Ýewreýlere haty

Chapter : 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13

Chapter 1

1 Hudaý gadym zamanlarda pygamberler arkaly ençeme gezek dürli ýollar bilen atalarymyz bilen gepleşipdir.
2 Ol soňky wagtlarda hem bar zadyň mirasçysy edip belläni we Ol arkaly älemi ýaradan Oglunda biziň bilen gepleşdi.
3 Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymy, Onuň barlygynyň keşbi bolup, bar zady gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden tämizländen soň, Gökde Şöhratlynyň sagynda oturdy.
4 Ol perişdelerden näçe üstün ady miras alan bolsa, şonça-da olardan üstün boldy.
5 Çünki Hudaý heý-de perişdeleriň birine: «Sen Meniň Oglumsyň, Men bu gün Seniň Ataň boldum», «Men Oňa Ata, Ol-da Maňa Ogul bolar» diýipmi?
6 Ýene Hudaý Özüniň ilkinji doglan Ogluny dünýä iberende: «Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsin» diýýär.
7 Perişdeler hakda: «Ol perişdelerini ýel, hyzmatkärlerini ot ýalny edýändir» diýýän bolsa,
8 Ogly hakda: «Eý Hudaý, Seniň tagtyň bakydyr, dogrulyk hasasy Seniň Patyşalygyň hasasydyr» diýýär.
9 «Sen dogrulygy söýüp, kanunsyzlygy ýigrendiň. Munuň üçin Hudaý ― Seniň Hudaýyň Seni şatlyk ýagy bilen ýoldaşlaryňdan artyk mesh etdi».
10 Ýa Reb, başlangyçda Ýeriň düýbüni Sen tutduň. Gök hem Seniň elleriňiň işidir.
11 Olar ýogalar, diňe Sen galarsyň. Hemmesi bir eşik ýaly köneler.
12 Olary bir geýim ýaly düýrersiň, olar üýtgär. Emma Sen şol durşuňa durarsyň, Seniň ýyllaryň tükenmez».
13 Hudaý perişdeleriň birine heý: «Duşmanlaryňy aýaklaryň astyna basgançak edýänçäm, Meniň sagymda otur» diýipmi?
14 Perişdeleriň ählisi gutulyşy miras aljaklara hyzmat etmek üçin iberilen hyzmatkär ruhlar dälmi näme?




Chapter 2

1 Şonuň üçin eşidenlerimizden daşlaşmaz ýaly, olara has köp üns bermelidiris.
2 Çünki perişdeler arkaly aýdylan söz berk bolup, her bir jenaýat, söze gulak asmazlyk öz adalatly almytyny alan bolsa,
3 Onda şeýle uly gutulyşy görmezlige salsak, biz nähili gaçyp bileris? Bu gutulyşy ozal başda Reb yglan etdi, Ondan eşidenler bolsa ony bize tassykladylar.
4 Hudaý hem muňa alamatlar, mugjyzalar, dürli gudratlar, Öz islegi boýunça paýlan Mukaddes Ruh sylaglary bilen güwälik etdi.
5 Ol biziň gürrüňini edýän geljekki dünýämizi perişdelere tabyn edenok.
6 Ýöne biri bir ýerde şeýle güwä geçip diýdi: «Sen ony ýatlar ýaly, ynsan näme? Oňa üns berer ýaly, ynsan ogly näme?
7 Ony perişdelerden az-kem pes tutduň. Şöhrat hem hormat täjini Oňa geýdirip, Öz elleriň işleriniň üstünde Ony oturtdyň.
8 Bar zady Onuň aýaklarynyň astynda goýduň». Hudaý bar zady Oňa tabyn etdi, Oňa bagly däl zat goýmady. Ýöne welin hemme zadyň Oňa baglydygyny biz entek görmeýäris.
9 Emma perişdelerden az-kem pes tutulan Isa Hudaýyň merhemeti bilen her ynsan üçin ölümi dadar ýaly, gören ölüm görgüsi üçin şöhrat hem hormat täjiniň geýdirilenini görýäris.
10 Ençeme ogullary şöhrata ýetirýärkä, olaryň gutulyşynyň Öňbaşçysyny görgüler arkaly kämillige ýetirmek hemme zadyň Özi üçin we Özi arkaly bar bolan Hudaýa ýaraşyklydy.
11 Çünki mukaddes eden bilen mukaddes edilenleriň hemmesi bir Atadandyr. Şonuň üçin hem Isa olara dogan diýmekden utanmaýar. Şeýle diýýär:
12 «Seniň adyňy doganlaryma yglan ederin, ýygnagyň ortarasynda Saňa öwgüli nagmalar aýdaryn».
13 Ýene: «Men Oňa ynam ederin», «Ine, Men we Hudaýyň Maňa beren çagalary» diýýär.
14 Çagalaryň et hem gandandygyna görä, Özi hem olaryňky bilen bir adam sypatyna girdi. Ol muny ölüm güýjüne eýe bolany, ýagny iblisi ölüm arkaly ýogaltjak,
15 ömürboýy ölüm gorkusy zerarly gul bolanlaryň hemmesini erkinlige ýetirjek bolup etdi.
16 Çünki Ol, elbetde, perişdelere ýardam etmän, Ybraýymyň neslinden bolanlara ýardam edýär.
17 Şonuň üçin Ol halkyň günälerini Hudaýa bagyşlatmak, Hudaýyň gullugynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhany bolmak üçin, her taýdan doganlaryna meňzemeli boldy.
18 Şeýlelik bilen, synalanda Özüniň görgi gören zatlarynda synalýanlara kömek bermegi başarýar.




