Galatýalylara haty

1 2 3 4 5 6

Chapter 1

1 Adamlar tarapyndan we adamzat arkaly däl-de, eýsem, Isa Mesih we Ony ölülerden direlden Ata Hudaý arkaly resul bolan Pawlus
2 we meniň bilen bilelikdäki bütin doganlardan Galatýadaky ýygnaklara salam!
3 Atamyz Hudaý, Rebbimiz Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin.
4 Atamyz hem Hudaýymyzyň islegine görä, bizi häzirki ýaman çagdan gutarjak bolup, Ol Özüni biziň günälerimiz üçin pida etdi.
5 Hudaýa ebedilik şöhrat bolsun! Omyn.
6 Men siziň Mesihiň merhemeti arkaly özüňizi Çagyrany beýle tiz taşlap, başga Hoş Habara öwrülişiňize haýran galýaryn.
7 Dogrudan-da başga Hoş Habar ýok, ýöne sizi bulaşdyrjak, Mesihiň Hoş Habaryny ýoýjak bolýan käbir adamlar bar.
8 Emma biz ýa Gökden inen bir perişde hem size wagyz edenimizden başga bir zady Hoş Habar diýip wagyz etse, oňa lagnat bolsun!
9 Öň aýdyşymyz ýaly, ýene-de aýdýaryn: biri size kabul edeniňizden başga bir zady Hoş Habar diýip wagyz etse, oňa lagnat bolsun!
10 Indi men adamlaryň razyçylygyny gözleýärinmi ýa Hudaýyň razyçylygyny? Ýa-da adamlara ýaranjak bolýarynmy? Men heniz hem adamlara ýaranýan bolsam, Mesihiň guly bolmadygymdyr.
11 Eý doganlar, meniň wagyz eden Hoş Habarymyň adamdan däldigini size aýdýaryn.
12 Çünki men ony bir adamdan alman, bir adamdan öwrenmän, Isa Mesihiň ylhamy arkaly aldym.
13 Çünki siz meniň ýehudylykda geçen ýaşaýşymy eşidensiňiz. Men Hudaýyň ýygnagyna çendenaşa azar berip, ony weýran etdim.
14 Atalarymyň däp-dessuryna biçak yhlasly bolup, halkymda bolan ýaşdaşlarymyň köpüsinden ýehudylykda ozdum.
15 Emma enemiň garnyndakam, meni seçip, Öz merhemeti bilen çagyran Hudaý,
16 milletler arasynda Ony wagyz eder ýaly, Öz Ogluny mende aýan etmäge razy bolanda, men derrew et we gan bilen maslahatlaşman,
17 Iýerusalime menden öň resul bolanlaryň ýanyna gitmän, Arabystana gitdim, soň hem Şama öwrüldim.
18 Üç ýyldan soň Petrus bilen tanyşmak üçin, Iýerusalime baryp, on bäş gün onuň ýanynda boldum.
19 Ýöne Rebbiň dogany Ýakupdan başga resullaryň hiç birini görmedim.
20 Size näme ýazsam, ine Hudaýyň huzurynda ýalan sözlemeýärin.
21 Onsoň Siriýa we Kilikiýa etrabyna gitdim.
22 Emma Ýahudanyň Mesihdäki ýygnaklary meniň özümi tanaman,
23 diňe: «Bize ozallar azar beren adam indi bir wagtlar özüniň weýran eden imanyny wagyz edýär» diýşip,
24 men sebäpli Hudaýy şöhratlandyrýardylar.




