Pawlusyň Rimlilere haty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16

Chapter 1

1 Isa Mesihiň guly, resullyga çagyrylyp, Hudaýyň Hoş Habaryna saýlanan men Pawlusdan salam!
2 Hudaýyň pygamberleri arkaly Mukaddes Ýazgylarda öňden wada eden ol Hoş Habary
3 Ten boýunça Dawudyň tohumyndan bolup,
4 mukaddeslik ruhy boýunça ölümden direlmegi arkaly Hudaýyň Ogludygy gudrat bilen subut bolan Öz Ogly, Rebbimiz Isa Mesih hakdadyr.
5 Biz Onuň adynyň hatyrasyna bütin milletlerde imana tabynlyk oýarmak üçin Ol arkaly merhemet we resullyk aldyk.
6 Siz hem Isa Mesih tarapyndan çagyrylanlar hökmünde şol milletler arasyndasyňyz.
7 Hudaýyň Rimdäki ähli eý görýänleri we mukaddeslige çagyrylan size Atamyz Hudaý we Reb Isa Mesih merhemet etsin, parahatlyk bersin.
8 Ilki bilen, imanyňyzyň bütin dünýäde yglan edilýänligi sebäpli, baryňyz üçin Isa Mesih arkaly Hudaýyma şükür edýärin.
9 Çünki Hudaýyň islegi bilen ahyrsoňy indi hoşbagtlyk tapyp, bir tär bilen size gelmezmikäm diýip ýalbaryp,
10 elmydam dogalarymda sizi birsyhly ýatlaýanyma Oglunyň Hoş Habarynda ruhum bilen gullugyny edýän Hudaýym güwämdir.
11 Çünki men, berkitjek bir ruhy sylaga ýetirmek üçin, sizi görmegi gaty küýseýärin.
12 Islegim özüm araňyzdakam sizde we mende, biri-birimizde bolan iman arkaly bilelikde teselli tapmagymyzdyr.
13 Eý doganlar, men beýleki milletler arasynda bolşy ýaly, siziň araňyzda-da hasylym bolsun diýip, ýanyňyza gelmegi telim gezek ýüregime düwenimiň, ýöne şu wagta çenli päsgelçilige gabat gelenimiň size nämälim bolup galmagyny islemeýärin.
14 Men greklere hem warwarlara, akyldarlara hem nadanlara borçludyryn.
15 Şeýlelikde, elimden geleni aýaman, siz Rimdäkilere-de Hoş Habary wagyz etmäge taýyn.
16 Çünki men Hoş Habara utanmaýaryn, sebäbi ol her bir iman edene, ilki bilen ýehudylara we soňra greklere Hudaýyň gutulma güýjüdir.
17 Çünki: «Dogry adam iman bilen ýaşar» diýip ýazylyşy ýaly, Hoş Habarda Hudaýyň dogrulygy imandan imana aýan bolýar.
18 Sebäbi Hudaýyň hakykaty nädogrulykda saklaýan adamlaryň bütin hudaýsyzlyk we nädogrulygyna edýän gahar-gazaby Gökden aýan bolýandyr.
19 Çünki Hudaý hakdaky mälim zatlar olara bellidir, muny Hudaý olara belli edendir.
20 Çünki olar ötünçsiz bolar ýaly, Onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär.
21 Ýöne olar Hudaýy tanasalar-da, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrman, Oňa şükür etmän, öz düşünjelerinde batyl boldular, pähimsiz ýürekleri garaňkylykda galdy.
22 Özlerini akyldar saýyp, akmak boldular.
23 Pany däl Hudaýyň şöhratyny pany adamyň, guşlaryň, dört aýaklylaryň we süýreniji haýwanlaryň suratyna meňzeş zatlara öwürdiler.
24 Şonuň üçin, tenleri öz aralarynda betnam bolsun diýip, Hudaý olary ýürekleriniň haram keýpi içinde pislige tabşyrdy.
25 Olar Hudaýyň hakykatyny galplyga çalşyp, ýaradylana Ýaradandan zyýada hormat hem gulluk etdiler. Ol bolsa baky mübärekdir. Omyn.
26 Şu sebäpden Hudaý olary wejera hyjuwlara tabşyrdy, çünki olaryň aýallary hem teniň tebigy ulanylyşyny tebigy däl ulanyşa öwürdiler.
27 Şonuň ýaly-da, erkekleri aýalyň tebigy ulanylyşyny terk edip, hyjuwlarynda biri-birleri bilen gyzyklandylar. Erkekler erkekler bilen ryswalyk edip, öz azgynçylyklaryna laýyk haklaryny hem aldylar.
28 Olaryň öz paýhaslarynda Hudaýy tanamak islemeýişi ýaly, Hudaý hem olary ýerliksiz işleri etmekleri üçin ýaramaz pikirde taşlady.
29 Olar bütin nädogrulyk, zyna, erbetlik, betnebislik, ýamanlyk bilen doly bolup, içigaraçylyk, adam öldürmek, jedel, mekirlik, bethäsiýetlikden doly,
30 gepçi, töhmetçi, Hudaýy ýigrenýän, tekepbir, öwünjeň, erbet zatlary oýlap tapyjy, ata-enä etagatsyz,
31 pähimsiz, wepasyz, tebigy söýgüsiz we rehimsizdir.
32 Olar Hudaýyň beýle işleri edýänler ölüme mynasypdyr diýen adyl hökümini bilseler-de, bu işleri diňe bir etmek bilen çäklenmän, eýsem, olary edýänleri-de halaýarlar.




Chapter 2

1 Şonuň üçin, eý, höküm edýän adam, sen ötünçsizsiň, çünki başga birini höküm edýän zadyňda özüňe iş kesýänsiň, çünki, eý, höküm edýän, sen şol zatlaryň özüni edýänsiň.
2 Biz bolsak Hudaýyň höküminiň beýle zatlary edýänler barada hakykat esasyndadygyny bilýäris.
3 Eý, beýle işleri edenleri höküm edip-de, özi bu işleri edýän adam, sen Hudaýyň höküminden gaçyp syparyn öýdýärsiňmi?
4 Ýa-da Hudaýyň ýagşylygynyň özüňi toba eltýänini bilmän, Onuň ýagşylygynyň, sabrynyň, çydamynyň baýlygyny äsgermezlik edýärsiňmi?
5 Sen keçjallygyňa, toba gelmez ýüregiňe görä, gazap güni üçin Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak güni üçin, özüňe gazap ýygnaýarsyň.
6 Hudaý her kişä öz eden işine görä hak berer:
7 ýagşy işde çydamlylyk görkezip, şöhrat, hormat we çüýremezligi agtarýanlara ebedi ýaşaýyş;
8 igenjeň, hakykata boýun bolman, nädogrulyga boýun bolanlara bolsa gazap hem gahar,
9 ilki bilen ýehudylara, soňra greklere, ýamanlyk eden her adama muşakgat we gaýgy;
10 ýagşylyk eden adama hem, ilki bilen ýehudylara, soňra greklere şöhrat, hormat we parahatlyk berer.
11 Sebäbi Hudaýyň ýüz görmesi ýokdur.
12 Mukaddes Kanuny bolman günä edenler bikanun hem heläk bolar. Kanun astynda günä edenler kanun boýunça höküm ediler.
13 Çünki Hudaýyň huzurynda aklanjaklar kanuny diňleýänler däl-de, kanuny berjaý edýänlerdir.
14 Sebäbi kanuny ýok milletler häsiýetlerine görä kanuna laýyk işleri berjaý edýän bolsa, onda bu kanuny ýoklaryň özi bir kanundyr.
15 Ynsaplary olar bilen birlikde güwä geçmek, pikirleri öz aralarynda olary kä aýyplap, kä-de ýuwmarlamak bilen, kanuna laýyk işleriň olaryň ýüreginde ýazylgydygyny görkezýändir.
16 Meniň Hoş Habaryma görä, Hudaýyň Isa Mesih arkaly adamlaryň ýaşyryn işleriniň üstünden höküm çykarjak gününde şu zatlar bolar.
17 Ine, sen ýehudy adyny alyp-da, kanuna guwanýan, Hudaýa buýsanýan bolsaň,
18 kanundan tälim almak bilen, Onuň islegini bilip, iň ýagşy zatlary saýgarýan bolsaň,
19 kanunda bilim we hakykatyň esasyna eýe bolup, körleriň ýol görkezýäni, tümlükdäkileriň yşygy,
20 nadanlaryň terbiýeçisi, ýaşy ýetmedikleriň mugallymydygyňa öz ynamyň bar bolsa,
21 onda başgasyna tälim berýän sen indi özüňe tälim bermeýärsiňmi? Ogrulyk etmeli däl diýip wagyz edýän sen ogrulyk edýärsiňmi?
22 Zyna etmeli däl diýýän sen zyna edýärsiňmi? Butlary ýigrenji saýýan sen ybadathanany ýarýarsyňmy?
23 Kanuna buýsanýan sen kanuna garşy çykmak bilen, Hudaýa hormatsyzlyk edýärsiňmi?
24 Çünki ýazylyşy ýaly, milletler arasynda Hudaýyň adyna siz zerarly dil ýetirilýär.
25 Kanuny berjaý etseň, sünnetlilik peýdalydyr, eger-de kanuna garşy çyksaň, onda sünnetliligiň eýýäm sünnetsizlige öwrülendir.
26 Şeýle hem bir sünnetsiz kanunyň adyl hökümlerini saklaýan bolsa, onuň sünnetsizligi sünnetlilik hasaplanmazmy?
27 Ten boýunça sünnetsiz bolsa-da, kanuny ýerine ýetirýän adam Ýazga we sünnetlilige eýe bolup, kanuna garşy çykýan seni höküm etmezmi?
28 Sebäbi daşy ýehudy entek ýehudy däl, daşy, teni sünnetli hem entek sünnetli däldir,
29 diňe içi ýehudy ýehudydyr, ýazgyda däl-de, ýüregiň ruhdaky sünnetliligi hakyky sünnetlilikdir. Munuň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr.