Chapter 3

1 Şonuň üçin, eý, asmandan gelen çakylyga şärik bolan mukaddes doganlar, biziň ykrar eden imanymyzyň Resuly hem Baş Ruhanysy Isa serediň.
2 Ol Musanyň, Hudaýyň tutuş öýünde sadyk galyşy ýaly, Özüni belläne wepadar galdy.
3 Öýi ýasanyň öýden kän hormat görşi ýaly, Isa-da Musanyňkydan beýik şöhrata mynasyp görüldi.
4 Çünki her öý biri tarapyndan ýasalýar, Hudaý bolsa bar zady ýasandyr.
5 Musa geljekde sözlenjek sözlere güwä geçmek üçin, Hudaýyň bütin öýünde bir hyzmatkär bolup sadyk galdy.
6 Emma Mesih Onuň öýüne jogapkär Ogul hökmünde sadykdyr. Batyrlygymyzy, magtanýan umydymyzy soňuna çenli berk saklasak, Onuň öýi bizdiris.
7 Şonuň üçin Mukaddes Ruhuň aýdyşy ýaly: «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz,
8 çölde synalan günüňizdäki pitnede bolşy ýaly, ýüregiňizi gatatmaň.
9 Atalaryňyz ol ýerde Meni barlap synadylar, kyrk ýyllap Meniň edýänlerimi görüp gezdiler.
10 Şonuň üçin Men bu nesle gaharlanyp: olar elmydam ýüreklerinde azaşýar, Meniň ýollarymy bilmediler diýdim.
11 Gaharlananymda: olar dynçlyk ülkäme girmez! diýip ant içdim».
12 Eý doganlar, habardar boluň, siziň biriňizde diri Hudaýdan daşlaşan imansyzlygyň erbet ýüregi bolaýmasyn.
13 Siziň hiç biriňiziň ýüregiňiz günäniň aldawçylygy bilen gatamaz ýaly, «gün şu gündür» diýilýärkä, her gün biri-biriňizi ruhlandyryň.
14 Çünki başlangyçdaky ynamy soňuna çenli berk saklasak, bu Mesihe şärik boldugymyzdyr.
15 Ozal aýdylyşy ýaly, «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz, pitnede bolşy ýaly, ýüregiňizi gatatmaň».
16 Onuň sesini eşidip hem pitne turzanlar kimlerdi? Musa arkaly Müsürden çykarylanlaryň hemmesi dälmidi?
17 Hudaý kyrk ýyllap kime gaharlandy? Günä edip, maslyklary çölde serlip galanlara dälmi?
18 Sözüne gulak asmaýanlardan başga Öz dynçlyk ülkesine kimler girmez diýip ant içdi?
19 Biz, imansyzlyk edendikleri üçin, olaryň girip bilmändiklerini görýäris.




Chapter 4

1 Şonuň üçin Onuň dynçlyk ülkesine girme wadasy heniz ýerindeligine görä, sizden biri muňa ýetmän galaýmasyn diýip gorkuda bolalyň.
2 Çünki Hoş Habar bize wagyz edilişi ýaly, olara-da wagyz edildi, ýöne eşiden sözlerini iman bilen utgaşdyrmandyklary üçin, onuň olara peýdasy bolmady.
3 Dünýäniň ýaradylyşynyň başynda işlerini tamamlan Hudaýyň: «Gaharlananymda: olar dynçlyk ülkäme girmezler diýip ant içdim» diýşi ýaly, biz iman getirenler bu dynçlyga gireris.
4 Çünki bir ýerde ýedinji gün hakda: «Ýedilenji gün Hudaý ähli işini tamamlady we şol gün dynç aldy» diýipdir.
5 Ýene-de şol ýerde: «Olar dynçlyk ülkäme girmez» diýýär.
6 Şeýlelikde, Hoş Habary ilki eşidenler söze gulak asmandyklary üçin, ol dynçlyga girip bilmediler, ýöne käbir girjekler bar.
7 Şonuň üçin Hudaý köp wagtdan soň, Dawut arkaly aýdylyşy ýaly: «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz, ýüregiňizi gatatmaň» diýende, «bu gün» diýmek bilen ýene bir güni belleýär.
8 Çünki Ýeşu olary dynçlyga ýetiren bolsa, onda Hudaý mundan soň başga günüň gürrüňini etmezdi.
9 Şeýlelikde, Hudaýyň halky üçin ýene bir sabat gününiň dynçlygy galýar.
10 Hudaý Öz işlerinden nähili dynç alan bolsa, Onuň dynçlygyna giren hem öz işlerinden şeýle dynç alandyr.
11 Şeýlelikde, hiç kim olaryň pitnesinden görelde alyp ýykylmaz ýaly, ol dynçlyga girmek üçin gaýrat edeliň.
12 Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan hem ruhy, bogunlary hem ýiligi bölýänçä batýandyr, ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýändir.
13 Hudaýdan gizlin hiç bir mahluk ýokdur, hasap bermeli Hudaýymyzyň gözleriniň öňünde ähli zat ýalaňaç hem açykdyr.
14 Gökden geçen uly Baş Ruhanymyz, Hudaýyň Ogly Isamyzyň barlygyna görä, ykrar eden imanymyzy berk tutalyň.
15 Çünki biziň ejizliklerimize gynanyp bilmeýän däl, eýsem, her zatda biziň ýaly synalyp, günä etmedik bir Baş Ruhanymyz bardyr.
16 Rehimdarlyga gowşup, gerek wagtynda bize kömek berjek merhemeti tapar ýaly, Hudaýyň merhemet tagtyna ynam bilen golaýlaşalyň.




Chapter 5

1 Her bir baş ruhany, günäleriň tölegine sylaglar hem gurbanlar hödürlär ýaly, adamlar arasyndan saýlanyp, Hudaýa degişli zatlarda olara wekillik etmek üçin bellenýär.
2 Nadanlara, ýoldan azaşanlara ýumşak bolmagy başarýar, çünki özüniň hem ejizlikleri bar.
3 Ol şu sebäpli halk üçin bolşy ýaly, öz günäleri üçin hem gurban bermäge borçludyr.
4 Adam baş ruhany bolma hormatyny öz-özüne berip bilenok. Ol Harun ýaly, Hudaý tarapyndan çagyrylyp alýar.
5 Şonuň ýaly, Mesih hem baş ruhany bolmak üçin öz-özüni şöhratlandyranok, Ony «Sen Meniň Oglumsyň, Men bu gün Seniň Ataň boldum» diýen şöhratlandyrdy.
6 Başga bir ýerde-de diýýär: «Melkisedek düzgüni boýunça, Sen hemişelik ruhanysyň».
7 Mesih ýer ýüzünde bolan günlerinde Özüni ölümden gutarmagy başarýan Hudaýa uly perýat, gözýaşlar bilen dogalar hem ýalbaryşlar hödürläp, takwalygy üçin eşidildi.
8 Ol Ogul hem bolsa, gören görgülerinden söze gulak asmagy öwrendi.
9 Kämilleşdirilip, Hudaý tarapyndan Melkisedek düzgüni boýunça Baş Ruhany adyny aldy.
10 Sözüne gulak asanlaryň hemmesi üçin baky gutulyş çeşmesi boldy.
11 Bu barada berjek köp gürrüňimiz bar, ýöne siziň eşitmäge islegsizligiňiz üçin, düşündirmek kyn.
12 Öwrediji bolmaly wagtyňyz gelip ýeten hem bolsa, siz biriniň Hudaýyň sözüniň ilkinji esaslaryny gaýtadan özüňize öwretmegine mätäç. Size agyr damak däl-de, süýt gerek.
13 Kim süýt emýän bolsa, ol çaga, dogrulyk sözünde tejribesizdir.
14 Agyr damak kemala gelenlere, ýagny saýgarma ukyplary ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirilip, terbiýe edilenlere berilýändir.




