2 Korintoslylara haty

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13

Chapter 1

1 Hudaýyň islegi bilen Isa Mesihiň resuly bolan Pawlusdan we dogan Timoteosdan bütin Ahaýadaky mukaddesleriň baryna, Hudaýyň Korintosdaky ýygnaklaryna salam!
2 Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin!
3 Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy hem Atasyna alkyş! Ol rehimler Atasy, bütin teselliler Hudaýydyr.
4 Hudaýyň bize berýän tesellisi bilen biz-de her hili muşakgat içindäkilere teselli berer ýaly, Ol her muşakgatymyzda bize teselli berýär.
5 Çünki Mesihiň görgüleriniň bizde artyşy ýaly, biziň tesellimiz hem Mesih arkaly artýar.
6 Muşakgat çekýän bolsak, bu siziň teselli tapyp, gutulmagyňyz üçindir. Bu gutulyş biziň hem görýän görgülerimize döz gelmegiňiz bilen emele gelýändir. Bize teselli berilýän bolsa, bu siziň teselli tapmagyňyz, gutulmagyňyz üçindir.
7 Biziň siz hakdaky umydymyz berkdir, çünki görgülerimize şärik bolşuňyz ýaly, ruhlanmamyza-da şärikdigiňizi bilýäris.
8 Çünki, eý doganlar, Aziýada biziň başymyza gelen muşakgatlardan siziň habarsyz bolmagyňyzy islemeýäris. Biz çendenaşa, çydardan agyr kynçylyga düşüp, diri galmakdan hem umydymyzy üzdük.
9 Ölüm jezasyny içimizde duýduk. Bu özümize däl-de, ölüleri direlden Hudaýa bil baglamagymyz üçin boldy.
10 Ol bizi şeýle uly ölümden gutardy we gutarýar. Biziň üçin edýän dogalaryňyzyň kömegi bilen Onuň bizi ýene-de gutarjagyna umyt baglaýarys.
11 Şeýlelikde, köp adamlaryň dogasy netijesinde, bize berlen merhemetden ötri köpler biz babatda Hudaýa şükür eder.
12 Çünki biziň buýsanjymyz bu dünýäde, ylaýta-da, siziň bilen bolan gatnaşygymyzda tebigy akyldarlyk bilen däl-de, Hudaýyň merhemeti bilen, Hudaýdan bolan mukaddeslik we janypkeşlik bilen gezenligimize ynsabymyzyň güwäligidir.
13 Çünki biz size okaýanlaryňyzdan, düşünýänleriňizden başga hiç bir zady ýazmaýarys.
14 Bölekleýin düşünişiňiz, Rebbimiz Isa Mesihiň gününde biziň buýsanjymyz bolşuňyz ýaly, biziň hem siziň buýsanjyňyz bolmagymyz üçin, muňa soňuna çenli düşünersiňiz diýen umydym bar.
15 Bu ynam bilen, bähbidiňiz iki esse bolar ýaly, öňürti size barsam,
16 siziň üstüňiz bilen Makedoniýa geçip, Makedoniýadan ýene size gelip, Ýahuda siz ýola salarsyňyz diýen niýetim bardy.
17 Men şeýle niýet edip, durnuksyzlyk etdimmi? Ýa mende hem «hawa, hawa» hem-de «ýok, ýok» bolar ýaly, niýet edýänlerimi adam pikiri boýunça niýet edýärinmi?
18 Biziň size gowşuran sözümiziň hem «hawa», hem «ýok» däldigine Hudaýyň ynamdarlygyndan ant içýärin.
19 Çünki Silwanus we Timoteos dagymyz tarapdan siziň araňyzda wagyz edilen Hudaýyň Ogly Isa Mesih «hawa» we «ýok» bolman, Onda hemişe «hawa» bolandyr.
20 Hudaýyň ähli wadalary Mesihde «hawadyr». Şonuň üçin, biz arkaly Hudaýa şöhrat bolar ýaly, omyn Ol arkaly aýdylýandyr.
21 Bizi siz bilen birlikde Mesihde berkiden, wezipä bellän Hudaýdyr.
22 Ol bize möhür basyp, Mukaddes Ruhy ýüreklerimizde girew goýdy.
23 Hudaýy janyma güwä tutýaryn, şu çaka çenli Korintosa gelmedigimiň sebäbi sizi aýamakdy.
24 Bu biz siziň imanyňyzyň üstünden höküm sürýäris diýmek däldir, biz şatlygyňyz üçin siziň işdeşleriňizdiris. Çünki siz imanda berk dursuňyz.




