudaýdan gorkýan adam, ýehudy halkynyň ýanynda at-abraýy bar. Ol bir mukaddes perişdeden seni öýüne getirmek hem-de seniň aýtjak sözleriňi diňlemek barada buýruk alypdyr».
23 Petrus olary içerik çagyryp, myhman aldy. Şol günüň ertesi Petrus turup, olar bilen ýola düşdi. Ýafaly doganlaryň-da käbiri onuň bilen bile gitdi.
24 Ertesi gün olar Kaýsariýa bardylar. Kornelius hem dogan-garyndaşlaryny, ýakyn dostlaryny bir ýere çagyryp, olara garaşyp otyrdy.
25 Petrus içerik girende, Kornelius ony garşylap, aýagyna ýykyldy, oňa sežde etdi.
26 Emma Petrus ony galdyryp: «Tur! Men hem adam» diýdi.
27 Onsoň onuň bilen gürrüňleşip, içerik girende, köp adamlaryň ýygnanandygyny gördi.
28 Olara şeýle diýdi: «Bir ýehudy üçin başga milletden bolan biri bilen gatnaşmagyň ýa onuň ýanyna gitmegiň nähili ýerliksizdigini özüňiz bilýänsiňiz, ýöne Hudaý maňa hiç bir adama hapa ýa haram diýmeli däldigimi görkezdi.
29 Şonuň üçin hem, çagyrylanymda, gürrüňsiz geldim. Indi bolsa soraýaryn: näme sebäpden meni çagyrdyňyz?»
30 Kornelius şeýle jogap berdi: «Üç gün mundan ozal şu wagtlarda agzym orazady. Öýlän sagat üçlerde öýümde doga edip otyrdym. Ine, bir parlak egin-eşikli adam garşymda durup, maňa şeýle diýdi:
31 „Kornelius, seniň dogaň eşidildi, sadakalaryňy Hudaý ýatlady.
32 Ýafa adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny çagyr. Ol deňiz ýakasyndaky Simun eýleýjiniň öýüne myhmandyr. Ol gelip, saňa bir söz aýdar".
33 Men derrew saňa adam ýolladym, sen-de gelip ýagşy etdiň. Ine, hemmämiz Hudaý tarapyndan saňa tabşyrylan ähli zady eşitmek üçin, Onuň huzurynda häzir bolup otyrys».
34 Şonda Petrus söze başlap şeýle diýdi: «Men, dogrudan-da, Hudaýyň hiç kimi ala tutman,
35 eýsem, her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýändigine göz ýetirdim.
36 Onuň barçanyň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly parahatlyk yglan edip, Ysraýyl ogullaryna ýollan sözi şudur:
37 Ýahýanyň wagyz eden çokundyrmasyndan soň, Jelileden başlap, bütin Ýahudada ýüze çykanlary,
38 Hudaýyň Mukaddes Ruh we gudrat berip, Nasyraly Isany wezipä bellänini, Onuň hem aýlanyp, ýagşylyk edip, iblisiň golastynda ezilenleriň baryna şypa berenini siz bilýänsiňiz, çünki Hudaý Onuň bilendi.
39 Biz Onuň Ýahudada, Iýerusalimde edenleriniň baryna şaýatdyrys. Ony agaçdan asyp öldürdiler.
40 Hudaý üçünji gün Isany direldip,
41 bütin halka däl-de, diňe Hudaýyň öňden saýlan şaýatlaryna, ýagny ölümden direleninden soň, Onuň bilen bile iýip-içenler bolan bize açykdan-açyk görkezdi.
42 Ol Özüniň dirileriň hem ölüleriň Hudaý tarapyndan bellenen Kazysydygyny halka wagyz edip, güwä geçmegimizi bize tabşyrdy.
43 Isa iman eden her kesiň Onuň ady bilen günäsiniň ötüljegine ähli pygamberler güwä geçýär».
44 Petrus bu sözleri aýdyp durka, sözi eşidenleriň barynyň üstüne Mukaddes Ruh indi.
45 Petrus bilen gelen sünnetli imanlylar Mukaddes Ruh sylagynyň başga milletleriň üstüne-de dökülenine geňirgendiler,
46 çünki olaryň başga dillerde gepläp, Hudaýy öwgi bilen beýgeldişini eşitdiler. Şonda Petrus:
47 «Biziň ýaly Mukaddes Ruhy alan bu adamlaryň suw bilen çokundyrylmagyny kim gadagan edip biler?» diýdi.
48 Onsoň Petrus olary Isa Mesihiň ady bilen çokundyrmagy buýurdy. Soňra olar Petrusdan birnäçe günläp galmagy haýyş etdiler.




Chapter 11

1 Ýahudada bolýan resullar, doganlar başga milletleriň-de Hudaýyň sözüni kabul edenini eşitdiler.
2 Petrus Iýerusalime gelende, sünnetliler onuň bilen dawalaşyp:
3 «Sen sünnetsiz adamlaryň ýanyna barypsyň, olar bilen nahar iýipsiň» diýdiler.
4 Petrus hem söze başlap, bolan wakany olara birin-birin aýdyp berdi:
5 «Ýafa şäherinde doga edip otyrkam, özümi ýitiren ýagdaýymda bir görnüş gördüm. Uly saçaga meňzeş bir zat dört burçundan Gökden Ýere sallanyp, meniň ýanyma çenli inip geldi.
6 Onuň içine bakyp synlanymda, Ýeriň dört aýakly haýwanlaryny, ýabany hem süýreniji haýwanlaryny, Gögüň guşlaryny gördüm.
7 Onsoň bir ses eşitdim, ol maňa: „Petrus, tur, damaklaryny çal-da, iý!" diýdi.
8 Men: „Ýok, ýa Reb! Hapa, haram zat meniň agzyma asla giren däldir" diýdim.
9 Emma ses Gökden ikinji gezek maňa: „Hudaýyň tämiz eden zatlaryna hapa diýme!" diýdi.
10 Bu üç gezek gaýtalanyp, hemmesi ýene ýokaryk Göge çekildi.
11 Ine, şol pursatda üç adam meniň bolýan öýümiň öňüne gelip durdular. Olar meniň ýanyma Kaýsariýadan ýollanan eken.
12 Onsoň Ruh maňa hiç ikirjiňlenmän, olar bilen bile rowana bolmalydygymy aýtdy. Bu alty dogan hem meniň bilen bile gitdi, biz ol adamyň öýüne bardyk.
13 Ol hem bize perişdäni görendigini, onuň öýünde durup: „Ýafa adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny getirt.
14 Ol saňa birnäçe söz aýdar. Şol sözler arkaly sen tutuş içeriň bilen gutularsyň" diýenini aýtdy.
15 Men söze başlanymda, ozal biziň üstümize inişi ýaly, olaryň üstüne hem Mukaddes Ruh indi.
16 Şonda Rebbiň: „Ýahýa suw bilen çokundyrypdy, ýöne siz Mukaddes Ruh bilen çokundyrylarsyňyz" diýip aýdan sözi ýadyma düşdi.
17 Şeýlelikde, Reb Isa Mesihe iman edenlerinden soň, Hudaý bize berşi ýaly, olara-da şol sylagy beren bolsa, Hudaýa garşy durup biler ýaly, men kim bolupdyryn?»
18 Olar muny eşidenlerinde köşeşdiler, Hudaýy şöhratlandyryp: «Onda, Hudaý ýaşaýyş getirýän tobany özge milletlere-de beripdir» diýişdiler.
19 Stefanus bilen baglanyşykly bolan yzarlamalar netijesinde dargadylanlar Finikiýa, Kipr we Antakiýa çenli aýlandylar. Olar sözi ýehudylardan başga hiç kime wagyz etmeýärdiler.
20 Olaryň arasynda birnäçe kiprli we kireneli adamlar bardy. Olar Antakiýa gelenlerinde, Reb Isanyň Hoş Habaryny wagyz edip, greklere-de aýtdylar.
21 Rebbiň eli olar bilendi. Şeýlelikde, köp adamlar iman getirip, Rebbe tarap öwrüldiler.
22 Bu hakdaky habarlar Iýerusalimdäki ýygnanyşyga gelip ýetdi. Olar Barnabasy Antakiýa ýolladylar.
23 Ol gelende, Hudaýyň merhemetini görüp şat boldy, gaýduwsyz ýürek bilen Rebbe ýapyşar ýaly, hemmelere öwüt-nesihat etdi.
24 Çünki ol oňat adamdy, Mukaddes Ruhdan, imandan doludy. Şeýlelikde, köp adamlar Rebbe goşuldylar.
25 Onsoň Barnabas Sauly idäp, Tarsusa gitdi.
26 Ony tapyp, Antakiýa getirdi. Olar bütin bir ýyllap ýygnakda toplanyp, köp adamlara sapak berdiler. Şägirtleriň mesihi adyny almagy ilki bilen Antakiýada ýüze çykdy.
27 Şol günlerde Antakiýa Iýerusalimden birnäçe pygamber geldi.
28 Bulardan Agabus atly biri galyp, bütin dünýäniň başyna uly açlyk gelmelidigini Ruh arkaly habar berdi. (Bu kaýsar Klaudiusyň zamanynda boldy.)
29 Şonda Ýahudada ýaşaýan doganlara goldaw üçin, şägirtleriň her biri gurbunyň çatdygyndan olara pul ýollamagy karar etdiler.
30 Puly Barnabas we Sauluň eli bilen ýygnak ýolbaşçylaryna ibermek bilen, bu karary ýerine ýetirdiler.




Chapter 12

1 Şol wagtlar Hirodes patyşa ýygnaga degişli bolanlaryň käbirini sütem etmek maksady bilen tutdy.
2 Ýahýanyň dogany Ýakuby gylyç bilen öldürtdi.
3 Ol munuň ýehudylaryň göwnüne ýaranyny görüp, soňra Petrusy-da tutdy. Petir baýramy günleridi.
4 Hirodes Petrusy ele salyp, Pesahdan soň halk öňüne çykarmak niýeti bilen zyndana saldy-da, her biri dört esgerden ybarat bolan dört topary oňa garawul goýmagy tabşyrdy.
5 Şeýlelikde, Petrus zyndanda saklanýardy, ýöne ýygnak onuň üçin Hudaýa jan çekip doga edýärdi.
6 Hirodesiň ony orta çykarjak gününiň öň ýanyndaky gije Petrus iki esgeriň arasynda goşa zynjyr bilen bagly ýatyrdy, garawullar-da gapynyň agzynda zyndana garawulçylyk edýärdiler.
7 Birdenkä Rebbiň bir perişdesi görnüp, türmede nur ýalpyldady. Perişde Petrusyň böwrüne dürtüp, ony oýardy-da: «Tiz tur!» diýdi. Şobada-da Petrusyň zynjyrlary elinden ýere gaçdy.
8 Perişde oňa: «Guşagyňy guşan-da, çaryklaryňy bagla!» diýdi. Ol şeýle hem etdi. Perişde oňa: «Geýimiňi geý-de, meniň yzyma düş!» diýdi.
9 Petrus daşary çykyp, onuň yzyna düşdi. Ol perişde arkaly bolanlaryň çynlygyny bilmän, gözüne görünýändir öýdýärdi.
10 Olar birinji, ikinji garawullardan geçip, şähere çykýan demir derwezä geldiler. Derweze olara öz-özünden açyldy. Olar daşary çykyp, bir köçäni ilerligine geçdiler welin, perişde birdenkä gaýyp boldy.
11 Ine, şonda Petrus aýňalyp: «Rebbiň perişdesini ýollap, Hirodesiň elinden, ýehudy halkynyň garaşan ähli zatlaryndan meni halas edendigine, hakykatdan hem, indi göz ýetirýärin» diýdi.
12 Muny aňlanyndan soň, ol Markus lakamly Ýahýanyň ejesi Meremiň öýüne gitdi. Ol ýerde köp adam üýşüp, doga edip otyrdy.
13 Petrus howlynyň gapysyny kakanda, gapyny Roda atly bir keniz açmaga geldi.
14 Ol Petrusyň sesini saýgaranda, begenjinden ýaňa gapyny açman, içerik ylgap, Petrusyň howlynyň gapysynda duranyny habar berdi.
15 Öýdäkiler oňa: «Sen akylyňdan azaşypsyň» diýdiler. Ýöne ol öz gepini berk nygtanynda olar: «Ol Onuň perişdesidir» diýdiler.
16 Emma Petrus birsyhly gapyny kakyp durdy. Gapyny açanlarynda, ony görüp haýran galdylar.
17 Seslerini çykarmazlyklary üçin, Petrus olara eli bilen yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan çykaranyny olara gürrüň berip: «Muny Ýakuba hem doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi.
18 Gün doganda, Petrusa näme bolduka diýip, esgerleriň arasyna uly galmagal düşdi.
19 Hirodes Petrusy agtardy. Ol ony tapmansoň bolsa garawullary soraga çekip, olary öldürmegi buýurdy. Şondan soň Hirodes Ýahudadan Kaýsariýa gidip, şol ýerde galdy.
20 Hirodes Sire we sidonlylara garşy dişini gyjaýardy. Olar hem birleşip, Hirodesiň ýanyna geldiler-de, patyşanyň ýatak jaýynyň başlygy Wlastosy öz taraplaryna çekip, ýaraşyk dilediler; çünki olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy.
21 Ine, bellenen günde Hirodes patyşalyk lybasyny geýip, kürsüde oturdy-da, halka söz sözledi.
22 Halk hem: «Bu bir taňry sesi, ynsan sesi däl!» diýip gygyryşýardy.
23 Şol bada Rebbiň bir perişdesi Hirodesi urdy, çünki ol Hudaýy şöhratlandyrmandy. Şeýlelikde, ol endam-jany gurtlap öldi.
24 Hudaýyň sözi bolsa pajarlap ösýärdi.
25 Barnabas bilen Saul hem ýumşy bitirip, yzlaryna gaýtdylar. Olar Markus lakamly Ýahýany-da ýanlaryna alyp, Iýerusalimden yzlaryna öwrüldiler.