Chapter 3

1 Şeýlelikde, ýehudynyň näme artykmaçlygy bar? Sünnetliligiň peýdasy näme?
2 Ähli babatda köp. Çünki Hudaýyň sözleri ilki ýehudylara ynanyldy.
3 Onda näme? Käbirleri iman etmände, olaryň imansyzlygy Hudaýyň ynamdarlygyny ýok edermi?
4 Asla etmez! Ýöne: «Sen Öz sözleriňde dogry çykyp, üstüňden höküm çykarylanda, ýeňer ýaly» diýip ýazylyşy kimin, bütin adamlar ýalançy bolsa-da, Hudaý dogruçyldyr.
5 Biziň nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny görkezýän bolsa, onda näme diýeris? Adamlaryň pikir edişine görä aýdýaryn, gazap edýän Hudaý adalatsyzmydyr?
6 Ýok! Beýle bolsa, Hudaý dünýäniň üstünden nähili höküm çykaryp biler?
7 Sebäbi meniň ýalanym bilen Hudaýyň hakykaty Onuň şöhratyny artdyrýan bolsa, näme üçin ýene men günäli hökmünde höküm edilýärin?
8 Käbirleriniň bize töhmet atyp, şeýle gürleýşimizi aýdyşy ýaly, näme üçin: «Ýagşylyk geler ýaly, ýamanlyk edeliň» diýmäli? Olaryň hökümi dogrudyr.
9 Indi näme? Biziň artykmaçlygymyz barmy? Asla ýokdur, çünki biz bary günä astyndadyr diýip, öň hem ýehudylary, hem-de grekleri günäkär etdik.
10 Hiç dogry adam ýok, biri-de ýok.
11 Düşünýän ýok, Hudaýy agtarýan ýok.
12 Hemmesi ýoldan çykdy, olaryň ählisi dereksiz boldy. Ýagşylyk edýän ýok, biri-de ýok.
13 Olaryň bogazy açyk gabyrdyr. Olar dilleri bilen aldaýarlar, dodaklarynda gömülgeniň zäheri bar.
14 Olaryň agzy gargyşdan, ajylykdan doludyr.
15 Olaryň aýagy gan dökmäge ýorga.
16 Olaryň ugran ugry weýrançylyk bilen zorlukdyr.
17 Olar parahatlyk ýoluny bilmediler,
18 gözleriniň öňünde Hudaýdan gorkma ýok» diýlip ýazylandyr.
19 Ýöne her agyz baglanyp, bütin dünýä Hudaýyň hökümine sezewar bolar ýaly, Mukaddes Kanunyň aýdýanlarynyň baryny kanun astyndakylara aýdýandygyny bilýäris.
20 Munuň üçin, Onuň huzurynda hiç kim kanun işlerini etmek bilen aklanmaz, çünki günäni bilmek kanun arkaly döreýändir.
21 Kanun we pygamberler tarapyndan güwä geçilen Hudaýyň dogrulygy,
22 ýagny Isa Mesihe iman arkaly iman edenleriň ählisine we ählisiniň üstünde bolan Hudaýyň dogrulygy şu wagt kanunsyz aýan boldy.
23 Çünki hiç bir parh ýok, sebäbi bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy.
24 Olar Isa Mesihde bolan gutulyş arkaly Onuň merhemeti bilen mugt aklanar.
25 Hudaý Mesihi ganyna iman arkaly merhemet kürsüsi edip goýdy. Ol muny ozal Öz sabry astynda ýüze çykan günäleriň ötülmegine degişli adalatyny görkezmek üçin,
26 Özi adyl bolup, Mesihe iman edeni aklar ýaly, Özüniň häzirki zaman adalatyny görkezmek üçin etdi.
27 Onda öwünme nirede? Ol daşarda. Haýsy kanun bilen? Işleriňki bilenmi? Ýok, iman kanuny bilen.
28 Çünki biz adam kanun işlerinden üzňelikde, iman arkaly aklanar diýip hasap edýäris.
29 Eýsem, Hudaý diňe ýehudylaryň Hudaýymy? Özge milletleriňki hem dälmi? Ol, elbetde, olaryň hem Hudaýy.
30 Sebäbi sünnetlileri-de öz imanlary arkaly, sünnetsizleri-de öz imanlary arkaly aklajak Hudaý ýalňyz Hudaýdyr.
31 Onda biz iman arkaly kanuny ýatyrýarysmy? Ýok, ony berkarar edýäris.




Chapter 4

1 Onda, ten boýunça atamyz bolan Ybraýym näme tapdy diýeli?
2 Ybraýym iş bilen aklanan bolsa, onda onuň öwünmäge haky bar, ýöne Hudaýyň öňünde däl.
3 Ýazgy näme diýýär? «Ybraýym Hudaýa iman etdi, bu oňa dogrulyk saýyldy».
4 Buýrugy berjaý edene sylag merhemete görä däl, borja görä saýylýandyr.
5 Emma buýrugy berjaý etmän, hudaýsyzy aklana iman edeniň imany oňa aklanma saýylýandyr.
6 Dawut hem Hudaýyň işine garaman aklan adamynyň bagtyýarlygyndan gürrüň berende şeýle diýýär:
7 Kanunsyzlyklary bagyşlananlar, günäleriniň üsti örtülenler nähili bagtly!
8 Rebbiň günäli saýmaýan adamy nähili bagtly!»
9 Bu bagtlylyk diňe sünnetlilere degişlimi? Ýa sünnetsizlere-de degişlimi? Çünki biz iman Ybraýyma dogrulyk saýyldy diýýäris.
10 Eýle bolsa, haçan saýyldy? Sünnetlilikdemi ýa sünnetsizlikde? Sünnetlilikde däl, ol sünnetsizlikde aklandy.
11 Ybraýym sünnetsizlikde iman edýänleriň barynyň atasy bolup, olara dogrulyk saýylar ýaly, ol sünnetsizlikdekä özünde bolan iman arkaly gazanan dogrulygynyň möhri hökmünde sünnetlilik tagmasyny aldy.
12 Ol diňe bir sünnetli bolanlaryň däl, eýsem, sünnetsizlikdekä atamyz Ybraýymda bolan imanyň yzyna eýerýänleriň hem sünnet atasydyr.
13 Çünki dünýä mirasçysy bolmak wadasy Ybraýyma, onuň nesline kanun arkaly däl, eýsem, iman bilen gazanylan dogrulyk arkaly berildi.
14 Çünki kanuna daýanýanlar mirasçy bolsa, onda iman boşap, wada ýatyrylandyr.
15 Sebäbi kanun gahar getirýändir, kanunyň ýok ýerinde jenaýat hem ýokdur.
16 Şeýlelikde, wada merhemete görä bolup, bütin nesil barada, diňe kanuna daýanan däl, eýsem, Ybraýymyň imanyna eýe bolan barada-da ýörgünli bolmagy üçin imandandyr.
17 «Seni köp milletleriň atasy etdim» diýip ýazylyşy ýaly, Ybraýym özüniň iman eden Hudaýynyň, ölä jan beren, ýoklary barlyga çagyran Hudaýynyň öňünde biziň hemmämiziň atamyzdyr.
18 Ol «Seniň nesliň şeýle bolar» diýip aýdylyşyna görä, umytsyzlykda umyt bilen iman edip, köp milletleriň atasy boldy.
19 Ol imanynda gowşaman, tas ýüz ýaşynda bolsa-da, bedeni ölüdir, Saranyň ýatgysy ölüdir öýtmedi.
20 Hudaýyň wadasyna imansyzlyk bilen şübhelenmän, gaýtam, Hudaýy şöhratlandyryp imanda güýjedi.
21 Onuň beren wadasyny ýerine ýetirmegi başarýanlygyna doly ynandy.
22 Şonuň üçin hem imany oňa dogrulyk saýyldy.
23 Dogrulyk saýylandygy diňe ol babatda däl,
24 eýsem Rebbimiz Isany Direldene iman eden we dogry saýyljaklar bolan biz babatda hem ýazylandyr.
25 Isa biziň günä-tagsyrymyz üçin ölüme berlip, biziň aklanmagymyz üçin hem direldildi.




