1 Selaniklilere haty

1 2 3 4 5

Chapter 1

1 Ata Hudaý we Reb Isa Mesihde bolan selanikli imanlylar ýygnagyna Pawlusdan, Silwanusdan we Timoteosdan salam! Atamyz Hudaýdan, Reb Isa Mesihden size merhemet hem parahatlyk bolsun!
2 Biz sizi dogalarymyzda ýatlap, elmydama baryňyz üçin Hudaýa şükür edýäris.
3 Imanyň hasyly bolan işiňizi, söýgüden emele gelen zähmetiňizi, Rebbimiz Isa Mesihe baglan umydyňyzdan dörän çydamyňyzy Hudaýymyz hem Atamyz öňünde dyngysyz ýatlaýarys.
4 Eý, Hudaý tarapyndan söýülýän doganlarym! Biz Onuň sizi saýlanyny bilýäris.
5 Çünki biziň ýaýradýan Hoş Habarymyz size diňe bir söz bilen däl-de, gudrat bilen, Mukaddes Ruh bilen, uly ynam bilen gelip gowuşdy. Biz araňyzdakak siziň peýdaňyz üçin nähili ýaşandygymyzy özüňiz bilýänsiňiz.
6 Siz agyr muşakgatlara garamazdan, Mukaddes Ruhuň beren şatlygy bilen sözi kabul edip, bizden we Rebden görelde aldyňyz.
7 Şeýdip hem Makedoniýa bilen Ahaýadaky bütin imanlylara görelde bolduňyz.
8 Çünki Rebbiň sözi sizden eşidilip ugrady. Hudaýa bolan imanyňyzyň habary diňe Makedoniýa, Ahaýa däl-de, hemme ýere ýaýrady. Şoňa görä-de, bize gürrüň berere zat galmady.
9 Sebäbi olaryň özleri bizi nähili garşylandygyňyzy aýdyp, diri, hakyky Hudaýa gulluk etjek bolup,
10 Onuň ölümden direlden, bizi geljekki gazapdan halas eden Ogly Isanyň Gökden gelmegine garaşmak üçin butlardan Hudaýa tarap öwrülendigiňizi gürrüň edýärler.




Chapter 2

1 Doganlar, siziň ýanyňyza gelmegimiz ýöne ýere däldi, muny özüňiz bilýänsiňiz.
2 Bilşiňiz ýaly, biz öň Filipide horluk çekip, kemsidilmelere sezewar bolduk, ýöne uly garşylyk bolsa-da, Hudaýyň Hoş Habaryny size wagyz etmek üçin Hudaý bize gaýrat berdi.
3 Çünki haýyşymyz aldawa, hapalyga, hilä daýanman,
4 eýsem Hudaýyň bizi mynasyp görüp, Hoş Habary tabşyranyna görä, biz adamlary däl-de, ýüregimizi synaýan Hudaýy hoşnut etjek bolup gepleýäris.
5 Çünki bilşiňiz ýaly, ýanyňyzda ýalynjaňlyk bilen gepläp, ýakymly sözleri açgözlülige asla perde edinen däldiris. Muňa Hudaý şaýatdyr.
6 Biz hiç kimden, sizden hem beýlekilerden hormat hantama bolmadyk.
7 Mesihiň resullary hökmünde size agram salyp hem bilerdik, ýöne biz öz çagalaryny bagryna basýan ene ýaly siziň araňyzda mylakatly gezdik.
8 Sizi şeýle küýseýän biz size diňe Hudaýyň Hoş Habaryny däl-de, öz janymyzy-da bermäge razydyk. Çünki bize gaty eziz bolduňyz.
9 Doganlar, özüňiz zähmetimizi, çeken azabymyzy ýada salaýansyňyz: biz Hudaýyň Hoş Habaryny size wagyz edenimizde hiç biriňize agram salmajak bolup, gije-gündiz işledik.
10 Iman eden siz babatda özümizi nähili mukaddes, dogry we müýnsüz alyp baranymyza özüňiz şaýatsyňyz, Hudaý-da şaýatdyr.
11 Bilşiňiz ýaly, bir atanyň çagalaryna edişi ýaly, biz hem siziň baryňyzy ruhlandyryp, size göwünlik berdik,
12 Patyşalygyna, şöhratyna çagyran Hudaýa mynasyp gezmegiňizi tabşyrdyk.
13 Şonuň üçin hem Hudaýa dyngysyz şükür edýäris. Çünki siz Hudaýyň sözüni bizden eşidip kabul edeniňizde, muny adam sözi hökmünde däl-de, hakykatda bolşy ýaly, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiňiz. Siz imanlylarda işleýän söz budur.
14 Sebäbi, eý doganlar, siz Hudaýyň Ýahudada Mesih Isa degişli bolan ýygnaklaryny görelde edindiňiz. Olaryň ýehudylardan çeken şol jebirlerini öz ildeşleriňizden çekdiňiz.
15 Hem Reb Isany, hem-de öz pygamberlerini öldüren, bizi hem kowalan ýehudylardyr. Olar özge milletlerden bolanlara gürrüň bermegimize, şeýdip hem olaryň gutulmagyna ýol bermezlik bilen, Hudaýyň halamaýan zadyny edýärler, bütin adamlara duşman bolýarlar.
16 Şeýlelikde, öz günä gaplaryny hemişe püre-pür edýärler. Emma Hudaýyň gazaby ahyrsoňy olaryň başyndan indi.
17 Eý doganlar, biz ýürek däl-de, didar boýunça az wagt sizden aýra düşsek-de, çuň küýseg bilen didaryňyzy görmäge köpräk gaýrat etdik.
18 Çünki ýanyňyza barasymyz gelýärdi. Men Pawlus muny ençeme gezek isledim, ýöne şeýtan bize päsgel berdi.
19 Biziň umydymyz, şatlygymyz, Rebbimiz Isa gelende, Onuň öňünde guwanjak täjimiz näme? Siz dälmi?
20 Hawa, biziň magtanjymyz hem, şatlygymyz hem sizsiňiz.