Chapter 6

1 Şonuň üçin Mesih baradaky başlangyç tälimi yzda galdyryp, ölüm getirýän işlerden toba etmäniň, Hudaýa imanyň,
2 çokundyrmalar, el goýmalar, ölüleriň direlişi we ebedi höküm baradaky taglymatyň düýbüni ýaňadandan tutman, kämillige tarap ilerläliň.
3 Hawa, Hudaý rugsat berse, muny edeliň.
4 Çünki bir gezek ýagtyldyp, asman sylagyny dadyp, Mukaddes Ruha şärik edilip,
5 Hudaýyň oňat sözüni, geljekki döwrüň güýçli işlerini dadanyndan soň,
6 ýoldan çykanlary toba üçin ýaňadandan täzelemek mümkin däl. Sebäbi olar Hudaýyň Ogluny özleri üçin gaýtadan haça çüýläp, biabraý edýärler.
7 Üstüne ýygy-ýygydan düşen ýagyşdan içýän, özüni bejerene peýdaly ösümlikler bitirýän ýere Hudaý bereket inderýär.
8 Emma tikendir gyzgany bitirýän ýer dereksizdir, gargyşa golaýdyr, soňy ýanmakdyr.
9 Eý söýgüli doganlar, biz beýle geplesek-de, siziň gutulyş babatda has oňat zatlara eýedigiňize ynanýarys.
10 Hudaý siziň işiňizi, mukaddeslere hyzmat edip hem-de hyzmat etmegi dowam etdirmek bilen, Öz adyna görkezen söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir.
11 Biz, siz ýalta bolman, gaýtam, wada edilenleri iman hem sabyr arkaly miras alanlardan görelde alar ýaly,
12 umydyňyzdan doly arkaýyn bolmak üçin, her biriňiziň şol gaýraty soňuna çenli görkezmegiňizi isleýäris.
13 Hudaý Ybraýyma wada berende, Özünden uly bolan biriniň adyndan ant içip bilmäni üçin, Öz adyndan ant içip:
14 «Hakykatdan-da, saňa berekedi boldan bererin, seniň zürýadyňy gaty köpelderin» diýdi.
15 Şeýlelikde, sabyrly garaşan Ybraýym wada ýetdi.
16 Adamlar özünden ulynyň adyndan ant içýär. Olar üçin ant aýdylany tassyklap, hemme jedelleri soňlaýar.
17 Şonuň üçin Hudaý-da Öz maksadynyň üýtgewsizligini wadanyň mirasçylaryna has anyk görkezjek bolup, wadany ant bilen tassyklady.
18 Ol muny öňümizde goýlan umyda ýapyşjak bolup gaçan biziň Hudaýyň ýalan sözlemegi mümkin bolmadyk iki üýtgewsiz zady arkaly uly teselli tapmagymyz üçin etdi.
19 Biziň jan labyry ýaly ynamly hem berk bolan bu umydymyz tutynyň aňrysyna geçýändir.
20 Isa Melkisedek düzgüni boýunça ebedi Baş Ruhany bolup, öňbaşçymyz hökmünde biziň üçin ol ýere girdi.




Chapter 7

1 Bu Melkisedek Salem patyşasy hem-de beýik Hudaýyň ruhanysydy. Ol patyşalary derbi-dagyn edip gelýän Ybraýymy garşylap, oňa ak pata berdi.
2 Ybraýym hem oňa bar zadyň ondan birini berdi. «Melkisedek» ozal adynyň manysy boýunça «dogrulyk patyşasydyr», soň hem «Salem patyşasy», ýagny parahatlyk patyşasydyr.
3 Onuň atasy, enesi, nesil şejeresi belli däl. Günleriniň ne başy, ne-de ömrüniň soňy bar. Ýöne Hudaýyň Ogluna meňzedilip, mydamlyk ruhany bolup galýar.
4 Biziň uly atamyz Ybraýymyň alan oljalaryndan ondan birini beren bu adamy, görüň, nähili uly!
5 Lewi ogullaryndan bolup, ruhanylyk wezipesini alanlaryň halkdan, ýagny Ybraýymyň tohumyndan hem bolsalar, öz doganlaryndan Mukaddes Kanun boýunça ondan birini almaly diýen buýruklary bardy.
6 Emma Melkisedek Lewi neslinden bolmasa-da, wadalary alan Ybraýymdan ondan birini alyp, oňa ak pata beripdir.
7 Kiçiniň ak patany özünden uludan alýandygy gürrüňsizdir.
8 Bu ýerde ölümli adamlar ondan birini alýar, ýöne ol ýerde ýaşaýanlygyna güwälik berilýän alýar.
9 Hatda ondan birini alan Lewi hem Ybraýym arkaly ondan bir beripdir diýseň boljak.
10 Çünki Melkisedek Ybraýymy garşylan mahaly Lewi entek atasynyň bilindedi.
11 Şeýlelikde, kämillige lewili ruhanylyk arkaly ýetilýän bolsady ― çünki halk bu ruhanylyk astynda Mukaddes Kanuna gowuşdy ― onda Harun düzgüni boýunça däl-de, Melkisedek düzgüni boýunça başga bir ruhanynyň gelmegi nämä gerekdi?
12 Çünki ruhanylyk üýtgände, Kanunyň hem üýtgemegi zerurdyr.
13 Beýle gürrüňi edilýän adam başga taýpadan. Bu taýpadan hiç kim gurbanlyk edilýän ýerde hyzmat etmändir.
14 Rebbimiziň Iuda taýpasyndandygy aýdyň. Musa bu taýpadan gürrüň edende, ruhanylar hakda hiç bir zat aýtmandy.
15 Melkisedege meňzeş başga bir ruhanynyň ýüze çykmagy bu aýdanymyzy öňküsinden hem aýdyňrak görkezýär.
16 Ol, Kanunyň ata-baba baradaky şertine görä däl-de, tükenmez ýaşaýşyň güýjüne görä ruhany bolupdyr.
17 Çünki «Melkisedek düzgüni boýunça, sen hemişelik ruhanysyň» diýip güwä geçilýär.
18 Ozalky buýruk gowşaklygy hem peýdasyzdygy zerarly ýatyryldy.
19 Çünki Kanun hiç bir zady kämilleşdirmedi. Munuň ýerine bizi Hudaýa ýakynladýan öňküden oňat bir umyt berildi.
20 Bu antsyz bolmady. Beýlekiler bolsa antsyz ruhany bolupdylar.
21 Emma Ol özüne: «Reb ant içdi, Ol dänmez. Sen mydamlyk ruhanysyň» diýeniň anty arkaly ruhany boldy.
22 Isa bu ant bilen has oňat ähtiň kepili boldy.
23 Ozalky ruhanylar köpdüler. Çünki ölüm olaryň wezipede galmagyny bökdeýärdi.
24 Emma Isanyň, baky galýanlygy üçin, üýtgewsiz ruhanylygy bardyr.
25 Şu sebäpden Ol Özi arkaly Hudaýa ýakynlaýanlary bütinleý gutarmagy başarýar. Çünki olara töwella etmek üçin hemişe diri.
26 Bize şeýle, mukaddes, ýazyksyz, çirksiz, günäkärlerden arany açan we Gökden ýokary çykarylan Baş Ruhany gerekdi.
27 Ol beýleki ruhanylar ýaly, her gün öňürti öz günäleri, soňra-da halkyň günäleri üçin gurban hödürlemäge mejbur däl. Çünki Ol Özüni hödürlemek bilen, muny bir gezekde bitirdi.
28 Mukaddes Kanun ejiz adamlary baş ruhany edip belleýär, kanundan soň gelen ant sözi bolsa Hudaýyň hemişelik kämilleşdirilen Ogluny Baş Ruhany edip goýdy.