Chapter 5

1 Şeýlelikde, iman bilen aklanandygymyz üçin, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşygymyz bardyr.
2 Biz içinde duran bu merhemetimize girmegi-de Ol arkaly iman bilen gazandyk. Hudaýyň şöhratyna şärik bolmak umydy bilen magtanýarys.
3 Diňe munuň bilen hem däl, eýsem, muşakgatlar bilen-de magtanýarys, çünki muşakgatyň çydamy,
4 çydamyň tejribäni, tejribäniň hem umydy emele getirýändigini bilýäris.
5 Umyt bolsa utandyrmaz, çünki Hudaýyň söýgüsi bize berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüreklerimize guýlandyr.
6 Hawa, biz entek güýçsüzkäk, Mesih belli wagtda hudaýsyzlar ugrunda öldi.
7 Bir dogry adam ugrunda biriniň ölmegi müşgüldir, ýöne bir oňat adam ugrunda, belki, biri ölmäge ýürek eder.
8 Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi.
9 Şeýle, Onuň gany bilen şu wagt aklanyşymyz ýaly, Ol arkaly gazapdan gutuljagymyz hem has anykdyr.
10 Sebäbi duşmankak, Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, ýaraşyk edenimizden soň, Onuň ömri bilen gutuljagymyz has anykdyr.
11 Diňe bu hem däl, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen-de magtanýarys. Biz ýaraşygy Mesih arkaly aldyk.
12 Şeýlelikde, bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň peýda bolşy ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi, çünki olaryň hemmesi günä etdi.
13 Kanun berilmezden öň hem dünýäde günä bardy, ýöne kanun bolmasa, günä hasaba alynmaz.
14 Emma Adamatadan Musa çenli Geljegiň nusgasy Adamatanyň jenaýatyna meňzeş günä etmedikleriň hem üstünden ölüm höküm sürdi.
15 Ýöne merhemet sylagy tagsyr ýaly däldir. Sebäbi biriniň tagsyry arkaly köp adamlar ölen bolsa, onda Hudaýyň merhemeti we bir Adam, ýagny Isa Mesih arkaly bolan merhemetdäki sylag köpler üçin has-da artandyr.
16 Sylag bir adamyň gazanan günäsiniň netijesi ýaly däldir. Sebäbi bir günäden bolan höküm iş kesmek, ýöne köp günäden bolan merhemet sylagy aklanmak üçin berilýändir.
17 Çünki biriniň günäsi bilen ölüm biri arkaly höküm süren bolsa, onda, merhemet we aklanma sylagynyň bollugyny alanlar hem Biri, ýagny Isa Mesih arkaly ýaşaýyşda has beter höküm sürer.
18 Bir günä arkaly bütin adamlara iş kesilişi ýaly, bir dogrulyk arkaly-da bütin ynsanlara ýaşaýyş üçin aklanma geldi.
19 Sebäbi bir adamyň boýun bolmazlygy üçin köpleriň günäkär ornunda oturdylyşy ýaly, Biriniň boýun bolmagy bilen-de köp adamlar dogry ornunda oturdylar.
20 Kanun günäniň köpelmegi üçin ara girdi.
21 Emma günäniň ölümde höküm sürşi ýaly, merhemet hem Rebbimiz Isa Mesih arkaly ebedi ýaşaýyş üçin dogrulyk bilen höküm sürsün diýip, günäniň köpelen ýerinde merhemet has-da artdy.




Chapter 6

1 Indi näme diýeliň? Merhemet köpelsin diýip, günäde galalyňmy?
2 Ýok! Günä etmeklige ölen biz indi onda gaýtadan nähili ýaşarys?
3 Ýa-da Mesih Isa çokundyrylanlarymyzyň barynyň Onuň ölümine çokundyrylandygyny bilmeýärsiňizmi?
4 Atanyň şöhraty arkaly Mesihiň ölümden direlişi kimin, biz hem täzelenen ýaşaýyşda gezer ýaly, çokunma arkaly Onuň bilen bile ölüme gömlendiris.
5 Onuň ölümine meňzeşlikde Onuň bilen birleşen bolsak, direlmegine meňzeşlikde-de birleşeris.
6 Çünki günä jesedi ýogalyp, biz mundan beýläk günä gulluk etmez ýaly, köne adamymyzyň Onuň bilen birlikde haça çüýlenendigini bilýäris.
7 Çünki kim ölen bolsa, ol günäden aklanandyr.
8 Biz Mesih bilen ölen bolsak, onda Onuň bilen ýaşajagymyza hem ynanýarys.
9 Sebäbi biz Mesihiň direlendigini, indi ölmejekdigini, indi ölümiň Oňa agalyk etmejekdigini bilýäris.
10 Çünki Ol ölen ölümini günä üçin bir gezek öldi, ýöne ýaşaýan ýaşaýşyny Hudaý üçin ýaşaýandyr.
11 Şonuň ýaly, siz-de özüňizi günä etmeklige öli, ýöne Rebbimiz Mesih Isada Hudaýa diri saýyň.
12 Höweslerine boýun bolmazlygyňyz üçin, ölümli teniňizde günä höküm sürmesin.
13 Synalaryňyzy nädogrulyk guraly edip, günä tabşyrman, eýsem, ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň, synalaryňyzy dogrulyk guraly edip, Hudaýa tabşyryň.
14 Günä size agalyk etmez. Çünki siz kanun astynda däl, merhemet astyndasyňyz.
15 Ýene näme? Kanun astynda bolman, merhemet astyndadygymyz üçin günä edeliňmi? Ýok!
16 Boýun bolmak üçin özüňizi gul hökmünde kime tabşyrsaňyz, kime boýun bolsaňyz onuň, ölüm üçin günäniň ýa dogrulyk üçin tabynlygyň gullarydygyňyzy bilmeýärsiňizmi?
17 Ýöne Hudaýa şükür, siz günäniň gullarykaňyz, tabşyrylan taglymatyňyzyň mazmunyna ýürekden boýun bolduňyz.
18 Şeýle, günäden azat edilip, dogrulyk gullary bolduňyz.
19 Teniňiziň ejizligi üçin, men adamlaryň pikir edişine görä gepleýärin. Çünki synalaryňyzy hapalyga, kanunsyzlyk üçin kanunsyzlygyň gullugyna tabşyryşyňyz ýaly, indi synalaryňyzy mukaddeslik üçin dogrulygyň gullugyna tabşyryň.
20 Siz günäniň gullarykaňyz dogrulykdan azatdyňyz.
21 Häzirki utanýan zatlaryňyzdan şol wagt näme hasylyňyz bardy? Çünki ol zatlaryň soňy ölümdir.
22 Ýöne indi günäden dynyp, Hudaýyň gullary bolduňyz, mukaddeslik üçin hasylyňyz bar, munuň soňy bolsa ebedi ýaşaýyşdyr.
23 Sebäbi günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr.




