Efeslilere haty

1 2 3 4 5 6

Chapter 1

1 Hudaýyň islegi bilen Mesih Isanyň resuly bolan men Pawlusdan Efesdäki mukaddeslere, Mesih Isa imany bolanlara salam!
2 Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin! Mesihdäki ruhy patalar
3 Bize Mesihde her hili ruhy pata bilen Gökdäki älemlerde pata beren Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy hem Atasyna alkyş bolsun!
4 Ol Öz öňünde söýgüde mukaddes, müýnsüz bolmagymyz üçin, dünýä gurulmazdan öň bizi Mesihde saýlady.
5 Söýgüli Oglunda bize beren şöhratly merhemetiniň öwgüsi üçin,
6 bizi Öz ýagşy niýetli islegine görä, Mesih arkaly öňünden Özi üçin ogullyga belledi.
7 Onuň bütin akyldarlyk we düşünje bilen üstümize bolelin ýagdyran merhemetiniň baýlygy saýasynda,
8 biz Mesihde Onuň gany arkaly gutulyşa, ýazyklarymyzyň bagyşlanmagyna eýediris.
9 Ol Mesihde öňden bellän ýagşy niýetine görä, Öz isleginiň syryny açdy.
10 Bu taslama görä, wagty dolanda, Hudaý Gökde hem ýerde bolan bar zatlary Mesihde birleşdirer.
11 Herki zady Öz isleginiň karary boýunça emele getiren Hudaýyň maksadyna görä öňünden bellenip,
12 Mesihe öňden umyt baglan biz Onuň şöhratynyň tarypy üçin ýaşar ýaly, Onda saýlandyk.
13 Siz hem hakykat sözüni, gutulyşyňyzyň Hoş Habaryny eşidip, Oňa iman getireniňizde, wada edilen Mukaddes Ruh bilen Onda möhürlendiňiz.
14 Hudaýyň şöhratynyň öwgüsi üçin Oňa degişli bolanlar gutulýança, Ruh biziň mirasymyzyň girewidir.
15 Munuň üçin, Reb Isa bolan imanyňyzy, ähli mukaddeslere bolan söýgüňizi eşidelim bäri,
16 siziň üçin dyngysyz şükür edip, sizi dogalarymda ýatlaýaryn.
17 Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy, şöhratly Ata Özüni tanamakda size akyldarlyk hem ylham ruhuny bersin diýip doga edýärin.
18 Onuň çakylygynyň beren umydyny, mukaddeslerdäki mirasynyň şöhratly baýlygyny,
19 biz iman edenlerde bolan güýjüniň biçak uludygyny biler ýaly, ýüregiňiziň gözleri aýdyňlansyn diýip doga edýärin.
20 Bu güýç Mesihi ölümden direldip, Gökdäki älemlerde Öz sagynda oturdanynda Hudaýyň Onda işleden güýçli gudratynyň işleýşine meňzeşdir.
21 Mesih her hökümdarlykdan, ygtyýarlylykdan, gudrat we häkimiýetden, diňe bir şu döwürde däl, eýsem, geljek döwürde-de tutuljak her atdan has belentdir.
22 Hudaý bar zady Onuň aýaklary astyna tabyn edip, Ony bütin zatlara baş bolar ýaly, imanlylar ýygnagyna berdi.
23 Ýygnak Onuň tenidir, her zady her taýdan dolduranyň dolulygydyr.