Chapter 8

1 Aýdanlarymyzyň özeni şunda: biziň Gökde, hemmeden Ulynyň tagtynyň sagynda oturyp,
2 Mukaddes ýeriň, ýagny ynsanyň däl-de, Rebbiň guran hakyky çadyrynyň hyzmatyny edýän bir Baş Ruhanymyz bar.
3 Her bir baş ruhany sylaglar hem gurbanlar hödürlemek üçin bellenýär. Bu sebäpden biziň Baş Ruhanymyzyň hem hödürläre bir zady bolmaly.
4 Özi ýer ýüzünde bolan bolsa, Mukaddes Kanun boýunça sylaglary hödürleýänleriň barlygy üçin Ol ruhany bolmazdy.
5 Bular Musa berlen görkezmä görä, asmana degişli zatlaryň nusgasy hem kölegesine hyzmat edýärler. Çünki Musa çadyry gurajak bolup ýörkä, Hudaý oňa: «Ähli zady dagda saňa görkezilen nusga görä etjek bol» diýipdi.
6 Indi bolsa Isa has oňat wadalar üstünde guralan has oňat ähtiň töwellaçysy bolşy ýaly, şonça-da uly gulluga eýe boldy.
7 Ilkinji äht müýnsüz bolan bolsady, onda ikinji gerekli bolmazdy.
8 Çünki Hudaý Öz halkyny müýnli görüp, şeýle diýýär: «Ine Ysraýyl halky bilen, Ýahuda halky bilen täze äht baglaşjak günlerim gelýär. Reb şeýle diýýär.
9 Bu olaryň atalaryny Müsür ýurdundan çykarjak bolup, ellerinden tutan günüm olar bilen baglan ähtim ýaly bolmaz. Çünki olar ähtime bagly bolup galmadylar, Men hem olary indemedim, Reb diýýär.
10 Ol günlerden soň, Reb diýýär, Ysraýyl halky bilen baglajak ähtim ine, şu: Öz kanunlarymy olaryň aňyna berip, bulary ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolar.
11 Indi hiç kim öz goňşusyna, hiç kim öz doganyna: Rebbi tanaň diýip öwretmez. Çünki kiçisinden ulusyna çenli, olaryň bary Meni tanar.
12 Olaryň nädogrulyklaryna rehimli bolaryn, günälerini hiç haçan ýada salmaryn».
13 Hudaý «täze äht» diýmek bilen, ilkinjiniň könelendigini görkezýär. Wagty geçen, könelen zat bolsa ýogalmaga golaýdyr.




