Koloselilere haty

Chapter : 1 2 3 4

Chapter 1

1 Hudaýyň islegi bilen Mesih Isanyň resuly bolan men Pawlusdan, doganymyz Timoteosdan,
2 Kolosedäki mukaddes hem imanly doganlara salam! Atamyz Hudaý we Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin.
3 Biz mydama siziň üçin doga edip, Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa şükür edýäris.
4 Çünki size gelip gowşan Hoş Habaryň hak sözüni öňden eşiden we siziň üçin Gökde saklanan umydyňyz üçin,
5 siziň Mesih Isa bolan imanyňyzy, bütin mukaddeslere bolan söýgiňizi eşitdik.
6 Bu Hoş Habar, ony eşidip, Hudaýyň merhemetine hakykatdan göz ýetiren günüňizden bäri, siziň araňyzda bolşy ýaly, bütin dünýäde-de miwe berip, ösüp gelýär.
7 Muny-da biziň üçin Mesihiň sadyk hyzmatkäri söýgüli işdeşimiz Epafradan öwrendiňiz.
8 Siziň Ruhdaky söýgiňizi-de bize ol habar berdi.
9 Muny eşiden günümizden bäri, biz hem siziň üçin doga etmegiň, bütin akyldarlyk we ruhy düşünjede Hudaýyň isleginiň bilimi bilen dolmagyňyzy dilemegiň yzyny üzmeýäris.
10 Rebbe mynasyp ýagdaýda gezip, Ony her babatda hoşnut etmegiňiz, her oňat işde miwe berip, Hudaýy tanamakda ösmegiňiz,
11 Onuň şöhratly gudratyna görä, bütin sabyr, çydam üçin, her hili güýç bilen güýçlenmegiňiz üçin dileg edýäris.
12 Mukaddesleriň nurdaky mirasyndan paý almaga size başarnyk beren Hudaýa, Ata begenç bilen şükür etmegiňiz üçin doga edýäris.
13 Ol bizi garaňkylyk häkimliginden gutaryp, Öz söýgüli Oglunyň Patyşalygyna göçürdi.
14 Biz Onda gutulyşa, günäleriň ötülmegine eýediris.
15 Görünmez Hudaýyň keşbi, bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany Oldur.
16 Sebäbi Gökdäki we ýerdäki görünýän hem görünmeýän zatlary, tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlyklardyr ygtyýarlary ― baryny Şol ýaratdy. Her zat Ol arkaly we Onuň üçin ýaradyldy.
17 Her zatdan ozal bar Oldur, bütin zatlar Ol arkaly ýerbe-ýerdir.
18 Bedeniň, ýagny imanlylar ýygnagynyň başy Oldur. Her zatda Özi birinji bolar ýaly, başlangyç, ölülerden ilkinji doglan-da Oldur.
19 Çünki Hudaý bütin dolulygynyň Onda bolmagyna,
20 Onuň haçda dökülen gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, ýerdäki zatlar bolsun, Gökdäki zatlar bolsun ― baryny Özi bilen ýaraşdyrmaga razy boldy.
21 Bir wagtlar erbet işler üçin pikiriňizde Hudaýa ýat hem duşman bolan sizi-de,
22 indi Mesih Öz ynsanlyk bedeniniň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşdyrdy.
23 Özüňiziň eşiden, Gök astyndaky bütin ýaradylyşda wagyz edilen, men Pawlusyň-da hyzmatkäri bolan Hoş Habarymyň umydyndan gymyldaman, imanda esasly berk dursaňyz, Hudaý sizi mukaddes, çirksiz we müýnsüz edip, Öz öňünde goýar.
24 Men siziň ugruňyzda gören görgülerime indi guwanýaryn, Mesihiň teni bolan imanlylar ýygnagy ugrundaky muşakgatlaryň ýetmezleriniň üstüni öz tenimde doldurýaryn.
25 Men, Hudaýyň sözüni, geçen döwürlerden, nesillerden ýaşyrylan syry bütinleý bildirmek üçin, Hudaýyň siziň peýdaňyza maňa beren wezipesine görä, imanlylar ýygnagynyň hyzmatkäri boldum.
26 Indi bolsa syr Onuň mukaddeslerine aýan boldy. Hudaý olara milletler arasynda bu syryň şöhratly baýlygynyň nämedigini,
27 ýagny şöhrat umydy bolan Mesihiň içiňizdedigini bildirmek isledi.
28 Biz ähli adamy Mesihde Hudaýa kämil hödürlär ýaly, her kime öwüt-ündew edip, ähli kişä bütin akyldarlyk bilen tälim berip, Mesihi wagyz edýäris.
29 Şoňa görä-de, men Onuň gudrat bilen özümde işleýän güýjüne daýanyp, göreşip zähmet çekýärin.