Chapter 2

1 Siz bir wagtlar içinde gezýän ýazyk we günäleriňiz zerarly ölüdiňiz. Bu dünýäniň gerdişine, söz diňlemeýän adamlarda häzir işleýän ruhuň, ýagny howadaky erbet güýçleriň hökümdaryna uýardyňyz.
3 Bir wagtlar biziň hemmämiz günäli teniň, akylyň islegini kanagatlandyryp, tenimiziň höweslerine görä olaryň arasynda ýaşapdyk, tebigatymyz boýunça beýlekiler ýaly, gahar-gazaba sezewar bolan adamlardyk.
4 Emma rehime baý Hudaý bizi çäksiz söýgi bilen söýýänligi üçin,
5 ýazyklarymyz zerarly öli hem bolsak, Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Onuň merhemeti bilen gutuldyňyz.
6 Hudaý Mesih Isada bize bolan mähribanlygyndaky merhemetiniň çäksiz baýlygyny geljek döwürlerde görkezmek üçin,
7 Mesih Isada bizi Onuň bilen direldip, Gökdäki älemlerde oturtdy.
8 Siz iman arkaly merhemet bilen gutuldyňyz. Bu siziň öz tagallaňyz däl, Hudaýyň sylagydyr.
9 Hiç kim magtanmaz ýaly, oňat işlere-de bagly däldir.
10 Çünki biz Hudaýyň öňden taýýarlan oňat işlerinde gezer ýaly, Onuň Mesih Isada ýaradylan eseridiris.
11 Şonuň üçin bir wagtlar özge milletlerden dogan, tende adam eli bilen emele gelen sünnetlilik bilen sünnetli diýip atlandyrylanlar tarapyndan sünnetsiz diýlen siz,
12 şol wagtlar Mesihsiz, Ysraýyla raýatlykdan mahrum, wadanyň ähtlerine ýat, umytsyz, dünýäde Hudaýsyz bolandygyňyzy ýada salyň.
13 Bir wagtlar Hudaýdan daş bolan siz indi Mesih Isada, Mesihiň gany saýasynda Oňa ýakyn bolduňyz.
14 Çünki Ol biziň parahatlygymyzdyr. Ol iki tarapy birleşdirip, aradaky diwary, duşmançylygy Öz teni bilen ýykdy.
15 Tabşyryklardan ybarat buýruklar kanunyny ýatyrdy. Ol muny Özünde ikisinden bir täze adam ýaradyp, parahatlygy berkarar etmek,
16 duşmançylygy haçda öldürip, haç arkaly bir tende ikisini Hudaý bilen ýaraşdyrmak üçin etdi.
17 Mesih gelip, daşdaky size hem ýakyndakylara parahatlygy yglan etdi.
18 Çünki biziň ikimiziň bir Ruhda Ol arkaly Atanyň huzuryna çykara ýolumyz açykdyr.
19 Şeýlelikde, siz indi ýat, mysapyr däl-de, mukaddesleriň watandaşy bolup, Hudaýyň maşgalasyna degişlisiňiz.
20 Isa Mesihiň Özi burç daşy bolup, siz resullaryň, pygamberleriň düýp-teýkarynda bina edildiňiz.
21 Bütin ymarat Rebde bir mukaddes ybadathana bolsun diýip, Onda örülýär, beýgelýär.
22 Siz hem Ruhda Hudaýyň mesgeni bolmak üçin, bilelikde Mesihde bina edilýärsiňiz.




Chapter 3

1 Şu sebäpli, siz özge milletler ugrunda Mesih Isanyň bendisi bolan men Pawlus siziň üçin doga edýärin.
2 Hudaýyň siziň üçin maňa beren merhemetiniň wekilliginden siziň habaryňyz bardyr.
3 Ozal hem size gysgaça ýazyşym ýaly, Mesihiň syry maňa ylham arkaly aýan boldy.
4 Bu haty okanyňyzda, meniň bu syra düşünýänligimi aňarsyňyz.
5 Ine, Hudaýyň mukaddes resullaryna, pygamberlerine Ruh arkaly aýan edilişi ýaly, öňki nesillere bildirilmedik bu syr şeýle:
6 özge milletler hem mirasa şärikdir, olar hem bir teniň agzalary bolup, Hoş Habar arkaly Mesih Isada berlen wada şärikdir.
7 Men Hudaýyň güýjüniň işleýşi boýunça özüme berlen merhemetiniň sylagy saýasynda şol Hoş Habaryň gullukçysy boldum.
8 Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny milletlere wagyz etme,
9 bar zatlary Isa Mesih arkaly ýaradan Hudaýdaky ezelden gizlin syryň nähili düzgünleşdirilişini ähli adamlara aýdyňlaşdyrma merhemeti ähli mukaddesleriň iň ähmiýetsizi bolan maňa berildi.
10 Bu ― Hudaýyň köp taraply akyldarlygy, Onuň başlangyçdan Rebbimiz Isa Mesihde edinen maksadyna görä,
11 imanlylar ýygnagy arkaly asmandaky älemde bolan hökümdarlara, ygtyýarlara bildiriljek bolup edildi.
12 Biz Mesihe bolan imanymyz arkaly Ondan gaýrat alyp, Hudaýa ýakynlaşmaga ynamlydyrys.
13 Şonuň üçin siziň ugruňyzda görýän muşakgatlarym zerarly ruhdan düşmäň diýip, sizden haýyş edýärin. Meniň muşakgatlarym size şöhrat gazandyrar.
14 Şoňa görä-de, Ýerde-Gökde her maşgalanyň adyny Özünden alan Rebbimiz Isa Mesihiň Atasynyň öňünde dyza çöküp,
16 Mesih iman arkaly ýürekleriňizde ýaşar ýaly,
17 Ol şöhratynyň baýlygyna görä, Öz Ruhy arkaly sizi içki häsiýetiňizde gudrat bilen güýçlendirsin diýip dileg edýärin.
18 Şeýlelikde, Hudaýyň bütin dolulygy bilen dolar ýaly, söýgüde kök urup, düýp tutup, hemme mukaddesler bilen bilelikde Mesihiň söýgüsiniň nähili giň, uzyn, belent we çuňňurdygyna düşünmegi,
19 bilimden ýokary çykan bu söýgini tanamagy başarmagyňyz üçin dileg edýärin.
20 Bizde işleýän gudratyna görä, her haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan has ýokary zatlary etmegi başarýan Hudaýa,
21 imanlylar ýygnagynda, Mesih Isada bütin nesillerden nesillere ebedilik şöhrat bolsun! Omyn.