Chapter 3

1 Şonuň üçin, mundan artyk çydamaga halymyz galmansoň, Afinyda ýeke galmaga razy bolduk.
2 Sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin, Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmakda işdeşimiz, Hudaýyň hyzmatkäri bolan doganymyz Timoteosy ýanyňyza iberdik.
3 Muny bu muşakgatlar zerarly hiç kim gowşamasyn diýip etdik. Sebäbi biziň munuň üçin oturdylandygymyzy özüňiz bilýänsiňiz.
4 Siziň ýanyňyzdakak hem muşakgat çekjegimizi öňünden aýdypdyk. Bilşiňiz ýaly, şeýle hem boldy.
5 Şonuň üçin hem, men mundan artyk çydap bilmän, azdyryjy şeýtan sizi azdyryp, zähmetimiz biderek bolaýmasyn diýip, imanyňyzyň ýagdaýyny bilmek üçin, doganymyzy iberdim.
6 Emma ýanyňyzdan ýaňy gelen Timoteos siziň imanyňyz, söýgiňiz hakda bize oňat habarlar getirdi. Bizi hemişe gowulyk bilen ýatlaýandygyňyzy, biziň sizi göresimiz gelşi ýaly, siziň-de bizi gaty küýseýändigiňizi aýtdy.
7 Şu sebäpden, eý doganlar, biz bütin kynçylykdyr muşakgatlarymyz içinde imanyňyz üçin sizden teselli tapdyk.
8 Indi siz Rebde berk dursaňyz, biz ýaşarys.
9 Hudaýymyzyň öňünde siz sebäpli duýan bütin şatlygymyzyň öwezini siziň üçin Hudaýa nähili şükür etme bilen dolduryp bileris?
10 Biz, ýüzüňizi görmek, imanyňyzyň ýetmezini doldurmak üçin, gije-gündiz tüýs ýürekden doga edýäris.
11 Atamyz Hudaýyň Özi we Rebbimiz Isa ýolumyzy size tarap göneltsin.
12 Reb biziň size bolan söýgimiz ýaly biri-biriňize we bütin adamlara bolan söýgiňizi artdyrsyn.
13 Rebbimiz Isa bütin mukaddesleri bilen gelende, Atamyz Hudaýyň öňünde mukaddeslikde müýnsüz bolar ýaly, ýüregiňizi berkitsin.