Chapter 2

1 Men siziň üçin, Laodikiýadakylar we meni görmedikleriň ählisi üçin, nähili uly göreş alyp barýandygymy siziň bilmegiňizi isleýärin.
2 Ata Hudaýyň syryny, ýagny akyldarlygyň hem bilimiň bütin hazynalarynyň gizlenen Mesihini tanamaklary üçin,
3 düşünjeden ugur alan doly ynamyň baýlygyna gowuşmaklary üçin, söýgüde birigip, ýürekleriniň teselli tapmagyny isleýärin.
4 Muny hiç kim sizi süýji sözler bilen aldamasyn diýip aýdýaryn.
5 Çünki beden boýunça özüm araňyzda ýok hem bolsam, düzgünliligiňizi, Mesihe bolan imanyňyzyň berkligini görüp, ruh boýunça şatlyk bilen siziň ýanyňyzdadyryn.
6 Reb Mesih Isany nähili kabul eden bolsaňyz, Onda şeýle hem geziň. Size öwredilişi ýaly, Onda kök urup abatlanyp,
7 imanda berkäp, köp şükürler ediň.
8 Ätiýajy elden bermäň! Mesih bilen däl-de, adam däpleri we dünýä ýörelgeleri boýunça dörän filosofiýa, boş aldaw bilen biri sizi ýesir edäýmesin!
9 Çünki hudaýlygyň bütin dolulygy beden şekilinde Mesihde ýaşaýandyr.
10 Siz hem ähli hökümdarlyk, ähli häkimiýetler başy bolan Mesihde kämillige gowşansyňyz.
11 Siz Onuň sünneti bilen, günäli tebigaty çykaryp, adam eli bilen edilmedik sünnet bilen Onda sünnetlendiňiz.
12 Çokundyryşda Onuň bilen birlikde gömlüp, Ony ölümden direlden Hudaýyň güýjüne iman edip, Onuň bilen birlikde direldiňiz.
13 Günäliligiňiz bilen, günäli tebigatyňyzyň sünnetsizligi bilen ölükäňiz, Hudaý sizi Onuň bilen birlikde janlandyrdy. Ähli günälerimizi geçdi.
14 Biziň tersimize, kada-kanunlary bilen bize garşy bolan borçnamany öçürdi, ony haça çüýläp, aradan aýyrdy.
15 Hökümdarlaryň, häkimiýetleriň elinden erkini aldy, olary haçda ýeňip, açykdan-açyk paş etdi.
16 Şonuň üçin, hiç kim sizi iýmit we içgi, baýram, täze aý ýa sabat güni hakda höküm etmesin.
17 Bular geljekki zatlaryň kölegesidir, göwre bolsa Mesihdir.
18 Ýalan kiçigöwünlilikden, perişdelere ybadat etmekden lezzet alýan, görmedik zatlaryna garyşýan, tebigy akylynda boş ýere paňkarýan, Başa berk ýapyşmaýanyň biri sizi sylagyňyzdan mahrum etmesin.
19 Bütin beden bogunlaryň hem baglaryň kömegi bilen bu Başdan iýmitlenip, bitewileşip, Hudaýyň beren ösüşi bilen ösýändir.
20 Mesih bilen bilelikde dünýäniň elementlerine ölen bolsaňyz, näme üçin dünýäde ýaşaýanlar ýaly,
21 «Galtaşma, datma, el degirme» ýaly kada-kanunlara uýýarsyňyz?
22 Bularyň hemmesi ulanylma arkaly ýogalmak üçin bellenen, adamlaryň buýruk hem taglymatlaryna daýanýan zatlardyr.
23 Hawa, bu kada-kanunlaryň galp dindarlykda, kiçigöwünlilik we bedeni horlamada akyldarlyk görnüşi bardyr, ýöne günäli tebigaty kanagatlandyrmanyň öňüni almakda peýdasy ýokdur.