Chapter 4

1 Şeýlelikde, Reb ugrunda bendi bolan men sizden çagyrylyşyňyza mynasyp gezmegi haýyş edýärin.
2 Pes göwünlilik, ýumşaklyk bilen, sabyr hem söýgi bilen birek-birege sabyr-takatly boluň.
3 Ruhuň birligini parahatlyk bagy bilen goramaga gaýrat ediň.
4 Çagyrylanyňyzda bir umyda çagyrylyşyňyz ýaly, ten bir, Ruh bir,
5 Reb bir, iman bir, çokundyryş birdir.
6 Hemme zadyň üstünde, hemme zat arkaly we hemmäňizde bolan hemmäniň Hudaýy hem Atasy birdir.
7 Biziň her birimize Mesihiň sylagynyň ölçegine görä merhemet berildi.
8 Munuň üçin: «Belentlige çykyp, tussaglary yzyna tirkedi. Adamlara sylaglar berdi» diýilýär.
9 Ine, bu «çykdy» sözi, Mesih öňürti aşak, ýer ýüzüne indi diýmek däl-mi, näme?
10 Inen-de, ähli zady doldurmak üçin bütin Gögüň depesine çykan-da birdir.
11 Biziň hemmämiz imanda, Hudaýyň Ogluny tanamada birlige, kämillige, Mesihiň dolulygyndaky ýetişenlik derejä ýetýänçäk,
12 mukaddeslere gulluk etme wezipesini berjaý etmek üçin, Mesihiň bedeniniň abatlanmagy üçin,
13 Ol käbirleri resul, käbirleri pygamber, käbirleri Hoş Habarçy, käbirleri çopan, käbirleri öwrediji edip belledi.
14 Ol muny biz mundan beýläk adamlaryň aldawçylygy, azaşdyryjy hileler gurmakdaky ökdeligi arkaly her taglymatyň ýeli bilen kowulýan, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar bolman,
15 eýsem hakykaty söýgi bilen aýdyp, bedeniň Başy bolan Mesihe baka her ugurdan ösmegimiz üçin etdi.
16 Bütin beden her bognuň kömegi bilen baglanyp birikdirilýär, her agzanyň kadaly işleýşi bilen Onuň saýasynda söýgüde ösüp, abatlanýar.
17 Munuň üçin men muny aýdyp, Rebbiň adyndan size duýduryş berýärin: mundan beýläk, özge milletleriň gezişi ýaly, olaryň boş pikirlerine eýerip gezmäň.
18 Olar ýürekleriniň gatylygy zerarly, içlerindäki nadanlyk üçin Hudaýyň ýaşaýşyna ýat boldular, aň-düşünjeleri garaňkyrady.
19 Bütin duýgularyny ýitirip, açgözlük bilen her hili hapa işi ýerine ýetirip, özlerini ahlaksyzlyga berdiler.
20 Emma siz Mesihi beýle öwrenen dälsiňiz.
21 Siz, elbetde, Isa hakda eşidensiňiz, Ondaky hakykat boýunça Onuň ýolunda tälim alansyňyz.
22 Şunluk bilen, öňki ýaşaýşyňyza degişli bolup, aldawçy höwesler bilen çüýrän köne ýaradylyşy egniňizden çykaryň.
23 Pikirleriňiziň ruhunda täzeleniň.
24 Çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginde döredilen täze ýaradylyşy geýniň.
25 Ýalany egniňizden çykaryp, her biriňiz öz goňşyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys.
26 Gaharlanyň, ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn.
27 Iblise ýol bermäň.
28 Ogrulyk eden indi ogrulyk etmän, gaýtam, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, öz eli bilen zähmet çekip, oňat iş etsin.
29 Agzyňyzdan hiç haçan hapa söz çykarman, gaýtam, eşidenler peýdalanar ýaly, gerekli abatlyk üçin oňat sözler aýdyň.
30 Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Siz gutulyş güni üçin, ol Ruh bilen möhürlenensiňiz.
31 Her ýamanlyk bilen birlikde her hili kine, gahar, gazap, galmagal we ýamanlama sizden daş bolsun.
32 Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň.