Chapter 2

1 Men siziň ýanyňyza ikilenç gaýgy bilen gelmezligi ýüregime düwdüm.
2 Çünki sizi gaýgylandyrsam, gaýgylandyran adamym bolmasa, meni şatlandyrjak kim?
3 Muny gelemde şatlanmaly adamlarymdan gaýgylanmaýyn diýip ýazdym. Çünki meniň şatlygymyň hemmäňiziň şatlygydygyna ynanýaryn.
4 Men size agyr muşakgat we ýürek gorkusy zerarly köp gözýaş döküp, siziň gaýgylanmagyňyz üçin däl-de, meniň özüňize bolan bol söýgimi bilmegiňiz üçin ýazdym.
5 Biri gaýgylandyran bolsa, ol meni däl-de, ulaltmaýyn welin, belli bir derejede siziň hemmäňizi gaýgylandyrandyr.
6 Şeýle adama köplügiň beren şol jezasy ýeterlikdir.
7 Beýle adam çendenaşa gaýga batmaz ýaly, ony bagyşlamalysyňyz, ruhlandyrmalysyňyz.
8 Şonuň üçin oňa bolan söýgiňizi tassyklamagyňyzy sizden haýyş edýärin.
9 Şoňa görä-de, men siziň her zatda boýun bolýanlygyňyzy synagda biljek bolup ýazdym.
10 Siz kimi bir zatda bagyşlasaňyz, men hem bagyşlaýaryn, sebäbi men hem birini bir
11 11 Muny şeýtan bizden üstün çykmasyn diýip etdim, çünki biz onuň ýaman niýetlerinden habarsyz däldiris.
12 Men Mesihiň Hoş Habaryny wagyz etmäge Troasa baranymda, maňa Reb tarapyndan bir gapy açylanda,
13 ruhumda ynjalygym ýokdy, çünki doganym Titusy tapman, olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa gitdim.
14 Emma bizi Mesihiň yzyndan elmydam ýeňişli ýollardan ýöredýän, biz arkaly her ýerde Özüni tanamaklygyň atyr ysyny saçýan Hudaýa şükür!
15 Çünki biz hem gutulanlaryň, hem-de heläk bolanlaryň arasynda Hudaý üçin Mesihiň atyr ysydyrys.
16 Biz birine ölüm getirýän ölüm ysy, beýlekä bolsa ýaşaýyş getirýän ýaşaýyş ysydyrys. Kim bu zatlara mynasyp?
17 Çünki biz, köp adamlar ýaly, Hudaýyň sözüni alyş-çalyş etmän, eýsem, Hudaýdan bolup, Hudaýyň huzurynda Mesihe baglylykda janypkeşlik bilen gepleýäris.




Chapter 3

1 Biz ýene-de özümize maslahat bermäge başlaýarysmy? Bize käbirleri ýaly sizden ýa-da size maslahat hatlary gerekmi?
2 Siz biziň ýüregimizde ýazylan, ähli adamlar tarapyndan tanalan, okalan hatymyzsyňyz.
3 Hyzmatymyzyň netijesi hökmünde syýa bilen däl-de, diri Hudaýyň Ruhy bilen, daş sahypalaryň ýüzünde däl-de, ýüregiň et sahypalarynyň ýüzünde ýazylan Mesihiň hatydygyňyz äşgärdir.
4 Biziň Mesih arkaly Hudaýa bolan ynamymyz şeýledir.
5 Bir zady hamala özümizden ýaly saýmaga biziň özümiz ukyply däl-de, eýsem, ukybymyz Hudaýdandyr.
6 Ol bize harp däl-de, ruh esasyndaky Täze Ähtiň gullukçylary bolmak ukybyny berdi, sebäbi harp öldürýär, ýöne ruh ýaşadýar.
7 Ölüm gullugy daşlaryň ýüzüne oýulyp ýazylan harplar bilen şöhratda gelip, Ysraýyl ogullary Musanyň ýüzündäki geçip barýan şöhrat üçin onuň ýüzüne gözlerini sowman bakyp bilmedik bolsa,
8 Onda Ruh gullugy has şöhratda bolmazmy?
9 Çünki iş kesme gullugy şöhratly bolsa, onda dogrulyk hyzmaty has hem şöhratlydyr.
10 Çünki öňki şöhratlanan soňkynyň artyk şöhratyna garanda, şöhratlanan däldir.
11 Çünki geçip barýan şöhratly bolan bolsa, onda galyjy has hem şöhratlydyr.
12 Şeýle umydymyzyň barlygyna görä, uly gaýratymyz hem bardyr.
13 Biz Musa ýaly däldiris. Ol, Ysraýyl ogullary geçip barýan şöhratyň soňuny görmesin diýip, öz ýüzüni perdeläpdi.
14 Ýöne olaryň akyllary küteldi, sebäbi şu güne çenli Köne Äht okalanda, şol perde syrylman galyp, diňe Mesihde aradan aýrylýar.
15 Musa okalanda, perde şu güne çenli olaryň ýüregini büreýär.
16 Ýöne biri Rebbe tarap öwrülende, ol perde aýrylýar.
17 Reb Ruhdur. Rebbiň Ruhy nirede bolsa, azatlyk hem şol ýerdedir.
18 Emma biziň hemmämiz perdesi aýrylan ýüz bilen Rebbiň şöhratyny görüp, şöhrat üstüne şöhrat bilen şol keşbe dönderilýändiris. Bu hem Ruh bolan Mesih tarapyndyr.