Chapter 13

1 Antakiýadaky ýygnakda birnäçe pygamber we mugallym bardy: Barnabas, Niger diýen Simun, kireneli Lukius, ýurduň dörtden birine höküm sürýän bilen bile ulalan Manean we Saul.
2 Bular Rebbe ybadat edip, oraza tutup ýörkäler, Mukaddes Ruh: «Meniň çagyran işim üçin, Barnabas bilen Sauly Maňa aýryp goýuň!» diýdi.
3 Şonda oraza tutup, doga etdiler-de, ellerini olaryň üstüne goýup, Barnabas bilen Sauly ýola saldylar.
4 Şeýlelikde, Mukaddes Ruh tarapyndan ýollanan Barnabas bilen Saul Selukiýa geldiler. Ol ýerden hem gämili Kipre geçdiler.
5 Onsoň Salamise gelip, ýehudylaryň sinagogalarynda Hudaýyň sözüni wagyz etdiler. Ýahýa hem olara ýardam edýärdi.
6 Olar bütin adany aýlanyp, Pafosa geldiler. Ol ýerde Bareşu atly bir jadygöý hem ýalan ýehudy pygambere sataşdylar.
7 Bareşu paýhasly adam bolan häkim Serjius Pawlusyň ýanynda bolardy. Häkim Barnabas bilen Sauly çagyryp, olardan Hudaýyň sözüni eşitmek isledi.
8 Emma Elimas jadygöý (onuň ady şeýle terjime edilýär) olara garşy çykyp, häkimi imandan dändirjek boldy.
9 Şeýlelikde, Saul, ýagny Pawlus Mukaddes Ruhdan dolup, oňa seretdi we şeýle diýdi:
10 «Eý, ähli kezzaplykdan we ähli galplykdan doly adam, iblis ogly, ähli dogrulygyň duşmany! Sen Rebbiň dogry ýollaryny egreltmegi bes etjek dälmi?
11 Indi, ine, Rebbiň eli üstüňe gelýär, sen kör bolarsyň, belli bir wagta çenli güneşi görmersiň». Şobada-da onuň üstüne tümlük, garaňkylyk indi. Ol özüni itdirjek bolup, töweregini sermeläp, adam agtaryp başlady.
12 Häkim ýüze çykan wakany görüp iman etdi, çünki ol Rebbiň taglymatyna haýran galypdy.
13 Pawlus we onuň ýoldaşlary Pafosdan gämä münüp, Pamfiliýa Pergasyna geldiler. Şol ýerde Ýahýa olardan aýrylyp, Iýerusalime gaýtdy.
14 Olar bolsa Pergadan ýollaryny dowam etdirip, Pisidýa Antakiýasyna geçdiler. Sabat güni sinagoga baryp oturdylar.
15 Mukaddes Kanundan we pygamberler ýazgysyndan okalandan soň, sinagoga başlyklary olara adam ýollap: «Doganlar, halka öwüt-ündewli sözüňiz bar bolsa aýdyň» diýdiler.
16 Şeýlelikde, Pawlus turup, eli bilen yşarat edip, şeýle diýdi: «Eý, ysraýylly adamlar, Hudaýdan gorkýanlar, diňläň!
17 Bu Ysraýyl halkynyň Hudaýy biziň atalarymyzy saýlady, halky Müsür ýurdunda oturan mahaly beýgeldip, güýçli gol bilen ol ýerden çykardy.
18 Olary kyrk ýyl çemesi çölde ekledi.
19 Kengan ýurdunda ýedi milleti heläkläp, ýurtlaryny olara miras berdi.
20 Onsoň olara dört ýüz elli ýyl çemesi ― Samuýel pygambere çenli kazylar berdi.
21 Ine, şondan başlap, olar bir patyşa talap etdiler. Hudaý olara kyrk ýyllap benýamyn taýpasyndan bir adamy, ýagny Kişiň ogly Sauly berdi.
22 Ony tagtdan düşürenden soň bolsa, olara Dawudy patyşa etdi. Ol hakda güwä hem geçip: „Göwnüme jaý bir adamy, Ýessäniň ogly Dawudy tapdym. Ol Meniň ähli islegimi berjaý eder" diýdi.
23 Şeýlelikde, Hudaý Öz wadasyna görä, onuň neslinden Ysraýyl üçin Isany halasgär edip çykardy.
24 Ol gelmezden öň bolsa Ýahýa bütin Ysraýyl halkyna toba etmegi wagyz edip, olary çokundyrylmaga çagyrdy.
25 Ýahýa işini bitirmäge golaýlan wagty şeýle diýdi: „Meni kimdir öýdýärsiňiz? Men ― Ol däl. Ine, meniň yzymdan Biri geler, men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin".
26 Doganlar, eý, Ybraýym nesliniň ogullary we araňyzdaky Hudaýdan gorkýanlar! Bu gutulyş sözi size iberildi.
27 Çünki Iýerusalim ilaty we olaryň başlyklary Ony tanamadylar. Ony höküm etmek bilen, her sabat güni okalýan pygamberler sözlerini berjaý etdiler.
28 Ölüm jezasyna hiç bir sebäp tapmasalar-da, Pilatusdan Onuň öldürilmegini haýyş etdiler.
29 Ol hakda ýazylanlaryň baryny bitirenlerinden soň bolsa Ony agaçdan aşak düşürip, bir mazarda goýdular.
30 Emma Hudaý Ony direltdi.
31 Ol Özi bilen Jelileden Iýerusalime gelenlere köp günleriň dowamynda göründi. Şindi bu adamlar halkyň öňünde Onuň güwäleridir.
32 Biz atalara berlen wadanyň hoş habaryny size wagyz edýäris.
33 Hudaý Isany direltmek bilen, olaryň oglanlary bolan biziň üçin şol wadany ýerine ýetirdi. Ikinji mezmurda hem şeýle ýazylypdyr: „Sen Meniň Oglumsyň, Men bu gün Seni öndürdim".
34 Asla çüýretmezlik üçin, Ony ölümden direldişi hakda hem şeýle diýdi: „Men size Dawuda wada eden mukaddes hem ygtybarly bereketlerimi bererin".
35 Munuň üçin başga bir ýerde-de: „Sen Öz Mukaddesiňiň çüýremegine razy bolmarsyň" diýýär.
36 Çünki Dawut Hudaýyň islegi boýunça öz nesline gulluk edenden soň öldi. Ol atalarynyň ýanynda jaýlandy; onuň bedeni çüýredi.
37 Ýöne Hudaýyň Direldeni çüýremedi.
38 Biliň, eý doganlar, günäleriň bagyşlanmagy bu Adam arkaly size wagyz edilýär.
39 Musanyň kanunynda aklanyp bilmedik bütin zatlaryňyzda iman eden her kes bu Adam arkaly aklanar.
40 Indi sak boluň, pygamberler kitabynda aýdylanlar başyňyza geläýmesin:
41 „Serediň, eý masgaralaýjylar, haýran galyň, heläk boluň; çünki Men siziň günleriňizde şeýle bir iş ederin welin, ony size biri beýan etse, asla ynanmarsyňyz"».
42 Olar ýehudylaryň sinagogasyndan çykyp barýarkalar, ýehudy däller bu sözleriň geljek sabat güni-de özlerine wagyz edilmegini olardan haýyş etdiler.
43 Sinagogadaky halaýyk daganynda, ýehudylaryň we ýehudy dinine geçip, Hudaýa ybadat edýänleriň köpüsi Pawlus bilen Barnabasyň yzyna düşdüler. Bular hem gürrüň berip, Hudaýyň merhemetinde erjellik etmekleri üçin, olara nesihat etdiler.
44 Soňky sabat güni bolsa Hudaýyň sözüni diňlemek üçin, bütin şäher diýen ýaly ýygnandy.
45 Ýehudylar halaýygy görenlerinde göripçilikden dolup, Pawlusyň aýdan zatlaryna garşy çykyp, dil ýetirdiler.
46 Pawlus bilen Barnabas hem gaýratlylyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň sözi ilki size wagyz edilmelidi. Ýöne siz ony ret etdiňiz, özüňizi ebedi ýaşaýşa mynasyp görmediňiz. Şonuň üçin, ine, biz özge milletlere tarap ýüzlenýäris.
47 Çünki Reb bize şeýle tabşyrdy: „Ýeriň ujuna çenli gutulyş daşamagyň üçin, Men Seni milletlere nur etdim"».
48 Milletler muny eşidenlerinde şatlanyp, Rebbiň sözüni şöhratlandyrdylar. Şeýlelikde, ebedi ýaşaýyş üçin bellenenleriň bary iman etdi.
49 Rebbiň sözi ýurduň hemme ýerine ýaýraýardy.
50 Ýehudylar dindar, sylanýan aýallary we şäheriň abraýly adamlaryny öjükdirdiler. Şeýlelikde, Pawlus bilen Barnabasy kowalap, serhetlerinden çykardylar.
51 Pawlus bilen Barnabas aýaklarynyň tozuny olara garşy kakyp, Konýa gitdiler.
52 Şägirtler bolsa şatlyk we Mukaddes Ruh bilen doludylar.




Chapter 14

1 Konýada bilelikde ýehudylaryň sinagogasyna bardylar; olaryň gürrüň berişi hem ýehudylardan, hem greklerden uly toparyň iman getirmegine sebäp boldy.
2 Ýöne iman etmedik ýehudylar özge milletleri küşgürip, olaryň aňyny doganlara garşy garaladylar.
3 Esli wagt ol ýerde bolan Pawlus bilen Barnabas Reb üçin gaýratly wagyz edýärdiler. Reb hem olaryň elleri bilen alamatlar, gudratlar görkezip, Öz merhemeti baradaky söz üçin güwä geçýärdi.
4 Şäher halky iki bölünip, bir bölegi ýehudylaryň, bir bölegi-de resullaryň tarapyna geçdi.
5 Ýöne milletler hem-de ýehudylar we olaryň başlyklary tarapyndan resullary ryswa etmek, daşlamak üçin bir hüjüm ýüze çykanda,
6 mundan habarly bolan resullar Likaoniýanyň şäherleri bolan Listra, Derbä we şol etraplara gaçyp baryp,
7 ol ýerlerde-de Hoş Habary wagyz etdiler.
8 Listrada aýaklary ysgynsyz bir adam ýaşaýardy, ol eneden dogma otura bolup, hiç wagt ýöremändi.
9 Bu adam Pawlusyň gürrüňini diňledi; Pawlus hem oňa göz dikdi, onuň sagaljagyna imanynyň bardygyny görüp,
10 gaty ses bilen: «Aýagyň üstünde dik dur!» diýdi. Ol hem ýokary towsup, ýöräp başlady.
11 Halaýyk Pawlusyň eden işini görende seslerini gataldyp, likaoniýa dilinde: «Taňrylar ynsan keşbine girip, biziň ýanymyza inipdir!» diýişdiler.
12 Barnabasa Zews, Pawlusa-da söz sözleýän bolany üçin Hermes diýdiler.
13 Şäheriň daşynda ýerleşen Zews ybadathanasynyň ruhanysy derwezeleriň agzyna öküzler, wenoklar getirip, halk bilen birlikde gurbanlyk berjek boldy.
14 Emma resullar, ýagny Barnabas, Pawlus muny eşidenlerinde, öz egin-eşiklerini ýyrtyp, halkyň ortasyna zyňyldylar, gygyryp, şeýle diýdiler:
15 «Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz-de duýgulary size meňzeş ynsanlardyrys we sizi bu boş zatlardan dönüp, Gögi, Ýeri, deňzi we olaryň içindäki ähli zatlary ýaradan diri Hudaýa tarap öwrülmäge çagyrýarys.
16 Ol geçen nesillerde bütin milletlere öz ýollary bilen ýöremäge rugsat etdi.
17 Muňa garamazdan, ýagşylyk etmek, size Gökden ýagmyr hem hasylly möwsümler bermek, ýüregiňizi iýmit hem şatlykdan doldurmak bilen, Özüni güwäsiz goýmady».
18 Bu sözler bilen halky özlerine gurban kesmekden zordan dändirdiler. Hemmesini öz öýüne iberdiler. Olar ol ýerde galyp, ders berip ýörkäler,
19 Antakiýadan, Konýadan ýehudylar geldi; olar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar, ony ölendir öýdüp, şäherden daşary süýrediler.
20 Emma şägirtler daşyna üýşenlerinde, Pawlus ör turup, şähere gaýtdy. Şol günüň ertesi hem Barnabas bilen Derbä tarap ýola düşdi.
21 Olar bu şähere Hoş Habary wagyz edip, köpleri şägirt edenlerinden soň, Listra, Konýa we Antakiýa gaýdyp geldiler.
22 Şägirtleriň janlaryna kuwwat berip, olara imanda berk durmagy ündäp: «Biz Hudaýyň patyşalygyna köp muşakgatlar bilen girmelidiris» diýýärdiler.
23 Pawlus bilen Barnabas her ýygnakda olara ýolbaşçylar saýlap, orazaly doga edip, olary iman eden Reblerine tabşyrdylar.
24 Onsoň Pisidiýanyň içinden geçip, Pamfiliýa geldiler.
25 Pergada Rebbiň sözüni wagyz edip, Attaliýa indiler.
26 Ol ýerden hem öz bitiren işleri üçin Hudaýyň merhemetine tabşyrylan ýerleri bolan Antakiýa gämili gaýtdylar.
27 Gelip, ýygnagy üýşürdiler, Hudaýyň özleri arkaly ähli edenlerini, ýehudy dällere iman gapysyny açanyny gürrüň berdiler,
28 köp wagtlap şägirtleriň ýanynda boldular.