Chapter 7

1 Eý doganlar, (kanuny bilýänlere gürrüň berýärin) siz adam dirikä kanunyň oňa agalyk edýänini bilmeýärsiňizmi?
2 Ärli aýal diri ärine kanun arkaly baglydyr, äri ölse welin, nika kanunyndan boşaýar.
3 Şoňa görä-de, aýal äri dirikä başga äre barsa, oňa zynahor diýler, ýöne äri ölse, ol kanundan azatdyr, başga äre barsa hem zynahor däldir.
4 Eý doganlar, siz hem şonuň ýaly başga Biriniňki, ýagny Direleniňki bolmak üçin, Hudaýa hasyl getirer ýaly, Mesihiň bedeni arkaly kanuna öldüňiz.
5 Sebäbi biz teniň hökümi astyndakak, kanun arkaly oýarylan günä höwesleri ölüm hasylyny getirmek üçin, synalarymyzda işleýärdi.
6 Emma indi, ýazgy köneliginde däl, ruhuň täzeliginde gulluk eder ýaly, tutulanymyza ölenimiz üçin, kanundan boşadylandyrys.
7 Indi näme diýeliň? Kanun günämidir? Ýok! Ýöne kanun ara düşmedik bolsa, günäni tanamazdym, kanun: «Açgöz bolma» diýmedik bolsa, açgözlükden hem hiç zat bilmezdim.
8 Emma günä bu buýruk arkaly bahana tapyp, içimde her hili açgözlügi döretdi, çünki günä kanundan üzňelikde ölüdir.
9 Men bir wagtlar kanundan üzňelikde diridim, ýöne buýruk gelende, günä janlandy.
10 Men hem öldüm. Şeýlelikde, ýaşaýyş üçin berlen buýrugyň özi maňa ölüm üçin bolup çykdy.
11 Sebäbi günä buýruk arkaly bahana tapyp, meni aldawa saldy, ol arkaly öldürdi.
12 Şoňa görä-de, kanun mukaddes, buýruk hem mukaddes, adalatly we oňatdyr.
13 Şeýlelikde, oňat bolan zat maňa ölüm boldumy? Ýok! Ýöne günä buýruk arkaly çendenaşa günäli bolar ýaly, günä ― günä bolup görünsin diýip, oňat zat arkaly maňa ölüm hasyl etdi.
14 Kanunyň ruhudygyny bilýäris, ýöne men tene degişli bolup, günäniň guly hökmünde satylandyryn.
15 Sebäbi men näme edýänimi bilmeýärin, ýagny islän zadymy etmän, ýigrenen zadymy edýärin.
16 Eger-de islemeýän zadymy edýän bolsam, onda kanunyň oňatdygyny tassyklaýandyryn.
17 Ýöne ony edýän indi men däl-de, meniň içimde mesgen tutan günädir.
18 Çünki mende, ýagny tenimde ýagşy zadyň mesgen tutmandygyny bilýärin, sebäbi mende gowulyk islegi bar, ýöne gowy zady etmegi başarmaýaryn.
19 Çünki isleýän ýagşy işimi edemok-da, islemeýän erbet işimi edýärin.
20 Men islemeýänimi edýän bolsam, onda ony edýän indi men däl-de, meniň içimde mesgen tutan günädir.
21 Şeýlelikde, men bu kanuny tapýaryn, ýagşylyk etjek bolamda, mende erbetlik häzir bolýar.
22 Hudaýyň kanunyndan içki tebigatyma görä lezzet tapmaýaryn.
23 Öz synalarymda başga bir kanuny görýärin. Ol pikirimiň kabul eden kanunyna garşy söweşip, meni synalarymdaky günä kanunyna ýesir edýär.
24 Ne biçäre adam men! Bu ölüm teninden meni kim halas eder?
25 Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaýa şükür edýärin. Men indi pikir bilen Hudaýyň kanunyna, ýöne ten bilen günä kanunyna gulluk edýärin.




Chapter 8

1 Şeýlelik bilen, Mesih Isada bolanlara, ten bilen däl-de, Ruh bilen gezýänlere häzir hiç hili iş kesme ýokdur.
2 Çünki Mesih Isadaky ýaşaýyş Ruhunyň kanuny meni günä hem ölüm kanunyndan azat edendir.
3 Çünki teniň güýçsüzligi zerarly, kanuna mümkin bolmadyk zady Hudaý etdi.
4 Ol kanunyň talap edýän dogrulygy tene görä däl, Ruha görä gezýän bizde ýerine ýeter ýaly, Öz Ogluny günä teni meňzeşliginde günä üçin ýollap, tende günä iş kesdi.
5 Çünki tene görä bolanlar tene degişli işlere, Ruha görä bolanlar hem Ruha degişli işlere pikir edýändir.
6 Çünki tene daýanýan pikir ölüm, Ruha daýanýan pikir ýaşaýyşdyr, parahatlykdyr.
7 Sebäbi tene daýanýan pikir Hudaýa duşmançylykdyr, Hudaýyň kanunyna tabyn bolýan däldir, muny başarýan hem däldir.
8 Şonuň üçin teniň hökümi astyndakylar Hudaýyň göwnünden turmagy başarmaz.
9 Hudaýyň Ruhy sizde mesgen tutan bolsa, onda siz tende däl, Ruhdasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy ýok bolsa, ol Onuňky däldir.
10 Mesih sizde bolsa, onda ten günä üçin öli, ruh hem aklanma üçin diridir.
11 Isany Direldeniň Ruhy sizde mesgen tutýan bolsa, onda Mesihi ölümden Direlden sizde mesgen tutan Ruhy üçin ölümli bedeniňize-de ýaşaýyş berer.
12 Eý doganlar, biz borçludyrys, ýöne tene görä ýaşamak üçin tene borçly däldiris.
13 Tene görä ýaşasaňyz, ölersiňiz, ýöne beden işlerini Ruh bilen öldürseňiz, ýaşarsyňyz.
14 Çünki Hudaýyň Ruhy arkaly ideklenýänleriň bary Hudaýyň ogludyr.
15 Çünki siz ýene-de gorky üçin gulluk ruhuny däl-de, ogullyk ruhuny alansyňyz. Biz şol ruh bilen: «Abba, Ata» diýip seslenýäris.
16 Biziň Hudaýyň perzendidigimize şol ruhuň özi ruhumyz bilen güwä geçýär.
17 Perzent bolan bolsak, onda hem mirasçydyrys ― Hudaýyň mirasçylary, Mesihiň hem mirasdaşlarydyrys. Isa bilen bile görgi görýän bolsak, bile şöhratlanmagymyz üçindir.
18 Meniň pikirimçe, şu wagtky görgüler bize aýan boljak geljekki şöhrat bilen deňeşdirer ýaly däl.
19 Çünki ýaradylyş Hudaýyň ogullarynyň aýan bolmagyna küýseg bilen garaşýar.
20 Sebäbi ýaradylyş öz islegi bilen däl-de, ony tabyn Etdireniň islegi bilen puçluga tabyn boldy.
21 Munda ýaradylyşyň özi hem çüýreme gullugyndan azat edilip, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar diýen umyt bardy.
22 Çünki biz bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli birlikde ah çekip, birlikde burgusynyň tutup ýatanyny bilýäris.
23 Diňe bir ýaradylyş hem däl, eýsem, Ruhuň ilkinji miwesini alan biziň özümiz hem ogullyga alynmagymyza, ýagny tenimiziň halas bolmagyna garaşyp, içimizden ah çekýäris.
24 Çünki biz bu umyt bilen halas bolandyrys. Ýöne görünýän umyt umyt däldir, görýän zadyna kim umyt baglar?
25 Ýöne görmedik zadymyza umyt baglasak, şonda sabyrly garaşarys.
26 Ruh hem ejizligimizde bize kömek berer, çünki biz nähili doga etmelidigimizi bilmeýäris, ýöne Ruhuň Özi aýdyp bolmaz iňňildiler bilen biziň üçin töwella eder.
27 Emma ýürekleri Derňeýän Ruhuň pikiriniň nämedigini bilýändir, çünki Ruh mukaddesler üçin Hudaýyň islegine görä töwella edýändir.
28 Biz ähli zatlaryň Hudaýy söýýänleriň, Onuň maksadyna görä çagyrylanlaryň bähbidi üçin birlikde işleýändigini bilýäris.
29 Sebäbi köp doganlaryň arasynda Öz Oglunyň ilkinji doglan bolmagy üçin, Hudaý öňden tanaýan adamlaryny Oglunyň keşbine dönmek üçin öňden belläp goýdy.
30 Ol öňden bellänlerini-de çagyrdy, çagyranlaryny-da aklady, aklanlaryny-da şöhratlandyrdy.
31 Ýeri, muňa näme diýersiň? Hudaý bizlik bolsa, onda kim bize garşy?
32 Öz Ogluny gaýgyrman, biziň hemmämiz üçin ölüme beren Hudaý Onuň bilen bile bize bar zady nähili bagyşlamaz?
33 Hudaýyň saýlanlaryny kim aýyplar? Olary aklaýan Hudaýdyr.
34 Kim iş keser? Biziň üçin töwella edýän ölen, ondan hem beter direlip, Hudaýyň sagynda oturan Mesih Isadyr.
35 Mesihiň söýgüsinden bizi kim aýrar? Muşakgatmy, gaýgymy, azarmy, açlykmy, ýalaňaçlykmy, howpmy ýa gylyçmy?
36 «Seniň ugruňda bizi her gün öldürýärler, bizi goýun hasaplaýarlar» diýip ýazylypdyr.
37 Emma biz özümizi Söýýän arkaly bularyň baryny ýeňenlerden üstündiris.
38 Sebäbi, men ne ölümiň, ne-de ýaşaýşyň, ne perişdeleriň, ne hökümdarlaryň, ne-de gudratlaryň, ne şu wagtyň, ne-de geljegiň,
39 ne belentligiň, ne-de çuňlugyň ne-de başga mahlugyň Rebbimiz Mesih Isada bolan Hudaý söýgüsinden bizi aýyrmagy başarmajakdygyna ynanýaryn.




