2 Selaniklilere haty

1 2 3 4

Chapter 1

1 Mesih Isadaky ýaşaýyş wadasy boýunça Hudaýyň islegi bilen Mesih Isanyň resuly bolan men Pawlusdan,
2 söýgüli oglum Timoteosa salam! Ata Hudaý, Rebbimiz Mesih Isa saňa merhemet hem rehim etsin, parahatlyk bersin.
3 Men gije-gündiz edýän dogalarymda seni dyngysyz ýatlap, atalarym ýaly sap wyždandan hyzmat edýän Hudaýyma şükür edýärin.
4 Gözýaşlaryňy ýada salyp, şatlykdan dolmak üçin seni göresim gelýär.
5 Ozal mamaň Loisde we eneň Ewnikide bolan hilesiz imany ýatlaýaryn, onuň sende-de bardygyna doly ynanýaryn.
6 Şu sebäpden, ellerimi üstüňe goýmagym arkaly Hudaýyň saňa beren sylagyny lowurdatmagyňy ýadyňa salýaryn.
7 Çünki Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir.
8 Şoňa görä, Rebbimiz hakda güwälik etmäge, Onuň ugrunda bendi bolan maňa utanman, Hudaýyň beren kuwwaty bilen Hoş Habaryň ugrunda meniň bilen bile görgi gör.
9 Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, maksat hem merhemetine görä gutaryp, mukaddes ýaşaýşa çagyrdy. Bu merhemet bize ezelden Mesih Isada berlip,
10 indi bolsa, ölümi aradan aýran, ýaşaýyş hem ölmezligi Hoş Habar arkaly yşyga çykaran Halasgärimiz Mesih Isanyň gelmegi bilen aýan edildi.
11 Men hem bu Hoş Habaryň jarçysy, resuly we milletleriň öwredijisi edilip bellendim.
12 Şu görgüleri görmegimiň sebäbi hem şudur. Emma men utanmaýaryn, çünki Kime iman edenimi bilýärin, Onuň maňa tabşyran zadyny şol güne çenli saklamagy başarjakdygyna doly ynamym bar.
13 Menden eşiden sagdyn sözleriňiň nusgasyny iman, Mesih Isa bolan söýgi bilen gaýym sakla.
14 Özüňe ynanylyp berlen oňat taglymaty içimizde ýaşaýan Mukaddes Ruh arkaly gora.
15 Aziýa ilindäkileriň hemmesiniň, şol sanda Figelus hem Ermogenis dagynyň menden arany açanyny bilýänsiň.
16 Reb Onisiforyň içersine rehimdarlyk etsin. Çünki ol ençeme gezek janyma jan goşdy, zynjyrlar bilen baglydygyma utanman,
17 Rimdekä meni gaýrat edip gözläp tapdy.
18 Ol günde Rebden rehimdarlyk tapmagy Reb oňa yhsan etsin! Onuň Efesde näçe hyzmat edenini seniň özüň gaty oňat bilýänsiň.