Chapter 9

1 Ilkinji ähtiň hem ybadat dessurlary, dünewi ybadathanasy bardy.
2 Bir çadyr gurlupdy. Mukaddes Jaý diýilýän birinji bölümde şemdan, saçak, Hudaýa hödürlenip goýlan çörekler bolardy.
3 Ikinji tutynyň aňyrsynda Iň Mukaddes Jaý diýilýän içki bölüm bardy. Altyn buhurdan, bütinleý gyzyl bilen gaplanan äht sandygy bu ýerdedi.
4 Sandygyň içinde gyzyldan ýasalan manna gaby, Harunyň güllän hasasy, ýüzi ýazgyly daş sahypalar bardy.
5 Sandygyň üstünde günäleriň ötülýän ýerine kölege salyp duran şöhrat kerubileri bolardy. Ýöne entek bulardan birin-birin gürrüň edip bilmeýäris.
6 Şeýle gurluşda ruhanylar mydama çadyryň ilkinji bölümine girip, Hudaýa hyzmatlaryny berjaý edýär.
7 Emma içki bölüme ýylda bir gezek diňe baş ruhany girýär. Ol hem özi üçin, halkyň nadanlykdan eden ýazyklary üçin hödürlän gurbanynyň gany bolmasa, girip bilmez.
8 Şeýlelikde, Mukaddes Ruh çadyryň ilkinji bölümi barka, mukaddes ýere gidýän ýoluň heniz belli däldigini görkezýär.
9 Bu-da häzirki zaman üçin bir mysal bolup, hödürlenen sylaglar hem gurbanlaryň ybadat eden adamyň wyždanyny kämilleşdirmegi başarmanlygyny görkezýär.
10 Bular diňe iýme, içme we dürli dini ýuwunmalara degişli bolup, täze düzgüniň başlangyjyna çenli goýlan beden baradaky dessurlardyr.
11 Emma Mesih geljekki oňat işleriň baş ruhanysy bolup geldi. Ol ynsan eli bilen ýasalmadyk, ýagny bu ýaradylyşdan bolmadyk has uly, has kämil çadyrdan geçip,
12 Mukaddes ýere girip, erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Öz gany bilen bir gezekde ebedi gutulyşy gazandy.
13 Çünki erkeçler bilen öküzleriň gany, hapalaryň tämizligi üçin göläniň olaryň üstüne sepilýän küli olary mukaddes edýän bolsa,
14 onda Özüni ebedi Ruh arkaly Hudaýa müýnsüz hödürlän Mesihiň gany diri Hudaýa ybadat etmegimiz üçin biziň ynsabymyzy ölüm getirýän işlerden näçe artykmaç tämizlär!
15 Şu sebäpli hem, Mesih birinji äht astynda edilen jenaýatlary bagyşlatjak bolup, gutulyş gazandyrýan gurban hökmünde öldi, çagyrylanlar ebedi mirasy alsynlar diýip, täze ähtiň töwellaçysy boldy.
16 Çünki wesetnamanyň bar ýerinde weset edeniň ölenini subut etmek gerekdir.
17 Çünki wesetnama diňe biri ölenden soň kanunydyr. Weset eden şindi dirikä, wesetnamanyň asla güýji bolmaz.
18 Şu sebäpli birinji äht hem gansyz berkarar edilmedi.
19 Musa Mukaddes Kanunyň her buýrugyny bütin halka bildirenden soň, gyp-gyzyl ýüňi, zufa otuny, suw bilen göleleriň hem-de erkeçleriň ganyny alyp, kitabyň, bütin halkyň üstüne sepip:
20 «Bu Hudaýyň size buýran ähtiniň ganydyr» diýdi.
21 Şeýle hem, çadyryň, ybadatda ulanylýan ähli gaplaryň üstüne-de gan sepdi.
22 Mukaddes Kanun boýunça zatlaryň hemmesi diýen ýaly gan bilen tämizlenýär. Gan dökülmän, bagyşlanma bolmaz.
23 Şeýlelikde, Gökde bolan zatlaryň nusgalaryny bu gurbanlar bilen, ýöne Gökdäki asyllaryny bulardan gowy gurbanlar bilen tämizlemek gerekdi.
24 Çünki Mesih aslyň nusgasy bolup, ynsan eli bilen ýasalan mukaddes ýere däl-de, biziň üçin Hudaýyň öňünde görünjek bolup, asyl Göge girdi.
25 Ol baş ruhanynyň ýylyň-ýylyna kesekiniň gany bilen Iň Mukaddes Jaýa girişiniň tersine, Özüni öwran-öwran hödürlemek üçin hem Göge girmedi.
26 Beýle bolsa, Ol dünýäniň gurluşyndan bäri öwran-öwran ölmeli bolardy. Emma indi bir gezekde Özüni gurban etmek bilen, günäni aradan aýyrmak üçin döwürleriň ahyrynda göründi.
27 Bir gezek ölüp hem ondan soň höküm edilmek ynsanlaryň ýazgydynda nähili bar bolsa,
28 şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini götermek üçin, bir gezek gurban edildi. Emma ol ikinji gezek günäni götermek üçin däl-de, Özüne garaşýanlara gutulyş getirmek üçin görner.




Chapter 10

1 Mukaddes Kanun geljekki oňat zatlaryň asly däl-de, kölegesidir. Şu sebäpli her ýyl üznüksiz hödürlenen şol bir gurbanlar bilen Hudaýa ýakynlanlary hiç haçan kämillige ýetirip bilmez.
2 Ýetirip bilsedi, onda gurban hödürlemek bes edilmezmidi? Çünki ybadat edenlerde bir gezek günäden tämizlenenden soň, indi günä aňy galmazdy.
3 Emma ol gurbanlar günäleriň barlygyny her ýyl ýada salýar.
4 Çünki öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleriň aýrylmagy mümkin däldir.
5 Munuň üçin Mesih dünýä gelýärkä diýýär: «Gurban, sowgat islemän, Maňa bir beden taýýarladyň.
6 Ähli ýakylýan sowgatlary, günä üçin hödürlenýän gurbanlary halamadyň.
7 Şonda Men diýdim: Kanun kitabynda Men hakda ýazylyşy ýaly, Seniň islegiňi berjaý etjek bolup, Eý Hudaýym, ine, Men geldim».
8 Ozal Kanuna görä hödürlenenler hakda «gurbanlary, sowgatlary, ähli ýakylýan sowgatlary, günä üçin hödürlenýän gurbanlary islemediň, halamadyň» diýdi.
9 Soňra-da «Eý Hudaý, Seniň islegiňi berjaý etjek bolup, ine, Men geldim» diýdi. Şeýdip, Mesih ikinjini berkarar etmek üçin, birinjini aradan aýyrýar.
10 Biz bu isleg boýunça Isa Mesihiň bedeniniň bir gezek hödürlenmegi bilen mukaddes edildik.
11 Her bir ruhany bolsa günuzyn durup, gulluk edip, günäleri asla ýuwup bilmeýän şol bir gurbanlary öwran-öwran hödürleýär.
12 Emma Mesih günäleriň deregine hemişelik üçin diňe bir gurban hödürländen soň, Hudaýyň sagynda oturdy.
13 Şondan bäri hem duşmanlarynyň Öz aýaklarynyň astyna basgançak edilmegine garaşýar.
14 Çünki mukaddes edilenleri diňe bir gurban bilen hemişelik kämillige ýetirdi.
15 Mukaddes Ruh hem bu hakda bize güwä geçýär. Ilki:
16 «Reb: Ol günlerden soň olar bilen baglajak ähtim budur diýýär: Kanunlarymy olaryň ýüregine goýup, bulary aňlaryna ýazaryn» diýýär.
17 Onsoň: «Indi olaryň günälerini, kanunsyzlyklaryny ýada salmaryn» diýýär.
18 Bularyň bagyşlanan ýerinde, indi günä üçin gurban bolmaz.
19 Şoňa görä, eý doganlar, Isanyň gany bilen tutudan geçmäge, ýagny Öz bedeninden bize açan täze hem diri ýolundan mukaddes ýere girmäge bizde gaýrat bardyr.
20 Hudaýyň öýüne jogapkär uly Ruhanymyz hem bardyr.
21 Şoňa görä, ýüregimiz erbet ynsapdan tämizlenip, bedenlerimiz tämiz suw bilen ýuwlup, imanyň beren ynamy bilen çyn ýürekden Hudaýa ýakynlaşalyň.
22 Umydymyzyň ykraryny berk saklalyň.
23 Çünki wadany beren Hudaý ynamdardyr.
24 Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň.
25 Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýman, gaýtam, ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görseňiz, şonça-da biri-birimizi ruhlandyralyň.
26 Çünki hakykaty bilenimizden soň, bilgeşleýin günä etsek, günäler üçin indi gurban galman,
27 diňe garaşylan hökümiň howpy, duşmanlary ýuwutjak gyzgyn ot galar.
28 Musanyň kanunyny ret eden adam, iki ýa üç güwäniň sözi bilen rehimsiz ölýär.
29 Hudaýyň Ogluny basalan, özüni mukaddes eden ähtiň ganyny mukaddes hasaplamadyk, merhemet Ruhuny ryswa eden adam mundan näçe agyr jeza sezewar bolar öýdýärsiňiz?
30 Çünki biz, «Öç Meniňkidir, almytyny Men berjek», ýene-de «Reb Öz halkynyň üstünden höküm çykarar» Diýeni tanaýarys.
31 Diri Hudaýyň eline düşmek elhençdir!
32 Siz bolsa ýagtylyga çykanyňyzdan soň, görgüler bilen uly göreşe döz gelen ilki günleriňizi ýada salyň.
33 Siz bir tarapdan aç-açan sütemler hem muşakgatlara sezewar edildiňiz, bir tarapdan hem şeýle ýagdaýlara uçranlara ýoldaş bolduňyz.
34 Çünki siz hem tussaglykda çeken dertlerime şärik bolduňyz, hem-de özüňiziň oňat, durumly malyňyzyň barlygyny bilip, mallaryňyzyň talanmagyny begenç bilen unadyňyz.
35 Şeýlelikde, gaýratyňyzy elden bermäň, onuň sylagy uludyr.
36 Çünki Hudaýyň islegini berjaý edeňizden soň wada gowşar ýaly, sabyr size gereklidir.
37 Çünki az salymdan soň: «Geljek geler, gijä galmaz.
38 Meniň dogry adamym iman bilen ýaşar. Eger-de yza çekilse, Men ony halamaryn».
39 Biz yza çekilip, heläklenýänlerden däl-de, iman edip gutulýanlardandyrys.