Chapter 4

1 Şonuň üçin özümize görkezilen merhemet saýasynda bu hyzmata ýetenimiz üçin, biz ruhdan düşmeýäris.
2 Gizlin, utançly ýollary ret etdik. Biz hile bilen gezmän, Hudaýyň sözüniň saplygyny bozman, hakykaty aýan edip, özümizi Hudaýyň huzurynda ähli adam ynsabyna maslahat berýäris.
3 Biziň Hoş Habarymyz perdeli-de bolsa, heläk bolanlar üçin perdelidir.
4 Hudaýyň keşbi bolan Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nury olary ýagtylandyrmasyn diýip, bu dünýäniň taňrysy imansyzlaryň akyllaryny küteldendir.
5 Çünki biz özümizi däl-de, Mesih Isany Reb diýip, özümizi bolsa Isanyň hatyrasyna siziň gullaryňyz diýip yglan edýäris.
6 Çünki «Tümlükden nur parlasyn» diýen Hudaý Mesihiň ýüzünde Hudaýyň şöhratyny tanamak nuruny bermek üçin biziň ýüregimizi ýagtylandyrdy.
7 Ýöne iň üstün gudratyň bize däl-de, Hudaýa degişlidigi bilinsin diýip, bu genji toprak gaplarda saklap ýörüs.
8 Biz her tarapdan gysylýarys, ýöne owranmaýarys. Biz çäresiz ýagdaýdadyrys, ýöne çykalgasyz däldiris.
9 Kowalanýandyrys, ýöne terk edilen däldiris. Ýere urlandyrys, ýöne ölen däldiris.
10 Isanyň ýaşaýşy tenimizde aýan bolsun diýip, Onuň ölümini hemişe tenimizde göterýäris.
11 Çünki biziň ölümli tenimizde Isanyň ýaşaýşy hem aýan bolsun diýip, biz ― ýaşaýanlar Onuň hatyrasyna ölüme tabşyrylýarys.
12 Şeýlelikde, ölüm bizde, ýaşaýyş bolsa sizde işleýär.
13 «Iman etdim, şonuň üçin gepledim» diýip ýazylyşyna görä, biz-de bu iman ruhuna eýe bolup iman edýäris, şonuň üçin-de gepleýäris.
14 Çünki Reb Isany Direldeniň bizi hem Isa arkaly direldip, siz bilen birlikde Öz öňünde duruzjagyny bilýäris.
15 Sebäbi Hudaýyň merhemeti kän adamlar arkaly köpelip, Hudaýyň şöhratyna şüküri artdyrar ýaly, ähli zat siziň üçindir.
16 Munuň üçin, biz ruhdan düşmeýäris, gaýtam, daşky adamymyz bozulsa-da, içki adamymyz günbe-günden täzelenýär.
17 Sebäbi wagtlaýyn, ýeňil muşakgat biziň üçin juda artykmaç şöhratyň ebedi agramyny emele getirýär.
18 Sebäbi biz görünýän zatlara däl-de, görünmeýänlere seredýäris, çünki görünýänler wagtlaýyn, görünmeýänler ebedidir.




Chapter 5

1 Çünki biziň bu dünewi öýümiz, bu çadyr weýran bolsa, Gökde Hudaýdan bir ymaratymyzyň, el bilen ýasalmadyk ebedi öýümiziň bardygyny bilýäris.
2 Sebäbi Gökdäki mesgenimizi geýinmegi küýsäp, munda ah çekýäris.
3 Ýöne geýinsek, ýalaňaç görünmeris.
4 Çünki bu çadyrda bolýan biz ýük astynda ah çekýäris, sebäbi pany bolanlary ýaşaýyş ýuwutsyn diýip, ýalaňaçlanmak däl-de, geýinmek isleýäris.
5 Hudaý bizi şunuň özi üçin taýýarlap, bize Ruhy hem girew berdi.
6 Şeýlelikde, hemişe gaýratly bolup, tende mesgen tutýan wagtymyz Rebden uzakdadygymyzy bilýäris ―
7 çünki biz didar arkaly däl-de, iman arkaly gezýäris.
8 Gaýratly bolup, tenden aýrylmagy, Rebbiň ýanynda mesgen tutmagy gowy görýäris.
9 Şonuň üçin bu tende ýaşasak-da, aýrylsak-da, Onuň pisindi oturjak adamlary bolmaga yhlas edýäris.
10 Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, bedendekäk öz edenlerimize laýyk almytymyzy almak üçin, hemmämiz Mesihiň höküm kürsüsi öňünde häzir bolmalydyrys.
11 Şeýlelikde, biz Rebden gorkmagyň nämedigini bilýändigimiz üçin adamlary ynandyrýarys, ýöne Hudaýa aýandyrys, siziň ynsabyňyza-da aýandyrys diýen umydym bar.
12 Biz ýene-de özümizi size maslahat bermeýäris, ýöne ýürek bilen däl-de, daşky görnüş bilen magtanýanlara aýdara gepiňiz bolar ýaly, size biziň bilen magtanmaga esas berýäris.
13 Biz akylymyzy ýitiren bolsak, bu Hudaý üçindir, eger-de akylymyz başymyzda bolsa, siziň üçindir.
14 Çünki Mesihiň söýgüsi bizi mejbur edýär, sebäbi biri hemmäniň ugrunda öldi, eýle bolsa, hemmesi ölendir diýip hasap edýäris.
15 Ol ýaşaýanlar artykmaç özleri üçin däl-de, olar ugrunda Ölen we Direlen üçin ýaşasyn diýip, hemmäniň ugrunda öldi.
16 Şonuň üçin biz mundan beýläk hiç kimi adam ölçeglerine görä tanamaýarys. Mesihi şeýle tanan hem bolsak, indi beýle tanamaýarys.
17 Şonuň üçin kim Mesihe bagly bolsa, ol täze mahlukdyr. Köne zatlar geçdi, indi ählisi täze bolandyr.
18 Herki zat Hudaýdandyr. Ol bizi Mesih arkaly Özi bilen ýaraşdyrdy, bize ýaraşdyrma gullugyny berdi.
19 Ýagny Hudaý dünýäni Özi bilen Mesihde ýaraşdyrdy, ýazyklaryny hasaba alman, bize ýaraşdyrma sözüni berdi.
20 Şeýlelikde, indi hamala Hudaý biz arkaly haýyş edýän ýaly, biz Mesihiň ilçileridiris. Mesih tarapyndan ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!
21 Biz Oňa bagly bolup, Hudaýyň dogrulygyndan paý alar ýaly, Ol günäni tanamaýan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi.