Chapter 9

1 Men Mesihde hakykaty aýdýaryn, ýalan sözlämok. Ynsabym hem aýdýanlaryma Mukaddes Ruhda güwä geçýär.
2 Meniň uly gaýgym, ýüregimde dyngysyz agyrym bar.
3 Men doganlarym, ten boýunça garyndaşlarym bolan ysraýyllylar üçin gargyşa galyp, Mesihden aýra düşmäge razy bolardym.
4 Ogullyk, şöhrat, ähtler we kanunyň berilmesi, hakyky ybadat we wadalar olaryňkydyr.
5 Atalar hem olaryňky, Mesih hem ten boýunça olardandyr. Ol barçanyň baky mübärek Hudaýydyr. Omyn.
6 Emma bu Hudaýyň sözi ýalana çykdy diýmek däldir. Sebäbi Ysraýyldan bolanlaryň bary ysraýylly däldir.
7 Ybraýymyň neslinden bolsalar-da, hemmesi onuň perzendi däldir, ýöne: «Seniň nesliň Yshakda dowam eder» diýlendir.
8 Ýagny ten boýunça Ybraýymyň perzendi bolanlar Hudaýyň perzendi däl, eýsem, wada arkaly perzent bolanlar nesil diýip hasaplanýandyr.
9 Berlen wada bolsa: «Bellenen wagtda gelerin, Saranyň bir ogly bolar» diýen sözdür.
10 Diňe bu hem däl, eýsem, Rebeka-da bir erkekden, atamyz Yshakdan göwreli bolanda,
11 hatda oglanlar entek dogulmankalar, ýagşylyk ýa ýamanlyk etmänkäler, Hudaýyň maksady işlerden däl-de, eýsem, Çagyrandan bolup, saýlawa görä durar ýaly,
12 Rebeka: «Ulusy kiçisine gulluk eder» diýildi.
13 Şonuň ýaly-da: «Ýakuby söýdüm, Ysuwy ýigrendim» diýip ýazylgydyr.
14 Indi näme diýeliň? Eýsem Hudaýyň ýanynda adalatsyzlyk barmy? Ýokdur!
15 Çünki Ol Musa: «Merhemet edenime merhemet ederin, rehim edenime rehim ederin» diýýär.
16 Şeýlelik bilen, saýlanma adamyň islegine ýa tagallasyna däl-de, Hudaýyň merhemetine baglydyr.
17 Hudaý Mukaddes Ýazgyda fyrowna şeýle diýýär: «Men gudratymy sende görkezip, adym bütin ýer ýüzünde yglan edilsin diýip, seni galdyrdym».
18 Şeýlelikde, Hudaý islänine merhemet edýändir, isläniniň ýüregini gataldýandyr.
19 Sen maňa: «Ýene näme üçin ýazgarýar? Kim Onuň islegine garşy durup biler?» diýersiň.
20 Ýeri, eý adam, Hudaýa ters jogap gaýtarar ýaly, sen kim bolupsyň? Şekil berlen bir zat şekil berene: «Meni näme üçin beýle ýasadyň» diýermi?
21 Ýa küýzegäriň şol bir üýşmek toýundan bir gaby hormatlylyk we beýlekisini hormatsyzlyk üçin ýasamaga ygtyýary ýokmy?
22 Hudaý gazabyny görkezmek, Öz gudratyny bildirmek isläp, heläkçilik üçin taýýarlanyp, gazaba sezewar bolanlara uly sabyr-takat bilen döz gelen bolsa näme?
23 Ol muny Öz şöhratynyň baýlygyny Özüniň öňden şöhrat üçin taýýarlap, merhemet edenlerine bildirjek bolup eden bolsa näme?
24 Hudaýyň diňe ýehudylardan däl-de, özge milletlerden hem çagyran bu adamlary bizdiris.
25 Hoşeanyň kitabynda-da diýýär: «Men halkym däle halkym, söýülmeýäne söýgüli diýerin».
26 «Bu olara: Siz Meniň halkym däl diýlen ýerde ýüze çykar, şol ýerde-de olara diri Hudaýyň ogullary diýler».
27 Işaýa bolsa Ysraýyl hakda şeýle gygyrýar: «Ysraýyl ogullarynyň sany deňziň çägesi ýaly bolsa-da, diňe galany gutular.
28 Reb işini bitirer, ony tiz ýerine ýetirer, çünki Ol işini ýer ýüzünde tiz amala aşyrar».
29 Işaýanyň öňünden aýdyşy ýaly: «Goşunlar Rebbi bize bir tohum galdyrmadyk bolsa, onda Sodom ýaly bolardyk, Gomorra meňzärdik».
30 Ýene näme diýeliň? Dogrulyga kowalaşmadyk milletler dogrulyga, imandan gelen dogrulyga ýetdiler.
31 Ýöne Ysraýyl dogrulyk kanunyna kowalaşyp, bu kanuna ýetmedi.
32 Näme üçin? Sebäbi iman bilen däl-de, Kanunyň amallary bilen bolýan ýaly edip ýortdy.
33 «Ine, Sionda bir büdreme daşyny, böwet gaýasyny goýýaryn, oňa iman eden utandyrylmaz» diýip ýazylyşy ýaly, büdreme daşyna büdrediler.




Chapter 10

1 Eý doganlar, meniň göwün arzuwym, ysraýyllylar hakda Hudaýa ýalbarmagym olaryň gutulmagy üçindir.
2 Men olaryň Hudaýa yhlaslarynyň barlygyna güwä geçýärin, ýöne bu aňly-düşünjeli yhlas däl.
3 Çünki olar Hudaýyň dogrulygyny bilmän, özleriniňkini gurjak bolup, Onuň dogrulygyna tabyn bolmadylar.
4 Çünki Mesih iman eden her bir adamyň aklanmagy üçin kanunyň soňudyr.
5 Çünki Musa kanundan bolan dogrulyk hakda şeýle ýazýar: «Bu zatlary berjaý eden adam olar arkaly ýaşar».
6 Imandan bolan dogrulyk bolsa şeýle diýýär: «Öz içiňden: Mesihi düşürmek üçin Göge kim çykar?
7 Ýa-da: Mesihi ölümden çykarmak üçin çuňluga kim iner diýme».
8 Gör, näme diýýär? «Hudaýyň sözi saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda, seniň ýüregiňdedir», ýagny wagyz edýän iman sözümiz.
9 Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň.
10 Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir.
11 Çünki Mukaddes Ýazgy: «Oňa iman eden kişi utandyrylmaz» diýýär.
12 Ýehudy bilen gregiň arasynda tapawut ýokdur, sebäbi barynyň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr.
13 Çünki: «Rebbi çagyran adam gutular».
14 Olar öz iman etmediklerini nähili çagyrarlar? Eşitmediklerine nähili iman ederler? Wagyzçysyz nähili eşiderler?
15 Iberilmeseler, nähili wagyz ederler? Şeýle hem ýazylgydyr: «Parahatlyk hoş habaryny, ýagşy zatlaryň hoş habaryny wagyz edýänleriň aýaklary ne ajap!»
16 Ýöne Hoş Habara hemme kişi gulak asmady. Çünki Işaýa: «Ýa Reb, kim bizden eşiden habaryna iman etdi?» diýýär.
17 Şeýlelik bilen, iman eşitmek arkaly, eşitmek hem Hudaýyň sözi arkaly bolýandyr.
18 Ýöne men diýýärin: olar eşitmedimi? Elbetde, eşitdi. «Olaryň sesi bütin dünýä, sözleri Ýeriň uçlaryna ýetdi».
19 Emma men diýýärin: Ysraýyl bilmedimi? Ilki bilen Musa diýýär: «Men bir millet bolmadyk halk arkaly siziň gabanjaňlygyňyzy oýandyraryn, bir pähimsiz millet arkaly sizi gaharlandyraryn».
20 Işaýa batyrgaýlyk bilen: «Men özümi agtarmaýanlara tapdyrdym, meni soramaýanlara göründim» diýýär.
21 Ysraýyl hakda bolsa: «Söze gulak asmaz keçjal halka günuzyn ellerimi uzatdym» diýýär.