Chapter 2

1 Şeýlelikde, oglum, Mesih Isadaky merhemet bilen güýçlen.
2 Birtopar şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek adamlara tabşyr.
3 Mesih Isanyň oňat esgeri bolup, meniň bilen bilelikde görgi gör.
4 Esgerlik edýän adam özüni esgerlige çagyrany hoşnut etjek bolup, gündelik ýaşaýyş işlerine garyşýan däldir.
5 Ýaryşa gatnaşýan adam ýaryşyň şertlerini berjaý etmese, baýrak almaz.
6 Zähmet çeken daýhan, hasylyndan ilkinji paýy özi almalydyr.
7 Aýdýanlarym hakda oýlan. Reb saňa her zatda aň-düşünje berer.
8 Meniň ýaýradýan Hoş Habaryma görä, Dawudyň neslinden bolup, ölümden direlen Isa Mesihi ýada sal.
9 Men bu Hoş Habar ugrunda, jenaýatçy ýaly, zynjyrlar bilen baglanyp görgi görýärin. Ýöne Hudaýyň sözi baglanan däldir.
10 Şu sebäpden, saýlananlar hem baky şöhrat bilen birlikde Mesih Isadaky gutulyşa gowşar ýaly, olaryň hatyrasyna her zada döz gelýärin.
11 Bu bir dogry sözdür: Onuň bilen bile ölen bolsak, Onuň bilen bile-de ýaşarys.
12 Çydasak, Onuň bilen bile höküm süreris. Ony inkär etsek, Ol hem bizi inkär eder.
13 Biz wepaly galmasak hem, Ol wepaly bolar. Çünki Ol Özüni inkär edip bilmez.
14 Bu zatlary olaryň ýadyna sal. Eşidýänleri heläkçilige eltmekden başga hiç bir zada peýda bermeýän söz dawalaryny çykarmazlygy Rebbiň huzurynda olara berk tabşyr.
15 Hakykat sözüni dogry ulanyp, özüňi gowy görülýän, utanmajak işçi hökmünde Hudaýa hödürlejek bolup gaýrat et.
16 Ýaramaz, boş sözlerden gaça dur. Çünki bulara baş goşýanlar hudaýsyzlykda mundan beýläk-de ilerlärler.
17 Olaryň sözleri rak kimin ýaýrar. Imeneýus bilen Filitus bulardandyr.
18 Olar direlişiň eýýäm bolup geçendigini aýtmak bilen, hakykatdan azaşdylar, indi bolsa käbir adamlaryň imanyny dargadýarlar.
19 Emma Hudaýyň berk binasy durandyr. Ol «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak dursun» diýen sözler bilen möhürlidir.
20 Bir uly öýde diňe gyzyl, kümüş gaplar däl, eýsem, agaç we toprakdan ýasalan gaplar-da bardyr. Olaryň käbiri abraýly, käbiri bolsa abraýsyz iş üçindir.
21 Şeýlelikde, eger biri özüni bu abraýsyz işlerden tämizlese, onda ol hormatly maksatlara ýaraşykly, mukaddes edilen, hojaýynyna peýdaly we her bir oňat işe taýýar gap bolar.
22 Ýaşlyk höweslerinden gaç. Sap ýürek bilen Rebbi çagyrýanlaryň ählisi bilen birlikde dogrulyk, iman, söýgi we parahatlyk yzyna eýer.
23 Samsyk hem düşnüksiz jedellerden çekil. Çünki dawalaryň bulardan turýandygyny bilýänsiň.
24 Rebbiň guly dawalaşmaly däl, hemmelere mylakatly, öwretmäge ukyply, sabyrly bolmalydyr.
25 Özüne garşy bolanlary ýumşaklyk bilen ýola getirmelidir. Hakykatyň bilimine ýeter ýaly, Hudaý olara, belki, bir toba ýoluny açar.
26 Şeýdip, olar aýylyp, islegini ýerine ýetirmekleri üçin özlerini tussag eden iblisiň duzagyndan gutular.




Chapter 3

1 Şuny bil, soňky günlerde kyn pursatlar bolar.
2 Çünki adamlar özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, küpür gürleýji, ene-ata boýun egmeýän, gadyr bilmez, mukaddeslikden mahrum,
3 doňýürek, barlyşyksyz, myjabatçy, nebsine buýurmazak, zalym we ýagşylyga duşman bolar.
4 Dönük, ätiýaçsyz, gopbamsy, lezzeti Hudaýdan köp söýýän,
5 Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, bu ýoluň güýjüni inkär edýänler çykar. Beýle adamlardan arany aç.
6 Çünki ogrynça öýlere girip, günäler bilen ýükli, dürli höwesler bilen äkidilýän,
7 hemişe öwrenip-de, hiç haçan hakykat bilimine ýetip bilmeýän gowşak aýallary tussag edýän adamlar bulardandyr.
8 Ýannis bilen Ýambris Musa nähili garşy duran bolsa, bular-da, şonuň ýaly, hakykata garşy durýar. Olar pikirleri zaýalanan, imanda ret edilen adamlardyr.
9 Emma ýene ilerläp bilmezler. Çünki öňküler ýaly bularyň-da akylsyzlygy hemmelere belli bolar.
10 Sen bolsa meniň taglymatymy, özümi alyp barşymy, maksadymy, imanymy, sabrymy, söýgimi, çydamymy,
11 gören azardyr görgülerimi, meselem, Antakiýa, Konýa we Listrada başymdan geçenleri berk yzarladyň. Men nähili azarlara döz geldim! Reb meni hemmesinden gutardy.
12 Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker.
13 Emma erbet, kezzap adamlar aldap hem aldanyp, erbetlikde ýene ilerlär.
14 Sen bolsa kimlerden öwrenendigiňi bilýänligiň üçin, öwrenen, doly ynanýan zatlaryňa bagly gal.
15 Sen Mesih Isa bolan iman arkaly gutulyş üçin özüňi akyldar etmegi başarýan Mukaddes Ýazgylary oglanlykdan bäri bilýärsiň.
16 Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup, Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly,
17 öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr.