Chapter 6

1 Biz Onuň bilen işdeşlik edip, Hudaýyň merhemetini boş ýere kabul etmäň diýip ýalbarýarys.
2 Çünki Ol: «Amatly wagtda saňa gulak asdym, gutulyş gününde saňa ýardam etdim» diýýär. Ine, indi şu amatly wagtdyr, ine, indi şu gutulyş günüdir. Pawlusyň çeken muşakgatlary
3 Biz gullugymyz käýinje sezewar bolmaz ýaly, hiç zatda biriniň büdremegine sebäp bolman,
4 her zatda Hudaýyň gullukçylary hökmünde özümizi maslahat berýäris: agyr çydamlarda, muşakgatlarda, mätäçliklerde, çykgynsyz ýagdaýlarda,
5 taýaklanmalarda, tussaglarda, aýaga galmalarda, azaplarda, ukusyzlyklarda, orazalarda;
6 tämizlikde, bilimde, sabyrda, ýagşylykda, Mukaddes Ruhda, hilesiz söýgüde,
7 Hakykat sözünde, Hudaýyň güýjünde, sagda hem çepde dogrulyk ýaraglary bilen,
8 abraý we biabraýçylykda, betnamlyk we tarypda özümizi Hudaýyň gullukçylary hökmünde maslahat berýäris. Biz ýalançy hasaplansak-da, hakykaty sözleýändiris.
9 Nätanyş ýaly bolsak-da meşhurdyrys; öli ýaly bolsak-da diridiris; jeza çeksek-de, öldürilen däldiris.
10 Gaýgyly bolsak-da, hemişe şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zady ýok ýaly bolsak-da, ähli zada eýediris.
11 Eý korintoslylar, biziň sözümiz size açyk, göwnümiz giňdir.
12 Sizden öz mährini aýaýan biz däl-de, bizden mährini aýaýan sizsiňiz.
13 Muňa derek size öz balalarym hökmünde aýdýaryn, siz hem göwnüňizi giň tutuň.
14 Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň. Çünki dogrulygyň şer iş bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nuruň tümlük bilen näme ýoldaşlygy bar?
15 Mesihiň Belial bilen näme agzybirligi bar? Ýa-da imanlynyň imansyz bilen näme paýdaşlygy bar?
16 Hudaýyň ybadathanasynyň butlar bilen näme ylalaşygy bar? Çünki siz diri Hudaýyň ybadathanasysyňyz; Hudaý bolsa: «Olaryň arasynda mekan tutup gezerin, Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolar» diýipdir.
17 Reb şeýle diýýär: «Munuň üçin olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň, murdara galtaşmaň, Men hem sizi kabul ederin».
18 Her zady başarýan Reb: «Men siziň Ataňyz bolaryn, siz hem Meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz» diýýär.




Chapter 7

1 Eý, söýgüli doganlar, bu wadalarymyzyň barlygyna görä, her hili ten we ruh pisliginden tämizlenip, Hudaýdan gorkmakda mukaddesligi kämilleşdireliň.
2 Bize ýüregiňizden ýer beriň. Biz hiç kimi ynjadan däldiris, hiç kimi azdyran däldiris, hiç kimi ezen däldiris.
3 Muny sizi ýazgarmak üçin aýtmaýaryn. Sebäbi bile ölüp, bile ýaşar ýaly, biziň ýüregimizdedigiňizi men ozal aýtdym.
4 Size biçak ynanýaryn, size biçak guwanýaryn. Men teselliden doly, muşakgatymyz arasynda begenjim çäksiz.
5 Çünki Makedoniýa gelenimizde-de, göwnümiziň ynjalygy bolman, her tarapdan gysylýardyk. Daşarda uruşlar, içimizde gorkular bardy.
6 Emma pes göwünlileri ruhlandyrýan Hudaý Titusyň gelmegi bilen bize teselli berdi.
7 Diňe onuň gelmegi bilen hem däl, siziň oňa eden teselliňiz bilen hem teselli tapdyk. Ol siziň küýsegiňizi, ýasyňyzy, maňa bolan yhlasyňyzy habar berende, has hem begendim.
8 Çünki hatym bilen sizi gaýgylandyran bolsam hem ökünmeýärin. Ökünen bolsam-da ― çünki ol hatyň az wagt hem bolsa, sizi gaýgylandyranyny görýärin ― indi begenýärin.
9 Gaýgylananyňyza däl-de, toba üçin gaýgylananyňyza begenýärin. Çünki siz bizden hiç bir zyýan görmän, Hudaýyň islegi boýunça gaýgylandyňyz.
10 Çünki Hudaýyň islegi boýunça gaýgylanmaklyk gutulyş üçin ökünçsiz tobany emele getirýändir. Dünýäniň gaýgylary bolsa, ölümi emele getirýändir.
11 Bu gaýgyňyzyň Hudaýyň islegine görä bolmagy, gör, sizde nähili gaýrat, nähili ökünç, nähili gahar, nähili gorky, nähili küýseg, nähili yhlas, nähili adalata ymtylyş döretdi! Siz bu işde her taýdan tämizdigiňizi görkezdiňiz.
12 Şeýlelikde, size ýazan hem bolsam, muny ynjydan üçin ýa-da ynjan üçin däl-de, bize bolan gaýratyňyzyň Hudaýyň huzurynda özüňize aýan bolmagy üçin ýazdym.
13 Bular bize teselli berýär. Ýöne öz tesellimizden köp Titusyň şatlygyna begendik, çünki siziň baryňyz onuň göwnüni ynjaldypsyňyz.
14 Çünki onuň ýanynda siz barada bir zat diýip öwünen bolsam hem, meni utandyrmadyňyz, gaýtam, biziň size hemme zady hakykatda aýdyşymyz ýaly, Titusyň garşysyndaky magtanjymyz hem hakykat boldy.
15 Ol hemmäňiziň boýun bolanyny, ony gorky hem titreme bilen garşylanyňyzy ýatlanda, size bolan söýgüsi has-da artýar.
16 Men her zatda size bil baglap biljegime begenýärin.