Chapter 5

1 Şeýlelikde, söýgüli çagalar ýaly bolup, Hudaýdan görelde alyň.
2 Mesih bizi nähili söýen bolsa, Özüni biziň üçin atyr ysly sowgat, gurban hökmünde Hudaýa hödürlän bolsa, onda siz hem söýgüde geziň.
3 Zynanyň, her hili hapalyk ýa açgözlügiň araňyzda ady-da agzalmasyn. Beýle zatlar mukaddeslere ýaraşýan däldir.
4 Araňyzda edepsizlik, ýaňralyk, ýakymsyz ýaňsy bolmasyn. Bular ýaraşykly däldir. Munuň deregine şükür edilsin.
5 Şuny bilip goýuň, hiç bir ahlaksyzyň, hapanyň ýa-da butparaz açgözüň Mesihiň we Hudaýyň Patyşalygynda mirasy ýokdur.
6 Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn, çünki Hudaýyň gazaby söz diňlemeýänleriň başyna şu zatlar zerarly gelýändir.
7 Şonuň üçin olar bilen gatnaşyk etmäň.
8 Siz bir wagtlar garaňkylykdyňyz, ýöne indi Rebde yşyksyňyz. Yşyga degişli ynsanlar bolup geziň.
9 Çünki Ruhuň miwesi her hili ýagşylykdan, dogrulykdan we hakykatdan ybaratdyr.
10 Rebbiň pisindi oturjak zady aňlajak boluň.
11 Garaňkylygyň miwesiz işlerine gatyşmaň, gaýtam, olary paş ediň.
12 Garaňkylykdakylaryň ogrynça edýän zatlaryny aýtmak aýypdyr.
13 Ýöne yşygyň paş eden ähli zady görner. Çünki ähli zady äşgär edýän yşykdyr.
14 Şonuň üçin: «Oýan, eý uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa yşyk saçar» diýilýär.
15 Şeýlelikde, akylsyzlar ýaly däl-de, akyldarlar ýaly, ünsüňizi dykgatly gezmäge gönükdiriň.
16 Pursatdan peýdalanyň, çünki günler ýamandyr.
17 Munuň üçin akmak bolman, Rebbiň isleginiň nämedigine düşüniň.
18 Şerapdan serhoş bolmaň, onda edepsizlik bardyr, Ruhdan doly boluň.
19 Biri-biriňize mezmurlar, öwgüli aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyň, tüýs ýürekden Rebbe sazlar çalyp, nagmalar düzüň.
20 Hemişe ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Ata Hudaýa şükür edip,
21 Mesihe bolan uly hormatyňyz bilen birek-birege tabyn boluň.
22 Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, äriňize tabyn boluň.
23 Çünki Mesihiň bedeniň Halasgäri bolup, imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, erkek hem aýalyň başydyr.
24 Imanlylar ýygnagynyň Mesihe tabyn bolşy ýaly, aýallar-da herki zatda öz ärine tabyn bolsun.
25 Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň.
26 Mesih imanlylar ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizläp, mukaddes etmek üçin,
27 ony Özüne tegmiltsiz, ýygyrtsyz ýa-da şoňa meňzeş zatlarsyz şöhratda hödürlemek üçin, ýygnagyň mukaddes hem müýnsüz bolmagy üçin onuň ugrunda Özüni pida etdi.
28 Şunuň ýaly hem ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir. Aýalyny söýýän özüni söýýändir.
29 Çünki hiç kim hiç haçan öz tenini ýigrenmän, gaýtam, Mesihiň imanlylar ýygnagyny edişi ýaly, ony iýmitlendirip timarlaýandyr.
30 Çünki biz Onuň etinden, süňkünden bolup, Onuň bedeniniň agzalarydyrys.
31 «Şol sebäpden hem erkek ata-enesini goýup, aýaly bilen höwrüger we ikisi bir ten bolar».
32 Bu syr uly, ýöne men Mesih barada, imanlylar ýygnagy barada gürrüň edýärin.
33 Şeýlelikde, her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärini sylasyn.