Chapter 11

1 Iman bolsa, umyt edilen zatlara bil baglamak, görünmeýän zatlara ynamdyr.
2 Atalarymyz Hudaýyň berekellasyny şunuň bilen gazandylar.
3 Biz älemiň Hudaýyň buýrugy bilen ýaradylandygyna, şeýle hem görünýän zatlaryň görünmeýän zatlardan dörändigine iman arkaly düşünýäris.
4 Habylyň Hudaýa Kabylyňkydan gowy gurban hödürlemegi iman arkaly boldy. Ol iman bilen dogry adam bolup, Hudaýyň berekellasyny gazandy. Çünki Hudaý onuň hödürlän sylaglaryny kabul etdi. Şeýlelikde, Habyl ölen hem bolsa, iman arkaly häzir-de gepleýär.
5 Hanok ölümi görmez ýaly, iman arkaly ýokary alyndy, hiç kim ony tapyp bilmedi. Çünki Hudaý ony ýokary alypdy. Ýokary alynmazyndan ozal, onuň Hudaý tarapyndan halanýanlygyna güwä geçildi.
6 Iman etmezden, Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir. Hudaýa ýakynlaşan Onuň barlygyna, Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir.
7 Iman arkaly Nuh entek görülmedik wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Hudaýdan gorkup, içersiniň gutulmagy üçin bir gämi ýasady. Şonuň bilen dünýä höküm etdi, imana daýanan dogrulygyň mirasdary boldy.
8 Ybraýym iman arkaly miras alan ýurduna gitmäge çagyrylanda, bu söze gulak asyp, nirä barýanyny bilmän ýola düşdi.
9 Ol iman arkaly bir ýat adam hökmünde wada edilen ýurtda ornaşdy. Şol wada şärik mirasdarlar bolan Yshak we Ýakup bilen bile çadyrlarda ýaşady.
10 Çünki ol ussasy, gurujysy Hudaý bolan berk esasly şähere garaşýardy.
11 Sara, ýaşy öten hem bolsa, göwreli bolmaga iman arkaly kuwwat tapdy, çünki ol wada beren Hudaýy ynamdar saýdy.
12 Şeýdip hem täk bir adamdan, özem öli ýaly birinden köplükde Gökdäki ýyldyzlar ýaly, deňiz kenaryndaky çägeler ýaly sansyz-sajaksyz zürýat öndi.
13 Bu adamlaryň bary ölýänçä imandan dänmedi. Wada edilenlere gowuşman, olary uzakdan görüp, hoş garşylap, özleriniň ýer ýüzünde ýat hem mysapyrdyklaryny boýun aldylar.
14 Beýle gepleýänler özleriniň bir watan agtarýandygyny açyk görkezýärler.
15 Aslynda olar çykyp gaýdan ýurtlaryny ýatlaýan bolsalar, onda yzlaryna dönmäge pursatlary bolardy.
16 Emma olar has gowusyny, ýagny asmandaky watany arzuwlaýardylar. Şonuň üçin Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Çünki olar üçin bir şäher taýýarlady.
17 Ybraýym synalanda, iman arkaly Yshagy gurban hökmünde hödürledi.
18 Wadalary alan, hakynda «seniň nesliň Yshak bilen dowam eder» diýlen şol ýalňyz ogluny hödürledi.
19 Ybraýym Hudaýyň ölüleri hem direltmegi başarjagyna pikir etdi, şoňa görä hem alamat şekilinde Yshagy ölümden alyp galdy.
20 Iman arkaly Yshak hem geljek zatlar hakda Ýakup we Ysuwa ak pata berdi.
21 Ýakup ölüp barýarka Ýusubyň ogullarynyň ikisine-de iman arkaly ak pata berdi, hasasynyň başyna söýenip, Hudaýa sežde etdi.
22 Ýusup hem ölüp barýarka, Ysraýyl ogullarynyň Müsürden çykjagyny iman arkaly agzap, öz süňkleri hakda buýruk berdi.
23 Musa doglanda, ene-atasy ony iman arkaly üç aýlap gizlin sakladylar, olar oglanyň görmegeýdigini görüp, patyşanyň permanyndan gorkmadylar.
24 Musa ulalanda, Faraonyň gyzynyň ogly diýip tanalmakdan iman arkaly boýun gaçyrdy.
25 Ol az salym günäniň sapasyny sürmekden, Hudaýyň halky bilen bile horluk görmegi gowy gördi.
26 Mesih ugrunda çeken sütemini Müsüriň hazynalaryndan uly baýlyk saýdy. Çünki ol öz aljak sylagyna garaýardy.
27 Patyşanyň gazabyndan gorkman, iman arkaly Müsüri terk etdi. Görünmezi göreni üçin berk durdy.
28 Ilkinji doglanlary öldürýän perişdäniň ysraýyllylara el degirmezligi üçin, Musa iman arkaly Pesah gurbanynyň öldürilmegini, gapylara gan sepilmegini buýurdy.
29 Ysraýyllylar iman arkaly Gyzyl deňizden gurak ýerden geçýän ýaly geçdiler. Müsürliler hem muňa synanyşyp gark boldular.
30 Ysraýyllylar ýedi günläp Erihanyň daşyndan aýlananlaryndan soň, imanlary arkaly diwarlar ýykyldy.
31 Rahaw kemçin içalylary imany arkaly dostlukly garşylany üçin, iman getirmedikler bilen bile heläk bolmady.
32 Başga näme aýdaýyn? Çünki Gideon, Barak, Şimşon, Ýeftah, Dawut, Samuýel we pygamberler hakdakylary aýtmaga wagtym ýeterlik däl.
33 Olar iman arkaly ençeme patyşalygy ýeňdiler, adalaty emele getirdiler, wadalara ýetdiler, arslanlaryň agzyny bagladylar.
34 Oduň güýjüni söndürdiler, gylyjyň ýitiliginden gaçyp gutuldylar, ejizlikden güýç aldylar, söweşde kuwwatlanyp, ýat goşunlary derbi-dagyn etdiler.
35 Aýallar direlen ölülerini yzyna aldylar. Beýlekiler bolsa has oňat direlişe ýetjek bolup, boşadylmagy kabul etmän gynaldylar.
36 Birtoparlary hem kemsitmelere, gamçylanmalara sezewar boldy, beýlekiler hem zynjyrlar bilen baglanyp tussag edildi.
37 Olar daşlandylar, byçgylandylar, gynaldylar, gylyçdan geçirilip öldürildiler. Goýun derisini, geçi hamyny geýip sergezdançylyk çekdiler, mätäçlik, muşakgat, horluk gördüler.
38 Dünýä olara laýyk däldi. Olar çöllerde, daglarda, gowaklarda, Ýeriň köweklerinde awara bolup gezdiler.
39 Olaryň bary iman arkaly Hudaýyň berekellasyny gazanan hem bolsa, wada edilen zada gowuşmady.
40 Çünki olar bizden aýry kämillige ýetmez ýaly, Hudaý biziň üçin bir has gowy zady taýýarlapdy.