Chapter 8

1 Eý doganlar, Hudaýyň Makedoniýanyň ýygnaklaryna beren merhemetini size bildirýäris.
2 Uly muşakgat synagynda olaryň şatlygynyň bollugy aýan boldy, olaryň aşa garyplygy sahylyklarynda çäksiz baýlyga öwrüldi.
3 Olaryň öz ýagdaýlaryna görä hem-de ýagdaýlaryndan aşa sahylyk edenlerine men güwä geçýärin.
4 Olar bu haýyr işe, mukaddeslere gulluk etmäge özleriniň gatnaşmagyny köp ýalbaryp, bizden haýyş etdiler.
5 Hatda umyt edişimizden-de ýokary bolup, olar özlerini ilki Rebbe, soň-da Hudaýyň islegi bilen bize peşgeş etdiler.
6 Şonuň üçin bu haýyr işi ozal nähili başlan bolsa, şeýle hem araňyzda bitirmegini biz Titusdan haýyş etdik.
7 Imanda, sözde, bilimde, her hili gaýratda, bize bolan söýgiňizde, ähli zatda bolşuňyz ýaly, bu haýyr işde-de üstün boluň.
8 Muny buýruk hökmünde däl-de, beýlekileriň gaýraty arkaly söýgiňiziň hakykylygyny synap aýdýaryn.
9 Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýänsiňiz. Garyplygy bilen siz baýar ýaly, Ol baýka garyp boldy.
10 Bu hakda men öz pikirimi aýdaýyn. Çünki bu siziň üçin peýdalydyr. Siz öten ýyldan bäri diňe etmekde däl-de, muny arzuwlamakda hem ilkinjilerdiňiz.
11 Indi arzuwlamaga göwünjeň bolşuňyz ýaly, başardygyňyzdan, bu işiň bitmegi üçin, ony soňuna çenli alyp baryň.
12 Çünki göwünjeňlik bar bolsa, adamyň ýoguna görä däl, baryna görä bermegi makuldyr.
13 Biz başgalaryna ýeňil, size agyr bolmagyny islämzok, deňligi isleýäris.
14 Olaryň hem artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar ýaly, şu wagt siziň artykmaç zadyňyz olaryň ýetmezini doldursyn.
15 Şeýle, «Köp ýygnanyň artygy, az ýygnanyň hem kem zady bolmady» diýip ýazylyşy ýaly, deňlik bolar.
16 Siz babatdaky şeýle yhlasy Titusyň ýüregine guýýan Hudaýa şükür!
17 Çünki ol biziň haýyşymyza gulak asyp, köp yhlasly bolany üçin, öz islegi bilen siziň ýanyňyza gitdi.
18 Biz Hoş Habarda bütin ýygnaklar tarapyndan taryplanýan dogany hem onuň bilen bile ýolladyk.
19 Mundan başga-da ol dogan Rebbiň şöhraty üçin we biziň öz göwünjeňligimizi görkezmek üçin ýerine ýetirýän bu haýyr işimizde ýygnaklar tarapyndan bize ýoldaşlyk etmäge saýlandy.
20 Biz gullugymyz bilen gazanylan bu gatanç hakda hiç kim bize garalyk ýapmaz ýaly, ätiýajy elden bermeýäris.
21 Çünki biz diňe bir Reb huzurynda däl, eýsem, adamlar huzurynda-da ýagşy işiň aladasyny edýäris.
22 Yhlaslydygyny köp zatlarda telim gezek synan, indi hem size bolan uly ynamy arkaly has-da yhlasly bolan doganymyzy hem olar bilen ýolladyk.
23 Titus hem meniň şägirdim, siziň araňyzdaky işdeşimdir. Doganlarymyz bolsa ýygnaklaryň ilçileri, Mesihiň şöhratydyr.
24 Indi söýgiňizi, siz hakdaky magtanjymyzy ýygnaklaryň gözüniň alnynda olara subut ediň.