Chapter 11

1 Men şuny soraýaryn: Hudaý öz halkyny ret etdimi? Ýok! Çünki men-de Ybraýymyň neslinden, benýamyn taýpasyndan bolan bir ysraýylly.
2 Hudaý Özüniň öňden tanan halkyny ret edenok. Mukaddes Ýazgynyň Ylýas hakdaky bölümde näme diýýänini bilmeýärsiňizmi? Ol Ysraýyl babatda Hudaýa şikaýat edip, şeýle diýýär:
3 «Ýa Reb! Pygamberleriňi öldürdiler, gurbanlyk edilýän ýerleriňi ýykdylar, diňe men galdym. Olar meniň hem janymyň kastynda».
4 Hudaýyň oňa beren jogaby näme? «Men Baal öňünde dyz epmedik ýedi müň adamy Özüme aýryp goýdum».
5 Şonuň ýaly häzirki wagtda hem merhemet bilen saýlanan bir galyndy bar.
6 Ýöne merhemet bilen bolsa, onda işe görä däldir. Ýogsa, merhemet merhemet bolmazdy. Işe görä bolsa, onda ol eýýäm merhemetden däldir, ýogsa, iş eýýäm iş bolmazdy.
7 Indi näme? Ysraýyl agtaranyna ýetmedi, ýöne saýlananlar ýetdiler, beýlekiler hem,
8 «Hudaý olara ukuçyllyk ruhuny berdi, şu gün hem gözleri görmeýär, gulaklary eşitmeýär» diýip ýazylyşy ýaly gatadylar.
9 Dawut: «Saçaklary olara kement, duzak, böwet we jeza bolsun!
10 Gözleri görmez ýaly, garaňkyrasyn, billeri hemişe bükük bolsun!» diýýär.
11 Men diýýärin: olar ýykylmaly bolup büdredimi? Ýok! Ýöne gabanjaňlygyny oýandyrmak üçin olaryň, ýazyklary sebäpli özge milletlere gutulyş berildi.
12 Olaryň ýazygy dünýäniň baýlygy, olaryň zyýany milletleriň baýlygy bolsa, olaryň tamamlanmagy has uly baýlyk getirer.
13 Men siz ýehudy dällere aýdýaryn. Özge milletleriň resulydygym üçin, öz hyzmatymy şöhratlandyrýaryn.
14 Belki, şeýdip, öz halkymdan bolanlaryň gabanjaňlygyny oýandyryp, olaryň käbirlerini halas etmegi başararyn.
15 Çünki olaryň ret edilişi dünýäniň ýaraşygy bolsa, olaryň kabul edilişi ölümden ýaşaýşa gowuşmakdan başga näme bolar?
16 Hamyryň ilkinji bölegi mukaddes bolsa, onda bütin hamyr hem şeýledir, kök mukaddes bolsa, baldaklar-da şeýledir.
17 Ýöne baldaklaryň käbiri döwlen bolsa, sen ýabany zeýtun agajykaň, olara sapylyp, zeýtun agajynyň dok köküne, suwuna şärik bolan bolsaň, onda baldaklaryň öňünde magtanma.
18 Magtanýan hem bolsaň, sen köki götermän, eýsem, köküň seni göterýändigini bilip goý.
19 Sen: «Baldaklar meniň sapylmagym üçin döwüldi» diýjeksiň.
20 Dogry, olar imansyzdyklary zerarly döwüldi, ýöne sen iman arkaly dursuň. Tekepbirlik etme-de, gaýtam, gork.
21 Sebäbi Hudaý tebigy baldaklary gaýgyrmadyk bolsa, seni-de gaýgyrmaz.
22 Indi Hudaýyň ýagşylygyny, gatylygyny gör, Ol ýykylanlara gaty, saňa bolsa, eger Hudaýyň ýagşylygynda galsaň, ýagşy bolar, ýogsa, sen hem kesilersiň.
23 Olar hem imansyzlykda galmasalar, täzeden sapylarlar, çünki Hudaý olary sapmagy başarýandyr.
24 Çünki sen tebigaty boýunça ýabany zeýtun agajyndan kesilip, tebigatyň tersine, oňat zeýtun agajyna sapylan bolsaň, bu tebigy baldaklar öz zeýtun agaçlaryna has gowy sapylar!
25 Çünki, eý doganlar, özüňizi dana saýmaz ýaly, men siziň bu syrdan habarsyz galmagyňyzy islemeýärin: milletleriň sany tamamlanýança, Ysraýyl bölekleýin gatap galar.
26 Şeýle: «Siondan Halasgär geler, Ol hudaýsyzlygy Ýakupdan sowar.
27 Günälerini geçjek wagtym olar bilen etjek ähtim şudur» diýip ýazylyşy ýaly, tutuş Ysraýyl gutular.
28 Hoş Habar babatda olar siziň hatyraňyza Hudaýa duşman boldular, ýöne saýlaw babatda atalaryň hatyrasyna ezizdirler.
29 Sebäbi Hudaýyň sylaglary, çakylygy yzyna alynmaz.
30 Siziň bir wagtlar Hudaýa boýun bolman, ýöne häzir bularyň boýun bolmazlygy arkaly merhemet astyna gelşiňiz ýaly,
31 bular-da siziň ýeten merhemetiňiz bilen merhemete ýetjek bolup, şindi boýun bolmadylar.
32 Çünki Hudaý baryna merhemet etmek üçin, hemmesini boýun bolmazlykda tussag etdi.
33 Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çuňdur! Onuň hökümleri akyla sygmaz, ýollary bilinmezdir!
34 Çünki Rebbiň pikirini kim bildi? Kim Oňa geňeşdar boldy?
35 Ol bergili bolar ýaly, kim Oňa öňinçä bir zat berdi?
36 Sebäbi ähli zatlar Ondan, Ol arkaly we Onuň üçindir. Oňa baky şöhrat bolsun! Omyn.




Chapter 12

1 Eý doganlar, özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürläň diýip, Hudaýyň rehimleri arkaly size ýalbarýaryn, bu siziň ruhy ybadatyňyzdyr.
2 Bu dünýä meňzeş bolman, Hudaýyň halaýan, oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlar ýaly, pikiriňiziň täzelenmegi bilen üýtgäň.
3 Men özüme berlen merhemet arkaly siziň hemmäňize diýýärin: öz baraňyzda gereginden artyk oýlanman, Hudaýyň her kime beren imanynyň möçberine görä, salykatlylyk bilen oýlanyň.
4 Çünki biziň bir tenimiz we köp agzamyz bolup, bütin agzalaryň işiniň bolsa bir bolmaýşy ýaly,
5 köp bolan biz-de Mesihde bir ten we biri-birimiziň agzalarydyrys.
6 Biziň özümize berlen merhemet boýunça, aýry-aýry sylaglarymyz bardyr. Bu welilik etmek bolsa, iman möçberine görä welilik edeliň.
7 Hyzmat bolsa, hyzmat edeliň. Biri öwrediji bolsa öwretsin.
8 Biri nesihatçy bolsa nesihat etsin. Haýyr-yhsan edýän muny sahylyk bilen etsin, baştutanlyk edýän gaýrat bilen, rehimdarlyk edýän begenç bilen etsin.
9 Söýgi ikiýüzli bolmasyn. Erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň.
10 Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň, hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn.
11 Gaýratyňyz gowşamasyn. Ruhda hyjuwly boluň. Rebbe hyzmat ediň.
12 Umytda şatlanyň. Muşakgatda çydamly boluň. Dogada erjellik ediň.
13 Mätäçlik çekýän mukaddeslere ýardam ediň. Myhmansöýer bolmaga dyrjaşyň.
14 Özüňize azar berýänlere haýyr-doga ediň, gargamaň.
15 Şatlanýanlar bilen şatlanyň, aglaýanlar bilen aglaň.
16 Özara pikirdeş boluň. Özüňizi ýokary tutman, orny aşaklar bilen dost boluň. Akyllysyramaň.
17 Ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk etmäň. Ähli adamlaryň öňünde oňat işlere üns beriň.
18 Oňardygyňyzdan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak barada eliňizden geleni aýamaň.
19 Eý, söýgüli doganlar, özüňiz öç alman, Hudaýyň gazabyna ýol beriň. Çünki: «Reb diýýär: Öç Meniňkidir, öwezini Men bererin».
20 «Duşmanyň aç bolsa, ony naharla, susan bolsa gandyr, sebäbi muny etseň, onuň başyna közler guýarsyň» diýip ýazylgydyr.
21 Özüňi ýamanlyga ýeňdirme-de, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň.