Chapter 15

1 Ýahudadan gelen käbir adamlar doganlara sapak berip: «Musanyň adaty boýunça sünnetlenmeseňiz, gutulyp bilmersiňiz» diýýärdiler.
2 Pawlus bilen Barnabas bu adamlar bilen kän çekişip, jedelleşdiler. Onsoň bu meseläniň çözgüdi üçin, beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde Pawlus bilen Barnabas resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna, Iýerusalime gitmeli diýen karara gelindi.
3 Şeýlelikde, ýygnak tarapyndan ýola salnanlar Finikiýanyň, Samariýanyň içinden geçdiler, milletleriň Rebbe tarap öwrülendigini aýdyp, doganlara uly şatlyk berdiler.
4 Iýerusalime gelenlerinde bolsa ýygnak, resullar we ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilip, Hudaýyň özleri arkaly eden ähli zadyny habar berdiler.
5 Emma fariseýler mezhebinden iman edenleriň käbiri aýaga galyp: «Beýleki milletlerden bolanlary sünnetlemeli, Musanyň kanunyny saklamagy tabşyrmaly» diýdiler.
6 Onsoň resullar, ýolbaşçylar bu mesele barada maslahatlaşmak üçin ýygnandylar.
7 Gürrüň uzaga çekende, Petrus ýokary turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Öz bilşiňiz ýaly, milletleriň Hoş Habar sözüni meniň agzymdan eşidip, iman etmelidigi üçin, Hudaý köp wagt mundan ozal aramyzdan meni saýlady.
8 Ýürekleri bilýän Hudaý bize berşi ýaly, özge milletlere-de Mudakkes Ruhy bermek bilen, olara güwä geçdi.
9 Ýüreklerini iman arkaly tämizledi, biz bilen olaryň arasynda hiç bir parh goýmady.
10 Indi, näme üçin atalarymyzyň, özümiziň dakynyp bilmedik boýuntyrygymyzy şägirtleriň boýnuna saljak bolup, Hudaýy synaýarsyňyz?
11 Biz Reb Isanyň merhemeti bilen gutulandygymyza ynanýarys, olar hem şeýle».
12 Onsoň bütin jemagat dymyp, Hudaýyň özleri arkaly milletler arasynda görkezen uly alamatlaryny, gudratlaryny aýdyp beren Barnabas bilen Pawlusy diňledi.
13 Olar gürrüňlerini gutaranyndan soň, Ýakup söze başlap, şeýle diýdi: «Doganlar, maňa gulak asyň!
14 Özge milletlerden Öz adyna bir halk almak üçin Hudaýyň ilki bilen olara nähili ideg edenini Simon aýdyp berdi.
15 Pygamberleriň sözleri-de munuň bilen utgaşýar; ine, şeýle ýazylypdyr:
16 Onsoň yzyma dolanyp, Dawudyň ýykylan çadyryny gaýtadan bina ederin, onuň harabalaryny gaýtadan bina ederin.
17 Galan adamlar, Meniň adym dakylan bütin milletler Rebbi agtarar ýaly, ony gaýtadan dikelderin. Bularyň baryny eden Reb şeýle diýýär".
18 Hudaý Öz ähli işlerini ezelden bilýändir.
19 Munuň üçin, meniň pikirimçe, özge milletlerden Hudaýa tarap öwrülenlere kynçylyk döretmeli däl.
20 Ýöne olara butlaryň nejisliginden, zynadan, boglan haýwanlaryň etinden we gandan gaça durmagy, özlerine edilmegini islemeýän zatlaryny başgalara etmezligi ýazmaly.
21 Çünki Musanyň sözleri her sabat güni sinagogalarda okalýar, gadym zamanlardan bäri her şäherde wagyz edilýär».
22 Şeýlelikde, resullardyr ýolbaşçylar bütin ýygnak bilen birlikde özlerinden birnäçe adamy, ýagny doganlaryň arasynda ýolbaşçylyk edýän Barsaba lakamly Iuda bilen Silasy saýlap, Pawlus we Barnabas bilen birlikde Antakiýa ýollamaly diýen karara geldiler.
23 Onsoň şu haty ýazyp, olardan iberdiler: «Resullar, ýolbaşçylar we doganlar Antakiýadaky, Siriýadaky, Kilikiýadaky milletlerden bolan doganlara salam aýdýar.
24 Bizden bolan käbirleriniň öz sözleri bilen sizi ynjydyp, sünnetleniň, Mukaddes Kanuny berjaý ediň diýip, aňyňyzy bulaşdyranyny eşitdik; muny biz olara tabşyrmandyk.
25 Munuň üçin hem birnäçe adamy saýlap, eziz doganlarymyz Barnabas we Pawlus bilen birlikde size ýollamagy bir agyzdan makulladyk.
26 Bular Rebbimiz Isa Mesihiň ady ugrunda janlaryny orta goýan adamlardyr.
27 Biz Iuda bilen Silasy ýolladyk, olaryň özi hem muny dilden habar bererler.
28 Çünki Mukaddes Ruh we biz şu wajyp zatlardan başga hiç bir zady siziň üstüňize ýüklemezligi unadyk:
29 butlara gurban edilen iýmitlerden, gandan, boglan haýwanlaryň etinden, zynadan gaça duruň, özüňize edilmegini islemeýän zatlaryňyzy başgalara etmäň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy edersiňiz. Saglykda boluň!»
30 Şeýlelikde, olar ýola düşdüler. Antakiýa gelip, jemagaty üýşürdiler-de, haty berdiler.
31 Olar muny okap, bu öwüt-nesihat hakda begenişdiler.
32 Onsoň özleri hem pygamber bolan Iuda bilen Silas doganlara köp öwüt-nesihat berip, olary güýçlendirdiler.
33 Birnäçe wagt ol ýerde galanlaryndan soň bolsa, doganlar olary sag-aman resullara ugratdylar.
34 Silas ol ýerde galmagy ýagşy görensoň, Iýerusalime Iudanyň ýeke özi gaýtdy.
35 Pawlus bilen Barnabas hem Antakiýada galdylar. Olar başga-da birentek adamlar bilen sapak berip, Rebbiň sözüniň Hoş Habaryny yglan etdiler.
36 Birnäçe günden soň, Pawlus Barnabasa: «Indi yzymyza dolanyp, Rebbiň sözüni yglan eden her şäherimizde doganlara görme-görşe baryp, hal-ýagdaýlaryny soraly» diýdi.
37 Barnabas Markus diýen Ýahýany-da äkitmegiň pikirindedi.
38 Ýöne Pawlus özleri bilen bile işe gitmän, olary Pamfiliýada terk eden adamy äkitmegi makul bilmedi.
39 Şeýlelikde, aralaryna agzalalyk düşüp, olar biri-birlerinden aýryldylar; Barnabas Markusy ýanyna alyp, gämi bilen Kipre gitdi.
40 Pawlus hem Silasy saýlady, doganlar tarapyndan Hudaýyň merhemetine tabşyrylyp ýola düşdi.
41 Ol Siriýa, Kilikiýa aýlanyp, ýygnaklary güýçlendirdi.




Chapter 16

1 Pawlus Derbe we Listra-da geldi; ine, ol ýerde ejesi imanly ýehudy we kakasy grek bolan Timoteus atly bir şägirt bardy.
2 Onuň Listradaky we Konýadaky doganlaryň arasynda ýagşy ady bardy.
3 Pawlus Timoteusy özi bilen äkitmek isleýärdi. Şonuň üçin ol etrapdaky ýehudylar sebäpli ony alyp, sünnetledi, çünki hemmeler Timoteusyň kakasynyň grekdigini bilýärdi.
4 Olar şäherleriň içinden geçip, Iýerusalimdäki resullar we ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilen kararlara eýermekligi doganlara tabşyrýardylar.
5 Şeýlelikde, ýygnaklaryň imany berkeşýärdi, sanlary gün-günden artýardy.
6 Sözi Aziýada wagyz etmeleri Mukaddes Ruh tarapyndan bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler.
7 Olar Misiýa serhetlerine gelip, Bitiniýa gitjek bolanlarynda, Isanyň Ruhy muňa rugsat etmedi.
8 Onsoň Misiýadan geçip, Troasa indiler.
9 Şol gije Pawlus görnüş gördi: makedoniýaly bir adam onuň garşysynda durup, ýalbaryp: «Makedoniýa gel, bize ýardam et!» diýdi.
10 Pawlus bu görnüşi görenden soň, Reb bizi olara Hoş Habary wagyz etmäge çagyrýar diýen netijä gelip, derrew Makedoniýa gitmek bilen bolduk.
11 Şeýlelikde, Troasdan gämi bilen göni Samotrakiýa, ertesi hem Neapolise,
12 ol ýerden-de Makedoniýa welaýatynyň birinji şäheri hem Rim koloniýasy bolan Filipä gelip ýetdik. Bu şäherde birnäçe günläp galdyk.
13 Sabat güni şäher derwezesinden daşaryk, derýa ýakasyna çykdyk. Bu ýerde adat boýunça doga edilýärdi. Onsoň ýygnanan aýallara oturyp gürrüň berdik.
14 Tiýatira şäherinde gyrmyzy geýim söwdagäri bolan, Hudaýa ybadat edýän Lidiýa atly bir aýal bizi diňledi; Pawlusyň aýdýanlaryna üns bermegi Reb onuň ýüregine guýupdy.
15 Ol aýal öý-içersi bilen çokundyrylandan soň ýalbaryp: «Meni Rebbe wepaly saýýan bolsaňyz, geliň-de, öýümde galyň» diýip, bizi yrdy.
16 Soňra doga okalýan ýere barýarkak, pal atmaklyk bilen hojaýynlaryna uly gazanç getirýän, palçy ruhly bir kenize duş geldik.
17 Bu gyz Pawlus dagymyzyň yzymyza düşüp: «Bu adamlar hemmelerden beýik Hudaýyň gullary, olar bize gutulma ýoluny wagyz edýärler!» diýip gygyrýardy.
18 Ol gygyrmasyny ençeme günläp dowam edensoň, Pawlus gaty tolgundy, yzyna öwrülip, ruha: «Onuň içinden çykmagy Isa Mesihiň adyndan saňa buýurýaryn!» diýdi. Ruh şol sagadyň özünde daşary çykdy.
19 Onuň hojaýynlary gazanç umytlarynyň elden gidenini görüp, Pawlus bilen Silasy tutup, bazara, başlyklaryň öňüne süýrediler.
20 Olary häkimleriň ýanyna getirip, şeýle diýdiler: «Bu adamlar şäherimizi bulam-bujar edýärler, özlerem ýehudy.
21 Biz rimlilere kabul edilmegi, berjaý edilmegi rugsat edilmedik adatlary wagyz edýärler!»
22 Halaýyk hem olara garşy aýaga galdy. Şeýlelikde, häkimler: «Egin-eşiklerini sypyryp, taýak bilen urmaly» diýen buýrugy berdiler.
23 Köp taýaklanlaryndan soň, zyndana saldylar-da, türmeçä olary berk saklamagy buýurdylar.
24 Ol-da şeýle buýruk alansoň, olary içki tussaghana salyp, aýaklaryna künde baglady.
25 Gije ýaryma golaýlanda, Pawlus bilen Silas doga edip, Hudaýa öwgüli nagmalar aýdýardylar, tussaglar hem olary diňleýärdi.
26 Birdenkä Ýer güýçli titredi, tussaghananyň binalary sarsyp, birbada ähli gapylar açyldy, hemmäniň zynjyrlary çözüldi.
27 Ukudan oýanan türmeçi zyndanyň gapylarynyň açykdygyny görüp, tussaglar gaçandyr öýtdi-de, özüni öldürjek bolup, gylyjyny syrdy.
28 Emma Pawlus gaty ses bilen: «Özüňe tyg çekme, biziň hemmämiz şu ýerde!» diýip gygyrdy.
29 Türmeçi çyra getirdip, içerik kürsäp girdi-de, sandyrap, Pawlus bilen Silasyň öňünde ýere ýykyldy.
30 Olary daşary çykaryp: «Eý agalar! Men gutulmak üçin näme etmeli?» diýdi.
31 Olar hem: «Reb Isa iman et, öý-içeriň bilen gutularsyň» diýdiler.
32 Şeýlelikde, oňa we öýündäkileriň baryna Rebbiň sözüni aýtdylar.
33 Türmeçi gijäniň şol sagadynda olary alyp, ýaralaryny ýuwdy-da, derrew öý-içersi bilen çokundyryldy.
34 Onsoň olary öýüne äkidip, öňlerine saçak ýazdy, Hudaýa iman getirdik diýip, bütin öý-içersi bilen şatlandy.
35 Gün doganda, häkimler garawullary ýollap: «Hälki adamlary boşat» diýdiler.
36 Türmeçi hem bu sözleri Pawlusa habar berip: «Häkimler sizi boşatmak üçin adam ýollapdyr; indi çykyň-da, sag-aman ýola düşüň» diýdi.
37 Emma Pawlus olara şeýle diýdi: «Olar Rim graždanlary bolan bizi hökümsiz halk öňünde ýençdiler, zyndana taşladylar, indi bolsa ogrynça daşaryk çykarjak bolýarlarmy? Bu bolmaz! Bizi özleri gelip çykarsynlar».
38 Garawullar hem bu sözleri häkimlere habar berdiler. Häkimler olaryň rimlidiklerini eşidenlerinde gorkdular.
39 Gelip ýalbardylar, olary daşary çykaryp, şäherden gitmeklerini haýyş etdiler.
40 Pawlus bilen Silas zyndandan çykyp, Lidiýanyň öýüne bardylar, doganlary görüp, olara göwünlik berenlerinden soň ýola düşdüler.