Chapter 9

1 Mukaddeslere gulluk etmek barada meniň size ýazmagymyň geregi ýok.
2 Çünki ýardama bolan meýliňizi bilýärin, Ahaýa öten ýyldan bäri taýýar dur diýip, makedoniýalylaryň ýanynda siz hakda öwünýärin. Siziň yhlasyňyz köpleri höweslendirdi.
3 Biziň bu babatda siz hakda öwünmämiz biderek bolman, aýdyşym ýaly, taýýarlykly bolmagyňyz üçin, doganlary ýanyňyza iberýärin.
4 Çünki makedoniýalylar meniň bilen gelip-de, siziň taýýar däldigiňizi görseler, biz ― siz diýmeýäris ― beýle ynamlylyk üçin utanja galarys.
5 Şoňa görä hem menden öň ýanyňyza baryp, wada edilen peşgeşleriňizi öňden taýýarlamaklaryny doganlardan haýyş etmegi zerur bildim. Şeýlelikde, ol borçlulyk bilen däl-de, bir hakyky peşgeş hökmünde taýýarlanar.
6 Şuny biliň: az eken az orar, köp eken köp orar.
7 Tukatlyk ýa mejburlyk bilen däl-de, her kim öz göwnünden çykaranyny bersin. Sebäbi Hudaý begenç bilen bereni söýýändir.
8 Hemişe hemme zadyňyz ýeterlik bolup, her ýagşy işe bol mümkinçiligiňiz bolar ýaly, Hudaý size her nygmaty boldan bermegi başarýandyr.
9 Şonuň ýaly hem: «Paýlap, garyplara berdi, Onuň dogrulygy baky galar» diýip ýazylgydyr.
10 Ekýäne tohum, iýmäge çörek berýän Hudaý ekeniňizi hem boladyp artdyrar, dogrulygyňyzyň hasylyny ösdürer.
11 Siz her hili jomartlyk etmek üçin, hemme zada baýarsyňyz. Bu-da biz arkaly Hudaýa şükür döreder.
12 Çünki bu hyzmaty ýerine ýetirmek diňe mukaddesleriň ýetmezini doldurman, eýsem, Hudaýa edilýän şükürleri hem köpelder.
13 Bu gulluk netijesinde, olar siziň Mesihiň Hoş Habaryna bolan ykraryňyza baglydygyňyz üçin, olar bilen we hemmeler bilen malyňyzy paýlaşmakda görkezýän jomartlygyňyz üçin, Hudaýy şöhratlandyrar.
14 Hudaýyň üstüňizdäki bol merhemeti üçin siz babatda doga edip, sizi küýsär.
15 Çendenaşa sylagy üçin Hudaýa şükür!




Chapter 10

1 Araňyzdakam kiçigöwünli, gaýybana bolsa size garşy batyr bolan Pawlus Mesihiň ýumşaklygy we mähribanlygy bilen sizden haýyş edýärin.
2 Gelenimde, bizi dünýä ýollary boýunça gezýändir öýdýänleriň käbirlerine garşy oýlanýan niýetimde batyrlyk ulanmaly bolmaýyn diýip ýalbarýaryn.
3 Çünki biz dünýäde gezýän hem bolsak, dünýä ýollary boýunça söweşýän däldiris.
4 Sebäbi biziň söweş ýaraglarymyz dünewi däldir, galalary ýykmak üçin Hudaýyň gudratyna eýedir.
5 Biz ters çekişmeleri, Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan her bir belentligi ýykyp, her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir edýändiris.
6 Mesihe bütinleý boýun bolan mahalyňyz, her bir boýun bolmazlygy jezalandyrmaga taýýardyrys.
7 Göz öňündäkilere serediň. Kim özüniň Mesihiňkidigine ynamy bar bolsa, biziň hem özi ýaly Mesihiňkidigimiz hakda öz ýanyndan oýlansyn.
8 Men Rebbiň bize sizi weýran etmek üçin däl-de, abat etmek üçin beren ygtyýaryna has köpräk öwünýän hem bolsam utanmaýaryn.
9 Muny sizi öz hatlary bilen gorkuzjak bolýar diýmäň diýip edýärin.
10 «Ol hatlarynda ýowuz hem güýçli, ýöne şahsy huzury ejiz, sözi dereksiz» diýýärler.
11 Beýle adam muny bilsin: biz ýokkak hat arkaly sözde nähili bolsak, barkak amalda hem şeýlediris.
12 Çünki biz özlerini maslahat berýänleriň käbirleri bilen özümizi bir tutmaga ýa-da deňemäge het edip bilmeýäris. Olar özlerini özleri bilen ölçäp, özlerini özleri bilen deňäp, pähimsiz bolýarlar.
13 Emma biz hetdenaşa däl-de, siziň hetdiňize ýeter ýaly, Hudaýyň bize bellän iş meýdanynyň çägine görä magtanýarys.
14 Siziň hetdiňize ýetmedik ýaly, öz hetdimizden aşmaýarys, çünki biz Mesihiň Hoş Habary bilen size-de ýetdik.
15 Biz başganyň zähmeti bilen hetdenaşa magtanmaýarys.
16 Emma Hoş Habary sizden aňyrrak-da wagyz edip, başganyň meýdanynda taýýar işler bilen magtanmaz ýaly, siziň imanyňyz ösdügiçe, biziň-de iş meýdanymyz has köp giňär diýen umydymyz bar.
17 Ýöne magtanýan Reb bilen magtansyn.
18 Çünki özüni maslahat berýän arzyly däl-de, Rebbiň maslahat berýäni arzylydyr.