Chapter 12

1 Ine, bizi gurşap alan şeýle uly güwäler buludynyň barlygyna görä, her hili ýüki, bizi aňsatlyk bilen bürän günäleri taşlap, öňümizde goýlan ýaryşda sabyrly ylgalyň.
2 Gözümizi imanymyzyň Öňbaşçysy, Kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol öňüne goýlan begenç ugrunda utanjy äsgermän, haçdaky ölüme döz gelip, Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.
3 Aryp, ruhdan düşmez ýaly, günäkärleriň beýle uly garşy durmalaryna çydan Isa hakda oýlanyň.
4 Günä garşy söweşiňizde siz entek ganyňyz dökülýänçä garşylyk görkezmediňiz.
5 Ogullara: «Oglum, Rebbiň terbiýe berşini äsgermezlik etme, Ol saňa käýände ruhdan düşme!» diýip aýdylyşy ýaly, özüňize berlen bu öwüdi-de unutdyňyz.
6 «Çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir, Ogullyga kabul edenini çalýandyr».
7 Terbiýelenmek ugrunda kynçylyklara çydaýarsyňyz. Hudaý sizi Öz ogly kimin tutýar. Çünki haýsy ogla atasy terbiýe bermeýär?
8 Eger-de her kesiň alýan terbiýesi sizde ýok bolsa, onda siz ogul däl-de, nikasyz doglan oglanlarsyňyz.
9 Mundan başga-da bize terbiýe beren dünewi atalarymyz bardy, biz olary syladyk. Şeýle bolsa, onda ruhlar Atasyna köpräk tabyn bolup ýaşamaly dälmi?
10 Atalarymyz bizi öz oňlaýyşlaryna görä, az salymlyk terbiýelärdiler, ýöne Hudaý Öz mukaddesligine şärik bolmagymyz üçin, biziň haýrymyza terbiýe berýär.
11 Her hili terbiýe berilmek öňürti şatlykly zat däl-de, gaýgyly zat bolup görünýändir. Ýöne bu soňra şeýle ýetişdirilenler üçin dogrulygyň dynçlyk miwesini öndürýändir.
12 Şonuň üçin gowşak elleriňizi galdyryň, epilen dyzlaryňyzy ýazyň!
13 Agsak aýak ýoldan çykman, şypa tapar ýaly, aýaklaryňyz üçin göni ýollar ýasaň.
14 Hemmeler bilen parahatçylykda ýaşamak, mukaddes bolmak üçin tagalla ediň. Mukaddes bolman, hiç kim Rebbi görüp bilmez.
15 Dykgat ediň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum galmasyn. Bir ajy kök gögerip, sizi ynjalyksyz etmesin, köp adamlar munuň bilen hapalanmasyn.
16 Hiç kim zynahorlyk etmesin, nowbaharlyk hakyny bir tabak aşa satan Ysuw ýaly Hudaýa hormatsyz bolmasyn.
17 Siz bilýänsiňiz, ol soňra hem ak patany miras almak isledi, ýöne ret edildi. Ak pata almak üçin gözýaş dökse-de, Onuň kararyny üýtgedip bilmedi.
18 Siz otlar içinde ýanýan, ýöne el degrip bolýan daga, garaňkylyga, tümlüge, harasada,
19 çakylyk surnaýynyň owazyna, söz sözleýän sese golaýlaşan dälsiňiz. Ol sesi eşidenler özlerine ikilenç söz aýdylmasyn diýip ýalbardylar.
20 Çünki daga bir haýwan hem galtaşsa, daşlansyn diýen buýruga çydap bilmediler.
21 Görnüş şeýle gorkunçdy welin, Musa: «Men gaty gorkýaryn, sandyraýaryn» diýipdi.
22 Siz bolsa Sion dagyna, diri Hudaýyň şäheri bolan asmana degişli Iýerusalime, şagalaňly üýşmeleňdäki on müňlerçe perişdä, atlary Gökde ýazylan nowbaharlaryň ýygnagyna golaýlaşdyňyz. Hemmäniň kazysy Hudaýa, kämillige ýeten dogry adamlaryň ruhlaryna, täze ähtiň töwellaçysy Isa, Habylyňkydan oňat gepleýän sepiliş ganyna golaýlaşdyňyz.
25 Bulary aýdýany ret etmejek boluň. Çünki olar özlerine ýer ýüzünde duýduryş bereni ret edenlerinde, nähili gaçyp gutulyp bilmedik bolsa, Gökden duýduryş berenden ýüz döndersek, biziň gaçyp gutulmajagymyz has hem aýdyňdyr.
26 Şol wagtlar Onuň sesi Ýeri titredipdi, ýöne Ol indi, «Ýene bir gezek diňe bir Ýeri däl, Gögi-de titrederin» diýip söz berdi.
27 «Ýene bir gezek» diýen söz titremez zatlaryň galmagy üçin, titreýänleriň, ýagny ýaradylan zatlaryň aradan aýryljagyny aňladýar.
28 Şeýlelik bilen, yranmaz patyşalyga gowşanlygymyz üçin şükür edeliň. Şeýdip, Hudaýyň halajak ýoly bilen, takwalyk hem gorky bilen Oňa gulluk edeliň.
29 Çünki Hudaýymyz iýiji otdur.