Chapter 17

1 Olar Amfipolisiň we Apolloniýanyň içinden geçip, Selanike geldiler. Ol ýerde ýehudylaryň bir sinagogasy bardy.
2 Pawlus öz endigine görä, olaryň arasyna bardy. Üç sabat olara Mukaddes Ýazgylardan gürrüň berdi.
3 Mesihiň görgi görüp, ölümden direlmeginiň zerur bolandygyny düşündirip görkezdi. «Meniň size wagyz edýän bu Isam Mesihdir» diýdi.
4 Onsoň olaryň birnäçesi, dindar grekleriň uly topary we at-abraýly aýallaryň köpüsi ynanyp, Pawlus bilen Silasa goşuldylar.
5 Ýöne iman etmedik ýehudylar göripçilik etdiler, bazarda boş aýlanyp ýören ýaramaz adamlaryň birnäçesini ýanlaryna alyp, üýşmeleň gurap, şäherde topalaň turuzdylar. Ýasonuň öýüne hüjüm edip, Pawlus bilen Silasy halkyň öňüne çykarjak boldular.
6 Ýöne olary tapman, Ýason bilen birnäçe dogany şäher başlyklarynyň öňüne süýräp: «Bütin dünýäde topalaň turzan bu adamlar bu ýere hem geldiler.
7 Ýason olary öýüne myhman aldy. Bularyň ählisi başga biri, ýagny Isa patyşadyr diýip, kaýsaryň buýruklaryna ters hereket edýärler» diýip gygyrdylar.
8 Şeýdip, olary eşiden halky, şäheriň başlyklaryny howsala saldylar.
9 Ýöne Ýason bilen beýlekileri girew alyp boşatdylar.
10 Doganlar derrew şol gije Pawlus bilen Silasy Weriýa iberdiler. Pawlus bilen Silas Weriýa gelip, ýehudylaryň sinagogasyna bardylar.
11 Bu ýerdäkiler Salonikdäkilerden has asyllydy. «Bu zatlar şeýlemikä?» diýip, her gün Ýazgylary gözleşdirip, sözi bütin göwünjeňlik bilen kabul etdiler.
12 Şeýlelikde, olaryň köpüsi, at-abraýly grek aýallarynyň hem-de erkekleriniň birentegi iman etdi.
13 Ýöne Salonikdäki ýehudylar Hudaýyň sözüniň Pawlus tarapyndan Weriýada-da wagyz edileninden habarly bolanlarynda, bu ýere hem gelip, halaýygy howsala salyp öjükdirdiler.
14 Şeýlelikde, doganlar Pawlusy deňze tarap ýola saldylar, ýöne Silas bilen Timoteus ol ýerde galdy.
15 Pawlusa hemralyk edenler ony Afina eltip, Silas bilen Timoteusa tiz gelsinler diýen buýrugy alyp, yzlaryna gaýtdylar.
16 Pawlus Afinyda Silas bilen Timoteusa garaşyp ýörkä, şäheriň butlardan doludygyny görüp, onuň ýüregi awady.
17 Ol sinagogada ýehudylar, Hudaýdan gorkýan grekler hem-de her gün bazarda sataşan adamlary bilen gürrüň ederdi.
18 Epikurçy we stoik filosoflaryň käbirleri-de oňa garşy çykdylar. Käbiri: «Bu ýaňra näme diýjek bolýar?» diýse, käbiri: «Ol ýat taňrylaryň wagyzçysyna meňzeýär» diýýärdi. Sebäbi Pawlus Isanyň Hoş Habaryny we direlişi wagyz edýärdi.
19 Şeýlelikde, ony tutup, Ares depesi mejlisine getirdiler-de, şeýle diýdiler: «Seniň gürrüňini edýän bu täze taglymatyňyň nämedigini bilip bilerismi?
20 Çünki sen biziň gulagymyza käbir ýat zatlary getirýärsiň. Biz indi bu zatlaryň nämedigini bilmek isleýäris».
21 Ähli afinylylar hem ol ýerde ýaşaýan ýatlar täze zat sözlemekden we diňlemekden başga hiç bir zat bilen wagtlaryny ötürmeýärdiler.
22 Pawlus mejlisiň ortasynda durup şeýle diýdi: «Eý afinylylar! Men sizi her babatda gaty dindar görýärin.
23 Çünki aýlanyp, siziň ybadat edýän zatlaryňyzy gözden geçirip ýörkäm, depesinde „Nätanyş Taňra" diýen ýazgyly bir gurbanlyk edilýän ýeri hem gördüm. Men, ine, tanaman, ybadat edýän bu zadyňyzy size wagyz edýärin.
24 Dünýäni, onuň içinde bolan bütin zatlary ýaradan Hudaý Ýeriň-gögüň Rebbi bolup, el bilen ýasalan ybadathanalarda ýaşamaz.
25 Şeýle hem, hamala bir zada zar ýaly, Oňa adam eli bilen gulluk edip bolmaz, sebäbi hemmelere dirilik, dem we ähli zady Onuň özi berýär.
26 Ol adamlaryň ähli milletlerini bir gandan ýaradyp, olary bütin ýer ýüzünde ýaşatdy.
27 Hudaýy agtararlar, Ony, belki-de, sermeläp taparlar diýip, olaryň wagtlaryny, mesgen tutjak ýerleriniň çäklerini öňünden belledi. Muňa garamazdan, Ol biziň hiç birimizden uzakda däldir.
28 Çünki biz Onda ýaşaýandyrys, hereket edýändiris we bardyrys. Siziň şahyrlaryňyzyň käbiriniň aýdyşy ýaly, „Biz-de Onuň zürýadydyrys".
29 Biz indi Hudaýyň zürýadydygymyza görä, Hudaýyň tebigaty adam sungaty we hünäri bilen suratlandyrylan gyzyla, kümşe ýa-da daşa meňzeşdir öýtmeli däldiris.
30 Hudaý nadanlyk döwründen göz ýumup geçensoň, indi hemme ýerde adamlaryň ählisiniň toba etmegini buýurýar.
31 Çünki Hudaý bir güni belledi. Ol Öz saýlan Adamy arkaly dünýäniň üstünden şol günde adyl höküm çykarar. Hudaý bu Adamy ölümden direltmek bilen, hemmelere subutnama berdi».
32 Ölümden direlmegi eşidenlerinde, kimsi güldi, kimsi hem: «Bu hakda seni ýene diňläris» diýdi.
33 Şeýlelikde, Pawlus olaryň arasyndan çykyp gitdi.
34 Ýöne käbir adamlar oňa goşulyp iman etdiler. Olaryň arasynda mejlis agzasy Dionisius, Damaris atly bir aýal we başgalar bardy.




Chapter 18

1 Mundan soň Pawlus Afinyny terk edip, Korintosa geldi.
2 Italiýadan ýaňy gelen, asly pontusly Akila atly bir ýehudy bilen onuň aýaly Priskilla sataşyp, şolaryň öýüne gitdi (Klaudius bütin ýehudylar Rimden çykmaly diýen buýrugy beripdi).
3 Kärleri bir bolansoň, Pawlus olaryň ýanynda galyp işledi. Olaryň käri çadyr ýasamakdy.
4 Pawlus her sabat güni sinagogada gürrüň berip, ýehudylary hem grekleri ynandyrýardy.
5 Silas bilen Timoteus Makedoniýadan gelenlerinde, Pawlus ruhunda gysylyp, ýehudylara Isanyň Mesihdigi barada güwä geçdi.
6 Emma olar Pawlusa garşy çykyp sögenlerinde, Pawlus egin-eşigini kakyşdyryp, olara: «Eden işiňiziň jezasyny özüňiz çekiň. Men tämizdirin, mundan beýläk özge milletleriň ýanyna giderin!»
7 Onsoň ol ýerden çykyp, Hudaýa ybadat edýän Ýustus atly bir adamyň öýüne geldi. Onuň öýi sinagoga bilen ýanaşykdy.
8 Sinagoga başlygy Krispus bütin öý-içersi bilen Rebbe iman etdi; korintoslylaryň köpüsi muny eşidip iman etdiler hem çokundyryldylar.
9 Bir gije Reb Pawlusa bir görnüşde diýdi: «Gorkma, geple, dymma!
10 Çünki Men seniň bilendirin, ýamanlyk etjek bolup, hiç kes saňa el uzatmaz, sebäbi bu şäherde Meniň halkym köpdür».
11 Şeýlelikde, Pawlus bir ýarym ýyllap olaryň arasynda galyp, Hudaýyň sözüni öwretdi.
12 Galio Ahaýa häkimlik edýärkä, ýehudylar birleşip, Pawlusa hüjüm etdiler, ony höküm kürsüsiniň garşysyna eltip:
13 «Bu adam Mukaddes Kanuna garşy tärde Hudaýa ybadat etdirjek bolup, halky yrýar» diýdiler.
14 Ýöne Pawlus agzyny açjak bolanda, Galio ýehudylara şeýle diýdi: «Eý ýehudylar, eger bir adalatsyzlyk ýa agyr jenaýat bolan bolsa, size, elbetde, çydardym.
15 Ýöne taglymatlary, atlary we öz kanunyňyza degişli jedelleri özüňiz çözüň, meniň bu zatlar hakda kazylyk edesim gelenok».
16 Şeýlelikde, olary höküm kürsüsinden kowdy.
17 Onsoň olar sinagoganyň başlygy Sostenisi höküm kürsüsiniň öňünde tutup ýençdiler; bularyň hiç biri Galiony ýekeje-de ynjatmady.
18 Pawlus ol ýerde ýene birnäçe günläp galdy. Onsoň doganlar bilen hoşlaşyp, Priskilla we Akila bilen birlikde gämä münüp, Siriýa gitdi. (Ol Hudaýa nezir edeni üçin Kenhreada başyny syrdyrypdy.)
19 Efesosa gelip ýetenlerinde, Pawlus Priskilla bilen Akilany şol ýerde galdyryp, özi sinagoga bardy-da, ýehudylar bilen gürrüň etdi.
20 Ýöne bu ýerde köpräk galmagyny ondan haýyş edenlerinde razy bolmady.
21 Olar bilen hoşlaşyp: «Ýetip gelýän baýramy, her niçik-de bolsa Iýerusalimde tutmagym gerek, Hudaý oňlasa, ýene siziň ýanyňyza öwrülerin» diýdi. Şeýlelikde, gämi bilen Efesosdan ugrady, ýöne Akila bilen Priskilla Efesosda galdylar.
22 Kaýsariýa gelip, ýygnak bilen salamlaşandan soň, Antakiýa gitdi.
23 Ol ýerde birnäçe wagt galandan soň, ýene ýola düşdi, Galatýa we Frikiýa ülkelerini nobatma-nobat aýlanyp, bütin şägirtlere güýç-kuwwat berdi.
24 Şol wagt asly isgenderiýaly bolan Apollos atly bir dilewar, Mukaddes Ýazgylara ökde ýehudy Efesosa geldi.
25 Reb ýolunda tälim alan bu adam, diňe Ýahýanyň çokundyrmasyny bilmegine garamazdan, ruhy hyjuwly bolup, Reb hakda anyk gürrüňler bilen sapak bererdi.
26 Ol sinagogada gaýratlylyk bilen geplemäge başlady. Akila bilen Priskilla muny eşidenlerinde, Apollosy öz ýanlaryna alyp, oňa Hudaýyň ýoluny has takyk düşündirdiler.
27 Apollos Ahaýa gitmekçi bolanda, doganlar oňa bu işi ündäp, şägirtlere ony kabul etmegi ýazdylar. Ol gelip ýetende, merhemet arkaly iman edenlere köp ýardam etdi.
28 Çünki ol Isanyň Mesihdigini Ýazgylar arkaly subut edip, ýehudylaryň aýdanlaryny halkyň öňünde hyjuw bilen paş edýärdi.




Chapter 19

1 Apollos Korintosdaka, Pawlus ülkäniň içki sebitlerine aýlanyp, Efesosa geldi. Ol ýerde birnäçe şägirde sataşyp,
2 olardan: «Iman edeňizde Mukaddes Ruhy aldyňyzmy?» diýip sorady. Olar hem oňa: «Biz Mukaddes Ruhuň bardygyny hem eşidemizok» diýdiler.
3 Ol: «Onda, näme çokundyrma bilen çokundyryldyňyz?» diýip sorady. Olar: «Ýahýanyň çokundyrmasy bilen» diýip jogap berdiler.
4 Pawlus: «Ýahýa halka özünden soň Geljege, ýagny Isa iman etmelerini aýdyp, olary toba çokundyrmasy bilen çokundyrypdy» diýdi.
5 Olar muny eşidenlerinde, Reb Isanyň ady bilen çokundyryldylar.
6 Pawlus üstlerine ellerini goýan badyna, Mukaddes Ruh olara inip, olar başga dillerde gepläp, welilik etmäge başladylar.
7 Bu adamlaryň jemi on ikä golaýdy.
8 Soň Pawlus sinagoga bardy. Üç aýlap gürrüň berip, Hudaýyň Patyşalygyna degişli zatlary olara ynandyryp, gaýratly wagyz etdi.
9 Ýöne käbirleri gatap, ynanmazlyk etdiler, Mesihiň ýoluny halk öňünde ýamanladylar. Şeýlelikde, Pawlus olardan çekildi, şägirtleri äkidip, her gün Tirannosyň mekdebinde gürrüň berdi.
10 Bu iş iki ýyl dowam etdi. Şeýlelikde, Aziýada ýaşaýanlaryň bary, ýehudylardyr grekler Rebbiň sözüni eşitdiler.
11 Hudaý Pawlusyň eli bilen görlüp-eşidilmedik mugjyzalar etdi.
12 Şeýlelikde, onuň bedenine degen elýaglykdyr guşaklary alyp, syrkawlaryň üstüne örtenlerinde, olaryň dertleri aýrylyp, içlerinden erbet ruhlar çykdy.
13 Aýlanyp ýören ýehudy dogagöýleriň käbiri hem Reb Isanyň adyny tutup, erbet ruhlulara şypa bermäge girişýärdiler. «Pawlusyň wagyz edýän Isasynyň ady bilen size buýruk berýärin!» diýýärdiler.
14 Muny edýänler Skewa atly bir ýehudy baş ruhanysynyň ýedi ogludy.
15 Emma erbet ruh olara gaýtargy berip: «Isany tanaýaryn, Pawlusy-da bilýärin, ýöne siz kim?» diýdi.
16 Onsoň erbet ruhly adam olaryň üstüne topuldy, ählisini basdy. Olar ýeňlip, ýalaňaç hem ýaraly ol öýden gaçyp gitdiler.
17 Bu waka Efesosda ýaşaýan ýehudylaryň, grekleriň gulagyna ýetdi. Hemmesiniň üstüne gorky inip, Reb Isanyň ady beýgeldi.
18 Iman edenleriň köpüsi geldiler, eden etmişlerini aýdyp, boýun aldylar.
19 Jadygöýlük bilen meşgullanýanlaryň bir topary kitaplaryny üýşürip, hemmäniň gözüniň alnynda ýakdy. Olaryň bahasyny hasaplanlarynda, elli müň kümüş pula ýetdi.
20 Şeýlelikde, Rebbiň sözi barha ýaýrap güýçlenýärdi.
21 Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýa we Ahaýadan geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Ol: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmelidirin» diýýärdi.
22 Pawlus özüne hyzmat edýänlerden ikisini ― Timoteus we Erastosy Makedoniýa ýollap, özi birnäçe wagtlap Aziýada galdy.
23 Şol wagtlar Mesih ýolundan ötri uly galmagal turdy.
24 Dimitrius atly bir zergär bardy. Ol Artemis ybadathanasynyň kümüş nusgalaryny ýasamak bilen, hünärmentlere köp iş getirerdi.
25 Dimitrius hünärmentler bilen şuňa meňzeş kärleriň işçilerini üýşürip, şeýle diýdi: «Adamlar! Biziň gazanjymyzyň şu işdendigini özüňiz bilýärsiňiz.
26 Bu Pawlusyň hem: „Adam eli bilen ýasalan zat taňry däldir" diýip, diňe Efesosda däl, eýsem, bütin Aziýada diýen ýaly köp halky ynandyryp azdyrandygyny-da görýärsiňiz hem eşidýärsiňiz.
27 Biziň üçin hatarly bolan diňe bu kesbiň gadyrdan düşmegi däl, eýsem, beýik zenan taňry Artemisiň ybadathanasynyň-da zada saýylman, bütin Aziýa we hatda dünýäniň hormat edýän taňrysynyň şöwketden düşmegidir».
28 Olar muny eşidenlerinde, gahar-gazapdan dolup: «Efesoslylaryň Artemisi beýikdir!» diýip gygyryşdylar.
29 Şeýlelikde, bütin şäher galagopluga düşdi. Olar Pawlusyň ýoldaşlary, makedoniýaly Gaýus bilen Aristarhosy tutup, bary birlikde teatra okduryldylar.
30 Ýöne Pawlus halkyň arasyna barjak bolanda, şägirtler ony goýbermediler.
31 Onuň dostlary bolan Aziýa başlyklaryndan käbiri-de Pawlusa habar ýollap, teatra aýak basmazlygyny haýyş etdiler.
32 Indi, biri beýle, beýlekisi eýle diýip gygyrýardy, çünki märeke galagopluga düşüp, olaryň aglabasy näme üçin üýşendiklerini hem bilmeýärdi.
33 Onsoň ýehudylaryň öňe itmegi bilen, märekäniň içinden Isgenderi çekip çykardylar. Isgender eli bilen yşarat edip, halkyň öňünde gepläp, özüni gorajak boldy.
34 Ýöne onuň ýehudydygyny bilenlerinde, hemmeleriň agzyndan bir söz çykdy. Olar iki sagatlap: «Efesoslylaryň Artemisi beýikdir!» diýip gygyryşdylar.
35 Şäher kätibi halaýygy köşeşdirip, şeýle diýdi: «Eý efesoslylar! Efesoslylar şäheriniň beýik Artemis ybadathanasynyň we Gökden inen heýkeliň goragçysydygyny haýsy kişi bilmeýär?
36 Muny inkär edip bolmaz. Şonuň üçin hem köşeşmelisiňiz, hiç zady gyssanmaç etmeli dälsiňiz.
37 Siz ne ybadathana ogrusy bolan, ne-de taňryňyza dil ýetiren bu adamlary bu ýere getirdiňiz.
38 Dimitriusyň ýa-da onuň ýanyndaky hünärmentleriň birine garşy dawalary bar bolsa, diwan gapylary açyk, häkimler bar; goý, biri-biriniň üstünden şikaýat etsinler.
39 Başga bir zady gözleýän bolsaňyz, onda ol resmi ýygnakda çözüler.
40 Sebäbi bu günki wakalar zerarly, topalaňçylykda günäkärlenmek howpy üstümize abanyp dur, hiç bir sebäpsiz edilen bu üýşmeleňi biz aklap bilmeris». Ol şeýle diýip, märekäni dagatdy.