Chapter 11

1 Käşgä meniň akylsyzlygyma az-kem çydasadyňyz! Ýöne siz maňa çydaman hem durmaýarsyňyz.
2 Çünki men size Hudaýyň yhlasy bilen yhlas edýärin, sebäbi men sizi päk gyz hökmünde Mesihe hödürlemek üçin diňe bir äre niýetledim.
3 Emma ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň hem pikirleriňiz bozulyp, Mesihde bolan sadalykdan aýrylarmykan diýip gorkýaryn.
4 Çünki biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edip-de, alanyňyzdan başga ruhy alsaňyz ýa kabul edeniňizden başga Hoş Habary kabul etseňiz, muňa gowy çydarsyňyz.
5 Çünki men hiç zatda bu ýokary derejeli resullardan yzda däldirin diýip güman edýärin.
6 Söz sözlemekde ökde däl hem bolsam, bilimde ökdedirin. Biz muny size her ýolda, her zatda görkezendiris.
7 Ýa-da sizi beýgeltmek üçin özümi peseltmek bilen günä etdimmi? Çünki men Hudaýyň Hoş Habaryny size mugt wagyz etdim.
8 Size gulluk etmek üçin, beýleki ýygnaklardan muzd alyp, olara harç çekdirdim.
9 Araňyzda bolup, mätäçlik çekenimde-de, hiç kime ýük bolmadym, sebäbi Makedoniýadan gelen doganlar meniň ýetmezimi ýetirdiler. Hiç bir zatda size agram salman, özümi sakladym, şeýle-de saklaryn.
10 Mesihiň mendäki hakykaty bilen aýdýaryn: Ahaýa etrabynda hiç kim meni bu magtançdan mahrum edip bilmez.
11 Näme üçin? Sizi söýmeýänim üçinmi? Muny Hudaý bilýändir.
12 Ýöne magtanýan zatlarynda biziň bilen deň saýylmak üçin pursat gözleýänlere pursat bermejek bolup, edenimi ýene-de ederin.
13 Çünki beýle adamlar galp resullar, Mesihiň resullarynyň keşbine girýän aldawçy işgärlerdir.
14 Bu geň zat däl, sebäbi, şeýtanyň özi-de nur perişdesiniň keşbine girýär.
15 Şonuň üçin onuň gullukçylary-da dogrulyk gullukçylarynyň keşbine girse, bu uly bir zat däldir, olaryň soňy işlerine görä bolar.
16 Ýene-de diýýärin: hiç kim meni akylsyzdyr öýtmesin. Ýöne şeýle bolsa, men hem biraz magtanar ýaly, siz meni bir akylsyz hökmünde kabul ediň.
17 Men bu aýdýanlarymy Rebbe görä däl-de, akylsyz ýaly magtanma ynamy bilen aýdýaryn.
18 Köpleriň dünýä ýollaryna görä magtanyşy ýaly, men-de şeýle magtanýaryn.
19 Çünki siz akylly bolup, ýene akylsyzlara höwes bilen çydaýarsyňyz.
20 Çünki biri sizi gul etse, biri sizi iýse, biri sizi talasa, biri özüni ýokary tutsa, biri siziň ýaňagyňyza şapbatlasa, siz oňa çydaýarsyňyz.
21 Biziň muňa güýjümiz ýetmänsoň, utanyp gepleýärin. Biri näme zada ýürek edýän bolsa, akylsyzlyk bilen aýdýaryn, men hem ýürek edýändirin.
22 Olar ýewreými? Men-de. Ysraýyllymy? Men-de. Ybraýymyň neslimi? Men-de.
23 Olar Mesihiň gullukçylarymy? (Däli ýaly aýdýaryn.) Men olardan artyk: zähmetde artyk, tussaglarda artyk, ýenjilmekde ― hetdenaşa, ölümli hatarlarda ― ençeme gezek.
24 Ýehudylardan bäş gezek kyrkdan bir kem şallak iýdim;
25 üç gezek taýaklandym, bir gezek daşlandym, üç gezek gämim gark bolup, bir gije-gündizi deňizde geçirdim.
26 Ençeme gezek ýolagçylyk etdim, derýalarda hem garakçylar arasynda, öz halkym hem özge milletler arasynda howp-hatara uçradym. Şäherde, çölde, deňizde, galp doganlar arasynda howp-hatarda boldum.
27 Zähmet hem zorlukda, köp gezek ukusyzlykda, açlyk hem suwsuzlykda, köp gezek orazalarda, sowukda hem ýalaňaçlykda boldum.
28 Bulardan başga-da her gün meni basmarlaýan ähli ýygnaklar baradaky aladadyr.
29 Kim ejizläp, men ejizlemeýärin? Kim büdräp, men ýanmaýaryn?
30 Magtanmaly bolsa, men öz ejizligimi görkezýän zatlar bilen magtanjak.
31 Meniň ýalan sözlemeýänimi baky mübärek Rebbimiz Isanyň Hudaýy hem Atasy bilýändir.
32 Şamda Aret patyşanyň welaýat häkimi meni tutjak bolup, şamlylaryň şäherini saklaýardy. Şonda meni sebede salyp, şäher diwarynyň penjiresinden aşak düşürdiler, şeýdip, ondan sypdym.