Chapter 2

1 Onsoň on dört ýyldan soň, Titusy hem ýanyma alyp, Barnabas bilen ýene Iýerusalime rowana boldum.
2 Men ylham bilen gitdim, biderek ýere ýortmaýyn ýa ýortan bolaýmaýyn diýip, olara, ylaýta-da, at-abraýlylara milletler arasynda wagyz eden Hoş Habarymy beýan etdim.
3 Ýanymdaky Titus hem grekdigine garamazdan, sünnetlenmäge mejbur edilmedi.
4 Bu ýagdaý bizi gul etjek bolup, Mesih Isadaky azatlygymyzy bilmek üçin ogrynça aramyza giren galp doganlar sebäpli ýüze çykdy.
5 Hoş Habaryň hakykaty diňe siziň ýanyňyzda galsyn diýip, biz birsalym hem olara tabyn bolup baş egmedik.
6 Emma at-abraýlylar ― näme-de bolan bolsalar, maňa parhy ýok, çünki Hudaý adamyň daş görnüşine bakmaýar ― bu at-abraýlylar meniň aýdanlaryma hiç bir zat goşmadylar.
7 Gaýtam tersine, Hoş Habary sünnetlilere wagyz etme işiniň Petrusa berlişi ýaly, sünnetsizlere wagyz etme işiniň-de maňa berlenini gördüler.
8 Sebäbi sünnetlilere resullyk etmegi üçin Petrusda işlän Hudaý ýehudy dällere resullyk etmek üçin hem mende işledi.
9 Ýygnagyň diregleri hasaplanan Ýakup, Kifas we Ýahýa maňa berlen merhemeti aňanlarynda, şärikçiligimiz üçin maňa we Barnabasa sag ellerini berdiler. Şeýdibem, biz özge milletler arasyna gitdik, olar hem sünnetlileriň arasyna gitmeli boldular.
10 Olar diňe garyplary ýatlamagymyzy islediler, men hem edil şony etmäge gaýrat edýärdim.
11 Emma Petrus Antakiýa gelende, günäli bolany üçin, men oňa aç-açan garşy çykdym.
12 Çünki Ýakubyň ýanyndan käbir adamlar gelmezden öň, ol özge milletlerden bolanlar bilen nahar iýýärdi, ýöne ol adamlar gelenlerinde, Petrus gorkup, sünnetlilerden çekilip aýryldy.
13 Onuň bilen birlikde beýleki ýehudylar hem ikiýüzlülik etdiler. Barnabas hem olaryň ikiýüzlüligine goşuldy.
14 Men olaryň Hoş Habaryň hakykatyna görä dogry ýol bilen ýöremeýänlerini göremde, hemmeleriň öňünde Petrusa şeýle diýdim: «Sen ýehudy bolup, ýehudy ýaly däl-de, özge milletlerden biri ýaly ýaşaýan bolsaň, onda näme üçin özge milletleri ýehudy bolmaklyga mejbur edýärsiň?»
15 Biz doga ýehudydyrys, özge milletlerden bolan günäkärler däldiris.
16 Biz adamyň Mukaddes Kanunyň işlerini berjaý etmek bilen däl-de, diňe Isa Mesihe bolan iman bilen aklanýandygyny bilýäris. Şonuň üçin biz hem Kanun işlerini berjaý etmek bilen däl-de, Mesihe bolan iman bilen aklanar ýaly, Mesih Isa iman etdik. Sebäbi hiç kim diňe kanun işlerini berjaý etmek bilen aklanmaz.
17 Mesihde aklanmak isläp, özümiz hem günäkär bolup çyksak, Mesih günäniň gullukçysy bolýarmy? Ýok!
18 Çünki ýykan zatlarymy gaýtadan diksem, özümi kanundan çykyjy edýärin.
19 Sebäbi men Hudaý üçin ýaşar ýaly, kanun arkaly kanuna öldüm.
20 Mesih bilen birlikde haça çüýlendim. Indi men ýaşaman, eýsem, Mesih mende ýaşaýar. Şindi tende geçirýän ýaşaýşymy Hudaýyň meni söýen, meniň ugrumda Özüni pida eden Ogluna bolan iman bilen geçirýärin.
21 Men Hudaýyň merhemetini ýatyramok, çünki aklanma kanun arkaly gazanylýan bolsa, onda Mesih biderek ýere ölendir.