Chapter 13

1 Her kişi ýokary häkimiýetlere tabyn bolsun, çünki Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur, bu barlar Hudaý tarapyndan gurlandyr.
2 Munuň üçin kim häkimiýete garşy bolýan bolsa, Hudaýyň guranyna garşy bolýandyr, garşy bolýanlar özlerini höküm edýändir.
3 Çünki başlyklar ýagşy iş edýän üçin däl-de, ýaman iş edýän üçin gorkunçdyr. Häkimiýetden gorkmazlyk isleýärsiňmi? Onda ýagşy iş et, ol seni taryplar.
4 Sebäbi başlyk seniň ýagşylygyň üçin Hudaýyň hyzmatkäridir. Ýaman iş edýän bolsaň, onda gork, çünki ol gylyjy ýöne ýere göterýän däldir. Sebäbi ol Hudaýyň hyzmatkäridir, ýamanlyk edenden jeza berip, öç alýandyr.
5 Şonuň üçin diňe jeza zerarly däl-de, ynsap sebäpli hem häkimiýetlere tabyn bolmak zerurdyr.
6 Siz salgytlary hem munuň üçin töleýärsiňiz. Olar mydama şu iş bilen meşguldygy sebäpli Hudaýyň hyzmatkäridir.
7 Her kişä bermelisini beriň: salgyt bolsa, salgydy; gümrük bolsa, gümrügi; gorky bolsa, gorkyny; hormat bolsa, hormaty.
8 Biri-biriňizi söýmekden başga hiç kime bergili bolmaň, sebäbi kim başgany söýýän bolsa, kanuny berjaý edýändir.
9 Çünki: «Zyna etme, adam öldürme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, açgöz bolma» we ýene-de buýruk bar bolsa, ol hem şu sözde jemlenendir: «Goňşyňy özüň ýaly söý».
10 Söýgi goňşa hiç hili ýamanlyk etmez. Söýgi kanunyň berjaý edilişidir.
11 Muny häzirki zamana düşünip ediň. Biziň ukudan oýanmaly sagadymyz eýýäm geldi, çünki şu wagt gutulyşymyz iman eden wagtymyzdakydan ýakyndyr.
12 Gije geçip, gündiz golaýlady. Indi garaňkylyk işlerini egnimizden çykaryp, nur ýaraglaryny dakynalyň.
13 Aýşy-eşret, serhoşluk, azgynlyk, ahlaksyzlyk, dawa, içigaraçylyk bilen däl-de, gündizki ýaly sypaýy gezeliň.
14 Reb Isa Mesihi geýniň, teniň höweslerini kanagatlandyrmak üçin alada etmäň.




Chapter 14

1 Imany gowşagy kabul ediň, ýöne pikirleri hakda onuň bilen jedelleşmäň.
2 Bir kişi ähli zady iýip bilýänine imany bardyr, ýöne imany gowşak adam diňe gök iýýändir.
3 Kim iýýän bolsa, iýmeýäni äsgermezlik etmesin. Kim iýmeýän bolsa, iýýäni ýazgarmasyn, çünki Hudaý ony kabul edendir.
4 Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarýan sen kim? Ol öz hojaýynynyň öňünde durar ýa ýykylar, ýöne dikeler, çünki Hudaý ony dikeltmegi başarýandyr.
5 Biri bir güne beýlekiden parh goýýandyr; başga biri bolsa, ähli günleri deň görýändir. Ýöne her kesiň öz garaýşyna ynamy bolsun.
6 Kim güni sylaýan bolsa, ony Reb üçin sylaýandyr. Kim güni sylamaýan bolsa, ony Reb üçin sylaýan däldir. Kim iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, çünki Hudaýa şükür edýändir. Kim iýmeýän bolsa, Reb üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir.
7 Sebäbi hiç birimiz özümiz üçin ýaşaýan däldiris, hiç kim hem özi üçin ölýän däldir.
8 Sebäbi ýaşaýan bolsak, Reb üçin ýaşaýandyrys, ölýän bolsak, Reb üçin ölýändiris. Şoňa görä, ýaşasak-da, ölsek-de Rebbiňkidiris.
9 Sebäbi Mesih hem ölüleriň, hem dirileriň Rebbi bolmak üçin, hem öldi, hem direldi, hem-de ýaşaýşa gowuşdy.
10 Emma sen näme üçin doganyňy ýazgarýarsyň? Ýa-da sen näme üçin doganyňy äsgermezlik edýärsiň? Çünki biziň barymyz Mesihiň höküm kürsüsi öňünde durmalydyrys.
11 «Reb diýýär: Öz diriligimden kasam, her dyz öňümde epiler, her dil Hudaýy ykrar eder» diýip ýazylgydyr.
12 Şeýlelikde, her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer.
13 Munuň üçin biri-birimizi ýazgarman, gowusy, bir doganyň öňüne büdreme, taýma daşyny goýmazlygyň pikirini edeliň.
14 Men hiç bir zadyň öz-özünden murdar däldigini bilýärin, muňa Reb Mesihde ynamym bar. Ýöne biri bir zady murdar saýýan bolsa, oňa murdardyr.
15 Çünki doganyň iýýän damagyň üçin gam çekýän bolsa, onda sen entek söýgi ýolundan ýöreýän dälsiň. Damagyň bilen hiç kişini heläk etme, Mesih şolaryň ugrunda janyny pida etdi.
16 Ýagşylygyňyzy ýamanlatmaň.
17 Çünki Hudaýyň patyşalygy iýmek, içmek däl-de, dogrulyk, parahatlyk we Mukaddes Ruhda şatlykdyr.
18 Kim Mesihe şeýle gulluk edýän bolsa, Hudaýyň pisindiniň oturýany we adamlaryň halany şoldur.
19 Şeýlelikde, parahatlyga, biri-birimizi dikeltmäge ýaraýan işler ugrunda dyrjaşalyň.
20 Damak üçin Hudaýyň işini bozma. Hemme zat tämiz, ýöne biriniň büdremegine sebäp bolup iýýän adama erbetdir.
21 Et iýmezlige, şerap içmezlige hem-de doganyňyň büdremegine, günä itilmegine ýa ejizlemegine sebäp bolýan zady etmezlik ýagşydyr.
22 Imanyň barmy? Ony Hudaýyň huzurynda özüň üçin sakla. Gowy görýän zadynda özüni höküm etmeýän bagtlydyr.
23 Emma şübhe edýän iýse, ol höküm ediler, sebäbi ol muny iman bilen edýän däldir. Imansyz edilen zat günädir.
24 Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma we Isa Mesihiň wagzyna görä, gadym döwürlerden bäri ýaşyryn galan,
25 ýöne indi aýan bolup, ebedi Hudaýyň buýrugy bilen pygamberleriň ýazgylary arkaly bütin milletlere imana boýun bolmak üçin bildirilen syryň aýan bolmagyna görä sizi berkitmegi başarýan,
26 ýalňyz akyldar Hudaýa Isa Mesih arkaly baky şöhrat bolsun! Omyn.