Chapter 4

1 Mahlasy, eý doganlar, nähili gezmelidigi, Hudaýy nähili hoşnut etmelidigi barada bizden öwrenişiňiz ýaly, şoňa görä-de gezişiňiz ýaly, bu işde has köp ilerlemegiňizi Reb Isanyň ady bilen sizden haýyş edip ýalbarýarys.
2 Biziň Reb Isadan gelen haýsy buýruklary size berenimizi bilýänsiňiz.
3 Hudaýyň isleýäni, mukaddes bolmagyňyz üçin, zynadan saklanmagyňyz,
4 her kişiniň Hudaýy tanamaýan milletler ýaly haram keýp bilen däl-de,
5 öz bedenine mukaddeslik we hormat bilen eýelik etmegi, bu zatda hetdinden aşman, öz doganynyň hakyny iýmezligidir.
6 Çünki ozal size aýdyp güwä geçişimiz ýaly, bütin bu zatlar üçin Reb adamlary jezalandyrar.
7 Sebäbi Hudaý bizi hapalyga däl-de, mukaddeslige çagyrdy.
8 Bu çakylygy ret edýän adam, ynsany däl-de, size Öz Mukaddes Ruhuny beren Hudaýy ret edýändir.
9 Dogan söýgüsi hakda bolsa, size ýazmagymyzyň geregi ýok, çünki Hudaý birek-biregi söýmegi size öwredendir.
10 Aslyýetinde, siz tutuş Makedoniýadaky ähli doganlary-da söýýärsiňiz. Doganlar, biz sizden bu söýgiňizi has köp artdyrmagyňyzy haýyş edýäris.
11 Size buýruşymyz ýaly, gep-gürrüňsiz gezmek, öz işiňize gydyrdap, öz elleriňiz bilen işlemek üçin yhlasly boluň.
12 Şeýlelikde, keseki adamlaryň öňünde hormat bilen gezersiňiz, hiç bir zada zar bolmarsyňyz.
13 Doganlar, beýleki umytsyzlar ýaly gaýgy çekmezligiňiz üçin, ölen imanlylar hakda siziň maglumatsyz bolmagyňyzy islemeýäris.
14 Biz Isanyň ölüp direlenine ynanýarys. Ine, şeýle-de, Hudaý Isa bagly bolup ölenleri hem Onuň bilen bile yzlaryna getirer.
15 Rebbiň sözüne daýanyp, size şuny aýdýarys: biz diriler, Rebbiň gelmegine çenli galanlar, ölen imanlylardan asla öňe çykmarys.
16 Çünki Rebbiň Özi emirli gygyryş bilen, baş perişdäniň sesi bilen, Hudaýyň surnaýy bilen Gökden iner, şeýlelikde, ilki bilen Mesihe degişli ölüler direler.
17 Ondan soňra biz, galan diriler olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris. Şeýlelikde, elmydama Reb bilen bile bolarys.
18 Ine, şu sözler bilen biri-biriňize göwünlik beriň.




Chapter 5

1 Eý doganlar, bu wakalaryň wagt hem möwsümleri hakda size ýazmagyň geregi ýok.
2 Çünki Rebbiň gününiň bir ogrynyň gije gelşi ýaly bolup geljegini özüňiz oňat bilýänsiňiz.
3 Adamlar: «Her zat parahatlyk, aman» diýen badyna, göwreli aýalyň burgusynyň tutuşy ýaly, birdenkä olaryň üstüne heläkçilik iner, gaçyp bilmezler.
4 Emma, doganlar, ol gün sizi bir ogry kimin basar ýaly, siz garaňkylykda dälsiňiz.
5 Çünki baryňyz nura, gündize degişli adamlarsyňyz. Biz gijä ýa garaňkylyga degişli däldiris.
6 Şeýlelikde, beýlekiler ýaly uklaman, oýa, hüşgär bolalyň.
7 Çünki uklaýanlar gije uklaýandyr, serhoş bolýanlar-da gije serhoş bolýandyr.
8 Gündize degişli bolan biz bolsa, iman, söýgi sowudyny geýip, kellämize tuwulga hökmünde, gutulyş umydyny geýnip, hüşgär bolalyň.
9 Çünki Hudaý bizi gazaba sezewar bolmak üçin däl-de, Rebbimiz Isa Mesih arkaly gutulyşa gowuşmak üçin belledi.
10 Biz oýa bolsak-da, ukuda bolsak-da, Onuň bilen ýaşar ýaly, Mesih biziň üçin öldi.
11 Şonuň üçin, şu wagt hem edişiňiz ýaly, biri-biriňizi ruhlandyryň, biri-biriňizi abatlaň.
12 Eý doganlar, araňyzda zähmet çekýänleriň, Reb ýolunda size öňbaşçylyk edip öwüt berýänleriň gadyryny bilmegi sizden haýyş edýäris.
13 Edýän işleriniň hatyrasyna olara çäksiz söýgi bilen hormat goýuň. Özara parahatçylykda ýaşaň.
14 Doganlar, size ýalbarýarys, boş gezýänlere öwüt-ündew ediň, göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler barada sabyrly boluň.
15 Habardar boluň, hiç kim ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermesin. Gaýtam biri-biriňize, ähli adamlara ýagşylyk etjek bolup hemişe tagalla ediň.
16 Hemişe şatlyk ediň.
17 Dyngysyz doga ediň.
18 Ähli ýagdaýda şükür ediň. Çünki Hudaýyň Mesih Isada siz baradaky islegi şudur.
19 Ruhy söndürmäň.
20 Pygamberlik sözlerini äsgermezlik etmäň.
21 Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň.
22 Her hili erbetlikden gaça duruň.
23 Parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaýyň Özi sizi bütinleý mukaddes etsin. Ruhuňyz, janyňyz we teniňiz saklanyp, Rebbimiz Isa Mesih gelende nogsansyz hem müýnsüz bolsun.
24 Sizi çagyran Hudaý ynamdardyr, Ol muny başarar.
25 Doganlar, biziň üçin doga ediň.
26 Bütin doganlara mukaddes ogşuk bilen salam aýdyň.
27 Bu hatyň bütin mukaddes doganlara okalmagyny Rebbiň adyndan size tabşyrýaryn.
28 Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň bilen bolsun! Omyn.