Chapter 4

1 Hudaýyň öňünde, dirileriň hem ölüleriň üstünden höküm çykarjak Mesih Isanyň öňünde Onuň gelmeginiň, Patyşalygynyň haky üçin saňa ündeýärin:
2 Hudaýyň sözüni wagyz et. Pursat amatly bolsun, bolmasyn, taýýar bol. Ynsanlara doly sabyr, taglymat bilen käýe, ýola getir, öwüt-ündew et.
3 Çünki şeýle bir zamana bolar, adamlar sagdyn taglymata çydaman, gulaklaryna ýakýan sözleri diňlejek bolup, öz höweslerine ýaraşykly mugallymlar üýşürer.
4 Gulaklaryny hakykatdan sowup, ertekilere tarap öwrüler.
5 Ýöne sen her ýagdaýda hüşgär bol, görgi gör, bir Hoş Habarçy bolup işläp, hyzmatyňy bitir.
6 Çünki men eýýäm Hudaýa hödürlenen şerap kimin dökülip durun, meniň bu dünýäden ötmeli wagtym geldi.
7 Men oňat söweş alyp bardym, ýaryşy bitirdim, imany goradym.
8 Mundan beýläk, dogrulyk täji meniň üçin taýýar durandyr. Adyl kazy Reb ol günde ony maňa, diňe maňa däl, eýsem, Onuň gelmegini söýýänleriň baryna-da berer.
9 Meniň ýanyma basym geljek bolup gaýrat et.
10 Çünki Dima häzirki dünýäni söýýänligi üçin, meni taşlap Selanige gitdi. Kiriskis Galatýa, Titus hem Dalmatýa gitdi.
11 Ýanymda diňe Luka bar. Markusy alyp gaýt. Hyzmatymy ýerine ýetirmekde maňa kömegi deger.
12 Tihikusy Efese ýolladym.
13 Geleňde Troasda Karpyň ýanynda goýup gaýdan donumy, kitaplary, ylaýta-da, gaýyş kitaplary getir.
14 Demirçi Isgender maňa kän ýamanlyk etdi. Reb oňa edenlerine görä almytyny berer.
15 Sen hem ondan ägä bol. Çünki ol biziň sözlerimize gaty garşy durdy.
16 Ilkinji goranmamda tarapymy tutan bolmady, gaýtam, hemmeler meni taşlap gitdiler. Munuň hasaby olardan soralmasyn.
17 Ýöne Hudaýyň wagzy men arkaly doly yglan bolup, bütin milletler ony eşider ýaly, Reb ýanymda durup, meni güýçlendirdi, şeýlelikde, arslanyň agzyndan gutuldym.
18 Reb hem meni ähli ýamanlykdan gutaryp, Gökdäki Patyşalygynda saklar. Ebedi şöhrat Onuňky bolsun! Omyn.
19 Priskilla, Akila we Onisiforyň içersine salam aýt.
20 Erastus Korintosda galdy. Trofimusy hassaka Militosda goýup gaýtdym.
21 Gyşdan öň geljek bolup gaýrat et. Ewulus, Pudens, Linus, Klawdiýa we bütin doganlar saňa salam aýdýar.
22 Reb Isa Mesih seniň ruhuň bilen bolsun! Hudaýyň merhemeti siz bilen bolsun! Omyn.