Chapter 3

1 Şunlukda, Mesih bilen bile direlendigiňize görä, Gökdäki zatlary, Mesihiň Hudaýyň sagynda oturan ýerindäki zatlary küýsäň.
2 Ünsüňizi Ýerdäki däl-de, Gökdäki zatlara gönükdiriň.
3 Çünki siz ölensiňiz, ýaşaýşyňyz Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir.
4 Biziň ýaşaýşymyz bolan Mesih aýan bolanda, siz hem Onuň bilen bile şöhratda aýan bolarsyňyz.
5 Şonuň üçin ýerdäki tebigatyňyza mahsus bolan zyna, hapalyk, şehwet, höwesler we butparazlyga barabar bolan husytlyk ýaly islegleriňizi öldüriň.
6 Hudaýyň gahar-gazaby Onuň sözüne gulak asmaýanlaryň üstüne şu zatlar üçin inýär.
7 Ozallar şeýle gezen wagtyňyz bu ýollardan siz hem ýörediňiz.
8 Indi bolsa beýle zatlaryň ählisini: gahary, gazaby, ýamanlygy, sögünji we agzyňyzdan çykýan hapa sözleri taşlaň.
9 Öňki ýaradylyşy erbet işleri bilen bile egniňizden çykaryp,
10 Ýaradanyň keşbine görä, Hudaýy tanamagyňyz üçin, täzelenen täze ýaradylyşy geýnenligiňiz sebäpli, biri-biriňize ýalan söz aýtmaň.
11 Bu täzelikde grek we ýehudy, sünnetlilik we sünnetsizlik, warwar, skif, gul we azat arasynda parh ýok, ýöne Mesih her zatdyr, her zatdadyr.
12 Şeýlelik bilen, Hudaýyň mukaddes hem söýgüli saýlananlary hökmünde rehimdarlyk ýüregini, ýagşylygy, kiçigöwünliligi, ýumşaklygy we sabry geýniň.
13 Biri-biriňize sabyr-takatly boluň. Birew birewden kineli bolsa, Mesihiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem birek-biregi bagyşlaň.
14 Bularyň hemmesiniň üstünden-de kämil birligiň bagy bolan söýgini geýiň.
15 Ýüregiňizde Mesihiň parahatçylygy höküm sürsün. Siz bir bedeniň agzalary bolup, bu parahatçylyga çagyrylansyňyz. Minnetdar hem boluň.
16 Mesihiň sözi bütin baýlygy bilen ýüregiňizde ýaşasyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize öwrediň, öwüt beriň, mezmurlar, öwgüli aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, şükür bilen ýüregiňizden Rebbe nagma okaň.
17 Söz bilen ýa iş bilen näme etseňiz, baryny Reb Isanyň ady bilen, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür edip berjaý ediň.
18 Eý aýallar, Rebde ýaraşykly bolşy ýaly, äriňize tabyn boluň.
19 Eý ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz bolmaň.
20 Eý çagalar, ähli zatda ata-eneňiziň sözüne gulak asyň. Çünki bu Rebbiň halaýanydyr.
21 Eý atalar, çagalaryňyzy ynjatmaň, olar ruhdan düşmesin.
22 Eý gullar, ähli zatda dünýädäki hojaýynyňyzyň sözlerine gulak asyň. Muny göze ýakymly görünýän hyzmatlar bilen adama ýaranmak isleýänler ýaly etmän, eýsem, ýürek sadalygy bilen, Rebden gorkup ýerine ýetiriň.
23 Rebden miras sylagyny aljagyňyzy bilip,
24 her näme etseňiz, adamlar üçin däl-de, Reb üçin ýürekden işläň. Siz Reb Mesihe gulluk edýänsiňiz.
25 Ýamanlyk eden öz eden ýamanlygynyň almytyny alar. Onda ýüz görme ýokdur.




Chapter 4

1 Eý hojaýynlar, gullaryňyz babatda adyllygy, deňligi berjaý ediň. Özüňiziň hem Gökde Hojaýynyňyzyň barlygyny biliň.
2 Dogada erjellik ediň, şükür edip ägä boluň.
3 Şonuň bilen birlikde Hudaýyň sözüni ýaýradyp, ugrunda meniň bendi bolan Mesihimiň syryny aýan eder ýaly, Hudaý bize bir gapy açsyn diýip, biziň üçin hem doga ediň.
4 Şeýlelikde, sözi edilmelisi ýaly aýan edeýin.
5 Pursatdan peýdalanyp, özüňizden bolmadyklar bilen paýhasly boluň.
6 Her kime nähili jogap bermelidigiňizi biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun.
7 Rebde işdeşim, sadyk hyzmatkär, söýgüli doganymyz Tihikus men hakda size ähli zady habar berer.
8 Ol siziň hal-ýagdaýyňyzy bilip, ýüregiňize teselli berer ýaly, ýörite şonuň üçin,
9 sizden bolan sadyk we söýgüli doganymyz Onesimus bilen bile ony size ýolladym. Olar bu ýerde bolup geçýän zatlaryň hemmesini size aýdarlar.
10 Tussagda meniň bilen bile bolýan ýoldaşym Aristarkus bilen Barnabasyň ýegeni Markus size salam aýdýar. Markus baradaky buýruklary alansyňyz, barsa, ony kabul ediň.
11 Ýustus lakamly Ýeşu hem size salam aýdýar. Hudaýyň Patyşalygy üçin zähmet çekýän işdeşlerim bolan sünnetliler diňe şulardyr. Bular maňa teselli berdiler.
12 Özüňizden bolan, Mesih Isanyň guly Epafra size salam aýdýar. Ol Hudaýyň her isleginde kämil bolup, doly ynam bilen duruň diýip, dogalarynda hemişe siziň üçin göreş edýär.
13 Men onuň siz barada we Laodikiýa bilen Iýerapolisdäkiler barada gaty yhlaslydygyna güwä geçýärin.
14 Söýgüli tebip Luka bilen Dima size salam aýdýar.
15 Laodikiýadaky doganlara, Nimfasa we onuň öýündäki imanlylar ýygnagyna salam aýdyň.
16 Şu hat araňyzda okalandan soň, ony laodikiýaly imanlylar ýygnagyna hem okadyň. Siz hem Laokdikiýadan gelen haty okaň.
17 Arhipusa: «Dykgat et, Rebde alan hyzmatyňy bitirjek bol» diýip aýdyň.
18 Men Pawlus öz elim bilen bu salam hatyny ýazýaryn. Zynjyrlar bilen baglydygymy ýada salyň. Hudaýyň merhemeti siz bilen bolsun! Omyn.