Chapter 20

1 Başagaýlyk ýatyşandan soň, Pawlus şägirtleri ýanyna çagyryp, nesihat berdi, olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa gitmek üçin ýola düşdi.
2 Ol etraplary aýlanyp, imanlylara köp sözler bilen nesihat edenden soň, Gresiýa geldi.
3 Ol ýerde üç aýlap galdy. Soň gämili Siriýa gitjek bolup ýörkä, ýehudylar tarapyndan özüne garşy dildüwşük guralandygy zerarly, Makedoniýanyň üsti bilen yzyna dolanmaklygy makul bildi.
4 Pirrosyň ogly weriýaly Sopatros, saloniklilerden Aristarhos, Sekundus, derbeli Gaýus Timoteus we aziýaly Tihikus bilen Trofimos ony Aziýa ugratdylar.
5 Bular öňden gidip, Troasda bize garaşdylar.
6 Biz hem Petir baýramy günlerinden soň, Filipiden gämi bilen bäş günde olaryň ýanyna ― Troasa gelip ýetdik. Ol ýerde ýedi gün bolduk.
7 Hepdäniň ilkinji güni çörek bölmek üçin ýygnanyşdyk. Pawlus ertesi gün ýola düşmekçi bolansoň, olara gürrüň berip, sözüni ýarygijä çekdirdi.
8 Ýygnanyşan balahanamyzda köp çyra bardy.
9 Pawlus ýene-de gürrüň berip durka, penjirede oturan Eftihos atly bir ýaş ýigidi agyr uky basdy. Ol ukudaka üçünji gatdan aşak gaçyp, öli halynda galdyryldy.
10 Pawlus aşak düşdi, ýigidiň üstüne egildi-de, ony gujaklap: «Galmagal etmäň, içinde jany bar» diýdi.
11 Onsoň ýokary çykdy, çörek bölüp iýdi. Olar bilen daň atýança, köp söhbet edeninden soň bolsa ýola düşdi.
12 Olar ýaňky oglany öýlerine diri getirip, köp ynjalyk tapdylar.
13 Biz öňden gämä münüp, Pawlusy Asosadan almak üçin, ol ýere ugradyk, çünki ol pyýada gitmek niýeti bilen bize şeýle tabşyrypdy.
14 Pawlus Asosada bize sataşdy. Ony alyp Midillä geldik.
15 Onsoň ol ýerden gämi bilen ýola düşüp, ertesi Hios garşysyna ýetdik. Bir gün soň bolsa Samosa geçip, Trogilliýada galdyk, ertesi hem Militosa geldik.
16 Pawlus Aziýada wagty biderek geçirmezlik üçin, Efesosyň gapdalyndan geçip gitmegi ýüregine düwüpdi. Ol howlugýardy, sebäbi başartsa, aňrujy Pentikost güni Iýerusalimde bolmakçydy.
17 Pawlus Militosdan Efesosa adam iberip, ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrdy.
18 Gelenlerinde, olara şeýle diýdi: «Meniň Aziýa gelen ilkinji günümden bäri hemişe siziň ýanyňyzda bolanymy özüňiz bilýänsiňiz.
19 Men bütin pes göwünlilikde, gözýaş we ýehudylaryň dildüwşüklerinden alan tejribelerim bilen Rebbe gulluk etdim.
20 Peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrman, hemmesini size wagyz etdim.
21 Hem ýehudylara, hem greklere Hudaýa toba we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmek üçin güwä geçip, aç-açan hem öýme-öý aýlanyp size sapak berdim.
22 Indi hem, ine, ruhumda bent bolup, Iýerusalime barýaryn, ol ýerde başyma näme geljegini bilemok.
23 Ýöne Mukaddes Ruh bentleriň we muşakgatlaryň maňa garaşýanyny şäherme-şäher güwä geçip aýdýar.
24 Men bulary hiç zat hasap etmeýärin, janymy özüm üçin gymmat bilmeýärin; döwrümi, Hudaýyň merhemetiniň Hoş Habaryna güwä geçmek üçin, Reb Isadan alan hyzmatymy bitirsem bolýar.
25 Men araňyzda Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edip gezdim, indi bolsa siziň hiç biriňiziň ýüzümi gaýdyp görmejegiňizi bilýärin.
26 Şonuň üçin bu gün size bütin adamlaryň ganyndan tämizdigime güwä geçýärin.
27 Çünki men Hudaýyň bütin islegini wagyz etmegi sizden gaýgyrmadym.
28 Özüňize we Reb Hudaýyň Öz gany bilen edinen ýygnagyny bakmak üçin, Mukaddes Ruhuň sizi içinde gözegçi edip goýan tutuş sürüsine göz-gulak boluň.
29 Men gidenimden soň, azgyn gurtlaryň araňyza girjegini bilýärin, olar sürini aýamaz.
30 Araňyzdan şägirtleri yzlaryna eýertjek bolup, hakykaty ýoýjak adamlar çykar.
31 Şonuň üçin oýa boluň, üç ýyllap gije-gündiz gözýaş bilen siziň her biriňize üznüksiz nesihat edenimi ýatlaň.
32 Indi bolsa sizi Hudaýa, Onuň merhemetiniň sözüne tabşyrýaryn. Ol sizi abatlamagy, size ähli mukaddesleriň arasyndan miras bermegi başarýandyr.
33 Men hiç kimiň kümşüne, gyzylyna ýa eşigine göz diken däldirin.
34 Siz meniň öz zerurlyklaryma we ýanymdakylara bu elleriň hyzmat edenini bilýänsiňiz.
35 Men şeýle işläp, ejizleri goldamalydygyny, Reb Isanyň hut Özüniň: „Bermek almakdan bagtlydyr" diýen sözüni ýatlamalydygyny ähli zatda size görkezdim».
36 Ol muny aýdandan soň dyza çöküp, olaryň bary bilen birlikde doga etdi.
37 Şonda olaryň hemmesi köp agladylar, Pawlusyň boýnundan gujaklap, ony ogşadylar.
38 «Siz meniň ýüzümi gaýdyp görmersiňiz» diýen sözi olary has tukatlandyran zat boldy. Onsoň ony gämä barynça ýola saldylar.




Chapter 21

1 Olardan aýrylyp, gämi bilen göni Kosa, ertesi gün Rodosa, ol ýerden hem Patara geldik.
2 Onsoň Finikiýa barýan bir gämi tapyp, şoňa mündük we deňze çykdyk.
3 Kipr görnende, ony çepimizde galdyrdyk-da, Siriýa tarap ýüzüp, Sura bardyk, sebäbi gämi şol ýerde ýüküni düşürmelidi.
4 Surda şägirtleri tapyp, ýedi gün galdyk. Şägirtler Ruh arkaly Pawlusa Iýerusalime gitmezligi aýtdylar.
5 Biz şol günleri geçirdik-de, çykyp, ýene ýola düşdük. Olaryň bary aýallar we oglan-uşaklary bilen şäheriň daşyna çenli bizi ýola saldylar. Onsoň kenarda dyza çöküp, doga etdik.
6 Biri-birimiz bilen hoşlaşanymyzdan soň, gämä mündük, olar hem öýlerine gaýtdylar.
7 Surdan ýolumyzy dowam etdirip, Ptolemaise ýetdik, doganlar bilen salamlaşyp, bir gün olaryň ýanynda galdyk.
8 Ertesi gün biz, ýagny Pawlus we ýanyndakylar ýola düşüp, Kaýsariýa geldik. Ýedileriň biri bolan Hoş Habarçy Filipusyň öýüne baryp, onuň ýanynda galdyk.
9 Onuň welilik edýän çykmadyk dört gyzy bardy.
10 Biz ol ýerde ençeme gün galanymyzda, Ýahudadan Agabus atly pygamber geldi.
11 Ol biziň ýanymyza gelip, Pawlusyň guşagyny aldy-da, öz elini hem aýagyny baglap: «Muny Mukaddes Ruh aýdýar: Iýerusalimdäki ýehudylar şu guşagyň eýesini şeýle baglap, milletleriň eline bererler» diýdi.
12 Muny eşidenimizde biz-de, ol ýerde ýaşaýanlar-da Iýerusalime gitmezligi üçin Pawlusa ýalbardyk.
13 Pawlus şeýle jogap berdi: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz, bu edýäniňiz näme? Men Iýerusalimde diňe bendi bolmaga däl, eýsem, Reb Isanyň ady üçin ölmäge-de taýyn».
14 Ony yryp bilmänimizden soň biz: «Rebbiň islegi bolsun!» diýip dymdyk.
15 Şol günlerden soň goşumyzy taýýarlaşdyryp, Iýerusalime gitdik.
16 Kaýsariýada bolýan şägirtleriň hem birnäçesi biz bilen gidip, Minason diýen bir kiprli köne şägirdiň ýanyna eltdiler, biz oňa myhman bolmalydyk.
17 Iýerusalime gelenimizde, doganlar bizi şatlyk bilen garşyladylar.
18 Ertesi Pawlus biz bilen birlikde Ýakubyň ýanyna bardy, ähli ýolbaşçylar-da geldiler.
19 Pawlus olar bilen salamlaşandan soň, Hudaýyň öz hyzmaty arkaly milletler arasynda edenlerini birin-birin aýdyp berdi.
20 Olar muny eşidip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Soň Pawlusa şeýle diýdiler: «Eý dogan! Özüň görýärsiň, ýehudylar arasynda iman eden näçe müň adam bar; hemmesi-de Mukaddes Kanuna yhlasly.
21 Milletler arasyndaky hemme ýehudylara Musadan dönmekligi öwredip, oglanlary sünnetlemeli däl, adatlara görä ýöremeli däl diýýär diýip, olara sen hakda habar berlipdir.
22 Indi näme etmeli? Elbetde, märeke ýygnanar, çünki seniň geleniňi eşiderler.
23 Şonuň üçin biziň şu aýdýanymyzy et: bizde Hudaýa kasam eden dört adam bar.
24 Bu adamlary ýanyňa al-da, olar bilen birlikde täret edip, kellelerini syrdyrma harçlaryny ber. Şeýlelikde, hemmeler sen hakda habar berlen zatlaryň ýerliksizdigini, seniň-de kanuny saklap hereket edýäniňi biler.
25 Iman eden milletler hakda aýdanymyzda bolsa, biz beýle zatlary asla tabşyramyzok, diňe butlara gurban edilen zatlardan, gandan, boglan haýwanlaryň etinden hem-de zynadan gaça durmak baradaky kararymyzy ýazdyk».
26 Ertesi gün Pawlus ýaňky adamlary ýanyna alyp, olar bilen bile etdi. Onsoň olaryň her biri üçin gurbanlyk berilýänçä, täret günleriniň haçan doljagyny yglan edip, olar bilen birlikde ybadathana girdi.
27 Bu ýedi gün dolmaga golaýka, aziýaly ýehudylar ony ybadathanada görüp, bütin halky öjükdirdiler, oňa el urup:
28 «Eý, Ysraýyl adamlary, kömek ediň! Şu adam her ýerde, her kese halkymyzyň, Mukaddes Kanunyň we bu ýeriň tersine sapak berýär. Üstesine-de, grekleri ybadathana getirip, bu mukaddes ýeri hem haramlady» diýip gygyryşdylar.
29 Çünki olar Pawlusy mundan öňinçä efesosly Trofimos bilen bilelikde şäherde görendikleri üçin, Pawlus ony-da ybadathana getirendir öýdýärdiler.
30 Şeýlelikde, bütin şäher aýaga galyp, halk her tarapdan ylgady. Pawlusy tutup, ybadathanadan daşary süýrediler; şol bada-da ybadathananyň gapylary ýapyldy.
31 Pawlusy öldürjek bolup durkalar, esgerleriň müňbaşysyna bütin Iýerusalimiň aýaga galandygy baradaky habar gelip gowuşdy.
32 Ol hem derrew esgerleri, ýüzbaşylary ýanyna alyp, halkyň üstüne eňdi. Olar müňbaşy bilen esgerleri görenlerinde, Pawlusy ýençmegi bes etdiler.
33 Şol wagt müňbaşy golaý geldi-de, Pawlusy tutup, goşa zynjyrlar bilen baglamagy buýurdy. Onsoň onuň kimdigini, näme edenini sorady.
34 Ýöne halaýykdan biri beýle, beýlekisi eýle diýip gygyransoň, müňbaşy başagaýlyk zerarly belli bir zat bilip bilmän, Pawlusy gala äkitmegi buýurdy.
35 Pawlus basgançaga gelende, märekäniň dyzamagy sebäpli, esgerler ony göterip äkitmeli boldular.
36 Çünki halkyň bir topary onuň yzyna düşüp: «Ony ýok ediň!» diýip gygyryşýardylar.
37 Pawlus ýaňy galanyň içine getirilmeli bolanda, müňbaşa şeýle diýdi: «Saňa bir zat aýdyp bilerinmi?» Ol hem: «Sen grekçe bilýärsiňmi?
38 Birnäçe wagt mundan öň topalaň turzup, pitneçilerden dört müň adamy çöle çykaran müsürli sen dälmi?» diýdi.
39 Pawlus: «Men bir tarsusly ýehudy, Kilikiýada şöhraty az bolmadyk bir şäheriň ilatyndan. Senden haýyş edýärin, maňa halka söz sözlemäge rugsat et» diýdi.
40 Ol rugsat edende, Pawlus basgançagyň üstünde durup, halka eli bilen yşarat etdi. Çuň ümsümlik aralaşansoň, olara ýewreý dilinde ýüzlenip:




Chapter 22

1 «Eý doganlar, atalar! Meniň şindi size sözlejek sözüme gulak asyň!» diýdi.
2 Olar onuň özlerine ýewreý dilinde ýüzlenenini eşidenlerinde, ümsümligi has beter sakladylar. Şonda Pawlus şeýle diýdi:
3 Men Kilikiýanyň Tarsusynda doglan bir ýehudy; ýöne şu şäherde ösdüm, Gamaliýeliň terbiýesi astynda ata-babalarymyzyň kanunynyň berk talap edijiligine görä tälim aldym. Bu gün siziň baryňyzyň bolşuňyz ýaly, men-de Hudaýa yhlaslydym.
4 Men hem erkekleri, hem-de aýallary tutup, zyndanlara tabşyrmak bilen, Mesih ýolundakylary ölüme çenli yzarladym.
5 Bu babatda baş ruhany bilen bütin ýaşulular-da güwä geçerler. Men olardan doganlara hatlar hem alyp, Şamdakylary-da jezalandyrmak üçin baglap, Iýerusalime getirmek maksady bilen Şama tarap ýola düşdüm.
6 Ýol ýöräp, Şama golaýlanymda, günortanlar birdenkä daş-töweregimde Gökden bir güýçli nur ýaldyrady.
7 Men ýere ýykyldym, onsoň bir ses eşitdim, ol maňa: „Saul, Saul, näme üçin Maňa azar berýärsiň?" diýdi.
8 Men: „Ýa Reb, Sen kim?" diýdim. Ol maňa: „Men seniň azar berýän Nasyraly Isaň" diýip jogap berdi.
9 Meniň ýanymdakylar nury görüp gorkdular, ýöne meniň bilen Gepleşeniň sesini eşitmediler.
10 Men: „Ýa Reb! Men näme etmeli?" diýdim. Reb hem maňa: „Tur, Şama git, etmeli zatlaryň bary şol ýerde saňa aýdylar" diýdi.
11 Ýaňky nuruň ýalkymy sebäpli görmez bolanym üçin, ýanymdakylar elimden tutup itdiler; şeýlelikde, Şama geldim.
12 Mukaddes Kanun boýunça takwa bolup, Şamda oturan bütin ýehudylar arasynda ýagşy ady bolan Hananýa atly bir adam ýanyma geldi.
13 Ol durup maňa: „Saul dogan! Gözüň açylsyn" diýdi. Men şol pursatda gözümi açyp, ony gördüm.
14 Hananýa ýene şeýle diýdi: „Ata-babalarymyzyň Hudaýy Öz islegini bilmegiň, Adyly görüp-de, agzyndan bir ses eşitmegiň üçin seni öňünden belläp goýdy.
15 Çünki sen gören, eşiden zatlaryň barada bütin adamlaryň öňünde Oňa güwä geçmelisiň.
16 Indi näme gijikdirýärsiň? Tur, çokundyryl, Ony çagyr-da, günäleriňden saplan".
17 Men Iýerusalime öwrülip gelip, ybadathanada doga edip otyrkam, özümi ýitirme ýagdaýyna düşdüm.
18 Ony gördüm, Ol maňa: „Tiz bol-da, çalt Iýerusalimden git, çünki olar seniň Men hakda güwäligiňi kabul etmezler" diýdi.
19 Men şeýle diýdim: „Ýa Reb, olar meniň sinagogadan-sinagoga aýlanyp, Saňa iman edenleri tussaga atyp, ýenjenimi bilýärler.
20 Seniň şaýadyň Stefanusyň gany dökülende, men hem şol ýerde durdum, bu işi oňladym, ony öldürenleriň egin-eşigini sakladym".
21 Ol maňa: „Bar, Men seni uzakdaky milletlere ýollajak"» diýdi.
22 Olar şu söze deňeç ony diňlediler, onsoň seslerini gataldyp: «Beýle adamy ýer ýüzünden ýok ediň! Munuň diri galmagy gelşikli däl» diýdiler.
23 Olar şeýle gygyryşyp, egin-eşiklerini zyňyp, howa tozan sowrup durkalar,
24 müňbaşy märekäniň näme üçin Pawlusa gygyryşýandygyny bilmek üçin, onuň gala äkidilip, dürre bilen soraga çekilmegini buýurdy.
25 Ony gaýyş çekiler bilen baglanlarynda, Pawlus ýanynda duran ýüzbaşa: «Rimli hem-de höküm edilmedik bir adamy dürrelemäge hakyňyz barmy?» diýdi.
26 Ýüzbaşy muny eşidende baryp, müňbaşa habar berip: «Bu etjek bolýanyň näme? Bu adam rimli» diýdi.
27 Şonda müňbaşy Pawlusyň ýanyna gelip: «Maňa aýt, sen rimlimi?» diýip, ondan sorady. Ol: «Hawa» diýip jogap berdi.
28 Müňbaşy: «Men bu hukugy kän pul bilen edindim» diýdi. Pawlus: «Emma men rimli bolup doguldym» diýdi.
29 Şeýlelikde, ony soraga çekjek bolup duranlar derrew ýanyndan çekildiler; müňbaşy hem Pawlusyň rimlidigini bilende gorkdy, çünki ony baglapdy.
30 Ol ertesi gün ýehudylaryň Pawlusy nämede aýyplaýandygyny takyk bilmek üçin, ony çözdi, baş ruhanylar bilen bütin mejlise hem ýygnanmagy buýurdy. Onsoň Pawlusy getirip, olaryň garşysynda duruzdy.




Chapter 23

1 Pawlus mejlise nazaryny dikip: «Eý doganlar! Men Hudaýyň öňünde şu güne çenli sap wyždan bilen gezdim» diýdi.
2 Baş ruhany Hananýa ýanynda duranlara onuň agzyna urmagy buýurdy.
3 Pawlus oňa şeýle diýdi: «Eý agardylan diwar! Seni Hudaý urar! Meniň üstümden Mukaddes Kanun boýunça höküm çykarmak üçin otyrsyň, özüň bolsaň kanundan çykyp, meni urmagy buýurýarsyň».
4 Baş ruhanynyň ýanynda duranlar: «Näme üçin Hudaýyň baş ruhanysyna sögýärsiň?» diýip, ondan soradylar.
5 Pawlus: «Doganlar, onuň baş ruhanydygyny bilmeýärdim; çünki: „Öz halkyň baştutanyna hapa söz aýtma" diýip ýazylgydyr» diýdi.
6 Pawlus olaryň bir böleginiň saddukeýlerden, beýlekisiniň hem fariseýlerdendigini bilip: «Eý doganlar, men fariseý ogly fariseýdirin; meniň üstümden ölüleriň direlme umydy üçin höküm çykarylýar!» diýip, mejlisde gygyrdy.
7 Ol muny aýdanda, fariseýler bilen saddukeýleriň arasyna agzalalyk düşüp, jemagat ikä bölündi.
8 Sebäbi saddukeýler ne direlme, ne perişde, ne-de ruh bar diýýärler, fariseýler bolsa hemmesine ynanýarlar.
9 Şeýlelikde, uly galmagal turdy, fariseýler mezhebinden bolan käbir kanunçylar ýokary turdular-da, dawalaşyp: «Biz bu adamda hiç bir erbetlik görmeýäris. Eger bir ruh ýa bir perişde onuň bilen gepleşen bolsa, onda Hudaýa garşy göreşmäliň» diýdiler.
10 Agzalalyk ula ýazanda, olaryň Pawlusy parçalamaklaryndan heder eden müňbaşy esgerlere aşak düşüp, ony olaryň arasyndan zor bilen alyp, gala äkitmegi buýurdy.
11 Şol gije Reb Pawlusyň ýanyna gelip, oňa: «Batyr bol! Çünki sen Men barada Iýerusalimde nähili güwä geçen bolsaň, Rimde-de şeýle güwä geçmelisiň» diýdi.
12 Ertesi gün ýehudylar biri-birleri bilen dil birikdirip: «Pawulsy öldürýänçäk, iýsek, içsek bize lagnat bolsun» diýip kasam etdiler.
13 Bu dildüwşüge gatnaşanlaryň sany kyrkdan hem köpdi.
14 Olar baş ruhanylaryň, ýaşulularyň ýanyna gelip şeýle diýdiler: «Biz Pawlusy öldürýänçäk bir zat datsak, bize lagnat bolsun diýip kasam etdik.
15 Şeýlelikde siz mejlis bilen bilelikde Pawlusyň işine has takyk garamak bahanasy bilen, Pawlusy ýanyňyza getirmegini müňbaşydan haýyş ediň; biz-de gelip ýetmänkä, ony öldürmäge taýyn».
16 Emma Pawlusyň ýegeni olaryň dildüwşük guranyny eşidip, gala bardy-da, muny Pawlusa habar berdi.
17 Pawlus hem ýüzbaşylaryň birini ýanyna çagyryp: «Bu ýigidi müňbaşynyň ýanyna elt, çünki oňa habar bermeli zady bar» diýdi.
18 Şeýlelikde, ýüzbaşy ony alyp, müňbaşynyň ýanyna getirdi we: «Tussag Pawlus meni ýanyna çagyryp, şu ýigidi saňa getirmegimi haýyş etdi. Onuň saňa aýtjak zady bar eken» diýdi.
19 Müňbaşy ýigidiň elinden tutup, bir gyra çekildi we ondan: «Maňa habar bermeli zadyň näme?» diýip sorady.
20 Ol şeýle jogap berdi: «Ýehudylar Pawlusyň işini has takyk barlamak bahanasy bilen, ony ertir mejlise getirmegi senden haýyş etmek üçin dilleşdiler.
21 Ýöne sen olara gulak asma, çünki olaryň kyrkdan gowrak adamy Pawlusa bukuda garaşýar, olar Pawlusy öldürýänçäk, iýsek, içsek bize lagnat bolsun diýip kasam etdiler. Şindi olar taýýar, seniň razyçylygyňa garaşýarlar».
22 Müňbaşy: «Muny maňa habar bereniňi hiç kime aýtma» diýip tabşyryp, ýigidi ugratdy.
23 Onsoň ýüzbaşylaryndan ikisini ýanyna çagyryp, şeýle tabşyryk berdi: «Gije sagat üçde Kaýsariýa gitmek üçin iki ýüz esger, ýetmiş atly, iki ýüz naýzadar taýynlaň.
24 Pawlusy mündürip, sag-aman häkim Felikse gowşurar ýaly-da, ulaglar taýýarlaň».
25 Onsoň müňbaşy şeýle hat ýazdy:
26 Klawdius Lisiýas hormatly häkim Felikse salam aýdýar.
27 Ýehudylar bu adamy tutup, öldürjek bolup durkalar, men onuň rimlidigini bilip, esgerlerim bilen ýetişip, ony olaryň elinden halas etdim.
28 Ony nämede aýyplaýanlaryny bilmek isläp, olaryň mejlisiniň öňüne çykardym.
29 Ony öz kanunlary baradaky jedelli pikirler üçin aýyplaýandyklaryny bildim, ýöne ondan ölüme ýa tussaglyga mynasyp bir ýazyk tapmadym.
30 Bu adamyň janyna ýehudylaryň kast etjek bolýandygy maňa habar berlende bolsa, ony derrew saňa ýollap, şikaýatçylara-da şikaýatlaryny seniň huzuryňda aýtmaklaryny buýurdym. Hoş gal».
31 Esgerler özlerine buýrulyşy ýaly, Pawlusy alyp, gije Antipatrise getirdiler.
32 Ertesi gün hem atlylary onuň bilen ugradyp, özleri yzlaryna gala gaýtdylar.
33 Atlylar Kaýsariýa gelip, haty häkime berdiler-de, Pawlusy onuň huzuryna çykardylar.
34 Häkim haty okap, Pawlusyň haýsy welaýatdandygyny sorady; onuň Kilikiýadandygyny bilende bolsa:
35 «Seni şikaýatçylaryň gelende diňlärin» diýdi-de, ony Hirodes saraýynda saklamagy buýurdy.