Chapter 3

1 Eý, akmak galatýalylar! Hakykata boýun bolmaz ýaly, sizi kim jadylady? Isa Mesih haça çüýlenen hökmünde gözüňiziň öňünde suratlandyrylmadymy?
2 Men sizden diňe şuny biljek bolýaryn: siz Mukaddes Ruhy Mukaddes Kanunyň işlerini berjaý etmek bilen aldyňyzmy ýa-da eşidenleriňize iman etmek bilen?
3 Siz beýle akmakmysyňyz? Ruh bilen başlap-da, indi adam güýji bilen soňlajak bolýarsyňyzmy?
4 Siz beýle görgüleri biderek ýere gördüňizmi? Dogrudan-da biderekmidi?
5 Size Ruhy beren, araňyzda gudratlar görkezen muny kanun işlerini berjaý edeniňiz üçin, eşidenleriňize iman edeniňiz üçin edýärmi?
6 Meselem, «Ybraýym Hudaýa iman etdi, bu oňa dogrulyk saýyldy».
7 Şeýlelikde, şuny bilip goýuň: Ybraýymyň çyn ogullary iman getirenlerdir.
8 Mukaddes Ýazgy Hudaýyň milletleri imanlary arkaly aklajagyny öňünden görüp, Ybraýyma: «Bütin milletlere sen arkaly bereket iner» diýip öňünden buşlady.
9 Şeýle, iman edenler iman eden Ybraýym bilen bilelikde bereket taparlar.
10 Kanun işlerine umyt baglaýanlaryň ählisi gargyş astyndadyr, çünki: «Kanun kitabynda ýazylgy zatlary yzygiderli berjaý etmeýän adam lagnatlydyr» diýip ýazylgydyr.
11 Hudaýyň öňünde bolsa hiç kimiň kanun bilen aklanmaýanlygy aýdyňdyr, çünki «dogry adam iman bilen ýaşar».
12 Emma kanun imandan däl, eýsem, «kim bu zatlary berjaý etse, olar arkaly ýaşar».
13 Ybraýymyň berekedi Isa Mesih arkaly milletlere iner ýaly, biz-de wada edilen Ruhy iman bilen alar ýaly,
14 Mesih biziň ugrumyzda gargalyp, bizi kanunyň gargyşyndan halas etdi. Çünki: «Dar agaçdan asylan kişi lagnatlydyr» diýip ýazylgydyr.
15 Doganlar, adamlaryň oýlanyşyna görä aýdýaryn, hiç kim tassyklanan bir ähti, adamyňky hem bolsa, güýçden düşürip bilmez ýa oňa bir zat goşup bilmez.
16 Wadalar Ybraýyma, onuň nesline berildi. Hudaý köplerine wada berýän ýaly, «nesillere» däl, eýsem, birine wada berip, «seniň nesliňe» diýýär. Bu-da Mesihdir.
17 Meniň aýtjak bolýanym şu: dört ýüz otuz ýyl soňra gelen Mukaddes Kanun Hudaýyň öňden Mesihe tassyklan ähtini güýçden düşürip, berlen wadany ortadan aýyrmaz.
18 Çünki miras kanuna bagly bolsa, onda wada bagly däldir. Emma Hudaý mirasy beren wadasy bilen Ybraýyma berdi.
19 Onda Kanun nämä gerek boldy? Kanun özüne wada edilen, Ybraýymyň neslinden bolan Mesih gelýänçä, perişdeler arkaly araçynyň eli bilen düzgünleşdirilip, jenaýatlar sebäpli ähte goşuldy.
20 Araçy diňe bir tarapa degişli däldir, Hudaý bolsa birdir.
21 Kanun Hudaýyň beren wadalaryna garşymydyr? Ýok! Çünki ýaşaýyş bermegi başarýan bir kanun berlen bolsa, onda, dogrudan-da, dogrulyk kanuna bagly bolardy.
22 Emma Isa Mesihe bolan iman arkaly berlen wada iman getirenlere bolar ýaly, Mukaddes Ýazgy bütin dünýäni günäniň ýesiri etdi.
23 Biz bu iman gelmezden öň kanun astynda saklanyp, geljekki iman aýan bolýança, ýesir edilipdik.
24 Şeýlelikde, biz iman bilen aklanar ýaly, kanun Mesih gelýänçä, biziň terbiýeçimiz boldy.
25 Iman geleni üçin, biz indi terbiýeçiniň gol astynda däldiris.
26 Çünki siziň hemmäňiz Mesih Isa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň ogullarysyňyz.
27 Sebäbi Mesihe çokundyrylanlaryňyzyň bary Mesihi geýindi.
28 Ýehudy, grek, gul, azat, erkek ýa aýal ýok, siziň baryňyz Mesih Isada birsiňiz.
29 Mesihiňki bolsaňyz, onda Ybraýymyň nesli, berlen wada boýunça mirasçysyňyz.