Chapter 12

1 Magtanmagym, dogrudan-da, peýdaly zat däl, çünki Rebden gelen görnüşlere, ylhamlara gelýärin.
2 Men Mesihde bir adamy tanaýaryn. Ol on dört ýyl mundan ozal (bilmeýärin tendemi, bilmeýärin tenden daşardamy, Hudaý bilýär) üçünji Göge äkidildi.
3 Bu adam barada şuny bilýärin (bilmeýärin tendemi, bilmeýärin tenden daşardamy, Hudaý bilýär),
4 ol behişde äkidildi. Ol ýerde adamzada sözlemäge rugsat edilmedik, aýdyp bolmajak sözleri eşitdi.
5 Men şeýle adam hakda magtanýaryn, ýöne ejizligim bolaýmasa, özüm hakda magtanara zadym ýok.
6 Çünki magtanjak bolsam, akylsyz bolmaryn, sebäbi men hakykaty aýdaryn. Ýöne biri meni göreninden ýa eşideninden ýokary biläýmesin diýip, magtanmakdan saklanýaryn.
7 Ylhamlaryň bollugyndan ýaňa özümi ýokary tutmaz ýaly, tenimde tiken, ýagny özümi ýokary tutmaz ýaly, meni ýumruklamagy üçin, maňa bir şeýtan perişdesi berildi.
8 Ony menden aýyrsyn diýip, Rebbe üç gezek ýalbardym.
9 Ol maňa: «Saňa meniň merhemetim ýeterlikdir, çünki Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir» diýdi. Şunuň üçin Mesihiň gudraty üstüme kölege salar ýaly, höwes bilen öz ejizliklerim hakda has hem magtanýaryn.
10 Şu sebäpden men Mesih ugrundaky ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, azarlara, kynçylyklara razy, sebäbi men ejizkäm güýçlüdirin.
11 Men bir akylsyz boldum, muňa siz meni mejbur etdiňiz. Aslynda, siz meni öwmelidiňiz, sebäbi hiç hem bolsam, hiç bir zatda bu ýokary derejeli resullardan yzda däldirin.
12 Resullyk alamatlarym siziň araňyzda uly sabyr bilen alamatlarda, mugjyzalarda, gudratlarda görkezildi.
13 Çünki meniň size ýük bolmaýşymdan başga siziň beýleki ýygnaklardan näme pesligiňiz bar? Meniň bu adalatsyzlygymy bagyşlaň.
14 Ine, bu siziň ýanyňyza gitmäge üçünji gezek taýýarlanyşym, ýöne size ýük bolmaryn, sebäbi men siziň zatlaryňyzy däl-de, özüňizi küýseýärin. Çünki oglanlar ene-ata däl-de, ene-ata çagalar üçin mal-mülk ýygnamalydyr.
15 Men siziň janyňyz ugrunda barymy höwes bilen harçlap, bütinleý harçlanaryn. Sizi köpräk söýsem, siz meni azrak söýermisiňiz?
16 Goý, şeýle bolsun, emma men size ýük bolmandyryn, ýöne mekir bolanym üçin sizi hile bilen tutanmyşym!
17 Ýanyňyza iberen adamlarymyň biri arkaly sizi ezdimmi?
18 Men Titusdan haýyş etdim, dogany onuň bilen ýolladym. Titus sizi ezdimi? Biz şol bir ruhda gezmedikmi? Şol bir yzy yzarlamadykmy?
19 Siz ýene biz özümizi siziň öňüňizde aklaýandyrys öýdýärsiňizmi? Biz Hudaýyň huzurynda Mesihe baglylykda gepleýäris, ýöne, eý söýgüli doganlar, munuň bary siziň abatlanmagyňyz üçindir.
20 Çünki ýanyňyza gelip-de, sizi isleýşim ýaly, siz hem meni isleýşiňiz ýaly görmezmikäňiz diýip gorkýaryn. Dawa, içigaralyk, gahar, jenjel, töhmet, gybat, gabarma we tertipsizlik bardyr öýdüp gorkýaryn.
21 Ýanyňyza baranymda, Hudaýym meni ýanyňyzda pese düşürip, ozaldan günä batyp, eden murdarlyklaryndan, zyna we ahlaksyzlyklaryndan toba etmedik köp adamlar üçin ýas tutmaly bolarmykam diýip gorkýaryn.




Chapter 13

1 Bu üçünji gezek ýanyňyza barşymdyr. Her söz iki ýa üç güwäniň agzy bilen tassyklanar.
2 Men ikinji gezek ýanyňyzdakam, öňünden aýdyşym ýaly, şindi-de ýokkam ozaldan günä edenlere hem-de beýlekileriň baryna öňünden ýazýaryn: ýene ýanyňyza baraýsam, gaýgyrmaryn.
3 Çünki siz Mesihiň men arkaly gepleýänine subutnama agtarýarsyňyz. Ol size garşy ejiz däl-de, siziň araňyzda güýçlüdir.
4 Sebäbi Ol ejizlikde haça çüýlenen hem bolsa, Hudaýyň gudraty arkaly ýaşaýar. Biz-de Onda ejizdiris, ýöne Hudaýyň size bolan gudraty arkaly Onuň bilen ýaşarys.
5 Imandadygyňyzy özüňiz barlap görüň. Özüňizi synaň. Ýa-da Mesihiň sizdedigini özüňiz hem bilmeýärsiňizmi? Beýle bolmasa, synagdan ýykylardyňyz.
6 Ýöne biziň synagdan ýykylmandygymyzy bilýänsiňiz diýip umyt edýäris.
7 Biz siziň asla erbet iş etmezligiňiz üçin Hudaýa doga edýäris. Bu synagdan geçen ýaly bolup görünmegimiz üçin däl-de, biz synagda ýykylan ýaly bolup, siziň ýagşy iş etmegiňiz üçindir.
8 Çünki biz hakykata garşy hiç bir iş edip bilmän, diňe hakykat ugrunda bir iş edip bilýäris.
9 Biz özümiz ejiz-de, siz güýçlükäňiz begenýäris. Munuň üçin, ýagny siziň kämilleşmegiňiz üçin hem doga edýäris.
10 Rebbiň maňa ýykmak üçin däl-de, abatlamak üçin beren ygtyýary boýunça, özüm barkam sizi gaty tutmaýyn diýip, bu zatlary araňyzda ýokkam ýazýaryn.
11 Eý doganlar, mahlasy, şatlykda boluň! Kämil boluň, aýdýanlaryma gulak asyň, pikirdeş boluň, parahat ýaşaň, söýgi hem parahatlyk Hudaýy siziň bilen bolar.
12 Biri-biriňize mukaddes ogşuk bilen salam aýdyň. Bütin mukaddesler size salam aýdýar.
13 Reb Isa Mesihiň merhemeti, Hudaýyň söýgüsi, Mukaddes Ruha şäriklik siziň ähliňiz bilen bolsun! Omyn.