Chapter 24

1 Bäş günden soň, baş ruhany Hananýa ýaşulular we Tertullus atly bir garalawjy bilen geldi; bular häkime Pawlus barada şikaýat etdiler.
2 Pawlusy çagyrdylar. Tertullus ony aýyplamaga başlap diýdi:
3 Eý hormatly Feliks, seniň saýaňda uly parahatlyga gowşandygymyzy, seniň aladaň arkaly bu millet üçin çäreleriň görlendigini, biz hemişe we her ýerde uly minnetdarlyk bilen boýun alýarys.
4 Emma seni köp güýmemezlik üçin, özüňe mahsus mylakatlylygyň bilen, bizi sähelçe diňlemegiňi haýyş edýärin.
5 Biz bu adamy başymyza inen bela hem-de Ýer ýüzündäki bütin ýehudylar arasynda topalaňçy we nasyraly mezhebiniň baştutanlarynyň biri diýip bilýäris.
6 Ol ybadathanany-da haramlamaga çalyşdy. Biz ony tutduk. Öz kanunymyz esasynda onuň üstünden höküm çykarmak isledik.
7 Ýöne müňbaşy Lisiýas gelip, uly zorluk bilen ony elimizden aldy.
8 Onuň şikaýatçylaryna seniň huzuryňa gelmegi buýurdy. Seniň özüň hem ony soraga çekip, biziň ony aýyplaýan zatlarymyzyň barynyň anygyna ýetip bilersiň».
9 Ýehudylar hem munuň şeýledigini tassyklap, Pawlusa gönükdirlen bu aýyplamalara goşuldylar.
10 Häkim geple diýip, Pawlusa ümläninde, Pawlus şeýle jogap berdi: «Seniň köp ýyllardan bäri bu milletiň kazysydygyňy bilýänligim üçin, özümi begenç bilen gorajak.
11 Meniň Iýerusalime ybadat etmäge gidenime on iki günden köp bolmandygyny özüň hem anyklap bilersiň.
12 Olar meniň ne ybadathanada, ne sinagogalarda, ne şäherde biri bilen jedelleşip duranymy, ne-de halky aýaga galdyranymy gördüler.
13 Bular maňa ýöňkeýän aýyplaryny saňa subut edip bilmezler.
14 Ýöne şuny saňa ykrar edýärin: men Mukaddes Kanun esasyndaky her bir zada, pygamberler kitabynda ýazylanlaryň ählisine iman edip, bularyň azgyn mezhep diýýän Ýoly boýunça ata-babalarymyň Hudaýyna hyzmat edýärin.
15 Bularyň özüniň hem kabul edişi ýaly, hem dogrularyň, hem egrileriň ölümden direlmegini Hudaýdan umyt edýärin.
16 Şonuň üçin hem Hudaýyň, hem-de adamlaryň öňünde elmydam sap wyždanly bolmaga çalyşýaryn.
17 Men köp ýyldan soň milletime sadaka, gurbanlyk bermäge geldim.
18 Bu zatlar bilen gümra bolup ýörkäm, meni täretli ýagdaýda ybadathanada gördüler; ne üýşmeleň, ne-de başagaýlyk bardy.
19 Ýöne ol ýerde Aziýadan bolan käbir ýehudylar bardy. Olaryň-da maňa garşy bir zatlary bolan bolsa, şu ýerde seniň huzuryňda durup, meni aýyplamaklary gerekdi.
20 Mejlisiň öňünde duranymda, menden näme ýazyk tapan bolsalar, goý, bularyň özleri aýtsyn.
21 Şeýle bolsa, olaryň ortasynda durkam: „Bu gün ölüleriň direlmegi hakda siziň huzuryňyzda meniň üstümden höküm çykarylýar" diýip aýdan şu ýekeje sözüm üçindir».
22 Mesih ýoly hakda has takyk maglumaty bolan Feliks işi soňa goýup: «Dawaňyz hakda müňbaşy Lisiýas gelende karar çykararyn» diýdi.
23 Onsoň ýüzbaşa Pawlusy saklap, oňa ýeňillik bermegi, oňa garaşyk etmekleri üçin, dostlarynyň ýanyna gelmegini bökdemezligi buýurdy.
24 Birnäçe günden soň bolsa Feliks öz ýehudy aýaly Deusilla bilen geldi-de, Pawlusy getirdip, onuň Mesihe iman hakda aýdýan gürrüňlerini diňledi.
25 Pawlus dogrulyk, nebsiňe buýurma hem geljek höküm hakda gürrüň berende, Feliks gorkup: «Häzirlikçe git, pursat tapan mahalym seni çagyrdaryn» diýdi.
26 Şol bir wagtda-da boşadylmagy üçin Pawlus özüne pul berer diýip umyt edýärdi. Şonuň üçin hem Pawlusy ýygy-ýygydan çagyryp, onuň bilen söhbet edýärdi.
27 Şeýlelikde, iki ýyl geçip, Feliksiň ýerine Porkius Festus geldi. Feliks ýehudylaryň göwnüni awlamak üçin, Pawlusy zyndanda galdyryp gitdi.




Chapter 25

1 Festus welaýata gelenden üç gün soň, Kaýsariýadan Iýerusalime gitdi.
2 Baş ruhanylar bilen ýehudylaryň ululary oňa Pawlusyň üstünden şikaýat etdiler.
3 Ondan haraý isläp, Pawlusy Iýerusalime getirtmegi haýyş etdiler. Olar buky gurap, Pawlusy ýolda öldürmegiň niýetindediler.
4 Festus Pawlusyň Kaýsariýada zyndandadygyny, özüniň bolsa basym ol ýere gitjekdigini aýtdy.
5 Onsoň: «Araňyzdaky sözi ötýän adamlar meniň bilen gelip, ol adamyň ýazykly ýeri bar bolsa, ony aýyplasynlar» diýdi.
6 Ol olaryň arasynda sekiz-on günden artyk galman, Kaýsariýa gaýtdy. Ertesi gün höküm kürsüsinde oturyp, Pawlusyň getirilmegini buýurdy.
7 Pawlus gelende, Iýerusalimden baran ýehudylar onuň daşyny alyp, oňa subut edip bilmedik köp hem agyr aýyplaryny ýöňkediler.
8 Pawlus özüni gorap: «Men ne ýehudylaryň kanunyna, ne ybadathana, ne-de kaýsara garşy günä etdim» diýdi.
9 Festus ýehudylaryň göwnünden turmak üçin, Pawlusa: «Iýerusalime gidip, şol ýerde bu babatda üstüňden höküm çykarmagymy isleýärsiňmi?» diýdi.
10 Emma Pawlus şeýle diýdi: «Men kaýsaryň höküm kürsüsi öňünde durun, meniň üstümden şu ýerde höküm çykarylmalydyr; men ýehudylara hiç bir ýamanlyk edemok, muny seniň özüň hem oňat bilýänsiň.
11 Men ýamanlyk eden bolsam ýa ölüme mynasyp etmiş eden bolsam, ölümden gaçmaýaryn; bularyň maňa ýöňkeýän aýyplary esassyz bolsa, onda hiç kim meni bularyň eline berip bilmez. Men dawamy kaýsara arz edýärin».
12 Onsoň Festus mejlis bilen maslahatlaşyp: «Dawaňy kaýsara arz etdiň, kaýsara-da gidersiň» diýdi.
13 Birnäçe gün geçenden soň, Agrippa patyşa bilen Beriniki Kaýsariýa, Festusa salama geldiler.
14 Olar köp wagt ol ýerde galanlaryndan soň, Festus Pawlusyň işini patyşa gürrüň berip, şeýle diýdi: «Feliksiň tussag edip goýan bir adamy bar.
15 Men Iýerusalimdekäm, ýehudylaryň baş ruhanylary, ýaşululary oňa garşy höküm sorap, onuň üstünden şikaýat etdiler.
16 Men olara: „Aýyplanýany şikaýatçylary bilen ýüzleşdirmän, oňa ýöňkelýän aýyp barada özüni goramaga pursat bermän, höküm etmek rimlileriň adaty däldir" diýip jogap berdim.
17 Olar bu ýere üýşenlerinde bolsa eglemän, ertesi gün höküm kürsüsinde oturyp, ol adamyň getirilmegini buýurdym.
18 Ýöne şikaýatçylar galanlarynda, meniň oslan aýyplarymyň hiç birini ýöňkemediler.
19 Olaryň öz dinleri hem-de bir Isa atly ölen, ýöne Pawlusyň diri diýýän şahsy hakda käbir jedelleri bar eken.
20 Men bu zatlar baradaky jedelden aljyrap, ondan: „Iýerusalime gidip, ol ýerde bu zatlar babatda özüňe höküm edilmegini isleýärsiňmi?" diýip soradym.
21 Ýöne Pawlus dawasyny Awgustusyň hökümine saklamagy haýyş edensoň, kaýsara ýollaýançam, ony tussaglykda saklamagy buýurdym».
22 Agrippa Festusa: «Men hem şol adamyň gürrüňini diňlemek isleýärin» diýdi. Ol-da: «Ertir ony diňlärsiň» diýdi.
23 Ertesi gün Agrippa, Berniki uly dabarada gelip, müňbaşylar, şäheriň atly-abraýly adamlary bilen birlikde zala girenlerinde, Festusyň buýrugy boýunça Pawlusy getirdiler.
24 Festus şeýle diýdi: «Eý, Agrippa patyşa we şu ýerdäki ähli adamlar! Siz bu adamy görýärsiňiz; hem Iýerusalimde, hem-de şu ýerde ähli ýehudy jemagaty maňa ondan şikaýat edip: „Ol mundan artyk diri galmaly däl!" diýip gygyryşdylar.
25 Emma men onuň ölüme mynasyp iş edenini tapmanym üçin, özüniň hem dawasyny Awgustusa arz edeni üçin, ony ýollamagy karar etdim.
26 Ol hakda tagsyra ýazar ýaly belli bir zadym ýok. Şonuň üçin-de derňew geçirilenden soň, ýazmaga bir zadym bolsun diýip, ony siziň huzuryňyza, ylaýta-da, eý Agrippa patyşa, seniň huzuryňa çykardym.
27 Sebäbi, bir tussagy ýollap, oňa ýöňkelýän aýyplary bildirmezlik maňa manysyz görünýär».




Chapter 26

1 Agrippa patyşa Pawlusa: «Saňa özüňi gorap geplemäge rugsatdyr» diýdi. Ine, şonda Pawlus elini uzadyp, özüni goramaga durdy:
2 Eý Agrippa patyşa! Ýehudylaryň meni aýyplaýan bütin zatlary babatda özümi bu gün seniň öňüňde goramalydygym üçin men özümi bagtly saýýaryn.
3 Çünki, ýehudylaryň ähli adatlaryndan, jedelli pikirlerinden seniň habaryň bar. Şonuň üçin hem meni sabyrlylyk bilen diňlemegiňi haýyş edýärin.
4 Meniň öz milletimiň arasynda, Iýerusalimde geçen durmuşymy başlangyçdan, ýaşlygymdan bäri bütin ýehudylar bilýärler.
5 Güwä geçmek isleýän bolsalar, meni köp wagtdan bäri tanaýarlar. Men dinimiziň iň berk mezhebi boýunça fariseý bolup ýaşadym.
6 Şindi hem Hudaý tarapyndan ata-babalarymyza berlen wada umyt baglanym üçin diwan öňünde durun.
7 Halkymyzyň on iki taýpasy gije-gündiz Hudaýa yhlasly gulluk edip, bu wada ýetmegi umyt edýär. Eý patyşa, men şu umyt üçin ýehudylar tarapyndan aýyplanýaryn.
8 Hudaýyň ölüleri direltmegi näme üçin sizde bolmajak zat saýylýar?
9 Dogrusy, Nasyraly Isanyň adyna garşy köp zatlary etmegi men öz ýanymdan wajyp bilýärdim.
10 Muny-da Iýerusalimde etdim; baş ruhanylardan ygtyýar alyp, imanlylaryň köpüsini zyndanlara saldym, öldürilmeli bolanlarynda ses berdim.
11 Olary bütin sinagogalarda öwran-öwran jezalandyryp, Isa dil ýetirmäge mejbur etdim. Olara garşy çendenaşa guduzlap, olary hatda ýat şäherlere çenli yzarladym.
12 Munuň üçin baş ruhanylaryň ygtyýary we ýumşy bilen Şama barýarkam,
13 Eý patyşa, günortanlar ýolda Gökden meniň we meniň bilen barýanlaryň daş-töweregini ýagtyldan, Günüň şöhlesinden hem güýçli bir nur gördüm.
14 Barymyz ýere ýykylanymyzda, bir ses eşitdim. Ol maňa ýewreý dilinde: „Saul, Saul, näme üçin Maňa azar berýärsiň? Çişe depmek saňa kyndyr" diýdi.
15 Men: „Ýa Reb, Sen kimsiň?" diýdim. Reb şeýle diýdi: „Men seniň azar berýän Isaň.
16 Hany, dikel-de, aýak üstüne gal; çünki Men saňa gören zatlaryňa hem-de içinde aýan boljak zatlaryma hyzmatkär hem güwä edip bellemek üçin göründim.
17 Men seni öz halkyň we başga milletleriň içinden çykaryp halas ederin.
18 Olar tümlükden nura, şeýtanyň gol astyndan Hudaýa döner ýaly, şeýle hem Maňa bolan iman bilen günäleri bagyşlanyp, mukaddeslenenleriň arasyndan miras alar ýaly, gözlerini açmak üçin, seni olara ýollaýaryn".
19 Eý Agrippa patyşa, şonuň üçin hem men Gökden gelen görnüşe gulak asmazlyk etmedim.
20 Ilki Şamdakylary, Iýerusalimde we bütin Ýahuda ýurdundakylary hem-de başga milletleri toba edip, Hudaýa dönmäge, toba mynasyp iş bitirmäge çagyrdym.
21 Şonuň üçin ýehudylar meni ybadathanada tutup, öldürjek boldular.
22 Indi maňa Hudaýyň hemaýaty nesip bolany üçin, men hem kiçä, hem ula şu güne çenli güwä geçip ýörün. Men pygamberler bilen Musanyň boljagyny aýdan zatlaryndan,
23 ýagny Mesihiň görgi görmeli bolandygyndan, ölümden ilkinji direlen hökmünde hem öz halkymyza hem özge milletlere nury yglan etmelidiginden başga hiç zady aýdamok».
24 Ol şeýdip, özüni gorap durka, Festus gaty ses bilen: «Pawlus, sen däliräpsiň! Okumyşlyk seni dälilige eltipdir» diýdi.
25 Pawlus oňa şeýle jogap berdi: «Eý, hormatly Festus, men dälirämok, diňe hakykat we sagdyn paýhas sözlerini aýdýaryn.
26 Meniň huzurynda gaýratlylyk bilen gürleýän patyşam bu zatlardan habarlydyr. Bularyň hiç biriniň ondan ýaşyryn däldigine ynanýaryn, sebäbi bular bir künjekde ýüze çykan zatlar däl.
27 Agrippa patyşa! Sen pygamberlere iman edýärsiňmi? Iman edýäniňi bilýärin».
28 Agrippa Pawlusa: «Meni az salymyň içinde yryp, mesihi etjek bolýarsyňmy?» diýdi.
29 Pawlus oňa: «Men, az bolsun, köp bolsun, diňe sen däl, eýsem, şu gün meni diňleýänleriň bary hem şu zynjyrlarsyz meniň ýaly bolardylar diýip, Hudaýdan dileýärin» diýdi.
30 Patyşa, häkim, Berniki we olar bilen oturanlar bu sözleri eşidenlerinde, ýerlerinden galdylar.
31 Olar daşaryk çykanlarynda özara gürleşip: «Bu adam ölüme ýa-da tussaglyga mynasyp bir iş etmändir» diýişdiler.
32 Agrippa Festusa: «Ol dawasyny kaýsara arz etmedik bolsady, ony boşatmak bolardy» diýdi.