Chapter 4

1 Emma şuny aýdaýyn: mirasçy hemmäniň agasy hem bolsa, ýaşka guldan parhy ýokdur.
2 Ol atasynyň bellän wagtyna çenli, hossarlarynyň, wekilleriniň gol astynda bolýandyr.
3 Biz hem, şonuň ýaly, çagakak dünýäniň ýöntem ýörelgeleriniň guludyk.
4 Ýöne wagty dolanda, biz ogulluk hakyny alar ýaly,
5 Mukaddes Kanun astyndakylary azatlyga ýetirsin diýip, Hudaý kanun astynda aýaldan doglan Ogluny ýollady.
6 Ogullardygyňyz üçin hem Hudaý Öz Oglunyň, «Abba, Ata!» diýip seslenýän Ruhuny siziň ýüregiňize gönderdi.
7 Şeýlelikde, sen indi gul däl-de, ogulsyň. Ogul bolsaň, onda Isa Mesih arkaly Hudaýyň hem mirasçysysyň.
8 Ýöne welin, ozal Hudaýy tanamaýarkaňyz öz tebigatlary boýunça Hudaý dällere gulluk etdiňiz.
9 Indi bolsa Hudaýy tanap, has hem Hudaý tarapyndan tanalyp-da, nähili bu ejiz, dereksiz ýörelgelere ýüzlenýärsiňiz? Bulara täzeden gulluk etjek bolýarsyňyzmy?
10 Aýratyn günler, aýlar, pasyllar we ýyllar belleýärsiňiz.
11 Men siz hakda biderek ýere zähmet çeken bolaýmaýyn diýip, siziň üçin gorkýaryn.
12 Eý doganlar, size ýalbarýaryn, meniň ýaly boluň. Çünki men hem siziň ýaly boldum, siz maňa hiç bir erbetlik etmediňiz.
13 Hoş Habary size ilkinji gezek ten ejizligi sebäpli wagyz edenimi bilýänsiňiz.
14 Siz tendäki synagymy äsgermezlik etmän, ýigrenji görmän, meni Hudaýyň bir perişdesi ýaly, Mesih Isa ýaly kabul etdiňiz.
15 Indi siziň şol bagtyýarlygyňyza näme boldy? Çünki men siziň üçin güwä geçýärin: eliňizden gelse, öz gözüňizi hem oýup, maňa bererdiňiz.
16 Şeýlelikde, gepiň dogrusyny aýtmak bilen, men siziň duşmanyňyz boldummy?
17 Ol adamlar size ýagşy niýet bilen yhlas etmän, eýsem, siz özlerine yhlas eder ýaly, bizden aýyrjak bolýarlar.
18 Niýet ýagşy bolsa, diňe meniň ýanyňyzda bolan wagtym däl-de, hemişe yhlasly bolmak ýagşydyr.
19 Balalarym, Mesih sizde şekillenýänçä, men siziň üçin ýene dogurma agyrysyny çekýärin.
20 Şu wagt ýanyňyzda bolup, sesimi bir gataldyp bilsedim! Çünki size näme etjegimi bilmeýärin.
21 Kanun astynda bolmak isleýän siz maňa aýdyň: kanuna gulak asmaýarsyňyzmy?
22 Çünki: «Ybraýymyň biri gyrnakdan, ýene biri azat aýalyndan bolan iki ogly bardy» diýip ýazylgydyr.
23 Gyrnakdan bolan ogul tene görä, azat aýaldan bolan ogul hem berlen wada görä doglupdy.
24 Bu ýerde bir meňzetme bardyr. Sebäbi bu aýallar iki ähtdir: biri Sina dagyndan bolup, gulluk üçin ogul dogran Hajardyr.
25 Hajar Arabystanda bolan Sina dagydyr, häzirki Iýerusalime meňzeşdir, çünki ol ogullary bilen gulçulyk edýär.
26 Ýöne ýokarky Iýerusalim azatdyr, hemmämiziň enemiz oldur.
27 Sebäbi: «Şatlan, eý önelgesiz aýal, dogurma agyrysyny bilmeýän, batly seslen, gygyr! Çünki taşlanan aýalyň çagalary ärli aýalyňkydan köpdür» diýip ýazylgydyr.
28 Doganlar, biz hem Yshak ýaly berlen wadanyň perzentleridiris.
29 Şol wagt tene görä doglan Ruha görä doglana nähili azar beren bolsa, şu wagt hem şeýle.
30 Emma Mukaddes Ýazgy, gör, näme diýýär: «Gyrnagy hem onuň ogluny taşla, çünki gyrnagyň ogly azat aýalyň ogly bilen bile miras almaz».
31 Eý doganlar, biz gyrnagyň däl-de, azat aýalyň oglanlarydyrys.