Chapter 15

1 Ýöne biz güýçlüler ejizleriň ejizliklerini götermelidiris, öz göwnümizden turmaly däldiris.
2 Her kişi abatlyk üçin, ýagşylyk üçin goňşusynyň göwnünden turmalydyr.
3 Çünki: «Seni kemsidýänleriň kemsitmesine men duçar boldum» diýip ýazylyşy ýaly, Mesih hem Öz göwnünden turmady.
4 Çünki näme öňden ýazylan bolsa, bary çydam arkaly, Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly, bize tälim üçin ýazylandyr.
5 Siz ýürekdeş bolup, Hudaýy, ýagny Rebbimiz Isa Mesihiň Atasyny biragyzdan şöhratlandyrar ýaly,
6 çydam hem teselli Hudaýy Isa Mesihe görä, size özara pikirdeşlik bersin.
7 Bu sebäpden, Hudaýyň şöhraty üçin Mesihiň sizi kabul edişi ýaly, siz-de biri-biriňizi kabul ediň.
8 Çünki men aýdýaryn: «Munuň üçin milletler arasynda Seni ykrar edip, adyňa nagma aýdaryn» diýip ýazylyşy ýaly, özge milletler Hudaýy merhemeti üçin şöhratlandyrsyn diýip,
9 Mesih atalara berlen wadany tassyklajak bolup, Hudaýyň hakykaty üçin sünnetlileriň hyzmatkäri boldy.
10 Ýene diýýär: «Eý milletler, Onuň halky bilen birlikde şatlanyň».
11 Ýene: «Eý bütin milletler, Hudaýa alkyş okaň, bütin halklar Oňa öwgi aýtsyn».
12 Ýene Işaýa diýýär: «Milletlere höküm etmek üçin Galan, Ýessäniň Köki geler, milletler Oňa umyt baglar».
13 Mukaddes Ruhuň gudraty bilen umytda artar ýaly, umyt Hudaýy sizi imanda bütin şatlyk we parahatlyk bilen doly etsin.
14 Eý doganlar, men siziň hem ýagşylykdan doludygyňyza, bütin bilim bilen dolup, özara nesihat bermegi başarýandygyňyza ynanýaryn.
15 Eý doganlar, ýöne men Hudaýyň özüme beren merhemetine görä, siziň ýadyňyza salmak üçin, käbir zatlary batyrgaýlyk bilen ýazdym.
16 Maňa bu merhemet milletleriň sowgady Mukaddes Ruh arkaly mukaddes edilip, kabul bolar ýaly, Hudaýyň Hoş Habary ugrunda ruhanylyk kärini ýerine ýetirmegim, milletlere Mesih Isanyň hyzmatkäri bolmagym üçin berildi.
17 Şeýlelikde, Mesih Isa degişli biri hökmünde Hudaýa edýän hyzmatym bilen magtansam ýerliklidir.
18 Sebäbi men özge milletleriň boýun bolmagy üçin, Mesihiň men arkaly sözde hem işde,
19 alamatlar, gudratlar arkaly, Mukaddes Ruh arkaly edenlerinden başga zatlary aýtmaga het etmerin. Şeýlelikde, men Iýerusalimden başlap, Illiriýa çenli aýlanyp, Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratdym.
20 Başga biriniň binasynyň üstünden gurmaýyn diýip: «Ondan habarsyz bolanlar görer, eşitmedikler düşüner» diýip ýazylyşy ýaly,
21 Mesihiň ady eşidilmedik ýerlerde Hoş Habary wagyz etmäge yhlas etdim.
22 Meniň siziň ýanyňyza gelmegime-de ençeme gezek päsgel beren şu boldy.
23 Indi bolsa bu ýurtlarda maňa edere iş ýoklugy we köp ýyllardan bäri ýanyňyza gelmegi küýseýänligim üçin,
24 Ispaniýa barýarkam, ýanyňyza degerin. Sebäbi geçip barýarkam, sizi görüp, didaryňyzdan biraz doýanymdan soň, siz meni ol ýere ugradarsyňyz diýen umydym bar.
25 Häzir bolsa mukaddeslere gulluk etmek üçin, Iýerusalime barýaryn.
26 Çünki Makedoniýa we Ahaýa ilaty Iýerusalimde bolan mukaddesler arasyndaky mätäçlere sadaka ibermegi maslahat bildiler.
27 Olar maslahat bildiler, aslynda, olara borçludyrlar. Çünki özge milletler olaryň ruhy bereketlerine şärik bolandyklaryna görä, maddy zatlarda olara hyzmat etmäge borçludyrlar.
28 Men şuny bitirenimden, bu hasyly olara gowşuranymdan soň, siziň üstüňiz bilen Ispaniýa gitmekçi.
29 Siziň ýanyňyza baranymda, Mesih baradaky Hoş Habaryň berekediniň bollugy bilen geljekdigimi bilýärin.
30 Eý doganlar, men Ýahudadaky imansyzlardan gutular ýaly we Iýerusalim üçin edýän hyzmatymy hudaýhonlar kabul eder ýaly,
31 meniň üçin Hudaýa doga edip, meniň bilen birlikde göreşmegiňizi Rebbimiz Isa Mesihiň we Ruhuň söýgüsi hatyrasyna sizden haýyş edýärin.
32 Onsoň Hudaýyň islegi bilen şatlyk içinde siziň ýanyňyza gelip, siz bilen ynjalaryn.
33 Parahatlyk Hudaýy siziň baryňyz bilen bolsun! Omyn.




Chapter 16

1 Kenreadaky ýygnagyň gullukçysy aýal doganymyz Fibini size tabşyrýaryn.
2 Ony mukaddeslere mynasyp ýagdaýda Rebde kabul edip, size mätäç zatlarynda kömek beriň, çünki ol köplere, meniň özüme-de kömekçi boldy.
3 Mesih Isa ýolunda işdeşlerim Priskilla bilen Akila salam aýdyň.
4 Olar meniň janym üçin öz janlaryny howp astyna saldylar, olara diňe men däl, milletleriň ähli ýygnaklary hem minnetdar.
5 Olaryň öýündäki ýygnaga-da salam aýdyň. Mesih üçin Aziýanyň ilkinji miwesi eziz dostum Epenetosa salam aýdyň.
6 Siziň üçin köp zähmet çeken Mereme salam aýdyň.
7 Resullar arasynda at-abraý gazanyp, Mesihe menden öň iman eden garyndaşlarym, tussagdaşlarym Andronikosa bilen Ýuniasa salam aýdyň.
8 Rebde eziz dostum Ampliýatusa salam aýdyň.
9 Mesihde işdeşimiz Urbanusa, eziz dostum Stahise salam aýdyň.
10 Mesihde synagdan geçen Apellise salam aýdyň. Aristobulosyň içersine salam aýdyň.
11 Garyndaşym Hirodiona salam aýdyň. Narkissisiň içersinden Rebde bolanlara salam aýdyň.
12 Rebde zähmet çekýän Trifena, Trifosa salam aýdyň. Rebde köp zähmet çeken söýgüli Persise salam aýdyň.
13 Rebde saýlanan Rufusa we maňa hem enelik eden onuň enesine salam aýdyň.
14 Asinkritosa, Flegona, Ermise, Patrobasa, Ermasa we olaryň ýanyndaky doganlara salam aýdyň.
15 Filologosa we Ýuliýa, Nereusa hem-de onuň aýal doganyna, Olimpasa we olaryň ýanyndaky ähli mukaddeslere salam aýdyň.
16 Biri-biriňize mukaddes ogşuk bilen salam aýdyň. Mesihiň hemme ýygnaklary size salam gönderýär.
17 Eý doganlar, öwrenen taglymatyňyza garşy gidip, bölünme we böwetlere sebäp bolýanlardan ägä bolmagy sizden haýyş edýärin, olardan daşda duruň.
18 Çünki beýle adamlar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz garynlaryna gulluk edýändir, süýji söz sözläp, owadan gürläp, ýönekeý adamlaryň ýüreklerini aldawa salýandyr.
19 Siziň boýun bolanlygyňyz hemmäniň gulagyna ýetdi. Men munuň üçin hem begenýärin, ýöne siziň ýagşylykda akyldar, erbetlikde ýöntem bolmagyňyzy isleýärin.
20 Parahatlyk Hudaýy haý diýmän, şeýtany aýaklaryňyzyň astynda mynjyradar. Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň bilen bolsun!
21 Işdeşim Timoteos, garyndaşlarym Lukius, Ýason we Sosipatros size salam gönderýär.
22 Bu haty ýazan men Tertius size Rebde salam aýdýaryn.
23 Meni hem bütin ýygnagy myhman alan Gaýus size salam gönderýär. Şäheriň hazynaçysy Erastos we doganymyz Kuwartos size salam gönderýär.
24 Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň hemmäňiz bilen bolsun! Omyn.