Chapter 6

1 Eý çagalar, Rebde ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň, çünki bu dogrudyr.
2 «Ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ýaşyň uzak bolar ýaly, ataňy, eneňi syla».
3 Wada bilen berlen ilkinji buýruk şudur.
4 Eý atalar, siz hem çagalaryňyzy gaharlandyrman, olary Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaldyň.
5 Eý gullar, dünýädäki hojaýynyňyzyň sözüne, Mesihiň sözüne gulak asýan ýaly, gorky, titreme we akýüreklilik bilen gulak asyň.
6 Adama ýaranjak bolýanlar ýaly, göze hoş görünsin diýip, iş bitirmän, eýsem, Mesihiň gullary hökmünde Hudaýyň islegini ýürekden berjaý ediň.
7 Adamlara däl-de, Rebbe gulluk edýän ýaly, ýagşy niýet bilen gulluk ediň.
8 Çünki gul bolsun, azat bolsun, her kimiň eden her ýagşylygynyň Rebden gaýtjagyny bilýänsiňiz.
9 Eý hojaýynlar, siz hem gullaryňyza şeýle ediň, olara gorky salmaň. Çünki olaryň hem öz Rebbiňiziň Gökdedigini, Onuň tarapgöýlik etmeýänini bilýänsiňiz.
10 Mahlasy, Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçleniň.
11 Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň.
12 Çünki biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň Gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr.
13 Şonuň üçin ýaman günde garşylyk görkezmegi, zerur bolan her zady edeňizden soň, ýeriňizde durmagy başarar ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny ele alyň.
14 Şeýlelikde, biliňizi hakykat bilen guşap, egniňize dogrulyk sowudyny geýip,
15 aýaklaryňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etme taýynlygyny geýip, ýeriňizde duruň.
16 Bularyň ählisiniň üstesine-de, iman galkanyny ele alyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz.
17 Gutulyş tuwulgasyny, Hudaýyň sözi bolan Ruhuň gylyjyny alyň.
18 Her hili doga we dileg bilen, hemişe Ruhda doga ediň. Şu maksat bilen bütin mukaddesler üçin ýalbaryp, durnuklylykda hüşgär boluň.
19 Ugrunda zynjyr bilen bagly bolup, ilçilik edýän Hoş Habarymyň syryny batyrgaýlyk bilen wagyz etmek üçin, agzymy her açanymda gerekli sözler berler ýaly, meniň üçin hem doga ediň.
20 Hoş Habary bolmalysy ýaly batyrgaýlyk bilen bildirmegim üçin doga ediň.
21 Meniň nähilidigimi, näme edýänimi siz biler ýaly, söýgüli doganymyz, Rebbiň sadyk hyzmatkäri Tihikus size bar zady aýdar.
22 Ine, şunuň üçin hal-ýagdaýymyzy biliň, ol ýüregiňize teselli bersin diýip, Tihikusy size ýolladym.
23 Ata Hudaýdan, Reb Isa Mesihden doganlara parahatlyk, iman, söýgi dileg edýärin.
24 Hudaýyň merhemeti Rebbimiz Isa Mesihi ölmez-ýitmez söýgi bilen söýýänleriň bary bilen bolsun! Omyn.