Chapter 5

1 Şeýlelikde, Mesihiň bize beren azatlygynda berk duruň, gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň.
2 Ine, men Pawlus size diýýärin, sünnetlenseňiz, Mesihiň size hiç bir peýdasy degmez.
3 Men ýene-de sünnetlenen her bir adamyň Mukaddes Kanuny bütinleý berjaý etmäge borçludygyna güwä geçýärin.
4 Kanun bilen aklanjak bolýan siz Mesihden aýryldyňyz, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolduňyz.
5 Çünki biz aklanma umydyna iman bilen Ruh arkaly garaşýarys.
6 Çünki Mesih Isada sünnetli ýa sünnetsiz bolmak hiç bir zady başarýan däldir, diňe söýgi bilen işleýän iman ähmiýetlidir.
7 Siz oňat ylgaýardyňyz, hakykata bagly galmagyňyza kim päsgel berdi?
8 Nähili aldawa düşdüňiz? Bu sizi çagyran Hudaý tarapyndan bolan däldir.
9 Bir bölek hamyrmaýa bütin hamyry turşadýandyr.
10 Başga hili oýlanmajagyňyza meniň Rebde ynamym bar. Akylyňyzy çaşyran kim bolsa bolsun, jezasyny çeker.
11 Eý doganlar, men heniz hem sünnetliligi wagyz edýän bolsam, onda näme häzir-de kowalanýaryn? Beýle bolsa, haç böwedi aradan aýrylardy!
12 Sizi biynjalyk edenler özlerini agta etsin!
13 Eý doganlar, siz azatlyga çagyryldyňyz, ýöne bu azatlygy günäli teniň nepi üçin ulanman, biri-biriňize söýgi bilen gulluk ediň.
14 Çünki bütin kanun şu ýeke sözde jemlenendir: «Goňşyňy özüň ýaly söý!»
15 Biri-biriňizi çeýnäp, iýýän bolsaňyz, onda biri-biriňizi ýok etmegiňizden habardar boluň.
16 Ine, men diýýärin, Ruhda geziň, şonda teniň höweslerini ýerine ýetirmersiňiz.
17 Çünki ten Ruha garşy bolana, Ruh hem tene garşy bolana höwes edýändir. Siz isläniňizi etmez ýaly, bular bir-birlerine garşydyr.
18 Ruh size ýol görkezýän bolsa, onda kanun astynda dälsiňiz.
19 Ten işleri bellidir. Olar zynahorlyk, murdarlyk, ahlaksyzlyk,
20 butparazlyk, jadygöýlük, duşmanlyk, dawa, göripçilik, gahar, jenjel, bölünişik, pyrgalar,
21 içigaraçylyk, adam öldürmeklik, serhoşluk, aýşy-eşret we şunuň ýaly zatlardyr. Bulary edýänleriň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajagyny ozal aýdyşym ýaly, ýene-de aýdýaryn.
22 Ruhuň miwesi bolsa söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,
23 ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklykdyr. Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur.
24 Mesih Isa degişli bolanlar bedeni hyjuw hem höwesleri bilen birlikde haça çüýländir.
25 Ruha görä ýaşaýan bolsak, onda Ruha görä-de gezeliň.
26 Biri-birimizi gaharlandyryp, bir-birimize içigaraçylyk edip, şöhratparaz bolmalyň.




Chapter 6

1 Eý doganlar, bir adam bir ýazyk üstünde tutulsa, Ruha uýan siz beýle adamy ýumşaklyk ruhy bilen dogry ýola getiriň. Sen hem synalmaz ýaly, özüňe seret.
2 Birek-biregiň ýüküni göterip, Mesihiň kanunyny berjaý ediň.
3 Çünki bir adam hiçkä özüni bir zatdyr öýtse, öz-özüni aldaýandyr.
4 Her kişi öz işini derňesin. Onsoň onuň başga biri hakda däl-de, özi hakda magtanjy bolar.
5 Sebäbi her kim öz ýüküni özi götermelidir.
6 Hudaýyň sözüni öwrenen öwreden bilen ähli ýagşylyklary paýlaşsyn.
7 Aldanmaň, Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir! Adam näme ekse, şony orar.
8 Çünki öz günäli teninde ekin eken tenden çüýreme orar, Ruhda eken bolsa Ruhdan ebedi ýaşaýyş orar.
9 Ýagşylyk etmekden ýadamalyň, çünki gowşamasak, wagtynda orarys.
10 Şeýlelikde, wagt barka hemmelere, ylaýta-da imanlylar içersine ýagşylyk edeliň.
11 Ine, men öz elim bilen size nähili uly harplar bilen ýazýaryn!
12 Tende gowy görnesi gelýänler diňe Mesihiň haçy üçin azar görmez ýaly, sizi sünnetlenmäge mejbur edýändir.
13 Çünki sünnetlileriň özi-de kanuny berjaý etmän, eýsem, siziň teniňiz bilen magtanmak üçin sünnetlenmegiňizi isleýärler.
14 Men hiç haçan Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga bir zat bilen magtanmaryn. Ol haç arkaly dünýä maňa haça çüýlenendir, men hem dünýä haça çüýlenendirin.
15 Çünki Mesih Isada sünnetlilik ýa sünnetsizlik möhüm däl, diňe täzeden ýaradylyş möhümdir.
16 Bu kada uýanlaryň baryna, Hudaýyň Ysraýylyna parahatlyk we rehim bolsun!
17 Mundan beýläk hiç kim maňa zähmet bermesin! Çünki men Reb Isanyň ýaralarynyň yzlaryny tenimde göterýärin.
18 Eý doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň ruhuňyz bilen bolsun! Omyn.