Chapter 27

1 Gämä münüp, Italiýa gitmegimiz karar edilende, Pawlus bilen ýene-de birnäçe tussagy Awgustus goşunyndan bolan Ýulius atly ýüzbaşa tabşyrdylar.
2 Şeýlelikde, Aziýa welaýatynyň kenarlaryndaky ýerlere barýan Edremit gämisine münüp ýola düşdük. Ýanymyzda Salonikden bolan makedoniýaly Aristarhos hem bardy.
3 Ertesi gün Saýda gelip ýetdik; Pawlusa ynsanperwerlik eden Ýulius oňa öz dostlary garaşyk etsin diýip, olaryň ýanyna gitmegine rugsat etdi.
4 Ol ýerden ýola düşüp, Kipriň ygyndan geçdik, çünki ýel garşymyzdandy.
5 Kilikiýa we Pamfiliýanyň garşysyndaky deňizden geçip, Likiýanyň Mira şäherine geldik.
6 Ýüzbaşy şol ýerde Italiýa gitjek bolup duran bir Isgenderiýa gämisini tapyp, bizi oňa mündürdi.
7 Ençeme günläp assa gidip, zordan Knidosyň deňine baranymyzda, ýel oňaýsyz bolany üçin, Giridiň ygy bilen Salmonäniň deňinden geçdik.
8 Kenara golaý ýüzüp, Owadan duralgalar diýen ýere zordan geldik. Onuň golaýynda Lasea şäheri bardy.
9 Köp wagt ötüpdi. Hatda oraza hem geçip, indi ýola düşmek hatarly bolany üçin, Pawlus olara nesihat berip:
10 «Adamlar! Görýän welin, ýola düşmek diňe ýüke, gämä däl, eýsem, janlarymyza-da azaply, köp zyýanly boljak» diýdi.
11 Emma ýüzbaşy Pawlusyň aýdanyna gulak asman, gämiçi bilen gäminiň hojaýynyna ynandy.
12 Ýöne duralga gyşlamaga ýaramly bolmany üçin, adamlaryň köpüsi, başartsa, bu ýerden gidip, Giridiň demirgazyk-günbatara we günorta-günbatara bakyp duran duralgasy bolan Fenikse baryp gyşlamagy maslahat bildiler.
13 Şeýlelikde, günorta şemaly ýuwaşja öwüsmäge başlanda, öz maksatlaryna ýetendirler öýdüp, labyry çekdiler-de, Giridiň golaýy bilen ýola düşdüler.
14 Ýöne kän wagt geçmänkä, ada tarapdan Ewroklidon diýilýän güýçli ýel turdy.
15 Ýel gämä urup, onuň öňünde durmak başartmansoň, ondan el üzüp, şol ugra kowuldyk.
16 Klawda diýen bir kiçijik adanyň yk tarapyna ýetenimizde, gaýyga erk etmegi zordan başardyk.
17 Gaýygy ýokary çekip, gämini daşyndan tanap bilen berk bagladylar-da, Sirtiň daşly saýlaryna düşmekden gorkup, ýelkeni inderdiler. Şeýdip, ýeliň ugruna kowuldyk.
18 Gaýdan ýaňa agyr horluk çekenimiz üçin, ertesi gün gämiden ýük zyňmaga başladylar.
19 Üçünji gün gäminiň şaýlaryny-da öz elleri bilen zyňdylar.
20 Ençeme günläp Gün, ýyldyz görünmänsoň, güýçli tupan sowulmansoň, iň soňunda gutulma umydymyzy bütinleý ýitirdik.
21 Köp wagtlap naharsyz galnansoň, Pawlus gämidäkileriň ortasynda durup, şeýle diýdi: «Eý adamlar! Meniň aýdanlaryma gulak asyp, Giritden aýrylman, bu azapdyr zyýany çekmeli däldik.
22 Ýöne size aýdýaryn, arkaýyn boluň, çünki siziň araňyzda heläk boljak adam ýok, diňe gämi dargajak.
23 Sebäbi Özüniňki bolup, Özüne gulluk edýän Hudaýymyň bir perişdesi öten agşam ýanymda durup:
24 „Gorkma, Pawlus. Sen kaýsaryň öňünde durmalysyň. Hudaý seniň bilen barýanlaryň baryny, ine, saňa bagyşlady" diýdi.
25 Şonuň üçin, adamlar, arkaýyn boluň, özüme aýdylyşy ýaly boljakdygyna meniň Hudaýa ynamym bar.
26 Ýöne biz bir ada düşmelidiris».
27 On dördünji gije gelende, biz Adriatik deňzinde her ýana kowlup ýörkäk, ýarygije töwerekleri deňizçiler gury ýeriň ýakynlaşýandygyny çakladylar.
28 Çuňlugy ölçänlerinde, ýigrimi gulaç çykdy; biraz ilerlänlerinden soň, ýene ölçänlerinde, on bäş gulaç çykdy.
29 Gaýalyga düşmekden gorkup, arka tarapdan dört labyr atdylar-da, gündiz bolsun diýip doga etdiler.
30 Deňizçiler gämiden gaçjak bolup, öň tarapdan labyr atmak bahanasy bilen, gaýygy deňze inderenlerinde,
31 Pawlus ýüzbaşy bilen esgerlere: «Bular gämide galmasalar, siz gutulyp bilmersiňiz» diýdi.
32 Şeýlelikde, esgerler gaýygyň tanaplaryny kesip, ony aşak gaçyrdylar.
33 Daň saz berip barýarka, Pawlus naharlanmaklary üçin, hemmelere ýalbaryp, şeýle diýdi: «Hiç zat iýmän, garaşyp, naharsyz galanyňyza şu gün on dört gün boldy.
34 Munuň üçin, haýyş edýärin, naharlanyň. Bu siziň gutulmagyňyz üçindir, çünki hiç biriňiziň başyňyzdan bir tüý-de kemelmez».
35 Ol muny aýdyp, eline çörek aldy, hemmäniň öňünde Hudaýa şükür etdi-de, bölüp iýmäge başlady.
36 Şeýlelikde, hemmeler arkaýynlaşyp, naharlandylar.
37 Gämide biziň jemimiz iki ýüz ýetmiş alty adamdy.
38 Nahardan doýanlaryndan soň, bugdaýy deňze döküp, gämini ýeňletdiler.
39 Gün doganda, ol ýeri tanamadylar; onsoň kenary çägelik bir aýlag görüp, başartsa, gämini şol ýere sürmeli diýen karara geldiler.
40 Labyrlary kesip, deňze goýberen batlaryna, ruluň tanaplaryny çözdüler-de, öňdäki ýelkeni ýele galdyryp, göni kenara ugradylar.
41 Onsoň bir burna düşüp, gämini saýa çykardylar. Gäminiň başy batyp, gymyldysyz galdy, arka tarapy bolsa gomlaryň zoruna dargap başlady.
42 Tussaglaryň hiç biri ýüzüp gaçmaz ýaly, esgerler olary öldürmegiň niýetindediler.
43 Emma ýüzbaşy Pawlusy halas etmek isläp, olary niýetlerinden dändirdi. Onsoň ýüzüp bilýänler gämiden özlerini öňürti zyňsynlar,
44 galanlary hem käsi tagtalar, käsi-de gäminiň döwükleri bilen gury ýere çyksynlar diýip buýruk berdi. Şeýlelikde, ählisi gury ýere çykyp gutuldylar.




Chapter 28

1 Halas bolanymyzdan soň, adanyň adynyň Maltadygyny bildik.
2 Ýerli halk bize adatdan daşary ynsanperwerlik görkezdi; ýagyş ýagyp, sowuk bolansoň, ot ýakyp, hemmämizi myhman aldylar.
3 Pawlus bir üýşmek çöpleme çöpläp, oduň üstüne goýanda, bir zäherli ýylan oduň howrundan gaçyp, onuň eline ýapyşdy.
4 Ýerli halk onuň elinden ýylanyň sallanyp durşuny görende: «Her niçik-de bolsa, bu adam ganhordyr. Deňizden gutulan hem bolsa, Adalat taňrysy ony ýaşatmady» diýişdiler.
5 Ýöne Pawlus elini silkip, ýylany oduň içine zyňdy, hiç bir zyýan hem görmedi.
6 Olar onuň çişmegine ýa-da birden ölüp ýykylmagyna garaşdylar. Köp garaşyp, oňa zelelli hiç zadyň bolmanyny görenlerinde, pikirlerini üýtgedip: «Ol bir taňry!» diýişdiler.
7 Ol ýeriň golaýynda adanyň Publius atly başlygynyň emlägi bardy. Ol bizi myhman alyp, üç gün hezzet-hormat etdi.
8 Şol wagt Publiusyň atasyny ysytma, ganly içgeçme tutup ýatyrdy. Pawlus onuň ýanyna baryp, doga etdi-de, ellerini onuň üstüne goýup, ony sagaltdy.
9 Bu wakadan soň, adadaky beýleki syrkawlar-da gelip şypa tapdylar.
10 Bular hem bizi köp sylaglar bilen hormatladylar, ýola düşüp barýarkak, gerek-ýaraklarymyzy gämä ýüklediler.
11 Biz üç aýdan soň, Isgenderiýanyň şol adada gyşlan Ekizler belgili gämisi bilen ýola düşdük.
12 Sirakusa baryp, üç gün galdyk.
13 Ol ýerden aýlanyp, Regiuma gelip ýetdik. Bir günden soň, günorta ýeli turany üçin, ikinji güni Puteola geldik.
14 Ol ýerde birnäçe dogany tapdyk. Olar bizden ýedi günläp ýanlarynda galmagymyzy haýyş etdiler. Şeýlelik bilen, Rime geldik.
15 Rimdäki doganlar bizden habarly bolanlarynda, ol ýerden Appius Forumyna we Üç Myhmanhana çenli bizi garşylamaga geldiler. Pawlus olary görende, Hudaýa şükür etdi, gaýratlandy.
16 Rime baranymyzda, ýüzbaşy tussaglary serkerdä tabşyrdy, Pawlusa bolsa özüne gözegçilik edýän esger bilen birlikde, özbaşdak galmaga rugsat etdiler.
17 Üç günden soň Pawlus ýehudylaryň ulularyny çagyrdy. Üýşenlerinde, olara şeýle diýdi: «Eý doganlar! Men halkyň garşysyna, ata-baba adatlarynyň garşysyna hiç zat etmesem hem, tussag edilip, Iýerusalimden rimlileriň eline berildim.
18 Olar meni soraga çekenlerinden soň, boşatjak boldular, çünki meni öldürmäge hiç bir esas ýokdy.
19 Emma ýehudylar garşy çykanlarynda, men kaýsara arz etmäge mejbur boldum, ýöne öz milletimden nägileligim ýok.
20 Men sizi şu babatda görüşmek, gepleşmek üçin çagyrdym, sebäbi men Ysraýylyň umydy üçin bu zynjyr bilen bagly».
21 Olar-da oňa diýdiler: «Bize sen hakda Ýahudadan ne hatlar gowuşdy, ne-de doganlardan biri gelip, sen hakda habar berdi ýa-da erbet zat aýtdy.
22 Ýöne seniň nähili düşünjeleriň bardygyny özüňden eşidesimiz gelýär, çünki her ýerde bu mezhebiň ýamanlanýandygy bize mälim».
23 Şeýlelikde, bir güni belläp, köp adamlar onuň ýanyna, bolýan ýerine geldiler. Ol hem Hudaýyň Patyşalygyna güwä geçmek bilen, olara hakykaty düşündirdi. Ir ertirden giç agşama çenli Musanyň kanunyna, pygamberler ýazgysyna salgylanyp, olary Isa ynandyrmaga çalyşdy.
24 Aýdylan zatlara käbiri ynandy, käbiri ynanmady.
25 Olar özara ylalaşman, Pawlus bu soňky sözi aýdandan soň gitdiler: «Mukaddes Ruh Işaýa pygamber arkaly atalarymyza gürrüň berip, gowy aýdypdyr:
26 Bar, bu halka aýt: Eşidýän gulaklar bilen eşidip, düşünmersiňiz; Görýän gözler bilen görüp, seljermersiňiz;
27 Çünki bu halkyň ýüregi gatady, gulaklary agraldy, gözlerini-de ýumdular. Beýle bolmasa, gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşidip, ýürekleri bilen düşünip, Maňa tarap öwrülerdiler, Men-de olara şypa bererdim".
28 Şeýlelikde, Hudaýyň bu gutulyşynyň ýehudy dällere iberilendigini indi biliň, olar diňlär».
29 Pawlus muny aýdandan soň, ýehudylar öz aralarynda köp jedelleşip gitdiler.
30 Şeýlelikde, Pawlus tutuş iki ýyllap öz kireýine tutan jaýynda bolup, ýanyna gelenleriň baryny kabul etdi.
31 Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edip, Reb Isa Mesihe degişli zatlary bütin gaýratlylyk bilen bökdençsiz öwretdi.