Chapter 13

1 Dogan söýgüsi yzygiderli bolsun.
2 Myhmansöýerligi unutmaň. Çünki myhmansöýerlik bilen, perişdedigini bilmän, käbir adamlar perişdeleri myhman aldylar.
3 Tussagdakylary, özüňiz hem olar bilen bile tussagda ýaly ýada salyň. Horluk çekýänleri, özüňiz horlanýan ýaly ýada salyň.
4 Hemmeler nika hormat goýsun, düşek günä bilen hapalanmasyn. Çünki Hudaý ahlaksyzlary, zynahorlygy höküm eder.
5 Ýaşaýşyňyz pul söýgüsinden uzak bolsun. Bar zatlaryňyza kanagat ediň. Çünki Hudaý: «Seni hergiz terk etmerin, Seni hergiz taşlamaryn» diýendir.
6 Şoňa görä hem biz batyrlyk bilen şeýle diýýäris: «Reb meniň kömekçimdir, men gorkmaryn. Bendesi maňa näme edip biljek?»
7 Hudaýyň sözüni özüňize aýdan ýolbaşçylaryňyzy ýatlaň. Olaryň ýaşaýşynyň hasylyna seredip, imanlaryndan görelde alyň.
8 Isa Mesih düýn hem, şu gün hem, ebedilik hem üýtgewsizdir.
9 Saýry, özge taglymatlara özüňizi süýretmäň. Çünki ýüregiň naharlar bilen däl-de, Hudaýyň merhemeti bilen berkidilmegi oňatdyr. Nahara daýananlar hiç bir haýyr gören däldir.
10 Biziň bir gurbanlyk edilýän ýerimiz bardyr, ýöne ybadat çadyryna hyzmat edýänleriň ondan iýmäge haky ýokdur.
11 Baş ruhany haýwanlaryň ganyny günä üçin hödürlenen gurban hökmünde Iň Mukaddes Jaýa getirýär, ýöne olaryň maslygy düşelgeden daşarda ýakylýar.
12 Şoňa görä, Isa hem halky Öz gany bilen mukaddes etjek bolup, şäher derwezesinden daşarda öldi.
13 Şonuň üçin biz hem Onuň ugrunda sütemlere döz gelip, düşelgeden daşary Onuň ýanyna gideliň.
14 Çünki biziň bu ýerde baky şäherimiz ýok, biz geljekkini agtarýarys.
15 Şu sebäpli Isa arkaly Hudaýa elmydam öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürläliň.
16 Ýagşylyk etmegi, baryňyzy beýlekiler bilen paýlaşmagy unutmaň. Çünki Hudaý şu hili gurbanlary halaýandyr.
17 Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň. Çünki olar gözegçilik edýändir. Olar bu wezipelerini ahy-nala bilen däl-de, ― munuň size haýry bolmaz ― eýsem, şatlyk bilen ýerine ýetirer ýaly, olara tabyn boluň.
18 Biziň üçin doga ediň. Biz özümiziň sap ynsaply, her babatda oňat gezmegi isleýändigimizi bilýäris.
19 Meniň siziň ýanyňyza tiz öwrülmegim üçin doga etmegiňizi aýratyn haýyş edýärin.
20 Goýunlaryň uly Çopany bolan Rebbimiz Isany ebedi ähtiň gany bilen ölümden direlden parahatlyk Hudaýy,
21 Öz halanyny Isa Mesih arkaly sizde amala aşyryp, Öz islegini ýerine ýetirmegiňiz üçin, sizi ähli oňat işde kämilleşdirsin. Mesihe ebedilik şöhrat bolsun!
22 Doganlar, sizden haýyş edýärin, meniň bu öwüdimi kyn görmäň, çünki size diňe bir gysga hat ýazdym.
23 Doganymyz Timoteosyň boşadylanyndan habaryňyz bolsun. Gelen badyna, men onuň bilen bile sizi görmäge bararyn.
24 Ýolbaşçylaryňyzyň hemmesine, bütin mukaddeslere salam aýdyň. Italiýalylar size salam aýdýar.
25 Hudaýyň merhemeti siziň baryňyz bilen bolsun! Omyn.